Iýul
1-nji iýul, ýekşenbe
Öz agzyň bilen näme kasam eden bolsaň, ýerine ýetiriber. Ser. 11:36
Ýeftahyň gyzy hakyky seždäni goldamak üçin durmuşa çykmak we çaga edinmek isleginden ýüz öwürdi. Biz onuň janaýamazlyk ruhundan nädip görelde alyp bileris? Müňlerçe ýaş mesihçiler hem Ýehowa doly wagtly gulluk etmek üçin durmuş gurmaýarlar ýa-da wagtlaýynça çaga edinmeýärler. Uly ýaşdaky mesihçiler bolsa çagalary hem agtyklary bilen wagt geçirmegiň deregine, gurluşyk işlerine gatnaşýarlar, «Hoş habarçylar mekdebinde» okaýarlar we wagyzçylaryň ýetmeýän ýerlerine göçýärler. Başgalary bolsa geçirilýän kampaniýa gatnaşmak üçin käbir zatlardan geçýärler. Ýehowa gullukçylarynyň ýürekden gulluk edýändiklerine örän begenýär we olaryň çekýän zähmetini gymmat saýýar. Ýehowa gullukçylarynyň bildirýän söýgüsini hiç haçan unutmaz (Ýew. 6:10—12). Siz Ýehowa has-da köpräk gulluk etmek üçin nämeden geçip bilersiňiz? w16.04 1:16, 17
2-nji iýul, duşenbe
Şonda bir süri, bir çopan bolar. Ýah. 10:16
Isa özüni çopana, şägirtlerini bolsa goýun sürüsine meňzetdi. Göz öňüne getiriň, eger iki goýun düzde, ikisi jülgede we ýene biri başga ýerde otlap ýören bolsa, bu bäş goýna bir süri diýip bolarmy? Elbetde, ýok! Aslynda, goýunlar çopanyň goragy astynda bolar ýaly bir ýerde bolmaly. Şonuň ýaly bizem bilgeşleýin sürüden daşlaşsak, Çopanymyzyň yzyna eýerip bilmeris. Biz «bir çopanyň» goragyndaky «bir sürä» degişli bolmak üçin ýygnak duşuşyklaryndan galmaly däl. Biz ýygnak duşuşyklaryna barmak bilen, bütindünýä doganlygymyzyň agzybirligine goşant goşýarys (Zeb. 133:1). Käbir imandaşlarymyza ata-enesi we dogan-garyndaşlary garşylyk görkezýärler. Emma Isa olara söýgi bilen aladasyny etjek ruhy maşgalasynyň boljakdygyny wada berdi (Mar. 10:29, 30). Biz ýygnak duşuşyklaryna yzygider gatnaşsak, şeýle kynçylyklara duş gelýän imandaşlarymyza ata, ene, dogan ýa-da uýa bolarys. Eýsem, bu bizi duşuşyklaryň ählisine barmak üçin elimizde baryny etmäge höweslendirmeýärmi?! w16.04 3:9, 10
3-nji iýul, sişenbe
Siz doga etmekçi bolanyňyzda, göwnüňize degen adamy bagyşlaň, şonda gökdäki Ataňyz hem siziň etmişleriňizi bagyşlar. Mar. 11:25
Biz Hudaýa her gün doga edip, duşuşyklara yzygider gatnaşsak-da, yhlasly wagyz etsek-de, ýöne parahatlygy saklamasak, bularyň bary biderek bolar. Eger biz adamlaryň ýalňyşlyklaryny bagyşlamasak, Hudaýyň dosty bolup bilmeris (Luka 11:4; Efes. 4:32). Biziň her birimiz dogan-uýalar bilen parahat ýaşaýandygymyza we hiç kimden öýke-kine etmeýändigimize göz ýetirmeli. Özümize şeýle soraglary bermeli: «Men imandaşlarymy ýürekden bagyşlaýarynmy? Olar bilen hyzmatdaşlyk edýändigime begenýärinmi?» Ýehowa biziň biri-birimizi bagyşlamagymyzy isleýär. Eger ynsabyňyz bu babatda özgerişlik etmelidigiňizi duýdurýan bolsa, onda Ýehowadan kömek sorap doga ediň. Gökdäki Atamyz pesgöwünlilik bilen edilýän dogalary diňleýär we jogap berýär (1 Ýah. 5:14, 15). w16.05 1:6, 7
4-nji iýul, çarşenbe
Patyşalyk baradaky hoş habar... wagyz ediler. Mat. 24:14
Wagyz işi haçana çenli dowam etmeli? Isa bu işiň soňky günlerde uly möçberde alnyp baryljakdygyny we şondan soň «dünýäniň ahyrynyň geljekdigini» aýtdy. Şu günler haýsy dini gurama hoş habary wagyz edýär? Wagyzda duşýan käbir hudaýhon adamlar: «Bizde mukaddes ruh bar, ýöne hoş habary siz wagyz edýärsiňiz» diýýärler. Emma çydamlylyk bilen wagyz edýändigimiz Hudaýyň ruhunyň bizde bardygyny subut etmeýärmi näme?! (Res. iş. 1:8; 1 Pet. 4:14). Käbir dini guramalar Ýehowanyň Şaýatlarynyň edýän işlerini etmäge çalyşýarlar, emma olaryň edýän tagallalary känbir netije bermeýär. Meselem, dini guramalaryň käbir agzalary başga ýerlere gidip, wagyz edýärler. Emma az wagtdan yzyna dolanýarlar. Hatda olaryň käbiri öýden-öýe wagyz etmäge çalyşýar. Ýöne olar näme barada wagyz edýärler? Ýokarda agzalan zatlardan olaryň Mesihiň başlan işini dowam etmeýändigi aýdyň görünýär. w16.05 2:13, 16
5-nji iýul, penşenbe
Doganlar... hemişe şatlanyň, pikiriňizi düzediň, biri-biriňizi ruhlandyryň, bir pikirde boluň we agzybirlikde ýaşaň. 2 Kor. 13:11
Biz durmuşymyzy özgertmek we «täze häsiýetlere geýinmek» üçin elimizde baryny etmeli. Pawlus resul imandaşlaryna şeýle diýdi: «Öňki häsiýetleriňizi egniňizden çykaryň. Sebäbi olar sizi aldawçy höwesleriňiz arkaly erbetlige iterýär. Pikiriňizi we garaýşyňyzy elmydama täzeläp duruň. Şeýle-de Hudaýyň islegine laýyk gelýän hakyky dogrulyga we wepalylyga esaslanan täze häsiýetlere geýniň» (Efes. 4:22—24). «Elmydama täzeläp duruň» diýen jümle täze häsiýetlere geýinmek üçin tagalla etmegi aňladýar. Biz Ýehowa köp ýyldan bäri gulluk etsek-de, bu maslahata eýerip, özgerişlik etmegi we Hudaýa ýaramly häsiýetleri ösdürmegi dowam etmeli. Dogurdan-da, Hudaýyň Sözi durmuşymyzy özgerdip bilýär. w16.05 4:8, 9
6-njy iýul, anna
Ýehowa hem söýýänini terbiýeleýändir. Sül. tym. 3:12
Ýehowa bizi terbiýeleýändigi üçin häzirden ruhy jennetde ýaşaýarys (Iş. 64:8). Biz zalym dünýäde ýaşasak-da, özümizi howpsuz we rahat duýýarys. Biz Ýehowa barada bilim alyp, onuň atalyk söýgüsini duýýarys (Ýak. 4:8). Täze dünýäde biz has-da köp bereketleriň eýesi bolarys. Şonda häzirki ruhy jennetimiz Hudaýyň Patyşalygy astyndaky hakyky Jennete öwrüler. Dikeldiş döwründe Ýehowa bütin ýer ýüzünde ýaşaýan adamlary terbiýelemegini dowam eder. Elbetde, olara nähili tälim beriljekdigini göz öňüne getirmek kyn bolmagy mümkin (Iş. 11:9). Emma biziň aň-düşünjämiz we bedenimiz kämil bolar. Şonda Hudaýyň terbiýesine we islegine has gowy düşüneris. Şonuň üçin, geliň, mundan beýläk hem Ýehowanyň söýgi bilen berýän terbiýesini kabul edeliň. w16.06 1:8, 9
7-nji iýul, şenbe
Eý Ysraýyl, diňle, Hudaýymyz Ýehowa — ýeke-täk Ýehowa Hudaýdyr. Kan. tag. 6:4, TD
Aslynda, şu aýatdaky sözleri Musa pygamber aýdypdy. B. e. öň 1473-nji ýylda Musa pygamber Mowap düzlüginde ysraýyl halkyna hoşlaşyk sözlerini aýdýar. Şol wagt olar Wada edilen diýary eýelemek üçin Iordan derýasyndan geçjek bolup durdular (Kan. tag. 6:1). Halka 40 ýyllap ýolbaşçylyk eden Musa pygamber ýüze çykjak kynçylyklary olaryň mertlik bilen ýeňip geçmeklerini isleýärdi. Olar Ýehowa bil baglap, oňa wepaly bolmalydylar. Musanyň soňky sözleri halka has-da güýçli täsir eden bolmaly. Ol Ýehowanyň beren on tabşyrygyny we başga-da düzgünlerini agzandan soň, halka Kanun taglymaty 6:4, 5-nji aýatlardaky sözleri aýtdy. Musanyň ýanyndaky ysraýyllylar Ýehowanyň «ýeke-täk» Hudaýdygyny bilmeýärdilermi? Elbetde, bilýärdiler. Wepaly ysraýyllylar ata-babalary Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýyna, ýagny ýeke-täk hak Hudaý Ýehowa sežde edýärdiler. w16.06 3:2, 3
8-nji iýul, ýekşenbe
Şol güni we sagady hiç kim, gökdäki perişdeler-de, Ogul-da bilýän däldir, muny diňe Ata bilýändir. Mat. 24:36
Isa bu sözleri aýdanda ýer ýüzünde ýaşaýardy. Emma häzir Isa Armageddonyň haçan başlajakdygyny bilýär. Sebäbi oňa Şeýtanyň dünýäsine garşy söweşmäge ygtyýar berildi (Ylh. 19:11—16). Ýöne biz ol günüň haçan geljekdigini bilmeýändigimiz üçin oýa bolmaly. Ýehowa dünýäniň soňunyň haçan geljekdigini anyk bilýär. Ol Ýehowanyň bellän gününde hökman bolar we ol «eglenmez» (Hab. 2:1—3). Biz muňa näme üçin ynanyp bileris? Ýehowa wadalaryny hemişe öz wagtynda ýerine ýetirýär. Biz Ýehowanyň agyr muşakgatda halas etjekdigine berk ynanyp bileris. Emma şu zalym dünýä ýok edilende halas bolup biler ýaly oýa bolmaly. w16.07 2:4—6
9-njy iýul, duşenbe
Petrus oňa: «Hemmeler senden ýüz öwürse-de, men ýüz öwürmerin» diýdi. Mar. 14:29
Isanyň ömrüniň iň agyr pursatynda şägirtleriniň ählisi ony taşlap gidýär. Şondan biraz wagt öň, Petrus hatda hemmeler Isadan ýüz öwürse-de, oňa wepaly boljakdygyny aýdypdy (Mar. 14:27—31, 50). Emma Isany tussag etmäge gelenlerinde, resullaryň ählisi, şol sanda Petrus hem ony taşlap gidýär. Hatda ol Isany tanamaýandygyny birnäçe gezek inkär edýär (Mar. 14:53, 54, 66—72). Ýöne Petrus eden etmişine ökünendigi üçin, Ýehowa oňa merhemet etdi. Eger siz Isanyň şägirtleriniň arasynda bolan bolsaňyz, Petrusyň goýberen ýalňyşlyklary sebäpli Ýehowa wepaly gulluk etmegiňizi bes ederdiňizmi? Şu günlerem siz Ýehowanyň käbir gullukçylarynyň eden etmişine toba edip düzelmekleri üçin wagt berendigine düşünýändigiňizi görkezersiňizmi? Käte agyr günä eden adam Ýehowanyň rehimdarlygyndan ýüz öwrüp, toba etmeýär. Biz Ýehowanyň şeýle adama öz wagtynda çäre görjekdigine, hatda ýygnakdan hem çykarjakdygyna doly ynanyp bileris. w16.06 4:8, 9
10-njy iýul, sişenbe
Ata Hudaýymyz... we Halypamyz Isa Mesih ýürekleriňize teselli bersin... berkitsin. 2 Sel. 2:16, 17
Göwnüçökgünlige düşenimizde, Ýehowa merhemeti arkaly kalbymyza rahatlyk berýär (Zeb. 51:17). Pawlus Selanikde güýçli yzarlamalara duçar bolan mesihçilere şu günki aýatdaky sözleri ýazýar. Ýehowanyň bizi söýýändigini bilmeklik, diýseň göwnüňi göterýär! Sebäbi ol merhemete baý Hudaý. Biz günäli bolsak-da, Ýehowa merhemeti arkaly ajaýyp umyt berýär (Zeb. 49:7, 8). Isa şägirtlerine: «Atam Ogluny görüp, oňa iman eden her kişiniň ebedi ýaşaýyş almagyny isleýär» diýdi (Ýah. 6:40). Hawa, ebedi ýaşaýşa bolan umyt Hudaýyň ajaýyp sowgady. Pawlus resul munuň nähili gymmatly sowgatdygyna gowy düşünýärdi. Ol: «Hudaýyň ähli adamlary halas edýän merhemeti aýan boldy» diýdi (Tit. 2:11). w16.07 3:14, 15
11-nji iýul, çarşenbe
Ýaşlykda öýlenen aýalyňyza dönüklik etmäň. Mal. 2:15
Şu günlerem ýanýoldaşyna dönüklik edýän adamlara Ýehowanyň halkynyň arasynda orun ýok. Aýdaly, mesihçi ýanýoldaşy bilen aýrylyşyp, başga biri bilen durmuş gurýar. Şeýle ýagdaýda ol toba etmese, ýygnagyň arassa bolmagy üçin gatnaşykdan kesilýär (1 Kor. 5:11—13). Eger ol ýene-de ýygnaga dolanmak islese, «toba edýändigini görkezýän işleri etmeli» (Luka 3:8; 2 Kor. 2:5—10). Ýygnak gatnaşygyndan kesilen adamy näçe wagtdan dikeltmelidigi barada anyk görkezme bolmasa-da, biz ýanýoldaşyňa biwepalyk etmegiň agyr günädigini we Hudaýyň halkynyň arasynda muňa ýol berilmeýändigini unutmaly däl. Günä eden adamyň ýürekden toba edýändigine göz ýetirmek üçin käte bir ýyl ýa-da ondanam köpräk wagt gerek bolýar. Ýygnak gatnaşygyndan kesilen dogan ýa uýa ýene-de dikeldilse-de, ol «Hudaýyň höküm kürsüsiniň öňünde durup», eden işi üçin jogap bermeli bolar (Rim. 14:10—12). w16.08 1:12, 13
12-nji iýul, penşenbe
Eger biri gözegçi bolmak isleýän bolsa, onda ol gowy zady arzuw edýändir. 1 Tim. 3:1
Grek dilinden terjime edilen «islemek» sözi goýan maksadyňa görä hereket etmegi aňladýar. Başgaça aýdanyňda, golaýda däl-de, uzakda duran zady almaga jan etmegi aňladýar. Pawlus resulyň ulanan sözi ruhy taýdan ösmek üçin tagalla etmegiň wajypdygyny görkezýär. Aýdaly, bir dogan ýygnakda hyzmatçy bolmagy arzuw edýär. Emma ol munuň üçin gerekli häsiýetleri ösdürmelidigine düşünýär. Şeýdip, ol ilki hyzmatçy bolmaga jan edýär we wagtyň geçmegi bilen maksadyna ýetýär. Soňra gözegçi bolmak üçin talaplara laýyk gelmek barada oýlanýar. Görşümiz ýaly, ol her gezegem ýygnakda goşmaça borçlary almak üçin gerekli häsiýetleri ösdürmäge jan edýär. Şonuň ýaly, pioner bolmak, Beýtelde gulluk etmek ýa-da Patyşalyk zallarynyň gurluşygyna gatnaşmagy arzuw edýän we maksadyna ýetmek üçin elinde baryny edýän dogan-uýalar hem öwgä mynasypdyr. w16.08 3:3, 4
13-nji iýul, anna
Olar seniň beýik güýjüň, gudratyň bilen halas eden öz gullaryň we halkyňdyr. Neh. 1:10
Iýerusalime gelende, Nehemýanyň özüni nähili duýandygyny göz öňüne getiriň. Şäher diwarsyzdy, ýehudylar bolsa göwnüçökgün ýagdaýdadylar. Olar daş-töwerekdäki duşmanlar sebäpli ruhdan düşüp, şäheriň diwarlaryny gurup bilmediler. Eýsem, bu ýagdaý Nehemýanyň-da elini gowşatdymy? Ýok! Musa pygamber, Asa patyşa we Ýehowanyň başga-da wepaly gullukçylary ýaly, ol eýýäm Ýehowa doga edip, oňa bil baglapdy (Müs. çyk. 17:8—13; 2 Ýyl. 14:8—13). Sebäbi Nehemýanyň ýagdaýy olaryňkydan tapawutlanmaýardy. Ýehudylar üçin ýagdaý çykgynsyz ýalydy, emma Ýehowa Nehemýanyň ýürekden eden dogasyna jogap berýär. Hudaý «beýik güýji» we «gudraty bilen» halkyň elini berkitdi (Neh. 2:17—20; 6:9). Siz Ýehowanyň şu günler hem gullukçylaryny berkitmek üçin «beýik güýjüni» we «gudratyny» ulanýandygyna ynanýarmysyňyz? w16.09 1:9
14-nji iýul, şenbe
Hemme zady Hudaýy şöhratlandyrmak üçin ediň. 1 Kor. 10:31
Buthana ýolbaşçylarynyň duşuşygy barada Daniýa gazetinde şeýle habar berlipdi: «Köpler, esasanam, yssy günleri geýnişine kän üns bermeýärler. Emma Ýehowanyň Şaýatlarynyň kongresine barýanlar geýnişine üns berýärler». Dogrudan-da, Ýehowanyň Şaýatlaryny köplenç «ýaraşykly, salykatly egin-eşigi» we özlerini «sagdyn düşünje bilen bezeýändikleri... Hudaýa wepalylygy» üçin öwýärler (1 Tim. 2:9, 10). Pawlus resul bu sözleri uýalar hakda aýtsa-da, olar doganlara-da degişlidir. Biz, Ýehowanyň halky egin-eşik babatda belli bir kada eýermeli, ol biziň sežde edýän Hudaýymyz üçin hem wajypdyr (Gel. çyk. 3:21). Mukaddes Ýazgylarda egin-eşik we daş keşp barada aýdylmagy älemiň Hökümdarynyň öz gullukçylary üçin paýhasly kadalary berendigini görkezýär. Şonuň üçin biz egin-eşik we daş keşp babatda karara gelenimizde, älemiň Hökümdary Ýehowanyň hem göwnünden turmaly. w16.09 3:1, 2
15-nji iýul, ýekşenbe
Adamlar ony Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen aýdýardylar. 2 Pet. 1:21
Käbirleri Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikleri ýa-da ondaky taryhy wakalary, arheologik we ylmy maglumatlary öwrenýärler. Geliň, Gelip çykyş 3:15-däki wajyp pygamberlige seredeliň. Bu aýat Mukaddes Ýazgylaryň esasy temasy, ýagny Patyşalyk arkaly Hudaýyň hökümdarlygyny aklamak we onuň adyny şöhratlandyrmak bilen baglanyşyklydyr. Göçme manyda ýazylan bu aýat Ýehowanyň Erem bagyndan başlap, şu günlere çenli bolýan horluklaryň soňuna çykjakdygyny görkezýär. Gelip çykyş 3:15-däki pygamberligi nädip öwrense bolar? Munuň üçin wagt çyzygyny çyzyp, onda Hudaýyň pygamberliginiň ýerine ýetjekdigini subut edýän aýatlary, meselem, Ýehowanyň kimdir birine aýdan sözlerini we belli bir wakalary görkezýän aýatlary belläp bilersiňiz. Şonda siz olaryň bir-biri bilen baglanyşyklydygyna we Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikleriň hem-de olary ýazan adamlaryň «mukaddes ruhuň kömegi bilen aýdandyklaryna» göz ýetirersiňiz. w16.09 4:8
16-njy iýul, duşenbe
Seniň başgalardan näme artykmaçlygyň bar? 1 Kor. 4:7
Petrus resul hem başda ýehudy bolmadyk adamlara nädogry garaýyşdady. Emma ol öňden galan nädogry garaýşyny köki bilen sogrup aýyrmagy öwrenipdi (Res. iş. 10:28, 34, 35; Gal. 2:11—14). Eger bizde hem öňden galan düşünjämiz we milletimize bolan buýsanç bar bolsa, ony ýüregimizden köki bilen sogrup aýyrmaly (1 Pet. 1:22). Aslynda, biziň hiç birimiz halas bolmaga mynasyp däl. Sebäbi biz haýsy milletden bolsak-da ählimiz bikämil (Rim. 3:9, 10, 21—24). Şonuň üçin biz özümizi başgalardan ýokary tutmaly däl. Bizem Pawlus resulyňky ýaly garaýyşda bolmaly. Ol mesh edilen ýoldaşlaryna: «Indi siz ýat we gelmişek dälsiňiz, gaýtam... Hudaýyň maşgala agzalarysyňyz» diýdi (Efes. 2:19). Biz başga milletden bolan adamlara tarapgöýlik etmezlik üçin elimizde baryny etsek, täze häsiýetleri ösdürip bileris (Kol. 3:10, 11). w16.10 1:9
17-nji iýul, sişenbe
Gije-gündiz Onuň kanuny hakda pikire gidýändir. Zeb. 1:2
Ýehowa biziň imanymyzy berkitmek üçin Mukaddes Ýazgylary berdi. Biz «bagtly bolmak» we eden işimiziň «rowaçlanmagy» üçin, ony her gün okamaga çalyşmaly (Zeb. 1:1—3; Res. iş. 17:11). Mundan başga-da, Ýehowanyň geçmişdäki gullukçylary ýaly onuň wadalary hakda oýlanyp, tabşyryklaryny ýerine ýetirmeli. Ýehowa «wepaly we paýhasly hyzmatkär» arkaly bize bol ruhy iýmit berýär (Mat. 24:45). Biz Ýehowanyň berýän ruhy iýmitinden doly peýdalansak, Hudaýyň Patyşalygyna umyt eden geçmişdäki gullukçylaryňky ýaly imanymyz berk bolar (Ýew. 11:1). Imanyňy berkitmek üçin Hudaýa doga etmek hem örän wajyp. Hudaýyň gadymy döwürdäki gullukçylary edýän dogalaryna jogap alanda, olaryň imany has-da berkeýärdi (Neh. 1:4, 11; Zeb. 34:4, 15, 17; Dan. 9:19—21). w16.10 3:7, 8
18-nji iýul, çarşenbe
Hatda daglary ýerinden gozgajak imanym bolup-da, söýgim bolmasa, onda men hiç zatdyryn. 1 Kor. 13:2
Isadan «Musanyň kanunynda iň wajyp tabşyryk haýsy?» diýip soranlarynda, ol Hudaýy söýmegiň ähli zatdan wajypdygyny aýtdy (Mat. 22:35—40). Mukaddes Ýazgylary ýazan adamlar köplenç iman bilen söýgi häsiýetini şol bir sözlemde ýa-da ikisini bir ýerde birnäçe gezek agzaýarlar. Bu bolsa şol häsiýetleriň wajypdygyny görkezýär. Meselem, Pawlus resul imandaşlaryna «iman sowudyny, söýgini» geýmegi ündeýär (1 Sel. 5:8). Ýahýa resul bolsa: «Hudaýyň tabşyrygy şudur: onuň Ogly Isa Mesihe iman edip, onuň bize tabşyryşy ýaly, bir-birimizi söýmelidiris» diýip ýazdy (1 Ýah. 3:23). Iman etmek wajyp bolsa-da, biz Hudaýyň wadalaryna we umyt edýän zatlarymyza gowşanymyzda, şol zatlara iman etmek gerek bolmaz. Emma Hudaýa we ýakynymyza bolan söýgini hiç haçan sowatman, gaýtam, artdyrmaly. Pawlus resul bu barada şeýle diýdi: «Emma häzir şu üçüsi galýandyr: iman, umyt, söýgi; olaryň iň ulusy bolsa söýgüdir» (1 Kor. 13:13). w16.10 4:15—17
19-njy iýul, penşenbe
Ýygnaklar imanda berkeýärdi. Res. iş. 16:5
Ýolbaşçylyk maslahatynyň adyndan doganlar «şäherme-şäher aýlanyp, Iýerusalimdäki resullaryň we ýaşulularyň gelen kararyny yglan edýärdiler» (Res. iş. 16:4). Ýygnagyň agzalary şeýle görkezmelere eýerende, «imanda berkäp, şägirtleriň sany gün-günden artýardy». Biz Hudaýyň guramasyndan görkezme alanda näme etmeli? Ýehowanyň Sözüne görä, şeýle ýagdaýda ählimiz gulak asmaly we tabyn bolmaly (Kan. tag. 30:16; Ýew. 13:7, 17). Hudaýyň guramasynda tankydy ýa-da pitneçi ruh bolmaly däl, çünki bu zatlar biziň söýgimize, ýygnagyň parahatlygyna we agzybirligine howp salýar. Kimdir biri özüni Diotref ýaly alyp barmagy mümkin (3 Ýah. 9, 10). Biz özümizden: «Men dogan-uýalaryň ruhy taýdan ösmegine ýardam edýärinmi? Gözegçi doganlaryň berýän görkezmesini çalt kabul edip, olary goldaýarynmy?» diýip sorasak gowy bolar. w16.11 2:10, 11
20-nji iýul, anna
Sizi ýesir edip getiren şäherimiň parahatlygyny gazanmaklyga çalşyň. Ýer. 29:7
Hudaýyň islegini ýerine ýetiren ýesirlikdäki ýehudylar Wawilonda gowy ýaşaýardylar. Wawilonlylar olara öz işleri bilen meşgullanyp, arkaýyn ýaşamaga ýol berdiler. Ýehudylar hatda bir şäherden başga şähere-de göçüp bilýärdiler. Gadymy Wawilon ýurdy täjirçiligiň merkezidi; gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan dokumentlerde ýehudylaryň ol ýerde söwda-satyk işlerini öwrenendikleri, käbirleriniň kär edinendigi, hatda baýandyklary hem aýdylýar. Olaryň Wawilondaky ýaşaýşy Müsürdäki gulçulyk döwründen düýbünden tapawutlanýardy (Müs. çyk. 2:23—25). Ysraýyllylar ýene-de Hudaýa ýaramly sežde edip bilerlermi? Olar üçin bu mümkin däl ýalydy, sebäbi wawilonlylar ýesir eden halkyny hiç haçan goýbermeýärdi. Emma Ýehowa üçin mümkin däl zat ýok. Ol halkyny azat etjekdigini wada edipdi we sözünde-de durdy. Dogrudanam, Hudaýyň sözi hemişe ýerine ýetýär (Iş. 55:11). w16.11 4:3, 5
21-nji iýul, şenbe
Günäli işler üçin öldük. Rim. 6:2
Şol mesihçiler entek diridiler, ýöne olar haýsy manyda «günäli işler üçin öldüler»? Ýehowa Hudaý töleg gurbany arkaly Pawlusyň we onuň döwürdeşleriniň günälerini bagyşlady. Olar mukaddes ruh bilen mesh edilip, Hudaýyň ruhy ogullary diýen ady aldylar. Olaryň gökde ýaşamaga umydy bardy. Eger olar ömrüniň soňuna çenli wepaly galsalar, Mesih bilen gökde höküm sürüp bilerdiler. Pawlus olaryň «günäli işler üçin ölüp», ýöne Hudaýa gulluk etmek üçin ýaşaýandygyny aýdýar. Ol Isany mysal getirip, onuň ynsan bedeninde ölendigini, gökde ölümsiz ýaşaýyş üçin ruhy şahsyýet bolup direlendigini belläp geçýär. Indi ölüm Isanyň üstünden agalyk etmeýärdi. Mesh edilen mesihçiler hem «günäli ýaşaýyş üçin özlerini öli, emma Mesih Isa arkaly Hudaý üçin diri hasap etmelidiler» (Rim. 6:9, 11). Indi olaryň ýaşaýyş ýoly özgeripdi. Olar günäli höweslerine eýermeli däldiler, sebäbi öňki ýaşaýşy üçin ölüpdiler. w16.12 1:9, 10
22-nji iýul, ýekşenbe
Ruhy zatlar barada pikirlenmeklik ýaşaýşa we parahatlyga eltýär. Rim. 8:6
Bu adamyň Mukaddes Ýazgylardan, Hudaýa bolan söýgüden we gelejege bolan umytdan başga zat hakda oýlanmaly däldigini ýa-da gürrüň etmeli däldigini görkezmeýär. Pawlusyň we I asyrdaky başga-da wepaly mesihçileriň nädip ýaşandygyny ýadymyza salalyň. Olar iýip-içýärdiler, durmuş guran mesihçiler maşgala gatnaşyklaryndan lezzet alýardylar, özlerini eklemek üçin işleýärdiler (Mar. 6:3; 1 Sel. 2:9). Emma I asyrda ýaşan Hudaýyň wepaly gullukçylary ünsüni diňe iýip-içmek, maşgala gurmak we zähmet çekmek ýaly zatlara gönükdirmändirler. Pawlus resul çadyr tikýän wagtlary-da bar ünsüni wagyz etmek we tälim bermek işine gönükdiripdi (Res. iş. 18:2—4; 20:20, 21, 34, 35). Ol Rimdäki dogan-uýalara-da wagyz işinde yhlasly bolmagy maslahat berdi. Pawlus durmuşynda ruhy işleri ileri tutýardy. Rimdäki mesihçiler ondan görelde almalydy, bizem şeýle etmeli (Rim. 15:15, 16). w16.12 2:5, 15, 16
23-nji iýul, duşenbe
Garyba haýpy gelýän Ýehowa karz berýändir; Ol bolsa oňa öwezini dolar. Sül. tym. 19:17, TD
Biz Ýehowanyň edýän tagallalarymyzy gymmat saýýandygyna şübhelenmän bileris. Ol biziň käte ynamsyz bolýandygymyza ýa-da şübhelenýändigimize düşünýär. Pul ýetmezçiligi, saglyk ýagdaýymyz ýa-da göwnüçökgünlik sebäpli az wagyz edenimizde, Ýehowa bize duýgudaşlyk bildirýär. Ýehowa wepaly gullukçylarynyň mähir bilen aladasyny edip, olaryň edýän tagallalaryny hökman sylaglar (Ýew. 6:10, 11). Biz kynçylyklarda aladamyzy edýän we «dogalary eşidýän» Ýehowa ýakynlaşyp bilýändigimizi hem unutmalyň (Zeb. 65:2). «Rehimdarlar Atasy we bütin teselliler Hudaýymyz» bize imandaşlarymyz arkaly ruhy we duýgy taýdan kömek edýär (2 Kor. 1:3). Ýehowa biziňem bir-birimize duýgudaş bolmagymyzy isleýär (Mat. 6:3, 4). Ol şeýle ýagşylyk eden adamy sylaglajakdygyny wada berýär. w16.12 4:13, 14
24-nji iýul, sişenbe
Özünde Ýehowanyň ruhy bolan adam hem azatdyr. 2 Kor. 3:17
Isa ýerde ýaşan wagty ganym Duşmanyň täsirine düşmedi (Mat. 4:10). Ölüminiň öň ýanyndaky gije ol Hudaýyň islegini berjaý etjekdigini görkezip: «Atam, eger isleseň, bu käsäni menden aýyr. Ýöne, goý, meniň islegim däl-de, seniň islegiň bolsun» diýip doga etdi (Luka 22:42). Geliň, bizem Isanyň göreldesine eýerip, erkinligimizi Ýehowany şöhratlandyrmak we islegini berjaý etmek üçin ulanalyň! Eýsem, bu mümkinmi? Biz Hudaýyň keşbine görä ýaradyldyk, şol sebäpli Isanyň göreldesine eýerip bilýäris (Gel. çyk. 1:26). Emma biziň erkinligimiz Ýehowanyňky ýaly çäksiz däl. Hudaýyň Sözünde erkinligimiziň çäklidigi we Ýehowanyň goýan çäginden çykmaly däldigi aýdylýar. Meselem, aýallar ýanýoldaşyna, çagalar bolsa ata-enesine tabyn bolmaly (Efes. 5:22; 6:1). w17.01 2:4, 5
25-nji iýul, çarşenbe
Men size özüňiz hakda çendenaşa köp pikir etmezligiňizi... ündeýärin. Rim. 12:3
Biz tolgundyryjy döwürde ýaşaýarys. Ýehowanyň guramasynyň ýer ýüzündäki bölegi hemme taraplaýyn ösýär. Ýöne özgerişikler hem bolýar. Şeýle özgerişikler bize degişli bolsa, geliň, kiçigöwünli bolalyň we ünsümizi özümize däl-de, Ýehowanyň islegine gönükdireliň. Şeýle garaýyş agzybirligiň bolmagyna ýardam edýär. Pawlus resul Rimdäki mesihçilere şeýle ýazdy: «Bir beden köp agzalardan ybaratdyr, ýöne olar her dürli işleri ýerine ýetirýändir. Şonuň ýaly biz hem köp bolsak-da, Mesih bilen birlikde bir bedendiris» (Rim. 12:4, 5). Ýagdaýymyz nähili bolsa-da, geliň, mundan beýlägem Ýehowanyň şöhratly Patyşalygynyň bähbitlerini ileri tutmaga jan edeliň. Gartaşan mesihçiler, ýaşlara kömek etmek üçin eliňizde baryny ediň. Ýaşlar, jogapkär borçlary almaga ýaýdanmaň, pespäl boluň, gartaşan doganlara bolan hormatyňyzy ýitirmäň. Aýallar, Akilanyň aýaly Priskillanyň göreldesine eýeriň. Ýagdaý üýtgände, Priskilla ýoldaşy Akilanyň ýanynda bolup, ony hemişe goldaýardy (Res. iş. 18:2). w17.01 5:15, 16
26-njy iýul, penşenbe
Men özüm hem... iň kiçisi ahyryn. Ser. 6:15
Pespällik babatda Gedegon ajaýyp görelde görkezdi. Ýehowanyň perişdesi ýanyna gelende, ol pespällik bilen ýönekeý maşgaladandygyny aýdýar. Ýehowanyň ýumşuny alanda, ol özünden näme talap edilýändigine gaty gowy düşünýärdi. Şol sebäpli ol görkezme üçin Ýehowa ýüz tutýar (Ser. 6:36—40). Gedegon mert we batyrgaý adamdy. Emma şonda-da ol seresaplyk bilen hereket edýär (Ser. 6:11, 27). Ol berlen tabşyryk üçin özüni ýokary tutmady. Gaýtam, ony ýerine ýetirensoň, öňküje işine dolandy (Ser. 8:22, 23, 29). Pespäl bolmak hormatly ýa-da goşmaça ýumuşlary almaga ymtylmaly däldigini aňlatmaýar. Mukaddes Ýazgylarda biziň ählimize jogapkärli ýumuşlary almak maslahat berilýär (1 Tim. 4:13—15). Eýsem, bu ýerine ýetirýän ýumşumyzyň üýtgejekdigini görkezýärmi? Belki-de, üýtgemez. Biz Ýehowanyň kömegi bilen ruhy taýdan ösüp, häzirki ýumşumyzy gowy ýerine ýetirip bileris. Ýagşy işlerde ilerlemek üçin Ýehowanyň beren ukyplaryny ösdürmegimizi dowam etmeli. w17.01 3:15, 16
27-nji iýul, anna
Hudaý dünýä ýeke-täk Ogluny iberip, bize ol arkaly ýaşaýşa gowuşmaga ýol açdy. 1 Ýah. 4:9
Ýehowa adamzat üçin gymmatly töleg töledi (1 Pet. 1:19). Ol adamlary güýçli söýýändigi üçin ilkinji doglan Oglunyň ölmegine ýol berdi. Isa Adam atanyň ornuny eýeledi (1 Kor. 15:45). Şeýdip, ol diňe bir ebedi ýaşaýşa ýol açman, eýsem, bize Hudaýyň maşgalasyna dolanmaga mümkinçilik berdi. Isanyň töleg gurbany arkaly Ýehowa adyl kadalaryny bozman, adamzady öz maşgalasyna kabul edip bilýär. Eýsem, wepaly adamlaryň kämillige ýetjek wagtlary barada oýlanmak tolgundyrmaýarmy näme?! Hudaýyň gökdäki we ýerdäki maşgalasy doly agzybir bolar. Şonda biz, hakykatdan-da, Hudaýyň çagalary bolarys (Rim. 8:21). Töleg gurbanyna minnetdar bolsak, bu ajaýyp sowgadyň berýän peýdasy hakda adamlara gürrüň bermek üçin elimizde baryny ederis. w17.02 1:17, 19
28-nji iýul, şenbe
Wepaly we paýhasly hyzmatkär kim? Mat. 24:45
2013-nji ýylyň 15-nji iýulynda çykan «Garawul diňinde» Ýolbaşçylyk maslahatynyň «wepaly we paýhasly hyzmatkärdigi» düşündirildi. Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary wajyp kararlary bilelikde çözýärler. Nädip? Olar her hepde ýygnanyşýarlar, bu bolsa ýakyndan pikir alşyp, agzybirligiň bolmagyna ýardam edýär (Sül. tym. 20:18). Şol duşuşyklara her ýyl olaryň biri gözegçilik edýär. Bu olaryň özlerini bir-birinden ýokary tutmaýandygyny görkezýär (1 Pet. 5:1). Ýolbaşçylyk maslahatynyň alty komitetiniň hersi gezekli-gezegine gözegçi bolýar. Bular özüni ýolbaşçy däl-de, «öýdäki hyzmatkärleriň» biri hasaplap, wepaly hyzmatkäriň ruhy naharyndan iýmitlenip, oňa tabyn bolýarlar. Ýolbaşçylyk maslahatynyň taýýarlaýan ruhy iýmitiniň ylhamlanmandygy üçin ýalňyşlyklar bolýar. Şeýle ýalňyşlyklar taglymat meselesinde ýa-da guramaçylykly görkezmelerde bolup bilýär. w17.02 4:10—12
29-njy iýul, ýekşenbe
Hudaý hatda öz Ogluny-da gaýgyrman, biziň üçin ölüme tabşyrdy. Rim. 8:32
Töleg gurbanyna minnetdar bolmak üçin, oňa iman edip, özüňi Ýehowa bagyş etmeli we suwa çümdürilmeli. Suwa çümdürilip, «biz Ýehowanyňky» bolýarys (Rim. 14:8). Ýehowanyň ähli işlerinde söýgüsi görünýär, şol sebäpli ol biziňem bir-birimizi söýmegimizi isleýär (1 Ýah. 4:8—11). Biz ýakynymyzy söýüp, «gökdäki Atamyzyň perzentleri» bolmak isleýändigimizi görkezýäris (Mat. 5:43—48). Sebäbi bize ilki Ýehowany, soňra ýakynyňy söýmeli diýen tabşyryk berildi (Mat. 22:37—40). Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz etmeli diýen tabşyryga gulak asyp, biz ýakynymyzy söýýändigimizi görkezip bileris. Biz imandaşlarymyzy söýüp, Hudaýa şöhrat getirýäris. Dogrudan-da, adamlary, esasan-da, dogan-uýalary söýsek, Hudaýyň söýgüsi «bizde kämilleşer» (1 Ýah. 4:12, 20). w17.02 2:13, 14
30-njy iýul, duşenbe
Eger Ýehowa hak Hudaý bolsa, onda onuň yzyna eýeriň, eger-de Bagal hudaý bolsa, onda onuň yzyna eýeriň. 1 Pat. 18:21, TD
Ylýas pygamber ikigöwünli halky ýazgardy. Belki-de, siz: «Bu ýönekeýje karar-a. Munuň üçin ikirjiňlenmek nämä gerek?! Ýehowa gulluk etmek paýhasly we hemişe peýda getirýär ahyryn» diýýänsiňiz. Dogrudan-da, Bagala sežde etmegi saýlamak akylsyzlykdy. Ysraýyllylar şonda-da «ikigöwünli bolup, yraň atyp ýördüler». Ylýas pygamber olary iň gowy ýoly, ýagny Ýehowa sežde etmegi saýlamaga höweslendirdi. Ysraýyllylara dogry karara gelmek näme üçin kyn boldy? Olar indi Ýehowa iman etmeýärdiler, oňa gulak hem asmaýardylar. Ysraýyllylar Ýehowa barada dogry bilim almagyny, onuň akyldarlygyna eýermegini we oňa bil baglamagyny bes etdiler. Eger olar alan dogry bilimi esasynda hereket eden bolsalardy, paýhasly karara gelerdiler (Zeb. 25:12). Emma ysraýyllylar Ýehowa gulluk etmeýän butparaz adamlaryň pikirini kabul edip, olaryň yzyna eýerdiler. Ýehowa munuň şeýle boljakdygyny olara öňünden duýdurypdy (Müs. çyk. 23:2). w17.03 2:6, 7
31-nji iýul, sişenbe
(Hizkiýa) Musanyň ýasan bürünç ýylanyny parçalady. 2 Pat. 18:4
Hizkiýa bilen bolan wakadan Hudaýa sežde etmäge päsgel berýän ýa-da hakyky seždeden ünsümizi sowýan zatlardan gaça durmagyň wajypdygyny görse bolýar. Biz aragatnaşyk ulgamlaryny hemme zatdan ileri tutýan adamlara meňzemek islemeýäris. Aragatnaşyk ulgamlary bize maşgala agzalarymyz ýa-da dost-ýarlarymyz bilen habarlaşmaga mümkinçilik berýär. Emma köp adamlar aragatnaşyk ulgamlary arkaly tanamaýan we bilmeýän adamlary bilen gatnaşyk saklaýarlar. Ýa-da olaryň suratlaryny görmäge, ýazan zatlaryny okamaga köp wagtyny sarp edýärler. Emma şeýle boş zatlara wagt sarp etmek howpludyr. Hatda mesihçilerem aragatnaşyk ulgamlary arkaly köp adamlar bilen gatnaşyk saklaýandygyna buýsanyp biler. Eger olardan biri gatnaşyk etmegini bes etse, gynanmaklary mümkin. Biz özümize şeýle soragy berip bileris: «Men adamlary öwüp arşa çykarmakdan we gymmatly wagtymy boş zatlara sarp etmekden gaça durýarynmy?» (Efes. 5:15, 16). w17.03 3:14, 17