Aprel
1-nji aprel, duşenbe
Sowgat hökmünde dürli ukyply adamlary berdi. Efes. 4:8
Biz bu gymmatly sowgatlardan nädip peýdalanyp bileris? Munuň bir usuly ýaşulularyň imanyndan we özüni alyp barşyndan görelde almaly. Ýene bir usuly olaryň Ýazgylar esasynda berýän maslahatlaryny kabul etmeli (Ýew. 13:7, 17). Ýadyňyzda bolsun, ýaşulular bizi söýýärler we biziň ruhy taýdan ösmegimizi isleýärler. Meselem, olar ýygnak duşuşyklaryndan galýandygymyzy görseler ýa-da yhlasymyzyň gowşandygyny duýsalar, haýal etmän, kömege gelerler. Olar bizi diňläp, berkitmek üçin mähirli sözleri aýdarlar we Ýazgylar esasynda ýerlikli maslahatlary bererler. Siz şeýle kömege Ýehowanyň söýgüsi hökmünde garaýarsyňyzmy? Ýygnak ýaşulularyna bize gerekli maslahaty bermegiň aňsat däldigini unutmaň. Biz ýygnak ýaşulularynyň ýüküni nädip ýeňledip bileris? Munuň üçin pesgöwünli, düşünjeli we minnetdar adam bolmaly. Olaryň kömegine Hudaýyň söýgüsi hökmünde garamaly. Bu diňe bize peýda bermän, olaryň hem şatlygyna şatlyk goşar. w18.03 sah. 31, abz. 15, 16
2-nji aprel, sişenbe
Oglum, men özüme gyjalat berýäne bir söz gaýtarar ýaly, akyldar bol-da, ýüregimi şatlandyr. Sül. tym. 27:11
Hemme çagalar birmeňzeş bolmaýar. Olaryň düşünjesi, dünýägaraýşy we ruhy taýdan ösüşi biri-biriniňkiden tapawutlanýar. Käbir çagalar pikir we duýgy taýdan çalt ösüp, suwa çümdürilmek isleýändigini aýdýarlar. Başgalary bolsa bu ädimiň wajypdygyna biraz ulalandan soň düşünýärler. Şonuň üçinem paýhasly ene-atalar çagalaryny suwa çümdürilmäge mejbur etmeýärler. Gaýtam, olara ruhy taýdan ösmäge kömek edenlerinde, hersiniň ösüşini we ukybyny göz öňünde tutýarlar. Ene-atalar çagalarynyň şu günki aýatdaky sözlere çynlakaý garaýandygyny görüp begenýärler. Muňa garamazdan, olar çagalarynyň Mesihiň şägirdi bolmalydygy baradaky maksadyny ünsden düşürmeli däl. Şoňa görä-de ene-atalar: «Özüni Hudaýa bagyş edip, suwa çümdüriler ýaly, çagamyň ýeterlik bilimi barmyka?» diýen soragyň üstünde oýlansalar gerek. w18.03 sah. 9, abz. 6
3-nji aprel, çarşenbe
Eden kasamy öz zyýanyna-da bolsa, ondan dänýän däldir. Zeb. 15:4
Eger bizi myhmançylyga çagyrsalar muňa sowuk-sala garamaly däl. Sebäbi myhmançylyga çagyran adam gowy taýýarlyk görmegi mümkin. Biz hem oňa barmasak, onuň bar eden tagallasy biderek bolar (Mat. 5:37). Käbirleri gurplurak ýa-da hormatlanýan biri myhmançylyga çagyrsa, ondan öň çagyran adama baryp bilmejekdigini aýdýar. Şeýle edýäne söýýän ýa-da hormat goýýan adam diýip bolarmy? Aslynda, biz öý eýesi näme hödür etse-de, onuň myhmansöýerligine ýürekden minnetdar bolmaly (Luka 10:7). Käbir wajyp sebäplere görä baryp bilmejek bolsak, myhmançylyga çagyran adama sypaýyçylyk hem söýgi bilen mümkin boldugyndan tizräk duýdursak gowy bolar. Ýerli däp-dessurlara hormat goýmak hem örän wajyp. Käbir medeniýetlerde garaşylmadyk myhmanlary hem mähir bilen garşy alýarlar; ýöne başga ýerde barjakdygyň barada öňünden duýdurmak ýerlikli hasaplanýar. Käbir medeniýetlerde myhmançylyga çagyranlarynda, bir-iki sapardan soň razylyk bildirilýär; ýöne başga medeniýetde birinji gezek çakylygy kabul etmeseň, ýerliksiz hasaplanýar. Geliň, myhmançylyga çagyran adamlar begener ýaly, elimizde baryny edeliň. w18.03 sah. 18, abz. 20, 21
4-nji aprel, penşenbe
Ruhy taýdan ýetişen adam bolmaga ymtylalyň. Ýew. 6:1
Ruhy taýdan ýetişen adam bolmak üçin Ýazgylardan ýöne bir bilim almagyň ýeterlik däldigini unutmaň (1 Pat. 4:29, 30; 11:4—6). Mukaddes Ýazgylardan bilim alanymyzdan soň ýene näme etmeli? Ruhy taýdan ösmegimizi dowam etmeli (Kol. 2:6, 7). Iň wajyp ädimleriň biri «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» atly kitaby öwrenmeli. Bu kitaby çuňňur özleşdirseňiz, Ýazgylardaky prinsipleri durmuşda nädip ulanmalydygyny bilmäge kömek eder. Ony öwrenip gutaran bolsaňyz, onda imanyňyzy berkitmäge kömek etjek başga edebiýatlarymyzy özleşdirip bilersiňizmi? (Kol. 1:23). Öwrenen zadyňyzy durmuşda ulanmak üçin doga edip oýlanýarsyňyzmy? Oýlananyňyzda, muny Ýehowanyň göwnünden turmaga bolan islegimizi artdyrmak we kanunlaryna gulak asmagy öwrenmek niýeti bilen etmelidigini unutmaň (Zeb. 40:8; 119:97). Şeýle-de ruhy taýdan ösmäge päsgel berýän zatlary inkär etmeli (Tit. 2:11, 12). w18.02 sah. 24, 25, abz. 7—9
5-nji aprel, anna
Nuh imany arkaly dogruçyl adam hasaplandy. Ýew. 11:7
Nuh pygamberiňki ýaly imany ösdürmek üçin Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrenmeli, bilen zatlarymyzy ýürekden kabul etmeli we olaryň durmuşymyza täsir edip, ýol görkezmegine mümkinçilik bermeli (1 Pet. 1:13—15). Şeýle imany we Hudaýa mahsus akyldarlygy ösdürsek, Şeýtanyň mekir hilelerinden hem-de dünýäniň erbet täsirinden gorar (2 Kor. 2:11). Dünýäniň ruhy zorlugy we ahlaksyzlygy öňe sürýär. Bu bolsa adamlary ten islegini hemme zatdan ileri tutmaga höweslendirýär (1 Ýah. 2:15, 16). Hatda adamy ruhy taýdan gowşadyp, Hudaýyň beýik gününiň golaýlaýandygyny inkär etmäge iterýär. Isa biziň günlerimizi Nuhuň günleri bilen deňeşdirende, zorlugy ýa-da ahlaksyzlygy däl-de, esasan, ruhy taýdan hüşgärligi elden bermegiň howpludygyny belläp geçdi (Mat. 24:36—39). Özümize şeýle soraglary berip bileris: «Meniň durmuşym Ýehowany hakykatdanam tanaýandygymy görkezýärmi? Hudaýa bolan imanym diňe bir onuň kada-kanunlary boýunça ýaşamaga däl-de, eýsem, olary başgalara-da gürrüň bermäge höweslendirýärmi?» Berýän jogabymyz «Hudaýyň huzurynda gezýändigimizi» anyklamaga kömek eder (Gel. çyk. 6:9). w18.02 sah. 9, 10, abz. 8—10
6-njy aprel, şenbe
Şeýle adamlardan gaça dur. 2 Tim. 3:5
Biz Hudaýa ýaramaýan häsiýetli adamlardan doly daşda durup bilmeris. Sebäbi olar bilen işlemeli, mekdepde okamaly ýa-da ýaşamaly bolýarys. Muňa garamazdan, olaryň garaýyşyna we özüni alyp barşyna eýermekden gaça durup bileris. Munuň üçin Ýazgylary çuňňur öwrenip we Ýehowa gulluk edýän adamlar bilen ýakyndan gatnaşyp, özümizi ruhy taýdan berkitmeli. Başgalara hem ruhy taýdan kömek etmäge jan etmeli. Adamlara wagyz edip we öz wagtynda ýerlikli sözleri aýdyp biler ýaly, Ýehowadan kömek soramaly. Özümiziň Ýehowanyň Şaýatlarydygymyzy başgalardan gizlemeli däl. Şonda ýagşy edim-gylymymyz özümize däl-de, Hudaýa şöhrat getirer. Sebäbi «bu merhemet bize häzirki döwürde Hudaýyň islegine garşy gelýän zatlardan we dünýäniň höweslerinden ýüz öwürmegi, sagdyn düşünjeli bolmagy, dogrulykda ýaşamagy hem-de Hudaýa wepaly bolmagy öwredýär» (Tit. 2:11—14). Özümizi Hudaýa ýaramly alyp barsak, bizi gören adamlar: «Özüň bilen gitmäge bize ygtyýar et, sebäbi Hudaýyň seniň bilendigini eşitdik» diýerler (Zak. 8:23). w18.01 sah. 31, abz. 17, 18
7-nji aprel, ýekşenbe
Adamlar özüni bilýän... bolar. 2 Tim. 3:2
Eýsem, özüňi söýmek nädogrumy? Elbetde, ýok. Bu adaty zat; sebäbi Ýehowa bizi şeýle ýaratdy. Hatda özümizi ýerlikli söýmek peýdaly. Isa: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýdi (Mar. 12:31). Eger biz özümizi söýmesek, onda ýakynymyzy hem söýüp bilmeris. Şeýle-de Injilde: «Ärler hem aýalyny öz bedenini söýşi ýaly söýmelidir. Aýalyny söýýän adam özüni söýýändir. Hiç bir adam bedenini ýigrenýän däldir, gaýtam, ony iýmitlendirip aladasyny edýändir» diýilýär (Efes. 5:28, 29). Görşümiz ýaly, özüňi ýerlikli söýmek nädogry däl. 2 Timoteos 3:2-de agzalýan söýgi ýoýulan we ol diňe özüňi bilmeklige iterýär. Özüni söýýän adamlar «özleri hakda çendenaşa köp pikir edýär» (Rim. 12:3). Olar diňe öz bähbidine çapyp, başgalar barada känbir alada etmeýär. Işi ugruna bolmasa, jogapkärçiligi çekmegiň deregine, başgalary günäkärleýärler. Dogrudan-da, diňe özüni bilýän adamlar bagtly bolup bilmeýär. w18.01 sah. 23, abz. 4, 5
8-nji aprel, duşenbe
Minnetdar boluň. Kol. 3:15
Şahsy okuwy Ýehowany diňlemäge, doga etmek bolsa onuň bilen gepleşmäge mümkinçilik berýär. Mesihçiler doga etmeklige ýöne bir däp-dessur ýa-da işiň rowaç bolmagy üçin üstünlik dilemek ýaly zat hökmünde garamaly däl. Aslynda, doga etmek — Ýaradyjymyz bilen gepleşmek. Ýehowa siziň Özi bile gepleşmegiňizi isleýär (Flp. 4:6). Siz nämedir bir zada biynjalyk bolsaňyz, Mukaddes Ýazgylardaky: «Ýüküňi Rebbiň üstüne taşla» diýen paýhasly maslahat hakda oýlanyň (Zeb. 55:22). Siziň pikiriňizçe, bu maslahata eýermegiň peýdasy barmy? Millonlarça dogan-uýalar muňa öz durmuşynda göz ýetirdiler. Ol size-de kömek eder! Doga etmek Ýehowadan ýöne bir zat dilemekden has köp zady aňladýar. Biz käte gaýgy-aladalara gümra bolup, alýan bol bereketlerimizi ünsden düşürip bileris. Her gün alýan bereketleriňiziň iň bolmanda üçüsi hakda oýlanyp görüň. Olar üçin Ýehowa doga edip, minnetdarlyk aýdyň. w17.12 sah. 25, 26, abz. 10, 11.
9-njy aprel, sişenbe
Sen mukaddes ýazgylary bäbeklikden bilýärsiň, olar halas bolmagyň üçin seni akyldar edip bilýär, sebäbi sen Mesih Isa iman edýärsiň. 2 Tim. 3:15
Her ýyl Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän müňlerçe adamlar özüni Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilýärler. Olaryň arasynda hakykatda ulalan ençeme ýaşlaram bar (Zeb. 1:1—3). Eger siziň hem çagalaryňyz bar bolsa, olaryň suwa çümdüriljek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýansyňyz (3 Ýahýa 4-i deňeşdiriň). Mesihçi ene-atalar, sizem çagaňyzyň Mukaddes Ýazgylary bilmegini isleýänsiňiz. Ukybynyň nähilidigine garamazdan, hatda ýaş çagalaram Mukaddes Ýazgylarda agzalýan adamlar we wakalar barada esasy zatlary öwrenip bilýärler. Ýehowanyň Şaýatlarynyň guramasy çagalara kömek etmek üçin ene-atalary dürli esbaplar bilen üpjün edýär. Diňe Mukaddes Ýazgylardaky bilim arkaly Ýehowa bilen dostlaşyp, ony berkidip bolýandygyny unutmaň. w17.12 sah. 18, abz. 1; sah. 19, abz. 4
10-njy aprel, çarşenbe
Är... aýalyň başydyr. Efes. 5:23
Eger iman etmeýän ýanýoldaşyňyz özüni siziň isleýşiňiz ýaly alyp barmaýan bolsa näme? Siz ýagdaýy gowulandyrmak üçin onuň bilen dawalaşarmysyňyz? Hatda siz isleýän zadyňyzy etdiräýeniňizde-de, ony hakykata çekip bilermisiňiz? Elbetde, ýok. Emma siz onuň baştutanlyk borjuna hormat goýsaňyz, maşgalaňyz agzybir bolar, Ýehowany şöhratlandyrarsyňyz we ýanýoldaşyňyza hakyky seždä goşulmaga kömek edersiňiz. Şonda siziň ikiňizem Hudaýyň berjek sylagyna eýe bolarsyňyz (1 Pet. 3:1, 2). Eger Ýehowa iman etmeýän aýalyňyz size hormat goýmaýan bolsa näme? Aýalyňyzy mejbur edip, baştutanlyk borjuňyza hormat goýmagy gazanyp bilermisiňiz? Bu başa barmasa gerek! Hudaý siziň baştutanlyk borjuňyzy Isadan görelde alyp, söýgi bilen ýerine ýetirmegiňizi isleýär. Isa ýygnaga söýgi we sabyrlylyk bilen gözegçilik edýär (Luka 9:46—48). Erkek adam Isadan görelde alsa, aýalyna hakyky seždä goşulmaga kömek edip biler. w17.11 sah. 28, 29, abz. 13, 14
11-nji aprel, penşenbe
Ähli zady guran bolsa Hudaýdyr. Ýew. 3:4
Dünýäniň garaýşyna eýerýän adamlar Ýehowanyň görkezmesini inkär edýärler ýa-da onuň gymmatyny gaçyrýarlar. Olaryň täsirine düşsek, imanymyz kem-kemden gowşap biler. Şu günler biziň ählimize şeýle howp abanýar. Meselem, dünýäniň garaýşy telewizor we Internet arkaly, işde ýa-da mekdepde täsir edip biler. Köp ýurtlarda Hudaýa iman etmeýän adamlaryň sany gitdigiçe artýar; olar özlerini hiç bir dine degişli hasaplamaýarlar. Mümkin, olar Hudaýyň bardygyny subut edýän zatlary ünsli öwrenen däldirler. Ýöne «islän zadyňy etmeli» diýen düşünjäni jany-teni bilen makullaýarlar (Zeb. 10:4). Käbir adamlar bolsa: «Hudaýa iman etmesem-de, ýokary prinsipler boýunça ýaşaýaryn» diýip, özlerini akylly saýmaklary mümkin. «Ýaradyjy ýok» diýen düşünje akyla laýyk gelýärmi? Ýaşaýşyň döredilendigine göz ýetirmek üçin ylma ser salsaň, onda birgiden maglumatdan ýaňa adamyň başy çaşyp biler. Emma munuň jogaby aýdyň. Eger binany kimdir biri guran bolsa, onda janly-jandarlary hem kimdir biri ýaradan bolmaly. w17.11 sah. 20, 21, abz. 2—4
12-nji aprel, anna
Ýehowadan gorkýanlar we ady hakda oýlanýanlar üçin, onuň öňünde bir ýatlama kitaby ýazyldy. Mal. 3:16, TD
Ýatlama agşamyna barmagyň wajypdygy barada oýlanyň. Bilşimiz ýaly, ýygnak duşuşyklary Hudaýa edýän seždämiziň bir bölegi hasaplanýar. Onda her ýyl geçirilýän bu wajyp waka barmak üçin edýän tagallamyzy Ýehowa bilen Isa has-da gymmat saýmazmy?! Şol sebäpli ýagdaýymyz ýa-da mümkinçiligimiz nähili bolaýanda-da, biz Ýatlama agşamyna barmak isleýäris. Biz bu duşuşyklaryň wajypdygyny iş ýüzünde görkezsek, «ýatlama kitabyna», ýagny «ýaşaýyş kitabynda» ebedi ýaşaýşa gowuşjak adamlaryň arasynda biziňem adymyzyň ýazylmagyna mümkinçilik berýäris (Ylh. 20:15). Ýehowa bilen dostlugymyzy barlamak üçin, Ýatlama agşamy döwri biz doga etmäge we çuňňur şahsy okuwyny geçirmäge wagt sarp edip bileris (2 Kor. 13:5). w18.01 sah. 13, abz. 4, 5
13-nji aprel, şenbe
(Ol) şol galalaryň birine gaçyp barsyn. Ýeş. 20:4
Gaçybatalga şäheri gaçgak adama gorag berýärdi. Şeýle şäherler barada Ýehowa: «Galalar ganhorlar üçin... gaçybatalga bolsun» diýdi (Ýeş. 20:2, 3). Ýehowa tötänden gan döken adamy etmişi üçin indi höküm etmeýärdi, öldürilen adamyň hossary hem onuň janyny almak üçin şähere girip bilmeýärdi. Gaçgak adam bolsa etmişi üçin jeza çekerin öýdüp, gorkuda ýaşamaýardy. Sebäbi şäheriň içinde ol howpsuzlykda ýaşap, Ýehowanyň penasynda bolýardy. Gaçybatalga şäherlerine tussaghana diýsek nädogry bolardy. Ol ýere gaçan adama işlemäge, başgalara kömek etmäge we Ýehowa arkaýyn gulluk etmäge mümkinçilik berilýärdi. Dogrudan-da, Günäkär adam üçin asuda we şatlykly durmuşda ýaşamak mümkindi! Günä eden mesihçileriň käbiri toba etseler-de, özlerini etmişi üçin türmede ýaly duýýarlar. Hatda olary Ýehowa hiç haçan bagyşlamaz diýen duýgular gaplap alýar. Eger siz hem özüňizi şeýle duýýan bolsaňyz, onda Ýehowanyň bagyşlandygyna we rehimdarlygyny gazanandygyňyza asla şübhelenmän bilersiňiz. w17.11 sah. 9, abz. 6; sah. 11, abz. 13, 14
14-nji aprel, ýekşenbe
Doganlaryň agzybir ýaşaýandygyny görmek, nähili gowy, nähili ýakymly! Zebur 133:1, TD
Ýatlama agşamyndaky nyşanlaryň näme aňladýandygy barada oýlansak, bize dogan-uýalar bilen agzybir bolmaga kömek eder. Bu ähmiýetli wakadan öň, esasan-da, şol gün hamyrmaýasyz çörek bilen gyrmyzy şerabyň manysy hakda çuňňur oýlanyň (1 Kor. 11:23—25). Çörek Isanyň gurban eden günäsiz bedenini, şerap bolsa döken ganyny aňladýar. Mesihiň töleg gurbany iň güýçli iki söýgini, ýagny Ýehowanyň biziň üçin Ogluny berip görkezen söýgüsini we Isanyň janyny meýletin berip, bize bildiren söýgüsini aňladýar. Bu hakda oýlansak, olaryň söýgüsine söýgi bilen jogap bermäge höweslendirer. Biziň we imandaşlarymyzyň Ýehowa bolan söýgüsi edil işilen ýüp ýaly agzybirligimizi berkidýär. w18.01 sah. 14, abz. 11
Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (9-njy nisanda gün batandan soň bolan wakalar) Matta 26:6—13
15-nji aprel, duşenbe
Hudaý dünýä ýeke-täk Ogluny iberip, bize ol arkaly ýaşaýşa gowuşmaga ýol açdy. Şeýdip, ol bizi söýýändigini görkezdi. 1 Ýah. 4:9
Ýehowa adamlary juda söýýär we olaryň aladasyny edýär. Ol Oglunyň gany arkaly ebedi ýaşaýşa ýol açdy (Ýah. 3:16). Ýehowa bu wadasyny ýerine ýetirmese, onda Iblis Hudaýy ýalan sözlemekde we adalatsyz höküm sürmekde aýyplar. Şeýle-de: «Hany, geljek diýip wada beren nirede? Ata-babalarymyzyň döwründen bäri hiç zat üýtgemedi, dünýä ýaradylany bäri, hemme zat öňküligine dur» diýýän duşmanlaryň ýaňsylamalary dogry bolup çykar (2 Pet. 3:3, 4). Ýehowa hökümdarlygyny aklap, gulak asýan adamlara gutulyş getirer (Iş. 55:10, 11). Galyberse-de, Ýehowa söýgi bilen höküm sürýär. Şol sebäpli biz onuň wepaly gullukçylaryny hemişe söýjekdigine, aladasyny etjekdigine we gymmat saýjakdygyna ynamly bolup bileris (Müs. çyk. 34:6). w17.06 sah. 23, abz. 7
Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (9-njy nisanda bolan wakalar) Matta 21:1—11, 14—17
16-njy aprel, sişenbe
Hudaý Ogluny biziň günälerimiz üçin gurban berdi... Hudaý muny... bizi söýendigi üçin etdi. 1 Ýah. 4:10
Ýehowa Gelip çykyş 3:15-de Halasgär berjekdigini wada edende, tölegi eýýäm tölenen ýaly hasaplaýardy. Şondan takmynan 4 müň ýyl geçende, Ýehowa ýer ýüzüne ýeke-täk Ogluny iberip, töleg hökmünde berdi (Ýah. 3:16). Bu Ýehowanyň öz bähbidini gözlemän söýgi bildirendigini görkezmeýärmi?! Biz Hudaýyň keşbinde ýaradyldyk, şonuň üçin öz bähbidine çapmaýan söýgini görkezip bilýäris. Habyl iň gowy zatlaryny gurban getirip, Hudaýy ýürekden söýýändigini görkezdi (Gel. çyk. 4:3, 4). Adamlar seslenmeseler-de, Nuh pygamber onlarça ýyllap Hudaýyň habaryny wagyz edip, şeýle söýgini görkezdi (2 Pet. 2:5). Ybraýym pygamber hem Yshagy gurban getirjek bolanda, Hudaýa bolan söýgüsini öz duýgularyndan ileri tutdy (Ýak. 2:21). Biz hem şu wepaly adamlaryň göreldesine eýerip, kyn ýagdaýlarda-da hakyky söýgini bildirmek isleýäris. w17.10 sah. 7, 8, abz. 3, 4
Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (10-njy nisanda bolan wakalar) Matta 21:18, 19; 21:12, 13; Ýahýa 12:20—50
17-nji aprel, çarşenbe
Biziň baş ruhanymyz ejizliklerimize duýgudaşlyk bildirip bilýändir. Ol biziň ýaly ähli zatda synalsa-da, günä eden däldir. Ýew. 4:15
Baş ruhanymyz Isanyň «kömege mätäç bolanymyzda... bize rehimdarlyk bildirip, merhemet etjekdigine» asla şübhelenmän bileris (Ýew. 4:16). Şonuň üçin Isanyň töleg gurbanyna iman etmek wajyp. Onuň hut özümize peýda getirýändigine iman etmeli (Gal. 2:20, 21). Şeýle iman günämiziň bagyşlanýandygynyň esasy özeni bolup durýar. Töleg gurbanyna iman etmek bize ebedi ýaşaýşa umyt berýär. Isanyň töleg gurbany Ýehowanyň bize beren sowgadydyr. Ýehowa günälerimizi bagyşlan bolsa, ony ýene-de ýatlar we höküm çykarar diýip gorkmaly däl (Zeb. 103:8—12). Biz Ýehowanyň bagyşlandygyna doly ynanyp bileris. w17.11 sah. 11, 12, abz. 14—17
Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (11-nji nisanda bolan wakalar) Matta 21:33—41; 22:15—22; 23:1—12; 24:1—3
18-nji aprel, penşenbe
Men... olaryň öwredýän zatlaryny diňläp, maňa iman etjek adamlar üçin hem haýyş edýärin. Atam, şonda seniň meniň bilen... birlikde bolşuň ýaly, olaryň ählisi-de birlikde bolarlar. Ýah. 17:20, 21
Isa Ýatlama agşamyny girizen gijesi şägirtleriniň agzybir bolmagy we Atasy bilen birlikde bolşy ýaly, olaryň hem birlikde bolmaklary üçin doga etdi. Ýehowa söýgüli Oglunyň dilegine jogap berdi, sebäbi millionlarça adamlar Isany Ýehowanyň iberendigine iman edýär. Ýatlama agşamy Ýehowanyň Şaýatlarynyň agzybirdigini mese-mälim subut edýär. Käbir ýerlerde sežde etmek üçin ýygnanyşýan adamlary diňlemeýärler, hatda olara göwnüýetmezçilik edýärler. Emma Ýehowa bilen Isa olaryň agzybirligini gymmat saýýar. Ýehowanyň halky bolandygymyz üçin agzybirligimize geň galmaýarys. Sebäbi Ýehowa bu hakda welilik edipdi (Ezek. 37:15—17; Zak. 8:23). w18.01 sah. 14, abz. 7—9
Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (12-nji nisanda bolan wakalar) Matta 26:1—5, 14—16; Luka 22:1—6
Ýatlama agşamy
Gün ýaşandan soň başlanýar
19-njy aprel, anna
Ussalaryň taşlan daşy burç başy boldy. Zeb. 118:22
«Ussalar», ýagny ýehudy dini ýolbaşçylary Mesihi inkär etdiler. Olar diňe bir Isadan ýa-da ony Mesih hökmünde kabul etmekden ýüz öwürmän, hatda onuň ölümini-de talap etdiler (Luka 23:18—23). Şeýdip, olar Isanyň ölümine günäkär boldular. Eger Isadan ýüz öwrüp, ölüme höküm eden bolsalar, ol nädip «burç daşy» bolup biler? Munuň üçin ol direlmelidi. Petrus resul «pürse çüýlän, ýöne Hudaýyň ölümden direlden nazaretli Isa Mesih» barada aýdypdy (Res. iş. 3:15; 4:5—11; 1 Pet. 2:5—7). Şeýdip, Hudaýyň direlen Ogluna «adamlary halas etmäge ygtyýar berilmelidi» (Res. iş. 4:12; Efes. 1:20). w17.12 sah. 9, 10, abz. 6—9
Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (13-nji nisanda bolan wakalar) Matta 26:17—19; Luka 22:7—13 (14-nji nisanda gün batandan soň bolan wakalar) Matta 26:20—56
20-nji aprel, şenbe
Halypamyz gelýänçä, onuň ölümini yglan edýärsiňiz. 1 Kor. 11:26
Öňümizde boljak uly muşakgat barada Isa şeýle diýdi: «Olar Ynsan oglunyň gökdäki bulutlarda gudrat we uly şöhrat bilen gelýänini görerler. Ol (Isa) perişdelerini güýçli surnaý sesi bilen iberer» (Mat. 24:29—31). «Saýlananlary ýygnarlar» diýen jümle ýer ýüzünde galan mesh edilen mesihçileriň ählisiniň gökdäki sylagyny aljak wagtyny aňladýar. Bu agyr muşakgat başlap, Armageddon söweşiniň öňüsyrasynda bolar. Soňra 144 müňler Isa bilen bilelikde ýer ýüzüniň patyşalarynyň üstünden ýeňiş gazanarlar (Ylh. 17:12—14). Isa gelip, mesh edilen mesihçileriň iň soňkusyny göge alyp gidende, Ýatlama agşamy soňky gezek belleniler. w18.01 sah. 16, abz. 15
Ýatlama agşamynyň soňundan okalýan aýatlar: (14-nji nisanda bolan wakalar) Matta 27:1, 2, 27—37
21-nji aprel, ýekşenbe
Hudaý Mesihi ölümden direltdi. Res. iş. 2:32
Isa häzir gökde; ol «baky we ebedi ýaşaýar» hem-de hiç haçan çüýreme görmez (Ylh. 1:5, 18; Rim. 6:9; Kol. 1:18; 1 Pet. 3:18). Ol wepaly resullaryna özi bilen bile gökde höküm sürjekdigini wada berdi (Luka 22:28—30). Pawlus resul: «Mesih ölüm ukusyna gidenleriň ilkinji miwesi hökmünde ölümden direldi» diýip ýazdy. Ol gökdäki ýaşaýyş üçin başga-da adamlaryň direlmelidigini görkezip: «Her kes öz nobatynda direler: ilkinji miwe hökmünde Mesih, soňra Mesih gelende, oňa degişli bolanlar direler» diýdi (1 Kor. 15:20, 23). Biz 1914-nji ýyldan bäri Isanyň «gelmeli» döwründe ýaşaýarys. Şol döwür häzir dowam edýär we tizden zalym dünýäniň soňy geler. w17.12 sah. 10, abz. 11; sah. 11, abz. 14—16
Ýatlama agşamynyň soňundan okalýan aýatlar: (15-nji nisanda bolan wakalar) Matta 27:62—66 (16-njy nisanda gün batandan soň bolan wakalar) Matta 28:2—4
22-nji aprel, duşenbe
Size göwünlik berýän Mendirin. Iş. 51:12
Ybraýym, Yshak, Ýakup, Musa we Dawut patyşa ýaly Hudaýa wepaly gullukçylar dünýäden ötende, biziň rehimdar Atamyz hasrat çekdi (San. 12:6—8; Mat. 22:31, 32; Res. iş. 13:22). Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň olaryň direljek wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýandygy aýdylýar (Eýp. 14:14, 15). Şonda onuň gullukçylary bagtly we tut ýaly sagdyn bolarlar. Hudaýyň söýgüli we «her gün Onuň begenji» bolan Oglunyň ölümi hakda-da oýlanyp görüň (Sül. tym. 8:22, 30). Ýehowanyň şonda çeken hasratyny söz bilen beýan edip bolmasa gerek (Ýah. 5:20; 10:17). Ýehowanyň bizi goldajakdygyna doly ynamly bolup bileris. Şol sebäpli çekýän hasratymyz barada doga edip, oňa ýüregimizi dökmäge çekinmeli däl. Ýehowanyň çekýän hasratymyza düşünýändigini we teselli bermäge taýyndygyny bilmek nähili ýakymly! (2 Kor. 1:3, 4). w17.07 sah. 13, abz. 3—5
Ýatlama agşamynyň soňundan okalýan aýatlar: (16-njy nisanda bolan wakalar) Matta 28:1, 5—15
23-nji aprel, sişenbe
Hudaý siziň edýän işleriňizi we... onuň adyna görkezýän söýgiňizi unudar ýaly, adalatsyz däldir. Ýew. 6:10
Şu günler millionlarça adamlar Ýehowanyň beýik ruhy ybadathanasyny goldamak üçin wagtyny, güýjüni we serişdesini sarp edýärler hem-de ýürekden çykaran «hasylynyň ilkinji miwesini» getirýärler (Sül. tym. 3:9). Ýehowa biziň çekýän zähmetimizi we söýgimizi hiç haçan unutmaz. Şu soňky günlerde hakyky seždäniň hatyrasy üçin alnyp barylýan işleriň ählisi Ýehowanyň hem-de Isanyň bizi goldaýandygyny aýdyň subut edýär. Biz durnukly, howpsuz we ebedi durjak guramanyň agzalary. Şonuň üçin Ýehowanyň guramasynda tutýan ornumyzy gymmat saýalyň we «Hudaýymyz Ýehowanyň sözüni berk tutmagymyzy» dowam edeliň (Zak. 6:15). Şonda biz Patyşamyzyň we Baş ruhanymyzyň goragynda galyp bileris. Şol sebäpli hakyky seždäni goldamak üçin elimizde baryny edeliň. Eger şeýle etsek, goşunlar Hudaýy Ýehowanyň bizi şu soňky günlerde we ebedi gorajakdygyna ynanyp bileris! w17.10 sah. 30, abz. 18, 19
24-nji aprel, çarşenbe
Dünýäniň baýlygy arkaly özüňize dost ediniň. Sebäbi baýlygyňyz tükenende, olar sizi ebedi ýere kabul ederler. Luka 16:9
Tizden Şeýtanyň syýasatdan, dinlerden we söwda-satyk işlerinden ybarat bolan dünýäsi doly ýok ediler. Ezekiýel bilen Sefanýa pygamber dünýäde asyrlar boýy wajyp hasaplanýan altyn, kümüş ýaly zatlaryň gymmatyny ýitirjekdigini öňünden aýtdylar (Ezek. 7:19; Sef. 1:18). Dünýäniň soňy gelende, biz «nähak baýlygy» edinjek bolup, ruhy baýlykdan geçendigimize göz ýetirsek, özümizi nähili duýarys? Şonda biz bütin ömrüne işläp, ummasyz pul toplan we soňunda olaryň galpdygyna düşünen adam ýaly bolarys (Sül. tym. 18:11). Dogrudan-da, şeýle baýlyk hökman tükener. Şol sebäpli özüňize gökde «dost edinmek» üçin mümkinçiligiňizi elden gidirmäň. Ýehowanyň Patyşalygyny goldamak üçin näme etsek-de, bu bizi ruhy taýdan baý eder. w17.07 sah. 11, abz. 16
25-nji aprel, penşenbe
Söýgüli çagalar kimin Hudaýdan görelde alyň. Mesihiň bizi söýşi ýaly, siz-de söýgüde geziň. Efes. 5:1, 2
Käbir mesihçiler başgalaryň öňünde oňaýsyz ýagdaýa düşmejek bolup ýa-da ýakynlaryny gynandyrmajak bolup, edýän günäsini gizleýärler (Sül. tym. 28:13). Emma şeýle nädogry garaýyş günäkäriň diňe bir özüne däl, eýsem, başgalara-da köp zyýan ýetirýär. Ol ýygnakda parahatlygyň bolmagyna we Hudaýyň mukaddes ruhunyň täsir etmegini bökdäp bilýär (Efes. 4:30). Hakyky söýgi agyr günä eden mesihçini ýaşululardan kömek soramaga höweslendirýär (Ýak. 5:14, 15). Söýgi hemme häsiýetleriň içinde iň beýigi hasaplanýar (1 Kor. 13:13). Biz söýgimizi bildirip Isanyň şägirtleridigimizi we söýginiň gözbaşy bolan Ýehowanyň göreldesine eýerip ýaşaýandygymyzy görkezýäris. Pawlus resul: «Söýgim bolmasa, onda men hiç zatdyryn» diýip ýazdy (1 Kor. 13:2). Geliň, «diňe bir sözde... däl, eýsem, iş ýüzünde we ýürekden söýmegimizi» dowam edeliň! (1 Ýah. 3:18). w17.10 sah. 11, abz. 17, 18
26-njy aprel, anna
Biz adama däl-de, Hökümdarymyz Hudaýa gulak asmalydyrys. Res. iş. 5:29
Ýusup bilen bolan waka seredeliň. Ol Potyparyň aýalynyň ahlaksyz teklibine yrylmady. Ýusup ony inkär etse, netijesiniň erbet boljakdygyny bilen bolmaly. Emma ol şonda-da aýgytly hereket edip, batyrgaýlygyny görkezdi (Gel. çyk. 39:10, 12). Batyrgaýlyk babatda Rahap hem gowy görelde galdyrdy. Ol Ysraýyl ýurdundan gelen iki içalyny batyrgaýlyk bilen gizläp, olary halas etdi (Ýeş. 2:4, 5, 9, 12—16). Saddukeýler garşy çykanlarynda-da, Isanyň wepaly resullary onuň göreldesine eýerip, Isanyň ady hakda wagyz etmegini bes etmediler (Res. iş. 5:17, 18, 27—29). Ýusubyň, Rahabyň we resullaryň batyrgaýlygy olara ýagşy işleri etmäge güýç berýärdi. Emma bu olaryň özüne bil baglandyklaryny aňlatmaýar. Olar Ýehowa bil baglaýardy. Bizem batyrgaý hereket etmeli ýagdaýlara uçranymyzda, özümize däl-de, Ýehowa bil baglamaly (2 Tim. 1:7). w17.09 sah. 29, abz. 6—9
27-nji aprel, şenbe
Öňki häsiýetleriňizi işleri bilen birlikde egniňizden çykaryň. Kol. 3:9
Biz öňki häsiýetlerimizi öz güýjümiz bilen egnimizden çykaryp bilmeris. Şeýle edýän adamlar köplenç aýgytly göreş alyp barmaly bolýar. Olar Hudaýyň Sözüniň we mukaddes ruhunyň güýjüniň aňyna hem-de ýüregine täsir etmegine ýol berendikleri üçin ýeňiş gazandylar (Luka 11:13; Ýew. 4:12). Şol güýjüň peýdasyny görmek üçin, bizem her gün Mukaddes Ýazgylary okamaly, olaryň üstünde oýlanmaly, Ýazgylardaky maslahata eýerip biler ýaly, Hudaýdan akyldarlyk we güýç sorap, dyngysyz doga etmeli (Ýeş. 1:8; Zeb. 119:97; 1 Sel. 5:17). Şeýle-de ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanyp, olara gatnaşmaly (Ýew. 10:24, 25). Galyberse-de, Hudaýyň bütindünýä halkyna elýeterli bolan dürli ruhy iýmitden doly peýdalanmaly (Luka 12:42). Biz mesihçileriň nähili işlerden el çekip, olardan daşda durmalydygyna seretdik. Eýsem, Hudaýyň razylygyny gazanmak üçin şu zatlary etmek ýeterlikmi? Elbetde, ýeterlik däl. Biz täze häsiýetlere hem geýinmeli (Kol. 3:10). w17.08 sah. 21, abz. 16, 17
28-nji aprel, ýekşenbe
Men Seniň merhemetiňe bil bagladym; ýüregim Seniň gutaryşyňa şatlanar. Zeb. 13:5
Dawut patyşa-da köp adalatsyzlygy başdan geçirdi. Ýehowa ony ýetginjekkä, Ysraýylyň gelejekki patyşasy edip belledi. Emma ol patyşa bolýança, takmynan 15 ýyl garaşdy (2 Şam. 2:3, 4). Şol döwürde Ýehowadan ýüz öwren Şawul patyşa ony öldürmek üçin yzarlaýardy. Şeýdip, Dawut kä özge ýurtda, käte çölde gowaklarda gaçgak bolup ýaşady. Şawul patyşa uruşda öldürilenden soňam, Dawut tutuş ysraýyl halkyna patyşa bolýança, 7 ýyldan gowrak wagt garaşmaly boldy (2 Şam. 5:4, 5). Dawut näme üçin sabyrly garaşdyka? Dawut Ýehowanyň merhemetine bil baglaýardy we onuň gutulyş berjek wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Şeýle-de aljak sylagy hakda oýlanýardy (Zeb. 13:6). Dawudyň garaşany biderek bolmady. w17.08 sah. 6, abz. 14, 15
29-njy aprel, duşenbe
Hudaý hiç kimi ala tutmaýar. Res. iş. 10:34
Adatça, wagtyň geçmegi bilen diller üýtgeýär. Sözler we jümleler düýbünden başga many berip bilýär. Mukaddes Ýazgylaryň ilkibaşdaky ýazylan dilleri barada hem şeýle diýse bolar. Häzirki ýewreý we grek dilleri gadymy döwürdäkiden örän tapawutlanýar. Şonuň üçin Hudaýyň Sözüne düşünmek isleýän adam ýewreý we grek dillerini bilse-de, onuň asyl nusgasyny däl-de, terjimesini okamaly bolýar. Emma käbir adamlar Mukaddes Ýazgylara düşünmek üçin gadymy ýewreý we grek dilini öwrenmeli diýip pikir edýärler. Ýöne munuň peýdasy az bolsa gerek. Häzir Mukaddes Ýazgylar tutuşlygyna we onuň käbir kitaplary 3 müň 200-den gowrak dile terjime edildi. Dogrudan-da, Ýehowa Sözüniň «her milletden, her taýpadan, her dilden» bolan adamlara elýeterli bolmagyny isleýär (Ylh. 14:6). Eýsem, bu sizi söýgüden doly we hiç kimi ala tutmaýan Hudaýa ýakynlaşmaga höweslendirmeýärmi? w17.09 sah. 19, abz. 4
30-njy aprel, sişenbe
Sözlerini jylawlaýanyň bilimi bardyr; düşünjeli adam mylaýym ruhludyr. Sül. tym. 17:27
Eger ýygnak gatnaşygyndan kesilen dogan-garyndaşyňyz bar bolsa, onda duýgularyňyza erk edip, olar bilen gepleşmekden gaça duruň. Şeýle ýagdaýlarda özüňe erk etmek kyn bolmagy mümkin. Ýöne özümizi alyp barşymyz bilen Hudaýyň göreldesine we maslahatyna eýerýändigimize düşünsek, bu aňsat bolar. Özüňe erk etmek babatda Dawut patyşa hem ajaýyp görelde galdyrdy. Şawul patyşa we onuň garyndaşy Şimgi Dawudy öjükdirende, ol gaharyna ýol berip, güýjüni hem ygtyýaryny ulanmady (1 Şam. 26:9—11; 2 Şam. 16:5—10). Elbetde, onuň özüne erk edip bilmedik wagty hem bolupdy. Meselem, ol Batşeba bilen zyna etdi we gysganç Nabalyň aýdan sözleri üçin gaharyna ony tas öldüripdi (1 Şam. 25:10—13; 2 Şam. 11:2—4). Muňa garamazdan, biz Dawutdan köp zatlary öwrenip bileris. Birinjiden, Hudaýyň halkyna gözegçilik edýän doganlar öz ygtyýaryny nädogry ulanmaz ýaly, özüne erk etmeli. Ikinjiden, synaglarda berk duraryn öýdüp, özüňe bil baglamakdan seresap bolmaly (1 Kor. 10:12). w17.09 sah. 5, 6, abz. 12, 13