Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es18 sah. 108—118
  • Noýabr

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Noýabr
  • Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2018
  • Sözbaşylar
  • 1-nji noýabr, penşenbe
  • 2-nji noýabr, anna
  • 3-nji noýabr, şenbe
  • 4-nji noýabr, ýekşenbe
  • 5-nji noýabr, duşenbe
  • 6-njy noýabr, sişenbe
  • 7-nji noýabr, çarşenbe
  • 8-nji noýabr, penşenbe
  • 9-njy noýabr, anna
  • 10-njy noýabr, şenbe
  • 11-nji noýabr, ýekşenbe
  • 12-nji noýabr, duşenbe
  • 13-nji noýabr, sişenbe
  • 14-nji noýabr, çarşenbe
  • 15-nji noýabr, penşenbe
  • 16-njy noýabr, anna
  • 17-nji noýabr, şenbe
  • 18-nji noýabr, ýekşenbe
  • 19-njy noýabr, duşenbe
  • 20-nji noýabr, sişenbe
  • 21-nji noýabr, çarşenbe
  • 22-nji noýabr, penşenbe
  • 23-nji noýabr, anna
  • 24-nji noýabr, şenbe
  • 25-nji noýabr, ýekşenbe
  • 26-njy noýabr, duşenbe
  • 27-nji noýabr, sişenbe
  • 28-nji noýabr, çarşenbe
  • 29-njy noýabr, penşenbe
  • 30-njy noýabr, anna
Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2018
es18 sah. 108—118

Noýabr

1-nji noýabr, penşenbe

Oglum, men özüme gyjalat berýäne bir söz gaýtarar ýaly, akyldar bol-da, ýüregimi şatlandyr. Sül. tym. 27:11

Şeýtanyň aýtmagyna görä, hiç bir adam Ýehowany söýýändigi üçin gulluk etmeýär (Eýp. 2:4, 5). Häzir Şeýtan pikirini üýtgetdimi? Elbetde, ýok! Şeýtan gökden ýere zyňylandan bäri «doganlarymyzy Hudaýyň öňünde gije-gündiz aýyplamagyny» dowam edýär (Ylh. 12:10). Şeýtan aýypsyzlyk baradaky meseläni unutmady. Ol biziň synaglarda ýeňlip, Ýehowanyň hökümdarlygyndan ýüz öwürmegimizi isleýär. Synaga uçranyňyzda, şeýle ýagdaýy göz öňüne getiriň. Bir tarapda siziň söweşde ýeňiljekdigiňize berk ynanýan Şeýtan we onuň jynlary dur. Beýleki tarapda bolsa siziň Ýehowanyň hökümdarlygyny goldamak üçin çydamlylyk görkezýändigiňize begenýän Ýehowa, Onuň patyşa edip bellän Ogly, ölümden direlen mesh edilenler we sansyz-sajaksyz perişdeler dur. Şonda siz şu günki aýatdaky Ýehowanyň söýgi bilen aýdan sözlerine gulak asyp bilersiňiz. w16.04 2:8, 9

2-nji noýabr, anna

Ýanyňa birki şaýady alyp bar. Mat. 18:16

Eger siz olaryň kömegi bilen düşünişmezligi çözseňiz, imandaşyňyza «dogry ýola düşmäge kömek edersiňiz». Emma göwnüňize degen adam bilen ýaraşmak üçin eden tagallalaryňyz başa barmasa, onda bu meselä ýygnak ýaşululary seretmeli. Matta 18:15—17-nji aýatlarda agzalýan üç ädim gaty seýrek ýagdaýlarda ulanylýar. Sebäbi köplenç günäkär ýalňyşyna düşünip, ony düzetmäge çalyşýar we günäkäri ýygnak gatnaşygyndan kesmeklik hem gerek bolmaýar. Göwnüne degilen adam bolsa öýke-kine saklaman, bagyşlamalydygyna göz ýetirýär. Bu bizi örän ruhlandyrýar. Nähili bolaýanda-da, Isanyň sözlerine görä ýaşulular bu meselä wagtyndan öň goşulmaly däl. Olar diňe aýatda agzalýan iki ädim ädilensoň we kynçylygyň ýüze çykandygyna aýdyň göz ýetirensoň, bu meselä goşulyp biler. w16.05 1:15, 16

3-nji noýabr, şenbe

Meniň dünýäden bolmaýşym ýaly, olar hem dünýäden däldirler. Ýah. 17:16

Biz Hudaýyň Patyşalygynyň raýatydygymyz üçin bitaraplygymyzy saklamaly. Biz adamlaryň kynçylyklaryny diňe Hudaýyň Patyşalygynyň çözjekdigi hakda wagyz edip, ynsabymyzy arassa saklap bileris. Ýalan diniň tarapdarlary syýasata goşulmak bilen, aralarynda bölünişik döredýärler. Emma hak Hudaýyň gullukçylary bitaraplygyny saklap, bütindünýä doganlyk söýgüsini berkidýärler (1 Pet. 2:17). Şeýtanyň zalym dünýäsiniň soňy golaýlap gelýändigi üçin bitaraplygy saklamak has-da kyn bolmagy mümkin. Emma bu dünýä «eglişik etmeýän» we «kesir» adamlardan doly bolandygy üçin agzalalyk hem bölünişik gitdigiçe köpelýär (2 Tim. 3:3, 4). Meselem, käbir ýurtlarda syýasy ýagdaýlaryň birden üýtgändigi sebäpli, şol ýurtlarda ýaşaýan dogan-uýalar bitaraplygyny saklamak üçin göreşmeli boldular. Siz bitaraplygy saklamaga häzirden taýyn bolmagyň näme üçin wajypdygyna göz ýetirdiňizmi? Eger biz kynçylyklar ýüze çykýança garaşsak, bitaraplygy saklap bilmeris. w16.04 4:3, 4

4-nji noýabr, ýekşenbe

Adam näme ekse, şony-da orar. Gal. 6:7

Käbir adamlar gelýän kararlarymyzyň känbir ähmiýeti ýok diýip pikir edýärler. Emma biz Ýehowa ýaraýan karara gelmek üçin onuň Sözündäki kada-kanunlary we prinsipleri bilmeli hem-de olara eýermeli. Meselem, biz Hudaýyň razylygyny etmek üçin gan babatda beren tabşyrygyny berjaý etmeli (Gel. çyk. 9:4; Res. iş. 15:28, 29). Hudaýa doga etsek, Mukaddes Ýazgylaryň kada-kanunlaryna görä karara gelmäge kömek eder. Gelýän kararlarymyz ruhy saglygymyza güýçli täsir edýär. Biziň her bir gelýän kararymyz Ýehowa bilen dostlugymyza gowy ýa-da erbet täsir edip bilýär. Eger biz dogry karara gelsek, Onuň bilen dostlugymyz berkär. Emma ýekeje nädogry gelnen karar Ýehowa bilen dostlugymyza uly zyýan ýetirer. Şeýle-de biz oýlanyşyksyz karara gelsek, dogan-uýalara ruhy taýdan zyýan ýetirip, olary büdredip hem bileris. Hatda dogan-uýalaryň arasyndaky agzybirlik hem bozular. Şol sebäpli biziň nähili karara gelýändigimiz wajyp (Rim. 14:19). w16.05 3:4, 5

5-nji noýabr, duşenbe

Men, Ýehowa, siziň Hudaýyňyz, size peýdaly zady öwredýärin. Iş. 48:17, TD

Ýehowa biziň «wagtymyzy peýdaly ulanmak» üçin edýän tagallamyzy gymmat saýýar (Efes. 5:15, 16). Aslynda, biz ruhy iýmitiň ählisinden doly peýdalanyp bilmeýäris. Biz oýa bolmaga päsgel berýän howpdan seresap bolmaly. Ol nähili howp? Käbir edebiýatlar bize degişli däl diýip, olary okamazlygymyz mümkin. Meselem, Mukaddes Ýazgylaryň käbir kitaplary biziň ýagdaýymyza gabat gelenok diýýändiris. Ýa-da käbir edebiýatymyzda aýdylýan zatlar bize degişli däldir öýdýändiris. Şeýle ýagdaýda olara ýüzleý garap, okaman geçerismi? Eger şeýle edýän bolsak, onda edebiýatlarymyzda aýdylýan peýdaly zatlardan özümizi mahrum edýäris. Biziň her birimiz ähli ruhy iýmitiň Gözbaşysynyň Hudaýdygyny unutmaly däl. w16.05 5:5, 6

6-njy noýabr, sişenbe

Eger biri bilmän ýalňyş ädim ätse, siz, ruhy taýdan ösenler, ony ýumşaklyk bilen düzetmäge çalşyň. Gal. 6:1

Ýehowa ýygnak duşuşyklary we gözegçi doganlar arkaly her birimizi terbiýeleýär. Meselem, ýaşuly doganlar bize ruhy taýdan kömek etmek üçin derrew hereket edýärler. Emma olar öz akyldarlygyna bil baglamaýar. Gaýtam, kiçigöwünlilik bilen Hudaýdan görkezme, akyldarlyk sorap doga edýärler, Hudaýyň Sözi we edebiýatlar arkaly gözleg geçirýärler. Bu olara biziň ýagdaýymyza görä hereket etmäge ýardam edýär. Hudaýyň bizi nädip terbiýeleýändigine düşünmeklik imandaşlarymyz bilen gatnaşygymyza we wagyz edýän hem-de okuw geçýän adamlarymyza bolan garaýşymyza täsir edýär. Hudaý adamlaryň onuň adyl kada-kanunlaryna mejburlyk bilen däl-de, höwes bilen eýerip, durmuşyny özgertmegini isleýär. w16.06 1:13, 14

7-nji noýabr, çarşenbe

Sen özüňe çendenaşa köp soraýarsyň? Sorama. Ýer. 45:5

Ýahýa resul şeýle duýduryş berdi: «Dünýäni-de, dünýädäki zatlary-da söýmäň. Dünýäni söýýän adam Atany söýýän däldir. Sebäbi dünýädäki zatlar — ten höwesleri, göz höwesi we zadyňa öwünmeklik — Atadan däl-de, bu dünýädendir» (1 Ýah. 2:15, 16). Biz bu aýatdaky maslahata eýerip, dynç almak, dost saýlamak, egin-eşik ýa-da daş keşp meselesinde dünýäniň täsirine düşmez ýaly özümizi çynlakaý barlamaly. Şeýle-de dünýäni söýmeklige «çendenaşa» köp zat edinmek, ýokary bilim almak islegi hem degişli. Biz täze dünýäniň bosagasynda durus. Şol sebäpli Musa pygamberiň Kanun taglymaty 6:4-däki aýdan täsirli sözlerini ýatda saklamak wajyp! Eger biz Ýehowanyň «ýeke-täk» hak Hudaýdygyna düşünip, ýürekden iman etsek, oňa doly wepaly bolarys we onuň isleýşi ýaly gulluk edip bileris (Ýew. 12:28, 29). w16.06 3:14

8-nji noýabr, penşenbe

Hemişe Hudaýyň Patyşalygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem üstüne goşulyp berler. Luka 12:31

Adamlaryň köpüsi arzuw kölüne batyp, gören zadyny alasy gelýär. Ýöne ýaşamak üçin köp zat gerek däl. Emma köpler gerekli zady bilen isleýän zadynyň arasyndaky tapawudy görüp bilmeýär. Meselem, iýmit, egin-eşik we jaý adamyň gündelik durmuşy üçin hökman «gerek» bolýar. Emma adamyň «isleýän» zadyna gündelik ýaşaýyş üçin zerur bolmadyk zatlar degişli. Adamlaryň isleg-arzuwlary bir-birinden tapawutlanýar. Käbir ýurtlarda köp adamlar el telefonynyň, motosikliniň we mellek ýeriniň bolmagyny islese, ösen ýurtlarda owadan, gymmat egin-eşik, kaşaň jaý we gymmatbaha maşyn edinmegiň arzuwyny edýärler. Emma gerek bolsun-bolmasyn, ýagdaýy ýetsin-ýetmesin, adam çendenaşa köp zat edinmek islese, baýlygyň duzagyna düşüp bilýär (Ýew. 13:5). w16.07 1:1—3

9-njy noýabr, anna

Halypamyz Isa Mesihiň göreldesine eýerip, ten höweslerini kanagatlandyrmagyň aladasyny etmäliň. Rim. 13:14

Şu günler adamlar şeýle bir başagaý welin, hatda «Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünmeýärler» (Mat. 5:3). Olar «dünýädäki zatlara — ten höwesine, göz höwesine» gyzygýarlar (1 Ýah. 2:16). Biz dünýäniň ruhunyň däl-de, Hudaýyň mukaddes ruhunyň özümize täsir etmegine ýol bersek, tizden boljak wakalara has aýdyň düşüneris (1 Kor. 2:12). Adamy ýönekeýje zatlaram ruhy taýdan ukladyp bilýär. Netijede, ol wajyp zatlara üns bermän başlaýar (Luka 21:34, 35). Adamlar biziň ruhy taýdan oýa bolýandygymyz üçin ýaňsylaýar. Emma bu bize ruhy taýdan uklamaga sebäp bolmaly däl (2 Pet. 3:3—7). Gaýtam, biz Hudaýyň mukaddes ruhunyň bar ýerine, ýagny ýygnaklara baryp, dogan-uýalar bilen hemişe gatnaşyp durmaly. w16.07 2:13, 14

10-njy noýabr, şenbe

Ähli adamzat dogalary eşidýän Saňa gelýär... jenaýatlarymyzy sen ötersiň. Zeb. 65:2, 3

Köp adamlar diňe janlaryna aram tapmak üçin doga-dileg edýärler. Emma olar edýän dogalaryny Hudaýyň eşidýändigine känbir ynanmaýarlar. Şol sebäpli biz olara Ýehowanyň «dogalary eşidýän» Hudaýdygyna düşünmäge kömek etmeli. Isa şägirtlerine: «Meniň adymdan näme sorasaňyz, ony bererin» diýdi (Ýah. 14:14). Isa «näme sorasaňyz» diýende, Ýehowanyň islegine laýyk gelýän islendik zady göz öňünde tutan bolmaly. Ýahýa resul hem: «Biz Hudaýyň islegine görä her näme dilesek-de, onuň bizi eşidýändigine doly ynanýarys» diýdi (1 Ýah. 5:14). Adamlara Hudaýa doga etmekligiň ýöne bir kalbyňa rahatlyk berýän zat däl-de, örän çuň manysynyň bardygyny, ýagny ol arkaly Ýehowanyň «merhemet tagtyna» ýakynlaşýandygymyza düşünmäge kömek etmek, gör, nähili ýakymly! (Ýew. 4:16). Biz adamlara Hudaýa nädip doga etmelidigini, oňa kim arkaly ýüzlenmelidigini we näme hakda dileg etmelidigini öwretsek, olara Ýehowa ýakynlaşyp, kyn gününde kalbynda rahatlyk duýmaga ýardam ederis (Zeb. 4:1; 145:18). w16.07 4:11, 12

11-nji noýabr, ýekşenbe

Takwalaryň saňa alkyş eder. Adam ogullaryna onuň gudratly işlerini, patyşalygynyň şöhratly şöwkedini bildirmek üçin, olar seniň patyşalygyň şöhratyny aýdyp... gürrüň bererler. Zeb. 145:10—12

Bu sözler Ýehowanyň ähli wepaly gullukçylarynyň duýgusyny beýan edýär. Emma keselçilik ýa-da garrylyk sebäpli köp wagyz edip bilmeýän bolsaňyz näme? Siz mümkin boldugyndan ähli adamlara, meselem, lukmanlara ýa-da şepagat uýasyna wagyz edip, mukaddes gullugyňyz bilen Hudaýy şöhratlandyrýandygyňyzy unutmaň. Hatda siz imanyňyz üçin türmä basylsaňyz-da, mümkinçilik dörände hakykaty gürrüň berip, Ýehowanynyň ýüregini şatlandyrýarsyňyz (Sül. tym. 27:11). Ýa-da maşgala agzalaryňyz Hudaýa iman etmese-de, ruhy işleri birinji orunda goýmak bilen Hudaýy begendirýärsiňiz (1 Pet. 3:1—4). Siz kyn ýagdaýlarda-da Ýehowany şöhratlandyryp hem ruhy taýdan ösüp bilersiňiz. Adamlara Hudaýyň gymmatly hakykatyny wagyz edip, gelejege umytly garamaga kömek edýändigiňiz üçin Ýehowa sizi hökman patalar. w16.08 3:19, 20

12-nji noýabr, duşenbe

Goý, aýallar ärlerine Mesihe tabyn bolşy ýaly tabyn bolsunlar. Sebäbi... Mesihiň ýygnagyň başy bolşy ýaly, är hem aýalyň başydyr. Efes. 5:22, 23

Bu tabşyryk aýallaryň mertebesini peseltmeýär. Gaýtam, bu olara Hudaýyň kömekçi hökmünde beren borjuny ýerine ýetirmäge ýardam edýär. Sebäbi Hudaý: «Adama ýekelik ýagşy däl, oňa özüne laýyk kömekçi ýaradaýyn» diýipdi (Gel. çyk. 2:18). «Ýygnagyň başy» bolan Isa Mesih ýaly erkek adam hem baştutanlyk borjuny söýgi bilen ýerine ýetirmeli. Şonda aýal özüni arkasynda dag bar ýaly duýar we ýanýoldaşyna hormat goýmak, goldamak, tabyn bolmak aňsat bolar. Isanyň şägirtlerini söýşi ýaly biz hem biri-birimizi söýsek, onuň göreldesine eýerip bileris (Ýah. 13:34, 35; 15:12, 13; Efes. 5:25). Mesihçi är-aýalyň arasyndaky söýgi şeýle güýçli bolmaly welin, olar hatda bir-biri üçin janyny bermäge-de taýyn bolmaly. w16.08 2:3, 4

13-nji noýabr, sişenbe

Ynsana şatlyk agzynyň ýerlikli jogabyndan gelýändir; ýerlikli söz nähili gowy! Sül. tym. 15:23

Siziň ýagşy sözleriňiz başgalara güýçli täsir edip biler. Siz olara Ýehowa doly gulluk etmäge kömek edip bilersiňiz. Ýygnakda ruhlandyryjy jogaplaryňyzyň berýän täsirine kembaha garamaň. Ýehowanyň goldawy bilen Nehemýa we onuň ýoldaşlary halkyň elini berkitdiler. Netijede, olar Iýerusalimiň diwarlaryny bary-ýogy 52 günde gurup gutardylar (Neh. 2:18; 6:15, 16). Nehemýa gurluşyk işine diňe bir gözegçilik etmän, eýsem, diwarlary gurmaga-da gatnaşdy (Neh. 5:16). Şonuň ýaly-da aladaçyl ýaşulularymyzyň köpüsi Nehemýanyň göreldesine eýerip, gurluşyk işlerine ýa-da patyşalyk zalynyň arassaçylyk we bejeriş işlerine gatnaşýarlar. Olar imandaşlary bilen wagyz edende, çopançylyk idegini edende, biynjalyk bolýan dogan-uýalaryň gowşan ellerini berkidýärler (Iş. 35:3, 4). w16.09 1:15, 16

14-nji noýabr, çarşenbe

Söýgi... özüni gelşiksiz alyp barýan däldir, öz peýdasyny gözleýän däldir. 1 Kor. 13:4, 5

Hudaýyň halky Mukaddes Ýazgylardaky: «Beden agzalaryňyzdaky ahlaksyzlygy, hapalygy, erk edip bolmaýan ahlaksyz islegleri... öldüriň» diýen maslahata eýermek isleýärler (Kol. 3:2, 5). Ýogsam, ahlaksyz durmuşy taşlan imandaşlarymyza şu maslahata eýermek kyn bolar. Olaryň käbiri günäli höwesleri bilen henizem göreşýärler (1 Kor. 6:9, 10). Eýsem, biz bu göreşde olara kömek etmek islemeýärismi näme?! Biz egin-eşigimiz bilen ýygnagymyzyň ahlak taýdan arassa bolmagyna ýardam etmeli. Elbetde, biz öz islegimize görä geýnip bileris, ýöne imandaşlarymyza ahlak taýdan arassa galmaga we pikirinde, sözünde hem-de özüni alyp barşynda Hudaýyň mukaddes kadalaryna eýermäge kömek etmelidiris (1 Pet. 1:15, 16). w16.09 3:9, 10

15-nji noýabr, penşenbe

Eý ýaş ýigitler we gyzlar... Ýehowanyň adyna sena ediň! Zeb. 148:12, 13

Fransiýada ýaşaýan bir är-aýal şeýle diýýär: «Biz Ýehowa iman edýäris, ýöne bu çagalarymyzyň hem Oňa iman etjekdigini görkezmeýär. Iman bu nesilden-nesle geçýän zat däldir. Bu babatda çagalarymyzyň özleri karara gelmeli». Awstraliýada ýaşaýan dogan bolsa şeýle diýýär: «Çaganyň ýüreginde imanyny berkitmek üçin gaty köp tagalla etmeli bolarsyňyz... Käte çagaňyzyň soragyna jogap bereniňizde, ol düşünen ýaly bolýar, ýöne wagtyň geçmegi bilen, şeýle soragy ol ýene-de berýär. Ýöne çaga soraglaryna kanagatlanarly jogap alsa-da, bu onuň gaýdyp şeýle soragy bermejekdigini aňlatmaýar. Siz käbir temalar barada gaýta-gaýta gürrüň etmeli bolarsyňyz». Eger siziňem çagaňyz bar bolsa, onda käte oňa dogry tälim berip, berk imanly adam edip ýetişdirip bilmerin öýdýärsiňizmi? Elbetde, biz muny öz düşünjämiz bilen başarmasak gerek! (Ýer. 10:23). Ýöne Hudaýyň görkezmesini agtarsak, üstünlik gazanyp bileris. w16.09 5:1, 2

16-njy noýabr, anna

Ýagşylygy edilmeli adamlardan gaýgyrma. Sül. tym. 3:27

Daşary ýurtdan gelen adamlar ýerli halkyň medeniýetine öwrenişmek üçin elinde baryny edýärler. Rut hem bu babatda gowy görelde galdyrdy. Birinjiden, ol hoşa çöplemek üçin rugsat soramak bilen ýerli halkyň däp-dessurlaryna hormat goýýandygyny görkezdi (Rut 2:7). Rut hoşa çöplemäge bolan hukugyny öz peýdasyna ulanyp, başgalardan hantama bolup oturmady. Ikinjiden, ol özüne edilen kömek üçin ýürekden minnetdarlyk aýtdy (Rut 2:13). Şu günlerem ýat ýerden gelen adamlar Rutuňky ýaly garaýyşda bolup, ýerli halkyň we dogan-uýalaryň hormatyny gazanýarlar. Biz Ýehowanyň hoş habary eşitmekleri üçin ähli milletdäki adamlara merhemet edýändigine diýseň begenýäris. Belki-de, ýat ýerden gelen adamlar öz ýurdunda Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip ýa-da Ýehowanyň Şaýatlary bilen aç-açan gürrüňdeş bolup bilýän däldirler. Emma indi olarda şeýle mümkinçilik bolandygy üçin, biz olara özlerine gelmişek ýaly duýmazlyga kömek etmeli? w16.10 1:17—19

17-nji noýabr, şenbe

Ol öňünde goýlan şatlyk üçin utanja galmaly bolsa-da, jebir pürsündäki ölüme döz geldi. Ýew. 12:2

Şu günlerem millionlarça Hudaýyň gullukçylary Isanyň göreldesine eýerip, ünsüni umyt edýän zatlaryna gönükdirýärler we imanyny gowşatmaga hiç bir zada ýol bermeýärler. Rudolf Graýhen dogan 1925-nji ýylda Germaniýada dünýä inýär. Ol Mukaddes Ýazgylardaky wakalaryň janlandyrylyp çekilen suratlaryny ýatlap şeýle diýýär: «Öýdäki suratlaryň birinde möjek bilen guzynyň, gaplaň bilen owlagyň, göle bilen arslanyň bir ýerde otlap ýörendigi we olary bir çaganyň bakyp ýöreni çekilen... Şol suratlar henize çenli göz öňümden gitmeýär» (Iş. 11:6—9). Rudolf nemesleriň gizlin polisiýasy (gestapo) we soňra Gündogar Germaniýanyň gizlin polisiýasy (ştazi) tarapyndan ençeme ýyllap güýçli yzarlansa-da, onuň ýer ýüzünde Jennetiň boljakdygyna imany gowşamady. Rudolf dogan ýene bir agyr synagy başdan geçirýär. Onuň ejesi Rawensbrýuk konslagerinde garahassalyk keselinden aradan çykýar. Kakasy bolsa ruhy taýdan gowşap, Ýehowanyň Şaýady bolmakdan ýüz öwürýär. w16.10 3:12—14

18-nji noýabr, ýekşenbe

Siz Hudaýyň sözüni eşiden günüňizden bäri... kabul etdiňiz. Ol, hakykatdan-da, Hudaýyň sözi. 1 Sel. 2:13

Ýehowanyň gullukçylary onuň Sözüni gymmat saýýarlar. Biz bikämil, şol sebäpli wagtal-wagtal Hudaýyň Sözündäki maslahatlara mätäç bolýarys. Eýsem, maslahat berlende, biz ony kabul ederismi? Geliň, I asyrda ýaşan Ewodiýa we Sintihiýa atly uýalarymyz bilen bolan waka seredeliň. Mukaddes Ýazgylarda olaryň bir-biri bilen tersleşendigi aýdylýar. Ewodiýa bilen Sintihiýanyň arasynda dörän agzalalyk tutuş ýygnagyň parahatlygyny bozup bilerdi. Mukaddes Ýazgylarda bu ýagdaýyň nämä eltendigi hakda aýdylmasa-da, uýalar Pawlus resulyň maslahatyny kabul eden bolmaly (Flp. 4:2, 3). Käte şu günlerem Ýehowanyň halkynyň arasynda şeýle ýagdaý ýüze çykýar. Eger biz Hudaýyň Sözündäki maslahatlara eýersek, şeýle kynçylyklary çözüp bileris, hatda öňüni hem alyp bileris. Biz Ýehowanyň Sözüni gymmat saýsak, ondaky görkezmä eýerip ýaşarys (Zeb. 27:11). w16.11 3:1—3

19-njy noýabr, duşenbe

Aladaly günde tapdan düşseň, kuwwatyň azdyr. Sül. tym. 24:10

Biziň ählimiz, esasan-da, çagalar ruhlandyryjy sözlere mätäç. Timoti Ewans atly mugallym şeýle diýýär: «Ösümlige suwuň gerek bolşy ýaly, çagalara-da... öwgüli sözler gerek. Çaga öwgüli sözleri eşidende, begenýär we özüniň söýülýändigini duýýar». Emma häzir adamlaryň köpüsi diňe özüni bilýär we dogan-garyndaşlaryny söýmeýär. Şol sebäpli ruhlandyryjy sözleri gaty seýrek eşidýäris (2 Tim. 3:1—5). Şeýtan Iblis ruhlandyryjy sözleri eşitmeýän adamyň ruhy taýdan gowşap, göwnüçökgünlige düşjekdigini bilýär. Şeýtan Eýýup pygamberi ençeme betbagtçylyklara sezewar edip, tankytlaýjy sözler bilen ruhdan düşürjek bolsa-da, onuň niýeti başa barmady (Eýp. 2:3; 22:3; 27:5). Eger bizem maşgala agzalarymyzy we dogan-uýalary ruhlandyrsak, Iblisiň niýetini puja çykaryp bileris. Şonda biz öýde, ýygnak duşuşyklarynda özümizi bagtly we howpsuz duýarys. w16.11 1:4, 6

20-nji noýabr, sişenbe

(Hudaý) sizi garaňkylykdan ýagtylyga çagyrdy. 1 Pet. 2:9

XVI asyryň ahyrlarynda birnäçe batyrgaý adam Hudaýyň Sözüni sada halkyň diline terjime etmegi ýüregine düwdi. Şeýdip Mukaddes Ýazgylar adamlar üçin elýeterli boldy. Olar okadygy saýyn: «Mukaddes Ýazgylaryň niresinde „syrat köprüsi“ barada agzalýar? Ölenler üçin töleg tölemek, ruhanylaryň derejeleri barada aýdylýarmy näme?» diýip soraýardylar. Şeýle soraglar buthana ýolbaşçylaryny kemsidýärdi. Adamlar hem olara ynanmazçylyk bilen garap başladylar. Emma buthana yza çekilmekçi däldi. Kimde-kim onuň öňe sürýän tyglymatlaryny inkär etse, olary agyr günä etmekde aýyplaýardylar. Buthana ýolbaşçylary şeýle adamy ölüme höküm edýärdi, häkimiýet bolsa ony amala aşyrýardy. Olar adamlaryň Mukaddes Ýazgylary okamagyny islemeýärdiler, buthananyň bolsa öňküsi ýaly at-abraýynyň bolmagyny isleýärdiler. Olaryň maksady amala aşdy diýse bolar. Muňa garamazdan, Beýik Wawilondan gorkmadyk birnäçe adam bardy. Olar Hudaýyň Sözüni okap, biraz gözi açylansoň, yzyna tesmekçi däldiler! w16.11 4:13

21-nji noýabr, çarşenbe

Dogruçyl şaýat ýalan sözlemez. Sül. tym. 14:5

Dogruçyllyk bu mesihçilerden edilýän talaplaryň biri (Efes. 4:25). Şeýtan «ýalanyň atasydyr». Hananýa we onuň aýaly Sapfira ýalan sözländikleri üçin ýaşaýşyndan mahrum boldular. Biz ýalan sözlemekden gaça durýarys, sebäbi olara meňzemek islemeýäris (Ýah. 8:44; Res. iş. 5:1—11). Eýsem, biz ähli ýagdaýda dogruçyl bolmaga çalyşýarysmy? Eger biz dogruçyl bolsak, Hudaýyň merhemetini gymmat saýýandygymyzy görkezeris. Ýalan sözlemek — nädogry zady aýtmakdyr. Ýehowa gullukçylarynyň birazajyk hem bolsa ýalan sözlemegini islemeýär. Ol gadymy ysraýyl halkyna: «Mukaddes boluň, çünki Men, siziň Hudaýyňyz Ýehowa, mukaddesdirin» diýdi. Meselem, mukaddes bolmak üçin Hudaý olara näme etmelidigini aýdyp: «Ogrulyk, hilegärlik etmäň, bir-biriňizi aldamaň» diýdi (Lew. 19:2, 11). Gynansak-da, käte adam göni ýalan sözlemese-de, başgalar bilen iş salşanda hilegärlige ýüz urmagy mümkin. w16.12 1:17, 18

22-nji noýabr, penşenbe

Ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygy siziň ýürekleriňizi we pikirleriňizi Mesih Isa arkaly gorar. Flp. 4:7

Hudaýyň Sözünde Isanyň teselli beriji sözleri bar. Müňlerçe adamlar onuň ýanyna gelýärdi. Sebäbi onuň aýdan sözleri we taglymatlary diňleýjilerine rahatlyk berýärdi. Şeýle-de ol kynçylyk çekýänlere göwünlik berýärdi, ejizleri berkidýärdi we göwnüçökgünlere teselli berýärdi (Mat. 11:28—30). Ol adamlaryň ruhy, duýgy we beden taýdan aladasyny edip, söýýändigini görkezýärdi (Mar. 6:30—32). Isanyň sözleri bize-de kömek edip biler. Onuň ýanynda bolan resullar ýaly bizem bu sözleriň dogrudygyna göz ýetirip bileris. Elbetde, munuň üçin Isanyň ýanymyzda bolmagy hökman däl. Ol gökdäki Patyşa hökmünde henizem duýgudaşlyk bildirýär. Aladalar gurşap alanda, ol bize «kömek eder» we «rehimdarlyk bildirip, merhemet eder». Isa kynçylyklara döz gelmäge kömek edip bilýär we ýüregimizi umytdan dolduryp, batyrgaýlyk berýär (Ýew. 2:17, 18; 4:16). w16.12 3:4, 6

23-nji noýabr, anna

Men olary ýer bilen bile ýok etjek. Gel. çyk. 6:13

Nuh pygamber zalymlykdan we ahlaksyzlykdan doly dünýäde ýaşaýardy (Gel. çyk. 6:4, 9—12). Nuh pygamber Ýehowanyň habaryny ýürekden wagyz edýärdi. Emma bu habary zalym adamlara mejburlyk bilen kabul etdirip bilmejekdigine düşünýärdi, Tupanyň çaltrak gelmegine-de täsir edip bilmeýärdi. Ol Ýehowanyň zalym dünýäni ýok etjekdigi baradaky wadasyny öz wagtynda amala aşyrjakdygyna ynanýardy (Gel. çyk. 6:17). Bizem zalymlykdan doly dünýäde ýaşaýarys we Ýehowanyň ony ýok etjekdigini bilýäris (1 Ýah. 2:17). Emma adamlary «Patyşalyk baradaky hoş habary» kabul etmäge mejbur edip bilmeýäris. «Agyr muşakgatyň» çaltrak başlanmagyna-da täsir edip bilmeýäris (Mat. 24:14, 21). Bizem Nuh pygamber ýaly berk iman edip, Hudaýyň erbetligi tizden ýok etjekdigine ynanmaly (Zeb. 37:10, 11). Ýehowa zalym dünýäni ýok etmek üçin öz bellän wagtyndan bir günem gijä galmaz! (Hab. 2:3). w17.01 1:5—7

24-nji noýabr, şenbe

Peýdaly zady öwredýän size, ýöremeli ýoluňyzdan äkidýän Hudaýyňyz Ýehowa Mendirin. Iş. 48:17

Şu günler adamlaryň köpüsi erkinligini nädogry, hatda başgalara zyýan ýetirmek üçin ulanýar. Mukaddes Ýazgylarda «soňky günlerde» adamlaryň «gadyr bilmez» boljakdygy barada pygamberlik edilen (2 Tim. 3:1, 2). Geliň, Ýehowanyň beren gymmatly sowgadyny nädogry ulanmalyň ýa-da oňa bolaýmaly zat ýaly garamalyň. Erkinligimizi nädogry ulanmakdan nädip gaça durup bileris? Bize dostlaşmak, daş keşp, egin-eşik we dynç almak meselesinde erkinlik berlen. Eger ten höwesleriň guly bolsak ýa-da dünýäniň ruhuna eýerip, geň-taň geýinsek, erkinligimizi «erbet işleriň üstüni örtmek üçin» ulandygymyz bolar (1 Pet. 2:16). Biz «azatlygymyzy günäli höweslerimizi kanagatlandyrmak üçin» ulanmak islemeýäris, gaýtam, «hemme zady Hudaýy şöhratlandyrmak üçin edip», ony dogry ulanmak isleýäris (Gal. 5:13; 1 Kor. 10:31). w17.01 2:12—14

25-nji noýabr, ýekşenbe

Men bu zatlary eşidenimde... agyz bekläp, gökdäki Hudaýdan dileg etdim. Neh. 1:4

Nehemýanyň mysaly bize borçlarymyz üýtgände ýa-da goşmaça ýumuş berlende, özümize bil baglaman, pespäl bolmaga kömek edip biler. Meselem, ýaşuly dogan ýygnagyň aladasyny edende, Ýehowa doga etmegiň deregine, öz tejribesine bil baglamagy mümkin. Käbiri bolsa ilki karara gelýär, soňra Ýehowadan gelen kararyna pata bermegi dileýär. Eýsem, şeýle adamlara pespäl diýse bolarmy? Adatça, pespäl adam, ilki bilen, Hudaýyň öňündäki orny we guramasyndaky borçlary hakda oýlanýar. Sebäbi bu biziň ukyplarymyzdan has wajypdyr. Şeýle ýagdaýlarda özümize bil baglamakdan gaça durmaly (Sül. tym. 3:5, 6). Biz maşgaladaky ýa-da ýygnakdaky borçlarymyzy berjaý edenimizde, muny abraý gazanmak üçin etmeli däldigi barada oýlanmaly (1 Tim. 3:15). w17.01 4:7, 8

26-njy noýabr, duşenbe

Ýeri Ol adam ogullaryna berdi. Zeb. 115:16

Ýehowa adamlary ýer ýüzünde ebedi ýaşamak üçin ýaratdy (Gel. çyk. 1:28; Zeb. 37:29). Ol Adam ata bilen How enäniň ýaşaýyşdan lezzet almagy üçin dürli sowgatlary berdi (Ýak. 1:17). Ýehowa olary erkin edip ýaratdy, oýlanmak ukybyny berdi, olar söýüp we dostlukly gatnaşykdan lezzet alyp bilýärdiler. Ýaradyjy Adam atanyň gulak asmagy üçin belli bir görkezme berdi. Şeýle-de oňa özüniň, haýwanlaryň we ýeriň aladasyny etmegi öwretdi (Gel. çyk. 2:15—17, 19, 20). Adam ata bilen How ene tagam bilmek, ys almak, görmek we eşitmek ukyby bilen ýaradyldy. Şol sebäpli olar Erem bagyndaky ähli zatlardan lezzet alyp bilýärdiler. Olar edýän işlerinden we öwrenýän täze-täze zatlaryndan hemişe şatlyk tapyp bilerdiler. Ýehowanyň niýetine görä, Adam ata bilen How enäniň kämil çagalary bolup, ýer ýüzi adamzat maşgalasyndan dolmalydy. Ajaýyp şertler bilen ýaradylan Ýer şary olaryň öýi bolmalydy. w17.02 1:6, 7

27-nji noýabr, sişenbe

Ol... Hudaýyň Kanunynyň täze göçürmesini alsyn... bu Kanunyň ähli sözlerini... yhlas bilen ýerine ýetirsin. Kan. tag. 17:18, 19

Hudaýyň Sözi ýolbaşçylyk edýän adamlara nähili täsir etdi? Geliň, Ýoşyýa patyşanyň mysalyna seredeliň. Musanyň kanuny tapylanda, Ýoşyýanyň kätibi ony patyşa okap berýär. Ýoşyýa Hudaýyň Sözündäki görkezmä eýerip, ýurtdan butlary düýbünden ýok etmegiň ugruna çykdy we Pasha baýramyny belledi. Öň hiç haçan Pasha baýramy şeýle bellenilmändi (2 Pat. 22:11; 23:1—23). Ýoşyýa we beýleki ýolbaşçylar Hudaýyň Sözüne eýerip, berlen görkezmäni höwes bilen kabul etdiler hem-de ony halka düşündirdiler. Şeýle özgerişikler halka Hudaýyň islegine görä ýaşamaga kömek edýärdi. Emma gadymy ysraýyl halkyna ýolbaşçylyk eden patyşalaryň hemmesi Ýehowanyň görkezmesine eýermediler. Şeýle ýagdaýda Ýehowa olara temmi berýärdi ýa-da ýerine başga birini saýlaýardy (1 Şam. 13:13, 14). Bellenen wagt gelende, Ýehowa has gowy ýolbaşçyny saýlady. w17.02 3:11, 12, 14

28-nji noýabr, çarşenbe

Sen ony (adamy) perişdelerden az-kem aşak tutduň, oňa şöhrat we hormat täjini geýdirdiň. Zeb. 8:5

Adamlar «Hudaýyň keşbinde» ýaradyldy (Gel. çyk. 1:27). Şol sebäpli olar bir-birinden tapawutlansa-da, köpler Hudaýyň söýgi, mähirlilik, duýgudaşlyk ýaly häsiýetlerini görkezýärler. Şeýle-de Hudaý adamlary ýaradanda, olara ynsap berdi. Adamlaryň ynsaby kütelen bolsa-da, olar onuň kömegi bilen ýagşy-ýamany, dogry ýa-da nädogry, ýerlikli we ýerliksiz zady saýgaryp bilýärler (Rim. 2:14, 15). Adamlary arassa we owadan zatlar özüne çekýär we parahat ýaşamak isleýär. Adamlar düşünse-de, düşünmese-de, belli bir derejede Ýehowanyň şöhratyny aýan edýär. Şonuň üçin olar sylag-hormata mynasyp. Emma adamlara hormat goýmak üçin, olary nähili derejede sylamalydygyny bilmek wajyp. w17.03 1:5, 6

29-njy noýabr, penşenbe

Hudaý... gazabyndan saklanyp, görkezjek diýen erbetligini olara görkezmekden el çekdi. Ýun. 3:10

Ninewiýalylar toba edip, garaýşyny özgerdende, Ýehowa gelen kararyny üýtgetdi. Bu onuň akyldar, pespäl we duýgudaş Hudaýdygyny görkezýär. Görşümiz ýaly, Hudaý karara gelende, gaharly wagty duýgularyna ýol berýän adamlara meňzemeýär. Dogrudan-da, käte gelen kararyňy üýtgetmek peýdaly. Muňa ýagdaýyň üýtgemegi sebäp bolup biler. Ýagdaý üýtgände, Ýehowa-da gelen kararyny üýtgedýärdi (1 Pat. 21:20, 21, 27—29; 2 Pat. 20:1—5). Ýa-da täze bilen zatlarymyz gelen kararymyzy üýtgetmäge sebäp bolup biler. Meselem, Şawulyň agtygy Mepiboşet hakda Dawut patyşa nädogry maglumat berýärler. Ol munuň ýalandygyny bilende, gelen kararyny üýtgedýär (2 Şam. 16:3, 4; 19:24—29). w17.03 2:14, 15

30-njy noýabr, anna

Goý, siziň paýhaslylygyňyz hemmelere görünsin. Flp. 4:5

Kynçylyk ýüze çykanda, biz ony Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere görä paýhasly çözmeli. Aýdaly, uýa hoş habary wagyz etmegiň wajypdygyna düşünýär (Res. iş. 4:20). Emma ol bir gün wagza gitmekçi bolanda, iman etmeýän ýanýoldaşy ony goýberesi gelmeýär. Ol aýalyna soňky döwür köp wagtyny bile geçirmeýändikleri üçin ikiçäk galmak isleýändigini aýdýar. Uýa Mukaddes Ýazgylardan Hudaýa gulak asmak we şägirt taýýarlamak tabşyrygy baradaky aýatlar hakda oýlanýar (Mat. 28:19, 20; Res. iş. 5:29). Emma onuň ýanýoldaşyna tabyn bolmak we paýhasly hereket etmek baradaky aýatlar hem ýadyna düşýär (Efes. 5:22—24). Eýsem, ýanýoldaşy uýamyzyň wagza çykmagyna düýbünden garşymy ýa-da özüne birje güni sarp etmegini haýyş edýär? Biz Hudaýyň islegini berjaý edenimizde, paýhasly bolmaly we ynsabymyzy päk saklamaly. w17.03 4:17

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş