Iýun
1-nji iýun, şenbe
Hudaý söýgüdir. 1 Ýah. 4:16
Ýehowanyň söýgüsinde hem-de ýaşaýyş ýolunda galmagymyz üçin, ol bizi söýgi bilen düzedýär, öwredýär we tälim berýär. Käte terbiýe diňe bir maslahat ýa-da düzediş bermekden has köp zady aňladyp biler. Eger biri agyr günä eden bolsa, ýygnakdaky hormatly borjuny ýitirmegi mümkin. Hatda şeýle terbiýe hem Hudaýyň bize bolan söýgüsini görkezýär. Bu hormatly borçlaryny ýitiren mesihçä şahsy okuwy geçirmegiň, okan zatlaryň hakda oýlanmagyň we doga etmegiň wajypdygyna düşünmäge kömek eder. Şeýdip, ol ruhy saglygyny berkider (Zeb. 19:7). Mümkin, wagtyň geçmegi bilen, oňa ýene-de hormatly borçlar ynanylar. Hatda ýygnak gatnaşygyndan kesilmek hem Ýehowanyň söýgüsini aýan edýär. Sebäbi şeýle çäre ýygnagy erbet täsirden goraýar (1 Kor. 5:6, 7, 11). Hudaý hemişe ýerlikli terbiýe berýär. Şonuň üçin bu çäre gatnaşykdan kesilen adamy eden günäsiniň agyrdygyna düşünmäge we toba etmäge höweslendirip biler (Res. iş. 3:19). w18.03 sah. 24, abz. 5, 6
2-nji iýun, ýekşenbe
Bütin maşgala agzalary bilen şol bada suwa çümdürildi. Res. iş. 16:33
Türmeçi Ýazgylar bilen tanyş däldi. Ol hakykaty özleşdirmek üçin Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymatlaryny öwrenmelidi. Şonda ol Hudaýyň gullukçysy bolup, Isanyň taglymatlaryna ýürekden eýerip bilerdi. Onuň gysga wagtyň içinde öwrenen zatlary we Ýazgylardaky hakykatlara bolan minnetdarlygy ony suwa çümdürilmäge höweslendirdi (Res. iş. 16:25—33). Elbetde, ol suwa çümdürilenden soňam bilim almagyny dowam edendir. Diýmek, çagaňyz Ýazgylardaky esasy taglymatlara ýürekden minnetdarlygyny we şol sanda özüňi Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmekligiň manysyna hem-de wajypdygyna düşünýändigini aýtsa, siz näme edip bilersiňiz? Siz mesihçi ene-ata hökmünde çagaňyzyň suwa çümdürilmek üçin talaplara laýyk gelýändigini anyklar ýaly ýygnak ýaşulularyna aýdyp bilersiňiz. Beýleki suwa çümdürilen dogan-uýalar ýaly ol hem Ýehowanyň niýeti barada bilim almagyny häzir, hatda ebedi dowam eder (Rim. 11:33, 34). w18.03 sah. 10, abz. 8, 9
3-nji iýun, duşenbe
Mesih Isanyňky ýaly pikirde boluň. Rim. 15:5
Biz ruhy taýdan ösmek üçin tagalla etsek, mukaddes ruh pikirimizi özgertmäge güýç berer. Onuň kömegi bilen Mesihiň pikirlenişi ýaly pikirlenip başlarys. Şeýle-de mukaddes ruh bize ten höweslerimizi köki bilen aýyrmaga we Hudaýa ýaramly häsiýetleri ösdürmäge kömek eder. Mesihiňki ýaly pikirde bolsak, gepleýşimize, işde ýa-da mekdepde özümizi alyp barşymyza we her gün gelýän kararlarymyza täsir eder. Şonda gelýän kararlarymyz Mesihiň yzyna eýermek isleýändigimizi görkezer. Biz ruhy taýdan ýetişen mesihçiler hökmünde gökdäki Atamyz bilen dostlugymyza hiç zadyň zyýan ýetirmegini islemeýäris. Şonuň üçin synaga düşenimizde olary dessine inkär edýäris. Karara gelenimizde bolsa, özümize şeýle soraglary berip bileris: «Maňa dogry karara gelmäge Mukaddes Ýazgylaryň haýsy prinsipi kömek eder? Şeýle ýagdaýda Isa näme ederdi? Geljek kararym Ýehowany begendirermi?» w18.02 sah. 25, abz. 12; sah. 26, abz. 14
4-nji iýun, sişenbe
Nuh bolsa Ýehowany razy edip ýaşaýardy. Gel. çyk. 6:8, TD
Nuhuň garry atasy Hanogyň döwründe adamlar Hudaýdan gaty daşlaşypdylar. Olar hatda Ýehowa «dil ýetirýärdiler» (Ýahd. 14, 15). Zorluk möwç urýardy, şol sebäpli Nuhuň döwründe «ýer ýüzüniň azgynçylykdan we zulumdan dolandygy» geň galdyrmasa gerek. Zalym perişdeler ynsan keşbine girip, özlerine aýal alanda, olardan nefiller, ýagny äpet adamlar döräpdi (Gel. çyk. 6:2—4, 11, 12). Emma Nuh pygamber olardan düýpgöter tapawutlanýardy. Ýazgylarda: «Nuh öz döwürdeşleriniň arasynda dogruçyl hem takwa adamdy. Ol Hudaýyň huzurynda gezdi» diýilýär (Gel. çyk. 6:9). Aýatda Nuh pygamber hakda näme diýilýändigine üns beriň. Birinjiden, Nuh zalym adamlaryň arasynda ýaşanda, Hudaýyň huzurynda biziňki ýaly bary-ýogy 70-80 ýyl gezmedi. Ol şol erbetlikden doly dünýäde 600 ýyla golaý ýaşady (Gel. çyk. 7:11). Onuň ýaşan döwründe biziňki ýaly ruhy taýdan goldajak imandaşlary ýokdy. Hatda dogan-garyndaşlary hem ony goldamadyk bolmaly. w18.02 sah. 4, abz. 4, 5
5-nji iýun, çarşenbe
Adamlar... puly söýýän... bolar. 2 Tim. 3:2
Puly söýýän adamlar hemişe köp pul gazanjak bolup, hars urýarlar we «ençeme horluklara sezewar bolýarlar» (1 Tim. 6:9, 10; Wag. 5:10). Elbetde, biziň ählimize pul gerek. Sebäbi ol gorag berýär (Wag. 7:12). Emma adamyň gazanjy diňe zerur zatlaryna ýetýän bolsa, ol hakykatdan bagtly bolup bilermi? Elbetde! (Wag. 5:12). Ýakäniň ogly Agur: «Maňa garyplyk ýa baýlyk berme; çörekden rysgalymy ýetir» diýip ýazdy. Biz onuň «garyplyk... berme» diýip näme üçin aýdandygyna düşünýäris. Onuň düşündirmegine görä, ol ogry bolmak islemeýärdi. Sebäbi ogurlyk edýän adam Hudaýyň adyna ysnat getirýär. Onda ol näme üçin «baýlyk berme» diýip dileg etdikä? Ol muny şeýle düşündirdi: «Men dok bolup-da: „Reb kim“ diýip Seni inkär etmez ýaly... baýlyk berme» (Sül. tym. 30:8, 9). Isa: «Hiç kim iki hojaýynyň guly bolup bilmez. Sebäbi ol birini ýigrenip, beýlekisini söýer ýa-da birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýyň, hem baýlygyň guly bolup bilmersiňiz» diýdi (Mat. 6: 24). w18.01 sah. 24, abz. 9—11
6-njy iýun, penşenbe
Şeýlelikde, eger siz doganyňyzy ýürekden bagyşlamasaňyz, gökdäki Atam hem sizi bagyşlamaz. Mat. 18:35
Agzybirligimizi berkitmek üçin, bir-birimizi ýürekden bagyşlamaly. Biz göwnümize degen imandaşlarymyzy bagyşlasak, Mesihiň töleg gurbany arkaly günälerimiziň bagyşlanmagy üçin dörän mümkinçilige minnetdardygymyzy görkezýäris. Geliň, Isanyň Matta 18:23—34-nji aýatlarda getiren bir mysalyna seredeliň we özümize şeýle soraglary bereliň: «Men Isanyň öwredenlerine eýerýärinmi? Sabyrly bolup, dogan-uýalaryň ýagdaýyna düşünýärinmi? Maňa garşy günä eden imandaşymy bagyşlamaga taýynmy?» Dogry, käbir günäleri bikämil bolandygymyz üçin bize bagyşlamak aňsat däl. Emma mysaldan görnüşi ýaly, Ýehowa göwnümize degen adamy bagyşlamagymyzy isleýär. Ýürekden ökünýän dogan-uýalary bagyşlamasak, Ýehowanyň hem bizi bagyşlamajakdygyny Isa aýdyň görkezdi. Gör, nähili täsirli sözler! Isanyň aýdyşy ýaly, biz geçirimli bolsak, agzybirligimizi saklap, ony berkideris. w18.01 sah. 15, abz. 12
7-nji iýun, anna
Kimde-kim otuz günüň dowamynda senden başga bir ynsana ýa-da hudaýa dileg edip ýüz tutsa, ýolbarsly çukura taşlansyn. Dan. 6:7
Danyýel janyna howp abansa-da, ol hatda pikirinde-de hakyky seždeden ýüz öwürmezligi ýüregine düwdi. Ýehowa Danyýeliň ynsabyna görä batyrgaýlyk bilen gelen kararyny patalap, ony gudrat bilen ölümden halas etdi. Netijede, Ýehowanyň eden ajaýyp işini Midiýa hem Pars patyşalygyň uzak künjeklerinde ýaşaýan adamlar hem eşitdi! (Dan. 6:25—27). Biz Danyýeliňki ýaly imany nädip ösdürip bileris? Munuň üçin Hudaýyň Sözüni ýöne bir okaman, eýsem, «onuň manysyna düşünmeli» (Mat. 13:23). Biz Mukaddes Ýazgylardaky prinsipler arkaly Ýehowanyň pikirine düşünmek isleýäris. Şonuň üçin okaýan zatlarymyzyň üstünde oýlanmaga wagt sarp etmeli. Şeýle-de synaglara ýa-da kyn ýagdaýlara uçranymyzda, Hudaýa yzygider ýürekden doga etmek örän wajyp. Eger biz Ýehowadan iman bilen akyldarlyk hem güýç dilesek, jomartlyk bilen berer (Ýak. 1:5). w18.02 sah. 10, 11, abz. 13—15
8-nji iýun, şenbe
Ýehowany synaň, goldaw berişini görüň. Zeb. 34:8, TD
Siz Hudaýyň ýaş gullukçysy bolsaňyz-da, adamlara ynanýan zatlaryňyz hakda gürrüň bermek bilen Ýehowanyň ýagşylygyny dadyp bilersiňiz. Meselem, sizde mekdepde klasdaşlaryňyza wagyz etmäge mümkinçilik bar. Käbir dogan-uýalar klasdaşlaryna wagyz etmäge ýaýdanýarlar. Sizem ýaş bolandygyňyz üçin olaryň ýagdaýyna düşünýän bolsaňyz gerek. Sebäbi aýdýan zatlaryňyzy klasdaşlaryňyzyň nähili kabul etjekdigini bilmeýärsiňiz. Esasan-da, olara ýekelikde däl-de, hemmesine birbada wagyz etmek kyn bolup biler. Şeýle ýagdaýda size näme kömek eder? Ilki bilen, şu ýoluň hakykatdygyna näme üçin berk ynanýandygyňyz hakda oýlanyň. Munuň üçin jw.org saýtymyzdaky «Ýetginjekler» diýen bölümden peýdalanyp bilersiňiz. Olar size nämä we näme üçin ynanýandygyňyzy hem-de ynanýan zatlaryňyzy başgalara nädip düşündirmelidigini bilmäge kömek eder. Siz ynamyňyzy berkitseňiz we gowy taýýarlansaňyz, Ýehowanyň ady barada şaýatlyk etmäge taýyndygyňyza göz ýetirersiňiz (Ýer. 20:8, 9). w17.12 sah. 26, abz. 12, 14, 15
9-njy iýun, ýekşenbe
Öwrenen we iman eden zatlaryňa eýermegiňi dowam et. 2 Tim. 3:14
Çagalara ruhy taýdan bilim bermek üçin, Ýazgylarda gürrüň berilýän adamlar we wakalar barada aýtmak ýeterlikli däl. Timoteos «iman eden zatlaryna» berk eýerýärdi. Bu jümle asyl nusgada «bir zadyň hakykatdygyna ynanmagy» ýa-da «doly göz ýetirmegi» aňladýar. Timoteos Ýewreý ýazgylaryny bäbeklikden bilýärdi. Meselem, ol ynandyryjy deliller arkaly Isanyň Mesihdigine göz ýetirdi. Siz çagalaryňyzyň Timoteosyňky ýaly berk imany bolmagy üçin näme edip bilersiňiz? Ilki bilen, sabyrly boluň. Ynam bir günüň içinde peýda bolmaýar; ýa-da siziň ynamyňyz çagaňyza öz-özünden geçer öýtmäň. Çaganyň özi «pikirlenmek ukybyny» ulanyp, Mukaddes Ýazgylardaky hakykata göz ýetirmeli (Rim. 12:1). Bu babatda, esasan-da, çagaňyz sorag berende, siziň etmeli işiňiz örän wajyp. w17.12 sah. 19, abz. 3, 5, 6
10-njy iýun, duşenbe
Men onuň gelejekde direliş bolanda direljekdigini bilýärin. Ýah. 11:24
Isanyň ýakyn dosty we şägirdi Marta güýçli hasrat çekýärdi. Sebäbi onuň dogany Lazar aradan çykypdy. Eýsem, onuň derdini ýeňletjek zat barmyka? Elbetde, bar. Isa oňa: «Doganyň direler» diýdi (Ýah. 11:20—23). Dogrudan-da, Marta direlişiň boljakdygyna doly ynanýardy. Emma Isa hut şol günüň özünde gudrat görkezip, Lazary ölümden direltdi. Biz Isanyň ýa-da onuň Atasynyň häzir şeýle gudrat etmejekdigini bilýäris. Ýöne Marta ýaly bizem gelejekde dogan-garyndaşlarymyzyň direljekdigine ynanýarysmy? Mümkin, biziň ýanýoldaşymyz, ejemiz, kakamyz ýa-da mama-babamyz aradan çykandyr. Ýa-da käbirimiz çagamyzyň ölümi sebäpli hasrat çekýändiris. Biz eziz ýakynlarymyzy bagrymyza basmagy, olar bilen gepleşmegi we gülşüp-degişmegi arzuw edýändiris. Bizde-de Marta ýaly: «Men söýgüli ýakynymyň direljekdigine ynanýaryn» diýmäge degerli sebäp bar. Emma her birimiz direlişe näme üçin berk ynanýandygymyz barada oýlansak, gowy bolar. w17.12 sah. 3, abz. 1, 2
11-nji iýun, sişenbe
Men Seniň islegiňi berjaý etmekden keýp alýaryn, eý Hudaýym; kanunyň ýüregimiň içindedir. Zeb. 40:8
Isanyň Musanyň kanunyny söýýändigi geň galdyrmasa gerek. Sebäbi bu Kanuny onuň durmuşynda iň wajyp orun tutýan Atasy Ýehowa beripdi. Şu günki aýatda Isanyň Hudaýyň kanunyna bolan çuňňur söýgüsi barada aýdylýar. Isa aýdýan sözleri we edýän işleri bilen Hudaýyň kanunynyň kämil, peýdaly hem-de hemişe ýerine ýetýändigini görkezdi (Mat. 5:17—19). Kanunçylaryň we fariseýleriň Atasynyň Kanunyny ýoýýandygyny görende, Isa gaty gynanandyr. Olar Kanunyň ujypsyz tabşyryklaryny birkemsiz ýerine ýetirýärdiler. Eýsem, munuň nämesi nädogrudy? Isa olara şeýle diýdi: «Siz narpyzyň, şibitiň we tminiň ondan bir bölegini berýärsiňiz, ýöne Kanunyň has wajyp tabşyryklaryna, ýagny adalatlylyga, rehimdarlyga, wepalylyga sowuk-sala garaýarsyňyz» (Mat. 23:23). Özüni dogry hasaplaýan fariseýlerden tapawutlylykda, Isa Kanunyň düýp özenine düşünýärdi, ýagny her tabşyrygyň aňyrsynda ýatan Hudaýyň häsiýetlerini görýärdi. w17.11 sah. 13, abz. 1, 2
12-nji iýun, çarşenbe
Hudaýyň islegi şudur: ahlaksyzlykdan gaça durup, mukaddes bolmalysyňyz. 1 Sel. 4:3
Käbir adamlar: «Ýaşaýyş lezzet getirmeli. Zyna etmek nädogry däl» diýmegi mümkin. Mesihçi şeýle garaýşy ýerlikli hasaplasa, nädogry bolardy. Näme üçin? Sebäbi Hudaýyň Sözünde ahlaksyzlyk ýazgarylýar (1 Sel. 4:4—8). Ýehowa Ýaradyjy bolandygy üçin, nämäniň dogrudygyny kesgitlemäge haky bar. Hudaýyň beren kanunyna laýyklykda, şeýle gatnaşyk diňe durmuş guran erkek adam bilen aýal maşgalanyň arasynda bolmaly. Ýehowa bizi söýýändigi üçin şeýle tabşyryklary berýär. Olar bize diňe peýda getirýär. Şeýle tabşyryklary berjaý edýän maşgalalar birek-biregi söýýärler, hormat goýýarlar we howpsuzlykda ýaşaýarlar. Hudaý tabşyryklaryny bilgeşleýin bozýan adamlary halamaýar (Ýew. 13:4). Hudaýyň Sözi bize ahlaksyzlykdan nädip gaça durmalydygyny öwredýär. Munuň üçin, esasan, görýän zatlarymyza ünsli bolmaly (Mat. 5:28, 29). Mesihçiler pornografiýa görmekden we ahlaksyzlyga höweslendirýän sazlary diňlemekden gaça durmaly (Efes. 5:3—5). w17.11 sah. 22, abz. 9, 10
13-nji iýun, penşenbe
Hudaýymyza nagma aýtmak gowudyr. Zeb. 147:1
Ýehowanyň wepaly gullukçylary ony şöhratlandyrmak üçin hemişe aýdym aýdýardylar. Şonuň üçin gadymy ysraýyllylaryň Ýehowa wepaly gulluk edenlerinde, aýdym aýdandyklary geň galdyrmasa gerek. Meselem, Dawut patyşa ybadathanada sežde edilende öwgüli aýdymlary aýtmak üçin 4 müň sany lewini taýýarlapdy. Olaryň arasynda Ýehowanyň «öňünde aýdym aýtmaklyga türgenleşdirilen» 288 adam bardy (1 Ýyl. 23:5; 25:7). Dogrudan-da, ybadathananyň dabaraly açylyşynda aýdym-saza aýratyn üns berildi. Biz Ýazgylarda şeýle sözleri okaýarys: «Surnaýçylar bilen nagmaçylar bir adam ýaly bolup, Rebbe alkyş aýdyp, şükür etdiler. Surnaýlardyr kimwallar we beýleki saz gurallary bilen seslerini gataldanda... Rebbiň şöhraty Hudaýyň öýüni doldurdy». Şonda ysraýyllylaryň imany, gör, nähili berkändir! (2 Ýyl. 5:13, 14; 7:6). w17.11 sah. 4, abz. 4, 5
14-nji iýun, anna
Men ýer ýüzüne parahatlyk getirmek üçin gelendirin öýtmäň; men parahatlyk däl-de, agzalalyk getirdim. Mat. 10:34
Isa pygamber öwredýän zatlarynyň bölünişik döretjekdigini we yzyna eýerýän adamlaryň garşylyklara duş gelende, imanyny goramak üçin batyrgaý hereket etmeli boljakdyklaryny bilýärdi. Isa Hudaýyň hakykat habaryny agzalalyk döretmek üçin wagyz etmeýärdi (Ýah. 18:37). Emma onuň sözleri ýakyn dostlaryň ýa-da maşgala agzalaryň hakykaty inkär etse, wepalylygyň synalyp bilýändigini görkezýär. Dogrudan-da, Mesihiň yzyna eýerýän adamlar ýaňsylamalara, hatda maşgala agzalary tarapyndan kemsitmelere çydamaly boldular. Emma olar ýitiren zadyndan has köp zady gazandylar (Mar. 10:29, 30). Dogan-garyndaşlarymyz Ýehowa gulluk etmäge päsgel berseler-de, biz olary söýmegimizi bes etmeýäris. Emma biz, ilki bilen, Hudaýy hem-de Mesihi söýmelidigimizi unutmaly däl (Mat. 10:37). Şeýle-de biz garyndaşlyk duýgusy arkaly Şeýtanyň aýypsyzlygymyzy gowşatjak bolýandygyna düşünmeli. w17.10 sah. 13, abz. 3—6
15-nji iýun, şenbe
Perişde... aýaly (şeri) küýzäniň içine itekläp goýberdi-de, gurşun gapagy mäkäm ýerine ýapdy. Zak. 5:8
Bu Ýehowanyň halkynyň arasynda edilýän islendik erbetligi ýigrenýändigini görkezýär. Ýehowa erbetligiň bolmagyna ýol bermän, ony derrew aýrar (1 Kor. 5:13). Perişde küýzäniň gapagyny mäkäm ýapmak bilen, erbetligiň «öz ýerinde goýuljakdygyna» ynandyrýar. Ýehowanyň arassa seždäni dikeltjekdigi baradaky görnüşi görkezmegi Zakarýanyň günlerindäki ysraýyllara, gör, nähili teselli berendir! Emma bu görnüş ýehudylara arassa seždäni dikeltmäge borçludyklaryny hem ýatladýardy. Ýehowanyň halkynyň arasynda «şere», ýagny erbetlige orun berilmeli däldi. Biz hem Ýehowanyň goraýan we söýgi bilen aladamyzy edýän arassa guramasynyň agzasy bolanymyz üçin ony arassa saklamaga jogapkär. Eýsem, biz Hudaýyň «öýüni» arassa saklamaga jan edýärismi? Ruhy jennetimizde hiç hili erbetlige orun ýokdur. w17.10 sah. 24, abz. 14; sah. 25, abz. 17, 18
16-njy iýun, ýekşenbe
Seniň kanunyňy söýýärin. Zeb. 119:163
Mukaddes Ýazgylaryň ilkinji 39 kitabyny ysraýyl halkyndan bolan adamlar, ýagny ýewreýler ýazdy. «Sebäbi Hudaýyň mukaddes habary ilki olara ynanyldy» (Rim. 3:1, 2). Emma b. e. öň III asyrda ýehudylaryň köpüsi ýewreý diline düşünmeýärdiler. Näme üçin? Sebäbi Isgender Zülkerneýin Grek imperiýasynyň çägini ulaltdy (Dan. 8:5—7, 20, 21). Şeýdip, grek dili halkara dile öwrüldi we imperiýanyň çäklerinde ýaşaýan adamlar, şol sanda ýewreýlerem şol dilde gepläp başlady. Şonuň üçin Ýewreý ýazgylaryna düşünmek gitdigiçe kynlaşýardy. Bu kynçylyk nädip çözüldi? Mukaddes Ýazgylar ýewreý dilinden grek diline terjime edildi. Ol b. e. öň II asyrda tamamlandy. Mukaddes Ýazgylaryň bu ýygyndysyna Septuaginta diýilýär. Şonda Mukaddes Ýazgylar ilkinji sapar tutuşlygyna terjime edilipdi. w17.09 sah. 20, abz. 7—9
17-nji iýun, duşenbe
Men seni hiç haçan terk etmerin, seni asla taşlamaryn. Ýew. 13:5
Başlygyňyz sizden agşamlaryna we dynç günleri işlemegi haýyş etmegi mümkin. Bu bolsa size maşgala okuwyny geçirmäge we ýygnak duşuşyklaryna barmaga päsgel berip biler. Şeýle ýagdaýda dogry karara gelip, çagalara gowy görelde görkezer ýaly batyrgaýlyk gerek. Şeýle-de çagalarymyza ruhy maksatlary goýup, olara ýetmäge kömek etmek üçin hem batyrgaýlyk gerek. Meselem, käbir ene-talar çagalaryna pioner bolmak, wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde we Beýtelde gulluk etmek ýa-da guramamyzyň gurluşyk işlerine gatnaşmak ýaly zatlara höweslendirmäge ýaýdanýarlar. Olar: «Garran çagymyz bize kim sereder?» Ýa-da «Çagalarymyz özlerini ekläp bilermikä?» diýip aladalanýarlar. Emma paýhasly ene-atalar Ýehowanyň wadasyna iman edip, batyrgaý hereket edýärler (Zeb. 37:25). Bu çagalaryňyza-da batyrgaý bolmagy we Ýehowa bil baglamagy öwrenmäge kömek eder (1 Şam. 1:27, 28; 2 Tim. 3:14, 15). w17.09 sah. 30, abz. 14, 15
18-nji iýun, sişenbe
Ruhuň miwesi... özüňe erk etmeklik. Gal. 5:22, 23
Ene-atalar çagalaryna özüne erk etmegi nädip öwredip biler? Bu häsiýeti wagtyň geçmegi bilen özleri öwrener diýip pikir etmäň. Başga häsiýetler ýaly özüňe erk etmek babatda-da ene-atalar çagalaryna görelde görkezmeli (Efes. 6:4). Eger siz çagalaryňyzyň özüne erk etmek üçin göreşýändigini görseňiz: «Men çagalaryma gowy görelde görkezýärinmi ýa-da erbet?» diýip oýlanyň. Şeýle-de wagza, ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşmagyň we wagtly-wagtynda maşgala okuwyny geçirmegiň çagalara gowy täsir edýändigini ünsden düşürmäň. Gerek bolsa, çagalaryňyza «ýok» diýmäge ýaýdanmaň! Ýehowa hem ýer ýüzündäki çagalaryna, ýagny Adam ata bilen How enä belli bir çäk goýupdy. Şonuň ýaly-da ene-atalaryň goýýan tertip-düzgüni we göreldesi çagalaryna olara hormat goýmaga hem-de özüne erk etmegi öwrenmäge kömek edýär. Olara Hudaýyň ygtyýaryna hormat goýmagy we kada-kanunlaryny söýmegi öwretmegiň has-da wajypdygyny unutmaň (Sül. tym. 1:5, 7, 8). w17.09 sah. 7, abz. 17
19-njy iýun, çarşenbe
Bedende bölünişik bolman, gaýtam, onuň agzalary biri-biriniň aladasyny etmelidir. 1 Kor. 12:25
Şeýtanyň dünýäsi ýok bolýança, biz kynçylyk çekeris. Biz işsizlik, agyr keselçilik, yzarlama, tebigy betbagtçylyk, jenaýatçylyk ýaly zatlara çydamaly bolýarys. Horluk çekenimizde ýa-da betbagtçylyga uçranymyzda, bir-birimizi goldamak üçin duýgudaş bolmaly. Duýgudaşlyk häsiýeti adamlaryň mähir bilen aladasyny etmäge höweslendirýär (Efes. 4:32). Bu häsiýetler bize Hudaýdan görelde almaga we başgalara teselli bermäge kömek eder (2 Kor. 1:3, 4). Ýygnagymyzdaky daşary ýurtly adamlar ýa-da mätäçlik çekýänler barada alada edýändigimizi nädip görkezip bileris? Olar bilen dostlaşmaly we özlerini gerekli duýmaga kömek etmeli (1 Kor. 12:22). Şeýle-de başga ýurtdan gelen adamlara wagyz etmek üçin, mesihçileriň köpüsi olaryň dilini öwrenmäge jan edýärler (1 Kor. 9:23). Bu bol bereketleri getirýär. w17.08 sah. 23, 24, abz. 7—9
20-nji iýun, penşenbe
Ýehowa meniň paýymdyr. Şoňa görä Oňa intizardyryn. Ýer. ag. 3:24
Biziň ählimiz sabyrly garaşmagy öwrenmeli. Bu babatda bize näme kömek eder? Hudaýyň mukaddes ruhuny dilemeli, sebäbi sabyrlylyk mukaddes ruhuň miwesi (Efes. 3:16; 6:18; 1 Sel. 5:17—19). Ýehowadan sabyrly we çydamly bolmak üçin güýç diläň. Şeýle-de Ybraýym pygambere, Ýusuba we Dawut patyşa Ýehowanyň wadalaryna sabyrly garaşmaga nämäniň kömek edendigini unutmalyň. Olar Ýehowa iman etdiler we onuň sylaglajakdygyna asla şübhelenmediler. Olar öz bähbidini agtarmadylar. Biz olaryň göreldesi barada oýlansak, sabyrly garaşmaga güýç berer. Şol sebäpli kynçylyklara, synaglara uçrasak-da, sabyrly garaşmagy ýüregimize düweliň. Elbetde, käte biz «Ýa Reb, haçana çenli?» diýen sözleri aýdarys (Iş. 6:11). Emma Hudaýyň mukaddes ruhuna bil baglasak, Ýermeýa pygamberiň şu günki aýatdaky sözlerine goşularys. w17.08 sah. 7, abz. 18—20
21-nji iýun, anna
Men Seniň islegiňi berjaý etmekden keýp alýaryn, eý Hudaýym. Zeb. 40:8
Elbetde, hemme çagalar ýaly Isa-da kiçijikkä oýnaýardy, şatlanýardy. Hudaýyň Sözünde «gülmegiň öz wagtynyň... tans etmegiň öz wagtynyň» bardygy aýdylýar (Wag. 3:4). Isa Ýazgylary okap, Ýehowa bilen dostlugyny hem berkidýärdi. Ol 12 ýaşynda ybadathana baranda, mugallymlar ruhy meseleler babatda «onuň paýhasyna we berýän jogaplaryna geň galdylar» (Luka 2:42, 46, 47). Isa ulalanda-da, özüni bagtly duýýardy. Ony näme bagtly edýärdi? Ol Hudaýyň ýer ýüzüne «garyplara hoş habary yglan etmäge,.. körleriň gözüni açmaga» iberendigini bilýärdi (Luka 4:18). Isa Hudaýyň tabşyran işini ýerine ýetirmekden şatlyk tapýardy. Ol adamlara gökdäki Atasy barada öwretmekden lezzet alýardy (Luka 10:21). Bir gezek ol samariýaly aýala wagyz edensoň, şägirtlerine: «Meniň iýmitim meni ibereniň işini doly berjaý etmekdir» diýdi (Ýah. 4:31—34). Hudaýa we adamlara bolan söýgi Isany bagtly edýärdi. Şeýle söýgi sizi-de bagtly eder. w17.07 sah. 23, abz. 4, 5
22-nji iýun, şenbe
Hudaýyň parahatlygy siziň ýürekleriňizi we pikirleriňizi Mesih Isa arkaly gorar. Flp. 4:7
Isa ýer ýüzüne gelende, aýdýan sözleri we edýän işleri bilen Ýehowanyň rehimdar Hudaýdygyny kämil derejede görkezdi (Ýah. 5:19). Ol «göwni synyklara» we «ähli ýas tutýanlara» rehimdarlyk bildirmek üçin geldi (Iş. 61:1, 2; Luka 4:17—21). Isa hasrat çekýän adamlara duýgudaşlyk bildirip, olaryň derdini ýeňletmek isleýärdi (Ýew. 2:17). Mukaddes Ýazgylarda: «Isa Mesih düýn hem, şu gün hem, ebedilik şoldur» diýilýär (Ýew. 13:8). «Baş Ýolbaşçy» Isa hasrat çekmegiň nämedigine gaty gowy düşünýär, şol sebäpli ol «synaga uçraýanlara kömek etmegi başarýandyr» (Res. iş. 3:15; Ýew. 2:10, 18). Isa adamlaryň derdine düşünýärdi, çekýän hasratyna gynanýardy we «kömege mätäç bolanlarynda», teselli berýärdi (Ýew. 4:15, 16). w17.07 sah. 13, abz. 6, 7; sah. 14, abz. 10
23-nji iýun, ýekşenbe
Hazynaňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar. Luka 12:34
Şeýtan we onuň dünýäsi Ýehowanyň bize beren ruhy hakykatlaryna bolan minnetdarlygymyzy elmydama gowşatjak bolýar. Olar bize täsir edip bilmez öýtmeli däl. Biz dünýäniň dereje gazanmak, eşretli ýaşaýşy arzuw etmek we maddy zatlaryňa magtanmak ýaly duzaklaryna aňsatlyk bilen düşüp bileris. Biz Ýahýa resulyň «dünýä we onuň höwesleri geçip gider» diýen sözlerini unutmaly däl (1 Ýah. 2:15—17). Şol sebäpli ruhy baýlygymyza bolan söýgimizi we minnetdarlygymyzy gorap saklamak üçin tagalla etmeli. Hudaýyň Patyşalygyna bolan söýgiňizi gowşatmaga hiç zada ýol bermäň. Gutulyş habaryna bolan minnetdarlygyňyzy hiç haçan ýitirmäň, gaýtam, ol hakda yhlasly wagyz ediň. Hudaýyň hakykatlaryny yhlasly agtarmagy dowam ediň. Şonda «gökde hiç haçan gutarmajak hazyna toplarsyňyz. Sebäbi ol ýere ne ogrular girýändir, ne-de ony güýe iýýändir» (Luka 12:33). w17.06 sah. 13, abz. 19, 20
24-nji iýun, duşenbe
Seniň howlularyňda geçiren bir günüm, başga ýerde geçiren müň günümden gowudyr. Zeb. 84:10, TD
Zalym we rehimsiz hökümdarlardan tapawutlylykda, Ýehowanyň hökümdarlygy adamyň erkinligini çäklendirmeýär we oňa şatlyk berýär (2 Kor. 3:17). Dawut patyşa bu barada şeýle diýdi: «Onuň huzuryndadyr hormat, şan-şöhrat, onuň mekanyndadyr güýç we şatlyk» (1 Ýyl. 16:7, 27). Mezmurçy Asaf hem: «Şatlyk owazyny bilýän halk nähili bagtly! Olar Seniň ýüzüň nury bilen ýörär, ýa Reb. Olar bütin gün Seniň adyň bilen şatlanar, dogrulygyň bilen beýgeler» diýip ýazdy (Zeb. 89:15, 16). Ýehowanyň ýagşylyklary hakda oýlansak, onuň iň gowy Hökümdardygyna bolan ynamymyz has-da berkär. Bu duýgular hemmämize tanyş bolsa gerek! Ähli zatlary ýaradyp, ýaşaýyş beren Ýehowa bagtly bolmagymyz üçin bize nämäniň gerekdigini gowy bilýär we olary bolluk bilen berýär. Onuň talaplaryny berjaý etmek üçin hatda käbir zatlardan geçmeli bolsa-da, olaryň ählisi biziň peýdamyza we uly şatlyk getirýär (Iş. 48:17). w17.06 sah. 29, abz. 10, 11
25-nji iýun, sişenbe
Çykmadyk tama ýürege dertdir. Sül. tym. 13:12
Angliýada ýaşaýan uýamyz bilen bolan waka seredeliň. Ol çaga edinmek isleýärdi, emma klimaks döwrüniň başlandygy üçin, çagasy bolmaýardy. Ol bu dünýäde çaga edinmek arzuwynyň hasyl bolmajakdygyna düşünip, göwnüçökgünlige düşýär. Ýanýoldaşy bilen çaga almak kararyna gelse-de, ol: «Men henizem göwnüçökgünlik bilen göreşýärin. Sebäbi bir ýerden alnan çaganyň barybir öz çagaň ýaly bolmajakdygyna düşünýärin» diýýär. Mukaddes Ýazgylarda aýalyň «çaga dogurmak bilen halas bolup» biljekdigi aýdylýar (1 Tim. 2:15). Emma bu çaga dogurmaklygyň ýa-da çaga edinmekligiň ebedi ýaşaýşa eltýändigini aňlatmaýar, gaýtam, aýalyň jogapkärçiliginiň has-da artýandygyny görkezýär. Meselem, ol öýüň işlerinden başga-da çagalarynyň aladasyny etmeli bolýar. Ol indi ýakynlary bilen öňküsi ýaly gürrüňdeş bolup ýa-da başga işleri edip bilmese-de, maşgala durmuşynyň kynçylyklary bilen göreşmeli bolar (1 Tim. 5:13). w17.06 sah. 5, 6, abz. 6—8
26-njy iýun, çarşenbe
(Hudaýa) näme haýry bar? Sen oňa näme berip bilýärsiň? Eýp. 35:7, TD
Elihu Hudaýa sežde etmek üçin edýän tagallamyz biderek diýjek boldumy? Ýok. Ol Ýehowanyň seždämize mätäç däldigini aýtjak boldy. Dogrudan-da, Ýehowa hiç zada bagly däl. Biz edýän işlerimiz bilen ony ne baý, ne-de has güýçli edip bilýäris. Gaýtam, ähli ýagşy zatlar, ukybymyz we güýjümiz Hudaýdandyr. Ol bu zatlary nädip ulanýandygymyza üns berýär. Ýehowa gullukçylaryna bildirilen wepaly söýgini edil özüne edilen ýaly hasaplaýar. Süleýmanyň tymsallary 19:17-de: «Garyba haýpy gelýän Hudaýa karz berýändir; Reb bolsa oňa öwezini dolar» diýilýär. Bu sözler Ýehowanyň pesgöwünli gullukçylaryna edilýän her bir ýagşylyga üns berýändigini aňladýarmy? Älem-jahanyň Ýaradyjysy ýagşylyk eden adamlara merhemetini bildirmäge we patalamaga özüni borçly duýýarmy? Ol edilen ýagşylygy özüne «karz berlen» ýaly hasaplaýarmy? Hawa, muny hatda Hudaýyň Ogly Isa-da tassyklady! (Luka 14:13, 14). w17.04 sah. 29, abz. 3, 4
27-nji iýun, penşenbe
Ol Ýehowanyň kanunyndan şatlyk tapýandyr. Gije-gündiz Hudaýyň kanuny hakda oýlanýandyr. Zeb. 1:2, TD
Ýazgylardaky hakykata bolan söýgimizi artdyrmaga ýene näme kömek edip biler? Munuň üçin ýygnak duşuşyklaryna yzygider barmaly. Her hepde geçirilýän «Garawul diňi» duşuşygy Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenmäge kömek edýär. Şol sebäpli oňa gowy taýýarlanmaly, makalada getirilýän her bir aýady açyp okamaly. «Garawul diňi» žurnalyny köp dillerde elýeterli bolan jw.org web-saýtyndan ýa-da JW Library programmasyndan ýükläp bilersiňiz. Käbir elektron enjamlary makalada getirilen aýatlary aňsatlyk bilen açmaga mümkinçilik berýär. Emma biz nähili usul ulansak-da, aýatlaryň her birini ünsli okasak we olaryň üstünde oýlansak, Ýazgylardaky hakykata bolan söýgimiz artar. w17.05 sah. 20, abz. 14
28-nji iýun, anna
Her birimiz eden işlerimiz üçin Hudaýyň öňünde jogap bereris. Rim. 14:12
Biz suwa çümdürilenimizden soň hem şoňa görä ýaşap, Hudaýa wepaly gulluk etmegimizi dowam etmek isleýäris. Özüni Hudaýa bagyş eden adam beren sözünde durmaly. Ol Ýehowa gulluk etmekden ýa-da Mesihiň yzyna eýerip ýaşamakdan ýadasa-da, özüni Hudaýa bagyş edende we suwa çümdürilende beren wadasyndan dänip bilmeýär. Sebäbi adam suwa çümdürilmek bilen, hemmeleriň öňünde özüni Ýehowa doly bagyş edendigini aýan edýär. Eger ol beren wadasyndan dänse, Ýehowanyň we ýygnagyň öňünde agyr günä eden adam hasaplanýar. Geliň, «başdaky söýgimiziň sowamagyna» hiç haçan ýol bermäliň. Gaýtam, Isanyň: «Men seniň edýän işleriňi, söýgiňi, imanyňy, gullugyňy, çydamlylygyňy we öňküden has köp işleri edýändigiňi bilýärin» diýen sözlerine mynasyp ýaşamak üçin jan edeliň (Ylh. 2:4, 19). Ýehowa beren sözümize görä ýaşap, onuň ýüregini şatlandyralyň. w17.04 sah. 6, 7, abz. 12, 13
29-njy iýun, şenbe
Ol Gaýadyr, işleri kämildir, bütin ýollary hakdyr. Kan. tag. 32:4
«Bütin ýer ýüzüniň Kazysy — Sen adalatly hereket etmeli dälmisiň ahyryn!» (Gel. çyk. 18:25). Bu sözleri Ybraýym pygamber aýdypdy. Ol Ýehowanyň Sodom bilen Gomorra şäherlerini adalatsyz höküm etmejekdigine ynanýardy. Sebäbi onuň «bigünäni günäliler bilen bile öldürmejekdigini» bilýärdi. Ybraýym pygamber beýle zady asla göz öňüne-de getirip bilmeýärdi. Ol Ýehowanyň adalatyň we dogrulygyň gözbaşy bolandygy üçin, oňa berk ynanýardy. «Adalatlylyk» we «dogrulyk» diýip terjime edilen ýewreý sözleri Ýazgylarda köplenç bile ulanylýar. Aslynda, bu sözleriň arasynda kän bir tapawudam ýok. Ýehowa dogry kadalaryny kämil derejede görkezýändigi üçin, ol islendik meseläni hemişe adalatly çözýär. Şol sebäpli Ýazgylarda: «Ol dogrulygy hem adalaty söýýändir» diýilýär (Zeb. 33:5). w17.04 sah. 18, abz. 1, 2
30-njy iýun, ýekşenbe
Çagalarymyň hakykat boýunça ýaşaýandygyny eşidenimde, şatlygymyň çägi bolmady. 3 Ýah. 4
Ene-atalar, siz göreldäňiz bilen çagalaryňyza ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ýöremäge kömek edip bilersiňiz. Olar «Patyşalygy... birinji orunda goýýandygyňyzy» görseler, gündelik durmuşda Ýehowa bil baglamagy öwrenerler (Mat. 6:33, 34). Şol sebäpli sada ýaşaň, ruhy zatlary ileri tutmak üçin maddy zatlardan geçmäge taýyn boluň, bergi etmäň. «Adamlaryň şöhratyny» däl-de, «gökdäki hazynany», ýagny Ýehowanyň razylygyny agtaryň (Mar. 10:21, 22; Ýah. 12:43). Näçe işli bolsaňyz-da, çagalaryňyz üçin wagt tapyň. Olar dünýäniň at-abraýyny we baýlygyny däl-de, Ýehowa gulluk etmegi birinji orunda goýmagy ýüregine düwende, guwanýandygyňyzy aýdyň. «Çagalar ene-atasyny eklemeli» diýen dünýewi düşünjeden gaça duruň. Ýadyňyzda bolsun: «Çagalar ata-enesi üçin däl-de, ata-eneler çagalary üçin zat toplamalydyr» (2 Kor. 12:14). w17.05 sah. 8, 9, abz. 3, 4