Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es17 sah. 67—77
  • Iýul

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Iýul
  • Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2017
  • Sözbaşylar
  • 1-nji iýul, şenbe
  • 2-nji iýul, ýekşenbe
  • 3-nji iýul, duşenbe
  • 4-nji iýul, sişenbe
  • 5-nji iýul, çarşenbe
  • 6-njy iýul, penşenbe
  • 7-nji iýul, anna
  • 8-nji iýul, şenbe
  • 9-njy iýul, ýekşenbe
  • 10-njy iýul, duşenbe
  • 11-nji iýul, sişenbe
  • 12-nji iýul, çarşenbe
  • 13-nji iýul, penşenbe
  • 14-nji iýul, anna
  • 15-nji iýul, şenbe
  • 16-njy iýul, ýekşenbe
  • 17-nji iýul, duşenbe
  • 18-nji iýul, sişenbe
  • 19-njy iýul, çarşenbe
  • 20-nji iýul, penşenbe
  • 21-nji iýul, anna
  • 22-nji iýul, şenbe
  • 23-nji iýul, ýekşenbe
  • 24-nji iýul, duşenbe
  • 25-nji iýul, sişenbe
  • 26-njy iýul, çarşenbe
  • 27-nji iýul, penşenbe
  • 28-nji iýul, anna
  • 29-njy iýul, şenbe
  • 30-njy iýul, ýekşenbe
  • 31-nji iýul, duşenbe
Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2017
es17 sah. 67—77

Iýul

1-nji iýul, şenbe

Myhmansöýer bolmagy unutmaň. Ýew. 13:2

Mukaddes Ýazgylaryň asyl nusgasynda «myhmansöýer» diýen söz «nätanyş adama söýgi bildirmegi» aňladýar. Bu jümle Ybraýym pygamber bilen Lutuň mysalyny ýatladýar. Olaryň ikisi-de nätanyş adamlary myhman aldylar. Şol myhmanlar perişdelerdi (Gel. çyk. 18:2—5; 19:1—3). Bizem dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolmak we olaryň göwnüni götermek üçin myhmançylyga çagyrýarysmy? Myhman çagyrmak üçin birgiden çykdajy edip, üýtgeşik nahar bişirmek hökman däl. Biz myhmançylyga diňe edenimizi gaýtaryp biljek adamlary çagyrmak bilen çäklenmeýäris (Luka 10:42; 14:12—14). Biziň maksadymyz adamy saçagymyzdaky näz-nygmatlar bilen haýran galdyrmak däl-de, onuň göwnüni götermek! Biz etrap gözegçini we onuň aýalyny gowy tanamaýanam bolsak, olary höwes bilen myhmançylyga çagyryp bileris (3 Ýah. 5—8). Biz gündeki işler bilen başagaý bolsak-da, «myhmansöýer bolmagy» hiç haçan unutmalyň! w16.01 1:11, 12

2-nji iýul, ýekşenbe

Hudaýyň Mesih arkaly wada beren mukaddes ruhy bilen möhürlendiňiz. Mukaddes ruh Hudaýyň wada beren zadyny aljakdygymyza kepil geçýändir. Efes. 1:13, 14

Ýehowa mukaddes ruhy bilen mesh edilen mesihçileriň göge alynjakdygyny aýdyň görkezýär. Edil şonuň ýaly, mukaddes ruh olara ýerde däl-de, gökde ebedi ýaşajakdygyna «kepil geçýär» (2 Kor. 1:21, 22; 5:5). Mesihçi mesh edilen bolsa hökman göge gidermi? Ýok, ol häzir mesh edilenem bolsa, gökdäki sylagyny almak üçin soňuna çenli wepaly galmaly. Petrus resul bu barada şeýle diýdi: «Doganlar, Hudaýyň çagyranlarynyň we saýlanlarynyň arasynda wepaly galmaga jan ediň. Eger siz mundan beýläk hem bu häsiýetleri artdyrsaňyz, hiç haçan ýykylmarsyňyz. Şonda siz Halypamyz we Halasgärimiz Isa Mesihiň ebedi Patyşalygyna girmek üçin bol bereketler alarsyňyz» (2 Pet. 1:10, 11). Diýmek, her bir mesihçi wepaly galmak üçin elinde baryny etmeli. Eger ol soňuna çenli wepaly galmasa gökdäki sylagyny elden gidirer (Ýew. 3:1; Ylh. 2:10). w16.01 3:6, 7

3-nji iýul, duşenbe

Özüni beýgeldýän adam kiçeldiler, özüni kiçeldýän bolsa beýgeldiler. Mat. 23:12

Islendik adamy, hatda mesh edilenleri-de, «beýgeltmek» nädogry bolardy. Mukaddes Ýazgylarda ýygnaga ýolbaşçylyk edýän ýaşuly doganlaryň imanyndan görelde almak maslahat berilýär. Emma onda hiç bir adamy öwüp arşa çykarmalydygy aýdylmaýar (Ýew. 13:7). Elbetde, Mukaddes Ýazgylarda «iki esse hormata mynasyp görülýän» adamlar barada aýdylýar. Ýöne şeýle adamlar mesh edilendigi üçin däl-de, «gowy gözegçilik edýändigi», «gürrüň etmekde we öwretmekde köp zähmet çekýändigi» üçin hormata mynasyp görülýär (1 Tim. 5:17). Eger kimdir biri mesh edilenleri çendenaşa öwse ýa-da olara has köp üns berse, olary oňaýsyz ýagdaýa salar. Eger mesh edilenlere aýratyn üns berilse, olara kiçigöwünli bolmak kyn bolar (Rim. 12:3). Biziň hiç birimiz Mesihiň doganlarynyň büdremegine sebäp bolmak islemeýäris (Luka 17:2). w16.01 4:9

4-nji iýul, sişenbe

Hakyky dost hemişe söýýändir. Sül. tym. 17:17, TD

Dostlugy gymmatly hazyna meňzetse bolýar. Ýöne ol satyn alyp, tozan basyp ýatmagy üçin tekjede goýulýan zat däldir. Dostlugy berkitmek üçin ony goramaly bolýar. Ybraýym pygamber Ýehowa bilen dostlugyny gymmat saýyp, ony berkitmäge jan edýärdi. Nädip? Ybraýym pygamber hemişe Hudaýa gulak asyp, tabyn bolýardy. Ol bütin maşgalasy bilen Kengana göçüp gaýdanda, Ýehowanyň beren görkezmesine eýerýärdi. Ybraýym pygamber 99 ýaşyndaka, Ýehowa oňa hojalygyndaky erkekleriň hemmesini sünnetlemegi tabşyrdy. Bu babatda onda sorag döredimi we ony ýerine ýetirmezlik üçin bahana gözledimi? Ýok. Ol Ýehowa bil baglap, beren tabşyrygyny «hut şol günüň özünde» berjaý etdi (Gel. çyk. 17:10—14, 23). w16.02 1:9, 10

5-nji iýul, çarşenbe

Işi sapmy, dogrumy ýa dälmi, çaga-da öz edenleri bilen tanalýandyr. Sül. tym. 20:11

Çagalaram nämäniň dogrudygyna we özüňi Hudaýa bagyş etmegiň näme aňladýandygyna düşünip bilýär. Şol sebäpli ruhy taýdan ýetişendigini görkezýän we özüni Ýehowa bagyş eden ýaşlar suwa çümdürilip, wajyp ädim ädýärler (Sül. tym. 20:7). Eýsem, ruhy taýdan ýetişmek nämäni aňladýar? Bu diňe bir uly adam bolup ýetişmegi aňlatmaýar. Mukaddes Ýazgylarda ruhy taýdan ýetişen adamlaryň öz «aň-düşünjesini ýagşy we ýamany saýgarmaga öwrenişdirendikleri» barada aýdylýar (Ýew. 5:14). Diýmek, ruhy taýdan ýetişen adam Ýehowanyň nazarynda nämäniň dogrudygyna düşünip, oňa berk ýapyşmagy ýüregine düwýär. Şonuň üçin adamlar oňa erbet iş etdirjek bolanlarynda, ol aňsatlyk bilen yrylmaýar. Ýa-da oňa nämäniň dogrudygyny aýdyp, hemişe dürtüp durmaly bolmaýar. Hawa, suwa çümdürilýän ýaşlar ýanynda ene-atasy ýa-da uly ýaşdaky mesihçiler bolmasa-da, Hudaýyň kada-kanunlaryna eýerýär (Flp. 2:12). w16.03 1:4, 5

6-njy iýul, penşenbe

Sen... gorkma. Sen tutuş Ysraýyla patyşa bolmalysyň, men seniň weziriň bolmalydyryn. 1 Şam. 23:17

Ýonatan ýaş Dawudyň Jalut pälwanyň garşysyna çykanyna haýran galan bolmaly. Häzir Dawut Ýonatanyň kakasy Şawulyň öňünde durdy, «piliştliniň kellesi hem onuň elindedi» (1 Şam. 17:57). Ýonatan Dawudy batyrgaý bolany üçin gowy gören bolmaly. Hudaýyň Dawudy goldaýandygy mese-mälimdi. «Dawudy... Ýonatanyň sulhy aldy. Ýonatan ony janyndan hem eziz gördi» (1 Şam. 18:1—3). Ol bütin ömrüne Dawuda wepaly boldy. Ýonatan Hudaýyň Dawudy Ysraýylyň geljekki patyşasy edip belländigini bilse-de, oňa wepaly boldy. Şawul Dawudy öldürmegiň küýüne düşende, Ýonatan biynjalyk bolýar. Ýonatan dostuny goldamak üçin Ýahudanyň çölünde köp ýoly söküp, Dawudyň bolýan ýerine Horeşe barýar. Ol «Dawudy Hudaýyň adyndan ruhlandyryp» şu günki aýatdaky sözleri aýdýar. (1 Şam. 23:16). w16.02 3:1, 2

7-nji iýul, anna

Men bir ussa kimin Onuň (Ýehowanyň) gapdalyndadym; her gün Onuň begenjidim. Sül. tym. 8:30

Ýehowa ähli zady ýaradanda, ilkinji Ogly Isa bilen agzybir zähmet çekdi. Ýehowanyň gullukçylary hem onuň tabşyran ýumşuny hemişe agzybir ýerine ýetirýärdiler. Meselem, Nuh pygamber gämini maşgalasy bilen bile gurupdy. Ysraýyl halky çölde sergezdan wagty mukaddes çadyry sökmeli we gurmaly bolanda agzybir hereket edýärdi. Olar ybadathanada hem bilelikde saz çalyp, aýdym aýdyp, Ýehowany wasp edýärdiler. Dogrudan-da, bu zatlary etmek üçin agzybirlik gerekdi (Gel. çyk. 6:14—16, 22; San. 4:4—32; 1 Ýyl. 25:1—8). I asyrdaky mesihçilerem Isanyň baştutanlygynda bilelikde işleşip, ýygnagyň agzybirligini saklaýardylar. Pawlus resulyň aýtmagyna görä, mesh edilen mesihçileriň «sylaglary», «gullugy» hem-de «edýän işleri dürli-dürli» bolsa-da, olaryň «hemmesi bir bedene degişlidi» (1 Kor. 12:4—6, 12). w16.03 3:1, 2

8-nji iýul, şenbe

Gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň. Mat. 28:19

Isanyň hoş habary wagyz etmek tabşyrygy barada oýlanyp göreliň. Öňler ýehudy bolmadyk özge milletli adamlar Ýehowa gulluk etmek üçin Ysraýyla gelende gowy garşy alynýardy (1 Pat. 8:41—43). Şeýle ýagdaý Isa şägirtlerine şu günki aýatdaky tabşyrygy berýänçä dowam etdi. Isa: «Gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň» diýdi. Şeýdip, olar hoş habary täze usul bilen we ähli ýerde wagyz edip başladylar. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Ýehowanyň öz islegini başga usul bilen ýerine ýetirýändigi, ýagny hoş habaryň bütin dünýäde wagyz edilmelidigi has-da aýdyň boldy. Şonda 120-ä golaý şägirdiň üstüne Hudaýyň mukaddes ruhy inip, olar gudrat arkaly dürli dillerde gepläp, ýehudylara we başga milletli adamlara wagyz etdiler (Res. iş. 2:4—11). Soňra samariýanyň halkyna-da wagyz edilip başlandy. B. e. 36-njy ýylynda bolsa hoş habar özge milletli sünnetlenmedik adamlara hem ýetirildi. Görşümiz ýaly, wagyz işi kiçijik «kölden» uly bir «deňze» öwrüldi. Sebäbi indi diňe ýehudylara däl-de, ähli adamlara wagyz edilýärdi. w16.03 4:12

9-njy iýul, ýekşenbe

Menden eşiden zatlaryňy wepaly adamlara öwret. 1 Tim. 2:2

Hudaýyň gullukçylary üstünlik gazanmak üçin türgenleşmegiň wajypdygyna düşünýärler. Ybraýym pygamber «türgenleşen... esgerleri» bilen Luty halas edip, ýeňiş gazandy (Gel. çyk. 14:14—16). Dawut patyşanyň günlerinde Ýehowany şöhratlandyrmak üçin «Rebbiň öňünde aýdym aýtmaklyga türgenleşdirilen» adamlar bardy (1 Ýyl. 25:7). Şu günler bizem Şeýtan we onuň ýaranlary bilen ruhy söweşi alyp barýarys (Efes. 6:11—13). Biz Ýehowany şöhratlandyrmak üçin tagalla edýäris (Ýew. 13:15, 16). Hudaýyň öňki gullukçylary ýaly, bizem üstünlik gazanmak üçin türgenleşmeli, ýagny guramada berilýän borçlary ýerine ýetirmegi öwrenmeli. Ýaşulular doganlary ýygnakda jogapkärli borç almaga taýýarlamaly. Sebäbi muny Ýehowa tabşyrdy. Ýaşuly dogan tejribesi az doganlaryň ukybyny ösdürmäge kömek etmek üçin, ilki bilen, olaryň ýüregini tälim almaga taýýarlap, Mukaddes Ýazgylar arkaly berkitmegiň wajypdygyna göz ýetirip biler (1 Tim. 4:6). w15 15/4 2:1, 2

10-njy iýul, duşenbe

Ol (Isa) muny öz ölümi arkaly ölümiň sebäpkäri bolan Iblisi ýok etmek üçin etdi. Ýew. 2:14

Bu sözler ähli adamlary hemişe Iblisiň öldürýändigini aňlatmaýar. Emma onuň zalymlyk we ganhorluk etdirýän ruhy bütin dünýä giňden ýaýran. Şeýle-de, Şeýtanyň täsirine düşen How ene bilen Adam ata Hudaýa gulak asmadylar. Şol sebäpli ähli adamlar günäni miras alyp, ölümiň guly boldular (Rim. 5:12). «Ölümiň sebäpkäri» bolan Şeýtana Isa Mesih «ganhor» diýýär (Ýah. 8:44). Hawa, ol güýçli duşman! Biz Şeýtana we Hökümdarlyk baradaky jedelli meselede ony goldaýanlara garşy durmaly. Onuň tarapdarlaryna ençeme jynlar, ýagny pitneçi perişdeler hem degişli (Ylh. 12:3, 4). Jynlar adamlara köp ejir çekdirip, öz güýjüni görkezýär (Mat. 8:28—32; Mar. 5:1—5). «Jynlaryň hanynyň», zalym perişdeleriň güýjüni äsgermezçilik etmäliň (Mat. 9:34). Biz Şeýtany diňe Ýehowanyň kömegi bilen ýeňip bileris. w15 15/5 1:6, 7

11-nji iýul, sişenbe

Ahlaksyzlyk edýänler, butparazlar, zynahorlar, azgyn erkekler, beçebazlar, ogrular, açgözler, arakhorlar, başgalara sögýänler, talaňçylar Hudaýyň Patyşalygyny miras almazlar. 1 Kor. 6:9, 10

Jynsy ahlaksyzlyga garşy nädip göreşmeli? Gowşak tarapyňyzy anyklaň (Rim. 7:22, 23). Hudaýa doga edip, güýç soraň (Flp. 4:6, 7, 13). Ahlaksyzlyga iterýän zatlardan gaçyň (Sül. tym. 22:3). Synag dörände, aýgytly hereket ediň (Gel. çyk. 39:12). Isa synaga garşy durmakda ajaýyp görelde galdyrdy. Ol Şeýtanyň beren wadalaryna ynanmady; günäniň gowy we erbet tarapy barada oýlanyp durmady. Gaýtam, Isa: «Ýazylgydyr» diýip, pert jogap berýärdi (Mat. 4:4—10). Isa Hudaýyň Sözüni gowy bilýändigi üçin oňa esaslanyp jogap berýärdi we synaga uçranda derrew hereket edýärdi. Şeýtany ýeňmek üçin jynsy ahlaksyzlyga garşy durmaly. w15 15/5 2:15, 16

12-nji iýul, çarşenbe

Söýgüli çagalar kimin Hudaýdan görelde alyň. Efes. 5:1

Ýehowa bize başymyzdan geçirmedik zatlary göz öňümize getirmäge ukyp berdi. Bu ukyp Ýehowanyň akyldarlygyna eýermäge we edýän işimiziň netijesi barada oýlanmaga kömek edýär. Eger Hudaý islese, ähli zatlaryň netijesini öňünden görüp bilýär. Biz gelejegi öňünden görüp bilmesek-de, işimiziň netijesi barada oýlanyp bilýäris. Biz etjek işimiziň netijesi barada oýlansak ýa-da göz öňüne getirsek Hudaýyň akyldarlygyna eýereris. Eger biz biri bilen duşuşýan bolsak, onda jynsy höwesiň güýçli bolýandygyny unutmaly däl. Ýehowa bilen dostlugymyza zyýan ýetirjek işlerden hemişe gaça duralyň! Şeýle-de Hudaýyň beren şu duýduryşyna gulak asalyň: «Paýhasly adam bela-beteri görüp gizlenýändir; mön adamlar bolsa ileri geçip, zyýan görýändir» (Sül. tym. 22:3). w15 15/5 4:10, 11

13-nji iýul, penşenbe

Bir aýala azgyn höwes bilen seredýän adam ýüreginde onuň bilen eýýäm zyna edendir. Mat. 5:28

Dawut patyşa bilen bolan wakany ýadymyza salalyň. Ol «köşgüň üçegine çykanda... suwa düşünip duran bir aýala... gözi düşdi» (2 Şam. 11:2). Şonda ol gözüni başga tarapa sowmagyň deregine, erbet höwesiň döremegine ýol berdi. Şeýlelikde, Dawut patyşa başga biriniň aýalyna göz gyzdyryp, onuň bilen zyna etdi. Biz Eýýup pygamber ýaly gözümiz bilen äht baglaşyp, ahlaksyz pikirlere garşy göreşmeli (Eýp. 31:1, 7, 9). Biz ahlaksyz zatlara seretmezligi we başga kişä näz-kereşme etmezligi ýüregimize düwmeli. Şonda biz kompýuterdäki, reklamalardaky, gazet-žurnallardaky ýa-da başga ýerlerdäki ahlaksyz şekillere seretmeris. Käbir zatlaryň üstünde işlemeli bolsaňyz, onda aýgytly hereket ediň. Günä iterýän işlerden gaça durmak we ahlak taýdan arassa galmak üçin Hudaýyň Sözündäki maslahaty höwes bilen kabul ediň (Ýak. 1:21—25). w15 15/6 3:12—14

14-nji iýul, anna

Biziň synaga düşmegimize ýol berme. Mat. 6:13

Isa bilen çölde bolan waka «biziň synaga düşmegimize ýol berme» diýen jümläniň manysyna düşünmäge kömek edýär. Isany mukaddes ruh çöle äkidýär. Näme üçin? Sebäbi Iblis Isany «synamalydy» (Mat. 4:1). Bu bizi geň galdyrmaýar! Sebäbi Adam ata bilen How ene Hudaýyň hökümdarlygyna garşy çykanda, jedelli meseläniň orta atylandygyny bilýäris. Hudaý muny çözmek üçin Ogluny ýere iberdi. Ýehowa adamy ýaradanda kem ýeri bardymy? Kämil adam «zalym» perişdäniň täsirine garşy durup, Hudaýyň hökümdarlygyny goldap bilermi? Adam Hudaýa gulak asmasa-da, gowy ýaşap bilermi? (Gel. çyk. 3:4, 5). Jedelli mesele bilen bagly soraglaryň jogabyny bilmek üçin wagt gerekdi. Şonda Ýehowanyň adalatly Hökümdardygyna adamlaram, perişdelerem göz ýetirerler. w15 15/6 5:12

15-nji iýul, şenbe

Şonda şeýle bir agyr muşakgat bolar. Mat. 24:21

Uly muşakgat nädip başlanar? Ylham kitabynda «Beýik Wawilonyň» ýok ediljekdigi barada pygamberlik edilýär (Ylh. 17:5—7). Ýalan din bozuk aýala örän ýerlikli meňzedilýär. Dini ýolbaşçylar zalym dünýäniň hökümdarlary bilen ahlaksyzlyk edýärler. Olar Isany we onuň Patyşalygyny goldamagyň deregine, ynsan hökümetlerine bil baglap, Hudaýyň kada-kanunlaryny äsgermezlik edýärler we adamlara güýçli täsir etmek isleýärler. Emma mesh edilen mesihçiler olardan tapawutlylykda, Hudaýa päk ynsap bilen sežde edýärler (2 Kor. 11:2; Ýak. 1:27; Ylh. 14:4). Bozuk aýala meňzedilýän ýalan dini kim ýok eder? Ýehowa Hudaý «pikirini» «on şahyň we wagşy haýwanyň» ýüregine guýar. «Gyrmyzy reňkli wagşy haýwan» Birleşen Milletleri Guramasyny, «şahlary» bolsa ony goldaýan ähli döwletleri aňladýar (Ylh. 17:3, 16—18). w15 15/7 2:3, 4

16-njy iýul, ýekşenbe

Biriňiz «men Pawlusyň şägirdi», ýene biriňiz «men Apollosyň şägirdi», başga biriňiz bolsa «men Petrusyň şägirdi», ýene biriňiz «men Mesihiň şägirdi» diýýärmişiňiz. 1 Kor. 1:12

I asyrda ýaşan mesihçileriň arasynda agzalalyk döreýärdi. Pawlus resul mesihçileriň arasyndaky agzalalygy görüp: «Doganlar, men size... ähli zatda ylalaşykly bolmagy, araňyzda hiç hili bölünişik bolman, gaýtam, aň-düşünjede we pikirlenmekde doly agzybir bolmagy ündeýärin» diýýär (1 Kor. 1:10, 11, 13). Şu günlerem mesihçiler ýygnagynda agzalylyk bolmaly däl (Rim. 16:17, 18). Pawlus resul mehs edilen mesihçileriň ünsüni ýerdäki zatlara däl-de, gökde aljak sylagyna gönükdirdi (Flp. 3:17—20). Sebäbi olar Mesihiň ilçileri bolmalydylar. Ilçiler baran ýurdunda bitaraplygy saklap, Watanyna wepaly bolýarlar (2 Kor. 5:20). Ýerde ýaşamaga umyt edýän mesihçiler hem Hudaýyň Patyşalygynyň raýatlary hökmünde dünýäniň dawalaryna goşulmaýarlar. w15 15/7 3:9, 10

17-nji iýul, duşenbe

Ol rehimdar bolansoň, günälerini bagyşlady, olary heläk etmedi; gaharyny telim gezek olardan sowdy, bütin gazabyny oýandyrmady. Zeb. 78:38

Şu sözler barada oýlanmaklyk Ýehowanyň söýgüsine we edýän aladasyna minnetdarlygyňy artdyrýar. Ýehowa siziňem aladaňyzy edýär (1 Pet. 5:6, 7). Ýehowa Mukaddes Ýazgylar arkaly biziň bilen gepleşýär. Şol sebäpli biz Hudaýyň Sözüni gymmat saýmaly. Ata-eneler çagalary bilen açyk we abatlaýjy gürrüň etseler, biri-birine ynamly bolup, söýgüsi artar. Ýehowa biziň onuň bilen dostlugymyza nähili garaýar? Biz Hudaýy görmesek-de, sesini eşitmesek-de, ol Mukaddes Ýazgylar arkaly biziň bilen «gepleşýär» (Iş. 30:20, 21). Ýehowa halkyny erbetlikden goramak üçin görkezme berýär we özüni tanadyp, bil baglamaga höweslendirýär (Zeb. 19:7—11; Sül. tym. 1:33). w15 15/8 1:6, 7

18-nji iýul, sişenbe

Hudaýa ýakynlaşyň, ol hem size ýakynlaşar. Ýak. 4:8

Biz Jennede, esasanam, täze dünýäde ruhy bereketleri almaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Ýehowanyň adyny mukaddes etmek we onuň hökümdarlygyny goldamak uly hormat dälmi näme?! (Mat. 6:9, 10). Ýehowanyň adamzat we ýer babatdaky niýetiniň amala aşýandygyny görmek nähili tolgundyryjy bolar! Täze dünýäde biz kem-kemden kämillige ýetip, Ýehowa bilen dostlugymyzy has-da berkideris (Zeb. 73:28). Biz bol bereketleriň eýesi boljakdygymyza ynanyp bileris, sebäbi Isa «Hudaý üçin ähli zadyň mümkindigini» aýtdy (Mat. 19:25, 26). Biz täze dünýäde, Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynda ebedi ýaşaýşa «berk ýapyşyp biler ýaly» häzirden taýýarlyk görmeli (1 Tim. 6:19). Biz zalym dünýäniň soňuna garaşyp, täze dünýäde ýaşamak üçin häzirden taýýarlanmaly. w15 15/8 3:2, 3

19-njy iýul, çarşenbe

Ebedi ýaşaýşy almak üçin, olar sen, ýagny ýeke-täk hak Hudaý we seniň ibereniň Isa Mesih hakda bilim almalydyr. Ýah. 17:3

Bu dünýäniň hödürleýän zatlary mesihçilere ruhy taýdan howp salyp biler. Olar Ýehowa we onuň wadalaryna bolan imanyňy gowşadýar. Sebäbi olar Şeýtanyň zalym dünýäsini we onuň maksatlaryny goldaýar. Şol sebäpli biz «höwesleri» oýarýan zatlary okamakdan, görmekden, diňlemekden ägä bolmaly (Tit. 2:12). Bu dünýäniň hödürleýän zatlaryndan tapawutlykda, şu soňky günlerde Ýehowanyň guramasynyň berýän görkezmesi ebedi ýaşaýşa ýol açýar. Gökdäki Atamyz guramasy arkaly žurnallar, broşýuralar, kitaplar, wideolar we web-sahypalar ýaly bol ruhy iýmit bilen üpjün edýär. Mundan başga-da bütin dünýäde 110 müňden gowrak ýygnaklarda yzygiderli duşuşyklar geçirilýär. Biz geçirilýän duşuşyklardyr kongreslerde Mukaddes Ýazgylara esaslanan köp zatlary öwrenýäris. Olar biziň Hudaýa we onuň wadalaryna bolan imanymyzy berkidýär (Ýew. 10:24, 25). w15 15/8 4:9, 11

20-nji iýul, penşenbe

Olaryň ynsaby-da muňa şaýatlyk edýär. Rim. 2:15

Ýehowanyň halky ynsabyny terbiýelemäge jan edýär. Olar ynsabyny Hudaýyň Sözi esasynda terbiýeläp, ýagşy-ýamany saýgarýarlar we ýygnakda agzybirligi saklaýarlar. Ynsaby terbiýelemek üçin diňe bilim almak ýeterlikli däl. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda terbiýelenen ynsabyň, imanyň we söýginiň biri-biri bilen baglanyşyklydygy aýdylýar. Pawlus resul: «Bu görkezme biziň ak ýürekden, päk ynsap we hilesiz iman bilen söýmegimiz üçin berlendir» diýýär (1 Tim. 1:5). Biz terbiýelenen ynsabymyza görä ýaşasak, Ýehowa bolan söýgimiz artyp, imanymyz berkär. Biz ynsabymyza görä hereket edip ruhy saglygymyzy, ýüregimizi we Ýehowany razy etmek üçin tagalla edýändigimizi görkezýäris. Ynsap aýna kimin adamyň içki dünýäsini aýan edýär. w15 15/9 2:2, 3

21-nji iýul, anna

Atamyzyň bize bolan söýgüsi hakda oýlanyp görüň! 1 Ýah. 3:1

Ýehowa ähli adamlaryň Ýaradyjysy (Zeb. 100:3—5). Mukaddes Ýazgylarda Adam ata «Hudaýyň ogly» diýilýär. Isa şägirtlerine Ýehowa ýüzlenende «gökdäki Atamyz!» diýmelidigini öwredýär (Luka 3:38; Mat. 6:9). Ýehowa—biziň Atamyz. Başgaça aýdanyňda, mähirli atanyň çagalaryny söýşi dek, Ýehowa-da bizi söýýär. Bikämil atalar Ýehowa ýaly doly derejede söýgüsini görkezip bilmeýärler. Zalym kakasynyň elinde önüp-ösenleriň käbiriniň henizem ýürek ýarasy biten däldir. Emma Ýehowa iň gowy Ata; ol çagalaryna hiç haçan zalymlyk bilen daraşmaýar (Zeb. 27:10). Ýehowanyň bizi söýýändigine we aladamyzy edýändigine düşünsek, biziňem oňa bolan söýgimiz artar (Ýak. 4:8). w15 15/9 4:3, 4

22-nji iýul, şenbe

Hudaý öz islegine görä sizi höweslendirip, hereket etmegiňiz üçin hem isleg, hem güýç berýär. Flp. 2:13

Biz ony söýýändigimiz we oňa bil baglaýandygymyz üçin karara gelmezimizden öňürti Ýehowadan kömek sorap, pikirini bilmäge jan edýäris. Şamuwel pygamberiň ýaşan döwründe ysraýyllylar piliştliler bilen söweşende ýeňildiler. Ysraýyllylar kömege we goraga mätäçdiler. Olar näme etdiler? Ysraýyllylar: «Geliň, Rebbiň Äht sandygyny Şilodan şu ýere alyp geleliň. Goý, ol biziň aramyzda bolup, bizi duşmanyň elinden halas etsin» diýdiler. Netijede, «uly gyrgynçylyk boldy, ysraýyllylaryň otuz müň pyýada esgerini öldürdiler. Hudaýyň sandygy elden gitdi» (1 Şam. 4:2—4, 10, 11). Ysraýyllylar Äht sandygyny ýanlary bilen alyp, Ýehowanyň goramagyny we halas etmegini islediler. Emma olar Ýehowadan kömek soramadylar, onuň pikirini hem bilmek islemediler. Olar öz nazarynda dogry görünýän zatlary edip, köp ejir çekdiler (Sül. tym. 14:12). w15 15/9 5:16, 17

23-nji iýul, ýekşenbe

Biziň imanymyzy köpelt. Luka 17:5

Imanyňy berkitmek üçin ýene-de näme etmeli? Elbetde, munuň üçin suwa çümdürilmezden öň öwrenen zatlarymyz ýeterlikli däl (Ýew. 6:1, 2). Şol sebäpli imanyňy berkitmek üçin Mukaddes Ýazgylardaky ýerine ýeten pygamberlikleri çuňňur özleşdirmeli. Şeýle-de Hudaýyň Sözünde imany berk adamdan näme talap edilýändigini bilip, imanymyzy barlap durmaly (Ýak. 1:25; 2:24, 26). Pawlus resul mesihçilere: «Siz imanyňyz bilen meni, men hem imanym bilen sizi ruhlandyrýaryn» diýdi (Rim. 1:12). Biz dogan-uýalar, esasan-da, «imany synalanlar» bilen gürrüňdeşlik edip, biri-birimizi berkidip bileris (Ýak. 1:3). Erbet adamlar bilen gatnaşmaklyk imanymyzy «kül» edýär, ýagşy dostlar bolsa imanymyzy berkitmäge kömek edýär (1 Kor. 15:33). Şol sebäpli biz ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşyp, «biri-birimizi ruhlandyrýarys» (Ýew. 10:24, 25). w15 15/10 2:2, 8, 9

24-nji iýul, duşenbe

Bu zatlar barada oýlan; oňa bar ünsüňi ber. 1 Tim. 4:15

Biz Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmäge taýýarlananymyzda, oýlanmak üçin wagt sarp etmek wajyp. Gyzyklanýan adam barada pikirlenip, oňa ruhy taýdan ösmäge kömek etjek soraglary ýa-da aýdyň mysallary tapmaga çalyşmaly. Şeýtsek, imanymyzy berkideris we Mukaddes Ýazgylaryň ökde hem-de yhlasly mugallymy bolarys. Wagza gitmezden öň hem oýlansak peýdaly bolar (Ezra 7:10). Eger biz Resullaryň işleri kitabyndan bir baby okasak, bu bize «alan sowgadymyzy ýanyp duran ot kimin lowurdatmaga», ýagny has yhlasly wagyz etmäge kömek eder. Şeýle-de günüň dowamynda ulanjak aýatlarymyzy we adamlara hödürlejek edebiýatlarymyz hakda oýlanyp bileris (2 Tim. 1:6). Meýdançaňyzda ýaşaýan adamlar we olary gyzyklandyrmak üçin näme aýtjakdygyňyz barada oýlanyň. Siz şeýle taýýarlyk görseňiz, Mukaddes Ýazgylar arkaly ökdelik bilen wagyz edip bilersiňiz (1 Kor. 2:4). w15 15/10 4:9

25-nji iýul, sişenbe

Eger seniň sag gözüň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony oýup çykar. Mat. 5:29

Siz özüňize şeýle soraglary beriň: «Çagamy pornografiýa görmäge näme iterip biler? Ol munuň örän howpludygyna düşünýärmi? Eger pornografiýa görmäge höwes dörese, ol meniň ýanyma çekinmän gelip, kömek sorap bilermi?» Çagaňyz gaty ýaş bolsa-da siz oňa: «Eger ahlaksyz saýta gözüň düşüp, ony görmäge höwes dörese, meniň ýanyma gelip aýt, bolýarmy?! Sen utanmagyn, sebäbi men saňa kömek etmek isleýärin» diýip bilersiňiz. Paýhasly bolsaňyz, siz öz dynç alşyňyzy hem seresaply saýlap bilersiňiz. Pranas dogan şeýle diýýär: «Eger ene-atalar aýdym-saz, kinofilmler ýa-da kitaplar babatda käbir özgerişikleri etseler, bu tutuş maşgala täsir edýär. Siz çagalaryňyza köp zatlar barada ençeme gezek düşündirip bilersiňiz, emma olar siziň edýän işleriňize seredip, sizden görelde alýarlar». Eger çagalaryňyz siziň dynç almagy ünsli saýlaýandygyňyzy görseler, onda olar hem şeýle ederler (Rim. 2:21—24). w15 15/11 1:12—14

26-njy iýul, çarşenbe

Saňa görkezme bererin, ýörejek ýoluňy öwrederin. Zeb. 32:8

Şu günler, esasan, köpçülik ýerlerinde, ýagny awtobus duralgalarynda, wokzallarda, awtoduralgalarda, seýilgählerde we söwda merkezlerinde wagyz etmeklige has köp üns berilýär. Eger gullugyň bu görnüşleriniň käbirine gatnaşmak size kyn bolsa, onda ençeme ýyldan bäri etrap gözegçisi bolup gulluk edýän Anželo Manero doganyň aýdan sözleri barada oýlanyp, doga etseňiz gowy bolar. Ol şeýle diýdi: «Biz gullugyň täze görnüşine Ýehowa gulluk etmegiň hem-de wepalylygymyzy görkezmegiň täze usuly, aýypsyzlygymyzyň täze synagy hökmünde garaýardyk we nähili usul bilen bolsa-da, Hudaýa ýürekden gulluk etmek isleýärdik». Wagyz gullugynyň täze görnüşine gatnaşmak aňsat düşmese-de, bu bize Ýehowa bil baglap, imanymyzy berkitmäge we ruhy taýdan ösmäge kömek edýär (2 Kor. 12:9, 10). Wagyzçylaryň köpüsi adamlara jw.org saýtymyzy salgy bermegi gowy görýär. Web-saýtymyz hoş habary dünýäniň iň çet ýerlerine-de ýetirmäge mümkinçilik berýär. w15 15/11 5:12, 13, 15

27-nji iýul, penşenbe

Demir demri ýiteldýändir; adam hem öz dostunyň ýitelmegini gazanýandyr. Sül. tym. 27:17

«Täze dünýä terjimesiniň» iňlis dilinde çykan öňki neşirinde beýleki iňlis terjimelerindäki ýaly, Wagyz kitaby 9:10-da we başga aýatlarda ýewreýçe «şeol» diýen söz ulanylypdy. Bu aýatda öň şeýle diýilýärdi: «Seniň barýan şeolyňda ne iş, ne düşünje, ne bilim, ne-de danalyk bolar». Emma Mukaddes Ýazgylary başga dillere terjime edýän terjimeçileriň köpüsi bu babatda käbir kynçylyklara duş geldiler. Sebäbi «şeol» diýen söz olaryň okyjylaryna kän bir tanyş däl, sözlüklerinde-de duş gelmeýär we bir ýurduň ýa-da şäheriň ady ýaly görünýär. Şol sebäpli 2013-nji ýylyň täzeden seredilen terjimesinde ýewreýçe «şeol» we grekçe «gades» diýen sözleriň manysyny dogry düşündirmek üçin, olaryň deregine «gabyr» sözüniň ulanylmagyna rugsat berildi. Şeýle-de, könelişen iňlis sözleri başgasyna çalşyldy we aýatlaryň manysyny ýoýman, has düşnükli hem dogry terjime etmek üçin köp tagalla edildi. Mukaddes Ýazgylaryň başga dildäki terjimeleri iňlis dilindäki terjimäniň öňküden-de has gowy bolmagyna ýardam etdi. w15 15/12 2:10, 12

28-nji iýul, anna

Garyplara paýhasly garaýan nähili bagtly! Ýaman günde Reb ony halas eder. Reb oňa gözegçilik eder, ony diri saklar. Zeb. 41:1, 2

Eger biz keselden ejir çekýän bolsak, onda Hudaýyň geçmişdäki gullukçylaryna kömek edişi ýaly, bize-de teselli berip, goldajakdygyna we paýhasly bolmaga kömek etjekdigine ynamly bolup bileris. Biz Dawudyň günlerinde garyplara paýhasly garan adamyň ebedi ýaşamandygyny bilýäris. Dawut şu günki aýatdaky sözleri ýazanda şol rehimdar adamyň gudrat bilen diri galjakdygyny, ýagny asla ölmejekdigini aýtmady. Diýmek, bu ylhamlanan sözler wepaly hem-de rehimdar adama Hudaýyň kömek etjekdigini aňladýar. Nädip? Dawut pygamber muny şeýle düşündirdi: «Hassalyk düşeginde Reb ony söýgetlär, syrkawlygynda Sen onuň ýorgan-düşegini bütinleý çalşyrarsyň» (Zeb. 41:3). Hawa, garyplara paýhasly garaýan adam Ýehowanyň onuň ýagdaýyna düşünýändigine hem-de wepalylygyny unutmaýandygyna ynanyp bilýärdi. Şeýle-de Hudaýyň beren bedenindäki dikeldiş güýji oňa keselinden sagalyp, ýene-de aýak üstüne galmaga ýardam edip bilerdi. w15 15/12 4:7

29-njy iýul, şenbe

Tussagdakylary unutmaň. Ýew. 13:3

Pawlus resul türmede oturan ähli adamlary däl-de, imany üçin oturan doganlary göz öňünde tutdy. Ýewreý mesihçilere şu sözleri ýazanda, onuň özi-de eýýäm dört ýyldan bäri tussaglykda otyrdy (Flp. 1:12—14). Pawlus resul dogan-uýalary «türmedäki doganlara duýgudaşlyk bildirendigi» üçin öwdi (Ýew. 10:34). Ýewreý mesihçileri Pawlusdan uzakdady. Olar Pawlusy unutmaýandygyny nädip görkezip bilerdi? Olar onuň üçin gyzgyn doga etmelidi (Ýew. 13:18, 19). Şu günler belki bizem türmede oturan dogan-uýalardan uzakda ýaşaýandyrys. Belki, biz türmä golaý ýaşaýan dogan-uýalar ýaly, olara kömek edip bilýän däldiris. Ýöne biz olar üçin hemişe gyzgyn doga edip, duýgudaşlygymyzy hem söýgimizi bildirip bileris. w16.01 1:13, 14

30-njy iýul, ýekşenbe

Biziň Hudaýyň perzendidigimize mukaddes ruhuň özi ýüregimizde şaýatlyk edýär. Rim. 8:16

Hudaýyň başdaky niýetine görä, adamlar ýer ýüzünde ebedi ýaşamak üçin ýaradyldy (Gel. çyk. 1:28; Zeb. 37:29). Ýöne Ýehowa käbir adamlary gökde patyşa we ruhany etmek üçin saýlady. Şol sebäpli Ýehowa olary mesh edip, ýerdäki ýaşaýşa bolan umydyny, pikirini we garaýşyny üýtgedýär (Efes. 1:18). Ýöne adam göge çagyrylandygyny nädip bilýär? Bu soragyň jogabyny Pawlus resulyň Rimdäki mesh edilen, ýagny «mukaddes bolmaga çagyrylan» doganlara ýazan hatyndan görse bolýar. Ol şeýle diýdi: «Siz gulçulyga salýan we gorky döredýän ruhy däl-de, ogullyga kabul edýän ruhy alansyňyz. Biz şol ruh arkaly: „Awwa, Ata!“ diýip çagyrýarys. (Rim. 1:7; 8:15). Ýönekeý söz bilen aýdanyňda, adama gökde Isa Mesih bilen höküm sürjekdigi mukaddes ruh arkaly açylýar (1 Sel. 2:12). w16.01 3:8, 9

31-nji iýul, duşenbe

Başgalaryň işine goşulmaň. 1 Sel. 4:11

Biz Ýehowanyň gökde ýaşamak üçin saýlan gullukçylaryna hormat goýýandygymyzy nädip görkezip bileris? Biz olara mesh edilendigi babatda ýerliksiz soraglar bermeris we olaryň durmuşyna goşulmarys (2 Sel. 3:11). Biz olaryň ene-atasy, ýanýoldaşy ýa-da garyndaşlary hem mesh edilmelidir diýip pikir etmeli däl. Mesh edilmeklik nesilden-nesle geçmeýär ýa-da maşgala gatnaşyklaryna bagly bolmaýar (1 Sel. 2:12). Şeýle-de biz mesh edileniň aýalyny ýa-da adamsyny «Jennetde ýanýoldaşyňdan nädip aýry ýaşap bilersiň» diýip soraga tutmakdan ägä bolmaly. Şeýle soraglar onuň ýüregine ýara salmagy mümkin. Biz Ýehowanyň gelejekde elini açyp, «ähli dirileri islegleri boýunça doýurjakdygyna» berk ynanýarys (Zeb. 145:16).Mesh edilenlere aýratyn üns berýän mesihçiler başga bir howply ýagdaýa düşmegi mümkin. Mukaddes Ýazgylarda ýygnaklara «ýalan doganlaryň» assyrynlyk bilen girjekdigi aýdylýar (Gal. 2:4, 5; 1 Ýah. 2:19). w16.01 4:10, 11

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş