Aprel
1-nji aprel, ýekşenbe
Siz öň Hudaýdan daşlaşan adamlardyňyz we erbet zatlar hakynda pikir edýändigiňiz üçin onuň duşmanydyňyz. Häzir bolsa ol sizi Oglunyň ynsan bedeninde ölmegi arkaly özi bilen ýaraşdyrdy. Kol. 1:21, 22
Adamlar Isanyň töleg gurbany barada bilmänkä, Hudaýyň duşmany hasaplanýar. Şol sebäpli biz olara Ýaradyjysy bilen dostlaşmaga kömek etmeli. Ýahýa resul: «Ogla iman eden ebedi ýaşaýşa gowşar; Ogla gulak asmaýan adam ýaşaýyş görmez, gaýtam, Hudaýyň gazabyna sezewar bolar» diýip ýazdy (Ýah. 3:36). Hawa, Mesihiň tölegi arkaly adamlar Hudaý bilen ýaraşyp bilýär (2 Kor. 5:18—20). Biz adamlara hakykaty höwes bilen gürrüň berýäris we Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek edýäris. Sebäbi bu wagyz işimizde wajyp hasaplanýar. w16.07 4:8—10
Ýatlama agşamynyň soňundan okalýan aýatlar: (14-nji nisanda bolan wakalar) Ýahýa 19:1—42
2-nji aprel, duşenbe
Seniň adyň mukaddes bolsun. Mat. 6:9
Isa nusgalyk dogasynda ilki Hudaýyň adynyň şöhratlanmagy barada dileg etdi. Ýehowa mukaddes Hudaý, şol sebäpli onuň ähli prinsipleri we kanunlary kämildir. Muňa garamazdan, Şeýtan mekirlige ýüz urup, Erem bagynda Hudaýyň adamzat üçin beren adyl kadalaryny şübhä goýdy. Şeýdip, ol Ýehowa hakda ýalan sözläp, onuň mukaddes adyna töhmet atdy (Gel. çyk. 3:1—5). Şeýtandan tapawutlylykda, Isa Ýehowanyň adyny ýürekden söýýär (Ýah. 17:25, 26). Ol Hudaýyň adynyň mukaddes bolmagy üçin gaty köp zat etdi (Zeb. 40:8—10). Isa ýer ýüzünde ýaşanda, Ýehowanyň adamlara beren kadalarynyň paýhaslydygyny we dogrudygyny subut etdi. Şeýle-de ol gökdäki Atasyna ölýänçä wepaly galyp, kämil adamyň Hudaýyň dogry kadalaryna doly eýerip biljekdigini subut etdi. w17.02 2:2—4
Ýatlama agşamynyň soňundan okalýan aýatlar: (15-nji nisanda bolan wakalar) Matta 27:62—66 (16-njy nisanda gün batandan soň bolan wakalar) Ýahýa 20:1
3-nji aprel, sişenbe
Guza... şöhrat, hormat... bolsun. Ylh. 5:13
Isa Mesih «dünýäniň günälerini ýuwýan Hudaýyň Guzusy» (Ýah. 1:29). Mukaddes Ýazgylarda onuň ähli adamlardan we patyşalardan beýikdigi barada şeýle diýilýär: «Ol patyşalaryň Patyşasy, hökümdarlaryň Hökümdarydyr. Ol ölmeýän ýeke-täk şahsyýetdir we hiç kimiň görmedik hem görüp bilmejek ýagtylygynda ýaşaýandyr» (1 Tim. 6:14—16). Dogrudan-da, öz islegi bilen biziň günälerimiz üçin janyny töleg hökmünde beren patyşa barmy? Siz hem gökdäki milliardlarça perişdeleriň: «Damagy çalnan Guzy güýji, baýlygy, akyldarlygy, güýç-kuwwaty, hormaty, şan-şöhraty we berekedi almaga mynasypdyr» diýen sözleri bilen razylaşsaňyz gerek (Ylh. 5:12). Ýehowa we Mesihe hökman hormat goýmaly, ýogsam ebedi ýaşaýşa gowşup bilmeris (Zeb. 2:11, 12; Ýah. 5:23). w17.03 1:3, 4
Ýatlama agşamynyň soňundan okalýan aýatlar: (16-njy nisanda bolan wakalar) Ýahýa 20:2—18
4-nji aprel, çarşenbe
Eger-de siz... meni yzyma alyp gitseňiz..., şonda men baştutanyňyz bolaryn. Ser. 11:9
Hudaýyň halkynyň durmuşynda bolan wakalar Ýeftaha Ýehowanyň nazarynda nämäniň dogrudygyna we nädogrudygyna düşünmäge kömek etdi (Ser. 11:12—27). Musanyň kanunyndaky prinsipler Ýeftaha garaýşyny özgertmäge kömek etdi. Ol Ýehowanyň gullukçylarynyň biri-birinden öýke-kine saklaman, gaýtam, birek-biregi söýmelidigini bilýärdi. Sebäbi Kanunda hatda başgalar seni «ýigrense-de», olaryň zerurlyklaryna sowuk-sala garamaly däldigi aýdylýardy (Müs. çyk. 23:5; Lew. 19:17, 18). Wepaly bolmakda gowy görelde galdyran adamlaryň ýene biri Ýusupdy. Doganlary ony «ýigrenseler-de», ol olara rehimdarlyk bildirdi. Onuň göreldesi Ýeftaha täsir eden bolmaly (Gel. çyk. 37:4; 45:4, 5). Şeýle wakalaryň üstünde oýlanmaklyk Ýeftaha Ýehowa ýaraýan işleri etmäge kömek etdi. Doganlarynyň özüni alyp barşy ony gynandyrsa-da, ol Ýehowa we onuň halkyna wepaly gulluk etmegini bes etmedi (Ser. 11:1—3). w16.04 1:8, 9
5-nji aprel, penşenbe
Olar resullardan bilim almaklaryny dowam edýärdiler, bir-biri bilen zatlaryny paýlaşýardylar. Res. iş. 2:42
Ýehowanyň gullukçylary bilelikde ýygnanyşmagy hemişe gymmat saýýardylar. Mesihçiler ýygnagy döränden soň, Isanyň şägirtleri bilelikde ýygnanyşmagy dowam edýärdiler. Elbetde, siz hem ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmagy wajyp hasaplaýansyňyz. Emma iş, gündelik aladalar ýa-da ýadawlyk sebäpli muny etmek kyn bolýar. Dogan-uýalaryň köpüsi şeýle kynçylyklar bilen göreşýärler. Kynçylyklara garamazdan, ýygnak duşuşyklaryny gymmat saýyp, minnetdar bolsak olara yzygiderli gatnaşmaga kömek eder. Käbir dogan-uýalar keselçilik sebäpli duşuşyklara yzygiderli gatnaşyp bilmeýärler. Ýaşulular şeýle dogan-uýalara kömek etmek üçin, geçirilýän ruhy çäreleriň ýazgysyny ýazdyryp, getirip biler ýa-da ony telefon arkaly diňlemäge mümkinçilik döredip biler. w16.04 3:3
6-njy aprel, anna
Mert boluň! Men dünýäni ýeňendirin. Ýah. 16:33
Ýehowanyň wepaly gullukçylarynyň göreldesi bizi berkidip, synaglarda paýhasly we çydamly bolmaga ýardam eder. Meselem, Şadrak, Meýşak we Abednego Wawilon imperiýasynyň patyşasynyň ýasan heýkeline sežde etmediler (Dan. 3:16—18). Şu günlerem köp dogan-uýalar olaryň batyrgaýlygy barada okap, ýaşaýan ýurdunyň milli baýdagyna tagzym etmekden mertlik bilen ýüz öwürýärler. Isa-da dünýäniň milletara we syýasy dawalaryna goşulmandy. Isa öz göreldesiniň başgalara gowy täsir edip biljekdigini bilýärdi. Şonuň üçin ol şägirtlerine: «Mert boluň!» diýdi. Ýygnagyňyzdaky dogan-uýalar hem sizi goldap bilerler. Olar duş gelýän kynçylyklaryňyzy bilseler, sizi ruhlandyrarlar. Şol sebäpli olardan siziň üçin daga etmegi haýyş ediň. Eger dogan-uýalaryň bizi goldamagyny we biziň üçin doga etmeklerini isleýän bolsak, onda bizem olar üçin doga etmeli dälmi näme?! (Mat. 7:12). w16.04 4:16, 18
7-nji aprel, şenbe
Seniň... halkyň... meýletin häzir bolar. Zeb. 110:3
Ýehowanyň Şaýatlarynyň wagyz işi pul sadakalary arkaly amala aşyrylýar (2 Kor. 9:7). Olar Ýygnak jaýlarynda ýa-da kongreslerde adamlardan hiç hili pul sadakalaryny ýygnamaýarlar. Meselem, 2015-nji ýylda Ýehowanyň Şaýatlary takmynan 2 milliard sagat wagyz edip, her aý 9 milliondan gowrak Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirdiler. Olar bu iş üçin pul almaýarlar, gaýtam, özleri çykdajy edýärler. Bu diýseň haýran galdyrýar! Bir alym Ýehowanyň Şaýatlarynyň edýän işi barada şeýle diýdi: «Olaryň esasy maksady wagyz etmek we öwretmek... Olar çykdajy etmek islemeýän dini ýolbaşçylardan düýpgöter tapawutlanýar». Diýmek, biz näme maksat bilen wagyz edýäris? Biz bu işi Ýehowany we adamlary söýýändigimiz üçin meýletinlik bilen ýerine ýetirýäris. Şeýdip, biz şu günki aýatdaky pygamberligiň ýerine ýetmegine gatnaşýarys. w16.05 2:9
8-nji aprel, ýekşenbe
Gökden inýän akyldarlyk, ilki bilen, päk, soňra parahat, paýhasly, gulak asmaga taýyn, rehimdarlyga we ýagşy işlere baýdyr. Ýak. 3:17
Biz nädogry pikirleri we höwesleri döredýän göwün açmakdan gaça durmaly. Paýhasly mesihçi dynç almak üçin, Ýehowanyň ýigrenýän kitaplaryny okamak, filmleri görmek we wideoýunlary oýnamak barada asla pikirem etmez. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň bu zatlara bolan garaýşy aýdyň görkezilýär. Köplenç adamlaryň gelýän kararlary biri-birinden tapawutlansa-da, olar Ýehowa ýaramly bolup biler. Emma biz geljek kararymyzyň dogry ýa-da nädogrudygyny bilmesek, ýaşululardan ýa-da ruhy taýdan ösen mesihçilerden maslahat sorasak paýhasly bolar (Tit. 2:3—5; Ýak. 5:13—15). Elbetde, başgalardan bize derek karara gelmegi sorasak nädogry bolardy. Mesihçiler ýagşy bilen ýamany saýgarmagy öwrenmeli (Ýew. 5:14). Biziň her birimiz Pawlusyň ýazan şu sözlerine eýermeli: «Sebäbi her kim öz jogapkärçiligini özi çekmelidir» (Gal. 6:5). w16.05 3:15, 16
9-njy aprel, duşenbe
Men öň Hudaýa dil ýetirip, halkyny yzarlaýardym we barypýatan gödek adamdym. 1 Tim. 1:13
Ýehowa adamlaryň daş keşbine däl-de, ýüregine seredýär (1 Şam. 16:7). Hudaý mesihçiler ýygnagyny döredende, bu sözleriň dogrudygy aýan boldy. Ol ynsan garaýşyna görä ähmiýetsiz hasaplanýan adamlary Özüne we Ogluna ýakynlaşdyrdy (Ýah. 6:44). Şeýle adamlaryň biri Sawuldy we ol fariseýdi. Emma «ýürekleri barlaýan» Hudaý Sawuly gerekmejek «toýun» hasaplamaýardy (Sül. tym. 17:3). Hudaý oňa gymmatly gap ýasap boljak toýun hökmünde garaýardy. Şol sebäpli ony «halklara, patyşalara we Ysraýyl ogullaryna» şaýatlyk etmegi üçin saýlady (Res. iş. 9:15). Hudaý hatda arakhorlara-da, ahlaksyzlyk we ogrulyk edýänlere-de «hormatlanýan» gap ýasap boljak adamlar hökmünde garaýar (Rim. 9:21; 1 Kor. 6:9—11). Şeýle adamlar Hudaýyň Sözünden dogry bilim alyp we imanyny iş ýüzünde görkezip, Ýehowanyň terbiýesini kabul etdiler. w16.06 1:4
10-njy aprel, sişenbe
Edil küýzegäriň elinde toýun nähili bolsa, siz hem Meniň elimde şeýlesiňiz. Ýer. 18:6
Hudaýyň Sözi, ýygnak duşuşyklary we wagyz gullugy bize ýumşak «toýun» bolmaga kömek edýär. Suwuň toýny ýumşadyşy ýaly, Mukaddes Ýazgylary her gün okap oýlanmak hem Ýehowanyň elinde ýumşak toýun bolmaga ýardam edýär. Ýehowa gullukçylarynyň Mukaddes Ýazgylary her gün okamak üçin edýän tagallalaryny görüp, örän begenýär. Meselem, Ýehowa Ysraýyl patyşalaryna Kanunyň nusgasyny göçürip almagy we ony her gün okamagy tabşyrdy (Kan. tag. 17:18, 19). Resullar hem gullukda üstünlik gazanmak üçin Mukaddes Ýazgylary okap oýlanmagyň möhümdigine düşünýärdiler. Olar ýazan hatlarynda ýüzlerçe sapar Ýewreý ýazgylaryna salgylandylar we wagyz edýän adamlaryny hem şeýle etmäge çagyrýardylar (Res. iş. 17:11). Bizem Hudaýyň Sözüni her gün okamagy we doga edip oýlanmagy wajyp hasaplaýarys (1 Tim. 4:15). Bu bize Ýehowanyň öňünde kiçigöwünli we onuň elinde ýumşak «toýun» bolmaga kömek edýär. w16.06 2:10
11-nji aprel, çarşenbe
Eger araňyzda söýgi bolsa, siziň meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler. Ýah. 13:35
Bu häsiýetiň wajypdygyny, esasan-da, geçen asyrda bolan elhenç uruşlar aýdyň görkezýär. Meselem, diňe Ikinji jahan urşunda 55 million adam heläk boldy. Emma Ýehowanyň Şaýatlary şol uruşlara gatnaşmady (Mika 4:1, 3). Bu olara «ähli adamlaryň ganyndan azat» bolmaga kömek etdi (Res. iş. 20:26). Mukaddes Ýazgylarda «şu dünýäniň taňrysynyň» Şeýtandygy aýdylýar. Muňa garamazdan, Hudaýyň halky şeýle kyn döwürde-de gitdigiçe köpelýär (2 Kor. 4:4). Şeýtan dünýäniň syýasy guramalaryna we habar beriş serişdelerine täsir etse-de, wagyz işine päsgel berip bilmeýär. Emma ol wagtynyň az galandygyny bilip, adamlary hakykatdan daşlaşdyrmak üçin elinde baryny edýär (Ylh. 12:12). w16.06 4:3, 4
12-nji aprel, penşenbe
Meýdan gülleriniň ösüşine syn ediň. Mat. 6:28
Isa ünsümizi Ýehowanyň ýaradan zatlaryna çekip, «meýdan güllerinden» köp zatlary öwrenip biljekdigimizi aýtdy. Ol gülälek, bägül we çigildem ýaly owadan gülleri göz öňünde tutan bolmaly. Bu güller «ne zähmet çekýärler, ne-de özleri üçin eşik örýärler». Hudaý şonda-da olary juda owadan edip ýaratdy. Isa şeýle diýdi: «Hatda şan-şöhrata eýe bolan Süleýman patyşa-da şeýle owadan geýnen däldir... Meýdan ösümliklerini Hudaý şeýle geýindirýän bolsa, onda ol sizi has-da artyk geýindirmezmi näme, eý imany azlar!» (Mat. 6:29, 30). Hawa, Ýehowanyň aladamyzy edýändigine hiç hili şübhe ýok. Munuň şeýledigine garamazdan, Isanyň şägirtleriniň imany gowşakdy (Mat. 8:26; 14:31; 16:8; 17:20). Olar imanyny berkidip, Ýehowa bil baglamalydy. Bizem Ýehowanyň ähli gerekli zatlary bermek isleýändigine we aladamyzy etjekdigine berk ynanýarysmy? w16.07 1:15, 16
13-nji aprel, anna
Hudaý size ýagşy we jogapkärli hyzmatkärler hökmünde... merhemet edýär. Şoňa görä her kim alan ukybyna görä birek-birege hyzmat etsin. 1 Pet. 4:10
Biz nähili synaga duşsak-da, Ýehowa döz gelmegimiz üçin güýç berýär (1 Pet. 1:6). Hawa, Hudaýyň merhemeti bilen biz islendik synaga döz gelip bileris. Biz Ýehowanyň dürli ýollar bilen bildirýän merhemeti arkaly köp bereketlere eýe bolýarys. Olaryň biri günälerimiziň bagyşlanmagy. Ýehowa bize merhemet edip, ýazyklarymyzy bagyşlaýar we günäli endiklerimiz bilen göreşmäge kömek edýär (1 Ýah. 1:8, 9). Bu bizi Ýehowa rehimdarlygy üçin minnetdar bolmaga we Ony şöhratlandyrmaga höweslendirýär. Pawlus resul şeýle diýdi: «(Ýehowa) bizi garaňkylygyň goly astyndan halas edip, söýgüli Oglunyň patyşalygyna geçirdi. Biz onuň tölegi arkaly gulçulykdan azat bolduk, günälerimiz hem bagyşlandy» (Kol. 1:13, 14). Günälerimiziň bagyşlanýandygy sebäpli, biz ençeme bereketlere eýe bolýarys. w16.07 3:7—9
14-nji aprel, şenbe
Ol seniň kelläňi owradar. Gel. çyk. 3:15
Şeýtan Erem bagynda pitne turuzsa-da, Ýehowa ilkinji pygamberligi aýdyp, adamzat nesline umyt berýär. Ilkinji ynsan maşgalasy ýerde ebedi ýaşamak mümkinçiligini elden gidirdi. Emma Ýehowa gulak asýan adamlaryň ebedi ýaşamagy üçin Iblisiň kellesini owratjak Ogluny ýer ýüzüne iberip, ilkibaşdaky niýetini unutmandygyny görkezdi (Ýah. 3:16). Adam ata bilen How enäniň turzan pitnesi diňe bir öz maşgalasyna däl, eýsem, bütin nesline uly zyýan ýetirdi. Meselem, How ene we ondan bolan gyzlar agyry-ynjy bilen çaga dogurýardy. Aýal äriniň mährine zar, erkek adamlar bolsa aýalyny kemsidip, üstünden agalyk edýärdi. Bu ýagdaýy şu günler köp maşgalalarda görse bolýar (Gel. çyk. 3:16). Mukaddes Ýazgylarda erkek adamlaryň söýgi bilen baştutanlyk etmelidigi aýdylýar. Aýallar bolsa ärine maşgalabaşy hökmünde tabyn bolmaly (Efes. 5:33). Hudaýdan gorkýan köp är-aýallar bu tabşyryklara eýerip, maşgalasynda bolýan düşünişmezlikleriň öňüni alýarlar ýa-da onuň döremegine asla ýol bermeýärler. w16.08 1:6, 7
15-nji aprel, ýekşenbe
Eý aýal, sen äriň bilen galsaň, ony halas etmäge mümkinçiligiň bardygyny bilmeýärmiň? Eý är, sen aýalyň bilen galsaň, ony halas etmäge mümkinçiligiň bardygyny bilmeýärmiň? 1 Kor. 7:16
Käbir adamlar hakykata gelmänkä durmuş gurýarlar. Şeýle ýagdaýda mesihçiniň ýanýoldaşy Ýehowa gulluk etmese-de, ondan aýrylmazlyk maslahat berilýär (1 Kor. 7:12—14). Mukaddes Ýazgylara görä, iman etmeýän adam hem Hudaýa gulluk edýän adam bilen durmuş gurandygy üçin «mukaddes edilendir». Hatda olardan bolan çagalar hem «mukaddes» hasaplanyp, Hudaý olary hem goraýandyr. Dogrudan-da, dogan-uýalaryň köpüsi ýanýoldaşyna hakykata gelmäge kömek edip bildiler. Petrus resul mesihçi aýallara ärlerine tabyn bolmak babatda şeýle diýdi: «Olar Hudaýyň Sözüni diňlemeýän bolsalar, onda aýdýan sözleriňize däl-de, edim-gylymyňyza seredip iman ederler. Sebäbi olar siziň arassa, päk ýaşaýşyňyzy we çuňňur hormatyňyzy görerler». Mesihçi aýallar hemişe Hudaý barada gürrüň bermegiň deregine, Ýehowanyň nazarynda has gymmatly bolan «ýuwaş we ýumşak häsiýeti» bilen ýanýoldaşyna hakykaty kabul etmäge kömek edip biler (1 Pet. 3:1—4). w16.08 2:14, 15
16-njy aprel, duşenbe
Biri-biriňizi ýürekden söýüň. 1 Pet. 1:22
Mukaddes Ýazgylarda birek-birege hyzmat etmegiň we «hilesiz söýgini» bildirmegiň wajypdygy aýdylýar (Luka 22:24—27). Isa Hudaýyň ogly bolsa-da, adamlar üçin hiç zadyny, hatda öz janyny hem gaýgyrmady (Mat. 20:28). Dorka hem «köp ýagşy işleri edip, garyplara ýardam edýärdi» (Res. iş. 9:36, 39). Merýem bolsa Rimdäki dogan-uýalar üçin «köp zähmet çekdi» (Rim. 16:6). Biz täze wagyzçylara ýa-da ýaňy-ýakynda suwa çümdürilenlere dogan-uýalaryň aladasyny etmegi nädip öwredip bileris? Ruhy taýdan ösen mesihçiler ýarawsyz ýa-da gartaşan dogan-uýalaryň ýagdaýyny soramaga gidende, olary ýany bilen äkitseler gowy bolar. Käbir ýagdaýlarda ene-atalar çagalaryny äkidip biler. Ýaşulular bolsa gartaşan dogan-uýalaryň iýere-içere zadynyň bardygyny ýa-da olara nähili kömegiň gerekdigini bilmek üçin ýygnakdaky wagyzçylaryň birini ýany bilen äkidip biler. Şonda ýaşlar we täze wagyzçylar dogan-uýalaryň aladasyny etmegi öwrenerler we olaryň ählisine söýgi bildirilýändigini duýup, minnetdar bolarlar (Rim. 12:10). w16.08 4:13, 14
17-nji aprel, sişenbe
Patyşalyk baradaky habary eşidip, onuň manysyna düşünýän adamlar... köp hasyl berýär. Mat. 13:23
Fransiýada ýaşaýan ýaş uýa: «Mugallymlarymyz Mukaddes Ýazgylara ynanýan okuwçylaryň bardygyny bilseler, geň galýarlar» diýýär. Siz Ýehowanyň ýaş gullukçysy ýa-da Ol barada bilim alýan bolsaňyz, onda adamlar siziň ewolýusiýa taglymatyna däl-de, Ýaradyja ynanýandygyňyz üçin üstüňizden gülýändirler. Eger şeýle bolsa, onda imanyňyzy berkitmäge kömek etjek ädimleri ädip, olara görä ýaşaň. Munuň üçin Hudaýyň beren pikirlenmek ukybyny ulanmaly, çünki Mukaddes Ýazgylarda «paýhas seni saklar» diýilýär. Bu size imanyňyzy gowşadýan filosofiýa garşy durmaga kömek eder (Sül. tym. 2:10—12). Hakyky imany ösdürmek üçin Hudaý barada bilim almaly (1 Tim. 2:4). Munuň üçin Hudaýyň Sözüni we oňa esaslanan edebiýatlary okamak ýeterlikli däl. Okan zatlaryňyzyň «manysyna düşünmek» üçin pikirlenmek ukybyny ulanyň. w16.09 4:1—3
18-nji aprel, çarşenbe
Ýamanlykdan ýeňilmäň-de, ony hemişe ýagşylyk bilen ýeňiň. Rim. 12:21
Eger biziň çagalyk döwrümiz kynçylykda geçen bolsa ýa-da häzir çykgynsyz ýagdaýda bolsak, erjellik bilen göreşmeli. Şonda Ýehowanyň patalajakdygyna ynamly bolup bileris (Gel. çyk. 39:21—23). Siz hem öz ýagdaýyňyz we çekýän kynçylygyňyz barada oýlanyp görüň. Belki-de, siz adalatsyzlyk, tarapgöýlik we ýaňsylamalar bilen göreşmeli bolýansyňyz. Mümkin, kimdir biri size göriplik edip, ýalan zatda aýyplaýandyr. Lapykeç bolmaga derek, Ýakup, Rahel we Ýusubyň şatlyk bilen Ýehowa gulluk edendigini ýadyňyza salyň. Ruhy zatlary ýürekden gymmat saýandyklary üçin, Hudaý olara güýç berip, bereketledi. Olar göreşmegini bes etmediler we dogalaryna görä hereket etdiler. Biz zalym dünýäniň soňky günlerinde ýaşaýarys, şol sebäpli gelejege bolan umydymyzy ýitirmezlige berk esas bar. Siz Ýehowanyň razylygyny gazanmak üçin tagalla edýärsiňizmi? w16.09 2:8, 9
19-njy aprel, penşenbe
Ruhuň miwesi... iman. Gal. 5:22
Ene-atalar, siziň imanyňyz çagalaryňyz üçin örän wajyp. Çagalaryňyz siziň edýän işleriňize üns berer, bu bolsa olara gowy täsir eder. Şonuň üçin siz hem öz imanyňyzy berkidiň. Çagalar siziň Ýehowa bilen ýakyn gatnaşygyňyzyň bardygyny bilsinler. Bermudada ýaşaýan bir är-aýal kynçylyga uçranda, çagalary bilen bile Ýehowa doga edip, ondan görkezme soraýar we çagalaryny hem bu hakda doga etmäge höweslendirýär. Olar şeýle gürrüň berýär: «Biz uly gyzymyza: „Ýehowa doly bil bagla, hemişe Patyşalygyň işleri bilen meşgullan, köp alada etme“ diýip, maslahat berýäris. Ol munuň gowy netije berýändigini görüp, Ýehowanyň bize kömek edýändigini duýýar. Şonuň üçin hem onuň Hudaýa we Mukaddes Ýazgylara bolan imany berkedi». Elbetde, çagalar öz imanyny özleri berkitmeli. Emma ene-atalar olarda iman tohumyny ekip, suwaryp bilerler. Ony diňe Hudaý ösdürip bilýändir (1 Kor. 3:6). Şol sebäpli mukaddes ruhy diläň, çagalaryňyza tälim bermekde janyňyzy gaýgyrmaň, şonda Ýehowadan bol bereket alarsyňyz (Efes. 6:4). w16.09 5:16—18
20-nji aprel, anna
Bulary (şu sözleri) çagalaryňa hem öwret. Kan. tag. 6:7
Serj bilen Muriýel daşary ýurt dilinde geçirilýän ýygnakda 3 ýyldan gowrak gulluk edensoň, 17 ýaşly oglunyň ruhy işleri etmäge höwesiniň gaçandygyny görýärler. Serj dogan şeýle diýýär: «Biz bu ýagdaýyň oglumyza ruhy taýdan ösmäge päsgel berýändigine düşünenimizde, ýene-de öňki ýygnaga dolanmaly diýen karara geldik». Ata-eneler çagalarynyň has gowy düşünýän dilindäki ýygnaga geçmelidigini nädip bilmeli? Birinjiden, ata-eneler çagalaryna daşary ýurt dilini öwredenlerinde, olaryň Ýehowa bolan söýgüsini ösdürmäge ýeterlik wagtynyň we serişdesiniň barlygyna doly göz ýetirmeli. Ikinjiden, olar çagalarynyň ruhy zatlara ýa-da daşary ýurtda gulluk etmäge bolan höwesine üns bermeli. Şeýle ýagdaýlarda ata-eneler çagalary ruhy taýdan berkeýänçä, olaryň has gowy düşünýän dilindäki ýygnaga geçip bilerler (Kan. tag. 6:5—7). w16.10 2:14, 15
21-nji aprel, şenbe
Nuh iman edendigi üçin heniz görünmeýän zatlar hakynda Hudaýdan duýduryş aldy we Ondan gorkup, öý-içerisini halas etmek üçin gämi gurdy. Ýew. 11:7
Elbetde, adamlar Nuh pygamberden şeýle uly gämini näme üçin gurýandygyny sorandyrlar. Şonda Nuh pygamber dymyp durdymy ýa-da olara öz işiňiz bilen boluň diýdimi? Elbetde, ýok. Ol iman edendigi üçin batyrgaýlyk bilen Hudaýyň hökümini yglan etdi. Belki-de, Nuh pygamber adamlara Ýehowanyň «men bütin janly-jandarlaryň soňuna çykjak, çünki olar zerarly ýer ýüzi zulumdan doldy... men ýer ýüzüne sil gönderip, gökleriň astyndaky burnunda dirilik nepesi bolan janly-jandarlaryň ählisini ýok etjekdirin; ýer ýüzündäki zatlaryň barysy öler» diýen duýduryşyny birnäçe gezek aýdandyr. Şeýle-de ol adamlara halas bolmak üçin Hudaýyň «gämä münmelisiňiz» diýen tabşyrygyna gulak asmalydygyny gaýta-gaýta aýdan bolmaly. Hawa, Nuh pygamber «dogrulygy wagyz edip», Hudaýa iman edýändigini görkezdi (Gel. çyk. 6:13, 17, 18; 2 Pet. 2:5). w16.10 4:7
22-nji aprel, ýekşenbe
Ynsanyň... dogry ädim basmagynyň ygtyýarynda däldigini bilýärin. Ýer. 10:23
Mesihçi ene-atalar çagalaryny Hudaýyň Sözüne görä terbiýeläp, Ýehowa wepalydygyny görkezýärler. Olar çagalaryny terbiýelände ýerli medeniýetiň erbet täsirine düşmeýärler. Mesihçileriň maşgalasynda dünýäniň ruhy bolmaly däl (Efes. 2:2). Mesihçi maşgalabaşy «biziň ýurdumyzda çagalara ejeleri terbiýe bermeli» diýen pikire eýermeýär. Mukaddes Ýazgylarda: «Atalar, çagalaryňyzy... Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi (görkezmesi) bilen ulaldyň» diýilýär (Efes. 6:4, çykgyt). Hudaýa hormat goýýan ene-atalar çagalarynyň Şamuwel ýaly bolmagyny isleýärler. Sebäbi Şamuwel ulalanda hem Ýehowa onuň bilendi (1 Şam. 3:19). Bu barada Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýändigini bilmesek, maşgalamyz we ýaşaýşymyz babatda dogry karara gelip bilerismi? Elbetde, ýok! Biz gökdäki Atamyzyň kömegine mätäç, sebäbi ol biziň ýolumyzy ugrukdyryp bilýär. w16.11 3:14, 15
23-nji aprel, duşenbe
Gökleriňe, Seniň barmaklaryň işlerine, Seniň guran Aý we ýyldyzlaryňa seredenimde diýýärin: Sen adama üns berer ýaly, ol näme? Sen ony idär ýaly, ynsan ogly näme? Zeb. 8:3, 4
Ýaradylan zatlar Hudaýyň deňi-taýy bolmadyk Guramaçydygyny subut edýär. Mukaddes Ýazgylarda: «Reb dünýäni hikmet bilen gurdy, gökleri düşünje bilen berkarar etdi» diýilýär (Sül. tym. 3:19). Biz Hudaýyň ýollarynyň «ujypsyzja bölegini» bilýäris we «Ol hakda eşidýänlerimiz» juda az (Eýp. 26:14). Muňa garamazdan, sansyz-sajaksyz asman jisimleriniň, ýagny planetalaryň, ýyldyzlaryň we galaktikalaryň belli bir tertibe eýerip hereket edýändigi haýran galdyrýar. Galaktikalarda millionlarça ýyldyzlar ýerleşýär we olaryň ählisi tertipli hereket edýär. Planetalar göýä ýol hereket düzgünine eýerýän ýaly, Günüň daşyndan aýlanýarlar. Bu zatlar Ýehowanyň gögi, ýeri «düşünje bilen ýaradandygyny» we onuň hormata, wepalylyga hem-de seždä mynasypdygyny görkezýär (Zeb. 136:1, 5—9). w16.11 2:3
24-nji aprel, sişenbe
Olar Ýehowa dogrulyk bilen sadakalaryny hödür ederler. Mal. 3:3, TD
Malaky 3:1—3-nji aýatlarda 1914-nji ýyldan 1919-njy ýylyň başyna çenli «Lewiniň nesliniň», ýagny mesh edilenleriň arassalanmaly döwri hakda aýdylýar. Şol döwürde Ýehowa Hudaý bilen «äht Wekili» Isa Mesih olaryň gullugyny barlamak üçin ruhy ybadathana geldiler. Ýehowanyň halky barlagdan geçip, arassalanansoň, indiki tabşyryga taýyndy. 1919-njy ýylda «wepaly we paýhasly hyzmatkär» öýdäki wepaly hyzmatkärleri ruhy iýmit bilen üpjün etmäge bellendi (Mat. 24:45). Şonda Hudaýyň halky Beýik Wawilonyň täsirinden azat boldy. Şondan bäri Ýehowanyň merhemeti arkaly mesh edilenleriň Hudaýyň islegi baradaky bilimi we gökdäki Atasyna bolan söýgüsi gün-günden artýar. Bu bereketler üçin olar örän minnetdar! w16.11 5:14
25-nji aprel, çarşenbe
Meni munuň bilen synap görüň. Muny goşunlar Hudaýy Ýehowa diýýär. Görüň, Men gögüň penjirelerini siziň üçin açyp, üstüňize dolup-daşýan bereket ýagdyrmarynmy? Mal. 3:10, TD
Biz Ýehowany söýýäris, «sebäbi ilki (ol) bizi söýdi» (1 Ýah. 4:19). Onuň mähirli söýgüsi wepaly gullukçylaryny patalamak üçin ilkinji ädimi ätmäge höweslendirdi. Hudaýa bolan söýgimiz artdygy saýyn, oňa bolan imanymyz hem berkeýär, ýagny biz diňe onuň bardygyna däl-de, eýsem, söýýänlerini sylaglajakdygyna hem ynanýarys (Ýew. 11:6). Hawa, Ýehowanyň bardygyna we onuň edýän işlerine ynanmak örän wajyp. Eger biz Ýehowanyň özüni ýürekden agtarýanlary sylaglajakdygyna şübhelensek, imanymyz gowşar, sebäbi «iman — umyt edýän zatlarymyzyň gelejekde, hakykatdan-da, boljakdygyna ynanmakdyr» (Ýew. 11:1). Diýmek, iman etmek üçin Hudaýyň wada berýän bereketlerini aljakdygymyza ynanmaly. Şu günki aýatdan, Ýehowanyň bereketlerini almak üçin jan etmelidigimiz görünýär. Ýehowanyň sahylyk bilen berýän bereketlerini kabul edenimizde, oňa bolan çuňňur minnetdarlygymyzy görkezýäris. w16.12 4:1—3
26-njy aprel, penşenbe
Ten höwesleri barada pikirlenmeklik ölüme eltýär. Rim. 8:6
Şeýle duýduryş häzirem wajyp. Hudaýa ençeme ýyl bäri gulluk edýän mesihçi hem ten höwesleri hakda oýlanyp başlamagy mümkin. Elbetde, bu iýip-içmek, işlemek, dynç almak, hatda kimdir biri bilen halaşmak barada oýlanmagyň nädogrudygyny görkezmeýär. Bular adaty zatlar hasaplanýar. Isa-da iýip-içmekden lezzet alýardy, başga adamlary hem naharlaýardy. Ol dynç almagyň hem gerekdigine düşünýärdi. Pawlus resulam jynsy gatnaşyklaryň diňe är-aýalyň arasynda bolmalydygy barada ýazypdy. Pawlusyň ulanan grek sözi «adamyň aňyndaky we ýüregindäki çuňňur oý-pikirlerini aňladýar, bu hem onuň häsiýetlerini ýa-da garaýşyny görkezýär». Ten höweslerine eýerýän adamlar günäli isleglerine görä ýaşaýarlar. Bir alym Rimliler 8:5-däki sözler barada şeýle diýýär: «Olaryň pikiri diňe ten höwesleri bilen bagly zatlara gönükdirilendir, şonuň üçin olar elmydama şeýle zatlar hakda gürrüň edýärler, hemişe şolaryň ugrunda gezip, olary şöhratlandyrýarlar». w16.12 2:5, 9, 10
27-nji aprel, anna
Ýakynyňy ýazgarar ýaly, sen kim bolupsyň? Ýak. 4:12
Adam az wagtlyk bolsa-da, günäli höweslerine ýol berse, göwnüýetijiligiň toruna düşüp biler. Muňa göriplik, diňe özüňi bilmeklik we gahar-gazap sebäp bolup bilýär. Meselem, Abşalom, Uzyýa we Nebukadnesar «ten işlerine» ýol berip, özlerine bil baglanda, Ýehowa olara temmi berdi (2 Şam. 15:1—6; 18:9—17; 2 Ýyl. 26:16—21; Dan. 5:18—21). Emma adamyň göwnüýetijilik bilen hereket etmegine başga-da zatlar sebäp bolup biler. Gelip çykyş 20:2—7-nji we Matta 26:31—35-nji aýatlarda agzalýan wakalar barada oýlanyp görüň. Abymelek patyşanyň hem-de Petrusyň özüni alyp barşyna göwnüýetijilik bilen edilen hereket diýse bolarmy? Belki, olar käbir zatlary bilmändigi ýa-da garaşylmadyk ýagdaýa düşündigi üçin ýalňyşandyrlar? Biz adamlaryň ýüregini bilmeýäris, şol sebäpli olaryň niýetini ýazgarmasak, paýhasly hereket edip, söýgi bildirdigimiz bolar. w17.01 3:9, 10
28-nji aprel, şenbe
Ol mätäçlik çekýänem bolsa, barja zadyny atdy. Luka 21:4
Şu günlerem imandaşlarymyzyň köpüsi dul aýal ýaly mätäçlik çekýänem bolsa, Hudaýa bil baglap, Patyşalygy birinji orunda goýsalar, Ýehowa olaryň gerek zatlarynyň aladasyny etjekdigine ynanyp bilerler (Mat. 6:33). Malkolm atly wepaly doganymyzyň mysalyna seredeliň. Ol aýaly bilen Ýehowa gulluk eden döwürleri gowy we erbet günleri başdan geçirdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Ertir näme boljagyny bilmeýärsiň. Hatda agyr kynçylyklara-da uçramagyň mümkin. Emma Ýehowa özüne bil baglaýan adamlary patalaýar». Malkolm doganymyz şeýle maslahat berdi: «Doga bize Ýehowanyň isleýşi ýaly ýaşamaga we yhlasly gulluk etmäge gerekli güýji berer. Şol sebäpli ünsüňizi edip bilmeýän däl-de, edip bilýän zadyňyza gönükdiriň». Dünýäniň ýagdaýy erbetleşdigi saýyn, kynçylyklar hem köpelýär (2 Tim. 3:1, 13). Şonuň üçin, geliň, kynçylyklarda ruhdan düşmäliň. Gaýtam, Ýehowa berk bil baglap, elimizde baryny edeliň. w17.01 1:17—19
29-njy aprel, ýekşenbe
Maňa mesgen tutar ýaly öýi sen gurmaly dälsiň. 1 Ýyl. 17:4
Dawut Ýehowa bagyş edilen «öýüň» ýa-da ybadathananyň ýokdugyna biynjalyk bolup, ony gurmak isleýär. Emma Ýehowa oňa düýbünden başga, şu günki aýatdaky görkezmäni berýär. Ýehowa Dawut patyşany gowy görýärdi we ony patalajakdygyna söz berdi, ýöne ybadathanany ogly Süleýmanyň gurmalydygyny aýtdy. Dawut muňa nähili garadyka? (1 Ýyl. 17:1—4, 8, 11, 12; 29:1). Dawut patyşa ybadathanany gurmaga Ýehowanyň rugsat bermändigi üçin göwnüçökgünlige düşmedi. Ybadathana gurlanda, ol Dawudyň däl-de, Süleýmanyň ybadathanasy diýip atlandyrylmalydy. Dawut ýüregindäki islegini edip bilmeýändigine gynanan bolsa-da, gurluşygy goldamak üçin elinde baryny etdi. Ol gurluşyk işlerini ýola goýup, demir, mis, kümüş, kedr agaçlary ýaly zatlary ýygnap goýýar. Şeýle-de ol: «Indi, oglum, goý, Ýehowa saňa ýar bolsun... Ýehowa öý gurmaklyk işiň şowuna bolsun» diýip, Süleýmany ruhlandyrdy (1 Ýyl. 22:11, 14—16). w17.01 5:6, 7
30-njy aprel, duşenbe
Öz adyň hatyrasy üçin günälerimizi öt. Zeb. 79:9
Yzarlamalarda-da Ýehowanyň adyl prinsiplerine, kanunlaryna eýermek üçin elimizde baryny etmeli. Dogry işleri etsek, edim-gylymymyz bilen Ýehowanyň adyna şöhrat getireris (Mat. 5:14—16). Özümizi mukaddes halk hökmünde alyp barsak, Ýehowanyň kanunlarynyň peýdalydygyny, Şeýtanyň bolsa barypýatan ýalançydygyny subut ederis. Eger ýalňyşlyk goýbersek, geliň, ýürekden toba edeliň we Ýehowanyň ýigrenýän işlerinden gaça duralyň. Ýehowa Isanyň töleg gurbany esasynda iman edýän adamlaryň günälerini bagyşlaýar. Özüni Hudaýa bagyş eden adam onuň gullukçysy bolmak hormatyna eýe bolýar. Ýehowa mesh edilen mesihçileri ogullary, «başga goýunlary» bolsa dostlary hasaplaýar (Ýah. 10:16; Rim. 5:1, 2; Ýak. 2:21—25). Hawa, töleg gurbany bize Atamyzyň gözünde dogry adam bolup, onuň adyny şöhratlandyrmaga mümkinçilik berýär. w17.02 2:5, 6