Awgust
1-nji awgust, penşenbe
Ýöne meniň islegim däl-de, seniň islegiň bolsun. Mat. 26:39
Gowy mugallym bolmak üçin, biz başda gowy okuwçy bolmaly (1 Tim. 4:15, 16). Şonuň ýaly düzediş bermäge ygtyýary bolan adamlaryň özleri Ýehowanyň görkezmesine höwes bilen tabyn bolmaly. Şeýle pesgöwünli garaýyş kimdir birine tälim ýa-da düzediş bereniňde, muny arkaýyn etmäge mümkinçilik berýär. Geliň, Isanyň bu babatda nähili görelde galdyrandygyna seredeliň. Isa hemişe Atasyna gulak asýardy, hatda kyn ýagdaýda-da oňa tabyn bolýardy. Ol Atasynyň beren tälimine we akyldarlygyna örän minnetdardy (Ýah. 5:19, 30). Isanyň pesgöwünliligi we gulak asyjylygy akýürekli adamlary özüne çekýärdi. Şeýle-de oňa duýgudaş we mähirli mugallym bolmaga kömek etdi. Onuň ýakymly sözleri, göçme manyda, egrelen gamşa we sönüp barýan peltä meňzeş adamlaryň ýüregine melhem bolýardy (Mat. 12:20). Hatda sabyrlylygy synalanda-da, Isanyň mähirliligi we söýgüsi gowşamady. Muny onuň tekepbirlik we ulumsylyk bildiren resullaryna düzediş berşinden aýdyň görse bolýar (Mar. 9:33—37; Luka 22:24—27). w18.03 sah. 26, 27, abz. 15, 16
2-nji awgust, anna
Bu waka suwa çümdürilmek bilen deňeşdirilýär. Häzir bolsa siz suwa çümdürilmek bilen... halas bolýarsyňyz. 1 Pet. 3:21
Petrus resul Nuh pygamberiň gämini guran döwrüne salgylanýar. Gämini gurmak bilen, Nuh pygamber Hudaýyň islegini berjaý edip ýaşandygyny aýdyň subut etdi. Ol Ýehowanyň tabşyrygyny wepaly ýerine ýetirdi. Ol imanyny iş ýüzünde görkezip, özüni we maşgalasyny Tupandan halas etdi. Petrus resul bu mysaly näme üçin getirdikä? Nuh pygamber gämini gurup, imanynyň berkdigini görkezdi. Suwa çümdürilmegi hem şuňa meňzetse bolýar. Sebäbi adam Mesihe iman edip, özüni Ýehowa bagyş edendigini görkezýär. Nuh pygamber ýaly olar hem Hudaýyň tabşyran işini ýürekden berjaý edýärler. Nuhuň Tupandan halas bolşy ýaly, suwa çümdürilen mesihçilerem zalym dünýäniň soňy gelende halas bolarlar (Mar. 13:10; Ylh. 7:9, 10). Görşümiz ýaly, özüňi Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmek örän wajyp. Muny soňa goýýan adam ebedi ýaşaýşa bolan umydyny howp astyna salýar. w18.03 sah. 4, abz. 3, 4
3-nji awgust, şenbe
Akylsyzlyk çaganyň ýüreginde kök urandyr. Sül. tym. 22:15
Käbir ene-atalar: «Çagam suwa çümdürilmese gatnaşykdanam kesilmez» diýip pikir etmekleri mümkin. Ýöne şeýle pikirde bolmak näme üçin nädogry? (Ýak. 1:22). Elbetde, mesihçi ene-atalar çagasy ruhy taýdan ýetişýänçä özüni Hudaýa bagyş etmegini islemeýärler. Ýöne çaga suwa çümdürilmese, Ýehowanyň öňünde jogapkär däl diýip pikir etmek hem nädogry bolardy. Näme üçin? Sebäbi Ýehowanyň öňündäki jogapkärçiligimiz suwa çümdürilmeklige bagly däl. Çaga Ýehowanyň nämäni dogry we nädogry hasaplaýandygyny bilensoň, Hudaýyň öňünde jogapkär bolýar (Ýak. 4:17). Şol sebäpli paýhasly ene-atalar çagasynyň suwa çümdürilmegini soňa goýman, gowy görelde görkezmäge tagalla edýärler. Olar çagalaryna Ýehowanyň ahlak kadalaryna ýürekden minnetdar bolmagy bäbeklikden öwretmek isleýärler (Luka 6:40). Bu bolsa olaryň çagalary üçin gorag bolup durýar. Sebäbi olar ulalanda, Ýehowanyň kadalaryna eýerip ýaşamagy endik edinýärler (Iş. 35:8). w18.03 sah. 11, abz. 12, 13
4-nji awgust, ýekşenbe
Nuh Hudaýyň huzurynda gezdi. Gel. çyk. 6:9
Nuh pygamber Tupandan soň ýaşan 350 ýylynda hem dogry ýoldan ýüz öwürmedi (Gel. çyk. 9:28). Ol Hudaýa iman etmek we gulak asmak babatda ajaýyp görelde galdyrdy! Biz Nuh pygamberden görelde almak üçin Hudaýyň dogry kadalary boýunça ýaşamaly hem-de Şeýtanyň dünýäsine goşulman, Ýehowa gulluk etmegi birinji orunda goýmaly (Mat. 6:33; Ýah. 15:19). Elbetde, biz şonda-da dünýädäki adamlara ýaranyp bilmeris. Gaýtam, Hudaýyň nika we ahlak kadalaryna berk eýerip ýaşaýandygymyz üçin, käbir ýurtlarda köpçülikleýin garşylyklara uçraýarys (Mal. 3:17, 18). Emma Nuh pygamber ýaly adamdan däl-de, Ýehowadan gorkýarys. Sebäbi diňe onuň ebedi ýaşaýşy berip bilýändigini bilýäris (Luka 12:4, 5). Siz näme ederdiňiz? Adamlaryň ýaňsylamalary, garşylyklary ýa-da ykdysady kynçylyklar sebäpli Ýehowa bolan imanyňyz synalanda, «Hudaýyň huzurynda gezmegiňizi» dowam edersiňizmi? Eger siz Nuhuň imanyndan we Hudaýa gulak asyşyndan görelde alsaňyz, Ýehowanyň aladaňyzy etjekdigine ynamly bolup bilersiňiz (Flp. 4:6, 7). w18.02 sah. 4, abz. 4, 8; sah. 5, abz. 9, 10
5-nji awgust, duşenbe
Ten islegine görä ýaşaýan adam Hudaýyň ruhy arkaly açan zatlaryny kabul edip bilmeýär. 1 Kor. 2:14
Şu dünýäde ten islegiňe görä ýaşamak öňe sürülýär. Pawlus resul muny: «Hudaýa gulak asmaýan adamlarda hereket edýän garaýşa görä ýaşaýardyňyz» diýip düşündirdi (Efes. 2:2). Bu garaýyş gaty köp adamlara täsir edýär, ýagny olar köpçüligiň yzyna eýerip ýaşaýarlar. Şol sebäpli olar Hudaýyň kada-kanunlaryna eýermek üçin jan etmän, gaýtam, dogry hasaplaýan zatlaryny edýärler. Ten islegine görä ýaşaýan adam köplenç at-abraýa, baýlyga kowalaşýar ýa-da dogry hasaplaýan zatlaryny öňe sürýär. Muňa «ten işlerini» edýän adamlaryň hemmesi degişli (Gal. 5:19—21). Ten islegine başga-da häsiýetler girýär. Olara bölünişik döretmek, tarapgöýlük etmek, agzalalyk, birek-biregiň üstünden kazyýete arz etmek, ýolbaşçylara hormat goýmazlyk, açgözlük ýaly zatlar degişli. Dogrudan-da, ten islegine görä ýaşaýan adam synaga düşende, ruhy taýdan gowşak bolýar we derrew ýan berýär (Sül. tym. 7:21, 22). w18.02 sah. 19, abz. 3—5
6-njy awgust, sişenbe
Adamlar... lezzeti söýýän... bolar. 2 Tim. 3:2, 4
Dynç alyşdan lezzet almagyň hiç hili erbetligi ýok. Ýehowa biziň özümizi horlamagymyzy ýa-da lezzet berýän dynç alyşlardan asla el çekmegimizi islemeýär. Ol wepaly gullukçylaryna: «Git-de, çöregiňi şatlyk bilen iý, şerabyňy göwnühoşluk bilen iç» diýip ündeýär (Wag. 9:7). 2 Timoteos 3:4-de Hudaýyň makullamaýan lezzeti barada aýdylýar. Üns beren bolsaňyz, bu aýatda adamlar lezzeti Hudaýdan köp söýýär diýilmeýär. Onda: «Hudaýy däl-de, lezzeti söýýär» diýilýär. Bir alym bu babatda şeýle diýdi: «Aýatdaky sözler olaryň belli bir derejede Hudaýy hem söýýändigini aňlatman, Ony asla söýmeýändiklerini görkezýär». Lezzeti çendenaşa söýýän adamlar üçin, gör, nähili ýerlikli duýduryş! «Lezzeti söýýänler» diýen jümle «ýaşaýşyň lezzetine özüni aldyrýan adamlary» gowy suratlandyrýar (Luka 8:14). w18.01 sah. 25, abz. 14, 15
7-nji awgust, çarşenbe
Hasylyň ilkinji miwesi bilen Rebbi hormatla. Sül. tym. 3:9
Ýehowa jomart Hudaý. Bizde bar bolan ähli zatlar ondandyr. Altyn, kümüş we ýerdäki tebigy baýlyklaryň ählisi Ýehowanyňky; bular ýer ýüzünde ýaşaýşyň bolmagy üçin zerurdyr (Zeb. 104:13—15; Hag. 2:8). Meselem, Ýehowa ysraýyllylary çölde 40 ýyllap manna we suw bilen üpjün etdi (Müs. çyk. 16:35; Neh. 9:20, 21). Elýaşa pygamber arkaly bolsa dul aýalyň kiçijik küýzedäki ýagyny gudrat bilen köpeltdi. Hudaýyň beren sowgady arkaly dul aýal karzyny üzdi we ogly bilen ýaşamaga biraz pul üýşürip bildi (2 Pat. 4:1—7). Ýehowanyň kömegi bilen Isa-da gudrat arkaly açlary doýurdy, hatda gerek wagty maddy taýdanam kömek etdi (Mat. 15:35—38; 17:27). Ýehowa ýer ýüzündäki ýaradanlaryny goldamak üçin tebigatyň tükeniksiz baýlygyny ulanýar. Muňa garamazdan, ol gullukçylarynyň guramadaky işleri maddy taýdan goldamagyny isleýär (Müs. çyk. 36:3—7). w18.01 sah. 17, abz. 1—3
8-nji awgust, penşenbe
Ýehowa, meniň janymy al. 1 Pat. 19:4, TD
Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň geçmişde ýaşan wepaly gullukçylarynyň hem köplenç özlerini şeýle duýandyklary aýdylýar (Eýp. 7:7). Emma olar ýan bermediler, gaýtam, Ýehowadan güýç dileýärdiler. Olaryň eden tagallasy biderek bolmady, sebäbi Ýehowa «ejizleri kuwwatlandyrýandyr» (Iş. 40:29). Gynansak-da, şu günler Hudaýyň gullukçylarynyň käbiri kynçylyklar bilen göreşjek bolup, ruhy işleri etmegini goýdular. Başgaça aýdanyňda, hamala Hudaýyň işleri bereket däl-de, olara ýük bolýan ýalydy. Olar Hudaýyň Sözüni okamagyny, ýygnak duşuşyklaryna barmagyny we wagyz etmegini bes edip, Şeýtanyň islegini amala aşyrdylar. Iblis ruhy işleriň güýç berýändigini gaty gowy bilýär. Şol sebäpli ol bizi ruhy taýdan gowşatjak bolýar. Eger siz beden we duýgy taýdan ýadawlyk duýsaňyz, onda Ýehowadan daşlaşmaň. Gaýtam, oňa ýakynlaşyň, sebäbi «ol sizi berkider, güýçlendirer» (1 Pet. 5:10; Ýak. 4:8). w18.01 sah. 7, 8, abz. 2, 3
9-njy awgust, anna
Gabra inderýänem, ölümden direldýänem Ýehowadyr. 1 Şam. 2:6, TD
Ýazgylarda agzalan ikinji direliş Elýaşanyň döwründe bolupdy. Şunemde ýaşaýan bir ysraýylly tanymal aýal Elýaşa pygambere çäksiz myhmansöýerlik bildirýär. Hudaý pygamberi arkaly bu önelgesiz aýala we onuň gartaşan ýanýoldaşyna bir ogul berýär. Birnäçe ýyl geçensoň, oglanjyk aradan çykýar. Ýüregi gyýym-gyýym bolan enäniň çekýän ajy hasratyny göz öňüne getirmek kyn bolmasa gerek. Ol ýoldaşynyň rugsady bilen 30 km ýol söküp, Karmel dagynda ýaşaýan Elýaşanyň ýanyna barýar. Pygamber hyzmatkäri Geýhaza öňlerinden Şuneme gitmegi buýurýar. Emma Geýhazy oglanjygy direldip bilmeýär. Soňra gam-gussaly ene bilen Elýaşa gelýär (2 Pat. 4:8—31). Elýaşa çaganyň ýatan otagyna girip, doga edýär. Şonda çaga gudrat bilen direlýär we Elýaşa ony ejesine berýär (2 Pat. 4:32—37). Hudaý oglanjygy direldip, ölülere gaýtadan ýaşaýşy berip bilýändigini subut etdi. w17.12 sah. 4, abz. 7, 8
10-njy awgust, şenbe
Akylsyzlyk çaganyň ýüreginde kök urandyr. Sül. tym. 22:15
Akyldarlyk akylsyzlygyň gapma-garşylygy bolup, adamyň ruhy taýdan ösendigini görkezýär. Ol ýaşyňa bagly bolmaýar; şeýle adam Ýehowany gynandyrmakdan gorkýar we onuň tabşyryklaryny höwes bilen berjaý edýär (Zeb. 111:10). Ruhy taýdan ösen ýaşlar isleginiň guly bolmakdan ýa-da deň-duşlarynyň täsirine düşmekden gaça durýarlar. Olar «eýläk-beýläk çaýkanýan we ýel bilen her tarapa kowulýan gaýyk ýaly bolmaýarlar» (Efes. 4:14). «Olar aň-düşünjesini ýagşy we ýamany saýgarmagy öwrenişdirýärler» (Ýew. 5:14). Olar paýhasly karara gelip, ruhy taýdan ösendigini aýan edýärler. Şeýle akyldarlyk halas bolmak üçin wajyp (Sül. tym. 24:14). Şol sebäpli çagalaryňyza Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan zatlaryň olar üçin gymmatlydygyny görkeziň. Goý, olar aýdýan sözleriňiz we edýän işleriňiz bilen bu zatlaryň siziň üçin hem örän gymmatlydygyny görsünler (Rim. 2:21—23). w17.12 sah. 20, 21, abz. 12, 13
11-nji awgust, ýekşenbe
Mesihçiler ýygnagyna degişli bolmadyk adamlar bilen mundan beýläk-de özüňizi paýhasly alyp baryň... Her kime nädip jogap bermelidigini biliň. Kol. 4:5, 6
Adamlar öz kynçylyklaryny çözüp bilýär diýen garaýyş köp adamlaryň gulagyna hoş ýakmagy mümkin. Näme üçin? Sebäbi bu hakykatdanam şeýle bolsa, onda adam Hudaýyň görkezmesine mätäç bolmazdy we islän zadyny edip bilerdi. Şeýle-de käbir barlaglara görä, adamlar uruş, jenaýatçylyk, keselçilik we garyplyk ýaly kynçylyklary çözmegi başardylar. Bir maglumatda: «Ýaşaýyş gitdigiçe gowulanýar. Sebäbi adamlar dünýäniň ýagdaýyny gowulandyrmagy ýüregine düwdüler» diýilýär. Eger size dünýäniň haýsy-da bolsa bir garaýşy täsir edýän bolsa, bu barada Hudaýyň Sözünden gözleg geçiriň we tejribeli mesihçiden kömek soraň. Şeýle pikiriň näme üçin täsirlidigi, zyýanlydygy we ony nädip ret edip bolýandygy barada oýlanyň. Biziň ählimiz dünýäniň garaýşyny inkär edip, özümizi gorap bileris. Munuň üçin Pawlusyň şu günki aýatdaky beren maslahatyna eýermeli. w17.11 sah. 24, abz. 14, 17
12-nji awgust, duşenbe
Eý Hudaý, men başgalar ýaly... däldigime saňa şükür edýärin. Luka 18:11
Fariseýlere näme üçin rehimdar bolmak kyndy? Injilde: «(Olar) başgalary äsgermeýärdiler» diýilýär (Luka 18:9—14). Biz fariseýlerden däl-de, Ýehowadan görelde alyp, duýgudaş bolmaly (Kol. 3:13). Munuň üçin bize garşy günä eden adam ötünç soranda, höwes bilen bagyşlamaly (Luka 17:3, 4). Özüňize şeýle soraglary beriň: «Men gaýta-gaýta göwnüme degen adamy höwes bilen bagyşlaýarynmy? Onuň bilen parahatlygy dikeltmek üçin elimde baryny edýärinmi?» Birini bagyşlamaly bolanda, biziň pesgöwünliligimiz synalyp biler. Fariseýler başgalary özünden pes tutýandyklary üçin, olary bagyşlap bilmeýärdiler. Emma mesihçiler «başgalary özünden ýokary saýmaly», sebäbi olar bagyşlanmaga mynasypdyr (Flp. 2:3). Eýsem, biz Ýehowanyň göreldesine eýerip, pesgöwünlilik synagyndan geçerismi? Gaçybatalga şäherine, ýagny rehimdarlyga eltýän «ýoluňyz» açyk we tekiz bolsun. Öýkelemäge howlukman, gaýtam, rehimdarlyga baý boluň (Wag. 7:8, 9). w17.11 sah. 14, 15, abz. 6—8
13-nji awgust, sişenbe
Hudaýymyza nagma aýtmak gowudyr. Zeb. 147:1
Sesiňizi başgalaryňky bilen deňeşdireniňizde, belki, özüňizi oňaýsyz duýýansyňyz. Emma bu size Ýehowany şöhratlandyrýan aýdymlary aýtmaga päsgel bermeli däl. Gaýtam, başyňyzy dik tutup, aýdym kitabyndaky nagmalary ýürekden joşup aýdyň! (Ezra 3:11). Şu günler Ýygnak jaýlarynyň köpüsinde aýdymyň sözleri ekranda görkezilýär. Ýaşulularyň okaýan «Patyşalyk gullugynyň mekdebinde-de» ýörite aýdym aýtmak sapagy girizildi. Görşümiz ýaly, ýaşulular aýdym aýtmakda görelde görkezmeli. Köpler sesli aýdym aýtmakdan saklanýarlar. Mümkin, olar gowy aýdyp bilmerin öýdüp gorkýandyrlar. Elbetde, geplänimizde, «ählimiz köp ýalňyşýarys» (Ýak. 3:2). Ýöne biz geplemegimizi bes etmeýäris. Onda sesim gowy däl diýip, Ýehowa öwgüli aýdymlary aýtmakdan saklansak dogry bolarmy? w17.11 sah. 4, 5, abz. 9, 10
14-nji awgust, çarşenbe
Eger siz Hudaýyňyz Ýehowanyň sözüni berk tutsaňyz, gurluşyk babatda bu aýdylanlar amala aşar. Zak. 6:15, TD
Ýedinji görnüşiň soňunda Zakarýa pygamber çuňňur oýa batýar. Ýehowa erbetleriň edýän zalym işleri üçin jezasyny çekjekdigini söz beripdi. Hudaýyň bu wadasy Zakarýa pygamberi berkiden bolmaly. Emma hiç hili üýtgän zat ýokdy. Halk henizem adalatsyz we zalym işleri edýärdi. Iýerusalimdäki Ýehowanyň ybadathanasy bolsa gurlup gutarylmandy. Ýehudylar Hudaýyň tabşyran jogapkärli işinden nädip şeýle çalt ýüz öwrüp bildilerkä? Eýsem, olar watanyna öz bähbitleri üçin dolandylarmy? Ýehowa öz halkynyň nämä mätäçdigini gowy bilýärdi. Şol sebäpli ol halkyny söýýändigini görkezmek we gurluşygy dowam etseler, olary gorajakdygyna kepil geçmek üçin Zakarýa pygambere ýene bir görnüş berýär. Ybadathananyň dikeldiljekdigi barada Ýehowanyň şu günki aýatdaky aýdan sözleri amala aşdy. w17.10 sah. 26, abz. 1; sah. 27, abz. 5
15-nji awgust, penşenbe
Hudaý... hereket etmegiňiz üçin hem isleg, hem güýç berýär. Flp. 2:13
Jogapkärli borçlary höwes bilen ýerine ýetirýän batyrgaý doganlar ýygnak üçin uly bereket (1 Tim. 3:1). Emma käbir doganlaryň şeýle maksady bolmazlygy mümkin. Belki-de, dogan öň ýalňyşlyk goýberip, indi bolsa hyzmatçy ýa-da ýaşuly bolmaga özüni mynasyp görýän däldir. Başga biri bolsa berlen ýumşy ýerine ýetirip bilmerin öýdýändir. Eger sizem şeýle duýgulary başdan geçirýän bolsaňyz, onda batyrgaý bolup biler ýaly, Ýehowadan kömek soraň (Flp. 4:13). Ýadyňyzda bolsa, Musa pygamber hem başda tabşyrylan ýumşy ýerine ýetirip bilmez öýdüpdi (Müs. çyk. 3:11). Emma Ýehowa oňa kömek etdi we beren tabşyrygyny soňuna çenli amala aşyryp biler ýaly, batyrgaýlyk berdi. Suwa çümdürilen doganlar hem Hudaýa gyzgyn doga edip we Mukaddes Ýazgylary her gün okap, batyrgaý bolmagy öwrenip bilerler. Batyrgaý hereket eden adamlaryň mysallary hakda oýlanmaklyk hem peýdaly. Şeýle-de doganlar pesgöwünlilik bilen ýygnak ýaşulularyndan nämäniň üstünde işlemelidigini sorap, olardan kömek etmegi haýyş edip bilerler. w17.09 sah. 32, abz. 19
16-njy awgust, anna
Emma Hudaýymyzyň sözi ebedi galýar. Iş. 40:8
Şu günki mesihçiler Septuagintany, Uiklifiň Ýazgylaryny, «Korol Ýakowyň terjimesini» ýa-da başga terjimeleriň üstünde işlemek üçin nähili güýç sarp edilendigi hakda oýlanmaly. Biz taryha ser salyp, neşir edilen başga-da terjimeler barada oýlansak, Ýehowanyň wada berşi ýaly, onuň Sözüniň «ebedi galýandygyna» göz ýetireris. Bu biziň Ýehowanyň başga-da wadalaryna bolan imanymyzy berkitmeýärmi? (Ýeş. 23:14). Mukaddes Ýazgylaryň şu günlere çenli saklanyp galandygy barada oýlansak, diňe bir imanymyzy berkitmän, Ýehowa bolan söýgimizi hem artdyrýar. Eýsem, Ýehowa näme üçin öz Sözüni berdi? Onuň «ebedi galjakdygyna» näme üçin kepil geçdi? Sebäbi ol bizi söýýär we peýdaly zatlary öwredýär (Iş. 48:17, 18). Elbetde, bizem Ýehowanyň söýgüsine söýgi bilen jogap berip, tabşyryklaryna gulak assak, dogry bolardy (1 Ýah. 4:19; 5:3). w17.09 sah. 21, 22, abz. 13, 14
17-nji awgust, şenbe
Ata-eneňe hormat goý. Efes. 6:2
Eger ýanýoldaşyňyz Hudaýa iman etmeýän bolsa, çagalaryňyza şu tabşyryga eýermegi öwretmek has-da kyn bolup biler. Ýanýoldaşyňyza hormat goýuň we bu babatda görelde görkeziň. Onuň gowy häsiýetlerine üns beriň we oňa minnetdardygyňyzy görkeziň. Çagalaryňyzyň ýanynda ýanýoldaşyňyz barada erbet zatlary aýtmakdan gaça duruň. Gaýtam, olara Ýehowa gulluk etmegi her bir adamyň özüniň saýlaýandygyny düşündiriň. Çagalaryňyzyň ýagşy edim-gylymy iman etmeýän ýanýoldaşyňyzyň hakykata gelmegine kömek edip biler. Käbir atalar bolsa aýalynyň çagalaryna Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty öwretmegine ýa-da ýygnaga alyp gitmegine garşy çykmagy mümkin. Emma şonda-da mesihçi aýal çagalaryna Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty öwredip biler (Res. iş. 16:1; 2 Tim. 3:14, 15). Aýaly ýanýoldaşynyň gelen kararyna hormat goýsa-da, çagalaryna hakykaty öwredip, imanyny görkezip biler. Bu bolsa çagalara Ýehowany tanamaga we hakykatda kök urmaga kömek eder (Res. iş. 4:19, 20). w17.10 sah. 14, abz. 9, 10
18-nji awgust, ýekşenbe
Söýgüli çagalar kimin Hudaýdan görelde alyň. Efes. 5:1
Ýehowa duýgudaş Hudaý. Ol adamlary öz keşbinde ýaradany üçin, hatda ony tanamaýan adamlaram köplenç başgalaryň aladasyny edip, duýgudaşlyk bildirýärler (Gel. çyk. 1:27). Mukaddes Ýazgylarda duýgudaşlyk bildirmegiň wajypdygyny görkezýän ençeme wakalar bar. Ýadyňyzda bolsa, iki aýal bir çaganyň üstünde dawa edip, onuň hakyky ejesiniň kimdigini anyklamak üçin, Süleýman patyşanyň ýanyna gelýärler. Süleýman patyşa olary synamak üçin çagany ikä bölmegi tabşyranda, onuň hakyky ejesiniň ogluna rehimi inýär. Ol hatda öz çagasyny beýleki aýala bermäge-de razy bolýar (1 Pat. 3:23—27). Ýa-da Musa bäbekkä, ony halas eden faraonyň gyzyny ýadyňyza salyň. Ol çaganyň ýewreýdigini we öldürilmelidigini bilse-de, oňa «ýüregi gyýlyp», öz çagasy ýaly edip ulaldýar (Müs. çyk. 2:5, 6). w17.09 sah. 8, 9, abz. 2, 3
19-njy awgust, duşenbe
Ýehowa... siziň üçin sabyr edýändir. 2 Pet. 3:9
Mesihçileriň ählisi pesgöwünliligi ösdürmeli we bu häsiýet bol sylag getirýär (Sül. tym. 22:4). Pesgöwünli bolsak, ýygnagymyzyň parahat we agzybir bolmagyna ýardam ederis. Şeýle-de pesgöwünliligi ösdürip, ony berkitsek, Hudaýyň merhemetini gazanarys. Petrus resul: «Hemmäňiz birek-birek bilen pesgöwünli boluň. Sebäbi Hudaý tekepbirlere garşy çykýandyr, pesgöwünlilere bolsa merhemet edýändir» diýdi (1 Pet. 5:5). Şu dünýäde ýumşak we sabyrly adamlary gowşak hasaplaýarlar. Bu düşünje hakykata düýbünden garşy gelýär. Sebäbi şeýle ajaýyp häsiýetler älem-jahanda iň güýçli Şahsyýete mahsus! Dogrudan-da, Ýehowa Hudaý ýumşak we sabyrly bolmakda ajaýyp görelde görkezýär. Ýadyňyzda bolsa, Ybraýym pygamber bilen onuň doganoglany Lut çekinmän birnäçe soraglary berende, Ýehowa perişdeleri arkaly jogap beripdi (Gel. çyk. 18:22—33; 19:18—21). Şeýle-de Ýehowa ysraýyl halkyna 1 müň 500 ýyldan gowrak sabyr edipdi (Ezek. 33:11). w17.08 sah. 25, abz. 13, 14
20-nji awgust, sişenbe
Ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygy siziň ýürekleriňizi we pikirleriňizi... gorar. Flp. 4:7
Biz Ýehowa doga etsek, onuň parahatlygyny duýarys. Üns beren bolsaňyz, aýatda «Hudaýyň parahatlygynyň» «ynsan düşünjesinden ýokarydygy» aýdylýar. Bu nämäni aňladýar? Pawlus resul «Hudaýyň parahatlygy» diýende, onuň biziň göz öňüne getirişimizdenem has täsindigini aýtdy. Adatça, biz kynçylyklara ynsan gözi bilen garap, çykalga ýok ýaly hasaplaýarys. Emma Ýehowa barada beýle diýip bolmaýar; ol ýagdaýy düýpgöter üýtgedip bilýär (2 Pet. 2:9). Biz kynçylyklarda «Hudaýyň parahatlygyny» nädip duýup bileris? Munuň üçin Ýehowa Hudaý bilen dostlugymyzy berkitmeli. Şeýle mümkinçiligi biziň üçin janyny gurban eden «Mesih Isa» berdi. Töleg gurbany Hudaýyň ajaýyp sowgatlarynyň biridir. Ýehowa ol arkaly biziň günälerimizi bagyşlaýar we arassa ynsap bilen özüne ýakynlaşmaga mümkinçilik berýär (Ýah. 14:6; Ýak. 4:8; 1 Pet. 3:21). w17.08 sah. 10, abz. 7; sah. 12, abz. 15
21-nji awgust, çarşenbe
Ýürek öz ajylygyny bilýändir; onuň şatlygyna-da keseki goşulýan däldir. Sül. tym. 14:10
Hasrat çekýän adamyň duýgularyna diňe onuň özi düşünýär we ol muny sözi bilen aýdyp bilmeýär. Hatda adam duýgularyny aýtsa-da, onuň näme diýjek bolýandygyna düşünmek kyn bolýar. Käte hasrat çekýän adama nädip teselli berjekdigiňi bilmeýärsiň. Ýöne köplenç «aglaýanlar bilen aglamak» has köp peýda getirýär (Rim. 12:15). Eger siz hasrat çekýän adama teselli bermek üçin näme diýjekdigiňizi bilmeseňiz, muny hatjagaz, elektron poçtasy ýa-da sms arkaly edip bilersiňiz. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylardan teselli beriji aýady, aradan çykan adam bilen bolan bir gowy wakany ýatlap ýa-da onuň gowy häsiýetini aýdyp bilersiňiz. Hasrat çekýän adam üçin we onuň bilen bile doga etmegem örän peýdaly. w17.07 sah. 14—16, abz. 13—16
22-nji awgust, penşenbe
Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn. Mat. 19:6
Siz maşgalada garaşylmadyk kyn ýagdaýa duşsaňyz göwnüçökgünlige düşersiňizmi? Şeýle ýagdaýda Ýehowanyň ysraýyl halky bilen nähili gatnaşykda bolandygy barada oýlansaňyz gowy bolar. Ýehowa özüni ysraýyl halkynyň ýanýoldaşy hasaplaýardy (Iş. 54:5; 62:4). Ýehowa üçin bu nähili agyr bolandyr! Muňa garamazdan, ol ysraýyllylardan ýüz öwürmedi. Ýehowa olara gaýta-gaýta rehimdarlygyny görkezip, ähtine wepaly galdy (Zeb. 106:43—45). Eýsem, Ýehowanyň şeýle wepaly söýgüsi bizi özüne çekmeýärmi näme?! Ýehowanyň kada-kanunlaryny söýýän är-aýallar onuň göreldesine eýerýärler. Olar maşgalasynda kynçylyk dörände, dünýäniň kadalaryna eýerip, derrew aýrylyşjak bolmaýarlar. Ýehowanyň olary bir boýuntyryga salandygyna we bir beden bolmak isleýändigine düşünýärler. Ýazgylara laýyklykda, diňe bir sebäbe görä, ýagny zyna sebäpli aýrylyşyp, täzeden durmuş gurmaga rugsat berilýär (Mat. 19:5, 9). Olar maşgaladaky dörän kynçylygy çözmek üçin elinde baryny edýärler, hatda öňküdenem gowulandyrmak üçin tagalla edip, Ýehowanyň hökümdarlygyny goldaýarlar. w17.06 sah. 31, abz. 17, 18
23-nji awgust, anna
Siziň gözüňiz açylar we edil Hudaý kimin bolarsyňyz. Gel. çyk. 3:5
Şeýtan Iblis Ýehowanyň hökümdarlyk etmäge haklydygy baradaky jedelli meseläni orta atdy. Ol Hudaýyň gowy Hökümdar däldigini, ýaradanlarynyň aladasyny etmeýändigini we adamlaryň özleri höküm sürse, has bagtly ýaşap biljekdiklerini aýtdy (Gel. çyk. 3:1—4). Şeýtanyň aýtmagyna görä, islendik adam synaga düşende, Ýehowanyň hökümdarlygyndan ýüz öwrer (Eýp. 2:4, 5). Ýehowa adalatly hökümdarlygyny inkär etmegiň nähili netije berjekdigine göz ýetirmekleri üçin, adamlara özbaşdak höküm sürmäge wagt berdi. Ýehowa Iblisiň ýalan sözleýändigini bilýärdi. Onda ol näme üçin Şeýtana atan töhmetini subut etmek üçin wagt berdikä? Bu mesele ähli ýaradylan şahsyýetlere täsir edýär (Zeb. 83:18). Galyberse-de, Adam ata bilen How ene Ýehowanyň hökümdarlygyndan ýüz öwürdi we köp adamlar olaryň saýlan ýoly bilen gitdiler. Käbirleri Iblisiň aýdanlaryny dogry hasaplap biler. w17.06 sah. 22, 23, abz. 3, 4
24-nji awgust, şenbe
Gidiň-de,.. şägirt taýýarlaň. Mat. 28:19
Şägirt taýýarlamak işi size adamlar bilen gürrüňe başlamaga we ynamly hem sypaýy bolmak ýaly gowy endikleri ösdürmäge kömek eder (Sül. tym. 21:5; 2 Tim. 2:24, çykgyt). Esasan-da, özüňi bagtly duýmaga ýardam edýär. Sebäbi bu Mukaddes Ýazgylary has gowy bilmäge mümkinçilik berýär we imanyňy berkidýär. Şeýle-de Ýehowa bilen ýakyndan işleşmegi öwredýär (1 Kor. 3:9). Ýaşaýan ýeriňizdäki adamlar hoş habara seslenmeseler-de, siz wagyz işine gatnaşyp, şatlyk tapyp bilersiňiz. Sebäbi akýürekli adamlary tapmaga ýygnagyň ähli agzalary gatnaşýar. Dogan ýa-da uýa kimdir birine wagyz edip, wagtyň geçmegi bilen oňa şägirt bolmaga kömek etse-de, bu işde beýlekileriňem goşandy bar. Sebäbi olaram mundan şatlyk tapýar. Geliň, Branden doganyň mysalyna seredeliň. Ol adamlaryň hoş habara seslenmeýän ýerinde dokuz ýyldan bäri pioner bolup gulluk edýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Dogrusy, men hiç kime hakykata gelmäge kömek edip bilmedim, ýöne başgalar muny etdiler. Şägirt taýýarlamak işine doly gatnaşmagy maksat goýandygyma men diýseň begenýärin» (Wag. 11:6). w17.07 sah. 23, abz. 7; sah. 24, abz. 9, 10
25-nji awgust, ýekşenbe
Ol indi gamgyn däldi. 1 Şam. 1:18
Elkananyň söýgüli aýaly Hanna hem agyr synaglary başdan geçiripdi. Ol önelgesizdi, gündeşi Peninnanyň bolsa çagalary bardy (1 Şam. 1:4—7). Ol Hannany üznüksiz kemsidip, ýarasynyň üstüne duz sepýärdi. Şol sebäpli Hanna gaýgy-hasratdan ejir çekýärdi. Ol janyna aram tapmak üçin Ýehowa doga edýär (1 Şam. 1:12). Ol Ýehowanyň çaga berjekdigine ýa-da başga usul bilen derdini ýeňletjekdigine ynanan bolmaly. Bikämildigimiz we Şeýtanyň höküm sürýän dünýäsinde ýaşaýandygymyz üçin, biz häli-şindi synaglara, kynçylyklara uçraýarys (1 Ýah. 5:19). Emma Ýehowanyň «ähli kynçylyklarymyzda teselli berýändigini» bilmeklik kalbymyza rahatlyk berýär (2 Kor. 1:3). Biz synaglara ýa-da kynçylyklara uçranymyzda Hudaýa doga etsek, teselli taparys. Hanna hem Ýehowa ýüregini döküpdi. Edil şonuň ýaly bizem kynçylygymyz barada ýöne bir agzap geçmän, Ýehowa ýüregimizi dökmeli. Biz oňa duýgularymyzy açyk aýtmaly we ýalbaryp doga etmeli (Flp. 4:6, 7). w17.06 sah. 6, abz. 10, 11
26-njy awgust, duşenbe
Simun, sen meni bulardan artyk söýýärmiň? Ýah. 21:15
Isa direlenden soň, balyk tutulýan döwri şägirtleriniň balyk tutup bilmändiklerini bilip, şeýle diýýär: «„Tory alyň-da, gaýygyň sag tarapyna taşlaň, şonda tutarsyňyz“ diýdi. Olar tory taşlanlarynda, balyklaryň köplüginden ýaňa, ony çekip çykaryp bilmediler» (Ýah. 21:1—6). Şägirtler ertirlik edinip bolansoň, Isa Simun Petrusa ýüzlenip şu günki aýatdaky sözleri aýtdy. Isa bu soragy näme üçin berdikä? Petrus balyk tutmagy gowy görýärdi. Isa ondan nämäni has gowy görýändigini biljek bolan bolmaly. Petrus Isany we onuň öwreden zatlaryna garanyňda, balyk tutmagy has gowy görýärdimi? Ol bu soraga şeýle jogap berdi: «Hawa, Halypam, seni juda söýýändigimi özüň bilýärsiň» (Ýah. 21:15). Petrus aýdan sözlerine eýerip ýaşady. Şondan soň ol şägirt taýýarlamak işine doly gatnaşyp, Mesihi söýýändigini subut etdi we I asyrdaky mesihçiler ýygnagynyň diregi boldy. w17.05 sah. 22, abz. 1, 2
27-nji awgust, sişenbe
Ýehowa meniň kömekçimdir; men gorkmaryn. Eýsem, adam maňa näme edip bilsin?. Ýew. 13:6
Ýehowanyň söýgi bilen edýän aladasy Pawlusa kynçylyklary bilen göreşmäge kömek etdi. Ol kynçylyklar sebäpli göwnüçökgünlige düşmedi. Oňa berk durmaga näme kömek etdikä? Ol «ähli kynçylyklarymyzda teselli berýän» «bütin teselliler Hudaýyna» bil baglaýardy (2 Kor. 1:3, 4). Hudaý bilen doga arkaly gepleşsek, dostlugymyz berkär (Zeb. 86:3, 1 Sel. 5:17; Rim. 12:12). Biz ýagdaýy üýtgedip bilmesek-de, çuň pikirlerimizi we duýgularymyzy Ýehowa aýtmaga ýeterlik wagt sarp etsek, «dogalary eşidýän» Hudaýa ýakynlaşarys (Zeb. 65:2). Ýehowanyň dogalarymyza jogap berýändigini görenimizde, oňa bolan söýgimiz has-da artýar. Şeýle-de onuň «özüni çagyrýanlaryň ählisine... ýakyndygyna» göz ýetirýäris (Zeb. 145:18). Bu bize imanymyz synalanda, Ýehowanyň söýgi bilen goldajakdygyna ynamymyzy artdyrýar. w17.05 sah. 19, abz. 9, 10
28-nji awgust, çarşenbe
Ýehowa bolsa ýürege seredýändir. 1 Şam. 16:7, TD
Eger siz ýaşulularyň gelen kararyna düşünmeseňiz ýa-da onuň bilen razylaşmasaňyz näme edersiňiz? Şeýle ýagdaýda biziň Ýehowa bolan imanymyz we onuň guramasyndaky tertip-düzgüne bolan garaýşymyz synalyp biler. Eýsem, kiçigöwünlilik bizi nädip gorar? Geliň, iki ýagdaýa seredeliň. Birinjiden, kiçigöwünli bolsak, biz ähli jikme-jiklikleri bilmeýändigimizi boýun alarys. Aslynda, bu mesele bilen bagly näçe köp bilýänem bolsak, adamyň ýüregini diňe Ýehowa görýändir. Bu bizi pesgöwünli bolmaga, mümkinçiligimiziň çäklidigini boýun almaga we dogry garaýyşda bolmaga höweslendirer. Ikinjiden, kiçigöwünlilik bize Ýehowa tabyn bolup, adalatsyzlygy öz wagtynda düzedýänçä, oňa sabyrly garaşmaga ýardam eder. Bir akyldar adam: «Pis adam gowulyk görmez... onuň ömri uzalmaz» diýip ýazdy (Wag. 8:12, 13). Dogrudan-da, kiçigöwünlilik ähli ýagdaýlarda ruhy garaýşy saklamaga kömek edýär (1 Pet. 5:5). w17.04 sah. 25, 26, abz. 10, 11
29-njy awgust, penşenbe
Men ýewreýleriň ýurdundan ogurlanyp getirildim, hatda şu ýerde-de, Müsürde zyndana taşlanar ýaly, men hiç hili günä etmedim. Gel. çyk. 40:15
Ýusubyň adalatsyzlyga uçrandygy mese-mälimdi. Şeýle-de ol türmä bigünä düşendigini aýdyp, baş şerapçydan: «Faraonyň meni-de zyndandan çykarary ýaly, men hakda oňa gürrüň ber» diýip, haýyş edýär (Gel. çyk. 40:14). Bu sözler Ýusubyň göwnüçökgünlige düşendigini görkezýärmi? Elbetde, ýok. Ol baş şerapça özüne ençeme gezek adalatsyzlyk edilendigini aýdýar. Baş şerapçy kömek edip biler ýaly, Ýusup oňa ýagdaýyny aýdyň düşündirýär. Emma Ýusup özüni kimiň «ogurlandygy» hakda hiç kime, hatda faraona-da aýtmaýar. Doganlary Müsüre gelip, Ýusup bilen ýaraşanlarynda, faraon olary gowy garşylaýar, hatda ýurduň iň gowy ýerlerini saýlap, ýaşamagy teklip edýär (Gel. çyk. 45:16—20). w17.04 sah. 20, 21, abz. 12, 13
30-njy awgust, anna
Hudaýyň bereketi, gör, nähili boldur! Akyldarlygy we bilimi diýseň çuňdur! Onuň hökümleriniň we ähli ýollarynyň aňyrsyna ýetip bolýan däldir! Rim. 11:33
Ýehowany älem-jahanyň kanuny Hökümdary hasaplamagymyzyň bir sebäbi ol ähli zady bilýär we akyldarlygy çuňdur. Ol ähli ýaradylan zatlaryň aladasyny etmegi başarýar. Meselem, Hudaý öz Ogluna lukmanlaryň bejerip bilmeýän kesellerini bejermäge güýç berdi (Mat. 4:23, 24; Mar. 5:25—29). Bu zatlar Ýehowa üçin gudrat däldi. Ol adamyň bedeninde bolup geçýän ähli zatlara gowy düşünýär we oňa täsir edýän islendik zyýany aýryp bilýär. Şol sebäpli onuň ölen adamlary direltmäge we betbagtçylyklaryň öňüni almaga güýji ýetýär. Şeýtanyň dünýäsinde adamlar milletara we halkara düşünişmezlikleri çözmegiň dürli ýollaryny agtarýarlar. Emma diňe akyldar Hudaý Ýehowa dünýäde parahatlygy dikeldip bilýär (Iş. 2:3, 4; 54:13). Biz Ýehowanyň bilime baý we akyldar Hudaýdygyna göz ýetirip, özümizi Pawlus resul ýaly duýýarys. Ol Ýehowa hakda şu günki aýatdaky sözleri ýazdy. w17.06 sah. 28, abz. 6, 7
31-nji awgust, şenbe
Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn. Mar. 10:9
Şu günler köp adamlar nika sowuk-sala garaýarlar. Olaryň arasynda düşünişmezlik dörände, derrew aýrylyşmak bilen bolýarlar. Mesihçiler beýle etmeli däl (1 Kor. 7:27). Ýanýoldaşyna beren wadasyny bozan adam Ýehowa ýalan sözledigi bolýar. Hudaý bolsa ýalan sözleýän adamlary ýigrenýär! (Lew. 19:12; Sül. tym. 6:16—19). Ýanýoldaşyňa biwepalyk etmegi Ýehowa ýigrenýär (Mal. 2:13—16). Isa durmuş guran adamlaryň Ýazgylara görä diňe bir sebäp bilen, ýagny ýanýoldaşy zyna eden ýagdaýynda aýrylyşmaga rugsat berilýändigini aýtdy (Mat. 19:9; Ýew. 13:4). Onda är-aýal aýry ýaşasa bolýarmy? Mukaddes Ýazgylarda bu soraga aýdyň jogap berilýär (1 Kor. 7:10, 11). Ýazgylar aýry ýaşamaklygy goldamasa-da, käbir mesihçiler belli bir ýagdaýda, ýagny ýanýoldaşy janyna howp salsa, ruhy saglygyna zyýan ýetirse, maşgalany eklemekden bilgeşleýin boýun gaçyrsa ýa-da imandan dänse aýry ýaşamak kararyna gelýärler. w17.04 sah. 7, abz. 14—16