Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es18 sah. 57—67
  • Iýun

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Iýun
  • Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2018
  • Sözbaşylar
  • 1-nji iýun, anna
  • 2-nji iýun, şenbe
  • 3-nji iýun, ýekşenbe
  • 4-nji iýun, duşenbe
  • 5-nji iýun, sişenbe
  • 6-njy iýun, çarşenbe
  • 7-nji iýun, penşenbe
  • 8-nji iýun, anna
  • 9-njy iýun, şenbe
  • 10-njy iýun, ýekşenbe
  • 11-nji iýun, duşenbe
  • 12-nji iýun, sişenbe
  • 13-nji iýun, çarşenbe
  • 14-nji iýun, penşenbe
  • 15-nji iýun, anna
  • 16-njy iýun, şenbe
  • 17-nji iýun, ýekşenbe
  • 18-nji iýun, duşenbe
  • 19-njy iýun, sişenbe
  • 20-nji iýun, çarşenbe
  • 21-nji iýun, penşenbe
  • 22-nji iýun, anna
  • 23-nji iýun, şenbe
  • 24-nji iýun, ýekşenbe
  • 25-nji iýun, duşenbe
  • 26-njy iýun, sişenbe
  • 27-nji iýun, çarşenbe
  • 28-nji iýun, penşenbe
  • 29-njy iýun, anna
  • 30-njy iýun, şenbe
Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2018
es18 sah. 57—67

Iýun

1-nji iýun, anna

Men şony Ýehowa ýakma gurbanlyk edip berjekdirin. Ser. 11:31, TD

Ýeftahyň başga çagasy ýokdy; gyzy Ysraýylda onuň adyny göterip, neslini dowam etdirjek ýeke-täk perzendidi (Ser. 11:34). Muňa garamazdan, Ýeftah şeýle diýdi: «Men Rebbiň öňünde öz agzym bilen kasam etdim, indi nädip ondan boýun gaçyraýyn» (Ser. 11:35). Ol ýeke-täk perzendinden aýra düşse-de, Ýehowa wepaly galyp, Onuň razylygyny gazandy we pata aldy. Şeýle ýagdaýda siz näme ederdiňiz? Biz hem özümizi Ýehowa bagyş edenimizde, Onuň islegini hemişe berjaý etjekdigimizi wada berdik. Biz beren sözümize görä ýaşamak üçin jan etmeli. Emma bizden halamaýan zadymyzy etmegi haýyş etseler, wepalylygymyz synalyp biler. Şeýle ýagdaýlarda biz öz islegimizi däl-de, Hudaýyň islegini berjaý etsek, wepalylygymyzy subut ederis. Hudaýa wepaly galmak üçin tagalla etsek, ençeme bereketleriň eýesi bolarys (Mal. 3:10). w16.04 1:11, 14, 15

2-nji iýun, şenbe

Goý, gulagy bar adam mukaddes ruhuň ýygnaklara näme diýýändigini eşitsin. Ylh. 2:7

Isa mukaddes ruh arkaly mesihçiler ýygnagyna ýolbaşçylyk edýär. Mukaddes ruh bize ten höweslerimize garşy göreşmäge, yhlasly wagyz etmäge we paýhasly karara gelmäge kömek edýär. Ine şol sebäpli-de biz ýygnak duşuşyklaryna yzygider gatnaşmagy wajyp hasaplaýarys. Duşuşyklaryň köpüsinde Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikleriň ýerine ýetişi barada öwrenýäris. Bu Ýehowanyň wadalarynyň gelejekde hökman berjaý boljakdygyna ynamymyzy artdyrýar. Şeýle-de bizi doganlaryň çykyşlary ruhlandyrýar. Imandaşlarymyzyň berýän jogaplary we ýürekden aýdylýan aýdymlar biziň imanymyzy berkidýär (1 Kor. 14:26). Biz duşuşykdan öň hem-de soň dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolup, olar bilen dostlaşýarys we ruhlanýarys (1 Kor. 16:17, 18). w16.04 3:6, 7

3-nji iýun, ýekşenbe

Ähli halklardan şägirt taýýarlaň. Mat. 28:19

Isa hoş habaryň «bütin ýer ýüzünde» wagyz edilmelidigini aýdanda, onuň nähili möçberde wagyz ediljekdigini düşündirdi (Mat. 24:14). Diýmek, «ähli halklardan» şägirt taýýarlamalydy. Bu hoş habaryň örän uly möçberde wagyz edilmelidigini görkezýär. Ýehowanyň Şaýatlary Isanyň aýdan pygamberliginiň berjaý bolmagyna nädip gatnaşýarlar? Geliň, muňa düşünmek üçin wagyz işiniň möçberi bilen bagly käbir zatlara seredeliň. Meselem, ABŞ-da 600 müňe golaý ruhany bar, emma şol ýerde takmynan 1 million 200 müň Ýehowanyň Şaýady bar. Bütin dünýäde katolik buthanalarynda 400 müňden gowrak ruhanylar gulluk edýär. Geliň, indi olary Mukaddes Ýazgylara esaslanan Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edýän Şaýatlaryň sany bilen deňeşdirip göreliň. Bütin dünýäde 8 million töweregi Ýehowanyň Şaýady bar. Olar 240 ýurtda hoş habary adamlara wagyz edýärler. Ýehowany beýgeltmek we şöhratlandyrmak üçin edilýän işler diýseň haýran galdyrýar! (Zeb. 34:1; 51:15). w16.05 2:13, 14

4-nji iýun, duşenbe

Gaharjaň adam jenjel turuzýandyr; gyzma adamyň jenaýaty köpdür. Sül. tym. 29:22

Şu günler dünýäde özbaşdaklyk ruhy höküm sürýär. Şol sebäpli adamlar tekepbir, diňe özüni söýýär we biri-biri bilen bäsdeşlik edýärler. Şeýtanyň garaýşyna eýerýän adamlar diňe öz bähbidine çapýarlar we munuň başgalara nähili täsir edýändigi hakda asla pikirem etmeýärler (Gel. çyk. 3:1—5). Bu bolsa dawa-jenjel döredýär. Isa adamlar bilen parahatlygy saklamak üçin hatda öz islegiňdenem geçmäge taýyn bolmalydygyny öwretdi. Ol Dagdaky wagzynda dawalary ýa-da düşünişmezligi çözmek babatda örän gowy maslahat berdi. Meselem, ol şägirtlerine pesgöwünli bolmagy, parahatlygy döretmegi, gaharjaň bolmazlygy, dawalary tiz çözmegi we duşmanlaryny söýmegi ündedi (Mat. 5:5, 9, 22, 25, 44). w16.05 1:4, 5

5-nji iýun, sişenbe

Gowy zat edesim gelýär, ýöne ony edip bilmeýärin. Rim. 7:18

Biziň köpümiz suwa çümdürilmänkäk durmuşymyzy Mukaddes Ýazgylaryň talaplaryna laýyk getirmek üçin köp özgerişlikler etdik. Emma biz suwa çümdürilenimizden soňam Hudaýdan görelde almagy we Mesihiň yzyna doly eýermek üçin durmuşymyzy özgertmegi dowam etmelidigine düşünýäris (Efes. 5:1, 2; 1 Pet. 2:21). Belki-de, biz özümizde nägile bolmagyň, adamdan gorkynyň, gybat etmegiň ýa-da başga bir gowşak tarapymyzyň bardygyny görýändiris. Şeýle endikleri ýeňmek has kyn bolsa näme? Biz entek bikämildigimizi unutmalyň (Kol. 3:9, 10). Şol sebäpli suwa çümdürilenimizden soň ýa-da ençeme ýyl hakykatda bolanymyz üçin hiç haçan ýalňyşmaryn, ýykylmaryn, erbet höwesleriň we endikleriň täsirine düşmerin diýip pikir etsek nädogry bolardy. Sebäbi käbir endikler bilen ençeme ýyl göreşmeli bolýar (Ýak. 3:2). w16.05 4:3—5

6-njy iýun, çarşenbe

Ýehowa söýýänini terbiýeleýändir, ogly hökmünde kabul edýänine hatda temmi-de berýändir. Ýew. 12:6

Belki-de, siz: «Enäň gadyryny ene bolanyňda bilersiň» diýen sözleri eşidensiňiz. Dogrudan-da, biz ulaldygymyzça terbiýä başgaça, ýagny Ýehowanyň garaýşy ýaly garap, onuň söýgi bilen berilýändigine düşünip başlaýarys (Ýew. 12:5, 11). Hawa, Ýehowa bizi söýýändigi üçin sabyrlylyk bilen terbiýeleýär. Ol biziň paýhasly hereket etmegimizi, bagtly bolmagymyzy we ony söýmegimizi isleýär (Sül. tym. 23:15). Ýehowa biziň horluk çekmegimizi we Adam ata ýaly «Hudaýyň gazabyna sezewar boljak çagalar» bolmagymyzy islemeýär (Efes. 2:2, 3). Öňler biz özümizi «Hudaýyň gazabyna sezewar boljak çagalar» ýaly alyp barýardyk we wagşy haýwanlara mahsus bolan Hudaýa ýaramaýan käbir häsiýetleri bildirýärdik. Emma Ýehowanyň kömegi bilen durmuşymyzy özgertdik. Biz indi özümizi guzular ýaly ýumşak alyp barýarys (Iş. 11:6—8; Kol. 3:9, 10). w16.06 1:7, 8

7-nji iýun, penşenbe

Kim şu çaga ýaly pesgöwünli bolsa, şol hem gökdäki Patyşalykda iň uly bolar. Mat. 18:4

Çagalaryň köpüsiniň öwrenmek islegi güýçli bolýar we öwredilýän zady kiçigöwünlilik bilen kabul edýär (Mat. 18:1—3). Şol sebäpli paýhasly ata-eneler çagalaryna hakykaty bütin ýüregi we düşünjesi bilen söýmegi öwretmek üçin elinde baryny edýärler (2 Tim. 3:14, 15). Emma çagalary Hudaýyň isleýşi ýaly terbiýelemek üçin hakykat ilki bilen ata-eneleriň öz ýüreginde bolmaly we şoňa görä ýaşamaly. Şonda çagalara olaryň göreldesine eýermek aňsat bolar. Mundan başga-da çagalar ata-enesiniň goýýan käbir düzgünleriniň Ýehowanyň söýgüsine esaslanýandygyna düşünerler. Eger biz pesgöwünlilik bilen Ýehowa gulak assak, ol Danyýel pygamber ýaly bizi hem «jandan eziz söýülýän ynsan» hasaplar (Dan. 10:11, 19). Şeýle-de Ol bizi Sözi, mukaddes ruhy hem-de guramasy arkaly terbiýelemegini dowam eder. w16.06 2:14, 17

8-nji iýun, anna

Ýessäniň ogly Dawut meniň göwnüme ýaraýan adamdyr. Res. iş. 13:22

Ýehowa Dawudy juda gowy görýärdi we oňa «göwnümden turýan» adam diýdi (1 Şam. 13:13, 14). Emma Dawut Batşeba bilen zyna edýär we ol göwreli bolýar. Şol wagt Batşebanyň adamsy Uryýa söweşdedi. Ol birnäçe günlük öýüne gelende, Dawut ony aýaly Batşeba bilen ýatmagy üçin öýüne ugradýar. Şeýdip, Dawut özüniň çaganyň kakasydygyny ýaşyrjak bolýar. Emma Uryýa patyşanyň teklibinden ýüz öwürýär. Şonda Dawut onuň söweşde öldürilmegini gurnaýar. Dawut eden etmişiniň ajy miwesini datmaly boldy; onuň öý-içerisi köp betbagtçylyklara sezewar boldy (2 Şam. 12:9—12). Emma Hudaý şonda-da «sap ýüreklilik» ýollaryndan ýörändigi üçin, Dawuda rehimdarlyk bildirdi (1 Pat. 9:4). Eger siz şol döwürde Hudaýyň halkynyň arasynda ýaşan bolsaňyz, bolýan zatlara nähili garardyňyz? Siz Dawudyň eden günäleri zerarly büdrärdiňizmi? w16.06 4:7

9-njy iýun, şenbe

Hüşgär boluň, oýa boluň, sebäbi siz bellenen wagtyň haçan boljakdygyny bilmeýärsiňiz. Mar. 13:33

Ýehowanyň Şaýatlary Isanyň duýduryşyna çynlakaý garaýarlar. Sebäbi biz soňky günlerde ýaşaýandygymyzy we «agyr muşakgatyň» başlanmagyna az wagtyň galandygyny bilýäris (Dan. 12:4; Mat. 24:21). Elhenç uruşlar, ahlak kadalarynyň pese gaçmagy, bikanun edilýän işler, ýalan dinleriň köpelmegi, açlyk, her hili keseller, ýertitremeler we Ýehowanyň Şaýatlarynyň Patyşalyk baradaky hoş habary ähli ýerde wagyz edýändikleri ol günüň golaýdygyny görkezýär (Mat. 24:7, 11, 12, 14; Luka 21:11). Biz Halypamyzyň gelip, Hudaýyň islegini amala aşyrjak wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys! (Mar. 13:26, 27). Emma biz agyr muşakgatyň haçan başlanjakdygyny, ýagny gününi we sagadyny, hatda plança ýyldan bolar diýip hem aýdyp bilmeýäris. w16.07 2: 2—4

10-njy iýun, ýekşenbe

Hudaýyň merhemet tagtyna ýakynlaşyp, çekinmän doga edeliň. Ýew. 4:16

Ýehowa bize merhemet edip, doga arkaly özüne ýakynlaşmaga mümkinçilik berýär. Biz bu hormata Ýehowanyň Ogly arkaly eýe bolup bilýäris. Efesliler 3:12-de şeýle diýilýär: «Biz Mesihe iman edýändigimiz üçin, ol arkaly çekinmän gepleýäris we Hudaýa ynam bilen ýakynlaşyp bilýäris». Ýehowa çekinmän doga etmeklik onuň merhemet edýändigini aýan edýär. Pawlusyň aýdyşy ýaly, çekinmän doga edip, Ýehowa bilen dostlaşsak «kömege mätäç bolanymyzda, ol bize rehimdarlyk bildirip, merhemet eder» (Ýew. 4:16). Biz synaglara duçar bolanymyzda, Ýehowa ýalbaryp, kömek bermegini haýyş edýäris. Biz Ýehowanyň merhemetine mynasyp bolmasak-da, ol dogalarymyza jogap berip dogan-uýalar arkaly kömek edýär. «Şonuň üçin hem biz doly ynam bilen: „Ýehowa meniň kömekçimdir; men gorkmaryn. Eýsem, adam maňa näme edip bilsin?“ diýýäris» (Ýew. 13:6). w16.07 3:12, 13

11-nji iýun, duşenbe

Sara hem Ybraýyma tabyn bolup, oňa hojaýynym diýýärdi... Saranyň çagalary hasaplanarsyňyz. 1 Pet. 3:6

Nuhuň we ogullarynyň diňe bir aýaly bolsa-da, şol döwürde köp aýal almaklyk giňden ýaýrandy. Köp ýerlerde ahlaksyzlyk etmek adaty zada öwrüldi, hatda ol köp dini däp-dessurlarda wajyp hasaplanylýar. Ybram (Ybraýym) bilen aýaly Sare (Sara) Hudaýa gulak asyp, Kengana göçüp baranda, ol ýerdäki adamlaryň nikanyň gymmatyny gaçyrýan işleri edýändiklerini görýärler. Sodom bilen Gomorranyň ýaşaýjylary hem ahlaksyzlyga bütinleý berlipdi, käbiri bolsa şeýle zatlara göz ýumýardy. Şol sebäpli Ýehowa şol şäherleri ýok etmegi ýüregine düwýär. Emma Ybraýym pygamber maşgalabaşy hökmünde, Sara hem adamsyna tabyn bolmakda gowy görelde galdyrdy (1 Pet. 3:3—5). Ybraýym ogly Yshagy Ýehowa sežde edýän gyza öýermek üçin elinde baryny edýär. Yshak hem Ysraýylyň 12 taýpasynyň atasy bolan ogly Ýakuba hakyky sežde babatda görkezme berýär. w16.08 1:10

12-nji iýun, sişenbe

Olaryň iň azy urug bolar, güýçli millet bolar iň ejizi. Iş. 60:22

Bu pygamberlik şu günler ýerine ýetýär. 2015-nji gulluk ýylynda Ýehowanyň Şaýatlarynyň sany 8 million 220 müň 105-e ýetdi. Aýadyň soňky bölegi bizi has-da ruhlandyrýar. Gökdäki Atamyz: «Men Ýehowa muny öz wagtynda tiz amal ederin» diýip wada berýär. Kem-kemden tizligini artdyrýan otlydaky ýolagçylar ýaly, bizem şägirt taýýarlamak işiniň has-da ilerleýändigini görýäris. Wagyz işiniň şeýle uly depginde alnyp barylmagy bize nähili täsir etmeli? Biz Patyşalyk baradaky hoş habary yhlasly wagyz edýärismi? Dogan-uýalaryň köpüsi pioner ýa-da kömekçi pioner bolup gulluk edýärler. Käbir dogan-uýalar bolsa wagyzçylaryň az ýerinde gulluk edýärler ýa-da gurluşyk işlerine gatnaşýarlar. Eýsem, şeýle dogan-uýalaryň yhlasly gullugy bizi ruhlandyrmaýarmy?! Aslynda, hem doganlara, hem uýalara «Halypamyzyň işinde» köp zähmet çekmäge mümkinçilik bar (1 Kor. 15:58). w16.08 3:1, 2

13-nji iýun, çarşenbe

Ýehowanyň eli gysga däldir halas etmez ýaly. Iş. 59:1, TD

Ysraýyl halky Müsür gulçulygyndan çykyp, biraz wagt geçende, amalekler olaryň üstüne hüjüm edýär. Musanyň ýolbaşçylygynda batyrgaý Ýeşuwa ysraýyllylary söweşe alyp barýar. Musa pygamber bolsa ýanyna Harun bilen Hury alyp, söweşe syn etmek üçin, golaýdaky bir depäniň üstüne çykýar. Musa olara nämäniň kömegi bilen ýeňiş gazanjakdyklaryny görkezmekçidi. Ol hak Hudaýyň hasasyny alyp, ellerini göge galdyrýar. Musa elini göterip duranda, Ýehowa ysraýyllylara ýeňiş berýärdi. Emma ol ýadap, elini aşak goýberende, amalekler ýeňýärdi. Şonda Harun bilen Hur «ony oturdar ýaly daş getirip goýup, Musany onuň üstünde oturtdylar. Harun bilen Hur onuň ellerini ýokaryk galdyryp, hersi bir ýandan tutup durdy. Tä gün ýaşýança onuň ellerini göterip durdular». Hawa, Hudaýyň güýçli gollarynyň astynda ysraýyllylar söweşde ýeňiş gazandylar (Müs. çyk. 17:8—13). w16.09 1:5—7

14-nji iýun, penşenbe

Dogry zat edesim gelende, erbetlik peýda bolýar. Rim. 7:21

Pawlus resul Ýehowa dogada bil baglap we Isanyň töleg gurbanyna iman edip, bu göreşde ýeňiş gazanyp bolýandygyna doly göz ýetirdi. Bize ten höweslerine garşy göreşmäge näme kömek eder? Munuň üçin bizem Pawlus ýaly öz güýjümize däl-de, Ýehowa doly bil baglap, töleg gurbanyna iman etmeli. Käte Hudaý biziň näme hakda has köp biynjalyk bolýandygymyzy görkezmäge ýol berýär. Meselem, biz (ýa-da maşgala agzalarymyzdan biri) agyr kesele ýa-da adalatsyzlyga uçrap bileris. Wepaly bolmak we şatlygymyzy ýitirmän, ruhy taýdan berk galmak üçin Ýehowa ýalbaryp, güýç bermegini sorasak, oňa doly bil baglaýandygymyzy görkezip bileris (Flp. 4:13). Pawlusyň günlerinde bolşy ýaly, şu günlerem doga bize güýç berip, kynçylyklarda çydamly bolmaga kömek edip biler. w16.09 2:14, 15

15-nji iýun, anna

Grekçe gepleýän ýehudylar ýewreýçe gepleýän ýehudylardan nägile bolup başladylar. Res. iş. 6:1

Mesihçiler ýygnagynyň ösmegi bilen ýagdaý birden özgerýär. Meselem, ýehudylaryň arasynda grekçe gepleýän mesihçiler dul aýallara adalatsyzlyk edilýändigi üçin nägile bolup başlaýarlar. Resullar bu meseläni çözmek we hemmeleriň aladasyny etmek üçin, ýedi adamy saýlaýar. Olaryň ýedisi hem grekdi. Bu bolsa resullaryň mesihçileriň arasynda bölünişik döredýän milletparazlygyň bolmagyny islemändigini aýan edýär (Res. iş. 6:2—6). Adam islese, islemese-de, oňa ýaşaýan ýeriniň medeniýeti güýçli täsir edýär (Rim. 12:2). Mundan başga-da goňşularymyzyň, işdeşlerimiziň ýa-da klasdaşlarymyzyň başga medeniýetden, taýpadan ýa-da tireden bolan adamlar barada aýdýan kemsidiji gürrüňleri bize täsir edip bilýär. Kimdir biri milletimiz ýa medeniýetimiz bilen bagly zatlary ýoýup gürrüň berse ýa-da dil ýetirse bize nähili täsir eder? w16.10 1:7, 8

16-njy iýun, şenbe

Hudaý göze görünmese-de, adamlar ýaradylan zatlar arkaly... düşünip bilýärler. Rim. 1:20

«Göz ýetirmek» diýen jümle bir zada düşünmekligi aňladýar, ýöne munuň üçin wagt gerek (Ýew. 11:3). Düşünjeli adamlar diňe gözüniň gören we gulagynyň eşiden zatlary arkaly däl-de, aň-düşünjesi arkaly karara gelýärler. Bu babatda Ýehowanyň guramasy köp sanly esbaplary taýýarlady. Olar bize «görünmez» Ýaradyjyny iman gözi bilen görmäge kömek edýär (Ýew. 11:27). Meselem: «Täsin ýaradylan zatlar Hudaýy şöhratlandyrýar» (rus.) wideofilmi, «Ýaşaýşy Hudaý ýaratdymy?», «Ýaşaýşyň gelip çykyşy baradaky bäş sorag» (rus.) atly broşýuralar, «Biziň aladamyzy edýän Ýaradyjy barmy?» (rus.) kitaby hem-de žurnallarymyzda ajaýyp makalalar bar. Köplenç «Oýanyň!» (rus.) žurnalynda Hudaýa iman eden alymlaryň we başga adamlaryň interwýulary getirilýär. Şeýle-de ýaradylyşa degişli ençeme makalalar çap edilýär. Olarda köplenç alymlaryň tebigatdaky ajaýyp zatlaryň nusgasyny alýandygy barada gürrüň edilýär. w16.09 4:4, 5

17-nji iýun, ýekşenbe

Olar iman edendikleri üçin gowy şaýatlyk aldylar. Ýew. 11:39

Ýewreýler kitabynyň 11-nji babynda agzalan Hudaýyň wepaly gullukçylary wada edilen «nesil», ýagny gökdäki ýaşaýşa ýol açan Isa Mesihden öň aradan çykdylar (Gal. 3:16). Emma Ýehowa olary ýer ýüzünde boljak Jennetde direlder (Zeb. 37:11; Iş. 26:19; Hoş. 13:14). Ýewreýler 11:13-de Hudaýyň geçmişdäki käbir gullukçylary barada şeýle diýilýär: «Olar wada edilen zatlaryň berjaý bolşuny ýaşan döwründe görmeseler-de, ölýänçäler imanda berk durdular; şol wadalary uzakdan görüp, olara sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar». Olaryň biri Ybraýym pygamberdi. Ol wada edilen «nesliň» patyşalygy astynda ýaşamaga umyt edýändigine begenýärdimi? Isanyň özüne garşy çykan adamlara aýdan sözleri bu soraga aýdyň jogap berýär. Ol: «Ataňyz Ybraýym meniň edýän işlerimi görmäge umydynyň bardygyna juda begenýärdi. Ol muny görüp, begendi» diýdi (Ýah. 8:56). Şonuň ýaly Sara, Yshak, Ýakup ýaly başga-da köp adamlar «gurujysy we ýaradyjysy Hudaý bolan» gelejekdäki Patyşalyga umyt bilen garaşýardylar (Ýew. 11:8—11). w16.10 3:4, 5

18-nji iýun, duşenbe

Her ýagdaýda... doga ediň. Efes. 6:18

Biz Ýehowanyň mukaddes ruhy arkaly hakykaty bilmäge we hoş habara iman etmäge ýol açandygyna örän minnetdar! (Luka 10:21). Şeýle-de biz Ýehowanyň «imanymyzyň Baş Ýolbaşçysy we Kämilleşdirijisi» bolan Ogly arkaly özi bilen dostlaşmaga mümkinçilik berendigine çäksiz begenýäris (Ýew. 12:2). Biz Hudaýyň merhemetine minnetdardygymyzy görkezmek üçin yzygider doga edip we her gün Mukaddes Ýazgylary okap, imanymyzy berkitmeli (1 Pet. 2:2). Biz Ýehowanyň wadalaryna iman edýändigimizi hemişe iş ýüzünde görkezmeli. Biz muny birnäçe usullar bilen edip bileris. Meselem, Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edip, şägirt taýýarlamaly we «hemme adamlara, esasan-da, imandaşlarymyza ýagşylyk etmeli» (Gal. 6:10). Şonda adamlar iman edýän zatlarymyza görä ýaşaýandygymyza göz ýetirerler (Kol. 3:5, 8—10). w16.10 4:11, 12

19-njy iýun, sişenbe

Ýehowa gökleri düşünje bilen ýaratdy. Zeb. 136:5

Dogrudan-da, älem-jahanyň guramaçylykly ýaradylyşy haýran galdyrýar. Diýmek, Ýehowa gullukçylarynyň hem guramaçylykly bolmagyny isleýär. Ol bize Mukaddes Ýazgylar arkaly görkezme berýär. Hudaýyň guramasy we kadalary bolmasa, biz köp kynçylyklara uçrap, bagtsyz ýaşardyk. Gadymy ysraýyllylar guramaçylykly halkdy. Meselem, Musanyň kanunyna görä, aýallar «çadyryň girelgesinde (guramaçylykly, TD) hyzmat edýärdiler» (Müs. çyk. 38:8). Birnäçe wagtdan Dawut patyşa lewileriň we ruhanylaryň guramaçylykly gulluk etmegini ýola goýdy (1 Ýyl. 23:1—6; 24:1—3). I asyrda mesihçiler ýygnagy hem guramaçylykly hereket edýärdi. Olara resullardan ybarat bolan ýolbaşçylyk maslahaty görkezme berýärdi (Res. iş. 6:1—6). Şeýle-de mukaddes ruh arkaly ýazylan hatlarynda ýygnaklara maslahat hem-de görkezme berilýärdi (1 Tim. 3:1—13; Tit. 1:5—9). w16.11 2:3, 6, 8, 9

20-nji iýun, çarşenbe

Sürgüne höküm edilenleri sürgüne ibererin. Ýer. 15:2

B. e. öň 607-nji ýylda Wawilonyň patyşasy Nebukadnesar II uly goşuny bilen Iýerusalimi basyp alýar. Şol gandöküşikli söweş barada Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Babyllar ýahudalaryň mukaddes öýünde olaryň ýaşlaryny gylyçdan geçirdiler; ýigitlerdir gyzlara, gojalardyr saçy agaranlara olar rehim etmediler... Babyllar Hudaýyň öýüni ýakyp, Iýerusalimiň diwaryny ýykyp, ondaky ähli köşklere ot berip, ähli gymmatbaha zatlary ýok etdiler» (2 Ýyl. 36:17, 19). Iýerusalimiň derbi-dagyn edilmegi ýehudylar üçin geň bolmaly däldi. Olar Hudaýyň Kanunyna gulak asmasalar, wawilonlylaryň elinden ýok ediljekdigi barada pygamberler ençeme ýyllap duýdurypdylar. Ýehudylaryň köpüsi gylyçdan geçirilmelidi, diri galanlary bolsa Wawilona sürgün edilmelidi. w16.11 4:1, 2

21-nji iýun, penşenbe

Bir adam arkaly günä... dünýä girdi. Rim. 5:12

«Bir adam», ýagny Adam ata arkaly günä we ölüm «dünýä girdi». Şeýlelikde, «bir adamyň günäsi sebäpli ölüm patyşa kimin höküm sürýär». Pawlusyň aýtmagyna görä, «Hudaýyň bolluk bilen berýän merhemeti» «bir adam, ýagny Isa Mesih arkaly» geldi (Rim. 5:12, 15, 17). Hudaýyň merhemeti arkaly ähli adamlara ýagşylyk edildi. «Bir adamyň (Isanyň) gulak asmagy bilen hem köp adamlar dogry hasaplandy». Dogrudan-da, Hudaýyň merhemeti «Isa Mesih arkaly ebedi ýaşaýşa» eltip bilýär (Rim. 5:19, 21). Ýehowa öz Ogluny ýer ýüzüne iberip, adamlar üçin töleg tölemäge borçly däldi. Hudaýyň we Isa Mesihiň bizi bagyşlamak üçin beren töleg gurbanyna bikämil, günäli adamlar hem mynasyp däldi. Hudaý biziň günälerimizi bagyşlap we ebedi ýaşaýşa umyt berip merhemet etdi. Biz Hudaýyň merhemetini gymmat saýmaly we muny durmuşymyzda her gün görkezmeli. w16.12 1:1, 6, 7

22-nji iýun, anna

Ten höwesleri barada pikir etmeklik Hudaýa duşman edýär, sebäbi ten Hudaýyň kanunyna tabyn bolmaýar, tabyn bolup hem bilmeýär. Rim. 8:7

Özüňi barlamak näme üçin wajyp? Pawlus resul: «Ten höwesleri barada pikirlenmeklik ölüme eltýär» diýdi (Rim. 8:6). Bu sözlere sowuk-sala garamaly däl, sebäbi adam ilki ruhy taýdan ölýär, gelejekde bolsa ýaşaýşyndan mahrum bolar. Ýöne Pawlus «ten höwesleri barada pikirlenip» başlan adamlaryň hökman ýaşaýşyndan mahrum bolar diýjek bolmady. Adam ýaşaýşyny özgerdip bilýär. «Ten» höweslerine eýerip, ýygnak gatnaşygyndan kesilen Korinfdäki mesihçi hakda oýlanyp görüň. Ol toba edip, durmuşyny özgertdi, ten höweslerine eýerip ýaşamagyny bes edip, dogry ýola düşdi (2 Kor. 2:6—8). Eger agyr günä eden mesihçi düzelen bolsa, onda ten höwesleri hakda oýlanyp başlan mesihçilere düzelmek kyn bolmaz. Pawlusyň «ten höwesleri barada pikirlenýän» adamlara beren maslahaty mesihçileri hem gerekli özgerişikleri etmäge höweslendirse gerek. w16.12 2:5, 12, 13

23-nji iýun, şenbe

Ýüküňi Ýehowanyň üstüne taşla, ol seni saklar. Zeb. 55:22, TD

Bize «ýüküňi Ýehowanyň üstüne taşla, ol seni saklar» diýen sözler diýseň teselli berýär! Hudaýyň biziň «soraýan we düşünýän ähli zatlarymyzdan-da has köp zatlary edip bilýändigine» doly ynanyp bileris (Efes. 3:20). Göz öňüne getiriň, Hudaý biziň diňe bir «soraýan we düşünýän ähli zatlarymyzy» däl, eýsem, ondanam «köp zatlary edip bilýär! Gelejege bolan umyt bize çendenaşa alada etmezlige nädip kömek edýär? Sylag almak üçin, biz Ýehowa doly bil baglap, onuň görkezmesine gulak asmaly. Musa pygamber ysraýyl halkyna şeýle diýdi: «Diňe Hudaýyňyz Ýehowa gulak asyp, onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän ähli buýruklaryny yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, Hudaýyňyz Ýehowa mülk edip berjek ýerinde size bereket berer. Hudaýyňyz Ýehowa söz berşi ýaly, size bereket berer» (Kan. tag. 15:4, 6, TD). Ýehowa wepaly gulluk etseňiz, onuň patalajakdygyna doly ynanýarmysyňyz? Muňa ynanmaga ähli sebäpler bar. w16.12 4:8, 9

24-nji iýun, ýekşenbe

Hudaýyňyz Ýehowa özüniň gymmatly halky bolmagyňyz üçin... sizi saýlady. Kan. tag. 7:6, TD

Ýehowa ysraýyllylary ýöne ýere öz adyny göterýän «gymmatly halk» edip saýlamady. Ol ençeme asyr mundan öň dosty Ybraýyma beren wadasyny berjaý etdi (Gel. çyk. 22:15—18). Şeýle-de Ýehowa erkinligini hemişe söýgi we adalatlylyk bilen ulanýar. Muny hakyky seždeden gaýta-gaýta ýüz öwren ysraýyllylara beren temmisinden görse bolýar. Olar ýürekden toba edende, Ýehowa rehim edip, söýgi bilen: «Olaryň wepasyzlygyna melhem ederin. Men olary çäksiz söýerin» diýdi (Hoş. 14:5). Erkinligi başgalaryň peýdasy üçin ulanmakda Ýehowa, gör, nähili ajaýyp görelde görkezýär! Ýehowa perişdeleri ýaradanda, olara ajaýyp sowgady, ýagny erkinligi berdi. Bu sowgady ilkinji bolup, «Görünmez Hudaýyň keşbi» bolan Ogly aldy (Kol. 1:15). Isa heniz ýer ýüzüne gelmänkä, Atasyna wepaly galmagy ýüregine düwdi, şonuň üçin Şeýtanyň pitnesine goşulmady. w17.01 2:3, 4

25-nji iýun, duşenbe

Hudaý siziň edýän işleriňizi... onuň adyna görkezýän söýgiňizi unudar ýaly, adalatsyz däldir. Ýew. 6:10

Ýagdaýymyzyň üýtgemegi bilen ýygnakda etmeli işimiz hem artar ýa-da kemeler. Biziň ýaş ýa-da garry, saglygymyzyň gowy ýa-da ýaramazdygyna garamazdan, Ýehowa hemişe bizi gerekli gural hökmünde ulanar. Ýöne ol biziň paýhasly hem-de minnetdar bolmagymyzy isleýär. Isa her bir eden işinden şatlyk tapýardy, bizem onuň göreldesine eýerip bileris (Sül. tym. 8:30, 31). Pespäl adam ýygnakdaky ýumuşlaryny ýa-da borçlaryny höwes bilen ýerine ýetirýär. Ol has hormatly borçlara kowalaşmaýar ýa-da başgalaryň üstünligine göriplik etmeýär. Gaýtam, bar güýjüni häzirki edýän işine sarp edýär, sebäbi oňa Ýehowanyň ynanan ýumşy hökmünde garaýar. Şeýle-de Ýehowanyň başgalara beren borjuna hormat goýýar. Pespällik başgalara ýürekden hormat goýmaga we olary goldamaga ýardam edýär (Rim. 12:10). w17.01 3:13, 14

26-njy iýun, sişenbe

Hoş habary ýaýratmakda meniň ýanymda bolup, kakasynyň ýanyndaky çaga kimin gulluk etdi. Flp. 2:22

Käbir ýaşlar gartaşan doganlar bilen eginme-egin işleşýärler. Şeýle ýaşlaryň jogapkärçiligi üýtgese-de, olar karara gelende, garry doganlaryň akyl-paýhasyny we tejribesini göz öňünde tutsalar, gowy bolardy. Ýaş Timoteos ençeme ýyllap Pawlus resul bilen eginme-egin işleşdi. Pawlus resul ol hakda Korinfdäki mesihçilere şeýle ýazdy: «Siziň ýanyňyza Halypamyzyň ýolunda söýgüli hem-de wepaly oglum Timoteosy ýollaýaryn... ol size Mesih Isada edýän gullugymda ulanýan usullarymy ýatladar» (1 Kor. 4:17). Bu gysgaça aýdylan sözlerden Pawlus bilen Timoteosyň ýakyndan işleşendigi görünýär. Pawlus wagt tapyp, öz ulanýan usullaryny Timoteosa öwretdi. Timoteosam ökde mugallym bolup ýetişdi. Şonuň üçin Pawlus onuň Korinfdäki mesihçileriň ruhy zerurlygy barada alada edip biljekdigine ynanýardy. Şu günlerem gartaşan mesihçiler Pawlusdan görelde alyp, ýaş doganlara ýygnakda jogapkärli borçlary almaga ýardam edip biler. w17.01 5:13, 14

27-nji iýun, çarşenbe

Dogrularyň, hem erbetleriň direljekdigine umyt edýärin. Res. iş. 24:15

Ýehowa adamlaryň ölmegini däl-de, ýaşamagyny isleýär. Ýaşaýşyň Gözbaşy bolandygy üçin, ol ähli direlen adamlaryň Atasy bolar (Zeb. 36:9). Ine, şonuň üçinem Isa bize: «Eý gökdäki Atamyz» diýip, doga etmegi öwretdi (Mat. 6:9). Ýehowa bu wajyp işi, ýagny ölüleri direltmegi Isa tabşyrdy (Ýah. 6:40, 44). Jennetde ol: «Adamlary direldýän we olara ýaşaýyş berýän mendirin» diýen sözlerini amala aşyrar (Ýah. 11:25). Ýehowa jomart Hudaý, ol diňe käbir adamlara hormat bildirmez. Isa: «Kim Hudaýyň islegini berjaý edýän bolsa, şol meniň doganym, uýam hem ejemdir» diýdi (Mar. 3:35). Hudaý ähli milletden, taýpadan we dilden bolan «uly märekäniň» öz gullukçylarynyň hataryna goşulmagyny isleýär. Mesihiň töleg gurbanyna iman etsek hem-de Hudaýyň islegini ýerine ýetirsek, «biz tagtda oturan Hudaýa we Guza halas bolandygymyz üçin minnetdardyrys» diýjek adamlaryň arasynda bolarys (Ylh. 7:9, 10). w17.02 2:10, 11

28-nji iýun, penşenbe

Araňyzda ýolbaşçylyk edýän doganlary unutmaň. Ýew. 13:7

Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty dürli dillerde yglan etmek üçin, Sion Garawul diňi kitapçalar jemgyýeti 1884-nji ýylda resmileşdirildi. Oňa prezident edip Çarlz Teýz Rassel dogany bellediler. Ol Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenip, Troisa (Üç ýüzli taňry), ölmeýän ruh ýaly ýalan taglymatlary batyrgaýlyk bilen paş etdi. Şeýle-de ol Mesihiň göze görünmän dolanyp geljekdigine we «milletlere berlen wagtyň» 1914-nji ýylda tamamlanjakdygyna düşündi (Luka 21:24). Rassel dogan hakykaty ýaýratmak üçin wagtyny, güýjüni we puluny gaýgyrmady. Şeýle aýgytly döwürde Ýehowanyň ýygnaga Rassel dogan arkaly ýolbaşçylyk edendigi aýdyň görünýär. Rassel dogan adamlaryň şöhratyny gazanmak islemeýärdi. Ol 1896-njy ýylda şeýle diýip ýazdy: «Özümiz we edýän işimiz üçin bize sylag-hormat goýulmagyny islemeýäris; bize Mukaddes atalar we Mugallymlar diýmeklerini, uýýan dinimize-de biziň adymyzyň dakylmagyny islemeýäris». Soňra ol: «Bu adamyň işi däl» diýdi. w17.02 4:8, 9

29-njy iýun, anna

Paýhasly adamyň hikmeti öz ýoluna düşünmegi üçindir. Sül. tym. 14:8

Bizem durmuşda wajyp kararlara gelmeli bolýarys. Elbetde, gelýän kararlarymyzyň ählisi ölüme ýa-da ýaşaýşa eltmese gerek. Emma şonda-da olaryň köpüsi bize güýçli täsir edýär. Dogry karara gelmegi öwrensek, her hili kynçylykdan, düşünişmezlikden, göwnüçökgünlikden daşda durup, asuda we parahat ýaşarys. Dogry karara gelmäge näme kömek eder? Munuň üçin Hudaýa iman etmeli we onuň kömek etmäge isleginiň hem güýjüniň bardygyna şübhelenmeli däl. Şeýle-de Ýehowanyň Sözüne, edýän işleriniň dogrudygyna iman etmeli we berýän maslahatyna eýermeli (Ýak. 1:5—8). Ýehowa ýakynlaşsak we onuň Sözüne söýgimizi ösdürsek, hökümleriniň dogrudygyna ynamymyz artar. Şonda karara gelmezden öň, maslahaty Hudaýyň Sözünden gözlemegi endik edineris. w17.03 2:2, 3

30-njy iýun, şenbe

Gözümizi saňa dikýäris. 2 Ýyl. 20:12

Ýehoşapat hem kakasy Asa ýaly duşmanlaryň güýçli garşylygyna garamazdan, Hudaýa wepaly boldy (2 Ýyl. 20:2—4). Ýehoşapat gorksa-da, Ýehowany «agtarmagy ýüregine düwdi». Ol pesgöwünlilik bilen doga edip: «Bu beýik goşuna garşy çykmaga bizde güýç-kuwwat ýok. Biz näme etjegimizi bilemizok, gözümizi saňa dikýäris» diýdi. Şeýdip, ol şu günki aýatdaky sözleri aýdyp, Ýehowa doly bil baglaýandygyny görkezdi. Käte bizem Ýehoşapat ýaly gorkudan ýaňa näme etjegimizi bilmeýän bolmagymyz mümkin (2 Kor. 4:8, 9). Ýehoşapatyň märekäniň öňünde özünde güýç-kuwwatyň ýokdugyny boýun alyp hem-de halkyň duýgusy barada doga edendigi ýadymyzda bolsa gerek (2 Ýyl. 20:5). Maşgalabaşylar hem Ýehoşapatyň göreldesine eýerip, Ýehowadan görkezme, kynçylyklara döz gelmäge güýç sorap bilerler. Maşgala agzalaryňyzyň öňünde şeýle zatlar hakda dilemäge utanmaň. Olar şonda siziň Ýehowa bil baglaýandygyňyzy görerler. Ýehoşapata kömek eden Hudaý size-de kömek eder. w17.03 3:12, 13

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş