Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es18 sah. 98—108
  • Oktýabr

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Oktýabr
  • Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2018
  • Sözbaşylar
  • 1-nji oktýabr, duşenbe
  • 2-nji oktýabr, sişenbe
  • 3-nji oktýabr, çarşenbe
  • 4-nji oktýabr, penşenbe
  • 5-nji oktýabr, anna
  • 6-njy oktýabr, şenbe
  • 7-nji oktýabr, ýekşenbe
  • 8-nji oktýabr, duşenbe
  • 9-njy oktýabr, sişenbe
  • 10-njy oktýabr, çarşenbe
  • 11-nji oktýabr, penşenbe
  • 12-nji oktýabr, anna
  • 13-nji oktýabr, şenbe
  • 14-nji oktýabr, ýekşenbe
  • 15-nji oktýabr, duşenbe
  • 16-njy oktýabr, sişenbe
  • 17-nji oktýabr, çarşenbe
  • 18-nji oktýabr, penşenbe
  • 19-njy oktýabr, anna
  • 20-nji oktýabr, şenbe
  • 21-nji oktýabr, ýekşenbe
  • 22-nji oktýabr, duşenbe
  • 23-nji oktýabr, sişenbe
  • 24-nji oktýabr, çarşenbe
  • 25-nji oktýabr, penşenbe
  • 26-njy oktýabr, anna
  • 27-nji oktýabr, şenbe
  • 28-nji oktýabr, ýekşenbe
  • 29-njy oktýabr, duşenbe
  • 30-njy oktýabr, sişenbe
  • 31-nji oktýabr, çarşenbe
Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2018
es18 sah. 98—108

Oktýabr

1-nji oktýabr, duşenbe

Ol Özünden gorkýanlaryň islegini kanagatlandyrýandyr, olaryň perýatlaryny eşidýär we olary gutarýar. Zeb. 145:19

Ýehowa «çydamlylyk we teselli berýän Hudaý» (Rim. 15:5). Ol diňe bir biziň uçraýan kynçylyklarymyzy bilmek bilen çäklenmän, eýsem, ýagdaýymyza, duýgularymyza gowy düşünýär, hatda nähili ýaradylandygymyzy bilýär. Şol sebäpli Hudaý bize çydamly bolmaga has gowy kömek edip biler. Hudaý biziň çydamlylyk barada edýän dogalarymyza nädip jogap berýär? Biz kynçylyklara döz gelip biler ýaly, Ýehowadan kömek sorasak, ol hökman «çykalga açar» (1 Kor. 10:13). Ýehowa kynçylyklary aýyrmak üçin ýagdaýy üýtgedýärmi? Belki-de, üýtgedýändir. Emma Ol «döz gelip bilmegimiz üçin çykalga-da açýar». Dogrudan-da, Ýehowa «bize sabyrly bolup, şatlyk bilen ähli zada döz gelip biler ýaly» güýç berýär (Kol. 1:11). Ýehowa biziň tenimiziň ejizdigini, pikirimiziň çäklidigini we nähili duýgulary başdan geçirýändigimizi bilýär. Şol sebäpli Ol biziň wepaly galmagymyz üçin, güýjümizden artyk synalmagymyza hiç haçan ýol bermeýär. w16.04 2:5, 6

2-nji oktýabr, sişenbe

Onda patyşanyňkyny patyşa, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň. Mat. 22:21

Mukaddes Ýazgylarda ynsan hökümetlerine tabyn bolmalydygy aýdylýar. Şeýle-de onda «adama däl-de, Hudaýa gulak asmaly» diýilýär (Res. iş. 5:29; Tit. 3:1). Onda bu sözler biri-birine garşy gelýärmi? Elbetde, ýok! Isa şu günki aýatdaky sözleri aýtdy. Biz häkimiýetleriň çykarýan kanunlaryna gulak asmak, ýolbaşçylara hormat goýmak we salgytlary tölemek bilen olara tabyn bolýarys (Rim. 13:7). wEmma hökümet işgärleri bizden Hudaýyň islegine garşy gelýän zady talap etseler, olara boýun bolup bilmeýändigimizi sypaýyçylyk bilen düşündirmeli. Biz syýasy meselelerde bitaraplygy saklaýarys (Iş. 2:4). Emma biz häkimiýetlere garşy çykmaly däl, çünki Ýehowa olara höküm sürmäge ýol berýär. Ýöne biz milletparazlykdan we watanyňy söýmekden gaça durmaly (Rim. 13:1, 2). Şeýle-de saýlawlara gatnaşmak, dalaşgär bolmak ýa-da häkimiýetlere garşy çykmak ýaly syýasy işlere goşulmakdan ägä bolmaly. w16.04 4:1, 2

3-nji oktýabr, çarşenbe

Goý, ol seniň üçin başga halkyň adamy... ýaly bolsun. Mat. 18:17

Mesihçiler öz arasynda bolýan düşünişmezligi ikiçäk çözmeli. Emma Isa käbir ýagdaýlarda «ýygnakdan» kömek soramagyň gerekdigini aýtdy (Mat. 18:15—17). Eger göwnüňize degen adam sizi, şaýatlary, hatda ýygnagy-da diňlemek islemese näme? Isa: «Goý, ol seniň üçin başga halkyň adamy we salgytçy ýaly bolsun» diýdi. Şu günler şeýle adama ýygnak gatnaşygyndan kesilen adam diýilýär. Emma Isa ýönekeý düşünişmezlikler barada aýtmandy. Biz Isanyň Matta 18:15—17-däki aýdan üç ädimine şeýle ýagdaýlarda eýerip bileris: 1) düşünmezligi ikiçäk çözüp bolmasa, 2) mesihçi ýygnak gatnaşygyndan kesilmäge eltýän agyr günä edende. Bulara ýalançylyk ýa-da birini abraýdan gaçyrmak üçin töhmet atmak ýaly günäler hem degişli. w16.05 1:14

4-nji oktýabr, penşenbe

Ýehowanyň isleginiň nämeden ybaratdygyna düşünjek boluň. Efes. 5:17

Mukaddes Ýazgylarda her bir ýagdaý üçin anyk tabşyryk berilmeýär. Meselem, Ýazgylarda mesihçileriň nähili egin-eşik geýmelidigi barada jikme-jik aýdylmaýar. Bu Ýehowanyň akyldarlygyny aýan edýär. Her bir medeniýetiň özüne mahsus egin-eşigi we däp-dessurlary bar. Üstesine-de, olar wagtyň geçmegi bilen üýtgäp durýar. Eger Mukaddes Ýazgylarda egin-eşik we daş keşp babatda jikme-jik görkezme berlen bolsa, onda häzir olara eýermek kyn bolardy. Ine şol sebäpli-de, Hudaýyň ylhamlanan Sözünde iş saýlamak, saglygyň aladasyny etmek we dynç almak babatda köp zat aýdylmaýar. Mukaddes Ýazgylarda anyk görkezme berilmese näme etmeli? Biz gelýän kararlarymyzy hemmetaraplaýyn barlap, özümiziň däl-de, Ýehowanyň islegine görä karara gelmeli. Şonda Ol gelýän kararymyzy patalar (Zeb. 37:5). w16.05 3:2, 6

5-nji oktýabr, anna

Ony ynsan sözi däl-de, Hudaýyň sözi hökmünde kabul etdiňiz. Ol, hakykatdan-da, Hudaýyň sözi. 1 Sel. 2:13

Elbetde, her birimiziň halaýan aýatlarymyz bardyr. Meselem, käbir dogan-uýalar Ýehowanyň ajaýyp häsiýetlerini görkezen Isa pygamber barada okamagy gowy görýärler (Ýah. 14:9). Käbirleri bolsa, «tizden nämäniň boljakdygyny aýan edýän» Ylham kitabyndaky pygamberlikleri okamagy halaýarlar (Ylh. 1:1). Biz Zebur kitabyndan teselli berýän sözleri ýa-da Süleýmanyň tymsallaryndan peýdaly maslahatlary tapan bolsak gerek! Dogrudan-da, Mukaddes Ýazgylar her bir adam üçin ýazylan kitap. Biz Mukaddes Ýazgylary okamakdan lezzet alýarys. Şol sebäpli oňa esaslanan edebiýatlary hem höwes bilen okaýarys. Biz kitaplar, broşýuralar, žurnallar we başga edebiýatlarymyz arkaly berilýän ruhy iýmiti gymmat saýýarys. Ýehowanyň berýän zatlary bize ruhy taýdan oýa bolup, imanymyzy berkitmäge kömek edýär (Tit. 2:2). w16.05 5:1—3

6-njy oktýabr, şenbe

Ruhuň miwesi şulardyr: söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyrlylyk, mähirlilik, ýagşylyk, iman, ýumşaklyk, özüňe erk etmeklik. Bulara garşy hiç hili kanun ýokdur. Gal. 5:22, 23

Hudaý mukaddes ruhy arkaly bizi dürli ýollar bilen terbiýeleýär. Meselem, ol bize Isadan görelde alyp, ruhuň miwesi bolan Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürmäge kömek edýär. Şeýle häsiýetleriň biri—söýgi. Biz Hudaýy söýýäris, Oňa gulak asmak isleýäris we terbiýesini kabul edýäris. Sebäbi onuň tabşyryklarynyň agyr däldigine düşünýäris. Şeýle-de mukaddes ruh bize şu dünýäniň täsirine garşy durar ýaly güýç berýär (Efes. 2:2). Pawlus resul hem ýehudy dini ýolbaşçylarynyň täsirine düşüpdi. Soňra ol: «Maňa güýç berýän Hudaý arkaly ähli zady etmäge güýjüm ýetýändir» diýýär (Flp. 4:13). Geliň, Pawlus resul ýaly Hudaýdan hemişe mukaddes ruhuny diläliň! Ýehowa gullukçylarynyň akýürekden edýän dogalaryny jogapsyz goýmaýar (Zeb. 10:17). w16.06 1:12

7-nji oktýabr, ýekşenbe

Gudratygüýçli Hudaýymyz Ýehowa, sen şöhraty, hormaty... almaga mynasypsyň. Ylh. 4:11

Eger biz Ýehowa bütinleý wepaly bolsak, ony «ýeke-täk» Hudaý hasaplaýandygymyzy görkezeris. Biz şol bir wagtyň özünde hem Ýehowa, hem ýalan taňrylara sežde etmek ýa-da ýalan dini däp-dessurlara gatnaşmak islemeýäris. Adamlar ençeme taňrylara sežde edýärler. Biz Ýehowa şolaryň biri hökmünde garamaly däl ýa-da ony taňrylaryň iň beýigi we güýçlüsi hasaplamaly däl. Biz diňe Ýehowa sežde etmeli. Ýehowa doly wepaly bolmak üçin, biz hiç bir zadyň Oňa edýän seždämiziň ornuny eýelemegine ýol bermeli däl. Bulara nämeler degişli? Ýehowa halkyna on tabşyrygy berende, ondan başga hiç bir hudaýa sežde etmeli däldigini we butparazlygyň ähli görnüşinden gaça durmalydyklaryny aýan etdi (Kan. tag. 5:6—10). Şu günler butparazlygyň ençeme görnüşi bar, olaryň käbirini hatda anyklamak hem kyn bolýar. Ýehowa «ýeke-täk» Hudaý bolandygy üçin talaplary hiç haçan üýtgemeýär (Mar. 12:29). w16.06 3:10, 12

8-nji oktýabr, duşenbe

Siz adamlaryň etmişini bagyşlasaňyz, gökdäki Ataňyz hem sizi bagyşlar. Mat. 6:14

Petrus «ýedi gezek» bagyşlamalymy diýip soranda, Isa: «Saňa diýýärin, ýedi gezek däl, 77 gezek» diýip, jogap berdi. Isa şeýle diýmek bilen, göwnümize degen adamlary hemişe bagyşlamalydygyny göz öňüne tutdy. Hawa, biz bagyşlamaga hemişe taýyn bolmaly (Mat. 6:15; 18:21, 22). Bizem başgalaryň göwnüne degmegimiz mümkin. Şol sebäpli hemmämiziň ýalňyşýandygymyzy unutmasak paýhasly bolar. Mukaddes Ýazgylarda göwnüne degen adamyň bilen ýaraşmak maslahat berilýär (Mat. 5:23, 24). Dogan-uýalar biziň ýalňyşlyklarymyzy hasaba almasa, biz örän begenýäris. Eýsem, bizem olara şeýle etmeli dälmi näme? (1 Kor. 13:5; Kol. 3:13). Biz adamlary bagyşlasak, Ýehowa-da bizi bagyşlar. Geliň, ýalňyşlyklary hasaba alman, rehimdarlyk bilen bagyşlaýan gökdäki Atamyzyň göreldesine eýermegi berk ýüregimize düweliň! (Zeb. 103:12—14). w16.06 4:15, 17

9-njy oktýabr, sişenbe

Men hoş habary wagyz etmekden utanmaýaryn. Hoş habar Hudaýyň güýji bolup, imanly adamlaryň ählisini... halas edip bilýändir. Rim. 1:16

Biz Patyşalygyň geljekki bereketlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şol sebäpli «Patyşalyk baradaky hoş habary bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz ediň» diýen tabşyrygy berjaý edýäris (Mat. 24:14). Emma bu habara «Hudaýyň merhemeti baradaky hoş habar» hem diýse bolýar. Sebäbi Ýehowa Mesihi Patyşalyk arkaly niýetini amala aşyryp, merhemetini aýan eder (Res. iş. 20:24; Efes. 1:3). Bizem Pawlus ýaly yhlasly wagyz edip, Ýehowanyň merhemetine minnetdardygymyzy görkezýärismi? (Rim. 1:14, 15). Biziň günälidigimize garamazdan, Ýehowa bize dürli ýollar bilen merhemet edýär. Şol sebäpli biz ähli adamlara Ýehowanyň merhemeti we onuň peýdasy hakda gürrüň bermäge özümizi borçly hasaplaýarys. w16.07 4:4, 5

10-njy oktýabr, çarşenbe

Siz hem taýyn boluň, sebäbi Ynsan ogly siziň garaşmaýan sagadyňyzda geler. Luka 12:40

Isa ölüminiň öň ýanynda şägirtlerine üç gezek «dünýäniň hökümdary» barada aýdypdy (Ýah. 12:31; 14:30; 16:11). Sebäbi Iblis Hudaýyň gelejek babatdaky pygamberliklerine üns berdirmejek bolup, adamlary ruhy tümlükde saklamak üçin her hili duzaklary gurýar. Isa muňa gowy düşünýärdi (Sef. 1:14). Şeýtan ýalan dinler arkaly adamlaryň gözüni kör edýär. Belki-de, siz adamlar bilen gürrüňdeş bolanyňyzda muňa göz ýetirensiňiz. Iblis «imansyzlaryň aň-düşünjesini küteltdi», şonuň üçin olar dünýäniň soňunyň golaýlandygyna we Mesihiň gökde Patyşa bolandygyna düşünmeýärler (2 Kor. 4:3—6). Köp adamlara dünýäniň soňunyň nähili boljakdygy barada aýdanymyzda, olar sowuk-sala garaýarlar. Adamlaryň biperwaýlygy bizi lapykeç edip, ruhy taýdan ukladyp bilýär. Geliň, muňa hiç haçan ýol bermäliň. w16.07 2:11, 12

11-nji oktýabr, penşenbe

Her biriňiz aýalyňyzy özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň; aýal hem ärine çuňňur hormat goýsun. Efes. 5:33

Toý tutýan ýigit bilen gyzyň owadanlygyny we şatlygyny söz bilen beýan edip bolmaýar. Nikany döreden Hudaý durmuş gurmak isleýän adamlaryň bagtly hem agzybir ýaşamagy üçin Mukaddes Ýazgylar arkaly maslahat berýär (Sül. tym. 18:22). Emma Mukaddes Ýazgylarda durmuş guranlaryň «täze kynçylyklarynyň» boljakdygy açyk aýdylýar (1 Kor. 7:28). Şol kynçylyklary nädip ýeňmeli? Maşgalany nädip bagtly edip bolýar? Mukaddes Ýazgylarda söýginiň wajypdygy nygtalýar. Nikanyň berk bolmagy üçin är-aýal biri-birine mähirli söýgini (grekçe filia), birek-biregi ysnyşdyrýan söýgini (eros), çaga dünýä inende bolsa garyndaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan söýgini (storge) bildirmeli. Emma maşgalany bagtly etmek üçin, esasan, prinsipe esaslanýan söýgini (agape) görkezmeli. w16.08 2:1, 2

12-nji oktýabr, anna

Ýaşaýşyňa we öwredişiňe hemişe ünsli bol. 1 Tim. 4:16

Timoteos şol wagt tejribeli wagyzçydy. Emma ol has-da netijeli gulluk eder ýaly öwredişine hemişe «ünsli bolmalydy». Hakykaty adamlaryň ýüregine ýetirmek üçin, ol hemişeki ulanýan usullaryny olaryň ýagdaýyna görä üýtgetmelidi. Şu günler bizem onuň göreldesine eýermeli. Biz öýden-öýe wagyz edenimizde, adamlary köplenç öýünde tapyp bilmeýäris. Käbir ýerlerde bolsa köp etažly we goralýan jaýlara asla girip bolmaýar. Eger sizem şeýle kynçylyklara duş gelýän bolsaňyz, başga usullar bilen wagyz etseňiz gowy bolmazmy? Hoş habary wagyz etmegiň ajaýyp usullarynyň biri, köpçülik ýerlerinde wagyz etmek. Dogan-uýalaryň köpüsi gullugyň bu görnüşiniň örän netijelidigini we şatlyk getirýändigini aýdýarlar. Olar demir ýol menziline, ulag duralgalaryna, bazarlara, seýilgählere we şuňa meňzeş ýerlere ýörite baryp wagyz edýärler. w16.08 3:14—16

13-nji oktýabr, şenbe

Gowşan elleriňizi we aýaklaryňyzy berkidiň. Ýew. 12:12

Ýehowa bizi ruhlandyrmak üçin bütindünýä doganlygyny berdi (Ýew. 12:12, 13). I asyrdaky ýaly şu günlerem dogan-uýalar şeýle kömegi alýarlar. Biz näme edip bileris? Harun bilen Huruň söweşde Musanyň ellerini göni manyda nädip göterendigi barada oýlanyp görüň (Müs. çyk. 17:8—13). Biz başgalary goldamak we kömek etmek üçin dürli ýollary agtaryp bilýäris. Eýsem, biz kime kömek etmeli? Garrylyk, saglyk ýagdaýy, maşgala agzalarynyň garşylygy, ýekelik duýgusy bilen göreşýän ýa-da dogan-garyndaşlaryny ýitiren imandaşlarymyza kömek etmeli. Şeýle-de dürli synaglara duş gelýän ýa-da ýokary bilim almak, baýamak ýa-da kär edinmek ýaly dünýäniň «üstünligini» agtarýan ýaşlara kömek edip bileris (1 Sel. 3:1—3; 5:11, 14). Ýygnak duşuşyklarynda, wagyzda, saçak başynda ýa-da telefonda gepleşeniňizde, başgalaryň ýürekden aladasyny edýändigiňizi görkeziň. w16.09 1:13, 14

14-nji oktýabr, ýekşenbe

Hemme zady Hudaýy şöhratlandyrmak üçin ediň. 1 Kor. 10:31

Biziň geýnişimiz mukaddes Hudaýymyza, dogan-uýalara we ýaşaýan ýerimizdäki adamlara täsir edýär. Şol sebäpli biz Ýehowa we aýdýan habarymyza mynasyp tärde geýinmeli (Rim. 13:8—10). Esasanam, ruhy işler bilen meşgullananymyzda bu has-da wajypdyr. Biz «Hudaýa wepaly (adamlara) ýaraşýan» tärde geýinmeli (1 Tim. 2:10). Elbetde, bir ýerde ýerlikli bolan egin-eşik başga ýerde ýerliksiz bolmagy mümkin. Şeýle ýagdaýda Ýehowanyň halky ýerli ýagdaýy göz öňünde tutup, başgalara hormat goýýandygyny görkezýärler. Biz kongreslere baranymyzda dünýä mahsus bolan egin-eşigi däl-de, ýerlikli we salykatly geýinmeli. Şonda biz Ýehowanyň Şaýadydygymyza buýsanyp, mümkinçilik dörände, arkaýyn wagyz edip bileris. w16.09 3:7, 8

15-nji oktýabr, duşenbe

Her bir öýüň gurujysy bardyr, ähli zady guran bolsa Hudaýdyr. Ýew. 3:4

Pawlus resulyň bu sözleri örän paýhasly we täsirlidir. Elbetde, çylşyrymly zat ýasamak üçin aň-düşünje gerek. Siz Mukaddes Ýazgylara ynanmaýan adam bilen gürrüňdeş bolanyňyzda, şuňa meňzeş delillere esaslanyp bilersiňiz. Adamyň nämä ynanýandygyny we haýsy temanyň gyzykly boljakdygyny soraň (Sül. tym. 18:13). Eger ol ylmy zatlar bilen gyzyklanýan bolsa, onda Mukaddes Ýazgylardan ylma degişli aýatlary görkezseňiz, onuň diňlemegi ahmal. Başga adamlara bolsa Mukaddes Ýazgylardaky ýerine ýeten pygamberlikleri we wakalary görkezseňiz, seslenmegi mümkin. Meselem, Isanyň Dagdaky wagzynda aýdan wajyp prinsipleri esasynda gürrüň edip bilersiňiz. Ýadyňyzda bolsun, biziň maksadymyz jedelde utmak däl-de, adamyň ýüregine täsir etmek. Şol sebäpli adamy ýürekden diňläň. Sorag bereniňizde, esasan-da, uly ýaşly adamlar bilen gürrüňdeş bolanyňyzda, özüňizi mähirli we sylaşykly alyp baryň. Olar siziň sylaşyklydygyňyzy görseler, garaýşyňyza hormat goýarlar. w16.09 4:14—16

16-njy oktýabr, sişenbe

Bir-biriňizi kabul ediň. Rim. 15:7

Ýat adamlara özüni arkaýyn duýmaga kömek etmek üçin özümize şeýle sorag berip bileris: «Eger men daşary ýurda barsam, maňa näme etmeklerini islärdim?» (Mat. 7:12). Adatça, ýat ýerden gelen adamlara başga medeniýete öwrenişmek kyn bolýar. Ilkibaşda, biz olaryň garaýşyna ýa-da özlerini alyp barşyna geň galmagymyz mümkin. Olaryň ýagdaýyna düşünmek üçin sabyrly bolmaly. Eýsem, olardan medeniýetimize görä ýaşamagy talap etmegiň deregine, özümiz olaryň medeniýetini öwrensek gowy bolmazmy? Eger biz daşary ýurtdan gelen adamlaryň ýaşaýşyny we medeniýetini öwrensek, olar bilen dil tapyşmak aňsat bolar. Meselem, biz maşgala okuwynda ýygnagymyzdaky ýa-da ýaşaýan ýerimizdäki ýat adamlaryň medeniýeti barada gözleg geçirip bileris. Şeýle-de olary myhmançylyga çagyryp bileris. Ýehowa «başga halklaryň hem iman etmegi üçin olara ýol açdy». Eýsem, bizem ýat adamlara «ýagşylyk etmek» üçin gapymyzy giňden açmaly dälmi näme? (Res. iş. 14:27; Gal. 6:10; Eýp. 31:32). w16.10 1:15, 16

17-nji oktýabr, çarşenbe

Duşmançylyk bilen aýdan sözlerine çydan adam hakda çuňňur oýlanalyň. Ýew. 12:3

Pawlus resul Hudaýa iman eden erkekdir aýallar barada agzandan soňra, iň gowy görelde galdyran Halypamyz Isa Mesih barada aýdýar. Ýewreýler 12:2-de şeýle diýilýär: «Ol öňünde goýlan şatlyk üçin utanja galmaly bolsa-da, jebir pürsündäki ölüme döz geldi. Şeýdip, ol Hudaýyň tagtynyň sag tarapynda oturdy». Biz her dürli synaglara çydamlylyk bilen döz gelen Isa barada «çuňňur oýlanyp», onuň imanyndan görelde almaly. I asyrda ýaşan Antipas we beýleki şägirtler Isa ýaly ölüme höküm edilseler-de, ýan bermän, aýypsyz galdylar (Ylh. 2:13). Olar hem gadymy döwürdäki Hudaýa iman eden adamlar ýaly «has gowy direlişe» umyt edýärdiler. Şeýdip, olar gökde ýaşamak sylagyna eýe boldular (Ýew. 11:35). 1914-nji ýylda gökde Hudaýyň Patyşalygy berkarar edilensoň, ölüm ukusynda ýatan wepaly mesh edilenleriň ählisi ruhy şahsyýet edilip direldildi. Olar Isa bilen bile gökde adamlaryň üstünden höküm sürerler (Ylh. 20:4). w16.10 3:12

18-nji oktýabr, penşenbe

Bir-biriňizi her gün ruhlandyryň. Ýew. 3:13

Ene-atalaryň käbiri öwgüli sözleri hiç haçan eşitmänsoň, özleri-de çagalaryny öwmeýärler. Köp adamlar işde-de öwgüli sözleri eşitmeýändikleri üçin nägile bolýarlar. Adatça, adamlary ruhlandyrmak üçin, olaryň eden ýagşy işlerini we gowy häsiýetlerini aýtmaly. Şeýle-de «göwnüçökgünlere teselli bersek», olary ruhlandyryp bileris (1 Sel. 5:14). «Ruhlandyrmak» diýip terjime edilen grek sözi göni manyda «ýanymda bol» diýmegi aňladýar. Wagyzda dogan-uýalary ruhlandyrmaga mümkinçilik bolýar (Wag. 4:9, 10). Biz olary söýýändigimizi we minnetdardygymyzy aýdarysmy? Ýöne öňürti: «Ýerlikli söz nähili gowy!» diýen sözler hakda oýlansak peýdaly bolar (Sül. tym. 15:23). w16.11 1:3—5

19-njy oktýabr, anna

Doganlaryň bile we agzybir ýaşamagy, gör, nähili gowy, nähili ýakymly! Zeb. 133:1, TD

Hudaý öz halky barada: «Men sizi agyldaky goýunlar kimin... bir ýere getirerin» diýip pygamberlik etdi (Mika 2:12). Şeýle-de ol Sefanýa pygamber arkaly: «Hemmeleriň Maňa ybadat edip, agzybirlik bilen Maňa gulluk ederleri ýaly, milletlere päk dil (Ýazgylardaky hakykat göz öňünde tutulýar) bererin» diýdi (Sef. 3:9). Ýehowa agzybirlikde gulluk etmek nähili uly hormat! I asyrda Korinf şäherinde we başga ýerlerde ýaşan mesihçiler Hudaýyň Sözündäki maslahatlara eýerip, ýygnagyň arassa, parahat hem-de agzybir bolmagyna ýardam etdiler (1 Kor. 1:10; Efes. 4:11—13; 1 Pet. 3:8). Şu günler Ýehowanyň guramasyndaky agzybir gullukçylaryň edýän tagallasy bilen Hudaýyň ajaýyp niýetleri hakda bütin ýer ýüzünde yglan edilýär. w16.11 2:16, 18

20-nji oktýabr, şenbe

Siz garaňkylykdan ýagtylyga Çagyranyň «ajaýyp häsiýetlerini ähli ýerlerde yglan edýän... patyşalar bolup gulluk edýän ruhanylar we aýratyn gullugy berjaý etmek üçin mukaddes halk bolduňyz». 1 Pet. 2:9

B. e. ilkinji asyrlarynda adamlaryň köpüsi Mukaddes Ýazgylary grek ýa-da latyn dilinde okap bilýärdiler. Şol sebäpli olar Hudaýyň Sözündäki taglymatlary buthananyň öwretmeleri bilen deňeşdirýärdiler. Käbirleri Mukaddes Ýazgylarda okan zatlaryna esaslanyp, buthananyň ýalan taglymatlaryny inkär edýärdiler. Emma pikiriňi açyk aýtmak howpludy, munuň üçin hatda ölüm jezasy hem berilýärdi. Wagtyň geçmegi bilen grek we latyn dilleri ulanyşykdan galyp başlady. Buthana ýolbaşçylary bolsa Hudaýyň Sözüniň sada halkyň diline terjime edilmegine garşylyk görkezýärdiler. Buthananyň taglymaty bilen ylalaşmaýan islendik adam jezalandyrylýardy. Hudaýyň mesh edilen wepaly gullukçylary kiçi topar bolup ýygnanyşmalydylar, emma bu köplenç başartmaýardy. Mesh edilenler hem gullugyny guramaçylykly ýerine ýetirip bilmeýärdiler. Dogrudan-da, Beýik Wawilon adamlary penjesinde saklaýardy! w16.11 4:8, 10, 11

21-nji oktýabr, ýekşenbe

Dogrulyk etmeýän adamlar Hudaýyň Patyşalygyny miras almaz? 1 Kor. 6:9

Munuň üçin Korinfdäki mesihçileriň eden agyr günälerini etmekden gaça durmaly. Eger biz Hudaýyň merhemetini kabul edip, «günä üstümizden agalyk etmeýär» diýýän bolsak, onda bu has-da wajyp. Emma «Hudaýa ýürekden tabyn bolar» ýaly, ähmiýetsiz hasaplanýan günälerden hem gaça durarysmy? (Rim. 6:14, 17). Geliň, Pawlus resul barada oýlanyp göreliň. Biz onuň 1 Korinfliler 6:9—11-nji aýatlarda agzalýan günäleri etmändigine ynanýarys. Muňa garamazdan, ol özüniň günäkärdigini aýdýar. Ol şeýle diýdi: «Men bikämildirin, günäniň gulçulygyna satylandyryn. Ýöne men näme edýändigime düşünmeýärin. Sebäbi isleýän zadymy däl-de, ýigrenýän zadymy edýärin» (Rim. 7:14, 15). Görşümiz ýaly, Pawlus başga-da zatlary günä hasaplaýar we ol şeýle erbet işlere garşy göreşýärdi (Rim. 7:21—23). Geliň, bizem «Hudaýa ýürekden tabyn bolmaga» çalşalyň. w16.12 1:15, 16

22-nji oktýabr, duşenbe

Ýüküňi Ýehowanyň üstüne taşla, ol seni goldar Zeb. 55:22, TD

Oňaýsyz ýagdaýa düşeniňizde, gorkanyňyzda ýa-da biynjalyk bolanyňyzda gökdäki söýgüli Atamyza ýüregiňizi döküň. Doga edip, kynçylygy çözmek üçin eliňizde baryny ediň, sebäbi ýürekden edilen doga aladalara garanyňda köp zady başarýandyr. Emma doga gaýgy-hasraty we aladalary ýeňmäge nädip kömek edip biler? (Zeb. 94:18, 19). Filipililer 4:6, 7-nji aýatlardan görnüşi ýaly, Ýehowa biziň ýürekden we erjellik bilen edýän gyzgyn dileglerimize jogap berýär. Nädip? Ol aňymyzdaky we ýüregimizdäki biynjalyk edýän pikirleri ýeňmäge kömek edip, kalbymyza rahatlyk berýär. Muny öz durmuşynda duýýan adamlar az däl. Aladalarda we kynçylyklarda Hudaý olaryň kalbyna ynsan düşünjesinden ýokary bolan parahatlygy berdi. Sizem şeýle parahatlygy duýup bilersiňiz. «Hudaýyň parahatlygy» islendik kynçylyklara döz gelmäge kömek edýär. Siz Ýehowanyň: «Heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin» diýip, söýgi bilen berýän wadasyna ynanyp bilersiňiz (Iş. 41:10). w16.12 3:3, 4

23-nji oktýabr, sişenbe

Musa iman edendigi üçin ulalanda, faraonyň gyzynyň ogly diýilmekden ýüz öwürdi. Ýew. 11:24

Musa pygamber Müsüriň hazynalaryndan ýüz öwrüp, «günäniň berýän wagtlaýyn lezzetini alanyndan Hudaýyň halky bilen bile görgi görenini gowy gördi» (Ýew. 11:25, 26). Geliň, geçmişde ýaşan Musa pygamber ýaly wepaly gullukçylaryň göreldesine eýerip, erkinligimizi gymmat saýalyň we ony Hudaýyň islegine görä ulanalyň. Eger biz özümiz karara gelmän, näme etmelidigini başgalardan sorasak, erkinligiň berýän berekedinden mahrum bolarys. Bu barada Kanun taglymaty 30:19, 20-nji aýatlarda aýdylýar. 19-njy aýatda Hudaýyň ysraýyllylara saýlamaga beren mümkinçiligi, 20-nji aýatda bolsa olara ýüregindäkisini görkezmäge beren mümkinçiligi barada aýdylýar. Bizem Ýehowa gulluk etmegi saýlap bileris. Hudaýyň beren erkinligini dogry ulansak, ony söýüp, hormat goýýandygymyzy we şöhratlandyrýandygymyzy görkezeris. Eýsem, şundan gowy zat barmy näme?! w17.01 2:10, 11

24-nji oktýabr, çarşenbe

Ýehowa bil baglap, ýagşylyk et... we wepaly bol. Zeb. 37:3, TD

Ýehowa ukyplarymyzy dogry ulanmagymyzy isleýär. Näme üçin? Sebäbi ol bizi söýýär, ukyplarymyzy dogry ulansak, edýän işimizden lezzet aljakdygymyzy bilýär. Ýehowa öz Sözi arkaly ukyplarymyzy ýagşy işler üçin ulanmalydygymyzy öwran-öwran ýatladýar. Ýehowa adamyň mümkinçiliginiň çäklidigini bilýär. Meselem, biz bikämilligi, günäni we ölümi aýryp bilmeýäris; ynsanyň erkin ýaradylandygy üçin, adamlaryň gelýän kararyna-da täsir edip bilmeýäris (1 Pat. 8:46). Bilimimiz we tejribämiz näçe köp bolsa-da, ukybymyz Ýehowanyňky bilen deňeşdireniňde hemişe çaganyňky ýaly bolar (Iş. 55:9). Biz Ýehowanyň görkezmesine, goldawyna we kömegine mätäç, şonuň üçin elmydama oňa bil baglamaly. Şol bir wagtyň özünde kynçylyklary çözmek we başgalara kömek etmek üçin elimizde baryny etmeli. Başgaça aýdanyňda, biz «Ýehowa bil baglap, ýagşylyk etmeli» we «wepaly bolmaly» w17.01 1:2—4

25-nji oktýabr, penşenbe

Meniň bilen gidiber, Iýerusalimde iýip-içjegiňi özüm alada ederin. 2 Şam. 19:33

Barzyllaý çakylygy kabul etmeýär. Näme üçin? Ol garrydy we Dawut patyşa ýük bolmak islemeýärdi. Şonda Barzyllaý özüne derek Kimhamy alyp gitmegi maslahat berýär. Kimham Barzyllaýyň ogly bolan bolmaly (2 Şam. 19:31—37). Barzyllaý pespäl adam bolany üçin paýhasly karara gelip bildi. Ol «jogapkärli işleri edip bilmerin ýa-da garry adamyň köşkde näme işi bar?» diýip pikir etmeýärdi. Ol ýaşynyň bir çene barandygyna düşünýärdi we köp zatlary edip bilmejekdigini boýun alýardy. Ol ünsüni edip bilýän zatlaryna gönükdirmek isleýärdi (Gal. 6:4, 5). Eger biz özümize ýa-da başgalaryň bize goýýan hormatyna has köp üns bersek, onda tekepbirligiň, bäsdeşligiň duzagyna düşüp, ahyrsoňy, lapykeçlige uçrarys (Gal. 5:26). Emma pesgöwünli bolsak, bar ukyplarymyzy Hudaýa şöhrat getirmek we başgalara kömek etmek üçin ulanmaga jan ederis (1 Kor. 10:31). w17.01 4:5, 6

26-njy oktýabr, anna

Hudaý Öz ýaradan zatlarynyň juda gowudygyny gördi. Gel. çyk. 1:31

Ýehowa — Gudratygüýçli Ýaradyjy. Onuň ýaradan ähli zatlary adyl talaplaryna laýyk gelýär (Ýer. 10:12). Ýaradylan zatlardan Ýehowanyň aladamyzy edip, belli bir kanunlary goýandygyny görse bolýar. Ähli zadyň sazlaşykly işlemegi üçin, ol tebigy kanunlaryny we ahlak kadalaryny berdi (Zeb. 19:7—9). Älemde ýaradylan zatlaryň ählisiniň belli bir ýeri bolup, Hudaýyň niýetine görä hereket edýär. Ýehowa olaryň özara sazlaşykly hereket etmegi üçin kada-kanunlary berdi. Meselem, dartyş kanuny Ýer şarynda atmosferanyň bolmagyna we okeanlaryň öz çäginden çykmazlygyna ýardam edýär hem-de ýaşaýyş üçin zerur bolan şertleri döredýär. Ýaradylan zatlaryň ählisi, şol sanda adamlaram bu kanuna boýun bolýar. Dogrudanam, ähli zatlaryň tertipli ýaradylmagy Hudaýyň ýer ýüzüni we adamzady belli bir niýet bilen ýaradandygyny görkezýär. Biz wagyzda adamlaryň ünsüni şu zatlary ýaradan Hudaýa çekip bilerismi? (Ylh. 4:11). w17.02 1:4, 5

27-nji oktýabr, şenbe

Hudaý onuň (Musa) bilen... perişdesi arkaly gepleşip, halkyna ýolbaşçy we halasgär edip iberdi. Res. iş. 7:35

Musa pygamberden soň ysraýyl halkyna ýolbaşçy bolan Ýeşuwanyň ýanyna-da Ýehowanyň «gökdäki goşunynyň serkerdesi» gelipdi. Ol Hudaýyň halkyna kenganlylara garşy söweşde güýç berdi (Ýeş. 5:13—15; 6:2, 21). Şeýle-de Hizkiýa patyşanyň döwründe Iýerusalime howp salýan aşurlylaryň goşunyndan gorady. Bir «gijede Ýehowanyň perişdesi gidip, aşurlylaryň düşelgesinde ýüz segsen bäş müň adamy öldürdi» (2 Pat. 19:35). Elbetde, perişdelerden tapawutlylykda adamlar bikämil. Bir gezek Musa pygamber Ýehowa derek özüni şöhratlandyrdy (San. 20:12). Ýeşuwa bolsa Hudaýdan maslahat soraman, Gibgonyň ilaty bilen äht baglaşdy (Ýeş. 9:14, 15). Hizkiýa patyşa-da «gopbamsylyk edipdi» (2 Ýyl. 32:25, 26). Ysraýyllylaryň ýolbaşçylary bikämil bolsa-da, halk olaryň görkezmesine eýermelidi. Ýehowa olary perişdeleriň kömegi bilen goldap, halkyna ýolbaşçylyk edýärdi. w17.02 3:7—9

28-nji oktýabr, ýekşenbe

Tagtda oturan Hudaýa we Guza baky hem ebedi şöhrat, hormat, alkyş bolsun. Ylh. 5:13

Birine hormat goýmak aýratyn üns bermegi we sylamagy aňladýar. Adatça, hormatly işi ýerine ýetirýän ýa-da ýokary wezipeli adama sylag-hormat goýulýar. Eýsem, biz kime hormat goýmaly we näme üçin? Ylham 5:13-e laýyklykda, «tagtda oturan Hudaý we Guzy» hormata mynasyp. 4-nji bapda Ýehowanyň hormata mynasypdygynyň bir sebäbi düşündirilýär. Gökdäki ýaradylanlar batly ses bilen «baky we ebedi Ýaşaýan» Ýehowany şöhratlandyryp şeýle diýýär: «Gudratygüýçli Hudaýymyz Ýehowa, sen şöhraty, hormaty, alkyşy almaga mynasypsyň. Sebäbi ähli zady sen ýaratdyň, olar seniň islegiň bilen ýaşaýandyr we döredilendir» (Ylh. 4:9—11). w17.03 1:1, 2

29-njy oktýabr, duşenbe

Öz ýüregine bil baglaýan akylsyzdyr. Sül. tym. 28:26

Şu dünýäde köplenç: «Öz ýüregiňi diňle» diýýärler. Emma bu howply we Ýazgylara esaslanmaýar. Hudaýyň Sözünde karara gelenimizde, bikämil ýüregimiziň ýa-da duýgularymyzyň täsirine düşmezlik maslahat berilýär. Şeýle-de onda ýüregini diňlän adamlaryň betbagtçylyga uçrandygy aýdylýar. Sebäbi bikämil adamlaryň «ýüregi ähli zatdan hilegärdir, halys ýoldan çykandyr» (Ýer. 3:17; 13:10; 17:9; 1 Pat. 11:9). Diýmek, ýüregimizi diňlesek we duýgularymyzyň pikirimize we edýän işlerimize täsir etmegine ýol bersek netijesi näme bolar? Meselem, gaharly wagtymyz karara gelsek, netijesi nähili bolar? Eger biz öň şeýle eden bolsak, onda bu soragyň jogaby aýdyň bolsa gerek (Sül. tym. 14:17; 29:22). Ýa-da göwnüçökgün wagtymyz paýhasly karara gelip bilerismi? (San. 32:6—12; Sül. tym. 24:10). Wajyp kararlara gelenimizde, duýgularymyza ýol bersek, aňsatlyk bilen aldanyp bileris. w17.03 2:12, 13

30-njy oktýabr, sişenbe

Men saňa wepalylyk bilen ak ýürekden hyzmat etdim. 2 Pat. 20:3

Biz bikämil bolandygymyz üçin köp ýalňyşýarys. Emma Ýehowa «günälermize laýyk iş etmeýär», sebäbi biz toba edip, Isanyň töleg gurbany arkaly iman bilen oňa ýakynlaşdyk (Zeb. 103:10). Ýöne her gün Ýehowa ýaramly sežde etmek üçin, Dawudyň ogly Süleýmana aýdyşy ýaly, biz Hudaýa «ak ýürekden... gulluk etmeli» (1 Ýyl. 28:9). Hudaýa bütin ýüregiň bilen gulluk etmek oňa ömürboýy wepaly bolmagy aňladýar. Mukaddes Ýazgylarda «ýürek» diýlende, köplenç adamyň içki dünýäsi göz öňünde tutulýar. Muňa onuň islegi, pikiri, gylyk-häsiýeti, garaýşy, ukyby, niýeti we maksady degişli. Ýehowa bütin ýüregi bilen gulluk edýän adam Ýehowa sežde etmeklige bolaýmaly zat ýaly garamaýar. Biz munuň bilen ylalaşýarysmy? Biz bikämil bolsak-da, ikiýüzli bolman, Hudaýa doly wepaly bolup, oňa bütin ýüregimiz bilen gulluk edip bileris (2 Ýyl. 19:9). w17.03 3:1, 3

31-nji oktýabr, çarşenbe

(Ýehowa) pes göwünlilere nazar salýandyr, tekepbirleri bolsa uzakdan tanaýandyr. Zeb. 138:6

Hormatly işi ýerine ýetirenimizde, Ýehowa «ýüregimizde bolan bar zady bilmek üçin» bizi hem «ýeke galdyrmagy» mümkin. Aýdaly, dogan nutuk taýýarlamak üçin köp wagtyny sarp edip, soňra birgiden dogan-uýalaryň öňünde çykyş edýär. Köpleri ony gowy çykyş edendigi üçin öwýär. Şonda ol özüni nähili alyp barar? Bizi öwenlerinde, Isanyň şu sözlerini unutmalyň: «Siz hem aýdylan ähli zatlary edeniňizden soň: „Biz bir ýönekeý guldurys. Biz diňe etmeli zady etdik“ diýiň» (Luka 17:10). Biz Hizkiýanyň mysalyndan sapak edinip bileris. Ol tekepbirlige ýol berip, «özüne edilen ýagşylygy ödemedi» (2 Ýyl. 32:24—27, 31). Ýehowanyň biziň üçin eden ençeme ýagşylyklary hakda oýlansak, Hudaýyň ýigrenýän häsiýetinden, ýagny tekepbirlikden gaça durup bileris. Biz Ýehowa öz halkyny wepaly goldaýandygy üçin minnetdar bolmagy unutmaly däl. w17.03 4:12—14

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş