Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es18 sah. 7—17
  • Ýanwar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýanwar
  • Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2018
  • Sözbaşylar
  • 1-nji ýanwar, duşenbe
  • 2-nji ýanwar, sişenbe
  • 3-nji ýanwar, çarşenbe
  • 4-nji ýanwar, penşenbe
  • 5-nji ýanwar, anna
  • 6-njy ýanwar, şenbe
  • 7-nji ýanwar, ýekşenbe
  • 8-nji ýanwar, duşenbe
  • 9-njy ýanwar, sişenbe
  • 10-njy ýanwar, çarşenbe
  • 11-nji ýanwar, penşenbe
  • 12-nji ýanwar, anna
  • 13-nji ýanwar, şenbe
  • 14-nji ýanwar, ýekşenbe
  • 15-nji ýanwar, duşenbe
  • 16-njy ýanwar, sişenbe
  • 17-nji ýanwar, çarşenbe
  • 18-nji ýanwar, penşenbe
  • 19-njy ýanwar, anna
  • 20-nji ýanwar, şenbe
  • 21-nji ýanwar, ýekşenbe
  • 22-nji ýanwar, duşenbe
  • 23-nji ýanwar, sişenbe
  • 24-nji ýanwar, çarşenbe
  • 25-nji ýanwar, penşenbe
  • 26-njy ýanwar, anna
  • 27-nji ýanwar, şenbe
  • 28-nji ýanwar, ýekşenbe
  • 29-njy ýanwar, duşenbe
  • 30-njy ýanwar, sişenbe
  • 31-nji ýanwar, çarşenbe
Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2018
es18 sah. 7—17

Ýanwar

1-nji ýanwar, duşenbe

Iman üçin gaýduwsyz göreş alyp baryň. Ýah. 3

Gelermikä ýa gelmezmikä diýip, oýa batyp oturan gyz urşa giden kakasyna garaşyp otyrdy. Birdenkä, ol kakasynyň uruşdan sag-aman gaýdyp gelýändigini görüp, öňünden ylgap çykýar we onuň ýeňiş bilen yzyna dolanandygyna juda begenýär. Gyzynyň aýdym aýdyp we tans edip, ony garşy almagyna garamazdan, kakasy ýakasyny ýyrtyp: «Wah, gyzym, sen meniň bagtymy garaltdyň!» diýip aglaýar. Soňra ol gyzynyň ähli isleg-arzuwyny puja çykaryp, durmuşyny bütinleý özgertjek sözleri aýdýar. Emma gyzy kakasyny Ýehowa beren wadasyny ýerine ýetirmäge höweslendirip, ony ýürekden goldaýar. Sebäbi ol Ýehowanyň oňa diňe ýagşylyk isleýändigini bilýärdi. Onuň sözleri imanynyň berk bolandygyny görkezýär (Ser. 11:34—37). Kakasy gyzyna buýsanç bilen seredýär. Sebäbi ol gelen kararyny gyzynyň höwes bilen goldamagy oňa Ýehowanyň razylygyny gazanmaga kömek etjekdigine düşünýär. Ýeftah we onuň gyzy Hudaýy razy etmek isleýärdi. Şol sebäpli olar hatda kyn bolsa-da, Ýehowanyň islegini berjaý etmegi ýüregine düwdüler. Olar Ýehowanyň razylygyny gazanmak üçin edýän tagallasynyň sylagsyz galmajakdygyna ynanýardylar. w16.04 1:1, 2

2-nji ýanwar, sişenbe

Siz Eýýubyň çydamlylygy we Ýehowanyň oňa pata berendigi hakda eşidensiňiz. Ýak. 5:11

Eger dostlaryňyz ýa-da maşgala agzalaryňyz ýüregiňize bitmejek ýara salýan sözleri aýdan bolsalar, agyr kesele uçran bolsaňyz ýa ýakynlaryňyzyň biri aradan çykandygy sebäpli hasrat çekýän bolsaňyz, Eýýup pygamberiň mysaly size teselli berip biler (Eýp. 1:18, 19; 2:7, 9; 19:1—3). Eýýup şeýle kynçylyklaryň näme üçin bolýandygyna düşenip bilmese-de, göwnüçökgünlige düşmedi. Näme üçin? Munuň bir sebäbi ol «Hudaýdan gorkýan» adamdy (Eýp. 1:1). Eýýup ýagşy günde-de, ýaman günde-de Ýehowany begendirmegi ýüregine düwdi. Ýehowa mukaddes ruhy arkaly eden ajaýyp işlerine Eýýubyň ünsüni çekdi. Bu zatlar Eýýubyň Ýehowa bolan ynamyny has-da artdyrdy. Ol Hudaýyň kynçylyklary öz wagtynda aýyrjakdygyna ynanýardy (Eýp. 42:1, 2). Onuň pikir edişi ýaly hem boldy. Mukaddes Ýazgylarda: «Reb oňa bar zatlaryny yzyna gaýtaryp berdi... oňa öňküsinden iki esse köp zat berdi» diýilýär. Hawa, Eýýup galan ömrüni eşretli durmuşda ýaşap, garran çagynda dünýäden ötdi (Eýp. 42:10, 17). w16.04 2:11, 13

3-nji ýanwar, çarşenbe

Ýylanlar ýaly seresap we kepderiler ýaly sada boluň. Mat. 10:16

Biz kynçylyklara öňünden taýýarlansak, seresap hereket edýändigimizi görkezeris. Şeýle-de «sada bolsak», bitaraplygy saklamaga päsgel berýän zatlardan gaça durup bileris. Biz, esasan-da, syýasy meselelere goşulmakdan seresap bolmaly. Meselem, Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edenimizde, syýasy guramalary, olaryň ýolbaşçylaryny şöhratlandyrmakdan ýa-da tankytlamakdan gaça durmaly. Munuň deregine, adamyň ünsüni häzirki kynçylyklaryň birine çekip bilersiňiz. Soňra Mukaddes Ýazgylar arkaly Hudaýyň hökümdarlygynyň kynçylyklary bütinleý we hemişelik ýok etjekdigine düşünmäge kömek ediň. Şeýle-de bir jynsdaky adamlaryň nikalaşmagy ýa-da çaga aýyrtmak ýaly zatlar hakda gürrüň edilende, Hudaýyň kada-kanunlarynyň bizi nädip goraýandygyny we olara gündelik durmuşda nädip eýerip bolýandygyny düşündiriň. Emma bu zatlar barada gürrüň edeniňizde syýasat bilen bagly gürrüňlerden gaça durup, doly bitaraplygy saklaň. Biz hökümetleriň ýola goýan, täzelän ýa-da üýtgeden kanunlaryny berjaý etmekde öz garaýşymyzy öňe sürüp, başgalaryň gelýän kararyna täsir etmek islemeýäris. w16.04 4:8, 9

4-nji ýanwar, penşenbe

Gidiň-de... şägirt taýýarlaň. Mat. 28:19

Biz şägirt taýýarlamaly, suwa çümdürmeli we öwretmeli. Emma ilki bilen näme etmeli? Isa: «Gidiň!» diýdi. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän bir alym muny şeýle düşündirýär: «Iman edýän her bir adam ýaşaýan ýerinde ýa-da başga ýurda gitmeli bolsun, tapawudy ýok, „gidiň“ diýen tabşyryga eýermeli» (Mat. 10:7; Luka 10:3). Isa şägirtleriniň aýratynlykda wagyz etmelidigini göz öňünde tutdumy ýa-da guramaçylykly? Elbetde, bir adam «ähli halklara» wagyz edip bilmese gerek! Bu işi köpçülikleýin we guramaçylykly ýerine ýetirmeli. Isa şägirtlerine «adam tutýan balykçy etjekdigini» aýtdy (Mat. 4:18—22). Ol adamyň ýekelikde çeňňek bilen balyk tutuşyny däl-de, köpçülikleýin tor bilen balyk tutuşyny göz öňüne tutdy (Luka 5:1—11). w16.05 2:3, 4

5-nji ýanwar, anna

Ýehowa bütin ýüregiň bilen bil bagla, öz düşünjäňe daýanma. Bütin ýollaryňda ony tana, ol hem seniň ýodalaryňy dogrular. Sül. tym. 3:5, 6

Ýehowanyň pikirine düşünmek üçin biz çuňňur şahsy okuwyny geçirmeli. Biz Hudaýyň Sözüni okap, öwrenenimizde özümize şu soragy berip bileris: «Bu ýerde Ýehowa, onuň adyl kadalary we pikiri barada näme diýilýär?» Bizem Ýehowa nagma aýdan Dawudyňky ýaly garaýyşda bolmaly. Ol şeýle diýdi: «Ýa Reb, ýollaryňy maňa salgy ber, ýodalaryňy maňa öwret. Meni Öz hakykatyňda gezdir, maňa öwret; çünki Sen meniň halasgär Hudaýymsyň; men bütin gün Saňa umyt baglaýaryn» (Zeb. 25:4, 5). Mukaddes Ýazgylardan bir parçany okanymyzda, şu soraglar barada oýlanyp bileris: «Men öwrenen zatlarymy durmuşymda nädip ulanyp bilerin? Ony ýene nirede ulanyp bilerin? Öýde, işde, mekdepde we wagyzda nädip ulanyp bilerin?». Eger biz öwrenen zatlarymyzy nirede ulanmalydygyny bilsek, ony nädip ýerine ýetirip biljekdigimize düşünmek aňsat bolar. w16.05 3:9, 11

6-njy ýanwar, şenbe

Gözegçi başgalar tarapyndan aýyplanmaýan... bolmaly. 1 Tim. 3:2

Ýehowa şeýle talaplary bermek bilen gözegçi bolup gulluk etmek isleýänleriň ýokary kadalara laýyk gelmelidigini görkezýär (1 Tim. 3:2—7). Ol gözegçi doganlaryň başgalara gowy görelde bolmaklaryny we «Oglunyň gany bilen satyn alan» ýygnagyna meýletin gözegçilik etmeklerini isleýär (Res. iş. 20:28). Ýehowa bellenen çopanlaryň gözegçiligi astynda özümizi rahat duýmagymyzy isleýär (Iş. 32:1, 2). Şeýlelikde, ýaşuly doganlar üçin berilýän talaplar barada oýlanyp, Ýehowanyň biz barada çuňňur alada edýändigine göz ýetirdik. Aslynda, her bir mesihçi bu talaplar barada oýlanyp biler. Sebäbi olaryň köpüsinde Ýehowanyň ähli mesihçilerden garaşýan zatlary agzalýar. Meselem, biziň ählimiz «paýhasly» we «sagdyn düşünjeli» bolmaly (Flp. 4:5; 1 Pet. 4:7). Biz «sürä görelde bolýan» ýaşulularyň «imanlaryndan görelde alyp», köp zady öwrenip bileris (1 Pet. 5:3; Ýew. 13:7). w16.05 5:8—10

7-nji ýanwar, ýekşenbe

Bar zadyňdan ilki ýüregiňi gora, çünki ýaşaýşyň gözbaşy şondadyr. Sül. tym. 4:23

Biz «ýüregimizi» nämeden goramaly? Tekepbirlikden, günäli işlerden we imanyňy gowşadýan zatlardan goramaly. Bu zatlar adamy gulak asmazlyga iterýär (Dan. 5:1, 20; Ýew. 3:13, 18, 19). Ýahuda patyşasy Uzyýa hem tekepbirligiň duzagyna düşüpdi (2 Ýyl. 26:3—5, 16—21). Ol patyşa bolanda, Ýehowany agtaryp, onuň «nazarynda dogry işleri edýärdi». Emma Hudaýyň onuň patyşalygyny berkidendigine garamazdan, ol ýüreginde tekepbirligiň kök urmagyna ýol berdi. Uzyýa hatda ybadathana girip buhur ýakmakçy bolýar. Aslynda, bu işi Harunyň neslinden bolan ruhanylar etmelidi. Ruhanylar ony saklajak bolanlarynda ol gahar-gazaba mündi. Netijede näme boldy? Hudaý Uzyýany heýwere keseline sezewar etdi we ol ölýänçä şol keselden ejir çekdi (Sül. tym. 16:18). Eger biz tekepbirlige garşy göreşmesek, «özümiz hakda çendenaşa köp pikir edip», Mukaddes Ýazgylar arkaly berilýän maslahaty hem kabul etmeris (Rim. 12:3; Sül. tym. 29:1). w16.06 2:3, 4

8-nji ýanwar, duşenbe

Biri-biriňizi söýüp, oňşukly ýaşaň. Efes. 4:2

Siz başga medeniýetden bolan imandaşyňyza nähili garaýarsyňyz? Belki-de, olaryň dili, geýnişi, özüni alyp barşy we milli naharlary siziňkiden tapawutlanýandyr. Siz olardan özüňizi çetde tutup, diňe öz medeniýetiňizden bolan imandaşlaryňyz bilen gatnaşarsyňyzmy? Ýa-da ýygnagyňyzyň ýaşulularynyň, etrap gözegçisiniň we filial komitetiniň agzalarynyň ýaşy kiçi bolsa, ýa-da olaryň milleti, medeniýeti siziňkiden tapawutlanýan bolsa näme? Siz bu zatlaryň araňyzdaky agzybirligi bozup, Ýehowa bir maksat bilen gulluk etmäge päsgel bermegine ýol berersiňizmi? Bizi bu duzakdan näme gorap biler? Gülläp ösen Efes şäherinde dürli milletden bolan adamlar ýaşaýardy. Pawlus resul şol ýerdäki mesihçilere käbir maslahatlary berdi (Efes. 4:1—3). Pawlus resul ilki bilen pesgöwünlilik, ýumşaklyk, sabyrlylyk we söýgi ýaly häsiýetleri agzaýar. Şeýle häsiýetleri jaýy berk saklamaga kömek edýän sütünlere meňzetse bolýar. w16.06 3:17, 18

9-njy ýanwar, sişenbe

Hüşgär boluň, özüňizi her hili açgözlükden goraň. Luka 12:15

Şeýtan biziň Ýehowanyň däl-de, baýlygyň guly bolmagymyzy isleýär (Mat. 6:24). Maddy zatlaryň ugrunda hars urýan adamlaryň durmuşy manysyz bolýar we özlerini bagtsyz duýýarlar. Olar diňe özüni bilip ýaşaýandygy üçin hemişe lapykeç, göwni synyk bolýar. Olaryň ruhy ýagdaýyny guran agaja meňzetse bolýar (1 Tim. 6:9, 10; Ylh. 3:17). Bu Isanyň tohum baradaky mysalyny ýadyňa salýar. Patyşalyk habary «tikenekleriň arasyna düşende», adamyň köp zat edinmek islegi sözi bogýar we ol «hasyl bermeýär» (Mar. 4:14, 18, 19). Bizem şu dünýäniň ahyrky günlerinde ýaşaýarys. Häzir özüňe köp zat edinmegiň wagty däl. Sebäbi baýlyk ýa-da gymmatbaha zatlar bizi agyr muşakgatda halas edip bilmez (Sül. tym. 11:4; Mat. 24:21, 22). w16.07 1:5, 6

10-njy ýanwar, çarşenbe

Ählimiz ondan bol merhemet alýardyk. Ýah. 1:16

Bir gün üzümçiligiň eýesi ir bilen bazara gidip, işçileri hakyna tutýar. Işçiler onuň tölejek haky bilen razylaşyp, üzümçilikde işlemäge başlaýarlar. Iş köp bolandygy üçin hojaýyn öýlän bazara gidýär-de, ýene birnäçe adamy hakyna tutýar we olara bir günlük iş hakyny tölejekdigini aýdýar. Gün batanda, ol işçileri ýygnap, ertirden agşama çenli işlänlere-de, bir sagat işlänlere-de deň hak töleýär. Emma uzynly gün işlänler üzümçiligiň eýesinden nägile bolup başlaýarlar. Şonda hojaýyn olara: «Biz bir dinara gepleşenimizde siz razy bolupdyňyz, şeýle dälmi? Eýsem, men pulumy öz isleýşim ýaly ulanmaga hakym ýokmy näme? Ýa-da meniň olara ýagşylyk edenime göriplik edýärsiňizmi?» diýýär (Mat. 20:1—15). Isanyň mysalyndan Ýehowanyň «merhemete baý» Hudaýdygyny görse bolýar. Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň «merhemeti» barada köp agzalýar (2 Kor. 6:1). w16.07 3:1, 2

11-nji ýanwar, penşenbe

Ine, men ähli zady täzeleýärin... Bulary ýaz, sebäbi bu sözler ygtybarly we hakdyr. Ylh. 21:5

Dünýäniň soňunyň golaýlap gelýändigi üçin, biz hoş habary has-da yhlasly wagyz edýäris (Mar. 13:10). Hoş habaryň ähli adamlara wagyz edilmegi Ýehowanyň olara merhemet edýändigini görkezýär. Şol sebäpli biz wagyzda Ýehowany şöhratlandyrmagy unutmaly däl we adamlara Onuň täze dünýä babatdaky ähli wadalaryny merhemeti arkaly amala aşyrjakdygyna düşünmäge kömek etmeli. Biz ähli adamlaryň Mesihi Patyşalyk arkaly töleg gurbanyndan doly peýdalanyp, kämillige ýetjekdigini düşündirip bileris. Mukaddes Ýazgylarda: «Ýaradylan zatlar çüýreme gulçulygyndan azat bolup, Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowşarlar» diýilýär (Rim. 8:21). Hawa, bu zatlar diňe Ýehowanyň ajaýyp merhemeti arkaly bolar. w16.07 4:17—19

12-nji ýanwar, anna

Erkek adam aýalynyň öňündäki borjuny ýerine ýetirsin. Şonuň ýaly-da aýal hem adamsynyň öňündäki borjuny ýerine ýetirsin. 1 Kor. 7:3

Mukaddes Ýazgylarda jynsy gatnaşykda birek-birege nädip söýgi bildirmelidigi aýdylmasa-da, mähirli bolmagyň wajypdygy aýdylýar (Nag. 1:2; 2:6). Şol sebäpli är-aýal biri-birine ünsli we mähirli bolmaly. Biz Hudaýy we adamlary ýürekden söýsek, hiç kime ýa-da hiç bir zada maşgala gatnaşyklaryny gowşatmaga ýol bermeris. Käbir adamlar pornografiýa görmegi endik edinip, ýanýoldaşyna bolan söýgüsi sowady, hatda maşgala ojagyny dargatdy. Biz pornografiýanyň islendik görnüşinden ýa-da nädogry jynsy höwesleri oýarýan beýleki zatlardan gaça durmaly. Şeýle-de ýanýoldaşyň bolmadyk adam bilen hiç hili näz-kereşme etmeli däl. Biz Hudaýyň ähli zady, hatda pikirimizi hem bilýändigini unutmasak, ahlak taýdan arassa galyp, Ýehowany razy ederis (Mat. 5:27, 28; Ýew. 4:13). w16.08 2:7—9

13-nji ýanwar, şenbe

Siziň üçin yzyny üzmän doga edýäris we Hudaýyň niýeti hakdaky dogry bilimden... doly bolmagyňyzy... dileýäris. Kol. 1:9

Kolosdaky mesihçiler «Ýehowanyň adyna mynasyp ýaşar» ýaly dogry bilim almalydy. Şonda olar «her bir oňat işde... miwe berip», esasan-da, hoş habary ökdelik bilen wagyz edip bilerdi (Kol. 1:10). Şu günlerem Ýehowanyň gullukçylary ökdelik bilen wagyz edip biler ýaly, Mukaddes Ýazgylary her gün çuňňur öwrenmeli we okuw geçýän adamlaryna-da şeýle etmegi öwretmeli. Şeýle hem, ilki özümiz onuň gymmatyna düşünmeli. Munuň üçin biz Mukaddes Ýazgylary öwrenmegi endik edinmeli. Meselem, biz özümize şeýle soraglary berip bileris: «Adamlar Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlary bilen ylalaşmasalar ýa-da kyn soraglary berseler, Mukaddes Ýazgylar esasynda jogap berip bilýärinmi? Eger biz okuw geçýänlerimize Mukaddes Ýazgylardan gözleg geçirmegiň köp peýda berýändigini gürrüň bersek, olaryň hem gözleg geçirmäge höwesi artar. w16.08 4:3, 4

14-nji ýanwar, ýekşenbe

Biziň söweşimiz... gökdäki zalym ruhlara... garşydyr. Efes. 6:12

Dünýäniň täsirine garşy durmak üçin, onuň «güýçli ýaraglaryny», ýagny taglymatlaryny, filosofiýasyny we ahlaksyzlyk, çilim çekmek, arakkeşlik, neşekeşlik ýaly zyýanly endiklerini inkär etmeli. Hawa, biz hemişe ten höweslerine we lapykeçlige garşy göreşmeli (2 Kor. 10:3—6; Kol. 3:5—9). Eýsem, şeýle güýçli duşmanlary ýeňip bolýarmy? Hawa, ýöne munuň üçin göreşmeli. Pawlus gadymy döwürdäki boksçyny mysal getirip, özi hakda şeýle diýdi: «Howany ýumruklaýan ýaly, boş ýeri urmaýaryn» (1 Kor. 9:26). Boksçynyň garşydaşyna gaýtawul berşi ýaly, biz hem duşmanlarymyza gaýtawul bermeli. Ýehowa bize nädip göreşmelidigini öwredýär we goldaýar. Ol öz Sözi arkaly bize wajyp görkezmeleri berýär. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlar, ýygnak duşuşyklary we kongresler arkaly kömek edýär. Siz öwrenýän zatlaryňyzy durmuşda ulanýarmysyňyz? w16.09 2:2, 3

15-nji ýanwar, duşenbe

Hatda Mesih hem öz aladasyny etmedi. Rim. 15:3

Isa adamlara kömek etmek üçin, olaryň islegini özüniňkiden ileri tutýardy, şeýdip, ol Hudaýyň islegini berjaý edýärdi. Biziň hem egin-eşigimiz wagyz etjek adamlarymyzda nädogry pikir döretjek bolsa, özümize ýarasa-da, olary geýmeris (Rim. 15:2). Mesihçi ene-atalar çagalaryna Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýermäge kömek etmäge borçludyr. Munuň üçin olaryň özleri-de, çagalary-da salykatly egin-eşigi we daş keşbi bilen Hudaýy begendirmäge jan etmeli (Sül. tym. 22:6; 27:11). Ene-atalar gowy göreldesi, söýgüsi we peýdaly görkezmeleri bilen, mukaddes Hudaýa hormat goýmagy öwredip bilerler. Olar çagalaryna ýaraşykly egin-eşigi nireden we nädip tapyp bolýandygyny öwretseler nähili gowy bolardy! Şonda ene-atalar diňe çagalaryna ýaraýan zatlary alman, eýsem, Ýehowa Hudaýyň öňündäki hormatly borjuny ýerine ýetirip bilerler. w16.09 3:13, 14

16-njy ýanwar, sişenbe

Şägirt mugallymyndan ýokary däldir, ýöne her kese doly öwredilenden soň, ol mugallymy ýaly bolýandyr. Luka 6:40.

Isa adamlaryň ýüregine täsir edip öwredýärdi, sebäbi ol Ýehowany, onuň Sözüni we adamlary söýýärdi (Luka 24:32; Ýah. 7:46). Şeýle söýgi ene-atalara-da çagalarynyň ýüregine täsir etmäge kömek eder (Kan. tag. 6:5—8; Luka 6:45). Şol sebäpli ene-atalar, Mukaddes Ýazgylary we okuw geçilýän esbaplary gowy özleşdiriň. Ýaradylan zatlar hakda gyzyklanyň we edebiýatlarymyzdaky ýaradylyş baradaky makalalary öwreniň (Mat. 6:26, 28). Öz bilimiňizi we Ýehowa bolan minnetdarlygyňyzy artdyrsaňyz, çagalaryňyza tälim bermekde has-da ukyply bolarsyňyz. Siziň ýüregiňiz Mukaddes Ýazgylardaky hakykatdan doly bolsa, olary maşgala agzalaryňyza gürrüň bermek islärsiňiz. Muny diňe ýygnak duşuşyklaryna taýýarlananyňyzda ýa-da maşgala okuwynda däl-de, hemişe ediň. Ýöne şeýle söhbetdeşligi özüňe zor salyp etmeli däl, ol gündelik iş ýaly adaty zat bolmaly. w16.09 5:6, 7

17-nji ýanwar, çarşenbe

Olaryň çagalarynyň ýary aşdot dilinde gepläp, ýahuda dilinde gepläp bilmeýärdiler. Neh. 13:24

Eger-de biz daşary ýurt dilinde ýazylan Hudaýyň Sözüni okanymyzda düşünmesek, wagtyň geçmegi bilen, ruhy taýdan gowşarys. B. e. öň V asyrda Nehemýa Wawilondan dolanan ýehudylaryň çagalarynyň käbiriniň ýewreý dilini bilmeýändigini görüp, olara kömek edýär. Olar Hudaýyň Sözüne doly düşünmeýärdiler. Şol sebäpli olar hak Hudaýyň saýlan halkydygyny unutdylar (Neh. 8:2, 8). Daşary ýurt dilinde geçirilýän ýygnakda gulluk edýän mesihçileriň käbiri çagalarynyň ruhy zatlara bolan höwesiniň gaçandygyna göz ýetirdiler. Näme üçin? Biz edebiýatlarymyzy daşary ýurt dilinde okanymyzda, olar edil ene dilimizdäki ýaly ýüregimize täsir etmeýär. Şeýle-de biz daşary ýurt dilinde gowy gepläp bilmesek, pikirlenmek ukybymyz peseler we ruhy taýdan gowşarys. Şol sebäpli daşary ýurt dilinde geçirilýän ýygnakda gulluk etmek islesek, ruhy taýdan gowşamajakdygymyza göz ýetirmeli (Mat. 4:4). w16.10 2:4—6

18-nji ýanwar, penşenbe

Iman... görünmeýän zatlary ynandyryjy deliller bilen görüp bilmekdir. Ýew. 11:1, çykgyt

Iman—wajyp häsiýetleriň biri. Bu häsiýet ähli adamlarda bolmaýar (2 Sel. 3:2). Emma Ýehowa mukaddes ruhy arkaly gullukçylarynyň her birine «iman» häsiýetini berýär (Rim. 12:3; Gal. 5:22). Biz muňa minnetdar bolmaly. Isa Mesih gökdäki Atasynyň adamlary özüne ýakynlaşdyrmak üçin Ogluny ýer ýüzüne iberendigini aýtdy (Ýah. 6:44, 65). Isa iman eden her bir adamyň günäleri bagyşlanýar we Ýehowanyň ebedilik dosty bolmak hormatyna eýe bolýar (Rim. 6:23). Biz şeýle ajaýyp bereketi almak üçin näme etmeli? Biz günäli bolandygymyz sebäpli ölýäris (Zeb. 103:10). Emma Ýehowa biziň hemişe gowy tarapymyzy görýär. Ol merhemeti arkaly biziň hoş habary eşitmegimize mümkinçilik döretdi. Şol sebäpli biz ebedi ýaşaýşa ýol açan Isa iman edýäris (1 Ýah. 4:9, 10). w16.10 4:1, 2

19-njy ýanwar, anna

Ol (Pawlus) doganlara köp ruhlandyryjy sözleri aýtdy. Res. iş. 20:2

Pawlus ýazan hatlarynda imandaşlaryna köp öwgüli sözleri aýdýar. Ol käbirisi bilen birnäçe ýyl ýakyndan işleşendigi üçin, olaryň kemçiligini hem bilýärdi. Emma şonda-da olar hakda gowy zatlary aýdýar. Meselem, mesihçileriň ýürekden aladasyny edýändigi üçin Timoteos hakda «Halypamyzyň ýolunda söýgüli hem-de wepaly oglum» diýdi (1 Kor. 4:17; Flp. 2:19, 20). Korinfdäki ýygnaga ýazan hatynda bolsa Titusy öwüp: «Meniň ýoldaşym we size kömek etmekde meniň ýaly işdeş» diýdi (2 Kor. 8:23). Pawlusyň bu sözlerini eşidende, Timoteos bilen Titus, gör, nähili ruhlanandyr! Pawlus bilen Barnabas ençeme gezek janlaryny howp astyna saldylar. Meselem, olar ýaňy mesihçi bolan şägirtleri kyn ýagdaýlarda hem wepaly galmaga höweslendirmek üçin, hatda ejir çeken ýeri bolan Listra dolandylar (Res. iş. 14:19—22). Efesde Pawlus märekäniň ýowuz garşylygyna duş gelenden soň, şägirtleri ýanyna çagyryp, olary ruhlandyrdy (Res. iş. 20:1). w16.11 1:10, 11

20-nji ýanwar, şenbe

Aň-düşünjede we pikirlenmekde doly agzybir bolmagy ündeýärin. 1 Kor. 1:10

Ýehowa «ýygnagyň başy» Mesihiň ýolbaşçylygynda «wepaly we paýhasly hyzmatkär» arkaly guramasynyň ýer ýüzündäki bölegine görkezme berýär hem-de ony iýmitlendirýär (Mat. 24:45—47; Efes. 5:23). Bu hyzmatkär I asyrdaky ýolbaşçylyk maslahaty ýaly Hudaýyň ylhamlanan sözüne, ýagny habaryna eýerip, ony gymmat saýýar (1 Sel. 2:13). Mukaddes Ýazgylarda ýygnak duşuşyklaryna yzygider barmalydygy barada maslahat berilýär (Ýew. 10:24, 25). Bu bize öz aramyzda agzybir bolmaga ýardam edýär. Şeýle-de Patyşalygy durmuşymyzda birinji orunda goýmalydygy barada aýdylýar (Mat. 6:33). Öýden-öýe, köpçülik ýerlerinde, her mümkinçilikden peýdalanyp wagyz etmelidigimiz we munuň uly hormatdygy hem nygtalýar (Mat. 28:19, 20; Res. iş. 5:42; 17:17; 20:20). Ýygnak ýaşulularyna bolsa Hudaýyň guramasyny arassa saklamalydygy barada görkezme berilýär (1 Kor. 5:1—5, 13; 1 Tim. 5:19—21). Ýehowa guramasyna degişli bolan adamlaryň ählisinden beden we ruhy taýdan arassa bolmagy talap edýär (2 Kor. 7:1). w16.11 3:7, 8

21-nji ýanwar, ýekşenbe

Eý halkym... ol ýerden çykyň. Ylh. 18:4

Çarlz Teýz Rassel we onuň egindeşleri I Jahan urşy başlamazyndan birnäçe ýyl öň hristian dininiň Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty öwretmeýändigine düşündiler. Şol sebäpli olar ýalan din bilen hiç hili gatnaşyk etmezligi ýüregine düwdüler. «Sion garawul diňi» žurnalynyň 1879-njy ýylyň noýabr aýynda çykan sanynda olaryň garaýşy babatda şeýle diýilýär: «Özüni Mesih bilen adaglanan päk gyz hasaplaýan we şol sanda dünýäniň işlerini goldaýan islendik buthanany Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, bozuk aýal (Beýik Wawilon göz öňünde tutulýar) diýip yglan etmeli» (Ylh. 17:1, 2). Indi hudaýhon adamlar näme etmelidigini bilýärdiler. Hudaýyň berekedini almak üçin, olar ýalan dinleri goldamaly däldi. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlaryň köpüsi buthanadan çykmak üçin hat ýazýardy. w16.11 5:2, 3

22-nji ýanwar, duşenbe

Mukaddes ruhuň görkezmesine görä ýaşaýanlar ruha degişli zatlar barada pikirlenýärler. Rim. 8:5

Siz her ýyl Ýatlama agşamynda Rimliler 8:15—17-nji aýatlary okaýan bolsaňyz gerek. Bu aýatlar mesihçilere mesh edilendigini, ýagny mukaddes ruhuň olaryň «ýüreklerinde şaýatlyk edýändigini» bilmäge kömek edýär. Sekizinji bapda, esasan, mesh edilenler barada aýdylýar. Olar «bedeninden (teninden) azat bolup, ogullyga alynjak wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýanlar» hökmünde «mukaddes ruhy» alýarlar (Rim. 8:23). Hawa, olar gökde Hudaýyň ogullary bolarlar. Sebäbi suwa çümdürilensoň, Hudaý olaryň günälerini töleg gurbany arkaly bagyşlady we ruhy ogullary hökmünde kabul edip, dogry hasaplady (Rim. 3:23—26; 4:25; 8:30). Rimliler kitabynyň 8-nji baby ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän mesihçilere-de degişli diýse bolar. Sebäbi Hudaý olary-da dogry hasaplaýar. Olar hem şol bapdaky dogry adamlar üçin berlen maslahatdan peýda alyp bilerler. w16.12 2:1—3

23-nji ýanwar, sişenbe

Hiç haçan... alada etmäň. Mat. 6:34

Isanyň bu sözleri nämäni aňladýar? Ol Hudaýyň gullukçysynyň hiç haçan alada etmejekdigini aýtmady. Gaýtam, Isa şägirtlerine çendenaşa alada edip, kynçylyklary çözüp bolmaýandygyny düşündirjek boldy. Her günüň öz aladasy bardyr, şol sebäpli mesihçiler bolan ýa-da boljak zatlar hakda alada etmejek bolmaly. Köplenç mesihçiler ertirki günüň aladasyny edip, biynjalyk bolýarlar. Emma entek näbelli zadyň aladasyny etmesek gowy bolardy. Näme üçin? Köplenç biynjalyk bolýan zatlarymyz pikir edişimiz ýaly erbet bolmazlygy mümkin. Galyberse-de, biz ähli ýükümizi Hudaýyň üstüne atyp bilýäris, onuň bolsa çözüp bilmeýän kynçylygy ýokdur. Şol sebäpli biz Hudaýyň wepaly gullukçylaryny sylaglajakdygyna hem-de olara geçmişde bolan, häzir bolýan we gelejekde boljak zatlar bilen bagly aladalaryna döz gelmäge kömek etjekdigine ynamly bolup bileris. w16.12 3:13, 16

24-nji ýanwar, çarşenbe

Akyldarlyk bolsa pes göwünliler bilendir. Sül. tym. 11:2

Ysraýylyň patyşasy Şawul başda pespäl we hormatlanýan adamdy (1 Şam. 9:1, 2, 21; 10:20—24). Emma biraz wagtdan ol özdiýenli bolup, kellesine gelen zady edip başlaýar. Bir gezek Şamuwel pygamber Gilgala gelmeli wagtyndan gijä galanda, Şawul oňa garaşmak islemeýär. Piliştliler söweşe başlajak bolup durdy, ysraýyllylar hem gorkup, dagaşyp başlaýarlar. Şonda Şawul: «Men çaltrak bir zatlar etmesem bolmaýar» diýip, pikir eden bolmaly. Şeýdip, ol Şamuwel pygambere derek özi Hudaýa gurban getirýär. Onuň bu eden işi Ýehowa ýaramaýar (1 Şam. 13:5—9). Şamuwel pygamber Gilgala gelende, Şawula käýeýär. Şawul eden işini boýun almaýar, gaýtam, hiç hili günä etmändigini aýdyp, başgalary günäkärleýär we özüni aklap başlaýar (1 Şam. 13:10—14). Ol ýene-de ençeme günäleri edip, tagtyny elinden gidirýär, iň erbedi bolsa Ýehowanyň razylygyndan mahrum bolýar (1 Şam. 15:22, 23). Şawul başda pespäl adam bolsa-da, ömrüniň soňy erbetlik bilen gutarýar (1 Şam. 31:1—6). w17.01 3:1, 2

25-nji ýanwar, penşenbe

Dawut meniň göwnüme ýaraýan adamdyr. Res. iş. 13:22

Dawut bütin ömrüne Hudaýa wepaly ýaşady. Emma ol agyr günä hem edipdi, ýagny Batşeba bilen zyna etdi (2 Şam. 11:1—21). Dawut geçmişi yzyna dolap bilmejekdigine düşünýärdi. Ol eden işini egni bilen çekmeli boldy. Hatda ömrüniň ahyrynda-da onuň netijesini gördi (2 Şam. 12:10—12, 14). Muňa garamazdan, ol imanynyň gowşamagyna ýol bermedi. Dawut ýürekden toba etse, Ýehowanyň bagyşlajakdygyna we eden işiniň netijesini çekip-çydamaga güýç berjekdigine ynanýardy. Bikämildigimiz üçin biziň ählimiz günäli, şol sebäpli hatda agyr günä-de etmegimiz mümkin. Eden ýalňyşlarymyzyň ajy miwesini, belki-de, ömrümiziň ahyryna çenli datmaly bolarys (Gal. 6:7). Emma Hudaýyň Sözünde aýdylmagyna görä, toba etsek, hatda özümiz günäkär bolsak-da, Ýehowa bizi kyn günümizde goldar (Iş. 1:18, 19; Res. iş. 3:19). w17.01 1:10—12

26-njy ýanwar, anna

Günüň astynda edilýän işlere düşünip bolmaýar. Ynsan ony agtarjak bolup, näçe synanyşsa-da, tapmaz, hatda dana adam muny bilýändigini aýtsa-da, tapyp bilmez. Wag. 8:17

Pespällik bize näme etjegimizi bilmedik ýagdaýymyzda ýa-da özümize bagly bolmadyk ýagdaýlarda dogry karara gelmäge kömek eder. Aýdaly, biz uzak wagtly gulluk edýäris. Saglyk ýagdaýymyz ýaramazlaşsa näme ederis? Garry ene-atamyza seretmeli bolsak näme? Belki-de, «Garranymda aladamy kim ederkä?» diýip oýlanýandyrys. Şeýle ýagdaýda dyngysyz doga edip, edebiýatlarymyzy çuňňur özleşdirsek, dogry karara gelip bileris. Ýehowa doly bil baglasak, mümkinçiligimiziň çäklidigini diňe bir boýun alman, eýsem, şoňa görä hereket ederis. Galyberse-de, başgalar bilen maslahatlaşyp, Ýehowa doga edensoň, mukaddes ruhuň görkezmesine görä hereket etmäge jan etmeli (Wag. 11:4—6). Şonda Ýehowa dogamyza jogap berip, dogry karara gelmäge kömek eder (Sül. tym. 16:3, 9). w17.01 4:14

27-nji ýanwar, şenbe

Miwesinden iýmegin. Gel. çyk. 2:17

Adam ata bilen How ene näme etmelidigini özleri çözmelidi. Olar Ýehowa gulak asarmy ýa-da ýylana? Gynansak-da, olar Ýehowa gulak asmadylar (Gel. çyk. 3:6—13). Adam ata bilen How ene Ýehowa garşy pitne turzup, kämilligini ýitirdiler. Şeýle-de olar Ýehowadan daşlaşdylar, sebäbi onuň gözleri «pisligi görerden päkdir». Hawa, ol «ýamanlyga seredip bilýän däldir» (Hab. 1:13). Eger ol ýamanlyga sowuk-sala garan bolsa, onda gökdäki we ýerdäki ähli ýaradan zatlaryna howp abanardy. Galyberse-de, Ýehowa Adam ata bilen How enäniň etmişine göz ýuman bolsa, onuň ynamdar Hudaýdygyna şübhe dörärdi. Emma Ýehowa hemişe öz kada-kanunlaryna görä hereket edýär; olary hiç haçan bozmaýar (Zeb. 119:142). Adam ata bilen How enä erkinlik berilse-de, olaryň Hudaýyň kanunyny bozmaga haky ýokdy. Ýehowa garşy pitne turzandygy üçin, olar öldüler we topraga öwrüldiler (Gel. çyk. 3:19). w17.02 1:8, 10, 11

28-nji ýanwar, ýekşenbe

Adam diňe bir çörek bilen däl, eýsem, Ýehowanyň agzyndan çykýan her bir söz bilen hem ýaşamalydyr. Mat. 4:4

Isa gullugyny başlan wagtyndan Mukaddes Ýazgylaryň görkezmesine eýerýärdi. Ol hatda ölüminiň öň ýanynda-da özi hakdaky pygamberlik sözlerini aýdypdy (Mat. 27:46; Luka 23:46). Emma şol döwrüň dini ýolbaşçylary öz däp-dessurlaryna garşy gelse, Hudaýyň Sözündäki aýdylanlara eýermeýärdiler. Isa Ýehowanyň Işaýa pygamber arkaly olar barada aýdan sözlerini getirip, şeýle diýdi: «Bu adamlar maňa diňe dilinde sarpa goýýarlar, emma ýürekleri menden gaty uzaklaşdy. Olar maňa biderek ýere sežde edýärler, sebäbi ynsan tabşyryklaryny Hudaýyň taglymaty hökmünde öwredýärler» (Mat. 15:7—9). Isa diňe edýän işlerinde däl, eýsem, adamlara öwredende-de Hudaýyň Sözüne eýerýärdi. Dini ýolbaşçylar ony synajak bolanlarynda, ol öz akyldarlygyna ýa-da çäksiz tejribesine bil baglamady. Gaýtam, Hudaýyň ygtybarly Sözüne salgylandy (Mat. 22:33—40). w17.02 3:18, 19

29-njy ýanwar, duşenbe

Ähli adamlara hormat goýuň... patyşany sylaň. 1 Pet. 2:17

Biz, Ýehowanyň Şaýatlary hökümet işgärlerine hormat goýmaly. Elbetde, her ýurduň öz talap edýän zatlary bar. Döwlet işgärleri borjuny berjaý edenlerinde, olar bilen işleşmek aňsat bolýar. Biz olara hormat goýanymyzda, Hudaýyň bellän çäginden çykmaýarys. Elbetde, biz bitaraplygymyzy bozup, Hudaýy gynandyryp bilmeris (1 Pet. 2:13—16). Geçmişde Ýehowanyň gullukçylary döwlet işgärlerine hormat goýmakda gowy görelde görkezdiler. Meselem, Rim imperiýasy adamlardan ilat ýazuwyndan geçmegi talap edende, Ýusup bilen Merýem oňa tabyn boldy. Merýem birinji çagasyna göwreli bolup, tizden dogurmaly bolsa-da, olar Beýtullahama gitdiler (Luka 2:1—5). Pawlusy aýyplanlarynda, ol Hirodes Agrippa patyşanyň we Ýahudanyň häkimi Festiň öňünde özüni gorap, örän sylaşykly gepledi (Res. iş. 25:1—12; 26:1—3). w17.03 1:9, 10

30-njy ýanwar, sişenbe

Bular bize, ýagny şu zamanyň ahyryna garaşýanlara duýduryş hökmünde ýazylandyr. 1 Kor. 10:11

Ysraýyllar kenganlylaryň erbet işlerine baş goşanda, Ýehowanyň merhemetinden we goragyndan mahrum boldular (Ser. 2:1—3, 11—15; Zeb. 106:40—43). Şol döwürde ýaşan hudaýhon maşgalalara Ýehowa wepaly bolmak nähili kyn bolandyr. Muňa garamazdan, Mukaddes Ýazgylarda Ýeftah, Elkana, Hanna hem-de Şamuwel ýaly Ýehowa wepaly bolup, Onuň razylygyny gazanan adamlaryň bolandygy aýdylýar (1 Şam. 1:20—28; 2:26). Bizem gadymy döwürde ýaşan kenganlylar ýaly ahlaksyzlyk, zorluk edýän we maddy zatlary ileri tutýan adamlaryň arasynda ýaşaýarys. Ýehowa ysraýyllylara duýduryşy ýaly, bize-de şeýle zatlardan gaça durmalydygymyzy aýdýar. Ysraýyllylaryň ýalňyşlyklaryndan nähili sapak edinip bileris? (1 Kor. 10:6—10). Biz kenganlylar ýaly pikir etmekden gaça durmaly (Rim. 12:2). Biz Hudaýa wepaly bolmak üçin tagalla edýärismi? w16.04 1:4—6

31-nji ýanwar, çarşenbe

Düşünjeli adam sagdyn maslahatlar alsyn. Sül. tym. 1:6

Wajyp karara geleniňizde, iň gowy maslahaty tapyp bolýan Mukaddes Ýazgylara ýüzlenmeli we doga edip, Ýehowadan görkezme soramaly. Ýehowa bize islegine görä dogry karara geler ýaly, gerekli häsiýetleri ösdürmäge kömek edýär. Şol sebäpli özüňize şeýle soraglary beriň: «Meniň geljek kararym Ýehowany söýýändigimi görkezermi? Maşgalama şatlyk we asudalyk getirermi? Meniň sabyrly we mähirli adamdygymy görkezermi?» Ýehowa özüni söýmäge we gulluk etmäge mejbur etmeýär. Ýehowa bizi erkin edip ýaratdy, ol biziň özümiziň karara gelmegimize ýol berýär we oňa gulluk etmegi saýlamak erkinligimize hormat goýýar (Ýeş. 24:15; Wag. 5:4). Emma karara gelenimizde, onuň görkezmesini göz öňünde tutmagymyzy isleýär. Ýehowa we onuň söýgi bilen berýän prinsiplerine bil baglasak, dogry kararlara gelip bileris hem-de ähli ýollarymyzda durnukly bolarys (Ýak. 1:5—8). w17.03 2:17, 18

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş