Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es19 sah. 26—36
  • Mart

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mart
  • Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2019
  • Sözbaşylar
  • 1-nji mart, anna
  • 2-nji mart, şenbe
  • 3-nji mart, ýekşenbe
  • 4-nji mart, duşenbe
  • 5-nji mart, sişenbe
  • 6-njy mart, çarşenbe
  • 7-nji mart, penşenbe
  • 8-nji mart, anna
  • 9-njy mart, şenbe
  • 10-njy mart, ýekşenbe
  • 11-nji mart, duşenbe
  • 12-nji mart, sişenbe
  • 13-nji mart, çarşenbe
  • 14-nji mart, penşenbe
  • 15-nji mart, anna
  • 16-njy mart, şenbe
  • 17-nji mart, ýekşenbe
  • 18-nji mart, duşenbe
  • 19-njy mart, sişenbe
  • 20-nji mart, çarşenbe
  • 21-nji mart, penşenbe
  • 22-nji mart, anna
  • 23-nji mart, şenbe
  • 24-nji mart, ýekşenbe
  • 25-nji mart, duşenbe
  • 26-njy mart, sişenbe
  • 27-nji mart, çarşenbe
  • 28-nji mart, penşenbe
  • 29-njy mart, anna
  • 30-njy mart, şenbe
  • 31-nji mart, ýekşenbe
Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2019
es19 sah. 26—36

Mart

1-nji mart, anna

Pesgöwünli boluň we başgalary özüňizden ýokary saýyň. Flp. 2:3

Ýygnakda dogan-uýalaryň biri bilen düşünişmezlik dörän bolsa näme? Elbetde, oňa başda söýgiňi bildirmek kyn bolup biler. Ýöne erbet duýgularyňyza erk etmek üçin hiç zat etmeseňiz, ol uzaga çeker. Mukaddes Ýazgylarda başgalar, hatda duşmanlaryň bilen hem gowy gatnaşygy ösdürmek üçin myhmansöýer bolmak maslahat berilýär (Sül. tym. 25:21, 22). Myhmansöýer bolmaga jan etsek, parahatlygy saklamaga we erbet duýgulary ýeňmäge kömek eder. Şeýle-de dogan-uýalaryň gowy häsiýetlerini görmäge ýardam eder. Ýehowa hem kimdir birini hakykata çekende, onuň gowy häsiýetlerine üns berýär (Ýah. 6:44). Eger dogan-uýalara bolan söýgimizi ösdürsek, olary myhmançylyga çagyrarys. Bu bolsa olar bilen dostlugymyzy has-da berkider. Biz muny ýagşy niýet bilen edýändigimize nädip göz ýetirip bileris? Munuň üçin şu günki aýatdaky maslahata eýermeli. Dogan-uýalar bilen wagtymyzy geçirmek üçin mümkinçilik gözlesek, olaryň imanyndan, çydamlylygyndan, batyrgaýlygyndan ýa-da mesihçilere mahsus beýleki häsiýetlerinden köp zatlary öwreneris. Şeýle-de olara bolan söýgimiz artar we ýürekden myhmansöýer bolmaga mümkinçilik berer. w18.03 sah. 17, abz. 18, 19

2-nji mart, şenbe

(Ýehowa) hiç kimiň heläk bolmagyny islemeýär. 2 Pet. 3:9

Käbir ene-atalara ýygnak gatnaşygyndan kesilen çagasy bilen gatnaşyk etmeli däldigi baradaky tabşyryga gulak asmak agyr synag bolup durýar. Geliň, gyzy gatnaşykdan kesilip, öýünden giden bir enäniň mysalyna seredeliň. Ol şeýle ýatlaýar: «Men gyzym we agtygym bilen gatnaşmak üçin edebiýatlarymyzdan delil gözleýärdim. Ýöne ýanýoldaşym maňa çagamyzyň indi biziň elimizde däldigini we oňa goşulmaga hakymyzyň ýokdugyny mähir bilen düşündirdi». Birnäçe ýyl geçensoň, onuň gyzy dikeldilýär. Ol şeýle diýýär: «Gyzym maňa-da, adamyma-da çuňňur hormat goýýar. Sebäbi biziň Hudaýa gulak asandygymyzy bilýär». Eger siziňem çagaňyz ýygnak gatnaşygyndan kesilen bolsa, öz düşünjäňize daýanman, Ýehowa «bütin ýüregiňiz bilen bil baglarsyňyzmy»? (Sül. tym. 3:5, 6). Ýehowanyň terbiýesiniň we görkezmesiniň dogrudygyna iman ediň. Hatda kyn bolsa-da, Ýehowanyň aýdýan zatlaryny ýerine ýetiriň. Hudaýyň terbiýesine garşy çykman, gaýtam, onuň bilen hyzmatdaşlyk ediň. w18.03 sah. 31, abz. 12, 13

3-nji mart, ýekşenbe

Gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň. Mat. 28:19

Mukaddes Ýazgylara görä suwa çümdürilmek üçin belli bir ýaşda bolmak hökman däl. Matta 28:19-daky «şägirt taýýarlamak» diýip terjime edilen grek jümlesi adamlara Mesihiň şägirdi bolmaga kömek etmek maksady bilen tälim bermelidigini aňladýar. Şägirt bolan adam Isanyň taglymatlaryny öwrenip, oňa düşünýär we ýürekden berjaý edýär. Diýmek, mesihçi ene-atalar Mesihiň suwa çümdürilen şägirdi bolmaga kömek etmek üçin, çagalaryna bäbeklikden tälim bermeli. Elbetde, çagany bäbekkä suwa çümdürip bolmaz. Emma Mukaddes Ýazgylarda aýdylmagyna görä, hatda ýaş çagalar hem Hudaýyň Sözündäki hakykatlara düşünip, olary gymmat saýyp bilýär. Meselem, Timoteos hakykaty ýaşlykdan bäri bilýärdi. Onuň imany berkdi (2 Tim. 1:5; 3:14, 15). Timoteos 20 ýaşlaryna ýetmänkä, oňa ýygnakda jogapkärli borçlar ynanyldy (Res. iş. 16:1—3). w18.03 sah. 9, abz. 4, 5

4-nji mart, duşenbe

Pikiriňizi we garaýşyňyzy elmydama täzeläp duruň. Efes. 4:23

Biz Hudaýyň gullukçysy bolmak üçin köp zatlarymyzy üýtgetdik. Şeýle özgerişlik durmuşymyzyň ähli ýagdaýyna täsir etdi. Suwa çümdürilenimizden soň hem, häsiýetlerimizi üýtgetmegimizi bes etmedik. Biz bikämil bolandygymyz üçin özgerişlik etmegimizi dowam etmeli (Flp. 3:12, 13). Ýaş ýa-da gartaşandygymyza garamazdan, özümize şu soraglary berip bileris: «Men ruhy taýdan ýetişen adam bolmak üçin ýene nämäniň üstünde işlemelidigine üns berýärinmi? Meniň özümi alyp barşym Mesihden görelde alýandygymy görkezýärmi? Ýygnak duşuşyklaryna bolan garaýşym ruhy ýagdaýym barada nämäni aýan edýär? Edýän gürrüňlerimden meniň nähili isleg-arzuwlarymyň bardygy görünýär? Saýlaýan güýmenjelerim, egin-eşigim, özüme timar berşim ýa-da berlen maslahata bolan garaýşym barada näme diýse bolýar? Men synaga düşenimde özümi nähili alyp barýaryn? Men ruhy taýdan doly ýetişen adam bolmak üçin gerekli özgerişlikleri etdimmi?» (Efes. 4:13). Şu soraglar hakda çynlakaý oýlansak, ruhy ýagdaýymyzy barlamaga kömek eder. w18.02 sah. 24, abz. 4, 5

5-nji mart, sişenbe

Hudaýy Ýehowa bolan halk bagtlydyr! Zeb. 144:15, TD

Biz adamzat taryhynyň ähmiýetli döwründe ýaşaýarys. Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň «ähli milletden, taýpadan, halkdan we dilden bolan... uly märekäni» ýygnajakdygy pygamberlik edildi. Bu «güýçli millete» degişli bolan adamlaryň sany häzir 8 milliondan gowrak bolup, olar «Hudaýa... gije-gündiz mukaddes gullugy berjaý edýärler» (Ylh. 7:9, 15; Iş. 60:22). Hudaýy hem-de ýakynyny söýýän adamlaryň sany öň hiç haçan şeýle köp bolmandy. Muňa garamazdan, Hudaýyň Sözünde şu günler söýginiň başga bir görnüşi, ýagny adamlaryň Hudaýdan daşlaşyp, diňe özüni söýüp ýaşajakdygy barada pygamberlik edildi. Pawlus resul: «Soňky günlerde... adamlar özüni bilýän, puly söýýän... Hudaýy däl-de, lezzeti söýýän bolar» diýip ýazdy (2 Tim. 3:1—4). Diňe özüňi bilýän şeýle söýgi mesihçileriň bildirýän söýgüsinden düýbünden tapawutlanýar. Olar dünýä mahsus bolan söýgini bildirip, özlerini öňküdenem «juda kyn» ýagdaýa salýarlar. w18.01 sah. 22, abz. 1, 2

6-njy mart, çarşenbe

Ýehowany gözleýän adam ähli zada akyl ýetirer. Sül. tym. 28:5, TD

Ýehowa baradaky dogry bilim Nuh pygamberiň imanyny berkitdi we Hudaýa mahsus akyldarlygy edinmäge kömek edip, ony dürli howplardan, esasan-da, ruhy taýdan gorady. Sebäbi ol hudaýsyz adamlar bilen däl-de, hak Hudaý bilen gezdi. Ol ynsan keşbine giren we adatdan daşary ukyplary, güýçleri bilen imansyz hem-de ynanjaň adamlary azdyran jynlaryň täsirine düşmedi (Gel. çyk. 6:1—4, 9). Şeýle-de Nuh pygamber adamlaryň köpelip, bütin ýer ýüzüni doldurmalydygyny bilýärdi (Gel. çyk. 1:27, 28). Şol sebäpli ol adam keşbine giren Hudaýyň ruhy ogullarynyň özlerine aýal almaklarynyň nädogrudygyny bilen bolmaly. Olardan üýtgeşik çagalar doglanda, bu has-da aýdyň boldy. Wagtyň geçmegi bilen, Hudaý oňa ýer ýüzüni Tupan bilen ýok etjekdigini duýdurdy. Nuh pygamberiň Hudaýa bolan imany maşgalasynyň halas bolmagy üçin, ony gämi gurmaga höweslendirdi (Ýew. 11:7). w18.02 sah. 9, abz. 8

7-nji mart, penşenbe

Men bu gullugy Hudaýyň merhemeti bilen ýerine ýetirip bilýärin. 1 Kor. 15:10

Eger agyr günä eden bolsaňyz, Ýehowa size kömek etmäge taýyn. Ýöne munuň üçin onuň ýygnak arkaly berýän kömegini kabul etmeli (Sül. tym. 24:16; Ýak. 5:13—15). Ebedi gelejegiňize atanak çekmäň! Şol sebäpli berilýän kömege derrew sesleniň. Emma günäňiz bagyşlanandan soň hem, ynsabyňyz köseýän bolsa näme? Pawlus resul hem öňki eden ýalňyşlyklary sebäpli lapykeç bolandyr. Ol: «Men resullaryň iň kiçisi, hatda resul adyny götermäge-de mynasyp däldirin, sebäbi men Hudaýyň ýygnagyny yzarlapdym» diýip ýazdy (1 Kor. 15:9). Ýehowa Pawlusyň bikämildigini bilýärdi, ýöne şonda-da ony kabul etdi we aýratyn ýumuş tabşyryp, hormat bildirdi. Ýehowa Pawlusy söýýärdi we muny onuň bilmegini isleýärdi. Eger öňki eden günäleriňize ýürekden toba edip, olary gaýtalamazlyk üçin gerekli ädimleri äden bolsaňyz, Ýehowanyň rehimdarlyk bildirjekdigine asla şübhelenmäň. Şonuň üçin Ýehowanyň sizi bagyşlandygyna doly ynanyň! (Iş. 55:6, 7). w18.01 sah. 11, abz. 17, 18

8-nji mart, anna

Hudaýa ýakynlaşyň, ol hem size ýakynlaşar. Ýak. 4:8

Ýehowa bilen dostlaşmak üçin şu iki zat wajyp: diňlemek we gepleşmek. Esasan-da, şahsy okuwy Ýehowany diňlemäge mümkinçilik berýär. Munuň üçin Hudaýyň Sözüni we Ýazgylara esaslanan edebiýatlary okamaly hem-de oýlanmaly. Emma şahsy okuwyny geçirmeklik diňe bir bilim almagy aňlatmaýar. Bu mekdepde synagdan geçmek üçin öwrenen zatlaryňy ýatda saklamak ýaly däldir. Netijeli şahsy okuwyny syýahat etmek bilen deňeşdirse bolýar. Siz gözleg geçirip, Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleriniň täze aýratynlyklaryny öwrenýärsiňiz. Bu size Hudaýa ýakynlaşmaga ýardam eder; şonda ol hem size ýakynlaşar. Şahsy okuwyny netijeli geçirmek üçin Ýehowa guramasy arkaly ençeme gurallar bilen üpjün edýär. Meselem, jw.org saýtyndaky «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen bölüm ynanýan zatlaryňyza bolan imanyňyzy berkider (Zeb. 119:105). w17.12 sah. 25, abz. 8, 9

9-njy mart, şenbe

Mukaddes dagymda zelel ýetirilmez, hiç kim heläk edilmez. Iş. 11:9

Sebäbi «bütin ýer ýüzi... Ýehowa barada bilimden dolar». Haýwanlar Ýehowa barada bilim alyp bilmeýärler. Şonuň üçin pygamberlikdäki sözler diňe bir täze dünýäde adamlaryň we haýwanlaryň arasyndaky boljak parahatlygy däl-de, eýsem, ençeme adamlaryň häsiýetlerini özgertjekdigini görkezýär (Iş. 11:6, 7). Öň özüni möjek ýaly zalym alyp baran adamlaryň köpüsi häzir başgalar bilen parahat ýaşaýarlar. Bu barada jw.org saýtyndaky «Mukaddes Ýazgylar durmuşyňy özgertmäge kömek edýär» diýen makalalardan okap bilersiňiz. Öň zalym bolan adamlar «Hudaýyň islegine laýyk gelýän hakyky dogrulyga we wepalylyga esaslanan täze häsiýetlere geýinýärler» (Ef 4:23, 24). Hudaý hakda bilim alyp başlan adamlar onuň adyl kadalaryna laýyk ýaşamalydygyna düşünýärler. Olar ynançlaryny, garaýyşlaryny we häsiýetlerini özgertdiler. Elbetde, bu aňsat däl, emma Hudaýyň islegini ak ýürekden berjaý etmek isleýän adamlar mukaddes ruhuň kömegi bilen muny başaryp bilerler. w18.01 sah. 31, abz. 15, 16

10-njy mart, ýekşenbe

Her kes öz nobatynda direler. 1 Kor. 15:23

Gökdäki direliş barada Injilde: «Her kes öz nobatynda direler» diýilýär. Ýer ýüzündäki direliş hem edil şonuň ýaly tertipde we örän täsirli bolar. Dogan-garyndaşlary garşy alar ýaly, ýaňy-ýakynda aradan çykan adamlar Mesihiň Müňýyllyk Patyşalygynyň başynda direlermi? Ýehowanyň gartaşan, wepaly we ýolbaşçylyk ukyby bolan gullukçylary täze dünýäde Hudaýyň halkyna guramaçylykly bolmaga kömek etmek üçin ilki direlermi? Eýsem, Ýehowa hiç haçan gulluk etmedik adamlar haçan we nirede direler? Elbetde, soraglarymyz gaty köpdür. Emma olaryň ählisine häzir jogap tapmak mümkin däl. Geliň, gowusy biraz sabyr edeliň-de, Ýehowanyň niýetini amala aşyryşyny öz gözümiz bilen görýänçäk garaşalyň. Häzirlikçe bolsa, geliň, Ýehowa bolan imanymyzy berkideliň. Ol Isa arkaly ölen adamlary unutmandygyna we gelejekde direljekdigine ynandyrýar (Ýah. 5:28, 29; 11:23). w17.12 sah. 12, abz. 20, 21

11-nji mart, duşenbe

Aýallar, äriňize tabyn boluň, sebäbi bu Halypamyzyň şägirtlerine ýaraşýandyr. Ärler, aýalyňyzy elmydama söýüň we olar bilen özüňizi gödek alyp barmaň. Çagalar, siz hem ata-eneňize hemişe gulak asyň. Kol. 3:18—20

Pawlusyň maslahaty şu günlerem ärlere, aýallara we çagalara peýdalydygy bilen sizem ylalaşsaňyz gerek. Ärlere: «Aýalyňyzy elmydama söýüň we olar bilen özüňizi gödek alyp barmaň» diýip maslahat berilýär. Aýalyny söýýän är onuň garaýşyna hormat goýýar we ony söýýändigine ynandyrýar (1 Pet. 3:7). Ol aýalynyň hemişe soraýan zadyny etmese-de, karara gelende köplenç onuň garaýşyny göz öňünde tutýar (Sül. tym. 15:22). Aýalyny söýýän är onuň hormatyny mejburlyk bilen gazanjak bolmaýar. Eger ol aýalyny we çagalaryny ýürekden söýse, maşgalasy bilen Ýehowa gulluk etmegi hem-de ebedi ýaşaýyş sylagyny almagy gazanyp biler. w17.11 sah. 28, 29, abz. 12, 15

12-nji mart, sişenbe

Seresap boluň, hiç kim sizi... boş zatlar, ýagny dünýäniň düşünjeleridir akyldarlygy... bilen aldap, ýesir edäýmesin. Kol. 2:8

Pawlus resul Kolosdaky mesihçilere hatyny takmynan b. e. 60, 61-nji ýyllarynda ýazan bolmaly. Ol şonda ilkinji sapar Rimde tussaglykdady. Pawlus hatynda «ruhy zatlara çuňňur düşünmegiň» wajypdygyny agzady (Kol. 1:9). Soňra bolsa şeýle sözleri ýazdy: «Men muny hiç kim sizi ynandyryjy delilleri bilen aldaýmasyn diýip aýdýaryn. Seresap boluň, hiç kim sizi Mesihiň taglymatlaryna esaslanmadyk boş zatlar, ýagny dünýäniň düşünjeleridir akyldarlygy we ynsan adatlary bilen aldap, ýesir edäýmesin» (Kol. 2:4, 8). Pawlus dünýäde giňden ýaýran garaýyşlaryň käbiriniň näme üçin ýalandygyny we olaryň näme üçin bikämil adamlary özüne çekýändigini düşündirdi. Meselem, olar adamy özüni akylly saýmaga we başgalardan ýokary tutmaga iterýär. Onuň haty mesihçilere dünýäniň garaýşyny we nädogry işleri ret etmäge kömek etmelidi (Kol. 2:16, 17, 23). w17.11 sah. 20, abz. 1

13-nji mart, çarşenbe

Eger seniň eliň... günä etmegiňe sebäp bolýan bolsa, ony kes-de taşla. Mat. 18:8

Hudaýyň rehimdarlygyny gazanmak üçin mesihçi ýene nämeden el çekmeli? Ol gowy görýän, ýöne günäli işlere iterýän zatlardan geçmäge taýyn bolmaly (Mat. 18:9). Dostlaryňyz Ýehowanyň halamaýan işlerini etmäge iterse, siz olar bilen gatnaşygyňyzy kesermisiňiz? Ýa-da spirtli içgileri içmek endigi bilen göreşýän bolsaňyz, muňa iterýän islendik ýagdaýdan daşda durarmysyňyz? Ahlaksyz isleglere garşy durmak üçin, hapa pikirleri döredýän filmlerden, web-saýtlardan ýa-da işlerden gaça durarmysyňyz? Ýadyňyzda bolsun, wepaly galmak üçin edýän islendik tagallamyzy Ýehowa gymmat saýýar. Ýehowanyň terk edendigini duýmakdan erbet zat ýok bolsa gerek. Emma Ýehowanyň «sadyk söýgüsini» duýmakdan gowy zat ýokdur (Iş. 54:7, 8). w17.11 sah. 11, abz. 12

14-nji mart, penşenbe

Bu bütin dünýä siňýän näletdir... ogurlyk eden sogrulyp taşlanjakdyr. Zak. 5:3

Zakarýa 5:4-däki «nälet... ogrynyň... öýüne girer we şol öýde-de galar... (ol) öýi ýuwudar» diýen sözlere üns beriň. Görşümiz ýaly, «näleti», ýagny Ýehowanyň höküm habaryny gözenegiň ýa-da gulpuň astynda saklap bolmaýar. Ol Ýehowanyň halkynyň arasynda edilýän işleri aýan etmek üçin hatda iň gizlin ýerlere-de baryp ýetýär. Adam eden ogurlygyny hökümet işgärlerinden, başlygyndan, ýaşululardan ýa-da ene-atasyndan gizläp bilse-de, ähli zady aýan edýän Hudaýdan gizläp bilmeýär (Ýew. 4:13). «Ähli zatda özüni dogruçyl alyp barmaga» jan edýän adamlar bilen gatnaşmak, gör, nähili ruhlandyrýar! (Ýew. 13:18). Ýehowa ogurlygyň islendik görnüşini ýazgarýar. Biz Ýehowanyň ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşap, onuň adyna ysnat getirýän her bir hereketden gaça durmak isleýäris. Hudaýyň kanunyny bilgeşleýin bozsak, Ýehowanyň höküminden gaçyp bilerismi? w17.10 sah. 22, abz. 6, 7

15-nji mart, anna

Araňyzda parahatlygy saklap, mukaddes ruh arkaly alan agzybirligiňizi goramaga jan ediň. Efes. 4:3

Dogan-uýalar bilen aramyzda düşünişmezlik bolanda ýa-da bize adalatsyz daraşanlarynda, parahatlygy saklamak üçin elimizde baryny edýäris (Rim. 12:17, 18). Öýkeli ýürege şypa bermek üçin ötünç soramak wajyp, ýöne muny ýürekden etmeli. Maşgalada parahatlygy saklamak has-da wajyp. Är-aýal başgalaryň ýanynda bir-birini söýýän ýaly görkezip, ikiçäk galanlarynda bolsa gürleşmän ýa-da bir-biriniň ýüregine bitmejek ýara salýan sözleri aýdyp, özlerini duşman ýaly alyp barmaly däl we zalymlyk bilen daraşmaly däl. Biz ýürekden bagyşlamaga taýýar bolmaly. Göwnümize degen adama geçirimlilik etsek we ondan öýke-kine saklamasak, ony ýürekden bagyşlaýandygymyzy görkezeris. Başgalary ýürekden bagyşlamak üçin, pikiriňe hemişe ünsli bolmaly. Bu bize «ýalňyşlyklary hasaba almazlyga» kömek eder (1 Kor. 13:4, 5). Biz öýke-kine saklap ýörsek ýa-da başgalardan närazy bolsak, diňe bir dogan-uýalar bilen däl-de, Ýehowa bilen ýakyn dostlugymyza zyýan ýetireris (Mat. 6:14, 15). w17.10 sah. 10, abz. 14, 15

16-njy mart, şenbe

Siziň ýanyňyza meni Hökmürowan Ýehowanyň iberendigini bilersiňiz. Zak. 6:15

Zakarýanyň habary ýehudylara nähili täsir etdi? Ýehowa gurluşyk tamamlanýança, olary gorap, aladasyny etjekdigini söz berdi. Bu olaryň ejiz kalbynda täzeden umyt döretdi. Ýöne az sanly adam ägirt uly gurluşyk işini amala aşyryp bilermi? Zakarýanyň indiki aýdan sözleri olaryň ýüregindäki gorkyny we şübhäni sogrup taşlady. Hudaý wepaly gullukçylary Heldaý, Tobyýa hem-de Ýedaýadan başga-da köp adamlaryň «Rebbiň ybadathanasynyň gurluşygyna kömek etjekdigini» aýtdy. Pars şasy gadagan etse-de, Ýehowanyň kömek etjekdigine bolan güýçli ynam bilen ýehudylar derrew gurluşyk işine başladylar we b. e. öň 515-nji ýylda ybadathanany doly gurup gutardylar (Ezra 6:22; Zak. 4:6, 7). Emma Ýehowanyň sözleri biziň günlerimizde has uly gurluşyk işiniň alnyp baryljakdygyny görkezýär. w17.10 sah. 29, abz. 17

17-nji mart, ýekşenbe

Batyrgaý... bol-da, işe başla! 1 Ýyl. 28:20, TD

Süleýman patyşa taryhda iň wajyp işe, ýagny Iýerusalimdäki ybadathananyň gurluşygyna ýolbaşçylyk etdi. Bu «guruljak öý biçak gözel, bütin dünýäde meşhur hem-de şöhratly bolmalydy». Iň wajyby bolsa, ol «Beýik Hudaýyň öýi» diýip atlandyrylmalydy. Ýehowa bu gurluşyk işinde Süleýmana kömek etdi (1 Ýyl. 22:1, 5, 9—11). Eger Süleýman patyşa batyrgaý bolmadyk bolsa, ony gorky gaplardy, iň erbedi bolsa ruhdan düşürerdi. Süleýman ýaly batyrgaý bolup, tabşyrylan işi soňuna çenli berjaý edip biler ýaly, bize-de Ýehowanyň kömegi gerek. w17.09 sah. 28, abz. 1, 2; sah. 29, abz. 4, 5

18-nji mart, duşenbe

Emma Hudaýymyzyň sözi ebedi galýar. Iş. 40:8

Mukaddes Ýazgylar bolmadyk bolsa, durmuşyňyzyň nähili boljakdygy barada oýlanyp görüpdiňizmi? Şonda gündelik durmuş üçin wajyp bolan ygtybarly maslahatlar bolmazdy. Biz Hudaý, durmuşyň manysy we gelejek bilen bagly soraglarymyza kanagatlanarly jogap tapyp bilmezdik. Hudaýyň geçmişde adamzat maşgalasy üçin nämeleri edendigini-de bilmezdik. Biz çykalgasyz ýagdaýda däldigimize begenýäris. Sebäbi Ýehowa bize öz Sözüni, ýagny Mukaddes Ýazgylary sowgat berdi. Ol Sözüniň ebedi galjakdygyna kepil geçýär. Petrus resul hem muny tassyklap, Işaýa 40:8-e salgylanypdy. Bu aýatdaky sözler Mukaddes Ýazgylaryň özüni däl-de, ondaky ylhamlanyp ýazylan habary aňladýar (1 Pet. 1:24, 25). Bu aňsat bolmasa-da, asyrlaryň dowamynda akýürekli adamlar Ýazgylary terjime edip, ýaýratmak üçin elinde baryny etdiler. Olaram Hudaý ýaly «ähli adamlaryň halas bolmagyny we hakykat barada dogry bilim almagyny isleýärler» (1 Tim. 2:3, 4). w17.09 sah. 18, abz. 1, 2

19-njy mart, sişenbe

Sen onuň aýaly. Onsoň nädip men beýle gabahat iş edip, Hudaýyň öňünde günä gazanyp bilerin?! Gel. çyk. 39:9

Şu günlerem mesihçi ýaşlaryň köpüsi Ýusup ýaly synaga düşýärler (Gel. çyk. 39:7). Geliň, uýamyz Kim bilen bolan waka seredeliň. Onuň klasdaşlarynyň köpüsi ahlaksyzdy. Olar dynç günleri şeýle işler bilen meşgullanyp, mekdebe gelenlerinde, öwnüp gürrüň berýärdiler. Emma Kimiň aýdara hiç zady ýokdy. Şeýle ýagdaýda ol käte özüni terk edilen we ýeke galan ýaly duýýardy. Hiç kim bilen duşuşmaýandygy üçin deň-duşlary Kimiň üstünden gülýärdi. Ol şeýle ýaşlaryň içinde özüňe erk etmegiň aňsat däldigine düşünýärdi (2 Tim. 2:22). Klasdaşlary köplenç oňa: «Sen henizem namysyňy goran bolup ýörmüň?» diýýärdiler. Şonda ol mümkinçilikden peýdalanyp, munuň sebäbini düşündirýärdi. Deň-duşlarynyň täsirine düşmän, ahlak taýdan arassa galýan ýaşlarymyza biz örän buýsanýarys. Iň esasy zat bolsa, olara Ýehowa buýsanýar! w17.09 sah. 4, abz. 8; sah. 5, abz. 10

20-nji mart, çarşenbe

Ýamanlyk etmek üçin asla özüňi ýakma. Zeb. 37:8

Adatça, duýgularyna erk edip bilmeýän adam gaharjaň bolýar we göwne degiji sözleri aýdýar. Şeýle adam maşgalasynyň bagtyny ýatyrýar. Ýazgylarda gahar-gazap, gykylyk we hapa sözler babatda maslahat berilmegi örän ýerlikli (Efes. 4:31). Sebäbi bu zatlar zalymlyga eltýär. Gynansak-da, şu dünýäde gahar-gazaba bolaýmaly zat ýaly seredýärler. Emma bu Ýaradyjymyzyň adyna ysnat getirýär. Gaharjaň adamlaryň köpüsi üýtgäp, täze häsiýetlere geýinmegi başardylar (Kol. 3:8—10). Öňki häsiýetlere diňe bir göwne degiji sözler däl, eýsem, ýalan sözlemek hem degişli. Meselem, adamlar salgyt tölemejek bolup ýa-da etmişini gizlejek bolup ýalan sözleýärler. Emma Ýehowa «hakykat Hudaýy» (Zeb. 31:5). Ol «her birimizden ýakynymyza dogrymyzy aýtmagy» we «biri-birimize ýalan sözlemezligi» talap edýär (Efes. 4:25; Kol. 3:9). Şonuň üçin oňaýsyz ýagdaýa düşsek-de, hakykaty aýtmaly (Sül. tym. 6:16—19). w17.08 sah. 18, abz. 3, 5; sah. 20, abz. 12, 13, 15

21-nji mart, penşenbe

Onuň sözi tiz ýaýraýar. Zeb. 147:15

Şu günler Ýehowa bize Sözi arkaly görkezme berýär. Ol muny «tiz ýaýraýan sözüniň» üsti bilen gerek wagtynda edýär. Siz Mukaddes Ýazgylar, «wepaly we paýhasly hyzmatkäriň» taýýarlan edebiýatlary, JW teleýaýlymy, jw.org saýty, ýygnak ýaşululary we imandaşlarymyz arkaly Ýehowanyň berýän kömegi hakda oýlanyp görüň (Mat. 24:45). Siz Ýehowanyň «tiz ýaýraýan sözi» arkaly görkezme berýändigini duýýarsyňyzmy? Mezmurçy ysraýyl halkynda nähili bereketleriň bardygyny bilýärdi. Sebäbi şol döwürde diňe ysraýyllylara Hudaýyň «sözi... parzlary we hökümleri» berlipdi (Zeb. 147:19, 20). Bizem şu günler ýer ýüzünde Hudaýyň adyny göterýän ýeke-täk halk. Ýehowany tanamak we Sözüni okap, Onuň bilen dostlukly gatnaşykdan lezzet almak nähili uly hormat! 147-nji mezmury ýazan adam ýaly bizde-de Ýehowa «sena etmäge» we muňa başgalary höweslendirmäge ençeme sebäpler bar. w17.07 sah. 20, abz. 15, 16; sah. 21, abz. 18

22-nji mart, anna

Esger bolup gulluk edýän adam söwda-satyk işlerine baş goşýan däldir. Ol esgerlige kabul eden adamyň göwnünden turjak bolýandyr. 2 Tim. 2:4

Şu günler Isanyň şägirtleri, şol sanda bir milliondan gowrak uzak wagtly gulluk edýänler şu günki aýatdaky Pawlusyň maslahatyna eýermek üçin elinde baryny edýärler. Olar dünýäniň hödürleýän zatlaryndan el çekýärler, sebäbi Ýazgylarda: «Bergili karz bereniň hyzmatkäridir» diýilýär (Sül. tym 22:7). Bar wagtymyzy we güýjümizi söwda-satyk işlerine sarp etsek, Şeýtan begener. Biz nädogry karara gelsek, ençeme ýyl bergide ýaşap, karz bereniň guly bolarys. Karzyna jaý almak, ýokary okuw jaýynda tölegli okamak, gymmatbaha ulagy kredite almak, hatda uludan toý tutmak ýaly zatlar hem bergä batyrar. Durmuşymyzy sadalaşdyryp, bergi etmekden we artykmaç çykdajy etmekden gaça dursak, söwda-satyk işleriň däl-de, Hudaýyň guludygymyzy görkezeris (1 Tim. 6:10). w17.07 sah. 10, abz. 13

23-nji mart, şenbe

Hileli ýollary ýigrenýärin, görkezmeleriňi dogry hasaplaýaryn. Zeb. 119:128, TD

Ýehowa älem-jahanyň kanuny Hökümdary hasaplanýar. Ol adalatyny kämil derejede görkezýär. Ýehowa özi barada şeýle diýýär: «Ýer ýüzünde söýgi, adalat we dogruçyllyk bilen hereket edýän Men — Rebdirin. Çünki Men bulardan lezzet alýaryn» (Ýer. 9:24). Bikämil adamlaryň çykaran hiç bir kanuny adalata esaslanmaýar. Emma Ýehowa adalatyň gözbaşy, onuň adamlara beren kanunlary hem adalata esaslanýar. Hudaýyň «tagtynyň düýp-teýkary dogrulyk, adyllykdyr», şol sebäpli biz onuň ähli kanunlarynyň, prinsipleriniň we çykarýan kararlarynyň adalatlydygyna ynamly bolup bileris (Zeb. 89:14). Şeýtan Ýehowanyň hökümdarlygynyň adalatlydygyny şübhä goýsa-da, onuň özi dünýäde adalatyň bolmagyny gazanyp bilmedi. w17.06 sah. 28, abz. 5

24-nji mart, ýekşenbe

Eý Hökmürowan Hudaýym Ýehowa... sözleriň hem hakdyr. 2 Şam. 7:28, TD

Ýehowa — hakykat Hudaýy (Zeb. 31:5). Ol jomart Ata hökmünde özünden gorkýanlara hakykatyny aýan edýär. Hakykaty eşidenimizden bäri, biz hazynamyza Hudaýyň Sözi bolan Mukaddes Ýazgylardan we oňa esaslanan edebiýatlardan, kongreslerden, her hepde geçirilýän ýygnaklardan ençeme hakykatlary topladyk. Wagtyň geçmegi bilen, Isanyň aýdyşy ýaly, «hazynamyzy hem täze, hem köne zatlardan» dolduryp başladyk (Mat. 13:52). Eger biz şeýle hakykatlary gizlin hazyna kimin agtarsak, onda Ýehowa «hazynamyzy» täze hakykatlardan doldurmaga kömek eder (Sül. tym. 2:4—7). Biz munuň üçin näme etmeli? Munuň üçin biz Hudaýyň Sözüni we edebiýatlarymyzy çuňňur özleşdirip, şahsy okuwyny geçirmegi endik edinmeli. Bu bize «täze» hakykatlary, ýagny öň bilmeýän zatlarymyzy bilmäge kömek eder (Ýeş. 1:8, 9; Zeb. 1:2, 3). Biz hazynamyzy Hudaýyň hakykatlary bilen hemişe dolduryp durmaly. w17.06 sah. 12, abz. 13, 14

25-nji mart, duşenbe

Siz meni çagyrarsyňyz, gelip doga edersiňiz, menem sizi diňlärin. Ýer. 29:12, TD

Ýaş sallah dogan Eduardony 1 Korinfliler 7:28-däki «maşgala gurýan adamlaryň durmuşynda täze kynçylyklary dörär» diýen sözler biynjalyk edýärdi. Ol maşgalaly, gartaşan we ýygnak ýaşulusy Stefanyň ýanyna baryp: «Bu aýatda nähili kynçylyklar barada aýdylýar? Eger men durmuş gursam, olara nädip hötde gelip bilerin?» diýip soraýar. Stefan onuň soragyna jogap bermezden öň, Pawlus resulyň Ýehowa hakda «bütin teselliler Hudaýy... bize ähli kynçylyklarymyzda teselli berýär» diýen sözleri barada pikir alyşýar (2 Kor. 1:3, 4). Dogrudan-da, mähriban Atamyz Ýehowa kynçylyklarda bize teselli berýär. Mümkin, Hudaýyň öz Sözi arkaly kynçylyklarda sizi goldandygy we görkezme berendigi ýadyňyzdadyr. Onuň geçmişdäki gullukçylaryna kömek edişi ýaly, bizi-de goldajakdygyna doly ynanyp bileris (Ýer. 29:11). w17.06 sah. 4, abz. 1, 2

26-njy mart, sişenbe

Ýehowa gelmişekleri goraýar. Zeb. 146:9, TD

Gaçgaklykda ýaşaýan dogan-uýalar, esasan, ruhy we duýgy taýdan kömege mätäç bolýar (Mat. 4:4). Ýaşulular olara öz dilindäki edebiýatlary we şol dilde gepleýän doganlary tapmaga kömek edip bilerler. Gaçgaklaryň köpüsi dogan-garyndaşlaryndan, öz ilinden we ýygnagyndan aýra düşendikleri üçin, Ýehowanyň söýgüsine has-da mätäç. Şol sebäpli olara duýgudaşlyk bildirmeli, ýogsam, olar Ýehowa iman etmeýän garyndaşlary ýa-da ildeşleri bilen ýakyn gatnaşyk edip başlarlar (1 Kor. 15:33). Eger olara ýygnakda özlerini gerekli duýmaga kömek etsek, «gelmişekleri goraýan» Ýehowa bilen hyzmatdaşlyk etmek hormatyna eýe bolarys! Gaçgak dogan-uýalar köp wagtlap yzyna dolanyp bilmezligi mümkin. Şeýle-de olaryň köpüsi başyndan geçiren zatlary sebäpli özüni erbet duýýarlar. Özümize şeýle sorag berip bileris: «Şeýle zatlar meniň başyma düşen bolsa, maňa näme edilmegini islärdim?» (Mat. 7:12). w17.05 sah. 6, 7, abz. 15, 16

27-nji mart, çarşenbe

Köpleriň söýgüsi sowar. Mat. 24:12

Eger ruhdan düşsek, imanymyzyň gowşamagyna we söýgimiziň sowamagyna ýol bereris. Şeýtanyň zalym dünýäsinde ýaşaýandygymyz üçin, ruhdan düşürýän ýagdaýlara uçraýarys (1 Ýah. 5:19). Mümkin, biz garrylyk, keselçilik ýa-da ýeter-ýetmezçilik ýaly kynçylyklara duş gelýändiris. Ýa-da ýaramaz pikirler, tamaň puja çykmagy we kemçiliklerimiz bilen göreşýändiris. Emma şeýle ýagdaýlaryň bizi Ýehowadan aýra salmagyna hiç haçan ýol bermeli däl. Gaýtam, Onuň bizi söýýändigi baradaky göwünlik beriji sözleri hakda oýlanmaly. Meselem, Zebur 136:23-de: «Pes ýagdaýdakak bizi ýatlan (Oldur), çünki merhemeti ebedidir» diýilýär. Dogrudan-da, Ýehowanyň wepaly gullukçylaryna bolan söýgüsi sowamaýar. Şol sebäpli biz onuň ahy-nalamyzy eşidýändigine we oňa jogap berjekdigine asla şübhelenmän bileris (Zeb. 116:1; 136:24—26). w17.05 sah. 18, abz. 8

28-nji mart, penşenbe

Emma adamlaryň etmişini bagyşlamasaňyz, Ataňyz hem siziň etmişiňizi bagyşlamaz. Mat. 6:15

Galatýalylar 2:11—14-nji aýatlardan görşümiz ýaly, Petrus resul adamdan gorka ýol berýär (Sül. tym. 29:25). Ol başda Ýehowanyň islegine laýyk hereket etse-de, Iýerusalimdäki ýygnakdan sünnetlenen ýehudylar gelende, gorkup, özüni başgaça alyp barýar. Pawlus resul Antiohiýada Petrusyň ikiýüzlilik edýändigini görüp, oňa düzediş berýär (Res. iş. 15:12; Gal. 2:13). Petrus Pawlus resulyň beren düzedişini kabul eden bolmaly. Sebäbi Ýazgylarda onuň hormatly borçlaryny ýitirendigi aýdylmaýar. Gaýtam, şol wakadan soň, Petrus Hudaýyň ylhamy bilen ýygnaklara öz adyny göterýän iki sany hat ýazýar. Ýygnagyň başy Isa ol arkaly köp işleri edýärdi (Efes. 1:22). Şeýlelikde, ýygnagyň agzalarynyň ýürekden bagyşlamak babatda Isanyň we Ýehowanyň göreldesine eýermäge mümkinçiligi boldy. Bikämil adamyň goýberen ýalňyşlygy sebäpli hiç kim büdremedik bolsa gerek. w17.04 sah. 27, abz. 16—18

29-njy mart, anna

Hudaý Sodom bilen Gomorra şäherlerini-de küle öwrüp, olary jezalandyrdy. Şeýdip, ol hudaýsyz adamlara näme boljakdygyny duýdurdy. 2 Pet. 2:6

Ýehowa şol şäherleri ýok edip, erbetligiň düýp-teýkary bilen soňuna çykdy. Şeýdip, «ol hudaýsyz adamlara näme boljakdygyny duýdurdy». Eger Ýehowa şonda ahlaksyz işleriň soňuna çykan bolsa, onda ol bu zalym dünýäni höküm edende, ähli erbetligi hem bütinleý ýok etmezmi? Erbet işler ýok edilende näme bolar? Täze dünýäde adamlar edýän işlerinden kanagat tapar. Göz öňüne getiriň, bütin ýer ýüzi Jennete öwrüler, biz özümiz we dogan-garyndaşlarymyz üçin jaýlar salarys. Millionlarça ölen adamlar direlip, Ýehowa we onuň adamzat üçin eden işleri hakda bilim alarlar (Iş. 65:21, 22; Res. iş. 24:15). Her bir edýän işimiz bize şatlyk berer we Ýehowa şöhrat getirer. w17.04 sah. 12, abz. 11, 12

30-njy mart, şenbe

Yzyma dolanyp gelenimde derwezämden ilkinji çykan Seniňkidir, Ser. 11:31

Bu wadany berende, Ýeftah öňünden gyzynyň hem çykyp biljekdigine düşünýärdi. Nähili bolaýanda-da, bu olaryň ikisi üçin-de aňsat däldi. Ýeftah gyzyny görende, ýakasyny ýyrtyp: «Wah, gyzym, sen meniň bagtymy garaltdyň!» diýdi. Gyzy bolsa «durmuşa çykmakdan mahrum bolandygy» üçin aglady. Ýeftahyň başga çagasy ýokdy. Ýekeje gyzy hem durmuşa çykyp bilmeýärdi. Ýeftah agtyk söýüp bilmejekdigine we adyny, neslini dowam etdirjek adamyň ýokdugyna düşünýärdi. Ýöne Ýeftah üçin has wajyp zat bardy. Ol: «Men Rebbiň öňünde öz agzym bilen kasam etdim, indi nädip ondan boýun gaçyraýyn» diýdi. Gyzy kakasyna: «Näme kasam eden bolsaň, ýerine ýetiriber» diýdi (Ser. 11:35—39). Olar Gudratygüýçli Hudaýa beren sözünde durmak üçin hemme zatdan, hatda öz isleglerinden-de geçmäge taýyndylar (Kan. tag. 23:21, 23; Zeb. 15:4). w17.04 sah. 4, abz. 5, 6

31-nji mart, ýekşenbe

Sabyrly garaşaryn. Mika 7:7, TD

Ybraýymyň çowlugy Ýusup hem sabyrly bolmakda ajaýyp görelde galdyrdy. Ol birnäçe gezek adalatsyzlyga uçraýar; 17 ýaşyndaka, doganlary ony gulçulyga satýarlar. Soňra hojaýynynyň aýaly oňa töhmet atandygy üçin türmä basýarlar (Gel. çyk. 39:11—20; Zeb. 105:17, 18). Aslynda, Ýusuba jeza bermän, gaýtam, ony sylaglamalydy. Sebäbi ol dogry adamdy. Emma 13 ýyl geçende, onuň durmuşy düýpgöter üýtgeýär. Ony türmeden çykarýalar we Müsürde patyşadan soň ikinji adam edip belleýärler (Gel. çyk. 41:14, 37—43; Res. iş. 7:9, 10). Ýusup adalatsyzlyga uçranda gaharlandymy? Onuň Ýehowa bolan ynamy gaçdymy? Elbetde, ýok. Ýusuba sabyrly bolmaga näme kömek etdikä? Ol Ýehowa iman edýärdi we onuň ähli zada gözegçilik edýändigine ynanýardy. Muny Ýusubyň doganlaryna aýdan şu sözlerinden görse bolýar: «Siz maňa ýamanlyk etmek islediňiz, emma görşüňiz ýaly, birtopar adamlary diri galdyrmak üçin Hudaý ol ýamanlygy ýagşylyga öwürdi» (Gel. çyk. 50:19, 20). Görşümiz ýaly, Ýusup biderek ýere garaşmandyr. w17.08 sah. 4, abz. 6; sah. 6, abz. 12, 13

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş