Sentýabr
1-nji sentýabr, şenbe
Siz çydamly bolmak bilen, özüňizi doly terbiýelärsiňiz. Ýak. 1:4
Mukaddes Ýazgylarda çydamlylyk diýlende, kynçylyklara ýa-da synaglara diňe bir döz gelmek göz öňünde tutulmaýar. Çydamlylyk biziň pikirimiz we ýüregimiz bilen berk baglanyşykly bolup, kynçylyklarda nähili hereket edýändigimizi görkezýär. Çydamly adam batyrgaý, durnukly we sabyrly bolýar. Bir sözlükde çydamlylyk babatda şeýle diýilýär: «Ol diňe bir kynçylyklara döz gelmäge däl, eýsem, gelejege ynamly garamaga kömek edýär. Çydamlylyk görkezýän adamy güýçli ýeliň garşysyna ýöreýän adam bilen deňeşdirse bolar. Çydamlylyk adama hatda iň agyr synaglara-da mertlik bilen hötde gelip, ünsüni aljak sylagyna gönükdirmäge kömek edýär». Mesihçileriň çydamlylygy söýgä esaslanýar (1 Kor. 13:4, 7). Ýehowa bolan söýgi onuň islegini berjaý etmek üçin islendik synaga döz gelip biler ýaly güýç berýär (Luka 22:41, 42). Dogan-uýalarymyza bolan söýgi bize olaryň ýalňyşlyklaryna üns bermezlige kömek edýär (1 Pet. 4:8). Ýanýoldaşymyza bolan söýgi bolsa «kynçylyklara» bilelikde döz gelip, maşgalany has-da berkitmäge ýardam edýär (1 Kor. 7:28). w16.04 2:3, 4
2-nji sentýabr, ýekşenbe
Olar... dowam edýärdiler, bir-biri bilen zatlaryny paýlaşýardylar. Res. iş. 2:42
Grek dilinden terjime edilen «dowam edýärdiler» diýen jümle çydamly bolmagy, tagalla etmegi we ýan bermezligi aňladýar. Şol döwürde ýaşan mesihçilere bilelikde ýygnanyşmak kyn bolýardy, sebäbi olar Rimiň gol astyndadylar we ýehudy dini ýolbaşçylar tarapyndan yzarlanýardylar. Muňa garamazdan, olar synaglarda berk durdular. Ýehowanyň häzirki gullukçylary hem ýygnagy gymmat saýýandyklaryny görkezýärler. 22 ýyl Ýolbaşçylyk Maslahatynyň agzasy bolup gulluk eden Jorj Gangas dogan şeýle diýýär: «Dogan-uýalar bilen ýygnakda bile bolmak meniň durmuşymda iň ruhlandyryjy we şatlyk beriji pursatlaryň biridir. Hemişe demirgazygy görkezýän kompos ýaly, meniňem duşuşyklara gatnaşmak islegim örän güýçli. Şol sebäpli men ýygnaga yzygider gatnaşmak üçin elimde baryny edýärin». Sizem Ýehowa sežde etmek üçin duşuşyklara baranyňyzda şeýle duýgulary başdan geçirýärsiňizmi? Onda çydamly bolup, duşuşyklara yzygider gatnaşmak üçin tagalla ediň. Şonda siz Dawut patyşa ýaly ynam bilen: «Ýa Reb, men Seniň ýaşaýan öýüňi, Seniň şöhratyň mesgen tutýan ýerini söýýärin» diýip bilersiňiz (Zeb. 26:8). w16.04 3:16—18
3-nji sentýabr, duşenbe
Ilki gidip, doganyň bilen ýaraş. Mat. 5:24.
Aýdaly, siz sözüňiz ýa-da hereketiňiz bilen dogan-uýalaryň biriniň göwnüne degendigiňizi bilýärsiňiz. Şeýle ýagdaýda näme etmeli? Ilki doganymyz bilen gepleşmeli. Emma maksadymyz dogany günäkärlemek däl-de, ýalňyşyňy boýun alyp, onuň bilen ýaraşmak bolmaly. Hawa, imandaşlarymyz bilen ýaraşmak örän wajyp. Ybraýym pygamber we onuň doganoglany Lutuň uly sürüsi bardy. Bir gezek olaryň çopanlarynyň arasynda dawa turýar. Ybraýym düşünişmezligiň öňüni almak üçin, doganoglany Luta ilkinji bolup ýer saýlamagy teklip edýär (Gel. çyk. 13:1, 2, 5—9). Ybraýym pygamber öz bähbidini gözlemän, parahatlygy saklap, gör, nähili ajaýyp görelde galdyrdy! Ybraýym jomartlygy üçin sylagsyz galmady. Lut bilen bolan wakadan soň, Ýehowa Ybraýymy patalajakdygyny wada berdi (Gel. çyk. 13:14—17). Hudaý prinsiplerine eýermäge we düşünişmezligi söýgi bilen çözmäge jan edýän gullukçylarynyň zyýan çekmegine hiç haçan ýol bermeýär. w16.05 1:11, 12
4-nji sentýabr, sişenbe
Ýehowanyň isleginiň nämeden ybaratdygyna düşünjek boluň. Efes. 5:17
Ýehowa Sözi arkaly bize ençeme tabşyryklary berdi. Meselem, ol ahlaksyzlyk, butparazlyk, ogurlyk we arakhorlyk ýaly zatlary ýigrenýär (1 Kor. 6:9, 10). Hudaýyň ogly Isa Mesih hem şägirtlerine wajyp tabşyryk berdi: «Gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň. Olary Ata, Ogul we mukaddes ruhuň ady bilen suwa çümdüriň. Olara meniň ähli tabşyran zatlarymy berjaý etmegi öwrediň. Ine, men dünýäniň soňuna çenli elmydama siziň bilen bolaryn» (Mat. 28:19, 20). Hudaýyň kada-kanunlary we tabşyryklary bizi goraýar. Eger biz olara gulak assak, ynsabymyz arassa, kalbymyz rahat we maşgalamyz has-da bagtly bolar. Iň esasy zat bolsa, Ýehowanyň tabşyryklaryna, şol sanda wagyz etmek babatdaky görkezmä ýürekden eýersek, onuň razy ederis we bereket alarys. w16.05 3:1
5-nji sentýabr, çarşenbe
Özüňizi alyp barşyňyzy we pikiriňizi özgerdiň. Rim. 12:2
Biz Ýehowanyň mukaddes ruhunyň görkezmesine eýersek we Onuň garaýşyna düşünsek, pikirlerimiz, sözlerimiz hem-de özümizi alyp barşymyz ýakymly bolar (Luka 11:13; Gal. 5:22, 23). Biz, esasan-da, erbet endikler bilen göreşmäge jan etmeli (Sül. tym. 4:23). Eger ruhy taýdan çalt ösüş etmek kyn bolýan bolsa, ruhdan düşmäň. Sebäbi Hudaýa ýaramly ýaşamagy öwrenmek üçin wagt gerek. Biz Hudaýyň Sözüniň durmuşymyza täsir etmegi üçin sabyrly bolmaly. Ilki bilen, Ýazgylardaky kada-kanunlara eýermegi öwrenmeli. Şonda pikirimiz arassa bolup, Hudaýyň islegine görä ýaşamak aňsat bolar. Wagtyň geçmegi bilen, pikirimiz we edýän işlerimiz Ýehowa Hudaýyň göwnünden turar (Zeb. 37:31; Sül. tym. 23:12; Gal. 5:16, 17). w16.05 4:14, 16
6-njy sentýabr, penşenbe
Onuň keýpi diňe Ýehowanyň kanunyndadyr, Onuň kanunyny gije-gündiz oýlanyp okaýandyr. Zeb. 1:2, TD
Ýehowa şu günlerem öz Sözi, mukaddes ruhy we ýygnak duşuşyklary arkaly gullukçylaryny terbiýeleýär. Biz Hudaýyň Sözüni yzygider okap, oýlananymyzda we öwrenen zatlarymyza eýermek üçin Ýehowadan kömek soranymyzda özümizi terbiýeleýäris. Dawut patyşa: «Düşegimde Seni ýatlap, gijäniň ähli nobatlarynda Sen barada oýlanaryn» diýdi (Zeb. 63:6). Şeýle-de ol: «Maňa akyl beren Rebbe sena ederin. Ýüregim-de gijelerine maňa öwüt berýär» diýip ýazdy (Zeb. 16:7). Hawa, Dawut Hudaýyň maslahatlaryna höwes bilen eýerýärdi we berk düzedişi hem kabul etdi. Bu oňa pikirini özgerdip, özüne erk etmegi öwrenmäge kömek etdi (2 Şam. 12:1—13). Dawut kiçigöwünlilik bilen Hudaýa boýun bolmakda ajaýyp görelde galdyrdy. Sizem Hudaýyň Sözi ýüregiňize täsir eder ýaly okaýan zatlaryňyz hakda oýlanýarsyňyzmy? Ýa-da siz bu babatda tagalla etmelimi? (Zeb. 1:3). w16.06 1:11
7-nji sentýabr, anna
Tizgahar bolma. Wag. 7:9
Biziň ählimiz Erem bagynda turan pitne sebäpli bikämil bolup dogulýarys. Şondan bäri 6 müň ýyl geçdi. Bikämil adamlar häli-şindi ýalňyşlyk goýberýärler. Ine, şonuň üçinem imandaşlarymyzdan köp zada garaşmasak we olaryň ýalňyşlyklary sebäpli Hudaýyň halkyndan çetleşip, şatlygymyzy ýitirmäge ýol bermesek gowy bolar. Biz dogan-uýalaryň goýberýän käbir ýalňyşlyklary sebäpli büdräp, hatda Ýehowanyň guramasyndan gitmegimiz mümkin. Şeýle ýagdaýda biz diňe bir Hudaýa gulluk etmek hormatyndan mahrum bolman, gelejekde täze dünýäde ýaşamak umydymyzy hem ýitirýäris. Biz şatlygymyzy we umydymyzy gorap saklar ýaly, Ýehowanyň: «Ine, Men täze gök, täze dünýä ýaratmakçy, öňki zatlar ýatlanmaz, ýada düşmez» diýen wadasyny hemişe ýatda saklamaly (Iş. 65:17; 2 Pet. 3:13). Geliň, dogan-uýalaryň ýalňyşlyklarynyň bizi bu bereketlerden mahrum etmegine ýol bermäliň! w16.06 4:13, 14
8-nji sentýabr, şenbe
Ýehowa Hudaýymyz ýeke-täk Ýehowadyr. Kan. tag. 6:4, TD
«Ýeke-täk» diýen söz maksadyňa görä hereket etmegi we beren sözüňde durmagy aňladýar. Ýehowa ynamdar, durnukly, wepaly we dogruçyl Hudaý. Onuň deňi-taýy ýok we hiç haçan üýtgemeýär. Ýehowa Ybraýym pygambere nesliniň Wada edilen diýary miras aljakdygyny wada berdi. Ol wadasyny ýerine ýetirmek üçin täsin gudratlary etdi. Şondan 430 ýyl geçen-de, Ýehowa beren wadasyny unutmandygyny görkezdi (Gel. çyk. 12:1, 2, 7; Müs. çyk. 12:40, 41). Bu wakadan ençeme asyr geçensoň, Ýehowa saýlan halkyna ýüzlenip şeýle diýdi: «Meniň Şoldugyma düşüniň, Menden öň hiç hudaý bolan däldir, Menden soň-da hijisi bolmaz». Şeýle-de ol beren wadasynda durýandygyny nygtap: «Owaldan bäri Men Olduryn» diýdi (Iş. 43:10, 13; 44:6; 48:12). Üýtgemeýän we wadasyny hemişe berjaý edýän Ýehowa Hudaýa gulluk etmek uly hormatdyr! (Mal. 3:6; Ýak. 1:17). w16.06 3:6, 7
9-njy sentýabr, ýekşenbe
Hüşgär boluň, oýa boluň, sebäbi siz bellenen wagtyň haçan boljakdygyny bilmeýärsiňiz. Mar. 13:33
Şu günler köp ýurtlarda serhedi goramak üçin «garawullary», ýagny esgerleri we kameralary ulanýarlar. Olar serhetden duşmanyň geçmezligi üçin gorag bolup durýar. Emma şol «garawullar» diňe ynsan hökümetleri ýa-da adamlar tarapyndan abanýan howpy görüp bilýär. Olar Mesihiň ýolbaşçylygyndaky Hudaýyň gökdäki Patyşalygynyň edýän işlerinden habarsyz bolup, onuň tizden ähli halklary höküm etjekdigini bilmeýärler (Iş. 9:6, 7; 56:10; Dan. 2:44). Emma olardan tapawutlykda, biz hüşgär we ruhy taýdan oýa bolmaly. Şonda höküm gününde halas bolarys (Zeb. 130:6). Dünýäniň soňy golaýlap gelýändigi üçin bize-de oýa bolmak kyn bolmagy mümkin. Emma dünýäniň ahyrynyň gelmegine sanlyja wagt galanda uka gitsek, gör, nähili gynançly bolar! w16.07 2:2, 9, 10
10-njy sentýabr, duşenbe
(Hudaý) merhemetini maňa biderek ýere bildirmändi. 1 Kor. 15:10
Pawlus öň mesihçileri yzarlapdy, şonuň üçin ol Hudaýyň merhemetini öz güýji bilen gazanyp bilmejekdigine we oňa asla mynasyp hem däldigine düşünýärdi. Pawlus resul ömrüniň ahyrynda egindeşi Timoteosa: «Maňa güýç beren Halypamyz Mesih Isa minnetdardyryn. Sebäbi ol meni wepaly hasaplap, mukaddes işi tabşyrdy» diýip ýazdy (1 Tim. 1:12—14). Ol «mukaddes iş» diýende, nämäni göz öňünde tutdy? Pawlus bu barada Efesdäki gözegçi doganlara şeýle diýdi: «Men janymy aýamaýaryn. Meniň üçin esasy zat: Hudaýyň merhemeti baradaky hoş habary birkemsiz şaýatlyk edip biler ýaly, alyp barýan ýolumy we Halypamyz Isadan alan gullugymy soňuna çenli berjaý etsem bolýar» (Res. iş. 20:24). Ol hoş habary yhlasly wagyz edip, bize gowy görelde galdyrdy. Şeýdip, ol Hudaýyň oňa merhemetini «biderek ýere» bildirmändigini subut etdi. w16.07 4:1—3
11-nji sentýabr, sişenbe
Men sabyrly garaşaryn. Mika 7:7, TD
Käwagt biz jogapkärli borçlary alýançak ýa-da ýagdaý özgerýänçä garaşmaly bolýarys. Emma Ýehowa öz wepaly gullukçylaryny hemişe goldaýar. Meselem, Hudaý Ybraýym pygambere oglunyň boljakdygyny wada berende, oňa sabyrly bolup, imanyny iş ýüzünde görkezmäge mümkinçilik berýär (Ýew. 6:12—15). Ybraýym pygamber ogly Yshak dünýä inýänçä köp ýyl garaşmaly bolsa-da, ruhdan düşmeýär. Ýehowa hem beren wadasyny berjaý edýär (Gel. çyk. 15:3, 4; 21:5). Elbetde, garaşmak aňsat däl (Sül. tym. 13:12). Garaşýan zadymyz bolmasa, ruhdan düşmegimiz mümkin. Emma wagtymyzy paýhasly ulanyp, ruhy taýdan ösmek we ýygnakda jogapkärli borçlary almak üçin gerekli häsiýetleri ösdüreliň. Biz Hudaýyň Sözüni okap oýlananymyzda bilimimizi, pikirlenmek ukybymyzy artdyryp, düşgür, paýhasly, düşünjeli bolmagy we dury pikirlenmegi öwrenýäris. Biz her gün dynç alyş, egin-eşik, özüňe timar bermek, pul sowmak we adamlar bilen gatnaşmak ýaly meselelerde karara gelmeli bolýarys. Eger biz Mukaddes Ýazgylardan öwrenen zatlarymyza görä hereket etsek, Ýehowa ýaraýan karara geleris. w16.08 3:9—11
12-nji sentýabr, çarşenbe
Hudaý... güýç berýär. Flp. 2:13
Ýehowa ysraýyllylara amaleklerden we efiopiýalylardan üstün çykmaga, Nehemýa bilen onuň ýoldaşlaryna Iýerusalimiň diwarlaryny gurmaga kömek etdi. Hudaý bize-de wagyz işini ýerine ýetirip biler ýaly, garşylyklara, lapykeçlige we biynjalyklara döz gelmäge güýç berer (1 Pet. 5:10). Biz Ýehowadan gudrat görkezmegine garaşmaýarys. Bizem öz tarapymyzdan hereket edip, her gün Hudaýyň Sözüni okamaly, ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanyp, olara gatnaşmaly. Pikirimizi we ýüregimizi şahsy hem-de maşgala okuwy arkaly iýmitlendirip durmaly, elmydama Ýehowa doga edip, oňa bil baglamaly. Başga zatlara we işlere ymtylyp, Ýehowanyň berkitmek hem-de ruhlandyrmak üçin berýän kömeginden el çekmeli däl. Eger şu zatlaryň haýsy-da bolsa birini etmäge eliňiz sowan bolsa, onda Hudaýdan kömek soraň. Şonda onuň ruhunyň «sizi höweslendirip, hereket etmegiňiz üçin hem isleg, hem güýç berşini» duýarsyňyz. w16.09 1:12
13-nji sentýabr, penşenbe
Emma ahlaksyzlygyň giňden ýaýrandygy sebäpli, her erkegiň öz aýaly, aýalyň hem öz äri bolsun. 1 Kor. 7:2
Pawlus resul durmuş gurmazlygy maslahat berse-de, ýokardaky sözleri hem aýtdy. Soňra sözüni dowam edip: «Ýöne özlerine erk edip bilmeseler, goý, durmuş gursunlar. Sebäbi yşk oduna ýanandan, durmuş guranlary gowudyr» diýdi. Adam durmuş gurmak bilen, ahlaksyzlyk ýa-da masturbasiýa etmek ýaly günäli işlerden gaça durup bilýär. Şeýle-de adamyň ýaşyny göz öňünde tutmaly. Pawlus resul: «Eger biri durmuş gurmazlygy ýerliksiz hasaplaýan bolsa we ýaşlyk höwesleri hem geçen bolsa, goý, ol isleýşi ýaly-da etsin; ol günä edýän däldir. Şeýle adamlar durmuş gursunlar» diýdi (1 Kor. 7: 9, 36; 1 Tim. 4:1—3). Emma ýaşlyk höweslerini kanagatlandyrmak üçin durmuş gurmaga howlukmaly däl. Belki-de, ol entek durmuş gurup, köp jogapkärçilikleri almaga taýyn däldir. w16.08 1:17
14-nji sentýabr, anna
Ähli ýagdaýda özümizi Hudaýyň gullukçylary hökmünde alyp barýarys. 2 Kor. 6:4
Köpler «adamyň daş keşbine seredip», oňa baha berýärler (1 Şam. 16:7). Şoňa görä-de biz egin-eşik saýlanymyzda, diňe özümize amatly zady göz öňünde tutmaly däldigine düşünýäris. Hudaýyň Sözündäki prinsipler dar, açyk ýa-da özüne çekiji egin-eşik geýmezligi maslahat berýär. Emma bu dünýä bedeniňi görkezer ýaly açyk, dar eşikleri geýmäge höweslendirýär. Biziň egin-eşigimiz adamy oňaýsyz ýagdaýa salmaly ýa-da biz barada nädogry pikir döretmeli däl. Arassa, tämiz, salykatly we ýaraşykly geýinsek, adamlar bize hormat goýarlar hem-de olary sežde edýän Hudaýymyza çekip bileris we guramamyz hakda gowy seslenmäge mümkinçilik bereris. Adamlar hem biziň aýdýan halas ediji habarymyzy diňlärler. w16.09 3:5, 6
15-nji sentýabr, şenbe
Ähli adamlar bilen mylakatly we paýhasly bolmagy ünde. Tit. 3:2
Adamyň nämä ynanýandygyny bilýändirin öýtmäň. Sebäbi käbir adamlar ewolýusiýa taglymatyna ynansalar-da, Hudaýy inkär etmeýärler. Olaryň pikirine görä, Hudaý ýaşaýşy ewolýusiýa arkaly ýaratdy. Käbirleri: «Eger ewolýusiýa taglymaty ýalan bolsa, onda mekdepde bu hakda öwretmezdiler» diýýär. Başgalar bolsa dini ýolbaşçylaryň edýän ýalan işlerini görüp, Hudaýa bolan imanyny ýitirdiler. Şeýle adamlar bilen ýaradylyş hakda gürrüň edeniňizde, ilki sorag berseňiz gowy bolar. Adamyň nämä ynanýandygyny anyklaň. Eger siz adam bilen pikir alşanyňyzda, ony diňlemegi başarsaňyz, ol hem siziň aýdýanlaryňyzy diňlemegi ahmal. Eger adam ýaradylyşa ynanmak akylsyzlykdyr öýtse, onda siz ondan tebigatyň nädip Ýaradyjysyz dörändigini düşündirmegini soraň. Başda nämedir bir zat döräp, soňra onda özüniň nusgasyny döretmek ukyby bolmaly. Bir himiýa alymy şeýle diýýär: «Hatda iň sada jandarlar hem örän çylşyrymly ýasalandyr». w16.09 4:12, 13
16-njy sentýabr, ýekşenbe
Başga adamlar bolsa has gowy direlişi almak üçin azat bolmakdan ýüz öwrüp, ejir çekmegi makul bildiler. Ýew. 11:35
Biz Pawlusyň Hudaýa gulak asyp, onuň islegini berjaý edendigi üçin daşlanyp öldürilen Nabot bilen Zekarýa hakda aýdandygyny anyk bilmeýäris (1 Pat. 21:3, 15; 2 Ýyl. 24:20, 21). Danyýel we onuň üç dosty hem aýypsyzlygyny saklamakdan «azat bolup» bilýärdi. Emma olar Hudaýyň kömek etjekdigine iman edip, batyrgaýlyk bilen geplediler, «ýolbarslaryň agzyny bagladylar», hatda «oduň ýalny olara zyýan ýetirip bilmedi» (Ýew. 11:33, 34; Dan. 3:16—18, 20, 28; 6:13, 16, 21—23). Mika bilen Ýermeýa pygamber Hudaýa iman edendigi üçin «üstünden güldüler», hatda olary «türmä basdylar». Başgalar bolsa Ylýas pygamber ýaly «çöllerde, daglarda, gowaklarda we çukurlarda sergezdan boldular». Emma olar «umyt edýän zatlarynyň gelejekde, hakykatdan-da, boljakdygyna ynanýandygy» üçin ähli zada döz gelip bildiler (Ýew. 11:1, 36—38; 1 Pat. 18:13; 22:24—27; Ýer. 20:1, 2; 28:10, 11; 32:2). w16.10 3:10, 11
17-nji sentýabr, duşenbe
Pesgöwünli boluň we başgalary özüňizden ýokary saýyň. Flp. 2:3
Biz ýygnagymyza ýat ýerden gelen adamlary güler ýüz bilen garşylap, olara mähirli bolup bileris. Käte göçüp gelen adamlar utanjaňlygy sebäpli gürrüňdeş bolmaga çekinýärler. Olar alan terbiýesi ýa-da durmuşda tutýan orny sebäpli başga milletli adamdan özlerini pes tutmagy mümkin. Şol sebäpli biz mähirli bolup, olar bilen akýürekden gyzyklanmaly. Biz başga milletdäki adamlaryň dilinde salamlaşmagy öwrenmek üçin «JW Language» programmasyndan peýdalanyp bileris (Flp. 2: 4). Belki-de, siz başga milletdäki adam bilen nädip gürrüňe başlajakdygyňyzy bilýän dälsiňiz. Şeýle duýgulary ýeňip geçmek üçin ilki özüňiz barada biraz gürrüň berip bilersiňiz. Şonda siz biri-biriňizden tapawutlanýan zatlara garanda, meňzeş zatlaryň köpdügine we her medeniýetiň güýçli hem gowşak taraplarynyň bardygyna göz ýetirersiňiz. w16.10 1:13, 14
18-nji sentýabr, sişenbe
Şeýle ahlaksyzlyk hatda başga halklaryň arasynda hem edilmeýär. 1 Kor. 5:1
Biz Hudaýyň Sözündäki görkezmä eýersek, ýygnagyň ruhy taýdan arassa bolmagyna ýardam ederis. Geliň, häzir gadymy Korinf şäherinde bolan waka seredeliň. Pawlus ol ýerde janyny aýaman wagyz edipdi we imandaşlaryny söýýärdi (1 Kor. 1:1, 2). Ol Korinfdäki ýygnakda ahlaksyzlyga ýol berilýändigini eşidende, nähili gynanandyr. Pawlus ýaşululara ahlaksyz adamy Şeýtana tabşyrmagy, başgaça aýdanyňda, gatnaşykdan kesmegi tabşyrdy. Ýygnagyň arassaçylygyny saklamak üçin, olar öz aralaryndan «hamyrmaýany» aýyrmalydylar (1 Kor. 5: 5—7, 12). Eger biz toba etmändigi üçin gatnaşykdan kesilen adam babatda ýaşulularyň çykaran kararyny goldasak, ýygnagyň arassa galmagyna kömek ederis. Bu gatnaşykdan kesilen adamy toba etmäge we Ýehowanyň razylygyny gazanmaga höweslendirip biler. w16.11 2:14
19-njy sentýabr, çarşenbe
Eger siziň halky ruhlandyrmak üçin aýtjak zatlaryňyz bar bolsa, bize gürrüň beriň. Res. iş. 13:15
Ruhlandyryjy sözler göwnüňi göterýär. Ruben şeýle gürrüň berýär: «Men köp ýyllap özüňi dereksiz duýmak ýaly pikirler bilen göreşdim. Bir gezek ýygnak ýaşulusy bilen wagyz edip ýörkäm, ol meniň keýpimiň ýokdugyny duýdy. Şonda ol meni üns bilen diňledi. Soňra ýagşy iş edýändigimi aýdyp, Isanyň „siz köp serçelerden-de has gymmatlysyňyz“ diýen sözlerini ýatlatdy. Men bu sözleri özüme ýygy-ýygydan ýatladyp durýaryn. Ýaşulynyň aýdan zatlary maňa güýçli täsir etdi» (Mat. 10:31). Mukaddes Ýazgylarda ruhlandyryjy sözleri aýtmagyň wajypdygy nygtalýar. Pawlus resul: «Günäniň aldawyna düşüp, kesir bolmaz ýaly... bir-biriňizi her gün ruhlandyryň» diýip ýazdy (Ýew. 3:13). Eger siz ruhlandyryjy sözleriň göwnüňizi göteren wagtyny ýatlasaňyz, bu maslahatyň wajypdygyna düşünersiňiz. w16.11 1:2, 3
20-nji sentýabr, penşenbe
Şägirtleri yzyna eýertjek bolup, hakykaty ýoýjak adamlar çykar. Res. iş. 20:30
B. e. 313-nji ýylynda Rim imperatory Konstantin tarapyndan hristian dini resmileşdirildi. Şondan soň Nikeýsk mejlisine imperator Konstantin ýolbaşçylyk edende, Isany Hudaý hökmünde kabul etmeýändigi üçin, Ariý atly ruhanyny sürgün etmeli diýen karary çykarýar. Birnäçe wagtdan soň imperator Feodosiý I (b. e. 379—395-nji ýyllar aralygy) katolik buthanasynyň ýolbaşçylygy astynda ýalan hristian dinini Rim imperiýasynyň döwlet dini hökmünde kabul edýär. Taryhçylaryň aýtmagyna görä, IV asyrda butparaz Rim hökümeti hristian döwleti hökmünde tanalyp başlandy. Ýalan hristian dini Rim imperiýasynyň butparaz dinine goşulyp, Beýik Wawilonyň agzasy boldy. Bugdaýa meňzedilýän mesh edilen mesihçileriň kiçi topary Hudaýa sežde etmek üçin elinde baryny edýärdiler (Mat. 13:24, 25, 37—39). w16.11 4:8, 9
21-nji sentýabr, anna
Ähli ýüküňizi onuň (Ýehowanyň) üstüne atyň, sebäbi ol siziň aladaňyzy edýändir. 1 Pet. 5:7
Biz agyr döwürde ýaşaýarys. Şeýtan Iblis örän gaharly, ol «arlaýjy arslan kimin ýuwutjagyny agtaryp ýörendir» (1 Pet. 5:8; Ylh. 12:17). Şol sebäpli Hudaýyň gullukçylarynyň hem käte alada edýändigi geň galdyrmaýar. Hatda Ýehowanyň Dawut patyşa ýaly wepaly gullukçylary-da alada edýärdiler (Zeb. 13:2). Pawlus resulyň «ähli ýygnaklaryň aladasyny» edip biynjalyk bolandygy ýadymyzdadyr (2 Kor. 11:28). Biz aşa köp alada etmez ýaly näme edip bileris? Gökdäki söýgüli Atamyz geçmişde gullukçylaryna kömek edişi ýaly, bize-de aladalary ýeňmäge kömek eder. Nädip? Ýürekden doga etsek, Hudaýyň Sözüni okasak we oýlansak, Ýehowanyň mukaddes ruhuny dilesek hem-de duýgularymyzy ynamdar adama aýtsak kömek eder. w16.12 3:1, 2
22-nji sentýabr, şenbe
Olar ölüme eltýär. Rim. 6:21
Ýehowanyň halky hakykaty bilmezden we Hudaýy söýüp, oňa gulluk edip başlamazdan «öňki eden işlerinden» ýüz öwürdi. Olar «häzir... şol eden işlerine utanýarlar, sebäbi olar ölüme eltýär» (Rim. 6:21). Indi olar özgerdiler. Korinf şäherinde ýaşan mesiçileriň köpüsi hakda şeýle diýse bolar. Pawlus olaryň käbiriniň butparaz, zynahor, beçebaz, ogry, arakhor bolandygyny aýdýar. Emma olar «ýuwlup arassalandylar» we «mukaddes edildiler» (1 Kor. 6:9—11). Rimdäki ýygnagyň käbir agzalary barada hem şeýle diýse bolar. Pawlus olara Hudaýyň ylhamy bilen şeýle sözleri ýazdy: «Bedeniňizi günä etmek üçin erbetligiň ýaragy däl-de, dogrulygyň ýaragy hökmünde ulanyň. Hudaýyň öňünde ölen adamlar ýaly däl-de, ölümden direlenler ýaly boluň» (Rim. 6:13). Pawlus olaryň ruhy taýdan arassalanyp, Hudaýyň merhemetini kabul edendigine ynanýardy. w16.12 1:13
23-nji sentýabr, ýekşenbe
Ýehowa bil baglaň. Zeb. 37:3
Ýehowa ynsany ýaradanda, oňa ajaýyp ukyplary berdi. Meselem, oýlanmak ukyby bize kynçylyklary çözmäge, gelejegi planlaşdyrmaga kömek edýär (Sül. tym. 2:11). Biz öňümizde goýan maksatlarymyza ýetmek üçin, Hudaýyň beren güýji arkaly zähmet çekip bilýäris (Flp. 2:13). Şeýle-de Hudaý bize ynsap, ýagny ýagşyny we ýamany saýgarma ukybyny berdi. Bu ukyp bize erbetlikden gaça durmaga we ýalňyşlarymyzy düzetmäge kömek edýär (Rim. 2:15). Ýehowa öz Sözi arkaly ukyplarymyzy ýagşy işler üçin ulanmalydygymyzy öwran-öwran ýatladýar. Mukaddes Ýazgylarda: «Işeňňir adamyň pikirleri diňe bolçulyga getirýändir», «Eliň etmäge näme tapsa, ony bar güýjüň bilen et» diýilýär (Sül. tym. 21:5; Wag. 9:10). Şeýle-de: «Geliň, heniz mümkinçiligimiz barka, hemme adamlara... ýagşylyk edeliň», «Her kim alan ukybyna görä birek-birege hyzmat etsin» diýilýär (Gal. 6:10; 1 Pet. 4:10). Görşümiz ýaly, Ýehowa biziň özümize we başgalara peýdaly boljak zatlary etmegimizi isleýär. w17.01 1:1, 2
24-nji sentýabr, duşenbe
Olaryň başyna inen zatlardan sapak edinmegimiz üçin, bular bize, ýagny şu zamanyň ahyryna garaşýanlara duýduryş hökmünde ýazylandyr. 1 Kor. 10:11
Adam ata bilen How ene Hudaýa gulak asmandygy üçin nesillerine bikämilligi we ölümi miras galdyrdy. Emma Hudaý adamlary erkinlikden mahrum etmedi. Muny ysraýyl halky bilen bolan wakadan görse bolýar. Ýehowa Musa pygamber arkaly ysraýyllylara öz halky bolmagy teklip etdi (Müs. çyk. 19:3—6). Olar muňa nähili seslendiler? Hudaýyň teklibini biragyzdan kabul edip, olar: «Biz Rebbiň aýdanlarynyň barysyny ýerine ýetireris» diýdiler (Müs. çyk. 19:8). Gynansak-da, wagtyň geçmegi bilen olar erkinligini nädogry ulanyp, beren sözünden dändiler. Geliň, bu bolan wakadan sapak edineliň we erkinlik sylagyny gymmat saýalyň. Ýehowa bilen dostlugymyzy mundan beýläk hem berkidip, onuň adyl tabşyryklaryna gulak asalyň. w17.01 2:9
25-nji sentýabr, sişenbe
Hudaýyňyzyň öňünde kiçigöwünli geziň. Mika 6:8
Bir gezek Ýehowa Ysraýylyň imandan dänen patyşasy Ýarabgamyň ýanyna pygamberini iberýär. Ol ýörite Ýahudadan gelip, oňa höküm habaryny yglan etmelidi. Kiçigöwünli pygamber habary gorkman aýdandygy üçin, Ýehowa ony Ýarabgamyň gazabyndan goraýar (1 Pat. 13:1—10). Pygamber öýüne barýarka, Beýteliň ýanynda bir garry adama sataşýar. Ol özüniň Ýehowanyň pygamberidigini aýdyp, ony aldaýar. Şeýdip, ýaş pygamber Ýehowanyň Ysraýylda «çörek iýme, suw içme, giden ýoluňdan yzyňa gaýtma» diýen tabşyrygyny bozýar. Onuň bu hereketi Ýehowa ýaramaýar. Şonuň üçin ýolda öňünden ýolbars çykyp, ony öldürýär (1 Pat. 13:11—24). Pesgöwünli pygamber näme üçin özüne bil baglap, ýalançy garry adama ynandyka? Bu barada Mukaddes Ýazgylarda aýdylmaýar. Ol «Hudaýyň öňünde kiçigöwünli gezmegi» bütinleý unudan bolmaly. w17.01 4:1—3
26-njy sentýabr, çarşenbe
Bulary aýdan Mendirin, ýerine-de ýetirerin; Men niýet etdim, amala aşyraryn ony. Iş. 46:11
Mukaddes Ýazgylar: «Başda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy» diýen sözler bilen başlanýar. Bu ýönekeý sözleriň çuň manysy bar (Gel. çyk. 1:1). Olardan Hudaýyň älem, ýagtylyk, dartyş kanuny ýaly ençeme zatlary ýaradandygyny bilse bolýar. Biz onuň älem-jahanda ýaradan zatlarynyň diňe ujypsyzja bölegini görüp bilýäris (Wag. 3:11). Emma Ýehowa ýer ýüzi we adamzat babatdaky niýetini doly aýan etdi. Ol ýer ýüzüni öz keşbinde ýaradan ilkinji ynsan maşgalasyna ajaýyp öý hökmünde sowgat berdi (Gel. çyk. 1:26). Olaryň çagalary dogulmalydy, Ýehowa-da olaryň Atasy bolmalydy. Gelip çykyş kitabynyň üçünji babynda Ýehowanyň niýeti babatda ýüze çykan kynçylyk hakda aýdylýar (Gel. çyk. 3:1—7). Bu Hudaýyň niýetiniň amala aşmajakdygyny aňladýarmy? Elbetde, ýok. Sebäbi Oňa hiç kim we hiç zat päsgel berip bilmez (Iş. 46:10; 55:11). Ýehowanyň ilkibaşdaky niýeti öz wagtynda hökman amala aşar! w17.02 1:1, 2
27-nji sentýabr, penşenbe
Onuň (Musanyň) içine mukaddes ruhuny salan nirede? Iş. 63:11, TD
Mukaddes ruh göze görünmeýän güýç bolandygy üçin, Musa pygamberde onuň bardygyny nädip bilse bolýardy? Musa mukaddes ruhuň kömegi bilen gudrat görkezip, Faraona Hudaýyň adyny yglan etdi (Müs. çyk. 7:1—3). Şeýle-de oňa ysraýyl halkyna ýolbaşçylyk etmek üçin söýgi, ýumşaklyk we sabyr ýaly ajaýyp häsiýetleri ösdürmäge kömek etdi. Bu zatlar Ýehowanyň Musany halkyna ýolbaşçy edip saýlandygyny görkezýär. Ýehowa öz halkyna ýolbaşçylyk eder ýaly, başga adamlara-da mukaddes ruhuny berdi. Meselem, «Nunuň ogly Ýeşuwa paýhaslylyk ruhundan dolupdy» (Kan. tag. 34:9); «Gedegona Rebbiň ruhy siňdi» (Ser. 6:34). Şeýle-de Ýazgylarda: «Rebbiň ruhy güýç bilen Dawuda siňip başlady» diýilýär (1 Şam. 16:13). Olar Hudaýyň ruhunyň kömegine bil baglap, öz güýji bilen edip bilmejek işlerini başardylar (Ýeş. 11:16, 17; Ser. 7:7, 22; 1 Şam. 17:37, 50). w17.02 3:3—5
28-nji sentýabr, anna
Biz siziň imanyňyzyň üstünden agalyk etjek bolmaýarys, gaýtam, şatlanmagyňyz üçin işdeşleriňizdiris, çünki siz imanda berk dursuňyz. 2 Kor. 1:24
Pawlus resul her bir adamyň özüniň karara gelmelidigine gowy düşünýärdi. Şu günler ýygnak ýaşululary hem maslahat berende, dogan-uýalaryň karara gelmek hukugyna hormat goýmaly. Ýaşulular Mukaddes Ýazgylardaky pikirleri dogan-uýalara höwes bilen gürrüň berseler-de, olaryň özlerini karara gelmäge höweslendirýärler. Sebäbi olar eden işiniň netijesi üçin özleri jogap bermeli. Biz mundan wajyp sapak edinýäris. Bizem başgalaryň aladasyny edenimizde, olaryň ünsüni Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere ýa-da maslahatlara çekip bileris. Emma her bir adamyň özüniň karara gelmäge hukugynyň we jogapkärçiliginiň bardygyny unutmaly däl. Şonda bu olara peýda getirer. Diýmek, biz dogan-uýalara derek karara gelmelidiris öýtmeli däl. w17.03 2:11
29-njy sentýabr, şenbe
Ýolbaşçylyk edýän doganlara... gulak asyň we tabyn boluň. Ýew. 13:17
Wepaly hyzmatkär Patyşalyk baradaky hoş habary yhlasly goldap we ony ýaýradyp, imanynyň berkdigini görkezýär. Siz hem bu wajyp işi ýerine ýetirip, mesh edilenleri goldaýarsyňyzmy? Eger goldaýan bolsaňyz, onda Ýolbaşçymyz Isa size: «Iň kiçi doganlaryma eden zatlaryňyzy maňa etdigiňizdir» diýende, örän begenersiňiz (Mat. 25:34—40). Isa göge dolananda, şägirtlerini terk etmedi (Mat. 28:20). Ol ýer ýüzünde ýaşanda, mukaddes ruhuň, perişdeleriň we Hudaýyň Sözüniň kömegi bilen ýolbaşçylyk edendigini bilýärdi. Ol şu günlerem wepaly hyzmatkäre şeýle kömegi berdi. Wepaly hyzmatkäriň agzalary «Guzy nirä gitse, onuň yzyna düşýärler» (Ylh. 14:4). Biz olaryň görkezmesine gulak asmak bilen, Ýolbaşçymyz Isanyň yzyna eýerýäris. Tizden ol bizi «ýaşaýyş suwunyň gözbaşyna elter» we biz ebedi ýaşaýşa gowşarys (Ylh. 7:14—17). Hiç bir ýolbaşçy-da şeýle wadany berip bilmeýär! w17.02 4:17—19
30-njy sentýabr, ýekşenbe
Ýoluňy Ýehowa tabşyr, oňa bil bagla; Ol seniň işiňi rowaçlar. Zeb. 37:5, TD
Biz kynçylykdan ýaňa ejizlänimizde, belki-de, Ýehowa bil baglaýandyrys. Emma gündelik durmuşda duş gelýän ujypsyz meselelerde näme edýäris? Ynsan akyldarlygyna bil baglap, olary özümizçe çözjek bolýarysmy? Ýa-da Ýehowa bil baglap, Mukaddes Ýazgylardan gerekli prinsipleri agtarýarysmy we olary ulanmaga jan edýärismi? Aýdaly, maşgala agzalaryňyz size ýygnaklara we kongreslere gatnaşmaga päsgel berýär. Siz hem bu ýagdaýy paýhasly çözmek üçin Ýehowadan kömek soraýarsyňyz. Eger sizi işden çykaran bolsalar we başga iş tapyp bilmeýän bolsaňyz näme? Täze işe gireniňizde, başlygyňyza her hepde ýygnaklara barmalydygyňyzy aýdarmysyňyz? Nähili kynçylyklara duş gelsek-de, mezmurçynyň şu günki aýatda aýdan sözlerine gulak assak gowy bolardy. w17.03 4:6