Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es18 sah. 118—128
  • Dekabr

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dekabr
  • Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2018
  • Sözbaşylar
  • 1-nji dekabr, şenbe
  • 2-nji dekabr, ýekşenbe
  • 3-nji dekabr, duşenbe
  • 4-nji dekabr, sişenbe
  • 5-nji dekabr, çarşenbe
  • 6-njy dekabr, penşenbe
  • 7-nji dekabr, anna
  • 8-nji dekabr, şenbe
  • 9-njy dekabr, ýekşenbe
  • 10-njy dekabr, duşenbe
  • 11-nji dekabr, sişenbe
  • 12-nji dekabr, çarşenbe
  • 13-nji dekabr, penşenbe
  • 14-nji dekabr, anna
  • 15-nji dekabr, şenbe
  • 16-njy dekabr, ýekşenbe
  • 17-nji dekabr, duşenbe
  • 18-nji dekabr, sişenbe
  • 19-njy dekabr, çarşenbe
  • 20-nji dekabr, penşenbe
  • 21-nji dekabr, anna
  • 22-nji dekabr, şenbe
  • 23-nji dekabr, ýekşenbe
  • 24-nji dekabr, duşenbe
  • 25-nji dekabr, sişenbe
  • 26-njy dekabr, çarşenbe
  • 27-nji dekabr, penşenbe
  • 28-nji dekabr, anna
  • 29-njy dekabr, şenbe
  • 30-njy dekabr, ýekşenbe
  • 31-nji dekabr, duşenbe
Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2018
es18 sah. 118—128

Dekabr

1-nji dekabr, şenbe

Oňa garşy duruň we bütin dünýädäki doganlaryňyzyň hem şeýle kynçylyklary başdan geçirýändigini bilip, imanda berk duruň. 1 Pet. 5:9

Petrus resul mesihçileri Şeýtanyň ýagdyrýan kynçylyklaryna çydamly bolmaga höweslendirip, şu sözleri ýazdy. «Kynçylyklara çydanlaryň» galdyran göreldesi bize synagda berk durup, Hudaýa wepaly galmaga we ünsümizi aljak sylagymyza gönükdirmäge kömek edýär (Ýak. 5:11). Belki-de, siz hakykata garşy çykýan adamlar tarapyndan garşylyklara ýa-da yzarlamalara uçraýansyňyz. Ýa-da siz üstüne uly jogapkärçiligi alan ýygnak ýaşulusy ýa aýlanýan gözegçi bolup gulluk edýänsiňiz. Onda Pawlus resulyň mysaly hakda oýlanyň. Ol hoş habaryň hatyrasy üçin görýän görgülerinden we zalym yzarlamalardan başga-da, «her gün ähli ýygnaklaryň aladasyny egninde göterýärdi» (2 Kor. 11:23—29). Emma ol göwnüçökgünlige ýol bermän, öz göreldesi bilen dogan-uýalary berkitdi (2 Kor. 1:6). Siziň hem çydamlylygyňyz başgalary ruhlandyrýandygyny unutmaň. w16.04 2:11, 14

2-nji dekabr, ýekşenbe

Gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň... öwrediň. Mat. 28:19, 20

Şu günler biziň aýdýan habarymyza käbir adamlar seslense, käbirleri güýçli garşylyk görkezýärler. Muňa garamazdan, köp adamlar Ýehowanyň Şaýatlarynyň hoş habary wagyz edýändigi bilen ylalaşýarlar. Hatda käbir adamlar dini ynançlarymyz bilen razylaşmasalar-da, wagyz işimize hormat goýýarlar. Isa Patyşalyk baradaky hoş habaryň «bütin ýer ýüzünde» wagyz ediljekdigini pygamberlik etdi (Mat. 24:14). Dini guramalaryň köpüsi hoş habary wagyz edýändiris öýdýärler. Emma olar köplenç diňe buthanada gulluk edýärler, telewizorda ýa-da Internetde çykyş edýärler. Şeýle-de olar bilim, lukmançylyk kömegini bermek we haýyr-sogap etmek ýaly işleri edýärler. Bular Isanyň şägirtlerine beren tabşyrygyna gabat gelýärmi? w16.05 2:1, 2

3-nji dekabr, duşenbe

Men Sezara arz edýärin! Res. iş. 25:11

1914-nji ýyldan bäri ynsan hökümetleri Hudaýyň Patyşalygyna garşy çykýar. Emma tizden olar Hudaýyň hökümine sezewar bolup, hemişelik ýok ediler (Zeb. 2:2, 7—9). Hudaý syýasy guramalaryň bolmagyna ýol berýär, sebäbi olar tertip-düzgüniň bolmagyna ýardam edýär. Bu bolsa bize Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmäge mümkinçilik döredýär (Rim. 13:3, 4). Hatda Hudaý bize ýolbaşçylar üçin doga etmegi hem tabşyrdy, sebäbi olaryň gelýän karary biziň seždämize täsir edýär (1 Tim. 2:1, 2). Biz hem Pawlus resul ýaly, adalatly karar çykarmaklary üçin käte olara ýüz tutýarys. Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň duşmany bolan Şeýtanyň syýasy guramalara ýolbaşçylyk edýändigi aýdylýar. Emma bu onuň her bir ýolbaşça ýa-da hökümet işgärine aýratyn görkezme berýändigini aňlatmaýar (Luka 4:5, 6). Şol sebäpli biz syýasy guramalaryň ählisine Iblis ýolbaşçylyk edýär diýip pikir etmeli däl. Biz «hökümetlere we häkimiýetlere» garşy «göwne degiji sözleri» aýtmaýarys (Tit. 3:1, 2). w16.04 4:5, 6

4-nji dekabr, sişenbe

Ýehowanyň isleginiň nämeden ybaratdygyna düşünjek boluň. Efes. 5:17

Belki-de, siz: «Mukaddes Ýazgylarda anyk görkezme berilmese, Ýehowa nämäniň ýaraýandygyny nädip bilmeli?» diýersiňiz. Mukaddes Ýazgylarda anyk görkezme bolmasa, biz nädip Ýehowanyň islegine düşünip bileris? Munuň üçin Hudaýa doga etmeli we mukaddes ruh arkaly berýän görkezmesine eýermeli. Geliň, Isanyň Atasynyň islegine görä nädip karara gelendigine seredeliň. Isa gudrat arkaly iki gezek uly märekäni doýurdy, emma ol ilki Hudaýa doga etdi (Mat. 14:17—20; 15:34—37). Şeýtan çölde Isanyň ajygandygyny bilip, ony synamak üçin daşlary çörege öwürmegi teklip etdi. Emma Isa ondan boýun gaçyrdy (Mat. 4:2—4). Sebäbi ol Atasynyň pikirine we bu gudraty etmeli däldigine düşünýärdi. Isa güýjüni öz peýdasy üçin ulanmagyň Hudaýyň islegine gabat gelmeýändigini bilýärdi. Ol Şeýtanyň teklibinden ýüz öwrüp, Ýehowanyň görkezmesine we goldawyna bil baglaýandygyny görkezdi. w16.05 3:7, 8

5-nji dekabr, çarşenbe

Ýazgylaryň hemmesi Hudaýyň ylhamy bilen ýazylyp... peýdalydyr. 2 Tim. 3:16

Mukaddes Ýazgylaryň käbir kitaplary belli bir adama ýa-da topara degişli. Şol sebäpli biz Hudaýyň Sözüni okamazdan öň, Ýehowadan düşgürlik we akyldarlyk sorap doga etmeli. Sebäbi ol biziň okan zatlarymyzdan sapak edinmegimizi isleýär (Ezra 7:10; Ýak. 1:5). Mukaddes Ýazgylary okanyňyzda bir salym oýlanyp, özüňize şeýle soraglary beriň: «Bu ýerde Ýehowa barada näme diýilýär? Men muňa nädip eýerip bilerin? Adamlara kömek etmek üçin nädip ulanyp bilerin?» Şeýle soraglaryň üstünde oýlansak, Mukaddes Ýazgylardan okan zatlarymyz köp peýda getirer. Geliň, ýygnak ýaşulusy bolmak isleýän doganlar üçin berilýän talaplar hakda oýlanyp göreliň (1 Tim. 3:2—7). Biziň köpümiz ýaşuly bolup gulluk etmeýäris. Şol sebäpli bu talaplar bize degişli däl diýip pikir etmegimiz mümkin. Emma şol talaplaryň biziň her birimize peýdalydygyna göz ýetireris. w16.05 5:7, 8

6-njy dekabr, penşenbe

Edil küýzegäriň elinde toýun nähili bolsa, siz hem Meniň elimde şeýlesiňiz. Ýer. 18:6

Sürgün edilen ýehudylar Wawilona gelenlerinde, onuň butlardan doludygyny we ýaşaýjylaryň zalym ruhlaryň täsiri astyndadygyny gördüler. Emma Danyýel we onuň üç dosty Wawilon imperiýasyndaky ýagdaýyň özlerine täsir etmegine ýol bermediler (Dan. 1:6, 8, 12; 3:16—18). Sebäbi olar özlerini Beýik Küýzegär Ýehowanyň eline tabşyrmagy ýüregine düwdüler. Olar muny başaryp bildiler. Danyýel ömrüniň köp bölegini Wawilonda geçirse-de, Hudaýyň perişdesi oňa: «Jandan eziz söýülýän ynsansyň» diýdi (Dan. 10:11, 19). Gadymy döwürde küýzegär toýundan islän gabyny ýasap bilýärdi. Şu günler Hudaýyň gullukçylary Älemiň eýesi Ýehowanyň ähli halklary terbiýelemäge ygtyýarynyň bardygyna düşünýärler (Ýer. 18:6). Şeýle-de Hudaýyň her birimizi aýratynlykda terbiýelemäge-de haky bar. Emma ol bizi erkin edip ýaradandygy üçin, oňa ýürekden gulak asmagymyzy isleýär. w16.06 2:1, 2

7-nji dekabr, anna

Ýaşaýşyňyzda pul söýgüsine orun bermäň. Ýew. 13:5

Şeýtan şu dünýä arkaly maddy zatlaryň adamy bagtly edýändigine ynandyrjak bolýar. Ol adamda «göz höwesini» oýarýar (1 Ýah. 2:15—17; Gel. çyk. 3:6; Sül. tym. 27:20). Dogrudan-da, dünýäniň hödürleýän käbir zatlary şeýle bir özüne çekiji welin, adamda höwes döredýär. Siz haçanam bolsa, özüňize gerekli bolany üçin däl-de, göze ýakymly ýa-da dükanlarda owadan edip goýlandygy üçin bir zat satyn almak isläpdiňizmi? Emma soňra şol zady edinmän hem ýaşap bolýandygyna göz ýetiripdiňizmi? Dogrudanam, gerekmejek zatlary edinmek islegi durmuşymyzy has-da kynlaşdyrýar. Başgaça aýdanyňda, gerdenimize agyr ýük atylan ýaly bolýar. Şeýdip, biz şahsy okuwyny geçirmeklige, ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanyp, yzygider gatnaşmaklyga we wagza sowuk-sala garap başlaýarys. Geliň, Ýahýa resulyň: «Dünýä we onuň höwesleri geçip gider» diýen duýduryşyny hiç haçan unutmalyň. w16.07 1:3, 4

8-nji dekabr, şenbe

Adamlaryň taňry diýip hasaplaýan ençeme «hudaýlary»... bar. Ýöne biz ýeke-täk hak Hudaýyň bardygyny bilýäris. 1 Kor. 8:5, 6

I asyrda mesihçiler ýygnagyna ýehudylar, grekler, rimliler we başga-da dürli milletdäki adamlar gelýärdi. Olaryň dini ynançlary, däp-dessurlary we garaýyşlary biri-birinden tapawutlanandygy üçin, käbirlerine hakykaty kabul edip, öňki durmuşyny özgertmek kyn boldy. Ine şol sebäpli Pawlus resulyň mesihçilere Ýehowanyň «ýeke-täk» Hudaýdygyny ýatladandygy geň galdyrmaýar. Häzirki mesihçiler ýygnagy hem şeýle garaýyşdamy? Işaýa soňky günler barada şeýle pygamberlik etdi: «Köp halklar gelip, şeýle diýerler: „Geliň, Rebbiň dagyna... çykalyň; ýodalaryndan ýörär ýaly, Ol (Ýehowa) bize Öz ýollaryny öwreder“» (Iş. 2:2, 3). Biz bu pygamberligiň ýerine ýetýändigini öz gözümiz bilen görüp, örän begenýäris. Şu günler mesihçiler ýygnagynda dürli milletden, dilden we medeniýetden bolan adamlary görse bolýar. Olar agzybirlikde Ýehowany şöhratlandyrýarlar. w16.06 3:15, 16

9-njy dekabr, ýekşenbe

Hudaý bizi Mesih Isa bilen direldip, şägirtleri hökmünde gökde onuň ýanynda oturtdy. Efes. 2:6

Elbetde, Mesih bilen bile gökde höküm sürjek mesh edilen mesihçiler üçin, Ýehowanyň nähili ajaýyp zatlary taýýarlandygyny göz öňüne getirmek aňsat bolmasa gerek! (Luka 22:28—30; Flp. 3:20, 21; 1 Ýah. 3:2). Olar «Täze Iýerusalim», ýagny Mesihiň gelinligi bolar (Ylh. 3:12; 17:14; 21:2, 9, 10). Şeýdip, olar Isa bilen bilelikde ähli «milletleri sagaldarlar» we olara günäniň hem-de ölümiň gulçulygyndan azat bolup, kämillige ýetmäge kömek ederler (Ylh. 22:1, 2, 17). Ýehowa «gabyrda» ýatan adamlaryň ählisini direldip, beýik merhemetini aýan eder (Eýp. 14:13—15; Ýah. 5:28, 29). Şonda Isa Mesihiň ölüminden öň we soňky günlerde aradan çykan Hudaýa wepaly erkekdir aýallar direlip, Ýehowa gulluk etmegini dowam eder (Ýah. 10:16). w16.07 4:13—15

10-njy dekabr, duşenbe

Siz şeýle wajyp wagtda ýatyp, dynç alýarsyňyz! Mar. 14:41

Ruhy taýdan «oýa bolmak» üçin ýöne bir ýagşy niýetde bolmaly däl-de, «uklamazlyk» üçin eliňde baryny etmeli. Isa Getseman bagynda bolan wakadan birnäçe gün öň şol şägirtlerine Ýehowa gyzgyn doga etmelidiklerini aýdypdy (Luka 21:36). Biz hem ruhy taýdan oýa bolmak üçin hemişe gyzgyn doga etmeli (1 Pet. 4:7). Isanyň aýdyşy ýaly, dünýäniň soňy «(biziň) garaşmaýan sagadymyzda geler». Şol sebäpli häzir Şeýtanyň we onuň dünýäsiniň hödürleýän zatlaryna aldanyp, boş arzuw-hyýala çümüp, ruhy taýdan uklamagyň wagty däl (Mat. 24:44). Ýehowa bilen Isa Mukaddes Ýazgylar arkaly bize ýakyn gelejekde boljak zatlary aýdýar we nädip oýa bolmalydygyny öwredýär. Biz ruhy taýdan oýa bolmaga, Ýehowa bilen dostlugymyzy berkitmäge we Patyşalyk işlerini birinji orunda goýmaga jan etmeli. Şeýle-de gelejekde boljak zatlara taýýar bolmak üçin nähili döwürde ýaşaýandygymyza ünsli bolmaly (Ylh. 22:20). Şeýtsek, halas bolarys! w16.07 2:15—17

11-nji dekabr, sişenbe

Sabyrly bolup, bir-biriňizi ýürekden bagyşlaň. Kol. 3:13

Är-aýal bikämildigine düşünse we «sabyrly bolup, bir-birini ýürekden bagyşlasa», nikasyny berkider. Är-aýalyň ikisi hem ýalňyşyp biler, emma olar biri-birini bagyşlap, ýalňyşyndan özlerine sapak edinýärler we «doly agzybir edýän» söýgini bildirmegi öwrenýärler (Kol. 3:14). Mukaddes Ýazgylarda: «Söýgi sabyrlydyr, mähirlidir... Ýalňyşlyklary hasaba alýan däldir» diýilýär (1 Kor. 13:4, 5). Şol sebäpli düşünişmezlik dörände, mümkin boldugyndan, çaltrak çözmäge çalyşmaly. Är-aýal öz arasynda döreýän meseläni ertire goýmaly däl (Efes. 4:26, 27). Elbetde: «Göwnüňe degenim üçin bagyşla» diýip, ýürekden ötünç soramak üçin pesgöwünlilik hem mertlik gerek bolýar. Emma şeýtmek bilen, är-aýal düşünişmezligi derrew çözüp, birek-birege has-da ýakynlaşýar. w16.08 2:6

12-nji dekabr, çarşenbe

Men size gowy tälim bererin. Sül. tym. 4:2, TD

Isa esasan, Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edýärdi. Emma ol başgalara çopan we mugallym bolmagy öwredýärdi (Mat. 10:5—7). Filipus köp wagyz edýärdi, ýöne ol gyzlarynyň dördüsine-de Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty ökdelik bilen wagyz etmegi öwretdi (Res. iş. 21:8, 9). Şu günler başgalara öwretmek wajypmy? Bütin dünýäde hoş habara seslenýän adamlaryň sany gitdigiçe köpelýär. Şol sebäpli suwa çümdürilmedik wagyzçylar şahsy okuwy geçirmegiň wajypdygyna düşünmeli. Şeýle-de olar hoş habary ökdelik bilen wagyz etmegi we Hudaý baradaky hakykaty düşündirmegi öwrenmeli. Doganlary bolsa ýygnakda hyzmatçy we ýaşuly bolmak üçin talaplara laýyk geler ýaly köp tagalla etmäge höweslendirmeli. Tejribeli mesihçiler olara «gowy tälim berip», ruhy taýdan ösmäge kömek edip biler. w16.08 4:1, 2

13-nji dekabr, penşenbe

Ejiz gollara gujur beriň, kuwwat beriň ejiz dyzlara. Iş. 35:3

Dogan-uýalar bilen eginme-egin işleşip, biz agzybirligiň berkemegine ýardam edýäris. Şeýle-de bu dostlukly gatnaşyklary we Hudaýyň Patyşalygynyň berjek bereketlerine bolan ynamymyzy berkidýär. Biz başgalaryň ellerini berkidip, kynçylyga döz gelmäge we gelejege bolan umydyny ýitirmezlige kömek edýäris (Iş. 35:4). Başgalara kömek etmek bilen, Hudaýyň gelejekde berjek bereketlerine bolan ynamymyz berkeýär. Galyberse-de, özümiz hem ruhlanýarys. Geçmişde Ýehowanyň wepaly gullukçylaryny dürli ýagdaýlarda goldandygy we gorandygy biziň hem şu günler imanymyzy berkidip, oňa bil baglamaga höweslendirýär. Şol sebäpli, geliň, nähili kyn ýagdaýa düşsek-de, «ellerimizi gowşatmalyň»! (Sef. 3:16). Gaýtam, Ýehowa doga edip, oňa bil baglalyň we güýçli gollarynyň astynda Patyşalygyň bereketlerini almaga jan edeliň (Zeb. 73:23, 24). w16.09 1:16—18

14-nji dekabr, anna

Her mesele, her iş üçin wagt belledi. Wag. 3:17

Hudaýyň gullukçylary egin-eşik babatda karara gelende, şu aýady göz öňünde tutýarlar. Elbetde, howa şertleri üýtgände ýa-da pasyl çalşanda, biz şoňa görä geýinýäris; dürli ýagdaýlary, ýaşaýyş şertlerini hem göz öňünde tutýarys. Emma Ýehowanyň kadalary howa ýaly üýtgäp durmaýar (Mal. 3:6). Yssy howada başgaça geýinsek-de, biz egin-eşigimiz bilen özümiziň paýhasly we sagdyn düşünjeli adamdygymyzy görkezmek isleýäris. Şeýle ýagdaýda dar we açyk geýinmesek, dogan-uýalar minnetdar bolarlar (Eýp. 31:1). Deňizde ýa-da suw howdanynda dynç alanymyzda, biziň suwa düşülýän geýmimiz salykatly bolmaly (Sül. tym. 11:2, 20). Şeýle ýagdaýda dünýäniň adamlary ýaraşyksyz geýinseler-de, Ýehowanyň gullukçylary hökmünde biz söýgüden doly mukaddes Hudaýymyza mynasyp tärde geýinmek isleýäris. w16.09 3:11, 12

15-nji dekabr, şenbe

Siz maňa kim diýýärsiňiz? Mat. 16:15

Isa şägirtlerinden nämä ynanýandygyny soramaga çekinmeýärdi. Sizem ondan görelde alyň. Arkaýyn wagty çagalaryňyzy öz duýgularyny aýtmaga höweslendirseňiz gowy bolar. Eger çagaňyz käbir taglymatlara şübhelenýän bolsa, onda gaharlanyp ýa-da özüňizi goraýan ýaly edip jogap bermäň. Sabyrly boluň-da, beren soragy babatda bile pikir alşyň. Çagaňyzyň berýän soragyny ara alyp maslahatlaşmak peýdaly, sebäbi bu onuň ünslüdigini we düşünmek isleýändigini görkezýär. Isa 12 ýaşynda-da wajyp soraglary berýärdi (Luka 2:46). Çagalaryňyzy gowy tanaň, ýagny olaryň pikirini, duýgularyny we biynjalyk edýän zatlaryny biljek boluň. Diňe ýygnak duşuşyklaryna barsa we siziň bilen wagyz etse, olaryň imany berkär öýtmäň. Olar bilen her gün ruhy zatlar barada gürrüň ediň. Çagalaryňyz bilen bile we olar üçin doga ediň. Iman babatda olaryň nähili synaglara uçraýandygyny biljek boluň we olara hötde gelmäge kömek ediň. w16.09 5:3—5

16-njy dekabr, ýekşenbe

Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünýän adamlar bagtlydyr. Mat. 5:3

Şu günler müňlerçe Ýehowanyň Şaýady hoş habary «her millete, her taýpa, her dile we her halka» wagyz etmek üçin elinde baryny edýär (Ylh. 14:6). Käbir dogan-uýalar ýaly sizem daşary ýurt dilini öwrenýänsiňiz. Megerem, siz missioner bolup ýa-da wagyzçylaryň az ýerinde gulluk edýänsiňiz. Ýa-da ýaşaýan ýeriňizdäki daşary ýurt dilinde geçirilýän ýygnaga barýansyňyz. Biz, esasan, özümiziň we maşgalamyzyň ruhy taýdan berk bolmagynyň aladasyny etmeli. Käte gündelik aladalar sebäpli şahsy okuwyny geçirmäge wagt tapmak kyn bolýar. Emma daşary ýurt dilinde geçirilýän ýygnakda gulluk edýän dogan-uýalar başga kynçylyklara hem duş gelýärler. Meselem, olar täze dil öwrenmeli bolýar. Emma olar ýüregini ruhy iýmit bilen iýmitlendirýändigini hemişe barlap durmaly (1 Kor. 2:10). w16.10 2:1—3

17-nji dekabr, duşenbe

Gylyç göteren gylyçdan hem öler. Mat. 26:52

Ýehowanyň Şaýatlary ýowuz we yzy tükenmeýän yzarlamalara garamazdan, gelejege bolan umydyny ýitirmeýärler. Meselem, Eritreýa, Singapur we Günorta Koreýadaky dogan-uýalaryň köpüsini Isanyň eliňize «gylyç» almaň diýen sözlerine eýerendikleri üçin türmä basýarlar. Ýehowanyň gullukçylarynyň ählisi şeýle yzarlamalara duçar bolmasa-da, olaryň imany synalýar. Meselem, köp dogan-uýalar garyplyk, ýurtda turýan gozgalaň ýa-da tebigy betbagtçylyk sebäpli köp kynçylyklary başyndan geçirýärler. Käbir dogan-uýalar bolsa Musa we beýleki pygamberler ýaly eşretli durmuşdan ýa-da abraý gazanmakdan ýüz öwürýärler. Olar baýlyga gyzmazlyk we öz işleri bilen başagaý bolmazlyk üçin bar güýji bilen göreşýärler. Muny nädip başarýarlar? Olar Ýehowany söýýärler we onuň gelejekde ähli adalatsyzlygy ýok edip, wepaly gullukçylaryna ebedi ýaşaýyş sylagyny berjekdigine ynanýarlar (Zeb. 37:5, 7, 9, 29). w16.10 3:15, 16

18-nji dekabr, sişenbe

Ýehowa göwni synyklara ýakyndyr we ruhy ökünçlileri gutarýandyr. Zeb. 34:18

Ýeremiýa pygamber gorkup, aljyraňňylyga düşende, Ýehowa ony berkitdi (Ýer. 1:6—10). Göz öňüne getiriň, Hudaý gartaşan Danyýel pygamberi berkitmek üçin perişdesini iberende we ol oňa «jandan eziz söýülýän ynsan» diýende, Danyýel nähili ruhlanandyr! (Dan. 10:8, 11, 18, 19). Eýsem, siz hem ruhdan düşen wagyzçylary, pionerleri we gartaşan dogan-uýalary ruhlandyryp bilermisiňiz? Hudaý söýgüli Ogly bilen ençeme ýyl bile zähmet çekse-de, Isa ýer ýüzüne gelende, oňa ruhlandyryjy we öwgüli sözleri aýtmagyň geregi ýokdur öýtmedi. Gaýtam, Atasy gökden iki sapar oňa: «Bu meniň söýgüli Oglum, men ondan razydyryn» diýdi (Mat. 3:17; 17:5). Hudaý Isany eden ýagşy işleri üçin öwýärdi. Şeýle-de ölüminiň öň ýanyndaky gijesi hasrat çekende, Ýehowa perişdesini iberip, ony berkitdi (Luka 22:43). w16.11 1:7, 8

19-njy dekabr, çarşenbe

Tizgahar bolma. Wag. 7:9

Göwnüňe degenlerinde ýa-da adalatsyzlyga uçranyňda, duýgularyňa erk etmek aňsat bolmaýar. Başga millete, tire-taýpa degişli bolandygymyz ýa-da bir kemçiligimiz sebäpli bizi kemsidenlerinde agyr degmegi mümkin. Şeýle ýagdaýda imandaşymyz kemsitse, onda has-da agyr degýär. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylardaky özüňe erk etmek we öýke-kineden gaça durmak baradaky maslahatlara eýersek, paýhasly bolmazmy?! (Sül. tym. 16:32). Biz her bir zada öýkeläp ýörmän, gaýtam, has geçirimli bolmaga jan etmeli. Ýehowa bilen Isa biziň geçirimli bolmagymyzy isleýär (Mat. 6:14, 15). Siz has geçirimli bolup, duýgularyňyza köpräk erk etmeli bolýarmysyňyz? Duýgularyna erk etmeýän adam köplenç gaharjaň bolýar. Şeýle adamlar bilen başgalar hem gatnaşyk etmek islemeýär. Olar ýygnaga erbet täsir edýär (Lew. 19:17, 18). w16.11 3:4—6

20-nji dekabr, penşenbe

Dogrulygyň kanunsyzlyk bilen näme dostlugy bar? Ýa-da ýagtylygyň garaňkylyk bilen näme meňzeşligi bar? 2 Kor. 6:14

Mukaddes Ýazgylardaky hakykata suwsan Çarlz Teýz Rassel we onuň birnäçe ýoldaşy XIX asyryň ahyrlarynda Mukaddes Ýazgylary yzygiderli öwrenip başlaýarlar. Rassel dogan esasy dinleriň haýsysynyň hakykaty öwredýändigini bilmek isleýärdi. Ol dürli dinleriň, hatda hristian bolmadyk dinleriň taglymatlaryny Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlary bilen jikme-jik deňeşdirýär. Biraz wagtdan Rassel olaryň hiç biriniň Hudaýyň Sözüne gabat gelmeýändigine düşünýär. Ol ýörite ýerli ruhanylaryň birnäçesi bilen duşuşyp, özüniň we ýoldaşlarynyň Mukaddes Ýazgylardan bilen zatlaryny paýlaşyp, olar bu zatlary ýygnak agzalaryna öwrederler diýip umyt edýär. Emma olar gyzyklanmaýarlar. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän topar ýalan dini goldaýan adamlar bilen hiç hili gatnaşyk etmeli däldigine düşünmelidi. w16.11 4:14

21-nji dekabr, anna

Indi olary mukaddes bolmak üçin dogrulygyň gulçulygyna beriň. Rim. 6:19

Biz Hudaýyň merhemetini gymmat saýsak, diňe zynahorlyk we arakhorlyk ýa-da käbir Korinfdäki mesihçileriň eden başga günälerinden gaça durmak hem ýeterlikli däl (1 Kor. 6:9—11). Munuň üçin dynç alanamyzda azgynlyga eltýän islendik zada garşy göreşmeli. Beden agzalaryňyzy dogrulygyň gulçulygyna bermek üçin diňe bir arakhorlykdan saklanman, eýsem, oňa eltip biljek islendik ýagdaýdan gaça durmaly. Şeýle nädogry işlere garşy göreşmek üçin ýürekden tagalla etmeli bolar. Ýöne biz bu göreşde ýeňiş gazanyp bileris. Diýmek, biz agyr günälerden we şol sanda ähmiýetsiz ýaly görünýän günälerden hem gaça durmaly. Muny etmek hemişe başartmasa-da, Pawlus ýaly jan etmeli. Ol imandaşlaryna şeýle maslahat berdi: «Şol sebäpli ten höweslerine boýun bolmaz ýaly, günä bedeniňiziň üstünden patyşa kimin höküm sürmesin» (Rim. 6:12; 7:18—20). w16.12 1:16, 19—21

22-nji dekabr, şenbe

Ruhuň miwesi şulardyr: söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyrlylyk, mähirlilik, ýagşylyk, iman, ýumşaklyk, özüňe erk etmeklik. Gal. 5:22, 23

Isa gökdäki Atamyzyň Özünden dilänlere mukaddes ruhuny jomartlyk bilen berjekdigini aýdypdy (Luka 11:10—13). Ýehowanyň hereket edýän bu güýji Gudratygüýçli Hudaýa mahsus bolan häsiýetleri ösdürmäge kömek edýär (Kol. 3:10). Bu bize adamlar bilen gowy gatnaşykda bolmaga we aladalary döredip biljek köp ýagdaýlaryň öňüni almaga ýardam eder. Galyberse-de, «Hudaýyň güýçli elleriniň astynda pesgöwünli bolup... ähli ýükümizi onuň üstüne atmaly» (1 Pet. 5:6, 7). Eger pesgöwünliligi ösdürsek, Hudaýyň razylygyny gazanarys we goldawyny duýarys (Mika 6:8). Biz özümiziň beden, akyl we duýgy taýdan ukyplarymyza dogry garaýyşda bolsak, onda Hudaýa bil baglap, çendenaşa alada etmeris. w16.12 3:7, 12

23-nji dekabr, ýekşenbe

Nuh pygamber «dogrulyk wagyzçysydy». 2 Pet. 2:5

«Dogrulyk wagyzçysy» hökmünde, ol duýduryş habaryny ýürekden wagyz etdi. Bu iş oňa imanyny berkitmäge kömek etdi. Şeýle-de ol Hudaýyň beren güýjüni we aň-düşünjesini gämi gurmak üçin ulandy (Ýew. 11:7). Nuh pygamber ýaly bizem «Halypamyzyň işinde elmydama köp zähmet çekmäge» çalyşýarys (1 Kor. 15:58). Olara sežde edilýän ýerleri gurmak we bejeriş işlerini geçirmek, kongreslerde, ýygnaklarda kömek etmek, Beýtelde ýa-da terjimeçiler toparynda gulluk etmek ýaly işler degişli. Biz, esasan-da, gelejege bolan umydyňy berkitmäge kömek edýän wagyz işi bilen meşgullanýarys. Dogrudan-da, wagyz işi bize gelejege bolan garaýşymyzy dogry saklamaga we ýaşaýşa eltýän ýoldan sowulmazlyga kömek edýär (1 Kor. 9:24). w17.01 1:8, 9

24-nji dekabr, duşenbe

Her kim öz jogapkärçiligini özi çekmelidir. Gal. 6:5

Erkinlige goýlan çäge eýermek üçin, başgalaryň gelýän kararyna hormat goýmaly. Näme üçin? Biziň ählimiz erkin ýaradyldyk. Şol sebäpli iki mesihçiniň özüňi alyp barmak we Hudaýa sežde etmek ýaly meselelerde gelen karary birmeňzeş bolmazlygy mümkin. «Her kimiň öz jogapkärçiliginiň» bardygyna düşünsek, onda adamlaryň onçakly wajyp bolmadyk meselelerde-de gelen kararlaryna hormat goýarys (1 Kor. 10:32, 33) Ýehowa bize erkinligi, ýagny hakyky azatlygy sowgat berdi (2 Kor. 3:17). Biz muny gymmat saýýarys, sebäbi ol bize dogry karara gelmäge we Ýehowany söýýändigimizi görkezmäge mümkinçilik berýär. Şonuň üçin, geliň, Ýehowany şöhratlandyryp we başgalaryň gelýän kararyna hormat goýup, mundan beýläk-de erkinligimiz üçin minnetdar bolalyň. w17.01 2:15, 17, 18

25-nji dekabr, sişenbe

Öz-özümden hiç zat etmeýärin... ýöne men Atamdan öwrenen zatlarymy aýdýaryn. Ýah. 8:28

Biz adamlaryň hormatyny özümizi öwüp däl-de, «ýuwaş we ýumşak häsiýet» bilen gazanyp biljekdigimize düşünýäris (1 Pet. 3:3, 4; Ýer. 9:23, 24). Eger tekepbirligiň ýüregimizde kök urmagyna ýol bersek, onda ol iru-giç aýan bolar. Meselem, edýän gürrüňlerimizden hormatly borçlary ýerine ýetirýändigimize, başgalaryň bilmeýän maglumatyny bilýändigimize ýa-da jogapkär doganlar bilen ýakyndan gatnaşyk edýändigimize buýsanýandygymyz görünmegi mümkin. Ýa-da edýän işlerimizi başgalaryň kömegi bilen etsek-de, ony diňe öz güýjümiz bilen etdik diýýändiris. Bu babatda-da Isa ajaýyp görelde galdyrdy. Ol hemişe Ýewreý ýazgylaryna salgylanýardy. Şeýle-de aýdýan sözleriniň we akyldarlygynyň özüniňki däl-de, Ýehowanyňkydygyny açyk aýdýardy. w17.01 4:12

26-njy dekabr, çarşenbe

Ýagşyny-ýamany saýgaryş daragtynyň miwesinden iýmegin. Gel, çyk. 2:17

Bu tabşyryga düşünmek ýa-da ony ýerine ýetirmek kyn däldi. Galyberse-de, bagda iýer ýaly başga-da köp miweler bardy. Şeýtan Iblis ýylan arkaly How ene bilen gepleşip, ony Atasy Ýehowa gulak asmazlyga iterdi (Gel. çyk. 3:1—5; Ylh. 12:9). Ol Hudaýyň: «Bagdaky islän agaçlaryň miwesinden arkaýyn iýip bilersiňiz» diýip, ýer ýüzündäki çagalaryna aýdan sözlerini şübhä goýdy. Başgaça aýdanyňda, Şeýtan: «Wiý, siz islän zadyňyzy edip bilmeýärsiňizmi?» diýdi. Soňra: «Ýok, ýok! Ölmersiňiz» diýip, göz-görtele ýalan sözledi. Şeýle-de How enäni Hudaýa gulak asmagyň hökman däldigine ynandyrjak bolup: «Şol agajyň miwesinden dadan günüňiz, Hudaý siziň gözüňiziň açyljakdygyny... bilýär» diýdi. Şeýtanyň aýtmagyna görä, hamala Ýehowa şeýle tabşyryk berip, olardan käbir zatlary gizleýär. Ahyrynda bolsa, Şeýtan: «Edil Hudaý kimin bolarsyňyz hem-de ýagşy-ýamany saýgararsyňyz» diýdi. w17.02 1:8, 9

27-nji dekabr, penşenbe

Hudaýyňyz Ýehowa siziň üçin öz doganlaryňyzyň arasyndan meniň ýaly pygamber çykarar. Siz oňa gulak asmalysyňyz. Kan. tag. 18:15, TD

Işaýa pygamber Onuň «baştutan hem baş serkerde» boljakdygyny aýtdy (Iş. 55:4). Danyýel pygamber Hudaýyň ylhamy bilen «seçip saýlanjak hökümdaryň» geljekdigini aýtdy (Dan. 9:25). Isa Mesih özüni Hudaýyň halkynyň «Ýolbaşçysy» hökmünde alyp bardy (Mat. 23:10). Şägirtler Isanyň yzyna höwes bilen eýerip, ony Ýehowanyň saýlandygyny tassykladylar (Ýah. 6:68, 69). Olary näme ynandyrýardy? Ýahýa Isany suwa çümdürende, «gögüň açylandygyny we mukaddes ruhuň kepderi kimin (onuň) üstüne inip gelýänini gördi» (Mar. 1:10—12). Isa ýer ýüzünde gulluk edende, Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly gudratlary görkezdi we Ýehowanyň beren ygtyýary bilen gepledi (Res. iş. 10:38). Şeýle-de ol mukaddes ruhuň kömegi bilen söýgi, şatlyk we berk iman ýaly häsiýetleri kämil derejede görkezdi (Ýah. 15:9; Ýew. 12:2). Hiç bir ýolbaşçyda şeýle subutnamalar bolmasa gerek. Dogrudanam, Isany Ýehowa saýlady. w17.02 3:15, 16

28-nji dekabr, anna

Araňyzda ýolbaşçylyk edýän doganlary unutmaň. Ýew. 13:7

Resullar b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni mesihçiler ýygnagyna ýolbaşçylyk edip başlady. Şol gün «Petrus beýleki 11 resul bilen bile ýerinden turdy-da», ýehudylaryň we ýehudy dinini kabul eden adamlaryň öňünde halas ediji hakykaty gürrüň berdi (Res. iş. 2:14, 15). Şonda olaryň köpüsi mesihçi boldular we «resullardan bilim almaklaryny dowam edýärdiler» (Res. iş. 2:42). Resullar ýygnagyň zerur zatlary bilen üpjün edýärdiler (Res. iş. 4:34, 35). Hudaýyň halkynyň ruhy taýdan aladasyny etmek üçin, olar: «Biz bolsa özümizi doga etmäge we Hudaýyň sözüni öwretmäge bagyş ederis» diýdiler (Res. iş. 6:4). Wagyz edilmedik ýerlere bolsa tejribeli mesihçileri ugratdylar (Res. iş. 8:14, 15). Wagtyň geçmegi bilen, ýygnaklara ýolbaşçylyk edýän resullara başga-da mesh edilen ýaşulular goşuldylar. Olar ýolbaşçylyk maslahaty hökmünde ähli ýygnaklara görkezme berýärdiler (Res. iş. 15:2). w17.02 4:4

29-njy dekabr, şenbe

Her kime bermelisini beriň... hormat goýmalylara hormaty; sarpa goýmalylara sarpa goýuň. Rim. 13:7

Bikämil adamlaryň köpüsine Şeýtanyň dünýäsi güýçli täsir edýär. Şonuň üçin olar ýerlikli hormat goýmagyň deregine belli bir adamlary başgalardan has ýokary tutýarlar. Olar dini we syýasy ýolbaşçylary, sport hem-de kino ýyldyzlaryny öwüp arşa çykarýarlar. Ýaşlaram, garrylaram gepleýşinde, geýnişinde we özüni alyp barşynda olara öýkünýärler. Emma mesihçiler adamlara ýerliksiz hormat goýmakdan gaça durýarlar. Biz kämil ynsan bolan Mesihiň göreldesine eýermeli (1 Pet. 2:21). Eger biz adamlara gereginden artyk hormat goýsak, Hudaýyň göwnünden turup bilmeris. Biz «hemmeler günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldular» diýen wajyp hakykaty unutmaly däl (Rim. 3:23). Aslynda, adama gereginden artyk hormat goýmak butparazlyk hasaplanýar. w17.03 1:6—8

30-njy dekabr, ýekşenbe

Asanyň ýüregi bütin ömrüne Ýehowa wepaly boldy. 1 Pat. 15:14

Biz Hudaýa bütin ýüregimiz bilen bil baglaýandygymyzy nädip barlap bileris? Munuň üçin özümize: «Men Ýehowanyň göwnünden turmaga, hakyky seždäni we Hudaýyň halkyny erbet täsirden goramaga jan edýärinmi?» diýen soragy bersek gowy bolar. Aýdaly, ýakynlaryňdan biri günä edip, toba etmändigi üçin gatnaşykdan kesilýär. Şonda biz näme ederis? Onuň bilen gatnaşmazlyk üçin elimizde baryny ederismi? Gelnen karary ýürekden goldarysmy? Hatda agyr kynçylyklara duşanymyzda-da, biz hem Asanyň göreldesine eýerip, Hudaýa bütin ýüregimiz bilen bil baglamaly. Ýehowanyň Şaýadydygyňyz üçin, belki-de, mekdepde üstüňizden gülýändirler. Ýa-da işdeşleriňiz köp wagtyňyzy ruhy zatlara sarp edýändigiňiz üçin ýaňsylaýandyrlar. Şeýle ýagdaýda Asa ýaly Ýehowa doga ediň (2 Ýyl. 14:11). Berk dursaňyz, edýän işiňiziň dogry hem-de paýhaslydygyna göz ýetirersiňiz. Asany berkiden we oňa kömek eden Hudaý, size-de güýç berer. w17.03 3:6—8

31-nji dekabr, duşenbe

Alňasak adamlaryň barysy diňe garyplyga barýandyr. Sül. tym. 21:5

Hudaýyň Sözünde wajyp karara gelmeli bolanda, howlukmaly däldigi barada maslahat berilýär. Biz ähli ýagdaýy ölçermäge wagt sarp etsek, dogry netijä gelip bileris (1 Sel. 5:21). Meselem, maşgalabaşy belli bir karara gelmezden öň, Ýazgylardan we edebiýatlarymyzdan gözleg geçirmeli hem-de maşgala agzalarynyň ählisiniň pikirini bilmeli. Ýehowanyň Ybraýym pygambere aýalyna gulak asmagy maslahat berendigi ýadyňyzdadyr (Gel. çyk. 21:9—12). Ýaşulular hem gözleg geçirmeli. Pespäl we düşgür ýaşuly käbir wajyp maglumatlara görä, gelen kararyny üýtgetmelidigine düşünende, abraýdan düşerin öýdüp gorkmaýar. Şeýle ýagdaýda pikiriňi we gelen kararyňy üýtgetseň, paýhasly bolardy. Bizem şeýle etsek, ýygnagymyzyň agzybir we parahat bolmagyna ýardam ederis (Res. iş. 6:1—4). w17.03 2:16

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş