Iýul
1-nji iýul, duşenbe
Hudaýyň güýçli elleriniň astynda pesgöwünli boluň, ol hem sizi öz wagtynda beýgelder. 1 Pet. 5:6
Şebna Hizkiýa patyşanyň köşk häkimi bolupdy we ýokary wezipäni eýeleýärdi (Iş. 22:15). Gynansak-da, ol özüni şöhratlandyrmak üçin tekepbirlige ýüz urýar (Iş. 22:16—18). Şebna özüne şöhrat agtarýandygy üçin, Hudaý ony «wezipesinden boşadyp», ýerine Elýakymy goýýar (Iş. 22:19—21). Bu waka Aşur patyşasy Sanheribiň Iýerusalime howp salýan döwründe bolupdy. Biraz wagtdan Sanherip patyşa ýehudylary gorkuzmak we Hizkiýa patyşany boýun egdirmek maksady bilen baş wekilleriniň ýolbaşçylygynda uly goşunyny Iýerusalime ugradýar (2 Pat. 18:17—25). Şonda olar bilen gepleşmäge Elýakym iberilýär, ýöne ol ýeke däldi. Onuň ýanynda iki adam bardy. Olaryň biri şol wagt kätip bolup gulluk edýän Şebnady. Bu Şebnanyň hormatly borçlaryny ýitirendigine gaharlanman we nägilelik bildirmän, düzedişi pesgöwünlilik bilen kabul edendigini görkezýär. w18.03 sah. 25, abz. 7, 8, 10
2-nji iýul, sişenbe
Mukaddes ruhuň görkezmesi boýunça ýaşaň, şonda ten höweslerine asla eýermersiňiz. Gal. 5:16
Eger maddy zatlaryň ýa-da ten höwesleriň pikirini edýän bolsak, onda ruhdan düşmäliň. Gaýtam, Hudaýdan mukaddes ruhuny diläliň. Şonda Ýehowa pikirimizi wajyp zatlara gönükdirmäge kömek eder (Luka 11:13). Ýadymyzda bolsa, Petrus resul hem birnäçe gezek ýalňyşlyk goýberipdi. Bu onuň ruhy taýdan gowşandygyny görkezýär (Mat. 16:22, 23; Luka 22:34, 54—62; Gal. 2:11—14). Emma ol ruhdan düşmedi. Ýehowanyň kömegi bilen Petrus resul Mesihiňki ýaly pikirde bolmagy öwrendi. Bizem muny başaryp bileris. Petrus biziň etmeli käbir zatlarymyzy düşündirdi (2 Pet. 1:5—8). Biz özüňe erk etmek, çydamlylyk, doganlyk söýgüsi ýaly häsiýetleri ösdürmek üçin «bar güýjümizi jemlesek», mundan beýläk-de, ruhy garaýşymyzy saklamaga kömek eder. Her gün özümize şeýle sorag bersek gowy bolar: «Ruhy taýdan ösmek üçin şu gün näme edip bilerin?» w18.02 sah. 25, 26, abz. 12, 13
3-nji iýul, çarşenbe
Sözlerini kalbymda arzylap sakladym. Eýp. 23:12
Eýýup pygamber Hudaýyň prinsiplerini gowy bilýärdi. Ol Ýehowany gowy tanaýardy we öwrenen zatlaryna görä ýaşaýardy. Eýýup ýakynyňy söýmeseň, Hudaýy hakykatdan söýüp bolmaýandygyna düşünýärdi (Eýp. 6:14). Ol özüni başgalardan ýokary tutmaýardy, gaýtam, hemmelere, baýlara-da, garyplara-da doganlyk söýgüsini bildirýärdi. Meselem, ol: «Enemiň göwresinde meni ýaradan, olary-da ýaratmadymy näme?» diýdi (Eýp. 31:13—22). Görşümiz ýaly, Eýýup at-abraýyna we baýlygyna buýsanyp, özüne hem-de başgalara nädogry garaýyşda bolmady. Bu häzirki wezipeli we baý adamlaryň garaýşyndan düýpgöter tapawutlanýar! Eýýup pygamber hatda ýüreginde-de butparazlygyň ähli görnüşini inkär edýärdi. Ol ýalan seždäniň, şol sanda baýlyga bil baglamagyň «gökdäki Hudaýy inkär etmekdigine» düşünýärdi (Eýp. 31:24—28). Eýýup pygamber nika gatnaşyklaryna erkek adam bilen aýal maşgalanyň arasyndaky mukaddes zat hökmünde garaýardy. Ol hatda: «Boý gyza (gelin-gyzlara) gyýa göz bilen bakmajagyma ant içdim» diýdi (Eýp. 31:1). w18.02 sah. 11, abz. 16; sah. 12, abz. 18, 19
4-nji iýul, penşenbe
Nuh öz döwürdeşleriniň arasynda dogruçyl hem takwa adamdy. Ol Hudaýyň huzurynda gezdi. Gel. çyk. 6:9
Nuh pygamber ýöne bir dogry ýaşamak bilen çäklenmän, «dogrulygy wagyz edip», Ýehowa bolan imanyny iş ýüzünde görkezdi (2 Pet. 2:5). Pawlus resul Nuh pygamber hakda: «Ol imany arkaly dünýäni höküm etdi» diýip ýazdy (Ýew. 11:7). Şol sebäpli Nuhuň adamlaryň ýaňsylamalaryna we garşylyklaryna uçrandygy geň galdyrmaýar; hatda onuň janyna-da howp abanan bolmaly. Muňa garamazdan, ol «adamdan gorkynyň duzagyna» düşmedi (Sül. tym. 29:25). Onda Ýehowanyň wepaly gullukçylaryna berýän batyrgaýlygy bardy. Nuh pygamber 500 ýyldan gowrak Hudaýyň huzurynda gezensoň, Ýehowa oňa adamlaryň we haýwanlaryň halas bolmagy üçin gämi gurmagy tabşyrýar (Gel. çyk. 5:32; 6:14). Bu ýumuş onuň üçin, gör, nähili kyn bolup görnendir. Sebäbi ol öň şeýle uly gämini gurmandy. Üstesine-de, Nuh pygamber adamlaryň ony ýaňsylap, güýçli garşylyk görkezjekdigini bilýärdi. Emma ol şonda-da Hudaýa gulak asyp, imanyny iş ýüzünde görkezdi. «Nuh Hudaýyň buýran zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirdi» (Gel. çyk. 6:22). w18.02 sah. 4, abz. 4, 6, 7
5-nji iýul, anna
Doganlaryň agzybir ýaşaýandygyny görmek, nähili gowy, nähili ýakymly! Zeb. 133:1, TD
Agzybirligimizi berkitmegiň iň wajyp ýoly, Ýehowanyň söýgüsinden görelde almaly (1 Ýah. 4:8). Biz imandaşlarymyz barada hiç haçan: «Elbetde, men dogan-uýalary söýmeli, ýöne olaryň göwnünden turmaga borçly däl» diýmek islemeýäris. Gaýtam, Pawlus resulyň: «Biri-biriňizi söýüp, oňşukly ýaşaň» diýen maslahatyna eýermeli (Efes. 4:2). Üns beren bolsaňyz, ol ýöne bir «oňşukly ýaşaň» diýmedi-de, «biri-biriňizi söýüň» diýdi. Bularyň arasynda tapawut bar. Ýygnakda Ýehowanyň özüne ýakynlaşdyran dürli milletden bolan adamlary görse bolýar (Ýah. 6:44). Ýehowa şol adamlary özüne çeken bolsa, diýmek, olary söýýär. Onda söýgimize mynasyp däl diýip, dogan-uýalara höküm çykarmaga biziň hakymyz barmy? Biz «doganyňy söýmeli» diýen Ýehowanyň tabşyrygyndan ýüz öwürmeli däl (1 Ýah. 4:20, 21). w18.01 sah. 16, abz. 14
6-njy iýul, şenbe
Juwanlygyňda... özüňi Ýaradany ýatla. Wag. 12:1
Käbir ene-atalar ogly ýa-da gyzy suwa çümdürilmänkä, öňürti bilim alsa we kär edinse gowy bolar diýip pikir edýär. Elbetde, olar muny ýagşy niýet bilen edýändirler. Ýöne bu çaga durmuşda hakyky üstünligi gazanmaga kömek edermi? Iň wajyby bolsa, bu Mukaddes Ýazgylara laýyk gelýärmi? Dünýä we onuň hödürleýän zatlarynyň Ýehowanyň garaýşyna hem-de islegine düýbünden garşy gelýändigini ýatda saklamak örän wajyp (Ýak. 4:7, 8; 1 Ýah. 2:15—17; 5:19). Şeýtandan, onuň dünýäsinden we hudaýsyz adamlaryň garaýşyndan çagaňyzy goramagyň iň gowy usuly — Ýehowa bilen ýakyn gatnaşykda bolmakdyr. Eger ene-ata ýokary bilim almagy birinji ýerde goýsa, çagasyna dogry karara gelmek kyn bolar, bu bolsa onuň gelejegini howp astyna salar. Eýsem, söýýän ene-atalar çagalarynyň üstünlige bolan garaýşyna dünýäniň täsir etmegine ýol berermi? Aslynda, biz Ýehowa gulluk etmegi birinji orunda goýanymyzda, hakykatdan bagtly bolýarys we üstünlik gazanýarys (Zeb. 1:2, 3). w18.03 sah. 10, 11, abz. 10, 11
7-nji iýul, ýekşenbe
Hudaýyň Patyşalygyny we Onuň dogrulygyny hemişe birinji orunda goýuň. Mat. 6:33
Köp adamlar diňe bir durmuşyny manyly etmek üçin däl-de, Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin sada ýaşamaklygy saýladylar. Jek aýaly bilen pioner gullugyna başlamak üçin uly jaýyny hem-de kärhanasyny satýar. Ol şeýle ýatlaýar: «Birnäçe ýyllaryň dowamynda men işimdäki kynçylyk sebäpli öýe dilimi sallap gelýärdim. Aýalym bolsa pioner bolup gulluk edensoň, hemişe şadyýandy. Ol köplenç „Men iň uly hojaýyna hyzmat edýärin!“ diýýärdi. Häzir menem pioner bolup gulluk edýärin; indi biziň ikimizem şol bir hojaýyna, ýagny Ýehowa hyzmat edýäris». Pula bolan garaýşymyzy barlamak üçin, şu soraglaryň üstünde çynlakaý oýlanmaly: «Men Mukaddes Ýazgylarda pul babatda aýdylýan zatlaryň hakykatdygyna ynanýarynmy we şoňa görä ýaşaýarynmy? Men puly durmuşymda birinji orunda goýýarynmy? Maddy zatlary Ýehowa hem-de adamlar bilen dostlugymdan ileri tutýarynmy? Ýehowanyň zerurlyklarym hakda alada etjekdigine ýürekden ynanýarynmy?» Biz Ýehowanyň özüne umyt baglaýan adamlary hiç haçan lapykeç etmejekdigine doly ynanyp bileris. w18.01 sah. 25, abz. 12, 13
8-nji iýul, duşenbe
Ýanyňyzdakam Hudaýa elmydama gulak asyşyňyz ýaly... gorky we titreme bilen halas bolmak üçin tagalla ediň. Flp. 2:12
Halas bolmak üçin tagalla etmek örän wajyp. Munuň üçin Hudaýyň Sözüni okap, onuň üstünde oýlanmaly, Ýehowa doga etmeli we onuň berýän bereketlerine üns bermeli. Bu zatlar siziň ynamyňyzy artdyryp, Ýehowa bilen dostlukly gatnaşygyňyzy gymmat saýmaga kömek eder. Şeýle-de imanyňyz barada başgalara gürrüň bermäge höweslendirer (Zeb. 73:28). Isa: «Kim meniň yzyma eýermek islese, özünden geçsin-de, jebir pürsüni alyp, yzyma düşsün» diýdi (Mat. 16:24). Görşümiz ýaly, Mesihiň şägirdi bolmak üçin özüňi Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilmeli. Bu häzirden bol bereketlere ýol açar, Hudaýyň täze dünýäsinde bolsa ebedi ýaşaýyş sylagyny almaga kömek eder. Şonuň üçin halas bolmak üçin tagalla etmäge sizde köp degerli sebäpler bar w17.12 sah. 27, abz. 18, 19
9-njy iýul, sişenbe
Sabyrlylygy geýiň. Kol. 3:12
Ene-atalar çagalaryna tälim berende sabyrly bolsalar, olar kem-kemden «hakykatyň giňligine, uzynlygyna, beýikligine we çuňlugyna doly düşünip bilerler» (Efes. 3:18). Siz olaryň ýaşyny we ukybyny göz öňüne tutup bilersiňiz. Olar öwrenen zatlaryna ynamly bolsalar, başgalaryň, şol sanda klasdaşlarynyň ýanynda imanyny goramagy başararlar (1 Pet. 3:15). Meselem, olar Mukaddes Ýazgylar arkaly ölüleriň nähili ýagdaýdadygyny düşündirip bilýärmi? Ýazgylaryň öwredýän taglymatlaryny gymmat saýýarmy? Hudaýyň Sözüni çagaňyzyň ýüregine guýmak üçin sabyrly bolmaly. Ýöne bu eden tagallaňa degýär (Kan. tag. 6:6, 7). Elbetde, çagaňyzyň ynamly bolmagy üçin, siziň öz göreldäňiz hem örän wajyp. Üç gyzyny terbiýelän Stefani uýamyz şeýle gürrüň berýär: «Özüme şeýle soraglary berýärdim: „Men çagalaryma Ýehowanyň diri Hudaýdygyna, bizi söýýändigine we onuň ýollarynyň dogrudygyna näme üçin ynanýandygymy gürrüň berýärinmi? Özüm ynamly bolmasam, çagalarymdan muňa nädip garaşaýyn». w17.12 sah. 20, abz. 8—10
10-njy iýul, çarşenbe
Doganyň direler. Ýah. 11:23
Marta doganynyň direljekdigine näme üçin ynamly bolup bilerdi? Marta heniz Isa ýer ýüzüne gelmänkä bolan direlişler hakda bilen bolmaly. Mümkin, ol bu barada ýaşka, öýünde we sinagoga baranda eşidendir. Şonda Ýazgylarda gürrüň berilýän üç direliş onuň ýadyna düşen bolmaly. Ilkinji direlişe seredeliň. Bu Ylýas pygamberiň günlerinde bolupdy. Hudaý oňa gudrat görkezmäge güýç berdi. Sidonyň kenarýakasyndaky Sarepat galasynda ýaşaýan bir garyp dul aýal Ylýas pygamberi öýüne myhman alýar. Şonda Hudaý gudrat arkaly onuň un bilen ýagynyň tükenmezliginiň aladasyny edýär. Şeýdip, dul aýal ogly bilen diri galýar (1 Pat. 17:8—16). Emma biraz wagtdan onuň ogly syrkawlap, aradan çykýar. Ylýas pygamber muny eşidende, kömege gelýär. Ol çaganyň jesedine elini degrip: «Eý, Hudaýym Reb, Saňa ýalbarýaryn, bu çagany direlt» diýip, dileg edýär. Hudaý Ylýasyň dilegine jogap berip, çagany ölümden direldýär. Bu Mukaddes Ýazgylarda agzalýan ilkinji direliş (1 Pat. 17:17—24). Marta bu wakany gaty gowy bilen bolmaly. w17.12 sah. 3, abz. 1; sah. 4, abz. 3, 5, 6
11-nji iýul, penşenbe
Siz hem Hudaýyň, hem baýlygyň guly bolup bilmersiňiz. Mat. 6:24
Köp adamlar bizi şu dünýäde wezipe edinmäge höweslendirýär. Wezipe edinen adam ygtyýarly bolmagy we gurply ýaşamagy mümkin. Adamlaryň köpüsi öňünde şeýle maksatlary goýýandygy üçin, şeýle garaýyş mesihçilere-de täsir edip biler. Ygtyýarly bolmaga we gurply ýaşamaga mümkinçilik berýän wezipe adamy bagtly edip bilermi? Ýok. Ýadymyzda bolsa, Şeýtan başgalaryň üstünden agalyk etmäge we özüni şöhratlandyrmaga bolan güýçli islegini kanagatlandyrsa-da, bu ony bagtly etmedi. Gaýtam, ol häzir güýçli gahar-gazapdan doly (Mat. 4:8, 9; Ylh. 12:12). Geliň, adamlara Hudaýyň akyldarlygynyň berýän peýdasy barada bilmäge kömek edip, alýan şatlygymyzy deňeşdirip göreliň. Wezipe diňe az salymlyk kanagat berýär. Ýöne Hudaýyň akyldarlygyny edinen adam ebedi ýaşaýyş sylagyna eýe bolup bilýär. Muňa garamazdan, dünýäniň ruhy adamlary bäsdeşlige iterýär. Olar biri-birinden galmajak bolýarlar, göriplik edýärler. Şeýdip, olar «salgyma çapýarlar» (Wag. 4:4). w17.11 sah. 23, abz. 11—13
12-nji iýul, anna
Olar Hudaýa öwgüli aýdymlar aýtdylar we Zeýtun dagyna gitdiler. Mat. 26:30
Mesihçiler ýygnagy dörände-de, aýdym-saz hakyky seždäniň esasy bölegi bolup durýardy. Ynsan taryhynyň iň wajyp güni, ýagny Halypamyz Isa Agşam naharyny girizende-de, resullary bilen aýdym aýdypdy. I asyrda ýaşan mesihçiler bile ýygnanyşanda, Hudaýa öwgüli aýdymlary aýdyp, gowy görelde galdyrdylar. Olar köplenç öýlerde ýygnanyşsalar-da, Ýehowany şöhratlandyrmak üçin aýdym aýtmagy hiç haçan unutmandyrlar. Pawlus resul hem Hudaýyň ylhamy bilen mesihçilere şeýle maslahat berdi: «Mezmurlar, Hudaýa aýdylýan alkyşlar, minnetdardygyňyzy görkezýän ruhy aýdymlar we ýürekleriňizde Ýehowa nagma aýdyp, biri-biriňize tälim beriň hem-de ruhlandyryň» (Kol. 3:16). Biziň täze aýdym kitabymyz hem «minnetdardygymyzy görkezýän ruhy aýdymlardan» ybarat. Ol «wepaly we paýhasly hyzmatkäriň» wagtly-wagtynda taýýarlaýan ruhy iýmitiniň bir bölegi bolup durýar (Mat. 24:45). w17.11 sah. 4, abz. 7, 8
13-nji iýul, şenbe
Özüňiz üçin gaçybatalga galalaryny saýlaň. San. 35:11
Gaçybatalga üçin niýetlenen alty şäher örän oňaýly edip gurnalandy. Ýehowa ysraýyllylara olaryň üçüsini Iordan derýasynyň bir tarapyndan, galan üçüsini bolsa beýleki tarapyndan saýlamagy tabşyrdy. Şonda tötänden gan döken adam ol ýere çalt we aňsat gaçyp bilýärdi (San. 35:12—14). Şähere eltýän ýollar tekizdi (Kan. tag. 19:3). Hatda ýehudylar gaçgak adamlar üçin ýoluň ugrunda ýörite belgileri hem goýupdyrlar. Gaçybatalga şäherleri oňaýly gurnalandygy üçin, günäkärlere ýat ýurda gaçmak gerek däldi. Sebäbi olar baran ýerlerinde ýalan taňrylara sežde edýän halklaryň täsirine düşüp bilerdiler. Oýlanyp görüň, ganhorlara ölüm jezasyny bermegi tabşyran Ýehowa tötänden gan döken adama duýgudaşlyk bildirip, halas bolmaga mümkinçilik berýär! Bir alym gaçybatalga şäherleri barada şeýle diýdi: «Olar örän oýlanyşykly, amatly we mümkin boldugyndan gaçmak üçin aňsat edip gurnalandy». Dogrudanam, günäkärleri jezalandyrmakdan lezzet alýan doňýürek kazylardan tapawutlylykda, Ýehowa «rehimdarlyga baýdyr» (Efes. 2:4). w17.11 sah. 14, abz. 4, 5
14-nji iýul, ýekşenbe
Maňa tarap öwrülsinler. Şonda Menem size tarap öwrülerin. Zak. 1:3
Zakarýa pygamberiň kitabynda täsin keşplere duş gelse bolýar. Onda uçup ýören golýazma, küýzäniň içinde oturan bir aýal we şemala ganatlaryny ýaýyp, uçup gelýän leglegiňki ýaly ganatly iki aýal hakda gürrüň berilýär (Zak. 5:1, 7—9). Ýehowa näme üçin Zakarýa pygambere bu görnüşleri görkezdikä? Zakarýanyň altynjy hem ýedinji görnüşi erbet iş edýänler üçin duýduryş bolup, Ýehowanyň erbetligi ýigrenýändigini ýatladýar. Şeýle-de hakyky seždäni ak ýürekden goldamak isleýän adamlaryň hem ony ýigrenmelidigini görkezýär. Mundan başga-da bu wakalar gökdäki Atamyzyň bizi söýýändigine ynandyrýar. Eger biz Hudaýyň razylygyny gazanmak we onuň goragynda galmak üçin ýürekden tagalla etsek, ölüm atly «nälete» sezewar bolmarys. Gaýtam, Ýehowanyň ak patasyny alarys. Dünýädäki erbetlige garşy durmak üçin alyp barýan şöweşimiz biderek bolmaz. Biz Ýehowanyň ýeňiş gazanmaga kömek etjekdigine doly ynamly bolup bileris. w17.10 sah. 21, abz. 1; sah. 25, abz. 19
15-nji iýul, duşenbe
Uly ýaşly aýallar hem özlerini mukaddeslere mynasyp tärde alyp barsyn... Şonda olar ýaş gelin-gyzlara... maslahat berip bilerler. Tit. 2:3, 4
Durmuşa çykmadyk uýalar pioner bolmak, wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmek, ýaşaýan ýerinde alnyp barylýan gurluşyk işlerine gatnaşmak we «Hoş habarçylar mekdebinde» okamak ýaly köp ruhy maksatlary goýup bilerler. Käbiri hatda Gilead mekdebinde okap biler. Biz ýygnagymyzda gartaşan uýalaryň bardygyna örän begenýäris. Olar biziň üçin uly bereket! Elbetde, gartaşan uýalar öňki ýaly Hudaýa köp gulluk edip bilmeýär. Ýöne olar şonda-da batyrgaýlyk bilen ruhy işlere gatnaşmagyny dowam edýärler. Meselem, gartaşan uýa salykatly geýinmek barada ýaş uýa maslahat bermek üçin batyrgaýlyk gerek bolýar. Elbetde, ol ýaş uýany egin-eşigi üçin ýazgarmaz. Ýöne bu babatda paýhasly bolup, başgalaryň ynsabyny göz öňünde tutmaga höweslendirip biler (1 Tim. 2:9, 10). Söýgi bilen edilen alada gowy netije getirmegi mümkin. w17.09 sah. 31—32, abz. 17, 18
16-njy iýul, sişenbe
Hudaýy tanarsyň. Sül. tym. 2:5
Käte ygtyýarly adamlar Mukaddes Ýazgylary sada halkyň okamagyna garşylyk görkezýärdi. Emma bu akýürekli adamlary gorkuzmaýardy. Meselem, XIV asyrda ýaşan dini taglymatçy Jon Uiklif bilen bolan waka seredeliň. Ol Hudaýyň Sözüniň her bir adama peýda getirmegini isleýärdi. Ýöne şol döwürde Mukaddes Ýazgylar iňlis halky üçin elýeterli däldi. 1382-nji ýylda Mukaddes Ýazgylaryň iňlis diline terjime edilen neşiri çykdy. Soňra ol Uiklifiň Ýazgylary hökmünde tanalýardy. Hudaýyň Sözüniň sada adamlaryň aňyna we ýüregine täsir etmegini isleýän bu adamlara «Lollardlar» diýen at berdiler. Olar Angliýanyň obalaryna ýekeme-ýeke pyýada aýlanyp, wagyz edýärdiler. Lollardlar köplenç duş gelen adamlaryna Uiklifiň Ýazgylaryny okap, onuň elde göçürilen nusgasyny berýärdiler. Şondan soňam ençeme asyrlaryň dowamynda köpler Ýewropada we dünýäniň dürli künjeginde Mukaddes Ýazgylary sada adamlaryň diline terjime edip hem-de ýaýradyp başladylar. w17.09 sah. 20, 21, abz. 10—12
17-nji iýul, çarşenbe
Maşgala gurýan adamlaryň durmuşynda täze kynçylyklary dörär. 1 Kor. 7:28
Perzentsizlik maşgalada täze kynçylyklaryň döremegine sebäp bolup biler (Sül. tym. 13:12). Gadymy döwürde önelgesizlik aýal maşgala üçin masgaraçylyk hasaplanýardy. Ýakubyň aýaly Rahel aýal doganynyň çagalaryny görende, ýüregi para-para bolýardy (Gel. çyk. 30:1, 2). Maşgalada döreýän kynçylyklar barada aýdylanda, hiç kim ýanýoldaşynyň ölümini göz öňüne getirmese gerek. Sebäbi adam şu dünýäde kynçylyklaryň boljakdygyny bilse-de, ýanýoldaşymy ýitirerin diýip, asla pikir edýän däldir. Mesihçiler Isanyň direliş baradaky wadasyna berk ynanýarlar (Ýah. 5:28, 29). Bu wada ýanýoldaşyny ýitiren adama-da teselli berýär. Galyberse-de, şeýle synaglara uçran adamlary söýgüden doly Atamyz öz Sözi arkaly goldaýar we teselli berýär. w17.06 sah. 4, abz. 1; sah. 6, abz. 6, 9
18-nji iýul, penşenbe
Ýehowa, Ýehowa rehimdar, duýgudaş... Hudaýdyr. Müs. çyk. 34:6, 7, TD
Ýehowa Musa pygambere adyny we birnäçe häsiýetini aýan edende, ilki bilen, özüniň rehimdar hem-de merhemetli Hudaýdygyny aýdýar (Müs. çyk. 34:5—7). Elbetde, Ýehowa başda özüniň güýçlüdigini ýa-da akyldardygyny aýdyp bilerdi. Emma ol Musa pygamberiň goldawa mätäçdigine düşünýärdi (Müs. çyk. 33:13). Adamlar duýgudaş häsiýeti bilen ýaradylanam bolsa, Adam atanyň günäli nesilleri köplenç öz bähbidini ileri tutýar. Käte başgalara kömek edeniňden, öz bähbidiňi gözlemek aňsat düşýär. Şol sebäpli käbir adamlar hemişe belli bir karara gelmek üçin saýlamaly bolýar. Başgalaryň aladasyny etmegi öwrenmäge näme kömek eder? Birinjiden, Ýehowanyň we başga adamlaryň nädip duýgudaşlyk bildirýändigi barada gözleg geçirmeli. Ikinjiden, Ýehowanyň göreldesine nädip eýerip biljekdigimiz we duýgudaşlygyň berýän peýdasy barada oýlanmaly. w17.09 sah. 8, abz. 1; sah. 9, abz. 3
19-njy iýul, anna
Pesgöwünli boluň we başgalary özüňizden ýokary saýyň. Flp. 2:3
Biziň täze häsiýetlere geýinmegimiziň maksady adamlaryň öwgüsini gazanmak däl-de, Ýehowany şöhratlandyrmak bolmaly. Hatda kämil perişdäniň hem özi hakda köp oýlanyp, tekepbirlige ýol berendigi we netijede günä edendigi ýadymyzdadyr (Ezekiýel 28:17-ni deňeşdiriň). Onda günäli adamlara tekepbirlikden we gopbamsylykdan gaça durmak has-da kyn bolsa gerek! Muňa garamazdan, biz pesgöwünliligi ösdürip bileris. Nädip? Pesgöwünli bolmak üçin, biz Hudaýyň Sözünden okan zatlarymyz barada oýlanmaga wagt sarp etmeli (Kan. tag. 17:18—20). Esasan-da, Isanyň taglymatlary we pesgöwünlilik bilen eden ajaýyp işleri barada oýlanmaly (Mat. 20:28). Isa resullarynyň aýaklaryny hem ýuwupdy (Ýah. 13:12—17). Biz sähelçe-de bolsa özümizi başgalardan ýokary tutup başlandygymyzy duýsak, Hudaýdan mukaddes ruhuny diläp, gyzgyn doga etmeli (Gal. 6:3, 4). w17.08 sah. 25, abz. 11, 12
20-nji iýul, şenbe
Hudaýa... ýalbaryň. Şonda ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygy siziň ýürekleriňizi we pikirleriňizi... gorar. Flp. 4:6, 7
Belki, Pawlus ýaly biziňem durmuşymyzda Hudaýyň mukaddes ruhunyň görkezmesine eýerip, ýöne soňra ýagdaýyň birden üýtgän wagty bolandyr. Kynçylyklar ýa-da täze şertler sebäpli biz durmuşymyzy bütinleý özgertmeli bolandyrys (Wag. 9:11). Bize hiç zadyň aladasyny etmän, «Hudaýyň parahatlygyny» duýmaga näme kömek eder? Pawlusyň filipililere ýazan sözlerinden doga edip, gaýgy-aladalaryňy ýeňip bolýandygyny görse bolýar. Şol sebäpli biynjalyk bolanymyzda, Hudaýa gyzgyn doga etmeli (1 Pet. 5:6, 7). Doga edenimizde, Ýehowanyň aladamyzy etjekdigine asla şübhelenmeli däl. Berýän bereketleri üçin oňa «minnetdarlyk bilen doga ediň». Eger biz Hudaýyň «soraýan we düşünýän ähli zatlarymyzdan-da has köp zatlary edip bilýändigini» unutmasak, oňa bolan ynamymyz has-da berkär (Efes. 3:20). w17.08 sah. 9, abz. 4; sah. 10, abz. 6, 10
21-nji iýul, ýekşenbe
Maksada maslahatsyz ýetilýän däldir, diňe maslahatçylaryň köp ýerinde myrat hasyl bolýandyr. Sül. tym. 15:22
Ýaş wagty pioner bolup gulluk eden mesihçiler özlerini bagtly duýýandygyny aýdýarlar. Eger sizem ýaş bolsaňyz, maksatlaryňyz hakda olar bilen maslahatlaşsaňyz gowy bolmazmy? Ruhy taýdan ösen dogan-uýalar uzak wagtly gullugyň durmuşyň ähli ýagdaýlarynda berýän peýdasy hakda gürrüň berer. Isa gökde Atasyndan tälim alyp, ýer ýüzüne gelende-de, öwrenmegini dowam etdi. Meselem, ol hoş habary adamlaryň ýüregine täsir edip gürrüň bermegiň we synagda wepaly galmagyň şatlyk berýändigine göz ýetirdi (Iş. 50:4; Ýew. 5:8; 12:2). Isa: «Gidiň-de... şägirt taýýarlaň... Olara... öwrediň» diýdi (Mat. 28:19, 20). Eger siz şägirt taýýarlamak işine gatnaşmagy maksat goýan bolsaňyz, Hudaýy şöhratlandyrýan iň hormatly borjy ýerine ýetirýärsiňiz. Kär edinmek üçin wagt gerek bolşy ýaly, bu işde-de ukybyňy artdyrmak üçin wagt gerek. w17.07 sah. 23, abz. 6, 7
22-nji iýul, duşenbe
Menem size teselli bererin. Iş. 66:13
Elbetde, bize ilki bilen, gökdäki rehimdar Atamyz Ýehowa teselli berip biler (2 Kor. 1:3, 4). Hasrat çekýän adamlar ýygnak duşuşyklarynda hem teselli tapyp biler (1 Sel. 5:11). Siz «synyk ruhly» adamy nädip berkidip we teselli berip bilersiňiz? (Sül. tym. 17:22). «Dymmagyň» we «geplemegiň öz wagtynyň» bardygyny unutmaň (Wag. 3:7). Muny dul galan Dalen uýamyz şeýle düşündirýär: «Hasrat çekýän adamlar pikirini we duýgularyny hökman aýtmaly. Şol sebäpli onuň sözüni bölmän diňlemek iň wajyp zat». Dogany öz janyna kast eden uýamyz Ýunýa bolsa şeýle diýýär: «Mümkin, siz hasrat çekýän adamyň duýgusyna doly düşünip bilmersiňiz. Ýöne şonda-da oňa düşünmek isleýändigiňizi görkeziň». Gam-gussa ýa-da hasrat çekýän adamlaryň birmeňzeş duýgulary başdan geçirmeýändigini unutmaň. w17.07 sah. 13, abz. 3; sah. 14, abz. 11—13
23-nji iýul, sişenbe
Goý, älem-jahan seniň adyň Ýehowadygyny bilsin, diňe seniň Allatagaladygyňa göz ýetirsin. Zeb. 83:18, TD
Şu günler adamlaryň köpüsi puly durmuşda iň wajyp zatlaryň biri hasaplaýarlar. Şol sebäpli olar bar ünsüni pul toplamaga ýa-da emlägini goramaga gönükdirýärler. Başgalar bolsa maşgalasyny, saglygyny we gazanan üstünliklerini islendik zatdan gymmat saýýarlar. Emma biziň üçin esasy zat — Ýehowanyň hökümdarlygynyň aklanmagy. Seresap bolmasak, biz bu wajyp meseläni ünsden düşürmegimiz mümkin. Nädip? Eger gündelik işler bilen başagaý bolsak ýa-da düşýän synaglarymyza has köp üns bersek, Hudaýyň hökümdarlygynyň aklanmagy baradaky wajyp meseläni unudyp bileris. Tersine, ony ähli zatdan ileri tutsak, her günki duş gelýän kynçylyklarymyza döz gelmäge we Ýehowa has-da ýakynlaşmaga kömek eder. w17.06 sah. 22, abz. 1, 2
24-nji iýul, çarşenbe
Meniň Mesihden görelde alşym ýaly, siz hem menden görelde alyň. 1 Kor. 11:1
Ýehowa ygtyýaryny söýgi bilen amala aşyrýar. Şol sebäpli Ýehowanyň hökümdarlygyny söýýän maşgalabaşylar we ýygnak ýaşululary talap ediji bolmazlar. Olar öz hökümdarlygyny berkarar etjek bolman, Ýehowadan görelde alarlar. Pawlus resulam Hudaýdan we onuň Oglundan görelde alýardy. Ol dogan-uýalary dogry ýola ugrukdyrmak üçin, olary utandyrmaýardy ýa-da mejburlamaýardy. Gaýtam, olaryň ýüregine täsir etjek bolup jan edýärdi (Rim. 12:1; Efes. 4:1; Flm. 8—10). Ýehowa-da şeýle edýär. Şol sebäpli Ýehowany söýýän we hökümdarlygyny goldaýan dogan-uýalaryň ählisi onuň göreldesine eýermeli. Biz Ýehowanyň baştutanlyk ygtyýaryny beren adamlaryna nähili garamaly? Olara hormat goýsak, Ýehowanyň hökümdarlygyny goldaýandygymyzy görkezeris. Biz berlen görkezmä doly düşünmesegem ýa-da onuň bilen ylalaşmasagam, ýygnakdaky tertip-düzgüne eýermek isleýäris. Elbetde, bu dünýäniň garaýşyndan düýpgöter tapawutlanýar. Ýöne biz Ýehowanyň hökümdarlygyny goldamak islesek, oňa eýermeli (Efes. 5:22, 23; 6:1—3; Ýew. 13:17). w17.06 sah. 30, abz. 14, 15
25-nji iýul, penşenbe
Siz biri-biriňizi söýmegi Hudaýdan öwrenensiňiz. 1 Sel. 4:9
Ýaş bolsun, ýa garry bolsun, biz göwnüçökgünlige düşen, ýa-da başga kynçylyga uçran dogan-uýalaryň aladasyny edip, ruhlandyryp we teselli berip bileris (Sül. tym. 12:25; Kol. 4:11). Biz imandaşlarymyzyň sözde we iş ýüzünde aladasyny edip, olary ýürekden söýýändigimizi subut edýäris (Gal. 6:10). Mukaddes Ýazgylarda şu zalym dünýäniň «soňky günlerinde» adamlaryň diňe özüni söýýän we açgöz boljakdygy barada pygamberlik edildi (2 Tim. 3:1, 2). Emma biz Hudaýa, Ýazgylardaky hakykata we bir-birimize bolan söýgimizi artdyrmak üçin köp tagalla etmeli. Elbetde, käte dogan-uýalar bilen aramyzda düşünişmezlik döräp biler. Emma olara bolan söýgimiziň düşünişmezligi parahat ýagdaýda çözmäge kömek edýändigini görmek nähili begendirýär! (Efes. 4:32; Kol. 3:14). Şol sebäpli, Ýehowa, onuň Sözüne we dogan-uýalara bolan söýgimizi has-da artdyralyň. w17.05 sah. 21, abz. 17, 18
26-njy iýul, anna
Eger biz: «Günäli däldiris» diýýän bolsak, özümizi aldaýandyrys. 1 Ýah. 1:8
Mesihçiler bu dünýäde adalatsyzlyga uçrajakdygyny bilýärler. Emma ýygnakda adalatsyzlyk edilýän ýaly bolup görünse, imanymyz synalmagy mümkin. Meselem, dogan-uýalaryň biriniň nädogry hereket edendigini görseňiz ýa-da adalatsyzlyga uçrasaňyz özüňizi nähili alyp bararsyňyz? Şeýle ýagdaý sebäpli büdrärsiňizmi? Bikämil we günäli bolandygymyz üçin köp ýalňyşýarys. Şol sebäpli iru-giç ýygnakda adalatsyzlyga uçramagymyz ýa-da özümiz adalatsyz hereket etmegimiz mümkin. Elbetde, şeýle ýagdaý seýrek bolýar. Ýöne wepaly mesihçiler adalatsyzlyga uçranlarynda geň galmaýarlar ýa-da büdremeýärler. Sebäbi Ýehowa Sözi arkaly peýdaly maslahatlary berýär. Olar hatda imandaşlarymyz tarapyndan adalatsyzlyga uçranymyzda hem aýypsyz galmaga kömek edýär (Zeb. 55:12—14). w17.04 sah. 19, abz. 4, 5
27-nji iýul, şenbe
Maşgala gurýan adamlaryň durmuşynda täze kynçylyklary dörär. 1 Kor. 7:28
Eger siziň ýanýoldaşyňyz Hudaýa iman etmeýän bolsa, maşgalanyň her günki aladalaryndan daşary has köp kynçylyklara uçramagyňyz mümkin. Ýanýoldaşyňyz Mesihiň şägirdi bolmak islemeýän bolsa, bu onuň bilen aýry ýaşamaga ýa-da aýrylyşmaga sebäp bolmaly däl (1 Kor. 7:12—16). Hatda iman etmeýän ýanýoldaşy maşgalanyň ruhy zerurlyklaryny kanagatlandyrmasa-da, aýaly oňa maşgalabaşy hökmünde hormat goýmaly. Şonuň ýaly mesihçi är hem iman etmeýän aýalyny ýürekden söýüp, mähir bilen aladasyny etmeli (Efes. 5:22, 23, 28, 29). Ýanýoldaşyňyz Hudaýa gulluk etmäge päsgel berse näme etmeli? Meselem, bir uýamyzyň ýanýoldaşy oňa hepdäniň belli bir günleri wagza çykmaga rugsat berýär. Eger siz hem şeýle ýagdaýy başdan geçirýän bolsaňyz, özüňize şu soraglary beriň: «Ýanýoldaşym maňa Hudaýa gulluk etmegimi bes etdirjek bolýarmy? Ýa-da ol muny köplenç ýanynda bolmagymy isleýändigi üçin aýdýarmy? Eger şeýle bolsa men onuň talabyny näme üçin berjaý etmeli däl?» Paýhasly bolsak, bize gerekmejek düşünişmezlikleriň öňüni almaga kömek eder (Flp. 4:5). w17.10 sah. 13, abz. 7, 8
28-nji iýul, ýekşenbe
Bulary çagalaryňa hem öwret. Kan. tag. 6:7
Pygamberlikde aýdylyşy ýaly, Ýehowanyň guramasyna «dürli dillerde gepleýän ähli milletden» bolan adamlar gelýär (Zak. 8:23). Emma dil bilen bagly kynçylyklar sebäpli çagalaryňyza hakykaty kabul etmek kyn bolup biler. Okuw geçýän adamlaryňyzyň içinde siziň çagalaryňyz wajyp orun tutýar. Sebäbi olaram ebedi ýaşaýşa gowuşmak üçin Ýehowa hakda «bilim almaly» (Ýah. 17:3). Çagalaryňyz Ýehowanyň kada-kanunlaryny biler ýaly, siz olara hemişe «şular hakda söz sözlemelisiňiz» (Kan. tag. 6:6, 7). Belki-de, çagalaryňyz ýerli halkyň dilini mekdepde ýa-da başga adamlar bilen gepleşip öwrenendir. Emma ene dilini öýde öwrenýärler. Eger siz çagalaryňyz bilen öz diliňizde ýürekden gürrüňdeş bolsaňyz, olara başga-da ruhy maksatlara ýetmäge kömek edersiňiz. Iki dili bilýän çagalaryň oýlanmak we başga-da ukyplary güýçli bolýar. w17.05 sah. 9, abz. 5, 6
29-njy iýul, duşenbe
Bar... Tabor dagyna çyk. Men bolsa harby serkerde Siserany... getirip, seniň eliňe berjek. Ser. 4:6, 7
Ysraýyllylar hatda bolýan ýerlerinden çykmaga-da gorkýardy. Harby taýdan olaryň ne taýýarlygy, ne ýaragy, ne-de goşuny bardy. Duşmanlarynyň bolsa 900 sany demir çalgyly söweş arabalary bardy (Ser. 4:1—3, 13; 5:6—8). Muňa garamazdan, Ýehowa Baraga şu günki aýatdaky tabşyrygy berýär. Barak şol bada Ýehowanyň görkezmesine eýerýär (Ser. 4:14—16). Olar Tagnakda söweşip durkalar, birdenkä asmanyň ýüzi garalyp, güýçli çabga ýagyp başlaýar. Barak Siseranyň goşunyny Haroşete çenli 24 km kowalaýar. Edermen Sisera gorkup, ökjäni göterýär. Ol aýagaldygyndan Zaganyma tarap gaçýar. Ol keýnlerden bolan Heberiň aýaly Ýageliň çadyryna barýar. Sisera ýadap halys bolandygy üçin ýatyp galýar. Ýagel mundan peýdalanyp, batyrgaýlyk bilen ýanyna barýa-da, ony öldürýär (Ser. 4:17—21). Şeýdip, ysraýyllylar ýeňiş gazanýar! w17.04 sah. 29, 30, abz. 6—8
30-njy iýul, sişenbe
Ýehowanyň halklar bilen dawasy bar... Erbet adamlary gylyçdan geçirer. Ýer. 25:31, TD
Armageddondan soň ýer ýüzünde guramalar bolarmy? Mukaddes Ýazgylarda: «Biz Hudaýyň wadasyna görä täze göklere we täze ýere garaşýarys, olarda elmydama dogrulyk bolar» diýilýär (2 Pet. 3:13). Öňki gök bilen ýer, ýagny parahor hökümetler we olaryň goly astyndaky guramalar ýok ediler. Olaryň ýerine «täze gökler we täze ýer», ýagny täze hökümet hem-de onuň gol astynda ýaşajak täze adamzat jemgyýeti peýda bolar. Patyşamyz Isa Mesih «parahatlyk Hudaýy» Ýehowanyň häsiýetlerini kämil derejede görkezer (1 Kor. 14:33). Şol sebäpli «täze ýer» dogruçyl adamlaryň gözegçilik etmegi bilen guramaçylykly bolar (Zeb. 45:16). Olara Mesih we onuň 144 müň kömekçileri ýolbaşçylyk eder. Ähli parahor guramalaryň ornuny ýeke-täk, adalatly we dogruçyl gurama eýelände, ýaşaýyş, gör, nähili ajaýyp bolar! w17.04 sah. 11, abz. 8, 9
31-nji iýul, çarşenbe
Olaryň ikisi bir ten bolýar. Gel. çyk. 2:24
Nika mukaddesdir. Durmuş gurýan ýigit bilen gyz Hudaýyň we adamlaryň öňünde wada berýärler. Olar «Hudaýyň döreden nikasynda ýer ýüzünde bile ýaşaýarkalar», biri-birini hemişe söýmegi, aladasyny etmegi we hormat goýmagy wada berýärler. Başgalar edil şeýle sözleri aýtmasalar-da, olaram biri-birine wada bermek bilen, Hudaýyň öňünde söz berýärler. Soňra olary är-aýal diýip yglan edýärler we bu olaryň ömürboýy bile ýaşamalydygyny aňladýar (1 Kor. 7:39). Isa: «Şeýlelikde, Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn» diýdi. Bu sözler är-aýalyň ikisiniňem jogapkärçiliginiň bardygyny görkezýär. Diýmek, olar durmuş guransoň, aýrylyşmak barada asla pikirem etmeli däl (Mar. 10:9). Elbetde, ýer ýüzünde kämil maşgala ýok. Sebäbi durmuş gurýan adamyň ikisem bikämil. Ine, şonuň üçinem Mukaddes Ýazgylarda durmuş guranlaryň «täze kynçylyklarynyň» boljakdygy aýdylýar (1 Kor. 7:28). w17.04 sah. 7, abz. 14, 15