Bu broşýurany nädip ulanmaly?
Indiki sahypalarda her gün üçin aýat we oňa düşündiriliş berilýär. Gündeki aýady we oňa degişli maglumaty islendik wagty okap bolsa-da, köpler muny irden okamagy peýdaly hasaplaýarlar. Şonda olar okan pikirleri barada günüň dowamynda oýlanyp bilýärler. Şeýle-de gündeki aýat maşgala bolup ara alyp maslahatlaşylsa has peýdaly bolýar. Bütin dünýädäki Beýtel maşgalalary ertirlik edinmezden öň şeýle edýärler.
Aýatlar üçin berilýän düşündirişler 2016-njy ýylyň aprelinden 2017-nji ýylyň mart aýy aralygynda çykan «Garawul diňi» (w) žurnalyndan alyndy. «Garawul diňiniň» çykan sanyny görkezýän seneden soňky gelýän sanlar (1, 2, 3, 4 we 5) şol žurnaldan öwrenilen makalalaryň tertip sanyny görkezýär. Iki nokatdan soň abzaslaryň tertip sany berilýär. (Aşakda getirilen mysala serediň). Aýada degişli goşmaça maglumaty makalanyň özünden tapsa bolýar. Makalalaryň haýsy sahypalarda ýerleşýändigini bilmek üçin «Garawul diňi» žurnalynyň 1-nji ýa-da 2-nji sahypasyna serediň.