Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es18 sah. 77—87
  • Awgust

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Awgust
  • Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2018
  • Sözbaşylar
  • 1-nji awgust, çarşenbe
  • 2-nji awgust, penşenbe
  • 3-nji awgust, anna
  • 4-nji awgust, şenbe
  • 5-nji awgust, ýekşenbe
  • 6-njy awgust, duşenbe
  • 7-nji awgust, sişenbe
  • 8-nji awgust, çarşenbe
  • 9-njy awgust, penşenbe
  • 10-njy awgust, anna
  • 11-nji awgust, şenbe
  • 12-nji awgust, ýekşenbe
  • 13-nji awgust, duşenbe
  • 14-nji awgust, sişenbe
  • 15-nji awgust, çarşenbe
  • 16-njy awgust, penşenbe
  • 17-nji awgust, anna
  • 18-nji awgust, şenbe
  • 19-njy awgust, ýekşenbe
  • 20-nji awgust, duşenbe
  • 21-nji awgust, sişenbe
  • 22-nji awgust, çarşenbe
  • 23-nji awgust, penşenbe
  • 24-nji awgust, anna
  • 25-nji awgust, şenbe
  • 26-njy awgust, ýekşenbe
  • 27-nji awgust, duşenbe
  • 28-nji awgust, sişenbe
  • 29-njy awgust, çarşenbe
  • 30-njy awgust, penşenbe
  • 31-nji awgust, anna
Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2018
es18 sah. 77—87

Awgust

1-nji awgust, çarşenbe

Siz çydamly bolmak bilen, özüňizi doly terbiýelärsiňiz. Şonda ähli zatda kämil, aýypsyz bolarsyňyz we hiç zatda ýetmeziňiz bolmaz. Ýak. 1:4

Uruş barha güýçlenýärdi. Ysraýylly esgerler Gedegon serdaryň ýolbaşçylygynda duşmanlaryna garşy aýgytly söweş alyp barýardy. Olar midýanlar we olaryň tarapdarlarynyň yzyndan bütin gije kowalap, 32 km töweregi ýol sökýärler. Ysraýyllylar duşmanlaryny bütinleý derbi-dagyn etmek üçin häzir el gowşurmagyň wagty däldigine düşünýärdiler. Şeýdip, olar midýanlary «kowalamagyny dowam edip... boýun egdirdiler» (Ser. 7:22; 8:4, 10, 28). Bizem Şeýtana, onuň dünýäsine we bikämillige garşy aýgytly söweş alyp barýarys. Biziň käbirimiz onlarça ýyl bäri ruhy taýdan söweşýäris we Ýehowanyň kömegi bilen ençeme ýeňiş gazandyk. Emma käte duşmanlarymyza garşy söweşmekden we şu dünýäniň ahyrynyň gelmegine garaşmakdan ýaňa ýadap, ruhdan düşýändiris. Hawa, biz heniz doly ýeňiş gazanmadyk. Isa soňky günlerde ýaşaýan mesihçilere agyr synaglara we güýçli yzarlamalara garamazdan, çydamly bolsalar ýeňiş gazanjakdyklaryny aýtdy (Luka 21:19). w16.04 2:1, 2

2-nji awgust, penşenbe

Olar resullardan bilim almaklaryny dowam edýärdiler, bir-biri bilen zatlaryny paýlaşýardylar. Res. iş. 2:42

Duşuşyklarda Beýik Ýaradyjymyz öz Sözi arkaly bize görkezme berýär (Iş. 30:20, 21). Hatda iman etmeýän adamlar hem biziň duşuşyklarymyza gelende: «Hudaý, hakykatdan-da, siziň bilendir» diýýärler (1 Kor. 14:23—25). Biz duşuşyklarda Ýehowanyň mukaddes ruhuny we Mukaddes Ýazgylara esaslanan bilim alýarys. Biz şonda Ýehowanyň sesini eşidýäris we söýgi bilen aladamyzy edýändigini duýýarys. Bu bolsa bizi Oňa has-da ýakynlaşdyrýar. Isa: «Iki ýa-da üç adam meniň adym üçin islendik ýerde ýygnanyşsa, men olar bilen bile bolaryn» diýdi (Mat. 18:20). Ýygnagyň başy bolan Isa Mesih Hudaýyň halkynyň ýygnaklarynyň «arasynda gezýär» (Ylh. 1:20—2:1). Hawa, Ýehowa bilen Isa ýygnaklar arkaly bizi berkidýärler. Ýehowa biziň Özüne we Ogluna ýakynlaşmak üçin edýän tagallamyzy görende, nähili duýgulary başdan geçirýändigi hakda oýlanyp görüň! w16.04 3:13, 14

3-nji awgust, anna

Tizgahar bolma, çünki gahar akylsyzlaryň gursagynda ornaşýar. Wag. 7:9

Bir uýa iki sany dogan bilen saglyk-amanlyk soraşanda, doganlaryň biri uýadan öýke-kine edýär. Doganlar ikiçäk galanda, ol uýany tankytlap başlaýar. Emma beýleki dogan oňa uýanyň kynçylyklara garamazdan, 40 ýyl bäri Ýehowa wepaly gulluk edýändigini ýatladýar we doganyň göwnüne degmek islemändigini aýdýar. Dogan biraz oýlanyp: «Sen dogry aýdýarsyň» diýýär. Şeýlelikde, dogan öýke-kinäniň döremegine ýol bermeýär. Biz bu wakadan näme öwrenýäris? Şeýle ýagdaýlarda nähili hereket etmelidigini her kimiň özi çözýär. Ýöne söýýän adam ýazyklary bagyşlaýandyr (Sül. tym. 10:12; 1 Pet. 4:8). Ýehowa «ýazygy geçýän» adamy şöhrat gazanan hasaplaýar (Sül. tym. 19:11). Şol sebäpli kimdir biri göwnümize degip, gödek ýa-da sylaşyksyz alyp barsa, özümize şeýle soraglary bermeli: «Men muňa üns bermän bilerinmi? Onuň bilen ikiçäk gepleşsem gowy bolarmy?» w16.05 1:8, 9

4-nji awgust, şenbe

Hudaý... sizi höweslendirip, hereket etmegiňiz üçin hem isleg, hem güýç berýär. Flp. 2:13

Şu günler Patyşalyk baradaky hoş habary kimler wagyz edýär? Biz doly ynam bilen: «Ýehowanyň Şaýatlary!» diýip bileris. Näme üçin? Sebäbi biz dogry habary, ýagny Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edýäris. Adamlara wagyz edenimizde dogry usullary ulanýarys. Şeýle-de ony ýagşy niýet, ýagny pul ýygnamak üçin däl-de, söýgi bilen amala aşyrýarys. Biziň işimiz uly möçberde alnyp barylýar, şol sebäpli ähli halklara çenli baryp ýetýär. Elbetde, biz dünýäniň ahyry gelýänçä, badymyzy gowşatman hoş habary wagyz ederis! Hawa, Hudaýyň halkynyň şu soňky günlerde amala aşyrýan işleri diýseň haýran galdyrýar! Emma bu işler kimiň kömegi bilen ýerine ýetirilýär? Pawlus resul bu soraga şu günki aýatdaky sözler bilen jogap berýär. Goý, mähriban Atamyz biziň ählimize gullugymyzy birkemsiz we soňuna çenli ýerine ýetirer ýaly güýç bersin! (2 Tim. 4:5). w16.05 2:17, 18

5-nji awgust, ýekşenbe

Erbetligi ýigrenip, ýagşylyga ýapyşyň. Rim. 12:9

Biz Hudaýyň islegini berjaý etmegi saýlasak we tagalla etsek, Ýehowany ýürekden söýýändigimizi, oňa ýaranmak isleýändigimizi hem-de hökümdarlygyny goldaýandygymyzy görkezeris. Şeýtan Ýehowanyň hökümdarlyk etmäge haklydygyny şübhä goýdy. Şol sebäpli gökdäki Atamyz hökümdarlygyny goldamak üçin meýletin we yhlas bilen edýän tagallamyzy örän gymmat saýýar (Eýp. 2:3—5; Sül. tym. 27:11). Eger Ýehowa bizi bikämillik sebäpli döreýän kynçylyklardan doly azat eden bolsa, onda Hudaýa wepalylygymyzy we onuň hökümdarlygyny goldaýandygymyzy subut edip bilmezdik. Ine şonuň üçin hem Ýehowa bize mesihçilere mahsus häsiýetleri ösdürip biler ýaly, «bar güýjümizi jemlemegi» maslahat berýär (2 Pet. 1:5—7; Kol. 3:12). Ol biziň pikirlerimize we duýgularymyza erk etmek üçin köp tagalla etmegimizi isleýär (Rim. 8:5). Eger şeýle etsek, Hudaýyň Sözüniň häzirem durmuşymyza täsir edýändigine göz ýetireris we özümizi has-da bagtly duýarys. w16.05 4:12, 13

6-njy awgust, duşenbe

Eý Ýehowa... sen Küýzegärimiz. Iş. 64:8, TD

Ökde küýzegär topragyň hilini we aýratynlygyny gowy bilýär. Şonuň ýaly Ýehowa hem her birimiziň gowşak taraplarymyzy, mümkinçiligimiziň çäklidigini we ruhy taýdan deň ösmeýändigimizi bilýär (Zeb. 103:10—14). Hudaý Ogly arkaly bikämil gullukçylaryna bolan garaýşyny aýan etdi. Geliň, şägirtleriniň ýalňyşlyklaryna Isanyň nähili garandygyna seredeliň. Olar kimiň uludygy hakda jedelleşýärdiler. Eger siz şonda olaryň arasynda bolan bolsaňyz, olary kiçigöwünli hasaplardyňyzmy? Olara ýumşak «toýun» diýse bolarmy? Elbetde, ýok! Emma Isa olara düzelmejek adam hökmünde garamaýardy. Ol wepaly resullarynyň düzedişi kabul etjekdiklerini we ýumşaklyk, sabyrlylyk, kiçigöwünlilik ýaly häsiýetlerinden görelde aljakdyklaryny bilýärdi (Mar. 9:33—37; 10:37, 41—45; Luka 22:24—27). Isa direlensoň we üstlerine mukaddes ruh inensoň, resullar abraýly wezipä kowalaşman, gaýtam, bar ünsüni özlerine ynanylan işe gönükdirdiler (Res. iş. 5:42). w16.06 1:10

7-nji awgust, sişenbe

Hudaýymyz Ýehowa ýeke-täk Ýehowadyr. Kan. tag. 6:4, TD

Ýehowa ýeke-täk hak Hudaý, onuň deňi-taýy ýok (2 Şam. 7:22). Musa pygamber Ýehowa «ýeke-täk» Hudaý diýende, üç ýüzli taňry ýaly ýalan dini öwretmeleri paş etjek bolmady. Ol ysraýyllylara diňe Ýehowa sežde etmelidiklerini ýatlatdy. Sebäbi beýleki halklar her hili ýalan taňrylara sežde edýärdiler. Käbir ýalan hudaýlar tebigatyň belli bir böleginiň taňrysy hasaplansa, käbirleri bolsa belli bir ýalan taňrylaryň başga bir görnüşi hasaplanypdyr. Meselem, müsürliler Gün taňrysy Ra, asman taňrysy Nuta, Nil taňrysy Hapiýe we ençeme haýwanlara sežde edýärdiler. Olar bu haýwanlary mukaddes hasaplaýardylar. Ýehowa Müsüre on jeza berende şol ýalan taňrylaryň güýçsüzdigini görkezdi. Kenganlylar bolsa hasyl taňrysy Bagala sežde edýärdiler. Olar ony asmanyň, ýagşyň we tupanyň taňrysy hasaplaýardylar. Bagal köp halklaryň esasy taňrysy hasaplanýardy (San. 25:3). Ine şonuň üçin hem ysraýyllylar Ýehowanyň «ýeke-täk» hak Hudaýdygyny hemişe ýatda saklamalydy (Kan. tag. 4:35, 39). w16.06 3:4, 5

8-nji awgust, çarşenbe

Olara meniň ähli tabşyran zatlarymy berjaý etmegi öwrediň. Ine, men dünýäniň soňuna çenli elmydama siziň bilen bolaryn. Mat. 28:20

Isa Ýehowa we onuň halkyna doly ynanýardy, ol häzirem olara ynanýar. Dogrudan-da, Ýehowanyň öz halky arkaly edýän ajaýyp işleri diýseň haýran galdyrýar! Şu günler hakykat görlüp-eşidilmedik derejede wagyz edilýär. Bu işi diňe Hudaýyň halky ýerine ýetirýär. Sebäbi başga adamlar Ýehowanyň agzybir halky ýaly onuň görkezmesine eýermeýär. Işaýa 65:14-de Hudaýyň halkynyň arasyndaky ruhy jennet şeýle beýan edilýär: «Bendelerim ýürek şatlygyndan aýdym aýdarlar». Ýehowanyň gullukçylary adamlara ýagşylyk etmekden şatlyk tapýarlar, sebäbi olar Hudaýyň görkezmesine eýerýärler. Emma Şeýtanyň goly astyndaky dünýäde ýaşaýan adamlar biri-birine ýamanlyk edýärler. Biz Ýehowa wepaly bolup, onuň guramasyndaky tertip-düzgüne eýermeli. w16.06 4:10—12

9-njy awgust, penşenbe

Oýa boluň. Mat. 25:13

Biz gadym döwürde bolan wakalardan oýa bolmak babatda wajyp zatlary öwrenip bileris. Meselem, Iýerusalim ýaly uly şäherleriň daşyna beýik diwarlar edilýärdi. Şeýle-de diwaryň käbir burçunda ýörite diňler bolýardy. Olar şäheriň ýaşaýjylaryny duşmanlaryndan goraýardy. Garawullar şäheriň diwarlarynda we derwezeleriň agzynda gije-gündiz sakçylyk edýärdi. Olar şäheriň ýaşaýjylaryna abanýan howp barada duýdurýardy (Iş. 62:6). Hawa, garawullar oýa bolup we ýerlerinde durup, özleriniň hem-de ýaşaýjylaryň janlaryny halas edip bilýärdi (Ezek. 33:6). B. e. 70-nji ýylynda tutuş Iýerusalimiň ýaşaýjylarynyň we ýehudy halkynyň üstünden betbagtçylyk inýär. Taryhçy Iosif Flawiýiň aýtmagyna görä, Iýerusalimdäki garawullaryň uklandygy sebäpli rim esgerleri aňsatlyk bilen Antoniýa galasyny basyp alýarlar. Soňra şäheriň diwarlaryny ýumurýarlar, ybadathanany bolsa otlaýarlar. w16.07 2:2, 7, 8

10-njy awgust, anna

Kanunsyz adamlaryň nädogry pikirlerine aldanyp, olar bilen bile azaşmakdan we berk duran dogry ýoluňyzdan sowulmakdan seresap boluň. 2 Pet. 3:17

Biz Ýehowanyň merhemeti arkaly köp bereketleri alsak-da, bu onuň edýän günälerimize biperwaý garaýandygyny aňlatmaýar. I asyrda ýaşan käbir mesihçiler «Hudaýymyzyň merhemetini öz peýdasyna ulanyp, haýasyz işlerini aklamaga» çalyşýardy (Ýahd. 4). Olar nähili günä etsek-de, Ýehowa bagyşlar diýip pikir edýärdiler. Hatda olar beýleki dogan-uýalary hem öz erbet işleriniň yzyna eýertjek bolýardylar. Şu günlerem şeýle işleri edýänler «Hudaýyň merhemet ruhuna dil ýetirýärler» (Ýew. 10:29). Şu günler Şeýtan käbir mesihçileri Hudaýyň rehimdarlygyndan peýdalanyp, günä etseler-de, olara jeza berilmez diýen pikir bilen aldaýar. Emma Ýehowa toba eden adamy bagyşlasa-da, ol biziň erbet endiklerimiz bilen göreşmegimizi isleýär. w16.07 3:16, 17

11-nji awgust, şenbe

Biri zyna etmedik aýaly bilen aýrylyşyp, başga birine öýlense, zyna edýändir. Mat. 19:9

Zynadan başga sebäp bilen aýrylyşýan adam täzeden durmuş gurup bilmeýär. Biwepalyk eden ýanýoldaşyny bagyşlamaly ýa-da bagyşlamaly däldigini her kimiň özi çözýär. Meselem, Hoşeýa pygamber ahlaksyzlyk eden aýalyny bagyşlaýar. Şonuň ýaly Ýehowa hem biwepalyk eden halkyny rehimdarlyk bilen bagyşlaýar (Hoş. 3:1—5). Eger-de mesihçi ýanýoldaşynyň biwepalyk edýändigini bilip-de, onuň bilen jynsy gatnaşyk etmegini dowam etse, bu onuň ýanýoldaşyny bagyşlaýandygyny we Mukaddes Ýazgylar esasynda indi aýrylyşmaga rugsat berilmeýändigini görkezýär. Isa şu günki aýatdaky sözleri aýdanyndan soňra: «Kim öýlenmek islemese, goý, öýlenmesin» diýýär (Mat. 19:10—12). Ençeme dogan-uýalar bar ünsi bilen Ýehowa gulluk etmek üçin durmuş gurmaýarlar. Şeýle dogan-uýalar öwgä mynasyp. w16.08 1:15, 16

12-nji awgust, ýekşenbe

Ýehowanyň ýagşylygyny dadyp görüň! Oňa sygynýan adam nähili bagtly!.. Ondan gorkýanlaryň ýagşy zatlary kemçilik etmez. Zeb. 34:8, 9

Ýaşlar gujur-gaýratly bolany üçin Ýehowa köpräk gulluk edip bilýärler (Sül. tym. 20:29). Meselem, käbir ýaş doganlar Beýteliň çaphanasynda gulluk edip, Mukaddes Ýazgylary we oňa esaslanan edebiýatlary çykarmaga kömek edýärler. Köp dogan-uýalar bolsa Patyşalyk zallarynyň gurluşyk ýa-da bejeriş işlerine gatnaşýarlar. Käbir ýaşlar tejribeli dogan-uýalar bilen betbagtçylyga uçran adamlara kömek edýärler. Şeýle-de olaryň köpüsi pioner bolup, ýerli halka ýa-da başga dilde gepleýän adamlara hoş habary wagyz edýärler. Mezmurçy: «Ýehowany agtarýanlar bolsa hiç bir zatda mätäçlik çekmez» diýdi (Zeb. 34:10). Eger biz hem Ýehowa janaýaman gulluk etsek, hiç haçan ökünmeris we «Ýehowanyň ýagşylygyny dadyp görüň» diýen sözleriň dogrudygyna göz ýetireris. Hawa, Ýehowa ýürekden gulluk edip alýan şatlygymyzy hiç zat bilen deňäp bolmaýar. w16.08 3:5, 8

13-nji awgust, duşenbe

Men sizi halas ederin, siz ýalkanyş bolarsyňyz. Gorkmaň, gollaryňyz kuwwatly bolsun! Zak. 8:13

Ýehowa bize mukaddes ruhy arkaly güýç berip bilýär we muňa hemişe taýyn (1 Ýyl. 29:12). Şol sebäpli mukaddes ruhuň güýjüne bil baglamaly, şonda biz Şeýtanyň we bu zalym dünýäniň islendik hüjümine gaýtawul berip bileris (Zeb. 18:39; 1 Kor. 10:13). Şeýle-de biz mukaddes ruh arkaly ýazylan Hudaýyň Sözüniň bardygyna we her aý Mukaddes Ýazgylara esaslanyp çykýan ruhy edebiýatlarymyza begenýäris. Zakarýa 8:9, 13-nji aýatlardaky Iýerusalimiň ybadathanasynyň dikelmegi barada aýdylan sözler bize-de degişli. Biz ýygnak duşuşyklarynda, kongreslerde we teokratik mekdeplerde ruhy taýdan berkeýäris. Alýan bilimimiz bize dogry garaýşy saklamaga, ruhy maksatlary goýmaga we ýygnakda jogapkärli borçlary almaga kömek edýär (Zeb. 119:32). Siz şeýle ruhy çäreler arkaly berkemek üçin ýürekden tagalla edýärmisiňiz? w16.09 1:10, 11

14-nji awgust, sişenbe

Hudaýyň ýagşy, halaýan we kämil isleginiň nämedigine düşünersiňiz. Rim. 12:2

Hudaýyň ysraýyllylara beren Kanunynda Ýehowa erkek adam bilen aýal maşgalanyň geýnişiniň biri-biriniňkiden tapawutlanmagyny talap edýärdi. Biziň günlerimizde bolsa käte olary tapawutlandyryp bolmaýar (Kan. tag. 22:5). Görşümiz ýaly, erkek adamyň geýnişi aýal maşgalanyňka, aýal maşgalanyň geýnişi bolsa erkek adamyňka meňzeş bolsa ýa-da olary bir-birinden saýgaryp bolmasa, Hudaý muny halamaýar. Hudaýyň Sözünde egin-eşik babatda dogry karara gelmäge kömek edýän prinsipler bar. Olar adamyň ýaşaýan ýerine, medeniýetine we howa şertlerine bagly däldir. Şonuň üçin bize ýerlikli we ýaraşykly egin-eşik barada jikme-jik görkezme gerek däl. Gaýtam, Mukaddes Ýazgylardaky prinsipler her kimiň islegini göz öňünde tutmaga mümkinçilik berýär. w16.09 3:3, 4

15-nji awgust, çarşenbe

Şägirtleriň hemmesi ony taşlap, gaçyp gitdiler. Mar. 14:50

Mukaddes Ýazgylary ýazan adamlaryň batyrgaýlygyna we dogruçyllygyna seredeliň. Gadymy döwürdäki ýazyjylaryň köpüsi öz hökümdarlaryna ýaranjak bolup, patyşalygyny şöhratlandyrýardylar. Emma Ýehowanyň pygamberleri hiç haçan hakykaty gizlemändirler. Olar öz halkynyň, hatda patyşasynyň hem etmişlerini açyk aýdýardylar (2 Ýyl. 16:9, 10; 24:18—22). Olar özleriniň we Hudaýyň beýleki gullukçylarynyň ýalňyşlyklaryny açyk ýazypdyrlar (2 Şam. 12:1—14). Mukaddes Ýazgylarda wajyp prinsipler bolandygy üçin adamlaryň köpüsi onuň Hudaýyň ylhamy bilen ýazylandygyna ynanýarlar (Zeb. 19:7—11). Mukaddes Ýazgylardaky prinsipler bizi ýalan dinlerden we adamlary ezýän yrymlardan goraýar (Zeb. 115:3—8). Ewolýusiýa taglymaty Ýehowany däl-de, tebigaty taňry hökmünde şöhratlandyrýar. «Hudaý ýok» diýýän adamlar gelejegimiz öz elimizdedir öýdýärler. Şeýdip, olar özlerini gelejege bolan ajaýyp umytdan mahrum edýärler (Zeb. 146:3, 4). w16.09 4:10, 11

16-njy awgust, penşenbe

Desseleri... çöplesin. Oňa hiç zat diýmäň. Rut 2:15

Bu waka Bowazyň ýat ýerden gelen Rutuň aladasyny edendigini we onuň ýagdaýyna düşünendigini görkezýär. Bowaz, ilki bilen, ekin meýdandaky erkek adamlar Ruty kemsitmez ýaly oňa aýallaryň ýanynda işlemäge rugsat berýär. Şeýle-de onuň hakyna tutma işçiler ýaly çaý-çöreginiň bolmagynyň aladasyny edýär. Bowaz ýat ýerden gelen garyp dul aýaly kemsitmän, gaýtam, oňa teselli berýär (Rut 2:8—10, 13, 14). Ol Ruta diňe bir gaýynenesi Nagoma wepaly söýgüsini bildirendigi üçin däl-de, Ýehowanyň gullukçysy bolandygy üçin hormat goýdy. Rut «Ysraýylyň Hudaýy» Ýehowany özüne pena edinendigi üçin Bowaz mähir bilen onuň aladasyny etdi. Bu bolsa Ýehowanyň Ruta wepaly söýgüsini bildirendigini aýan edýär (Rut 2:12, 20; Sül. tym. 19:17). Şu günler bizem «ähli adamlar» bilen mähirli bolup, olara Ýehowa barada hakykaty bilmäge we adamlary söýýändigine düşünmäge ýardam edýäris (1 Tim. 2:3, 4). w16.10 1:10—12

17-nji awgust, anna

Men Ýehowany agtardym, ol maňa jogap berdi, meni ähli howplardan halas etdi. Zeb. 34:4, TD

Bizem Ýehowa ýüregimizi döküp bileris. Sebäbi ol bizi hemişe diňleýär we synaglara döz gelip, şatlygymyzy ýitirmez ýaly güýç berýär. Edýän dogalarymyza Hudaýyň jogap berýändigini görenimizde, imanymyz has-da berkeýär (1 Ýah. 5:14, 15). Iman — ruhuň miwesi, şol sebäpli biz Isanyň tabşyryşy ýaly, Hudaýdan mukaddes ruhy «dilemeli» (Luka 11:9, 13). Biz Hudaýa diňe özümize gerekli zatlar barada doga etmeli däl. Ýehowanyň edýän «ajaýyp... işleriniň sanardan köp» bolandygy üçin, biz oňa her gün minnetdarlyk bildirmeli we şöhratlandyrmaly (Zeb. 40:5). Şeýle-de biz dogalarymyzda «tussagdakylary unutman, olary edil özümiz tussaglykda oturan ýaly ýatlamaly». Mundan başga-da bütin dünýädäki dogan-uýalar, esasan-da, «aramyzda ýolbaşçylyk edýän doganlar» hakda doga etmeli. Edýän doga-dileglerimize Ýehowanyň jogap berýändigini görenimizde, begenjimiziň çägi bolmaýar (Ýew. 13:3, 7). w16.10 3:8, 9

18-nji awgust, şenbe

Imanyňyz bilen halas bolduňyz. Muňa öz tagallaňyz bilen ýetmediňiz, bu Hudaýyň sowgadydyr. Efes. 2:8

Şu günlerem Ýehowanyň halky Patyşalygyň berkarar edilendigine iman edýärler. Netijede, bütin dünýä boýunça 8 milliondan gowrak adam häzirden ruhy jennetde ýaşap, Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesi bolan ajaýyp häsiýetleri ösdürmäge jan edýärler (Gal. 5:22, 23). Eýsem, bu mesihçileriň imanynyň berkdigini we söýgüsiniň güýçlüdigini görkezmeýärmi näme?! Hiç bir adam bu häsiýetleri öz güýji bilen ösdürip bilmeýär. Muny diňe Ýehowa Hudaýyň kömegi bilen başaryp bilýäris. Bu bolsa «(Ýehowa) şöhrat getirýär, ölmez-ýitmez ebedi alamat bolar» (Iş. 55:13). Ruhy jennet has hem giňelip, bütin ýer ýüzi Ýehowanyň adyny ebedilik şöhratlandyrjak kämil, dogry we bagtly adamlardan dolar. Geliň, mundan beýläk hem Ýehowanyň wadalaryna iman edip ýaşalyň! w16.10 4:18, 19

19-njy awgust, ýekşenbe

Käbirleri tertip-düzgüne eýermeýärler. 2 Sel. 3:11

Ýaşulularyň Mukaddes Ýazgylar esasynda berýän görkezmesine eýermek örän wajyp. Pawlusyň ýygnakdaky tertip-düzgüne eýermeýän mesihçilere beren maslahatyna seredeliň. Olaryň käbiri «başgalaryň işine goşulýardylar»; ýaşulularyň beren maslahatyny kesirlik bilen inkär edýärdiler. Ýygnak agzalary şeýle adam bilen özüni nähili alyp barmalydylar? Pawlus: «Şeýle adamy bellige alyň... onuň bilen gatnaşmagy bes ediň» diýip maslahat berdi. Ýöne oňa duşman hökmünde garamaly däldi (2 Sel. 3:11—15). Şu günlerem ýaşulular, meselem, dünýewi adam bilen halaşmagyň ýygnaga erbet täsir edýändigi barada nutuk bilen çykyş edip biler (1 Kor. 7:39). Siz olaryň beren maslahatyna nähili gararsyňyz? Eger siz ondaky pikirlere dogry düşünseňiz, Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri bozýan adam bilen ýakyn gatnaşyk etmekden gaça durarsyňyzmy? Onuň ruhy taýdan aladasyny edip, garaýşyňyzy berk saklasaňyz, oňa erbet ýolundan dänmäge kömek edip bilersiňiz. w16.11 2:13

20-nji awgust, duşenbe

Siziň öz araňyzdan-da şägirtleri yzyna eýertjek bolup, hakykaty ýoýjak adamlar çykar. Res. iş. 20:30

B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni müňlerçe ýehudylar we ýehudy dinini kabul eden adamlar mukaddes ruh bilen mesh edildi. Şonda olar «saýlanan millet, patyşalar bolup gulluk edýän ruhanylar we aýratyn gullugy berjaý etmek üçin mukaddes halk boldular» (1 Pet. 2:9, 10). Resullar ömrüniň ahyryna çenli mesihçiler ýygnagyna gözegçilik etseler-de, olar aradan çykandan soň, «şägirtleri yzyna eýertjek bolup hakykaty ýoýýan adamlar çykdylar» (2 Sel. 2:6—8). Olaryň köpüsi ýygnaklara gözegçilik edýän doganlardy, soňra olara «ruhanylar» diýip at berildi. Isa şägirtlerine: «Siziň baryňyz... dogansyňyz» diýip aýtsa-da, olar ruhanylar toparyny düzdüler (Mat. 23:8). Bu atly-abraýly adamlar Aristotel we Platon ýaly filosoflaryň öwretmelerini öňe sürüp, Hudaýyň Sözündäki arassa taglymatlara derek ýalan dini düşünjeleri girizdiler. w16.11 4:8

21-nji awgust, sişenbe

Ten höweslerine boýun bolmaz ýaly, günä bedeniňiziň üstünden patyşa kimin höküm sürmesin. Rim. 6:12

Mesihçi bolmazymyzdan öň, biz günäli işleri edýärdik. Eden nädogry işlerimiziň Hudaýyň gözünde erbetdigine-de düşünen däldiris. Biz «hapalygyň we kanunsyzlygyň gulçulygyndadyk», ýagny «günäniň guludyk» (Rim. 6:19, 20). Soňra hakykaty bildik, durmuşymyzy özgertdik we özümizi Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürildik. Biz «günäniň gulçulygyndan azat edilip, dogrulygyň gullary bolduk» (Rim. 6:17, 18). Eger biz «günäniň bedenimiziň üstünden... höküm sürmegine» ýol bersek, bikämil bedenimiziň islegini ederis. Diýmek, günäniň üstümizden höküm sürmegi ýa-da sürmezligi biziň özümize bagly. Şonuň üçin ýüregimiziň näme isleýändigini bilmeli. Özümize: «Men bikämil bedenimiň ýa-da pikirimiň ugruna gidýärinmi? Ýa-da günäli işler üçin öldümmi?» diýen soraglary bereliň. Bu soraglara berýän jogabymyz Hudaýyň bizi bagyşlap bildirýän merhemetini nähili derejede gymmat saýýandygymyzy görkezer. w16.12 1:11, 12

22-nji awgust, çarşenbe

Ruhy zatlar barada pikirlenmeklik... parahatlyga eltýär. Rim. 8:6

Biz maşgala agzalarymyz we ýygnakdaky dogan-uýalar bilen parahat ýaşamaga çalyşýarys. Emma özümiziň we dogan-uýalaryň bikämilligini unutmasak gowy bolardy. Şol sebäpli düşünişmezlik ýüze çykaýanda-da, Isanyň: «Doganyň bilen ýaraş» diýen maslahatyna eýermeli (Mat. 5:24). Eger biz imandaşlarymyzyň «parahatlyk berýän Hudaýa» gulluk edýändigini unutmasak, muny etmek aňsat bolar (Rim. 15:33; 16:20). Biz «ruhy zatlar barada pikirlenip», Ýaradyjymyz bilen ýakyn gatnaşykdan hem lezzet alýarys. Şeýle parahatlyk bolsa has wajypdyr. Işaýa pygamberiň: «Pikiri Özüňe ýönelenleri doly rahatlykda saklaýarsyň, çünki olar Saňa (Ýehowa) bil baglaýarlar» diýen sözleri häzir uly möçberde ýerine ýetýär (Iş. 26:3; Rim. 5:1). w16.12 2:5, 18, 19

23-nji awgust, penşenbe

Hudaýa hemişe şatlyk bilen gulluk ediň. Flp. 4:4

Şeýtanyň garaňky we zalym dünýäsiniň soňky günlerinde-de Ýehowa halkyna bereket berýär. Ol hakyky gullukçylarynyň deňi-taýy bolmadyk ruhy jennetden lezzet aljakdygyny aýdýar (Iş. 54:13). Isanyň wada berşi ýaly, Ýehowa bizi häzirden halkara ruhy maşgalanyň agzasy edip sylaglaýar (Mar. 10:29, 30). Şeýle-de Hudaýy ýürekden agtarýan adamlar kalbynda rahatlyk we kanagat tapyp, özüni bagtly duýýarlar (Flp. 4:5—7). «Hudaýyň islegini berjaý edeniňizden soň, onuň wada eden zadyny aljakdygymyza» ynamly bolup bileris (Ýew. 10:35, 36). Geliň, imanymyzy berkidip, Ýehowa bütin janymyz bilen gulluk etmegimizi dowam edeliň. Şonda Ýehowa bizi hökman sylaglar (Kol. 3:23, 24). w16.12 4:17, 20

24-nji awgust, anna

Özünde Ýehowanyň ruhy bolan adam hem azatdyr. 2 Kor. 3:17

Erkinligimiz çäkli bolsa, oňa hakyky erkinlik diýip bolarmy? Hawa, bolar. Erkinligimize goýlan çäk bizi goraýar. Meselem, biz ulagda uzak ýere gidip bilýäris. Emma ýol hereket düzgüni bolmasa, her kim islän tizliginde we ýoluň islän tarapyndan sürer. Şonda özümizi howpsuz duýup bilerismi? Elbetde, ýok. Ýehowanyň erkinlige goýan çägi hem peýda getirýär. Munuň paýhaslydygyny bilmek üçin, geliň, Adam atanyň mysalyna seredeliň. Adam ata gadagan edilen agajyň miwesinden iýip, Hudaýyň goýan çäginden çykdy. Netijede, onuň nesli asyrlar boýy horluk çekip gelýär (Rim. 5:12). Eger biz Adam atanyň gelen kararynyň nämä eltendigini unutmasak, erkinligimizi dogry ulanyp, Ýehowanyň goýan çäginden çykmarys. w17.01 2:6, 8

25-nji awgust, şenbe

Şonuň üçin men size özüňiz hakda çendenaşa köp pikir etmezligiňizi... ündeýärin. Rim. 12:3

Täze ýumuş tabşyrlanda, doga edip, ýagdaýymyza dogry baha bersek, güýjümizden we mümkinçiligimizden artyk zady etjek bolmarys. Pespällik bize «ýok» diýmäge kömek eder. Emma täze ýumşy alanymyzda, Gedegonyň mysalyny unutmalyň. Ol Ýehowanyň görkezmesi we ak patasy bolmasa, berlen ýumşy ýerine ýetirip bilmejekdigine düşünýärdi. Galyberse-de, bizden «Hudaýymyzyň öňünde kiçigöwünli gezmek» talap edilýär (Mika 6:8). Täze jogapkärli iş tabşyrlanda, hökman Ýehowa doga edip, onuň Sözi we guramasy arkaly aýdýan zatlary hakda oýlanmaly. Biz Ýehowanyň ygtybarly görkezmesine eýermek üçin garaýşymyzy üýtgetmäge taýyn bolmaly. Geliň, bizi ukybymyz däl-de, Ýehowanyň kiçigöwünliligi «ulaldandygyny» unutmalyň (Zeb. 18:35). Hudaýymyzyň öňünde kiçigöwünli gezsek, biz özümizi ýokary-da tutmarys, kembaha-da garamarys. w17.01 3:17, 18

26-njy awgust, ýekşenbe

Siziň Halypamyzyň ugrunda çekýän zähmetiňiz biderek däldir. 1 Kor. 15:58

Isa ýer ýüzündäki gullugynyň tamamlanyp barýandygyny we bu işi başgalaryň dowam etmelidigini bilýärdi. Şägirtler bikämil bolsa-da, Isa olara ynanýardy we onuň özündenem köp işleri amala aşyrjakdygyny aýtdy (Ýah. 14:12). Isa olara gowy tälim berdi. Şol sebäpli olar hoş habary bütin ýer ýüzüne wagyz edip bildiler (Kol. 1:23). Isa ejir çekip öldürilenden soň, direlip göge galdy. Şonda Hudaý «ony her bir hökümetden, ygtyýarlykdan, güýçden, hökümdarlykdan... beýgeltdi» (Efes. 1:19—21). Eger biz Armageddon gelmänkä, wepaly bolup aradan çyksak, gelejekde dogrulyk höküm sürýän täze dünýäde direleris. Ol ýerde edýän işimizden has köp lezzet alarys. Emma häzir hoş habary wagyz edip, şägirt taýýarlamak işine gatnaşmakdan wajyp iş ýokdur. Şol sebäpli, geliň, ählimiz ýaşlaram, garrylaram «Halypamyzyň işinde elmydama köp zähmet çekeliň». w17.01 5:17, 18

27-nji awgust, duşenbe

Men Ýehowa, üýtgeýän däldirin. Mal. 3:6, TD

Isanyň töleg gurbany wagtlaýyn däl-de, hemişelik tölegdi (Ýew. 9:24—26). Isanyň töleg gurbany Adam atadan miras galan günäni doly ýuwýar. Mesihiň töleg gurbany arkaly biz Şeýtanyň dünýäsiniň gulçulygyndan we ölüm gorkusyndan azat bolýarys (Ýew. 2:14, 15). Hudaýyň wadalary hökman ýerine ýeter. Tebigatdaky kanunlaryň üýtgemeýşi ýaly, Ýehowa-da beren sözünden dänmez. Ol hiç haçan üýtgemeýär. Ýehowa bize ýaşaýyşdan hem gymmatly sowgady berdi. Biz «Hudaýyň... söýýändigini bildik we muňa ynanýarys. Hudaý söýgüdir» (1 Ýah. 4:16). Bütin ýer ýüzi Jennete öwrüler we her bir adam Hudaýyň söýşi ýaly söýmegi öwrener. Geliň, bizem Hudaýyň gökdäki wepaly gullukçylaryna goşulyp: «Goý, şöhrat, alkyş, akyldarlyk, minnetdarlyk, hormat, güýç-kuwwat baky hem ebedi Hudaýymyzyňky bolsun. Omyn» diýeliň! (Ylh. 7:12). w17.02 2:16, 17

28-nji awgust, sişenbe

Bedeni we ýüregi hapalaýan islendik zatdan özümizi arassalalyň. 2 Kor. 7:1

1973-nji ýylyň 1-nji iýunynda çykan «Garawul diňinde» şeýle sorag berlipdi: «Temmäkini ulanýan adamlar suwa çümdürilip bilermi?» Soňra: «Mukaddes Ýazgylaryň esasynda olara rugsat berilmeýär» diýip jogap berildi. Mukaddes Ýazgylardan birnäçe aýat getirilenden soň, temmäkini ulanýan adam toba etmese, ýygnak gatnaşygyndan kesilmelidigi düşündirildi (1 Kor. 5:7). Şeýle-de: «Munuň üçin güýjüňi gaýgyrman, eliňde baryny etmeli. Bu berk talap Hudaýyň Sözüne esaslanýar» diýildi. Ýaňy-ýakynda ABŞ-da çykarylan dinler baradaky kitapda şeýle diýilýär: «Hristian dininiň ýolbaşçylary öz agzalaryna we köpçülige ýaranmak üçin taglymatlaryny hem-de garaýşyny yzygider üýtgedip durýarlar». Hatda käbir agzalary üçin kyn bolsa-da, Hudaýyň Sözüne hemişe doly bil baglaýan Ýehowanyň Şaýatlaryndan başga dini gurama barmyka? w17.02 4:15

29-njy awgust, çarşenbe

Özüni beýgeldýän adam kiçeldiler, özüni kiçeldýän bolsa beýgeldiler. Mat. 23:12

Pesgöwünli ýaşulular başgalaryň olary öwüp arşa çykarmagyna ýol bermeýärler. Bu babatda olar häzirki we I asyrda ýaşan dini ýolbaşçylardan tapawutlanýarlar. Isa olar barada: «Toýlarda iň abraýly ýerlerde we sinagogalarda öňdäki hatarlarda oturmagy halaýarlar. Olar bazarlarda adamlaryň hormat bilen salamlaşmaklaryny... isleýärler» diýipdi (Mat. 23:6, 7). Ýaşulular Isanyň şu sözlerine gulak asýarlar: «Siz özüňize „Mugallym“ diýdirmäň, sebäbi siziň ýeke-täk Mugallymyňyz bar. Siziň baryňyz bolsa dogansyňyz. Şeýle-de ýer ýüzünde hiç kime „ata“ diýmäň, sebäbi siziň ýeke-täk Ataňyz bar, Ol gökdedir. Özüňize „ýolbaşçy“ diýdirmäň, sebäbi siziň ýeke-täk Ýolbaşçyňyz bar, ol Mesihdir. Araňyzda iň ulyňyz size hyzmatkär bolsun» (Mat. 23:8—11). Bu bize ähli ýygnak ýaşulularynyň dogan-uýalaryň söýgüsine, hormatyna we sylagyna mynasypdygyna düşünmäge kömek edýär. w17.03 1:14, 15

30-njy awgust, penşenbe

Her kim öz jogapkärçiligini özi çekmelidir. Gal. 6:5

Her bir adamyň özi Mukaddes Ýazgylaryň esasynda dogry hem paýhasly karara gelmeli. Biz bu jogapkärçiligi başgalaryň üstüne atmaly däl. Gaýtam, Ýehowanyň garaýşyny bilip, şoňa görä karara gelmeli. Başgalaryň özümize derek karara gelmegine ýol bermek näme üçin howply? Olaryň täsirine düşsek, nädogry karara geleris (Sül. tym. 1:10, 15). Adamlar her näme diýseler-de, biz Mukaddes Ýazgylar boýunça terbiýelenen ynsabymyza eýerip, özümiz karara gelmeli. Eger biz başgalaryň özümize derek karara gelmegine ýol bersek, olaryň yzyna eýerdigimiz bolar. Bu bolsa bizi heläkçilige eltip biler. Pawlus resul Galatýadaky mesihçilere özüňe derek başgalaryň karara gelmegine ýol bermegiň howpludygyny duýdurdy (Gal. 4:17). Käbir mesihçiler başgalara derek karara gelip, olary resullardan daşlaşdyrmak isleýärdi. w17.03 2:8—10

31-nji awgust, anna

Ýoşyýa... entek ýaşka öz atasy Dawudyň Hudaýyny agtarmaga başlady. Patyşalygynyň on ikinji ýylynda Ýoşyýa Ýahuda bilen Iýerusalimi seždegählerden we Aşera butlaryndan... arassalamaga başlady. 2 Ýyl. 34:3

Ýoşyýa Hudaýa ýaraýan işleri yhlasly berjaý etdi. Ýaşlar Ýoşyýanyň göreldesine eýerip, çagalykdan Ýehowany agtarmaly. Toba eden Manaşe patyşa Ýoşyýa Ýehowanyň rehimdar Hudaýdygy barada öwreden bolmaly. Ýaşlar, sizem maşgalaňyzyň we ýygnagyňyzyň wepaly agzalaryndan Ýehowanyň olara nädip ýagşylyk edendigi barada sorap bilersiňiz. Şeýle-de Ýazgylary Ýoşyýanyň okanda ýüregine täsir edişini we ony dogry işleri etmäge höweslendirişini ýada salyp bilersiňiz. Sizem Hudaýyň Sözüni okasaňyz, Ýehowa bilen dostlugyňyzy berkidersiňiz we özüňizi has bagtly duýarsyňyz. Başgalara hem Hudaýy agtarmaga kömek edersiňiz (2 Ýyl. 34:18, 19). Mukaddes Ýazgylary çuňňur özleşdirseňiz, bu size gullukda has ökdeleşmäge kömek eder. Şonda siz hem Ýoşyýa ýaly dogry işleri edersiňiz. w17.03 3:18, 19

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş