Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es19 sah. 47—57
  • Maý

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Maý
  • Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2019
  • Sözbaşylar
  • 1-nji maý, çarşenbe
  • 2-nji maý, penşenbe
  • 3-nji maý, anna
  • 4-nji maý, şenbe
  • 5-nji maý, ýekşenbe
  • 6-njy maý, duşenbe
  • 7-nji maý, sişenbe
  • 8-nji maý, çarşenbe
  • 9-njy maý, penşenbe
  • 10-njy maý, anna
  • 11-nji maý, şenbe
  • 12-nji maý, ýekşenbe
  • 13-nji maý, duşenbe
  • 14-nji maý, sişenbe
  • 15-nji maý, çarşenbe
  • 16-njy maý, penşenbe
  • 17-nji maý, anna
  • 18-nji maý, şenbe
  • 19-njy maý, ýekşenbe
  • 20-nji maý, duşenbe
  • 21-nji maý, sişenbe
  • 22-nji maý, çarşenbe
  • 23-nji maý, penşenbe
  • 24-nji maý, anna
  • 25-nji maý, şenbe
  • 26-njy maý, ýekşenbe
  • 27-nji maý, duşenbe
  • 28-nji maý, sişenbe
  • 29-njy maý, çarşenbe
  • 30-njy maý, penşenbe
  • 31-nji maý, anna
Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2019
es19 sah. 47—57

Maý

1-nji maý, çarşenbe

Terbiýäni gaýym tut; ony goýberme; ony sakla, çünki ol seniň ýaşaýyşyňdyr. Sül. tym. 4:13

Terbiýäni kabul etmek aňsat bolmazlygy mümkin. Emma ony inkär etmek has köp zyýan berip biler (Ýew. 12:11). Geliň, Kabylyň mysalyna seredeliň. Kabyl dogany Habyly ýigrenip, ony öldürjek bolanda, Hudaý oňa: «Näme üçin gaharlanýaň? Näme ýüzüňi sallaýarsyň? Eger sen dogry iş etseň, kabul edilmezmiň näme? Eger sen nädogry iş etseň, günä bosagada peýläp ýatandyr; günäniň seniň üstüňden höküm süresi geler. Ýöne sen günäniň üstünden agalyk etmelisiň!» diýip duýdurdy (Gel. çyk. 4:6, 7). Kabyl maslahata gulak asman, günä etdi. Şeýdip, ol betbagtçylyga uçrady (Gel. çyk. 4:11, 12). Kabyl Ýehowanyň duýduryşyny inkär edip, betbagtçylyga uçranyndan, ony kabul eden bolsa gowy bolardy. Görşümiz ýaly, Ýehowa biziň biderek ýere ejir çekmegimizi islemeýär (Iş. 48:17, 18). Şol sebäpli, geliň, «öwredileni diňläp, akyldar bolalyň» (Sül. tym. 8:33). w18.03 sah. 32, abz. 18—20

2-nji maý, penşenbe

Men Danyýel Mukaddes Ýazgylara ser saldym. Dan. 9:2

Danyýel pygamber Ýehowa barada nädip öwrendi? Danyýele Ýehowany we onuň Sözüni söýmegi ene-atasy öwreden bolmaly. Bu oňa ömrüniň ahyryna çenli şeýle söýgini saklamaga kömek etdi. Ol garran wagtynda hem Ýazgylar barada oýlanýardy. Pygamberiň Danyýel 9:3—19-njy aýatlardaky ýürekden syzdyryp aýdan sözleri Hudaý barada öwrenen, şol sanda Ýehowanyň ysraýyl halky bilen gatnaşygy barada bilen zatlarynyň oňa güýçli täsir edendigini görkezýär. Bu dileg barada okap oýlanmak üçin wagt sarp etsek gowy bolmazmy?! Wepaly ýehudylara butparazlykdan doly şäherde, ýagny Wawilonda ýaşamak örän kyndy. Meselem, muny Ýehowanyň ýehudylara: «Sizi ýesir edip getiren şäherimiň parahatlygyny gazanmaklyga çalşyň» diýen sözlerinden görse bolýar (Ýer. 29:7). Emma Hudaý olardan doly wepaly bolmagy hem talap edýärdi (Müs. çyk. 34:14). Danyýel pygambere bu iki tabşyrygy ýerine ýetirmäge näme kömek etdikä? Danyýeliň Hudaýa mahsus akyldarlygy oňa ynsan hökümetine tabyn bolmak baradaky prinsipe düşünmäge kömek etdi. Ençeme asyr geçenden soň, Isa şägirtlerine şoňa meňzeş prinsipi öwretdi (Luka 20:25). w18.02 sah. 10, abz. 11, 12

3-nji maý, anna

Adamlaryň maňlaýyna bellik goý. Ezek. 9:4, TD

Siz keselçilik, pul ýetmezçiligi, yzarlamalar sebäpli kynçylyklara uçraýarsyňyzmy? Käte Ýehowa şatlyk bilen gulluk etmek kyn bolýarmy? Onda Nuh, Danyýel we Eýýup pygamberiň göreldesi size batyrgaý bolmaga kömek eder. Olar hem bikämildi we biziňki ýaly kynçylyklary başdan geçiripdi. Emma synaglarda, hatda janyna howp abansa-da, olar wepaly bolup, Hudaýa iman etmekde we gulak asmakda gowy görelde galdyrdylar (Ezek. 14:12—14). Ezekiýel pygamber şu günki aýatdaky sözleri b. e. öň 612-nji ýylda Wawilondaka ýazýar (Ezek. 1:1; 8:1). Pygamberlikde aýdylyşy ýaly, Iýerusalimiň Ýehowadan dänen ýaşaýjylary bäş ýyldan, ýagny b. e. öň 607-nji ýylda ýok edilmelidi. Şonda diňe Nuh, Danyýel, Eýýup ýaly Hudaýa wepaly az adamlar diri galmalydy (Ezek. 9:1—5). Dünýäniň ahyry gelende, Nuh, Danyýel we Eýýup pygamber ýaly Ýehowanyň nazarynda wepaly adamlar halas bolar (Ylh. 7:9, 14). w18.02 sah. 3, 4, abz. 1—3

4-nji maý, şenbe

Juwanlygyňda... özüňi Ýaradany ýatla. Wag. 12:1

Ýaşlar, özüňize şeýle soraglary beriň: «Men ruhy işlere diňe ene-atamyň muny isleýändigi üçin gatnaşýarynmy? Hudaý bilen dostlugymy berkitmäge çalyşýarynmy?» Elbetde, ruhy maksatlary goýmak babatda berilýän maslahata diňe ýaşlar däl-de, biziň hemmämiz eýermeli. Şeýle maksatlar bize Ýehowanyň ruhy taýdan ýetişen gullukçysy bolmaga kömek eder (Wag. 12: 13). Biz haýsy tarapdan gowulanmalydygyny bilenimizden soň, ruhy taýdan ösmek üçin gerekli ädimleri ätmeli. Ruhy taýdan ýetişen adam bolmak örän wajyp. Muňa biziň ýaşaýşymyz bagly (Rim. 8:6—8). Ruhy taýdan ýetişen bolmak kämil bolmagy aňlatmaýar. Ýehowanyň ruhy bize ýetişen mesihçi bolmaga kömek eder. Ýöne biziň özümiz hem tagalla etmeli. Mukaddes Ýazgylary öwrenmek gyzykly bolsa-da, ony ýöne bir göwnüňi götermek üçin okamaly däl. Biz ondan kömek etjek ruhy dürdäneleri agtarmak üçin jan etmeli. w18.02 sah. 25, abz. 10, 11

5-nji maý, ýekşenbe

Indi bolsa eglenme. Tur-da, suwa çümdüril. Res. iş. 22:16

Özüňi Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmek üçin hemme zady jikme-jik bilmek hökman däl. Biziň ählimiz suwa çümdürilenimizden soň, bilim almagymyzy dowam etmeli (Kol. 1:9, 10). Onda suwa çümdürilmek üçin näçeräk bilimiň bolmaly? I asyrda ýaşan bir maşgalanyň mysalyny ýadymyza salalyň (Res. iş. 16:25—33). Pawlus resul takmynan b. e. 50-nji ýylynda ikinji missionerlik syýahatynda Filipä barýar. Ol ýerde Silas ikisine töhmet atyp, türmä basýarlar. Gije güýçli ýer titräp, türmäniň gapylary açylýar. Türmeçi tussaglar gaçandyr öýdüp, janyna kast etjek bolanda, Pawlus ony saklaýar. Pawlus bilen Silas türmeçä we maşgala agzalaryna gowy güwälik edýärler. Eýsem, Isa barada eşiden hakykatlaryna bolan minnetdarlygy olary wajyp ädim ätmäge höweslendirdimi? Elbetde, olar soňa goýman, şol bada suwa çümdürilýärler. w18.03 sah. 10, abz. 7, 8

6-njy maý, duşenbe

Hudaýy Ýehowa bolan halk bagtlydyr! Zeb. 144:15, TD

Ýehowa bagtly Hudaý, onuň gullukçylary hem bagtly. Özüni söýýän we diňe öz bähbidine çapýan adamlardan tapawutlylykda, Ýehowanyň gullukçylary başgalaryň peýdasy üçin elinde baryny edýärler (Res. iş. 20:35; 2 Tim. 3:2). Eger özümizi Hudaýdan artyk söýýän bolsak näme edip bileris? Bu babatda Filipililer 2:3, 4-nji aýatlarda şeýle maslahat berilýär: «Hiç zady dawa-jenjel ýa-da ulumsylyk bilen etmäň, gaýtam, pesgöwünli boluň we başgalary özüňizden ýokary saýyň. Diňe öz bähbidiňizi gözlemän, başgalaryňkyny hem agtaryň». Özümize şeýle soraglary berip bileris: «Men bu maslahata eýerýärinmi? Ýygnagymyzdaky we wagyz edýän adamlaryma kömek etmek üçin elimde baryny edýärinmi?» Elbetde, başgalaryň islegini özüňkiden ýokary goýmak hemişe aňsat däl. Munuň üçin tagalla etmeli we köp zatdan geçmeli bolýar. Eýsem, älem-jahanyň Eýesini razy edýändigimizi bilmekden uly şatlyk barmy näme?! w18.01 sah. 23, abz. 6, 7

7-nji maý, sişenbe

Iman edýän zatlaryňyz boýunça ýaşaýandygyňyzy elmydama barlap duruň. 2 Kor. 13:5

Munuň üçin özümize şeýle soraglary bersek gowy bolar: «Men Ýehowanyň islegini berjaý edýän ýeke-täk guramanyň agzasydygyma ynanýarynmy? Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmek we öwretmek üçin elimde baryny edýärinmi? Edýän işlerim soňky günlerde ýaşaýandygymy görkezýärmi we Şeýtanyň dünýäsiniň soňunyň golaýlandygyna ýürekden ynanýarynmy? Ýehowa bilen Isa bolan ynamym suwa çümdürilenimdäki ýaly häzirem berkmi?» (Mat. 24:14; 2 Tim. 3:1; Ýew. 3:14). Şeýle soraglaryň üstünde oýlanmaklyk özümizi barlamaga kömek eder. Ýatlama agşamynyň wajypdygyny görkezýän aýatlary okap, olaryň üstünde oýlanyň (Ýah. 3:16; 17:3). Ebedi ýaşaýşa gowuşmagyň ýeke-täk ýoly — Ýehowa hakda «bilim almaly» we onuň ýeke-täk Ogly Isa «iman etmeli». Ýatlama agşamyna taýýarlanmak üçin Ýehowa we Isa ýakynlaşmaga kömek etjek maglumatlary öwrensek, peýdaly bolar. w18.01 sah. 13, abz. 5, 6

8-nji maý, çarşenbe

Meni iberen Atam çekmese, hiç kim yzyma düşüp bilmez. Ýah. 6:44

Mukaddes Ýazgylary, oňa esaslan edebiýatlary okanyňyzda ýa-da ýygnaga baranyňyzda, Hudaýyň wepaly gullukçylaryna nädip kömek edendigi barada ruhlandyryjy wakalary eşidýänsiňiz. Emma ruhy taýdan ösdügiňizçe, sizem durmuşyňyzda Ýehowanyň goldawyny görmäge çalşyň. Siz Ýehowanyň ýagşylygyny dadyp gördüňizmi? Mesihçileriň ählisi iň bolmanda bir gezek Ýehowanyň ýagşylygyny dadyp gördüler. Hudaý bizi Özi we Ogly bilen dostlaşmaga çagyrýar. Siz bu sözleri özüňize degişli hasaplaýarmysyňyz? Mümkin, siz: «Ýehowa ejem bilen kakamy özüne çekipdir. Menem olaryň yzyna eýerdim» diýip oýlanýansyňyz. Emma özüňizi Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürileniňizde, onuň bilen dostlukly gatnaşygyňyzyň bardygyny görkezdiňiz. Indi siz ony hakykatdan-da tanaýarsyňyz. Injilde: «Biri Hudaýy söýýän bolsa, Hudaý ony tanaýandyr» diýilýär (1 Kor. 8:3). Ýehowanyň guramasyndaky ornuňyzy hemişe gymmat saýmaga we minnetdar bolmaga jan ediň. w17.12 sah. 26, abz. 12, 13

9-njy maý, penşenbe

Ýehowa söýýänini terbiýeleýändir. Ýew. 12:6

«Terbiýe» diýlende, derrew kimdir birine temmi bermek diýip düşünýänsiňiz, ýöne muňa has köp zat degişli. Ýazgylarda terbiýe diýlende, köplenç gowy manyda ulanylyp, bilim, akyldarlyk, söýgi we ýaşaýyş ýaly zatlar bilen bilelikde agzalýar (Sül. tym. 1:2—7; 4:11—13). Hudaý söýýändigi we ebedi ýaşamagymyzy isleýändigi üçin bize terbiýe berýär (Ýew. 12:6). Ol terbiýelände, käte temmi berse-de, muny hiç haçan zalymlyk ýa-da zorluk bilen etmeýär. Aslynda, terbiýe bermek nämedir bir zady öwretmekligi aňladýar. Meselem, ene-ata çagasyny söýgi bilen terbiýeläp ýetişdirýär. Biz mesihçiler ýygnagynyň agzasy hökmünde Hudaýyň maşgalasyna degişli hasaplanýarys (1 Tim. 3:15). Şol sebäpli Ýehowanyň adyl kadalaryna we Hudaýyň söýgi bilen berýän terbiýesine hormat goýýarys. Galyberse-de, eden hereketimiz erbet netije berse, Hudaýyň terbiýesi gökdäki Atamyza gulak asmagyň wajypdygyny ýatladýar (Gal. 6:7). w18.03 sah. 23, abz. 1; sah. 24, abz. 3

10-njy maý, anna

Sözlerini jylawlaýanyň bilimi bardyr; düşünjeli adam mylaýym ruhludyr. Sül. tym. 17:27

Eger ýaşlar ene-atasy olaryň ýagdaýyna düşünmeýär we erkinligini çäklendirýär diýip pikir etse näme? Eger siz ene-ataňyzdan nägile bolsaňyz, onda Ýehowa gulluk etmegiň iň gowy ýoldugyna şübhelenip başlarsyňyz. Eger Ýehowa gulluk etmegi bes etseňiz, onda tizden mesihçi ene-ataňyzdan we ýygnakdaky dogan-uýalardan başga hiç kimiň siz barada ýürekden alada etmeýändigine göz ýetirersiňiz. Ene-ataňyz size hiç haçan düzediş bermedik bolsa, bu olaryň aladaňyzy edýändigini görkezýärmi? (Ýew. 12:8). Mümkin, olaryň düzedişi size ýaraýan däldir. Bu barada biynjalyk bolmagyň deregine, gowusy, olaryň näme sebäpden şeýle terbiýe berýändigi barada oýlanyň. Şol sebäpli sabyrly boluň we tankytlamakdan gaça durmak üçin eliňizde baryny ediň. Ruhy taýdan ösmegi maksat ediniň. Sebäbi şeýle adam maslahatyň nädip berilýändigine däl-de, onuň peýdasyna üns berýär we höwes bilen kabul edýär (Sül. tym. 1:8). w17.11 sah. 29, abz. 16, 17

11-nji maý, şenbe

Seniň başdaky söýgiň sowapdyr. Ylh. 2:4

Mümkin, siz suwa çümdürilen käbir ýaşlaryň wagtyň geçmegi bilen Hudaýyň kadalarynyň dogrudygyna şübhelenip başlandygyny görensiňiz. Olaryň käbiri hatda hakykat ýoluny hem terk etdiler. Şeýle ýagdaýyň öňüni alyp, çagaňyz «halas bolar» ýaly, siz nädip kömek edip bilersiňiz? (1 Pet. 2:2). Munuň jogabyny Pawlusyň Timoteosa ýazan sözlerinden bilse bolýar. Ol şeýle diýýär: «Öwrenen we iman eden zatlaryňa eýermegiňi dowam et, sebäbi bulary ynamdar adamlardan öwrenipdiň. Sen mukaddes (Ýewreý) ýazgylary bäbeklikden bilýärsiň, olar halas bolmagyň üçin seni akyldar edip bilýär, sebäbi sen Mesih Isa iman edýärsiň» (2 Tim. 3:14, 15). Üns beren bolsaňyz, Pawlus üç zady agzaýar: 1) Mukaddes Ýazgylary bilmek, 2) iman eden zatlaryňa eýermek we 3) halas bolmak üçin Mesih Isa iman edip, akyldar bolmak. w17.12 sah. 18, 19, abz. 2, 3

12-nji maý, ýekşenbe

Bendelerim ýürek şatlygyndan aýdym aýdarlar, ýöne siz ýürek derdinden perýat edersiňiz. Iş. 65:14

Dinleriň köpüsi dowzah ody, zekat bermek ýa-da syýasaty goldamak ýaly ýalan taglymatlary bilen adamlary Hudaýdan daşlaşdyrýarlar. Ine, şol sebäpli-de köp adamlaryň «dine uýmasaň-da, bagtly bolup bilersiň» diýen düşünjä eýermegi geň galdyrmaýar. Ýalan dine uýmasaň, bagtly bolmagyň mümkin. Ýöne «bagtly Hudaý» Ýehowa bilen dostlukly gatnaşygy bolmadyk adam hiç haçan bagtly bolup bilmeýär (1 Tim. 1:11). Hudaýyň ähli edýän zatlary biziň peýdamyz üçindir. Onuň gullukçylary hem özlerini bagtly duýýarlar, sebäbi olar ünsüni adamlara kömek etmäge gönükdirýärler (Res. iş. 20:35). Geliň, hakyky seždäniň maşgalany nädip bagtly edýändigine seredeliň. Hakyky sežde ýanýoldaşyň gadyryny bilmegi, hormat goýmagy, oňa beren wadaňy mukaddes hasaplamagy, zynadan gaça durmagy, çagalary akylly-başly edip ýetişdirmegi we hakyky söýgini bildirmegi öwredýär. Ol Hudaýyň halkyny agzybir edýär we bütindünýä doganlygymyzy berkidýär. w17.11 sah. 21, abz. 6, 7

13-nji maý, duşenbe

Ne biçäre adam men! Rim. 7:24

Pawlus resulyň bu sözleri bilen Hudaýyň wepaly gullukçylarynyň köpüsi ylalaşýarlar. Biziň ählimiz günäniň ýetiren zyýanyndan ejir çekýäris. Edýän işlerimiz bilen Ýehowanyň göwnünden turup bilmesek, özümizi erbet duýýarys. Agyr günä eden mesihçileriň käbirine hatda Hudaýyň olary bagyşlandygyna ynanmak hem kyn bolýar. Özümizi günäkärläp ýörmez ýaly, Ýehowa öz Sözi arkaly bize pena boljakdygyna ynandyrýar (Zeb. 34:22). Pawlus resul özüne «ne biçäre adam» diýenden soň: «Halypamyz Isa Mesih arkaly Hudaýa minnetdardyryn!» diýdi (Rim. 7:25). Pawlus günä we öňki eden etmişlerine garşy göreşse-de, toba edendigi üçin, ol Hudaýyň Isa arkaly bagyşlandygyna ynanýardy. Halasgärimiz Isa ynsabymyzy arassalap, kalbymyza rahatlyk berýär (Ýew. 9:13, 14). Baş ruhanymyz hökmünde «ol özi arkaly Hudaýa ýakynlaşýanlary doly halas etmegi başarýandyr. Sebäbi ol hemişe ýaşaýar we Hudaýa ýalbaryp, olara kömek etmegini soraýar» (Ýew. 7:24, 25). w17.11 sah. 8, abz. 1, 2; sah. 12, abz. 15

14-nji maý, sişenbe

Ýehowa Hudaýyňyza wada beriň we wadalaryňyzy ýerine ýetiriň. Zeb. 76:11, TD

Biz beren sözümize wepalydygymyzy nädip subut edip bileris? Uly ýa-da kiçi synaglarda-da wepaly bolup, biz Ýehowa beren wadamyza «her gün» çynlakaý garaýandygymyzy görkezýäris (Zeb. 61:8). Meselem, işde ýa-da mekdepde kimdir biri biziň bilen näz-kereşme etse, onuň teklibini inkär edip, muňa Ýehowanyň «kanunlaryny söýýändigimizi» görkezmäge mümkinçilik hökmünde garaýarysmy? (Zeb. 119:113). Eger biz ýanýoldaşymyz bilen aýry ýaşaýan bolsak, hatda başgalar etmese-de, mesihçilere mahsus häsiýetleri görkezip biler ýaly, Ýehowadan kömek soraýarysmy? Gökdäki Atamyzyň özüne çekip, söýgi bilen edýän aladasy üçin her gün dogada minnetdarlyk aýdyp, oňa ýakynlaşýarysmy? Mukaddes Ýazgylary her gün okamaga wagt sarp edýärismi? Eýsem, biz özümizi Ýehowa bagyş edenimizde, bu zatlary etjekdigimizi söz bermänmidik? Elbetde, beren sözüňde durmak örän wajyp. Ruhy işlere yhlasly gatnaşyp, Ýehowany ýürekden söýýändigimizi we oňa bütinleý wepalydygymyzy subut edýäris. Biz Hudaýa özümizi borçly hasaplap däl-de, ýürekden gulluk edýäris. w17.10 sah. 23, abz. 11, 12

15-nji maý, çarşenbe

Hudaýymyza nagma aýtmak gowudyr. Zeb. 147:1

Bir tanymal şahyr şeýle diýdi: «Goşgy oýlanmaga höweslendirýär. Saz duýgularyňy oýarýar. Emma aýdym duýgyňa-da, pikiriňe-de täsir edýär». Eýsem, gökdäki Atamyz Ýehowany şöhratlandyryp, oňa bolan söýgimizi aýan etmek üçin aýdym aýdanymyzda, bizem şeýle duýgulary başdan geçirmeýärismi?! Şonuň üçin ýekelikde ýa-da ýygnakda dogan-uýalar bilen bile aýdym aýtmaklyk arassa seždäniň wajyp bölegi bolup durýar. Siz ýygnakda sesli aýdym aýtmagy gowy görýärsiňizmi ýa-da utanýarsyňyz? Käbir medeniýetde erkek adamlar köpçülikde aýdym aýtmaga çekinýärler. Şeýle garaýyş ýygnakdaky dogan-uýalara, esasan-da, aýdym aýdylanda jogapkär doganlar başga işler bilen meşgullansalar, bu tutuş ýygnaga täsir edip biler (Zeb. 30:12). Eger biz aýdym aýtmagy seždämiziň wajyp bölegi hasaplasak, onda öz işlerimiz bilen meşgullanyp, ünsümizi başga zada sowmarys. w17.11 sah. 3, abz. 1—3

16-njy maý, penşenbe

Men ýer ýüzüne parahatlyk getirmek üçin gelendirin öýtmäň; men parahatlyk däl-de, agzalalyk getirdim. Mat. 10:34

Biziň hemmämiziň aladasyz we parahat durmuşda ýaşasymyz gelýär. «Hudaýyň parahatlygy» içki dünýämize rahatlyk berip, biynjalyk edýän pikirlerden we duýgulardan goraýar. Munuň üçin biz Ýehowa ýürekden minnetdar! (Flp. 4:6, 7). Özümizi Ýehowa bagyş edip, onuň bilen gowy hem-de «parahat» gatnaşykdan lezzet alyp ýaşaýarys (Rim. 5:1). Emma Hudaýyň bütin ýer ýüzünde parahatlygy dikeltjek wagty heniz gelmedi. Soňky günlerde adamlaryň arasynda dawa-jenjel we agzalalyk gitdigiçe güýjeýär (2 Tim. 3:1—4). Biz, mesihçiler Şeýtana we onuň giňden ýaýran ýalan taglymatlaryna garşy ruhy taýdan aýgytly söweş alyp barmaly (2 Kor. 10:4, 5). Emma iman etmeýän dogan-garyndaşlarymyz tarapyndan bolýan garşylyklar biziň üçin has-da uly synag bolup biler. Käbirleri ynanýan zatlarymyzyň üstünden gülüp biler, başgalar bolsa bizi maşgalada bölünişik döredýän adamlar hasaplamaklary ýa-da imanymyzdan dändirjek bolup haýbat atmaklary mümkin. w17.10 sah. 12, abz. 1, 2

17-nji maý, anna

Men Seniň kanunyňy nähili söýýärin! Bütin gün oý-pikirim şol hakda. Zeb. 119:97

Dilleriň üýtgemegi Mukaddes Ýazgylaryň terjime edilen diline-de täsir edýär. Sebäbi wagtyň geçmegi bilen, oňa düşünmek kyn bolýar. Geliň, iňlis dilindäki Mukaddes Ýazgylaryň «Korol Ýakowyň terjimesini» alyp göreliň. 1611-nji ýylda terjime edilen bu kitap Mukaddes Ýazgylaryň giňden ýaýran neşiri hasaplanylýar, sebäbi onuň dili örän täsirli. Muňa garamazdan, bu terjimede köne sözler köp. Mukaddes Ýazgylaryň öňki terjimeleri barada hem şeýle diýse bolýar. Şonuň üçin «Mukaddes Ýazgylaryň Täze dünýä terjimesiniň» çykarylandygyna biz örän begenýäris. Ol tutuşlygyna ýa-da käbir kitaplarynyň 150-den gowrak dile terjime edilendigi üçin, ýer ýüzüniň ilatynyň köp bölegi ony öz ene dilinde okap bilýär. Bu aýdyň we düşnükli terjime arkaly Hudaýyň Sözündäki habar ýüregimize täsir edýär w17.09 sah. 19, abz. 5, 6

18-nji maý, şenbe

Oglum... akyldar bol-da, ýüregimi şatlandyr. Sül. tym. 27:11

Mesihçi ýaşlar wajyp kararlara gelmeli bolýarlar. Meselem, dost saýlamak, dynç almak, ahlak taýdan päkligi saklamak we suwa çümdürilmek üçin batyrgaý bolmaly. Sebäbi ýaşlar şeýle ýagdaýlarda Hudaýa gyjalat berýän Şeýtana garşy durmaly bolýarlar. Ýaşlar üçin wajyp kararlaryň biri— maksat goýmak. Käbir ýurtlarda ýaşlary ýokary okuw jaýyna we girdejili işe girmäge höweslendirýärler. Başga ýerlerde bolsa ykdysady ýagdaýyň pese düşendigi sebäpli, ýaşlar maşgalasyna kömek etmäge özlerini borçly hasaplaýarlar. Ruhy maksatlary we Patyşalygy birinji orunda goýmak üçin batyrgaý hereket edýän ýaşlary Ýehowa patalar. Ýehowa olara maşgalasynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga kömek eder. I asyrda ýaşan ýaş Timoteos ýaly sizem ünsüňizi ruhy maksatlara gönükdirip bilersiňiz (Flp. 2:19—22). w17.09 sah. 29, 30, abz. 10—12

19-njy maý, ýekşenbe

Goý, bu Kanun kitaby seniň diliňden düşmesin. Şondaky ýazylanlaryň hemmesini dykgat bilen ýerine ýetir... Şonda seniň ähli işleriňde üstünlik we abadanlyk hemraň bolar. Ýeş. 1:8

Mukaddes Ýazgylary yhlasly we erjellik bilen öwrenmek mesihçilere özüne erk etmegi öwrenmäge kömek eder. Nädip? Ýazgylarda gürrüň berilýän wakalar peýdaly we edýän işlerimiziň netijesini görmäge kömek edýär. Ýehowa olary biziň peýdamyz üçin ýazdyrdy (Rim. 15:4). Olary okap oýlansak we çuňňur özleşdirsek, paýhasly bolar. Olara nädip eýerip biljekdigiňiz hakda oýlanyň. Ýehowadan maslahatlaryna eýermäge kömek soraň. Eger size käbir ýagdaýlarda özüňize erk etmek kyn düşýän bolsa, onda muny boýun alyň. Soňra bu hakda doga edip, nähili özgerişik edip biljekdigiňiz barada oýlanyň (Ýak. 1:5). Edebiýatlarymyzdan gözleg geçirseňiz, kömek etjek peýdaly maslahatlary taparsyňyz. w17.09 sah. 6, abz. 15, 16

20-nji maý, duşenbe

Täze häsiýetlere geýniň. Kol. 3:10

Bu ýerde «Hudaýyň islegine laýyk gelýän» häsiýetler göz öňünde tutulýar (Efes. 4:24). Eýsem, adam şeýle häsiýetleri ösdürip bilermi? Hawa. Ýehowa adamlary öz keşbine görä ýaratdy. Şol sebäpli biz oňa mahsus häsiýetleri ösdürip bilýäris (Gel. çyk. 1:26, 27; Efes. 5:1). Pawlus resul täze häsiýetlere geýinmegi maslahat berensoň: «Grek bilen ýehudynyň, sünnetlenen we sünnetlenmedik adamyň, gelmişegiň, skifiň, guluň ýa-da azat adamyň arasynda tapawut ýokdur» diýýär. Bu sözler täze häsiýetleriň bir aýratynlygyny, ýagny hiç kimi ala tutmaly däldigini görkezýär. Eýsem, ýygnakda näme üçin adamlary jynsyna, milletine ýa-da derejesine görä bölmeli däl? Sebäbi Mesihiň hakyky şägirtleri hökmünde biziň «ählimiz bir bolduk» (Kol. 3:11; Gal. 3:28). Täze häsiýetlere geýnen mesihçi imandaşlarynyň we başga adamlaryň derejesine hem-de milletine garaman hormat goýýar (Rim. 2:11). w17.08 sah. 22, abz. 1; sah. 23, abz. 3, 4

21-nji maý, sişenbe

Ýehowa sabyrly garaşýar. Iş. 30:18, TD

Ýehowa bizi sabyrly bolmaga çagyrýar. Emma ol bizden edip bilmejek zadymyzy talap etmeýär. Sabyrly garaşmakda onuň özi ajaýyp görelde görkezýär (2 Pet. 3:9). Erem bagynda jedelli meseläniň turandygyna müňlerçe ýyl geçse-de, Ýehowa onuň gutarnykly çözüljek wagtyna sabyrly garaşýar. Ol adynyň mukaddes boljak wagtyna «sabyr edýär». Şonda «Oňa intizar» adamlar bol bereketleriň eýesi bolar (Iş. 30:18). Isa-da sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Ol ýer ýüzündekä, soňuna çenli wepaly galyp, b. e. 33-nji ýylynda janyny gurban berdi. Emma 1914-nji ýylda patyşalyk tagtyna geçýänçä garaşmaly boldy (Res. iş. 2:33—35; Ýew. 10:12, 13). Isa duşmanlarynyň doly ýok ediljek wagtyna, ýagny Müňýyllyk hökümdarlygy tamamlanýança ýene-de garaşmaly (1 Kor. 15:25). Emma bu garaşanyňa degýär. w17.08 sah. 7, abz. 16, 17

22-nji maý, çarşenbe

Hudaý... bize ähli kynçylyklarymyzda teselli berýär. 2 Kor. 1:3, 4

Sýuzi atly uýa şeýle diýýär: «Oglumyzyň aradan çykanyna ençeme ýyl geçse-de, biz henizem hasrat çekýäris». Aýaly duýdansyz aradan çykan dogan bolsa: «Çekýän hasratymy söz bilen beýan edip bilmeýärin» diýýär. Gynansak-da, şeýle duýgulary başdan geçirýän adamlar az däl. Mesihçileriň köpüsi dogan-garyndaşlary Armageddondan diri geçer öýdýärler. Emma siziň özüňiz ölümi başdan geçiren ýa-da dogan-garyndaşyny ýitiren adamy tanaýan bolsaňyz, onda: «Hasrat çekýän adama nädip kömek etse bolarka?» diýip oýlanýansyňyz. Belki, siz adamlaryň «Wagt bejerýär» diýýänini eşidensiňiz. Eýsem, ýürek ýarasy ýöne bir wagtyň geçmegi bilen bitermikä? Bir dul aýal şeýle diýýär: «Meniň pikirimçe, wagtyňy peýdalanyşyň, şol bejerýärmikä diýýärin». Dogrudan-da, beden ýarasy ýaly ýürek ýarasyny hem bejersek, ol wagtyň geçmegi bilen köşeşer. Hasrat çekýän adamlaryň ýürek ýarasynyň bitmegine nädip kömek etse bolar? w17.07 sah. 12, 13, abz. 1—3

23-nji maý, penşenbe

Ýehowa sežde edip, ýürekden şatlan, Ol seni arzuwlaryňa ýetirer. Zeb. 37:4, TD

Ýehowa size näme etmegi maslahat berýär? Ol adamlary Özi hakda bilim alyp we wepaly gulluk edip bagtly bolmaklary üçin ýaratdy (Zeb. 128:1; Mat. 5:3). Emma haýwanlar diňe iýip-içip we nesil öndürmek üçin ýaradyldy. Hudaý siziň haýwanlardan tapawutlylykda, edýän işleriňizden lezzet almagyňyzy isleýär. Sebäbi «ynsany öz keşbinde» ýaradan Hudaýyň özi söýgüden doly we «bagtly Hudaýdyr» (2 Kor. 13:11; 1 Tim. 1:11; Gel. çyk. 1:27). Siz Hudaýyň göreldesine eýerip ýaşasaňyz, bagtly bolarsyňyz. Şonda siz: «Bermek almakdan has bagtly edýändir» diýen sözleriň hakykatdygyna göz ýetirersiňiz (Res. iş. 20:35). Bagtly bolmak üçin bu prinsipe eýermek wajyp. Şol sebäpli Ýehowa siziň adamlary we Hudaýy söýýändigiňizi görkezýän işleri etmegiňizi isleýär (Mat. 22:36—39). w17.07 sah. 23, abz. 3

24-nji maý, anna

Ýehowa aýypsyz gezýän ynsandan, ýagşylygyny gaýgyrýan däldir. Zeb. 84:11, TD

Hudaý öz gullukçylaryny gymmat saýýar we olara hormat goýýar. Ol biziň aladamyzy özümizdenem gowy edýär. Ýehowa diňe tutuş halkynyň aladasyny etmek bilen çäklenmeýär. Ol her bir gullukçysy barada ýürekden gyzyklanýar. Geliň, serdarlaryň 300 ýyl höküm süren döwründe bolan bir waka seredeliň. Şol wagtlar Ýehowa serdarlar arkaly ysraýyl halkyny duşmanlaryndan halas edýärdi. Şeýle kyn döwürde Ol hakyky seždäni kabul etmek üçin ähli zadyndan geçen mowaply Rutuň aladasyny etdi. Ýehowa oňa ýanýoldaş we ogul berdi. Emma gelejekde Rut direlende, oglunyň nesil şejeresi arkaly Mesihiň doglandygyny biler. Şeýle-de Ýazgylarda öz adyny göterýän kitabyň bardygyny we onda durmuşy hakda ýazylandygyny bilende, gör, ol nähili begener! (Rut 4:13; Mat. 1:5, 16). w17.06 sah. 28, 29, abz. 8, 9

25-nji maý, şenbe

Mukaddes ruh size... aýdan zatlarymyň ählisini ýadyňyza salar. Ýah. 14:26

1970-nji ýylda Britaniýanyň Beýtelinde gulluk edip başlan 19 ýaşly Piter dogan bilen bolan waka seredeliň. Bir gezek ol öýden-öýe wagyz edip ýörkä, elli ýaşlaryndaky sakgally adama duşýar. Piter ondan Mukaddes Ýazgylary öwrenmek islegi barada soraýar. Ol adam muňa geň galyp, bu öýde ýehudy dini ýolbaşçylarynyň ýaşaýandygyny aýdýar. Ol doganymyzy barlamak üçin: «Oglum, hany aýt, Danyýel kitaby haýsy dilde ýazyldy?» diýip soraýar. Piter oňa: «Onuň käbir parçalary arameý dilinde ýazylan» diýip jogap berýär. Piter şondan soň näme bolandygyny şeýle gürrüň berýär: «Onuň soragyna dogry jogap berenimde, ol haýran galdy. Ýöne meniň özümem muňa geň galdym. Bu soragyň jogabyny men nireden bilýärdim? Öýe gelenimden soň, «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallarynyň öňki sanlaryny açyşdyryp, Danyýel kitabynyň arameý dilinde ýazylandygy baradaky makalany tapdym» (Dan. 2:4). Dogrudanam, mukaddes ruh öň okan zatlarymyzy ýadymyza salýar (Luka 12:11, 12; 21:13—15). w17.06 sah. 13, abz. 17

26-njy maý, ýekşenbe

Maşgala gurýan adamlaryň durmuşynda täze kynçylyklary dörär. 1 Kor. 7:28

Käbir ýagdaýlarda ýanýoldaşy aýalynyň göwrelidigini bilende, biynjalyk bolmagy mümkin. Bu-da maşgalada täze kynçylygy döredip biler. Göwrelilik döwri ýa-da ondan soň döreýän saglyk ýagdaýy bilen bagly meseleler hem är-aýaly ruhdan düşürip biler. Pul bilen bagly kynçylyklar hem ýüze çykmagy mümkin. Şol sebäpli munuň aladasyny öňünden etmeli. Çaga dünýä inende bolsa, maşgalada has köp özgerişlikler bolýar. Indi aýal köp wagtyny we ünsüni çagasyna berýär. Şeýle ýagdaýda erkek adamlaryň köpüsi özüni terk edilen ýaly duýýarlar. Emma täze ata bolan adamyň hem jogapkärçiligi artýar. Indi ol diňe bir aýalynyň däl-de, täze doglan çagasynyň hem aladasyny etmeli. Käbir är-aýallaryň başga-da kynçylyklary bolup biler. Olar çaga edinmek islese-de, çagasy bolmazlygy mümkin. Çagasy bolmaýan aýallar köplenç göwnüçökgünlige düşýärler. w17.06 sah. 4, abz. 1; sah. 5, abz. 5, 6

27-nji maý, duşenbe

Sözleriň damagyma nähili süýji! Agzyma baldan hem süýji! Zeb. 119:103

Biz, mesihçiler hakykata berk ýapyşmaly. Hudaýyň Sözi hakykatyň gözbaşy. Isa Atasyna ýüzlenende: «Seniň sözüň hakykatdyr» diýdi (Ýah. 17:17). Diýmek, Hudaýyň Sözünden dogry bilim alsak, hakykata bolan söýgimiz artar (Kol. 1:10). Emma bilim almak ýeterlikli däl. 119-njy mezmurda hakykata bolan söýginiň näme aňladýandygy düşündirilýär (Zeb.119:97—100). Ýazgylardan öwrenen zatlarymyz hakda oýlanmak üçin her gün wagt sarp edýärismi? Biz Ýazgylardan öwrenen zatlarymyzyň durmuşda berýän peýdasy hakda oýlansak, hakykata bolan minnetdarlygymyz artar. Şeýle-de Hudaýyň guramasy arkaly berilýän ruhy iýmitinden lezzet alyp bileris. Göçme manyda aýdanyňda, onuň tagamyny duýmaly. Şonda hakykatyň «ýakymly sözlerini» ýadymyza salyp, olary başgalara kömek etmek üçin ulanyp bileris (Wag. 12:10). w17.05 sah. 19, 20, abz. 11, 12

28-nji maý, sişenbe

Hudaý, hakykatdan-da, siziň bilendir. 1 Kor. 14:25

Bizem horluk çekýän we şol sanda Ýehowanyň Şaýady bolmadyk adamlara kömek etmek isleýäris (Luka 10:33—37). Munuň iň gowy ýoly — olara hoş habary wagyz etmek. Gaçgaklaryň köpüsine kömek eden bir ýaşuly dogan şeýle gürrüň berýär: «Biz özümiziň Ýehowanyň Şaýadydygymyzy, esasan, maddy däl-de, ruhy taýdan kömek edýändigimizi açyk aýtmaly. Ýogsam, olar biziň bilen diňe öz peýdasy üçin gürrüňdeş bolarlar». «Gelmişeklere» söýgimizi bildirsek, gowy netije berýär (Zeb. 146:9). Eritreýada ýaşaýan uýamyz maşgalasy bilen yzarlamalar sebäpli gaçyp gaýdýar. Ol dört çagasy bilen çölüň içinden sekiz gün ýol ýöräp, zordan Sudana gelýär. Ol şeýle ýatlaýar: «Doganlar olary edil öz maşgala agzalary ýaly kabul etdiler, olar iýmit, egin-eşik we ýol üçin biraz pul berdiler. Eýsem, haýsy dinde gelmişekleri şeýdip kabul edýärler? Diňe Ýehowanyň Şaýatlary!» (Ýah.13:35). w17.05 sah. 7, abz. 17, 19, 20

29-njy maý, çarşenbe

Siz Men barada hakykaty gulum Eýýup ýaly sözlemediňiz. Eýp. 42:8

«Ynsan Hudaýa ýaramly bolup bilermi? Hatda iň akyldaryň Oňa peýdasy degermi? Dogrulygyňdan Gudratygüýçli näme lezzet alýar? Päk durmuşda ýaşaýanyň Hudaýa näme haýry bar?» (Eýp. 22:1—3). Siz şu soraglar barada oýlanyp görüpmidiňiz? Aslynda, teýmanly Elipazyň Eýýuba şeýle soraglary bermegi akylsyzlykdy. Onuň şuwaly ýoldaşy Bildat bolsa hatda hiç bir adam «Hudaýyň öňünde dogry bolup bilmez» diýdi (Eýp. 25:4). Eýýubyň ýalan dostlarynyň aýtmagyna görä, Ýehowa biziň oňa wepaly gulluk etmek üçin edýän tagallamyzy biderek hasaplaýar; ol hatda bizi tozanjyk, güýe, gurçukça-da görmeýär (Eýp. 4:19; 25:6). Muny Ýehowanyň Elipaza, Bildada we Sopara aýdan sözlerinden görse bolýar. Ýehowa olary ýalan sözleri üçin ýazgarypdy, Eýýuba bolsa wepaly «gulum» diýdi (Eýp. 42:7). Diýmek, adam «Hudaýa ýaramly bolup bilýär». w17.04 sah. 28, abz. 1, 2

30-njy maý, penşenbe

Ýumşaklar... parahatlykda ýaşap, döwran sürer. Zeb. 37:11, TD

Biziň dünýä inenimizden bäri kynçylykdan gözümiz açylanok. Meselem, demirýol menziliniň golaýynda ýaşaýan adamlar otlynyň sesine, zir-zibil taşlanýan ýere golaý ýaşaýanlar bolsa erbet yslara öwrenişip gidýärler. Şeýle zyýan ýetirýän zatlar ýok edilende, ýaşaýyş diýseň ýakymly bolar! Bu siziň göwnüňizi göterýän bolsa gerek! Şu günki aýatdaky Hudaýyň wadasyna üns beriň. Eýsem, bu sözler sizi ruhlandyrmaýarmy? Ýehowa siziň Jennetde ýaşamagyňyzy isleýär. Häzir Ýehowa Hudaýa ýakynlaşyp, onuň guramasynda galmak üçin eliňde baryny etmegiň tüýs wagtydyr! Şol sebäpli, geliň, umydymyzy gaýym saklalyň, aljak sylaglarymyzy göz öňüne getireliň we ol hakda başgalara höwes bilen gürrüň bereliň (1 Tim. 4:15, 16; 1 Pet. 3:15). Şonda zalym dünýä ýok edilende, halas boljakdygymyza ynamymyz berk bolar we biz ebedi hem bagtly ýaşarys! w17.04 sah. 13, abz. 16, 17

31-nji maý, anna

Biziň ählimiz köp ýalňyşýarys. Ýak. 3:2

Şu aýada görä, ählimiziň köp ýalňyşýandygymyzy bilsek-de, dogan-uýalar bikämillik sebäpli göwnümize degende, agyr degmegi mümkin. Şeýle ýagdaýda siz Ýehowanyň adalatlylygyndan görelde alarsyňyzmy? Eger ýaşuly biraz tarapgöýlük etse näme? Ýa-da bir zadyň anygyna ýetmän maslahat berse, göwnüňize alarsyňyzmy? Ol ýaşuly bolmaga mynasyp däl diýmegiň deregine, ýygnagyň başy Isa sabyrly garaşarmysyňyz? Siz ähli zady, meselem, doganyň ençeme ýyldan bäri Ýehowa wepaly gulluk edýändigini göz öňünde tutarmysyňyz? Eger göwnüňize degen dogan ýaşuly bolup gulluk etmegini dowam etse ýa-da oňa goşmaça borçlar berilse, onuň şatlygyny paýlaşarmysyňyz? Eger biz başgalary ýürekden bagyşlasak, Ýehowanyň adalatlylygyndan görelde alyp bileris (Mat. 6:14, 15). w17.04 sah. 27, abz. 18

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş