Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es17 sah. 98—108
  • Oktýabr

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Oktýabr
  • Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2017
  • Sözbaşylar
  • 1-nji oktýabr, ýekşenbe
  • 2-nji oktýabr, duşenbe
  • 3-nji oktýabr, sişenbe
  • 4-nji oktýabr, çarşenbe
  • 5-nji oktýabr, penşenbe
  • 6-njy oktýabr, anna
  • 7-nji oktýabr, şenbe
  • 8-nji oktýabr, ýekşenbe
  • 9-njy oktýabr, duşenbe
  • 10-njy oktýabr, sişenbe
  • 11-nji oktýabr, çarşenbe
  • 12-nji oktýabr, penşenbe
  • 13-nji oktýabr, anna
  • 14-nji oktýabr, şenbe
  • 15-nji oktýabr, ýekşenbe
  • 16-njy oktýabr, duşenbe
  • 17-nji oktýabr, sişenbe
  • 18-nji oktýabr, çarşenbe
  • 19-njy oktýabr, penşenbe
  • 20-nji oktýabr, anna
  • 21-nji oktýabr, şenbe
  • 22-nji oktýabr, ýekşenbe
  • 23-nji oktýabr, duşenbe
  • 24-nji oktýabr, sişenbe
  • 25-nji oktýabr, çarşenbe
  • 26-njy oktýabr, penşenbe
  • 27-nji oktýabr, anna
  • 28-nji oktýabr, şenbe
  • 29-njy oktýabr, ýekşenbe
  • 30-njy oktýabr, duşenbe
  • 31-nji oktýabr, sişenbe
Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2017
es17 sah. 98—108

Oktýabr

1-nji oktýabr, ýekşenbe

Hudaý göz öňünde tutan şol adamlaryny çagyrdy. Rim. 8:30

Isa direlenden soň, Ýehowa mesh edilenleri saýlap başlady. I asyrdaky mesihçileriň ählisiniň mesh edilen bolmagy ähtimal. Şol döwürden başlap soňky günlere çenli Isanyň yzyna eýerýänleriň köpüsi ýalan mesihçilerdi. Şol sebäpli Isa olary «haşal ota» meňzetdi. Hatda şol döwürlerde-de Ýehowa käbir wepaly adamlary mesh etmegini dowam etdi. Olar Isanyň mysalyndaky «bugdaýa» meňzedilip, «haşal otlar» bilen bile ösmelidi (Mat. 13:24—30). Ýehowa 144 müňleri soňky günler başlany bäri hem saýlamagyny dowam edýär. Olary Ýehowanyň özi saýlan bolsa, onuň dogry karara gelendigine doly ynanyp bileris (Iş. 45:9; Dan. 4:35; Rim. 9:11, 16). Biz Isanyň mysalyndaky az işlän işçiler bilen deň hak alan işçiler ýaly nägile bolmaly däl (Mat. 20:8—15). w16.01 4:15

2-nji oktýabr, duşenbe

Ogluňy, ýalňyz ogluňy, söýgüli ogluň Yshagy al-da, Moryýa ýurduna bar we Meniň saňa görkezjek dagymyň üstünde Yshagy Hudaýa ýakma gurbanlygy hökmünde hödür et. Gel. çyk. 22:2

Şu günler Hudaý bizden şeýle zatlary etmegi talap etmeýär. Emma Onuň tabşyryklaryny berjaý etmek kyn ýaly bolup görünse-de, näme üçin talap edilýändigine düşünmesek-de, Ol biziň tabyn bolmagymyzy isleýär. Sizem Hudaýyň talaplaryny ýerine ýetirmegi kyn görýärsiňizmi? Meselem, käbir dogan-uýalara wagyz etmek kyn bolýar. Belki-de, olar çekinjeňligi sebäpli nätanyş adamlara hoş habary aýtmaga ýaýdanýandyrlar. Käbiri bolsa mekdepde ýa-da işde ýüze çykýan kynçylyklar bilen göreşýändir (Müs. çyk. 23:2; 1 Sel. 2:2). Moryýa dagyna çykan Ybraýym pygamber ýaly siz hem alaçsyz ýagdaýa düşüpdiňizmi? Eger şeýle bolsa, onda batyrgaý hereket eden we berk imany bolan Ybraýym pygamberden görelde alyň. Hudaýa wepaly bolan erkekdir aýallaryň mysallary barada oýlansak, olardan görelde alyp, Dostumyz Ýehowa has-da ýakynlaşarys (Ýew. 12:1, 2). w16.02 1:3, 14

3-nji oktýabr, sişenbe

Şawul öz ogly Ýonatana hem-de öz adamlaryna Dawudy öldürmegi tabşyrdy. 1 Şam. 19:1

Şawul patyşa Dawudy öldürmegiň küýüne düşýär. Şol sebäpli Ýonatan kime wepaly bolmalydygyny saýlamalydy. Ol Dawut bilen äht baglaşan hem bolsa, kakasyna hormat goýýardy. Emma Ýonatan Hudaýyň kakasy Şawuly däl-de, Dawudy goldaýandygyny bilýärdi. Şonuň üçin ol kakasyna däl-de, Dawuda wepaly boldy. Ol Dawuda gaçyp gitmelidigini duýdurdy we kakasyna Dawut barada ýagşy zatlary aýtdy (1 Şam. 19:1—6). Eger biz seresap bolmasak, Hudaýa däl-de, watanymyza, mekdebimize we sport toparyna wepaly bolarys. Meselem, Genri küşt oýnamagy halaýardy. Bir gezek ol mekdepde geçirilen küşt ýaryşynda ýeňiş gazanyp, baýraga eýe bolýar. Indi ol has ökde küştçi bolmaga jan edýärdi. Ol şeýle ýatlaýar: «Wagtyň geçmegi bilen, Hudaýa wepaly bolmagyň deregine, mekdebe wepaly bolup başladym. Dynç günleri geçirilýän ýaryşlar sebäpli yzygiderli wagyz edip bilmeýärdim. Şol sebäpli men topardan gitmegi ýüregime düwdüm» (Mat. 6:33). w16.02 3:10, 12

4-nji oktýabr, çarşenbe

Seniň gudratyň gününde halkyň mukaddes dabarada meýletin häzir bolar. Zeb. 110:3

Ýaşlaryň suwa çümdürilmegi ýürekden isleýändigini birnäçe usul bilen bilip bolýar. Mysal üçin, edýän dogalaryň Ýehowa ýürekden gulluk etmek isleýändigiňi görkezip biler. Eger sen ýygy-ýygydan doga edip, Ýehowa ähli zady açyk aýdýan bolsaň, onuň bilen dostlugyň berkdir (Zeb. 25:4). Ýehowa biziň dogalarymyza, esasanam, Sözi arkaly jogap berýär. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenmäge jan edenimizde, Ýehowa has-da ýakynlaşyp, ýürekden gulluk etmek isleýändigimizi görkezýäris (Ýeş. 1:8). Şonuň üçin özüňe şeýle soraglary ber: «Men dogalarymda Ýehowa ähli zady açyk aýdýarynmy? Şahsy okuwy yzygiderli geçirýärinmi? Maşgala okuwyna höwes bilen gatnaşýarynmy?» Seniň şu soraglara berýän jogabyň suwa çümdürilmek kararyna öz islegiň bilen gelýändigiňi görkezer. w16.03 1:11, 13

5-nji oktýabr, penşenbe

Bütin beden özara sazlaşykly birleşýär we bedeniň her bir agzasy biri-biriniň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga kömek edýär. Efes. 4:16

«Ýyllyk kitabyndan» wagzyň gowy netije berýändigi barada okanymyzda göwnümiz göterilýär. Şeýle-de welaýat, ýörite we halkara kongreslerinde nähili agzybirlik bilen Hudaýyň Sözüne esaslanan ruhlandyryjy nutuklary diňleýändigimiz, dramalary we sahnalary görýändigimiz barada oýlanyp görüň. Olar bizi bar güýjümiz bilen Ýehowa gulluk etmäge höweslendirýär. Isanyň ölüminiň Ýatlama agşamy hem biziň agzybirligimizi berkidýär. Biz Hudaýyň çäksiz merhemetine minnetdarlygymyzy görkezmek we Isanyň tabşyrygyna gulak asmak üçin, her ýyl 14-nji nisanda gün ýaşandan soň ählimiz ýygnanyşyp, şol ähmiýetli wakany belleýäris (1 Kor. 11:23—26). Ýatlama agşamynyň öň ýanyndaky hepdelerde biz ýygnagymyzyň territoriýasynyň, mümkin boldugyndan, köp ýerlerinde wagyz edip, adamlary şol duşuşyga çagyrmaga jan edýäris. Biziň ýeke özümiz hoş habary ähli adamlara wagyz edip bilmeýäris. Emma dogan-uýalar bilen agzybir işleşip, millionlarça adamlara Ýehowany tanamaga we ony şöhratlandyrmaga kömek edýäris. w16.03 3:4, 6, 7

6-njy oktýabr, anna

Bu meniň söýgüli Oglum, men ondan razydyryn. Mat. 3:17

Ýaşulular Mukaddes Ýazgylar arkaly ýumşuň näme sebäpden tabşyrylandygyny düşündirmeli. Şonda dogana ondaky prinsipleriň esasynda pikirlenmäge kömek edersiňiz. Aýdaly, ýaşuly dogana Ýygnak jaýynyň öňüni arassalamagy we ýöremek üçin howpsyz bolmagyny tabşyrýar. Şonda ol Titus 2:10-y okap, Ýygnak jaýynyň gowy ýagdaýda saklanmagynyň «Halasgär Hudaýymyzyň taglymatyny... bezäp bilýandigini» doganlara düşündirip biler. Mundan başga-da, onuň edýän işiniň gartaşan dogan-uýalara nähili peýda getirýändigi barada oýlanmaga kömek ediň. Şeýle gürrüňdeşlik dogana tertip-düzgün barada däl-de, adamlar hakda alada etmegi öwreder. Ol ýerine ýetirýän işiniň imandaşlaryna nähili peýda getirýändigini görüp, köp şatlyk tapar. Elbetde, ýygnak ýaşulusy dogana maslahata eýermäge jan edýändigi üçin öwgüli sözleri aýtmaly. Ösümligiň ösmegine suwuň gerek bolşy ýaly, ýürekden aýdylan öwgüli sözler dogany ruhy taýdan berkidýär. w15 15/4 2:7, 8

7-nji oktýabr, şenbe

Halypamyz meni ähli erbetlikden gorar. 2 Tim. 4:18

Siz kyn ýagdaýa düşeniňizde käte özüňizi terk edilen ýaly duýýarsyňyzmy? Belki-de, işsizlik, deň-duşlaryňyzyň täsirine garşy durmak, keselçilik we şuňa meňzeş kynçylyklar sebäpli göwnüçökgünlige düşýänsiňiz. Başgalardan kömek sorasaňyz-da, olaryň size gerekli goldawy berip bilmändigi üçin lapykeç bolýansyňyz. Aslynda, adama käbir kynçylyklary çözmek başartmaýar. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylar bize Ýehowa Hudaýa bil baglamagy maslahat berýär (Sül. tym. 3:5, 6). Biz Hudaýyň kömek etjekdigine ynanyp bilerismi? Elbetde! Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň öz halkyny hemişe goldandygyny görkezýän ençeme wakalar bar. Eger adamlar bize kömek edip bilmeseler, olara nägile bolmagyň deregine, bu ýagdaýa Pawlus resul ýaly Ýehowa bil baglamaga mümkinçilik hökmünde garamaly. Şonda biz Hudaýyň aladamyzy edýändigine göz ýetirip, imanymyzy berkideris we Oňa has-da ýakynlaşarys. w15 15/4 4:3—5

8-nji oktýabr, ýekşenbe

Şu dünýäniň taňrysy imansyzlaryň aň-düşünjesini küteldendir. 2 Kor. 4:4

Şeýtan adamlary söýgüden doly Ýehowa Hudaýdan daşlaşdyrmak üçin ýalan sözleýär (1 Ýah. 4:8). Şeýdip, ol adamlara «Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünmäge» päsgel berýär (Mat. 5:3). Ol «Hudaýyň keşbi bolan Mesihiň şöhratynyň hoş habarynyň nury olary ýagtylandyrmaz ýaly... imansyzlaryň aň-düşünjesini küteldendir». Şeýtan ýalan dini ussatlyk bilen ulanýar. Ol adamlaryň «gabanjaň Hudaý» Ýehowa däl-de, ata-babalaryna, tebigata ýa-da haýwanlara sežde edýändiklerine diýseň begenýär! (Müs. çyk. 20:5). Hudaýa sežde edýän diýip pikir edýän adamlaryň köpüsi peýdasyz däp-dessurlaryň we ýalan taglymatlaryň guly bolýarlar. Ýehowa olaryň gözgyny ýagdaýy barada: «Näme üçin zähmetiňi doýurmajak zada sarp edýärsiň? Meni ünsli diňläň, janyňyz näzi-nygmatlardan lezzet alar» diýýär (Iş. 55:2). w15 15/5 1:14, 15

9-njy oktýabr, duşenbe

Ol seniň kelläňi owradar, sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň. Gel. çyk. 3:15

Habyl şu pygamberligiň nädip ýerine ýetjekdigini bilmeýärdi. Emma ol bu barada köp oýlanan bolmaly. Habyl ata-enesiniň ýitiren kämilligini dikeltmek üçin kimdir biriniň dabanyndan çakyljakdygyna düşünýärdi. Ol gelejegi göz öňüne getirip, Hudaýyň wadasyna iman edýärdi. Şol sebäpli Ýehowa onuň beren gurbanyny kabul etdi (Gel. çyk. 4:3—5; Ýew. 11:4). Nuh pygamber iman edendigi üçin Tupandan halas bolýar (Ýew. 11:7). Ol Tupandan soň mal gurbanlaryny berýär (Gel. çyk. 8:20). Nuh hem Habyl ýaly adamlaryň günä we ölüm gulçulygyndan azat boljakdygyna ynanýardy. Tupandan soň Nimrot Ýehowa garşy çykdy we ýowuz döwür ýene-de gaýdyp geldi. Ýöne Nuhuň imany gowşamady, umydy üzülmedi (Gel. çyk. 10:8—12). Nuh zalym hökümdarlardan, günäden we ölümden azat dünýäni göz öňüne getirip ruhlanan bolmaly. Bizem ýakynda boljak gelejegi «göz öňüne getirip» bileris (Rim. 6:23). w15 15/5 3:4, 6

10-njy oktýabr, sişenbe

Ýüregiňdäki ýük adamy çökerýändir, ýagşy söz bolsa ýüregini begendirýändir. Sül. tym. 12:25

Gaýgy-aladalar adamy ruhdan düşürýär we saglygyna zyýan ýetirýär. Şu günki aýatdaky Ýehowanyň sözlerine bil baglalyň we unutmalyň. Biziň ýagdaýymyza düşünýän adam ýüregimize şypa berer. Biz ata-enemize, ýanýoldaşymyza we ýakyn dostumyza ýüregimizi döksek, olar bize Hudaýyň garaýşyny ýatladyp, göwnümizi götererler. Biziň ýagdaýymyza Ýehowa ýaly hiç kim düşünmeýär. Pawlus resul şeýle ýazýar: «Hiç zadyň aladasyny etmäň, gaýtam, her ýagdaýda Hudaýdan kömek sorap, minnetdarlyk bilen doga ediň we ýalbaryň. Şonda ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygy siziň ýürekleriňizi we pikirleriňizi Mesih Isa arkaly gorar» (Flp. 4:6, 7). Şeýle-de ruhy taýdan berk bolmaga kömek edýän dogan-uýalar, ýaşulular, wepaly hyzmatkär, perişdeler, Isa Mesih we Ýehowa barada oýlanyň. w15 15/5 4:16, 17

11-nji oktýabr, çarşenbe

Olaryň arasynda 38 ýyl bäri ýarawsyzlykdan ejir çekýän bir adam hem bardy. Ýah. 5:5

Isa Iýerusalimdäki ybadathananyň demirgazygynda ýerleşýän Besaza suw howdanyna barýar. Köp syrkaw adamlar ol ýere gudrat bilen sagaljakdygyna ynanyp barýardylar. Isa ol ýerde 40 ýyl bäri keselden ejir çekýän adamy görýär (Ýah. 5:6—9). Isa onuň ýanyna baryp: «Sagalasyň gelýärmi?» diýip soraýar. Ysmaz adam naýynjar garap, sagalmak isleýändigini, ýöne howdana girmäge kömek etjek adamyň ýokdugyny aýdýar. Şonda Isa: «Tur! Düşegiňi al-da ýöre» diýip, geň galdyryjy buýruk berýär. Ol Isa iman edýär we ýerinden turýar-da, düşegini alyp ýöräp başlaýar. Bu Isanyň täze dünýäde etjek tolgundyryjy gudratlarynyň kölegesidir! Olar Isanyň rehimdardygyny, mätäçlere kömek etmek isleýändigini görkezýär. Biz bu dünýäde bolýan erbetlikden ýaňa göwnüçökgün adamlary gözlesek we kömek etsek, Isanyň göreldesine eýerip bileris. w15 15/6 2:8—10

12-nji oktýabr, penşenbe

Siz şeýle doga ediň. Mat. 6:9

Biz Hudaýa «Atam» däl-de, «Atamyz» diýip ýüzlenýäris. Bu bolsa biri-birini ýürekden söýýän bütindünýä doganlyga degişlidigimizi görkezýär (1 Pet. 2:17). Gör, nähili uly hormat! Hudaý tarapyn ogulluga alnan we gökde ýaşamaga umyt edýän mesh edilen mesihçiler Hudaýa doly manyda «Atamyz» diýip ýüzlenýärler (Rim. 8:15—17). Ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän dogan-uýalar hem Ýehowa «Atamyz» diýip ýüzlenýärler. Sebäbi Ýehowa bize ýaşaýyş berdi we söýgi bilen aladamyzy edýär. Biz kämillige ýetip, soňky synagda wepaly galsak, doly manyda Ýehowanyň perzendi bolarys (Rim. 8:21; Ylh. 20:7, 8). Ata-eneler çagalaryna Ýehowa doga etmegi öwredip, olara gymmatly sowgady berýärler. Şonda çagalar Ýehowa aladaçyl Ata hökmünde garaýarlar. Ata-eneleriň çagalaryna Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşmaga kömek etmeginden başga gymmatly sowgat ýokdur. w15 15/6 4:4—6

13-nji oktýabr, anna

Zalymyň elinden halas et. Mat. 6:13

Biz «Zalymyň elinden halas et» diýen dogamyza görä ýaşamak üçin «dünýädäki adamlar ýaly» bolman, «dünýäni-de, dünýädäki zatlary-da söýmeli» däl (Ýah. 15:19; 1 Ýah. 2:15—17). Hawa, Iblisi ýeňmek üçin hemişe göreşmeli! Tizden Ýehowa dogamyza jogap berip, Şeýtany we onuň dünýäsini ýok eder. Şeýtansyz dünýäde ýaşamak nähili ajaýyp! Ol gökden ýere zyňylanda wagtynyň azdygyny bilip, gahar-gazaba münýär we biziň Hudaýa bolan wepalylygymyzy gowşatjak bolýar. Şol sebäpli biz erjellik bilen doga etsek, ýeňiş gazanarys (Ylh. 12:12, 17). Siz täze dünýä sabyrsyzlyk bilen garaşýarsyňyzmy? Onda Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegi, adynyň mukaddes bolmagy we isleginiň gökde bolşy ýaly, ýerde-de amala aşmagy barada doga ediň. Siz Ýehowanyň ruhy we maddy taýdan aladaňyzy etjekdigine şübhelenmäň. Geliň, ählimiz Isanyň öwreden dogasyna görä ýaşamaga jan edeliň! (Mat. 6:9—13). w15 15/6 5:12, 17, 18

14-nji oktýabr, şenbe

Şonda şeýle bir agyr muşakgat bolar. Mat. 24:21

Biz synag döwründe nähili wakalaryň boljakdygyny anyk bilmesek-de, käbir zatlardan geçmeli boljakdygymyza düşünýäris. I asyrdaky mesihçilerem halas bolmak üçin, ähli zadyny goýup, kynçylyklara döz gelmeli boldular (Mar. 13:15—18). Bizem wepaly galmak üçin maddy zatlarymyzdan geçmäge taýynmy? Şeýle-de biz Ýehowa wepalylygymyzy subut etmek üçin, onuň talaplaryny berjaý ederismi? Bu soraglar barada oýlanmak wajyp. Şonda hiç kim Ýehowa gulluk etmese-de, Danyýel pygamberiň göreldesine eýerip, biz kynçylyklara garamazdan, Hudaýa gulluk ederis (Dan. 6:10, 11). Şol döwür «Patyşalyk baradaky hoş habar» wagyz edilmez, sebäbi şonda «dünýäniň ahyry» has-da golaýlaşar (Mat. 24:14). Mesihçiler Hudaýyň hökümlerini yglan ederler. Belki-de, ol Şeýtanyň zalym dünýäsiniň tizden hemişelik ýok ediljekdigi baradaky habardyr. w15 15/7 2:3, 8, 9

15-nji oktýabr, ýekşenbe

Meniň bu dünýäden bolmaýşym ýaly, olar-da bu dünýäden däldirler. Ýah. 17:16

Isa adamlaryň bizi ýigrenjekdigini duýdurdy. Sebäbi olar bu dünýäniň işlerine biziň näme üçin goşulmaýandygymyza düşünmeýärler. Emma mesihçiler bitaraplygy ähli zatdan wajyp saýýarlar. Biz Ýehowa wepaly bolmak isleýäris (Dan. 3:16—18). Emma biziň her birimizde adamdan gorky bolup biler. Esasan-da, ýaşlara imany barada gürrüň bermek kyn bolýar. Siziň çagaňyz baýdaga tagzym etmek we baýramçylyklara gatnaşmak ýaly synaglara duş gelse, maşgala okuwy arkaly oňa kömek ediň. Çagaňyza dünýäniň işlerine goşulmaly däldigini düşündiriň. Oňa ähli synaglarda berk durup, imany barada aç-açan we sypaýyçylykly gürrüň bermegi öwrediň (Rim. 1:16). Siziň özüňiz çagaňyzyň mugallymlary bilen gürrüňdeş bolup bilersiňiz. w15 15/7 3:15, 16

16-njy oktýabr, duşenbe

Hudaý dünýädäki adamlary güýçli söýýändigi üçin özüniň ýeke-täk Ogluny berdi. Ýah. 3:16

Ýehowa biziň üçin töleg gurbanyny berip, çuňňur söýgüsini görkezdi. Bu gymmatly sowgat bize ebedi ýaşamaga umyt berýär (1 Ýah. 4:9). Pawlus resul töleg gurbany barada şeýle diýdi: «Mesih bellenen wagtda hudaýsyz adamlar üçin öldi. Dogry adam ugrunda hiç kim janyny bermese gerek; ýöne ýagşy adam üçin kimdir biriniň ölmäge taýyn bolmagy-da mümkin. Emma biz entek günälikäk, Mesih biziň üçin öldi. Şeýdip, Hudaý bize bolan söýgüsini bildirdi» (Rim. 5:6—8). Şeýlelikde, ähli adamlar töleg gurbany arkaly Hudaý bilen dostlaşyp bilýär. Ýehowa töleg gurbanyny berip, adamlara bolan söýgüsini görkezdi. Ebedi ýaşamaga umyt edýän Ýehowanyň wepaly gullukçylary täze dünýäde ajaýyp durmuşdan lezzet alyp ýaşarlar. Hawa, töleg gurbany Ýehowanyň beýik söýgüsini görkezýär. w15 15/8 1:13, 15

17-nji oktýabr, sişenbe

Gam çekmäň. Neh. 8:10

Biz Ýehowanyň guramasy bilen eginme-egin işleşip, berlen ýumuşlary yhlasly ýerine ýetirsek, Patyşalygyň raýatlary bolmaga mynasyp bolarys. Emma biziň ýagdaýymyz üýtgäp biler. Meselem, ABŞ-da ýerleşýän Beýtelde gulluk eden käbir dogan-uýalary gullugyň başga görnüşine bellediler. Muňa garamazdan, olar bol bereket alyp, şatlyk tapýarlar. Öň etrap gözegçisi bolup gulluk eden mesihçiler garrylyk we başga sebäplere görä, indi pioner bolup gulluk edýärler. Eger bizem kanagatly bolup, Ýehowadan kömek sorasak we yhlasly gulluk etsek, kyn günlerde-de bereket alyp, şatlygymyzy ýitirmeris (Sül. tym. 10:22). Gelejegimiz barada näme diýse bolar? Elbetde, biziň her birimiz täze dünýäde göwnümize ýaraýan ýerde ýaşamak isleýäris. Emma biziň ýer paýymyz başga ýerden berilse näme? Biz nirede ýaşasak-da, nähili borjy ýerine ýetirsek-de, minnetdarlyk bilen edýän işimizden şatlyk taparys. w15 15/8 3:8

18-nji oktýabr, çarşenbe

Nuh öz döwürdeşleriniň arasynda... takwa adamdy. Gel. çyk. 6:9

Nuh pygamber Hudaýa iman etmeýän adamlar bilen dostlaşmady. Nuh we onuň maşgalasynyň ýedi agzasy Hudaýyň tabşyryşy ýaly gämi gurmak bilen meşgul boldular. Şeýle-de ol «dogrulygy wagyz eden» adam hökmünde hem tanalýardy (2 Pet. 2:5). Nuh maşgalasy bilen agzybir ýaşap, gämi gurmak we wagyz etmek bilen gümra bolup, Hudaýyň göwnünden turýardy. Şeýlelikde, Nuh we onuň maşgalasy tupandan halas boldular. Biz Nuha, aýalyna, ogullaryna we gelinlerine Ýehowa wepaly galandyklary üçin minnetdar bolmaly. Sebäbi biz olaryň nesilleri. I asyrdaky mesihçiler hem Hudaýa iman etmeýän adamlar bilen ýakyn gatnaşyk saklamadylar. Şol sebäpli olar b. e. 70-nji ýylynda Iýerusalim we Ýahuda weýran edilende halas boldular (Luka 21:20—22). w15 15/8 4:17, 18

19-njy oktýabr, penşenbe

Gülmegiň öz wagty (bar); tans etmegiň öz wagty. Wag. 3:4

Göwün açmagyň ähli görnüşleri peýdaly, ruhlandyryjy we ýakymly bolmaýar. Şeýle-de dynç almaga köp wagt sarp etmeklik ýa-da ýygy-ýygydan dynç almaklyk paýhasly däldir. Ynsabymyz dynç almagyň lezzetli we peýdaly bolmagyna nädip kömek edýär? Mukaddes Ýazgylar «ten işlerinden» gaça durmagy maslahat berýär. Olara «ahlaksyzlyk, azgynlyk, haýasyz işler, butparazlyk, jadygöýlik, duşmançylyk, dawa-jenjel, gabanjaňlyk, gahar-gazap, jedel, bölünişik, ynsan taglymatlaryna eýermeklik, göriplik, serhoşlyk, keýpi-sapaly oturyşyklar we şuňa meňzeş zatlar» degişlidir. Pawlus «şeýle zatlar bilen meşgullanýan adamlaryň Hudaýyň Patyşalygyny miras almajakdygyny» aýtdy (Gal. 5:19—21). Biz özümize şeýle soraglary bermeli: «Meniň ynsabym gahar-gazaba, bäsdeşlige, milletparazlyga we zalymlyga iterýän sport görnüşlerinden gaça durmaga kömek edýärmi? Meniň ynsabym pornografiýany, ahlaksyzlygy, serhoşlugy we jadygöýligi wasp edýän kinofilmleri görmezligi ýatladýarmy? w15 15/9 2:11, 12

20-nji oktýabr, anna

Eý, Ýehowa, men ynsanyň ýolunyň öz elinde däldigini, dogry ädim ätmegiň ygtyýarynda däldigini bilýärin. Ýer. 10:23, TD

Mukaddes Ýazgylarda adamlaryň Hudaýdan garaşsyz we özbaşdak ýaşamak üçin ýaradylmandygy aýdylýar. Şu hakykaty inkär edýän adamlar pajygaly ýagdaýa uçraýarlar. Ýehowa bize nämäniň gerekdigini gowy bilýär. Biz onuň hökümdarlygyna tabyn bolsak, asuda we agzybir ýaşarys. Ýehowa söýgi bilen bize şeýle gymmatly hakykaty aýan edýär! Söýýän ata çagalarynyň gelejegi barada alada edýär. Ol çagalaryň durmuşynyň manyly bolmagyny isleýär. Gynansak-da, köp adamlar gelejege umyt etmeýärler. Şol sebäpli olar wagtlaýyn şatlyk getirýän zatlara kowalaşyp, bütin ömrüni kül edýärler (Zeb. 90:10). Biz söýgüden doly gökdäki Atamyzyň bardygyna begenýäris. Sebäbi ol ajaýyp gelejegi wada berýär. Bu biziň durmuşymyzy, hakykatdanam, manyly edýär. w15 15/9 4:10, 11

21-nji oktýabr, şenbe

Tä men buýruk berýänçäm... ne çyg bolar, ne-de ýagyn. 1 Pat. 17:1

Gadymy döwürde ýaşan adamlaryň Hudaýyň ysraýyllylary halas edişini görmäge we eşitmäge mümkinçiligi bardy. Mysal üçin, Ýehowa öz halkyny gudrat bilen Müsürden azat etdi. Soňra olara birnäçe patyşalary ýeňmäge we Wada edilen diýary eýelemäge kömek etdi (Ýeş. 9:3, 9, 10). Şol patyşalar Hudaýyň söweşýändigine ynanmandyklary üçin ýeňiş gazanyp bilmediler. Zalym patyşa Ahap Ýehowanyň elini görüp bilýärdi. Hatda Ahap Ylýasyň dogasyna Ýehowanyň jogap berip, gökden ot indirendigini gördi. Olar hem Ýehowanyň gurakçylygy aýyrjakdygyny biler ýaly, Ylýas Ahaba: «Git, ýogsam ýagyş seni ýoldan saklar» diýýär (1 Pat. 18:22—45). Patyşa bolup geçen zatlaryň ählisini görse-de, bu zatlaryň Ýehowanyň güýji bilen bolýandygyny asla boýun almak islemedi. Biz bu we başga-da wakalardan näme öwrenip bilýäris? Bizem Ýehowanyň berýän kömegini görmäge jan etmeli. w15 15/10 1:4, 5

22-nji oktýabr, ýekşenbe

Dogry adam imany arkaly ýaşar. Gal. 3:11

Biz Ýehowanyň görkezmesine eýersek, bereket aljakdygymyza şübhelenmän bileris. Biz Ýehowanyň hemişe kömek etjekdigine iman etmeli. Pawlus resul «Hudaýyň bizde hereket edýän güýji arkaly soraýan we düşünýän ähli zatlarymyzdan-da has köp zatlary edip bilýändigini» aýtdy (Efes. 3:20). Dogan-uýalar ýagdaýynyň çäklidigine garamazdan, Ýehowanyň islegini ýerine ýetirmek üçin elinde baryny edýärler. Biz Ýehowanyň goldaýandygyna we edýän tagallamyza ak pata berýändigine örän minnetdar. Bizem imanymyzy köpelt diýip eden dogamyza jogap alarysmy? Mukaddes Ýazgylarda «Hudaýyň islegine görä» doga edip bilýändigimiz aýdylýar (1 Ýah. 5:14). Hawa, biz Ýehowa doly bil baglasak, onuň göwnünden turarys. Şeýle-de Ýehowa biziň imanymyzy köpeltmek babatda edýän dogamyza jogap berer we imanymyz has-da berkär. Şonda biz «Hudaýymyzyň Patyşalygyna girmäge mynasyp bolarys» (2 Sel. 1:3, 5). w15 15/10 2:16—18

23-nji oktýabr, duşenbe

Imandan azaşmaň. Ýew. 2:1

Ruhy zatlar hakda oýlanmaklyk ruhy taýdan ösen mesihçi bolmaga we imanyňy berkitmäge kömek edýär (Ýew. 5:14; 6:1). Ýehowa hakda oýlanmaga az wagt sarp edýän adam onuň bilen dostlugyny ýitirer, hatda ondan ýüz öwrüp biler (Ýew. 3:12). Isa Hudaýyň Sözüni diňlemesek ýa-da ony «ýüregimiz bilen» kabul etmesek, «hasyl berip» bilmejekdigimizi duýdurdy. Eger biz bu duýduryşa gulak asmasak, «ýaşaýşyň aladalaryna, baýlygyna we lezzetine» özümizi aldyryp bileris (Luka 8:14, 15). Şonuň üçin, geliň, Mukaddes Ýazgylarda aýdylan zatlar hakda oýlanmagymyzy we Ýehowany has gowy tanamagymyzy dowam edeliň. Bu bizi onuň häsiýetlerinden görelde almaga höweslendirer (2 Kor. 3:18). Biz gökdäki Atamyz hakda hemişe bilim alyp hem-de onuň göreldesine ebedi eýerip bileris. Bu uly hormat dälmi näme?! (Wag. 3:11). w15 15/10 4:13, 14

24-nji oktýabr, sişenbe

Akyldarlyk hem seniň janyňa şeýledir; ony tapsaň, geljegi-de bardyr. Sül. tym. 24:14

Siz ýetginjek çagalaryňyzyň ruhy taýdan berk bolmagyny isleýärsiňiz. Hudaý hem çagalaryňyzy «Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi bilen ulaltmagyňyzy» isleýär (Efes. 6:4). Şol sebäpli Hudaýyň beren bu jogapkärçiligini berjaý edip, maşgalaňyzy ruhy taýdan berkitmek üçin tagalla ediň. Mysal üçin, siz çagalaryňyzyň bilimli bolmagynyň wajypdygyna düşünip, olaryň bilim almagyny isleýärsiňiz we okuwa höwesini artdyrmaga jan edýärsiňiz. Şonuň ýaly-da, söýgüden doly ene-atalar çagalarynyň ýygnaklara we başga-da ruhy çärelere gatnaşyp, Hudaýyň berýän öwüt-nesihatlaryny almagyny isleýär. Siz Hudaýyň berýän täliminiň wajypdygyna düşünip, çagalaryňyzyň ruhy işlere söýgüsini artdyrmaga çalyşýarsyňyz hem-de olara akyldarlygy gymmat saýmagy öwredýärsiňiz. Isanyň öz şägirtlerine kömek edişi ýaly, siz hem ýetginjek çagalaryňyza Hudaýyň Sözündäki taglymatlary söýmäge we wagyz gullugyna yzygiderli gatnaşmaga kömek edip bilersiňiz. w15 15/11 2:6

25-nji oktýabr, çarşenbe

Her erkegiň başy Mesihdir, aýalyň başy erkekdir, Mesihiň başy bolsa Hudaýdyr. 1 Kor. 11:3

Hudaýyň goýan düzgünine görä, ähli zatda baştutanlyk prinsipiniň bardygy üçin, söýgi bildirmek has-da wajypdyr. Emma baştutanlyk etmek biriniň üstünden agalyk etmegi aňlatmaýar. Erkek adam maşgalada baştutanlyk etse-de, Mukaddes Ýazgylarda onuň öz aýalyny sylamalydygy aýdylýar (1 Pet. 3:7). Ärler aýalynyň zerurlyklaryny göz öňünde tutup, käbir meselelerde onuň islegine görä karara gelmek bilen, ony sylaýandygyny görkezip biler. Hudaýyň Sözünde: «Eý ärler, Mesihiň ýygnagy söýüp, onuň üçin janyny gurban edişi ýaly, siz hem aýalyňyzy elmydama söýüň» diýilýär (Efes. 5:25). Hawa, Isa şägirtleri üçin öz janyny hem gurban etdi. Eger erkek adam Isadan görelde alyp, söýgi bilen baştutanlyk etse, onda aýala ärini söýüp, hormat goýmak we tabyn bolmak aňsat bolýar (Tit. 2:3—5). w15 15/11 4:6, 7

26-njy oktýabr, penşenbe

Grekçe gepleýän ýehudylar ýewreýçe gepleýän ýehudylardan nägile bolup başladylar. Res. iş. 6:1

Mesihçileriň sany köpeldigi saýyn, olar, esasan, grek dilinde gepleşýärdiler. Isanyň öwreden zatlary hem-de eden işleri barada aýdylýan Matta, Markus, Luka we Ýahýa kitaplary hem grek dilinde ýazyldy. Şonuň üçin şägirtleriň köpüsi ýewreý dilinde däl-de, grek dilinde gepleýärdi. Pawlus resulyň hatlary we Injiliň beýleki kitaplary hem grek dilinde ýazyldy. Injili ýazan adamlar Töwrat, Zebur we Pygamberler ýazgylaryndan sitata getirenlerinde, köplenç «Septuagintadan» alýardylar. Käte bu sitatalar ýewreý ýazgylarynyň asyl nusgasyndakydan biraz tapawutlanýardy. «Septuagintany» bikämil adamlar terjime eden bolsa-da, olaryň terjimesi Hudaýyň Sözüniň bir bölegi boldy. Bu bolsa Ýehowanyň bir dili ýa medeniýeti başgasyndan ýokary tutmaýandygyny görkezýär (Res. iş. 10:34). w15 15/12 1:8, 9

27-nji oktýabr, anna

Eý Ýehowa, dodaklarymy aç, dilim saňa öwgi aýtsyn. Zeb. 51:15, TD

Geplemek gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi bolsa-da, bu biziň hemişe geplemelidigimizi aňlatmaýar. Mukaddes Ýazgylarda: «Dymmagyň öz wagty bar» diýilýär (Wag. 3:7). Biz başgalara hormat goýup, olaryň gürleýän wagty dymýarys (Eýp. 6:24). Şeýle-de gizlin zatlar babatda syr saklap, özümize erk edip bilýändigimizi we düşünjelidigimizi görkezýäris (Sül. tym. 20:19). Biziň göwnümize degenlerinde-de, sesimizi çykarmasak, paýhasly hereket etdigimiz bolar (Zeb. 4:4). Mukaddes Ýazgylarda geplemegiň hem öz wagtynyň bardygy aýdylýar (Wag. 3:7). Eger dostumyz bize owadan sowgat berse, biz ony gowy ulanmak isläris. Geplemek ukybymyzy hem paýhasly ulansak, Ýehowanyň beren sowgadyna minnetdardygymyzy görkezeris. Biz bu sowgat arkaly duýgularymyzy beýan edip, zerurlyklarymyz barada aýdýarys we birek-biregi ruhlandyryp, Hudaýy şöhratlandyrýarys. w15 15/12 3:4, 5

28-nji oktýabr, şenbe

Mundan beýläk diňe bir suw içmän, eýsem, aşgazanyň we ýygy-ýygydan bolýan ýarawsyzlygyň üçin biraz şerap iç. 1 Tim. 5:23

Şu günler dogan-uýalarymyzyň gudrat arkaly «sagaltmak ukyby» ýok (1 Kor. 12:9). Emma dogan-uýalaryň käbiri soramasak-da, gowy niýet bilen saglygymyz babatda maslahat bermegi mümkin. Elbetde, olar bize giňden ýaýran hem-de peýdaly bejergini salgy berip biler. Pawlus resul hem Timoteosa peýdaly maslahat beripdi, sebäbi Timoteosyň aşgazany agyrýardy. Belki-de, muňa onuň içýän suwunyň hapalygy sebäp bolandyr. Emma biz imandaşlarymyzy belli bir ot-çöpi, dermany içmäge ýa-da berhizi tutmaga yrjak bolmaly däl. Aslynda, bu zatlar olara peýda bermän, gaýtam, zyýanly hem bolup biler. Käte bize saglygymyz babatda maslahat berenlerinde: «Meniň garyndaşymam şeýle syrkawlapdy, ýöne ol şu bejergini aldy welin, gowulaşaýdy» diýip ynandyrjak bolýarlar. Emma maslahat ak ýürekden berilse-de, giňden ýaýran bejergidir dermanlaryň hem adama zyýan ýetirip bilýändigini unutmasak gowy bolar (Sül. tym. 27:12). w15 15/12 4:13

29-njy oktýabr, ýekşenbe

Dogry adam bolan Mesih hem dogry dälleriň günälerini aýyrmak üçin bir gezekde hemişelik öldi. 1 Pet. 3:18

Günäni miras alandygymyz üçin, biziň ählimiz ölüm jezasyna höküm edildik (Rim. 5:12). Isa «hemmeler üçin ölümi dadar» ýaly, Rehimdar Hudaýymyz Ýehowa ony ýer ýüzüne iberdi (Ýew. 2:9). Ýokarda getirilen mysaldan tapawutlylykda, Ýehowa ýöne bir janymyzy halas etmän, eýsem, ölümi hemişelik ýok eder (Iş. 25:7, 8; 1 Kor. 15:22, 26). Isa iman edenleriň ählisi Hudaýyň Patyşalygynyň raýatlary hökmünde ýer ýüzünde parahat, bagtly we ebedi ýaşar. Mesh edilen mesihçiler bolsa gökde Isa bilen bile höküm sürer (Rim. 6:23; Ylh. 5:9, 10). Ýehowa «ajaýyp sowgady» arkaly bize ýene nähili bereketler berer? Ýehowa «ajaýyp sowgady» arkaly kesel adamlary sagaldar, ýer ýüzüni Jennete öwrer we ölen adamlary direlder (Iş. 33:24; 35:5, 6; Ýah. 5:28, 29). Biz Ýehowany we onuň Ogluny beren şeýle sowgady üçin ýürekden söýýäris (2 Kor. 9:15). w16.01 2:5, 6

30-njy oktýabr, duşenbe

Siz täzeden dogulmalysyňyz. Ýah. 3:7

Mesihçi mukaddes ruh arkaly mesh edilmänkä, ýer ýüzünde ebedi ýaşaryn diýip begenendir. Ol Ýehowanyň ýer ýüzüni arassalajak wagtyna we berjek bereketlerine sabyrsyzlyk bilen garaşandyr. Belki, ol direljek dogan-garyndaşlaryny nädip garşy alýandygyny göz öňüne getirendir. Ol täze saljak öýünde ýaşamagy we eken baglarynyň miwesinden iýmegi arzuw edendir (Iş. 65:21—23). Ol bu zatlar barada arzuw edenem bolsa, näme üçin onuň garaýşy üýtgedikä? Onuň ýerde ýaşamaga höwesi gaçmaýar ýa-da göwnüçökgünlige düşendigi sebäpli pikiri üýtgemeýär. Ol ýerde ebedi ýaşamak ýürekgysgynç bolar diýip göge gitmek islemeýär. Mesh edilen mesihçiniň mukaddes ruhuň täsiri bilen pikiri we umydy üýtgeýär. w16.01 3:11, 13

31-nji oktýabr, sişenbe

Biz hem Hudaýyň işdeşleri hökmünde size Hudaýdan alan merhemetiňize sowuk-sala garamazlygy ündeýäris. 2 Kor. 6:1

Ýehowa hemmelerden Beýik we ähli zady ýaradan Hudaý. Onuň akyldarlygynyň we güýjüniň çägi ýok. Eýýup pygamberem muňa düşünýärdi. Ýehowa öz ýaradan zatlary barada Eýýuba sorag berende, ol şeýle jogap berdi: «Men bilýän, Seniň eliňden hemme zat gelýär, Göwnüňe gelen zady amala aşyrýaň» (Eýp. 42:2). Ýehowa niýetini amala aşyrmak üçin hiç kimiň kömegine mätäç bolmasa-da, bizi söýýändigi üçin özi bilen işleşmäge mümkinçilik berýär. Hudaý ähli zady ýaratmazdan öň ýeke-täk Ogly Isany ýaratdy. Ýehowa oňa galan ähli zatlary ýaratmaga mümkinçilik berdi (Ýah. 1:1—3, 18). Görşümiz ýaly, Ýehowa Ogluna diňe bir hemme zady ýaratmaga mümkinçilik bermän, muny hemmeler biler ýaly Mukaddes Ýazgylara ýazdyrdy (Kol. 1:15—17). w16.01 5:1, 2

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş