Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es19 sah. 17—26
  • Fewral

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Fewral
  • Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2019
  • Sözbaşylar
  • 1-nji fewral, anna
  • 2-nji fewral, şenbe
  • 3-nji fewral, ýekşenbe
  • 4-nji fewral, duşenbe
  • 5-nji fewral, sişenbe
  • 6-njy fewral, çarşenbe
  • 7-nji fewral, penşenbe
  • 8-nji fewral, anna
  • 9-njy fewral, şenbe
  • 10-njy fewral, ýekşenbe
  • 11-nji fewral, duşenbe
  • 12-nji fewral, sişenbe
  • 13-nji fewral, çarşenbe
  • 14-nji fewral, penşenbe
  • 15-nji fewral, anna
  • 16-njy fewral, şenbe
  • 17-nji fewral, ýekşenbe
  • 18-nji fewral, duşenbe
  • 19-njy fewral, sişenbe
  • 20-nji fewral, çarşenbe
  • 21-nji fewral, penşenbe
  • 22-nji fewral, anna
  • 23-nji fewral, şenbe
  • 24-nji fewral, ýekşenbe
  • 25-nji fewral, duşenbe
  • 26-njy fewral, sişenbe
  • 27-nji fewral, çarşenbe
  • 28-nji fewral, penşenbe
Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2019
es19 sah. 17—26

Fewral

1-nji fewral, anna

Nuh Hudaýyň tabşyran zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirdi. Ähli zady aýdylyşy ýaly etdi. Gel. çyk. 6:22, TD

Nuh pygamber öň hiç haçan gämi gurup görmändi. Şonuň üçin ol Ýehowanyň «buýran zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirip», oňa bil baglamalydy. Nuh pygamber maşgalabaşy borjuny hem gowy ýerine ýetirip bildi; ol Hudaýyň akyldarlygyna bil baglaýardy. Tupandan öňki zalym dünýäde kyn bolsa-da, çagalaryny gowy terbiýeledi we özi hem olara gowy görelde görkezdi (Gel. çyk. 6:5). Siz ene-ata hökmünde Hudaýyň «buýran zatlaryny» nädip ýerine ýetirip bilersiňiz? Munuň üçin Ýehowa gulak asmaly. Sözi we guramasy arkaly Hudaýa özüňizi ugrukdyrmaga ýol beriň. Ýöne ene-atalar näçe jan etseler-de, käbir çagalar Ýehowany terk edýär. Muňa garamazdan, çagalarynyň ýüregine hakykaty guýmak üçin elinde baryny eden ene-atalaryň ynsaby arassa diýsek bolar. Olar özdiýenli çagasynyň haçanam bolsa bir gün Ýehowanyň «öýüne» dolanjakdygyna umyt edip bilerler. w18.03 sah. 30, abz. 10, 11

2-nji fewral, şenbe

Birek-birege... myhmansöýer boluň. 1 Pet. 4:9

Mümkin, siz myhmansöýer bolmak isleýänsiňiz, ýöne özüňizi biraz oňaýsyz duýýansyňyz. Käbirleri gürrüňdeşligi goldap ýa-da gelen myhmanlaryň göwnüni göterip bilmerin öýdüp aladalanýar. Başgalary bolsa sada ýaşaýandygy üçin ýygnagyndaky dogan-uýalary hiç haçan myhmançylyga çagyryp bilmerin diýip pikir edýär. Emma öýüňiziň kaşaň däl-de, arassa, tertipli we wagtyňy gowy geçirmäge laýyk bolmagy has wajyp. Çendenaşa aladalanmalyň we dogan-uýalara söýgi bilen myhmansöýerlik bildireliň. Myhmanlar bilen ýürekden gyzyklanmagyň hemişe peýda berýändigini unutmaň (Flp. 2:4). Olaryň hersi durmuşynda bolan wakalary gürrüň berýärler. Şeýle oturylyşykda bizde-de gürrüň bermäge mümkinçilik bolýar. Bir ýygnak ýaşulusy şeýle diýýär: «Ýygnakdaky dogan-uýalary myhmançylyga çagyranymda, olaryň hakykata nädip gelendigini bilmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa maňa olary has gowy tanamaga we ýagdaýyna düşünmäge kömek edýär». Dogrudan-da, ýürekden gyzyklanmaklyk hemişe şatlyk berýär. w18.03 sah. 17, abz. 15—17

3-nji fewral, ýekşenbe

Indi bolsa eglenme. Tur-da, suwa çümdüril. Res. iş. 22:16

Mesihçi ene-atalar çagalaryna paýhasly karara gelmäge kömek edýärler. Suwa çümdürilmeklige sowuk-sala garamak ýa-da ony soňa goýmak ruhy taýdan howply bolup biler (Ýak. 4:17). Ýöne ene-atalar çagalary suwa çümdürilmezden öň, Mesihiň şägirdi bolmagyň jogapkärçilikdigine düşünýändiklerine göz ýetirmek isleýärler. Etrap gözegçileriniň käbiri hakykatda önüp-ösen ýetginjekleriň we ýaňy 20 ýaşlaryna ýeten ýaşlaryň henizem suwa çümdürilmändigini görüp, biynjalyk bolýarlar. Köplenç şeýle ýaşlar ýygnak duşuşyklaryna barýarlar we wagyz edýärler; özlerini Ýehowanyň Şaýady hasaplaýarlar. Emma durmuşyny Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilmekligi soňa goýýarlar. Näme üçin? Sebäbi kä halatda ene-atalar çagalaryny suwa çümdürilmäge höweslendirmeýärler. w18.03 sah. 8, abz. 1, 2

4-nji fewral, duşenbe

Mesih Isanyňky ýaly pikirde boluň. Rim. 15:5

Biz Isadan görelde almak üçin, onuň pikirlenişi ýaly pikirlenmeli we onuň häsiýetlerinden görelde almaly. Soňra onuň yzyna eýermeli. Isa bar ünsüni Hudaý bilen dostlukly gatnaşygyna gönükdirdi. Biz Isanyň göreldesine eýermäge näçe jan etsek, şonça-da Ýehowanyň häsiýetlerini görkezeris. Ine, şol sebäpli-de Isanyň pikirlenişi ýaly pikirlenmek örän wajyp. Munuň üçin biz näme edip bileris? Isanyň şägirtleri onuň görkezen gudratlaryny görüp, eden gürrüňlerini diňlediler; şeýle-de onuň dürli adamlar bilen özüni nähili alyp barandygyny we Hudaýyň prinsiplerine nädip eýerendigini gördüler (Res. iş. 10:39). Bizde şeýle mümkinçilik bolmasa-da, Ýehowa Matta, Markus, Luka we Ýahýanyň Hoş habary arkaly Isanyň nähili adam bolandygyny janlandyryp beýan edilmeginiň aladasyny etdi. Şeýdip, bize bolan söýgüsini görkezdi. Biz bu kitaplary okasak we oýlansak, Mesihiň pikirine düşünmäge kömek eder. Şonda biz Mesihiň «yzyna doly eýerip», «onuň pikir edişi ýaly pikirlenmegi» öwrenip bileris (1 Pet. 2:21; 4:1). w18.02 sah. 22, abz. 15, 16

5-nji fewral, sişenbe

Adam sözi eşidensoň iman edýändir. Rim. 10:17

Adamzat taryhynyň başynda Hudaýa iman edýän erkekdir aýallar ony, esasan, üç usul, ýagny ýaradan zatlaryna syn edip, hudaýhon adamlar bilen gürrüňdeş bolup we dogry kada-kanunlaryna hem-de prinsiplerine eýerip, alan bereketleri arkaly tanaýardylar (Iş. 48:18). Nuh pygamber hem Hudaýyň ýaradan zatlaryna syn edip, diňe bir Onuň bardygyna däl, eýsem, «güýjüne» we göze görünmeýän başga-da ençeme ajaýyp häsiýetlerine göz ýetirdi (Rim. 1:20). Netijede, Nuh pygamber Hudaýa ýöne bir ynanman, oňa bolan berk imany hem ösdürip bildi. Elbetde, Nuh pygambere dogan-garyndaşlary köp zatlary gürrüň berendir. Meselem, Adam atanyň döwründe ýaşan kakasy Lemek Ýehowa iman edýärdi. Nuhuň atasy Metuşalah we garry atasy Ýaret hem Ýehowa barada bilýärdi; Ýaret Nuh pygamber doglandan soň, onuň bilen 366 ýyl bile ýaşapdy (Luka 3:36, 37). Her näme-de bolsa, Nuhuň eşiden zatlary ýüregine täsir edip, ony Hudaýa gulluk etmäge höweslendirdi (Gel. çyk. 6:9). w18.02 sah. 9, abz. 4, 5

6-njy fewral, çarşenbe

Gün ýaşýança, gaharyňyz ýatsyn. Efes. 4:26

Imandaşymyz ýa-da maşgala agzalarymyz sözi ýa-da hereketi bilen göwnümize degse, erbet bolmagymyz mümkin. Aýdaly, biz düşünişmezligi ýatdan çykaryp bilmeýäris. Biz onuň ençeme ýyllap dowam etmegine ýol bererismi ýa-da Mukaddes Ýazgylardaky paýhasly maslahata eýerip, derrew çözeris? Biz dörän düşünişmezligi näçe uzaga çekdirsek, şonça-da doganymyz bilen parahatlygy saklamak kyn bolar. Onuň bilen parahatlygy dikeltmek üçin nähili ädimleri ädip bilersiňiz? Ilki bilen, Ýehowa gyzgyn doga ediň. Göwnüňize degen bilen düşünişmek üçin, Hudaýdan kömek soraň. Onuň hem «Ýehowanyň dostudygyny» unutmaň (Ýak. 2:23). Ýehowa dostlary bilen özüni mähirli alyp barýar we sizdenem şeýle zada garaşýar (Sül. tym. 15:23; Mat. 7:12; Kol. 4:6). Soňra aýtjak zatlaryňyz hakda oýlanyň. Bilgeşleýin siziň göwnüňize degendir diýip pikir etmäň. Dörän ýagdaýa azda-kände özüňiziňem günäkärdigiňizi boýun alyň. w18.01 sah. 10, abz. 15, 16

7-nji fewral, penşenbe

Meniň sizi söýşüm ýaly, siz hem bir-biriňizi söýüň. Ýah. 13:34

Şu günler söýgüsiniň sowamagyna ýol beren adamlardan tapawutlylykda, Ýehowa sežde edýänler imandaşlaryny ýürekden söýýärler. Bu hemişe-de şeýledi. Isa Musanyň kanunyna görä, ýakynyňa bolan söýginiň Hudaýdan soň ikinji iň wajyp tabşyrykdygyny nygtady (Mat. 22:38, 39). Şeýle-de ol hakyky mesihçileriň bir-birine bolan söýgüsi bilen tanaljakdygyny aýtdy (Ýahýa 13: 35). Mesihçiler hatda duşmanlaryny hem söýmeli (Mat. 5:43, 44). Isa adamlary ýürekden söýýärdi. Ol şäherme-şäher aýlanyp, adamlara Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary gürrüň berýärdi. Ol kör, agsak, lal we heýwere keselli adamlary sagaltdy. Şeýle-de ölen adamlary direltdi (Luka 7:22). Isa hatda adamzat üçin öz janyny berdi. Ol Atasynyň söýgüsini kämil derejede görkezdi. Bütin ýer ýüzünde ýaşaýan Ýehowanyň Şaýatlary hem başgalary ýürekden söýýändigini görkezýärler. w18.01 sah. 29, 30, abz. 11, 12

8-nji fewral, anna

Maňa güýç berýän Hudaý arkaly ähli zady etmäge güýjüm ýetýändir. Flp. 4:13

Mümkin, siz çaga wagtyňyz suwa çümdürilensiňiz. Şeýle-de nähili kynçylyklaryň boljakdygyny hemişe öňünden anyklap bilmeýärsiňiz. Ýehowa beren wadaňyzy unutmasaňyz, size islendik ýagdaýda Oňa wepaly bolmaga kömek eder. Şonda siz hatda dost-ýarlaryňyz ýa-da ene-ataňyz hakykatdan gitse-de, älem-jahanyň Hökümdary Ýehowa gulluk etmäge taýyndygyňyzy görkezersiňiz (Zeb. 27:10). Siz nähili ýagdaýa uçrasaňyz-da, Ýehowanyň kömegi bilen oňa beren wadaňyzda durup bilersiňiz (Flp. 4:11, 12). Ýehowa siziň bilen dostlaşmak isleýär. Ýöne onuň bilen dostlugyňyzy berkidip, halas bolmak üçin tagalla etmeli. Filipililer 2:12-de: «Gorky we titreme bilen halas bolmak üçin tagalla ediň» diýilýär. Diýmek, Ýehowa bilen dostlugyňy berkitmek we islendik kynçylyga garamazdan, oňa wepaly bolmak üçin näme etjekdigiň hakynda öňünden oýlanmaly. Hatda Hudaýa ençeme ýyl gulluk eden mesihçiler hem hakykatdan daşlaşdylar. Şonuň üçin özüňize bil baglamakdan seresap boluň. w17.12 sah. 24, abz. 4, 6, 7

9-njy fewral, şenbe

Şu zatlaryň hemmesini... meýletin berdim. 1 Ýyl. 29:17

Ýehowa bize şu günler alnyp barylýan ägirt uly işleri goldamaga mümkinçilik berýär. Ol bizi Patyşalygyň işleri üçin edýän tagallamyzyň sylagsyz galmajakdygyna ynandyrýar (Mal. 3:10). Ýehowa jomartlyk bilen berýän adamyň «rowaçlyk» tapjakdygyny wada berýär (Sül. tym. 11:24, 25). Mundan başga-da biz bermekden şatlyk tapýarys, sebäbi «bermek almakdan has bagtly edýändir» (Res. iş. 20:35). Biz sözlerimiz we göreldämiz bilen çagalarymyza hem-de ýygnagyň täze agzalaryna bar zadyndan paýlaşyp, köp bereketleri almakdan şatlyk tapmagy öwredip bileris. Dogrudan-da, bizdäki ähli zatlar Ýehowadan. Biz olary yzyna bermek bilen, Ýehowany söýýändigimizi we biziň üçin eden zatlaryna minnetdardygymyzy görkezýäris. Ybadathananyň gurluşygy üçin sadakalary beren «adamlar gaty şatlandylar» (1 Ýyl. 29:9). Geliň, bizem Ýehowanyň berýän zatlaryny yzyna gaýtaryp, şatlyk hem kanagat tapmagymyzy dowam edeliň. w18.01 sah. 21, abz. 18, 19

10-njy fewral, ýekşenbe

Ýöne her kes öz nobatynda direler: ilkinji miwe hökmünde Mesih, soňra Mesih gelende, oňa degişli bolanlar direler. 1 Kor. 15:23

Ilkinji direliş Mesih «gelenden» biraz wagt soň başlamalydy. Agyr muşakgatda ýer ýüzündäki mesh edilen mesihçiler «bulutlara alnar» (1 Sel. 4:13—17; Mat. 24:31). Olaryň «hemmesiniň bedeni özgerer. Bu soňky surnaý çalynýan wagty göz açyp-ýumasy salymda bolar» (1 Kor. 15:51, 52). Şu günler mesihçileriň köpüsi Mesih bilen gökde däl-de, ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýärler. Olar «Ýehowanyň gününde» zalym dünýäniň ýok edilmegine garaşýarlar. Ol günüň haçan boljakdygyny hiç kim bilmese-de, onuň golaýlandygy mese-mälim (1 Sel. 5:1—3). Şondan soňra ýer ýüzünde direliş bolar. Direlen adamlar kämillige ýeter we gaýdyp ölümi datmazlar. w17.12 sah. 11, abz. 15; sah. 12, abz. 18, 19

11-nji fewral, duşenbe

Göripligiň, igenjeňligiň bar ýerinde tertipsizlik we her hili erbetlik hem bardyr. Ýak. 3:16

Eger biz söýgi we mähribanlyk häsiýetini ösdürsek, görip bolmarys. Hudaýyň Sözünde: «Söýgi sabyrlydyr, mähirlidir. Söýgi göriplik edýän däldir» diýilýär (1 Kor. 13:4). Göriplik ýüregimizde kök urmaz ýaly, biz ähli zada Hudaýyň garaýşy ýaly garap, dogan-uýalara Mesihiň bedeniniň agzalary hökmünde garamaga jan etmeli. Bu bize: «Eger bir agza şöhratlansa, beýleki agzalar hem onuň bilen bile şatlanýandyr» diýen maslahata eýermäge kömek eder (1 Kor. 12:16—18, 26). Şonda başgalaryň alan ruhy bereketlerine göriplik etmän, gaýtam, olaryň şatlygyny deň paýlaşarys. Geliň, Şawul patyşanyň ogly Ýonatanyň mysalyna seredeliň. Dawut patyşa edip bellenende, ol göriplik etmän, gaýtam, ony ruhlandyrdy (1 Şam. 23:16—18). Bizem Ýonatan ýaly mähribanlyga we söýgä geýnip bilerismi? w17.11 sah. 27, abz. 10, 11

12-nji fewral, sişenbe

Görşüne görä höküm çykarmaz Ol, eşidişine görä karar çykarmaz. Garyplara dogrulyk bilen kazylyk eder Ol, ýer ýüzündäki pukaralar üçin dogry karar çykarar. Iş. 11:3, 4

Ýehowa Mukaddes Ýazgylarda Musanyň kanunynyň saklanmagynyň aladasyny etdi. Ol Kanundaky tabşyryklary jikme-jik ýerine ýetirmegimizi däl-de, olaryň aňyrsynda ýatan «has wajyp» prinsiplere düşünmegimizi we olara eýermegimizi isleýär (Mat. 23:23). Musanyň kanuny Ýehowa we onuň adyl prinsipleri baradaky «bilimi hem-de... hakykaty» aýan edýär (Rim. 2:20). Meselem, gaçybatalga şäherleri ýaşululara «adalatly höküm çykarmagy, (dogan-uýalary) söýmegi we rehim-şepagatly bolmagy» öwredýär (Zak. 7:9). Biz Musanyň kanuny boýunça ýaşamaýarys. Emma Ýehowa üýtgemeýär, ol häzirem adalaty we rehimdarlygy bildirmegi wajyp hasaplaýar. Şeýle häsiýetleri bildirýän we özüni pena edinmäge çagyrýan Hudaýa gulluk etmek nähili uly hormat! w17.11 sah. 13, 14, abz. 2, 3; sah. 17, abz. 18, 19

13-nji fewral, çarşenbe

Danalyk tapan, düşünje gazanan adam bagtlydyr. Sül. tym. 3:13

Nutuk bilen çykyş edýän doganlar onuň Ýazgylara esaslanýandygyna göz ýetirmeli (Ýah. 7:16). Nädip? Meselem, mysallarymyz, wakalarymyz, hatda çykyş edişimiz hem diňleýjileriň ünsüni Mukaddes Ýazgylardan sowmaly däl. Şuny-da unutmaň: ýöne bir aýat okamak Ýazgylara esaslanyp öwretmegi aňlatmaýar. Has köp aýat getirsegem, diňleýjileriň ýadynda galmaz. Şonuň üçin temanyň esasy pikirlerini nygtaýan aýatlary ünsli saýlap, olary okamak, nygtamak, aýdyň mysallar arkaly düşündirmek üçin wagt sarp ediň we durmuşda nädip ulanmalydygyny görkeziň (Neh. 8:8). Meýilnamadaky pikirleriň getirilen aýatlar bilen nähili baglanyşygynyň bardygyny düşünmäge çalşyň. Iň wajyby bolsa, Hudaýyň Sözündäki gymmatly pikirleri diňleýjileriň aňyna we ýüregine ýetirmek üçin, Ýehowa doga edip, kömek soraň (Ezra 7:10). w17.09 sah. 26, abz. 11, 12

14-nji fewral, penşenbe

Maňa tarap öwrülsinler. Şonda Menem size tarap öwrülerin. Zak. 1:3

B. e. öň 537-nji ýyl Ýehowanyň halky üçin şatlykly ýyl boldy. Sebäbi olar 70 ýyllap Wawilonyň ýesirliginde bolup, indi azatlyga çykdylar. Olar uly hyjuw bilen Iýerusalimde hakyky seždäni dikeltmäge taýyndylar we b. e. öň 536-njy ýylda ybadathananyň düýbüni tutdular. Şondan 16 ýyl geçensoň, halk ýene-de ybadathananyň gurluşygyna başlaýar. Olar Ýehowa dolanmalydygy we öz isleglerini ileri tutmagy bes etmelidigi barada ýatlatma mätäçdi. Ýehowa, ilki bilen, halkynyň Wawilon ýesirliginden näme üçin çykandyklaryna düşünmegini isleýärdi. Şol sebäpli b. e. öň 520-nji ýylda olaryň ýanyna pygamberini iberýär. Zakarýanyň ady «Ýehowa ýada saldy» diýmegi aňladýar. Bu olara wajyp hakykaty ýatladýardy. Olar Ýehowanyň halas etmek üçin nämeleri edendigini unudan hem bolsa, Hudaý olary henizem ýatlaýardy (Zak. 1:3, 4). Ýehowa olara söýgi bilen arassa seždäni dikeltmäge kömek etjekdigini ynandyrdy. Şeýle-de ýarty ýürek bilen gulluk etmeli däldigi barada berk duýduryş berdi. w17.10 sah. 21, 22, abz. 2, 3

15-nji fewral, anna

Bir-biriňize mähirli we rehim-şepagatly boluň. Efes. 4:32

Alymlaryň aýtmagyna görä, duýgudaşlyk bildirmek saglygyňa, içki dünýäňe, adamlar bilen gatnaşygyňa gowy täsir edýär. Horluk çekýän adamlara teselli berseňiz, bagtly bolmaga, dogry garaýşy saklamaga, özüňizi ýeke duýmazlyga we ýaramaz pikirlere garşy göreşmäge kömek eder. Dogrudan-da, duýgudaşlyk bildirmek örän peýdaly. Başgalara kömek etmäge mümkinçilik gözleýän mesihçileriň ynsaby päk bolýar we olar Hudaýyň prinsiplerine görä ýaşaýandyklaryna düşünýär. Bu bize gowy ene-ata, ýanýoldaş we dost bolmaga kömek edýär. Adatça, duýgudaşlyk bildirýän adamyň özi-de kömege mätäç bolanda, ony hökman goldaýarlar (Mat. 5:7; Luka 6:38). Biz diňe özümize peýdalydygy üçin duýgudaşlygy bildirmegi öwrenmeýäris. Biz söýginiň we duýgudaşlygyň Gözbaşy Ýehowa Hudaýyň göreldesine eýermäge hem-de ony şöhratlandyrmaga jan edýäris (Sül. tym. 14:31). w17.09 sah. 12, abz. 16, 17

16-njy fewral, şenbe

Ol... tagtda oturyp şalyk sürer. Onuň tagtynyň ýanynda ruhany bolar. Zak. 6:13

Patyşa hem-de Baş ruhany edip bellenen Isa «(Ýehowanyň) ybadathanasyny gurmalydy». Ol 1919-njy ýylda hakyky seždäniň tarapdarlaryny Beýik Wawilonyň gulçulygyndan azat edip we mesihçiler ýygnagyny täzeden dikeltdi. Şeýle-de ol arassa seždä ýolbaşçylyk etjek «wepaly we paýhasly hyzmatkäri» belledi (Mat. 24:45). Mundan başga-da Isa Hudaýyň halkyny arassalap, oňa ýaramly sežde etmäge kömek edýär (Mal. 3:1—3). Müňýyllyk Patyşalygynda Isa 144 müň egindeşleri bilen patyşalar we ruhanylar hökmünde wepaly adamlara kämillige ýetmäge kömek eder. Şonda ýer ýüzi erbetlikden doly arassalanyp, diňe Hudaýyň hakyky gullukçylary galar. Şeýdip, hakyky sežde doly dikeldiler. w17.10 sah. 29, abz. 15, 16

17-nji fewral, ýekşenbe

Baş ruhany ölýänçä, ganhor şol (galada) bolmalydyr. San. 35:25

Birini tötänden öldüren adam Hudaýyň rehimdarlygyny gazanmak üçin hereket etmelidi; ol golaýdaky gaçybatalga şäherleriň birine gaçmalydy (Ýeş. 20:4). Başga çykalga ýokdy; ol janyny halas etmek üçin mümkin boldugyndan çaltrak şäherleriň birine baryp, şol ýerde galmalydy. Elbetde, munuň üçin ol käbir zatlardan geçmelidi. Meselem, ol işini, öýüni terk etmelidi we baş ruhany aradan çykýança, ol galadan hiç ýere gitmeli däldi. Ýöne bu şeýle edeniňe degýärdi. Şu günler hem toba eden günäkär Hudaýyň rehimdarlygyny gazanmak üçin belli bir zatlary etmeli. Meselem, ol günäli ýoldan doly ýüz öwürmek üçin diňe bir agyr günälerden gaça durman, eýsem, günäli işlere eltýän islendik zatdan daşda durmaly. Günäli ýoldan ýüz öwürmek üçin ýürekden tagalla etsek, özümize bil baglamaýandygymyzy we Ýehowanyň rehimdarlygyna mätäçdigimizi görkezeris (2 Kor. 7:10, 11). w17.11 sah. 10, 11, abz. 10, 11

18-nji fewral, duşenbe

Birek-birege igenmän myhmansöýer boluň. 1 Pet. 4:9

Ýehowa dogan-uýalara jomartlyk bildirmegi tabşyrdy (1 Ýah. 3:17). Emma ebiz muny göz üçin däl-de, dogry niýet bilen etmeli. Biz özümize şeýle soraglary bermeli: «Men diňe öz gowy görýän dostlarymy, sylanýan ýa-da eden ýagşylygymy yzyna gaýtarmaga ýagdaýy bolan dogan-uýalary myhmançylyga çagyrýarynmy? Ýa-da tanamaýan we yzyna gaýtaryp bilmeýän dogan-uýalara hem jomartlyk bildirýärinmi?» (Luka 14:12—14). Aýdaly, imandaşlarymyzyň biri gelen nädogry karary üçin kyn ýagdaýa düşýär ýa-da myhmançylyga çagyranymyz üçin minnetdarlyk bildirmeýär. Hatda şeýle ýagdaýlarda-da biz şu günki aýatdaky maslahata eýermeli. Eger siz bu maslahata ýürekden eýerseňiz, onda dogry niýet bilen eden işiňizden köp şatlyk taparsyňyz (Res. iş. 20:35). w17.10 sah. 9, abz. 12

19-njy fewral, sişenbe

Onsoň nädip men beýle gabahat iş edip, Hudaýyň öňünde günä gazanyp bilerin?! Gel. çyk. 39:9

Ýusup görmegeý we syratly ýigit bolandygy üçin, Potyparyň aýalynyň oňa göwni gidýär. Ol Ýusuby her gün ahlaksyzlyk etmäge yrjak bolýardy. Potyparyň aýaly Ýusup bilen ýatjak bolanda, ol gaçyp gidýär. Ýusubyň mysalyndan näme öwrenýäris? Biz hem Hudaýyň kanunyny bozmaga iterýän zatlardan gaça durmaly (Sül. tym. 1:10). Ýehowanyň Şaýatlarynyň käbiri aşa köp iýip-içmek, çilim we neşe çekmek, arakkeşlik, ahlaksyzlyk ýaly erbet endiklerini ýeňip bildiler. Emma suwa çümdürilenden soňam, olar käte şol endiklerine garşy göreşmeli bolýarlar. Eger sizde-de Ýehowanyň kanunyny bozmaga iterýän ýagdaýlar dörese, günäli höwesiňe ýol bermegiň ruhy saglygyňa zyýan ýetirjekdigi barada oýlanyň. Siz nähili ýagdaýlaryň günäli işlere iterjekdigini öňünden anyklap, olardan nädip gaça durup biljekdigiňiz barada pikirleniň (Zeb. 26:4, 5; Sül. tym. 22:3). Synaga düşeniňizde, Ýehowadan akyldarlyk we özüňize erk edip biler ýaly güýç diläň. w17.09 sah. 4, 5, abz. 8, 9

20-nji fewral, çarşenbe

Dünýäniň baýlygy arkaly özüňize dost ediniň. Sebäbi baýlygyňyz tükenende, olar sizi ebedi ýere kabul ederler. Luka 16:9

Ýehowa bilen dostlaşmak üçin «söwda-satyk işleri» bilen az meşgullanmaly we «hakyky» baýlygy agtarmak üçin elimizde baryny etmeli. Ybraýym pygamber imany berk adamdy. Ol Ýehowa bilen dostlugyny gymmat saýýandygy üçin, baý Ur şäherinden çykyp, çadyrda ýaşamaga razylaşdy (Ýew. 11:8—10). Ol hemişe Hudaýy hakyky baýlygyň Gözbaşy hasaplap, hiç haçan maddy zatlara ymtylmady. Sebäbi bu onuň Hudaýa bil baglamaýandygyny görkezerdi (Gel. çyk. 14:22, 23). Isa şeýle imany agtarmaga höweslendirip, bir baý adama: «Eger sen Hudaýa birkemsiz gulluk etmek isleseň, git-de, bar zadyňy satyp, garyplara paýla. Şonda gökde hazynaň bolar. Soňra gel-de, meniň şägirdim bol» diýdi (Mat. 19:21). Gynansak-da, onuň Ybraýym pygamberiňki ýaly imany ýokdy. Emma Hudaýa bil baglaýan adamlar hem bardy. w17.07 sah. 10, abz. 12

21-nji fewral, penşenbe

Hudaý... Ybraýymyň çagasy bolmasa-da, şu ýeri onuň nesline berjekdigini wada etdi. Res. iş. 7:5

Ybraýym pygamberiň Ýefrat derýasyndan geçenine 430 ýyl bolanda, onuň nesilleri Wada edilen diýary miras almak üçin Hudaýyň halky hökmünde saýlandy (Müs. çyk. 12:40—42; Gal. 3:17). Ybraýym pygamber Ýehowa berk iman edýändigi üçin sabyrly garaşdy (Ýew. 11:8—12). Ol Ýehowanyň wadasynyň doly ýerine ýetişini gözi bilen görmese-de, höwes bilen garaşdy. Göz öňüne getiriň, Ybraýym pygamber Jennetde direlende, begenjiniň çägi bolmaz. Ol Mukaddes Ýazgylarda özi we nesilleri hakda köp zatlaryň ýazylandygyny bilip, diýseň haýran galar. Ýehowanyň wada edilen nesil hakdaky ajaýyp niýetinde wajyp orun tutandygyna düşünende, Ybraýym pygamber, gör, nähili begener! Dogrudan-da, ol biderek ýere garaşmandy! w17.08 sah. 5, 6, abz. 10, 11

22-nji fewral, anna

Şol sebäpli beden agzalaryňyzdaky... hapalygy... öldüriň. Kol. 3:5

Mukaddes Ýazgylaryň asyl nusgasyndaky «hapalyk» diýip terjime edilen grek sözi ahlaksyzlyk etmekden has köp zady aňladýar. Oňa çilim çekmek ýaly zyýanly endikler we ýerliksiz degişmeler degişli (2 Kor. 7:1; Efes. 5:3, 4). Şeýle-de ahlaksyz höwesleri oýarýan kitaplary okamak we pornografiýa görmek ýaly hapa işleri hem degişli. Bular masturbasiýa etmeklige eltip bilýär. Pornografiýa görmegi endik edinen adamlar «erk edip bolmaýan ahlaksyz isleglerini» iýmitlendirýärler. Netijede, olar ahlaksyz işleriň guly bolýarlar. Maglumatlara görä, pornografiýanyň küýüne düşen adamlar arakkeş we neşekeşler ýaly erbet höwesini kanagatlandyrmasalar, oňup bilmeýärler. Olar özüňi günäkärlemek, işiňe ünssüz bolmak, maşgalanyň bagtyny ýatyrmak, aýrylyşmak, janyňa kast etmek ýaly zatlardan ejir çekýärler. w17.08 sah. 19, abz. 8, 9

23-nji fewral, şenbe

Ol seniň derwezeleriň kiltini berkidýär, ogullaryňa ak pata berýär. Ýurduňy asuda ýaşadýar. Zeb. 147:13, 14, TD

Mezmurçy Iýerusalimi dikeltmek barada oýlananda, Ýehowa hakda şeýle nagma aýtdy. Hudaýyň öz gullukçylaryny goramak üçin şäheriň derwezelerini mäkämlejekdigi mezmurçyny, gör, nähili ruhlandyrandyr! Käte biynjalyk bolmagymyza düşýän kynçylyklarymyz hem sebäp bolmagy mümkin. Şeýle ýagdaýyň hötdesinden gelmäge Ýehowa akyldarlyk berip biler. Mezmurçy: «Ol (Ýehowa) tabşyrygyny ýer ýüzüne iberýär; Onuň sözi tiz ýaýraýar. Gary ýüň kimin ýagdyrýar, gyrawy kül kimin sepeleýär. Buzuny bölek-bölek taşlaýar» diýip ýazýar. Soňra: «Onuň sowugynyň öňünde kim durup biler?» diýip sorag berýär. Beren soragyna bolsa jogap berip, Ýehowanyň «sözüni iberip, buzlary eredýändigini» aýdýar (Zeb. 147:15—18). Buzlara we garlara gözegçilik edýän akyldar hem-de Gudratygüýçli Hudaýymyz islendik kynçylyga döz gelmäge kömek edip biler. w17.07 sah. 20, abz. 14, 15

24-nji fewral, ýekşenbe

Gudratygüýçli Hudaýymyz Ýehowa, sen şöhraty, hormaty, alkyşy almaga mynasypsyň. Sebäbi ähli zady sen ýaratdyň. Ylh. 4:11

Hudaý adalatly hökümdar. Ol iň gowy hökümdarlyk edýändigi üçin biz ony ýürekden goldamaly. Sebäbi Ýehowa ähli zady ýaratdy. Şonuň üçin onuň hem adamlaryň, hem perişdeleriň üstünden höküm sürmäge haky bar. Şeýtan hiç zady ýaratmady. Şol sebäpli onuň hökümdarlyk etmäge hiç hili haky ýok. Şeýtan we ilkinji ynsan maşgalasy Ýehowanyň hökümdarlygyna garşy pitne turzup, özlerini örän gödek alyp bardylar (Ýer. 10:23). Olar erkin ýaradylandygy üçin, Hudaýdan garaşsyz ýoly saýlap bilerdiler. Ýöne beýle etmäge olaryň haky bardymy? Ýok. Erkinlik adamlara gündelik durmuşynda dogry hereket etmäge mümkinçilik berýärdi. Emma olara Ýaşaýyş beren Ýaradyja garşy pitne turuzmaga hak bermeýärdi. Olar Ýehowa garşy gidip, erkinligini nädogry ulandylar. Aslynda, adamlar Ýehowanyň adalatly hökümdarlygynda ýaşamak üçin ýaradylypdy. w17.06 sah. 27, 28, abz. 2—4

25-nji fewral, duşenbe

Alyp barýan ýolumy we... gullugymy soňuna çenli berjaý etsem bolýar. Res. iş. 20:24

Biz Pawlus resul ýaly wagyz gullugyny gymmat saýsak, yzarlamalara garamazdan, wagyz ederis (Res. iş. 14:19—22). 1930-njy ýyllarda we 1940-njy ýyllaryň başlarynda ABŞ-da ýaşaýan dogan-uýalarymyz güýçli yzarlamalara sezewar boldular. Muňa garamazdan, olar Pawlus ýaly synaglarda berk durup, wagyz etmegini bes etmediler. Olar wagyz işini kanun taýdan goramak üçin kazyýetde köp söweşleri alyp bardylar. 1943-nji ýylda ABŞ-nyň Ýokary kazyýetinde gazanylan ýeňişleriň birinden soň, Neýtan Norr dogan şeýle diýdi: «Size göreşmegiňizi dowam edip biler ýaly, şeýle ýeňişler wajypdyr. Bu Halypamyzyň gullukçylarynyň berk durandygy üçin gazanylan ýeňişdir». Wagyz gullugyna bolan söýgimiz yzarlamalardan üstün çykýar. Wagyz işine Ýehowanyň beren gymmatbaha hazynasy hökmünde garasak, ýöne sagat tabşyrmak bilen çäklenmeris. Gaýtam, «gullugymyzy birkemsiz ýerine ýetirmek» üçin elimizde baryny ederis (2 Tim. 4:5). w17.06 sah. 11, 12, abz. 11, 12

26-njy fewral, sişenbe

Ýehowa Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň we bütin aň-düşünjäň bilen söý. Mat. 22:37

Ýehowa bolan güýçli söýgi onuň tabşyryklaryny berjaý etmäge, çydamly bolmaga we ýamanlygy ýigrenmäge kömek edýär (Zeb. 97:10). Emma Şeýtan we onuň dünýäsi Hudaýa bolan söýgimizi sowatjak bolýar. Dünýädäki adamlaryň söýgä bolan garaýşy ýoýlan. Olar Ýaradyjyny däl-de, özlerini söýýärler (2 Tim. 3:2). Şeýtanyň dünýäsinde «ten höwesleri, göz höwesi we zadyňa öwünmeklik» giňden ýaýran (1 Ýah. 2:16). Pawlus resul imandaşlaryny ten höweslerine garşy göreşmäge ündäp: «Ten höwesleri barada pikirlenmeklik ölüme eltýär... Hudaýa duşman edýär» diýdi (Rim. 8:6, 7). Dogrudan-da, maddy zatlara kowalaşýan ýa-da ten höweslerini kanagatlandyryp ýaşaýan adamlar köplenç göwnüçökgünlige düşýärler we özüne köp zyýan ýetirýärler (1 Kor. 6:18; 1 Tim. 6:9, 10). w17.05 sah. 18, abz. 5, 6

27-nji fewral, çarşenbe

Kim zähmet çekmek islemese, onda çörek hem iýmesin. 2 Sel. 3:10

Gaçgak dogan-uýalar hem imandaşlaryndan köp zada garaşman, berilýän kömegi minnetdarlyk bilen kabul etseler, olara bermekden şatlyk tapmaga kömek ederler. Eger olar başgalaryň hasabyna ýaşasalar, özüne bolan hormatyny ýitirmekleri we dogan-uýalar bilen gatnaşygyna-da zyýan ýetirmekleri mümkin (2 Sel. 3:7—9). Her näme-de bolsa, olaryň biziň kömegimize mätäçdigini unutmalyň. Munuň üçin köp pul däl-de, köp wagt sarp etmeli bolýar. Meselem, haýsy ulaga münmegiň amatlydygyny, arzan bahadan ýokumly ir-iýmişleri ýa-da gazanç etmek üçin gurallary nireden alyp bolýandygyny aýdyp bilersiňiz. Emma iň esasy zat, olara täze ýygnaga öwrenişmäge kömek ediň. Eger mümkin bolsa, ýygnaga bile gitmegi teklip ediň. Şeýle-de hoş habary ýerli ýagdaýa görä nädip wagyz etmelidigini düşündiriň we bile wagza çykyň. w17.05 sah. 5, abz. 11, 12

28-nji fewral, penşenbe

Ýaňy doglan bäbekler ýaly Hudaýyň sözi bolan päk süýdi küýsäň, sebäbi siz ol arkaly halas bolup bilersiňiz. 1 Pet. 2:2

Ten höweslerine eýerip ýaşaýan adamlara maddy zatlara dogry garaýşy saklamak kyn bolýar. Näme üçin? Sebäbi olar Hudaýyň gymmat saýýan zatlaryny akmaklyk hasaplaýar (1 Kor. 2:14). Olaryň pikirlenmek ukyby ýoýlan, şol sebäpli ýagşy we ýamany saýgaryp bilmeýärler (Ýew. 5:11—14). Netijede, maddy zatlara bolan doýmaz-dolmaz isleglerine erk edip bilmeýärler (Wag. 5:10). Biz her gün Hudaýyň Sözi bolan Mukaddes Ýazgylary okasak, maddy zatlara bolan nädogry garaýşy ýeňip bileris. Isa Hudaýyň hakykat sözleriniň üstünde oýlanandygy üçin synaglara garşy durup bildi. Bizem Ýazgylardaky prinsiplere eýersek, maddy zatlara bolan nädogry höwesimizi ýeňip bileris (Mat. 4:8—10). Şeýdip, Isany ýürekden söýýändigimizi görkezeris. w17.05 sah. 26, abz. 17

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş