Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es18 sah. 26—36
  • Mart

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mart
  • Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2018
  • Sözbaşylar
  • 1-nji mart, penşenbe
  • 2-nji mart, anna
  • 3-nji mart, şenbe
  • 4-nji mart, ýekşenbe
  • 5-nji mart, duşenbe
  • 6-njy mart, sişenbe
  • 7-nji mart, çarşenbe
  • 8-nji mart, penşenbe
  • 9-njy mart, anna
  • 10-njy mart, şenbe
  • 11-nji mart, ýekşenbe
  • 12-nji mart, duşenbe
  • 13-nji mart, sişenbe
  • 14-nji mart, çarşenbe
  • 15-nji mart, penşenbe
  • 16-njy mart, anna
  • 17-nji mart, şenbe
  • 18-nji mart, ýekşenbe
  • 19-njy mart, duşenbe
  • 20-nji mart, sişenbe
  • 21-nji mart, çarşenbe
  • 22-nji mart, penşenbe
  • 23-nji mart, anna
  • 24-nji mart, şenbe
  • 25-nji mart, ýekşenbe
  • 26-njy mart, duşenbe
  • 27-nji mart, sişenbe
  • 28-nji mart, çarşenbe
  • 29-njy mart, penşenbe
  • 30-njy mart, anna
  • Ýatlama agşamy
    Gün ýaşandan soň başlanýar
    31-nji mart, şenbe
Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2018
es18 sah. 26—36

Mart

1-nji mart, penşenbe

Olar... ony (Ýeftahy) kowdular. Ser. 11:2

Ýeftahyň doganlary göriplikden we ýigrençden ýaňa ony nowbaharlyk hakyndan mahrum edip kowdular (Ser. 11:1—3). Emma olar ondan kömek soranlarynda, Ýeftah olaryň dadyna ýetişdi (Ser. 11:4—11). Ýeftah Ýehowanyň ady üçin göreş alyp barmagy islendik dawadan wajyp saýýardy. Şol sebäpli ol Ýehowa wepaly galmagy ýüregine düwdi. Bu onuň hem özüne, hem başgalara peýda getirdi (Ýew. 11:32, 33). Bizem Ýeftahyň göreldesine ýürekden eýermek isleýäris. Belki-de, dogan-uýalaryň käbiri biziň göwnümize degendir. Şeýle ýagdaýlarda biz ýygnak duşuşyklaryna barmagy ýa-da Ýehowa gulluk etmegi bes etmeli däl. Geliň, bizem Ýeftah ýaly kyn ýagdaýlarda-da, Hudaýyň kada-kanunlaryna eýereliň! Bu bize erbet pikirlere garşy göreşmäge we gowy görelde galdyrmaga kömek eder (Rim. 12:20, 21; Kol. 3:13). w16.04 1:7, 9, 10

2-nji mart, anna

Biz... ruhdan düşmeýäris. 2 Kor. 4:1

Biz az wagtlyk däl-de, soňuna çenli çydamly bolmaly. Heläkçilige uçran gämini göz öňüne getiriň. Gämidäki adamlar halas bolmak üçin kenara tarap ýüzmeli. Emma olaryň käbiri kenara birnäçe metr galanda ýadap, ýüzmeklerini bes etseler heläk bolarlar. Şonuň ýaly bizem täze dünýä gelýänçä çydamly bolmaly. Sebäbi ýaşaýşymyz şoňa bagly. Pawlus resul: «Biz ruhdan düşmeýäris» diýip, iki gezek nygtap geçdi. Geliň, bizem şeýle garaýyşda bolalyň (2 Kor. 4:16). Biz Ýehowanyň soňuna çenli çydamly bolmaga ýardam etjekdigine ynanýarys. Şonuň üçin Pawlusyň ynam bilen aýdan şu sözlerine goşulýarys: «Biz özümizi söýýän Mesih arkaly bu ýagdaýlaryň ählisini doly ýeňýäris. Sebäbi ne ölüm, ne ýaşaýyş, ne perişdeler, ne häkimiýetler, ne häzirki zatlar, ne gelejekki zatlar, ne güýçler, ne beýiklik, ne çuňluk, ne-de ýaradylan başga zatlar bizi Halypamyz Mesih Isa arkaly Hudaýyň söýgüsinden aýryp biler. Hawa, men olaryň aýryp bilmejekdigine berk ynanýaryn» (Rim. 8:37—39). Elbetde, biz käte ýadap, ruhdan düşýäris. Emma soňuna çenli çydamly bolsak, duşmanlaryny «kowalamagy dowam eden» Gedegon bilen onuň esgerleri ýaly ýeňiş gazanarys (Ser. 8:4). w16.04 2:17, 18

3-nji mart, şenbe

Eger biriňize akyldarlyk ýetmeýän bolsa, goý, ol Hudaýdan dilesin, oňa berler. Ýak. 1:5

Ýehowadan akyldarlyk dileseňiz haýsy ýagdaýlarda bitaraplygy saklamalydygyna düşünmäge kömek eder. Eger sizi tussag eden ýa-da başga bir jeza beren bolsalar, hakyky seždäniň tarapyny tutup biler ýaly, imanyňyzy berkitmek barada doga ediň. Şonda siz synaglara batyrgaýlyk we çydamlylyk bilen döz gelip bilersiňiz (Res. iş. 4:27—31). Ýehowa sizi öz Sözi arkaly berkider. Synaga düşeniňizde haýsy aýatlaryň bitaraplygy saklamaga kömek etjekdigi barada oýlanyň. Şol aýatlary ýatda saklajak boluň. Bu size Mukaddes Ýazgylar ýanyňyzda bolmasa-da, çydamly bolmaga ýardam eder. Şeýle-de Hudaýyň Sözi Patyşalygyň bereketlerine bolan umydyňyzy berkider. Bu umyt size synaglarda çydamly bolmaga kömek eder (Rim. 8:25). Şonuň üçin umyt edýän zatlaryňyz barada oýlanyň we olary Jennetde aljakdygyňyzy göz öňüne getiriň. w16.04 4:14, 15

4-nji mart, ýekşenbe

Mugt aldyňyz, mugt hem beriň. Mat. 10:8

Hristian dininiň agzalary Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etmeýärler. Olar Patyşalyk barada gürrüň etseler-de, ony ýöne bir duýgy ýa-da adamyň ýüregindäki zat hasaplaýarlar (Luka 17:21). Olar adamlara Hudaýyň Patyşalygynyň gökdäki hökümetdigini, patyşasynyň bolsa Isadygyny we onuň tizden adamzadyň kynçylyklaryny çözüp, ýer ýüzündäki zalymlygy köki bilen sogrup aýyrjakdygyny bilmäge kömek etmeýärler (Ylh. 19:11—21). Gaýtam, olar Isanyň doglan gününi we Pasha baýramyny belleýärler. Olar Isanyň ýer ýüzüniň täze patyşasy hökmünde nähili özgerişikleri etjekdigi hakda hiç zat bilmeýärler. Şeýle-de olar näme maksat bilen wagyz etmelidigine düşünmeýärler. Hoş habary näme maksat bilen wagyz etmeli? Bu işi pul ýygnamak ýa-da owadan binalary gurmak niýeti bilen etmeli däl. Hudaýyň Sözi satylmaýar (2 Kor. 2:17). Hoş habary wagyz edýän adamlar ony öz bähbidi üçin etmeli däl (Res. iş. 20:33—35). w16.05 2:7, 8

5-nji mart, duşenbe

Goý, her kes öz peýdasyny däl-de, başgalaryň peýdasyny gözlesin. 1 Kor. 10:24

Aýdaly, siz döwrebap egin-eşik geýmegi gowy görýärsiňiz. Ýöne bu käbir dogan-uýalary büdretmegi mümkin. Elbetde, Mukaddes Ýazgylarda şeýle egin-eşikleri geýmegiň gadagandygy barada aýdylmaýar. Emma Ýehowa muňa nähili garaýar? Pawlus resul Hudaýyň ylhamy bilen şeýle diýdi: «Gelin-gyzlar özlerini saç örümleri, altyndyr kümüşler, gymmatbaha eşikler bilen däl-de, ýaraşykly, salykatly egin-eşik we sagdyn düşünje bilen... Hudaýa wepalylyk... bilen bezemeklerini isleýärin» (1 Tim. 2:9, 10). Bu maslahat erkek adamlara-da degişli. Biz özümizi Ýehowa bagyş etdik, şol sebäpli egin-eşik we daş keşp babatda diňe öz garaýşymyzy göz öňünde tutman, başgalara nähili täsir etjekdigi barada oýlanmaly. Pesgöwünlilik we söýgi häsiýeti dogan-uýalaryň garaýşyny, duýgularyny göz öňünde tutup, olara hormat goýmaga höweslendirýär (1 Kor. 10:23, 24; Flp. 3:17). w16.05 3:14

6-njy mart, sişenbe

Eý Ýehowa, Atamyz sensiň, biz toýundyrys, sen Küýzegärimiz, seniň eliňiň işidiris ählimiz. Iş. 64:8, TD

Adam ata öz Ýaradyjysyna garşy pitne turzup, Onuň ogly bolmak hukugyny ýitirdi. Muňa garamazdan, adamzat taryhynyň dowamynda Adam atanyň nesline degişli bolan «uly bulut kimin» adamlar Hudaýyň Hökümdarlygyny goldadylar (Ýew. 12:1). Olar kiçigöwünlilik bilen Ýaradyjysyna tabyn bolup, Şeýtany däl-de, Ýehowany Atasy we Küýzegäri hasaplaýandyklaryny görkezdiler (Ýah. 8:44). Olaryň Hudaýa wepalylygy Işaýa pygamberiň şu günki aýatdaky aýdan sözlerini ýada salýar. Şu günler Ýehowa «ruhda we hakykatda» sežde edýän adamlar olaryň kiçigöwünliliginden görelde alýarlar. Olar Ýehowany Atasy hasaplap, Oňa hormat bilen ýüzlenýärler we Küýzegäri hökmünde tabyn bolýarlar. Siz özüňizi Hudaýyň elindäki ýumşak toýun hasaplaýarsyňyzmy? Onuň nazarynda gymmatly gap bolar ýaly terbiýesini höwes bilen kabul edýärsiňizmi? Dogan-uýalara Hudaýyň terbiýeleýän adamlary hökmünde garaýarsyňyzmy? w16.06 1:2, 3

7-nji mart, çarşenbe

Iman edýän zatlaryňyz boýunça ýaşaýandygyňyzy elmydama barlap duruň. 2 Kor. 13:5

Täze dünýäniň bosagasynda durandygymyz üçin biziňem imanymyz synalyp biler. Şol sebäpli imanymyzy barlap durmaly. Meselem, Matta 6:33-i okap, özümize şeýle soraglary berip bileris: «Maksatlarym we gelýän kararlarym Isanyň sözlerine ynanýandygymy görkezýärmi? Köpräk gazanç etmek üçin ýygnak duşuşyklaryna ýa-da wagza yzygiderli gatnaşmagymy goýarynmy? Köp wagtymy we güýjümi işe sarp etmeli bolsam näme ederin? Dünýäniň täsirine düşüp Hudaýdan daşlaşarynmy?» Dost saýlamak, dynç almak we ýygnak gatnaşygyndan kesilenler babatda berilýän talaplara sowuk-sala garaýan Ýehowanyň gullukçylary barada oýlanyp göreliň. Eger biz şeýle ýagdaýa düşsek näme ederis? Nädogry garaýşyň döräp başlandygyny duýan badymyza, özümizi çynlakaý barlamaly. Biz Hudaýyň Sözündäki maslahatlar barada oýlanyp, özümizi hemişe barlap durmaly. w16.06 2:8, 9

8-nji mart, penşenbe

Olaryň iň azy urug bolar, güýçli millet bolar iň ejizi. Iş. 60:22

Ýehowanyň wepaly gullukçylarynyň agzybirligi diýseň haýran galdyrýar! Elbetde, olaram beýleki adamlar ýaly bikämil we käte ýalňyşýarlar. Emma Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen, olaryň sany gitdigiçe köpelýär. 1914-nji ýylda soňky günler başlandy. Şol ýyl Hudaýyň gullukçylarynyň sany gaty azdy. Emma Ýehowa olaryň wagyz işini patalaýardy. Bary-ýogy onlarça ýylyň içinde millionlarça adamlar Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty bilip, Ýehowanyň Şaýady boldular. Ýehowa ruhy ösüşiň has-da ilerlejekdigi hakda şu günki aýatda aýdýar we sözüni dowam edip: «Öz wagtynda tiz amal ederin» diýýär (Iş. 60:22). Bu pygamberlik şu günler örän uly möçberde ýerine ýetýär. Bütin dünýä boýunça Hudaýyň halkynyň sany köp ýurtlaryň ilat sanyndan hem geçýär. w16.06 4:1, 2

9-njy mart, anna

Siz olardan (guşlardan) has gymmatly dälmi näme? Mat. 6:26

Isa gökdäki Atasynyň guşlaryň aladasyny edip, adamlaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmajakdygyny asla göz öňüne getirip bilmeýärdi (1 Pet. 5:6, 7). Elbetde, Hudaý biziňem iýjek zatlarymyzy agzymyza tutup bermeýär. Emma ol bize gök-önümleri ýetişdirmäge ýa-da iýjek çöregimizi satyn alar ýaly pul gazanmaga güýç berýär. Şeýle-de ol gullukçylaryny bar zadyny bir-biri bilen paýlaşmaga höweslendirýär. Isa guşlaryň mesgen tutýan ýeri barada aýtmasa-da, Ýehowa olara zerurlyklary barada alada edip, özlerine höwürtge ýasap biler ýaly ukyp berdi. Şonuň ýaly Ýehowa biziňem her birimize maşgalamyz üçin amatly jaý tapmaga ýardam edýär. Isa şu günki aýatdaky sözleri aýdanda, tizden adamlar üçin janyny gurban berjekdigini bilýärdi (Luka 12:6, 7-nji aýatlary deňeşdiriň). Isa töleg gurbanyny biziň ebedi hem bagtly ýaşamagymyz üçin berdi (Mat. 20:28). w16.07 1:11—13

10-njy mart, şenbe

Günä üstüňizden agalyk etmesin. Sebäbi siz kanun astynda däl-de, Hudaýyň merhemeti astyndasyňyz. Rim. 6:14

Mukaddes Ýazgylarda adamlaryň günäni we ölümi nädip miras alandygy şeýle düşündirilýär: «Bir adamyň (Adam atanyň) günäsi sebäpli ölüm (adamzat nesliniň üstünden) patyşa kimin höküm sürýär» (Rim. 5:12, 14, 17). Emma biz Isanyň töleg gurbanyna iman etsek, günä üstümizden agalyk etmän, gaýtam, Ýehowanyň merhemetini gazanarys (Rim. 5:20, 21). Biz günäni miras alan hem bolsak, onuň üstümizden agalyk etmegine ýol bermeli däl. Gaýtam, Ýehowadan günämizi bagyşlamagyny soramaly. Hawa, biziň üstümizden Hudaýyň merhemeti agalyk edýär. Onuň bize nähili peýdasy bar? Pawlus muny şeýle düşündirýär: «Bu merhemet bize häzirki döwürde Hudaýyň islegine garşy gelýän zatlardan we dünýäniň höweslerinden ýüz öwürmegi, sagdyn düşünjeli bolmagy, dogrulykda ýaşamagy hem-de Hudaýa wepaly bolmagy öwredýär» (Tit. 2:11, 12). w16.07 3:5, 6

11-nji mart, ýekşenbe

Hudaý... ony adamyň ýanyna getirdi. Gel. çyk. 2:22

Ilkinji ynsan maşgalasy şowsuzlyga uçraýar. Adam ata bilen How ene erkinligini nädogry ulanyp, Ýaradyjysy Ýehowa gulak asmaýar. «Iblis we Şeýtan diýip atlandyrylýan köne ýylan» How enäni «ýagşy-ýamany saýgaryş daragtynyň miwesinden» iýse, aýratyn bilime eýe boljakdygyny we ýagşy-ýamany özüniň çözüp biljekdigine ynandyrýar. How ene bu meseläni özbaşdak çözmek bilen, ýanýoldaşynyň baştutanlygyna hormat goýmaýandygyny görkezýär. Adam ata hem Hudaýyň tabşyrygyna boýun bolmagyň deregine, aýalyna gulak asyp, gadagan edilen miweden iýýär (Ylh. 12:9; Gel. çyk. 2:9, 16, 17; 3:1—6). Hudaý bolan ýagdaýy anyklajak bolanda, Adam ata aýalyny günäkärledi. How ene bolsa: «Ýylan maňa aldap iýdirdi» diýýär (Gel. çyk. 3:12, 13). Olar özüni aklasalar-da, ähli zat mese-mälimdi! Olar Ýehowa gulak asman, onuň duşmany boldular. Biz mundan wajyp sapak edinýäris. Maşgalany bagtly etmek üçin, är-aýal Ýehowa gulak asmaly we eden işi üçin biri-birini günäkärlemeli däl. w16.08 1:1, 4, 5

12-nji mart, duşenbe

Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn. Mat. 19:6

Maşgalada dartgynly ýagdaýyň döremegine köplenç är-aýalyň bir-birinden köp zada garaşmagy sebäp bolýar. Adam bagtly ýaşamak barada eden isleg-arzuwlary puja çykanda, özüni aldanan ýaly duýup, durmuşyndan nägile bolup başlaýar we gaharjaň bolýar. Şeýle-de olaryň alan terbiýesiniň, häsiýetleriniň, dogan-garyndaşlar bilen gatnaşmaklyga, pul meselesine we çaga terbiýelemeklige bolan garaýşynyň tapawutlanýandygy üçin maşgalada kynçylyklar döreýär. Emma mesihçi är-aýallar Hudaýyň görkezmesine eýerip, ähli kynçylyklary bilelikde çözýärler. Bu öwgä mynasypdyr! Kyn ýagdaýa düşen mesihçi uýa ýa-da dogan ýaşululardan kömek soramaly. Bu tejribeli doganlar olara Hudaýyň Sözündäki maslahatlara eýermäge kömek eder. Şeýle-de är-aýallar Ýehowadan mukaddes ruhuny dilese, bu olara Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere eýermäge we Hudaýa ýaramly häsiýetleri ösdürmäge kömek eder (Gal. 5:22, 23). w16.08 2:11—13.

13-nji mart, sişenbe

Sen mundan beýläk adamlary tutýan balykçy bolarsyň. Luka 5:10

Isanyň ýer ýüzünde gulluk etmeli wagty çäklidi. Emma ol hoş habara seslenýän adamlaryň islegini artdyrmaga çalyşýardy. Bir gezek Isa gaýykda oturyp, märekä öwredýär. Şonda Isa Petrusa gudrat bilen köp balyk tutmaga kömek edip, soňra şu günki aýatdaky sözleri aýtdy. Isanyň sözleri hem eden işleri Petrusa we onuň ýoldaşlaryna nähili täsir edýär? Olar Isanyň yzyna düşdüler (Luka 5:1—11). Nikodim hem Isanyň öwredýän zatlary bilen gyzyklanýardy we köp zatlary bilesi gelýärdi. Emma ol Mejlisiň agzasy bolandygy üçin gep-gybatdan çekinip, Isanyň ýanyna barmaga gorkýardy. Isa adamlaryň ýagdaýyna düşünýärdi we olar bilen gürrüňdeş bolmak üçin wagt tapýardy. Şol sebäpli ol Nikodim bilen gije ikiçäk görüşýär (Ýah. 3:1, 2). Isa hoş habara seslenýän adamlaryň imanyny berkitmek üçin wagt sarp edýärdi. Biz hem gyzyklanan adamlary ikilenç ideg edenimizde ýa-da okuw geçenimizde Isadan görelde alýarysmy? w16.08 4:10, 11

14-nji mart, çarşenbe

Hudaýyňyzyň öňünde kiçigöwünli geziň. Mik. 6:8

Hudaýyň öňünde pesgöwünli bolmak üçin, Ýehowanyň päk we mukaddesligi barada oýlanyp, onuň görkezmesine mätäçdigimize düşünmeli. Şeýle-de başgalaryň duýgusyna we pikirine hormat goýmaly. Şeýlelikde, biz ýokary kadalara eýersek we adamlaryň duýgusyna hormat goýsak, «Hudaýymyzyň öňünde kiçigöwünli gezeris». Egin-eşigimiz babatda gelen kararymyz Ýehowanyň gullukçylarydygymyzy aýdyň görkezmeli. Dogan-uýalarymyz hem, başga adamlar hem biziň dogruçyl Hudaýymyzyň wekili bolmaga mynasypdygymyzy görmeli. Ýehowanyň kadalary beýikdir we biz olara höwes bilen eýermäge jan edýäris. Ýaraşykly daş keşbi we ýagşy edim-gylymy üçin dogan-uýalarymyzy öwýändiklerini görüp, akýürekli adamlar Mukaddes Ýazgylardaky halas ediji habara seslenýärler. Bu bolsa Ýehowa şöhrat getirýär we ony begendirýär. w16.09 3:18—20

15-nji mart, penşenbe

Sen Hudaý hem adamlar bilen göreş tutuşyp, olardan üstün çykdyň. Gel. çyk. 32:28

Ýakup dogumly göreşijidi we kynçylykdan el çekjek adam däldi! (Gel. çyk. 32:24—26). Şonuň üçin hem ol erjelligi üçin sylaglandy we Ysraýyl diýen ada mynasyp boldy («Hudaý bilen göreşýän, ýagny Hudaý arkaly erjellik bilen göreşýän» ýa-da «Hudaý göreşýär» diýmegi aňladýar). Ýakup baý sylagyň eýesi boldy, ýagny Ýehowanyň razylygyny gazanyp, berekedini aldy. Biz hem şoňa ymtylýarys.Ýakubyň söýgüli aýaly Rahel Ýehowanyň ýanýoldaşynyň neslini patalap, beren wadasyny nädip ýerine ýetirşini örän görmek isleýärdi. Ýöne onuň çagasy ýokdy. Şol döwürde çagasyzlyk aýal maşgala üçin agyr synagdy. Eýsem, Rahel göwnüçökgünlige salýan we özüne bagly bolmadyk ýagdaýda göreşmäge güýji nireden aldy? Ol hiç haçan umydyny ýitirmedi. Gaýtam, gyzgyn doga edip göreşdi. Ýehowa Raheliň ýalbarmalaryny eşitdi we wagtyň geçmegi bilen oňa çaga berdi. Şol sebäpli Raheliň begenip: «Juda çynlakaý göreşdim we ýeňdim» diýmegi geň galdyrmaýar (Gel. çyk. 30:8, 20—24). w16.09 2:6, 7

16-njy mart, anna

Hudaýyň sözi diri hem täsirlidir. Iki tarapy kesgir gylyçdan hem ýitidir. Ýew. 4:12

Çagalara Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleriň gymmatyny düşündirmek örän wajypdyr (Zeb. 1:1—3). Munuň usullary gaty kän. Meselem, çagaňyza ençeme adamlar bilen uzak bir adada ýaşamalydygyny göz öňüne getirmegi haýyş ediň. Soňra ondan: «Parahat we agzybir ýaşamagyňyz üçin siziň her biriňize nähili häsiýetler gerek?» diýip soraň. Şeýle-de Galatýalylar 5:19—23-nji aýatlardaky görkezmä eýermegiň paýhaslydygyny aýdyň. Bu mysal arkaly iki wajyp zady öwrense bolar. Birinjiden, Hudaýyň kadalary parahat we agzybir ýaşamaga höweslendirýär. Ikinjiden, Ýehowanyň berýän bilimi Täze dünýäde ýaşamaga taýýarlaýar (Iş. 54:13; Ýah. 17:3). Siz bu babatda biziň edebiýatlarymyzdaky meselem, «Garawul diňindäki» «Mukaddes Ýazgylar durmuşyňy özgertmäge kömek edýär» atly makalalardaky wakalary saýlap bilersiňiz. w16.09 5:13, 14

17-nji mart, şenbe

Wagtyňyzy peýdaly ulanyň. Efes. 5:16

Biz ýygnakda, maşgalada ýa-da başga jogapkärli işleri ýerine ýetirsek-de, şahsy we maşgala okuwyny geçirmäge wagt tapmaly (Efes. 5:15). Emma biz muny sahypa sanyna kowalaşyp ýa-da ýygnakda diňe jogap bermek maksady bilen geçirmeli däl. Biz Hudaýyň Sözüniň ýüregimize täsir edýändigine we imanymyzy berkidýändigine göz ýetirmeli. Biz bu maksadymyza ýetmek üçin diňe adamlaryň däl-de, öz ruhy zerurlyklarymyz hakda hem oýlanmaly (Flp. 1:9, 10). Wagza, ýygnaga ýa-da nutuga taýýarlananymyzda, biziň okaýan zatlarymyz özümize degişli bolmanam biler. Meselem, aşpez bişiren naharynyň tagamyny dadany bilen gerk-gäbe doýmaýar. Ol sagdyn bolmak islese özüne peýdaly nahar bişirmeli. Şonuň ýaly biz hem öz ruhy zerurlyklarymyzy kanagatlandyrmak üçin ýüregimizi iýmitlendirip durmaly. w16.10 2:10, 11

18-nji mart, ýekşenbe

Biz dünýäniň Hudaýyň sözi bilen ýaradylandygyna iman arkaly göz ýetirýäris. Hawa, Hudaý görünmeýän zatlary ulanyp, görünýän zatlary ýaratdy. Ýew. 11:3

Ýewreýler 11:1-de agzalýan iman sözi göze görünmeýän iki zady öz içine alýar. Birinjiden, «umyt edýän zatlarymyzy». Muňa ähli erbetligiň ýok edilip, täze dünýäniň gelmegi baradaky wakalar degişli. Ikinjiden, «görünmeýän zatlar». Aýatdaky «ynandyryjy deliller» diýip terjime edilen grek sözi göze görünmeýän zatlaryň bardygyny subut edýär. Meselem, biz Ýehowa Hudaýyň, Isa Mesihiň, perişdeleriň bardygyna we gökdäki Patyşalygyň edýän täsin işlerine ynanýarys. Biz umydymyzyň berkdigini we Hudaýyň Sözünde agzalýan görünmeýän zatlara ynanýandygymyzy nädip görkezip bileris? Biziň sözlerimiz we edýän işlerimiz imanymyzyň nähilidigini görkezýär. w16.10 4:6

19-njy mart, duşenbe

Bir-biriňizi... ruhlandyryň. Ýew. 3:13

Hudaýyň Patyşalygynyň işlerini goldamak üçin edýän tagallamyz we pul sadakalarymyz ujypsyz bolsa-da, Ýehowa bilen Isa olary örän gymmat saýýar (Luka 21:1—4; 2 Kor. 8:12). Meselem, gartaşan dogan-uýalarymyzyň käbiri ýygnaga we wagyz gullugyna yzygider gatnaşmak üçin köp tagalla etmeli bolýarlar. Eýsem, biz olara öwgüli sözleri aýdyp ruhlandyrsak, gowy bolmazmy? Mümkinçilik dörände, öwgüli sözleri aýtsak gowy bolar. Pawlus bilen Barnabas Pisidiýanyň Antiohiýa şäherine baranda, nähili wakanyň bolandygyna seredeliň. Sinagoga ýolbaşçylary olara ýüzlenip: «Adamlar, doganlar, eger siziň halky ruhlandyrmak üçin aýtjak zatlaryňyz bar bolsa, bize gürrüň beriň» diýdiler. Şonda Pawlus mümkinçilikden peýdalanyp, ruhlandyryjy nutuk bilen çykyş etdi (Res. iş. 13:13—16, 42—44). Mümkinçilik dörände, başgalary ruhlandyrsak gowy bolmazmy? Eger ruhlandyryjy sözleri aýtmagy endik edinsek, bize-de ruhlandyryjy sözleri aýtsalar gerek (Luka 6:38). w16.11 1:3, 15, 16

20-nji mart, sişenbe

Ýehowanyň gözleri hemme ýerde bolup, ýamany we ýagşyny synlaýandyr. Sül. tym. 15:3

Ýehowanyň guramasyna degişli bolmak nähili uly hormat! Biz Hudaýyň talaplaryny we kada-kanunlaryny bilýäris. Bu bizi dogry işleri etmäge we Hudaýyň hökümdarlygynyň tarapyny tutmaga borçly edýär. Bu dünýä ahlak taýdan gitdigiçe erbetleşýär. Şol sebäpli biz Ýehowa ýaly «ýamanlygy ýigrenmeli» (Zeb. 97:10). Şeýle-de «ýamana ýagşy, ýagşa ýaman diýýän» hudaýsyz adamlardan gaça durmaly (Iş. 5:20). Biz Hudaýyň göwnünden turmak isleýäris, şol sebäpli beden, ahlak we ruhy taýdan arassa galmaga jan edýäris (1 Kor. 6:9—11). Biz Ýehowany söýýäris we oňa bil baglaýarys; onuň mukaddes Sözündäki kadalary boýunça ýaşap, oňa wepaly bolmak isleýäris. Öýde, ýygnakda, işde, mekdepde, umuman, ähli ýerde onuň kadalaryna eýermek üçin elimizde baryny edýäris. w16.11 3:13

21-nji mart, çarşenbe

Her kes ýokary häkimiýetlere tabyn bolsun. Rim. 13:1

Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlar Ýehowa ak ýürekden gulluk edýärdi. Emma olar 1914—1919-njy ýyllar aralygynda dünýewi häkimiýetlere tabyn bolmak meselesinde hemişe dogry hereket edip bilmeýärdiler. Şol sebäpli olar uruşda bitaraplygy saklap bilmediler. Meselem, ABŞ-nyň prezidenti 1918-nji ýylyň 30-njy maýyny «parahatlyk barada doga etmeli gün» diýip yglan edende, «Garawul diňi» žurnalynda şol permana tabyn bolmalydygy aýdyldy. Käbir doganlar urşy maddy taýdan goldamagy özlerini borçly hasaplaýardylar, hatda käbirleri eline ýarag alyp söweşe gitdiler. Emma Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlaryň nädogry garaýyşda bolandygy üçin, Beýik Wawilonyň ýesirligine düşdi diýmek nädogry bolardy. Her näme-de bolsa, olar I Jahan urşy döwründe ýalan dinden gaça durmalydygyna düşünýärdiler we ony asla goldamadylar (Luka 12:47, 48). w16.11 5:9

22-nji mart, penşenbe

(Biz) muny biziň ten höweslerine görä däl-de, mukaddes ruha görä... edýäris. Rim. 8:4

Mümkin, siz Pawlusyň mesh edilen mesihçilere «ten höweslerine görä» ýaşamagyň howpludygy barada ýazandygyna geň galýansyňyz. Hudaýyň şu günki gullukçylaryna-da şeýle howp abanýarmy? Gynansak-da, islendik mesihçi günäli höweslerine görä ýaşap başlamagy mümkin. Meselem, Pawlus Rimde ýaşan käbir mesihçileriň «öz erbet höwesleriniň» guludygyny, ýagny ahlaksyzlyk, açgözlük we başga-da günäleri edýändigini ýazýar. Olaryň käbiri «gowşak ýürekli adamlary azdyrýardylar» (Rim. 16:17, 18; Flp. 3:18, 19; Ýahd. 4, 8, 12). Ýadyňyzda bolsa, Korinfdäki ýygnagyň bir agzasy «öz kakasynyň aýaly bilen ýaşaýardy» (1 Kor. 5:1). Şol sebäpli Hudaýyň Pawlus arkaly olara «ten höwesleri barada pikirlenmekligiň» howpludygy hakda duýduryş bermegi geň galdyrmaýar (Rim. 8:5, 6). Şeýle duýduryş häzirem wajyp. w16.12 2:5, 8, 9

23-nji mart, anna

Ýüregindäki ýük adamy çökerýändir; ýagşy söz bolsa ýüregini begendirýändir. Sül. tym. 12:25

Aladalara döz gelmek üçin, biz ynamdar adama duýgularymyzy aýtmaly. Ýanýoldaşymyz, ýakyn dostumyz ýa-da ýygnak ýaşulusy bize garaýşymyzy düzetmäge kömek edip biler. Açyk we ýürekden edilen gürrüňdeşlik kynçylygyň sebäbine düşünmäge hem-de oňa hötde gelmäge has-da gowy kömek edip biler. Mukaddes Ýazgylarda: «Maksada maslahatsyz ýetilýän däldir, diňe maslahatçylaryň köp ýerinde myrat hasyl bolýandyr» diýilýär (Sül. tym. 15:22). Şeýle-de Ýehowa aladalarymyza döz gelmäge ýygnak duşuşyklary arkaly kömek edýär. Biz ýygnakda aladamyzy edýän we bir-birini ruhlandyrýan imandaşlarymyz bilen gürrüňdeş bolup bilýäris (Ýew. 10:24, 25). Şonda ruhy taýdan güýjümiz tükenmez we aladalarymyza hötde gelmek aňsat bolar (Rim. 1:12). w16.12 3:17, 18

24-nji mart, şenbe

Hanna... Ýehowadan dileg etdi. 1 Şam. 1:10

Biz ýarawsyzlyk ýaly çözüp bolmaýan kynçylyklara uçranymyzda, ýükümizi Ýehowanyň üstüne atmaly we aladamyzy etjekdigine ynanmaly (1 Pet. 5:6, 7). Şeýle-de ýygnak duşuşyklaryna we başga-da geçirilýän ruhy çärelere gatnaşmagymyzy dowam etmeli (Ýew. 10:24, 25). Ýygnak gatnaşygyndan kesilen çagalary üçin alada edýän ata-eneler näme edip biler? Gartaşan Şamuwel pygamberiň ogullary Hudaýyň adyl kadalaryny terk edende, onuň elinden gelýän zat ýokdy (1 Şam. 8:1—3). Ol ähli zady Ýehowa tabşyrdy. Gökdäki Atasy Ýehowanyň göwnünden turup, aýypsyz galmaga jan etdi (Sül. tym. 27:11). Şu günlerem şeýle ata-eneler bar. Olar Ýehowa bil baglaýarlar. Ol toba eden günäkärleri höwes bilen kabul edýär (Luka 15:20). Şeýle ata-eneler Ýehowa wepaly galmak üçin elinde baryny edýärler, sebäbi muny görüp, çagalarynyň hakykata dolanjakdygyna umyt edýärler. w17.01 1:15, 16

25-nji mart, ýekşenbe

Pesgöwünli boluň we başgalary özüňizden ýokary saýyň. Flp. 2:3

Kiçigöwünli adam pespäl bolýar, ol ukyplaryna we üstünliklerine dogry baha berýär; ýalňyşyny boýun almagy, maslahaty we özgerişleri kabul etmegi başarýar. Ýehowa kiçigöwünli adamlary gymmat saýýar. Şeýle-de kiçigöwünli adam özüne dogry baha berýär we mümkinçiliginiň çäklidigine düşünýär. Injiliň asyl nusgasyna görä, adamyň pespäldigini başgalar bilen özüni alyp barşyndan görse bolýar. Adamyň özüne göwnüýetijilik bilen garap başlamagyna näme sebäp bolup biler? Eger biz özümiz we edýän hormatly işlerimiz hakda köp pikir etsek (Rim. 12:16), daş keşbimiz bilen adamlaryň ünsüni özümize çeksek (1 Tim. 2:9, 10), diňe öz garaýşymyzy we pikirimizi dogry saýyp, aýdanymyzy gögertsek, özümize göwnüýetijilik bilen garap başlamagymyz mümkin. Hatda özümize bil baglandygymyzy-da duýman galarys (1 Kor. 4:6). w17.01 3:6—8

26-njy mart, duşenbe

Ýaşlaryň şöhraty olaryň güýçleridir; garrylaryň abraýy çal kelleleridir. Sül. tym. 20:29

Ýaňy ýakynda biziň guramamyzda ajaýyp özgerişikler boldy. Ýehowanyň halkynyň edýän işleri-de hemme taraplaýyn ösýär. Biz täze işe başlanymyzda, täze şertlere uýgunlaşyp, köplenç tehnika enjamlaryny çalt öwrenmeli bolýarys. Gartaşan dogan-uýalarymyzyň käbirine bu zatlary öwrenmek kyn bolmagy mümkin (Luka 5:39). Nähili bolaýanda-da, gartaşan imandaşlarymyza garanda ýaşlaryň güýç-gaýraty köp bolýar. Şonuň üçin gartaşan doganlarymyz ýaşlara jogapkärli borçlary almaga kömek etse, gowy bolardy (Zeb. 71:18). Jogapkärli borçlary bolan doganlara edýän işlerini ýaşlar bilen paýlaşmak kyn bolmagy mümkin. Belki, olara gowy görýän işi elinden gidip barýan ýaly görünýändir. Käbiri bolsa ýaşlar başarmaz öýdüp, biynjalyk bolýarlar. Şeýle-de «olara öwreder ýaly wagtym ýok» diýip pikir edýändir. Ýöne ýaşlar hem «bize köp iş ynanylmaýar» diýip pikir etmekden seresap bolmaly. w17.01 5:3, 4

27-nji mart, sişenbe

Bir ýagşy iş arkaly-da ähli adamlar ýaşaýyş üçin dogry hasaplanýar. Rim. 5:18

Isa Adam ata ýaly kämil ynsan bolup doguldy (Ýah. 1:14). Ýöne Adam atadan tapawutlylykda, ol Ýehowanyň adyl kadalaryna eýerýärdi. Hatda agyr synaglarda-da, Isa ne günä etdi, ne-de Hudaýyň kanunlaryny bozdy. Ol kämil adam hökmünde janyny gurban berip, adamzady günäden we ölümden halas edip bilýär. Isa Adam ata ýaly hemme taraplaýyn kämildi we Hudaýa gulak asyp, wepaly boldy (1 Tim. 2:6). Isanyň töleg gurbany «köpler», ýagny erkekdir aýallar we çagalar üçin baky ýaşaýşa ýol açdy (Mat. 20:28). Dogrudan-da, töleg gurbany Hudaýyň ilkibaşdaky niýetiniň amala aşmagynda esasy orun tutýar (2 Kor. 1:19, 20). Töleg gurbany wepaly adamlaryň ählisine ebedi ýaşaýşa umyt berýär. w17.02 1:15, 16

Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (9-njy nisanda bolan wakalar) Ýahýa 12:12—19; Markus 11:1—11

28-nji mart, çarşenbe

Ol öňünde goýlan şatlyk üçin... ölüme döz geldi. Ýew. 12:2

Göz öňüne getiriň, siz uzyn, tüm garaňky ýerasty geçelgäniň ortasynda dursuňyz. Birden ýagtylygy görseňiz haýran galarsyňyz gerek? Şonuň ýaly durmuşda ýüze çykýan kynçylyklar zerarly käte ruhdan düşüp bilersiňiz. Hatda Isa-da şeýle duýgyny başyndan geçirendir. Ol ýerdäki ömrüniň iň agyr pursatynda, ýagny «jebir pürsündekä-de» «günäkärleriň duşmançylyk bilen aýdan sözlerine» çydamaly boldy (Ýew. 12:3). Emma Isa ähli zada döz gelmegi başardy. Çydamlylyk oňa ünsüni Hudaýyň berjek sylagyna gönükdirmäge kömek etdi. Şeýdip, ol Hudaýyň adyny şöhratlandyrdy we Ýehowanyň hökümdarlygyny goldaýandygyny subut etdi. Isa wagtlaýyn bolýan ýowuz synaglara döz gelip, bahasyna ýetip bolmajak ebedi ýaşaýyş sylagyna eýe boldy. Mümkin, sizem kynçylyklaryňyzdan ýaňa ezýet baryny çekýänsiňiz, hatda käte göreşmäge güýjüňiz galýan däldir. Emma ebedi ýaşaýşa eltýän ýolda duş gelýän kynçylyklaryňyzyň wagtlaýyndygyny unutmaň. w16.04 2:10

Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (10-njy nisanda bolan wakalar) Ýahýa 12:20—50

29-njy mart, penşenbe

Hudaý Ogly arkaly töleg töläp, bizi azat etdi. Hawa, Oglunyň gany arkaly günälerimiz bagyşlandy. Efes. 1:7

Adamlaryň günäniň gulçulygyna satylandygyna köp wagt geçdi. Şol sebäpli şu günler köp adamlar tölege mätäçdigine asla düşünmeýärler. Köp adamlar günäniň nämedigini, onuň ýetirýän zyýany we onuň gulçulygyndan nädip azat bolmalydygyny asla bilmeýärler. Akýürekli adamlar Ýehowa barada bilim alyp, onuň beýik söýgüsine, merhemetine we bizi günäden hem ölümden azat etmek üçin Ogluny töleg hökmünde berendigine göz ýetirýärler (1 Ýah. 4:9, 10). Mesihiň töleg gurbany Hudaýyň bizi çäksiz söýýändigini we Onuň merhemete baý Hudaýdygyny subut edýär. Biz Isanyň dökülen ganyna ýürekden iman etsek, günälerimiz bagyşlanýar we ynsabymyz arassa bolýar (Ýew. 9:14). Biz muňa diýseň begenýäris! Eýsem, bu bizi töleg gurbany barada adamlara höwes bilen gürrüň bermäge höweslendirmeýärmi näme?! w16.07 4:6, 7

Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (11-nji nisanda bolan wakalar) Luka 21:1—36

30-njy mart, anna

(Mesih) bizi bir gezekde hemişelik halas etdi. Ýew. 9:12

Biz töleg gurbanyna iman etsek, günälerimiz bagyşlanar. Muňa Hudaýyň Sözi güwä geçýär (Res. iş. 3:19—21). Ýehowa töleg gurbany arkaly mesh edilen mesihçileri ogullyga aldy (Rim. 8:15—17). Ol «başga goýunlary» hem ogullyga almak isleýär. Munuň üçin ol, göçme manyda aýdanyňda, gerekli resminamany taýýarlady. Kämillige ýetip, iň soňky synagdan geçenlerinde, Ýehowa şol «resminama» gol çekip, olary höwes bilen ogullyga alar (Rim. 8:20, 21; Ylh. 20:7—9). Ýehowa ýer ýüzündäki çagalaryny ebedilik söýer. Töleg gurbanynyň peýdasy baky dowam eder. Bu sowgadyň gymmaty hiç haçan gaçmaz. Ony bizden hiç bir ynsan ýa-da güýç alyp bilmez. w17.02 2:15, 16

Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (12-nji nisanda bolan wakalar) Matta 26:1—5, 14—16; Luka 22:1—6

Ýatlama agşamy
Gün ýaşandan soň başlanýar
31-nji mart, şenbe

Biriňiz günä etseňiz, Atanyň ýanynda kömekçimiz bolan... Isa Mesih bardyr. 1 Ýah. 2:1

Ýehowa käte ýalňyşjakdygymyzy bilse-de, bizi özüne ýakynlaşdyrdy. Hudaý bize haýsy endikler bilen göreşmegiň kyn bolýandygyny we käte tabşyryklaryny bozýandygymyzy bilýär. Emma bu zatlar Ýehowanyň biziň bilen dostlaşmak islemeýändigini aňlatmaýar. Hudaý bizi söýýändigi üçin özüniň ýeke-täk Ogluny töleg hökmünde gurban berdi (Ýah. 3:16). Bu örän gymmatly sowgat! Biz bikämil bolsak-da, ýalňyşanymyzda toba etsek we Ýehowadan günämizi geçmegini sorasak, onuň bilen dostlugymyzyň henizem berkdigine ynamly bolup bileris (1 Tim. 1:15). w16.05 4:6, 7

Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (13-nji nisanda bolan wakalar) Matta 26:17—19; Markus 14:12—16; Luka 22:7—13 (14-nji nisanda gün batandan soň bolan wakalar) Ýahýa 13:1—5; 14:1—3

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş