Ýanwar
1-nji ýanwar, sişenbe
Ýaman adamlar adalata düşünýän däldir. Sül. tym. 28:5
Dünýäniň ahyry golaýladygyça, «erbetler ot kimin gögerýär» (Zeb. 92:7). Bu bizi geň galdyrmaýar, sebäbi adamlar Hudaýyň ahlak kadalaryny äsgermezçilik edýärler. Şeýle kyn döwürde biz «düşünmekde çagalar ýaly bolmaň-da, erbet işleri etmekde çagalar ýaly boluň» diýen maslahata nädip eýerip bileris? (1 Kor. 14:20). Biz bu soragyň jogabyny şu günki aýadyň ikinji böleginden tapyp bileris. Onda: «Rebbi agtarýanlar (Hudaýyň halaýan) ähli zadyna düşünýändir» diýilýär. Süleýmanyň tymsallary 2:7, 9-njy aýatlarda hem şuňa meňzeş pikire duş gelse bolýar. Onda: «(Ýehowa) gönüler üçin sagdyn maslahat saklaýandyr» diýilýär. «Gönüler», ýagny dogry adamlar «haka we adalata, hawa, her bir gowy ýola... düşünýärler». Nuh, Danyýel we Eýýup pygamber Hudaýa mahsus akyldarlygy edindiler (Ezek. 14:14). Hudaýyň häzirki gullukçylary hem akyldar bolmaga jan edýärler. Siz hem Ýehowanyň göwnünden turmak üçin «ähli zada düşünmäge jan edýärsiňizmi»? Munuň üçin ol hakda dogry bilim almaly. w18.02 sah. 8, abz. 1—3
2-nji ýanwar, çarşenbe
Olar... Halypamyz Isanyň ady bilen suwa çümdürildiler. Res. iş. 19:5
Ene-atalar, okuw geçirýän adam ýa-da ýygnakdaky dogan-uýalaryň biri gyzyklanýan adamy suwa çümdürilmäge mejbur etmeli däl. Sebäbi Ýehowa-da hiç kimi mejbur etmeýär (1 Ýah. 4:8). Gaýtam, biz okuw geçýänlerimize Hudaý bilen dostlukly gatnaşygyny berkitmegiň wajypdygyny düşündirmeli. Okuw geçýän adamyň hakykata bolan minnetdarlygy we Mesihiň boýuntyrygyny almak islegi ony suwa çümdürilmäge höweslendirmeli (2 Kor. 5:14, 15). Suwa çümdürilmek üçin belli bir ýaşda bolmak hökman däl. Ruhy taýdan hemmeler birmeňzeş ösmeýär. Suwa çümdürilmek — adamyň durmuşynda iň şatlykly gün. Ýöne ol şol güni wajyp zatlar hakynda hem çuňňur oýlanmaly. Sebäbi özüňi Hudaýa bagyş edendigiňe görä ýaşamak üçin köp tagalla etmeli bolýar. Şonuň üçinem Isa şägirt bolmaklygy boýuntyryk bilen deňeşdirdi. Isanyň şägirtleri «özleri üçin däl-de, olaryň ugrunda ölen we direlen üçin ýaşamaly» (2 Kor. 5:15; Mat. 16:24). w18.03 sah. 6, 7, abz. 14—17.
3-nji ýanwar, penşenbe
Myhmansöýer bolmagy unutmaň, sebäbi käbirleri özleri-de bilmän perişdeleri myhman aldylar. Ýew. 13:2
Size myhmansöýer bolmak kyn düşýärmi? Eger şeýle bolsa, siz dost-ýarlaryňyz bilen wagtyňyzy hoş geçirmek we dostlugyňyzy berkitmek mümkinçiligini elden gidirýärsiňiz. Myhmansöýerlik ýekesiremekligi ýeňmegiň iň gowy usullarynyň biridir. Ýöne siz käbirlerine myhmansöýer bolmagyň näme üçin kyn düşýändigini bilseňiz, geň galsaňyz gerek. Munuň birnäçe sebäpleri bar. Bir sebäbi, Ýehowanyň gullukçylary örän işli bolýar we köp jogapkärli işleri ýerine ýetirýär. Şonuň üçin käbirler myhmansöýerlik bildirermäge wagtynyň we güýjüniň ýokdugyny aýdýar. Eger sizem şeýle pikir edýän bolsaňyz, onda gün tertibiňizi barlasaňyz gowy bolar. Eýsem, myhmansöýerlik bildirmäge wagtyňyz we güýjüňiz bolar ýaly, siz käbir özgerişleri edip bilersiňizmi? Injilde: «Myhmansöýer bolmagy unutmaň» diýip maslahat berilýär. Oňa sarp eden wagtyňyz biderek bolmaz, gaýtam, ýagşy işleri etdigiňiz bolar. Belki-de, munuň üçin käbir wajyp däl işleriňizden geçmeli bolarsyňyz. w18.03 sah. 16, abz. 13, 14
4-nji ýanwar, anna
Men Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary başga şäherlere-de yglan etmeli, sebäbi men şonuň üçin iberildim. Luka 4:43
Ruhy taýdan ýetişen adamlaryň içinde iň ajaýyp göreldäni kim galdyrdy? Elbetde, Isa. OI ýer ýüzünde ýaşanda we gulluk edende, Atasy Ýehowanyň göreldesine eýermek isleýändigini aýdyň görkezdi. Muny onuň pikirlenişinden, duýgusyndan we eden işlerinden görse bolýar. Ol Hudaýyň islegine we kadalaryna laýyk ýaşaýardy (Ýah. 8:29; 14:9; 15:10). Meselem, Işaýa pygamberiň kitabyndaky Ýehowanyň halkyna görkezen duýgudaşlygy bilen Markusyň Hoş habarynda beýan edilýän Isanyň duýgularyny deňeşdirip görüň (Iş. 63:9; Mark. 6:34). Bizem kömege mätäç adamlary görenimizde, Isa ýaly duýgudaşlyk bilen olaryň aladasyny ederismi? Şeýle-de Isa özüni hoş habary wagyz etmek we adamlara tälim bermek işine bagyş etdi. Elbetde, şeýle häsiýetler we hereketler adamyň ruhy taýdan ýetişendigini görkezýär. w18.02 sah. 21, abz. 12
5-nji ýanwar, şenbe
Çagalaryňyzy... Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi bilen ulaldyň. Efes. 6:4
Çaga terbiýelemek esasan-da, şu günler uly jogapkärçilik (2 Tim. 3:1—5). Çagalar ýagşy we ýamany saýgarmak ukyby bilen däl-de, ynsap bilen dogulýarlar. Emma ony terbiýelemeli (Rim. 2:14, 15). Mukaddes Ýazgylar baradaky bir sözlüge görä, «terbiýelemek» diýip terjime edilen grek sözi «çagany ösdürip-ýetişdirmek» diýmegi aňladýar. Söýgi bilen terbiýe berlen çagalar köplenç özlerini howpsuz duýýarlar. Olar erkinliginiň çäklidigini, gelen kararynyň we eden işiniň gowy ýa-da erbet netije berjekdigini bilýärler. Şol sebäpli-de mesihçi ene-atalara Ýehowadan görkezme agtarmak örän wajyp. Terbiýe babatda her medeniýetiň özüne mahsus usullarynyň bardygyny we munuň nesilden-nesle üýtgeýändigini unutmaň. Hudaýa gulak asýan ene-ata çagasyny terbiýelemek babatda edýän tagallasy biderek bolar öýtmeýär we öz tejribesine ýa-da pikirine bil baglamaýar. w18.03 sah. 30, abz. 8, 9
6-njy ýanwar, ýekşenbe
Gorky we titreme bilen halas bolmak üçin tagalla ediň. Flp. 2:12
Suwa çümdürilen ýaş mesihçiniň Ýehowa bilen dostlugy ene-atasyna bagly bolmaýar. Siz ene-ataňyz bilen ýaşasaňyz-da, halas bolmak üçin öz gutulyşyňyzy özüňiz gazanmalysyňyz. Näme üçin muny unutmaly däl? Sebäbi siz her hili duýgular we garşylyklar bilen göreşmeli bolansyňyz. 18 ýaşly uýamyz şeýle diýýär: «Adatça, Ýehowanyň Şaýady çaga-da bolsa, doglan gün mynasybetli hödür edilen tortdan arkaýyn ýüz öwrüp bilýär. Ýöne ulaldygyňça, ahlaksyz tekliplere garşy göreşmek kyn bolýar. Şonuň üçin Ýehowanyň kanunlaryna gulak asmagyň hemişe peýda getirýändigine ynamyňy berkidip durmaly». Elbetde, kynçylyklara diňe ýaşlar uçramaýar. Hatda uly ýaşly mesihçilerde-de garaşylmadyk synaglar bolýar. Meselem, olar maşgala gurmak, saglyk ýagdaýy ýa-da iş bilen bagly kynçylyklara uçrap biler. Ýaş ýa-da gartaşandygyna garamazdan, her bir mesihçi iru-giç Ýehowa wepaly galmagy talap edýän ýagdaýlara uçrar (Ýak. 1:12—14). w17.12 sah. 24, abz. 4, 5
7-nji ýanwar, duşenbe
Gaharlansaňyz-da, günä etmäň. Efes. 4:26
Käbir adamlar Dawuda erbet daraşýardylar. Muňa garamazdan, Hudaýyň dosty Dawut kynçylykda ruhdan düşmedi. Gaýtam, ol: «Gahardan saklan, gazaby taşla; ýamanlyk etmek üçin asla özüňi ýakma» diýip ýazdy (Zeb. 37:8). Gaharyňy «saklamak» üçin «günälerimize laýyk iş etmeýän» Ýehowadan görelde almaly (Zeb. 103:10). Emma «gahardan saklanmagyň» başga-da peýdaly taraplary bar. Adam gaharlananda, gan basyşy ýokary galyp, dem almasy kynlaşýar. Bu bolsa bagra we aşgazan asty mäze erbet täsir edip, iýmit siňdiriş organynyň kadaly işlemegine päsgel berýär. Mundan başga-da ol hemişe aýdyň pikirlenip bilmeýär. Köplenç adamyň gahary uzak wagt dowam edýän göwnüçökgünlige eltýär. Emma Mukaddes Ýazgylarda: «Asuda ýürek bedene ýaşaýyşdyr» diýilýär (Sül. tym. 14:30). Onda biz duýgularymyza erk edip, doganymyzy nädip gazanyp bileris? Munuň üçin Mukaddes Ýazgylardaky paýhasly maslahata eýermeli. w18.01 sah. 10, abz. 14, 15
8-nji ýanwar, sişenbe
Sen janymy ölüler diýarynda goýmarsyň; Öz Mukaddesiň çüýremegine razy bolmarsyň. Zeb. 16:10
Dawut ölümi datmajakdygyny ýa-da ölüler diýaryna düşmejekdigini hiç haçan aýtmandy. Hudaýyň Sözünde onuň garrap, dünýäden ötendigi barada şeýle diýilýär: «Dawut ata-babalaryna gowuşdy. Ony Dawut galasynda jaýladylar» (1 Pat. 2:1, 10). Onda Zebur 16:10-daky sözler kime degişli? Isanyň direlenine birnäçe hepde geçensoň, Petrus müňlerçe ýehudylara hem-de ýehudy dinine geçen adamlara Zebur 16:10-daky sözleriň manysyny düşündirdi (Res. iş. 2:29—32). Ol Dawudyň aradan çykyp, jaýlanandygyny agzady; Petrusy diňleýän adamlar hem muny bilýärdi. Ol märekä ýüzlenip: «Dawut Mesihiň direljekdigini bilýärdi» diýdi we onuň sözlerini hiç kim inkär edip bilmedi. Petrus sözüni tassyklamak üçin Dawudyň Zebur 110:1-däki sözlerine salgylandy (Res. iş. 2:33—36). Onuň wagyz edişi märekä Isanyň «Ýolbaşçy we Mesihdigine» ynanmaga kömek etdi. Olar Isa ölümden direlende, Zebur 16:10-daky sözleriň ýerine ýetendigine düşündiler. w17.12 sah. 10, abz. 10—12
9-njy ýanwar, çarşenbe
Ähli zat sanalyp, ölçelip, ählisiniň jemi agramy ýazylyp alyndy. Ezra 8:34
Ýolbaşçylyk maslahaty doga edip, berilýän pul sadakalary ulanmak meselesinde wepaly hem paýhasly hereket etmäge jan edýär (Mat. 24:45). Berilýän pul sadakalary ýörite bellenen jogapkär doganlaryň gözegçiliginde ýerlikli harçlanýar (Luka 14:28). Pawlus resul hem Ýahudadaky mesihçileri goldamak üçin pul sadakalaryny ýygnapdy. Ol berlen sadakalaryň «diňe bir Ýehowanyň öňünde däl, eýsem, adamlaryň öňünde hem ähli zatda dogry» harçlanmagynyň aladasyny etdi (2 Kor. 8:18—21). Ezra bilen Pawlusyň göreldesine eýerip, şu günler hem guramamyz berilýän pul sadakalaryny ulanmak meselesine örän çynlakaý garaýar (Ezra 8:24—33). Ýyllaryň dowamynda guramamyzda ençeme täze özgerişlikler boldy. Guramamyz jomartlyk bilen berilýän sadakalary dogry ulanyp biler ýaly, çykdajylary azaltmak hem-de işiň aňsat usulyny tapmak üçin tagalla edýär. w18.01 sah. 19, 20, abz. 12, 13
10-njy ýanwar, penşenbe
Goý, ýürekleriňizde Mesihiň parahatlygy höküm sürsün. Kol. 3:15
Söýgi we mähribanlyk häsiýeti bize biri-birimizi bagyşlamaga kömek edýär. Meselem, bir mesihçi sözi ýa-da hereketi bilen göwnümize degen bolsa, onda özümiziň hem kimdir biriniň göwnüne degen wagtymyzy ýadymyza saljak bolmaly. Dogan-uýalar ýalňyşymyzy bagyşlanda, biz olaryň söýgüsi we mähribanlygy üçin minnetdar bolmarysmy?! (Wag. 7:21, 22). Biz, esasan-da, agzybir sežde etmäge mümkinçilik döreden Mesihiň ýagşylygyny has-da gymmat saýýarys. Biz şol bir Hudaýy söýýäris, şol bir habary wagyz edýäris we şol bir kynçylyklara diýen ýaly uçraýarys. Mähriban bolsak we biri-birimizi ýürekden bagyşlasak, agzybirligiň bolmagyna hem-de ünsümizi ebedi ýaşaýyş sylagyna gönükdirmäge ýardam eder. Mukaddes Ýazgylardaky duýduryş hökmünde ýazylan wakalar bize göripligiň aljak sylagymyzdan mahrum edip bilýändigini ýatladýar. Meselem, Kabyl dogany Habyla göriplik edip, ony öldürdi. Kora, Datan, Abyram hem göriplikden ýaňa Musa garşy çykdylar. Şawul patyşa bolsa Dawudyň üstünliklerine göriplik edip, ony öldürjek boldy. w17.11 sah. 27, abz. 9, 10
11-nji ýanwar, anna
Yzarlap derňäň we gowy sorag-ideg ediň. Kan. tag. 13:14
Düzediş komitetiniň agzalary agyr günä eden mesihçiniň ýürekden toba edýändigini biljek bolmaly. Elbetde, adamyň ýürekden toba edýändigini görüp başarmak aňsat bolmaýar. Munuň üçin adamyň garaýşyna, özüni alyp barşyna we ýüreginde bolup geçýän zatlara üns bermeli (Ylh. 3:3). Günäkäre rehim ediler ýaly, ol ýürekden toba etmeli. Ýehowadan we Isadan tapawutlylykda, ýaşulular adamyň ýüregini görüp bilmeýär. Eger siz ýaşuly bolup gulluk edýän bolsaňyz, günäkäriň ýürekden toba edýändigini nädip anyklarsyňyz? Birinjiden, Ýehowadan akyldarlyk we düşgürlik diläp doga ediň (1 Pat. 3:9). Ikinjiden, Hudaýyň Sözüni we wepaly hyzmatkäriň edebiýatlaryny gowy özleşdiriň. Bu size günäkäriň «dünýä mahsus bolan gynanjy» bildirýändigine ýa-da «Hudaýyň islegine laýyk gynanýandygyna» göz ýetirmäge kömek eder (2 Kor. 7:10, 11). Mukaddes Ýazgylaryň toba edýän we toba etmeýän adamy nädip suratlandyrýandygyna üns beriň. Hudaýyň Sözünde olaryň duýgusy, garaýşy we özüni alyp barşy nädip beýan edilýär? w17.11 sah. 17, abz. 16, 17
12-nji ýanwar, şenbe
(Çagalar) ata-enesine gulak asmaýan... bolar. 2 Tim. 3:2
Köplenç gulak asmazlyk kitaplar, filmler, telegepleşikler arkaly täsir edip, esasanam, agzybirligi gowşadýar. Şeýle ýagdaýa öňem duş gelse bolýardy. Meselem, gadymy Gresiýada adam ene-atasyna el galdyrsa, ony halkyň arasyndan kowup çykarmalydy; rimlileriň kanunynda bolsa ataňa el galdyrmak, edil adam öldüren ýaly hasaplanýardy. Ýewreý we Grek ýazgylarynyň ikisinde-de çagalara ene-atasyna hormat goýmalydygy barada tabşyryk berilýär (Müs. çyk. 20:12; Efes. 6:1—3). Çagalar ene-atasynyň olar üçin eden zatlary hakda oýlansalar, giňden ýaýran gulak asmazlyk ruhunyň täsirine düşmekden özlerini gorap bilerler. Şeýle-de ählimiziň Atamyz bolan Hudaýyň gulak asmagymyzy talap edýändigine düşünsek, olara bolan minnetdarlygymyz artar. Ýaşlar ene-atasy hakda gowy zatlary aýdyp, deň-duşlaryna öz ene-atasy hakda gowy pikirde bolmaga kömek edip bilerler. w18.01 sah. 29, abz. 8, 9
13-nji ýanwar, ýekşenbe
Olaryň hersi ýelden buky, tupandan pena, gurak ýerde bulaklar, teşne ýurtdaky uly gaýanyň kölegesi deek bolar. Iş. 32:2
Agyr günä eden mesihçi kömek üçin ýaşululara ýüz tutmaly. Bu näme üçin wajyp? Birinjiden, Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, Ýehowa ýaşululary agyr günä eden adamyň işine seretmek üçin belledi (Ýak. 5:14—16). Ikinjiden, bu çäre toba eden günäkäre Hudaýyň penasynda galmaga we günäli ýoldan el çekmäge kömek edýär (Gal. 6:1; Ýew. 12:11). Üçünjiden, ýaşulular toba eden günäkäriň derdini ýeňletmäge we erbet duýgularyny ýeňmegi öwretmäge jogapkär. Ýehowa ýygnagyň ýaşulularyna «tupandan pena» hökmünde garaýar (Iş. 32:2). Dogrudanam, ýaşulular rehimdar Hudaýymyz Ýehowanyň sowgady! Hudaýyň gullukçylarynyň köpüsi kömek üçin ýaşululara ýüz tutanda, dynçlyk tapdylar. w17.11 sah. 10, abz. 8, 9
14-nji ýanwar, duşenbe
Temmi berlende... gynançly bolup görünýändir. Ýew. 12:11
Bize nähili agyr degse-de, gatnaşykdan kesilen dogan-garyndaşlarymyz bilen telefon, sms ýa-da hat ýazyp we beýleki aragatnaşyk ulgamlary arkaly gatnaşyk saklamakdan gaça durmaly. Ýöne umydyňyzy üzmäň. Söýgi «ähli zada», şol sanda Ýehowadan daşlaşan adamlaryň hem yzyna dolanjakdygyna «umyt baglaýar» (1 Kor. 13:7). Eger siz ýakynyňyzyň gowy tarapa özgerýändigine göz ýetirseňiz, olar üçin doga edip bilersiňiz. Şonda olar Ýazgylardaky teselli beriji sözlerden güýç alyp, Ýehowanyň: «Maňa dolan» diýen mähirli çakylygyna seslenip biler (Iş. 44:22). Isa ýakynlaryny özünden artyk söýen adamyň şägirdi bolup bilmejekdigini açyk aýdypdy. Emma ol şägirtleriniň maşgalada bolýan garşylyklara batyrgaýlyk bilen döz gelip, wepaly boljakdygyna ynanýardy. Eger Isanyň şägirdi bolandygyňyz üçin siziňem maşgalaňyzda «agzalalyk» döreýän bolsa, onda kynçylyklara döz gelip biler ýaly, Ýehowadan kömek soraň (Iş. 41:10, 13). Ýehowanyň hem-de Isanyň sizden razydygyny we wepalylygyňyz üçin hökman sylaglajakdygyny unutmaň. w17.10 sah. 16, abz. 19—21
15-nji ýanwar, sişenbe
Duýgudaşlygy... geýiň. Kol. 3:12
Biz Adam atanyň günäsi sebäpli adamlaryň ejir çekýändigini görenimizde-de, duýgudaşlyk bildirmäge çalyşýarys. Biz keselçiligiň we garrylygyň ýok ediljek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şonuň üçin Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegini dileýäris. Emma şoňa çenli mätäçlere kömek etmek üçin elimizde baryny edýäris. Bir ýazyjy ejesiniň garranda, Alsgeýmer keseline uçrandygy barada ýazýar. Bir gezek ejesi eşiklerini ýuwjak bolup durka, gapy kakylyp, ony yzygiderli ideýän iki sany Ýehowanyň Şaýady gelýär. Olar: «Kömek gerekmi?» diýip soranda, ol: «Birhilegem welin, ýöne kömeg-ä gerek» diýip jogap berýär. Uýalar onuň eşiklerini ýuwmaga kömek edip, soňra çaý başynda gürrüňdeş bolýarlar. Ogly muny görüp, örän minnetdar bolýar. Ol: «Ýehowanyň Şaýatlaryna telpek goýaýmaly, olar wagyz edýän zatlaryny iş ýüzünde görkezýärler» diýip ýazýar. Siz hem ýarawsyzlyk we garrylyk sebäpli ejir çekýän adamlara duýgudaşlyk bildirip kömek edýärsiňizmi? (Flp. 2:3, 4). w17.09 sah. 9, abz. 5; sah. 12, abz. 14
16-njy ýanwar, çarşenbe
Biz diňe bir sözde ýa-da dilde däl, eýsem, iş ýüzünde we ýürekden söýmelidiris. 1 Ýah. 3:18
Biz dogan-uýalara söýgimizi iş ýüzünde görkezenimizde, ony başgalara görünmek üçin däl-de, «gizlinlikde» etmek isleýäris (Mat. 6:1—4). Biz birek-birege öňürti hormat goýmaly (Rim. 12:10). Isa başgalara hormat goýmakda ajaýyp görelde galdyrdy. Ol muny hyzmatkärleriň etmeli işini edip görkezdi (Ýah. 13:3—5, 12—15). Biz hem başgalara hormat goýmak üçin pesgöwünlilik häsiýetini ösdürmäge jan etmeli. Hatda resullaram mukaddes ruhy alýançalar, Isanyň eden hereketine düşünmediler (Ýah. 13:7). Eger biz bilimimize, emlägimize, hormatly borçlarymyza has köp üns bersek, başgalara hormat goýmak kyn bolar (Rim. 12:3). Dogan-uýalary eden işi üçin öwenlerinde, şol işde biziň hem goşandymyz bolsa-da, göriplik etmän, gaýtam, olaryň şatlygyny deň paýlaşarys. w17.10 sah. 9, abz. 9, 10
17-nji ýanwar, penşenbe
Men bulary hoş habary başgalar bilen paýlaşyp biler ýaly, hoş habaryň hatyrasy üçin edýärin. 1 Kor. 9:23
Wagyzda Mukaddes Ýazgylardan okanymyzda, köp adamlara güýçli täsir edýär. Geliň, bir doganymyz bilen bolan waka seredeliň. Bir gezek ol köp ýyl bäri žurnallarymyzy okaýan gartaşan adamy gaýtadan ideg edýär. Ýöne bu gezek ol «Garawul diňi» žurnalynyň soňky sanyny diňe bir teklip etmän, onda getirilen aýatlaryň birini okamagy ýüregine düwýär. Doganymyz 2 Korinfliler 1:3, 4-nji aýatlardaky: «Rehimdarlar Atasy we bütin teselliler Hudaýy... bize ähli kynçylyklarymyzda teselli berýär» diýen sözleri okaýar. Bu sözler ýaňky adama şeýle güýçli täsir edýär welin, doganymyzdan ony ýene bir gezek okamagy haýyş edýär. Ol aýaly ikisiniň tesellä mätäçdigini aýdýar. Şondan soň ol Mukaddes Ýazgylar bilen gyzyklanýar. Bu waka Hudaýyň Sözüniň täsirlidigini görkezmeýärmi näme? (Res. iş. 19:20). w17.09 sah. 26, abz. 9, 10
18-nji ýanwar, anna
Sen onuň süýegine we tenine el degrip gör, şonda-da ol Saňa gargynmazmyka? Eýp. 2:5
Iblisiň turzan pitnesi sebäpli wepaly perişdeleriň arasynda nägilelik, gahar-gazap döräp, olar özlerini kemsidilen ýaly duýan bolmaly. Ýöne Ýehowa jedelli meseläni çözmäge howlukmady. Ol örän paýhasly we ýerlikli hereket etdi. Ýehowa gaharyny saklap, Şeýtanyň turzan pitnesini adalatly çözmek isledi (Müs. çyk. 34:6; Eýp. 2:2—6). Näme üçin? Sebäbi Ýehowa adamlaryň hiç biriniň «heläk bolman, hemmeleriň toba etmegini isleýär». Ine, şonuň üçinem ol wagt berdi (2 Pet. 3:9). Ýehowanyň göreldesi bize aýdýan sözlerimizi ölçerip, edýän işlerimize ünsli bolmagy öwredýär. Biz howlukmaç hereket etmeli däl. Wajyp mesele ýüze çykanda, paýhasly hereket edip biler ýaly oýlanmaly. Paýhasly sözleri aýtmak ýa-da dogry işleri etmek üçin doga etmeli (Zeb. 141:3). Gaty gaharyň gelende, özüňe erk etmek kyn bolýar. Biziň köpümiziň oýlanşyksyz sözleri aýdyp ýa-da hereket edip, soňra ökünendigimiz ýadymyza düşýändir (Sül. tym. 14:29; 15:28; 19:2). w17.09 sah. 4, abz. 6, 7
19-njy ýanwar, şenbe
Täji... Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwanyň başyna geýdir. Zak. 6:11
Täjiň baş ruhany Ýeşuwa geýdirilmegi onuň patyşa bolandygyny aňladýarmy? Ýok. Sebäbi ol Dawudyň neslinden däldi. Şonuň üçin patyşa bolmaga hiç hili hukugy ýokdy. Onuň başyna täç geýdirilmeginiň pygamberlik manysy bolup, gelejekki patyşany we baş ruhanyny suratlandyrýardy. Oňa «Şaha» ýa-da «Baldak» diýilýär. Pygamberliklere görä, bu Şahanyň Isa Mesihi aňladýandygy aýdyň görünýär (Iş. 11:1; Mat. 2:23, çykgyt). Patyşa we Baş ruhany hökmünde Isa Ýehowanyň gökdäki goşunyna ýolbaşçylyk edýär. Şol sebäpli ol duşmanlaryň üznüksiz garşylyklaryna garamazdan, Hudaýyň halkynyň howpsuzlygy barada ýürekden alada edýär (Ýer. 23:5, 6). Tizden Isa Hudaýyň hökümdarlygyny goldaýan we onuň halkynyň tarapyny tutýan adamlary goramak üçin söweşer (Ylh. 17:12—14; 19:11, 14, 15). Emma Hudaýyň hökümini amala aşyrmazdan öň, Isa ägirt uly işi berjaý etmeli. w17.10 sah. 29, abz. 12—14
20-nji ýanwar, ýekşenbe
Öňki häsiýetleriňizi işleri bilen birlikde egniňizden çykaryň. Kol. 3:9
Eger egin-eşigiňiz hapalanan, hatda ondan ýakymsyz ys gelýän bolsa näme ederdiňiz? Elbetde, ony egniňizden çaltrak çykarsaňyz gerek. Hudaýa ýaramaýan endiklerden dynmalydygy baradaky tabşyryga-da haýal etmän eýermeli. Biz Pawlus resulyň mesihçilere: «Ýöne indi gahar-gazap, erbetlik, hapa sözler sizden uzakda bolsun» diýen görkezmesine eýermek isleýäris. Pawlusyň agzan günäli höwesleriniň arasynda ahlaksyzlyk barada hem aýdylýar (Kol. 3:5—9). Asyl nusgadaky «ahlaksyzlyk» diýip terjime edilen söz ýanýoldaşyň bolmadyk adam bilen jynsy gatnaşyk etmegi aňladýar. Şeýle-de gomoseksuallar hem göz öňünde tutulýar. Pawlus resul mesihçilere «beden agzalaryndaky» höwesleri «öldürmegi», ýagny ahlaksyzlyga eltýän islendik höwesi ýok etmelidigini aýtdy. Pawlusyň sözleri erbet höwesleri aýyrmak üçin aýgytly göreş alyp barmalydygyny aýdyň görkezýär. Ýöne biz bu söweşde ýeňiş gazanyp bileris. w17.08 sah. 18, abz. 5, 6
21-nji ýanwar, duşenbe
Halasgär Hudaýyma sabyrly garaşaryn. Mika 7:7, TD
Biziň günlerimizi Mika pygamberiň döwrüne meňzetse bolýar. Ol zalym Ahaz patyşanyň, ýagny azgynlygyň ýaýran we adamlaryň «erbetlik etmäge ökdeleşen» döwründe ýaşapdy (Mika 7:1—3). Mika pygamber elinden hiç zadyň gelmeýändigine düşünýärdi. Eger bizem Mika pygamber ýaly iman etsek, Ýehowa höwes bilen garaşarys. Biz çykarylan hökümiň amala aşyrylmagyna garaşýan tussaga meňzemeýäris. Ol nalaç garaşmaly bolýar we hökümiň ýerine ýetirilmegini asla islemeýär. Emma biz ondan tapawutlylykda, Ýehowa höwes bilen garaşýarys. Sebäbi onuň beren wadasyny öz wagtynda amala aşyryp, ebedi ýaşaýyş bilen sylaglajakdygyna ynanýarys. Bu bizi «sabyrly bolup, şatlyk bilen ähli zada döz gelmäge» höweslendirýär (Kol. 1:11, 12). Eger biz Ýehowa gijikýändir öýdüp, närazylyk bildirsek we igensek, onuň göwnünden turup bilmeris (Kol. 3:12). w17.08 sah. 4, abz. 6, 7
22-nji ýanwar, sişenbe
Ýehowa pespälleri goldaýar. Zeb. 147:6, TD
Ýehowa bizi goldar ýaly näme edip bileris? Onuň bilen dostlugymyzy berkitmeli we pespälligi ösdürmeli (Sef. 2:3). Pespäl adamlar erbetligi we onuň getiren zyýanyny özleri däl-de, Hudaýyň düzetmegine garaşýarlar. Şeýle adamlar Ýehowanyň razylygyny gazanýarlar. Hudaý «erbetleri bolsa ýere çalýandyr» (Zeb. 147:6b). Nähili güýçli aýdylan sözler! Ýehowanyň gahar-gazabyna sezewar bolman, gaýtam, merhemetine mynasyp bolar ýaly, Onuň ýigrenýän zatlaryny ýigrenmeli (Zeb. 97:10). Meselem, biz ahlaksyzlykdan gaça durmaly. Munuň üçin erbet işlere we şol sanda pornografiýa görmäge iterýän islendik zatdan daşda durmaly (Zeb. 119:37; Mat. 5:28). Elbetde, muny etmek aňsat däl. Ýöne Ýehowanyň berýän berekedi edýän islendik tagallamyza degýär. Şeýle göreşi alyp barmak üçin özümize däl-de, Ýehowa bil baglamaly. Biz Ýehowadan kömek diläp, oňa ýakynlaşmaly. w17.07 sah. 19, 20, abz. 11—13
23-nji ýanwar, çarşenbe
Garyba haýpy gelýän Hudaýa karz berýändir. Sül. tym. 19:17
Biz başga dogan-uýalary Hudaýa gulluk etmekleri üçin maddy zatlarymyz bilen goldanymyzda, «paýhasly hereket» ederis. Käbir dogan-uýalarda puly bolsa-da, uzak wagtly ýa-da wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk edip bilmeýändigi üçin wagyz işini goldap bilýändiklerine begenýärler. Olaryň berýän pul sadakalary garyp ýurtda ýaşaýan, hakykaty bilmek isleýän adamlary edebiýatlar bilen üpjün etmäge we wagyz işini goldamaga kömek edýär. Meselem, Kongoda, Madagaskarda we Ruandada ýaşaýan doganlara maşgala agzalaryny eklemek aňsat düşmeýärdi. Olar Mukaddes Ýazgylary satyn almak üçin bir hepdelik ýa-da bir aýlyk iş hakyndan geçmeli bolýardylar. Şol sebäpli köpleriň berýän pul sadakalary arkaly «deňlik bolar» ýaly, Ýehowanyň guramasy olaryň maşgala agzalaryny we okuw geçýän adamlaryny Mukaddes Ýazgylar bilen üpjün etdi (2 Kor. 8:13—15). w17.07 sah. 9, abz. 11
24-nji ýanwar, penşenbe
Oglum, men özüme gyjalat berýäne bir söz gaýtarar ýaly, akyldar bol-da, ýüregimi şatlandyr. Sül. tym. 27:11
Hudaýyň wepalylygymyzy gymmat saýýandygy barada oýlanmak näme üçin teselli berýär? Biziň görýän görgülerimiz biderek däldir. Synaglarda wepaly galmak bilen, biz diňe bir Ýehowany razy etmän, eýsem, Onuň hökümdarlygyny goldaýandygymyzy görkezýäris. Biziň çydamlylygymyz «Hudaýy razy edip», umydymyzy berk saklamaga kömek edýär (Rim. 5:3—5). Eýýup bilen bolan waka «Ýehowanyň mähirli we rehimdar» Hudaýdygyny görkezýär (Ýak. 5:11). Onuň bizi we hökümdarlygynyň tarapyny tutýan ähli adamlary sylaglajakdygyna ynamly bolup bileris. Bu bize «sabyrly bolup, şatlyk bilen ähli zada döz gelmäge» kömek edýär (Kol. 1:11). Ünsümizi elmydama Ýehowanyň hökümdarlygyna gönükdirmek kyn bolmagy mümkin. Şol sebäpli kynçylyklara uçranymyzda, Hudaýyň hökümdarlygynyň aklanmagynyň wajypdygyny özümize ýatladyp dursak gowy bolar. w17.06 sah. 26, abz. 15, 16
25-nji ýanwar, anna
Özüňizi her hili açgözlükden goraň. Luka 12:15
Şu günler köp adamlaryň bar arzuwy soňky çykan egin-eşikleri, elektron enjamlaryny edinmek. Şol sebäpli mesihçiler özüni barlamak üçin şeýle soraglary bermeli: «Men maddy zatlary wajyp hasaplaýarynmy? Meselem, ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanmagyň deregine, bar wagtymy täze çykan ulaglary we döwrebap egin-eşikleri edinmegiň arzuwyny edip, olar hakda maglumat ýygnap geçirýärinmi? Gündelik işler bilen başagaý bolup, doga etmäge we Mukaddes Ýazgylary okamaga az wagt sarp edýärinmi?» Eger maddy zatlar Mesihe bolan söýgimiziň ornuny eýelän bolsa, onda şu günki aýatdaky Isanyň sözleri barada oýlanmaly. Isa: «Hiç kim iki hojaýynyň guly bolup bilmez... Siz hem Hudaýyň, hem baýlygyň guly bolup bilmersiňiz» diýdi. Sebäbi olaryň ikisem özüne doly wepaly bolmaklygy talap edýär (Mat. 6:24). Biz bikämil bolanymyz üçin «ten höweslerine», şol sanda baýamak islegine garşy göreşmeli (Efes. 2:3). w17.05 sah. 25, 26, abz. 15, 16
26-njy ýanwar, şenbe
Men bulary hoş habary başgalar bilen paýlaşyp biler ýaly, hoş habaryň hatyrasy üçin edýärin. 1 Kor. 9:23
Biz toýundan ýasalan bikämil gap bolsak-da, aýdýan habarymyz özümize we ony diňleýän adamlara ebedi ýaşaýşa gowuşmaga mümkinçilik berýär. Wagyz işine bolan söýgüsi Pawlus resuly şägirt taýýarlamak işine yhlasly gatnaşmaga höweslendirdi (Rim. 1:14, 15; 2 Tim. 4:2). Şeýle-de ýowuz yzarlamalara döz gelmäge kömek etdi (1 Sel. 2:2). Biz wagyz etmegi gowy görýändigimizi nädip görkezip bileris? Pawlus resul adamlara wagyz etmäge hemişe mümkinçilik gözläp, ony gymmat saýýandygyny görkezdi. Bizem onuň we I asyrdaky mesihçileriň göreldesine eýerip, gutulyş habaryny her bir mümkinçilikden peýdalanyp gürrüň berýäris, öýden-öýe hem-de köpçülik ýerlerinde wagyz edýäris (Res. iş. 5:42; 20:20). Mümkinçilik dörände bolsa köpräk wagyz etmäge çalyşýarys. Meselem, kömekçi pioner ýa-da pioner bolup gulluk edýäris. Şeýle-de daşary ýurtly adamlara ýa-da başga ýurtda wagyz etmek üçin dil öwrenýäris (Res. iş. 16:9, 10). w17.06 sah. 10, 11, abz. 8, 9
27-nji ýanwar, ýekşenbe
Daglaryň we adalaryň hemmesi ýerinden aýryldy. Ylh. 6:14
Şu dünýäde erbet işleriň köpüsini adamlar däl-de, guramalar edýär. Dini guramalar Hudaý, Mukaddes Ýazgylaryň ynama mynasyp kitapdygy, ýer ýüzi, adamzadyň gelejegi barada we başga-da köp ýalan zatlary ýaýradyp, millionlarça adamlary aldaýarlar. Ýa-da uruşlara, tire-taýpa dawalaryna iterýän hökümetler hakda oýlanyp görüň! Şeýle-de parahorlygyň giňden ýaýrandygy sebäpli garyp we ejiz adamlar kösenýär. Açgöz kärhanalar bolsa howany zäherleýär we tebigy baýlyklary gereginden artyk alýarlar. Olar adamlaryň sadalygyndan peýdalanyp, özlerine ummasyz baýlyk edinýär. Netijede, millionlarça adamlar açlykdan ejir çekýär. Hudaýyň Sözünde ähli hökümetleriň we olara bagly guramalaryň bütinleý ýok ediljekdigi barada pygamberlik edildi. Agyr muşakgadyň soňky tapgyrynda Hudaýyň Patyşalygyna garşy çykýan ähli hökümetler we ony goldaýan adamlar ýok ediler (Ýer. 25:31—33). w17.04 sah. 11, abz. 7, 8
28-nji ýanwar, duşenbe
Men belany Ahabyň başyna onuň günlerinde getirmerin. 1 Pat. 21:29
«Ýürekleri barlaýan» Ýehowa Ahaba çäksiz rehimdarlyk bildirýär (Sül. tym. 17:3). Ahaba çykarylan hökümiň ýatyrylmagy onuň eden jenaýaty barada bilýän adamlara nähili täsir etdikä? Bu ýagdaý sebäpli Nabotyň dogan-garyndaşlarynyň we dost-ýarlarynyň imany synalan bolmaly. Olara Ýehowanyň adalatsyzlyk etmeýändigine doly ynanyp, Oňa wepaly gullugyny dowam etmek üçin kiçigöwünlilik gerekdi (Kan. tag. 32:3, 4). Nabot, onuň ogullary we dogan-garyndaşlary gelejekde dogry adamlar bilen bile direlende, Ýehowanyň adalatyny kämil derejede bildirýändigini görerler (Eýp. 14:14, 15; Ýah. 5:28, 29). Galyberse-de, kiçigöwünli adam hak Hudaýyň «her bir işi, gizlin bolan her işi — isle ýagşy bolsun, isle ýaman» höküm etjekdigine düşünýär (Wag. 12:14). Ýehowa höküm çykaranda, biziň bilmeýän zatlarymyzy hem göz öňünde tutýar. Görşümiz ýaly, kiçigöwünlilik günäkär bolmadyk adamlaryň imanyny goraýar. w17.04 sah. 24, abz. 8, 9
29-njy ýanwar, sişenbe
Hak dost elmydama söýýändir. Sül. tym. 17:17, TD
Dünýäniň ýagdaýy üýtgäp durýandyegy üçin, dogan-uýalaryň köpüsi gaçgak boldular. Şeýle ýagdaýlara döz gelmek aňsat däl. Meselem, täze dili öwrenmek, ýurduň kanunyna öwrenişmek, özüňi alyp barmak, salgyt, töleg tölemek, mekdebe gatnamak, çagalara terbiýe bermek ýaly zatlar bilen bagly kynçylyklar bolup biler. Siz şeýle kynçylyklara uçran dogan-uýalaryň mertebesini peseltmän, sabyrly bolup kömek edermisiňiz? (Flp. 2:3, 4). Hökümet ýolbaşçylary käte şol doganlara ýerli dogan-uýalar bilen gatnaşyk etmäge päsgelçilik döredýärler. Eger olar ýygnaga barmaga päsgel berýändigi üçin hökümetiň teklip edýän işinden ýüz öwürseler, olara pul kömeginiň ýa-da ýaşamak üçin jaýyň berilmejekdigini aýdýarlar. Gynansak-da, käbir dogan-uýalar ejizläp we gorkudan ýaňa olaryň teklibini kabul etdiler. Şol sebäpli gaçgak doganlar gelen badyna, olardan derrew habar tutmaly. Olara aladasynyň edilýändigini duýmaga kömek edeliň! Biz duýgudaşlyk bildirsek we el kömegini bersek, olaryň imanyny berkideris (Sül. tym. 12:25). w17.05 sah. 5, abz. 9, 10
30-njy ýanwar, çarşenbe
Kanunsyzlygyň artýandygy sebäpli, köpleriň söýgüsi sowar. Mat. 24:12
Isa «dünýäniň soňuny görkezýän alamatlar» barada aýdanda, «köpleriň söýgüsi sowar» diýdi (Mat. 24:3). I asyrda ýaşan ýehudylar özlerini Hudaýyň halky hasaplasa-da, oňa bolan söýgüsi sowapdy. Emma mesihçileriň köpüsi «Mesih Isa hakda hoş habary wagyz edýärdiler» we Hudaýa, imandaşlaryna hem-de başga adamlara söýgüsini bildirýärdiler (Res. iş. 2:44—47; 5:42). Muňa garamazdan, şägirtleriň käbiri söýgüsiniň sowamagyna ýol berdiler. Direlen Isa Mesih Efesdäki mesihçilere: «Saňa garşy aýtjak bir zadym bar: seniň başdaky söýgiň sowapdyr» diýdi (Ylh. 2:4). Olaryň söýgüsiniň sowamagyna näme sebäp bolduka? Olara dünýäniň garaýşy täsir eden bolmaly (Efes. 2:2, 3). w17.05 sah. 17, abz. 1—3
31-nji ýanwar, penşenbe
Eger ant içen bolsaň, ony Ýehowanyň öňünde berjaý et. Mat. 5:33
Ysraýyl halkynyň serdary Ýeftah edermen ýolbaşçy we batyrgaý söweşijidi. Hanna bolsa adamsy Elkana tabyn bolup, öý-içerisi hakda alada edýän pesgöwünli aýaldy. Hudaýyň bu gullukçylarynyň arasynda nähili meňzeşlik bar? Olaryň ikisem Hudaýa beren wadasyny berjaý etdiler. Bu babatda olar bize gowy görelde galdyrdy. Mukaddes Ýazgylara görä, wada — Hudaýa söz bermegi aňladýar. Meselem, adam Hudaýa käbir işleri etmegi, nämedir bir zatlary bermegi, haýsydyr bir gullugy ýerine ýetirmegi ýa-da belli bir zatdan saklanmagy söz berýär. Ol muny meýletin edýär. Muňa garamazdan, onuň berýän sözüni Hudaý mukaddes we wajyp saýýar, sebäbi adam bir zady etmegi ýa-da etmezligi söz berende, ant içen ýaly hasaplanýar (Gel. çyk. 14:22, 23; Ýew. 6:16, 17). w17.04 sah. 3, abz. 1, 2