Ýanwar
1-nji ýanwar, ýekşenbe
Menden eşiden zatlaryňy wepaly adamlara öwret. Şonda olar hem başgalara ökdelik bilen öwredip bilerler. 2 Tim. 2:2
Bütin dünýädäki etrap gözegçileri köp ýygnaklarda bir zada üns berdiler. Olar imandaşlarymyzyň aladasyny etmek üçin ýaş we garry doganlara öwretmegiň gerekdigine göz ýetirdiler. Elbetde, bu aňsat däl. Näme üçin? Eger siz ýygnakda ýaşuly bolsaňyz, onda çopan hökmünde doganlary taýýarlamagyň wajypdygyna düşünýänsiňiz. Şeýle-de imandaşlarymyzy ruhy taýdan berkitmek we täze ýygnaklary döretmek üçin jogapkärli doganlaryň gerekdigini bilýänsiňiz (Iş. 60:22). Hudaýyň Sözünde-de başgalara «öwretmelidigi» aýdylýar. Emma muny etmek size aňsat düşýän däldir. Siz maşgala agzalyryňyzyň aladasyny edýändigiňiz, işleýändigiňiz, ýygnakdaky jogapkärçiligiňiz we başga borçlaryňyz sebäpli doganlary taýýarlamaga wagt galmaýar diýip oýlanýansyňyz. Ýöne şonda-da, Patyşalyk işini goldamak üçin doganlaryň ählisini ýörite taýýarlamaly. Bu ählimiz üçin peýdaly bolar. w15 15/4 1:2, 3
2-nji ýanwar, duşenbe
Halypamyzyň ýolunda söýgüli hem-de wepaly oglum Timoteos... ulanýan usullarymy ýatladar. 1 Kor. 4:17
Ýygnakda täze borç alan dogan derrew başga jogapkärli borçlary alaryn we öňküden düýpgöter özgerişler ederin diýip pikir etmeli däl. Bu siziň islegiňize däl-de, ýygnagyň zerurlyklaryna we Ýehowanyň guramasynyň berýän görkezmesine bagly bolýar. Eger siz hem jogapkärli borja bellenen bolsaňyz, imandaşlaryňyzy ruhlandyrmaly we hormat goýup, tejribeli ýaşulularyň Mukaddes Ýazgylara esaslanyp ulanýan usullaryny ulanmaly. Dogan-uýalar gurama bilen deň ýörär ýaly, Ýehowanyň siziň tejribäňizi ulanyp, özgerişler etmäge ýol berjekdigine şübhelenmän bilersiňiz. Wagtyň geçmegi bilen, Ýehowa ähli öwrenýän wepaly doganlary mugallymyndan-da has köp işleri etmek üçin ulanar (Ýah. 14:12). w15 15/4 2:17
3-nji ýanwar, sişenbe
Saňa görkezme bererin, ýörejek ýoluňy öwrederin; gözüm sende bolar. Zeb. 32:8
Käte biz agyr kynçylyga uçrap, özümizi Pawlus resul kimin «ýolbarsyň agzynda» ýaly duýýandyrys (2 Tim. 4:17). Şeýle ýagdaýlarda Ýehowa bil baglamak kyn bolsa-da, bu örän wajyp. Aýdaly, dogan-garyndaşlaryňyzdan biri agyr keselleýär we siz onuň aladasyny etmeli bolýarsyňyz. Siz muňa döz gelmek üçin eliňizde baryny edip, Hudaýdan akyldarlyk we güýç dileýärsiňiz. Ýehowanyň sizi görýändigi we ýagdaýyňyza düşünýändigi barada oýlansaňyz, kalbyňyz rahat bolar hem-de ol size wepaly bolmaga kömek eder. Siz Ýehowanyň berýän kömegini käte görýän dälsiňiz. Meselem, lukmanlar bir karara gelip, size peýdaly boljak maslahaty berip bilmerler. Dogan-garyndaşlaryňyz hem sizi goldamagyň deregine, ýaraňyza duz sepýändir. Şeýle ýagdaýda Ýehowadan güýç sorap, doga etseňiz we oňa ýakynlaşsaňyz gowy bolar (1 Şam. 30:3, 6). Siz Hudaýyň kömek edýändigini göreniňizde, onuň bilen dostlugyňyz has-da berkär. w15 15/4 4:10, 11
4-nji ýanwar, çarşenbe
Oňa (Şeýtana) garşy duruň. 1 Pet. 5:9
Ýehowanyň gullukçylary Şeýtanyň toruna düşmeýärler. Sebäbi biz Iblisiň ýylan arkaly How ene bilen gepleşendigini we onuň hakyky şahsyýetdigini bilýäris (Gel. çyk. 3:1—5). Ol Ýehowa töhmet atmak üçin Eýýup pygamberi synaýar (Eýp. 1:9—12). Şeýtan Isany-da synaga salýar (Mat. 4:1—10). 1914-nji ýylda Hudaýyň Patyşalygy berkarar bolanda, Şeýtan mesh edilenlere garşy «urşa» başlaýar (Ylh. 12:17). Ol 144 müň mesh edilenleriň galyndysynyň we «başga goýunlaryň» imanyny gowşatmak üçin henizem söweşýär. Bu söweşde ýeňmek üçin imanda berk durmaly. Şeýtanda pesgöwünlilik häsiýeti ýok. Bu perişde Ýehowanyň hökümdarlygyna garşy çykýar we özüni taňry hasaplaýar. Şeýdip, ol tekepbirligiň we çendenaşa göwnüýetijiligiň gözbaşy bolýar. Şol sebäpli biz tekepbirlige garşy göreşsek we kiçigöwünliligi ösdürsek, Şeýtana gaýtawul bereris (1 Pet. 5:5). w15 15/5 2:3, 4
5-nji ýanwar, penşenbe
Ýehowa ähli göz ýaşlary süpürer. Iş. 25:8
Gökde ýa-da ýerde ýaşamaga umyt edýän mesihçiler ajaýyp gelejegini göz öňüne getirip ruhlanýarlar. Siz hem Hudaýyň wadalaryndan lezzet alýandygyňyzy göz öňüne getirýärsiňizmi? Siz Jennetde etjek işleriňiz we ebedi ýaşajakdygyňyz barada oýlananyňyzda begenýänsiňiz. Ýer şaryny bagy-bossanlyga öwürmek üçin adamlar bilen eginme-egin işleýşiňizi göz öňüne getiriň. Goňşy-golamlaryňyzyň ählisi Ýehowany söýýärler. Siz gujur-gaýratdan doly we gelejege ynamly garaýarsyňyz. Dikeldiş işlerine gözegçilik edýänler ýürekden siziň aladaňyzy edip, ýaşaýşyňyzy lezzetli edýärler. Siz şatlyk bilen zehiniňizi we ukybyňyzy başgalara peýda getirýän işlere sarp edip, Hudaýy şöhratlandyrarsyňyz. Meselem, siz direlen adamlara Ýehowany tanamaga kömek edersiňiz (Ýah. 17:3; Res. iş. 24:15). Bu boş arzuwlar däl-de, Mukaddes Ýazgylarda berilýän wadalardyr (Iş. 11:9; 33:24; 35:5—7; 65:22). w15 15/5 3:15
6-njy ýanwar, anna
Toýuň guramaçysy şeraba öwrülen suwdan dadyp gördi. Ýah. 2:9
Isa toýa gelen myhmanlar üçin suwy şeraba öwürýär (Ýah. 2:6—11). Isa Mesih Iblisiň daşlary çörege öwür diýen teklibini inkär etdi we güýjüni öz bähbidi üçin ulanmady (Mat. 4:2—4). Ol güýjüni adamlara kömek etmek üçin ulanýardy. Biz nädip adamlaryň aladasyny edip bileris? Isa mesihçilere jomart bolmagy öwredýärdi (Luka 6:38). Şol sebäpli biz adamlary myhmançylyga çagyryp, ruhlandyryjy gürrüňler edip bilerismi? Ýygnak duşuşygyndan soň kömege mätäç dogan-uýalary goldap ýa-da doganyň taýýarlan ýumşuny diňläp bilerismi? Dogan-uýalardan biri wagza gelmedik ýagdaýynda, oňa derek wagza gidip bilerismi? Biz mümkinçiligimize görä, adamlara maddy kömegi bersek we ruhlandyryjy gürrüňler etsek, Isanyň göreldesine eýereris. w15 15/6 1:3, 4, 6
7-nji ýanwar, şenbe
Ilatyň hijisi: «Men syrkaw» diýmez. Iş. 33:24
Biz Hudaýyň öňünde aýypsyz ýaşasak, uly muşakgatda halas boljaklaryň arasynda bolarys. Bu täsin gudrat! Armageddon urşundan soňra adamlar gudrat bilen sagalarlar (Iş. 35:5, 6; Ylh. 21:4). Indi adamlara äýnek, hasa, pişek, maýyplaryň arabasy we eşidişi güýçlendirýän enjam gerek bolmaz. Armageddonda diri galan adamlar arman-ýadaman zähmet çekip, Ýehowanyň sowgat beren Ýer şaryny bagy-bossana öwrer (Zeb. 115:16). Isanyň gudratlary keseliň bolmajakdygyny görkezýär we «uly märekäniň» ynamyny berkidýär (Ylh. 7:9). Hudaýyň ilkinji Oglunyň görkezen gudratlary adamzada bolan söýgüsini aýan edýär (Ýah. 10:11; 15:12, 13). Isanyň rehimdarlygy Ýehowanyň her bir gullukçysynyň aladasyny edýändigini tassyklaýar (Ýah. 5:19). w15 15/6 2:16, 17
8-nji ýanwar, ýekşenbe
Ýer we deňiz, waý siziň halyňyza, sebäbi Iblis wagtynyň az galandygyny bilip, güýçli gahar-gazap bilen siziň ýanyňyza bardy. Ylh. 12:12
1914-nji ýylda Ýewropada uruş turup, bütin ýer ýüzüne ýaýrady. 1918-nji ýylda uruş tamamlananda, açlyk höküm sürüp başlady. Uruşda wepat bolanlardan mergi keselinden ölen adamlaryň sany has köpdi. Şeýlelikde, Isanyň aýdan «alamaty» ýerine ýetip başlady. Bu alamatlar onuň Patyşa hökmünde ýer ýüzüne gelendigini aýan edýär (Mat. 24:3—8; Luka 21:10, 11). 1914-nji ýylda Isa Mesihe «bir täjiň berlendigini» we «ýeňsin diýip, ýeňip çykandygyny» köp wakalar subut edýär (Ylh. 6:2). Gökde uruş boldy we Isa Şeýtany, jynlary ýer ýüzüne zyňdy. Şondan bäri adamlar şu günki aýatdaky sözleriň ýerine ýetýändigine göz ýetirýärler. w15 15/6 4:13
9-njy ýanwar, duşenbe
Men Halypamyzdan alan görnüşlerim we habarlarym hakda aýtmak isleýärin. 2 Kor. 12:1
Pygamberlikde aýdylyşy ýaly, mesihçiler ýygnagynyň döränine takmynan 100 ýyl geçenden soňra hakykaty ýoýýan mesihçiler köpelip başlady (Res. iş. 20:28—30; 2 Sel. 2:3, 4). Şol sebäpli Hudaýyň ruhy ybadathanasyndaky wepaly gullukçylary tanamak kyndy. Emma Ýehowa Isa Mesihi Patyşa belläp, hakyky mesihçileri tapawutlandyrmaga kömek edýär. 1919-njy ýylda Ýehowanyň razylygyny gazanýan we ruhy ybadathanada wepaly gulluk edýän mesihçiler aýan boldy. Olar ruhy taýdan arassalanyp, Hudaýa ýaramly gulluk etmelidiler (Iş. 4:2, 3; Mal. 3:1—4). Şeýlelikde, Pawlus resulyň gören görnüşi kiçi möçberde ýerine ýetip başlady. Pawlus resulyň gören görnüşi 2 Korinfliler 12:2—4-nji aýatlarda beýan edilýär. Ol Hudaý tarapyndan ylhamlanyp, gelejekde boljak wakalary aýan edýän täsin görnüş görýär. w15 15/7 1:6—8
10-njy ýanwar, sişenbe
Şonda dogry adamlar Atasynyň Patyşalygynda Gün kimin parlarlar. Mat. 13:43
Biz mesh edilen mesihçileriň gudrat bilen göge alynýandygyny görerismi? Hristian dinine uýýan käbir adamlar özleriniň ynsan bedeninde göge galjakdygyna we Isanyň patyşa hökmünde ýere gelmegini gözi bilen görjekdiklerine ynanýarlar. Emma Mukaddes Ýazgylarda «Ynsan Oglunyň alamatynyň» gökde boljakdygy we onuň «gökdäki bulutlarda» geljekdigi aýdylýar (Mat. 24:30). Bu sözler onuň göze görünmän geljekdigini görkezýär. Şeýle-de biz «bedenden we gandan bolan adam Hudaýyň Patyşalygynda mesgen tutup bilmeýändigini» bilýäris. Göge galjaklaryň hemmesi «soňky surnaý çalynýan wagty göz açyp-ýumasy salymda» üýtgediler (1 Kor. 15:50—53). Şu aýada görä, mesh edilenleriň gudrat bilen göge alynýandygyny göreris diýip pikir etmek nädogry bolardy. Isa wepaly mesh edilen mesihçileri göz açyp-ýumasy salymda ýygnar. w15 15/7 2:14, 15
11-nji ýanwar, çarşenbe
Ýygnagyň ortasynda Saňa şöhrat aýdaryn. Zeb. 22:22
Ýygnak jaýlary hakyky seždäniň merkezi hasaplanýar. Ol ýerde geçirilýän ýygnak duşuşyklary bizi ruhy taýdan iýmitlendirýär we imanymyzy berkidýär. Şeýle-de Ýehowa guramasy arkaly görkezme berýär. Ýehowa bilen Isa bizi «Ýehowanyň saçagyna» çagyrýar. Ýygnak duşuşyklaryna gelýänler wajyp çakylyga minnetdarlygyny görkezýärler (1 Kor. 10:21). Ýehowa biziň ýygnak duşuşyklarynda Özüne sežde etmegimizi we biri-birimizi ruhlandyrmagymyzy isleýär (Ýew. 10:24, 25). Biz ýersiz-ýere ýygnak duşuşyklaryndan galsak, Ýehowa hormat goýmaýandygymyz görner. Biz ýygnaga taýýarlansak we köpräk jogap bersek, Ýehowanyň edýän aladasyny gymmat saýýandygymyzy görkezeris. w15 15/7 4:3, 4
12-nji ýanwar, penşenbe
Oýa boluň. Mat. 24:42
Biz Isanyň bu duýduryşyndan dünýäniň soňuna çenli oýa bolup garaşmalydygymyzy bilýäris. Oýa bolmak babatda Hudaý bize guramasy arkaly görkezme berýär. Şeýle-de edebiýatlarymyz bize «Ýehowanyň geljek gününe garaşmaga» we bar ünsümizi Hudaýyň wada beren täze dünýäsine gönükdirmäge ýardam edýär (2 Pet. 3:11—13). Eger I asyrda ýaşan mesihçiler dünýäniň soňuna garaşan bolsa, onda bu biziň üçin has-da wajypdyr. Näme üçin? Sebäbi Mesihiň gelmegi baradaky pygamberlikler amala aşýar. Onuň alamatlary 1914-nji ýyldan bäri ýerine ýetip gelýär. Durmuşyň gün-günden kynlaşmagy we Patyşalyk baradaky hoş habaryň bütin dünýäde wagyz edilmegi biziň soňky günlerde ýaşaýandygymyzy görkezýär (Mat. 24:3, 7—14). Isa soňky günleriň näçe wagt dowam etjekdigini aýtmady. Şol sebäpli biz hemişe oýa we habardar bolmaly. w15 15/8 2:4, 5
13-nji ýanwar, anna
Ýehowada keýplen, Ol ýüregiň arzuwlaryny saňa berer. Zeb. 37:4, TD
Biz täze dünýäde Hudaý barada köp zatlary öwrenmekden lezzet alarys (Mat. 5:3). Biz Ýehowanyň islegini ýerine ýetirmegi birinji orunda goýup, şatlyk taparys. Şu günler biz ruhy zatlary birinji orunda goýsak, gelejege taýynlyk göreris (Mat. 6:19—21). Ruhy işler nädip şatlygymyza şatlyk goşup biler? Onuň bir usuly—ruhy maksatlary goýmak. Eger siz ýaş we Ýehowa yhlasly gulluk etmek isleýän bolsaňyz, doly wagtly gulluk baradaky makalalary okap, maksat goýup bilersiňiz. Şeýle-de ençeme ýyldan bäri doly wagtly gulluk edýän dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolmaly we wagyz işini birinji orunda goýmaly. Şonda şu günler toplan tejribäňizi täze dünýäde hem ulanyp bilersiňiz. w15 15/8 3:13, 14
14-nji ýanwar, şenbe
Ruhuň miwesi... söýgi. Gal. 5:22
Ruhuň başga miwesi bolan ýumşaklyk, özüňe erk etmeklik we sabyrlylyk hem wajyp (Gal. 5:23). Şeýle häsiýetler kynçylyklarda gaharlanmagyň deregine, özüňe erk etmäge we lapykeç bolanda umytly bolmaga kömek edýär. Ruhy taýdan berk mesihçi şahsy okuwynda ýagşy-ýamany saýgarmaga kömek edýän prinsipleri çuňňur öwrenýär. Şol sebäpli-de, onuň gelýän kararlaryndan ruhy taýdan berk mesihçidigi görünýär. Meselem, ol Hudaýyň Sözüne görä terbiýelenen ynsabyna gulak asýar. Ruhy taýdan berk mesihçi öz pikirini gögertmän, gaýtam, hemişe Ýehowanyň görkezmelerine we kada-kanunlaryna kiçigöwünlik bilen tabyn bolýar. Şeýle-de ol hoş habary yhlasly wagyz edýär we dogan-uýalaryň arasynda agzybirligi saklaýar. Ýehowanyň her bir gullukçysy näçe ýyldan bäri gulluk edýändigine garamazdan, özüne şeýle soragy berip biler: «Men Isanyň göreldesine eýermek we ruhy taýdan ösmek üçin ýene näme etmeli?» w15 15/9 1:6, 7
15-nji ýanwar, ýekşenbe
Eý imany az adam, sen näme üçin şübhelendiň? Mat. 14:31
Isanyň şägirtleri Jelile kölünde suwuň ýüzünden Isanyň ýöräp barýandygyny görýärler. Şonda Petrus Halypasy Isadan suwuň ýüzünden ýöräp ýanyna barmaga rugsat sorady. Isa ony ýanyna çagyrdy. Petrus gaýykdan düşüp, möwç urýan tolkunlardan ýöräp ugranda, birdenkä gark bolup başlady. Näme üçin? Petrus daş-töwereginde turýan apy-tupany görüp gorkdy we batly ses bilen gygyryp, Isany kömege çagyrdy. Isa oňa derrew elini uzadyp, ýokarda agzalan sözleri aýdýar (Mat. 14:24—32). Isa Petrusy ýanyna çagyranda, ol gaýykdan düşüp, suwuň ýüzünden ýöräp başlady. Sebäbi Petrusyň imany berkdi. Ol Hudaýyň Isany goldaýşy ýaly, özüni hem goldajakdygyna ynanýardy. Şonuň ýaly-da, Isa bizi öz yzyna eýermäge çagyrdy. Biz hem Ýehowa özümizi bagyş edip, suwa çümdürildik, sebäbi biz Ýehowa bilen Isa iman edýäris we olaryň bizi goldajakdygyna ynanýarys (Ýah. 14:1; 1 Pet. 2:21). w15 15/9 3:1, 3
16-njy ýanwar, duşenbe
Ol wepaly adamlaryň janyny goraýandyr: olary erbetleriň elinden halas edýändir. Zeb. 97:10
Elbetde, maşgalasyny söýýän ata hemişe olary howpdan goramaga jan edýär. Göklerdäki Atamyz Ýehowa-da bizi goraýar. Siz gözüňizi gymmat saýýandygyňyz üçin, zeper ýetmez ýaly ony derrew goraýansyňyz. Şonuň ýaly Ýehowa hem öz halkyny gymmat saýýar (Zak. 2:8). Elbetde, Ýehowanyň wepaly gullukçylarynyň käbirine Stefanus ýaly ölüm jezasy berildi. Ýehowa köplenç şeýle ýagdaýyň öňüni almaýar. Emma Hudaý Şeýtanyň gurýan duzaklary barada duýduryp, halkynyň bütinleý ýok edilmegine ýol bermeýär (Efes. 6:10—12). Biz bu duýduryşlar barada Mukaddes Ýazgylardan we oňa esaslanan edebiýatlardan okap bilýäris. Meselem, biz Interneti nädogry ulanmagyň, pula bolan söýginiň, ahlaksyz we zalym göwün açmalaryň howpludygyny bilýäris. Hawa, Ýehowa bizi söýýändigi üçin goramak isleýär. w15 15/9 4:15, 17
17-nji ýanwar, sişenbe
Ýehowanyň eli gysga däldir halas etmez ýaly. Iş. 59:1
Ýehowanyň Şaýatlary Hudaýyň güýji bilen «hoş habary gorap, kanun taýdan wagyz etmek hukugyny gazanýarlar» (Flp. 1:7). Meselem, käbir ýurtlarda häkimiýetler wagyz işini doly ýatyrmak isleýärler. Ýöne Ýehowanyň Şaýatlary bütin dünýä boýunça ýokary kazyýetde azyndan 268 sany ýeňiş gazandylar. Olardan 24 sanysy bolsa 2000-nji ýyldan bäri adam hukugyny goraýan Ýewropadaky kazyýetde gazanyldy. Bu bolsa hiç kimiň Hudaýyň «elini» saklap bilmeýändigini subut edýär (Iş. 54:17). Hoş habaryň bütin dünýäde wagyz edilmegi Hudaýyň güýji bilen amala aşyrylýandygyny subut edýär (Mat. 24:14; Res. iş. 1:8). Dürli milletden bolan dogan-uýalar Ýehowanyň kömegi bilen agzybir gulluk edýärler. Şeýle agzybirligi bu dünýäde tapyp bolmaýar! Hatda Ýehowa gulluk etmeýän adamlar hem: «Hudaý, dogrudan-da, siziň araňyzda» diýýärler (1 Kor. 14:25). Hawa, Hudaýyň öz halkyna kömek edýändigini ençeme zatlar subut edýär (Iş. 66:14). w15 15/10 1:13, 14
18-nji ýanwar, çarşenbe
Dünýädäki zatlary söýmäň. 1 Ýah. 2:15
Mukaddes Ýazgylar bize dünýäden doly peýdalanmagyň howpludygyny duýdurýar (1 Kor. 7:29—31). Elbetde, käbir zatlara erbet diýip bolmaz, ýöne olar köp wagtyňy alýar. Meselem, muňa kitap okamak, telewizor görmek, syýahat etmek, dükanlara aýlanmak, soňky çykan elektron enjamlar we gymmatbaha zatlar baradaky maglumatlary gözlemek ýaly işler degişli. Mundan başga-da, Internet ýa-da elektron poçta arkaly hat alyşmak we gepleşmek, hemişe soňky täzelikleri, sport ýaryşlaryny görmek ýaly zatlar hem köp wagtyňy alýar. Hatda bu zatlar endik bolup galýar (Wag. 3:1, 6). Eger biz wajyp däl zatlara köp wagt sarp etsek, esasy zada, ýagny Ýehowa gulluk etmäge wagtymyz galmaz (Efes. 5:15—17). I asyrdaky ýaly şu günlerem Şeýtan bizi özüne çekmek we başagaý etmek üçin bu dünýäni ulanmaga jan edýär (2 Tim. 4:10). Şol sebäpli biz şu günki aýatdaky maslahata gulak asmaly. w15 15/10 3:7, 8
19-njy ýanwar, penşenbe
Näme etmelidigimizi öwret. Ser. 13:8
Manowanyň aýaly göwrelidi. Elbetde, Manowa muňa diýseň begenýär, ýöne ol gerdeninde uly jogapkärçiligiň bardygyna düşünýärdi. Eýsem, azgyn adamlaryň arasynda ýaşaýan bu är-aýal ogluna gowy terbiýe berip, Hudaýa gulluk etmegi öwredip bilermikä? Manowa Ýehowa ýalbaryp: «Goý, bize iberilen Hudaýyň adamy (perişdesi) ýanymyza ýene-de gelsin hem-de bizden doguljak çaga näme etmelidigimizi öwretsin» diýýär (Ser. 13:1—8). Eger sizem ene-ata bolsaňyz, Manowanyň ýalbaryşyna gowy düşünýänsiňiz, sebäbi siziň uly jogapkärçiligiňiz bar. Siz çagaňyza Ýehowany tanamaga hem-de söýmäge kömek etmeli (Sül. tym. 1:8). Şol sebäpli köp ene-atalar yzygiderli maşgala okuwyny geçirýär. Emma Mukaddes Ýazgylardaky hakykatlary çagaňyzyň aňyna ornaşdyrmak üçin, her hepde maşgala okuwyny geçirmek ýeterlikli däl (Kan. tag. 6:6—9). Siz çagaňyzyň aňyna hakykaty guýmak üçin näme edip bilersiňiz? w15 15/11 1:1, 2
20-nji ýanwar, anna
Ine hakyky ysraýylly. Onda hiç hili mekirlik ýokdur. Ýah. 1:47
Siz Isa ýaly adamyň ýüregini görüp bilmeseňiz-de, Hudaýyň kömegi bilen paýhasly bolup bilersiňiz. Siz bu başarnygyňyzy ýetginjek çagaňyzyň gowy tarapyny görmek üçin ulanarmysyňyz? Hiç kim özüne «başbozar» diýilmegini islemeýär. Şol sebäpli siz pikiriňizde-de, aýdýan sözleriňizde-de ogluňyza ýa gyzyňyza «bulagaýlyk edýän», ýa-da «mydama bir hokga çykarýan çaga» diýmäň. Siziň ýetginjek çagaňyz kynçylyga düşse, onuň dogrulyk etmäge jan edýändigini görýändigiňizi we ýagdaýyna düşünýändigiňizi görkeziň. Çagaňyzyň gowulyga tarap ädýän her bir ädimini görüp, öwgüli sözleri aýdyň. Şeýle-de gowy häsiýetleri ösdürip bilmegi üçin, oňa goşmaça ýumuşlary tabşyryň. Isa-da şägirtlerine şeýle edipdi. Natanyýeli göreninden takmynan bir ýarym ýyl geçensoň, Isa ony resuly edip saýlady we Natanyýel yhlasly wagyzçy boldy (Luka 6:13, 14; Res. iş. 1:13, 14). Hawa, siziň aýdýan ruhlandyryjy hem-de öwgüli sözleriňiz çagalaryňyza özüni hiç zat başarmaýan däl-de, Ýehowanyň ulanyp biljek ukyply adamy ýaly duýmaga kömek eder. w15 15/11 2:15, 16
21-nji ýanwar, şenbe
Olar... (Hudaýa) gije-gündiz mukaddes gullugy berjaý edýärler. Ylh. 7:15
1914-nji ýylda soňky günler başlanda, ýer ýüzünde Ýehowanyň bary-ýogy birnäçe müň gullukçysy bardy. Mesh edilen mesihçileriň az sanly galyndysy ýakynyny söýýändigi üçin, Hudaýyň mukaddes ruhunyň goldawy bilen yhlasly wagyz etdiler. Şu günler ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän uly märeke ýygnalýar. Häzir bütin dünýäde 115 müň 400-den gowrak ýygnak bar we Ýehowanyň Şaýatlarynyň sany takmynan 8 milliona ýetdi. Biziň sanymyz gitdigiçe köpelýär. Mysal üçin, 2014-nji gulluk ýylynda 275 müň 500-den gowrak adam Ýehowanyň Şaýady bolup, ortaça her hepde 5 müň 300-e golaý adam suwa çümdürilildi. Biz Ýehowa iman edýändigimiz we Hudaýyň gudraty bilen ylhamlanyp ýazylan Mukaddes Ýazgylary ýürekden kabul edýändigimiz üçin, ruhy taýdan has-da ösýäris (1 Sel. 2:13). «Bu dünýäniň taňrysy» Şeýtan ýigrenç bilen garşylyk görkezse-de, Ýehowanyň halkynyň ruhy taýdan gülläp ösmegi örän täsin! (2 Kor. 4:4). w15 15/11 4:12, 14, 16
22-nji ýanwar, ýekşenbe
Hudaýymyzyň sözi ebedi galýar. Iş. 40:8
Mukaddes Ýazgylary öwrenýän alymlar şol öňki terjimeleri müňlerçe gadymy golýazmalar bilen deňeşdirip, çuňňur öwrendiler. Şeýlelikde, olar diňe käbir aýatlaryň sähelçe tapawutlanýandygyna göz ýetirdiler. Umuman aýdanyňda, Mukaddes Ýazgylaryň asyl manysy üýtgedilmändir. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylary öwrenýän akýürekli adamlar ony Ýehowanyň ýazdyrandygyna doly ynanýarlar. Duşmanlaryň zalymlyk bilen garşylyk görkezendigine garamazdan, Ýehowa öz Sözüniň adamzat taryhynda iň köp dile terjime edilen kitap bolmagynyň aladasyny etdi. Şu günler köp adamlar Hudaýa iman etmese-de, Mukaddes Ýazgylar giňden ýaýraýar. Ol tutuşlygyna we bölekleýin 2 800-den gowrak dilde bar. Mukaddes Ýazgylaryň käbir terjimeleri biraz nädogry ýa-da düşünmesi kyn bolsa-da, olaryň ählisinde hem ebedi ýaşaýşa umyt berýän habar aýdylýar. w15 15/12 1:13, 14
23-nji ýanwar, duşenbe
Biri bardyr, gylyjyň sanjylyşy ýaly, soňuny saýman gepleýändir. Sül. tym. 12:18
Söz adama hem ýara salyp, hem şypa berip bilýär. Şeýtanyň dünýäsindäki adamlar köplenç ýürege ýara salýan awuly sözleri aýdýarlar. Olar «dillerini gylyç kimin ýiteldýärler» we «ajy sözlerini» peýkam ýaly çeneýärler (Zeb. 64:2, 3). Olaryň köpüsi muny telegepleşiklerden we kinofilmlerden öwrenýär. Emma mesihçiler şeýle ýaramaz endikden gaça durmaly. «Ajy sözlere» adama göwnüýetmezçilik edip, üstünden gülmek maksady bilen aýdylýan ýaňsyly gürrüňler hem degişlidir. Ýaňsylamak köplenç degişmä salyp, kimdir birini äsgermezçilikli sözler bilen kemsitmegi aňladýar. Mesihçiler ýaňsylaýjy sözlerden «daş bolmaly». Degişmeklik biziň gürrüňimiziň gyzykly etse-de, biz başgalary güldürmek üçin oýun edip, kimdir birini kemsitmekden ýa-da onuň göwnüne degiji sözleri aýtmakdan seresap bolmaly. Mukaddes Ýazgylarda: «Agzyňyzdan hiç hili göwne degiji sözler çykmasyn, gaýtam, diňleýänlere peýdaly bolar ýaly, gerekli wagty diňe ruhlandyryjy sözleri aýdyň» diýip maslahat berilýär (Efes. 4:29, 31). w15 15/12 3:10
24-nji ýanwar, sişenbe
Eger siz özüňizi şu zatlardan gorasaňyz, eden işiňiz rowaçlanar. Sag-salamat boluň! Res. iş. 15:29
I asyrda ýolbaşçylyk maslahatynyň ýygnaklara ýazan hatynyň soňunda aýdylan bu jemleýji sözler «gujur-gaýratly boluň» diýmegi hem aňladýar. Hawa, biz «saglykda bolup», beýik Hudaýymyza gulluk etmek üçin gujur-gaýratly bolmak isleýäris. Biz bu zalym dünýäde ýaşaýandygymyz we bikämilligimiz sebäpli, keselçilige döz gelmeli bolýarys. Biz häzir gudrat bilen sagalarys diýip tama edip bilmeýäris. Emma Ylham 22:1, 2-de biziň ähli keselden doly sagaljak wagtymyz barada aýdylýar. Ýahýa resul bu görnüşde «ýaşaýyş berýän» derýanyň suwuny we «ýapraklary milletleri sagaldýan» «ýaşaýyş agajyny» görýär. Bu häzir ýa-da gelejekde ulanyljak ot-çöpden ýasalan däri-dermanlary däl-de, dogry adamlaryň ebedi ýaşamagy üçin, Ýehowanyň Isa Mesih arkaly berjek bereketlerini aňladýar. Biz muňa sabyrsyzlyk bilen garaşýarys (Iş. 35:5, 6). w15 15/12 4:17, 18
25-nji ýanwar, çarşenbe
Özüň bilen gitmäge bize ygtyýar et, sebäbi Hudaýyň seniň bilendigini eşitdik. Zak. 8:23
Ýehowa biziň günlerimiz barada şeýle pygamberlik etdi: «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Şol günlerde dürli dillerde gepleýän ähli milletlerden on adam ýahudalynyň eteginden tutup: „Özüň bilen gitmäge bize ygtyýar et, sebäbi Hudaýyň seniň bilendigini eşitdik“ diýerler“» (Zak. 8:23). Şu aýatlardaky on adam ýerde ýaşamaga umyt edýänleri aňladýar. Olar «ýahudalynyň eteginden tutup», yzyna eýerýärler. Ýerde ýaşamaga umyt edýän mesihçiler «Hudaýyň Ysraýyly», ýagny mesh edilen mesihçiler bilen hyzmatdaşlyk etmegi hormat saýýarlar, sebäbi Ýehowanyň olary patalaýandygyny bilýärler (Gal. 6:16). Zakarýa pygamber ýaly, Isa Mesihem Hudaýyň halkynyň arasynda agzybirligiň boljakdygyny nygtap geçdi. Ol şägirtleriniň iki topardan, ýagny «kiçi sürüden» we «başga goýunlardan» ybarat bolsa-da, olaryň «bir süri» we «bir çopan» boljakdygyny aýtdy (Luka 12:32; Ýah. 10:16). w16.01 4:1, 2
26-njy ýanwar, penşenbe
Mynasyp zatlar hakda oýlanyň. Flp. 4:8
Biz özümizi ruhy taýdan berkidip durmaly. Sebäbi biz Şeýtan Iblisiň golastyndaky dünýäde ýaşaýarys. Biz bikämildigimiz sebäpli zalym dünýäniň täsirine düşüp, erbet pikirde bolmagymyz ýa-da nädogry işleri etmegimiz mümkin. Zalym dünýäni güýçli akýan derýa meňzetse bolýar. Biz derýanyň ugruna akyp gitmez ýaly, akyma garşy ýüzmek üçin jan etmeli. Şonuň ýaly Şeýtanyň dünýäsiniň täsirine düşmez ýaly elimizde baryny etmeli. Biz wagyz edip, bar ünsümizi imanymyzy gowşadýan zatlara däl-de, ruhy, ýagny wajyp we peýdaly zatlara gönükdirýäris. Bu imanymyzy berkidýär we Hudaýyň wadalaryny hem-de kada-kanunlaryny ýatladýar. Şeýle-de biz wagyz edip, ruhy ýaraglary dakynýarys (Efes. 6:14—17). Biz ruhy işler bilen meşgullansak, aladalarymyz barada çendenaşa biynjalyk bolmaga wagtymyz bolmaz. w16.01 5:12, 13
27-nji ýanwar, anna
Seniň halkyň—meniň halkym, seniň Rebbiň meniň Rebbim bolar. Rut 1:16
Rutuň Ýehowa bolan söýgüsi has güýçlüdi. Şol sebäpli Bowaz Ýehowanyň ganatlarynyň astynda pena gözlän Ruty öwdi (Rut 2:12). Muny jüýjäniň pena gözläp, towugyň ganatlarynyň astynda gizlenişine meňzetse bolýar (Zeb. 36:7; 91:1—4). Edil şonuň ýaly, Ýehowa hem Ruta pena boldy. Ol Ruty iman edendigi üçin sylaglady. Rut gelen kararyna hiç haçan ökünmedi. Şu günler adamlaryň köpüsi Ýehowa barada öwrense-de, ony öz penasy edinmäge ýaýdanýarlar. Olar Ýehowa özüni bagyş edip, suwa çümdürilmek üçin ädim ätmeýärler. Eger siz Ýehowa özüňizi bagyş etmäge ýaýdanýan bolsaňyz, muňa nämäniň päsgel berýändigini anyklaň. Her bir adam haýsydyr bir taňra ýa-da nämedir bir zada sežde edýär (Ýeş. 24:15). Emma biz hak Hudaýdan pena gözlemeli. Näme üçin? Sebäbi Ýehowa özümizi bagyş etsek, Oňa iman edýändigimizi görkezýäris. Ýehowa Ruty hemişe goldaýardy. Ol size-de şeýle wajyp karara gelmäge we kynçylyklara döz gelmäge kömek eder. w16.02 2:6, 7
28-nji ýanwar, şenbe
Naýzany bir salanda, ony ýere çüýläýin—men ony ikinji gezege goýjak däl. 1 Şam. 26:8
Abyşaý doly wepaly däldi diýse bolar. Sebäbi ol gizlinlikde Şawulyň düşelgesine barypdy. Elbetde, Abyşaý Dawuda wepalydy, ýöne ol Şawul patyşany öldürmek isleýär. Emma Dawut ony «Rebbiň seçip saýlan adamyna el götermekden» saklady (1 Şam. 26:9—11). Biz bu wakadan wajyp sapak edinýäris. Biz durmuşda dürli-dürli adamlara wepaly bolsak-da, Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýerip, ilki bilen olaryň haýsysyna wepaly bolmalydygyny anyklamaly. Wepalylyk—ýürekden çykýan zat. Emma «ynsan ýüreginiň ähli zatdan hilegärdigini» unutmalyň (Ýer. 17:9). Hatda Hudaýa wepaly adamyň hem dogan-garyndaşyna ýa dostuna wepaly bolmak islegi güýçli bolup, olaryň edýän erbet işlerine göz ýumup biler. Esasan-da, dogan-garyndaşlarymyzyň biri Hudaýdan daşlaşanda, biz Ýehowa wepaly bolmalydygymyzy unutmaly däl (Mat. 22:37). w16.02 4:5, 6
29-njy ýanwar, ýekşenbe
Hudaýyň ýagşy, halaýan we kämil isleginiň nämedigine düşünersiň. Rim. 12:2
Eýsem, ýüregiň bilen kabul eden zatlaryňa «düşünmek» näme üçin wajyp? Geliň, Timoteosyň mysalyna seredeliň. Ol Mukaddes Ýazgylary gowy bilýärdi. Ejesi bilen mamasy oňa hakykaty «bäbekliginden» öwredýärdi. Muňa garamazdan, Pawlus resul Timoteosa: «Öwrenen we iman eden zatlaryňa eýermegiňi dowam et» diýip maslahat berdi (2 Tim. 3:14, 15). Bir ylmy kitapda aýdylmagyna görä, şu aýatdaky «iman etmek» diýen jümläniň asyl manysy «nämedir bir zadyň hakykatdygyna doly göz ýetirmek we ynanmak» diýmegi aňladýar. Timoteos hem ynanýan zatlarynyň hakykatdygyna göz ýetirdi. Ol hakykaty diňe ejesiniň we mamasynyň göwnüni ýykmazlyk üçin däl-de, bu ýoluň dogrudygy barada oýlanyp, iman edendigi üçin kabul etdi (Rim. 12:1). Şonuň ýaly, senem şahsy okuwda gowy gözleg geçirseň, soraglaryňa jogap taparsyň we ýüregiňdäki şübhäni köki bilen aýryp, imanyňy berkidersiň (Res. iş. 17:11). w16.03 2:3, 4, 7
30-njy ýanwar, duşenbe
(Olar) Pasha baýramyny bellemek üçin her ýyl Iýerusalime giderdi. Luka 2:41
Gadymy döwürde ysraýyllylar Iýerusalimdäki ybadathanada baýramçylyk belläp, Ýehowany şöhratlandyrýardylar. Olar şol baýramçylyga barmak üçin öňünden taýýarlanýardylar, ýolda biri-birini goldap, kömek edýärdiler. Soňra ybadathanada Hudaýa bilelikde sežde edýärdiler. Hawa, bu zatlaryň ählisini etmek üçin agzybirlik gerekdi. Bizem täze dünýä ýetýänçäk, birek-biregiň aladasyny edip, agzybirligi saklamaly we eginme-egin işleşmeli. Gelejekde bize nähili bereketleriň garaşýandygyny göz öňüne getiriň. Biz eýýäm häzirden şu zalym we agzala dünýäniň işlerine goşulmaýarys. Şu günler Işaýanyň we Mikanyň pygamberliginiň ýerine ýetýändigini, ýagny Hudaýyň halkynyň agzybirlikde «Rebbiň dagyna» çykýandygyny görýäris (Iş. 2:2—4; Mika 4:2—4). Dogrudan-da, «ahyrky günlerde» Ýehowa edýän seždämiz dag ýaly belende galýar. Gelejekde bolsa ähli adamlaryň Hudaýa agzybir gulluk edýänini görüp, hasam begeneris. w16.03 3:16, 17
31-nji ýanwar, sişenbe
Her zadyň öz möwriti bar. Wag. 3:1
Käbir ýygnak ýaşulularyna doganlary taýýarlamaga wagt tapmak näme üçin kyn bolup biler? Belki-de, olar: «Hawa, doganlary taýýarlamak gerek, ýöne ýygnagyň has gyssagly işleri bar ahyryn. Eger doganlary taýýarlamak bilen başagaý bolsak, ýygnagyň işlerini kim eder?» diýip pikir edýändir. Ýygnakda köp wajyp işler bar bolsa-da, ýaşulular doganlara wagtynda kömek etmese, bütin ýygnagyň ruhy saglygyna zyýan ýeter. Ýaşulular ýygnakdaky wajyp işleri wagtynda ýerine ýetirýärler. Eger-de ýaşulular doganlary taýýarlamagy hemişe soňa goýsalar, tizden ýygnagyň aladasyny etjek tejribeli doganlar ýetmezçilik eder. Görşümiz ýaly, doganlary taýýarlamak wajyp däl diýen pikirden gaça durmaly. Käbir öňden görüji ýaşulular tejribesi az doganlary taýýarlamaga wagt sarp edýärler. Şeýle ýaşulular paýhasly iş dolandyryjy hökmünde bütin ýygnaga bereket getirýärler (1 Pet. 4:10). w15 15/4 1:4, 6, 7