Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es17 sah. 118—128
  • Dekabr

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dekabr
  • Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2017
  • Sözbaşylar
  • 1-nji dekabr, anna
  • 2-nji dekabr, şenbe
  • 3-nji dekabr, ýekşenbe
  • 4-nji dekabr, duşenbe
  • 5-nji dekabr, sişenbe
  • 6-njy dekabr, çarşenbe
  • 7-nji dekabr, penşenbe
  • 8-nji dekabr, anna
  • 9-njy dekabr, şenbe
  • 10-njy dekabr, ýekşenbe
  • 11-nji dekabr, duşenbe
  • 12-nji dekabr, sişenbe
  • 13-nji dekabr, çarşenbe
  • 14-nji dekabr, penşenbe
  • 15-nji dekabr, anna
  • 16-njy dekabr, şenbe
  • 17-nji dekabr, ýekşenbe
  • 18-nji dekabr, duşenbe
  • 19-njy dekabr, sişenbe
  • 20-nji dekabr, çarşenbe
  • 21-nji dekabr, penşenbe
  • 22-nji dekabr, anna
  • 23-nji dekabr, şenbe
  • 24-nji dekabr, ýekşenbe
  • 25-nji dekabr, duşenbe
  • 26-njy dekabr, sişenbe
  • 27-nji dekabr, çarşenbe
  • 28-nji dekabr, penşenbe
  • 29-njy dekabr, anna
  • 30-njy dekabr, şenbe
  • 31-nji dekabr, ýekşenbe
Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2017
es17 sah. 118—128

Dekabr

1-nji dekabr, anna

Ýehowadan gorkýanlar onuň bilen ýakyn dost bolup bilýär. Zeb. 25:14, TD

Ybraýym pygambere üç gezek Hudaýyň dosty diýilýär (2 Ýyl. 20:7; Iş. 41:8; Ýak. 2:23). Hudaýyň Sözünde diňe bu wepaly adam barada şeýle sözler aýdylýar. Onda diňe Ybraýym pygamber Ýehowanyň dosty boldumy? Ýok, sebäbi Mukaddes Ýazgylarda biziň her birimiziň Hudaý bilen dostlaşyp bilýändigimiz aýdylýar. Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa wepaly ençeme erkekdir aýallaryň ondan gorkup, iman edendikleri we onuň bilen dostlaşandyklary aýdylýar. Pawlus resul Hudaýyň dosty bolan adamlara «uly bulut kimin gurşap alýan... şaýatlar» diýdi (Ýew. 12:1). Olar bize ajaýyp görelde galdyrdy. Olar Ýehowa bilen dostlugyny gymmat saýýardylar. Bizem olardan görelde almagymyzy dowam edeliň! (Ýew. 6:11, 12). Şonda bizem Ýehowanyň ebedi dosty bolmak hormatyna eýe bolarys! w16.02 2:1, 2, 19

2-nji dekabr, şenbe

Men... öz islegimi däl-de, meni ibereniň islegini berjaý etmäge geldim. Ýah. 6:8

Aýdaly, dostuň saňa maşyn sowgat berýär. Ol maşynyň dokumentlerini saňa berip: «Açary mende durar. Ony men sürerin» diýýär. Sen şeýle sowgada begenermidiň? Özüni Ýehowa bagyş edip: «Men özümi saňa bagyş edýärin. Men indi seniňki» diýýän adamdan Hudaýyň nämä garaşýandygy barada oýlanalyň. Eger ol adam ikiýüzlülik edip başlasa näme? Meselem, ol Ýehowa gulluk etmeýän adam bilen gizlin duşuşýar. Ýa-da wagyz gullugyna we ýygnaklara gatnaşmaga päsgel berjek işe girýär. Bu maşynyň açaryny özünde saklaýan ýaly bolmazmy? Aslynda, adam özüni Ýehowa bagyş edende: «Indi meniň durmuşym özüme däl-de, saňa degişli. Meniň isleýän zadym seniň islegiňe garşy geläýende-de, hemişe seniň islegiňi berjaý ederin» diýýär. Şeýdip, ol şu günki aýatdaky Isanyňky ýaly garaýyşdadygyny görkezýär. w16.03 1:16, 17

3-nji dekabr, ýekşenbe

Men senden galmaryn. 2 Pat. 2:2

Takmynan 3 000 ýyl mundan ozal Ylýas pygamber Elýaşany kömekleşmäge çagyrýar. Elýaşa çakylyga derrew seslenip, hormatsyz hasaplanylýan işleri ýerine ýetirip, garry pygambere wepaly gulluk edýär (2 Pat. 3:11). Elýaşa alty ýyl hyzmat edenden soňra Ylýas pygamberiň Ysraýylda gulluk etmeli wagtynyň tamamlanyp barýandygyna düşünýär. Ylýas pygamber okuwçysyny doly taýýarlaýar. Ol ýolda barýarka Elýaşa özi bilen gitmäge rugsat bermeýär. Emma Elýaşa soňuna çenli pygamberiň ýanynda bolmagy ýüregine düwýär. Eger sen ýaş dogan bolsaň, Elýaşanyň göreldesine nädip eýerip bilersiň? Size-de hormatsyz hasaplanylýan ýumuş tabşyrylsa, ony derrew ýerine ýetiriň. Mugallymyňyzy dost hökmünde gymmat saýyp, edýän aladasyna minnetdarlygyňyzy bildiriň. Siz tabşyrylan ýumuşlaryň ählisini ýerine ýetirip, wepaly boluň. Bu wajypmy? Elbetde, sebäbi ýaşulular wepalylygyňyzy we ynama mynasypdygyňyzy görenlerinde, Ýehowanyň size goşmaça jogapkärli işleri tabşyrmak isleýändigine düşünerler (Zeb. 101:6; 2 Tim. 2:2). w15 15/4 2:13, 14

4-nji dekabr, duşenbe

Ol eden kasamy öz zyýanyna bolsa-da, ondan dänýän däldir. Zeb. 15:4

Şawul ogly Ýonatany öz bähbidine çapmaga höweslendirdi (1 Şam. 20:31). Emma Ýonatan Hudaýa wepaly bolany üçin patyşa bolmak hukugyndan ýüz öwrüp, Dawudy goldady. Bizem Ýonatandan görelde alyp, özüňi bilmeklige garşy göreşip bileris. Ýonatan Dawuda «eden kasamyndan» dänmedi; bizem beren sözümizde durmaly. Meselem, söwda-satyk işleri bilen bagly şertnama baglaşanymyzda garaşylmadyk ýagdaý ýüze çyksa-da, beren sözümizde durup, Hudaýyň Sözüne hormat goýýarys we Oňa wepaly galýarys. Eger maşgalada garaşylmadyk ýagdaý ýüze çyksa näme? Hudaýa bolan söýgi bize ýanýoldaşymyza wepaly bolmaga kömek eder (Mal. 2:13—16). Mesihçileriň biri tamamyzy ödemese-de, Ýehowa we onuň halkyna wepaly bolalyň. Biz kynçylyklara duş gelenimizde, Ýehowa wepaly bolsak, Onuň ýüregini şatlandyrarys (Sül. tym. 27:11). Eger biz hemişe Ýehowa wepaly bolsak, gelejekde Ony söýýänleri bereketlejekdigini göreris. w16.02 3:16, 17

5-nji dekabr, sişenbe

Oňa intizarlar nähili bagtly! Iş.30:18

Ýehowa biziň mümkinçiligimiziň çäklidigini gowy bilýär (Zeb. 103:14). Ol biziň ähli zada öz güýjümiz bilen döz gelip bilmejekdigimize düşünip, gerekli kömegi berýär. Käte biz kynçylygy ýeňip bilmerin diýip tapdan düşýäris. Emma Ýehowa gullukçylarynyň güýjünden artyk synalmagyna ýol bermejekdigini we «çykalga açjakdygyna» aýdýar (1 Kor. 10:13). Hudaýyň ýagdaýymyza düşünýändigini bilmek bize teselli berýär. Ýehowadan kömek sorap, doga edenimizde derrew jogap almasak, sabyrly garaşmaly. Sebäbi Hudaý kömek etmek islese-de, onuň özi hem amatly wagta sabyrly garaşýar. Mukaddes Ýazgylarda: «Reb size merhemet etjek bolup garaşýar, ýokarda size rehim etmäge häzir, çünki Reb adalat Hudaýydyr» diýilýär. w15 15/4 4:8, 9

6-njy dekabr, çarşenbe

Geçmişde Hudaýa umyt baglap ýaşan mukaddes aýallar hem ýanýoldaşlaryna tabyn bolup, özlerini bezeýärdiler. 1 Pet. 3:5

Maşgala okuwynda ruhy zatlar barada gürrüň edip, agzybirligimizi has-da berkidýäris. Maşgala okuwyny geçirenimizde wagyz gullugyna taýýarlansak, ökdelik bilen wagyz edip bileris. Biz maşgala okuwynda Mukaddes Ýazgylar barada pikir alşyp ruhlanýarys we maşgala agzalarymyzyň Hudaýy söýýändigini hem-de onuň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek isleýändigini görüp, biri-birimize has-da ýakynlaşýarys. Är-aýal Ýehowany agzybirlikde şöhratlandyrar ýaly näme edip biler? Är-aýalyň ikisem Ýehowa wepaly gulluk etse, olar biri-birine has-da ýakynlaşýar. Meselem, Ybraýym bilen Sara, Yshak bilen Rebeka, Elkana bilen Hanna biri-birine söýgi bildirýärdi. Bizem şeýle etmegi ýüregimize düwmeli (Gel. çyk. 26:8; 1 Şam. 1:5, 8). Sebäbi bu är-aýalyň agzybirligini berkidip, Ýehowa Hudaýa ýakynlaşdyrýar (Wag. 4:12). w16.03 3:12, 13

7-nji dekabr, penşenbe

Oňa (Şeýtana) garşy duruň we... imanda berk duruň. 1 Pet. 5:9

Şeýtan mesh edilen mesihçilere we «başga goýunlara» garşy söweşýär (Ýah. 10:16). Iblis wagtynyň azlygy sebäpli, Ýehowanyň gullukçylaryny başardygyndan köpräk ýuwutmaga jan edýär (Ylh. 12:9, 12). Biz bu söweşde Şeýtany ýeňip bilerismi? Elbetde! Mukaddes Ýazgylarda: «Iblise garşy duruň, şonda ol sizden gaçar» diýilýär (Ýak. 4:7). Köp adamlar Şeýtanyň barlygyna ynanmaýarlar. Olar Şeýtany we jynlary çeper eserleriň, gorkunç filmleriň we wideooýunlaryň baş gahrymany hasaplaýarlar. Olar medeniýetli adamlar zalym ruhlara ynanmaýar diýip pikir edýärler. Adamlar göze görünmeýän Şeýtany we onuň ýaranlaryny sungat dünýäsine degişli hasaplaýarlar. Şeýtanyň muňa gahary gelýärmi? Ýok! Gaýtam, ol özüniň barlygyna ynanmaýanlaryň akyllaryny aňsatlyk bilen küteldýär (2 Kor. 4:4). Şeýtan adamlary aldamak üçin ruhy şahsyýetleriň ýokdugyna ynandyrýar. w15 15/5 2:1, 2

8-nji dekabr, anna

Musa Hudaýyň Belläni hökmünde masgara bolmaklygy Müsüriň bütin baýlygyndan-da has gowy gördi. Sebäbi ol ünsüni aljak sylagyna gönükdiripdi. Ýew. 11:26

Musanyň ata-enesi Ýehowa we onuň wadalary barada öwreden bolmaly. Olar Hudaýyň öz halkyny gulçulykdan azat edip, Wada edilen diýara eltjekdigini gürrüň berýärdiler (Gel. çyk. 13:14, 15; Müs. çyk. 2:5—10). Musa Ýehowanyň ysraýyl halkyna beren wadalary barada näçe köp oýlandygyça, Hudaýa bolan imany we söýgüsi artýardy. Musa hem beýleki pygamberler ýaly Ýehowanyň adamlary ölümiň penjesinden azat etjekdigini göz öňüne getirýärdi (Eýp. 14:14, 15; Ýew. 11:17—19). Musa Hudaýy ýürekden söýýärdi, sebäbi Onuň ýewreýlere we bütin adamzada rehimdarlyk bildirýändigini görýärdi. Onuň imany we söýgüsi gelýän kararlaryna täsir edýärdi (Kan. tag. 6:4, 5). Faraon Musany öldürerin diýip gorkuzsa-da, ol imandan dänmedi. Sebäbi Musa pygamber Ýehowa güýçli iman edýärdi, Ony söýýärdi we ajaýyp gelejek barada oýlanýardy (Müs. çyk. 10:28, 29). w15 15/5 3:11—13

9-njy dekabr, şenbe

Bularyň şeraby ýok. Ýah. 2:3

Isa Jeliläniň Kana şäherinde bolan toýda ilkinji sapar gudrat görkezdi. Toýa köp myhmanyň gelendigi sebäpli şerap gutardy. Isanyň ejesi Merýemem toýa gelipdi. Ol Isa degişli pygamberlikler we onuň «Beýik Biribaryň Ogludygy» hakynda köp oýlanandyr (Luka 1:30—32; 2:52). Merýem Isada uly güýjüň bardygyna ynanýarmydy? Isa bilen ejesi ýaş çatynjalara çykalgasyz ýagdaýda kömek etmek islediler. Isa myhmansöýer bolmagyň wajypdygyny bilýärdi. Şol sebäpli ol 380 litr suwy «gowy şeraba» öwürýär (Ýah. 2:6— 11). Isa muny etmäge borçlumydy? Ýok. Emma ol adamlaryň ýürekden aladasyny edip, gökdäki jomart Atasynyň göreldesine eýerdi. w15 15/6 1:3

10-njy dekabr, ýekşenbe

Mugallym, sen Ysraýyl üçin patyşalygy şu wagt dikeltmekçimi? Res. iş. 1:6

Resullar Isa göge galmazyndan öň, oňa şu soragy berdiler. Isa olara Patyşalygyň haçan höküm sürüp başlajakdygyny aýtmady. Emma şägirtleriniň wagyz etmelidigini nygtap geçdi (Res. iş. 1:7, 8). Şeýle-de Isa olara Hudaýyň Patyşalygyna garaşmalydygyny aýtdy. Şonuň üçin I asyrdan başlap mesihçileriň ählisi Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegi barada doga edýärler. Ýehowa halkyna Isanyň haçan gökde höküm sürüp başlajakdygyna göz ýetirmäge kömek etdi. 1876-njy ýylda «Mukaddes Ýazgylary barlag geçiriji» diýen žurnalda Çarlz Teýz Rasselliň «Milletlere berlen wagt haçan tamamlanar?» diýen makalasy çap edildi. Onda 1914-nji ýylyň wajyp döwürdigi barada aýdylýar. Şeýle-de Danyýeliň «ýedi pasyl» diýen pygamberligi Isanyň «milletlere berlen wagt» diýen sözleri bilen baglanyşdyrylyp düşündirilýär (Dan. 4:16; Luka 21:24). w15 15/6 4:11, 12

11-nji dekabr, duşenbe

Isanyň gözlerinden ýaş akdy. Ýah. 11:35

Isa adamlaryň jebir-jepa çekýändigine örän gynanýardy. Ol Lazar aradan çykanda aglaýan adamlary görýär we «ýüregi gyýlyp, tolgunýar». Isa dostuny direltmäge güýjüniň bardygyny bilse-de aglaýar (Ýah. 11:33—36). Ol gynanjyny gizläp durmady. Adamlar muny görüp, Isanyň Lazary we onuň uýalaryny söýýändigine göz ýetirýär. Isa Hudaýyň beren güýji arkaly dostuny direldýär. Onuň rehimdarlygy haýran galdyrýar! (Ýah. 11:43, 44). Mukaddes Ýazgylarda Isa «Onuň (Ýaradyjynyň) keşbidir» diýilýär (Ýew. 1:3). Isanyň görkezen gudratlary özüniň we Atasynyň keseli hem ölümi ýok etmek isleýändigini subut edýär. Mukaddes Ýazgylarda olaryň ölen adamlary direldendigi barada aýdylýar. Bu gudrat gelejekde uly möçberde ýerine ýeter. Sebäbi Isa: «Gabyrda ýatanlaryň ählisi... direler» diýdi (Ýah. 5:28, 29). w15 15/6 2:13, 14

12-nji dekabr, sişenbe

Olar seniň beýik adyňy şöhratlandyrsyn. Zeb. 99:3

Käbir hudaýhon adamlar dünýäden ötensoň, gökde Hudaýy şöhratlandyraryn diýip pikir edýärler. Elbetde, bu nädogry. Ýehowanyň Şaýatlary Hudaýy şu wagt we ýerde şöhratlandyrmalydygyna düşünýärler. Biz Zebur 99:1—3, 5—7-nji aýatlara görä, Ýehowanyň wepaly gullukçylarynyň göreldesine eýerip, ony şöhratlandyrmak isleýäris. Mezmurda Musanyň, Harunyň we Şamuweliň hakyky seždäni goldandygy barada gürrüň berilýär (Zeb. 99:6, 7). Gökde ruhany bolup höküm sürjek mesh edilen mesihçiler şu günler ruhy ybadathananyň ýerdäki howlusynda wepaly gulluk edýärler. Millionlarça «başga goýunlar» hem olary yhlasly goldaýarlar (Ýah. 10:16). Ýerde ýa-da gökde ýaşamaga umydy bolan mesihçileriň ählisi Ýehowanyň «aýagynyň kürsüsinde» oňa sežde edýärler. Şol sebäpli biziň her birimiz özümize: «Men hakyky seždäni ýürekden goldaýarynmy?» diýen soragy bermeli. w15 15/7 1:4, 5

13-nji dekabr, çarşenbe

Sen oňa garaş. Hab. 2:3

Ýehowanyň gullukçylary pygamberlikleriň ýerine ýetmegine hemişe garaşýardylar. Işaýa pygamber Ýahuda harabaçylyga öwrülensoň, Ýehowanyň ony dikeldiljekdigi barada ynam bilen şeýle diýdi: «Oňa (Hudaýa) intizarlar nähili bagtly!» (Iş. 30:18). Hudaýyň gadymy halky barada pygamberlik eden Mika bolsa: «Men gözlerimi Rebbe dikerin» diýdi (Mika 7:7). Şeýle-de Hudaýyň gadymy gullukçylary Mesih hakyndaky pygamberlikleriň ýerine ýetmegine asyrlar boýy garaşypdylar (Luka 3:15; 1 Pet. 1:10—12). Şu günlerem Ýehowanyň Şaýatlary Mesih baradaky pygamberlikleriň ýerine ýetmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Tizden Ýehowa Mesihi Patyşalyk arkaly erbetligi we zalymlygy ýok edip, horluklaryň soňuna çykar. Hudaýyň halky Şeýtanyň gol astyndaky yraň atyp duran zalym dünýäden azat bolarlar (1 Ýah. 5:19). Geliň, bu dünýäniň soňunyň golaýdygyna şübhelenmän oýa bolalyň! w15 15/8 2:1, 2

14-nji dekabr, penşenbe

Seniň öýüňe bolan yhlasym meni iýer. Ýah. 2:17

Ysraýyllylar Ýehowanyň görkezmesi boýunça mukaddes çadyry dikipdirler (Müs. çyk. 25:8). Soňra olar Ýehowa sežde etmek üçin ybadathana gurdylar (1 Pat. 8:27, 29). Ysraýyllylar Wawilon gulçulygyndan azat bolansoň, Ýehowa sežde etmek üçin sinagogalarda ýygnanyşýardylar (Mar. 6:2; Ýah. 18:20; Res. iş. 15:21). I asyrda ýaşan mesihçiler ýygnak duşuşyklaryny öýde geçirýärdiler (Res. iş. 12:12; 1 Kor. 16:19). Şu günler bütin dünýäde 10 müňlerçe Ýygnak jaýlary bar. Ýehowanyň halky ol ýerde Hudaý barada bilim alyp, oňa sežde edýärler. Şu günki aýatda Ýahýa resulyň Isanyň Iýerusalimdäki Ýehowanyň ybadathanasyna bolan söýgüsi we minnetdarlygy barada aýdan sözleri getirilýär (Zeb. 69:9). Ýygnak jaýlaryna Iýerusalimdäki ybadathana ýaly «Ýehowanyň öýi» diýilmeýär (2 Ýyl. 5:13; 33:4). Şu günler Mukaddes Ýazgylaryň kada-kanunlaryna eýerip, Ýygnak jaýlarynda Hudaýa hormat bilen sežde edýäris. w15 15/7 4:1, 2

15-nji dekabr, anna

Söýgi häsiýetine geýniň. Kol. 3:14

Biz Isanyň Müňýyllyk hökümdarlygynda bir-birimizi söýüp, gowy gatnaşykda bolarysmy? Biz täze dünýä taýýarlyk görmek üçin häzirden adamlar bilen gowy gatnaşykda bolmaly we olary bagyşlamagy öwrenmeli (Kol. 3:12, 13). Biz täze dünýäde göwnümize ýaran zady islendik wagty alyp bileris öýtmeli däl. Biz söýgüden doly Ýehowanyň hökümdarlygyna tabyn bolmagyň peýda getirýändigine göz ýetirsek, hemişe kanagatly bolarys we şatlygymyzy ýitirmeris. Şonuň üçin biz Ýehowa ýaraýan häsiýetleri häzirden ösdürmeli. Eger biz özümizi täze dünýäniň raýatlary ýaly alyp barsak, onda ebedi ýaşamak üçin gerekli häsiýetleri ösdüreris we «geljekki dünýä» umydymyzy berkideris (Ýew. 2:5; 11:1). Şeýle-de biz täze dünýäde gowy şertlerde ýaşamaga sabyrsyzlyk bilen garaşýandygymyzy görkezeris. Hawa, biz Hudaýyň wada beren täze dünýäsine taýýarlyk göreris. w15 15/8 3:11, 12

16-njy dekabr, şenbe

Oňa (Isa) tabyn bolup ýaşamagyňyzy dowam ediň. Kol. 2:6

Siz bazardaky gök-önümleriň biri-birinden tapawutlanýandygyny görýänsiňiz. Ýöne bişen gök-önümleriň özboluşly meňzeşligi bolýar. Şonuň ýaly, ruhy taýdan berk mesihçiler biri-birinden milleti, alan terbiýesi, ýaşy, saglyk ýagdaýy, tejribesi, häsiýetleri we medeniýeti bilen tapawutlanýar. Emma ruhy taýdan berk mesihçiler birmeňzeş häsiýetleri ösdürýärler. Nähili häsiýetleri? Ruhy taýdan ösen mesihçiler Isadan görelde alýarlar we onuň «yzyna doly eýerýärler» (1 Pet. 2:21). Isa şägirtlerine nähili wajyp zady öwretdi? Ol Ýehowany bütin ýüregiň, janyň, düşünjäň bilen söýmegi we ýakynyňy özüň ýaly gowy görmegi ündedi (Mat. 22:37—39). Ruhy taýdan berk mesihçiler şu maslahata eýermäge jan edýärler. Şeýle-de olar Ýehowa bilen dostlukly gatnaşygyny gymmat saýýarlar we adamlary ýürekden söýýärler. w15 15/9 1:3—5

17-nji dekabr, ýekşenbe

Hakykaty aýan edýäris we ähli adamlaryň ynsaby üçin Hudaýyň öňünde özümizi göreldeli alyp barýarys. 2 Kor. 4:2

Terbiýelenen ynsap bize diňe bir erbet işlerden gaça durmagy duýdurman, eýsem, dogry işleri etmäge höweslendirýär. Biz öýden-öýe we her bir mümkinçilikden peýdalanyp wagyz etsek, adamlara ýagşylyk ederis. Pawlus resul hem wagyz edýärdi. Pawlus: «Ol meniň borjumdyr. Eger hoş habary wagyz etmesem, waý günüme!» diýdi (1 Kor. 9:16). Biz hem Pawlusdan görelde alyp, ýagşy işleri etsek, arassa ynsaply bolarys. Biz adamlara hoş habary wagyz edip, öz göreldämiz bilen hakykaty bilmäge kömek edýäris. Dogrudan-da, ynsap — gymmatly sowgat. Biz Ýehowanyň Sözüni her gün okap, oýlansak we durmuşymyzda ulansak, ynsabymyzy terbiýeläp bileris. Şonda bu ajaýyp sowgat hakykat ýolunda ýöremäge kömek eder! w15 15/9 2:16, 18

18-nji dekabr, duşenbe

Ýehowa söýýänini terbiýeleýändir. Sül. tym. 3:12, TD

Ýusup, Musa we Dawut barada oýlanyp göreliň. Mukaddes Ýazgylarda bu pygamberleriň agyr durmuşy jikme-jik we doly beýan edilýär. Ýehowa olara hemişe goldaw berýärdi. Olaryň toplan tejribesi Ýehowanyň jogapkärli ýumuşlaryny ýerine ýetirmäge kömek edýärdi. Biz Mukaddes Ýazgylardan şu wakalary okanymyzda, Ýehowanyň öz gullukçylaryny söýýändigine we aladasyny edýändigine göz ýetirýäris. Ýehowanyň berýän terbiýesi bizi söýýändigini görkezýär. Günä eden adam Ýehowanyň terbiýesini kabul edip, toba etse, «Reb oňa rehim eder» (Iş. 55:7). Bu nämäni aňladýar? Dawut Ýehowanyň geçirimliligi barada şeýle täsirli sözleri aýdýar: «Ähli ýazyklaryňy bagyşlaýar, ähli keselleriňi bejerýär, ýaşaýşyňy heläkçilikden halas edýär, saňa merhemet we rehim täjini geýdirýär» (Zeb. 103:3, 4). Ýehowa bize-de dürli ýollar arkaly maslahat berip terbiýeleýär. Şonda biz derrew özgerişlik edýärismi? Ýehowanyň söýýändigi üçin terbiýeleýändigini hemişe ýatda saklalyň (Zeb. 30:5). w15 15/9 4:13, 14

19-njy dekabr, sişenbe

Merýem... Isanyň gürrüňlerini diňleýärdi. Luka 10:39

Marta üýtgeşik nahar bişirmek we Isa özüni arkaýyn duýar ýaly, başga işleri etmek bilen başagaýdy. Emma bu işleriň bary gerekmejek aladady we Marta Merýeme gaharlanýardy. Isa Martanyň şeýle köp zatlary edýändigine üns berip, mähir bilen oňa: «Marta, Marta! Sen köp zatlara aladalanyp, biynjalyk bolýarsyň» diýýär. Isa birje ýönekeý naharyň ýeterlik boljakdygyny aýdyp: «Merýem bolsa gowusyny saýlady, saýlan zady ondan hiç haçan alynmaz» diýip, ony ünsli diňländigi üçin öwdi (Luka 10:38—42). Merýem şol agşam iýen naharyny ýatdan çykarsa-da, Isany ünsli diňländigi üçin alan ruhy iýmitini we onuň aýdan öwgüli sözlerini hiç haçan unutmazdy. Mundan 60 ýyl geçenden soňra Ýahýa resul «Isa Martany, Merýemi... gowy görýärdi» diýip ýazdy (Ýah. 11:5). Bu bolsa Martanyň Isanyň söýgi bilen beren düzedişini kabul edip, Ýehowa wepaly gulluk etmäge jan edendigini görkezýär. w15 15/10 3:3, 4

20-nji dekabr, çarşenbe

Hudaýyň güýji bilen edýäris. 2 Kor. 4:7

Ýehowanyň şu günlerem adamlaryň durmuşy bilen gyzyklanyp, olara kömek edýändigini görse bolýar. Biz köplenç adamlaryň Hudaýdan ruhy taýdan kömek sorap eden dogasyna jogap alandygyny eşidýäris (Zeb. 53:2). Meselem, Allan dogan Filippindäki kiçijik adada bir aýala wagyz edende, ol aglap başlaýar. Allan şeýle gürrüň berýär: «Ol aýal Ýehowanyň Şaýatlaryna duşmak isleýändigi barada şol gün irden doga edýär. Ol dogasyna Hudaýyň şeýle çalt jogap berendigini görüp, aglap başlaýar. Şeýlelikde, ol şol ýyl Ýehowa özüni bagyş edýär». Dogan-uýalaryň köpüsi çilim we neşe çekmek, pornografiýa görmek ýaly erbet endikleri Hudaýyň kömegi bilen taşlap bildiler. Emma käbirleri erbet endiklerini taşlamak üçin näçe jan etseler-de, netijesiz bolandygyny aýdýarlar. Muňa garamazdan, olar «Hudaýdan güýç» diläp, erbet endiklerini taşladylar (Zeb. 37:23, 24). w15 15/10 1:10, 11

21-nji dekabr, penşenbe

Wagtyňyzy peýdaly ulanyň. Efes. 5:16

Käbir adamlar okamak, oýlanmak we doga etmek üçin irden turýarlar. Başgalar bolsa muny günortan arakesme wagty edýärler. Belki, siz Mukaddes Ýazgylary agşam ýa-da ýatmazdan öň okamagy has amatly görýänsiňiz. Käbir adamlar Mukaddes Ýazgylary irden ýa-da ýatmazdan öň okamagy halaýarlar. Şeýdip, olar ony «gije-gündiz», ýagny her gün okaýarlar (Ýeş. 1:8). Esasy zat, Hudaýyň Sözüni okap, okan zatlaryňyz hakda pikirlenip biler ýaly, wagtyňyzy peýdaly ulanyň. Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň öz Sözi hakda oýlanýan we öwrenen zatlary boýunça ýaşamaga jan edýän adamlaryň ählisine bereket berjekdigi wada edilýär (Zeb. 1:1—3). Isa: «Hudaýyň sözüni eşidip, ony berjaý edýänler bagtlydyr!» diýdi (Luka 11:28). Iň esasy zat bolsa, Ýehowanyň Sözündäki zatlar barada her gün oýlansak, bu bize Ony şöhratlandyrýan işleri etmäge kömek eder. Şonda Ýehowa häzirden bizi bagtly edip, gelejekde bolsa ebedi ýaşaýyş bilen sylaglar (Ýak. 1:25; Ylh. 1:3). w15 15/10 4:17, 18

22-nji dekabr, anna

Petrus (Isany) gyra çekip: «Halypam, özüňe haýpyň gelsin; beýle zat saňa asla bolmasyn» diýip garşy çykyp başlady. Mat. 16:22

Petrus resul Isany özüne haýpy gelip, janyny ölümden gutarmaga höweslendirdi. Ol muny ýagşy niýet bilen aýdypdy. Emma Isa Petrusyň bu sözlerinden onuň nädogry garaýşynyň bardygyna düşündi. Isa Petrusa we beýleki şägirtlere kömek etmek üçin, gönümel maslahat berip, diňe öz bähbidiňi gözlemegiň erbet netije berýändigini aýtdy hem-de janaýamazlyk ruhuny bildirmegiň bereket getirýändigini belläp geçdi (Mat. 16:21—27). Petrus resul hem mundan sapak edindi (1 Pet. 2:20, 21). Siz hem paýhasly bolup, ýetginjek çagaňyzyň haýsy tarapdan kömege mätäçdigine düşünip biler ýaly, Ýehowa doga edip, kömek soraň (Zeb. 32:8). Siziň çagaňyzyň imanynyň gowşaýandygyny nädip bilse bolar? Belki-de, onuň keýpi ýokdur, dogan-uýalary tankytlaýandyr ýa-da siziň bilen açyk gürleşýän däldir. Emma siz bu zatlary görüp, çagaňyz ikiýüzli durmuş alyp barýandyr, hatda agyr günä edendir diýen netijä gelmäge howlukmaň. Şol bir wagtyň özünde şeýle zatlara sowuk-sala hem garamaň we ýetginjek çagaňyzyň ýekesiremegine bolaýmaly zat ýaly seretmäň. w15 15/11 2:12, 13

23-nji dekabr, şenbe

Duýgudaşlygy, mähribanlygy, pesgöwünliligi, ýumşaklygy we sabyrlylygy geýiň... söýgi häsiýetine geýniň, sebäbi ol adamlary doly agzybir edýändir. Kol. 3:12—14

Ýehowanyň gullukçylarynyň arasyndaky hakyky söýgi we agzybirlik olaryň dogry ýoldan ýöreýändigini subut edýär. Isa: «Eger araňyzda söýgi bolsa, siziň meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» diýdi (Ýah. 13:34, 35). Ýahýa resul hem şeýle ýazdy: «Hudaýyň çagalaryny we Iblisiň çagalaryny şundan tanasa bolýar: dogrulyk etmeýän adam Hudaýyň çagasy däldir, ol doganyny-da söýýän däldir. Siz öňden bäri eşidip gelýän habaryňyzy, ýagny bir-birimizi söýmelidigimizi unutmaň» (1 Ýah. 3:10, 11). Ýehowanyň guramasyndaky deňi-taýy bolmadyk agzybirlik we söýgi Ýehowanyň Şaýatlarynyň Isa Mesihiň hakyky şägirtleridigini hem-de Patyşalyk baradaky hoş habaryň bütin ýer ýüzünde wagyz edilmegi üçin, Hudaýyň olary ulanýandygyny görkezýär (Mat. 24:14). w15 15/11 4:10, 11

24-nji dekabr, ýekşenbe

Ýerinde aýdylan sözler kümüş gabyň içindäki altyn almalar kimindir. Sül. tym. 25:11

Halklaryň medeniýeti we dini ynançlary biri-birinden tapawutlanýar. Şol sebäpli biz adamlar bilen ýerlikli wagty gepleşmek üçin paýhasly bolmaly. Käbir ýagdaýlarda geplemegiň wagtyna has-da üns bermeli bolýar. Mysal üçin, kimdir biriniň ýagşy niýeti bolsa-da, biziň göwnümize degiji sözleri aýtmagy mümkin. Şonda oňa dessine gödek jogap bermän, gaýtam, onuň aýdan zatlary barada gepleşmek gerekmi diýip oýlanyp bileris. Eger onuň bilen gürleşmek zerur bolsa, onda gaharymyz köşeşýänçä garaşsak gowy bolar (Sül. tym. 15:28). Biz iman etmeýän dogan-garyndaşlarymyza wagyz edenimizde hem paýhasly bolmaly. Elbetde, biz olaryň Ýehowany tanamagyny isleýäris. Emma sabyrly bolup, oýlanyşykly hereket etmeli. Ýerinde aýdylan sözler olaryň ýüregindäkini bilmäge kömek eder. w15 15/12 3:6, 8, 9

25-nji dekabr, duşenbe

Bu... sagdyn düşünjeli bolmagy... öwredýär. Tit. 2:12

Eger keseliň anyklanyşy we bejerginiň düşündirilişi geň ýa-da gümürtik bolsa, «sagdyn düşünjeli», ýagny paýhasly bolmak has-da wajypdyr. Aslynda, lukman ýa-da bejergini teklip edýän adam onuň nähili täsir edýändigini göwnejaý düşündirip bilermi? Bu bejergi ygtybarly maglumatlara laýyk gelýärmi we lukmanlaryň köpüsi ony peýdaly hasaplaýarmy? (Sül. tym. 22:29). Ýa-da bu ýöne bir ýüz ugruna aýdylýan zatmy? Belki-de, bu bejerginiň täzelikde tapylandygyny we lukmanlaryň köpüsiniň heniz bu barada bilmeýändigini aýdýandyrlar. Emma muňa degerli subutnama diýse bolarmy? Käbirleri hatda «keramatly güýçler» ýa-da jadygöýlik arkaly bejergi almagy maslahat berip biler. Emma şeýle ýagdaýda has-da seresap bolmaly, çünki Hudaý biziň jadygöýlikden gaça durmalydygymyzy we arwah-jynlar bilen gatnaşyk saklamaly däldigimizi duýdurýar (Iş. 1:13; Kan. tag. 18:10—12). w15 15/12 4:16

26-njy dekabr, sişenbe

Suwa çümdürýän Ýahýadan beýigi bolan däldir. Emma gökdäki Patyşalykda iň pes wezipäni eýeleýän her kes ondan beýikdir. Mat. 11:11

Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň köp wepaly gullukçylary barada aýdylýar. Mukaddes ruh olara-da güýçli täsir edýärdi, emma olar gökde ýaşamaga umyt etmeýärdi. Suwa çümdürýän Ýahýa-da şolaryň biridi. Isa Ýahýany öwse-de, onuň Hudaýyň gökdäki Patyşalygyny miras almajakdygyny aýtdy. Hudaýyň mukaddes ruhy Dawut pygambere-de täsir edýärdi (1 Şam. 16:13). Ol mukaddes ruhuň kömegi bilen ruhy zatlara çuňňur düşünýärdi. Ol hatda Mukaddes Ýazgylary ýazmaga-da gatnaşdy (Mar. 12:36). Emma Pentikost güni Petrus resul Dawudyň «göge galmandygyny» aýtdy (Res. iş. 2:34). Olar mukaddes ruh arkaly şeýle täsin zatlary etseler-de, Ýehowa olary gökdäki ýaşaýyş üçin saýlamady. Bu olaryň gökde höküm sürmäge mynasyp däldigini aňlatmaýar. Ýehowa olary ýer ýüzünde boljak Jennetde direlder (Ýah. 5:28, 29; Res. iş. 24:15). w16.01 3:16

27-nji dekabr, çarşenbe

Atam ikimiz birdiris. Ýah. 10:30

Biz gowy görýän adamlarymyz bilen işleşenimizde, olary ýakyndan tanap, häsiýetlerini bilip başlaýarys. Biz olaryň diňe bir maksatlaryny däl, eýsem, olara ýetmek üçin nähili tagallalary edýändigini görýäris. Isa Ýehowa bilen milliardlarça ýyl işleşen bolsa gerek. Şol wagt olaryň birek-birege bolan söýgüsi örän berkedi. Olar örän agzybirdi, hemişe biri-biri bilen ylalaşyp işleşýärdi. Isa Ýehowa doga edip, şägirtlerini goramagy haýyş etdi. Näme üçin? Ol dogasynda: «Şonda biziň birlikde bolşumyz ýaly, olar hem birlikde bolarlar» diýdi (Ýah. 17:11). Biz Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşanymyzda we wagyz edenimizde, onuň ajaýyp häsiýetlerini has gowy bilip başlaýarys. Biz Hudaýa bil baglamagyň we onuň görkezmesine eýermegiň näme üçin paýhaslydygyna düşünýäris. Biz Hudaýa ýakynlaşsak, ol hem bize ýakynlaşar (Ýak. 4:8). Şeýle-de biz dogan-uýalara has ýakynlaşýarys. Sebäbi bizem olaryňky ýaly kynçylyklara duş gelýäris, şatlykly günleri başdan geçirýäris we bir maksada ymtylýarys. w16.01 5:9, 10.

28-nji dekabr, penşenbe

Senem onuň yzy bilen gidäý. Rut 1:15

Nagomy öz dogduk mekany Ysraýyl ýurduna dolanmakçy bolýar. Onuň ýanynda gelni Rut hem bardy. Rut durmuşynda iň wajyp karara gelmelidi, ol ýa öýüne Mowaba dolanmalydy, ýa-da gaýynenesi Nagomy bilen Beýtullahama gitmelidi (Rut 1:1—8, 14). Elbetde, Rut yzyna Mowaba dolanyp bilerdi. Sebäbi onuň ejesi we dogan-garyndaşlary şol ýerde ýaşaýardy hem-de oňa howandarlyk ederdi. Mowap Rutuň dogduk mekany bolandygy üçin, ol şol ýeriň medeniýetini, dilini we halkyny gowy bilýärdi. Emma Nagomy oňa Beýtullahamyň medeniýetiniň, diliniň we halkynyň tapawutlanýandygyny aýtdy. Nagomy gelinlerini durmuşa çykaryp, öýli-işikli edip bilmejekdigini bilýärdi. Şol sebäpli ol Ruta Mowapda galmagy maslahat berýär. Rut nähili karara geler? Ol «öz halkynyň içine, öz hudaýlaryna dolanan» Orpa ýaly däldi (Rut 1:9—15). Rut ýalan taňrylara sežde edýän halkyna dolanmak isleýärdimi? Elbetde, ýok. w16.02 2:4, 5

29-njy dekabr, anna

Adalatly bolmakdan, wepalylygy söýmekden, Hudaýyňyzyň öňünde kiçigöwünli gezmekden başga Ýehowa sizden näme talap edýär? Mika 6:8, TD

Ýaş ýigit Dawut bilen Abyşaý uklap ýatan 3 müň sany esgeriň arasyndan geçip, düşelgäniň ortarasynda ýatan Şawul patyşanyň ýanyna barýarlar. Şawul Dawudy öldürmek isleýärdi. Şol sebäpli ol tutuş Ýahuda çölüni aýlanypdy. Abyşaý pyşyrdap, Dawuda: «Indi maňa ygtyýar et: naýzany bir salanda, ony ýere çüýläýin — men ony ikinji gezege goýjak däl» diýýär. Dawut muňa geň galyp, şeýle diýýär: «Ony öldürme, sebäbi Rebbiň seçip saýlan adamyna el götermek günä bolar... Rebbiň seçip saýlan adamyna el götermekden meni Rebbiň Özi saklasyn» (1 Şam. 26:8—12). Dawut Hudaýa wepaly bolmagyň nämedigine gowy düşünýärdi. Ol Şawula ýamanlyk etmek islemeýärdi. Näme üçin? Sebäbi Şawul Ýehowanyň mesh eden patyşasydy. Ýehowanyň wepaly gullukçylary onuň bellän adamlaryna hormat goýýarlar. Hawa, Ýehowa öz gullukçylarynyň wepaly bolmaklaryny isleýär. w16.02 4:1, 2

30-njy dekabr, şenbe

Men Seniň islegiňi berjaý etmekden keýp alýaryn, eý Hudaýym. Zeb. 40:8

Sen ýaş bolsaňam suwa çümdürilmek barada oýlanýarsyňmy? Bu wajyp ädimi ätmek bilen, sen her bir ynsana berlen iň uly hormata eýe bolarsyň. Emma biz suwa çümdürilmeklige çynlakaý garamaly. Suwa çümdürilmek bilen, sen özüňi Ýehowa bagyş edendigiňi, ýagny bütin ömrüňe oňa gulluk edip, islegini ähli zatdan ileri tutjakdygyňy söz berendigiňi görkezýärsiň. Elbetde, suwa çümdürilmek üçin ruhy taýdan ýetişmeli, bu karara öz islegiň bilen gelmeli we özüňi Hudaýa bagyş etmegiň manysyna düşünmeli. Eger sen özüňi suwa çümdürilmäge taýyn görmeýän bolsaň näme? Ýa-da eneň-ataň ruhy taýdan ösýänçäň biraz garaşmagy maslahat berse näme etmeli? Nähili bolaýanda-da, ruhdan düşme. Gaýtam, muňa ruhy taýdan ösmäge mümkinçilik hökmünde garajak bol. Şonda tiz wagtdan suwa çümdürilersiň. w16.03 2:1, 2

31-nji dekabr, ýekşenbe

Imansyzlar bilen bir boýuntyryga girmäň. 2 Kor. 6:14

Häzir Ýehowa gulluk edýän dogan-uýalaryň käbiri hakykaty bilmänkä durmuş gurandygy üçin, olaryň ýanýoldaşy Ýehowanyň Şaýady däldir. Muňa garamazdan, olar Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere eýerse, maşgalanyň agzybir bolmagyna ýardam edip biler. Şonuň üçin maşgalada, mümkin boldugyndan, ylalaşykly ýaşajak bolmaly. Bu käte aňsat bolmasa-da, munuň gowy netije berýändigi barada oýlanmaly. Şeýle-de şu günler Şeýtan maşgala has güýçli topulýar. Şol sebäpli Hudaýyň gullukçylarynyň ählisi maşgalada agzybirligi saklamak üçin elinde baryny etmeli. Siziň durmuş guranyňyza näçe wagt geçenem bolsa, maşgalaňyzy berkitmek üçin özüňiziň näme edip ýa-da diýip biljekdigiňiz barada oýlansaňyz gowy bolar. Gartaşan mesihçiler bu babatda ýygnakdaky ýaşlara kömek edip biler. Siz ýaş är-aýallary maşgala okuwyňyza çagyryp bilersiňiz. Şonda ýaşlar durmuş guranyňa näçe ýyl geçenem bolsa, birek-birege söýgi bildirmegiň we agzybir ýaşamagyň wajypdygyna göz ýetirerler (Tit. 2:3—7). w16.03 3:14, 15

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş