Noýabr
1-nji noýabr, çarşenbe
Ybraýym... garrap, öz durmuşyndan razy bolup, dünýäden ötdi. Gel. çyk. 25:8
Ybraýym pygamber «garrap, öz durmuşyndan razy boldy» diýen sözleri okanymyzda, onuň gelejege umydy bolmandyr diýip pikir etmeli däl. Injilde: «Ybraýym gurujysy we ýaradyjysy Hudaý bolan berk esasly şähere garaşýardy» diýilýär (Ýew. 11:10). Ybraýym pygamberiň Jennetde ýaşap, Ýehowa bilen dostlugyny has-da berkitmek isleginiň güýçli bolandygyny göz öňüne getirip bilermisiňiz? Ol ölüminden müňlerçe ýyl geçensoň, iman babatda galdyran göreldesiniň Ýehowanyň gullukçylaryna kömek edendigini bilende, Ybraýym pygamber, gaty begense gerek! Ol hatda ogly Yshagyň yzyna gaýdyp berilmeginiň gelejekde boljak zadyň «nusgasy» bolandygyny Jennetde biler (Ýew. 11:19). Şeýle-de ol ogly Yshagy gurban bermek bilen Hudaýyň millionlarça wepaly gullukçylaryna Ýehowanyň öz ýalňyz ogly Isa Mesihi töleg hökmünde bermeginiň Hudaýa nähili agyr degendigini göz öňüne getirmäge kömek edendigini biler (Ýah. 3:16). w16.02 1:15, 16
2-nji noýabr, penşenbe
Sen azgyn aýalyň ogly! Özüň hem-de ýalaňaç ejeň bihaýa bolmadyk bolsaňyz, sen Ýyşaýyň ogluny dost tutunarmydyň? Käşgä, men ony bilmeýän bolsam! 1 Şam. 20:30
Eger jogapkärli adamlaryň biri bize nädogry düşünse, Ýehowa bolan wepalylygymyz synalyp biler. Ýonatan hem şeýle synaga düşüpdi. Onuň kakasy Şawul Hudaýyň bellän patyşasydy. Ol oglunyň Dawut bilen näme üçin dostlaşýandygyna düşünmeýärdi. Üstesine-de, Şawul Ýonatana awuly sözleri aýdyp, kemsidýärdi, ýöne ol hiç hili jogap gaýtarmaýardy. Gaýtam, Hudaýa we Ysraýylyň gelejekki patyşasy Dawuda wepaly galdy (1 Şam. 20:31—41). Şu günlerem Ýehowanyň halkynyň arasynda şeýle ýagdaýlar bolup biler. Sebäbi ýygnakda jogapkärçilik berlen adamlar bikämil we olar biziň edýän işlerimize nädogry düşünmekleri mümkin (1 Şam. 1:13—17). Biz bir zada düşünmesek-de, nädogry düşünsek-de, geliň, hemişe Ýehowa wepaly bolalyň! w16.02 3:14, 15
3-nji noýabr, anna
Kim meniň yzyma eýermek islese, özünden geçsin-de, jebir pürsüni alsyn. Mat. 16:24
Käbirleri özüňi Hudaýa bagyş etmegiň we suwa çümdürilmegiň tapawudyna doly düşünmeýärler. Meselem, ýaşlaryň käbiri özüni Ýehowa bagyş edendigini, ýöne suwa çümdürilmäge taýyn däldigini aýdýarlar. Aslynda, bu dogrumy? Özüňi Ýehowa bagyş etmek Hudaýa ebedi gulluk etjekdigiňi aýtmagy aňladýar. Suwa çümdürilýän adam özüni Hudaýa eýýäm bagyş edendigini görkezýär. Hawa, ýekelikde doga edip, özüňi Ýehowa bagyş edýärsiň, suwa çümdürilip bolsa muny başgalaryň öňünde tassyklaýarsyň. Şonuň üçin suwa çümdürilmezden öň, özüňi Hudaýa bagyş etmegiň manysyna doly düşünýändigiňe göz ýetirmeli. Ýönekeý söz bilen aýdanyňda, sen özüňi Ýehowa bagyş edeniňde, öz islegiňden geçýärsiň. Sen Ýehowanyň islegini ýerine ýetirmegi durmuşyňda ähli zatdan ileri tutjakdygyňy söz berýärsiň. Eger biz adamlara berýän sözümizde durmaly bolsak, onda Ýehowa Hudaýa berýän wadamyzda durmak has-da wajyp dälmi näme?! (Mat. 5:33). w16.03 1:14, 15
4-nji noýabr, şenbe
Ähli zatda... söýgi arkaly ýetişen adam bolalyň. Efes. 4:15
Pawlus ynsan bedenini mysal getirip, Isa Mesihiň ýolbaşçylygynda ýygnakda agzybirligi saklamagyň wajypdygyny nygtady. Ol «bedeniň her bir agzasynyň biri-biriniň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga kömek edýändigini» aýtdy (Efes. 4:16). Biz gujur-gaýratly ýa ejizdigimize, ýaş ýa-da gartaşandygymyza garamazdan, ýygnagyň agzybirligine nädip goşant goşup bileris? Munuň üçin, ilki bilen, Isanyň ýygnakda gözegçi edip bellän ýaşulularyna hormat goýup, tabyn bolmaly (Ýew. 13:7, 17). Bu bize käte kyn bolsa-da, Ýehowadan kömek sorasak, Hudaýyň mukaddes ruhy ýygnakda berilýän görkezmelere ýürekden eýermäge höweslendirer. Käbir ýagdaýlarda berilýän görkezmä eýermek aňsat düşmese, kiçigöwünli bolup, ýaşulular bilen hyzmatdaşlyk edip, ýygnagyň agzybirligine goşant goşýandygymyz barada oýlanmaly. Şeýle-de dogan-uýalar bilen işleşsek, olara bolan söýgimiz artar. w16.03 3:8, 9
5-nji noýabr, ýekşenbe
Hudaýyň sözi diri hem täsirlidir. Ýew. 4:12
Käbir doganlara ýaşlygyndan ruhy maksatlary goýmaga kömek etmeýärler. Şeýle ýaşlar Patyşalyk işlerini hiç haçan birinji orunda goýup bilmeýärler (Mat. 10:24). Emma ýygnak ýaşulusy dogan bilen ýakyndan dostlaşmak üçin wagt tapmaly we ony ýygnakda jogapkärli borçlary almagy üçin taýýarlamak isleýändigini hem-de onuň ýygnaga gerekdigini aýtmaly. Soňra ýaşuly şol dogan bilen arkaýyn oturyp, käbir aýatlaryň esasynda özüni Ýehowa näme üçin bagyş edendigi barada oýlanmaga kömek etmeli (Wag. 5:4; Iş. 6:8; Mat. 6:24, 33; Luka 9:57—62; 1 Kor. 15:58; 2 Kor. 5:15; 13:5). Ýaşuly onuň ýüregine täsir edýän şeýle soraglary berip biler: «Özüňi bagyş edeniňde Ýehowa näme söz berdiň? Seniň suwa çümdürilýändigiňi görende Ýehowa özüni nähili duýandyr? Bu Şeýtana nähili täsir edendir?» (Sül. tym. 27:11; 1 Pet. 5:8). Ýaşulular gowy saýlap, okan aýatlarynyň güýçli täsir edýändigine hiç haçan şübhelenmeli däl. w15 15/4 2:9, 11
6-njy noýabr, duşenbe
Ähli ýüküňizi onuň üstüne atyň, sebäbi ol siziň aladaňyzy edýändir. 1 Pet. 5:7
Ýehowa her bir haýyşymyza näme üçin dessine jogap bermeýär? Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa söýgüden doly Ata bilen deňeşdirilýär (Zeb. 103:13). Kakasy çagasynyň her bir soran zadyny bermeýär ýa-da haýyşyny derrew bitirmeýär. Käte çaga bir zady kesirlik bilen sorasa-da, onuň islegi üýtgäp biler. Eger kakasy çagasynyň her bir islegini derrew ýerine ýetirse, ol öz çagasynyň guly ýaly bolar. Ol çagasyna nämäniň gerekdigini, ony haçan bermelidigini we munuň başgalara nähili täsir etjekdigini gowy bilýär. Şonuň ýaly-da, söýgüden doly gökdäki Atamyz, paýhasly Ýaradyjymyz Ýehowa bize nämäniň gerekdigini we dogalarymyza haçan jogap bermelidigini gowy bilýär. Şol sebäpli Ýehowa biziň dogalarymyza jogap berýänçä, sabyrly garaşmaly (Iş. 29:16; 45:9). w15 15/4 4:6, 7
7-nji noýabr, sişenbe
Iblise garşy duruň, şonda ol sizden gaçar. Ýak. 4:7
Dünýäniň soňy golaýlaşdygy saýyn, Şeýtan biziň oýa bolman, janymyzy aýap, abraýly wezipe almagymyzy, hüşgärligi elden gidirmegimizi isleýär. Onuň toruna düşmezlik üçin «oýa bolalyň»! (Mat. 16:22, 23; 24:42). Biz Şeýtanyň dünýäniň soňy gelmez ýa-da ol giç geler diýen ýalan sözlerine ynanmaly däl. Ol Hudaý bizi söýmeýär we günämizi hiç haçan bagyşlamaz diýip ynandyrjak bolýar. Şeýtan hemişe ýalan sözleýär. Aslynda, Ýehowa kimi ýigrenýär? Elbetde, Şeýtany. Kim hiç haçan bagyşlanmaz? Şeýtan bagyşlanmaz. Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaý siziň edýän işleriňizi we... onuň adyna görkezýän söýgiňizi unudar ýaly, adalatsyz däldir» diýilýär (Ýew. 6:10). Biz Ýehowany razy etmäge jan edýäris. Ol edýän tagallamyzy gymmat saýýar we gullugymyzyň gadyryny bilýär (1 Kor. 15:58). Şeýtanyň ýaýradýan ýalan sözlerine hiç haçan gulak gabartmalyň. w15 15/5 1:16—19
8-nji noýabr, çarşenbe
Olar şol wadalary uzakdan gördüler. Ýew. 11:13
Ybraýym pygamberde umyt edýän zatlarynyň amala aşjakdygyny görkezýän ençeme subutnamalar bardy. Ol wadalary gözi bilen görýän ýalydy! Ybraýym pygamber Hudaýyň wadalaryna iman edip, onuň islegini ýerine ýetirmegi ýüregine düwdi. Ol iman arkaly Ur şäherinden çykdy we Kenganyň hiç bir ýerinde mesgen tutmady. Şol döwürde Ur we beýleki şäherler Ýehowa sežde etmeýärdiler. Şonuň üçin olaryň düýbi berk bolmandyr (Ýeş. 24:2). Emma Ybraýym pygamber «ussasy, gurujysy Hudaý bolan berk esasly şähere garaşýardy» (Ýew. 11:10). Ol Ýehowanyň höküm sürjek ýerinde özüni «göz öňüne getirýärdi». Habyl, Hanok, Nuh, Ybraýym we beýleki pygamberler ölen adamlaryň direljekdigine iman edýärdiler. Olar Hudaýyň Patyşalygy höküm sürjek «berk esasly şähere» garaşýardylar. Olar şeýle bereketler barada oýlanyp, Ýehowa iman edýärdiler (Ýew. 11:15, 16). w15 15/5 3:8, 9
9-njy noýabr, penşenbe
Hudaýyň... güýji Mesih arkaly aýan boldy. 1 Kor. 1:24
Ýehowa Isa Mesih arkaly köp gudratlary görkezýärdi. Injil kitabynyň dört sany Hoş habarynda beýan edilýän Isanyň gudratlary biziň imanymyzy berkidýär. Elbetde, Isa başga-da köp gudratlary görkezdi (Mat. 9:35; Luka 9:11). Şeýdip, Hudaýyň güýji Isa arkaly aýan boldy. Şol sebäpli Pawlus resul: «Hudaýyň güýji Mesih arkaly aýan boldy» diýip ýazdy. Isanyň görkezen gudratlary bize nähili täsir edýär? Petrus resul Isanyň köp gudratlary, ýagny «alamatlary» görkezendigini aýdýar (Res. iş. 2:22). Bu gudratlar Isanyň gelejekde Patyşa hökmünde berjek bereketlerini görkezýär. Olary Isanyň täze dünýäde uly möçberde etjek işleriniň kölegesine meňzetse bolýar. Isanyň gudratlary bize özüni we Atasyny has gowy tanamaga kömek edýär. w15 15/6 1:1, 2
10-njy noýabr, anna
Aýal öz içinden: «Iň bolmanda, donuna elimi degirsem-de, sagalaryn» diýýärdi. Mar. 5:28
Isa Ýehowanyň aýaly sagaldandygyna göz ýetirip, mähir bilen: «Gyzym, imanyň seni sagaltdy. Bar, arkaýyn gaýdyber, sen indi agyr derdiňden gutuldyň» diýýär (Mar. 5:34). Isa örän mähirlidi! Ol keselden ejir çekýänlere çuňňur duýgudaşlyk bildirýärdi. Şeýtan bizi söýülmäge mynasyp däldigimize ynandyrjak bolýar. Isanyň gudratlary onuň ýürekden aladamyzy edýändigini görkezýär. Hawa, biziň rehimdar Patyşamyz, Baş ruhanymyz bar! (Ýew. 4:15). Belki-de, sagdyn adam ötüşen keselden ejir çekýänleriň ýagdaýyny bilýän däldir. Ýöne Isa kämil bolsa-da, syrkawlaryň duýgusyna gowy düşünýärdi. Bizem Isanyň göreldesine eýermek üçin elimizde baryny edeliň (1 Pet. 3:8). w15 15/6 2:11, 12
11-nji noýabr, şenbe
Siz sebäpli başga halklaryň arasynda Hudaýyň adyna dil ýetirilýär. Rim. 2:24
Biz Hudaýyň adyny bilmegi we onuň adyny göterýän «halk» bolmagy uly hormat saýýarys (Res. iş. 15:14; Iş. 43:10). Biz gökdäki Atamyzyň «adynyň mukaddes bolmagyny» isleýäris (Mat. 6:9). Şol sebäpli biz Ýehowadan kömek sorap, mukaddes adyna ysnat getirýän sözlerden we işlerden gaça durmaga jan edýäris. I asyrda ýaşan käbir mesihçiler wagyz edýän zatlaryny özleri etmeýärdiler. Elbetde, biz şu günki aýatda aýdylyşy ýaly, olara meňzemek islemeýäris. Hudaý adynyň doly mukaddes bolmagy üçin näme eder? Ýehowa hökümdarlygyna garşy çykýanlaryň ählisini ýok eder (Ezek. 38:22, 23). Soňra adamzat ýuwaş-ýuwaşdan kämillige ýeter. Perişdelerem, adamlaram hemişe Ýehowanyň adyny mukaddes ederler! Biz şol döwre sabyrsyzlyk bilen garaşýarys! Şonda söýgüden doly gökdäki Atamyz «hemmeleriň başy bolar» (1 Kor. 15:28). w15 15/6 4:7, 10
12-nji noýabr, ýekşenbe
Gökler Meniň tagtym, ýer aýagyma kürsüdir. Iş. 66:1
Ýewreý Ýazgylarynda Hudaýyň «aýagynyň kürsüsi» diýen jümle göçme manyda ysraýyllylaryň mukaddes çadyryny aňladýar (1 Ýyl. 28:2; Zeb. 132:7). Çadyr hakyky seždäniň merkezidi we Ýehowanyň aýak basýan ýerini şöhratlandyrýardy. Ýehowa mukaddes çadyry örän owadan hasaplaýardy (Iş. 60:13). Şu günler Ýehowany şöhratlandyrýan ruhy ybadathana guruldy. Ol mukaddes çadyr ýaly hakyky seždäniň merkezi hasaplanylýar. B. e. 29-njy ýylynda Isa suwa çümdürilip, Baş ruhany edip bellenildi we Ýehowanyň ruhy ybadathanasynyň düýbi tutuldy. Şeýdip, Isa Mesihiň töleg gurbanyna iman edýän adamlar Ýehowa bilen ýaraşýarlar (Ýew. 9:11, 12). w15 15/7 1:1—3
13-nji noýabr, duşenbe
Olar Ynsan oglunyň gökdäki bulutda gudrat we uly şöhrat bilen gelýänini görerler. Luka 21:27
Şonda wepaly galanlara sylag berler, beýlekiler bolsa jezasyny alarlar (Mat. 24:46, 47, 50, 51; 25:19, 28—30). Isa muny mysal arkaly düşündirdi: «Ynsan ogly-da ähli perişdeleri we uly ygtyýar bilen gelende, şöhratly tagtynda oturar. Ähli halklar onuň öňüne ýygnalar, şonda çopanyň goýunlary geçilerden saýlaýşy ýaly, ol hem adamlary iki topara böler. Ol goýunlary sag tarapynda, geçileri bolsa çep tarapynda goýar» (Mat. 25:31—33). Goýunlara we geçilere nähili höküm çykarylar? Mysalda: «Bular (geçiler) ebedilik kesilip taşlanar, dogry adamlar bolsa ebedi ýaşaýşa gowşar» diýilýär (Mat. 25:46). w15 15/7 2:11, 12
14-nji noýabr, sişenbe
Doganlaryň bile ýaşamagy, gör, nähili gowy, nähili ýakymly! Zeb. 133:1
Biz Watanymyzy, medeniýetimizi, dilimizi we milli naharlarymyzy gowy görýäris. Emma biz öwünmekden ägä bolmaly. Ýehowa biziň lezzet alyp ýaşamagymyz üçin her dürli zatlary ýaratdy (Zeb. 104:24; Ylh. 4:11). Onda näme üçin adamlar bir zady başga zatdan ýokary saýýarlar? Hudaý ähli adamlaryň hakykat barada bilim alyp, bagtly ýaşamagyny isleýär (Ýah. 3:16; 1 Tim. 2:3, 4). Biz adamlary ala tutmasak ençeme bereket alarys we dogan-uýalaryň arasyndaky agzybirligi berkideris. Ýehowa wepaly mesihçiler dünýädäki işlere we dawa-jenjele goşulmaýarlar. Ýehowa bizi Şeýtanyň höküm sürýän dünýäsinde giňden ýaýran milletparazlykdan, tekepbirlikden we bäsdeşlikden azat edýär. Biz munuň üçin Ýehowa örän minnetdar! w15 15/7 3:17, 18
15-nji noýabr, çarşenbe
Hudaý siziň aladaňyzy edýändir. 1 Pet. 5:7
Biz Ýehowa bolan söýgimizi iş ýüzünde görkezmeli. Meselem, biz Patyşalyk barada yhlasly wagyz edip, Ýehowany we adamlary söýýändigimizi subut edýäris (Mat. 24:14; 28:19, 20). Şeýle-de imanymyz synalanda wepaly bolsak, Ýehowany söýýändigimizi görkezýäris (Zeb. 84:11; Ýak. 1:2—5). Agyr kynçylyklara duş gelsegem, Ýehowa bizi söýýändigi üçin ýagdaýymyza düşünip, bize hökman kömek eder (Zeb. 56:8). Biz Ýehowany söýýändigimiz üçin ýaradan ajaýyp zatlary we ägirt işleri barada oýlanmak isleýäris. Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenmek bilen Ýehowany söýýändigimizi we onuň Sözüni gymmat saýýandygymyzy görkezýäris. Doga arkaly Ýehowa bilen dostlaşsak, oňa bolan söýgimizi bildireris. Şeýle-de Ýehowa töleg gurbany arkaly biziň günälerimizi bagyşlaýar. Biz bu barada oýlansak, oňa bolan söýgimiz has-da artar (1 Ýah. 2:1, 2). Görşümiz ýaly, Ýehowanyň söýgüsine ençeme usullar bilen minnetdarlygyňy görkezip bolýar. w15 15/8 1:6, 17, 18
16-njy noýabr, penşenbe
Sabyrly bolmak gowudyr. Wag. 7:8
Täze dünýäde bize sabyrlylyk häsiýeti gerek bolar. Meselem, biz dogan-garyndaşlarymyzyň direlmegine garaşarys. Aýdaly, dogan-uýalaryň hossarlary we dost-ýarlary direlýär, ýöne siziň ýakynlaryňyz entek direlenok. Şonda siz sabyrly bolup, olaryň şatlygyna goşularsyňyzmy? (Rim. 12:15). Biz häzirden Ýehowanyň wadalarynyň ýerine ýetmegine sabyrly garaşsak, Jennetde-de sabyr-takatly bolarys. Biz şu günler Mukaddes Ýazgylardaky hakykat biliminiň doly açylmagyna sabyrly garaşmak bilen, täze dünýä taýýarlyk görýäris. Biz hakykaty sabyr-takatly we yhlas bilen öwrenýärismi? Eger häzirden şeýle etsek, onda täze dünýäde Ýehowanyň berjek kada-kanunlaryna sabyrly garaşarys (Sül. tym. 4:18; Ýah. 16:12). w15 15/8 3:9, 10
17-nji noýabr, anna
Mesih ýaly doly ýetişen adam bolup bileris. Efes. 4:13
Pawlus resul efesli mesihçilere hat ýazyp, ruhy taýdan ösmegi maslahat berdi. Şeýle-de ol: «Imanymyz bir bolup, Hudaýyň Ogly hakda dogry bilim alýançak, olar bu işi ýerine ýetirerler. Şonda biz Mesih ýaly doly ýetişen adam bolup bileris» diýdi (Efes. 4:11). Pawlus efeslilere hat ýazanda, şol şäherde ençeme ýyl bäri mesihçiler ýygnagy bardy. Şägirtleriň köpüsi ruhy taýdan berkdi. Emma mesihçileriň käbiri Ýehowa bilen dostlugyny has-da berkitmelidiler. Şu günlerem Ýehowanyň Şaýatlarynyň arasynda şeýle ýagdaýy görse bolýar. Köp dogan-uýalar ençeme ýyl bäri Hudaýa gulluk edip, ruhy taýdan berk durlar, ýöne hemme mesihçileriň ruhy ýagdaýy meňzeş däl. Meselem, her ýyl müňlerçe adam suwa çümdürilýär. Diýmek, olar ruhy taýdan ösmek üçin köp tagalla etmeli. Siz hem ruhy taýdan ösmek üçin tagalla edýärsiňizmi? (Kol. 2:6, 7). w15 15/9 1:2, 3
18-nji noýabr, şenbe
Beden maşkynyň peýdasy azdyr. 1 Tim. 4:8
Köp adamlar beden we akyl taýdan sagdyn bolmak üçin yzygiderli maşk edýärler. Biz birnäçe adam bilen maşk etmegi gowy görýän bolsak näme? Şonda biz kimler bilen maşk ederis? Süleýmanyň tymsallary 13:20-de: «Akyldarlar bilen gezýän adam akyldar bolar; akylsyzlaryň dosty bolsa zelel çeker» diýilýär. Biz bu maslahata eýersek, Mukaddes Ýazgylaryň esasynda terbiýelenen ynsabymyz paýhasly dynç almaga kömek eder. Siz dynç almaklyga näçe wagt sarp edýärsiňiz? Ýygnak duşuşyklaryna barmagy, wagyz etmegi we şahsy okuwyny birinji orunda goýýarsyňyzmy ýa-da dynç almagy? Siziň üçin haýsy wajyp? Isa: «Hudaýyň Patyşalygyny we Onuň dogrulygyny hemişe birinji orunda goýuň, şonda galan ähli zatlar hem üstüne goşulyp berler» diýdi (Mat. 6:33). Siziň ynsabyňyz dynç almak babatda Isanyň maslahatyna eýermäge höweslendirýärmi? w15 15/9 2:13, 15
19-njy noýabr, ýekşenbe
Näme üçin gaharlanýaň? Näme ýüzüňi sallaýarsyň? Eger sen dogry iş etseň, kabul edilmezmiň ahyryn?... sen günäniň üstünden agalyk etmelisiň! Gel. çyk. 4:6, 7
Bu öz wagtynda berlen gowy maslahatdy. Ýehowa Kabyla howp abanýandygyny duýdurdy. Gynansak-da, Kabyl Ýehowa gulak asman ejir çekdi (Gel. çyk. 4:11—13). Şeýle-de Ýehowa Ýermeýanyň kömekçisi Barugyň nädogry garaýyşdan ýaňa ýadaw we göwnüçökgündigine üns berýär. Şonda Ol Baruga nädogry garaýşyny düzetmelidigini aýdýar. Kabyldan tapawutlylykda Baruk Ýehowanyň maslahatyna gulak asyp, halas bolýar (Ýer. 45:2—5). Pawlus: «Ýehowa söýýänini terbiýeleýändir, ogly hökmünde kabul edýänine hatda temmi-de berýändir» diýýär (Ýew. 12:6). Emma terbiýe diňe bir temmi bermegi däl-de, köp zady aňladýar. Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa gulluk eden adamlaryň agyr kynçylyklardan geçendigi aýdylýar. w15 15/9 4:12, 13
20-nji noýabr, duşenbe
Biz... siziň Hudaýyňyz Ýehowanyň adyny, onuň şöhratyny we... eden ähli işlerini eşidip geldik. Ýeş. 9:9, TD
Gibgonlylar hak Hudaýyň ysraýyllylar üçin söweşýändigine göz ýetirdiler. Rahap hem Ýehowanyň berýän kömegini görýärdi. Ol ysraýylly däldi, ýöne Ýehowanyň Müsürden halkyny azat edişini eşidip, ysraýylly iki içala: «Rebbiň bu ýurdy size berendigini men bilýärin» diýdi. Rahap özüni we maşgalasyny Ýehowanyň gorajakdygyna ynanýardy. Şol sebäpli ol janyny howp astyna salsa-da, Ýehowa iman edýändigini görkezdi (Ýeş. 2:9—13; 4:23, 24). Şu we Mukaddes Ýazgylardaky başga köp wakalar bize Hudaýy hem-de onuň güýjüni görmegiň nämedigine düşünmäge kömek edýär. Biz Ýehowanyň häsiýetlerini öwrenip, edýän işlerine akyl ýetirsek, Ony we güýjüni «ýüreklerimiziň gözleri» bilen görüp bileris (Efes. 1:18, çykgyt). Elbetde, bizem Ýehowanyň öz halkyna kömek edişini gören geçmişdäki we şu günki wepaly gullukçylarynyň göreldesine eýermek isleýäris. w15 15/10 1:6, 7, 9
21-nji noýabr, sişenbe
Isa Martany, Merýemi hem-de Lazary gowy görýärdi. Ýah. 11:5
Injilde Marta Isanyň iň ýakyn we gowy görýän dostlarynyň biri bolandygy aýdylýar. Elbetde, Isa Hudaýa wepaly beýleki aýallara-da hormat goýýardy. Meselem, ol öz ejesi Merýemi, şeýle-de Martanyň uýasy Merýemi gowy görýärdi (Ýah. 19:25—27). Isanyň näme üçin Marta hormat goýandygyny bileliň. Isa Martany diňe bir myhmansöýerligi we zähmetsöýerligi üçin däl-de, eýsem, onuň ruhy taýdan berk aýal bolandygy üçin gowy görýärdi. Marta Isanyň öwredýän zatlaryna çyn ýürekden ynanýardy. Ol Isanyň wada edilen Mesihdigine berk iman edýärdi (Ýah. 11:21—27). Elbetde, Marta ähli adamlar ýaly bikämildi. Bir gezek Isa Martanyň öýlerine myhmançylyga baranda, ol uýasy Merýemiň kömek etmeýändigi babatda nädogry pikir edip, Isadan jigisine käýemegi haýyş edýär. Marta: «Halypam, uýamyň meni ýeke özüme hyzmat etdirip ýörendigini görmeýärmiň? Oňa aýtsana, maňa kömek etsin» diýdi (Luka 10:38—42). w15 15/10 3:1, 2
22-nji noýabr, çarşenbe
Hudaýa ýakynlaşyň, ol hem size ýakynlaşar. Ýak. 4:8
Ruhy zatlar barada oýlansak, hakykata bolan yhlasymyz artar. Siziň yhlasyňyz dogan-uýalary we wagyz edýän adamlaryňyzy ruhlandyrar. Siz Ýehowanyň Isa Mesihiň töleg gurbany arkaly eden işleri barada oýlansaňyz, Hudaý bilen dostlugyňyzy has-da gymmat saýarsyňyz (Rim. 3:24). Günorta Afrikada ýaşaýan we imany üçin 3 ýyl türmede oturan Mark atly doganymyz şeýle diýýär: «Oýlanmaklygy gyzykly başdan geçirmeler bilen deňeşdirse bolýar. Ruhy zatlar hakda näçe köp oýlansak, Hudaýymyz Ýehowa hakda şonça-da köp zatlar açylar. Men käte göwnüçökgünlige düşenimde ýa-da gelejegim hakda alada edenimde, Mukaddes Ýazgylary alyp, okan zatlarym barada oýlanýaryn. Şonda kalbyma rahatlyk aralaşýar». w15 15/10 4:15
23-nji noýabr, penşenbe
Maňa aň-düşünje ber, kanunyňy berjaý edeýin, ony bütin ýüregim bilen berjaý edeýin. Zeb. 119:34
Ýerlikli bolsa, çagalaryňyza gelen kararyňyzyň ýa-da goýan çägiňiziň sebäbini düşündiriň. Ýetginjek çagaňyz belli bir meselä siziň nähili garaýandygyňyza düşünse, size höwes bilen gulak asar. Dört çagaly Barri dogan şeýle diýýär: «Eger käbir zatlaryň sebäbini düşündirsek, ýetginjekleriň bize bolan ynamy artýar we olar biziň gelýän kararlarymyzyň esassyz ýa-da çendenaşa talap ediji däl-de, paýhaslydygyna göz ýetirýärler». Şeýle-de ýetginjekler «pikirlenmek ukybyny» ulansa, ýetişen adam hökmünde kemala gelip başlaýar (Rim. 12:1). Barri dogan: «Ýetginjekler duýga esaslanyp däl-de, aň-düşünje bilen paýhasly karara gelmegi öwrenmeli» diýýär. Eger siz gelýän kararlaryňyzyň sebäbini çagalaryňyza kiçigöwünlilik bilen aýtsaňyz, onda ýetginjekler uly adam bolup ýetişýändigine hem-de pikirlenmek ukyby bilen özleriniň karara gelip bilýändigine düşünýändigiňizi biler. w15 15/11 2:11
24-nji noýabr, anna
Heniz wagtymyz barka, hemmelere, aýratyn-da imandaky doganlarymyza ýagşylyk edeliň. Gal. 6:10
Ýer ýüzünde ýaşaýan millionlarça adamlar Ýehowa sežde edip, onuň ady we niýetleri barada şaýatlyk edýärler. Ýehowanyň gullukçylary imandaşlaryna nähili garaýyşda bolmaly? (Rim. 12:10). Petrus resul hem imandaşlaryna şeýle ýazdy: « Häzir siz Hudaýyň Sözündäki hakykata gulak asyp, özüňizi arassaladyňyz we doganlary hilesiz söýmegi öwrendiňiz. Şol sebäpli-de biri-biriňizi ýürekden söýüň». Şeýle-de ol: «Biri-biriňizi ýürekden söýüň» diýdi (1 Pet. 1:22; 4:8). Ýehowa gulluk edýän imandaşlarymyzy ýürekden söýýändigimiz üçin, biziň üýtgeşik bütindünýä guramamyz bar. Şeýle-de Ýehowany söýüp, kanunlaryna gulak asýandygymyz sebäpli, Hudaý bizi Älemde iň ýokary güýji bolan mukaddes ruhy arkaly goldaýar. Bu halkara doganlygymyz bilen agzybir ýaşamaga kömek edýär (1 Ýah. 4:20, 21). w15 15/11 4:8, 9
25-nji noýabr, şenbe
Dürli dillerde gepleýän ähli milletlerden on adam ... «Özüň bilen gitmäge bize ygtyýar et» diýer. Zak. 8:23
Ýehowa biziň ony tanamagymyz we niýetini bilmegimiz üçin, belli bir dili öwrenmegimizi talap etmeýär (Ylh. 7:9, 10). Adamlaryň dürli dilde geplemegi we käbir terjimeleriň biri-birinden az-kem tapawutlanmagy Hudaýyň ynsanlar bilen gepleşmegine päsgel berýärmi? Ýok. Mysal üçin, Mukaddes Ýazgylarda Isanyň asyl nusgadaky dilde aýdan käbir sözleri bar (Mat. 27:46; Mar. 5:41; 7:34; 14:36). Muňa garamazdan, Ýehowa Isanyň sözleriniň grek we başga dillere terjime edilmeginiň aladasyny etdi. Soňra ýehudylar we beýleki mesihçiler Mukaddes Ýazgylaryň gadymy golýazmalaryny gaýta-gaýta göçürip aldylar. Şeýdip, Hudaýyň Sözi biziň günlerimize gelip ýetdi. Şol göçürilen golýazmalar ençeme dillere terjime edildi. B. e. takmynan IV asyrynda ýaşan Ioan Zlatoust Isanyň taglymatlarynyň siriýa, müsür, hindi, pars, efiop ýaly başga-da köp halklaryň diline terjime edilendigini belläp geçdi. w15 15/12 1:10, 11
26-njy noýabr, ýekşenbe
Ýerlikli söz nähili gowy! Sül. tym. 15:23.
Biziň sözlerimiz wajyp bolsa-da, olary ýerlikli wagty aýtmasak, manysyz bolmagy mümkin. Mysal üçin, 2011-nji ýylyň mart aýynda Ýaponiýada bolan ýertitreme we sunami köp şäherleri tutuşlygyna weýran etdi. Şonda 15 müňden gowrak adam heläk boldy. Ýehowanyň Şaýatlary ýakynlaryny ýitirip, ejir çekseler-de, gaýgy-hasratda oturan adamlara Mukaddes Ýazgylar arkaly teselli bermek üçin, elinde baryny etdiler. Emma ýerli ýaşaýjylaryň köpüsi buddizm dinine ýüregi bilen berlipdi we olar Mukaddes Ýazgylar barada kän bilmeýärdiler. Şol sebäpli doganlarymyz ahy-nala çekýän adamlara sunamiden soň derrew direliş barada wagyz etmegiň wagty däl diýip pikir etdiler. Olar geplemek ukybyny adamlara göwünlik bermek üçin ulanyp, Mukaddes Ýazgylar arkaly bigünä adamlaryň näme üçin şeýle elhenç betbagtçylyklara uçraýandygyny düşündirdiler. w15 15/12 3:7
27-nji noýabr, duşenbe
Mön adam her söze ynanýandyr; paýhasly adam bolsa öz ädimlerine dykgat edýändir. Sül. tym. 14:15
Gynansak-da, bu açgöz dünýäde adamlaryň kesellemegine pul gazanmaga mümkinçilik hökmünde garaýarlar. Käbir adamlar nebsewürlik bilen ýalan-ýaşryk sözläp, nädogry bejergileri maslahat berýärler. Kärhanalar bolsa köp gazanç etmek üçin gymmat dermanlary almagy teklip edýärler. Keselinden gutulmak we uzak ýaşamak isleýän adama bu bejergiler peýdaly bolup görünmegi mümkin. Eger bejergi babatda maslahat berýän adam bu ugurdan bilim almadyk bolsa, onda biz paýhasly bolup, seresaply hereket ederis. Biz özümize şeýle soraglary bereris: «Ol bu dermanyň, ot-çöpüň ýa-da berhiziň birine kömek edendigini aýdýar, ýöne munuň hakykatdanam şeýledigini tassyklajak adamlar barmy? Onsoňam, hemme adam birmeňzeş bolmaýar. Bu bejerginiň maňa kömek etjekdigine ynanmaga degerli sebäp barmy? Men bu babatda köpräk gözleg geçirmelimi ýa-da tejribeli we ökde lukman bilen maslahatlaşmalymy?» (Kan. tag. 17:6). w15 15/12 4:14, 15
28-nji noýabr, sişenbe
Mesihiň söýgüsi iterýändir. 2 Kor. 5:14
Pawlus resul Mesihiň söýgüsine mynasyp bolar ýaly, onuň üçin ýaşamalydygymyza düşünýärdi. Eger biz Ýehowanyň eden ýagşylyklaryna doly göz ýetirsek we onuň bildiren söýgüsine minnetdar bolsak, onda Isa Mesihiň göreldesine ýürekden eýereris. Biz muny nädip edip bileris? Ýehowany ýürekden söýýän adam Isa Mesihiň göreldesine doly eýerýär (1 Pet. 2:21; 1 Ýah. 2:6). Biz Ýehowa we Isa gulak asyp, olary söýýändigimizi görkezýäris. Isa şeýle diýdi: «Meniň tabşyryklarymy kabul edip, olary berjaý edýän adam meni söýýändir. Meni söýýän adamy bolsa Atam söýer, men-de ony söýerin» (Ýah. 14:21; 1 Ýah. 5:3). Özümize şeýle soraglary bereliň: «Men haýsy ýagdaýlarda Isanyň göreldesine eýerýärin? Men ýene-de nämeleriň üstünde işlemeli?» Zalym dünýä hemişe erbet täsirini ýetirýändigi üçin, biz özümizi barlap durmaly (Rim. 12:2). w16.01 2:7—9
29-njy noýabr, çarşenbe
Biz onuň özi ýaly boljakdygymyzy bilýäris, sebäbi onuň nähilidigini göreris. 1 Ýah. 3:2
Sen mesh edilendigiňe şübhelenýän bolsaň, şu wajyp soraglaryň üstünde oýlanyp gör: Sen yhlasly wagyz edýärmiň? «Hudaýyň çuňňur akyldarlygyny» bilmek üçin Mukaddes Ýazgylary öwrenmegi gowy görýärmiň? (1 Kor. 2:10). Gullugyňda Ýehowanyň bol bereket berýändigini görýärmiň? Ýehowanyň islegini ýürekden berjaý edýärmiň? Adamlara ruhy taýdan kömek etmäge jogapkärli garaýarmyň? Durmuşyňda Ýehowanyň elini görýärmiň? Sen şu soraglara «hawa» diýip jogap berseň, göge çagyrylandygyňy aňladýarmy? Elbetde, ýok. Näme üçin? Sebäbi bu duýgular diňe mesh edilenlerde däl, eýsem, başga mesihçilerde-de bolýar. Ýehowanyň mukaddes ruhy ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän mesihçilere-de edil şonuň ýaly täsir edýär. Eger sen göge çagyrylandygyňa şübhelenýän bolsaň, onda bu seniň mesh edilmändigiňi görkezýär. w16.01 3:14, 15
30-njy noýabr, penşenbe
Her wagt Onuň huzurynda şatlanardym. Sül. tym. 8:30
Isa gökdäki Atasy bilen ähli zady ýaradandygyna we Ýehowanyň ony söýýändigine diýseň begenýärdi. Hudaý bilen işleşmäge biz nähili garaýarys? Isa Mesih bermegiň almakdan has bagtly edýändigini aýdypdy (Res. iş. 20:35). Biz hakykaty eşidip diýseň begendik, ony adamlara gürrüň berip hem şatlyk tapýarys. Biz Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty wagyz edenimizde, adamlaryň oňa düşünip, ruhy teşneligini gandyrýandygyny we Hudaýa minnetdar bolup, Sözündäki gyzyldan gymmatly maslahatlarynyň gadyryny bilip başlaýandygyny görýäris. Olaryň pikirini we durmuşyny özgerdýändigini görenimizde gaty begenýäris. Biz hoş habary wagyz etmegiň örän wajypdygyna düşünýäris. Sebäbi bu adamlara ebedi ýaşaýşa gowuşmaga we Hudaý bilen ýaraşmaga kömek edýär (2 Kor. 5:20). Adamlara ebedi ýaşaýşa eltýän ýoly tapmaga kömek etmekden uly şatlyk ýokdur. w16.01 5:6, 7