Sentýabr
1-nji sentýabr, anna
Ybraýym Hudaýyň... aýdan ýerine gitdi. Gel. çyk. 22:3
Ybraýym ýany bilen barýan hyzmatkärlerine şeýle diýipdi: «Siz şu ýerde, eşegiň ýanynda galyň. Oglum ikimiz beýleräge gidip, sežde edip, onsoň yzymyza dolanyp geleris» (Gel. çyk. 22:5). Ol nämäni göz öňünde tutdy? Ybraýym pygamber ogly Yshagy gurban bermelidigini bilse-de, Yshak bilen yzymyza dolanarys diýip, hyzmatkärlerine ýalan sözledimi? Ýok. Mukaddes Ýazgylarda onuň şol wagt näme hakda pikir edendigi aýdylýar (Ýew. 11:19). Ybraýym «Hudaý oglumy ölümden direldip biler — diýip pikir etdi». Hawa, Ybraýym direlişiň boljakdygyna ynanýardy. Sebäbi ol aýaly Sara bilen gartaşan wagtynda Ýehowanyň täsin gudratyny görüpdi (Ýew. 11:11, 12, 18). Ybraýym pygamber Ýehowanyň ähli zady başarýandygyny bilýärdi. Şol sebäpli ol ýalňyz ogly ölse-de, Ýehowanyň beren wadalaryny berjaý etmek üçin, Yshagy direltjekdigine ynanýardy. Ine şol sebäpli-de oňa «iman eden ähli... adamlaryň atasy» diýilýär (Rim. 4:11). w16.02 1:3, 13
2-nji sentýabr, şenbe
Ýehowa beýik adynyň hatyrasyna öz halkyny terk etmez. 1 Şam. 12:22, TD
Hudaý Ýonatanyň kakasy Şawuly patyşa edip belledi. Emma Ýehowa Şawuly gulak asmandygy üçin terk etdi (1 Şam. 15:17—23). Muňa garamazdan, Hudaý Şawuly derrew tagtdan düşürmedi. Şol sebäpli onuň gol astyndaky adamlaryň hem Hudaýa bolan wepalylygy synaldy. Sebäbi «Rebbiň beren tagtynda» Ýehowa gulak asmaýan patyşa otyrdy (1 Ýyl. 29:23). Ýonatan kakasy Ýehowa tabyn bolmasa-da, Hudaýa wepaly boldy (1 Şam. 13:13, 14). Ýonatan ýaly bizem ygtyýarly adamlara hormat goýmak bilen Ýehowa wepalylygymyzy görkezýäris. Meselem, häkimiýetler parahor bolsalar hem, biz olara hormat goýýarys. Sebäbi biz «ýokary häkimiýetlere tabyn bolmalydygyna» düşünýäris (Rim. 13:1, 2). Hawa, biz ygtyýarly adamlara hormat goýsak, Ýehowa wepaly bolýarys (1 Kor. 11:3; Ýew. 13:17). w16.02 3:5, 6, 8
3-nji sentýabr, ýekşenbe
Seniň gudratyň gününde halkyň mukaddes dabarada meýletin häzir bolar. Zeb. 110:3
Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň ähli gullukçylarynyň, şol sanda ýaşlaryň hem höwes bilen gulluk etjekdigi aýdylýar. Şol sebäpli suwa çümdürilmek barada oýlanýan adam şeýle karara öz islegi bilen gelýändigine doly göz ýetirmeli. Munuň üçin özüňi çynlakaý barlamaly. Eger sen hakykaty çagalygyňdan bäri bilýän bolsaň, bu has-da wajypdyr. Belki-de, sen köp adamlaryň, şol sanda käbir deň-duşlaryň ýa-da süýtdeş doganlaryň suwa çümdürilendigini görensiň. Şeýle ýagdaýda bir wajyp zady ýatdan çykarmasaň gowy bolar. Ähli ýaşlaryň iru-giç kämillik ýaşyna ýetişi ýaly, suwa çümdürilmeklige-de öz-özünden bolýan zat hökmünde garamakdan seresap bolmaly. Onda suwa çümdürilmeklige Ýehowa ýaly garamaga näme kömek eder? Şeýle ädimiň näme üçin wajypdygy barada oýlanmaga ýörite wagt tapsyň gowy bolardy. w16.03 1:11, 12
4-nji sentýabr, duşenbe
Goý, muny eşidýänler hem «Gel!» diýsinler, goý, suwsan adam gelsin; isleýän adam, goý, ýaşaýyş suwuny mugt alsyn. Ylh. 22:17
Biz bu çakylygy ýygnakdaky dogan-uýalar bilen nädip üstünlikli aýdyp bileris? Munuň üçin «özara sazlaşykly birleşip... biri-birimiz» bilen işleşmeli (Efes. 4:16). Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary, mümkin boldugyndan, köp adamlara ýetirmek üçin guramaçylykly wagyz etmeli. Şol sebäpli bütin dünýädäki dogan-uýalaryň agzybir işleşmegi üçin ýygnaklarda görkezmeler berilýär. Biz wagyz duşuşygyny geçirip, hoş habary wagyz etmäge gidýäris. Adamlar bilen gürrüňdeş bolup, Mukaddes Ýazgylara esaslanan millionlarça edebiýatlar arkaly Patyşalyk habaryny ýaýradýarys. Sizem wagyz üçin geçirilýän ýörite kampaniýalara yhlasly gatnaşmaga jan edýärsiňizmi? Şeýle etmek bilen, siz Ylham 14:6-da agzalýan «asmanda uçup ýören» perişdäniň habaryny agzybirlikde wagyz edýän millionlarça dogan-uýalara goşulýarsyňyz. w16.03 3:4, 5
5-nji sentýabr, sişenbe
Başga bir golýazma hem açyldy. Ylh. 20:12
Mukaddes Ýazgylarda täze dünýäde golýazmalar açylyp, bize-de täze görkezmeler beriljekdigi aýdylýar. Olary öwrenip, ähli adamlar, şol sanda direljekler hem Hudaýyň olardan näme isleýändigini biler. Biz şol golýazmalar arkaly Ýehowanyň garaýşyna has gowy düşünip bileris. Täze golýazmalar arkaly Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrenip, Jennetde ýaşajak adamlar biri-birine hormat goýup, söýgi bildirer (Iş. 26:9). Patyşa Isa Mesihiň ýolbaşçylygynda bilimimiziň näderejede artjakdygyny we başgalara nähili bilim berjekdigimizi göz öňüne getiriň! Şol «golýazmalarda ýazylanlary» ýerine ýetirýän adamlara ebedi ýaşaýyş berler. Iň soňky synagda Ýehowa wepaly galjak adamlaryň atlary Hudaýyň «ýaşaýyş kitabynda» ýazylar. Bize, gör, nähili ajaýyp gelejek garaşýar! w16.03 4:19, 20
6-njy sentýabr, çarşenbe
Umydym sensiň, eý, Ýehowa Hudaý; ýaşlygymdan bil baglanym sensiň. Zeb. 71:5, TD
Tejribeli ýaşulular ýygnakda doganlaryň ýaşyna görä ýumuşlary tabşyryp, ýetginjek döwründen talaba laýyk gelmäge kömek etmegiň wajypdygyny nygtaýarlar. Şonda doganlar ýaşlyk höweslerinden gaçyp, ünsüni ruhy maksatlara gönükdirip bilerler (Zeb. 71:17). Ýaşuly dogana ýumşy nädip etmelidigini däl-de, näme üçin ýerine ýetirmelidigini düşündirse, ol muny höwes bilen eder. Bu babatda ýaşulular Beýik Mugallym Isa Mesihden görelde alyp biler. Meselem, ol resullaryna ýumuş tabşyrýar we sebäbini şeýle düşündirip: «Gökde we ýerde ähli ygtyýar maňa berildi. Şonuň üçin gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň» diýýär (Mat. 28:18, 19). w15 15/4 2:5, 6
7-nji sentýabr, penşenbe
Halypamyz maňa kömek etdi we güýç berdi. Şeýdip, men ýolbarsyň agzyndan halas boldum. 2 Tim. 4:17
I asyrda Rimde ýaşaýan mesihçilere howp abanýardy. B. e. 64-nji ýylynda mesihçileri şäheri otlamakda aýyplap, güýçli yzarladylar. Şol kyn döwürde Pawlus resul Rimde ikinji gezek tussag edildi. Mesihçiler ony goldarmy? Pawlus biraz biynjalyklanyp, Timoteosa şeýle ýazdy: «Men özümi ilkinji sapar goranymda, tarapymy tutan bolmady, gaýtam, hemmesi meni taşlap gitdi» (2 Tim. 4:16). Emma Pawlus özüniň goragsyz galmajakdygyny bilýärdi. Ol Ýehowanyň bu gezegem, gelejekde-de goldajakdygyna ynanyp: «Halypamyz meni ähli erbetlikden gorar» diýdi (2 Tim. 4:18). Adamlar oňa gerekli kömegi berip bilmese-de, ol Ýehowanyň we Isanyň hemişe goldajakdygyna düşünýärdi. w15 15/4 4:1—3
8-nji sentýabr, anna
Ol seniň kelläňi owradar. Gel. çyk. 3:15
Isa dünýä inende, Şeýtan onuň Mesih boljakdygyny bilýärdi. Şeýtan çagany öldürsem, öte geçerin öýtdümikä? Ýok, Şeýtan rehimsiz we wyždansyz mahluk. Ol dessine bäbegi ýok etmegiň ugruna çykdy. Nädip? Müneçjimler Hirodese «Ýehudylaryň patyşasynyň» dünýä inendigi barada habar berende, ol lapykeç bolup, çagany öldürmegiň küýüne düşdi (Mat. 2:1—3, 13). Şol sebäpli patyşa Beýtullaham we onuň töweregindäki ýaňy dünýä inen we iki ýaşyna ýeten ähli oglanjyklary ýok etmegi buýurýar (Mat. 2:13—18). Emma Isa gyrgynçylykdan halas edilýär. Bu wakadan biz Şeýtan barada nämäni bilýäris? Iblis adamy hiç zatça görmeýär, onuň çagalara bir damja-da mähri ýok. «Arslan» kimin arlaýan zalym Şeýtana hiç haçan sowuk-sala garamalyň! (1 Pet. 5:8). w15 15/5 1:10, 12, 13
9-njy sentýabr, şenbe
Olar wada edilen zatlaryň berjaý bolşuny ýaşan döwründe görmeseler-de... şol wadalary uzakdan gördüler. Ýew. 11:13
Hudaý bize görünmeýän zatlary göz öňüne getirmek ukyby sowgat berdi. Bu ukyp bize etjek işlerimizi gowy planlaşdyrmaga we gelejege umytly bolmaga kömek edýär. Ýehowa gelejegi görüp bilýändigi üçin Mukaddes Ýazgylara käbir pygamberlikleri ýazdyrtdy. Biz olary göz öňüne getirip bilýäris. Şeýle ukyp biziň imanymyzy berkidýär (2 Kor. 4:18). Hanna hyýaly zatlar barada arzuw etmedi. Ol oguljygy Şamuweli ybadathana alyp barşyny ençeme sapar göz öňüne getirendir. Sebäbi Hanna oglunyň ybadathanada gulluk etmegini isleýärdi. Şeýdip, ol goýan maksadyna ýetdi (1 Şam. 1:22). Eger bizem Hudaýyň beren wadalary barada oýlansak, olaryň hökman ýerine ýetjekdigine ynamly bolarys (2 Pet. 1:19—21). Gadymy döwürde ýaşan Hudaýa wepaly adamlaryň köpüsi berlen wadalary göz öňüne getirýärdiler. w15 15/5 3:1—3
10-njy sentýabr, ýekşenbe
Baý adamyň mal-mülki... onuň hyýalynda belent diwar kimindir. Sül. tym. 18:11
Hudaýa gulluk etmegiň deregine, baýlyk toplamak barada pikirlenmek örän howply. Isa «Hudaýyň nazarynda baý bolman, özi üçin baýlyk ýygnaýan adamyň» ýagdaýyny görkezmek üçin bir tymsaly gürrüň berýär (Luka 12:16—21). Biz Ýehowany begendirmek üçin onuň halaýan işlerini etmeli (Sül. tym. 27:11). Biz «gökde hazyna ýygnasak», Ýehowanyň razylygyny gazanarys we şatlyk taparys (Mat. 6:20). Ýehowa bilen berk dostlugymyz iň gymmatly hazynadyr! Biz «ýer ýüzünde hazyna» ýygnamagyň aladasyny etmeli däl (Mat. 6:19). Isa «özüňi ýaşaýşyň aladalaryna aldyrmagyň we baýlygyň yşkyna düşmegiň» Patyşalyk baradaky sözi bogup bilýändigini aýdýar (Mat. 13:18, 19, 22). w15 15/5 4:15, 16
11-nji sentýabr, duşenbe
Märeke lallaryň gepleýändigini, maýyplaryň sagalandygyny, körleriň görýändigini, agsaklaryň ýöreýändigini görüp, haýran galdy. Mat. 15:31
Hudaýyň güýji bilen Isa Mesih haýran galdyryjy gudratlary görkezýär. Ol heýwere keselli adamlardan başga-da syrkawlary sagaldýar. Käte lukmanlar bejermek üçin bir organy kesip oturdýarlar, ýagny transplantasiýa edýärler. Emma Isa bolsa kesel organyň özüni ýa-da bedeniň şikesli ýerini bejerýärdi! Ol kesel adamlary derrew, hatda uzak aralykdan hem sagaldýardy (Ýah. 4:46—54). Bu nämäni görkezýär? Isa Patyşanyň syrkawlary sagaltmaga hem güýjüniň, hem isleginiň bardygyny aýan edýär. Mukaddes Ýazgylarda Isanyň «garyba, mätäje haýpy geljekdigi, mätäçleriň janlaryny gutarjakdygy» barada aýdylýar. Biz şu pygamberligiň täze dünýäde doly ýerine ýetjekdigine ynanyp bileris (Zeb. 72:13). Şonda Isa ähli syrkaw adamlary sagaldar. w15 15/6 2:6
12-nji sentýabr, sişenbe
Goý, seniň adyň mukaddes bolsun. Mat. 6:9
Köp adamlar Isa pygamberiň öwreden dogasyny ýatdan bilýärler. Biz öýden-öýe wagyz edenimizde, onuň esasynda adamlara Hudaýyň Patyşalygynyň hakyky hökümetdigini we onuň ýer ýüzünde ajaýyp özgerişleri etjekdigini düşündirýäris. Şeýle-de biz doganyň ilkinji sözlerine görä, Hudaýyň adynyň bardygy we mukaddes bolmalydygy barada wagyz edýäris (Mat. 6:9). Hristian dini Isanyň öwreden dogasyny sözme-söz gaýtalaýar. Emma Isa dogany ýat tutup aýtmaly diýdimi? Ýok! Ol doga etmegi öwretse-de: «Şol bir sözleri gaýtalap durmaň» diýdi (Mat. 6:7). Onuň özi-de öwreden dogasyny sözme-söz gaýtalap durmady (Luka 11:1—4). Ol şol doga arkaly Hudaýdan näme dilemelidigimizi we nämäniň wajypdygyny öwretmek isledi. Şonuň üçin oňa nusgalyk doga diýilýär. w15 15/6 4:1, 2
13-nji sentýabr, çarşenbe
Berk durandyryn diýip pikir edýän adam ýykylmagyndan seresap bolsun. 1 Kor. 10:12
Ýehowa bize synaglarda kömek etmek üçin mukaddes ruhuny berýär. Şeýle-de Ýehowa Sözi we ýygnak duşuşyklary arkaly wajyp däl zatlara wagtyňy, serişdäňi we güýjüňi sarp etmeli däldigi barada duýdurýar. Öň pioner bolup gulluk eden Espen bilen Ýannanyň iki çagasy bar. Espen şeýle diýýär: «Biz öňki ýaly köp gulluk etmänsoň, synaglarda wepaly bolar ýaly Ýehowa köp doga edýäris. Biz ruhy taýdan berk galmagymyz we gullukda yhlasly bolmagymyz üçin Ýehowadan kömek soraýarys». Şu günler pornografiýa giňden ýaýran. Käbirler ahlaksyz pikirlere ýol berip pornografiýanyň duzagyna düşdüler. Emma müňlerçe dogan-uýalar Hudaýa wepaly gulluk edýärler. Biz hem olardan görelde alyp bileris (1 Kor. 10:13). w15 15/6 5:15, 16
14-nji sentýabr, penşenbe
Ýer ýüzüniň patyşalary, ýokary wezipeli adamlary, goşun serkerdeleri, baýlary, ygtyýarly adamlary, ähli gul we azat adamlary dagyň gowaklarynda hem-de gaýalarynyň arasynda gizlendiler. Ylh. 6:15
Ýalan din ýykylandan soň näme bolar? Şol wagt biziň ýüregimiziň nähilidigini aýan eder. Köp adamlar «dagyň gaýalaryna» meňzedilýän ynsan guramalaryndan gorag gözlärler. Emma mesihçiler Ýehowany pena edinerler. I asyrda bolan asudalyk döwri ýehudylaryň ählisi hakykaty kabul etmediler. Asudalyk döwri mesihçilere Isanyň duýduryşyna gulak asyp, hereket etmegiň tüýs wagtydy. Şonuň ýaly-da, tiz wagtdan boljak uly muşakgatyň asudalyk döwründe köp adamlar hakykaty kabul eder diýip pikir etmek nädogry bolar. Aslynda, şol wagt mesihçilere Ýehowany söýýändigini subut etmäge we Mesihiň doganlaryny goldamaga mümkinçilik bolar (Mat. 25:34—40). w15 15/7 2:7
15-nji sentýabr, anna
Hudaýyň öňünde päk ynsabyny saklamak üçin adalatsyzlykdan ejir çekip, kynçylyklara çydaýan adam Oňa ýaraýandyr. 1 Pet. 2:19
Belki-de, siz alan terbiýäňiz we daş-töweregiňizdäki adamlar sebäpli, özüňizde milletparazlyk duýgusynyň bardygyny bilýänsiňiz. Emma mesihçiler başgalary äsgermezçilik edip, milletparazlyga ýol bermeli däl. Biz başga milletdäki, medeniýetdäki, jynsdaky we başga dilde gepleýän adamlary kemsitmez ýaly näme etmeli? Eger siz Ýehowanyň adamlary ala tutmaýandygy barada oýlansaňyz, gözleg geçirseňiz, nädogry pikirleri ýeňip bilersiňiz. Şeýle-de adamlara dogry garaýyşda bolmak üçin doga ediň (Rim. 12:2). Biz şeýle etmeli, sebäbi iru-giç Ýehowanyň her bir gullukçysy şeýle ýagdaýa düşmegi mümkin, Mukaddes Ýazgylar boýunça terbiýelenen ynsabyna görä işdeşlerinden, klasdaşlaryndan, goňşy-golamlaryndan we dogan-garyndaşlaryndan tapawutlanmaly bolar. Hawa, biz başga adamlardan tapawutlanmaly! w15 15/7 3:14, 15
16-njy sentýabr, şenbe
Ýunus balygyň garnyndan öz Hudaýy Ýehowa doga etdi. Ýun. 2:2, TD
Biziň ýagdaýymyza adamlar düşünmese-de, Ýehowa düşünýär. Ýehowanyň biziň dogalarymyza jogap bermegi çuňňur söýgüsini görkezýär. Biz Mukaddes Ýazgylarda ýazylan dogalardan köp zat öwrenýäris. Maşgala okuwynda Hudaýyň Sözündäki dogalar barada gürrüň etseňiz peýdaly bolar. Gadymy döwürde ýaşan Hudaýyň gullukçylarynyň dogasy bize manyly doga etmäge kömek edýär. Meselem, Ýunus pygamber uly balygyň garnyndaka, Hudaýa perýat etdi (Ýun. 1:17—2:10). Süleýman patyşa ybadathananyň açylyşynda ýürekden doga etdi (1 Pat. 8:22—53). Isanyň öwreden dogasy barada oýlanmak hem peýdalydyr (Mat. 6:9—13). Sizem «Hudaýdan kömek sorap... ýalbaryň. Şonda ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygy siziň ýürekleriňizi we pikirleriňizi... gorar» (Flp. 4:6, 7). w15 15/8 1:11, 12
17-nji sentýabr, ýekşenbe
Tabyn boluň. Ýew. 13:17
Biz täze dünýäde Ýehowanyň görkezmesine eýerip, ýer ýüzüni gülzarlyga öwreris, direlen adamlara bilim bereris we Ýehowanyň adamzat babatdaky islegini amala aşyrarys. Emma bize halamaýan işimiz tabşyrylsa näme? Biz görkezmä eýerip, berlen ýumşy höwes bilen ýerine ýetirerismi? Biziň köpümiz «Hawa!» diýip jogap bereris. Onda biz guramamyzyň berýän görkezmesine şu wagtdan gulak asmaly dälmi näme?! Biz görkezmä ýürekden tabyn bolsak, täze dünýäde-de Ýehowanyň hökümdarlygyna tabyn bolarys. Biz diňe bir Ýehowanyň görkezmesine gulak asmak bilen çäklenmän, eýsem, doganlar bilen eginme-egin işleşsek, täze dünýä taýýarlyk göreris. Şonda biz täze dünýäde hem doganlara höwes bilen gulak asyp, tabşyrylan ýumuşlary yhlasly ýerine ýetireris. w15 15/8 3:6, 7
18-nji sentýabr, duşenbe
(Özge milletli) aýallary onuň ýüregini ýalan taňrylara tarap öwürdiler... Süleýman Ýehowanyň nazarynda ýigrenji işleri etdi. 1 Pat. 11:4, 6
Süleýmanyň ýaman ýaranlar bilen gatnaşmagy Hudaýyň beren akyldarlygyny puja çykardy we hakyky seždeden ýüz döndürtdi (1 Pat. 11:1—6). Bu Ýehowany söýmeýän adam bilen durmuş gurmakçy bolýan mesihçilere nähili gowy sapak! Hudaýyň gullukçysy bolmanka maşgala guranlar näme etmeli? Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Aýallar, siz hem ýanýoldaşyňyza tabyn boluň. Eger olar Hudaýyň Sözüni diňlemeýän bolsalar, onda aýdýan sözleriňize däl-de, edim-gylymyňyza seredip iman ederler» (1 Pet. 3:1). Elbetde, bu aýaly Ýehowa gulluk etmeýän maşgalabaşylara-da degişlidir. Mukaddes Ýazgylar gowy ýanýoldaş bolmalydygyny we Ýehowanyň nika babatda berýän maslahatlary boýunça ýaşamalydygyny öwredýär. Käbir adamlar mesihçi ýanýoldaşynyň ýagşy häsiýetlerini görüp, hak Hudaýa sežde edip başlaýarlar. w15 15/8 4:15, 16
19-njy sentýabr, sişenbe
Mön adam her söze ynanýandyr; paýhasly adam bolsa öz ädimlerine dykgat edýändir. Sül. tym. 14:15
Käbir keselleri hiç hili bejerip bolmaýar. Adamlar bejerginiň käbir görnüşlerini öwseler-de, olaryň peýdasyna doly göz ýetirmän ulanmakdan seresap bolmaly. Pawlus resul: «Goý, siziň paýhaslylygyňyz hemmelere görünsin» diýip ýazdy (Flp. 4:5). Paýhasly adam ruhy işleri birinji orunda goýýar we saglygy barada çendenaşa alada etmeýär. Biz bejergi bilen gümra bolsak, diňe özümiz hakda oýlanmagy endik edineris (Flp. 2:4). Emma ruhy işleri birinji orunda goýsak, bejergi babatda paýhasly karara gelip bileris (Flp. 1:10). Bejergi almak babatda gelýän kararyna we onuň netijesine her bir adamyň özi jogap berýändir. w15 15/9 2:8, 10
20-nji sentýabr, çarşenbe
Nuryňy, hakykatyňy iber; olar maňa yol görkezsin. Zeb. 43:3
Ýehowa — «hakykat Hudaýy» (Zeb. 31:5). Ol perzentlerini söýüp, özüni tanadýar we sežde etmek babatda görkezme berýär. Ýehowa hakykatyň nur kimin şöhle saçýandygyna begenýär. Ol nähili hakykaty aýan edip, söýgüsini bildirýär? Ilki bilen, Ýehowa öz adyny aýan edip, hakykaty açdy. Mukaddes Ýazgylarda onuň ady beýleki atlara garanyňda, has köp agzalýar. Bu bolsa bize Ýehowany gowy tanamaga kömek edýär (Ýak. 4:8). Şeýle-de Ýehowa häsiýetleri barada gürrüň berýär. Älem-jahan Hudaýyň akyldarlygyny we güýjüni wasp edýär. Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň adalatlylygy we çäksiz söýgüsi beýan edilýär (Rim. 1:20). Biz Hudaýyň Sözüni okanymyzda, Ýehowanyň adalatly we söýgüden doly Hudaýdygyna göz ýetirýäris. Biz onuň häsiýetleri barada näçe köp bilsek, şonça-da onuň bilen ýakyndan dostlaşarys. w15 15/9 4:8, 9
21-nji sentýabr, penşenbe
Ýehowanyň eliniň öz gullukçylarynyň üstündedigi aýan bolar. Iş. 66:14, TD
Köp adamlaryň pikir etmegine görä, Hudaý olaryň işleri bilen gyzyklanmaýar. Olar Hudaý biziň aladamyzy etmeýär diýýärler. Meselem, 2013-nji ýylyň noýabr aýynda Filippinde güýçli harasat turup, köp ýerleri ýumurdy. Şonda şäher häkimi: «Hudaý şol wagt başga ýerde bolan bolmaly» diýdi. Käbir adamlar bolsa Hudaý biziň edýän işlerimizi asla görmeýär diýýär (Iş. 26:10, 11; 3 Ýah. 11). Pawlus resul şeýle adamlar barada: «Olar Hudaýy doly tanamaýarlar... Olar ähli ýagdaýda özlerini edepsiz alyp baryp, zalym, gysganç, erbet» diýýär (Rim. 1:28, 29). Biz edýän işlerimizi Ýehowanyň görýändigine ynanýarysmy? Onuň biziň bilen gyzyklanýandygyny we goldaýandygyny duýýarysmy? w15 15/10 1:1—3
22-nji sentýabr, anna
Men bolsa saňa ýagşy işleri bolan imanymy görkezeýin. Ýak. 2:18
Biz wagyz etmek bilen imanymyzy iş ýüzünde görkezýäris. Näme üçin şeýle diýse bolar? Sebäbi biz bu dünýäniň soňunyň ýakyndygyna we «eglenmejekdigine» iman edip, wagyz edýäris (Hab. 2:3). Biz imanymyzy barlamak üçin özümize şeýle soraglary berip bileris: «Wagyz işi meniň üçin wajypmy? Men Ýehowa köpräk gulluk etmäge jan edýärinmi?» (2 Kor. 13:5). Geliň, «halas bolmak üçin... wagyz edip», imanymyzyň berkdigini subut edeliň (Rim. 10:10). Şeýle-de biz durmuşda bolýan kynçylyklar bilen göreşip, imanymyzyň berkdigini görkezýäris. Biz keselçilik, lapykeçlik, göwnüçökgünlik, mätäçlik ýaly synaglara duş gelenimizde, Ýehowa bilen Isanyň «kömege mätäç bolanymyzda» goldajakdygyna ynanýarys (Ýew. 4:16). Biz doga edip, Ýehowadan kömek sorasak, oňa iman edýändigimizi görkezýäris. w15 15/10 2:12—14
23-nji sentýabr, şenbe
Mukaddes ruh size... aýdan zatlarymyň ählisini ýadyňyza salar. Ýah. 14:26
Size Mukaddes Ýazgylary okamagy gadagan etmekleri mümkin. Emma ýadyňyzda galan we gowy görýän aýatlaryňyz, Ýehowany şöhratlandyrýan aýdymlaryň sözleri hakda oýlanmagy hiç kim gadagan edip bilmez (Res. iş. 16:25). Hudaýyň ruhy size öwrenen zatlaryňyzy ýadyňyza salmaga kömek eder. Şonuň üçin häzirden Mukaddes Ýazgylaryň her hepde okalýan aýatlaryny okap, oýlanmaga wagt tapmaly. Şeýle-de Injiliň dört kitabyny, ýagny Matta, Markus, Luka, Ýahýa kitaplaryny okap, Isanyň aýdan sözleri we eden işleri hakda oýlanyp bilersiňiz (Rim. 10:17; Ýew. 12:2; 1 Pet. 2:21). Şeýle-de bizde Isanyň durmuşynda bolup geçen wakalary beýan edýän edebiýatlarymyz bar. Olar size Injilde okan zatlaryňyzdan has köp peýda almaga kömek eder (Ýah. 14:6). w15 15/10 4:11, 12
24-nji sentýabr, ýekşenbe
Men size dostlarym diýýärin, sebäbi men Atamdan eşiden bar zatlarymy size aýdandyryn. Ýah. 15:15
Isa söýgüden doly hem-de wepaly dostdy. Gadymy döwürde hojaýyn gullary bilen öz pikirini we duýgusyny paýlaşmaýardy. Emma Isa wepaly resullaryna hem hojaýyn, hem dost boldy. Ol şägirtleri bilen wagtyny bile geçirýärdi, öz duýgusyny paýlaşýardy we olar oňa ýüregini dökende ünsli diňleýärdi (Mar. 6:30—32). Şeýle ysnyşykly gatnaşyk Isa bilen resullaryň dostlugyny has-da berkitdi we olary Hudaýa gulluk etmekde aljak jogapkärçiliklerine taýýarlady. Isa gowy görýän şägirtleriniň we dostlarynyň Ýehowa gulluk etmekden şatlyk tapmagy üçin, ruhy işlere yhlasly gatnaşmagyny isleýärdi. Hawa, Isa olaryň yhlasly wagyz edip, şägirt taýýarlamagyny isleýärdi. Ol bu işde şägirtlerini goldajakdygyna söýgi bilen ynandyrdy (Mat. 28:19, 20). w15 15/11 2:3, 5
25-nji sentýabr, duşenbe
Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý. Mat. 22:39
Söýgi Ýehowa Hudaýyň esasy häsiýetidir (1 Ýah. 4:16). Ýehowanyň ilkinji ýaradan Ogly Isa Mesih gökde milliardlarça ýyl Atasy bilen bile ýaşap, Hudaýyň söýgüden doly ýollaryny öwrendi (Kol. 1:15). Isa bütin ömrüne, şol sanda ýer ýüzünde ýaşanda-da Ýehowanyň söýgüden doly Hudaýdygyna düşünýändigini görkezdi we onuň söýgüsinden görelde aldy. Şol sebäpli biz Ýehowanyň hem-de Isanyň elmydama söýgi bilen höküm sürjekdigine ynamly bolup bileris. Isadan Hudaýyň kanunynda iň wajyp tabşyrygyň nämedigini soranlarynda, ol şeýle diýdi: «„Ýehowa Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň we bütin aň-düşünjäň bilen söý“. Bu birinji we iň wajyp tabşyrykdyr. Ikinji tabşyryk hem şuňa meňzeşdir: „Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý“» (Mat. 22:37—39). Üns beren bolsaňyz, Isa ýakynymyza bolan söýgini diňe Ýehowany söýmekden aşak tutdy. Bu ýakynymyza söýgi bildirmegiň örän wajypdygyny görkezýär. w15 15/11 4:1—3
26-njy sentýabr, sişenbe
Öňki ýazylan zatlaryň ählisi bize görkezme üçin ýazylypdyr. Rim. 15:4
Hudaý adamlar bilen diňe ýewreý dilinde gepleşmedi. Wawilon ýesirliginden soň, ysraýyllylaryň käbiri gündelik durmuşynda arameý dilinde gürleýärdi. Şol sebäpli Ýehowa Danyýel, Ýermeýa pygambere we Ezra ruhana Mukaddes Ýazgylaryň kitaplaryny arameý dilinde ýazdyran bolmaly. Isgender Zülkarneýin dünýäniň köp ýerlerini basyp alansoň, grek (koýne) dili giňden ýaýraýar we ýehudylaryň köpüsi şol dilde gepläp başlaýar. Şonuň üçin Töwrat, Zebur we Pygamberler ýazgylary grek diline terjime edilýär. Ol Mukaddes Ýazgylaryň ilkinji hem-de has giňden ýaýran terjimesi bolup, oňa «Septuaginta» diýilýär. Ony 72 sany adam terjime eden bolmaly. Şol terjimeçileriň käbiri sözme-söz, käbirleri bolsa manysyna görä terjime etdiler. Şeýlelikde, Septuaginta terjimesi Mukaddes Ýazgylaryň asyl nusgasyndan biraz tapawutlansa-da, onuň manysy ýoýulmandyr. Şol sebäpli grek dilinde gepleýän ýehudylaram, mesihçilerem Septuagintany Hudaýyň Sözi hasaplaýardylar. w15 15/12 1:4—6
27-nji sentýabr, çarşenbe
Kiçijik ot hem, gör, nähili uly tokaýy ýakyp bilýär! Ýak. 3:5
Ýakup pikirini 6-njy aýatda: «Dil hem otdur» diýip anyk aýdýar. Dil biziň geplemek ukybymyzy aňladýar. Edil ot ýaly, dilimiz hem uly zyýan ýetirip bilýär. Mukaddes Ýazgylarda: «Ölüm we ýaşaýyş diliň ygtyýaryndadyr» diýilýär (Sül. tym. 18:21). Emma biz oduň ýetirip biljek zyýanyndan gorkup, ony ulanmagy bes etmeýşimiz ýaly, ýaramaz bir zat aýdaryn diýip asla geplemän oturmaýarys. Esasy zat seresaply bolmakdyr. Eger biz oda gözegçilik etsek, ony nahar bişirmek, ýylanmak ýa-da gijesine yşyk üçin peýdalanyp bilýäris. Şonuň ýaly-da, dilimize ünsli bolsak, ony Hudaýy şöhratlandyrmak we başgalara kömek etmek üçin ulanarys (Zeb. 19:14). Biz pikirlerimizi we duýgularymyzy söz bilen beýan etsek-de, elimiz bilen yşarat edip düşündirsek-de, bu Hudaýyň bize beren ajaýyp sowgadydyr. Biz bu sowgady başgalary göwnüçökgünlige düşürmek üçin däl-de, gaýtam, abatlamak üçin ulanmaly (Ýak. 3:9, 10). w15 15/12 3:1—3
28-nji sentýabr, penşenbe
Söýgüli we lukman doganymyz Luka... size salam aýdýar. Kol. 4:14
Pawlus hem-de onuň ýoldaşlary missionerlik syýahatynda kesellände, Luka olara lukmançylyk kömegini we gerekli maslahatlary beren bolmaly (Gal. 4:13). Dogrudan-da, Isanyň: «Lukman sag adamlara däl-de, syrkawlara gerekdir» diýişi ýaly, Luka olara kömek edip bilerdi (Luka 5:31). Mukaddes Ýazgylarda Lukanyň lukmançylyk ugrundan haçan we nirede tälim alandygy aýdylmaýar. Emma Pawlus resul Kolosedäki mesihçilere ýazan hatynda Lukany lukman hökmünde agzaýar, sebäbi olar ony öňden tanaýardylar. Kolosäniň golaýyndaky Laodikiýa şäherinde lukmançylyk mekdebi bardy, belki-de, Luka şol ýerde okandyr. Nähili bolaýanda-da, Luka lukmançylyk ugrundan hiç hili tälim alman, başgalara maslahat berip ýören adam däl-de, ökde lukmandy. Muny onuň Hoş habarynda we Resullaryň işleri kitabynda lukmançylyk bilen bagly sözleri ulanmagyndan hem-de Isanyň keselleri sagaldyşy barada köp zatlary aýtmagyndan bilse bolýar. w15 15/12 4:11, 12
29-njy sentýabr, anna
Şeýle ajaýyp sowgady beren Hudaýa minnetdar bolalyň. 2 Kor. 9:15
Ýehowa ýeke-täk Ogluny ýer ýüzüne iberip, bize bolan güýçli söýgüsini görkezdi (Ýah. 3:16; 1 Ýah. 4:9, 10). Pawlus resul muňa Hudaýyň «ajaýyp sowgady» diýdi. Pawlus resul Hudaýyň ähli wadalaryny Mesihiň töleg gurbany arkaly ýerine ýetirjekdigini bilýärdi (2 Kor. 1:20). Diýmek, Hudaýyň «ajaýyp sowgady» diňe töleg gurbanyny däl-de, onuň bize gelejekde etjek ýagşylyklaryny we bildirjek söýgüsini aňladýar. Bu sowgat şeýle täsir edýär welin, muny söz bilen beýan edip bolmaýar. Hudaýyň şol sowgady bize nähili täsir edýär? Kimdir biri siziň üçin janyndan geçip, söýgüsini bildirse, elbetde, durmuşyňyzy düýpgöter üýtgederdiňiz. Siz has jomart bolup we adamlary söýüp, olaryň eden günälerini bagyşlamazdyňyzmy? Ýehowanyň Isa Mesih arkaly beren sowgadynyň islendik sowgatdan has gymmatlydygyny unutmaň (1 Pet. 3:18). w16.01 2:1, 2, 4, 5
30-njy sentýabr, şenbe
Ýel islän tarapyna öwüsýändir, sen onuň sesini eşitseň-de, nireden gelip, nirä barýandygyny bilýän dälsiň. Şonuň ýaly-da adamyň mukaddes ruhdan dogluşyna düşünmek kyndyr. Ýah. 3:8
Mesh edilen mesihçiler özüne: «Hudaý näme üçin gel-gel meni saýladyka?» diýýän bolmagy mümkin. Olar hatda özlerini göge gitmäge-de mynasyp görýän däldir. Mesh edilenler şeýle duýgulary başdan geçirýänem bolsa, mesh edilendigine asla şübhelenmeýär. Olaryň minnetdarlygynyň we şatlygynyň çägi bolmaýar. Mesh edilenler Petrus resulyň aýdan sözleri bilen ylalaşýarlar. Ol şeýle diýdi: «Halypamyz Isa Mesihiň Hudaýyna we Atasyna şöhrat bolsun. Ol biziň berk umydymyz bolar ýaly, beýik merhemeti bilen täzeden dogulmagymyza ýol açdy. Biz bu umyda Isa Mesihiň ölümden direlmegi bilen eýe bolduk. Hudaý bize ýaşaýyş üçin dogulmaga ýol açyp, çüýremez, arassa we solmaz mirasy wada berdi. Ol bu sylagy siziň üçin gökde saklaýandyr» (1 Pet. 1:3, 4). Mesh edilen mesihçiler bu sözleri okanda, gökdäki Atasynyň hut özlerine ýüzlenýändigine şübhelenmeýärler. w16.01 3:11, 12