Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es17 sah. 57—67
  • Iýun

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Iýun
  • Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2017
  • Sözbaşylar
  • 1-nji iýun, penşenbe
  • 2-nji iýun, anna
  • 3-nji iýun, şenbe
  • 4-nji iýun, ýekşenbe
  • 5-nji iýun, duşenbe
  • 6-njy iýun, sişenbe
  • 7-nji iýun, çarşenbe
  • 8-nji iýun, penşenbe
  • 9-njy iýun, anna
  • 10-njy iýun, şenbe
  • 11-nji iýun, ýekşenbe
  • 12-nji iýun, duşenbe
  • 13-nji iýun, sişenbe
  • 14-nji iýun, çarşenbe
  • 15-nji iýun, penşenbe
  • 16-njy iýun, anna
  • 17-nji iýun, şenbe
  • 18-nji iýun, ýekşenbe
  • 19-njy iýun, duşenbe
  • 20-nji iýun, sişenbe
  • 21-nji iýun, çarşenbe
  • 22-nji iýun, penşenbe
  • 23-nji iýun, anna
  • 24-nji iýun, şenbe
  • 25-nji iýun, ýekşenbe
  • 26-njy iýun, duşenbe
  • 27-nji iýun, sişenbe
  • 28-nji iýun, çarşenbe
  • 29-njy iýun, penşenbe
  • 30-njy iýun, anna
Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2017
es17 sah. 57—67

Iýun

1-nji iýun, penşenbe

Ýumşak dil süňki döwýändir. Sül. tym. 25:15

Biri göwnümize degiji sözleri aýtsa, mähirli jogap bersek, gowy netije berer (Sül. tym. 15:1). Meselem, çagasyny ýeke terbiýeleýän bir uýamyzyň ýetginjek ogly ikiýüzli durmuş alyp barýar. Başga bir uýa ýagşy niýet bilen onuň ejesine: «Gynansak-da, sen çagaňa gowy terbiýe berip bilmänsiň» diýýär. Şonda oglanyň ejesi biraz oýlanyp: «Hawa, häzir-ä ýagdaý öwerlik däl, ýöne onuň terbiýesi heniz tamamlananok. Biz muňa Armageddondan soň doly göz ýetirip biläýmesek» diýip jogap berýär. Uýamyzyň ýumşaklyk bilen jogap bermegi olaryň arasynda parahatlygyň bolmagyna ýardam etdi. Şeýle-de uýamyzyň ogly bu gürrüňdeşligi eşidip, ejesiniň ondan umydyny üzmeýändigine begenýär. Şeýdip, ol ýaramaz dostlary bilen arasyny kesýär we wagtyň geçmegi bilen, suwa çümdürilip, soňra Beýtelde gulluk edip başlaýar. Dogan-uýalarymyz, maşgala agzalarymyz ýa-da tanamaýan adamlarymyz bilen gepleşenimizde «duzuň nahary tagamly edişi ýaly, biziň hem sözlerimiz ýakymly bolmaly» (Kol. 4:6). w15 15/12 3:15, 17

2-nji iýun, anna

Ot ýalynlaryna meňzeş diller... bölünip, hersiniň üstünde durdy. Res. iş. 2:3

Eger sizem Pentikost güni 120-ä golaý şägirtleriň arasynda bolup, başyňyzda ot ýalynlaryna meňzeş dilleriň peýda bolandygyny gören bolsaňyz, şol gün hiç haçan ýadyňyzdan çykmazdy. Şeýle-de gudrat bilen başga dilde gepläp başlan bolsaňyz, mukaddes ruh arkaly mesh edilendigiňize asla şübhelenmezdiňiz (Res. iş. 2:6—12). Emma mukaddes ruh arkaly mesh edilenleriň ählisi 120-ä golaý şägirt ýaly täsin usul bilen bellendimi? Ýok. Şol gün Iýerusalimde ýygnanan başga adamlaram suwa çümdürilen badyna mesh edildi (Res. iş. 2:38). Şonda olaryň başynda ot ýalynlaryna meňzeş diller peýda bolmady. Ýöne mesh edilenleriň hemmesi suwa çümdürilen güni mesh edilmeýär. Samariýalylar suwa çümdürilenden biraz wagt geçensoň mesh edildi (Res. iş. 8:14—17). Korneliý bolsa öý-içerisi bilen suwa çümdürilmänkä mesh edildi (Res. iş. 10:44—48). w16.01 3:3, 5

3-nji iýun, şenbe

Mukaddes ruh arkaly alan agzybirligiňizi goramaga jan ediň. Efes. 4:3

Mesh edilenler pesgöwünli bolup, ýerde ýaşamaga umyt edýän mesihçilere garanyňda, özlerine köp mukaddes ruh berlendir öýtmeýärler. Olar özlerini ýokary tutmaýarlar we aýratyn hormat goýulmagyna garaşmaýarlar. Şeýle-de olar hiç haçan başgalary hem mesh edilendigine ynandyrjak bolmaýarlar we beýlekilere nyşanlardan datmagy maslahat bermeýärler. Gaýtam, olar pesgöwünlilik bilen Ýehowanyň mesh edýändigine düşünýärler. Mesh edilenler özlerine aýratyn sylag-hormat goýulmagyny islemeýärler (Efes. 1:18, 19; Flp. 2:2, 3). Ýehowanyň mukaddes ruhy olaryň mesh edilendigine şaýatlyk edýär. Şonuň üçin olar muny hemme ýere jar etmeýär. Eger käbir adamlar mesihçiniň mukaddes ruh arkaly bellenendigine ynanmasa, mesh edilen dogan ýa-da uýa muňa geň galmaýar. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda Hudaý tarapyndan bellendim diýen adamlara çalt ynanmaly däldigi aýdylýar (Ylh. 2:2). w16.01 4:6, 7

4-nji iýun, ýekşenbe

Hudaýyň bereketi, gör, nähili boldur! Akyldarlygy we bilimi diýseň çuňdur! Rim. 11:33

Ýehowa ençeme gezek gudrat bilen Ybraýym pygamber bilen Sarany gorady (Gel. çyk. 12:10—20; 20:2—7, 10—12, 17, 18). Bu Ybraýymyň imanyny has-da berkitdi. Biz hem Ýehowa bilen dostlaşyp bilerismi? Elbetde! Munuň üçin Hudaý barada bilim almaly. Ybraýym Hudaýyň çuňňur akyldarlygyna doly göz ýetirip bilmeýärdi (Dan. 12:4). Dogrudan-da, Hudaýyň Sözüne gymmatly hazyna diýse bolýar. Sebäbi ol gögi we ýeri Ýaradany tanamaga, Oňa bolan hormaty hem-de söýgini ösdürmäge kömek edýär (Gel. çyk. 14:22). Biz ony okap, Hudaýa gulak asmagy öwrenýäris. Bu bolsa bize Hudaýa bil baglamaga kömek edýär. Ýehowanyň berýän görkezmeleri bizi goraýar, güýç berýär we Ony razy etmäge kömek edýär. Ýehowa ýürekden gulluk etsek, kalbymyz rahat bolar we şatlyk taparys (Zeb. 34:8; Sül. tym. 10:22). Ýehowany has ýakyndan tanasak, imanymyz artyp, Onuň bilen dostlugymyz berkär. w16.02 1:7, 8

5-nji iýun, duşenbe

Ol gullukçysy Ysraýyla kömege geldi... Ol muny ata-babalarymyza... wada edipdi. Luka 1:54, 55

Şu sözler Merýemiň Ýazgylary gowy bilýändigini görkezýär. Onuň sözleri ençeme asyr öň ýaşan Şamuweliň ejesi Hannanyň eden dogasynda aýdan sözlerine meňzeýärdi (1 Şam. 2:1—10). Biz Merýemiň 20 gezek Ýazgylara salgylanandygyny bilýäris. Bu onuň ruhy zatlar barada gürrüň etmegi gowy görendigini görkezýär. Merýem gymmatly ruhy hazynany, ýagny Dosty Ýehowa Hudaýdan öwrenen zatlaryny ýüreginde saklaýardy. Biz hem Merýem ýaly käte durmuşymyza täsir edýän Ýehowanyň ýumuşlaryny ýerine ýetirmeli bolýarys. Geliň, Merýemden görelde alyp, özümizi Ýehowanyň eline tabşyralyň we Oňa bil baglalyň. Biz Ýehowa we onuň niýetleri barada aýdylýan zatlary ünsli diňlesek, hemişe ruhy zatlar barada oýlansak, bilen zatlarymyzy adamlara höwes bilen gürrüň bersek, Merýemiň göreldesine eýereris (Zeb. 77:11, 12; Luka 8:18; Rim. 10:15). w16.02 2:17, 18

6-njy iýun, sişenbe

Siziň haýsy biriňiz bina gurmakçy bolanyňyzda, ony tamamlamaga güýjüňiziň ýetjekdigini ýa-da ýetmejekdigini bilmek üçin, ilki oturyp, çykdajylary hasaplamaz? Luka 14:28

Biz bütin dünýäde her ýyl müňlerçe ýaşlaryň suwa çümdürilýändigine diýseň begenýäris (Wag. 12:1). Emma mesihçi ene-atalar we ýygnak ýaşululary ýaşlaryň öz islegi bilen suwa çümdürilýändigine hem-de onuň manysyna doly düşünýändigine göz ýetirjek bolýarlar. Adam özüni Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilensoň, Hudaýyň berekedini alýar, ýöne oňa Şeýtanam topulyp başlaýar (Sül. tym. 10:22; 1 Pet. 5:8). Şol sebäpli mesihçi ene-atalar çagalaryna Isanyň şägirdi bolmagyň näme aňladýandygyny öwretmek üçin wagtyny gaýgyrmaýarlar. Emma ene-atasy Ýehowa iman etmeýän ýaşlara ýygnak ýaşululary söýgi bilen kömek edýär (Luka 14:27—30). Jaýyň gurluşygyny doly tamamlamak üçin öňünden çykdajysyny hasaplamaly. Şonuň ýaly-da, Ýehowa «soňuna çenli» wepaly gulluk etmek üçin gowy taýýarlyk görmeli (Mat. 24:13). w16.03 1:1, 2

7-nji iýun, çarşenbe

Hudaýyň hiç kimi ala tutmaýandygyna göz ýetirdim. Ol Özünden gorkýan we dogrulyk edýän islendik halkdan bolan adamy kabul edýändir. Res. iş. 10:34, 35

Musanyň kanuny diňe bir halka, ýagny göni manydaky ysraýyllylara berlipdi. Emma ruhy Ysraýyl dürli milletden we halkdan bolan adamlardan ybaratdy. Ysraýyl halkyna Musa arkaly berlen kanun daşyň ýüzüne ýazylypdy. Ruhy Ysraýyla berlen «Mesihiň kanunyndaky» prinsipler bolsa adamyň ýüregine ýazylýar. «Mesihiň kanuny» mesihçileriň ählisine degişli bolup, olar nirede ýaşasalar-da peýda getirýär (Gal. 6:2). Ýehowanyň Ogly Isa arkaly berýän görkezmeleri ruhy Ysraýyla köp peýda getirýär. Isa resullary bilen täze äht baglaşmanka, iki sany wajyp tabşyryk berdi. Olaryň biri wagyz etmek bilen baglanyşyklydy. Beýlekisi bolsa Isanyň şägirtleriniň edim-gylymyna we olaryň imandaşlary bilen özüni nähili alyp barmalydygyna degişlidi. Şol tabşyryklar mesihçileriň ählisine berlipdi, şonuň üçin biz gökde ýa-da ýerde ýaşamaga umyt edýändigimize garamazdan, olary berjaý etmeli. w16.03 4:10, 11

8-nji iýun, penşenbe

Birek-birege hormat goýmaga taýyn boluň. Rim. 12:10

Ýygnak ýaşulusy dogany taýýarlamak üçin, ilki, amatly şertleri döretmeli we onuň bilen dostlaşmaly. Ýaşulularyň şeýle gatnaşyklary ýola goýmak üçin edýän tagallary her ýurtda dürli-dürli bolup biler. Elbetde, olar ýerli ýagdaýy we medeniýeti göz öňünde tutmaly. Ýöne ýaşulular haýsy ýurtda ýaşasa-da, näçe başagaý bolsa-da, okuwçysyna wagt sarp etse, oňa: «Sen meniň gadyrly dostum» diýen ýaly bolardy. Şonda okuwçy gadrynyň bilinýändigini duýup, höwes bilen öwrener. Ökde mugallym diňe bir öwretmegi gowy görmän, eýsem, öwredýän okuwçysyny hem gowy görýär (Ýahýa 5:20-ni deňeşdiriň). Mugallymynyň söýgüsini duýýan okuwça öwrenmek aňsat bolar. Gadyrly ýaşulular, dogany taýýarlanyňyzda, diňe bir mugallym bolman, hakyky dost boluň (Sül. tym. 17:17; Ýah. 15:15). w15 15/4 1:19, 20

9-njy iýun, anna

Ol tä ölýänçä ýokançly deri keselinden ejir çekdi. 2 Pat. 15:5

Mukaddes Ýazgylardaky Uzyýa patyşa bilen bolan waka we başga-da wakalar hakda ähli jikme-jiklikler aýdylmaýar (2 Pat. 15:7, 32; 2 Ýyl. 26:3—5, 16—21). Siz käbir zatlara düşünmeseňiz, Ýehowanyň dogry karara gelýändigine şübhelenersiňizmi? Ýa-da Ýehowanyň adalatlydygyna we Mukaddes Ýazgylarda ýeterlikli subutnamalaryň getirlendigine ynamly bolarsyňyzmy? (Kan. tag. 32:4). Biz Ýehowany näçe gowy tanasak, şonça-da oňa bolan söýgimiz hem minnetdarlygymyz artar we düşünmedik zatlarymyz barada çendenaşa alada etmeris. Munuň üçin biz Hudaýyň Sözüni okamaly we çuňňur oýlanmaly (Zeb. 77:12, 13). Şonda biz Ýehowanyň hakyky dosty bolarys. w15 15/4 3:8, 10

10-njy iýun, şenbe

Eý, Onuň sözüniň owazyny eşidip, sözüni berjaý edýän, gudraty güýçli perişdeler, Ýehowa alkyş aýdyň. Zeb. 103:20, TD

Perişdeler — «gudraty güýçli» ruhy şahsyýet. Olar adamlardan beýik, örän paýhasly we güýçlüdir. Elbetde, Hudaýa wepaly perişdeler güýjüni ýagşy işlere sarp edýär. Meselem, Ýehowanyň perişdesi aşurlylaryň 185 müň esgerini öldürýär. Muny ne adam başarar, ne-de ägirt uly goşun (2 Pat. 19:35). Bir güýçli we başarjaň perişde bolsa, Isanyň resullaryny türmeden boşadýar. Ol sakçylaryň gözüniň alnynda gapylary açýar-da, resullary boşadyp, gapylary öňküsi ýaly ýapyp gaýdýar (Res. iş. 5:18—23). Wepaly perişdelerden tapawutlylykda, Şeýtan güýjüni erbet işlere sarp edýär. Ol diýseň güýçli we täsir ediji şahsyýet. Mukaddes Ýazgylarda oňa «dünýäniň hökümdary» diýilýär (Ýah. 12:31). w15 15/5 1:5, 6

11-nji iýun, ýekşenbe

Günäniň aldawyna düşüp, kesir bolmaň. Ýew. 3:13

Biz durmuş guran ýa-da gurmadyk bolsak-da, jynsy ahlaksyzlygyň ähli görnüşlerinden gaça durmaly. Muňa garşy göreşmek aňsatmy? Elbetde, ýok! Meselem, ýaşlar oýlanman jynsy gatnaşyk edýärler. Käte telefon arkaly ahlaksyz suratlary ýa-da maglumaty ýaýradýarlar (seksting). Käbir ýurtlarda muny çaga pornografiýasy bilen deň derejede görülýär. Ýaşlar klasdaşlarynyň şu zatlar barada öwnüp, gürrüň edýändiklerini eşidýärler. Mukaddes Ýazgylarda: «Ahlaksyzlyk edýän adam öz bedenine garşy günä edýändir» diýilýär (1 Kor. 6:18). Jynsy gatnaşyk arkaly ölüm getirýän we hasrat çekdirýän keseller geçýär. Ýaşlaryň köpüsi azgynlyk edenden soňra puşman edýärler. Göwün açmagyň käbir görnüşleri Hudaýyň kanunyny bozmagyň hiç hili zyýany ýok we jynsy azlaksyzlygy gowy ýaly edip görkezýär. Aslynda, bu düýbünden dogry däl. Şeýle garaýyşdaky adamlar «günäniň aldawyna düşüp», ejir çekýärler. w15 15/5 2:13

12-nji iýun, duşenbe

Ol gadyr bilmezlere-de, zalymlara-da ýagşylyk edýändir. Luka 6:35

Isa-da adamlar bilen gürrüňdeş bolanda, Hudaýyň mähribanlygyndan görelde alýardy. Oňa näme kömek edýär? Isa aýtjak sözleriniň we özüni alyp barşynyň adamlara nähili täsir etjekdigi barada oýlanýardy. Meselem, bir ahlaksyz aýal Isanyň ýanyna barýar we aglap, gözýaşlary bilen onuň aýagyny ýuwmaga durýar. Isa onuň toba edýändigini bilýär. Şonuň üçin aýalyň ýüregine ýara saljak gödek sözleri aýtman, ony öwýär we bagyşlaýar. Muny gören fariseý nägilelik bildirende, Isa oňa-da mähirli düşündirýär (Luka 7:36—48). Biz Hudaýyň mähribanlygyna nädip eýerip bileris? Pawlus resul: «Hudaýyň guly dawalaşmaly däl, gaýtam, ol hemmeler bilen ýumşak... bolmalydyr» diýdi (2 Tim. 2:24). Biz adamlaryň ýerine özümizi goýup görmeli we sözümiziň, özümizi alyp barşymyzyň beýlekilere nähili täsir etjekdigi barada oýlanmaly. Şonda Ýehowanyň mähirliligine eýerip bileris (Sül. tym. 15:28). w15 15/5 4:8, 9

13-nji iýun, sişenbe

Eliňden gelse, ýagşylygy edilmeli adamlardan gaýgyrma. Sül. tym. 3:27

Biz kynçylyga uçran dogan-uýalara maddy we ruhy taýdan kömek edip, teselli bermeli (Sül. tym. 17:17). Şeýle-de biz tebigy betbagtçylyga uçranlary goldamak üçin elimizde baryny etmeli. Meselem, tupan sebäpli öýsüz galan dul aýal: «Men Ýehowanyň guramasynyň agzasydygyma we onuň berýän maddy hem ruhy kömegine örän begenýärin» diýip minnetdarlyk bildirýär. Durmuşa çykmadyk uýa tupanyň öýüne ýetiren zyýanyny görüp, ruhdan düşýär. Ol dogan-uýalaryň beren kömegi barada şeýle diýýär: «Men haýran galdym! Şatlygymy söz bilen aýdyp bilmeýärin... Ýehowa, köp sag bol!» Biz adamlaryň ýürekden aladasyny edýän Ýehowa Hudaýymyzyň, Isa Mesihiň we bütindünýä doganlygymyzyň bardygyna örän begenýäris. w15 15/6 1:17

14-nji iýun, çarşenbe

Uly ýaşly aýallara ejeň ýaly, ýaş uýalara bolsa jigiň ýaly garap, päk ýürekden hormat goý. 1 Tim. 5:2

Mukaddes Ýazgylaryň başga jynsly adam bilen özüňi nädip alyp barmalydygy baradaky maslahaty erbet höweslerden gaça durmaga kömek edýär. Bu maslahata eýerýän adam näz-kereşme etmeýär. Emma käbirleri näzli bakyşyň, sözleriň we hereketleriň hiç hili zyýany ýokdur öýdýärler. Şeýle adamlar jynsy gatnaşyk etmeýäris diýip özüni aklaýarlar. Ýöne näz-kereşme ahlaksyz pikirlere we günä iterýär. Şeýle ýagdaý geçmişde-de, şu günlerem boldy. Ýusup paýhasly bolmakda gowy görelde galdyrdy. Potyparyň aýaly Ýusuba näz-kereşme edip, onuň bilen jynsy gatnaşyk etmek isledi. Ýusup oňa garşy dursa-da, aýal niýetinden dänmedi. Ol her gün Ýusuby özi bilen ýatmaga yrjak bolýardy (Gel. çyk. 39:7, 8, 10). Emma Ýusup geleňsizlik edip, onuň teklibine gulak gabartmady. Şol sebäpli erbet pikirler onuň ýüreginde kök urmady. w15 15/6 3:10, 11

15-nji iýun, penşenbe

Bize garşy günä edýän adamlaryň günäsini bagyşlaýşymyz ýaly, sen-de biziň günälerimizi bagyşla. Mat. 6:12

Ýehowa biziň diňe özümiziň däl-de, ähli adamlaryň, hatda bize garşy günä edýänleriň hem ruhy taýdan aladasyny etmegimizi isleýär. Adatça, adamlaryň bize garşy edýän günäsi ujypsyz bolýar. Biz olary höwes bilen bagyşlasak, Ýehowadan görelde alýandygymyzy we dogan-uýalary ýürekden söýýändigimizi görkezeris (Kol. 3:13). Biz bikämil bolandygymyz üçin käte birek-birekden öýke-kine edýäris (Lew. 19:18). Biz öýke-kinämiz barada başga dogan-uýalara gürrüň bersek, olar hem biziň tarapymyzy tutmagy mümkin. Şeýdip, biz ýygnagyň agzybirligini bozarys. Biz şeýle ýagdaýyň öňüni almasak, Ýehowanyň rehimdarlygynyň we Isanyň beren töleg gurbanynyň gadyryny bilmeýändigimiz aýan bolar. Gökdäki Atamyz adamlary bagyşlamak islemeýändigimizi görüp, bizi-de Isanyň töleg gurbanynyň esasynda bagyşlamaz (Mat. 18:35). Isa doga etmegi öwredensoň, muny ýene-de nygtap geçdi (Mat. 6:14, 15). Ýehowanyň ýazyklarymyzy geçmegi üçin agyr günälerden gaça durmaly (1 Ýah. 3:4, 6). w15 15/6 5:9—11

16-njy iýun, anna

Patyşanyň mähri özüni paýhasly alyp barýan hyzmatkär üçindir. Sül. tym. 14:35

Biz Ýehowanyň ruhy jenneti giňeltmäge mümkinçilik berendigine minnetdarlyk bildirip, Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edýäris we şägirt taýýarlaýarys. Adamlara Hudaýa özüni bagyş edip, suwa çümdürilmäge kömek edenimizde, ruhy jenneti giňeldýäris (Iş. 26:15; 54:2). Şeýle-de biz ruhy jenneti giňeltmek üçin Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürmeli. Şonda adamlar ruhy jennetiň bardygyna göz ýetirerler. Käte adamlar aýdýan hoş habarymyza däl-de, ýokary ahlak kadalaryna eýerýändigimize, edim-gylymymyza üns berýärler. Bu bolsa olara Hudaýy we Isa Mesihi tanamaga, Ýehowanyň guramasynyň agzasy bolmaga kömek edýär. Ýehowa bilen Isa biziň ruhy jennete goşýan goşandymyza diýseň begenýär! Biz ruhy jennetimizi giňeltmekden lezzet alýarys. Gelejekde biz ýer ýüzünde boljak Jenneti bagy-bossanlyga öwrüp, has-da köp şatlyk taparys. w15 15/7 1:18—20

17-nji iýun, şenbe

Edil Hudaý kimin bolarsyňyz hem-de ýagşy-ýamany saýgararsyňyz. Gel. çyk. 3:5

Biz Ýehowanyň hökümdarlygy babatdaky jedelli meselede belli bir karara gelmeli. Şeýtan Erem bagynda pitne turzup, jedelli meseläni orta atdy. Emma biz Şeýtanyň däl-de, Ýehowanyň gowy hökümdardygyna göz ýetirýäris. Biz Ýehowanyň kada-kanunlaryny berjaý edip, ony goldaýarysmy? Biz adamzadyň kynçylyklaryny ynsan häkimiýetiniň däl-de, Ýehowanyň Patyşalygynyň çözjekdigine ynanýarysmy? Biz bu soraglar babatda belli bir karara gelsek, bitaraplygy saklap bileris. Syýasatçylar we gozgalaňçylar kynçylyklary çözmek üçin elinde baryny edýärler. Emma mesihçiler adamzadyň kynçylyklaryny diňe Hudaýyň Patyşalygynyň çözjekdigine we ýer ýüzünde adalatlylygy dikeltjekdigine ynanýarlar. Biz Ýehowa bil baglap, dogry karara gelsek, ýygnakda agzalalyk bolmaz. w15 15/7 3:7, 8

18-nji iýun, ýekşenbe

Seniň ähli işleriň hakda oýlanaryn. Zeb. 77:12

Biz ýaradylan zatlardan Ýehowanyň söýgüsini görýärismi? Elbetde! Sebäbi Hudaý ähli zady söýgi bilen ýaratdy (Rim. 1:20). Ýehowa biziň ýer ýüzünde diňe bir howpsuz ýaşamagymyzy däl, eýsem, durmuşdan lezzet almagymyzy isleýär. Meselem, adamlar ýaşamak üçin wagtly-wagtynda iýip-içmeli bolýarlar. Ýehowa ýokumly ir-iýmişleriň dürli görnüşlerini ýaradyp, adamlaryň lezzet almagyny isleýär (Wag. 9:7). Adam çeken zähmetiniň hözirini görende, ýüregi şatlykdan dolýar (Wag. 2:24). Ýehowa adamlara ýer ýüzüni dolduryp, oňa eýeçilik etmegi, balyklardyr guşlaryň we janly-jandarlaryň aladasyny etmegi tabşyrdy (Gel. çyk. 1:26—28). Şeýle-de Ýehowa bizi özünden görelde alyp bilmegimiz üçin gerekli häsiýetler bilen ýaratdy. Bu-da onuň söýgüsini görkezýär (Efes. 5:1). w15 15/8 1:4, 5

19-njy iýun, duşenbe

Özüňize ünsli boluň... şol gün duýdansyz üstüňize abanaýmasyn. Ýogsam, haýwanyň gapana düşüşi ýaly bolarsyňyz. Luka 21:34, 35

Dünýäde bolýan wakalar Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikleriň ýerine ýetýändigini we zalym dünýaniň soňunyň örän golaýdygyny subut edýär. Ylham 17:16-da «on şahyň we wagşy haýwanyň» Beýik Wawilonyň — ýalan diniň dünýä imperiýasynyň üstüne topuljakdygy aýdylýar. Biz bu pygamberlik entek ýerine ýetmez diýip pikir etsek ýalňyşarys. Sebäbi Hudaý muny etmegi «olaryň ýüregine guýar» we ol gün duýdansyz, örän tiz geler (Ylh. 17:17). Bu dünýäniň soňy golaýlap gelýär! Biz Isanyň şu gunki aýatda aýdan duýduryşyna biparh garamaly däl (Ylh. 16:15). Geliň, «umyt baglaýanlar üçin şeýle işleri eden Hudaýa» yhlasly gulluk edeliň (Iş. 64:4). w15 15/8 2:17

20-nji iýun, sişenbe

Kim Hudaýyň islegini berjaý edýän bolsa, şol meniň doganym, uýam hem ejemdir. Mar. 3:35

Biz Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaýan adamlar bilen mähirli bolsak-da, olar bilen ýakyn gatnaşyk saklap, dostlaşmaly däl. Şol sebäpli durmuş gurmadyk mesihçiler Ýehowa hormat goýmaýan we onuň ýokary ahlak kadalaryna eýermeýän adamlar bilen halaşmaýarlar. Mesihçiler bu dünýädäki adamlaryň arasynda abraý gazanmagy däl-de, Hudaýa wepaly bolmagy has wajyp hasaplaýarlar. Biz diňe Ýehowanyň islegini berjaý edýän adamlar bilen gatnaşmaly. Ysraýyllylar erbet adamlar bilen gatnaşyp, öz-özlerine zyýan ýetirdiler. (Müs. çyk. 23:24, 25; Zeb. 106:35—39). Gynansak-da, ysraýyllylaryň köpüsi Ýehowanyň görkezmesine eýermediler. Şol sebäpli Isa ysraýyllylara: «Ine, öýüňiz haraba öwrüler» diýdi (Mat. 23:38). Ýehowa ysraýyl halkyndan ýüz öwrüp, mesihçiler ýygnagyna pata berdi (Res. iş. 2:1—4). w15 15/8 4:7, 8

21-nji iýun, çarşenbe

Bu görkezme biziň ak ýürekden, päk ynsap we hilesiz iman bilen söýmegimiz üçin berlendir. 1 Tim. 1:5

Ýehowa Hudaý ynsany erkin edip ýaratdy. Şol sebäpli her bir adamyň özi karara gelýär. Hudaý Adam ata bilen How enä we olaryň nesline ýagşy-ýamany saýgarmaga kömek edýän hem görkezme berýän ynsaby berdi. Eger biz ynsabymyzy diňlesek, ol ýagşy işleri etmäge we erbetlikden gaça durmaga kömek eder. Hudaý bize ynsap bermek bilen söýgüsini görkezýär we dogry işleri etmäge höweslendirýär. Şu günler käbir adamlar Mukaddes Ýazgylaryň kada-kanunlaryny bilmeseler-de, erbetligi ýigrenip, ýagşy işleri edýärler (Rim. 2:14, 15). Näme üçin? Sebäbi olaryň ynsaby bar. Ynsap adamlara hetdenaşa zalym bolmaga ýol bermeýär. Eger ynsap bolmadyk bolsa, bütin dünýä erbetlikden we zalymlykdan dolardy. Biz Ýehowanyň beren bu sowgadyna örän minnetdar! w15 15/9 2:1, 2

22-nji iýun, penşenbe

Atamyz Hudaýyň bizi nähili güýçli söýýändigini bir görseňizläň! 1 Ýah. 3:1

Ýahýa resul Ýehowanyň bize bolan çuňňur söýgüsi barada oýlanmaga höweslendirýär. Ýahýa mesihçilere Hudaýyň söýgüsiniň ähmiýeti, aýratynlygy we onuň söýgüsiniň nämeden görünýändigi barada pikirlenmäge höweslendirdi. Ýehowanyň bizi söýýändigine göz ýetirsek, oňa bolan söýgimiz artar we dostlugymyz berkär. Gynansak-da, käbir adamlar Hudaýyň söýýändigine ynanmaýarlar. Olar Hudaý adamlaryň aladasyny etmeýär diýip pikir edýärler. Olar Ýehowany talap ediji we özüne gulak asmaýan adamlary jezalandyrýan Hudaý hasaplaýarlar. Sebäbi ýalan taglymatlar Hudaýy örän zalym we haýbatly edip görkezýär. Käbirleri bolsa ýagşy iş etseň-de, erbet iş etseň-de Hudaý ähli adamlary söýýär diýip pikir edýärler. Emma Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa barada hakykat aýdylýar. Ýehowanyň esasy häsiýeti söýgüdir. Ol bizi söýýändigi üçin Ogluny töleg hökmünde gurban berdi (Ýah. 3:16; 1 Ýah. 4:8). w15 15/9 4:1, 2

23-nji iýun, anna

Temmi... gynançly bolup görünýändir. Ýew. 12:11

Pawlus resul şu sözleri aýtmak bilen, terbiýe bermek erbet ýa-da wajyp däl diýjek bolmady. Sebäbi ol: «Şeýdip terbiýe alan adam soňra dogrulygyň parahatlyk miwesini getirýändir» diýip, sözüni dowam etdi. Biz Ýehowany söýýän bolsak, maslahatyny höwes bilen kabul ederis we nägile bolmarys. Şu günler köp adamlar tekepbir we diňe özüni bilip ýaşaýarlar. Şol sebäpli olar maslahaty we terbiýäni asla kabul etmeýärler. Käbirleri bolsa maslahaty göwünli-göwünsiz diňleýärler. Mesihçiler «dünýäniň işlerine eýermegini bes edip», «Hudaýyň... kämil islegine» görä ýaşamaga jan edýärler (Rim. 12:2). Ýehowa guramasy arkaly bize başga jynsdaky adamlar bilen gatnaşmak, dost-ýarlary saýlamak we dynç almak ýaly meselelerde wagtly-wagtynda maslahat berýär. Biz görkezmäni kabul etsek we oňa eýersek, Ýehowa minnetdar bolup, ony söýýändigimizi subut ederis (Ýah. 14:31; Rim. 6:17). w15 15/9 5:13, 15

24-nji iýun, şenbe

Meniň imanymy berkit! Mar. 9:24

Biz öz güýjümiz bilen imanymyzy berkidip bilmeýäris. Sebäbi iman — Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesi (Gal. 5:22). Isa: «Ataňyz Özünden dilänlere has-da köp mukaddes ruhy berer!» diýdi. Biz onuň maslahatyna eýerip, mukaddes ruh barada doga etsek paýhasly bolar (Luka 11:13). Biz Ýehowa berk iman edýän bolsak-da, ony hemişe ösdürip durmaly. Imany ýanyp duran oda meňzetse bolýar. Ody ýakan badymyza güýçli tutaşyp başlaýar. Emma oňa odun taşlap durmasak, kem-kemden sönüp, kül bolup galar. Şonuň üçin oňa odun taşlap durmaly. Biziň imanymyz babatda-da şeýle diýse bolar. Biz her gün Mukaddes Ýazgylary okap, özleşdirip dursak, Ýehowa we onuň Sözüne bolan söýgimiz artyp, imanymyz berkär. w15 15/10 2:6, 7

25-nji iýun, ýekşenbe

Seniň ähli işleriň hakda oýlanaryn. Zeb. 77:12

Alymlaryň aýtmagyna görä, bir zady sesli okasak, ony ýatda saklamak aňsat bolýar. Muny beýnimizi ýaradan Hudaý hem gowy bilýär. Ine, şol sebäpli-de ol Ýeşuwa Kanuny «sesli», ýagny ýuwaş ses bilen okamagy tabşyrdy (Ýeş. 1:8). Şeýle-de Mukaddes Ýazgylary sesli okamaklyk ünsümizi has gowy jemlemäge we okan zatlarymyzy ýatda saklamaga kömek edýär. Okan zadyňyz hakda oýlanmak we ünsüňi jemlemek üçin tagalla etmeli. Başgaça aýdanyňda, ýadaw däl wagtymyz we ünsümiz bölünmeýän ýerde okasak, has gowy oýlanmaga kömek eder. Mezmurçy hem gijelerine oýlanmaga wagt sarp edýärdi (Zeb. 63:6). Isa kämil bolsa-da, oýlanmak we doga etmek üçin ümsüm ýeri saýlaýardy (Luka 6:12). w15 15/10 4:4, 6, 7

26-njy iýun, duşenbe

Ol adamlaryň ýüreklerini bilýärdi. Ýah. 2:25

Bir gezek Jelilede Isany diňlän köp adamlaryň, göräýmäge, onuň yzyna eýermäge güýçli islegi bar ýalydy (Ýah. 6:22—24). Emma ýürekleri bilýän Isa şol adamlaryň onuň öwredýän zatlary bilen gyzyklanman, esasan, öz garynlaryny doýurmagyň aladasyny edýändigine düşünýärdi. Ol munuň nädogrudygyny bilip, sabyrlylyk bilen düzediş berdi we olaryň nädip gowulanyp biljekdigini düşündirdi (Ýah. 6:25—27). Siz ýürekleri bilmeseňiz-de, paýhasly bolup, çagaňyzyň wagyz gullugyna nähili garaýandygyna göz ýetirip bilersiňiz. Köp ene-atalar çagalary bilen wagza çykanda, olaryň biraz dynç almagy hem-de garbanmagy üçin gysgajyk arakesme edýärler. Emma siz düşgür bolup: «Çagam wagyz etmegi gowy görýärmi ýa-da diňe dynç almagy?» diýip oýlanyp bilersiňiz. Eger wagyz etmegiň çagaňyz üçin has gyzykly we peýdaly bolmalydygyna göz ýetirseňiz, bu babatda käbir maksatlary goýsaňyz gowy bolar. Çagaňyza wagza doly gatnaşmaga kömek etmek üçin ugurtapyjylyk bilen dürli usullary ulanyň. w15 15/11 1:10, 11

27-nji iýun, sişenbe

Öňki zatlar geçip gitdi. Ylh. 21:4

Söýgüden doly Hudaýymyz hemişe wepaly gullukçylarynyň bähbidine hereket edýär. Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaý olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne hasrat, ne agy, ne-de agyry bolar» diýilýär. Ýehowanyň söýgüsini, hakykatdanam, gymmat saýýan we oňa Hökümdary hökmünde tabyn bolýan adamlara, gör, nähili ajaýyp gelejek garaşýar! Ýehowanyň Sözünde: «Kämil adamy synla, göni adama seret, çünki beýle adamyň soňy parahatlykdyr. Jenaýatçylar bolsa bilelikde ýok ediler; erbetleriň soňy kesilip taşlanmakdyr» diýilýär (Zeb. 37:37, 38). «Kämil adam» Ýehowany we onuň Ogluny tanap, Hudaýyň islegini berjaý edýär (Ýah. 17:3). Ol 1 Ýahýa 2:17-däki: «Dünýä we onuň höwesleri geçip gider, emma Hudaýyň islegini berjaý edýän adam ebedi ýaşar» diýen sözlere çynlakaý garaýar. Bu dünýäniň ahyrynyň golaýlaşýandygy üçin, Ýehowa «umyt baglap, Onuň ýoluny saklamak» wajypdyr (Zeb. 37:34). w15 15/11 3:11, 12

28-nji iýun, çarşenbe

Hasyl bol, ýöne işçi az. Mat. 9:37

Hudaýyň halky hoş habary, mümkin boldugyndan, has köp adamlara wagyz etmek üçin dürli usullary ulanýar. Bu «işçileriň az» döwründe has-da wajypdyr. XX asyryň başynda wagyzçylaryň az ýerinde hoş habary halk köpçüligine wagyz etmek üçin gazetler ulanylýardy. Çarlz Teýz Rassel dogan her hepde wagyzlaryny telegramma bilen neşirýat gullugyna iberýärdi. Neşirýat gullugy hem olary ABŞ-nyň, Kanadanyň we Ýewropanyň gazetlerine ýollaýardy. 1913-nji ýylda Rassel doganyň wagyzlary 2 müňden gowrak gazetde çap edilip, olary 15 million adam okaýardy! Rassel dogan aradan çykansoň, hoş habary ýaýratmakda başga bir usul ulanylyp başlandy. 1922-nji ýylyň 16-njy aprelinde Ruterford dogan ilkinji gezek radioda nutuk bilen çykyş etdi we ony takmynan 50 müň adam diňledi. 1924-nji ýylyň 24-nji fewralynda guramanyň ilkinji radiostansiýasy «WBBR» aragatnaşyga çykdy. w15 15/11 5:10, 11

29-njy iýun, penşenbe

Men kim bolmak islesem bolaryn. Müs. çyk. 3:14, TD

Ýehowa ýaradan zatlaryny kim boldurmak islese «bolduryp» bilýär. Hudaý adynyň manysyna laýyklykda hereket edip, Nuh pygamberiň gämi gurujy, Besaleliň ökde ussa, Gedegonyň edermen urşujy we Pawlus resulyň missioner bolmagyna ýardam etdi. Hawa, Ýehowanyň halky üçin onuň adynyň uly ähmiýeti bar. Şol sebäpli Täze dünýä terjimesiniň komiteti Ýehowanyň adynyň wajyplygyna düşünip, ony Mukaddes Ýazgylardan aýyrmady. «Täze dünýä terjimesiniň» 130-dan gowrak dilde çykan neşirinde Ýehowanyň ady şöhratlandyrylýar. Bu terjimelerde Ýazgylaryň asyl nusgasynda duş gelýän ýerleriniň ählisinde Hudaýyň ady ulanylýar (Mal. 3:16). Emma Mukaddes Ýazgylaryň köp terjimelerinde Hudaýyň adyny aýryp, «Reb» diýen tituly ýa-da öz taňrylarynyň adyny goýýarlar. Şol sebäpli Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty Hudaýyň adyny şöhratlandyrýan Mukaddes Ýazgylaryň, mümkin boldugyndan, köp adamlarda bolmagynyň aladasyny edýär. w15 15/12 2:7—9

30-njy iýun, anna

Ilatyň hijisi: «Men syrkaw» diýmez. Iş. 33:24

Mukaddes Ýazgylarda aýdylmagyna görä, Ýehowa adamlaryň saglygyna täsir edip bilýär. Ybraýym pygamberiň günlerinde ýaşan faraonyň we Musa pygamberiň uýasy Merýemiň mysalyndan görnüşi ýaly, Hudaý käte adamlara temmi bermek üçin, olary agyr kesele duçar edýärdi (Gel. çyk. 12:17; San. 12:9, 10; 2 Şam. 24:15). Şeýle-de ysraýyllylar wepaly bolmasalar, Hudaý olary «ähli ýokanç kesellere we dertlere» sezewar etjekdigini duýdurdy (Kan. tag. 28:58—61). Emma Ýehowa keselçiligi aýryp ýa-da onuň öňüni alyp hem bilýärdi (Müs. çyk. 23:25; Kan. tag. 7:15). Galyberse-de, ol adamlary sagaldyp, derdinden dyndarýardy. Mysal üçin, Eýýup pygamber çekýän agyry-ünjüsi zerarly öz ölümini hem dileýär, emma Hudaý ony sagaldýar (Eýp. 2:7; 3:11—13; 42:10, 16). Hawa, Ýehowanyň hassa adamy sagaltmaga güýji ýetýär. Hudaýyň Ogly Isa Mesih hem muny başarýar. Mukaddes Ýazgylarda Isanyň gudrat bilen ysmaz, kör, heýwere we garaguş keselli adamlary sagaldandygy barada aýdylýar (Mat. 4:23, 24; Ýah. 9:1—7). Isanyň bu zatlary Jennetde uly möçberde etjekdigi barada oýlananymyzda göwnümiz göterilýär. w15 15/12 4:3, 4

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş