Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 72 sah. 170—sah. 171 abz. 2
  • Isa 70 şägirdini wagyz etmäge iberýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isa 70 şägirdini wagyz etmäge iberýär
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • Okyjylaryň sowallary
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Isa hoş habary wagyz edýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Isa Jelilede wagyz edýär we resullaryna tälim berýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Isa Pentikost baýramyndan öň ýüzlerçe adama görünýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Başgalary
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 72 sah. 170—sah. 171 abz. 2
Patyşalygyň 70 wagyzçysy işini tamamlap, Isanyň ýanyna dolanyp gelýärler

72-NJI BAP

Isa 70 şägirdini wagyz etmäge iberýär

LUKA 10:1—24

  • ISA 70 ŞÄGIRDINI SAÝLAP, OLARY WAGYZ ETMÄGE UGRADÝAR

B. e. 32-nji ýylynyň aýagydy; Isanyň suwa çümdürilenine üç ýyl bolup barýardy. Ol ýakynda şägirtleri bilen Çatma baýramyny bellemek üçin Iýerusalime gelipdi. Olar henizem şol töwereklerde bolmaly (Luka 10:38; Ýahýa 11:1). Isanyň alty aý wagty galypdy, şonuň üçin ol Ýahudada, ýagny Iordan derýasynyň beýleki tarapynda ýerleşýän Pereýa welaýatynda gullugyna başlaýar. Sebäbi şol ýerlerde-de wagyz edilmelidi.

B. e. 30-njy ýylynyň Pasha baýramy geçensoň, Isa birnäçe aýlap Ýahudada wagyz etdi. Soňra Samariýanyň üsti bilen Jelilä gaýdypdy. B. e. 31-nji ýylynyň Pasha baýramy döwründe bolsa Iýerusalimde ýehudylar Isany öldürjek boldular. Şol sebäpli ol bir ýarym ýyllap esasan demirgazykda, ýagny Jelilede wagyz edýär. Şonda köp adamlar Isanyň şägirdi bolýarlar. Jelilede Isa resullaryna tälim berip, wagyz etmäge iberende, şeýle görkezme beripdi: «„Gökdäki Patyşalyk golaýlady“ diýip wagyz ediň» (Matta 10:5—7). Indi ol wagyz işini Ýahudada gurnamakçy bolýar.

Munuň üçin ol 70 şägirdini saýlap, olary iki-ikiden wagyz etmäge iberýär. Şeýdip, Patyşalygyň 35 jübüt wagyzçysy «hasylyň örän köp, emma işçiniň az» ýerinde wagyz edip başlaýarlar (Luka 10:2). Isa özüniň barjak ýerlerine öňürti şägirtlerini iberýär. Olar syrkawlary sagaldyp, adamlara Isanyň wagyz edýän hoş habaryny gürrüň bermelidiler.

Şägirtler sinagogalarda wagyz etmeli däldiler, sebäbi Isa olara adamlaryň öýlerine baryp wagyz etmegi tabşyrýar. Ol: «Haýsy öýe barsaňyz-da, başda: „Bu öýe parahatlyk bolsun“ diýiň. Eger ol ýerde parahatlygy söýýän adam bar bolsa, siziň parahatlygyňyz ol ýerde galar» diýip görkezme berýär. Olar näme hakda wagyz etmelidiler? Isa olara: «Hudaýyň Patyşalygy golaýlady» diýip, wagyz ediň diýýär (Luka 10:5—9).

Isa takmynan bir ýyl mundan öň 12 resulyna nähili görkezme beren bolsa, 70 şägirdine hem şeýle görkezme berýär. Şeýle-de hoş habara hemmeleriň seslenmejekdigini duýdurýar. Muňa garamazdan, olaryň etjek tagallasy päk ýürekli adamlara Isany kabul etmäge ýol açardy. Sebäbi köpleri Halypamyzdan tälim almak üçin, oňa sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar.

Biraz wagtdan Patyşalygyň 70 wagyzçysy işini tamamlap, Isanyň ýanyna dolanyp gelýärler. Olar begenip: «Halypa, seniň adyňy tutanymyzda, hatda jynlar hem tabyn bolýarlar» diýýär. Göz öňüne getiriň, bu şatlykly habar Isany nähili begendirendir! Ol: «Men Şeýtanyň ýyldyrym kimin gökden aşak inendigini gördüm. Ine, men size ýylanlardyr içýanlary depelemäge... ygtyýar berdim» diýýär (Luka 10:17—19).

Şeýdip, Isa şägirtlerini zyýan ýetirýän zatlary ýeňip biljekdiklerine ynandyrýar, ýagny olaryň göçme manyda ýylanlary we içýanlary depelemäge ygtyýary bolar. Galyberse-de, olar gelejekde Şeýtanyň gökden kowuljakdygyna hem şübhelenmeli däldiler. Şeýle-de Isa 70 şägirdine nämä begenmegiň has wajypdygyny görkezip: «Jynlaryň size tabyn bolýandygyna däl-de, atlaryňyzyň göklerde ýazylandygyna begeniň» diýýär (Luka 10:20).

Isa Atasynyň şeýle pesgöwünli gullukçylary arkaly ägirt uly iş bitirýändigine begenip, oňa hemmeleriň öňünde alkyş aýdýar. Soňra şägirtlerine ýüzlenip: «Siziň görýän zatlaryňyzy görýän adamlar bagtlydyr. Size diýýärin, köp pygamberler we patyşalar siziň görýän zatlaryňyzy görmek islediler, ýöne görüp bilmediler, siziň eşidýän zatlaryňyzy eşitmek islediler, ýöne eşidip bilmediler» diýýär (Luka 10:23, 24).

  • Isa soňky alty aýyny nirede wagyz edip geçirýär we näme üçin?

  • 70 şägirt nirede we nädip wagyz etmelidiler?

  • 70 şägirt uly iş bitirse-de, Isa nämäniň has wajypdygyny aýdýar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş