Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es18 sah. 47—57
  • Maý

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Maý
  • Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2018
  • Sözbaşylar
  • 1-nji maý, sişenbe
  • 2-nji maý, çarşenbe
  • 3-nji maý, penşenbe
  • 4-nji maý, anna
  • 5-nji maý, şenbe
  • 6-njy maý, ýekşenbe
  • 7-nji maý, duşenbe
  • 8-nji maý, sişenbe
  • 9-njy maý, çarşenbe
  • 10-njy maý, penşenbe
  • 11-nji maý, anna
  • 12-nji maý, şenbe
  • 13-nji maý, ýekşenbe
  • 14-nji maý, duşenbe
  • 15-nji maý, sişenbe
  • 16-njy maý, çarşenbe
  • 17-nji maý, penşenbe
  • 18-nji maý, anna
  • 19-njy maý, şenbe
  • 20-nji maý, ýekşenbe
  • 21-nji maý, duşenbe
  • 22-nji maý, sişenbe
  • 23-nji maý, çarşenbe
  • 24-nji maý, penşenbe
  • 25-nji maý, anna
  • 26-njy maý, şenbe
  • 27-nji maý, ýekşenbe
  • 28-nji maý, duşenbe
  • 29-njy maý, sişenbe
  • 30-njy maý, çarşenbe
  • 31-nji maý, penşenbe
Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2018
es18 sah. 47—57

Maý

1-nji maý, sişenbe

Ammonlar ysraýyllara boýun egdiler. Ser. 11:33

Ýeftah ysraýyllylary diňe Hudaýyň kömegi bilen ammonlardan azat edip biljekdigine düşünýärdi. Şonuň üçin Ýehowa oňa ýeňiş gazanmaga kömek etse, öýüne dolanyp gelende, öňünden ilkinji çykan adamy Oňa «ýakma gurbanlyk» hökmünde berjekdigini söz berýär (Ser. 11:30, 31). Bu gurban nämäni aňladýardy? Ýehowa adamy «ýakma gurbanlyk» hökmünde getirmekligi ýigrenýär. Bu Ýeftahyň göni manyda birini gurban getirmändigini aýan edýär (Kan. tag. 18:9, 10). Musanyň kanunyna görä, Ýehowa ýakma gurbanlygy berlende, ol tutuşlygyna ýakylýardy. Şol sebäpli Ýeftah öňümden ilkinji çykan adamy ýakma gurbanlyk hökmünde berjek diýende, ony Ýehowa doly gulluk etmäge bagyş etjekdigini göz öňünde tutan bolmaly. Bu şol adamyň hemişelik Ýehowanyň çadyrynda gulluk etmelidigini aňladýardy. Ýehowa onuň haýyşyny ýerine ýetirdi we oňa ýeňiş gazanmaga kömek etdi (Ser. 11:32). Ýeftah söweşden dolanyp gelende, ony garşylamaga eý görýän gyzy çykýar. Indi ol näme eder? Ýeftah gyzyny çadyrda gulluk etmäge ibermelidi. Ol galan ömrüni şol ýerde geçirmelidi. Ýeftah Ýehowa beren sözünde durarmy? w16.04 1:11—13

2-nji maý, çarşenbe

Olar... okap, onuň manysyny halka düşündirdiler. Neh. 8:8

Birnäçe ýyl mundan öň ýygnakda «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» atly kitap geçildi. Eýsem, Hudaýyň häsiýetleri barada bilmek, dogan-uýalaryň ýürekden berýän jogaplaryny diňlemek siziň gökdäki Ataňyza bolan söýgiňizi has-da artdyrmadymy? Şeýle-de biz taýýarlanan nutuklary, sahnalary ünsli diňläp we Mukaddes Ýazgylary meýilnama boýunça okap, Hudaýyň Sözüne has-da gowy düşünýäris. Duşuşyklarda biz durmuşyň ähli ýagdaýlarynda Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýermegi öwrenýäris (1 Sel. 4:9, 10). «Garawul diňi» žurnalyndaky makalalar Hudaýyň halkynyň zerurlyklaryna görä taýýarlanylýar. «Garawul diňi» duşuşyklary size öňüňizde goýan maksatlaryňyza ýetmäge, imandaşlaryňyza geçirimli bolmaga we dogalaryňyzyň hilini gowulandyrmaga kömek edýär. Hepdäniň başynda geçirilýän duşuşyklar bize wagyzda ökdeleşmäge kömek edýär. Bu duşuşyklarda biz hoş habary wagyz etmegi we Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerini has gowy düşündirmegi öwrenýäris (Mat. 28:19, 20). w16.04 3:4, 5

3-nji maý, penşenbe

Öňki ýazylan zatlaryň ählisi bize görkezme üçin ýazylypdyr. Rim. 15:4

Mukaddes Ýazgylarda käbir adamlaryň arasynda düşünişmezligiň bolandygy aýdylýar. Siz bu barada oýlanyp görüpmidiňiz? Geliň, Gelip çykyş kitabynda agzalýan käbir wakalara seredeliň. Meselem, Kabyl inisi Habyly öldürýär (Gel. çyk. 4:3—8); bir ýaş ýigit Lemegi ýaralaýar, Lemek hem ony öldürýär (Gel. çyk. 4:23); Ybraýym bilen Lutuň çopanlary dawalaşýarlar (Gel. çyk. 13:5—7); Hajar bikesi Sarany ýigrenýär, Sara bolsa Ybraýymdan öýke-kine edýär (Gel. çyk. 16:3—6). Ysmaýyl barada bolsa «ol her kese, her kes hem oňa garşy bolar» diýilýär (Gel. çyk. 16:12). Bu wakalar näme üçin Mukaddes Ýazgylarda ýazyldyka? Olar bikämil adamlara näme üçin we nädip parahatlygy saklap bolýandygyna düşünmäge kömek edýär. Aralarynda düşünişmezlik bolan adamlaryň mysallary bize agzybir bolmaga ýardam edýär. Biz bu wakalardan durmuşymyzda ýüze çykýan kynçylyklary çözmegi öwrenýäris we şeýle ýagdaýlarda näme etmelidigini we nämeden gaça durmalydygyny bileris. w16.05 1:1, 2

4-nji maý, anna

Ilki bilen, Patyşalyk baradaky hoş habar ähli milletlere wagyz ediler. Mar. 13:10

Isa we onuň şägirtleri hoş habary wagyz etmek üçin haýsy usullary ulanýardylar? Olar «mynasyp adamlary gözlemek» üçin köpçülik ýerlerinde we öýden-öýe wagyz edýärdiler (Mat. 10:11; Luka 8:1; Res. iş. 5:42; 20:20). Bu olaryň adamlary ala tutmandygyny görkezýär. Şonuň ýaly şu günler hem diňe Ýehowanyň Şaýatlary 1914-nji ýylda Isanyň patyşa bolandygy hakda wagyz edýärler. Isanyň tabşyryşy ýaly, olar wagyz işini birinji orunda goýýarlar. Bir kitapda şeýle diýilýär: «Ýehowanyň Şaýatlary... şu dünýäniň soňunyň geljekdigi baradaky we gutulyş üçin wajyp bolan hoş habary wagyz etmegi hiç haçan bes etmezler». Dogurdan-da, Ýehowanyň Şaýatlary Isanyň we şägirtleriniň usullaryny ulanyp, hoş habary ähli milletlere wagyz etmäge jan edýärler. w16.05 2:10, 12

5-nji maý, şenbe

Hudaýy tanarsyň. Sül. tym. 2:5

Biz Ýehowanyň garaýşyna görä karara gelenimizde, oňa has-da ýakynlaşýarys (Ýak. 4:8). Ýehowanyň razylygyny gazanyp, bereket alýandygymyza örän begenýäris. Bu biziň gökdäki Atamyza bolan imanymyzy berkidýär. Şol sebäpli, geliň, Hudaýyň garaýşyna düşünmäge kömek edýän Mukaddes Ýazgylardaky kanunlara we prinsiplere görä ýaşalyň. Elbetde, biz Ýehowa barada öwrenmegi dowam etmeli (Eýp. 26:14). Eger tagalla etsek, paýhasly karara gelip biler ýaly häzirden akyldarlyk, bilim we düşünje gazanyp bileris (Sül. tym. 2:1—5). Bikämil adamlaryň pikirleri we niýetleri üýtgäp durýar, şol sebäpli mezmurçynyň: «Rebbiň maslahaty ebedidir, ýüreginiň pikirleri nesiller boýy berk durýandyr» diýen sözlerini unutmalyň (Zeb. 33:11). Dogrudan-da, akyldar Hudaýymyz Ýehowanyň garaýşyna görä pikirlensek we hereket etsek, dogry karara geleris. w16.05 3:17

6-njy maý, ýekşenbe

Ýehowa ýüregi görýär. 1 Şam. 16:7

Biz Ýehowanyň ýürekleri görýändigine iman etsek we saýlan adamlaryny özüne ýakynlaşdyrýandygyna düşünsek, wagyzda duşýan adamlarymyzy hem-de dogan-uýalary höküm etmeris (Ýah. 6:44). Ýehowany Küýzegärimiz hasaplasak, imandaşlarymyza bolan garaýşymyza hem täsir eder (Iş. 64:8). Biz dogan-uýalara Ýehowanyň garaýşy ýaly garaýarysmy? Hudaý adamyň ýüregini görýär we olara düzelmejek adam hökmünde garamaýar. Şeýle-de Ýehowa adamyň kemçiliklerini däl-de, gowy taraplaryny görýär (Zeb. 130:3). Bizem ondan görelde alyp bileris. Aslynda, biz olara ruhy taýdan ösmäge kömek etmek bilen, Beýik Küýzegärimiz Ýehowa bilen işleşýäris (1 Sel. 5:14, 15). Esasanam, «sowgat hökmünde» berlen ýaşulular dogan-uýalara ruhy taýdan ösmäge kömek etmeli (Efes. 4:8, 11—13). w16.06 1:4—6

7-nji maý, duşenbe

Berk durandyryn diýip pikir edýän adam ýykylmagyndan seresap bolsun. 1 Kor. 10:12

Biz adamlara hoş habary wagyz edenimizde, kiçigöwünli bolmagy öwrenýäris we Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwelerini ösdürýäris (Gal. 5:22, 23). Hudaýa ýaraýan häsiýetler wagyz edýän habarymyzy has-da bezeýär we adamlaryň garaýşyna güýçli täsir edýär. Meselem, iki sany Ýehowanyň Şaýady Awstraliýada öýden-öýe wagyz edip ýörkä, bir aýala duşýar. Bu aýalyň gödek jogap berendigine garamazdan, olar onuň bilen sylaşykly gepleşýärler. Soňra şol aýal özüni gelşiksiz alyp barandygyna gynanyp, filiala şeýle hat ýazýar: «Olar örän sabyrly we kiçigöwünli adamlar eken. Men olary kemsidip, tekepbirlik edendigim üçin olardan ötünç sorasym gelýär. Men Hudaýyň Sözüni wagyz edýän bu akýürekli adamlary diňlemän, akylsyz hereket etdim». Eger wagyzçylar sähelçe gaharlanan bolsalar, onda ol aýal gurama hat ýazardymy? Elbetde, ýok. Hawa, wagyz işi biziň özümize-de, wagyz edýän adamlarymyza-da köp peýda getirýär. w16.06 2:12, 13

8-nji maý, sişenbe

Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý. Mat. 22:39

Adam atanyň günäsi sebäpli ählimiz bikämil bolup dogulýarys (Rim. 5:12, 19). Şol sebäpli käte ýygnakdaky dogan-uýalar hem sözi ýa-da hereketi bilen göwnümize degip biler. Şonda biziň Ýehowa we imandaşlarymyza bolan wepalylygymyz synalmagy mümkin. Şeýle ýagdaýda biz näme ederis? Meselem, baş ruhany Eliýiň iki ogly bardy. Olar Ýehowanyň kanunlaryny berjaý etmeýärdiler. 1 Şamuwel 2:12-de: «Eliýiň ogullary ýaramazdylar. Olar Rebbi sylamaýardylar» diýilýär. Eliý hakyky sežde-de esasy orun eýelänem bolsa, onuň iki ogly örän agyr günä edýärdiler. Eliý ony bilse-de, olara çäre görmän, sowuk-sala garady. Netijede, Hudaý Eliýiň tutuş maşgalasyny höküm etdi (1 Şam. 3:10—14). Hatda onuň nesilleri baş ruhany bolup gulluk etmek hormatyndan mahrum boldy. Eger siz şol döwürde ýaşan bolsaňyz, ogullarynyň günäsine göz ýuman Eliý barada näme pikir ederdiňiz? Siz onuň goýberen ýalňyşlygyna büdräp, Hudaýa gulluk etmegiňizi bes ederdiňizmi? w16.06 4:5, 6

9-njy maý, çarşenbe

Ähli zatlar hem üstüne goşulyp berler. Mat. 6:33

Biz Isanyň diýenine näme üçin ynanyp bileris? Sebäbi Isa şol sözleri aýtmazdan öň: «Gökdäki Ataňyz bularyň (ýaşaýyş üçin zerur bolan zatlaryň) hemmesiniň size gerekdigini bilýär» diýdi. Dogrudan-da, bize iýmit, egin-eşik we ýaşamak üçin ýer gerek. Emma Ýehowa bu zatlaryň bize gerekdigini bilip, öňünden aladamyzy edýär (Flp. 4:19). Meselem, ol biziň haýsy eşigimiziň tizden derde ýaramsyz boljakdygyny, nähili iýmitiň zerurdygyny we maşgalamyza nähili jaýyň gerekdigini bilýär. Hawa, biz Ýehowanyň gerekli zatlary berjekdigine şübhelenmän bileris. Ýehowa Patyşalygy durmuşynda birinji orunda goýýanlaryň ählisiniň aladasyny edýär. Şol sebäpli biz gökdäki Atamyza iman etmeýän «başga halklardan» görelde almaýarys. Eger-de biz «başga halklaryň ymtylýan» zatlaryny edinmäge çalyşsak, onda Ýehowa bilen dostlugymyza zyýan ýetireris. Biz durmuşymyzda ruhy işleri esasy orunda goýsak, Ýehowanyň bize iň gowy zatlary berjekdigine ynanyp bileris. Eger biz «Hudaýa wepaly» bolsak, «iýmäge, geýmäge zadymyzyň we ýaşara ýerimiziň» bardygyna kaýyl bolarys (1 Tim. 6:6—8). w16.07 1:17, 18

10-njy maý, penşenbe

Biz duşmankak, Oglunyň ölümi arkaly Hudaý bilen ýaraşdyk. Rim. 5:10

Biz indi Ýehowa bilen dostlaşyp bilýäris. Pawlus munuň Ýehowanyň merhemeti arkaly bolýandygyny şeýle düşündirdi: «Biz (Mesihiň doganlary) iman arkaly dogry hasaplandyk. Şol sebäpli, geliň, Halypamyz Isa Mesih arkaly Hudaý bilen parahatlygymyzy saklalyň. Biz Mesihe iman edip, häzirden Hudaýyň merhemetini gazanýarys» (Rim. 5:1, 2). Eýsem, şundan uly bereket barmy näme?! Biziň ählimiz dogabitdi bikämil. Emma Danyýel pygamber soňky günlerde mesh edilen mesihçileriň galyndysynyň «köp adamlary dogry ýola» ugrukdyrjakdygyny aýdýar (Dan. 12:3). Olar hoş habary wagyz edip we tälim berip, millionlarça «başga goýunlara» Ýehowanyň öňünde dogry saýylmaga ýardam edýär (Ýah. 10:16). Emma bu diňe Ýehowanyň merhemeti arkaly bolýar (Rim. 3:23, 24). w16.07 3:10, 11

11-nji maý, anna

Olardan öz halanlaryny aýallyga aldylar. Gel. çyk. 6:2

Perişdelerden bolan çagalara nefiller diýilýärdi. Olar gaty zalymdy. Emma «bütin dünýädäki adamzadyň» ýagdaýy hasam erbetdi (Gel. çyk. 6:1—5). Ýehowa Nuhuň günlerinde erbet adamlary ýok edýär. Şol döwürde adamlar durmuş gurup, gündelik aladalary bilen şeýle bir başagaýdy welin, Hudaýyň hökümini yglan eden «dogrulyk wagyzçysy» Nuhuň aýdanlaryna gulak asmaýarlar (2 Pet. 2:5). Isa şeýle ýagdaýyň biziň günlerimizde hem boljakdygyny aýtdy (Mat. 24:37—39). Şu günlerem köp adamlar zalym dünýäniň soňunyň geljekdigi we Hudaýyň Patyşalygy baradaky habary diňlemeýärler. Geliň, maşgala we çaga terbiýesi bilen bagly aladalara gümra bolup, Ýehowanyň gününi ýatdan çykarmalyň! w16.08 1:8, 9

12-nji maý, şenbe

Wagt az galandyr. Durmuş guranlar mundan beýläk maşgala durmuşyny birinji orunda goýmasynlar... Dünýäden peýdalanýanlar ondan doly peýdalanmaýanlar ýaly bolsun. 1 Kor. 7:29—31

Biz «soňky günlerde juda kyn döwrüň boljakdygyny bilýäris» (2 Tim. 3:1—5). Emma biz ruhy taýdan berk bolsak, dünýäniň ýaramaz täsirine garşy durup bileris. Şu günki aýatlardaky Pawlus resulyň sözleri är-aýallara öz borçlaryna biperwaý garamalydygyny aňlatmaýar. Emma olar wagtyň az galandygy üçin Ýehowa gulluk etmegi birinji orunda goýmaly (Mat. 6:33). Şu kyn günlerde aýrylyşýan adamlaryň sany gitdigiçe köpelýär. Muňa garamazdan, maşgalany bagtly edip bolýar. Eger biz Mukaddes Ýazgylardaky maslahatlara we Ýehowanyň mukaddes ruhunyň görkezmesine eýersek, Hudaýyň döreden nikasyny gorap bagtly bolarys (Mar. 10:9). w16.08 2:17, 18

13-nji maý, ýekşenbe

Özüňize ynanylan Hudaýyň sürüsini bakyň. 1 Pet. 5:2

Ýygnakda ýaşuly bolup gulluk edýän doganlar azlyk edýändigi üçin beýleki doganlara hem şeýle jogapkärli borjy almaga kömek etmeli. Pawlus resul Timoteosa ýazan hatynda doganlara öwretmek babatda şeýle görkezme berýär: «Köp adamlaryň öňünde menden eşiden zatlaryňy wepaly adamlara öwret. Şonda olar hem başgalara ökdelik bilen öwredip bilerler» (2 Tim. 2:2). Pawlus resul tejribeli hem ýaşuly dogandy. Ýaş Timoteos onuň bilen eginme-egin işleşip, dogan-uýalaryň aladasyny etmegi öwrendi. Ol öwrenen zatlaryny özleşdirdi we wagyzda hem tälim bermekde ussatlyk bilen ulandy (2 Tim. 3:10—12). Pawlus resul Timoteosa tälim bermeklige sowuk-sala garamady. Ol ýaş Timoteosy özi bilen gulluga äkidýärdi (Res. iş. 16:1—5). Ýaşulular hem Pawlusyň göreldesine eýerip, ýygnagyň göreldeli hyzmatçylaryny ýany bilen çopançylyk idegine äkidip bilerler. Şonda olar ýaşulularyň tälim berşinden, imanyndan, sabyrlylygyndan we dogan-uýalara bolan söýgüsinden köp zatlary öwrenerler. Netijede, olar hem «Hudaýyň sürüsiniň» ýürekden aladasyny edýän dogan bolup ýetişer. w16.08 4:16, 17

14-nji maý, duşenbe

Elleriň gowşamasyn! Sef. 3:16

Käte «eli gowşady» diýen jümle göçme manyda ulanylyp, kimdir biriniň ruhdan düşüp, gam-gussa batandygyny ýa-da gelejege umydyny ýitirendigini görkezýär (2 Ýyl. 15:7; Ýew. 12:12). Bu köplenç adamyň göreşmäge güýjüniň galmandygyny aňladýar. Gynansak-da, Şeýtanyň dünýäsi çar tarapdan gysýar, şol sebäpli biz biynjalyk bolup ruhdan düşýäris. Şeýle ýagdaýy gäminiň ýüzmegine päsgel berýän labyr bilen deňeşdirse bolýar (Sül. tym. 12:25). Eýsem, siziň şeýle ýagdaýa düşmegiňize näme sebäp bolup biler? Belki-de, size dogan-garyndaşlaryňyzyň ölümi, agyr keselçilik, pul ýetmezçiligi ýa-da garşylyklar ýaly kynçylyklar bilen göreşýänsiňiz. Siz özüňizi agyr ýüküň aşagynda galan ýaly duýýansyňyz, hatda şatlygyňyzy hem ýitirensiňiz. Her näme-de bolsa, ruhdan düşmäň, sebäbi Hudaý size elini uzatmaga taýyn (Iş. 41:10, 13). w16.09 1:2, 4

15-nji maý, sişenbe

Men Seniň tabşyryklaryň ýolundan ylgaryn. Zeb. 119:32

Köpler adamlar ten höweslerine garşy göreşmeli bolýarlar. Başgalar wagyz edende dogry garaýşy saklamak üçin göreşýärler. Belki-de, siz ýarawsyzlykdan ejir çekýänsiňiz ýa-da ýekelik duýgusyna döz gelmeli bolýansyňyz. Şeýle-de käbirleri göwnüne degen ýa-da özüne garşy günä eden adamlaryny bagyşlamak üçin göreşýärler. Hakykatda näçe wagt bolandygymyza garamazdan, biziň ählimiz Hudaýa gulluk etmäge päsgel berýän zatlara garşy göreşmeli, sebäbi Ýehowa wepaly adamlary sylaglaýandyr. Eger siz azajygam bolsa nädogry ýoluň täsirine düşen bolsaňyz, doga edip, mukaddes ruhy diläň. Bu size Ýehowanyň bereketleýän dogry ýolundan ýöremäge güýç berer. Eden dogalaryňyza görä hereket ediň. Mukaddes Ýazgylary her gün okaň, şahsy we maşgala okuwyny geçirmäge wagt tapyň (Zeb. 119:32). w16.09 2:10, 11

16-njy maý, çarşenbe

Iman... görünmeýän zatlary hamala bar ýaly görüp bilmekdir. Ýew. 11:1

Köp adamlaryň aýtmagyna görä, ewolýusiýa taglymaty ylma, Hudaýa bolan ynam bolsa imana esaslanýar. Ýöne biz Hudaýa ynanmak üçin hem, ewolýusiýa taglymatyna ynanmak üçin hem imanyň gerekdigini unutmaly däl. Näme üçin? Sebäbi hiç kim Hudaýy ýa-da onuň bir zady ýaradyşyny görmedi (Ýah. 1:18). Hiç kim — alym bolsun ýa-da başga biri bolsun, bir jandaryň başga jandara öwrülişini hem gören däldir. Meselem, hiç kim maýmynyň adama öwrülişini görmedi (Eýp. 38:1, 4). Şol sebäpli ählimiz «ynandyryjy delilleri» öwrenmeli we dogry netijä gelmek üçin pikirlenmek ukybyny ulanmaly. Ýaradylan zatlar barada Pawlus resul: «Hudaý göze görünmese-de, adamlar ýaradylan zatlar arkaly onuň güýjüne we häsiýetlerine düşünip bilýärler. Şol sebäpli olar özlerini aklap bilmezler» diýip ýazdy (Rim. 1:20). w16.09 4:4

17-nji maý, penşenbe

Nätanyş adama söýgi bildirmegi unutmaň. Ýew. 13:2, çykgyt

Ýehowa Ysraýylda ýaşaýan gelmişekleriň söýgi bilen aladasyny edip, ekin meýdanynda hoşa çöplemäge rugsat berýärdi (Lew. 19:9, 10). Ýehowa ýat ýerden gelenlere hormat goýmagy öwretmek üçin ysraýyllylara özleri bilen bolan wakany ýatlatdy (Müs. çyk. 23:9). Olar «gelmişek bolup ýaşamagyň» nähilidigine gowy düşünýärdiler. Hatda olar gul bolmankalaram, müsürliler milletiniň we dini düşünjeleriniň tapawutlanýandygy sebäpli olary ýigrenýärdi (Gel. çyk. 43:32; 46:34; Müs. çyk. 1:11—14). Ysraýyllylar ýat ýurtda köp kynçylyklary başdan geçirseler-de, Ýehowa olara aralarynda ýaşaýan gelmişeklere «ýurtdaşy» ýaly garamalydygyny aýtdy (Lew. 19:33, 34). Ýehowanyň şu günlerem ýygnagymyzdaky ýat ýerden gelen adamlaryň aladasyny edýändigine asla şübhelenmän bileris (Kan. tag. 10:17—19; Mal. 3:5, 6). Eger biz olaryň medeniýetimizi we dilimizi öwrenmek üçin nähili kynçylyklary başdan geçirýändigi barada oýlansak, olara söýgi hem duýgudaşlyk bildirer ýaly mümkinçilik gözläris (1 Pet. 3:8). w16.10 1:3—5

18-nji maý, anna

Bedeniň ruhsuz öli bolşy ýaly, iman hem iş ýüzünde görkezilmese ölüdir. Ýak. 2:26

Ýakup şägirt hatynda iman etmek üçin ýöne bir ynanmagyň ýeterlik däldigini aýdýar. Ol imanyňy iş ýüzünde görkezmelidigini nygtap, şeýle diýýär: «Sen maňa ýagşy işleri bolmadyk imanyňy görkez, men bolsa saňa ýagşy işleri bolan imanymy görkezeýin» (Ýak. 2:18). Ýakup ynanmak bilen iman etmegiň tapawudyny gowy düşündirýär. Meselem, jynlar Hudaýyň bardygyna ynanýarlar, ýöne oňa iman etmeýärler. Gaýtam, olar Hudaýa garşy çykyp, niýetini amala aşyrmaga päsgel berjek bolýarlar (Ýak. 2:19, 20). Ýakup şägirt Hudaýa iman eden adamlaryň biri barada aýdandan soň, şeýle sorag berýär: «Atamyz Ybraýym ogly Yshagy gurbanlyk sypasyna goýansoň, dogry adam hasaplanmadymy näme? Üns beren bolsaňyz, ol imanyny iş ýüzünde görkezdi we onuň imany eden işleri arkaly kämilleşdi» (Ýak. 2:21—23). Soňra ol sözüni dowam edip, imanyňy iş ýüzünde görkezmegiň wajypdygy barada şu günki aýatdaky sözleri aýdýar. w16.10 4:8

19-njy maý, şenbe

Hudaý... ebediligi ynsanyň ýüregine saldy. Wag. 3:11

Alymlaryň älem-jahan babatda eden açyşlary adamzat durmuşyna köp peýda getirýär. Emma şonda-da köp soraglarymyz jogapsyz galýar. Meselem, astronomlar älem-jahanyň nädip dörändigini ýa-da näme üçin diňe Ýer şarynda ýaşaýşyň bardygyny anyk bilmeýärler. Şeýle-de olar adamzadyň ebedi ýaşamaga güýçli isleginiň sebäbini düşündirip bilmeýärler. Näme üçin? Sebäbi alymlaryň we başga adamlaryň köpüsi Hudaýa ynanmaýar, olar ewolýusiýa taglymatyny goldaýarlar. Emma Ýehowa öz Sözünde adamzady biynjalyk edýän soraglaryň ählisine jogap berýär. Biziň ýaşaýşymyz Ýehowanyň sazlaşykly we ygtybarly gurnan tebigy kanunlaryna bagly. Bu kanunlar elektrikleriň, suw geçirijileriň, inžinerleriň, uçarmanlaryň we hirurglaryň işi üçin örän wajyp. w16.11 2:4, 5

20-nji maý, ýekşenbe

Biz ol (Hudaý) arkaly ýaşaýarys, hereket edýäris we bardyrys. Res. iş. 17:28

Bizde Ýehowa minnetdar bolmaga, gör, näçe sebäpler bar! Biz ýaşaýandygymyz üçin onuň öňünde borçludyrys; Ýehowa bolmadyk bolsa, biz dünýä inmezdik. Ol bize gymmatly sowgady, ýagny Mukaddes Ýazgylary berdi. Biz hem Selanikdäki mesihçiler ýaly Hudaýyň Sözüni eşidenimizden bäri, ony höwes bilen Hudaýyň Sözi hökmünde kabul etdik (1 Sel. 2:13). Biz Hudaýyň Sözüniň kömegi bilen Ýehowa ýakynlaşýarys, ol hem bize ýakynlaşýar (Ýak. 4:8). Gökdäki Atamyz bize guramasynyň agzasy bolmaga ajaýyp mümkinçilik berdi. Munuň üçin biz oňa diýseň minnetdar! Mezmurçy şahyrana sözler bilen şeýle nagma aýtdy: «Rebbe şükür ediň, gowudyr, çünki merhemeti ebedidir» (Zeb. 136:1). 136-njy mezmurda «merhemeti ebedidir» diýen sözler 26 gezek agzalýar. Ýehowa we onuň guramasyna wepaly bolsak, mezmurçynyň ýürekden aýdan sözleriniň dogrudygyna göz ýetireris, sebäbi biz ebedi ýaşarys! w16.11 3:18, 19

21-nji maý, duşenbe

Bir adam arkaly günäniň we günä arkaly ölümiň dünýä girişi ýaly, ölüm hem ähli adamlara geçdi, sebäbi hemmeler günä etdi. Rim. 5:12

Bu aýat «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitabynda ençeme gezek ulanylýar. Siz çagalaryňyz ýa-da başga adamlar bilen onuň 3, 5, 6-njy baplarynda gürrüň berilýän Hudaýyň ýer ýüzi babatdaky niýeti, töleg gurbany we ölen adamlaryň ýagdaýy barada pikir alşanyňyzda, Rimliler 5:12-däki sözleri okaýan bolsaňyz gerek. Emma Ýehowanyň öňündäki ornuňyz, edim-gylymyňyz we gelejegiňiz barada oýlananyňyzda, Rimliler 5:12-däki sözler ýadyňyza düşýärmi? Elbetde, biz günälidigimizi boýun almaly. Biz her gün ýalňyşýarys. Emma Hudaý biziň toprakdandygymyzy unutmaýar we ol bizi bagyşlamaga taýyn (Zeb. 103:13, 14). Isa hem: «Günälerimizi bagyşla» diýip, doga etmegi öwredipdi (Luka 11:2—4). Hudaý biziň öňki eden günälerimizi bagyşlady, şol sebäpli olar hakda oýlanmak nädogry bolardy. Ýöne onuň bizi bagyşlamak üçin nämeler edendigi hakda oýlansak peýdaly bolar. w16.12 1:1—3

22-nji maý, sişenbe

Ten höweslerine görä ýaşaýanlar tene degişli zatlar barada pikir edýärler. Rim. 8:5

Rimde ýaşaýan mesihçiler durmuşda nämäni wajyp saýýandygy barada çuňňur oýlanmalydylar. Olar diňe «ten höweslerine» eýerip ýaşaýardylarmy? Bu bize-de degişli bolup bilermi? Muny bilmek üçin şu soraglar barada oýlanalyň: «Meni, esasan, näme gyzyklandyrýar, men näme hakda gürrüň etmegi halaýaryn? Köplenç näme hakda oýlanýaryn?» Käbir adamlar dürli görnüşli şeraplary içip görmek, öýüni bezemek, täze çykan egin-eşikleri edinmek, pul gazanmak, dynç alşa gitmek ýaly zatlaryň ugrunda gezýärler. Bu zatlara erbet diýip bolmaz; olar adaty ýaşaýyş üçin gerek zatlar. Meselem, Isa bir gezek suwy şeraba öwürdi, Pawlus resul bolsa Timoteosa «biraz şerap içmegi» maslahat berdi (1 Tim. 5:23; Ýah. 2:3—11). Ýöne Isa bilen Pawlusyň durmuşynda şerap ýasamak wajypdymy? Olar şeraby şeýle gowy görüp, diňe şonuň gürrüňini edýärdilermi? Elbetde, ýok. Biz şerap içmeklige nähili garaýarys? Biz durmuşda nämäni wajyp saýýarys? w16.12 2:5, 10, 11

23-nji maý, çarşenbe

Men seni hiç haçan terk etmerin, seni asla taşlamaryn. Ýew. 13:5

Bizem Isanyň öňürti Patyşalygy we Hudaýyň dogrulygyny agtarmak barada aýdan ylhamly sözlerine goşulyp bileris (Mat. 6:33). Bir gezek Petrus resul Isadan: «Biz ähli zadymyzy goýup, seniň yzyňa düşdük; munuň üçin bize näme berler?» diýip sorady (Mat. 19:27). Isa beren soragy üçin Petrusa käýemedi, gaýtam, şägirtlerine öz isleginden geçip Hudaýa gulluk edýändikleri üçin sylaglajakdygyny aýtdy. Wepaly resullar we başga-da mesh edilenler gökde höküm sürerler. Ýöne olar häzirem bereket alýarlar. Isa: «Meniň adym üçin öýlerini, doganlaryny, uýalaryny, ata-enesini, çagalaryny ýa-da melleklerini taşlan her kes bulardan 100 esse köp zady we ebedi ýaşaýşy miras alar» diýdi (Mat. 19:29). Onuň şägirtleri öz isleginden geçip gulluk edýändikleri üçin sylagsyz galmadylar. Eýsem, biziň ruhy ata-enelerimiz, doganlarymyz, uýalarymyz we çagalarymyz Hudaýyň Patyşalygyny agtarmak üçin geçen islendik zadymyzdan has gymmatly dälmi näme?! w16.12 4:4, 5

24-nji maý, penşenbe

Iman—umyt edýän zatlarymyzyň gelejekde, hakykatdan-da, boljakdygyna ynanmakdyr. Ýew. 11:1

Ýehowanyň Şaýatlarynyň ählisiniň ajaýyp umydy bar. Mesh edilenler ýaly, «başga goýunlar» hem Ýehowanyň ilkibaşdaky niýeti we adynyň mukaddes bolmagy bilen bagly pygamberligiň ýerine ýetişini görmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar (Ýah. 10:16; Mat. 6:9, 10). Bu islendik adamyň umyt edip biläýjek iň wajyp zatlarynyň biridir. Şeýle-de biz Hudaýyň berjek sylagyna — gökde ýa-da ýerde ebedi ýaşamaga umyt edýäris (2 Pet. 3:13). Emma şol bir wagtyň özünde, biz Hudaýyň halkynyň ruhy taýdan has-da ösmegini isleýäris. Şu dünýädäki adamlar hem käbir zatlara umyt edýärler, emma olaryň ýerine ýetjekdigine şübhelenýärler. Meselem, millionlarça adamlar utuş gazanmagy arzuw etseler-de, hökman utjakdygyna ynanmaýarlar. Ýöne hakyky iman umyt edýän zadyň hökman «boljakdygyna ynanmagy» aňladýar. w16.10 3:1, 2

25-nji maý, anna

Şoňa görä her kim alan ukybyna görä birek-birege hyzmat etsin. 1 Pet. 4:10

Ýehowa merhemetli bolany üçin, her birimize sylag, ukyp, zehin we gymmatly häsiýetleri berdi. Biz olary Hudaýy şöhratlandyrmak we başgalara kömek etmek üçin ulanyp bileris (Rim. 12:4—8). Şol sebäpli ählimize iş dolandyryjy diýse bolar. Ýehowa jogapkärli iş tabşyrmak bilen, bize ynanýandygyny we hormat goýýandygyny görkezýär. Käte Hudaýyň guramasyndaky etmeli işlerimiz üýtgäp biler. Geliň, Isanyň mysalyna seredeliň. Ýehowa ilki Isany ýaratdy (Sül. tym. 8:22). Soňra Isa başga perişdeleri, älem-jahany we adamlary ýaratmaga kömek etdi (Kol. 1:16). Biraz wagtdan oňa başga ýumuş tabşyryldy, ol ýer ýüzünde ejizje bäbek bolup dünýä indi, soňra ulaldy (Flp. 2:7). Ejir çekip öldürilenden soň, ol direlip göge galdy we 1914-nji ýylda Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy boldy (Ýew. 2:9). Isa Müňýyllyk Hökümdarlykdan soň Patyşalygy Ýehowa tabşyrar, şonda «Hudaý hemmeleriň başy bolar» (1 Kor. 15:28). w17.01 3:11, 12

26-njy maý, şenbe

Şu gün kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň. Ýeş. 24:15

Bir aýal karara gelmeli bolanda, jorasyna ýüzlenip: «Özüň nähili pikir edýärsiň diýme-de, gowusy näme etmelidigini aýdaý» diýdi. Bu sözler käbir adamlaryň Ýaradyjynyň beren gymmatly sowgadyny, ýagny erkinligini ulanmaýandygyny görkezýär. Eýsem, siz erkinligiňizi nähili ulanýarsyňyz? Özüňiz karara gelýärsiňizmi ýa-da näme etmelidigini başgalardan soraýarsyňyz? Siz Hudaýyň beren erkinligine nähili garaýarsyňyz? Erkinlik babatda adamlar asyrlar boýy çekişýärler. Käbiriniň aýtmagyna görä, adamyň ykbaly öňünden kesgitlenen. Başgalar bolsa: «Hakykatdan erkin bolmak üçin islän zadyňy etmeli» diýýärler. Muny bilmek üçin Hudaýyň Sözi bolan Mukaddes Ýazgylara ýüzlenmeli. Näme üçin? Onda Ýehowanyň ynsany erkin edip ýaradandygy aýdylýar. Başgaça aýdanyňda, biziň karara gelmäge ukybymyz hem-de mümkinçiligimiz bar. w17.01 2:1, 2

27-nji maý, ýekşenbe

Oglum Süleýman ýaş hem tejribesiz... Şonuň üçinem men taýýarlyk görmelidirin. 1 Ýyl. 22:5

Dawut ogly Süleýmanyň şeýle wajyp işi, ýagny Hudaýyň öýüni gurmagy başarjakdygyna şübhelenip bilerdi. Şeýle-de ybadathana «meşhur hem-de şöhratly» bolmalydy, Süleýman bolsa heniz «ýaş hem tejribesizdi». Emma Dawut Ýehowanyň özi ýolbaşçylyk edip, Süleýmana ukyp berip biljekdigine ýüregi bilen ynanýardy. Şol sebäpli Dawut ünsüni edip biljek zatlaryna gönükdirip, gurluşyk üçin zerur bolan köp zatlary taýýarlady. Şu günlerem gartaşan doganlar ýumuşlaryny ýaş mesihçilere bermäge gynanman, gaýtam, jogapkärli borçlary almagy öwretmek üçin elinde baryny etseler, gowy bolardy. Jogapkär doganlar tälim berýän ýaşlarynyň tejribeli bolandygyny görüp, ýürekden begenmeli. w17.01 5:8, 9

28-nji maý, duşenbe

Seniň bilen aýalyň, seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna, duşmançylyk salaryn Men. Ol seniň kelläňi owradar. Gel. çyk. 3:15

Isa Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasy hökmünde «ýylanyň» kellesini owradyp, onuň turzan pitnesiniň ähli zyýanyny süpürip aýrar. Isa ýer ýüzünde ýaşanda, şägirtlerine Hudaýyň Patyşalygynyň wajyp orun tutýandygyny görkezdi. Suwa çümdürilenden soň, ol ähli ýerde «Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary» wagyz edip başlady (Luka 4:43). Göge dolanmazdan öň, ol şägirtlerine özi barada «bütin ýer ýüzünde» şaýatlyk etmegi tabşyrdy (Res. iş. 1:6—8). Wagyz işi arkaly bütin dünýäde ýaşaýan adamlara töleg gurbany hakda bilmäge we Hudaýyň Patyşalygynyň raýaty bolmaga mümkinçilik berilýär. Biz Mesihiň ýer ýüzündäki doganlaryna hoş habary wagyz etmäge kömek edip, Patyşalygy goldaýandygymyzy görkezýäris (Mat. 24:14; 25:40). w17.02 2:7, 8

29-njy maý, sişenbe

(Isa) ýygnaklara käbirini resul... edip berdi. Efes. 4:11

Ýolbaşçylyk maslahaty ýer ýüzündäki ýygnaklaryň üstünden ygtyýary bolsa-da, Isanyň Ýolbaşçydygyna düşünýärdiler. Pawlus resul: «Ähli zatda bedeniň başy bolan Mesihden görelde alyp, söýgi arkaly ýetişen adam bolalyň» diýip ýazdy (Efes. 4:15). Olar özlerine «meşhur resul» diýen ady almadylar, gaýtam, «Hudaýyň görkezmesi bilen „mesihçi“ diýen ady aldylar» (Res. iş. 11:26). Dogrudan-da, Pawlus «öwredilen zatlaryň tabşyrylyşy ýaly», ýagny resullaryň we ýolbaşçylyk edýän başga doganlaryň Ýazgylara esaslanan görkezmesini ýerine ýetirmegiň wajypdygyna düşünýärdi. Muňa garamazdan, ol: «Men siziň şuny bilmegiňizi isleýärin: her erkegiň (ýolbaşçylyk maslahatynyň her agzasynyň hem) başy Mesih... Mesihiň başy hem Hudaýdyr» diýip ýazdy (1 Kor. 11:2, 3). Görşümiz ýaly, Ýehowa Hudaý şöhratly Mesih Isa arkaly ýygnaga gözegçilik edýärdi. w17.02 4:7

30-njy maý, çarşenbe

Ýygnaga gowy gözegçilik edýän... ýaşulular iki esse hormata mynasyp görülsin. 1 Tim. 5:17

Mynasyp adamlara hormat goýsak, diňe özüňi bilmeklikden gaça durmaga kömek edýär. Şonda başgalar bizi öwenlerinde-de, özümizi ýokary tutmarys. Şeýle-de Ýehowanyň guramasynda galyp, imandaşymyz bolsun, bolmasyn adamlara gereginden artyk hormat goýmarys. Galyberse-de, özümizi paýhasly alyp barsak, hormat goýýan adamlarymyz tamamyzy ödemese-de, büdremeris. Mynasyp adamlara ýerlikli hormat goýsak, esasan-da, Hudaýyň göwnünden turarys. Şeýdip, biz onuň islegini ýerini ýetireris we oňa wepaly bolarys. Şonda Hudaýa gyjalat berýän her kese jogap berip bileris (Sül. tym. 27:11). Dünýäde kime we nädip hormat goýmagy bilmeýän adamlar gaty köp. Emma biz hormat goýmagy öwredýän Ýehowa örän minnetdar! w17.03 1:13, 20, 21

31-nji maý, penşenbe

Ýehoşapat Ýehowanyň nazarynda dogry işleri etdi. 2 Ýyl. 20:32

Ýehoşapat kakasy Asa ýaly halky Ýehowany agtarmaga höweslendirdi. Ýehoşapat Ýehowanyň «kanun kitabyny alyp, Ýahudanyň ähli şäherlerine aýlanyp, halka tälim bermegiň» aladasyny etdi (2 Ýyl. 17:7—10). Ol hatda Ysraýylyň demirgazyk patyşalygyndaky Efraýymyň daglyk ýerlerine baryp, halky Ýehowa «tarap öwürdi» (2 Ýyl. 19:4). Bizem şu günler Ýehowanyň gurnaýan uly wagyz işine gatnaşyp bilýäris. Siz her aý adamlara Ýehowanyň Sözüni öwredip, olary Hudaýa ýürekden gulluk etmäge höweslendirýärsiňizmi? Eger siz jan etseňiz we Hudaýa bil baglasaňyz, Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlap bilersiňiz. Siz bu babatda doga edýärsiňizmi? Adamlar size «boş aýlanyp ýörsüňiz» diýseler-de, bu aňsat bolmadyk işi höwes bilen berjaý edermisiňiz? Ýehoşapatyň Efraýyma baryp, halky hakyky seždä tarap öwürmek üçin tagalla edişi ýaly, sizem wagza çykmaýan mesihçilere kömek edip bilersiňiz. w17.03 3:10, 11

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş