Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es17 sah. 47—57
  • Maý

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Maý
  • Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2017
  • Sözbaşylar
  • 1-nji maý, duşenbe
  • 2-nji maý, sişenbe
  • 3-nji maý, çarşenbe
  • 4-nji maý, penşenbe
  • 5-nji maý, anna
  • 6-njy maý, şenbe
  • 7-nji maý, ýekşenbe
  • 8-nji maý, duşenbe
  • 9-njy maý, sişenbe
  • 10-njy maý, çarşenbe
  • 11-nji maý, penşenbe
  • 12-nji maý, anna
  • 13-nji maý, şenbe
  • 14-nji maý, ýekşenbe
  • 15-nji maý, duşenbe
  • 16-njy maý, sişenbe
  • 17-nji maý, çarşenbe
  • 18-nji maý, penşenbe
  • 19-njy maý, anna
  • 20-nji maý, şenbe
  • 21-nji maý, ýekşenbe
  • 22-nji maý, duşenbe
  • 23-nji maý, sişenbe
  • 24-nji maý, çarşenbe
  • 25-nji maý, penşenbe
  • 26-njy maý, anna
  • 27-nji maý, şenbe
  • 28-nji maý, ýekşenbe
  • 29-njy maý, duşenbe
  • 30-njy maý, sişenbe
  • 31-nji maý, çarşenbe
Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2017
es17 sah. 47—57

Maý

1-nji maý, duşenbe

Olaryň bary... onuň agzyndan çykýan ýakymly sözlerine geň galdylar. Luka 4:22

Biz mylakatly hem-de sypaýy bolup, başgalaryň duýgusyny göz öňünde tutsak, Isanyň göreldesine eýereris. Isa ony diňlemäge gelen uly märekäniň köp tagalla edendigini görende, ýüregi awap, «köp zatlary öwredip başlady» (Mar. 6:34). Ol hatda sögülende-de gödek jogap bermedi (1 Pet. 2:23). Gowy tanaýan adamlarymyz bilen ýumşak we sypaýy gepleşmek kyn bolmagy ahmal. Biz maşgala agzalarymyz ýa-da ýygnakdaky ýakyn dostlarymyz bilen has arkaýyn gepleşsek hem bolýar diýip pikir etmegimiz mümkin. Emma Isa şägirtleri bilen has ýakyndan gatnaşýandygy üçin, olar bilen gödek gürleşsemem bolýar diýip pikir etdimikä? Elbetde, ýok! Resullar aralarynda kimiň uludygy barada gaýta-gaýta jedelleşseler-de, Isa bir çagany mysal getirip, olara mähir bilen düzediş berdi (Mar. 9:33—37). Ýygnak ýaşululary hem Isanyň göreldesine eýerip, «ýumşaklyk bilen» maslahat berip bilerler (Gal. 6:1). w15 15/12 3:15, 16

2-nji maý, sişenbe

Bir-biriňize mundan beýläk-de doganlyk söýgiňiz bolsun. Ýew. 13:1

Biziň näme üçin mundan beýläk-de doganlyk söýgimiz bolmaly? Ýönekeý söz bilen aýdanyňda, Ýehowa birek-biregi söýmegi talap edýär. Doganyny söýmeýän adam Hudaýy söýüp bilmeýär (1 Ýah. 4:7, 20, 21). Onsoňam, biz biri-birimiziň kömegimize mätäç. Şeýle kömek, esasanam, kyn güne düşenimizde gerek bolýar. Pawlus resul käbir ýewreý mesihçileriň tizden öýlerini we emlägini taşlap gitmeli boljagyny bilýärdi. Isa-da şol günleriň kyn boljakdygyny duýdurypdy (Mar. 13:14—18; Luka 21:21—23). Şonuň üçin şol döwürde ýaşan mesihçiler birek-biregi has-da söýmegi öwrenmelidi (Rim. 12:9). Tizden agyr muşakgatyň weýran ediji ýeli turar (Mar. 13:19; Ylh. 7:1—3). Bize diňe duşuşyklara yzygiderli barmak ýeterlikli däl. Pawlus resul ýewreý mesihçilere ýygnak duşuşyklarynda «birek-biregi söýmegi we ýagşy işleri etmegi» ündedi (Ýew. 10:24, 25). w16.01 1:6—8

3-nji maý, çarşenbe

Olaryň hemmesi mukaddes ruhdan doldular. Res. iş. 2:4

B. e. 33-nji ýylynyň dynç güni irden sagat dokuz töweregidi. Şol Sabat güni Iýerusalimde Pentikost baýramçylygy bellenýärdi. Bir jaýyň ýokarky otagynda Isanyň 120-ä golaý şägirdi ýygnanyşyp, «erjellik bilen doga edýärdiler» (Res. iş. 1:13—15). Şol ýerde boljak waka baş ruhanynyň her ýyl Pentikost güni edýän işleri bilen berk baglanyşyklydy. Şonda bu wakadan takmynan 800 ýyl öň Ýowel pygamberiň aýdan sözleri ýerine ýetdi (Ýow. 2:28—32; Res. iş. 2:16—21). Jaýyň ýokarky otagynda oturanlaryň hemmesine Hudaýyň mukaddes ruhy indi (Res. iş. 1:8). Olar gören we eşiden täsin zatlary barada gürrüň berip başlaýarlar. Biraz wagtdan şol ýere birgiden adam üýşýär. Petrus resul bolan wakanyň ähmiýetini düşündirensoň, adamlara: «Günäleriňiziň ötülmegi üçin toba ediň we Isa Mesihiň ady bilen suwa çümdüriliň. Şonda siz Hudaýyň jomartlyk bilen berýän mukaddes ruhuny alarsyňyz» diýdi. Şol gün 3 müňe golaý adam suwa çümdürilip, mukaddes ruh bilen mesh edildi (Res. iş. 2:37, 38, 41). w16.01 3:1—3

4-nji maý, penşenbe

Kimdir biri Halypamyzyň çöreginden iýende ýa-da onuň käsesinden içende, muny mynasyp tärde etmese, Halypamyzyň bedenine we ganyna garşy günä edýändir. 1 Kor. 11:27

Bu aýatda Pawlus resul nämäni göz öňünde tutdyka? Mesh edilen mesihçi Ýehowa bilen dostlugyny aýap saklamasa, nyşanlardan datmaga mynasyp bolup bilmez (Ýew. 6:4—6; 10:26—29). Bu duýduryş mesh edilenlere gökdäki sylagyny entek almandygyny ýatladýar. Olar «Hudaýyň Mesih Isa arkaly berjek sylagyny, ýagny gökdäki ýaşaýşy almak maksady bilen ylgamaga» jan etmeli (Flp. 3:13—16). Pawlus resul mesh edilenlere: «Hudaýyň çagyryşy ýaly, mynasyp gezmegiňizi ýalbarýaryn» diýdi. Munuň üçin näme etmeli? Pawlus resul sözüni şeýle dowam edýär: «Elmydama pesgöwünli, ýumşak, sabyrly boluň we biri-biriňizi söýüp, oňşukly ýaşaň» (Efes. 4:1—3). Ýehowanyň mukaddes ruhy tekepbir bolman, pesgöwünli bolmaga kömek edýär (Kol. 3:12). w16.01 4:5, 6

5-nji maý, anna

Hudaý Ybraýymy synady. Gel. çyk. 22:1

Aýdaly, bir goja daga çykmak üçin ýola düşýär. Ol durmuşynda iň aýgytly ädimleri ätmelidi. Emma bu onuň ýaşy bilen bagly däldi. Sebäbi ol 125 ýaşynda bolsa-da, henizem gujur-gaýratlydy. Ol Ybraýym pygamberdi. Onuň ýanynda 25 ýaşly Yshak atly bir ýigit bardy. Bu ýigit arkasynda odun göterip barýardy. Ýaşuly bolsa pyçak we ot ýakmak üçin gerekli zatlary alypdy. Sebäbi Ýehowa oňa ogluny gurban getirmelidigini aýdypdy (Gel. çyk. 22:1—8). Bu onuň üçin iň agyr synagdy. Emma Ybraýym pygamber Hudaýy iman gözi bilen görendigi üçin gulak asdy. Ol gökdäki Atasy Ýehowanyň wepaly gullukçylaryndan ýüregine bitmejek ýara salýan zady hiç haçan talap etmeýändigine düşünýärdi. Eger ol gulak assa, Ýehowanyň hem özüni, hem ogluny patalajakdygyny bilýärdi. Ybraýym pygamber Hudaýa näme üçin iman edýärdi? Elbetde, ol öwrenen zatlary we durmuşynda bolan wakalar esasynda iman edýärdi. w16.02 1:3, 4

6-njy maý, şenbe

Men Ýehowanyň gyrnagydyryn! Goý, seniň aýdyşyň ýaly-da bolsun. Luka 1:38

Merýem Hudaýyň ýeke-täk Ogluny dünýä indirmek hormatyna mynasyp bolupdy. Merýem özüne bildirilen hormatyň käbir kynçylyklary döretjekdigi we ony çykgynsyz ýagdaýa saljakdygy hakynda oýlanan bolmaly. Jebraýyl perişde Merýeme hiç kim bilen jynsy gatnaşyk etmän, gudrat arkaly göwreli boljakdygyny aýdýar. Jebraýyl perişde Merýeme öýüne baryp, goňşularyna nädip göwreli bolandygyny düşündirmegi teklip etmedi. Olar muňa nähili garar? Merýem göwreli bolmagynyň adaglysy Ýusuba nähili täsir etjekdigi hakda aladalanan bolmaly. Ýöne Merýem Ýusuba wepalydygyny nädip düşündirip biler? Galyberse-de, Gudratygüýçli Hudaýyň ogluny dünýä indirmek, aladasyny edip, ulaltmak uly jogapkärçiligi talap edýärdi. Biz Merýemiň Jebraýyl perişde bilen gepleşende näme hakda oýlanandygyny anyk bilmeýäris. Emma biz onuň şu günki aýatdaky sözler bilen jogap berendigini bilýäris (Luka 1:26—37). w16.02 2:13, 14

7-nji maý, ýekşenbe

Onuň bilen duşuşmak üçin ark urugyndan ýakasyny ýyrtyp, başyndan gum sowran Huşaý diýen adam geldi. 2 Şam. 15:32

Huşaý atly bir adam Hudaýa wepaly galmak üçin batyrgaý hereket etmeli boldy. Huşaý Dawut patyşanyň wepaly dostudy. Emma bir gezek onuň wepalylygy synaldy. Dawudyň ogly Abşalom köp adamlary öz tarapyna çekip, Iýerusalimi basyp almak we tagty eýelemek isleýär (2 Şam. 15:13; 16:15). Şonda Dawut şäherden gaçyp gidýär. Indi Huşaý näme eder? Ol Abşaloma wepaly bolarmy ýa-da janyny halas etmek üçin gaçyp giden gartaşan patyşa? Huşaý Hudaýyň bellän patyşasyna wepaly bolmagy ýüregine düwüp, Dawut bilen görüşmek üçin Zeýtun dagyna gidýär (2 Şam. 15:30). Dawut Huşaýa Iýerusalime dolanmagy tabşyrýar. Huşaý özüni Abşalomyň dosty hökmünde alyp baryp, Ahytopeliň niýetini puja çykarmalydy. Huşaý janyny howp astyna salyp, Dawudyň tabşyrygyny batyrgaýlyk bilen ýerine ýetirdi. Şeýdip, ol Ýehowa wepaly boldy. Dawut onuň batyrgaý bolmagy üçin doga etdi (2 Şam. 15:31; 17:14). w16.02 4:15, 16

8-nji maý, duşenbe

Eger siz Hudaýyňyz Ýehowa gulak assaňyz, üstüňize bereket ýagyp, sizi bereket gurşap alar. Kan. tag. 28:2, TD

Ysraýyl halkyna berlen Kanun bize-de peýda getirip biler. Nädip? Munuň üçin şol kanundaky prinsiplere düşünjek bolmaly. Biz Musa arkaly berlen kanuna görä ýaşamasak-da, gündelik durmuşymyzda we mukaddes Hudaýymyz Ýehowa gulluk edenimizde, şol kanundaky ygtybarly görkezmelere eýerip bileris. Ýehowa biziň Kanundaky prinsiplere we ahlak kadalaryna gowy düşünip, durmuşda ulanmagymyz üçin, olary Mukaddes Ýazgylarda ýazdyrdy. Geliň, Isanyň aýdan sözlerine üns bereliň. Ol: «Siz: „Zyna etme“ diýlenini eşidensiňiz. Emma men size diýýärin, bir aýala azgyn höwes bilen seredýän adam ýüreginde onuň bilen eýýäm zyna edendir» diýdi. Şol sebäpli biz diňe bir zyna etmekden däl-de, ahlaksyzlyga eltýän islendik hereketden gaça durmaly (Mat. 5:27, 28). w16.03 4:6, 8

9-njy maý, sişenbe

Üstümizden hökümdarlyk eder ýaly, bize-de bir patyşa belle. 1 Şam. 8:5

Şamuwel şeýle bir lapykeç boldy welin, Ýehowa oňa ysraýyllylaryň haýyşyny bitirmegini üç sapar aýtdy (1 Şam. 8:7, 9, 22). Emma Şamuwel öz ýerini aljak adama ýüreginde ýigrenjiň kök urmagyna ýol bermedi. Ol Şawuly mesh etmeli bolanda, muny sowuk-sala däl-de, höwes bilen etdi. Şu günler tejribeli ýaşulular Şamuwelden görelde alyp, doganlara mähir bilen kömek edýärler (1 Pet. 5:2). Olar ýygnakda ýerine ýetirýän borçlaryny doganlara bermekden gorkmaýarlar we olara ruhy taýdan ösmäge kömek edýärler. Şeýle mugallymlar göripçilik etmeýärler we okuwçylaryny bäsdeşi hasaplamaýarlar. Gaýtam, olara «işdeşleri» we ýygnagyň gymmatly hazynalary hökmünde garaýarlar (2 Kor. 1:24; Ýew. 13:16). Şeýle kiçigöwünli mugallymlar ukyply okuwçylarynyň ýygnaga peýdasynyň degýändigini görüp begenýärler (Res. iş. 20:35). w15 15/4 1:16, 17

10-njy maý, çarşenbe

Saňa adalatly temmi bererin. Ýer. 30:11

Uzyýa «Rebbiň nazarynda dogry işleri edýärdi». Muňa garamazdan, Ýehowa Uzyýa temmi berýär we «ol tä ölýänçä ýokançly deri keselinden ejir çekýär». Oňa näme üçin temmi berilýär? (2 Pat. 15:1—5) 2 Patyşalar kitabynda bu barada hiç zat aýdylmaýar. Ýöne Ýehowa Uzyýa adalatsyz temmi berdi diýip biynjalyk bolmalymy? Eger biz Ýehowany gowy tanasak, onuň «adalatly temmi berýändigine» şübhelenmeris. 2 Ýyl ýazgylarynyň 26:3—5, 16—21-nji aýatlarynda Uzyýa patyşanyň Ýehowa gulak asandygy, emma soňra ruhanylaryň etmeli işlerini ýerine ýetirendigi we «gopbamsylyk edip, heläkçilige uçrandygy» barada gürrüň berilýär. 81 sany ruhany ony erbet niýetinden saklajak boldular. Şonda Uzyýa näme edýär? Tekepbir patyşa ruhanylara «gazaplanýar». Indi biz Ýehowanyň Uzyýany heýwere keseline sezewar edendigine geň galmasak gerek! w15 15/4 3:8, 9

11-nji maý, penşenbe

Iblis we Şeýtan diýip atlandyrylýan köne ýylan, bütin ýer ýüzüniň ýaşaýjylaryny aldaýan uly aždarha... ýer ýüzüne zyňyldy. Ylh. 12:9

Şu aýatda agzalýan Şeýtan diýip atlandyrylýan Iblise «Töhmetçi» hem diýilýär. Ol Ýehowa ýalançy diýip töhmet atýar. Mukaddes Ýazgylarda oňa «köne ýylan» hem diýilýär. Sebäbi Şeýtan Erem bagynda ýylan arkaly How enäni aldaýar. Ol «uly aždarha», ýagny wagşy haýwan kimin Ýehowanyň niýetine garşy çykyp, Onuň halkyny ýok etmek isleýär. Şeýtan aýypsyzlygyny saklaýan mesihçilere garşy göreşýär. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylar şeýle duýdurýar: «Hüşgär boluň, hemişe sagdyn pikirleniň! Duşmanyňyz bolan Iblis arlaýjy arslan kimin ýuwutjagyny agtaryp ýörendir» (1 Pet. 5:8). Hudaýyň gullukçylaryndan biri agyr günä etse, Şeýtan begenjinden ýaňa heşelle kakýar. Şeýdip, Iblis Ýehowa gyjalat berýär (Sül. tym. 27:11). w15 15/5 1:3, 4, 10

12-nji maý, anna

Ähli erbet zatlaryň köki pul söýgüsidir. 1 Tim. 6:10

Ýehowa biziň gowy şertlerde ýaşamagymyzy isleýär. Sebäbi ol Adam ata bilen How enä owadan öý berdi (Gel. çyk. 2:9). Ýöne Şeýtan «baýlygyň aldawçylygy» bilen bizi azdyrýar (Mat. 13:22). Köp adamlaryň pikiriçe, pul bagt getirýär, baýlyk üstünlik gazanmaga kömek edýär. Şeýle nädogry garaýyş iň wajyp zady, ýagny Ýehowa bilen dostlugymyzy bozup bilýär. Isa şägirtlerine şeýle duýdurýar: «Hiç kim iki hojaýynyň guly bolup bilmez. Sebäbi ol birini ýigrenip, beýlekisini söýer ýa-da birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýyň, hem baýlygyň guly bolup bilmersiňiz» (Mat. 6:24). Eger biz Ýehowa gulluk etmegiň deregine, baýlygyň guly bolsak, Şeýtanyň arzuwyny hasyl ederis. Geliň, Ýehowa bilen dostlugymyzy bozmaga pula, hiç bir zada ýol bermäliň! Maddy zatlara dogry garaýyşda bolup, Şeýtana garşy göreşeliň! (1 Tim. 6:6—10). w15 15/5 2:11

13-nji maý, şenbe

Eger bir agza horluk çekse, beýleki agzalar hem horluk çekerler. 1 Kor. 12:26

Adamlaryň çekýän ejirine hemişe düşünmek aňsat bolmaýar. Biz köp adamlaryň kynçylyklaryny başymyzdan geçiren däldiris. Meselem, käbir adamlar bir ýeriniň döwlendigi, keselçilik we garrylyk sebäpli ejir çekýärler. Başgalary göwnüçökgünlik, gorky we zorlugyň ýetiren täsiri sebäpli duýgy taýdan jebir çekýärler. Käbir maşgalalarda kakasynyň ýa-da ejesiniň ýoklugy, dini agzalalyk sebäpli kynçylyklar bolýandyr. Adamlar biziň başymyzdan geçmedik kynçylyklaryny gürrüň berende, Hudaýyň söýgüsine nädip eýerip bileris? Eger biz adamy ünsli diňlesek, onuň duýgusyna düşünip, gerekli kömegi bereris. Bu bize Ýehowanyň göreldesine eýerip, olary goldamaga kömek eder. Hemme adamyň zerurlygy birmeňzeş bolmasa-da, biz olary ruhlandyryp we gerekli kömegi berip bileris (Rim. 12:15; 1 Pet. 3:8). w15 15/5 4:6, 7

14-nji maý, ýekşenbe

Hudaýyň... güýji Mesih arkaly aýan boldy. 1 Kor. 1:24

Isa Ýehowanyň beren güýji arkaly gudrat görkezýärdi. Hawa, Güdratygüýçli Hudaý tebigatyň üstünden hökümdarlyk edýär. Muny geçmişde bolan birnäçe wakadan görse bolýar. Ýehowa Nuh pygambere: «Ýedi günden soň, Men kyrk gije-gündizläp ýere ýagyş ýagdyraryn» diýip, tupanyň boljakdygyny aýtdy (Gel. çyk. 7:4). Müsürden çykyş 14:21-de: «Reb... güýçli gündogar şemaly bilen deňziň suwuny kowdy» diýilýär. Ýunus 1:4-de: «Reb deňze güýçli ýel iberdi; deňizde elhenç gaý turdy we gämi çagşara geldi» diýilýär. Biz Ýehowanyň tebigatyň Eýesidigine begenýäris we gelejege ynamly garaýarys. Indi hiç haçan adamlar tebigy hadysalar sebäpli ejir çekmez ýa-da aradan çykmaz, sebäbi «Hudaýyň çadyry adamlar bilen» bolar. Şol döwri göz öňüňize getiriň! (Ylh. 21:3, 4). Mesih Ýehowanyň güýji arkaly Müňýyllykda tebigatyň üstünden doly höküm sürer. w15 15/6 1:15, 16

15-nji maý, duşenbe

Ýoluňy ol (ahlaksyz) aýaldan uzaklaşdyr, öýüniň gapysyna golaý barma. Sül. tym. 5:8

Süleýmanyň tymsallary 7-nji bapda bu maslahata eýermän, ahlaksyz aýalyň öýüniň deňinden geçen bir ýaş ýigit barada gürrüň berilýär. Ol ýigit ahlaksyzlyk edýär. Eger ýaş ýigit şol aýaldan daşrak duran bolsady! (Sül. tym. 7:6—27). Ýaş ýigit ýaly bizem paýhassyzlyk edip, erbet höwesleriň toruna düşüp bilerismi? Meselem, telewizoryň käbir kanallarynda gijelerine ahlaksyz zatlar görkezilýär. Biz kanallary eýläk-beýläk geçirip dursak näme bolar? Ýa-da biz Internetde güýmenip otursak, hat ýazyşylýan, habarlaşylýan saýtlarynda we sahypalarynda çykýan ahlaksyz suratlaryň, teklipleriň üstünden barsak näme? Bu zatlar bizde erbet höwesleri döretse, ahlak taýdan arassa bolup bilerismi? w15 15/6 3:8, 9

16-njy maý, sişenbe

Biziň günälerimizi bagyşla. Mat. 6:12

Isa näme üçin bir dogasynda «günämiziň» däl-de, «bergimiziň» geçilmegi barada aýtdy? (Mat. 6:12; Luka 11:4). Takmynan 60 ýyl mundan öň «Garawul diňi» žurnalynda şeýle düşündirilipdi: «Biz günä edenimizde Hudaýa bergidar bolýarys... Sebäbi Hudaý günäkäri ýaşaýyşdan mahrum edip bilýär... Ol kalbymyzdaky rahatlygy we özi bilen dostlukly gatnaşygymyzy bozup bilýär... Biz Hudaýa gulak asyp, söýgimizi görkezmeli; Hudaýa garşy günä edenimizde, biz oňa söýgimizi görkezmeýäris, şol sebäpli-de bergidar bolýarys» (1 Ýah. 5:3). Ýehowa Isanyň töleg gurbanynyň esasynda günälerimizi bagyşlaýar. Bu töleg 2 müň ýyl mundan ozal berildi. Emma biz töleg gurbanyny gymmat saýmaly we oňa şu gün berlen sowgat hökmünde garamaly. Bikämil adamlaryň hiç biri şeýle sowgady berip bilmeýär (Zeb. 49:7—9; 1 Pet. 1:18, 19). w15 15/6 5:9, 10

17-nji maý, çarşenbe

Aýak basýan ýerimi şöhratlandyraryn. Iş. 60:13

Siz şu günki kynçylyklaryň hötdesinden gelmäge kömek edýän owadan žurnallar arkaly wagyz edip bilýändigiňize begenýärsiňizmi? Galyberse-de, hoş habar jw.org web-saýtymyz arkaly bütin dünýäde ýaýradylýar. Bu bolsa Ýehowanyň dünýäniň ähli künjeginde ýaşaýan we görkezmä mätäç adamlaryň aladasyny edýändigini aýan edýär. Edilen özgerişler maşgala we şahsy okuwyna köp wagt sarp etmäge mümkinçilik döretdi. Kongresler ýyl-ýyldan has täsirli geçirilýär. Biz guramada bilim berýän köp mekdepleriň bardygyna çäksiz begenýäris! Bu özgerişler Ýehowanyň ýolbaşçylyk edýändigini aýdyň görkezýär. Biz onuň guramasynyň ösýändigine we ruhy jennetiň giňelýändigine begenjimizden ýaňa ganat baglap uçaýjak bolýarys. w15 15/7 1:16, 17

18-nji maý, penşenbe

Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý. Luka 10:27

Siz agzalalyk dörände özüňize: «Meniň ýerime Isa näme ederdi?» diýen soragy berip bilersiňiz. Ysraýyl ýurdunda ýahudaly, jelileli, samariýaly we başga-da dürli milletli adamlar ýaşaýardylar. Mukaddes Ýazgylarda olaryň arasynda dawa-jenjeliň bolandygy aýdylýar (Ýah. 4:9). Şeýle-de fariseýler bilen sadukeýleriň (Res. iş. 23:6—9); adamlar bilen salgytçylaryň (Mat. 9:11); bilimliler bilen bilimsizleriň arasynda düşünişmezlik bolýardy (Ýah. 7:49). I asyrda ysraýyllylar Rimiň goly astyndady; halk rimlileri ýigrenýärdi. Isa dini ýolbaşçylary paş edip, gutulyşyň ýehudylardan geljekdigini wagyz etse-de, hiç bir zatda bäsdeşlik etmeli däldigini öwredýärdi (Ýah. 4:22). Ol şägirtlerine «ýakynyny», ýagny ähli adamlary söýmegi tabşyrdy. w15 15/7 3:5

19-njy maý, anna

Ýehowa meniň tarapymdadyr, gorkmaryn, adam maňa näme edip biler? Ýehowa meniň tarapymdadyr, kömekçimdir. Zeb. 118:6, 7, TD

Hudaý adamlary söýmek hem-de söýülmek zerurlygy bilen ýaratdy. Biz garaşylmadyk ýagdaý, lapykeçlik, keselçilik, pul ýetmezçiligi we adamlaryň hoş habara sowuk-sala garaýandygy sebäpli käte ruhdan düşýäris. Emma Ýehowanyň bizi söýýändigini, gymmat saýýandygyny we «sag elimizden tutup» kömek edýändigini unutmaň. Hawa, Ýehowa wepaly gullukçylaryny hiç haçan terk etmeýär (Iş. 41:13; 49:15). Brijit uýanyň ýanýoldaşy aradan çykýar we iki çagasyny ýeke özi terbiýeleýär. Brijit şeýle gürrüň berýär: «Şeýtanyň dünýäsinde çagalaryňy ýeke terbiýelemekden agyr zat ýok eken. Emma men Ýehowanyň söýgüsini duýýaryn, ol meni gaýgy-hasratly günlerimde hemişe goldaýar. Ol hiç haçan güýjümden artyk synaga ýol bermeýär» (1 Kor. 10:13). w15 15/8 1:1—3

20-nji maý, şenbe

Sen oňa garaş. Hab. 2:3

Habakuk pygamber Iýerusalimiň weýran ediljekdigi barada pygamberlik etdi. Şäheriň harabaçylyga öwrüljekdigi barada ençeme ýyldan bäri pygamberlik edilýärdi. Şol günler şäherde «erbetler dogruçyllardan üstün çykýardy, şeýdibem, hakykat ýoýulýardy». Şonuň üçin Habakuk pygamberiň: «Ýa Reb, haçana çenli medet diläp perýat edeýin?» diýmegi geň galdyrmaýar. Ýehowa pygambere şäheriň «eglenmän» weýran ediljekdigini we oňa «garaşmalydygyny» aýtdy (Hab. 1:1—4). Göz öňüne getiriň, Habakuk ruhdan düşüp, şeýle pikir edýär: «Iýerusalimiň weýran boljakdygy birnäçe ýyldan bäri jar edilýär. Ol güne kän garaşmaly bolsa näme? Şäheriň weýran boljagy barada wagyz etmek gaty gülkünç görünýär. Kim pygamberlik etse-de, men bir etmäýinle». Eger-de Habakuk şeýle pikirlere ýol beren bolsa, Ýehowanyň merhemetinden mahrum bolup, Iýerusalimi basyp alan wawilonlylaryň elinden gaçyp gutulyp bilmezdi. w15 15/8 2:12, 13

21-nji maý, ýekşenbe

Erbetler bilen gatnaşyk etmek gowy endikleri bozýandyr. 1 Kor. 15:33

Biz erbet işleri edýän adamlar bilen ýakyn gatnaşyk saklasak, gowy häsiýetlerimiz bozular. Şol sebäpli diňe bir erbet adamlar bilen däl, eýsem, Ýehowanyň kada-kanunlaryny bilgeşleýin bozýan mesihçiler bilen gatnaşmakdan ägä bolmaly. Eger-de mesihçiler agyr günä edip, toba etmeseler, biz olar bilen gatnaşmaly däl (Rim. 16:17, 18). Hudaýyň kada-kanunlaryna tabyn bolmaýan adam bilen gatnaşyk saklasak, bizem olara meňzäp başlarys. Meselem, ahlaksyzlyk edýän adam bilen ýakyndan dostlaşsak, bizem ahlaksyzlygyň toruna düşüp bileris. Ýehowa özüni bagyş eden mesihçileriň käbiri ahlaksyzlyga baş goşup, toba etmän ýygnak gatnaşygyndan kesildiler (1 Kor. 5:11—13). Petrus resul şeýle mesihçileriň ýagdaýynyň öňküsinden-de erbet boljakdygyny aýtdy (2 Pet. 2:20—22). w15 15/8 4:4—6

22-nji maý, duşenbe

Tabşyryklarymy berjaý etseňiz, siz meniň dostlarym bolarsyňyz. Ýah. 15:14

Isa dostlaryny örän ünsli saýlaýardy. Ol Ýehowa wepaly gulluk edýän we öz yzyna eýerýän adamlar bilen dostlaşýardy. Sizem Ýehowa ak ýürekden gulluk edýänler bilen dostlaşýarsyňyzmy? Bu näme üçin wajyp? Dogan-uýalaryň bildirýän söýgüsi ruhy taýdan ösmäge kömek edýär. Ýaşlar, siz durmuşa gadam basyp, ýörejek ýoluňyzy saýlamaly bolýarsyňyz. Siz tejribeli we ýygnagyň agzybirligine goşant goşýan dogan-uýalar bilen dostlaşsaňyz gowy bolar. Sebäbi olar Hudaýa wepaly bolmak üçin ençeme kynçylyklara döz gelip, durmuşyň ajysyny hem süýjüsini dadandyrlar. Şonuň üçin olar durmuşda iň gowy ýoly saýlamaga ýardam berip bilerler. Şeýle dogan-uýalar bilen dostlaşsaň, olar paýhasly karara gelmäge we ruhy taýdan ösmäge kömek edip bilerler (Ýew. 5:14). w15 15/9 1:14, 15

23-nji maý, sişenbe

Oňa (Iblise) garşy... imanda berk duruň. 1 Pet. 5:9

Isa sözde we iş ýüzünde şägirtleriniň imanyny berkidýärdi (Mar. 11:20—24). Biz Isadan görelde alyp, dogan-uýalaryň imanyny birkitmäge kömek etsek, öz imanymyzy hem berkideris (Sül. tym. 11:25). Biz wagyz edenimizde we Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirenimizde, Hudaýyň bardygyna, biziň aladamyzy edýändigine, Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň ylhamlanan Sözüdigine subutnamalar getirsek gowy bolar. Şeýle-de biz dogan-uýalaryň imanyny berkitmäge kömek etmeli. Eger siz käbir dogan-uýalaryň jogapkärli borçlary ýerine ýetirýän doganlardan nägile bolup, olaryň aýdýanlaryna şübhelenýändigini görseňiz, şeýle dogan-uýalardan çetde durmagyň deregine, olara howpdan goranmaga we imanyny berkitmäge kömek ediň (Ýahd. 22, 23). Mekdepde ewolýusiýa taglymaty öwredilende, siz ýaradylyşa iman edýändigiňizi mertlik bilen gürrüň beriň. Şonda siz mugallymyňyza we klasdaşlaryňyza nähili täsir edýändigini görüp, haýran galsaňyz gerek. Ýehowa bize-de imanymyzy berkitmäge kömek edýär (1 Pet. 5:10). Bizem imanda berk durmaga tagalla etsek, Ýehowa bol bereket berer. w15 15/9 3:20, 21

24-nji maý, çarşenbe

Gökler Hudaýyň şöhratyny yglan edýär, gök gümmezi Onuň elleriniň işinden habar berýär. Zeb. 19:1

Şu günler Ýehowa bize özüni tanadyp, niýetini aýan edýär we ýaradan zatlary, Sözi barada öwredýär. Bu dünýä ýokary bilim almagy we wezipe gazanmagy öňe sürýär. Emma şeýle maksatlar köplenç Hudaýa bolan söýgiňi we imanyňy gowşadýar. Mukaddes Ýazgylarda diňe bilim almak däl, eýsem, akyldarlyk we düşünje gazanmak hem maslahat berilýär. Ýehowa biziň öwrenen zatlarymyzy dogry ulanmagymyza we adamlara kömek etmegimize isleýär (Sül. tym. 4:5—7). Hudaý «ähli adamlaryň halas bolmagyny we hakykat barada dogry bilim almagyny isleýändir» (1 Tim. 2:4). Biz Patyşalyk baradaky hoş habary gürrüň berip, Ýehowanyň adamzat babatdaky niýetine düşünmäge kömek etsek, Hudaýa bolan söýgimizi görkezýäris (Zeb. 66:16, 17). w15 15/9 5:10, 11

25-nji maý, penşenbe

Öňki ýazylan zatlaryň ählisi bize görkezme üçin ýazylypdyr. Rim. 15:4

Ylýas pygamber Ýehowa berk iman edýärdi. Geliň, onuň durmuşynda bolan bäş ýagdaýa seredeliň. 1) Ylýas pygamber ynam bilen Ahap patyşa: «Rebden ant içýärin. Tä men buýruk berýänçäm, ýurtda... ne çyg bolar, ne-de ýagyn» diýip, Ýehowanyň gurakçylyk etjekdigini aýtdy (1 Pat. 17:1). 2) Ol gurakçylyk döwründe Ýehowanyň adamlaryň we özüniň aladasyny etjekdigine ynanýardy (1 Pat. 17:4, 5, 13, 14). 3) Ylýas Ýehowanyň dul aýalyň ogluny direltjekdigine iman edýärdi (1 Pat. 17:21). 4) Ol Karmel dagynda beren gurbanlygyny Ýehowanyň kabul etjekdigine şübhelenmeýärdi (1 Pat. 18:24, 37). 5) Ylýas ýagyş entek ýagmasa-da, Ahaba: «Git-de, iýip-iç, çünki güýçli ýagşyň sesi gelýär» diýip, ynam bilen aýtdy (1 Pat. 18:41). Bu wakalar bize imanymyzyň berkdigini barlamaga kömek eder. w15 15/10 2:4, 5

26-njy maý, anna

Bu zatlar barada oýlan. 1 Tim. 4:15

Dil—Ýehowanyň beren ajaýyp sowgady (Zeb. 139:14; Ylh. 4:11). Hudaý biziň beýnimizi täsin edip ýaratdy. Haýwanlardan tapawutlylykda, biz «Hudaýyň keşbinde» ýaradyldyk. Biziň saýlamaga mümkinçiligimiz bar, sebäbi Hudaý bizi erkin edip ýaratdy. Şonuň üçin biz geplemek ukybymyzy ulanyp, Ýehowany şöhratlandyryp bilýäris (Gel. çyk. 1:27). Ýehowa adamlara Mukaddes Ýazgylary sowgat berdi. Bu täsin sowgat arkaly dilleri ýaradan Hudaýy şöhratlandyryp bilýäris. Mukaddes Ýazgylar tutuşlygyna ýa-da onuň käbir kitaplary 2 800-den gowrak dilde bar. Biz Mukaddes Ýazgylarda aýdylan zatlar barada oýlansak, Hudaýyňky ýaly pikir edip başlarys (Zeb. 40:5; 92:5; 139:17). Bu bolsa bize paýhasly bolup, gelejekde halas bolmaga kömek eder (2 Tim. 3:14—17). Oýlanmaklyk bu bir zada ünsüňi jemläp, şol hakda pikirlenmegi we ýagşy bilen ýamany kesgitlemegi aňladýar (Zeb. 77:12; Sül. tym. 24:1, 2). Esasan-da, Ýehowa we Isa hakda öwrenýän zatlarymyz barada oýlanmaklyk has köp peýda berýär (Ýah. 17:3). w15 15/10 4:2—4

27-nji maý, şenbe

Eger öz öý-içerisi barada gowy alada edip bilmeýän bolsa, onda ol Hudaýyň ýygnagynyň aladasyny nädip etsin? 1 Tim. 3:5

Isa aýdýan sözleri hem-de göreldesi bilen şägirtleriniň başgalara kiçigöwünlilik bilen hyzmat etmelidigini görkezdi (Luka 22:27). Ol resullaryna imandaşlary bilen gatnaşanlarynda hem-de Ýehowa gulluk edenlerinde janaýamaz bolmalydygyny öwretdi. Sizem kiçigöwünli we janaýamaz bolup, çagalaryňyza şeýle etmegi öwredip bilersiňiz. Iki çagaly Debi uýa şeýle diýýär: «Men ýanýoldaşymyň ýaşuly hökmünde başgalara wagt sarp edýändigine hiç haçan gaharlanmaýaryn. Sebäbi maşgalamyza üns bermeli bolanda, onuň hökman goldajakdygyny bilýärin». Bu uýamyzyň ýanýoldaşy Pranas oňa goşulyp: «Wagtyň geçmegi bilen, biziň çagalarymyz kongreslere we Hudaýyň guramasyndaky beýleki çärelere gatnaşmak islediler. Olar ruhy taýdan ösdüler, dost tapyndylar we özleriniň söýülýändigini duýýarlar» diýýär. Häzir bu maşgalanyň ähli agzalary Ýehowa pioner bolup gulluk edýär. Eger siz hem kiçigöwünli bolup, janaýamazlyk bilen gulluk etseňiz, çagalaryňyz başgalara hyzmat etmegi öwrener. w15 15/11 1:9

28-nji maý, ýekşenbe

Hudaý göze görünmese-de, adamlar ýaradylan zatlar arkaly onuň güýjüne we häsiýetlerine düşünip bilýärler. Rim. 1:20

Ýehowanyň beýik söýgüsi köp zatda görünýär. Geliň, Älem giňişliginiň örän täsin ýaradylandygyna üns bereliň. Älem-jahanda milliardlarça galaktika bolup, her galaktikada milliardlarça ýyldyzlar we planetalar bar. Meselem, Gün biziň Akmaýanyň ýoly galaktikamyzdaky ýyldyzlaryň biri bolup, onsuz ýaşaýyş şertleriniň köpüsi asla mümkin bolmazdy. Ýaradylan zatlaryň ählisi Ýehowanyň hak Hudaýdygyny hem-de onuň güýç, akyldarlyk we söýgi ýaly häsiýetlerini aýan edýär. Ýehowa ýer ýüzündäki zatlaryň ählisini ýaşaýyşdan lezzet almak üçin ýaratdy. Ol ynsanlaryň ebedi ýaşamagy üçin, kämil beden we aň-düşünje berip, olary owadan Erem bagynda ýerleşdirdi (Ylh. 4:11). Şeýle-de Ýehowa «bütin adamzada iýmit berýär, çünki merhemeti ebedidir» (Zeb. 136:25). w15 15/11 3:7, 8

29-njy maý, duşenbe

Siziň bilen bolaryn. Mat. 28:20

Patyşamyz ençeme ýyldan bäri millionlarça adamlaryň ýüregini Patyşalyk baradaky hoş habary kabul etmäge taýýarlamagymyz üçin, bize dürli esbaplary berýär. Bu esbaplaryň käbiri onlarça ýyl ulanylan bolsa-da, käbirleri häzire çenli gymmatyny gaçyrmady. Muňa garamazdan, olaryň ählisi bize has ökdelik bilen wagyz etmäge kömek edýär. Köplere wagyz gullugyna başlamaga ýardam eden esbaplaryň biri wagyz etmek üçin ulanylan kartoçkadyr. Wagyzçylar ony 1933-nji ýylda ulanyp başladylar. Kartoçkada Mukaddes Ýazgylaryň habary gysgaça beýan edilýärdi. Wagyz etmek üçin ulanylan kartoçka köp tarapdan peýda berýärdi. Käbir dogan-uýalaryň wagyz etmäge güýçli islegi bolsa-da, olar çekinýärdiler we näme diýjegini bilmeýärdiler. Käbirleriniň bolsa, aýdara zady köpdi. Olar adama bilýän zatlarynyň ählisini birnäçe minutda gürrüň berip bilerdiler, emma olaryň teklibi sypaýyçylykly bolmazdy. Munuň tersine, kartoçkadaky gysgadan gowy saýlanan sözler wagyzçynyň aýtmaly zatlaryny düşnükli beýan edýärdi. w15 15/11 5:3—6

30-njy maý, sişenbe

Olar Ýehowanyň adyna alkyş aýtsynlar. Zeb. 148:3, TD

Mukaddes Ýazgylardaky aýatlaryň köpüsinde Hudaýyň adynyň mukaddesligi we wajyplygy görkezilýär (Müs. çyk. 3:15; Zeb. 83:18; Iş. 42:8; 43:10; Ýah. 17:6, 26; Res. iş. 15:14). Mukaddes Ýazgylaryň Awtory bolan Ýehowa Hudaý ony ýazan adamlary Öz adyny ençeme gezek ulanmaga ylhamlandyrdy (Ezek. 38:23). Gadymy golýazmalarda Hudaýyň ady müňlerçe gezek duş gelse-de, ony Mukaddes Ýazgylardan aýyrýan terjimeçiler Awtora hormat goýmaýandygyny görkezýärler. Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň adynyň bolmalydygyny görkezýän subutnamalar gitdigiçe köpelýär. «Täze dünýä terjimesiniň» 2013-nji ýylda çykan täzeden seredilen görnüşinde Hudaýyň ady 7 216 gezek ulanylyp, 1984-nji ýylda çykan neşirine garanyňda, 6 aýatda köp duş gelýär. Olaryň bäşisi Öli deňzinden tapylan golýazmalaryň esasynda 1 Şamuwel 2:25; 6:3; 10:26; 23:14, 16-njy aýatlarda dikeldildi. Bu golýazmalardan 1 000 ýyl öň bolan ýewreý masoret ýazgylarynda hem şol aýatlarda Hudaýyň ady duş gelýärdi. Şeýle-de gadymy golýazmalaryň öwrenilmegi netijesinde, Serdarlar 19:18-de Hudaýyň ady ulanyldy. w15 15/12 2:5, 6

31-nji maý, çarşenbe

Bir-biriňize mundan beýläk-de doganlyk söýgiňiz bolsun. Ýew. 13:1

Biz doganlary häzirden hasam söýmegi öwrenmeli. Bu bize gelejekde boljak kynçylyklara we synaglara döz gelmäge kömek eder. Agyr muşakgat duýdansyz başlanmanka, biz doganlary öňküdenem güýçli söýmäge jan etmeli. Dogan-uýalarymyzyň köpüsi ýertitreme, suw joşguny, harasatdyr tupan sebäpli betbagtçylyga uçraýarlar. Käbirleri bolsa yzarlanýar we garşylyklara duş gelýär (Mat. 24:6—9). Şeýle-de biz parahorlygyň giňden ýaýrandygy sebäpli ýeter-ýetmezçilikden kösenýäris (Ylh. 6:5, 6). Şeýle kynçylyklar köpeldigi saýyn, dogan-uýalary ýürekden söýýändigimizi görkezip bilýäris. «Köpleriň söýgüsi sowasa-da», biz doganlara bolan söýgimiziň sowaşmaýandygyny görkezmeli (Mat. 24:12). w16.01 1:8, 9

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş