Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es17 sah. 77—87
  • Awgust

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Awgust
  • Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2017
  • Sözbaşylar
  • 1-nji awgust, sişenbe
  • 2-nji awgust, çarşenbe
  • 3-nji awgust, penşenbe
  • 4-nji awgust, anna
  • 5-nji awgust, şenbe
  • 6-njy awgust, ýekşenbe
  • 7-nji awgust, duşenbe
  • 8-nji awgust, sişenbe
  • 9-njy awgust, çarşenbe
  • 10-njy awgust, penşenbe
  • 11-nji awgust, anna
  • 12-nji awgust, şenbe
  • 13-nji awgust, ýekşenbe
  • 14-nji awgust, duşenbe
  • 15-nji awgust, sişenbe
  • 16-njy awgust, çarşenbe
  • 17-nji awgust, penşenbe
  • 18-nji awgust, anna
  • 19-njy awgust, şenbe
  • 20-nji awgust, ýekşenbe
  • 21-nji awgust, duşenbe
  • 22-nji awgust, sişenbe
  • 23-nji awgust, çarşenbe
  • 24-nji awgust, penşenbe
  • 25-nji awgust, anna
  • 26-njy awgust, şenbe
  • 27-nji awgust, ýekşenbe
  • 28-nji awgust, duşenbe
  • 29-njy awgust, sişenbe
  • 30-njy awgust, çarşenbe
  • 31-nji awgust, penşenbe
Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2017
es17 sah. 77—87

Awgust

1-nji awgust, sişenbe

Bütin Ýer ýüzüniň Kazysy adalatsyz hereket edermi? Gel. çyk. 18:25, TD

Ybraýym pygamber hatda ujypsyz zatlarda-da Ýehowa gulak asýardy. Şonuň üçin onuň Hudaý bilen dostlugy günsaýyn berkeýärdi. Ol Ýehowa ýüregini dökýärdi, hatda kyn meselelerde hem Ondan kömek soraýardy. Meselem, Ybraýym pygamber Ýehowanyň Sodom bilen Gomorra şäherlerini ýok etjekdigini bilende, ýagşy adamlaryň erbetler bilen bile heläk boljakdygyna gynandy. Belki-de, ol Sodom şäherinde ýaşaýan ýegeni Lut we onuň maşgalasy hakda alada edendir. Ybraýym pygamber «bütin Ýer ýüzüniň Kazysy» bolan Ýehowa bil baglap, pesgöwünlilik bilen Oňa sorag berýärdi. Ýehowa Ybraýym pygambere dogry adamlaryň ýüregini görýändigini we olary halas etjekdigini aýdyp, sabyrlylyk bilen onuň garaýşyny düzetdi (Gel. çyk. 18:22—33). Ybraýym pygamberiň Hudaý barada bilen zatlary we durmuşynda bolan wakalar Ýehowa bilen dostlugyny berkitmäge kömek etdi. w16.02 1:11, 12

2-nji awgust, çarşenbe

Goý, Ýehowa seniň bilen meniň aramda hem-de seniň nesliň bilen meniň neslimiň arasynda ebedilik şaýat bolsun. 1 Şam. 20:42, TD

Wepalylygy ähli adamlar gowy görýärler. Emma biz diňe Ýonatanyň Dawuda bolan wepalylygyna üns bersek, onda wajyp zady unutmagymyz mümkin. Näme üçin Ýonatan Dawuda bäsdeşi däl-de, dosty hökmünde garaýardy? Sebäbi Ýonatan Hudaýa bolan wepalylygy birinji ýerde goýýardy. Ol Ýehowa wepaly bolany üçin Dawuda-da wepaly boldy. Mesihçiler adamlaryň biri-birine wepalylygyna buýsanman, maşgala agzalaryna, dostlaryna we dogan-uýalara wepaly bolmaly (1 Sel. 2:10, 11). Emma biz kime ýürekden wepaly bolmaly? Elbetde, bizi ýaradan Hudaýa! (Ylh. 4:11). Şeýle wepalylyk bize durmuşda şatlyk we kanagat tapmaga kömek edýär. Biz synaglara garamazdan, hemişe Ýehowa wepaly bolmaly. w16.02 3:3, 4

3-nji awgust, penşenbe

Danyýel özüni haram etmezligi ýüregine düwýär. Dan. 1:8

Ruhy taýdan ýetişen ýaşlaryň imany berk bolýar. Olar özüni ýygnakda Hudaýyň dosty, mekdepde bolsa dünýäniň dosty ýaly alyp barmaýar. Olar, synaga düşenlerinde-de, imanda berk durýarlar (Efes. 4:14, 15). Elbetde, biziň ählimiz bikämil bolanymyz üçin, ýaşlaram, uly adamlaram käte ýalňyşýar (Wag. 7:20). Senem suwa çümdürilmek barada oýlanýan bolsaň, Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýermegi berk ýüregiňe düwendigiňi barlasaň gowy bolardy. Sen özüňe: «Men Hudaýyň kada-kanunlaryna häzirden eýerýärinmi?» diýen soragy berip bilersiň. Şeýle-de ýaňy-ýakynda imanyň synalanda nähili hereket edendigiň barada oýlan. Şol ýagdaýda paýhasly bolup, ýagşyny ýamandan saýgaryp bildiňmi? Danyýeliň döwründäki ýaly, Şeýtanyň dünýäsinde saňa-da zehiniňi ulanmagy maslahat berseler näme ederdiň? Seniň islegiň Hudaýyňka garşy gelende-de, «Ýehowanyň isleginiň nämeden ybaratdygyna düşünjek» bolýarmyň? (Efes. 5:17). w16.03 1:7—9

4-nji awgust, anna

Şol günler şeýle agyr muşakgat bolar welin, ol Hudaýyň ýaradan döwründen tä şu günlere çenli ne bolandyr, ne-de bolar. Mar. 13:19

Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, biz «soňky günlerde» ýaşaýarys. Tizden görlüp-eşidilmedik agyr muşakgat başlanar (2 Tim. 3:1). Şeýtan we onuň jynlary gökden ýer ýüzüne zyňlandygy üçin adamlara köp betbagtçylyk getirýärler (Ylh. 12:9, 12). Bize ähli milletlere hoş habary wagyz etmek tabşyryldy. Öňler hiç wagt şeýle uly möçberde wagyz edilmändi! Hudaýyň berekedini almak üçin, biz ýygnaklarda berilýän görkezmeleriň ählisine ünsli bolmaly. Eger biz häzirden görkezmelere höwes bilen gulak assak, «agyr muşakgatda» Şeýtanyň zalym dünýäsi ýok edilende-de Hudaýyň görkezmesine eýereris (Mat. 24:21). Täze dünýäde bolsa bize täze görkezmeler berler. w16.03 4:16, 18

5-nji awgust, şenbe

Şonda tüsseden çekirtgeler çykdy. Ylh. 9:3

I asyryň ahyrynda Ýahýa resul görnüşde surnaý çalýan ýedi perişdäni görýär. Bäşinji perişde surnaýyny çalanda, «bir ýyldyz» gökden aşak inýär. Şol ýyldyz elindäki açary bilen düýpsüz çuňlugyň agzyny açanda, ondan tüsse çykýar. Tüsseden bolsa çekirtgeler çykyp, ýer ýüzüne ýaýraýar. Göçme manydaky şol çekirtgeler ösümliklere däl-de, «maňlaýynda Hudaýyň möhüri basylmadyk adamlara zyýan ýetirýärler» (Ylh. 9:1—4). Ýahýa resul çekirtgeleriň çozmagynyň nähili weýran ediji bolýandygyny bilýärdi. Musanyň günlerinde-de Müsür halky çekirtgeler bilen jezalandyrylypdy (Müs. çyk. 10:12—15). Ýahýanyň gören göçme manydaky çekirtgeleri Ýehowanyň hökümini yglan edýän mesh edilen mesihçileri aňladýar. Ýerde ýaşamaga umyt edýän millionlarça mesihçiler hem olar bilen bilelikde bu işe gatnaşýarlar. Hawa, biz hoş habary agzybirlikde wagyz edip, adamlara ýalan dinden çykmaga we Şeýtanyň täsirinden azat bolmaga kömek edýäris. w16.03 3:3

6-njy awgust, ýekşenbe

Gözlerimi aç, kanunyňda ajaýyp zatlar göreýin. Zeb. 119:18

Ýaşuly dogan tejribesi az dogandan: «Özüňi Ýehowa bagyş edeniňden soňra durmuşyň özgerdimi?» diýip sorasa, onuň pikirlerini we maksatlaryny anyklap biler. Şonda siz jan aýaman gulluk etmek barada gürrüň edip bilersiňiz (Mar. 12:29, 30). Soňra siz doganyň jogapkärli borjy almagy üçin Ýehowadan mukaddes ruhy diläp bilersiňiz. Dogan özi hakda ýürekden edilen dogany eşidip, ruhlansa gerek! Ýaşuly dogan käbir aýatlar arkaly dogana yhlasly, ynamdar we kiçigöwünli bolmagyň wajypdygyny düşündirip biler (1 Pat. 19:19—21; Neh. 7:2; 13:13; Res. iş. 18:24—26). Dogana şeýle häsiýetleri ösdürmek, edil topragy mes edýän dökün ýaly wajyp. Şeýle häsiýetler ruhy taýdan çalt ösmäge we Hudaýyň Sözündäki «ajaýyp zatlara» «gözlerini açmaga» kömek edýär. w15 15/4 2:3, 4

7-nji awgust, duşenbe

Hudaýa ýakynlaşyň. Ýak. 4:8

Ýehowa bilen dostlugyňyzy berkitmek üçin, onuň bilen gürrüňdeş bolmaly. Eýsem, Hudaý bilen nädip gürrüňdeş bolup bilýärsiňiz? Siz hemişe doga edip, oňa ýüregiňizi döküp bilýärsiňiz (Zeb. 142:2). Onuň Sözüni yzygiderli okap we okan zatlaryňyzyň üstünde oýlansaňyz, Ýehowa gürlemäge mümkinçilik berýärsiňiz (Iş. 30:20, 21). Eger siz dogaňyzda ähli zady jikme-jik aýtsaňyz, Ýehowanyň berýän her bir jogabyny duýarsyňyz. Şonda Ýehowa siziň hakyky dostuňyz bolar. Siz Ýehowa dogalaryňyzda şatlygyňyzy we gaýgylaryňyzy paýlaşsaňyz, dostlugyňyz has-da berkär. Ýehowa bilen hakyky dost bolmak üçin ömürboýy jan etmeli. Biz Hudaý bilen dostlaşmaga ädim ätsek, ol hem bize tarap ädim äder. Geliň, Mukaddes Ýazgylary her gün okap, doga arkaly Hudaý bilen gürrüňdeş bolalyň. Şeýdip, dostlugymyz ebedi dowam eder we kynçylyklara döz geleris. w15 15/4 3:3, 14, 16

8-nji awgust, sişenbe

Hüşgär boluň, hemişe sagdyn pikirleniň! Duşmanyňyz bolan Iblis arlaýjy arslan kimin ýuwutjagyny agtaryp ýörendir. 1 Pet. 5:8

Bu aýatda zalym Şeýtanyň niýeti gaty gowy suratlandyrylýar! Bütin dünýä Şeýtanyň gol astynda bolsa-da, ol has köp adamy ýuwutmagyň küýüne düşýär. Şeýtan Ýehowanyň halkyny ýuwutmak isleýär. Ol I asyrdan tä şu günlere çenli Isanyň şägirtlerini zalymlyk bilen yzarlaýar. Arslan ajyganda penjesine düşen jandary zalymlyk bilen tüýt-müt edýär; oňa rehmi inmeýär. Şeýtanyň hem adamlara hiç hili nebsi agyrmaýar. Meselem, ysraýyl halky ahlaksyzlygyň we açgözlügiň duzagyna düşende, bukuda ýatan Şeýtan Iblisiň awuna syn edişini göz öňüne getiriň. Zimri azgynlyk etdi, Geýhazy bolsa açgözlükden ýaňa gözgyny ýagdaýa düşdi. Bu wakalary okanyňyzda, arslanyň awunyň şowly bolandygy üçin arlaýandygyny «görýärsiňizmi»? (San. 25:6—8, 14, 15; 2 Pat. 5:20—27). w15 15/5 1:8, 9

9-njy awgust, çarşenbe

Iblise garşy duruň, şonda ol sizden gaçar. Ýak. 4:7

Biz Şeýtany nädip ýeňip bileris? Isa şägirtlerine: «Siz çydamly bolmak bilen, janyňyzy halas edersiňiz» diýýär (Luka 21:19). Adamlar bize düzedip bolmajak zyýan ýetirip bilmeýär. Hudaýdan daşlaşmagymyza diňe biziň özümiz günäkär bolýarys (Rim. 8:38, 39). Şeýtan Ýehowanyň gullukçylaryny öldürse-de, ýeňiş gazanmaýar. Sebäbi Ýehowa olary höwes bilen direlder (Ýah. 5:28, 29). Şeýtanyň bolsa gelejege umydy ýok. Bu zalym dünýä ýok edilende, ol 1 000 ýyla baglanar (Ylh. 20:1—3). Şeýtan Isanyň Müňýyllyk Patyşalygynyň soňunda kämil adamlary synamak üçin az wagtlyk «tussaglykdan boşadylar». Soňra Iblis doly ýok ediler (Ylh. 20:7—10). Şeýtanyň gelejegi kesgitlenen, ýöne siziň gelejegiňiz başgaça bolup biler. Şeýtana garşy göreşip, imanda berk duruň! (1 Pet. 5:9). Siz Şeýtany ýeňersiňiz! w15 15/5 2:1, 17

10-njy awgust, penşenbe

Paýhasly adam bela-beteri görüp gizlenýändir; mön adamlar bolsa ileri geçip, zyýan görýändir. Sül. tym. 22:3

Düşgür adam pikirlenmegi tutaşýan oda meňzedýär. Ody dogry ulanmak peýdaly bolýar. Meselem, otda nahar bişirilýär. Emma ot käte howply bolýar. Ody gözden salsaň, jaýy ýakyp, adamlary heläk edýär. Şonuň ýaly-da, biz Ýehowanyň göreldesi barada oýlansak, ruhy taýdan berkäris. Emma ahlaksyz zatlar barada oýlanmaklyk howply bolýar. Meselem, günä iterýän zatlar barada oýlanmagy endik edinsek, soňabaka olary edip başlarys. Hawa, ahlaksyz arzuwlar ruhy taýdan bogýandyr! (Ýak. 1:14, 15). Elbetde, How ene Erem bagynda jynsy ahlaksyzlyk barada oýlanmady. Emma Isa ahlaksyz işler barada pikirlenmegiň hem nädogrydygyny duýdurdy. Ol: «Bir aýala azgyn höwes bilen seredýän adam ýüreginde onuň bilen eýýäm zyna edendir» diýdi (Mat. 5:28). w15 15/5 4:11, 12, 14

11-nji awgust, anna

Meniň begenjim adam ogullary bilendi. Sül. tym. 8:31

Isa diňe bir yhlasly wagyz etmän, eýsem, adamlaryň ýürekden aladasyny edýärdi. Bir sapar Isa Jeliläniň bir şäherinde gözgyny ýagdaýa duş gelýär (Mar. 1:39, 40). Ol gorkunç heýwere keselli adamy görýär. Luka lukman ol adamyň «tutuş endamyna heýwere keseliniň» ýaýrandygyny aýdýar (Luka 5:12). Ol adam «Isanyň öňünde ýüzin ýykyldy-da, oňa ýalbaryp: „Halypam, eger sen isleseň, meni tämiz edip bilersiň“ diýdi». Ol Isanyň sagaldyp biljekdigine şübhelenmeýärdi, ýöne Isanyň kömek etmäge isleginiň bardygyny biljek bolýardy. Isa onuň haýyşyna nähili seslendi? Isa heýwere keselli adama elini goýup, mähir bilen: «Isleýärin, tämiz bol!» diýip, ynamly aýtdy. Şonda «ol adam... heýwere keselinden sagalyp, tämiz boldy» (Luka 5:13). Bu Isanyň adamlary söýýändigini görkezýär (Luka 5:17). w15 15/6 2:3—5

12-nji awgust, şenbe

Özüni çetde tutýan... ähli sagdyn öwüde garşy gidýändir. Sül. tym. 18:1

Biz ynamdar, ruhy taýdan ösen mesihçä ýüregimizi döksek, erbet höwesleri ýeňip bileris (Ýew. 3:12, 13). Ol biziň bilmeýän zadymyza düşünmäge kömek eder. Şonda biz gerekli özgerişleri edip, Ýehowanyň söýgüsinde galyp bileris. Ýehowa bize kömek etmek üçin ýörite ýygnak ýaşulularyny belledi (Ýak. 5:13—15). Pornografiýa ahlaksyz höwesleri oýarýar. Ony görýän adam ruhy kömege has-da mätäç bolýar. Eger şeýle adam wagtynda kömek soramasa, onuň höwesi «günä iterýär, günä bolsa ölüme eltýär», dogan-garyndaşlarynyň ýüregine ýara salar we Ýehowanyň adyna ysnat getirer. Ýehowany razy edip, onuň halkynyň agzasy bolmak isleýän mesihçileriň her biri söýgi bilen berlen kömegi kabul edýärler (Ýak. 1:15; Zeb. 141:5; Ýew. 12:5, 6). w15 15/6 3:15—17

13-nji awgust, ýekşenbe

Şol gün her bir pygamber pygamberlik edýän wagtynda görnen görnüşlerden utanar, adamlary aldamak üçin pygamberleriň ýüň donuny geýmez. Zak. 13:4

«Beýik Wawilon» ýykylanda, onuň agzalarynyň ählisi ýok edilermi? Ýok, ählisi däl! Käbir dini ýolbaşçylar ýalan dine degişlidigini inkär edip, ondan ýüz öwrerler (Zak. 13:5, 6). Şol wagt Hudaýyň halkyna näme bolar? Isa şeýle düşündirdi: «Eger şol günler gysgaldylmadyk bolsa, hiç kim halas bolmazdy. Ýöne saýlananlar üçin, ol günler gysgaldylar» (Mat. 24:22). B. e. 66-njy ýylynda uly muşakgat «gysgaldylypdy». Şonda saýlananlar ýagny mesh edilen mesihçiler şäherden we onuň töwereginden gaçdylar. Şonuň ýaly geljekki uly muşakgat «saýlananlaryň» hatyrasyna gysgaldylar. Syýasy guramalary aňladýan «on şah» Hudaýyň halkyny ýok edip bilmez (Ylh. 17:16). Muňa derek, az wagtlyk asudalyk bolar. w15 15/7 2:5, 6

14-nji awgust, duşenbe

Synagçy onuň ýanyna geldi. Mat. 4:3

Köplenç adamyň synaga düşjegi ýa-da düşmejegi özüne bagly bolup biler (Mat. 6:13; Ýak. 1:13—15). Isa Mesih synaga düşende, Şeýtanyň teklibini inkär edip, Mukaddes Ýazgylar esasynda jogap berýär. Şeýdip, ol Hudaýyň höküm sürmäge haklydygyny subut edýär. Emma Şeýtan synamagyny bes etmeýär. Ol has amatly pursata garaşýar (Luka 4:13). Şeýtan näçe jan etse-de, Isa Mesih ähli synaglarda wepaly galýar. Ol Ýehowanyň hökümdarlygyny goldap, kämil adamyň ýowuz synaglara garamazdan, Hudaýa wepaly galyp biljekdigini subut edýär. Indi Şeýtan Isanyň şägirtlerine we size hüjüm edýär. Ýehowa jedelli mesele sebäpli Şeýtanyň synamagyna ýol berse-de, Onuň özi bizi hiç haçan synamaýar. Hudaý biziň wepaly galjakdygymyza ynanýar we bize kömek etmek isleýär. Biz erkin edip ýaradyldyk. Ýehowa erkinligimize hormat goýýandygy üçin ähli synaglardan goramaýar. Hudaýa wepaly bolmak üçin ruhy taýdan oýa bolmaly we yzygiderli doga etmeli. w15 15/6 5:13, 14

15-nji awgust, sişenbe

Biz edýän gullugymyzda hiç hili kemçilik tapylmaz ýaly, hiç bir ýagdaýda büdremäge sebäp bolmaýarys. 2 Kor. 6:3

Mesihçiler bitarap bolmak babatda ynsabyny terbiýelemeli we dogry garaýşy ösdürmeli (Rim. 14:19). Bir mysala seredeliň. Ýugoslawiýada ýaşaýan Merýetanyň maşgalasy serb halkyny ýigrenýärdi. Merýeta Ýehowanyň adamlary ala tutmaýandygyny we Şeýtanyň milletparazlygy öňe sürýändigini bilende, ýüregindäki erbet häsiýeti köki bilen sogrup taşlamaga jan edýär. Bir gün onuň ýaşaýan ýerinde gozgalaň turýar we ol ýene-de serbleri ýigrenip başlaýar, hatda olara wagyz etmek hem islemeýär. Emma uýa nädogry pikirini düzetmelidigine düşünýär. Merýeta kynçylyga döz gelmek we pioner bolup gulluk etmek barada Ýehowa doga edýär. Ol: «Adamlara wagyz edip, men erbet pikirlerimi ýeňýärin. Men Ýehowanyň söýgüsine eýermäge we nädogry garaýşymy üýtgetmäge jan edýärin» diýýär. w15 15/7 3:11—13

16-njy awgust, çarşenbe

Özüne ak ýürekden gulluk edenlere güýç-kuwwat bermek üçin Ýehowa bütin ýer ýüzüne syn edýär. 2 Ýyl. 16:9, TD

Ýahudanyň patyşasy Ýehoşapat bilen bolan waka seredeliň. Bir gezek Ýehoşapat akylsyzlyk edip, Ysraýylyň patyşasy Ahaba kömek etjekdigini aýdýar. 400 sany ýalan pygamber olaryň ýeňiş gazanjakdygyny aýdýarlar, emma Ýehowanyň pygamberi Mika Ahabyň ýeňiljekdigini welilik edýär. Ahap uruşda wepat bolýar, Ýehoşapat bolsa zordan gaçyp gutulýar. Ol Iýerusalime dolanyp gelende, Ahaby goldandygy üçin käýinç alýar. Emma Hanany pygamberiň ogly Ýehu Ýehoşapata: «Sen gowy işler hem etdiň» diýýär (2 Ýyl. 18:4, 5, 18—22, 33, 34; 19:1—3). Ýehoşapat ýalňyşsa-da, Ýehowa onuň eden ýagşy işlerini unutmady (2 Ýyl. 17:3—10). Bu wakadan görnüşi ýaly, eger Ýehowany razy etmege çalyşsak, goýberýän ýalňyşlyklarymyza garamazdan, ol bizi hemişe söýer. w15 15/8 1:8, 9

17-nji awgust, penşenbe

Olary köp ýagşy işleri etmäge... höweslendir... şonda olar hakyky ýaşaýşa berk ýapyşyp bilerler. 1 Tim. 6:18, 19

Biz täze dünýäde ýaşamak üçin näme etmeli? Aýdaly, biz başga ýurda göçmekçi bolýarys. Biz oňa nähili taýýarlyk göreris? Ilki bilen, biz ol ýerdäki ýaşaýşy göz öňüne getirip, ýerli halk ýaly ýaşap başlarys. Başgaça aýdanyňda, ol ýeriň dilini, däp-dessuryny we milli naharlaryny öwreneris. Täze dünýäde ýaşamak üçin bizem häzirden taýýarlyk görmeli we özümizi şol ýerde ýaşaýan ýaly alyp barmaly. Käbir adamlaryň garaşsyz we özdiýenli bolmagynyň netijesi nähili boldy? Adamlaryň Hudaýyň görkezmesinden ýüz öwrenendigi sebäpli ýer ýüzünde horluk we betbagtçylyk bolýar (Ýer. 10:23). Biz ähli adamlaryň Ýehowanyň hökümdarlygyna tabyn boljak döwrüne sabyrsyzlyk bilen garaşýarys! w15 15/8 3:4, 5

18-nji awgust, anna

Imansyzlar bilen bir boýuntyryga girmäň. 2 Kor. 6:14

Durmuş gurmak isleýän mesihçiler kimler bilen gatnaşýandygyna has-da ünsli bolmaly. Mukaddes Ýazgylarda özüne taý gözleýän mesihçilere «Diňe Halypamyzyň şägirdi», ýagny Ýehowa özüni bagyş edip, suwa çümdürilen we Onuň islegine görä ýaşaýan adam bilen durmuş gurmak maslahat berilýär (1 Kor. 7:39). Bu maslahata eýerýän mesihçiler, Ýehowa wepaly we ruhy taýdan berk bolmaga kömek edýän ýanýoldaş saýlaýarlar. Ýehowa gullukçylaryna diňe gowy zatlary öwredýär; onuň nika bolan garaýşy hiç haçan özgermeýär. Bu Onuň Musa arkaly ysraýyllylara beren görkezmesinden aýdyň görünýär. Ol Ýehowa gulluk etmeýän ýerli ýaşaýjylar babatda ysraýyllylara şeýle tabşyryk berdi: «Olar bilen garyndaşlyk açmaň... Çünki olar çagalaryňyzy başga hudaýlara gulluk etdirdip, Rebbiň yzyna eýermekden ýüz öwürderler» (Kan. tag. 7:3, 4). w15 15/8 4:12, 13

19-njy awgust, şenbe

Aýypsyz galyp, hiç kimiň büdremegine sebäp bolmaz ýaly, iň wajyp zatlara düşünmegiňizi dileýärin. Flp. 1:10

Biz ynsabymyzy nädip terbiýeläp bileris? Munuň üçin biz doga edip, Mukaddes Ýazgylary yzygiderli okamaly we okan zatlarymyz barada oýlanyp, olary durmuşymyzda ulanmaly. Emma biz Mukaddes Ýazgylary we onuň kada-kanunlaryny öwrenmek bilen çäklenmän, Ýehowanyň häsiýetlerini, halaýan hem-de ýigrenýän zatlaryny bilmäge çalyşmaly. Biz ynsabymyzy näçe köp terbiýelesek, şonça-da Ýehowanyň ýolundan ýöremek isläris. Biz şahsy meselelerde bir imandaşymyzyň gelýän karary bilen ylalaşmasak, ony derrew ýazgaryp, pikirini üýtgetmegi talap etmekden ägä bolmaly. Megerem, ol «gowşak» ynsabyny terbiýelemelidir ýa-da käbir meselelerde ynsaby gowşaklyk edýändir (1 Kor. 8:11, 12). w15 15/9 2:4, 8, 10

20-nji awgust, ýekşenbe

Ol ýeri adam ogullaryna berdi. Zeb. 115:16

Hudaýyň ýaradan zatlarynyň arasynda iň täsini Ýer şary. Göz öňüne getiriň, Akmaýanyň ýolunda sansyz-sajaksyz planetalar bar, ýöne Ýehowa Ýer şaryny örän täsin tärde ýaratdy. Ol Ýeri ýaşaýyş üçin diňe bir gerekli zatlar bilen üpjün etmän, eýsem, ony amatly, owadan we howpsuz öý edip ýaratdy (Iş. 45:18). Bu Ýehowanyň adamlara bolan çuňňur söýgüsini görkezmeýärmi näme?! (Eýp. 38:4, 7; Zeb. 8:3—5). Ýehowa bize ajaýyp öýi, ýagny Ýer şaryny berse-de, biziň bagtly we kanagat tapyp ýaşamagymyz üçin başga-da zadyň gerekdigini bilýär. Çaga ata-enesiniň söýgi bilen aladasyny edýändigini görende, özüni bagtly duýýar. Ýehowa bizi söýgi bilen ýaradyp, Özünden görelde almaga mümkinçilik berdi. Bu bize Ýehowanyň söýgüsini duýmaga, oňa söýgi bildirmäge we bagtly ýaşamaga kömek edýär (Gel. çyk. 1:27). Isanyň aýtmagyna görä, bizem gökdäki Atamyz Ýehowa bilen dostlaşsak, bagtly bolup bileris (Mat. 5:3). Ýehowa bize ähli zady «lezzet almak» üçin berýär. Dogrudan-da, söýgüden doly Ýehowa örän jomart Hudaý (1 Tim. 6:17; Zeb. 145:16). w15 15/9 4:6, 7

21-nji awgust, duşenbe

Ýol bardyr, adama dogry görünýändir; onuň soňy bolsa ölüm ýollarydyr. Sül. tym. 14:12

Mezmurçy: «Hudaýa umyt baglaýaryn, çünki gutaryşy üçin men Oňa ýene şükür ederin. Eý Hudaýym, meniň janym içimde sussupes, munuň üçin men Seni... ýatlaýaryn» diýip, özüniň dogry garaýyşdadygyny görkezdi (Zeb. 42:5, 6). Gör, nähili çuňňur söýgi! Sizem gökdäki Atamyzy söýüp, oňa bil baglaýarsyňyzmy? Eger şeýle bolsa, durmuşyň ähli ýagdaýlarynda Oňa bil baglamaga jan ediň. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda: «Rebbe bütin ýüregiň bilen bil bagla, öz düşünjäňe daýanma. Bütin ýollaryňda ony tana, Ol hem seniň ýodalaryňy dogrular» diýilýär (Sül. tym. 3:5, 6). Ýehowa öňürti bizi söýmek bilen, bize özüni söýmegi öwretdi. Geliň, onuň söýgüsi we elleriniň işi barada hemişe oýlanalyň! Şonda biz Ýehowany bütin ýüregimiz, janymyz, düşünjämiz we güýjümiz bilen söýüp bileris (Mar. 12:30). w15 15/9 5:17—19

22-nji awgust, sişenbe

Men hojalygym bilen Ýehowa gulluk etjekdirin. Ýeş. 24:15, TD

Biz adamlara wagyz edenimizde, diňe bir olaryň imanyny däl, eýsem, öz imanymyzy hem berkidýäris. Şeýle-de I asyrda ýaşan mesihçileriň göreldesine eýerip, bizem Ýehowa bil baglamagy we her bir ýagdaýda özümizi dogumly alyp barmagy öwrenýäris (Res. iş. 4:17—20; 13:46). Biz Ýehowanyň edýän doga-dileglerimize jogap berip, kömek edýändigini görenimizde, imanymyz has-da berkeýär. Muny Kalep we Ýeşuwa bilen bolan wakadan görse bolýar. Olar Ýehowa bil baglap, iman bilen Wada edilen diýary gözden geçirmäge gitdiler. Olar Ýehowanyň hemişe kömek edýändigini görüp, imanyny has-da berkitdiler. Şol sebäpli Ýeşuwanyň ysraýyllylara: «Rebbiň size beren ähli ajaýyp wadalarynyň ýekejesi hem ýerine ýetmän galmady... Şonuň üçin hem indi siz Rebden gorkuň, Oňa ak ýürekden we yhlas bilen gulluk ediň » diýen sözleri geň galdyrmaýar (Ýeş. 23:14; 24:14). Eger bizem Ýehowanyň kömegini görsek we Oňa bil baglasak, imanymyzy berkidip bileris (Zeb. 34:8). w15 15/10 2:10, 11

23-nji awgust, çarşenbe

Ezra ýüregini taýýarlady. Ezra 7:10, TD

Siz jemagat nutuklarynda we kongreslerde aýdylýan pikirleri bellik edýän bolsaňyz, olary gaýtalamak üçin wagt tapyň. Şonda özüňize şeýle sorag berip bilersiňiz: «Men Mukaddes Ýazgylar we Hudaýyň guramasy hakda nämeleri bildim?» Şeýle-de her aý çykýan «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallaryndaky maglumatlar we iň soňky geçirilen kongresde aýdylan pikirler barada oýlanyp bilersiňiz. «Ýyllyk» kitabyndan bir wakany okanyňyzdan soň, biraz säginip, ýüregiňize täsir eder ýaly, okan zatlaryňyz hakda oýlanyň. Belki-de, siz edebiýatlarymyzy okanyňyzda, esasy pikirleriň aşagyny çyzmak ýa bellemek islärsiňiz. Bellän pikirleriňiz size gaýtadan idege, çopançylyk ideglerine ýa-da nutuk bilen çykyş etmäge taýýarlananyňyzda kömek eder. Iň wajyby bolsa, biraz säginip, okan zadyňyzyň üstünde oýlansaňyz, ýüregiňize täsir eder we öwrenen oňat zatlaryňyz üçin Ýehowa dogada minnetdarlyk bildirmäge höweslendirer. w15 15/10 4:9, 10

24-nji awgust, penşenbe

Isa ulalyp, akyldarlykda barha artýardy we Hudaýy hem-de adamlary razy edýärdi. Luka 2:52

Çagasynyň suwa çümdürilýändigini görende, mesihçi ene-atalar gaty begenýärler. Dört çagasy hem 14 ýaşyna ýetmänkä suwa çümdürilen Berenika uýa şeýle diýýär: «Bu biziň üçin örän tolgundyryjy boldy. Elbetde, biz çagalarymyzyň Ýehowa gulluk etmek isleýändigine diýseň begendik. Emma ýetginjek çagalarymyzyň köp kynçylyklara duş geljekdigini bilýärdik». Çaganyň ösüşini öwrenýän bir alym şeýle diýýär: «Ýetginjeklik aň-düşünjesizlik ýa-da ýetişenlik derejä ýetilmedik döwür däl. Bu duýgy taýdan berkemegiň, durnukly häsiýete eýe bolmagyň hem-de döredijilik ukyplaryny ösdürmegiň wagtydyr». Siziň ýetginjek çagalaryňyz Ýehowa bilen dostlugyny berkitmäge hem-de Hudaýa gulluk etmek babatda käbir maksatlary goýup, olara ýetmäge jan edip biler. Şeýle-de özüni Hudaýa bagyş edip, şoňa görä ýaşamaga dyrjaşyp biler. Belki-de, olar ýaşlyk döwrüni ruhy taýdan ösmäge amatly wagt hasaplar. Isa-da ýaşlygynda şeýle edipdi. w15 15/11 2:1, 2

25-nji awgust, anna

Patyşalygyň gelsin. Gökde bolşy ýaly, ýerde-de seniň islegiň amala aşsyn. Mat. 6:10

Hudaýyň adamzada bolan çäksiz söýgüsi Mesihi Patyşalyk arkaly hem görünýär. Ýehowa bu hökümeti adamlary ýürekden söýýän we ussatlyk bilen höküm sürmegi başarýan Ogly Isa Mesihe tabşyrdy (Sül. tym. 8:31). Gökde Isa bilen bile höküm sürjek 144 müňler hem ýerde ynsan bolup ýaşandygy üçin, adamlaryň ýagdaýyna gowy düşünýärler (Ylh. 14:1). Isa, esasan, Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň berýärdi. Ol şägirtlerine Patyşalygyň gelmegini we bereketler getirmegi barada doga etmegi öwretdi. Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlige görä, 1914-nji ýylda Isanyň «gelmegi», ýagny gökde Hudaýyň Patyşalygy berkarar edildi. Şondan bäri Isa bilen bile höküm sürjekleriň galyndysy hem-de zalym dünýäden sag-aman geçip, Jennetde ýaşajak «uly märeke» ýygnalýar (Ylh. 7:9, 13, 14). w15 15/11 3:16, 18

26-njy awgust, şenbe

Maňa gulak assana, men geplejek. Eýp. 42:4

Ýahýa resul Ýehowanyň ilkinji ýaradan perişdesine «Söz» hem-de «Hudaýyň ilkinji ýaradany» diýdi (Ýah. 1:1; Ylh. 3:14). Ýehowa Hudaý ilkinji doglan Ogly bilen pikirlerini we duýgularyny paýlaşýardy (Ýah. 1:14, 17; Kol. 1:15). Pawlus resul perişdeleriň hem gepleşýändigini aýtdy; olaryň dili ynsanyňkydan düýpgöter tapawutlanýar (1 Kor. 13:1). Ýaradyjymyz Ýehowa milliardlarça perişdeleri we adamlary gowy tanaýar. Her minutda oňa dürli dilde gepleýän millionlarça adamlar doga edýär. Ýehowa diňe bir adamlaryň dogasyny diňlemän, eýsem, perişdeler bilen hem gürrüňdeş bolup, olara-da görkezme berýär. Bu zatlar Hudaýyň pikirleriniň we gepleýşiniň ynsanyňkydan has ýokarydygyny görkezýär (Iş. 55:8, 9). Görşümiz ýaly, Ýehowa adamlaryň düşünmegi üçin, olar bilen has sada dilde gepleşýär. w15 15/12 1:1, 2

27-nji awgust, ýekşenbe

Bütin ýer ýüzi deňziň suwdan doluşy deý, Ýehowa barada bilimden dolar. Iş. 11:9, TD

Köp ýurtlarda Mukaddes Ýazgylaryň gymmat satylýandygy we gytdygy üçin, ony almagyň özi hem uly bereket bolýar. Ruandanyň hasabatynda şeýle diýilýär: «Öňler okuw geçýän adamlaryň köpüsinde Mukaddes Ýazgylaryň bolmandygy üçin, olar ruhy taýdan ösüp bilmeýärdiler. Buthananyň çykaran Mukaddes Ýazgylaryny satyn almaga-da olaryň ýagdaýy ýokdy. Adamlar köplenç aýatlaryň manysyna doly düşünmeýärdiler, bu bolsa olaryň ösmegine päsgel berýärdi». Emma şol dilde «Täze dünýä terjimesi» çykanda, ähli zat başgaça boldy. Ruandada ýaşaýan dört çagaly bir maşgala şeýle diýýär: «Biz Mukaddes Ýazgylary beren Ýehowa Hudaýa hem-de wepaly we paýhasly hyzmatkäre ýürekden minnetdarlyk bildirýäris. Biz gaty garyp ýaşaýandygymyz üçin, maşgala agzalarymyzyň her birine Mukaddes Ýazgylary satyn alyp bilmeýärdik. Emma häzir biziň her birimiziň öz Mukaddes Ýazgylarymyz bar. Biz Ýehowa minnetdarlygymyzy görkezmek üçin, Mukaddes Ýazgylary her gün maşgala bolup okaýarys». w15 15/12 2:15, 16

28-nji awgust, duşenbe

Ýa Reb, maňa rehim et, janyma şypa ber, çünki men Saňa garşy günä etdim. Zeb. 41:4

Dawut bu sözleri özüniň hassa we elinden hiç zat gelmeýän wagty Abşalomyň tagta çykjak bolan döwri barada ýazan bolmaly. Ýehowa Dawut pygamberi bagyşlasa-da, ol özüniň Batşeba bilen eden günäsini we onuň getiren netijelerini unutmaýardy (2 Şam. 12:7—14). Muňa garamazdan, Dawut patyşa Hudaýyň ony hassalyk düşeginde söýgetlejekdigine ynanýardy. Dawut pygamber Ýehowanyň ony gudrat bilen sagaltmagy barada doga etmedi. Ol Hudaýyň rehimdar adama kömek edişi ýaly, ony «hassalyk düşeginde söýgetlemegini» isleýärdi (Zeb. 41:3). Ýehowa Dawudyň günäsini bagyşlapdy, şonuň üçin ol Hudaýyň teselli berip, goldamagyny hem-de ýarawsyzlygyndan gutulmak üçin güýç-kuwwat bermegini diläp bilýärdi (Zeb. 103:3). Biz hem şeýle edip bileris. w15 15/12 4:8, 9

29-njy awgust, sişenbe

Siz... ogullyga kabul edýän ruhy alansyňyz. Biz şol ruh arkaly: «Awwa, Ata!» diýip çagyrýarys. Rim. 8:15

Mesihçiniň göge çagyrylandygyny hiç bir adamyň tassyklamagy hökman däl. Sebäbi Ýehowanyň özi onuň aňyna we ýüregine täsir edip, mesh edilendigine ynandyrýar. Ýahýa resul mesh edilenlere şeýle diýdi: «Siz Mukaddes Hudaý tarapyndan mesh edildiňiz we ähliňiz hakykaty bilýärsiňiz. Siz hakda aýtsam, size tälim berýänçiler gerek däl. Sebäbi Hudaý sizi ruhy bilen mesh etdi, şol ruh sizde galýandyr. Ol size ruhy arkaly ähli zady öwredýär; bu hakykatdyr, ýalan däldir. Şol sebäpli ruhuň size öwredişi ýaly, siz onuň bilen birlikde galyň» (1 Ýah. 2:20, 27). Elbetde, mesh edilenlerem ruhy taýdan görkezmä mätäç. Ýöne olaryň göge çagyrylandygyny hiç kimiň tassyklamagy gerek däl. Sebäbi olara muny Älemdäki iň uly güýç tassyklaýar! w16.01 3:9, 10

30-njy awgust, çarşenbe

Bar zadyňyza kaýyl boluň. Ýew. 13:5

Bar zadymyza kaýyl bolmak üçin Ýehowa bil baglamaly. Şonda biz zadymyzy köpeltjek bolup alada galmarys (1 Tim. 6:6—8). Bu bize pula satyn alyp bolýan zatlary däl-de, Ýehowa bilen dostlugymyzy we dogan-uýalar bilen gatnaşygymyzy has gymmat saýmaga kömek eder. Bar zadyna şükür edýän adam igenmeýär, nägile bolmaýar we hiç haçan kemçilik gözlemeýär. Şeýle-de ol doganlara bolan söýgimizi sowadýan göripligiň we açgözlügiň duzagyna düşmeýär, gaýtam, eli açyk bolýar (1 Tim. 6:17—19). Şeýle-de biz Ýehowa bil baglasak, islendik kynçylyga mertlik bilen döz geleris (Ýew. 13:6). Şeýle batyrgaýlyk bize dogry garaýyşda bolmaga kömek eder we dogan-uýalara teselli bereris hem-de göwnüni götereris (1 Sel. 5:14, 15). Hatda agyr muşakgatda-da hiç zatdan gorkman, «dikelip, başymyzy galdyrarys». Sebäbi «gutulyşyň golaýlandygyny» bileris (Luka 21:25—28). w16.01 1:16, 17

31-nji awgust, penşenbe

Ýehowa öz adamlaryny bilýändir. 2 Tim. 2:19

Ýatlama agşamynda nyşanlardan dadýanlary sanaýan doganlar olaryň hiç birini ýazgarmaly däl. Sebäbi olaryň käbiri özlerine mesh edilendir öýdüp, nyşanlardan ýalňyşyp dadýarlar. Käbirleri wagtyň geçmegi bilen, nyşanlardan datmagyny bes edýärler. Käbirleri bolsa psihiki taýdan kemçiligi bolandygy ýa-da göwnüçökgünlige düşendigi sebäpli Mesih bilen gökde höküm sürjekdigine ynanýarlar. Şol sebäpli häzir ýer ýüzünde galan mesh edilenleriň anyk sanyny bilip bolmaýar. Mukaddes Ýazgylarda agyr muşakgat başlanda, ýerde galjak mesh edilenleriň sany barada hiç zat aýdylmaýar. w16.01 4:12—14

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş