Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es17 sah. 26—36
  • Mart

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mart
  • Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2017
  • Sözbaşylar
  • 1-nji mart, çarşenbe
  • 2-nji mart, penşenbe
  • 3-nji mart, anna
  • 4-nji mart, şenbe
  • 5-nji mart, ýekşenbe
  • 6-njy mart, duşenbe
  • 7-nji mart, sişenbe
  • 8-nji mart, çarşenbe
  • 9-njy mart, penşenbe
  • 10-njy mart, anna
  • 11-nji mart, şenbe
  • 12-nji mart, ýekşenbe
  • 13-nji mart, duşenbe
  • 14-nji mart, sişenbe
  • 15-nji mart, çarşenbe
  • 16-njy mart, penşenbe
  • 17-nji mart, anna
  • 18-nji mart, şenbe
  • 19-njy mart, ýekşenbe
  • 20-nji mart, duşenbe
  • 21-nji mart, sişenbe
  • 22-nji mart, çarşenbe
  • 23-nji mart, penşenbe
  • 24-nji mart, anna
  • 25-nji mart, şenbe
  • 26-njy mart, ýekşenbe
  • 27-nji mart, duşenbe
  • 28-nji mart, sişenbe
  • 29-njy mart, çarşenbe
  • 30-njy mart, penşenbe
  • 31-nji mart, anna
Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2017
es17 sah. 26—36

Mart

1-nji mart, çarşenbe

Siz ertir näme boljagyny bilmeýärsiňiz. Ýak. 4:14

Gelejegiň pikirini edýän ýaşulular Ýehowanyň guzularynyň ýürekden aladasyny edip, toplan tejribesini ýaş doganlara öwredýärler (Zeb. 71:17, 18).Ýaşulularyň doganlary taýýarlamagynyň peýdasy bar. Olar ýygnagy berkidýär. Nädip? Ýaşulular näçe köp doganlary taýýarlasa, şonça-da ýygnagyň berk hem agzybir bolmagyna kömek edýär. Bu diňe bir häzir däl-de, eýsem, uly muşakgatyň kyn günlerinde-de peýdaly bolar (Ezek. 38:10—12; Mika 5:5, 6). Gadyrly ýaşulular, şu günden başlap, doganlary taýýarlamagy birinji orunda goýmagy sizden haýyş edýäris! Elbetde, siziň ýygnakdaky wajyp işlere zordan ýetişýändigiňize düşünýäris. Emma doganlary ýygnakda jogapkärli borçlary almaga taýýarlamak üçin wagt tapsaňyz, gowy bolardy (Wag. 3:1). Şonda siz gelejege gowy taýýarlyk görersiňiz. w15 15/4 1:8—10

2-nji mart, penşenbe

Yzyňyzdan: «Ýol budur, şundan ýöräň» diýen sesi eşidersiňiz. Iş. 30:21

Ýehowa habaryny Mukaddes Ýazgylar arkaly ähli adamlara ýetirýär. Mukaddes Ýazgylarda Hudaýa ýakynlaşmak üçin näme etmelidigi barada aýdylýarmy? Elbetde! Mukaddes Ýazgylary her gün okap, onuň ýüregiňize we durmuşyňyza nähili täsir edýändigi barada oýlanyň. Ýehowa Sözi arkaly siziň bilen gepleşýär we siz onuň bilen gowy dost bolýarsyňyz (Ýew. 4:12; Ýak. 1:23—25). Isanyň «ýer ýüzünde hazyna ýygnamagyňyzy bes ediň» diýen sözleri hakynda çuňňur oýlanyp göreliň. Eger siz Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýan bolsaňyz, onda bu sözleri Ýehowanyň öwgüsi hökmünde kabul ediň. Emma indi durmuşyňyzy özgerdip, Patyşalyk işlerini birinji orunda goýmakçy bolsaňyz, onda bu aýada Ýehowanyň berýän görkezmesi hökmünde garaň. Şonda siz Ýehowa bilen dostlaşarsyňyz (Mat. 6:19, 20). w15 15/4 3:3—5

3-nji mart, anna

Emma wagyz işi men arkaly doly berjaý bolup, ähli halklar eşider ýaly, Halypamyz maňa kömek etdi we güýç berdi. Şeýdip, men ýolbarsyň agzyndan halas boldum. 2 Tim. 4:17

Biz hem Pawlus resul ýaly wagyz işine yhlasly gatnaşsak, Ýehowanyň bizi ähli gerekli zatlar bilen üpjün etjekdigine ynanyp bileris (Mat. 6:33). Hudaýyň Patyşalygynyň wagyzçylary hökmünde bize hoş habary wagyz etmek «tabşyryldy». Ýehowa bizi «işdeşleri» bolmaga mynasyp gördi (1 Sel. 2:4; 1 Kor. 3:9). Eger biz muňa yhlasly gatnaşsak, Hudaýyň dogalarymyza jogap bermegine garaşmak kyn bolmaz. Geliň, Ýehowa bilen dostlugymyzy berkideliň. Kynçylyklara Hudaýa ýakynlaşmaga mümkinçilik hökmünde garalyň. Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrenip, yzygiderli doga edip, ruhy işlere yhlasly gatnaşalyň. Şonda Ýehowanyň bizi häzirem, gelejekde-de goldajakdygyna ynamly bolarys. w15 15/4 4:17, 18

4-nji mart, şenbe

Araňyzda näme üçin uruş we dawa-jenjel bolýar? Ýak. 4:1

Tekepbirlik ýygnakdaky agzybirligi bozýar. Elbetde, mesihçiler beýle zatlara ýygnakda ýol bermeli däl. Ýöne tekepbirlik sebäpli imandaşlaryň arasynda düşünişmezlik döräp, ýygnagyň agzybirligini bozup biler. Hawa, duşmançylyk we göwniýetmezçilik ýaly garaýyşlar biziň ýüregimizde kök uran bolsa, onda gepleýşimiz hem-de özümizi alyp barşymyz bilen başgalara bitmejek ýara salarys (Sül. tym. 12:18). Biziň özümize çendenaşa göwnümiz ýetýän bolsa, onda «ähli tekepbirligiň Rebbe ýigrenjidigini» ýatdan çykarmalyň (Sül. tym. 16:5). Biz başga jynsly, milletli ýa-da medeniýetli adamlara bolan garaýşymyzy barlap durmaly. Eger biz milletimize ýa-da tirämize buýsansak, onda Hudaýyň «bir adam arkaly ähli milletleri döredendigini» unudýandyrys (Res. iş. 17:26). Aslynda, dünýäde bir millet bar diýse bolar, çünki biziň hemmämiz Adam atanyň nesli. Şol sebäpli bir milleti beýgeltmek ýa-da peseltmek akylsyzlyk bolardy. Şeýtan şeýle garaýyş arkaly mesihçileriň arasyndaky söýgini we agzybirligi bozýar (Ýah. 13:35). Biz Şeýtany ýeňmek üçin tekepbirligiň ähli görnüşlerinden gaça durmaly (Sül. tym. 16:18). w15 15/5 2:7, 8

5-nji mart, ýekşenbe

Hudaýdan görelde alyň. Efes. 5:1

Hudaý wepaly mesh edilen mesihçilere gökde «çüýremeýän bedeni», Isanyň wepaly «başga goýunlaryna» ýerde ebedi ýaşaýşy wada berýär. Biz muňa örän begenýäris (Ýah. 10:16; 17:3; 1 Kor. 15:53). Elbetde, gökdäki ölümsiz ýaşaýyşda-da we ýerdäki ebedi ýaşaýyşda-da horluk bolmaz. Ýehowa Müsür gulçulygynda ejir çekýän ysraýyl halkynyň ýagdaýyny bilşi ýaly, biziňem gaýgy-aladamyza biparh garamaýar. Hudaý ysraýyllylar «azap çekende, gynandy» (Iş. 63:9). Birnäçe asyr geçenden soňra ýehudylar ybadathanany dikeltmek isleýärler, ýöne duşmanlar garşy çykanda, olar gorka düşýärler. Şonda Ýehowa: «(Size) degen hut Meniň görejime degýändir» diýip, olary ruhlandyrdy (Zak. 2:8). Enäniň öz balasyna mähirli garaýşy ýaly, Ýehowa hem söýgi bilen halkynyň aladasyny edýär (Iş. 49:15). Görşümiz ýaly, Ýehowa özüni başgalaryň ýerine goýýar. Ol şeýle ukyby bize-de berýär (Zeb. 103:13, 14). w15 15/5 4:2

6-njy mart, duşenbe

Garyplar hemişe siziň ýanyňyzda bolarlar. Mat. 26:11

Isanyň bu sözleri garyplaryň hemişe ýer ýüzünde bolmalydygyny aňladýarmy? Ýok, ol garyplaryň zalym dünýaniň soňuna çenli boljakdygyny göz öňünde tutýar. Şu günler adalatsyz ynsan hökümeti adamlaryň zerurlyklaryny kanagatlandyryp bilmeýär. Emma tizden muny gözüňiz bilen görersiňiz! (Zeb. 72:16). Isanyň görkezen gudratlary ähli zada güýjüniň ýetýändigini we biziň aladamyzy etmek isleýändigini subut edýär (Mat. 14:14—21). Biz gudrat görkezip bilmesek-de, adamlara Hudaýyň hoş habaryny gürrüň berip bilýäris. Mukaddes Ýazgylarda ajaýyp gelejek barada aýdylýar. Özüni Ýehowa bagyş edip, onuň Şaýady bolan adamlar gelejek barada gürrüň bermäge borçludyrlar (Rim. 1:14, 15). Bu hormatly iş barada oýlansaňyz, Hudaýyň Patyşalygyny höwes bilen wagyz edersiňiz (Zeb. 45:1; 49:3). w15 15/6 1:7, 10, 11

7-nji mart, sişenbe

Elleriňizi arassalaň, eý ikigöwünliler, ýürekleriňizi tämizläň. Ýak. 4:8

Biz Ýehowa bilen dostlugymyzy gymmat saýsak, onda pikirimizde we ähli zatda Onuň göwnünden turmaga jan ederis. Eger biz arassa, wajyp we öwgä mynasyp zatlar hakynda oýlansak, «ýüregimizi tämiz» saklap bileris (Zeb. 24:3, 4; 51:6; Flp. 4:8). Elbetde, Ýehowa biziň bikämildigimizi we erbet pikirlere ýykgyndygymyzy bilýär. Emma biz göreşmegiň deregine, ýüregimizde erbet pikirleri ösdürsek Hudaýy gynandyrarys (Gel. çyk. 6:5, 6). Şeýle zatlar barada çuňňur oýlanmaklyk pikirimizi arassalamaga kömek eder. Biz nädogry pikirlere garşy durmak we Ýehowa doly bil baglamak üçin doga etmeli. Şonda biz Ýehowa ýakynlaşarys, ol hem bize ýakynlaşar. Biz ahalak taýdan arassa galmak üçin ahlaksyz pikirlere garşy göreşsek, Ýehowa jomartlyk bilen mukaddes ruhuny berer. w15 15/6 3:4, 5

8-nji mart, çarşenbe

Bize gündelik iýjek çöregimizi her gün ber. Mat. 6:11

Üns beren bolsaňyz, biz «çöregim» däl-de, «çöregimiz» diýip doga etmeli. Afrikada etrap gözegçisi bolup gulluk edýän Wiktor şeýle gürrüň berýär: «Men aýalym bilen ertir näme iýeris, nirede ýatarys diýip alada etmeýäris. Munuň üçin Ýehowa hemişe dogamda minnetdarlyk bildirýärin. Dogan-uýalar biziň ýürekden aladamyzy edýärler, menem öz gezegimde olaryň duş gelýän ykdysady kynçylyklaryna döz gelmekleri üçin Ýehowa doga edýärin». Belki, biz iýmit barada alada edýän däldiris. Emma tebigy betbagtçylyga uçran we mätäç dogan-uýalar barada oýlanyň. Biz olar üçin doga edip, dogamyza görä hereket etmeli. Meselem, biz mätäç dogan-uýalara elimizden gelen kömegi edip bileris. Mundan başga-da, bütindünýä wagyz işini goldamak üçin pul kömegini berip bileris. Sebäbi berilýän sadakalar ýagşy işlere sarp edilýär (1 Ýah. 3:17). w15 15/6 5:4—6

9-njy mart, penşenbe

Hudaý ebedi we mydamlyk biziň Hudaýymyzdyr; ölüme çenli Ol bize ýol görkezer. Zeb. 48:14

Işaýa 60:17-de Ýehowanyň ýerdäki guramasynyň üstünlik gazanjakdygy barada pygamberlik edilýär. Bu özgerişikler barada ýaşlar we ýaňy-ýakynda suwa çümdürilenler okap ýa-da başgalardan eşidip bilýärler. Emma dogan-uýalaryň köpüsi pygamberligiň ýerine ýetmegine goşant goşýarlar. Olar Ýehowanyň Patyşamyz Isa arkaly ýolbaşçylyk edýändigine ynanýarlar. Dogan-uýalaryň yhlasly edýän gullugy barada eşidenimizde, biziň Ýehowa has-da umydymyz berkäp, Oňa bil baglaýarys. Biz Ýehowa ençeme ýyldan bäri gulluk edip, adamlara onuň guramasy barada gürrüň berýäris. Biz azgyn, ýigrençden we zalymlykdan doly dünýäde ruhy jennetiň bardygyna begenýäris! w15 15/7 1:12, 13

10-njy mart, anna

Olar patyşalary ýewreýçe Armageddon diýen ýere ýygnadylar. Ylh. 16:16

Armageddon urşunda Ýehowanyň mukaddes ady şöhratlandyrylar. Şonda «geçiler» hemişelik ýok ediler. Ýer ýüzi erbetlikden doly arassalanar we uly märeke muşakgatyň tamamlanyşyny görer (Mat. 25:31—33, 46). Şeýle wakalaryň boljakdygyny bilip, biziň her birimiz näme etmeli? Hudaýyň ylhamy bilen Petrus resul şeýle diýýär: «Eger bularyň ählisi şeýle dargajak bolsa, onda siz nähili adamdygyňyz we etmeli işleriňiz barada oýlanmalysyňyz. Hudaýa wepaly bolup, özüňizi mukaddes alyp baryň. Ýehowanyň geljek gününe garaşyň we ondan ünsüňizi sowmaň... Eziz doganlarym, siz bolsa bu zatlara garaşyp, ahyrsoňy Hudaýyň öňünde päk, ýazyksyz hasaplanar ýaly, onuň bilen gowy gatnaşykda bolmak üçin eliňizde baryny ediň» (2 Pet. 3:11, 12, 14). Şol sebäpli, geliň, ruhy taýdan arassa bolup, Parahatlyk Patyşasyny goldalyň! w15 15/7 2:17, 18

11-nji mart, şenbe

Öýi Reb bina etmese, bina edýänleriň zähmeti biderekdir. Zeb. 127:1

Ýehowanyň guramasy Ýygnak jaýlarynyň gurluşyk işini uly depginde alyp barýarlar. Dogan-uýalar olaryň çyzgysyny çyzmak, gurmak we olarda abatlaýyş işlerini geçirmek üçin meýletin kömek edýärler. 1999-njy ýylyň 1-nji noýabryndan bäri, bütin dünýäde 28 müňden gowrak Hudaýa sežde edilýän Ýygnak jaylary guruldy. Ortaça alanyňda, 15 ýylyň içinde her gün 5 sany Yygnak jaýlary gurulýar. Guramamyz Ýygnak jaylaryny dünýäniň ähli künjeginde gurýar. Biz Mukaddes Ýazgylaryň kada-kanunlaryna eýerip, imandaşlarymyzyň «ýetmezçiligini dolduryp», söýgi bilen goldaýarys (2 Kor. 8:13—15). Ykdysady ýagdaýy pese düşen ýurtlarda-da, dogan-uýalaryň Hudaýa sežde etmekleri üçin Ýygnak jaylary gurulýar. w15 15/7 4:9—11

12-nji mart, ýekşenbe

Sen oňa garaş. Hab. 2:3

Isanyň «oýa boluň» diýen tabşyrygyna gulak asýan adamlar Mesihiň gelendigini görkezýän alamatlaryň amala aşýandygyna doly göz ýetirýärler (Mat. 24:27, 42). 1914-nji ýyldan bäri soňky günleriň alamatlarynyň ýerine ýetýändigi mese-mälim görünýär. Hawa, biz häzir soňky günlerde ýaşaýarys. Olar belli bir döwür dowam edip, bu zalym dünýäniň ýok edilmegi bilen tamamlanar (Mat. 24:3). Şu günler mesihçiler dünýäniň soňunyň gelmegine näme üçin garaşýarlar? Sebäbi olar Isa Mesihiň duýduryşyna gulak asýarlar we onuň gelmeginiň alamatyna göz ýetirýärler. Biziň imanymyz boş zatlara däl-de, Mukaddes Ýazgylardaky pygamberliklere esaslanýar. Şol sebäpli biz oýa bolup, zalym dünýäniň soňunyň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. w15 15/8 2:8, 9

13-nji mart, duşenbe

Eliňi açyp, ähli dirileri islegleri boýunça doýurýarsyň. Zeb. 145:16

Hudaýyň wada beren täze dünýäsinde her bir adam gowy görýän işlerinden lezzet alar. Adamzady çekýän zähmetinden lezzet almak üçin ýaradan Ýehowa Hudaý bize şatlyk tapmaga mümkinçilik döretmezmi näme?! (Wag. 2:24). Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň «ähli dirileri islegleri boýunça doýurjakdygy» aýdylýar. Elbetde, biz şu günler dynç alyp, şatlyk tapýarys, ýöne Ýehowa bilen dostlugymyzy berkitsek, ýaşaýyşdan lezzet hem alarys. Şeýtmek bilen, biz Jennetde has-da bagtly bolarys. Şol sebäpli biz Patyşalygy birinji orunda goýmaly we Ýehowanyň häzirki berýän ruhy bereketlerine nazarymyzy dikip, öz bähbidimize çapmaly däl (Mat. 6:33). Bize Jennetde garaşylmadyk bereketler eçiler. Hakyky ýaşaýyşa ýetmek isleýändigimizi görkezmek üçin häzirden oňa taýýarlyk göreliň. w15 15/8 3:17, 18

14-nji mart, sişenbe

Hudaýyň islegine laýyk gelýän hakyky dogrulyga we wepalylyga esaslanan täze häsiýetlere geýniň. Efes. 4:24

Isa kämil bolsa-da, bikämil adamlaryň arasynda önüp-ösdi. Ony bikämil ata-enesi terbiýeledi we ol bikämil dogan-uýalary bilen ýaşady. Hatda Isanyň iň ýakyn ýoldaşlary bolan resullar hem şöhratparazlyk we tekepbirlik ruhunyň täsirine düşdüler. Meselem, Isanyň ölmeziniň öň ýanyndaky gijesi resullaryň «arasynda kimiň uludygy hakda uly dawa turdy» (Luka 22:24). Emma Isa resullaryň bikämilligine garamazdan, agzybir bolup, ruhy taýdan berkejekdigine umyt edýärdi. Şol sebäpli Isa şol gije resullarynyň agzybir bolmagy üçin gökdäki Atasyna şeýle doga etdi: «Seniň meniň bilen, meniň hem seniň bilen birlikde bolşum ýaly, olaryň ählisi-de birlikde bolarlar. Şeýlelikde, olar biziň bilen birlikde bolarlar... Olar hem biziň ýaly birlikde bolar» (Ýah. 17:21, 22). w15 15/9 1:10, 11

15-nji mart, çarşenbe

Isa oňa: «Gel!» diýdi. Şonda Petrus gaýykdan çykdy-da, suwuň ýüzünden ýöräp, Isa tarap gitdi. Mat. 14:29

Petrus resul suwuň ýüzünden ýöräp başlanda, tupandyr tolkunlar möwç urýardy. Olary Hudaýa özümizi bagyş edenimizden soňra duş gelýän synaglara we erbet höweslere meňzetse bolar. Emma biz synaglarda Ýehowanyň goldawy bilen berk durup bileris. Mukaddes Ýazgylarda Petrusyň harasat ýa-da tolkun sebäpli däl-de, «güýçli tolkunlara seredip gorkandygy» we gark bolandygy aýdylýar (Mat. 14:24—32). Ol nazaryny Isadan sowanda, imany gowşady. Eger bizem «güýçli tolkunlara» üns bersek, Ýehowanyň goldawyna şübhelenip, gark bolup bileris. Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, «aňsatlyk bilen çolaşdyrýan günä» sebäpli imanymyzyň gowşamagy mümkin. Şonuň üçin biz imanymyz gowşamaz diýip pikir etmek nädogry bolardy (Ýew. 12:1). Petrus bilen bolan wakadan görnüşi ýaly, nazarymyzy kynçylyklarymyza diksek, biziňem imanymyz gowşar. w15 15/9 3:1, 6, 7

16-njy mart, penşenbe

Her bir gowy we kämil sowgat ýokardan, asmandaky nurlar Atasyndan inýändir. Ýak. 1:17

Siz sowgat beren adama sag bol aýdýarsyňyzmy? Eger sowgady gymmat saýsaňyz, ony aýawly saklarsyňyz gerek. Ýehowa gerekli zatlar bilen üpjün edip, biziň bagtly ýaşamagymyzy isleýär. Şeýle sowgatlar üçin Hudaýa minnetdar bolmaly dälmi näme?! Ýehowa ysraýyllylara ençeme bereketleri berdi. Ol ýüzlerçe ýylyň dowamynda halkyna kanun we görkezme berip, olary gerekli zatlary bilen üpjün edýärdi (Kan. tag. 4:7, 8). Ysraýyllylar Hudaýyň kanunyna gulak asyp, minnetdardygyny görkezýärdiler. Meselem, olar «ýerlerinden önen ilkinji miwelerini» Ýehowa sadaka hökmünde bermelidiler (Müs. çyk. 23:19). Olar Ýehowa gulak asyp, iň gowy zadyny oňa berseler, bereket aljakdyklaryny bilýärdiler (Kan. tag. 8:7—11). w15 15/9 5:5, 6

17-nji mart, anna

Ýüregi päk adamlar bagtlydyr, sebäbi olar Hudaýy görerler. Mat. 5:8

Ýehowanyň bize edýän kömegi nämeden görünýär? Geliň, durmuşda bolýan bäş ýagdaý barada oýlanyp göreliň: 1) Hudaý size hakykaty tapmaga kömek edendir; 2) siz ýygnak duşuşygynda bir pikiri eşideniňizde: «Bu-la maňa degişli eken!» diýensiňiz; 3) dogaňyza Hudaýyň jogap berendigine göz ýetirensiňiz; 4) Ýehowa size köpräk gulluk etmek üçin goýan maksadyňyza ýetmäge ýardam berendir; 5) ruhy zatlara päsgel berýän işiňizden çykanyňyzda, Hudaýyň «seni asla taşlamaryn» diýen wadasynyň hakykatdygyna göz ýetirensiňiz (Ýew. 13:5). Hawa, biz Ýehowa bilen dostlugymyzy berkitsek, «ýüregimiz päk» bolsa onuň berýän kömegini görüp bileris. Biz nädip «ýüregimizi päk» saklap bileris? Biz arassa oý-pikirde bolup, erbet endiklerden gaça durmaly (2 Kor. 4:2). Biz ruhy taýdan berkesek we dogry hereket etsek, Hudaýy görýän adamlaryň arasynda bolarys. w15 15/10 1:17, 19

18-nji mart, şenbe

Gullukçym bolan adamy Atam hem hormatlar. Ýah. 12:26

Iýerusalimde grek prozelitler hem bardy. Olar Isanyň eden işlerine haýran galyp, Filipusa Mesih bilen duşurmagy haýyş etdiler. Emma Isa etmeli iň wajyp zada kimdir biriniň päsgel bermegine ýol bermedi. Elbetde, ol at-abraý gazanyp, töleg gurbanyny bermekden ýüz öwürmek islemeýärdi. Şol sebäpli ol tizden öldüriljekdigini Andreas bilen Filipusa düşündirenden soňra: «Öz janyny söýýän adam ony ýitirer, ýöne bu dünýäde janyny ýigrenýän adam ony ebedi ýaşaýyş üçin halas eder» diýdi. Isa grekleri bilesigeliji bolman, özüniň janaýamazlyk häsiýetinden görelde almaga höweslendirdi we şu günki aýatdaky sözleri aýtdy. Elbetde, Filipus greklere Isanyň aýdan sözlerini ýetiren bolmaly (Ýah. 12:20—25). Isa esasy zada, ýagny hoş habary wagyz etmäge hiç bir zadyň päsgel bermegine ýol bermese-de, ol hemişe özüne tabşyrylan ýumuş barada oýlanyp ýörmedi. w15 15/10 3:13, 14

19-njy mart, ýekşenbe

Men söýýänlerimiň ählisine käýäp, temmi berýändirin. Ylh. 3:19

Şägirtler aralarynda kimiň uludygy barada gaýta-gaýta jedelleşseler-de, Isa olar hiç wagt düzelmez diýip pikir etmedi. Şeýle-de olar Isanyň maslahatyna eýermänlerinde, ol muňa sowuk-sala garamady. Isa amatly wagtda we ýerde olara söýgi hem-de mähir bilen käýinç berdi (Mar. 9:33—37). Çagalaryňyza terbiýe berip, olary söýýändigiňizi görkeziň. Käwagt nämedir bir zadyň dogrudygyny ýa-da nädogrudygyny düşündirmek ýeterlik bolýar. Käbir ýagdaýlarda bolsa, çaga siziň aýdýan zatlaryňyza gulak asmazlygy mümkin (Sül. tym. 22:15). Şonda Isanyň göreldesine eýeriň. Ýerlikli wagtda hem-de ýerde çagalaryňyza sabyrlylyk bilen görkezme we düzediş berip öwrediň. Olara söýgi hem-de mähir bilen terbiýe beriň. Günorta Afrikada ýaşaýan Eleýn atly uýa şeýle diýýär: «Ejem bilen kakam maňa terbiýe berenlerinde hiç haçan gahar bilen ýa-da sebäbini düşündirmän temmi bermeýärdiler. Şol sebäpli men özümi ynamly duýýaryn. Men öz çägimi bilýärin we menden näme talap edilýändigine düşünýärin». w15 15/11 1:5, 6

20-nji mart, duşenbe

Hudaý söýgüdir. 1 Ýah. 4:16

Oýlanyp görüň, eger Hudaý adamlary söýmedik bolsa, onda durmuş nähili bolardy? Biz dünýäniň zalym we gaharjaň taňrysy Iblisiň goly astyndaky hökümetleriň elhenç taryhyna ser salmaly bolardyk (2 Kor. 4:4; 1 Ýah. 5:19; Ylh. 12:9, 12). Bu bize Älem-jahanda Hudaýyň söýgüsi bolmadyk bolsa, gelejegiň nähili aýylganç boljakdygyny görkezýär. Iblis Ýehowanyň hökümdarlygyna garşy pitne turzanda, ilkinji ynsan maşgalasyny hem şeýle etmäge iterdi. Şeýtan Hudaýyň Älemiň üstünden höküm sürmäge haklydygyny we onuň hökümdarlygynyň dogrulygyny şübhä goýdy. Aslynda, Iblis özüniň Ýaradyjydan has gowy höküm sürjekdigini aýtdy (Gel. çyk. 3:1—5). Ýehowa Şeýtana sözüni subut etmäge mümkinçilik berdi, emma bu wagtlaýyndy. Ýehowa beýik akyldarlygy bilen hereket edip, Hudaýyň hökümdarlygyndan başga islendik hökümetiň ygtybarly däldigini äşgär etmek üçin ýeterlikli wagt berdi. Adamzadyň pajygaly taryhy ynsan hökümetleriniňem, Şeýtanyňam gowy höküm sürüp, bizi gerekli zatlary berip bilmeýändigini görkezýär. w15 15/11 3:3, 4

21-nji mart, sişenbe

Muny ýumşaklyk we çuňňur hormat bilen ediň. 1 Pet. 3:15

Ýehowanyň halky kiçigöwünli bolmak bilen, Isanyň beren wajyp tabşyrygyna eýerýär. Ol Dagdaky wagzynda şeýle sözleri aýtdy: «Siz: „Ýakynyňy söý we duşmanyňy ýigren“ diýlenini eşidensiňiz. Emma men size şeýle diýýärin: duşmanlaryňyzy söýüň we sizi yzarlaýanlar üçin doga ediň. Şonda siz gökdäki Ataňyzyň perzentleri bolarsyňyz. Sebäbi ol Gününi hem erbetleriň, hem ýagşylaryň üstünden dogurýar; ýagmyryny hem dogrularyň, hem egrileriň üstünden ýagdyrýar» (Mat. 5:43—45). Hawa, duşmanlarymyz bize nähili garaýyşda bolsa-da, biz Hudaýyň gullukçylary hökmünde olary söýmeli. Ýehowanyň gullukçylary garaýşy we edýän işleri bilen Ýehowany hem-de ýakynyny söýýändigini durmuşynyň ähli pudagynda görkezmeli. Käbir adamlar Patyşalyk baradaky hoş habary kabul etmese-de, biz olary kömege mätäç bolanlarynda goldap, ýakynymyzy söýýändigimizi görkezýäris. w15 15/11 4:17, 19, 20

22-nji mart, çarşenbe

Olar okalyp berlen sözlere düşünipdiler. Neh. 8:12

Hudaýyň halky geplemek ukybyny hemişe Ýehowany şöhratlandyrmak we adamlara onuň islegi barada öwretmek üçin ulanýar. Soňky ýyllarda bolsa, olar şol ukybyny Mukaddes Ýazgylary terjime etmek üçin ulanyp, arassa seždäni ýürekden goldaýarlar. Mukaddes Ýazgylaryň müňlerçe terjimesi bolsa-da, olaryň käbirinde asyl nusgadaky sözler has dogry we anyk terjime edildi. 1940-njy ýyllarda Mukaddes Ýazgylaryň Täze dünýä terjimesiniň komiteti, esasan, şu üç prinsipe eýermegi makul bildi. Mukaddes Ýazgylar başga-da 130-dan gowrak dile terjime edilende hem şu üç prinsipe esaslanyldy: 1) Mukaddes Ýazgylaryň asyl nusgasynda duş gelýän ýerleriniň ählisinde Hudaýyň adyny dikeldip, ony mukaddes etmek (Mat. 6:9); 2) asyl nusgadaky sözleri, mümkin boldugyndan, sözme-söz terjime etmek, emma munuň bilen sözleriň manysy ýoýulýan bolsa, onda manysyna görä terjime etmek; 3) düşnükli we okamak aňsat bolar ýaly terjime etmek (Neh. 8:8). w15 15/12 2:1, 2

23-nji mart, penşenbe

Eger surnaý hem näbelli ses çykarsa, onda söweşe kim taýýarlanar? 1 Kor. 14:8

Surnaý näbelli ses çykarsa, onda şol goşuna näme bolardy? Şonuň ýaly biziň aýdýan zatlarymyz düşnüksiz ýa-da aýlawly bolsa, onda adamlar oňa nädogry düşünmekleri mümkin (1 Kor. 14:9). Emma biz düşnükli geplemäge çalyşsak-da, gödek ýa-da sypaýyçylyksyz bolmak islemeýäris. Isa ýerlikli sözleri saýlamakda ajaýyp görelde galdyrdy. Geliň, Mattanyň 5—7-nji baplaryndaky Isanyň gysga, ýöne çuň manyly sözlerine seredeliň. Isa gödek, göwne degiji, düşünmesi kyn ýa-da gerekmejek sözleri ulanman, gaýtam, diňleýjileriniň ýüregine täsir etmek üçin sada we düşnükli dilde öwretdi. Meselem, ol adamlaryň gündelik çöregi barada çendenaşa biynjalyklanmaly däldigini düşündirmek üçin, Ýehowanyň gögüň guşlaryny nädip iýmitlendirýändigini agzap geçdi. Soňra ol diňleýjilerini guşlara deňäp: «Siz olardan has gymmatly dälmi näme?» diýdi (Mat. 6:26). Eýsem, bu sada we düşnükli sözler ýüregiňe jüňk bolmaýarmy näme?! w15 15/12 3:13, 14

24-nji mart, anna

Bir-biriňize mundan beýläk-de doganlyk söýgiňiz bolsun. Ýew. 13:1

Doganlyk söýgüsi nämäni aňladýar? Pawlusyň «filadelfiýa» diýen grek sözi göni manyda «dogana bolan söýgini» aňladýar. Şeýle söýgi maşgala agzalaryň ýa-da ýakyn dostlaryň arasyndaky güýçli, mähirli we ýakyn gatnaşygy görkezýär (Ýah. 11:36). Biz biri-birimize ýalandan däl-de, hakyky dogan-uýa ýaly garaýarys (Mat. 23:8). Birek-birege bolan güýçli söýgimizi: «Doganlyk söýgiňiz mähirli bolsun. Birek-birege hormat goýmaga taýyn boluň» diýen sözler bilen beýan etse bolýar (Rim. 12:10). Hudaýyň prinsiplerine esaslanan «agape» söýgüsi bilen birlikde, doganlyk söýgüsi Ýehowanyň halkynyň arasyndaky ýakyn gatnaşygy görkezýär. Mesihçiler islendik milletden bolan dogany ýa-da uýany öz dogany ýaly görýärler (Rim. 10:12). Ýehowa bize birek-biregi dogan ýaly söýmegi öwredýär (1 Sel. 4:9). w16.01 1:5, 6

25-nji mart, şenbe

Mesihiň söýgüsi iterýändir. 2 Kor. 5:14

Biz Isany söýsek, ýürekden wagyz ederis we şägirt taýýarlarys (Mat. 28:19, 20; Luka 4:43). Ýatlama agşamy döwri 30 ýa 50 sagat wagyz edip, kömekçi pioner bolup bileris. Biz pioner bolup gulluk etmek üçin gün tertibimizi üýtgedip bileris. Aýaly aýrylan 84 ýaşly doganymyz gartaşandygy we ýarawsyzdygy sebäpli kömekçi pioner bolup gulluk edip bilmerin öýtdi. Ýöne pioner dogan-uýalar oňa bu maksadyna ýetmäge kömek etdiler. Olar doganymyza meýdança berlende, onuň ýagdaýyny göz öňünde tutdular we wagyz edýän ýerine maşynly gatnatdylar. Şol sebäpli ol 30 sagat wagyz edip bildi. Sizem Ýatlama agşamy döwri kimdir birine kömekçi pioner bolup gulluk etmäge kömek edip bilersiňizmi? Elbetde, ählimiziň kömekçi pioner bolmaga ýagdaýymyz ýokdur. Ýöne öňkimizden köpräk wagyz edip, Ýehowany şöhratlandyryp bileris. w16.01 2:7, 11

26-njy mart, ýekşenbe

Özüň bilen gitmäge bize ygtyýar et, sebäbi Hudaýyň seniň bilendigini eşitdik. Zak. 8:23

Şu günler ruhy Ysraýylyň, ýagny mesh edilenleriň hemmesiniň adyny bilip bolmaýan bolsa, onda başga goýunlar nädip olar «bilen gidip» bilerler? Zakarýa pygamberiň «on adam» barada aýdan sözlerine üns beriň. Olar «ýahudalynyň eteginden tutup: „Özüň bilen gitmäge bize ygtyýar et, sebäbi Hudaýyň seniň bilendigini eşitdik“ diýerler». Bu aýatda diňe ýekeje ýehudy agzalýan bolsa-da, köp adam göz öňünde tutulýar. Bu ýehudy bir adamy däl-de, mesh edilenleriň toparyny aňladýan bolmaly. Diýmek, ýehudynyň yzyna düşmek üçin, mesh edilenleriň hemmesini tanamak hökman däl. Gaýtam, onuň haýsy topardygyny anyklap, olary goldamaly. Mukaddes Ýazgylarda adamyň yzyna eýermeli däldigi aýdylýar. Sebäbi biziň Ýolbaşçymyz Isa (Mat. 23:10). w16.01 4:4

27-nji mart, duşenbe

Seni, eý, bendäm Ysraýyl, Öz saýlanym Ýakup, dostum Ybraýymyň nesli. Iş. 41:8

Söýgi — ynsan ömrüniň tanapy. Dogrudan-da, diňe bir durmuş guranlar däl, eýsem, ähli adamlar söýgä mätäç. Bizde dostlukly gatnaşyk saklamak babatda güýçli isleg bar. Emma biz söýginiň başga bir wajyp görnüşi, ýagny Ýehowa bolan söýgi hakda gürrüň ederis. Gynansak-da, köp adamlar gökdäki Gudratygüýçli Hudaý bilen dostlaşyp bolýandygyny göz öňüne getirip bilmeýärler. Biz hem şeýle pikir edýärismi? Elbetde, ýok! Mukaddes Ýazgylarda bikämil adamlaryň Hudaý bilen dostlaşyp bilýändigi barada gürrüň berilýär. Olaryň galdyran göreldesi bize durmuşda iň wajyp maksady goýmaga, ýagny Hudaý bilen dostlaşmaga kömek edýär. Şeýle adamlaryň biri Ybraýym pygamberdi (Ýak. 2:23). Ol Ýehowa bilen nädip dostlaşdy? Munuň üçin iman etmek örän wajyp. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylarda Ybraýym pygambere «iman eden ähli... adamlaryň atasy» diýilýär (Rim. 4:11). w16.02 1:1, 2

28-nji mart, sişenbe

Onuň ýaly ýokdy. 2 Pat. 18:5

Hizkiýa Ýahudanyň zalym patyşasynyň ogly bolsa-da, ol ýagşy adam bolup ýetişdi (2 Pat. 18:6). Hizkiýa kakasynyň eden zalym işlerine baş goşman, gaýtam, ybadathanany arassalady, halka günäden saplanmaga kömek etdi we ýalan taňrylary bütinleý ýok etdi (2 Ýyl. 29:1—11, 18—24; 31:1). Aşurlylaryň patyşasy Sanherip Iýerusalime hüjüm edende bolsa, ol has-da batyrgaý hereket edip, Hudaýa iman edýändigini görkezdi. Ol Hudaýyň halas etjekdigine ynanýardy we sözleri hem göreldesi bilen halky berkitdi (2 Ýyl. 32:7, 8). Haçanda Hizkiýa garaýşyny düzetmeli bolanda, özüni kiçeldip, toba etdi (2 Ýyl. 32:24—26). Dogrudan-da, Hizkiýa geçmişini ýatlap, durmuşynyň ýumrulmagyna we ony gelejekden mahrum etmäge ýol bermedi. Ol bize Ýehowanyň iň ýakyn dostlarynyň biri hökmünde ajaýyp görelde galdyrdy. w16.02 2:11

29-njy mart, çarşenbe

Eger biri bilmän ýalňyş ädim ätse, siz, ruhy taýdan ösenler, ony ýumşaklyk bilen düzetmäge çalşyň. Gal. 6:1

Mähirlilik bize wepalylyk bilen bagly kynçylyklara döz gelmäge kömek edýär. Meselem, siz imandaşyňyzyň erbet işleri edýändigini bilýärsiňiz. Elbetde, siz oňa, esasan-da, ol siziň dostuňyz ýa-da garyndaşyňyz bolsa, wepaly bolarsyňyz. Emma siz onuň ýalňyşlyklaryna göz ýumsaňyz, Hudaýa wepaly bolmarsyňyz. Siz ilki bilen Ýehowa wepaly bolmaly. Mähirli we dogumly boluň. Günä eden dostuňyzy ýa-da dogan-garyndaşyňyzy ýaşululardan kömek soramaga höweslendiriň. Eger ol belli bir wagtyň dowamynda ýaşululara ýüz tutmasa, siz bolan zatlary ýaşululara habar bermeli. Şonda siz Hudaýa wepalydygyňyzy görkezersiňiz. Şeýdip, siz Ýehowa wepaly bolarsyňyz we dostuňyza ýa-da garyndaşyňyza ýagşylyk edersiňiz. Sebäbi ýygnak ýaşululary olara mähirlilik bilen garaýşyny düzetmäge kömek ederler (Lew. 5:1). w16.02 4:14

30-njy mart, penşenbe

Siz nähili adamdygyňyz we etmeli işleriňiz barada oýlanmalysyňyz. Hudaýa wepaly bolup, özüňizi mukaddes alyp baryň. 2 Pet. 3:11

«Hudaýa wepaly bolmak» nämäni aňladýar? Muňa, esasan, ýygnak duşuşyklarynda we wagyzda edýän işlerimiz degişli. Emma bu başgalaryň gözüne ilmeýän zatlary, ýagny doga etmek hem-de şahsy okuw geçirmek ýaly başga-da ruhy işleri öz içine alýar. Özüni Ýehowa bagyş eden adam bu zatlary agyr ýük hasaplamaýar. Gaýtam, ol «Men Seniň islegiňi berjaý etmekden keýp alýaryn, eý, Hudaýym, kanunyň ýüregimiň içindedir» diýen Dawut patyşadan görelde alýar (Zeb. 40:8). Sen özüňi Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürileniňden soň, Hudaýyň öňünde özüň jogap bermelidigiňi unutmasaň gowy bolar. Seniň Hudaýa gulluk etmegiň başgalara, hatda eneň-ataňa-da bagly bolmaly däl. «Hudaýa wepaly bolup, özüňi mukaddes alyp barsaň», ynanýan zatlaryň hakykatdygyna doly göz ýetirendigiňi we suwa çümdürilmek üçin ruhy taýdan ýetişendigiňi görkezersiň. w16.03 2:10, 12, 15

31-nji mart, anna

Mesihe iman etmänkäk, kanun bizi goraýardy... Kanun Mesihe eltýän goragçymyz boldy. Gal. 3:23, 24

Musa arkaly berlen kanun ysraýyllylary ahlak taýdan pese gaçan we ýalan dini däp-dessurlara eýerýän başga halklardan goraýan beýik diwar ýalydy. Ysraýyllylar Ýehowa gulak asanda köp bereketleri alýardylar. Hudaýyň tabşyryklaryny äsgermezçilik edenlerinde bolsa ajy miweleri dadýardylar (Kan. tag. 28:1, 2, 15). Ysraýyllylara görkezme berilmeginiň ýene-de bir sebäbi bardy. Musa arkaly berlen kanun Ýehowanyň niýetiniň wajyp aýratynlygyny, ýagny Mesihiň gelmelidigini görkezýärdi. Bu kanun ysraýyllylara günälidigini ýatladýardy. Şeýle-de günäden doly saplanmak üçin kämil adamyň töleg gurbanynyň gerekdigine düşünmäge kömek edýärdi (Gal. 3:19; Ýew. 10:1—10). Galyberse-de, şol kanun Mesihiň nesil şejeresini goramaga we onuň kimdigini anyklamaga ýardam etdi. Hawa, Musa arkaly berlen kanun wagtlaýyn terbiýeçi, ýagny Mesihe eltýän «goragçy» boldy. w16.03 4:6, 7

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş