Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 40 sah. 100—sah. 101 abz. 7
  • Bagyşlamak baradaky mysal

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Bagyşlamak baradaky mysal
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • Okyjylaryň sowallary
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Betaniýada Simunyň öýünde
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Isa soňky Pasha baýramynda pesgöwünlilik barada öwredýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Isanyň geýimine elini degren aýal sagalýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 40 sah. 100—sah. 101 abz. 7
Günäkär aýal Isa pygamberiň aýagyna ýag çalýar

40-NJY BAP

Bagyşlamak baradaky mysal

LUKA 7:36—50

  • GÜNÄKÄR AÝAL ISA PYGAMBERIŇ AÝAGYNA ÝAG ÇALÝAR

  • BERGIDARY BAGYŞLAMAK BARADAKY MYSAL

Bäş barmagyň deň bolmaýşy ýaly, adamlar hem bir-birinden tapawutlanýarlar. Şonuň üçin Isanyň aýdýan sözlerine we edýän işlerine her kim her hili garaýardy. Muny Jelilede ýaşaýan bir adamyň öýünde bolan wakadan görse bolýar. Simun atly fariseý Isanyň görkezýän gudratlary barada has köpräk bilmek üçin, ony myhmançylyga çagyrýar. Isa pursatdan peýdalanyp, şol ýerdäki adamlara wagyz etmek üçin onuň öýüne barýar. Ol öňem salgytçylaryň we günäkärleriň öýüne myhmançylyga barypdy.

Emma öý eýesi Isany gujak açyp garşy almaýar. Palestinanyň tozanly ýollaryndan ýörän adamyň aýagy derläp, hapalanýardy. Şol sebäpli adat boýunça myhmanyň aýagyny sowuk suw bilen ýuwýardylar. Isanyň welin aýagyny ýuwmaýarlar. Ony hatda däbe görä ogşabam garşy almaýarlar. Mundan başga-da myhmanyň başyna ýag çalynýardy. Emma Isa üçin muny hem etmeýärler. Onda ony nädip garşy aldylarka?

Gelen myhmanlar saçagyň başynda tirsekläp otyrdylar. Olar çörek iýip başlansoň, çagyrylmadyk bir aýal ýuwaşjadan jaýa girýär. Ol aýal «şäherde günäkär hökmünde tanalýardy» (Luka 7:37). Elbetde, hemme adamlar günäli, ýöne bu aýaly ahlaksyz, ýagny bozuk hasaplaýardylar. Ol aýal Isanyň öwredýän zatlaryny we «agyr ýükli adamlar, meniň ýanyma geliň, men size dynçlyk bereýin» diýen sözlerini eşiden bolmaly (Matta 11:28, 29). Şol sebäpli-de ol Isany gözleýär.

Ol aýal Isanyň arkasyndan baryp, aýak ujunda dyza çökýär. Ol Isanyň aýaklaryny gözýaşlary bilen ýuwup, saçy bilen süpürýär. Aýal onuň aýaklaryny ogşaýar-da, ýanynda getiren ýakymly ysly ýagyny çalýar. Simun nägilelik bilen: «Eger ol hakyky pygamber bolan bolsa, aýaklaryny kimiň elleýändigini bilerdi. Ol aýal günäkär ahyryn» diýip, içini gepledýär (Luka 7:39).

Günäkär aýal Isa pygamberiň aýagyna ýag çalýar

Isa Simunyň pikirini bilip: «Simun, men saňa bir zat aýtmakçy» diýýär. Ol hem: «Aýdyber, Mugallym!» diýýär. Isa sözüni şeýle dowam edýär: «Iki adamyň birine bergisi bardy; birisi 500 dinar, beýlekisi 50 dinar. Olaryň bergilerini bermäge hiç zatlary ýokdy, şonuň üçin ol adam ikisini hem ýürekden bagyşlady. Seniň pikiriňçe, olaryň haýsysy ony has köp söýer?» Simun: «Meniň pikirimçe, kimiň bergisi köp bolan bolsa» diýip jogap berýär. Isa oňa: «Sen dogry aýtdyň» diýýär (Luka 7:40—43).

Soňra Isa aýala seredýär-de, Simuna şeýle diýýär: «Şu aýaly görýärmiň? Men seniň öýüňe geldim, sen bolsa aýagymy ýuwmaga-da suw bermediň. Emma bu aýal aýaklarymy gözýaşlary bilen ýuwup, saçy bilen süpürdi. Sen meni garşy alanyňda ogşamadyň, bu aýal welin, geleni bäri aýaklarymy ogşamagyny bes etmeýär. Sen meniň başyma ýag guýmadyň, bu aýal welin, aýaklaryma ýakymly ysly ýag çaldy». Isa ol aýalyň ýürekden toba edýändigini görýär. Ol sözüni jemläp: «Saňa diýýärin, ol köp günä eden bolsa-da, günäleri bagyşlanýandyr. Şonuň üçin hem ol köp söýýär. Emma az günäleri bagyşlanan adam az söýýändir» diýýär (Luka 7:44—47).

Isa ahlaksyzlyga göz ýummaýardy. Emma ol agyr günä eden, ýöne etmişine ökünýän we teselli tapmak üçin Mesihi gözleýän adamlara rehimdarlyk bildirýär. Soňra Isa ol aýala: «Seniň günäleriň bagyşlandy... Imanyň seni halas etdi, arkaýyn gidiber» diýende, onuň gerdeninden agyr ýük aýrylan ýaly bolýar (Luka 7:48, 50).

  • Simun Isany myhmançylyga çagyranda, ony nädip garşy alýar?

  • Bir aýal Isany näme üçin gözleýär?

  • Isa nähili mysal getirýär we ony nädip düşündirýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş