Aprel
1-nji aprel, şenbe
Hüşgär boluň, hemişe sagdyn pikirleniň! Duşmanyňyz bolan Iblis arlaýjy arslan kimin ýuwutjagyny agtaryp ýörendir. 1 Pet. 5:8
Bir perişde Ýehowanyň ýakyn dostudy. Emma soňra ol adamlary özüne sežde etdirmegiň küýüne düşdi. Ol erbet höwesine ýol berip, günä etdi (Ýak. 1:14, 15). Biz onuň «hakykatda berk durup bilmedi» Şeýtandygyny bilýäris. Ol Ýehowa garşy pitne turzup, «ýalanyň atasy» boldy (Ýah. 8:44). Hawa, Şeýtan pitne turzandan soňra Ýehowanyň we adamlaryň ganym duşmany bolýar. Şeýtanyň göterýän atlary onuň azgyn häsiýetlerini aýan edýär. Şeýtan «Duşman» diýmegi aňladýar. Bu zalym perişde Hudaýyň hökümdarlygyna tabyn bolman, gazaply söweş alyp barýar. Üstesine-de, Şeýtan Ýehowanyň hökümdarlygyny eýelemek isleýär. w15 15/5 1:1, 2
2-nji aprel, ýekşenbe
Biri Hudaýy söýýän bolsa, Hudaý ony tanaýandyr. 1 Kor. 8:3
Mukaddes Ýazgylar ruhy taýdan ösmäge kömek edýär. Mundan başga-da, biz Ýehowanyň söýgi bilen edýän işleri we häsiýetleri barada bilip, ýürekden minnetdar bolýarys. Biziň Ýehowa bolan söýgimiz ösdügiçe, onuň bize bolan söýgüsi has-da artar. Şeýdip, biz gowy dost bolarys. Mukaddes Ýazgylary dogry niýet bilen öwrenmeli. Ýahýa 17:3-de: «Ebedi ýaşaýşy almak üçin, olar sen, ýagny ýeke-täk hak Hudaý we seniň ibereniň Isa Mesih hakda bilim almalydyr» diýilýär. Şonuň üçin şahsy okuw edenimizde, diňe bir bilim almak bilen çäklenmän, Ýehowany ýakyndan «tanamaga» jan etmeli (Müs. çyk. 33:13; Zeb. 25:4). Eger biz Ýehowany gowy tanasak, onda onuň käbir gelen kararyna düşünmesek-de, aşa köp alada etmeris. w15 15/4 3:6—8
3-nji aprel, duşenbe
Ähli ýygnaklarda öwredişim ýaly, ol (Timoteos) size Mesih Isada edýän gullugymda ulanýan usullarymy ýatladar. 1 Kor. 4:17
Ýeriň dürli künjeginde ýaşaýan ýaşululardan doganlara ruhy taýdan ösmäge kömek etmekde nähili üstünlik gazanandyklaryny soranlarynda, birmeňzeş maslahat berýändikleri anyklanyldy. Bu nämäni görkezýär? Pawlus resulyň günlerinde bolşy ýaly, ýaşulular «her ýerde, her ýygnakda» Mukaddes Ýazgylaryň esasynda doganlary taýýarlap bilýärler. Mugallym öwretmek üçin amatly şertleri döretmeli. Bagbanyň ýere tohum sepmezden öň topragy ýumşadyşy ýaly, mugallym hem öwretmezden öň okuwçynyň ýüregini taýýarlamaly, ýagny ony höweslendirmeli. Amatly şertleri döretmek üçin näme etmeli? Munuň üçin Şamuwel pygamberiň Şawuly Ysraýyla hökümdarlyk etmäge taýýarlan usulyna eýermeli (1 Şam. 9:15—27, 10:1). w15 15/4 1:11, 12
4-nji aprel, sişenbe
Bütin dünýäniň bolsa Şeýtanyň goly astyndadygyny bilýäris. 1 Ýah. 5:19
Bu dünýäniň hödür edýän zatlarynyň köpüsi Mukaddes Ýazgylaryň kada-kanunlaryna garşy gelýär. Dünýäniň ähli zatlaryna erbet diýip bolmaýar. Emma Şeýtan bu dünýä arkaly erbet höwesleri döredip, günä etmäge we dünýäni söýmäge iterip, Ýehowanyň ýolundan dändirmek isleýär (1 Ýah. 2:15, 16). I asyrda ýaşan mesihçileriň käbiri dünýädäki zatlary söýýärdiler. Meselem, Pawlus resul: «Dimas häzirki dünýäni söýýänligi üçin, meni taşlap Selanige gitdi» diýip ýazýar (2 Tim. 4:10). Mukaddes Ýazgylarda Dimasnyň nämäni söýüp, Pawlusy taşlap gidendigi barada hiç zat aýdylmaýar. Belki-de, ol ruhy işleri däl-de, baýlygy söýendir. Dimas köp ruhy bereketlerden mahrum bolýar. Ol näme gazanýar? Eger ol Pawlus bilen işleşen bolsa, onda Ýehowa oňa köp bereketler bererdi. Bu dünýä oňa gowy zatlar berip bilerdimi? (Sül. tym. 10:22). w15 15/5 2:9, 10
5-nji aprel, çarşenbe
Ýehowa rehimdar we mähribandyr. Zeb. 103:8, TD
Isa adamlaryň ýagdaýyny başyndan geçirmese-de, olaryň çekýän derdini duýýardy. Dini ýolbaşçylar köp däp-dessurlar arkaly adamlary aldap, olaryň ýaşaýşyny agyrlaşdyrýardy. Şol sebäpli adamlar olardan gorkuda ýaşaýardy (Mat. 23:4; Mar. 7:1—5; Ýah. 7:13). Isa gorka we aldawa düşmese-de, başgalaryň ýagdaýyna düşünýärdi. «Isa uly märekäni görüp, olara ýüregi awady, sebäbi olar çopansyz goýunlar ýaly alaçsyz we pytraňňydy» (Mat. 9:36). Isa-da Atasy ýaly adamlary söýýärdi we rehimdarlyk bildirýärdi. Isa ejir çekýän adamlary görende, söýgi bilen olaryň aladasyny edýärdi. Sebäbi ol söýgüden doly Atasynyň göreldesine eýerýärdi. Bir gezek Isa resullary bilen köp ýerlerde wagyz edenden soňra dynç almak isleýär. Emma Isa özüne garaşyp duran märekäni görende, olara haýpy gelip, «köp zatlary öwredip başlady» (Mar. 6:30, 31, 34). w15 15/5 4:3, 4
6-njy aprel, penşenbe
Meniň begenjim adam ogullary bilendi. Sül. tym. 8:31
Hudaýyň ilkinji Ogly Atasynyň deňsiz-taýsyz akyldarlygyny doly derejede görkezýär. Ol «ussa» kimin Atasynyň ýanynda işleýärdi. Atasy «gökleri bina edip... ýeriň esaslaryny bellände», ol örän begendi. Emma Hudaýyň ilkinji Oglynyň «adam ogullaryna» bolan begenjiniň çägi ýokdy (Sül. tym. 8:22—31). Hawa, Isa gökde ýaşan döwründe-de adamlary söýýärdi. Isa «özüni kiçeltdi» we adam keşbine girip, ýer ýüzüne geldi. Şeýdip, ol Atasyna we «adam ogullaryna» bolan çuňňur söýgüsini bildirdi. Isa Hudaýa wepaly galyp, «köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde berdi» (Flp. 2:5—8; Mat. 20:28). Isa Hudaýyň beren güýji arkaly gudratlar görkezip, adamlara bolan söýgüsini bildirdi. Nähili ajaýyp söýgi! w15 15/6 2:1, 2
7-nji aprel, anna
Hudaý dünýä ýeke-täk Ogluny iberip, bize ol arkaly ýaşaýşa gowuşmaga ýol açdy. 1 Ýah. 4:9
Sen Ýehowanyň beren sowgadyny gymmat saýýarmyň? Onda özüňi Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilseň paýhasly bolar. Sen özüňi Ýehowa bagyş edeniňde, durmuşda näme bolaýanda-da bütin ömrüňe Hudaýa gulluk etjekdigiňi söz berýärsiň. Şeýle wadany bermäge ýaýdanmalymy? Ýok, Ýehowa seniň ýürekden edýän tagallalaryňy görüp, hökman sylaglar (Ýew. 11:6). Özüňi Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilseň, seniň durmuşyň erbetleşmän, gaýtam, Ýehowa gulluk etmekden şatlyk taparsyň. Ýehowadan tapawutlylykda, Şeýtan seni diňe öz bähbidine ulanjak bolýar. Şeýtanyň tarapyna geçen adamlara onuň berýän zatlary wagtlaýyn, ol ebedi bereketleri berip bilmeýär. Aslynda, ol özünde ýok zady saňa nädip berip bilsin? w16.03 2:16, 18, 19
Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (9-njy nisanda bolan wakalar) Luka 19:29—44
8-nji aprel, şenbe
Atam, dogamy eşidendigiňe minnetdar. Aslynda, meni hemişe eşidýändigiňi bilýärin. Ýah. 11:41, 42
Biz edýän dogalarymyzy Ýehowanyň eşidýändigine ynamly bolmaly. Şeýdip, onuň bilen hakyky dost bolarys. Isa gökde ýaşanda Ýehowanyň gullukçylarynyň dogasyna jogap berýändigini görýärdi. Şonuň üçin ol ýere gelende gökdäki Atasyna pikirlerini we duýgularyny dogada açyk aýdýardy. Käte ol bütin gijesini doga edip geçirýärdi. Eger Ýehowa diňlemeýän bolsa, ol doga ederdimi? (Luka 6:12; 22:40—46). Doga diňe ruhy taýdan kömek edýän bolsa, Isa şägirtlerine doga etmegi öwrederdimi? Aslynda, Isa doga arkaly Ýehowa bilen gürrüňdeş bolýandygymyzy bilýär. Ýehowanyň biziňem «dogalarymyzy eşidýändigine» ynamaly bolup bileris (Zeb. 65:2). w15 15/4 3:11, 13
Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (10-njy nisanda bolan wakalar) Luka 19:45—48; Matta 21:18, 19; 21:12, 13
9-njy aprel, ýekşenbe
Awwa, Atam, mümkin bolsa, bu käsäni menden aýyr. Ýöne meniň isleýşim ýaly däl-de, seniň isleýşiň ýaly bolsun. Mar. 14:36
Çagalaryňyzyň ýanynda kiçigöwünlilik bilen doga edeniňizde, olar Ýehowa bil baglamagy öwrenýär. Braziliýada ýaşaýan Ana uýa şeýle diýýär: «Babam ýa mamam kesellände, ýa-da başga kynçylyklar bolanda, ejem bilen kakam bu ýagdaýa döz gelip, dogry karara gelmek üçin, Ýehowadan güýç we akyldarlyk soraýardy. Olar has agyr ýagdaýlarda-da bar aladasyny Ýehowa tabşyrýardy. Şeýdip, menem Ýehowa bil baglamagy öwrendim». Çagalaryňyz bilen doga edeniňizde, diňe olar barada dileg etmän, Ýehowanyň size-de kömek etmegini soraň. Belki-de, Ýehowanyň size kongrese gatnaşmak üçin başlygyňyzdan rugsat soramaga kömek etmegini, goňşyňyza wagyz etmek üçin batyrgaýlyk bermegini ýa-da başga-da ýagdaýlarda goldamagyny diläp bilersiňiz. Kiçigöwünlilik bilen Hudaýa bil baglaň, şonda çagalaryňyzam şeýle etmegi öwrener. w15 15/11 1:7, 8
Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (11-nji nisanda bolan wakalar) Luka 20:1—47
10-njy aprel, duşenbe
Ýehowa Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň we bütin aň-düşünjäň bilen söý. Mat. 22: 37
Ýehowa bolan söýgiňi artdyrmak üçin, esasan, onuň beren gymmatly sowgady, ýagny töleg gurbany barada oýlanmaly (2 Kor. 5:14, 15; 1 Ýah. 4:9, 19). Töleg gurbany we onuň biziň üçin ähmiýeti barada pikirlensek, Ýehowa minnetdar bolarys. Töleg gurbanyna minnetdarlygyňy nädip görkezmelidigiňi biler ýaly bir mysala seredeli. Aýdaly, sen suwda gark bolup barýarsyň. Şonda biri seni halas edýär. Sen hiç zat bolmadyk ýaly öýüňe gaýdyp, onuň eden ýagşylygyny unudarsyňmy? Elbetde, ýok! Sen şol adamyň öňünde özüňi borçly duýup, onuň üçin janyňy bermäge-de taýyn bolarsyň. Biz Ýehowa Hudaýa we Isa Mesihe has-da borçly. Sebäbi Ýehowanyň we Isanyň bize bildiren uly söýgüsi Jennetde ebedi ýaşamaga umyt berýär. w16.03 2:16, 17
Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (12-nji nisanda bolan wakalar) Luka 22:1—6; Markus 14:1, 2, 10, 11
Ýatlama agşamy
Gün ýaşandan soň başlanýar
11-nji aprel, sişenbe
Mesih biziň üçin öldi. Rim. 5:8
Ýehowa gökde ençeme asyrlaryň dowamynda wepaly gulluk eden ýalňyz Ogluna doly ynanýardy. Isa ýer ýüzünde agyr synaglarda aýypsyzlygyny saklady we Ýehowanyň hökümdarlygyny goldap, ölýänçä Atasyna wepaly galdy. Biz Isanyň öz janyny gurban edip, adamzady gutarmak üçin töleg töländigine we Hudaýyň wada eden täze dünýäsinde ebedi ýaşamagymyza ýol açandygyna-da diýseň begenýäris! Ýahýa resul hem şeýle ýazdy: «Hudaý dünýä ýeke-täk Ogluny iberip, bize ol arkaly ýaşaýşa gowuşmaga ýol açdy. Şeýdip, ol bizi söýýändigini görkezdi. Hudaý Ogluny biziň günälerimiz üçin gurban berip, özi bilen ýaraşdyrdy. Hudaý muny biziň ony däl-de, onuň bizi söýendigi üçin etdi» (1 Ýah. 4:9, 10). w15 15/11 3:13, 14
Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (13-nji nisanda bolan wakalar) Luka 22:7—13; Markus 14:12—16 (14-nji nisanda Gün batandan soň bolan wakalar) Luka 22:14—65
12-nji aprel, çarşenbe
Ölüm hem ähli adamlara geçdi, sebäbi hemmeler günä etdi. Rim. 5:12
Biz Adam atadan günäni miras aldyk. Şonuň üçin hiç kim: «Men töleg gurbanyna mätäç däl» diýip bilmez. Hatda Hudaýyň wepaly gullukçylary-da Ýehowanyň Isa arkaly bildiren merhemetine gaty mätäçdir. Biz köp günälerimiziň bagyşlanandygyna düşünmeli. Ýehowanyň bize bolan söýgüsi we rehimdarlygy näme etmäge höweslendirýär? Eger dogan ýa uýadan öýke-kinämiz bolsa, onda «rehimdar» Ýehowanyň göreldesine eýermeli (Neh. 9:17; Zeb. 86:5). Ýehowanyň köp günälerimizi bagyşlaýandygyna minnetdar bolsak, onda başgalaryň günäsini ýürekden bagyşlarys. Başgalary söýmesek we günälerini bagyşlamasak, onda Hudaýam bizi söýmez hem-de geçirimlilik etmez (Mat. 6:14, 15). Elbetde, biz bagyşlamak bilen bolup geçen zady düzedip bilmeris, ýöne bu gelejegimize gowy täsir eder. w16.01 2:5, 15—17
Ýatlama agşamynyň soňundan okalýan aýatlar: (14-nji nisanda bolan wakalar) Luka 22:66—71
13-nji aprel, penşenbe
Siz hem tagtlarda oturyp, ysraýylyň 12 taýpasyna kazylyk edersiňiz. Mat. 19:28
Isa şu sözleri aýtmak bilen Petrusa we beýleki şägirtlerine gelejegi göz öňüne getirmäge kömek edýär. Hawa, olar gökdäki Patyşalykda höküm sürjekdigi we dogry adamlara berjek bereketler barada oýlanmalydylar. Ýehowanyň ýerdäki gullukçylarynyň ählisi berlen wadalar barada oýlanyp, bereket alýarlar. Meselem, Habyl Hudaýyň niýetine az-kem düşünse-de, gowy gelejegi göz öňüne getirýärdi, iman edýärdi we umydyny üzmeýärdi. Ybraýym Hudaýyň wada eden «nesil» baradaky pygamberligiň käbiriniň ýerine ýetendigini «görüp», iman bilen hereket edýärdi (Gel. çyk. 3:15). Musa « ünsüni aljak sylagyna gönükdirip» we imanyny iş ýüzünde görkezip, Ýehowa bolan söýgüsini ösdürýärdi (Ýew. 11:26). Biziň imanymyz we Ýehowa bolan söýgimiz onuň wadalaryny göz öňüne getirmäge kömek edýär. w15 15/5 3:17, 18
Ýatlama agşamynyň soňundan okalýan aýatlar: (15-nji nisanda bolan wakalar) Matta 27:62—66
14-nji aprel, anna
Mesih... yzyna doly eýermegiňiz üçin görelde galdyrdy. 1 Pet. 2:21
Isanyň göreldesine eýerip, ruhy taýdan berkemäge jan edýän mesihçi Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymatlaryny öwrenmek bilen çäklenmeýär. Ol «agyr naharyň ruhy taýdan ýetişen adamlara» berilýändigini bilýär we Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenýär (Ýew. 5:14). Ruhy taýdan ösen mesihçi «Hudaýyň Ogly hakda dogry bilim almak» isleýär (Efes. 4:11). Siz Mukaddes Ýazgylary her gün okaýarsyňyzmy? Siz her hepde şahsy we maşgala okuwyny geçirýärsiňizmi? Siz Mukaddes Ýazgylary öwreneniňizde, Ýehowanyň garaýşyna we duýgusyna düşünmäge kömek edýän prinsipleri tapmaga çalyşyň. Eger siz şol prinsiplere görä karara gelseňiz, Ýehowa bilen dostlugyňyzy berkidip bilersiňiz. w15 15/9 1:5, 9, 10
Ýatlama agşamynyň soňundan okalýan aýatlar: (16-njy nisanda bolan wakalar) Luka 24:1—12
15-nji aprel, şenbe
Hudaýyň... güýji Mesih arkaly aýan boldy. 1 Kor. 1:24
Isa tebigatyň kanunlaryna gowy düşünýär we tebigy baýlyklaryň ähli ýerde deň-derejede bolmagynyň aladasyny eder. Isa ýer ýüzünde ýaşanda «Hudaýyň gudraty» bilen tebigata erk-ygtyýarynyň ýetýändigini subut etdi. Isanyň uzakly gün wagyz edip, gaty ýadandygyny göz öňüne getiriň! Ol süýji uka gidýär. Birdenkä tupan turup, tolkunlar gaýygy eýläk-beýläk çaýkaýar we gaýyk suwdan dolup başlaýar. Isa ne ýeliň sesini eşidýär, ne-de gaýygyň yraň atyşyny duýýar. Şägirtleri gorkudan ýaňa: «Agam, heläk bolup barýarys, bizi halas et!» diýip, Isany ukudan oýarýarlar (Mat. 8:25). Ol ýerinden turýar-da, ýele käýäp, köle: «Ýuwaş! Sem bol!» diýýär (Mar. 4:39). Hawa, Isa ýele we köle buýruk berýär! Soňra «doly ümsümlik aralaşýar». Gör, nähili gudrat! w15 15/6 1:12—14
16-njy aprel, ýekşenbe
Bize gündelik iýjek çöregimizi her gün ber. Mat. 6:11
Isanyň gündelik çörek barada doga etmeli diýen sözleri ýaşaýşa gerekli zatlar barada doga etmelidigini görkezýär. Meselem, bir gezek Isa Hudaýyň meýdan otlaryny geýindirýändigini aýdyp: «Ol sizi has-da artyk geýindirmezmi näme, eý imany azlar!... Ertirki günüň aladasyny etmäň» diýip maslahat berýär (Mat. 6:30—34). Biz baýlyga kowalaşmagyň deregine, jaý, iş we saglyk barada paýhasly alada etmeli. Şeýdip, biz diňe şu günümiz hakynda oýlanýandygymyzy görkezeris. Emma diňe maddy zatlar barada doga etmek nädogry bolar. Sebäbi adamyň ruhy zerurlyklary has wajyp. Isa gündelik çöregimiz barada dileg edende, ruhy iýmiti-de göz öňüne tutdy. Beýik Mugallym: «Adam diňe bir çörek bilen däl, eýsem, Ýehowanyň agzyndan çykýan her bir söz bilen hem ýaşamalydyr» diýdi (Mat. 4:4). Şol sebäpli biz Ýehowanyň wagtly-wagtynda ruhy iýmiti bermegi üçin doga etmeli. w15 15/6 5:4, 7, 8
17-nji aprel, duşenbe
Biziň synaga düşmegimize ýol berme. Mat. 6:13
Biz synaga düşenimizde wepaly bolmak üçin hemişe Ýehowadan kömek soraýarysmy? Adamyň alan terbiýesi ýa-da durmuşy Ýehowanyň halaýan işlerini etmäge päsgel berip biler. Emma Hudaý bize gerekli özgerişleri edip, mynasyp gullukçysy bolmaga kömek edýär. Dawut patyşa Batşeba bilen zyna edende, Hudaýyň goldaw berýändigini bilip: «Mende tämiz ýürek ýarat... içime täzeden durnukly ruh ber» diýip ýalbardy (Zeb. 51:10, 12). Hawa, günäli höwesler bize täsir etse-de, Ýehowa özüne gulak asmaga kömek edýär. Belki, erbet höwesler ýüregimizde kök urup, arassa pikirleri bogýandyr. Emma Ýehowa bize görkezme berýär we kanunyna görä ýaşamaga kömek edýär. Geliň, Ýehowanyň goldawy bilen günäniň agalyk etmegine ýol bermäliň! (Zeb. 119:133). w15 15/6 3:5, 6
18-nji aprel, sişenbe
Ýeňiş maslahatçylaryň köp ýerinde bolýandyr. Sül. tym. 24:6
Gartaşan dogan-uýalar öňler ýygnaga bir gulluk hyzmatçysynyň gözegçilik edýändigini ýatlaýarlar; indi bolsa ýaşulular maslahaty ýolbaşçylyk edýär. Şeýle-de şu günler filial gullukçysy däl-de, filial komiteti gulluk edýär. Öň Garawul diňi jemgyýetiniň prezidenti görkezme berýän bolsa, indi Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty karar çykarýar. Öň guramanyň prezidentine Hudaýa wepaly doganlar kömek etseler-de, ýygnaklarda, filiallarda we Baş edarada özgerişleri etmek babatda prezident karara gelýärdi. Emma 1970-nji ýyllardan başlap, diňe bir adam däl-de, birnäçe ýaşulular maslahatlaşyp, karar kabul edýärler. Şeýle özgerişikler Mukaddes Ýazgylarda mesihçiler ýygnagy barada aýdylan çuňňur bilime esaslanýardy. Indi guramada karar kabul etmeli bolanda, diňe bir adam däl-de, Ýehowanyň «sowgat» hökmünde beren doganlaryň ählisi gatnaşýarlar (Efes. 4:8). w15 15/7 1:14, 15
19-njy aprel, çarşenbe
Meniň bu dünýäden bolmaýşym ýaly, olar-da bu dünýäden däldirler. Ýah. 17:16
Mesihçiler agzalalykdyr uruşlarda hemişe bitaraplygy saklaýarlar. Näme üçin? Sebäbi Ýehowa özüni bagyş eden mesihçiler oňa gulak asyp, wepaly bolýarlar we söýgüsini bildirýärler (1 Ýah. 5:3). Biz ýaşaýan ýerimize, alan terbiýämize, milletimize we medeniýetimize garamazdan, Hudaýnyň kada-kanunlaryna eýerýäris. Biz Ýehowa we onuň Patyşalygyna wepaly bolmagy ähli zatdan wajyp saýýarys (Mat. 6:33). Şol sebäpli Hudaýyň gullukçylary dünýäde bolýan dawalara we agzalalyga goşulmaýarlar (Iş. 2:4; Ýah. 17:11, 15, 16). Adatça, adamlar Watanyna, milletine, medeniýetine ýa-da sport toparynyň oýunçylaryna wepaly bolýarlar. Şeýle wepalylyk köplenç bäsdeşlige, uruşlara we gyrgynçylyga ýazýar. Elbetde, bu dünýäde adamlara bitaraplygy saklamak aňsat däl. w15 15/7 3:1, 2
20-nji aprel, penşenbe
Hemme zat mynasyp tärde we tertip bilen bolsun. 1 Kor. 14:40
Biz Ýygnak jaýlaryny arassa saklamak bilen mukaddes we tertip-düzgünli Hudaýdan görelde alýarys (1 Kor. 14:33). Hudaýyň Sözünde mukaddesligiň we ruhy taýdan tämizligiň beden arassaçylygy bilen baglydygy aýdylýar (Ylh. 19:8). Biz Mukaddes Ýazgylaryň bu kada-kanunlaryna eýersek, ýygnak duşuşygyna gelýän adamlar Ýygnak jaýynyň hemişe arassadygyny görerler. Şonda olar wagyz edýän hoş habarymyza görä ýaşaýandygymyza göz ýetirip, Ýehowa Hudaýyň mukaddesdigini we tizden ýer ýüzüni bagy-bossanlyga öwürjekdigini bilerler (Iş. 6:1—3; Ylh. 11:18). Emma ýagdaýymyz nähili bolsa-da, Ýygnak jaýyny arassa saklamaly. Sebäbi ol ýer Ýehowanyň adyny göterýär we biz ol ýerde sežde edýäris (Kan. tag. 23:14). w15 15/7 4:13—15
21-nji aprel, anna
Oýa boluň. Mar. 13:35
Mesihçiler Isanyň 1914-nji ýylda höküm sürüp başlandygyny bilýärler we dünýäniň soňunyň tiz geljekdigine düşünip, taýýarlyk görýärler. Şol sebäpli olar Patyşalyk barada yhlasly wagyz edýärler. Belki-de, Isa «horaz gygyranda» ýa-da «ertir irden» diýmek bilen, özüniň biraz eglenjekdigini aýdandyr. Onda mesihçiler näme etmeli? Isa: «Oýa boluň» diýdi. Diýmek, uzak wagtlap garaşandygyň sebäpli, mesihçiler ahyrzamana entek gelmez ýa-da oňa garaşmak gerek däl diýip pikir etseler nädogry bolardy. Biz täze dünýä geçenimizde ahyrzamana degişli pygamberlikleriň öz wagtynda ýerine ýetendigine aýdyň düşüneris. Bu barada oýlansark, Ýehowanyň wadalarynyň doly ýerine ýetjekdigine ynamly bolarys we Oňa bil baglarys (Ýeş. 23:14). Hudaýyň «wagta we döwre... ygtyýar bar» we ol bize «ähli zadyň soňunyň golaýlandygyny» duýdurýar. Biz munuň üçin Ýehowa minnetdar bolup, berýän görkezmesine eýermeli (Res. iş. 1:7; 1 Pet. 4:7). w15 15/8 2:10, 11, 14
22-nji aprel, şenbe
Mesih Isanyň şägirdi hökmünde Hudaýa wepaly ýaşamak isleýänleriň ählisi yzarlanar. 2 Tim. 3:12
Köp adamlar dynç alanlarynda zorluk, ahlaksyzlyk, jadygöýlik ýaly Hudaýyň halamaýan zatlaryny görýärler, hatda olaryň guly bolýarlar. Internetde, telegepleşiklerde, kinofilmlerde, çeper eserlerde, žurnallarda zorluk we ahlaksyzlyk adaty zat ýaly edip görkezilýär. Öňki döwürlerde şeýle zatlar aýyp görülse-de, indi käbir ýerlerde döwlet tarapyndan hem rugsat edilýär. Emma Ýehowa bu işleri ýigrenýär (Rim. 1:28—32). I asyrda ýaşan mesihçiler dynç alanlarynda erbet zatlardan gaça durýardylar. Adamlar olaryň ýagşy edim-gylymlaryny görüp, töhmet atýardylar we zalymlyk bilen yzarlaýardylar. Pawlus resul şeýle diýdi: «Olar indi özleri bilen azgyn işlere gatnaşmaýandygyňyza geň galyp, size (mesihçilere) sögýärler» (1 Pet. 4:4). w15 15/8 4:2, 3
23-nji aprel, ýekşenbe
Her agzanyň kadaly işlemegi bütin bedeniň ösmegine, ýagny söýgüde berkemegine ýardam edýändir. Efes. 4:16
Ruhy taýdan ösen Ýehowanyň gullukçysy ýygnagyň agzybirligine goşant goşýar (Efes. 4:1—6, 15). Hudaýyň halky biri-biri bilen «özara sazlaşykly birleşýär» we eginme-egin işleşmegi maksat edinýär. Hudaýyň Sözünde agzybirligi saklamak üçin kiçigöwünli bolmagyň wajypdygy aýdylýar. Ruhy taýdan ösen, kiçigöwünli dogan-uýalar ähli ýagdaýlarda, hatda başgalaryň kemçiliklerini görenlerinde-de, agzybirligi saklamaga jan edýärler. Siz dogan-uýalaryň bikämilligine nähili garaýarsyňyz? Siziň göwnüňize degenlerinde näme edýärsiňiz? Siz olar bilen gepleşmän gezýärsiňizmi? Ýa-da siz olar bilen dostlugyňyzy berkitmäge jan edýärsiňiz? Elbetde, ruhy taýdan berk mesihçiler göçme manyda öz aralarynda diwar däl-de, köpri gurýarlar, ýagny agzalylygy döretmegiň deregine, agzybirligi dikeldýärler. Sizem agzybir ýaşamaga jan edýärsiňizmi? w15 15/9 1:12, 13
24-nji aprel, duşenbe
Seniň sözüň hakykatdyr. Ýah. 17:17
Isa Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň ylhamlanan Sözüdigini we iň gowy görkezme berýändigini bilýärdi. Biz Isanyň göreldesine eýerip, Mukaddes Ýazgylary her gün okamaly, çuňňur özleşdirmeli we bilen zatlarymyz barada oýlanmaly. Şeýle-de biz soraglarymyzyň jogabyny tapmak üçin şahsy okuwyny geçirmeli. Meselem, siz soňky günler baradaky pygamberlikleri çuňňur öwrenip, imanyňyzy berkidip bilersiňiz. Imanyňyz berkär ýaly Mukaddes Ýazgylardaky ýerine ýeten pygamberlikler barada öwreniň. Siz Hudaýyň Sözüne eýerip, durmuşyny özgerden dogan-uýalar hakda okanyňyzda imanyňyzy berkidip bilersiňiz (1 Sel. 2:13). Siz Isadan görelde alyp, Ýehowanyň ajaýyp wadalary barada oýlanyň we özüňizi täze dünýäde göz öňüne getiriň (Ýew. 12:2). Siz Hudaýyň wadalaryny bütin adamzada däl-de, özüňize degişli edip janlandyryň. w15 15/9 3:16, 17
25-nji aprel, sişenbe
Ýehowany bütin baýlygyň bilen hormatla. Sül. tym. 3:9, TD
Biz Hudaýy söýýändigimizi nädip görkezip bileris? Biz ýaşaýan ýerimizde we bütin dünýäde alnyp barylýan Patyşalyk işlerini serişdämiz bilen goldap bileris. Biz az zat bersek-de, köp zat bersek-de, Ýehowany ýürekden söýýändigimizi görkezýäris (2 Kor. 8:12). Emma biz Ýehowa bolan söýgimizi başga zatlar arkaly hem görkezip bilýäris. Isa şägirtlerine Patyşalygy birinji orunda goýmalydygyny we iýmitiň, egin-eşigiň çendenaşa aladasyny etmeli däldigini öwretdi. Sebäbi gökdäki Atamyz bize gerekli zatlar bilen üpjün etjekdigini wada berdi (Mat. 6:31—33). Biz Ýehowanyň wadasyny berjaý etjekdigine ynanýarys we Oňa bil baglaýarys. Elbetde, siz birini ýürekden söýseňiz, oňa ynanýarsyňyz. Biz Ýehowa näçe köp bil baglasak, şonça-da oňa bolan söýgimiz artar (Zeb. 143:8). Her bir adam özüne şeýle soraglary berip biler: «Meniň maksatlarymdan we özümi alyp barşymdan Ýehowa bil baglaýandygym görünýärmi? Men her gün Hudaýyň aladamy edýändigine ynanýarynmy? Muny iş ýüzünde gökezýärinmi?» w15 15/9 5:7, 8
26-njy aprel, çarşenbe
Adam iman etmese, Hudaýyň göwnünden turup bilýän däldir. Ýew. 11:6
Siz «Ýehowa meni agyr muşakgatdan halas edip, Jennetde ýaşadarmy?» diýip, oýlanyp görüpmidiňiz? Biz örän wajyp talaplaryň biri, imanymyzy berkitmeli. Petrus resul imanyň wajypdygyny aýtdy. Ol: «Siziň synagdan geçen imanyňyz... Isa Mesih gelende, sizi hormata, şöhrata we öwgä eýe eder» diýdi (1 Pet. 1:7). Bizem agyr muşakgat golaýlaşdygyça, imanymyzy has-da berkitmek islemeýärismi näme? Sebäbi berk iman Patyşamyz gelende, ony şöhratlandyrýan adamlaryň arasynda bolmaga kömek eder. Elbetde, biz «iman arkaly janymyzy halas etmek» isleýäris (Ýew. 10:39). Şol sebäpli bizem: «Meniň imanymy berkit!» diýip ýalbarýarys (Mar. 9:24). Şeýle-de resullar ýaly: «Biziň imanymyzy köpelt!» diýýäris (Luka 17:5). w15 15/10 2:1, 2
27-nji aprel, penşenbe
Egnimizdäki hemme ýüki... taşlalyň. Ýew. 12:1
Pawlus ünsüni «iň wajyp zatlara» gönükdirip, Hudaýa yhlas bilen gulluk edýärdi we tutuş Siriýada, Kiçi Aziýada, Makedoniýada, Ýahudada wagyz edýärdi. Pawlus şeýle ýazypdy: «Yzda galan zatlary unudyp, öňdäki zatlara ymtylýaryn. Men... sylag... almak maksady bilen ylgaýaryn» (Flp. 1:10; 3:8, 13, 14). Pawlus resul «ünsüni bölmän, Halypamyza mynasyp tärde gulluk edip biler» ýaly sallahlygyndan doly peýdalandy (1 Kor. 7:32—35). Pawlus resul ýaly käbir mesihçilerem özüni Patyşalyk işlerine bagyş etmek üçin durmuş gurmaýarlar (Mat. 19:11, 12). Sebäbi durmuş guran mesihçileriň köp maşgala borçlary bolýar. Emma biz durmuş gursak-da, gurmasak-da, her birimiz başagaý bolman Hudaýa gulluk etmek üçin göçme manyda «hemme ýüki... taşlamaly» bolýarys. Şonuň üçin biz wajyp däl zatlara berýän wagtymyzy Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin sarp etmeli. w15 15/10 3:15, 16
28-nji aprel, anna
Zalym we ýalançy adamlar... has-da ökdeleşerler. 2 Tim. 3:13
Taryh Mukaddes Ýazgylarda aýdylan şu sözleriň hakykatdygyny doly subut edýär: «Ýa Reb, men ynsanyň ýolunyň öz elinde däldigini, dogry ädim basmagyň ygtyýarynda däldigini bilýärin» (Ýer. 10:23). Hawa, Ýehowa adamlary ýaradanda, olara Hudaýdan garaşsyz ýaşap, durmuşyny özleri dolandyrar ýaly ukyp we ygtyýar bermedi. Hudaýyň zalymlyga wagtlaýyn ýol bermeginiň ynsan hökümetleriniň biderekdigini görkezmekden başga-da has ähmiýetli sebäbi bar. Bu elmydama diňe Hudaýyň hökümdarlygynyň üstünlikli bolýandygyny tassyklaýar. Eger Ýehowa zalymlygy we onuň sebäpkärlerini ýok edensoň, kimdir biri Hudaýyň söýgi bilen höküm sürýändigini şübhä goýsa, onda jedelli meseläniň täzeden orta atylmagyna ýol bermek gerek bolmaz. Hudaý adamzadyň taryhynda bolup geçen wakalara esaslanyp, şol pitneçileri dessine ýok eder we olara zorluk-sütemi gaýtadan dikeltmäge ýol bermez. w15 15/11 3:5, 6
29-njy aprel, şenbe
Parahatlyk Hudaýy islegini berjaý etmegiňiz üçin sizi ähli gerekli zatlar bilen üpjün etsin. Ýew. 13:20, 21
Isa Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň bermegi gowy görýärdi. Mukaddes Ýazgylarda aýdylmagyna görä, ol, esasan, Patyşalyk barada öwredýärdi we adamlara wagyz edende, ony 100 gezekden gowrak agzap geçdi. Hawa, Isa Hudaýyň Patyşalygyny ýürekden gymmat saýýardy (Mat. 12:34). Isa direlenden biraz wagt geçensoň, Patyşalygyň geljekki wagyzçylarynyň 500-den gowragyna göründi (1 Kor. 15:6). Belki-de, ol Patyşalyk baradaky habary «ähli halklara» wagyz etmek tabşyrygyny şonda berendir; bu ýumşy ýerine ýetirmek häzire çenli aňsat däl. Isa şol ägirt uly işiň «dünýäniň soňuna çenli» alnyp baryljakdygyny öňünden aýtdy we bu şeýle hem bolýar. Sizem Isanyň tabşyrygyny ýerine ýetirip, şol pygamberligiň berjaý bolmagyna gatnaşýan bolsaňyz gerek (Mat. 28:19, 20). Ýehowa Hudaý hem bu tabşyrygy ýerine ýetirmegimiz üçin, bizi «ähli gerekli zatlar» bilen üpjün edýär. w15 15/11 5:1—3
30-njy aprel, ýekşenbe
Bu meniň ebedilik adymdyr. Müs. çyk. 3:15
Öli deňzinden tapylan golýazmalary we başga-da gadymy ýewreý golýazmalaryny öwrenýän alymlar tetragrammatonyň, ýagny Hudaýyň adyny aňladýan 4 sany ýewreý harpyň köp duş gelýändigine haýran galýarlar. Hudaýyň adyny diňe bir şol gadymy ýewreý golýazmalarynda däl-de, b. e. öň II asyrdan b. e. I asyry aralygynda ýazylan grek «Septuagintasynyň» käbir nusgalarynda hem görse bolýar. Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň adynyň bolmalydygyny görkezýän aýdyň subutnamalaryň bardygyna garamazdan, käbir terjimeçiler Hudaýyň mukaddes adyny doly aýyrdylar. 1952-nji ýylda gaýtadan seredilen «Amerikan standart terjimesi» çap edilýär. Bu terjimäniň 1901-nji ýylda çykan neşirinde Hudaýyň ady bolsa-da, 1952-nji ýyldaky gaýtadan seredilen görnüşinde duş gelmeýärdi. Näme üçin? Şol terjimäniň girişinde: «Hristian buthanalary ýeke-täk Hudaýyň islendik adyny tutmagy... ýerliksiz hasaplaýarlar» diýilýär. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylaryň iňlis we başga dillerdäki terjimeleriniň köpüsinde Hudaýyň ady aýryldy. w15 15/12 2:3—5