Fewral
1-nji fewral, penşenbe
Siz çydamly bolmak bilen, özüňizi doly terbiýelärsiňiz. Ýak. 1:4
Çydamly bolup, özüňi doly «terbiýelemek» nämäni aňladýar? Bu bize «ähli zatda kämil, aýypsyz bolmaga we hiç zatda ýetmezimiz bolmazlyga» ýardam edýär (Ýak. 1:4).Kynçylyklar bize gowşak taraplarymyzy görmäge we özümizi terbiýelemäge kömek edýär. Eger biz synaglarda çydamly bolsak, özümizi ruhy taýdan berkideris. Meselem, biz has-da sabyrly, minnetdar we rehimdar bolmagy öwreneris. Çydamlylyk häsiýeti ruhy taýdan berk bolmaga kömek edýändigi üçin, biz Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere eýermeklige sowuk-sala garamaly däl. Eger siz ahlaksyz höwesler bilen göreşýän bolsaňyz näme? Erbet pikirlere ýol bermegiň deregine, höwesleriňize garşy göreşmek üçin doga ediň. Şeýdip, siz özüňize erk etmegi öwrenersiňiz. Ýa-da siz iman etmeýän maşgala agzalaryňyz tarapyndan garşylyklara uçraýansyňyz. Şeýle ýagdaýda ruhdan düşmegiň deregine, hakyky seždäni goldamagy ýüregiňize düwüň. Geliň, Hudaýyň razylygyny gazanmak üçin çydamly bolmagy unutmalyň (Rim. 5:3—5; Ýak. 1:12). w16.04 2:15, 16
2-nji fewral, anna
Pesgöwünli boluň we başgalary özüňizden ýokary saýyň. Flp. 2:3
Biz öz milletine, medeniýetine, şäherine ýa-da halkyna çendenaşa buýsanmagyň Ýehowanyň garaýşyna laýyk gelmeýändigini bilýäris. Elbetde, Ýehowa biziň medeniýetimizden ýüz öwürmegimizi islemeýär. Aslynda, dürli-dürli medeniýetleriň bolmagy ynsan maşgalasynyň biri-birinden tapawutlanýandygyny görkezýär. Emma biz Hudaýyň nazarynda ähli adamlaryň deň derejededigini unutmaly däl (Rim. 10:12). Eger biz milletimize bolan buýsanjyň ýüregimizde kök urmagyna ýol bersek, bitaraplygy saklap bilmeris. Hatda mesihçilerem bu duzaga düşüp biler. Meselem, I asyrda ýaşan mesihçiler hem milletparazlygyň toruna düşdüler. Bu olaryň aralarynda agzalalygyň bolmagyna getirdi (Res. iş. 6:1). Şeýle nädogry garaýyş biziň ýüregimizde kök ursa näme? Aýdaly, daşary ýurtly dogan ýa uýa size maslahat berýär. Şonda siz: «Muny özümiz has gowy ederis» diýip, maslahatdan ýüz öwrersiňizmi? Şeýle etmegiň deregine şu günki aýatdaky maslahata eýereliň. w16.04 4:12, 13
3-nji fewral, şenbe
Men Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary... yglan etmeli. Luka 4:43
Isa «Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary» wagyz edýärdi we şägirtleriniň hem wagyz etmeklerini isleýärdi. Şu günler kimler bu habary «ähli halklara» wagyz edýär? (Mat. 28:19). Elbetde, Ýehowanyň Şaýatlary! Bir ruhany Ýehowanyň Şaýadyna duşýar. Ol özüniň dürli ýurtlarda ýaşandygyny we şol ýerdäki dogan-uýalardan nähili habary wagyz edýändigi barada sorandygyny gürrüň berýär. Ruhany dogan-uýalaryň beren jogaby barada şeýle diýýär: «Olaryň bary akmak ýaly, „Patyşalyk baradaky hoş habary“ diýip, birmeňzeş jogap berýärdiler». Emma bu olaryň «akmak» däl-de, Hudaýyň hakyky gullukçylarynyň agzybirdigini görkezýär (1 Kor. 1:10). Olaryň aýdýan habary «Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýän Garawul diňi» žurnalyna esaslanýar. Şu günler bu žurnal 254 dilde çykarylyp, 59 milliona golaý nusgasy çap edilýär. Ol dünýäde iň köp ýaýradylýan žurnal hasaplanylýar. w16.05 2:6
4-nji fewral, ýekşenbe
Goý, her kes... ýüreginde niýetlän zadyny bersin. 2 Kor. 9:7
Patyşalygyň wagyzçylary hökmünde, biz Hudaýa köpräk gulluk etmek üçin pioner bolmak isleýändiris. Munuň üçin durmuşymyzy sadalaşdyryp başlandyrys. Ýöne köp zatlardan geçsek, bagtsyz bolaryn öýdüp biynjalyk bolýandyrys. Elbetde, Mukaddes Ýazgylarda pioner bolup gulluk etmelidigi barada tabşyryk berilmeýär we käbir dogan-uýalar ýaly bizem pioner bolmasak-da Ýehowa wepaly gulluk edip bileris. Emma Isa Patyşalygyň hatyrasy üçin zadyndan geçýän adamlaryň ençeme bereketleri aljakdygyny aýtdy (Luka 18:29, 30). Mundan başga-da Mukaddes Ýazgylarda «agzymyzdan çykýan erkin sowgatlaryň» we hakyky seždäni goldamak üçin edýän tagallamyzyň Ýehowany begendirýändigi aýdylýar (Zeb. 119:108). Diýmek, biz Ýehowanyň pikirine düşünmek üçin ondan görkezme sorap, doga etmeli. Bu bize peýdaly we gökdäki Atamyza ýaraýan karara gelmäge ýardam eder. w16.05 3:13
5-nji fewral, duşenbe
Juwanlygyňda, agyr günler gelmänkä... özüňi Ýaradany ýatla. Wag. 12:1
Ýaşlar üçin niýetlenen edebiýatlarda agzalýan kynçylyklaryň köpüsi diňe ýaş mesihçilere degişli däl. Biziň ählimiz imanymyzy goramaly, duýgularymyza erk etmeli, ýaramaz endiklerden, erbet dost-ýarlardan we biderek dynç almakdan gaça durmaly. Elbetde, şeýle maglumatlar, esasan, ýetginjeklere degişli. Emma uly ýaşdaky mesihçiler bu diňe ýaşlara degişli diýip, olary okamasa dogry bolarmy? Elbetde, ýok! Şol edebiýatlar ýaşlara degişli bolsa-da, ondaky maglumatlar Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine esaslanýar we biziň ählimize-de peýdaly bolup biler. Mundan başga-da şol edebiýatlar ýaşlara diňe bir kynçylyklary bilen göreşmäge kömek etmän, eýsem, ruhy taýdan ösen mesihçi bolmaga we Ýehowa bilen dostlugyny has-da berkitmäge ýardam edýär. Bu edebiýatlar uly ýaşdaky mesihçilere-de peýdaly (Wag. 12:13). w16.05 5:15, 16
6-njy fewral, sişenbe
Eý Yysraýyl, diňle, Hudaýymyz Ýehowa — ýeke-täk Ýehowa Hudaýdyr. Ýehowa Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň we bütin güýjiň bilen söý. Kan. tag. 6:4, 5, TD
Dogrudan-da, «Hudaýymyz Ýehowa—ýeke-täk Ýehowa Hudaýdyr» diýen sözler örän ruhlandyrýar! Bu sözler ysraýyllylara Wada edilen diýara girenlerinde ýüze çykan kynçylyklara döz gelmäge kömek etdi. Ol bize-de uly muşakgatda boljak kynçylyklaryň hötdesinden gelip, Jennetde-de dogan-uýalar bilen parahat ýaşamaga kömek eder. Geliň, mundan beýläk-de Ýehowa bütinleý wepaly bolalyň we ony söýüp, ýürekden gulluk edeliň. Şeýle-de dogan-uýalar bilen agzybirligi saklamaga jan edeliň. Şeýtsek, Isanyň: «Atamyň ýalkan adamlary, geliň, dünýäniň başlangyjyndan bäri siziň üçin taýýarlanylan Patyşalygy miras alyň» diýen sözleriniň ýerine ýetişini öz gözümiz bilen göreris (Mat. 25:34). w16.06 3:2, 20
7-nji fewral, çarşenbe
Ynsan ýüregi ähli zatdan hilegärdir. Ýer. 17:9
Tekepbirlik häsiýeti özümizi aklamaga iterýär we ýumşak «toýun» bolmaga päsgel berýär. Eger sizem imandaşyňyz bilen bolan düşünişmezlik sebäpli hormatly borjuňyzy ýitiren bolsaňyz näme ederdiňiz? Siz tekepbirlige ýol bererdiňizmi ýa-da doganyňyz bilen parahatlygy saklap, Ýehowa wepaly bolardyňyz? (Zeb. 119:165; Kol. 3:13). Günä etmegi, esasan-da, ony gizlinlikde etmegi endik eden adam Hudaýyň maslahatyny äsgermezlik edýär. Wagtyň geçmegi bilen, adam oňa bolaýmaly zat ýaly garap başlaýar (Wag. 8:11). Pornografiýa görmegi endik edinen dogan: «Men ýaşululardan nägile bolup başladym» diýýär. Bu endigi oňa ruhy taýdan zyýan ýetirdi. Wagtyň geçmegi bilen, doganyň pornografiýa görýändigi aýan boldy we ýaşulular oňa gerekli kömegi berdiler. Elbetde, biziň ählimiz bikämil. Ýöne şeýle ýagdaýlarda Hudaýdan geçirimlilik we kömek soramagyň deregine, özümizi aklap ýa-da nägile bolup başlasak ýüregimiziň eýýäm gatandygyny görkezýär. w16.06 2:5, 6
8-nji fewral, penşenbe
Janyňyz hakda... alada etmegiňizi bes ediň. Mat. 6:25
Isa märekä «bedeniňiz barada alada etmegiňizi bes ediň» diýende, çendenaşa «gaýgy etmeli däldigini» göz öňünde tutdy. Hawa, olar gereginden artyk alada etmeli däldiler. Isanyň «bes ediň» diýmeginiň degerli sebäbi bardy. Hatda gündelik zerurlygyň barada gaýgy etmeklik has wajyp zatdan ünsüňi sowup, şol hakda pikirlenmäge päsgel berýär. Şol sebäpli Isa Dagdaky wagzynda şägirtlerine gaýgy etmegiň howpludygyny birnäçe gezek duýdurdy (Mat. 6:27, 28, 31, 34). Isa näme üçin iýmit, egin-eşik hakda «alada etmegiňizi bes ediň» diýdi? Bular ýaşaýyş üçin iň gerekli zatlar dälmi näme?! Elbetde, gerek! Onda biz bu zatlaryň asla aladasyny etmeli dälmi? Elbetde, alada etmeli. Isa-da bu zatlaryň adamlara her gün gerekdigine düşünýärdi. Şeýle-de ol mesihçileriň «soňky günlerde», ýagny «juda kyn döwürde» her hili kynçylyklary başdan geçirjekdigini bilýärdi (2 Tim. 3:1). Dogrudan-da, şu günler köp adamlar işsizlik, ykdysady ýagdaýyň pese düşmegi, açlyk we garyplyk ýaly zatlardan ejir çekýärler. Emma Isa «janyň iýmitden we bedeniň egin-eşikden gymmatlydygyna» hem düşünýärdi. w16.07 1:8, 9
9-njy fewral, anna
Hudaýyň merhemeti bilen men size mukaddes syry düşündirýän gullukçy boldum. Efes. 3:7
Eger biz Ýehowanyň talaplary boýunça ýaşasak, onuň merhemetini gazanyp bileris. Emma biz bikämillik sebäpli köp ýalňyşýarys. Akyldar Süleýman patyşa hem: «Ýer ýüzünde diňe ýagşylyk edip, hiç bir günä etmeýän dogry adam ýok» diýip ýazdy (Wag. 7:20). Pawlus resul bolsa: «Hemmeler günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldular» we «günäniň haky ölümdir» diýýär (Rim. 3:23; 6:23). Şu aýatlardan görnüşi ýaly, aslynda biz ölüme mynasyp. Emma Ýehowa bizi çäksiz söýýändigi üçin merhemet edýär. Ol «özüniň ýeke-täk Ogluny» biziň üçin töleg hökmünde gurban berdi (Ýah. 3:16). Pawlus resul: «Ölüme sezewar bolandygy üçin şöhrat we hormat bilen sylaglanan Isa... Hudaýyň merhemeti arkaly hemmeler üçin ölümi dadandyr» diýýär (Ýew. 2:9). Hawa, «Hudaýyň sowgady Halypamyz Mesih Isa arkaly ebedi ýaşaýyşdyr» (Rim. 6:23). w16.07 3:3, 4
10-njy fewral, şenbe
Özüne laýyk kömekçi ýaradaýyn. Gel. çyk. 2:18
«Maşgala ojagy mukaddesdir» diýlişi ýaly, ol durmuşda wajyp orun tutýar. Maşgala gatnaşyklaryna dogry garaýyşda bolmak we onuň ähmiýetine düşünmek üçin, biz Ýehowanyň maşgalany näme maksat bilen döredendigini bilmeli. Hudaý ilkinji ynsany ýaradansoň, oňa haýwanlara gözegçilik etmegi tabşyrýar. Adam ata olaryň her birine at dakýar. Ýöne onuň «özüne laýyk kömekçi tapylmaýar». Şol sebäpli Hudaý Adam atany agyr uka gidirip, onuň bir gapyrgasyny alýar-da, oňa aýal ýaradýar we ony Adam atanyň ýanyna getirýär (Gel. çyk. 2:20—24). Şeýdip, ilkinji ynsan maşgalasy döreýär. Isa Ýehowanyň aýdan sözlerine salgylanyp, şeýle diýdi: «Erkek adam ata-enesini goýup, aýaly bilen biriger we ikisi bir beden bolar» (Mat. 19:4, 5). Hudaý Adam atanyň gapyrgasyndan aýaly ýaradyp, olaryň biri-biri bilen ysnyşykly gatnaşykda bolmalydygyny görkezdi. Bu bolsa adamyň diňe bir ýanýoldaşynyň bolmalydygyny we är-aýalyň bir-birinden aýrylmaly däldigini aýan edýär. w16.08 1:1, 2
11-nji fewral, ýekşenbe
Isa... başga şäherlere öwretmäge we wagyz etmäge gitdi. Mat. 11:1
Isa Hudaýyň Patyşalygyny diňe bir märekä däl-de, her bir adama wagyz edýärdi. Bir gezek ol Sihar şäheriniň golaýyndaky Ýakubyň guýusynyň başynda bir aýal bilen täsirli we gyzykly gürrüňdeşlik edýär. Bu gowy netije berýär (Ýah. 4:5—30). Başga bir sapar bolsa ol salgytçy Matta, ýagny Lewi bilen gepleşýär. Matta Isanyň çakylygyny kabul edip, onuň şägirdi bolýar. Matta öýünde uly oturylyşyk gurnanda, Isanyň myhmanlara gürrüň beren zatlaryny Matta bilen şägirtler hem diňleýär (Mat. 9:9; Luka 5:27—39). Başga bir gezek bolsa Isa Natanyýel bilen mähirli gepleşýär. Natanyýel Nazaretiň ýaşaýjylary barada nädogry pikirdedi. Emma ol Isa bilen gürrüňdeş bolup, garaýşyny özgerdýär we ondan ýene-de köp zatlary öwrenmek isleýär (Ýah. 1:46—51). Bu waka bize täze wagyzçylara adamlar bilen mähirli we sypaýyçylykly gürrüňdeş bolmagy öwretmegiň wajypdygyny görkezýär. Eger biz şeýle goldawy berip bilsek, olar hem adamlar bilen ýürekden gyzyklanmagyň we mähirli gürrüňdeş bolmagyň güýçli täsir edýändigine göz ýetirerler. w16.08 4:7—9
12-nji fewral, duşenbe
Aýal aýry ýaşamak üçin ärinden gitmesin... erkek adam hem aýalyny taşlamasyn. 1 Kor. 7:10, 11
Şu günler maşgalada döreýän kynçylyklary çalt çözmegiň deregine, är-aýal biri-birinden aýry ýaşamak ýa-da aýrylyşmak kararyna gelýär. Är-aýal aýry ýaşamaklyga adaty zat hökmünde garamaly däl. Käbir adamlar aýry ýaşamak bilen kynçylygy çözeris öýdýärler, emma olar ýagdaýy has-da kynlaşdyrýarlar. Isa Atasynyň «erkek adam ata-enesini goýup, aýaly bilen biriger» diýen sözlerine salgylanyp, soňra: «Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn» diýdi (Mat. 19:3—6; Gel. çyk. 2:24). Bu sözler är-aýalyň biri-birinden aýry ýaşamaly däldigini görkezýär. Ýehowa nikanyň ömürlik bolmagyny isleýär (1 Kor. 7:39). Biz gelýän kararlarymyz üçin Ýehowanyň öňünde jogap bermelidigimizi unutmasak, köp kynçylyklaryň öňüni alarys. w16.08 2:10, 11
13-nji fewral, sişenbe
Ýamanlykdan ýeňilmäň-de, ony hemişe ýagşylyk bilen ýeňiň. Rim. 12:21
Adatça, duşman garaşmaýan wagtyň we kynçylyga düşeniňde hüjüm edýär. Şol sebäpli oýa bolmaly. «Ýamanlykdan ýeňilmäň» diýen jümle erbetligi ýeňip bilýändigimizi görkezýär. Munuň üçin oňa garşy göreşmegimizi dowam etmeli. Eger gowşap, göreşmegimizi bes etsek, onda Şeýtan, onuň zalym dünýäsi we bikämillik bizden üstün çykar. Hiç haçan Şeýtana özüňizi gorkuzyp, eliňizi gowşatmaga ýol bermäň! (1 Pet. 5:9). Göreşde ýeňmek üçin maksadyňy unutmaly däl. Hudaýyň razylygyny gazanyp, berekedini almak üçin, ünsümizi Ýewreýler 11:6-daky: «Hudaýa ýakynlaşýan adam onuň bardygyna we ony ýürekden agtarýanlary sylaglajakdygyna iman etmelidir» diýen sözlere gönükdirmeli. Grek dilinden «ýürekden agtarmaly» diýip terjime edilen işlik ähli güýjüň bilen tagalla etmegi we bar ünsüňi jemlemekligi aňladýar (Res. iş. 15:17). w16.09 2:4, 5
14-nji fewral, çarşenbe
Hemme zady Hudaýy şöhratlandyrmak üçin ediň. 1 Kor. 10:31
Mukaddes Ýazgylardaky peýdaly maslahatlar bize Hudaýy şöhratlandyrýan karara gelmäge kömek edýär. Muňa garamazdan, egin-eşik babatda biziň hem biraz ygtyýarymyz bar. Her kimiň öz islegi bolýar we mümkinçilikleri bir-biriniňkiden tapawutlanýar. Emma egin-eşigimiz elmydama arassa, tämiz, salykatly, ýaşaýan ýeriňe we ýagdaýa görä bolmaly. Elbetde, egin-eşik saýlanymyzda, sagdyn düşünje bilen paýhasly karara gelmegiň aňsat däldigine düşünýäris. Dükanlaryň köpüsinde döwrebap eşikler satylýar. Olaryň arasyndan salykatly köýnekdir balak saýlamak üçin köp tagalla etmeli we wagt gerek bolýar. Ýöne imandaşlarymyz biziň ýaraşykly we ýerlikli egin-eşik saýlamak üçin ýürekden eden tagallamyza üns berip, minnetdar bolarlar. Şeýle-de biz Gökdäki söýgili Atamyzy şöhratlandyrmak üçin egin-eşik saýlamak babatda edýän tagallamyza degýändigine begenýäris. w16.09 3:15, 16
15-nji fewral, penşenbe
Hudaý gökleri boşlugyň üstüne ýazýar, ýeri-de hiç zatdan asýar. Eýp. 26:7
Adatça, çagalar islendik zady göz öňüne getirmegi gowy görýärler. Şonuň üçin ene-atalar, mysallary köp ulanyň. Şeýle-de gowy mysallar çagaňyza Mukaddes Ýazgylaryň ynama mynasypdygyna düşünmäge kömek edip biler. Geliň, şu günki aýatdaky sözlere seredeliň. Siz şu aýadyň Hudaýyň ylhamy bilen ýazylandygyny nädip düşündirersiňiz? Elbetde, siz ýöne bir delilleri getirip bilersiňiz. Emma çagaňyza göz öňüne getirmäge nädip kömek etse bolar? Siz Eýýubyň döwründe teleskopyň we howa gämisiniň bolmandygyny ýatladyň. Şonda çagaňyz kimdir birine ýer şary ýaly asman jisiminiň hiç zatdan asylgy däldigine ynanmak kyn bolýandygyna düşünse gerek. Goý, çagaňyz bir topy ýa-da daşy alyp, ony howada saklap görkezsin. Şeýle aýdyň mysal çagaňyza güýçli täsir etse gerek, sebäbi Ýehowa Mukaddes Ýazgylara bu sözleri ýazdyranda, entek adamlar muny subut etmändiler (Neh. 9:6). w16.09 5:9, 12
16-njy fewral, anna
Ýüregiňizde... iman ediň. Rim. 10:9
Iman etmeklik Hudaýyň niýetine düşünmekden has köp zady aňladýar. Ol adamy Hudaýyň islegini ýerine ýetirmäge höweslendirýär. Eger adam Hudaýyň halas etjekdigine iman etse, hoş habary wagyz etmäge höwesi artýar. Hudaýyň berjek täze dünýäsinde ebedi ýaşamak üçin imanyň bolmaly we ony berkidip durmaly. Imanyňy berkitmekligi ösümligi yzygider suwaryp durmaklyga meňzetse bolýar. Emeli ösümlik hemişe şol bir durkuny saklaýar. Emma hakyky ösümlik beýle bolmaýar. Ony yzygider suwarmasaň ýa-da aşa çygly ýerde saklasaň solýar. Eger-de ýeterlik dereje suw berilmese, hatda ösüp oturan ösümligem guraýar. Biziň imanymyz barada hem şeýle diýse bolar. Ol ýa-ha gowşaýar, ýa-da ölýär (Luka 22:32; Ýew. 3:12). Eger biz imanymyza ýeterlik derejede üns bersek, ol gowşaman has-da «berkär» (2 Sel. 1:3; Tit. 2:2). w16.10 4:4, 5
17-nji fewral, şenbe
Baş gözegçi olaryň adyny üýtgetdi. Danyýele Belteşasar... diýip at goýdy. Dan. 1:7
Danyýel bilen ýoldaşlary Wawilonda ýesirlikdekä olara ýerli halkyň «dilini» öwredip, däp-dessurlaryna eýertmek isleýärler. Şeýle-de baş gözegçi olaryň adyny üýtgedip, wawilonlylara mahsus bolan atlary dakýar (Dan. 1:3—7). Danyýele wawilonlylaryň baş taňrysy Belteşasaryň adyny goýýarlar. Nebukadnesar patyşa Danyýeli wawilonlylaryň taňrysynyň Ýehowadan beýikdigine ynandyrjak bolýar (Dan. 4:5). Danyýele patyşanyň saçagyndan naharlanmaga rugsat berilse-de, «özüni haram etmezligi ýüregine düwýär» (Dan. 1:8). Sebäbi ol ýat ýurtda ýaşasa-da, ene dilindäki «mukaddes kitaplary» okap, ruhy taýdan gowşamaýar (Dan. 9:2). Danyýel Wawilonda 70 ýyla golaý ýaşasa-da, ýewreý ady bilen tanalýar (Dan. 5:13). w16.10 2:7, 8
18-nji fewral, ýekşenbe
Ruh nirä gitmek islese, olar-da şol ýana gidýärdiler. Ezek. 1:20
Isa ruhy iýmiti diňe «wepaly hyzmatkär» arkaly paýlaýar (Mat. 24:45—47). 1919-njy ýyldan bäri şöhrata beslenen Isa Mesih bu hyzmatkär arkaly şägirtlerine Hudaýyň Sözüne düşünmäge kömek edýär. Biz Mukaddes Ýazgylardaky görkezmä eýersek, ýygnagymyzyň arassa, parahat we agzybir bolmagyna ýardam ederis. Şol sebäpli özümizden: «Isanyň bellän hyzmatkärine wepaly bolýarynmy?» diýip sorasak, gowy bolar. Ýehowa öz Sözi arkaly bizi guramasynyň gökdäki bölegi bilen tanyşdyrýar. Ezekiýel pygamber araba görnüşli Hudaýyň guramysynyň gökdäki bölegi barada görnüş görýär (Ezek. 1:4—28). Tizden Mesih we mukaddes perişdeler zalym dünýäni ýok eder. Bu araba Ýehowanyň hökümdarlygyny aklamak we Onuň mukaddes adyny şöhratlandyrmak üçin uly tizlik bilen öňe barýar! w16.11 3:9, 10
19-njy fewral, duşenbe
Bir-birimizi ruhlandyralyň. Sebäbi biz ol günüň barha golaýlaşýandygyny görýändiris. Ýew. 10:25
Isanyň I asyrdaky şägirtleri ýaly bizem ýygnaklarda bile tälim alyp ruhlanýarys we başgalary-da ruhlandyrýarys (1 Kor. 14:31). Hudaýyň tejribeli gullukçylary-da ruhlandyryjy sözlere mätäç bolýar. Geliň, Ýeşuwanyň mysalyna seredeliň. Ol ençeme ýyl bäri Hudaýa wepaly gulluk etse-de, Ýehowa Musa pygambere şeýle sözleri aýtdy: «Ýeşuwa tabşyr, ony ruhlandyr we güýçlendir, sebäbi halka baş bolup, Iordandan geçjek we seniň görjek şol ýurduňy olara mülk edip paýlap berjek Ýeşuwadyr» (Kan. tag. 3:27, 28). Ýeşuwa uly jogapkärli iş tabşyrylypdy, ol ysraýyllylary Wada edilen diýara alyp barmalydy. Söweşde yza çekilip, ýeňilmez ýaly, ony ruhlandyryp berkitmelidi (Ýeş. 7:1—9). Geliň, bizem Hudaýyň sürüsini bakmak üçin agyr zähmet çekýän ýaşululary, şol sanda etrap gözegçilerini ruhlandyralyň! (1 Sel. 5:12, 13). w16.11 1:12, 13
20-nji fewral, sişenbe
Men saňa ençeme suwlaryň üstünde oturan, uly ygtyýary bolan bozuk aýalyň nädip höküm ediljekdigini görkezeýin. Ylh. 17:1
Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlar dogan-garyndaşlaryna, dost-ýarlaryna we buthana ýolbaşçylaryna ýalan dinden çykandygyny aýtmagyň ýeterlikli däldigine düşündiler. Beýik Wawilonyň ruhy taýdan ahlaksyzlyk edýändigini bütin dünýä bilmelidi! Şol sebäpli Ýazgylary öwrenýän adamlaryň müňlerçesi hristian dünýäsini paş etmek üçin, 1917-nji ýylyň dekabr aýyndan 1918-nji ýylyň başyna çenli «Wawilon ýykyldy» atly kiçi kitapçanyň 10 million nusgasyny paýladylar. Ruhanylaryň gahar-gazaba münendigini göz öňüne getirmek kyn bolmasa gerek! Emma Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlar yzarlamalara garamazdan, bu möhüm işi dowam etmekçidiler. Olar «adama däl-de, Hökümdarymyz Hudaýa gulak asmagy» ýüregine düwdüler (Res. iş. 5:29). Diýmek, mesihçiler uruş döwründe Beýik Wawilonyň ýesirliginde bolsalar-da, onuň täsirine düşmändirler we başgalara-da kömek edipdirler. w16.11 5:2, 4
21-nji fewral, çarşenbe
Ten höweslerine görä ýaşaýanlar tene degişli zatlar barada pikir edýärler. Emma mukaddes ruhuň görkezmesine görä ýaşaýanlar ruha degişli zatlar barada pikirlenýärler. Rim. 8:5
Käbirleri bu aýatda hakykaty kabul eden we kabul etmedik adamlar ýa-da mesihçiler hem-de mesihçi bolmadyk adamlar hakynda gürrüň gidýändir öýdýärler. Emma Pawlus hatyny Rimde ýaşaýan «Hudaýyň söýýänlerine, mukaddes bolmaga çagyrylanlara» ýazypdy (Rim. 1:7). Diýmek, Pawlus ten höweslerine görä ýaşaýan mesihçiler bilen mukaddes ruhuň görkezmesine görä ýaşaýan mesihçileriň arasyndaky tapawudy görkezýär. Ol «ten isleglerine görä ýaşaýan» adamlaryň «günäli höweslerine» eýerip, soňra «bu höwesleriň bedenlerinde hereket edýändigini» aýdýar (Rim. 7:5). Pawlus «ten höweslerine görä ýaşaýan» adamlaryň «ten höwesleri barada pikirlenýändigini» aýdýar. Ol öz höweslerine eýerip ýaşaýan bikämil adamlary göz öňünde tutupdyr. Adatça, olar ahlaksyz we şoňa meňzeş erbet höweslerine eýerip ýaşaýarlar. w16.12 2:5, 7
22-nji fewral, penşenbe
Jenaýaty bagyşlanan...adam nähili bagtly! Zeb. 32:1
Kimdir biri geçmişde eden ýalňyş işlerini ýada salyp, biynjalyk bolýandyr. Käte Dawut patyşa özüni «ýazyklary başyndan aşan» ýaly duýup: «Ýüregimiň iňňildisinden uwlaýaryn» diýdi (Zeb. 38:3, 4, 8, 18). Şeýle ýagdaýda Dawut näme edip bilerdi? Dawut Ýehowanyň rehimdarlygyna we geçirimliligine bil baglady (Zeb. 32:2, 3, 5). Käte biz bolýan zatlar üçin hem aladalanyp bileris. Meselem, Dawut 55-nji mezmurda jany üçin gorkýandygy barada ýazýar (Zeb. 55:2—5). Emma ol gorkup, Ýehowa bolan ynamynyň gowşamagyna ýol bermedi. Dawut gyzgyn doga edip, kynçylyklaryny Ýehowa aýtsa-da, aladalarynyň hötdesinden gelmek üçin belli bir ädimleri ätmegiň wajypdygyna düşünýärdi (2 Şam. 15:30—34). Dawudyň göreldesine eýermek wajyp. Aladalar bizi basmaz ýaly, geliň, olary ýeňmek üçin gerekli ädimleri ädeliň, galan zatlary bolsa Ýehowanyň eline tabşyralyň. w16.12 3:14, 15
23-nji fewral, anna
Men Ýehowanyň öňünde günä gazandym. 2 Şam. 12:13
Dawut Natan pygamberiň düzedişini kabul etdi. Ol günäleriniň ötülmegi we Ýehowanyň merhemetini gazanmak üçin ak ýürekden doga etdi (Zeb. 51:1—17). Günä edendigi üçin ruhdan düşmedi, gaýtam, eden ýalňyşyndan sapak edindi. Şondan soň ol agyr günä etmedi. Ol ömrüniň ahyryna çenli wepalylygyny saklady. Şonuň üçin Ýehowa ony hemişe aýypsyz adam hökmünde ýatlaýar (Ýew. 11:32—34). Biz Dawut bilen bolan wakadan näme öwrenip bileris? Eger agyr günä eden bolsak, onda ýürekden toba edip, Ýehowanyň merhemetini gazanmaga jan etmeli. Eden günämizi boýun almaly (1 Ýah. 1:9). Şeýle-de ruhy taýdan dikelmek üçin ýaşululardan gerekli kömegi soramaly (Ýakup 5:14—16). Şonda ruhy taýdan sagalyp, Ýehowanyň razylygyny gazanmak üçin gerekli ädimleri ätmegiň wajypdygyna düşünýändigimizi görkezeris. Mundan başga-da ýalňyşymyzdan sapak edinip, gullugymyzy dowam edeliň we gelejege bolan umydymyzy ýitirmäliň (Ýew. 12:12, 13). w17.01 1:13, 14
24-nji fewral, şenbe
Gullukçyňy özüne bil baglamakdan sakla. Zeb. 19:13
«Özüňe bil baglamak» nämäni aňladýar? Gödek herekete ýa-da ygtyýaryň bolmadyk zady etmeklige özüňe bil baglamak diýilýär. Bikämildigimiz üçin biz käte özümize bil baglaýarys. Emma Şawul patyşa bilen bolan wakany unutmalyň. Eger biz özümizi başgalardan ýokary tutsak, iru-giç Hudaýa garşy agyr günä ederis. Zebur 119:21-de Ýehowanyň «tekepbirlere käýändigi» aýdylýar. Näme üçin? Özüňe bil baglamaklyk bilmän edilen ýalňyşlykdan agyr hasaplanýar. Eger ulumsylyk bilen hereket etsek, Hökümdarymyz Ýehowanyň adyna ysnat getireris. Şeýle-de göwnüýetijilik bilen hereket etmeklik agzalalyga eltip biler (Sül. tym. 13:10). Mundan başga-da utanja galmagymyz, hatda masgara bolmagymyz hem mümkin (Luka 14:8, 9). Görşümiz ýaly, özüňe bil baglamak gowulygyň üstünden eltmeýär. Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, pespäl bolmak hemişe peýda getirýär. w17.01 3:4, 5
25-nji fewral, ýekşenbe
Bu azgyn hem ters nesil Oňa hyýanat etdi. Ýazygyňyz sebäpli indi siz Onuň çagalary dälsiňiz. Kan. tag. 32:5.
Bikämil Adam ata Hudaýa mahsus häsiýetleri kämil derejede görkezip bilmeýärdi. Ol diňe bir özüni gelejege bolan umytdan mahrum etmän, eýsem, çagalaryna bikämilligi, günäni we ölümi miras galdyrdy (Rim. 5:12). Ol nesillerini ebedi ýaşaýyşdan mahrum etdi. Adam ata bilen How ene-de, olaryň çagalary-da kämil ynsany dünýä indirip bilmeýärdi. Şeýtan Iblis Adam ata bilen How enäni Hudaýdan daşlaşdyrandan bäri, adamlary aldamagyny dowam edip gelýär (Ýah. 8:44). Adamlar günäli bolsa-da, Ýehowa olary söýýär. Ol Adam ata bilen How enäniň turzan pitnesine garamazdan, adamlaryň özi bilen dost bolmagyny isleýär; Ýehowa olaryň ölmegini islemeýär (2 Pet. 3:9). Şol sebäpli pitne turan badyna, Hudaý adyl kadalaryna laýyklykda, derrew adamlary özi bilen ýaraşdyrmagyň ugruna çykdy (Ýah. 3:16). w17.02 1:12—14
26-njy fewral, duşenbe
Akyldarlyk bolsa maslahat alýanlar bilendir. Sül. tym. 13:10
Ýehowanyň göreldesine eýerip we başgalaryň gowy taraplaryna üns berip, Hudaýyň guramasyndaky edýän işlerimize minnetdarlygymyzy ösdürmeli. Şonda başgalara görünjek bolmarys, gaýtam, doganlardan maslahat gözläris we olar bilen iş salşanymyzda eglişikli bolarys. Olara hormatly borç berlende begeneris. Ýehowanyň «bütin dünýädäki doganlarymyza» bereket berşini görüp, oňa alkyş aýdarys (1 Pet. 5:9). Şeýle-de biz ähli zada Ýehowanyň garaýşy ýaly garamagy pespällik bilen öwrenip, düşünjämizi artdyrarys. Şahsy okuwyny yzygiderli geçirsek, doga etsek we öwrenen zatlarymyzy durmuşda ulansak, ynsabymyzy terbiýeläris (1 Tim. 1:5). Başgalary özümizden ýokary saýmagy öwreneris. Şonda Ýehowa bize «doly tälim berip», pespälligi we başga-da gowy häsiýetleri ösdürmäge kömek eder (1 Pet. 5:10). w17.01 4:17, 18
27-nji fewral, sişenbe
Ýygnaga gowy gözegçilik edýän, esasan-da, Hudaýyň sözi hakda gürrüň etmekde we öwretmekde köp zähmet çekýän ýaşulular iki esse hormata mynasyp görülsin. 1 Tim. 5:17
Biz imandaşlarymyza hem sylag-hormat goýýarys. Esasan-da, ýygnaga gözegçilik edýän ýaşululary sylamaly. Biz olara hormat goýanymyzda, milletine, bilimine, at-abraýyna, gurply ýaşaýandygyna garamaýarys. Mukaddes Ýazgylarda olara «sowgat hökmünde» berlen adamlar diýilýär; olar Hudaýyň halkynyň aladasyny etmekde esasy orun tutýarlar (Efes. 4:8). Ýygnak ýaşululary, etrap gözegçileri, Filial komitetiniň we Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary barada oýlanyp görüň. I asyrda ýaşan mesihçiler ýolbaşçylyk edýän doganlara çuňňur hormat goýýardylar, bizem olaryň göreldesine eýerýäris. Biz ýygnagyň abraýly gözegçilerini öwüp arşa çykarmaýarys ýa-da olar gelende, hamala perişde gelen ýaly garamaýarys. Muňa garamazdan, biz agyr zähmet çekýän we borjuny pesgöwünli ýerine ýetirýän doganlary sylap, olara hormat goýýarys (2 Kor. 1:24; Ylh. 19:10). w17.03 1:13
28-nji fewral, çarşenbe
Sen näme üçin maňa ýagşy diýýärsiň? Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir. Mar. 10:18
Isa bilen Ýahudanyň patyşasy Hirodes Agrippa I bir-birinden örän tapawutlanýar! Ol halkyň öňünde çykyş etmek üçin «patyşalyk lybasyny geýipdi». Şonda märeke batly ses bilen: «Bu adamyň däl-de, Hudaýyň sesi!» diýip gygyrdy. Bu sözler Hirodesiň gulagyna ýakan bolmaly. «Hudaýy şöhratlandyrmandygy sebäpli... Ýehowanyň perişdesi ony şol bada kesele uçratdy. Onuň endam-jany gurtlady, şeýdip, ol öldi» (Res. iş. 12:21—23). Bu wakadan Ýehowanyň Hirodesi ýolbaşçy edip saýlamandygy mese-mälim görünýär. Emma Isa Hudaý tarapyn bellenendigini aýdyň görkezdi. Ol iň Beýik Ýolbaşçy hökmünde diňe Ýehowany şöhratlandyrýardy. Isa bary-ýogy birnäçe ýyl ýolbaşçy bolmaly däldi. Ol direlenden soň: «Gökde we ýerde ähli ygtyýar maňa berildi... Ine, men dünýäniň soňuna çenli elmydama siziň bilen bolaryn» diýdi (Mat. 28:18—20). w17.02 3:20, 21