Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 78 sah. 182—sah. 183 abz. 1
  • Wepaly iş dolandyryjy taýyn bolmaly

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Wepaly iş dolandyryjy taýyn bolmaly
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • Gelejegiňiz hakda oýlanyp, paýhasly hereket ediň
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Şuny bilýäňizmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Sadyk iş dolandyryjy we onuň ýolbaşçylyk maslahaty
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Isa talantlar baradaky mysal arkaly yhlasly bolmagy öwredýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Başgalary
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 78 sah. 182—sah. 183 abz. 1
Toýdan gaýdyp gelýän hojaýynyny garşylaýan hyzmatkärler

78-NJI BAP

Wepaly iş dolandyryjy taýyn bolmaly

LUKA 12:35—59

  • WEPALY IŞ DOLANDYRYJY TAÝYN BOLMALY

  • ISA AGZALALYK DÖRETMÄGE GELÝÄR

Isa gökdäki Patyşalyga diňe «kiçi süri» girer diýipdi (Luka 12:32). Bu ajaýyp sylaga sowuk-sala garamaly däldi. Isa Hudaýyň Patyşalygyna girmek isleýän adamyň garaýşynyň hem dogry bolmalydygyny aýdýar.

Isa gaýdyp gelende, şägirtleriniň ony garşy almaga taýyn bolup durmalydygyny maslahat berýär. Ol: «Egin-eşigiňiz geýilgi, özüňiz hem taýyn boluň, çyraňyz ýakylgy bolsun. Toýdan gaýdyp gelýän hojaýynyny garşylaýan hyzmatkärler ýaly boluň. Sebäbi hojaýyny gelip, gapyny kakanda, olar dessine açyp bilerler. Hojaýyny gelende, oýa bolan hyzmatkärler nähili bagtly! Size dogrusyny aýdýaryn, ol bilini guşar-da, hyzmatkärlerini saçak başynda oturdyp, olara hyzmat eder» diýýär (Luka 12:35—37).

Şägirtler bu mysal arkaly garaýyşlarynyň nähili bolmalydygyna gowy düşünen bolmaly. Isanyň aýtmagyna görä, hyzmatkärler öz hojaýynynyň gelerine garaşýarlar. Ol muny şeýle beýan edýär: «Eger ol (hojaýyn) gije (sagat 21 töweregi) ýa-da ýary gije (daňdan sagat 3 töweregi), hatda ýary gijeden soň gelip, olaryň oýadygyny görse, ol hyzmatkärler nähili bagtly!» (Luka 12:38).

Isa bu mysaly gürrüň bermek bilen, hyzmatkäriň ýöne bir jan edip işlemelidigini aýtjak bolmady. Mysaldan görnüşi ýaly, Isa özüni, ýagny Ynsan ogluny agzaýar. Ol şägirtlerine: «Siz hem taýyn boluň, sebäbi Ynsan ogly siziň garaşmaýan sagadyňyzda geler» diýýär (Luka 12:40). Görşümiz ýaly, Isa özüniň geljekdigi barada aýdýar we şägirtleriniň, esasan-da, «kiçi süriniň» taýyn bolup durmagyny isleýär.

Petrus Isanyň aýdanlaryna has çuňňur düşünmek isleýärdi. Şonuň üçin ol: «Halypam, sen bu mysaly diňe bize aýdýarmyň ýa-da başgalara-da?» diýip soraýar. Isa Petrusa göni jogap bermeýär. Ol oňa mysal arkaly düşündirip, şeýle diýýär: «Aslynda, hyzmatkärlere wagtly-wagtynda nahar paýlaryny bermek üçin hojaýynyň bellejek wepaly we paýhasly iş dolandyryjysy kim? Hojaýyny gaýdyp gelende, hyzmatkäriniň aýdylan zatlary edip ýörendigini görse, ol hyzmatkär nähili bagtly! Size dogrusyny aýdýaryn, ol ony bütin emläginiň üstünden bellär» (Luka 12:41—44).

Ýokarda agzalan mysaldan görnüşi ýaly, «hojaýyn» Isany, ýagny Ynsan ogluny aňladýar. Diýmek, «wepaly iş dolandyryjy» «kiçi sürä» degişli bolup, olara Patyşalyk berler (Luka 12:32). Isanyň aýtmagyna görä, bu süriniň käbir agzalary onuň «hyzmatkärlerini» «wagtly-wagtynda nahar paýlary» bilen üpjün eder. Isanyň özi-de Petrusa we beýleki şägirtlerine tälim berip, ruhy iýmit bilen üpjün edýärdi. Şonuň üçin olar gelejekde Ynsan ogly gelende-de şeýle iýmitiň paýlanjakdygyna düşünen bolmaly. Şol döwürde Isanyň şägirtlerine, ýagny Hojaýynyň «hyzmatkärlerine» ruhy iýmit beriljek bir guramanyň boljakdygyny mese-mälim görse bolýar.

Soňra Isa ýene bir gezek şägirtlerine oýa we garaýşyna ünsli bolmagyň wajypdygyny düşündirýär. Sebäbi kimdir biri geleňsizlik etmegi, hatda dogan-uýalara garşy çykmagy hem mümkindi. Ol muny şeýle düşündirýär: «Emma ol gul öz içinden „Hojaýynym gijä galýar“ diýip, beýleki gullary we gyrnaklary urup, özi-de iýip-içip, serhoşlyk edip başlasa, hojaýyny onuň garaşmaýan güni we oslamaýan sagady geler. Şonda ol guluna agyr jeza berer we ony biwepalyk edýänleriň arasyna taşlar» (Luka 12:45, 46).

Şeýle-de Isa: «Men ýer ýüzüne ot ýakmak üçin geldim» diýýär. Dogrudan-da, onuň orta atan meseleleri ot ýakan ýaly dawa-jenjel turuzýar. Netijede, şol otda ýalan taglymatlar we däp-dessurlar göçme manyda ýok edilýär. Agzybir bolaýmaly adamlaryň arasynda-da agzalalyk döreýär. Meselem, «atasy ogluna, ogly hem atasyna garşy çykar, ejesi gyzyna, gyzy hem ejesine garşy çykar, gaýynenesi gelnine, gelni hem gaýynenesine garşy çykar» (Luka 12:49, 53).

Bu sözler, ylaýta-da, Isanyň şägirtlerine degişlidi. Soňra ol märekä ýüzlenýär. Olaryň köpüsi Isanyň Mesihdigini tassyklaýan subutnamalary inkär etdiler. Şonuň üçin Isa olara: «Siz günbatarda buludyň peýda bolandygyny gören badyňyza, „Harasat turar“ diýýärsiňiz, bu şeýle-de bolýar. Günortadan ýeliň öwüsýändigini göreniňizde, „Gaty yssy bolar“ diýýärsiňiz, bu şeýle-de bolýar. Eý ikiýüzlüler, siz ýerde we asmanda bolýan alamatlary saýgaryp bilýärsiňiz, ýöne näme üçin häzir bolýan zatlaryň manysyna düşünjek bolmaýarsyňyz?» diýýär (Luka 12:54—56). Dogrudan-da, olar Mesihi kabul etmäge taýyn däldiler.

  • «Hojaýyn» hem-de «wepaly iş dolandyryjy» kim?

  • Isa şägirtlerine gelejekde wepaly iş dolandyryjynyň boljakdygyny nädip görkezýär we iş dolandyryja näme etmek tabşyrylar?

  • Isanyň «taýyn boluň» diýen maslahaty näme üçin ýerlikli?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş