Fewral
1-nji fewral, çarşenbe
Hudaýa ýakynlaşyň, ol hem size ýakynlaşar. Ýak. 4:8
Siz suwa çümdürilip, Ýehowanyň Şaýady bolduňyzmy? Eger şeýle bolsa, onda siziň gymmatly zadyňyz, ýagny Hudaý bilen dostlukly gatnaşygyňyz bar. Ýöne Şeýtanyň dünýäsi we bikämillik sebäpli mesihçilere Hudaý bilen dostlugyny saklamak kyn bolýar. Şol sebäpli biz Ýehowa bilen has-da ýakyn dost bolmaly. Ýehowa siziň ýakyn dostuňyzmy? Siz bu dostlugy berkitmek isleýärsiňizmi? Üns beren bolsaňyz, bu iki taraplaýyn gatnaşyk. Biz Hudaý bilen dostlaşmak üçin bir ädim ätsek, Ol bize tarap birnäçe ädim äder. Biz dostlugymyzy berkitmek üçin näçe tagalla etsek, şonça-da Ýehowa ýakynlaşarys. Isa: «Meni Iberen hakykatdan-da bardyr... Men Ony tanaýaryn» diýýär (Ýah. 7:28, 29). w15 15/4 3:1, 2
2-nji fewral, penşenbe
Kynçylyklarda çydamly boluň. Erjellik bilen doga ediň. Rim. 12:12
Aýdaly, dogan-garyndaşlaryňyzdan biri ýygnak gatnaşygyndan kesilýär. Mukaddes Ýazgylarda ýygnak gatnaşygyndan kesilen adam bilen özümizi nähili alyp barmalydygymyz barada görkezme berilýär (1 Kor. 5:11; 2 Ýah. 10). Emma bu tabşyryga gulak asmak käte kyn ýa-da asla mümkin däl ýaly görünýär. Siz Ýehowa wepaly bolmak üçin, onuň güýç berjekdigine ynanýarmysyňyz? Şeýle ýagdaýa Hudaýa ýakynlaşmaga mümkinçilik hökmünde gararmysyňyz? Onda biz dogan-garyndaşlarymyzy ýürekden söýmeli dälmi? Elbetde, söýmeli! Ýöne biziň Ýehowa bolan söýgimiz has güýçli bolmaly (Mat. 22:37, 38). Şonda dogan-garyndaşymyz Hudaýa gulluk etse-de, etmese-de olara gowy täsir edip bileris. Eger siz dogan-garyndaşlaryňyzyň ýygnak gatnaşygyndan kesilendigi üçin ruhdan düşýän bolsaňyz, Ýehowa doga edip, ýüregiňizi döküň (Flp. 4:6, 7). w15 15/4 4:14, 16
3-nji fewral, anna
Biz Hudaýyň ýygnaklarynyň arasynda siz hakda buýsanç bilen gepleýäris. Sebäbi siz çydamlylyk görkezip, yzarlamalara iman bilen döz gelýärsiňiz. 2 Sel. 1:4
Biz başga adamlaryň ýa-da öz gazanan üstünliklerimize buýsanyp bileris. Öz maşgalamyz, medeniýetimiz we aslymyz üçin utanmaly däl (Res. iş. 21:39). Emma tekepbirlik adamlar we Ýehowa bilen dostlugymyzy bozýar; maslahaty pesgöwünlilik bilen kabul etmäge päsgel berýär (Zeb. 141:5). Ol «çendenaşa göwnüýetijiligi» ýa-da «ulumsylyk bilen özüňi başgalardan ýokary tutmagy» aňladýar. Ýehowa tekepbirligi ýigrenýär (Ezek. 33:28; Amos 6:8). Emma Şeýtan şeýle häsiýetli adamlary görüp begenýär, sebäbi olarda öz keşbini görýär. Şeýtan Nimrodyň, faraonyň we Abşalomyň tekepbirligini görüp begenendir (Gel. çyk. 10:8, 9; Müs. çyk. 5:1, 2; 2 Şam. 15:4—6). w15 15/5 2:5, 6
4-nji fewral, şenbe
Elini açyp, ähli dirileri islegleri boýunça doýrar. Zeb. 145:16
Mesih Hudaýyň güýji arkaly şägirtleriniň zerurlyklaryny kanagatlandyryp, Atasynyň jomartlygyndan görelde aldy (1 Kor. 1:24). Isa özüni şöhratlandyrmak üçin däl-de, adamlaryň aladasyny etmek üçin gudrat görkezýärdi. Matta 14:14—21-nji aýatlara seredeliň. Isanyň şägirtleri we paý-pyýada gelýän uly märeke ýadaw hem açdy. Şol sebäpli şägirtler Isadan näme etmelidigini soradylar (Mat. 14:13). Isa näme etdi? Ol bäş çörekdir iki balygy bölüşdirip, bäş müň erkek adama, aýallara we çagalara paýlamagy buýurdy. «Hemmeler iýip doýanlaryndan» soňra artyp galan çörek döwümlerinden 12 sebet doldy. Hawa, iýmit boldy! Isa adamlary doýrup, sag-aman öýüne barmaklarynyň aladasyny etdi (Luka 9:10—17). w15 15/6 1:8, 9
5-nji fewral, ýekşenbe
Adam ogly pisligi hormatlar. Zeb. 12:8
Gitdigiçe ahlaksyzlygyň köpelýändigi üçin siz: «Ahlak taýdan arassa ýaşap bolarmyka?» diýýänsiňiz. Hawa, Ýehowanyň kömegi bilen ýaşap bolýar. Emma biz ahlaksyz höweslere garşy dursak ahlak taýdan arassa bolup bileris. Meselem, çeňňekdäki gurçugyň balygy özüne çekişi ýaly, ahlaksyz pikirler we azgyn höwesler mesihçini tora salyp biler. Eger biz şeýle zatlar barada oýlanyp başlasak, ten höweslerini oýararys. Şeýdip, erbet höwesler özüne çekip, günä etmäge iterer. Synag dörände bolsa, Ýehowanyň gullukçysy-da günä edip biler. Hawa, «höwes... adamy günä iterýär» (Ýak. 1:14, 15). Az wagtlyk höwesiň günäli işlere iterýändigi barada oýlanmaklyk ahlak taýdan arassa bolmaga kömek edýär. Emma erbet höwesleri ýüregimizden sogrup taşlamasak, ahlaksyzlykdan we onuň erbet netijesinden gaça durup bilmeris (Gal. 5:16). w15 15/6 3:1, 2
6-njy fewral, duşenbe
Ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn! Mat. 6:10
Alty müň ýyl mundan ozal perişdelerem, adamlaram Hudaýyň islegini doly ýerine ýetirýärdiler. Ýehowa adamlary ýaradanda: «Juda gowy» diýdi (Gel. çyk. 1:31). Emma Şeýtan pitne turzandan soňra sanlyja adam Hudaýyň islegini ýerine ýetirýärdi. Şu günler bolsa takmynan 8 million Ýehowanyň Şaýatlary Hudaýyň isleginiň ýerde amala aşmagy barada doga edýärler we eden dogasyna görä ýaşamaga çalyşýarlar. Şeýle-de olar durmuşyny özgerdýärler we şägirt taýýarlamak işine yhlasly gatnaşýarlar. Biz muňa diýseň begenýäris! Biz Patyşalygyň duşmanlary ýok edilýänçä, Hudaýyň isleginiň amala aşmagy barada doga etmeli. Biz milliardlarça ölen adamlaryň Jennetde direlişini görüp, Hudaýyň isleginiň doly amala aşandygynyň şaýady bolarys (Ýah. 5:28, 29). Aradan çykan dogan-garyndaşlarymyzy gujak açyp garşylamak nähili tolgundyryjy bolar! w15 15/6 4:15, 17
7-nji fewral, sişenbe
Aýak basýan ýerimi şöhratlandyraryn. Iş. 60:13
Edebiýatlarymyzda «ruhy jennet» barada köp gürrüň edilýär. Ruhy jennet bize Ýehowa Hudaý, dogan-uýalarymyz bilen dostlaşmaga kömek edýär we ruhy bereketleri berýär. Emma «ruhy jennet» bilen «ruhy ybadathana» tapawutlanýar. Ýehowa ruhy ybadathanany özüne sežde edilmegi üçin gurnady. Hudaýyň razylygyny gazanyp, ruhy ybadathanasynda gulluk edýän adamlar ruhy jenneti aňladýar (Mal. 3:18). 1919-njy ýyldan başlap, Ýehowa bikämil adamlara ruhy jenneti dikeltmegi, berkitmegi we giňeltmegi tabşyrdy. Ýehowa bilen işleşmek nähili hormat! Sizem Hudaýyň işdeşlerimi? Siz Ýehowanyň «aýak basýan ýerini» şöhratlandyrmaga goşant goşýandygyňyza begenýärsiňizmi? w15 15/7 1:10, 11
8-nji fewral, çarşenbe
Sen arkaly milletlere mukaddesligimi aýan edip, Özümi tanadaryn. Ezek. 38:16
Mesh edilenler göge galmazyndan biraz wagt öň, Gog Hudaýyň halkyna topular. Şonda Hudaýyň halkyna näme bolar? Olar goragsyz ýaly bolup görner. Ýer ýüzünde wepaly galan Hudaýyň gullukçylary Ýehoşapat patyşanyň günlerinde berlen görkezmä eýererler: «Bu söweşde size söweşmek gerek däldir. Eý, ýahuda we Iýerusalim halky, nyzama duruň-da, garaşyň, Rebbiň size berjek ýeňşini görüň. Gorkmaň, heder etmäň» (2 Ýyl. 20:17). Emma gökdäki mesh edilen mesihçileriň ýagdaýy düýbünden başgaça bolar. Ylham 17:14-de Hudaýyň duşmanlary barada şeýle diýilýär: «Olar Guzy bilen söweşerler, emma Guzy hökümdarlaryň Hökümdary we patyşalaryň Patyşasy bolandygy üçin olary ýeňer. Hudaýyň çagyranlary, saýlanlary we Oňa wepaly bolanlar hem olary ýeňerler». Isa 144 müň mesh edilen mesihçiler bilen Hudaýyň ýerdäki gullukçylaryny halas eder. w15 15/7 2:16
9-njy fewral, penşenbe
Her zadyň öz möwrüti bar. Wag. 3:1
Biz ýygnak duşuşyklaryna baranymyzda, salykatly egin-eşigimiz, özümize timar berşimiz we edim-gylymymyz bilen Ýehowany hormatlaýandygymyzy görkezýäris. Ýehowa gullukçylarynyň we ýygnaga gelýän adamlaryň özlerini oňaýsyz duýmagyny islemeýär. Şol sebäpli dogan-uýalar sölpi ýa-da göze ilginç geýnip, telefon arkaly hat ýazyp, özara gepleşip, ýa-da iýip-içip başgalaryň ünsüni sowmak islemeýärler. Ata-eneler çagalaryna Ýygnak jaýynda oýnamaly we ylgamaly däldigini düşündirmeli. Isa Hudaýyň ybadathanasynda söwda edýän adamlara gahary gelip, olary kowýar (Ýah. 2:13—17). Biz Ýygnak jaýlarynda Yehowa barada bilim alyp, oňa sežde edýäris. Şol sebäpli ýygnak duşuşyklarynda şahsy işlerimiz barada gürrüň etmeklik nädogry bolar (Neh. 13:7, 8). w15 15/7 4:7, 8
10-njy fewral, anna
Soňky günlerde juda kyn döwür bolar. 2 Tim. 3:1
Mukaddes Ýazgylarda «soňky günlerde» erbetligiň köpeljekdigi aýdylýar (2 Tim. 3:13; Mat. 24:21; Ylh. 12:12). Şol sebäpli biz dünýäniň häzirki ýagdaýynyň has-da pese düşjekdigini bilýäris. Adamlar «ahyrzaman» has kyn döwürde geler diýmek bilen nämäni göz öňüne tutýarlar? (Ylh. 7:14). Belki-de, olar «agyr muşakgatdan» öň her bir ýurtda urşuň, her bir maşgalada açlygyň we keselçiligiň bolmagyna garaşýandyrlar? Eger şeýle ýagdaý ýüze çyksa, onda tankytçylar hem Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikleriň ýerine ýetýändigini boýun almaly bolarlar. Emma Isa köp adamlaryň öz işleri bilen başagaý bolup, soňky günleriň alamatlaryna üns bermejekdiklerini aýtdy (Mat. 24:37—39). Görşümiz ýaly, Mukaddes Ýazgylar çekip-çydardan has kyn döwrüň gelmegine garaşýan adamlaryň nädogry pikir edýändigini aýan edýär (Luka 17:20; 2 Pet. 3:3, 4). w15 15/8 2:6, 7
11-nji fewral, şenbe
Seniň wepaly söýgiň ýaşaýyşdan hem gowudyr. Zeb. 63:3, TD
Käbir adamlar täze dünýä taýýarlyk görmegi paýhassyz hasaplaýarlar. Emma bu dogry däl! Biz Ýehowa gulluk edip, durmuşyň manysyna düşünýäris. Emma biz kimdir biriniň mejbur edýändigi üçin ýa-da agyr muşakgatdan halas bolmak maksady bilen gulluk etmeýäris. Hudaý adamzady Özüne sežde etmek üçin ýaradansoň, biz oňa gulluk edip köp şatlyk tapýarys. Biz bu dünýäniň adamlaryndan tapawutlykda, söýgüden doly Ýehowanyň görkezmesine eýerip, bagtly ýaşaýarys (Zeb. 63:1, 2). Eger biz Ýehowa ýürekden gulluk etsek, diňe bir täze dünýäde däl, häzirem bereket alarys. Biziň käbirimiz ençeme ýyldan bäri bol bereketleri alýarys! Biziň her birimiz hiç bir zadyň şeýle şatlyk bermeýändigine göz ýetirdik (Zeb. 1:1—3; Iş. 58:13, 14). w15 15/8 3:16
12-nji fewral, ýekşenbe
Siz... imanyňyz bilen halas bolduňyz. Efes. 2:8
Iman bize mümkin däl ýaly bolup görünýän zady başarmaga kömek edýär (Mat. 21:21, 22). Mysal üçin, mesihçileriň köpüsi garaýşyny we durmuşyny düýpgöter özgertdiler welin, hatda öňki dost-ýarlary olary tanamaýarlar. Ýehowa biziň iman bilen edýän tagallalarymyza ak pata berýär (Kol. 3:5—10). Biz iman edip Ýehowa özümizi bagyş edýäris we Onuň bilen dostlaşýarys. Bu dostlugy ynsan öz güýji bilen gazanyp bilmeýär. Iman bize ganym duşmanymyz Şeýtanyň hüjümine garşy durmaga güýç-kuwwat berýär (Efes. 6:16). Biz hemişe Ýehowa bil baglap, kynçylyklarda çendenaşa gaýga batyp, ruhdan düşmeýäris. Biz iman edip, Patyşalygy birinji orunda goýsak, Ýehowanyň aladamyzy etjekdigine şübhelenmeris (Mat. 6:30—34). Biz iman bilen hiç bir ynsanyň gazanyp bilmejek ebedi ýaşaýşyny miras alarys (Ýah. 3:16). w15 15/9 3:4, 5
13-nji fewral, duşenbe
Biz söýýäris, sebäbi ilki Hudaý bizi söýdi. 1 Ýah. 4:19
Ýehowanyň «ilki... bizi söýendigi» nämeden görünýär? Pawlus resul: «Biz entek günälikäk, Mesih biziň üçin öldi. Şeýdip, Hudaý bize bolan söýgüsini bildirdi» diýýär (Rim. 5:8). Söýgi—Ýehowanyň esasy häsiýeti. Isa Hudaýyň ilkinji tabşyrygy barada şeýle diýdi: «Ýehowa Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin aň-düşünjäň we bütin güýjüň bilen söý» (Mar. 12:30). Ýehowa biziň ony «bütin ýüregimiz» bilen söýmegimizi isleýär. Eger biz kimdir birini ýa-da nämedir bir zady Ýehowadan artyk söýsek, ony gynandyrarys. Ýöne biziň Ýehowa bolan söýgimiz diňe bir duýga esaslanman, eýsem, ony «bütin aň-düşünjämiz» we «bütin güýjümiz bilen» söýmeli. Hawa, biziň Ýehowa bolan söýgimiz sözde we iş ýüzünde görünmeli (Mika 6:8). w15 15/9 5:1—3
14-nji fewral, sişenbe
Sen hakda gulagym bilen eşidipdim, indi Seni öz gözlerim bilen gördüm. Eýp. 42:5
Biz durmuşymyzda käte Hudaýyň kömegini görüp bilmeýäris. Näme üçin? Sebäbi biz kynçylyklardan ýaňa ruhdan düşüp, Ýehowanyň eden kömegini unudýarys. Ylýas pygamber hem şeýle ýagdaýy başdan geçiripdi. Izebel ony öldürmekçi bolanda, ol gorkudan ýaňa Ýehowanyň beren kömegini az salymlyk ýatdan çykardy. Mukaddes Ýazgylarda Ylýas pygamberiň «öz ölümini diländigi» barada hem aýdylýar (1 Pat. 19:1—4). Onuň dadyna kim ýetişer? Kim ony ruhlandyrar? Elbetde, Ýehowa Hudaý! (1 Pat. 19:14—18). Eýýup pygamber hem kynçylyklara çendenaşa üns berip, Hudaýyň olara nähili garaýandygy barada oýlanmandy (Eýp. 42:3—6). Synaglarda bize-de Hudaýyň kömegini görmek kyn bolýar. Biz munuň üçin näme edip bileris? Bu babatda biz Mukaddes Ýazgylarda berilýän maslahatlar hakynda oýlanmaly. Şonda bizem Ýehowanyň goldawyna we berýän kömegine has-da ynamly bolarys. w15 15/10 1:15, 16
15-nji fewral, çarşenbe
Eý adam, kim meni size kazy ýa-da araçy edip belledi? Luka 12:14
Isa wagyz etmäge köp zat päsgel berip bilerdi, ýöne ol muňa ýol bermedi. Ol gullugyna ýaňy başlanda, Kapernaumda köp adamlara öwredýär we gudrat görkezýär. Şondan soňra adamlar şäherinde galmagy Isadan haýyş etdiler. Isa olaryň haýyşyna näme jogap berdi? Ol: «Men Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary başga şäherlere-de yglan etmeli, sebäbi men şonuň üçin iberildim» diýdi (Luka 4:42—44). Dogrudanam, Isa Palestinanyň ähli ýerlerine aýlanyp, wagyz edýärdi. Isa kämil bolsa-da, Hudaýa janaýaman gulluk edýändigi üçin örän ýadaýardy we dynç almak isleýärdi (Luka 8:23; Ýah. 4:6). Soňra Isa şägirtlerine yzarlamalara döz gelmek babatda öwredip durka, bir adam onuň sözüni bölüp: «Mugallym, doganyma aýt, goý, ol kakamdan galan mirasy meniň bilen paýlaşsyn» diýdi. Ýöne Isa olaryň jedeline goşulmady (Luka 12:13—15). w15 15/10 3:10, 11
16-njy fewral, penşenbe
Hudaý söýgüdir. Ýah. 4:8
Söýgi Hudaýyň iň esasy hem-de wajyp häsiýetidir. Ýehowa bu häsiýete ýöne bir eýe bolman, eýsem, onuň kämil nusgasydyr. Älem-jahanyň we ähli janly-jandarlaryň Ýaradyjysynyň söýgüden doly Hudaýdygyny bilmek, gör, nähili ajaýyp! Hawa, Ýehowa ähli zady söýgi bilen edýär. Ýehowanyň öz ýaradan zatlaryna bolan güýçli hem-de mähirli söýgüsi Hudaýyň adamzat babatdaky niýetleriniň ählisiniň doly ýerine ýetjekdigine we onuň hökümdarlygyna tabyn bolýan adamlara bol bereketleri berjekdigine ynamymyzy berkidýär. Mysal üçin, Ýehowa «öz saýlan adamy arkaly ýer ýüzüniň ähli ýaşaýjylaryny adalatly höküm etmek üçin bir gün belläp» söýgüsini görkezdi (Res. iş. 17:31). Biz munuň hökman boljakdygyna ynanyp bileris. Şonda dogrulyk etmäge jan edýän we Hudaýa gulak asýan adamlara adyl höküm çykarylar hem-de olar ebedi gelejekde egsilmez bereketleriň eýesi bolar. w15 15/11 3:1, 2
17-nji fewral, anna
Duzuň nahary tagamly edişi ýaly, siziň hem sözleriňiz ýakymly bolsun. Kol. 4:6
Wagyz edenimizde adamlaryň käbiri gowy diňlese, käbirleri garşylyk görkezýär. Emma adamlaryň nähili seslenýändigine garamazdan, Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň gullukçylarynyň özüni nähili alyp barmalydygy barada maslahat berilýär. Biz ýakynymyzy söýýändigimiz üçin, umydymyz hakda sorag beren her kese hemişe «ýumşaklyk we çuňňur hormat bilen» jogap berýäris (1 Pet. 3:15). Adamlar bizi kemsidip, wagyz edýän habarymyza gahar bilen garşy çyksalar-da, biz ýakynymyzy söýýändigimizi görkezýäris. Biz Isadan görelde alýarys. Ol «sögenlerinde, sögmedi; ejir çekende, haýbat atmady, gaýtam, özüni adalatly höküm çykarýan Hudaýa tabşyrdy» (1 Pet. 2:23). Biz nirede bolsak-da, imandaşlarymyzyň we başga adamlaryň ýanynda-da kiçigöwünli bolup, «ýamanlyk edene ýamanlyk etmäň, biri-biriňize göwne degiji sözleri aýtmaň» diýen maslahata eýerýäris (1 Pet. 3:8, 9). w15 15/11 4:17, 18
18-nji fewral, şenbe
Olara... çagalaryny söýmegi maslahat ber. Tit. 2:4
Isa şägirtlerini söýýändigini aýtmaga ýaýdanmaýardy (Ýah. 15:9). Ol köplenç wagtyny şägirtleri bilen bile geçirip, olary söýýändigini görkezýärdi (Mar. 6:31, 32; Ýah. 2:2; 21:12, 13). Sizem çagalaryňyzy söýýändigiňizi aýdyp, olary hemişe gymmat saýýandygyňyzy görkeziň (Mat. 3:17). Awstraliýada ýaşaýan Samuil şeýle diýýär: «Men çagakam, her gün agşam kakam maňa „Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar“ kitabyny okap berýärdi. Ol meniň soraglaryma jogap berýärdi we ýatmazymdan öň meni gujaklap, ogşaýardy. Soňra men kakamyň önüp-ösen maşgalasynda şeýle mähiri görmändigini bilenimde gaty haýran galdym. Emma ol hemişe maňa söýgi bildirmäge jan edýärdi. Şeýdip, biz bir-birimize has-da ýakynlaşdyk. Men özümi diýseň rahat hem-de bagtly duýýaryn». Eger sizem çagalaryňyzy söýýändigiňizi ýygy-ýygydan aýtsaňyz, olara özüni rahat duýmaga kömek edip bilersiňiz. Çagalaryňyz bilen gürleşip, oýnap ýa-da bile nahar edinip, olara söýgiňizi bildiriň. w15 15/11 1:3, 4
19-njy fewral, ýekşenbe
Öýdäki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar paýlaryny bermek üçin, hojaýynyň bellän wepaly we paýhasly hyzmatkäri kim? Mat. 24:45
1919-njy ýylda Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň kiçijik topary «wepaly we paýhasly hyzmatkär» bellenilýär. Şol döwürde olar «öýdäki hyzmatkärlere» ruhy iýmiti iňlis dilinde taýýarlaýardy. Emma şu günler Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlar 700-den gowrak dilde çap edilýär. Şeýle-de, asyl nusgadaky sözleri häzirki zaman dilde beýan edýän Mukaddes Ýazgylaryň dogry terjimesi gerekdi. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylaryň Täze dünýä terjimesiniň komiteti döredildi we 1950—1960-njy ýyllarda onuň alty tomy çykaryldy. 1950-nji ýylyň 2-nji awgustynda terjimäniň birinji tomy çykanda, Neýtan Norr dogan bu terjimäniň millionlarça adamlara ruhy taýdan ösmäge kömek etjekdigine tama edýärdi. w15 15/12 1:15, 17
20-nji fewral, duşenbe
Wagyzçy ýakymly sözleri tapmaga çalyşdy. Onuň ýazanlary dogry we hak sözlerdi. Wag. 12:10
Eýsem, size köplenç «ýakymly sözleri» tapmak kyn bolýarmy? Eger şeýle bolsa, onda söz baýlygyňyzy artdyrmaga çalşyň. Munuň üçin Mukaddes Ýazgylarda we biziň edebiýatlarymyzda ulanylýan sözlere üns berip bilersiňiz. Nätanyş sözleriň manysyna düşünjek boluň. Esasanam, olary başgalara kömek etmek üçin nädip ulanmalydygyny öwreniň. Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa bilen onuň ilkinji doglan Oglunyň gatnaşygy barada şeýle diýilýär: «Mejalsyzlara söz bilen ýardam ederim ýaly Hökmürowan Reb maňa (Isa) dana dil berdi» (Iş. 50:4). Biz hem aýtjak zatlarymyz barada öňünden oýlansak, sözleri dogry saýlap bileris (Ýak. 1:19). Şol sebäpli özümize şeýle soraglary bermeli: «Meni diňleýän adam aýtjak bolýan zadyma dogry düşünermi? Bu sözler oňa nähili täsir eder?» w15 15/12 3:12
21-nji fewral, sişenbe
Onuň (Iýerusalimiň) harabaçylyga dönmeli wagty golaýlady. Luka 21:20
Isanyň pygamberlik edişi ýaly, Iýerusalimi «goşunlaryň gabap» alandygyny görenlerinde, Ýahudadaky, esasanam, Iýerusalimdäki mesihçiler aýgytly hereket etmelidi. Isanyň duýduryşy ýaly, olar haýal etmän gaçmalydy (Luka 21:21—24). Isanyň pygamberlik edenine 28 ýyl geçipdi. Ysraýylda ýaşaýan ýewreý mesihçiler ençeme kynçylyklara we yzarlamalara döz gelipdi (Ýew. 10:32—34). Ýöne Pawlus resul olaryň güýçli synaga duş geljekdigini bilýärdi (Mat. 24:20, 21; Ýew. 12:4). Şonuň üçin ol mesihçileriň başyna düşjek synaglara taýýar bolmaklaryny isleýärdi. Olara halas bolmak üçin çydamlylyk gerekdi, imanlary hem berk bolmalydy (Ýew. 10:36—39). Şol sebäpli Pawlus resul Ýehowanyň mukaddes ruhy arkaly dogan-uýalara ýörite hat ýazdy. Häzir şol hata Ýewreýler kitaby diýilýär. w16.01 1:1, 2
22-nji fewral, çarşenbe
Eziz balalarym, eger Hudaý bizi şeýle söýýän bolsa, onda biz hem bir-birimizi söýmäge borçludyrys. 1 Ýah. 4: 11
Hudaý bizi söýer ýaly, bizem dogan-uýalary söýmäge borçludyrys (1 Ýah. 3:16). Biz dogan-uýalara bolan söýgimizi nädip iş ýüzünde görkezip bileris? Geliň, Isanyň mysalyna seredeliň. Ol ýer ýüzünde gulluk edende, garyp adamlara aýratyn üns berýärdi. Isa agsak, kör, ker we lal adamlara kömek etmäge jan edýärdi (Mat. 11:4, 5). Ýehudy dini ýolbaşçylary garyp adamlary «näletlenen» hasaplaýardy, emma Isa olaryň ruhy teşneligini höwes bilen gandyrýardy (Ýah. 7:49). Ol sada adamlary gowy görýärdi, olara janyny aýaman hyzmat edýärdi (Mat. 20:28). Sen ýygnagyňdaky dogan-uýalara nädip kömek edip bilersiň? Sen söýgi bilen edýän kömegiň dogan-uýalara peýda berýändigine göz ýetirersiň. Belki, ýygnagyňyzda kömege mätäç gartaşan dogan ýa uýa bardyr. Biz Hudaýa bolan söýgimizi dogan-uýalara iş ýüzünde söýüp görkezmeli. w16.01 2:12—14
23-nji fewral, penşenbe
Meniň bu agyldakydan başga-da goýunlarym bar; men olary-da getirmelidirin... Şonda bir süri, bir çopan bolar. Ýah. 10:16
Şu günler başga goýunlara degişli mesihçilere mesh edilenleriň hemmesiniň adyny bilmek hökmanmy? Elbetde, ýok! Näme üçin? Sebäbi göge gitjekler entek gökdäki sylagyny däl-de, diňe çakylyk aldylar. Şol sebäpli-de Şeýtan «ýalan pygamberleri döredip... hatda saýlananlary hem aldajak» bolýar (Mat. 24:24). Mesh edilen mesihçiniň gökdäki sylagyny aljakdygyny ýa-da almajakdygyny hiç kim anyk bilmeýär. Ýehowa muny gelejekde çözer. Ýehowa wepaly mesh edilen mesihçisine ölüminiň öň ýanynda ýa-da «agyr muşakgatyň» öňüsyrasynda soňky möhürini basar (Ylh. 2:10; 7:3, 14). Şonuň üçin 144 müňe ahyrsoňy kimleriň degişli boljakdygyny bilmek hökman däl. w16.01 4:2, 3
24-nji fewral, anna
Meniň agzymdan çykýan sözüm... etsin diýip iberen işimde üstünlikli bolar. Iş. 55:11
Biz hoş habary wagyz edip, Ýehowanyň adamzat babatdaky niýetini berjaý edýäris. Adam ata günä eden bolsa-da, Hudaý niýetinden el çekmedi. Ol henizem adamlaryň ýer ýüzünde ebedi ýaşamagyny isleýär. Ýehowa adamlary günäden we ölüm gulçulygyndan azat etmek üçin Isany ýer ýüzüne iberdi. Isa Hudaýa gulak asýan adamlar üçin janyny gurban edip, Hudaýyň islegini ýerine ýetirdi. Adamlar Hudaýa gulak asar ýaly, onuň näme talap edýändigine düşünmeli. Şonuň üçin Isa adamlara Hudaýyň talaplaryny öwredip, olara-da şägirt taýýarlamagy tabşyrdy. Biz adamlara Hudaý bilen ýaraşmaga kömek edip, Ýehowanyň olary günäden we ölümden halas etmek niýetini berjaý edýäris. Şeýle-de biz adamlary we Ýehowany söýýändigimizi görkezýäris. Sebäbi ol «ähli adamlaryň halas bolmagyny we hakykat barada dogry bilim almagyny isleýär» (1 Tim. 2:4). w16.01 5:15, 16
25-nji fewral, şenbe
(Ahaz) öz ogullaryny otdan geçirdi. 2 Ýyl. 28:3
Ahazyň ogly Hizkiýa hem ulalanda Hudaýa garşy çykyp, zalym adam bolup bilerdi. Emma käbirler kän kynçylyga uçramasa-da, «Ýehowa gazaplanyp», onuň guramasyna garşy çykýarlar (Sül. tym. 19:3). Başgalar bolsa ata-enesiniň zalymlyk bilen terbiýeländigi üçin, olaryň goýberen ýalňyşyny gaýtalaryn öýdýärler (Ezek. 18:2, 3). Eýsem, şeýle garaýyş dogrumy? Hizkiýanyň ýaşaýşy munuň şeýle däldigini görkezýär. Ýehowa garşy çykmak üçin bahana gözlemäge bizde hiç hili sebäp ýok. Sebäbi ol bu zalym dünýäde bolýan betbagtçylyklara günäkär däl (Eýp. 34:10). Elbetde, ata-eneler çagalaryna gowy ýa-da erbet täsir edip bilýär (Sül. tym. 22:6; Kol. 3:21). Emma bu adamyň bütin ömrüne alan terbiýesine görä ýaşamalydygyny aňlatmaýar. Sebäbi Ýehowa bize saýlamak erkinligini sowgat berdi. Biz bu sowgat arkaly näme etjekdigimizi we nähili adam boljakdygymyzy kesgitleýäris (Kan. tag. 30:19). w16.02 2:8—10
26-njy fewral, ýekşenbe
Sütemkeşler janymyň kastyna çykdylar. Zeb. 54:3
Abner Hudaýyň Dawudy patyşa edip saýlandygyny bilse-de, Şawul Dawudy öldürjek bolanda, ol patyşany goldady (1 Şam. 26:1—5). Şawul ölenden soňra Abner onuň ogly Yşboşedi däl-de, kiçigöwünlilik bilen Dawudy goldap bilerdi. Şeýdip, ol Hudaýa wepalylygyny görkezerdi. Emma Abner Şawul patyşanyň gyrnagy bilen ýatdy we öz bähbidine çapyp, patyşalyk tagtyny eýelemek islän bolmaly (2 Şam. 2:8—10; 3:6—11). Dawudyň ogly Abşalom hem pesigöwünli däldi. Şol sebäpli ol Hudaýa wepaly bolmady. «Abşalom bir söweş arabasyny, atlary hem-de öz öňünden ýörär ýaly elli adam taýýarlady» (2 Şam. 15:1). Şeýle-de ol adamlaryň özüne wepaly bolmagyny gazandy. Abner ýaly Abşalom hem kakasy Dawudy Ýehowanyň Ysraýyl ýurduna patyşa edip belländigine garamazdan, ony öldürmegiň küýüne düşdi (2 Şam. 15:13, 14; 17:1—4). Abner we Abşalom bilen bolan wakadan görnüşi ýaly, adam öz nebsine çapyp, aňsatlyk bilen Hudaýa biwepa bolup bilýär. Elbetde, Ýehowanyň wepaly gullukçylary öz bähbidini gözläp, şeýle erbet ýola düşmese gerek. w16.02 4:9—11
27-nji fewral, duşenbe
Iman... iş ýüzünde görkezilmese ölüdir. Ýak. 2:17
Dogrudan-da, adamyň imanynyň berkdigini edýän işlerinden görse bolýar. Ýaşlar hem «Hudaýa wepaly bolup, özüňi mukaddes alyp barmaly» (2 Pet. 3:11). «Özüňi mukaddes alyp barmak» üçin ahlak taýdan arassa bolmaly. Senem ahlak taýdan arassa ýaşamaga jan edýärmiň? Soňky alty aýyň dowamynda eden işleriňden «ýagşy we ýamany saýgarmagy öwrenendigiň» görünýärmi? (Ýew. 5:14). Synaga düşeniňde ýa-da deň-duşlaryň täsirine garşy durmaly bolanyňda, özüňi alyp barşyň bilen imanyňy iş ýüzünde görkezýärmiň? Ýa-da üstüňden güldürmejek bolup, klasdaşlaryňa görä bolýarmyň? (1 Pet. 4:3, 4). Elbetde, biziň ählimiz bikämil. Ýehowa ençeme ýyldan bäri gulluk edýän dogan-uýalaram käte köpçülikde imany barada gürrüň bermäge çekinýärler. Emma özüni Ýehowa bagyş eden adam Hudaýyň adyny göterýändigine buýsanýar we muny özüni alyp barşy bilen görkezýär. w16.03 2:10, 11
28-nji fewral, sişenbe
Ýol budur, şundan ýöräň. Iş. 30:21
Bütin taryhyň dowamynda Ýehowa gullukçylaryna anyk görkezmeleri we tabşyryklary berýärdi. Meselem, Hudaý Erem bagynda ähli adamlaryň bagtly we ebedi ýaşamagy üçin aýdyň görkezmeleri berdi (Gel. çyk. 2:15—17). Eger Adam ata bilen How ene Ýehowanyň görkezmesine gulak asan bolsa, gaýgy-hasratdan doly durmuşda ýaşap, hiç hili umytsyz ölmeli bolmazdy. Gynansak-da, How ene Hudaýa gulak asman, haýsydyr bir jandaryň sözüne ynandy. Adam ata bolsa aýalyny, ýagny ýönekeý ynsany diňledi. Olaryň ikisi hem söýgüden doly Atasynyň görkezmesinden ýüz öwürdiler. Şeýdip, ynsan maşgalasy heläkçilik ýoluna düşdi. Şu günler Ýehowa öz halkyna käbir howpsuzlyk duýduryşlaryny bermek bilen çäklenmän, olara ebedi ýaşaýyş ýoluny görkezip, ähli howplardan goraýar. Hudaý mähirli çopan kimin sürüsiniň aladasyny edip, goýunlaryny dürli howplardan goramak üçin görkezme we duýduryş berýär. w16.03 4:2, 3