Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es19 sah. 88—97
  • Sentýabr

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sentýabr
  • Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2019
  • Sözbaşylar
  • 1-nji sentýabr, ýekşenbe
  • 2-nji sentýabr, duşenbe
  • 3-nji sentýabr, sişenbe
  • 4-nji sentýabr, çarşenbe
  • 5-nji sentýabr, penşenbe
  • 6-njy sentýabr, anna
  • 7-nji sentýabr, şenbe
  • 8-nji sentýabr, ýekşenbe
  • 9-njy sentýabr, duşenbe
  • 10-njy sentýabr, sişenbe
  • 11-nji sentýabr, çarşenbe
  • 12-nji sentýabr, penşenbe
  • 13-nji sentýabr, anna
  • 14-nji sentýabr, şenbe
  • 15-nji sentýabr, ýekşenbe
  • 16-njy sentýabr, duşenbe
  • 17-nji sentýabr, sişenbe
  • 18-nji sentýabr, çarşenbe
  • 19-njy sentýabr, penşenbe
  • 20-nji sentýabr, anna
  • 21-nji sentýabr, şenbe
  • 22-nji sentýabr, ýekşenbe
  • 23-nji sentýabr, duşenbe
  • 24-nji sentýabr, sişenbe
  • 25-nji sentýabr, çarşenbe
  • 26-njy sentýabr, penşenbe
  • 27-nji sentýabr, anna
  • 28-nji sentýabr, şenbe
  • 29-njy sentýabr, ýekşenbe
  • 30-njy sentýabr, duşenbe
Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2019
es19 sah. 88—97

Sentýabr

1-nji sentýabr, ýekşenbe

(Çagalaryňyzy) Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi bilen ulaldyň. Efes. 6:4

Çagalary «Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi bilen ulaltmak» ene-atalar üçin iň uly jogapkärçilikleriň biri hasaplanýar (Zeb. 127:3). Gadymy ysraýyl halkyndan tapawutlylykda, şu günler ene-atasy mesihçi bolan çagalar Ýehowa bagyş edilen halka degişli bolup dogulmaýarlar. Galyberse-de, Hudaýa hem-de hakykata bolan söýgi nesilden-nesle geçmeýär. Çaga dünýä inen gününden başlap ene-atalar onuň özüni Hudaýa bagyş edip, Ýehowanyň suwa çümdürilen gullukçysy bolmagynyň aladasyny etmeli. Eýsem, şundan wajyp zat barmy näme?! Özüni Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilen we Oňa wepaly gulluk edýän her bir adam agyr muşakgatda halas bolar ýaly bellik alar (Mat. 24:13). Goý, çagalarynyň özüni Hudaýa bagyş edip, Ýehowanyň suwa çümdürilen gullukçysy bolandygyny görmek bagty her bir ene-ata miýesser etsin! w18.03 sah. 12, abz. 16, 17

2-nji sentýabr, duşenbe

Ýaşaýşyňa we öwredişiňe hemişe ünsli bol. 1 Tim. 4:16

Maşgalada ýa-da ýygnakda Mukaddes Ýazgylar esasynda düzediş bermäge ygtyýary bolan adamlar Mesihiň göreldesine eýerse, paýhasly hereket edýärler. Olaryň edýän işleri Hudaýyň we Oglunyň terbiýesini kabul etmek isleýändiklerini görkezýär. Hudaýyň terbiýesini kabul edip we başgalara düzediş berenimizde, Ýehowanyň hem-de Isanyň göreldesine eýerip alýan bereketlerimiziň ählisini agzap geçmek aňsat bolmasa gerek. Şol bereketleriň biri maşgalada we ýygnakda parahatlygyň bolmagydyr. Sebäbi dogan-uýalar ol ýerde özüniň söýülýändigini, gymmat saýylýandygyny we goralýandygyny duýýarlar (Zeb. 72:7). Dogrudan-da, Ýehowanyň berýän terbiýesiniň bize häzirden bir maşgala ýaly parahat we agzybir ýaşamagy öwredýändigini hiç kim inkär etmese gerek (Iş. 11:9). Eger biz Hudaýyň terbiýesine dogry garaýyşda bolsak, oňa minnetdar bolarys. Sebäbi ol Hudaýyň bize bolan ajaýyp söýgüsini aýan edýär. w18.03 sah. 26, abz. 15; sah. 27, abz. 17, 19

3-nji sentýabr, sişenbe

Olar günälerini açyk boýun alýardylar, Ýahýa hem olary Iordan derýasynda suwa çümdürýärdi. Mat. 3:6

Ýahýa Musanyň kanunyna garşy eden günälerine toba edýän adamlary suwa çümdürýärdi (Mat. 3:1—6). Ýöne bir gezek Ýahýa hiç hili günä etmedik adamy suwa çümdürmek hormatyna eýe bolýar. Ol Hudaýyň kämil Ogly Isany suwa çümdürýär (Mat. 3:13—17). Isa günäsizdi, şonuň üçin oňa toba etmek gerek däldi (1 Pet. 2:22). Ol Hudaýyň islegini berjaý etmek üçin suwa çümdürilipdi (Ýew. 10:7). Isa ýerde gulluk edende, onuň şägirtleri hem adamlary suwa çümdürýärdi (Ýah. 3:22; 4:1, 2). Olar hem Ýahýa ýaly Musanyň kanunyna garşy eden günäsine toba eden adamlary suwa çümdürýärdiler. Emma Isa ölümden direlenden soň, onuň şägirtleri suwa çümdürilmekligiň düýbünden başga manysynyň bardygyna düşündiler. w18.03 sah. 5, abz. 6, 7

4-nji sentýabr, çarşenbe

Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýerýän adam ähli zada düşünýändir. 1 Kor. 2:15

«Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýerýän adam» nähili bolýar? Ol Hudaýy razy edip ýaşaýar we ten islegine görä ýaşaýan adamdan düýpgöter tapawutlanýar. Ruhy garaýşyny saklaýan adamlar «Hudaýdan görelde almaga» jan edýärler (Efes. 5:1). Olar Ýehowanyň pikir edişi ýaly pikirlenip, ähli zada onuň garaýşy ýaly garamaga çalyşýarlar. Olar Hudaýyň bardygyna berk ynanýarlar. Ten islegine görä ýaşaýanlardan tapawutlylykda, olar hemme ýagdaýda Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýermek üçin tagalla edýärler (Zeb. 119:33; 143:10). Olar ten islegini öňe sürmän, «ruhuň miwesini» görkezmäge çalyşýarlar (Gal. 5:22, 23). Ruhy garaýyşda bolmagyň ýene näme aňladýandygyny bilmek üçin, şu barada oýlanyň: hemişe dogry garaýşyny saklaýan adam pikirini gowy zatlara gönükdirýär. Ruhy zatlary gymmat saýýan adam bolsa pikirini ruhy zatlara gönükdirýär. w18.02 sah. 19, abz. 3, 6

5-nji sentýabr, penşenbe

Danyýel, sen jandan eziz söýülýänsiň. Dan. 10:11

Danyýel butparazlykdan we jadygöýlikden doly Wawilon şäherinde ýaşaýardy. Wawilonlylar ysraýyllylaryň we olaryň Hudaýy Ýehowanyň üstünden gülüp kemsidýärdiler (Zeb. 137:1, 3). Bu zatlar Danyýel ýaly Hudaýyň wepaly gullukçylaryna, gör, nähili erbet täsir edendir! Biraz wagtdan iýmit hem-de şerap olar üçin synag boldy, sebäbi «Danyýel özüni haram etmezligi ýüregine düwüpdi» (Dan. 1:5—8, 14—17). Danyýeliň üýtgeşik ukyplary bolandygy üçin, oňa hormatly iş ynanylypdy. Bu onuň imany üçin synag bolup bilerdi (Dan. 1:19, 20). Emma ol özüne göwni ýetip, tekepbirlige ýüz urmady. Gaýtam, kiçigöwünli we pespäl bolup, Ýehowanyň bildiren hormaty üçin hemişe minnetdarlyk bildirýärdi (Dan. 2:30). Ýehowa dogruçyllygyň göreldesi hökmünde Nuh we Eýýup pygamberiň arasynda Danyýeli agzanda, ol heniz ýaşdy (Ezek. 14:14). Eýsem, Ýehowa Danyýel hakda şeýle sözleri aýdyp ýalňyşdymy? Elbetde, ýok. Danyýel pygamber ömrüniň ahyryna çenli imanda berk durup, Ýehowa gulak asdy. w18.02 sah. 5, abz. 11, 12

6-njy sentýabr, anna

Lewi Isa üçin öz öýünde uly oturylyşyk gurnady. Luka 5:29

Isa lezzete dogry garaýyşda bolmakda kämil görelde galdyrdy. Ol «nika toýunda» we «uly oturylyşykda» bolupdy (Ýah. 2:1—10). Hatda ol toýa baranda, suwy şeraba öwrüp, oňa öz goşandyny goşdy. Emma Isa lezzeti durmuşynda birinji orunda goýmaýardy. Ol Ýehowany birinji orunda goýýardy we adamlaryň peýdasy üçin janyny aýamaýardy. Şol sebäpli köpleriň ýaşamagy üçin jebir pürsündäki ölüme höwes bilen çydady. Isa öz yzyna eýerjek adamlary göz öňüne tutup, şeýle diýdi: «Maňa iman edýändigiňiz üçin, size sögenlerinde, yzarlanlarynda we her hili ýalan hem-de erbet zatlary aýdanlarynda bagtlysyňyz. Şatlanyň, begeniň, sebäbi gökde aljak sylagyňyz uludyr» (Mat. 5:11, 12). Eger Hudaýy hakykatdan söýýän bolsak, diňe bir onuň halamaýan zatlaryndan däl-de, hatda gynandyryp biläýjek zatlardan hem gaça durarys (Mat. 22:37, 38). w18.01 sah. 26, abz. 16—18

7-nji sentýabr, şenbe

Ýaşlygynda läliksiredilen hyzmatkär, soň özüniň ogul ýerine görülmegini islär. Sül. tym. 29:21

Biz Ýehowany söýýändigimiz we oňa minnetdardygymyz üçin sowgatlary berýäris. Onuň biziň üçin eden işleri hakynda oýlananymyzda, haýran galýarys. Dawut patyşa Ýehowa: «Bize ähli zat Senden gelýär; Saňa Öz beren zadyňdan yzyna berýäris» diýdi (1 Ýyl. 29:11—14). Sowgatlary bermek biziň özümiz üçin hem peýdaly. Bu bize diňe bir almak däl, eýsem, bermekden şatlyk tapmaga kömek edýär. Meselem, çaga özüne berilýän puldan ene-atasyna sowgat berse, olar nähili begener! Pioner bolup gulluk edýän ogly ýa-da gyzy ene-atasyna pul kömegini berende, olar hem begenýärler. Ene-atalar çagalaryndan muňa garaşmasa-da, olar berilýän sowgady alyp bilerler. Şeýdip, olar çagalaryna minnetdar bolmagy öwredýärler. Şonuň ýaly Ýehowa-da sowgat bermegiň biziň özümiz üçin peýdalydygyny bilýär. w18.01 sah. 18, abz. 4, 6

8-nji sentýabr, ýekşenbe

Ýaşaýşy saýlaň, şonda siziň özüňiz hem ýaşarsyňyz, nesilleriňiz-de ýaşar. Kan. tag. 30:19

Çagalara nämäniň ýagşy we nämäniň erbetdigini aýtmak ýeterlikli däl. Siz olara: «Mukaddes Ýazgylar ten höweslerine eýermegi näme üçin gadagan edýär? Ondaky kadalaryň hemişe peýdalydygyna meni näme ynamly edýär?» diýen ýaly soraglaryň üstünde oýlanmaga kömek etseňiz, gowy bolar (Iş. 48:17, 18). Şeýle-de suwa çümdürilmek isleýän çaga mesihçi bolmagyň jogapkärlidigine düşünmäge kömek ediň. Eýsem, mesihçi bolmagyň nähili peýdasy bar? Ol nämelerden geçmeli bolar? Aljak bereketleriň muňa degýärmi? (Mar. 10:29, 30). Suwa çümdürileniňden soňam, bularyň üstünde oýlanmaly bolar. Şol sebäpli aýgytly ädimi ätmeziňden öň, bu barada pikirlenmeli. Çagalar bular barada çuňňur oýlansalar, alan bilimine ynamy has-da artyp, Mukaddes Ýazgylardaky kadalaryň hemişe peýda getirýändigine düşünerler. w17.12 sah. 21, abz. 14, 15

9-njy sentýabr, duşenbe

(Ýehowa) atlaryny tutup, çagyrýar. Iş. 40:26

Ýehowa mähriban dogan-uýalarymyzyň köpüsiniň agyr keselçilikden ejir çekýändigini bilýär. Käbirleri ençeme ýyl bäri gartaşan dogan-garyndaşlarynyň aladasyny edýär. Başgalary bolsa maşgalasyny iň gerekli zatlar bilen üpjün etmek üçin köp der dökmeli bolýar. Bilşimiz ýaly, olaryň köpüsi birbada ençeme kynçylyklar bilen göreşýär. Bu bolsa gaty köp wagty we güýji talap edýär; olara edilýän çykdajylar barada gürrüňem ýok. Muňa garamazdan, siz Hudaýyň wadalaryna doly ynanýarsyňyz, gelejege bolan umydyňyzy hem gaýym saklaýarsyňyz. Ýehowa muňa, gör, nähili begenýändir! Eger Ýehowa jansyz zatlar bilen şeýle gyzyklanýan bolsa, onda Özüne robot ýaly däl-de, söýgi bilen gulluk edýän adamlara nähili garaýarka? (Zeb. 19:1, 3, 14). Mähriban Atamyz bedenimizdäki her bir öýjügimizi bilýär. Hatda «başymyzdaky saçymyzam sanalgydyr» (Mat. 10:30). Mezmurçy: «Reb kämilleriň günlerini bilýändir» diýip ýazdy (Zeb. 37:18). Ýehowa biziň nähili kynçylyklara uçraýandygymyzy bilýär we olara hötde gelmäge güýç berýär. w18.01 sah. 7, abz. 1; sah. 8, abz. 4

10-njy sentýabr, sişenbe

Tawita, ýeriňden tur! Res. iş. 9:40

Petrusyň Tawitany direldendigini eşiden adamlaryň köpüsi «Halypamyza iman edýär». Olar Halypamyzyň, esasan-da, Ýehowanyň ölüleri direldip bilýändigini gürrüň berip bilerdiler (Res. iş. 9:36—42). Başga bir waka seredeliň. Bir gezek Pawlus resul häzirki Türkiýäniň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Troasa barýar. Ol ýerde doganlar Pawlusyň nutugyny diňlemek üçin bir öýüň ýokarky otagynda ýygnanyşýarlar. Onuň gürrüňi ýarygijä çenli dowam edýär. Eftih atly bir ýaş oglan äpişgede ony diňläp otyrka, irkilip uka gidýär. Şonda ol üçünji gatdan aşak gaçýar. Eftihiň ýanyna ilki bolup Luka lukman baran bolmaly. Ol oglany gözden geçirip, onuň ýöne bir ýaralanyp ýa-da özünden gidendigini däl-de, jan berendigini aýdýar. Pawlus aşak düşüp, ölini gujaklaýar-da, ýanyndakylara: «Ol indi diri» diýýär. Şeýle tolgundyryjy direlişi gözüň bilen görmek, gör, nähili täsirli bolandyr! «Olar oglanyň direlendigine çäksiz begenip, ony alyp gitdiler» (Res. iş. 20:7—12). w17.12 sah. 5, abz. 10, 11

11-nji sentýabr, çarşenbe

Geliň, Ýehowanyň işlerini görüň. Zeb. 46:8, TD

Adamlar asylarboýy biynjalyk edýän kynçylyklaryny özbaşdak çözüp bilýärmi? Gynansak-da, adamlaryň gözi uruşdan açylmaýar. Jenaýatyň käbir görnüşleri diňe belli-belli ýerlerde bolsa-da, kiber (kompýuter ýa-da Internet arkaly) jenaýatçylyk, maşgalada zorluk we terrorçylyk ýaly zatlar gitdigiçe köpelýär. Ölüme eltýän keseller möwç urýar. Häzirki ykdysady we syýasy guramalary açgöz ýolbaşçylar dolandyrýandygy üçin olar uruş, jenaýatçylyk, keselçilik we garyplyk ýaly kynçylyklary çözüp bilmeýärler. Muny diňe Hudaýyň Patyşalygy başarýar. Geliň, Ýehowanyň adamlar üçin näme etjekdigine seredeliň. Uruşlar. Hudaýyň Patyşalygy uruşlaryň düýp özeni bolan açgözlügi, parahorlygy, watansöýüjiligi, ýalan dini, hatda Şeýtanyň özüni-de ýok eder (Zeb. 46:9). Jenaýatçylyk. Hudaýyň Patyşalygy millionlarça adamlara häzirden biri-birini söýüp, bil baglamagy öwredýär. Muny hiç bir hökümet edip bilmeýär (Iş. 11:9). Keselçilik. Ýehowa gullukçylaryna kämil saglyk berer (Iş. 35:5, 6). Garyplyk. Ýehowa garyplygy ýok edip, halkynyň ruhy hem-de ten zerurlyklaryny kanagatlandyrar (Zeb. 72:12, 13). w17.11 sah. 24, abz. 14—16

12-nji sentýabr, penşenbe

Bigünä ganyň astynda galmarsyňyz. Kan. tag. 19:10

Gaçybatalga şäherleri ysraýyllylary kimdir biriniň ganyna galmakdan goramak üçin niýetlenendi. Ýehowa ýaşaýşy gymmat saýýar we «günäsiz gany dökýän elleri» ýigrenýär (Sül. tym. 6:16, 17). Adalatly we mukaddes Hudaýymyz Ýehowa şeýle gabahat işe asla göz ýummaýar. Ýehowadan tapawutlylykda, kanunçylar we fariseýler ynsan ýaşaýşyna sowuk-sala garaýardylar. Isa olara: «Siz bilimiň açaryny alyp, ne özüňiz girdiňiz, ne-de girmek isleýänlere ýol berýärsiňiz» diýdi (Luka 11:52). Olar adamlara Hudaýyň Sözüni düşündirmeýärdiler we ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ýöremäge kömek etmeýärdiler. Olary «ýaşaýyş berýän Baş Ýolbaşçymyz» Isadan daşlaşdyryp, ebedi ýaşaýyşdan mahrum edýärdiler (Res. iş. 3:15). Tekepbir we özüni bilýän kanunçylardyr fariseýler ýaşaýşy gymmat saýmaýandyklary üçin halkyň kän bir aladasyny etmeýärdiler. Olar zalym we doňýürekdiler. w17.11 sah. 15, abz. 9, 10

13-nji sentýabr, anna

Kim... meniň şägirdimdigine... utansa, Ynsan ogly-da... oňa şägirdim diýmäge utanar. Mar. 8:38

Biz başda dogan-garyndaşlarymyza Ýehowanyň Şaýatlary bilen okuw geçýändigimizi aýtmasak-da, imanymyz berkedigiçe, olara ynanýan zatlarymyzy gürrüň bermäge höwesimiz artýar. Hakykatyň tarapyny batyrgaýlyk bilen tutýandygyňyz üçin dogan-garyndaşlaryňyz bilen araňyzda kynçylyk döreýän bolsa, olaryň ýagdaýyna düşünjek boluň. Biz Ýazgylardan öwrenýän zatlarymyza ýürekden begenýäris. Emma dogan-garyndaşlarymyz biz aldanandyrys ýa-da haýsydyr bir ýalan dini guramanyň toruna düşendiris öýdýärler. Ýa-da baýramçylyklara gatnaşmaýandygymyz üçin olary söýmeýändiris diýip pikir edýärler. Hatda betbagtçylyga uçrarys öýdüp gorkýarlar. Biz olaryň garaýşyna hormat goýup we ünsli diňläp, duýgudaşlyk bildirip bileris (Sül. tym. 20:5). Pawlus resul hoş habary «her kese» wagyz edip biler ýaly, olaryň her biriniň ýagdaýyna düşünmek üçin elinde baryny edýärdi. Biz hem onuň göreldesine eýerip bileris (1 Kor. 9:19—23). w17.10 sah. 15, abz. 11, 12

14-nji sentýabr, şenbe

(Ýehowa) aýdym aýdyň. Zeb. 33:2

Mümkin, aýdymy nädip aýtmalydygyny bilmeýändigimiz üçin ony aýtmakdan çekinýändiris. Emma aýdym aýtmak babatda berilýän esasy maslahatlara eýersek, muny başaryp bileris. Siz dogry dem almagy öwrenseňiz, aýdymy joşgunly we sesli aýtmagy başararsyňyz. Elektrik togy arkaly çyranyň ýagtylyk berşi ýaly, dem almaklyk hem gepläniňde ýa-da aýdym aýdanyňda, sesiň gowy çykmagyna ýardam edýär. Aýdymy adaty gepleýşiňiz ýaly ýa-da ondan batlyrak aýdyň. Ýazgylaryň özi hem Ýehowanyň gullukçylaryny «şatlyk bilen gygyryşyp» nagma aýtmaga çagyrýar (Zeb. 33:1—3). Aýdym kitabyndan gowy görýän aýdymyňyzy saýlaň we sözlerini sesli hem-de labyzly okaň. Aýry-aýry jümleleri bir demde aýdyp görüň. Soňra şol jümleleri saza goşup, batly ses bilen aýdyň (Iş. 24:14). Bu size aýdymy gowy aýtmaga kömek eder. Goý, size aýdym aýtmaga hiç zat päsgel bermesin! w17.11 sah. 5, 6, abz. 11—13

15-nji sentýabr, ýekşenbe

Hudaý tarapyndan kalby oýarylan her kes... Ýehowanyň Iýerusalimdäki ybadathanasyny bina etmek üçin, ýol şaýlaryny tutup ugradylar. Ezra 1:5, TD

Ýehudylar ýolda barýarkalar, täze öýlerini göz öňüne getirip, sagatlap pikir eden bolmaly. Olar Iýerusalimiň öň owadan şäher bolandygy hakda eşidendirler. Halkyň arasynda ybadathananyň şöhratyny gören ýaşy bir çene ýeten adamlar hem bardy (Ezra 3:12). Eger olaryň arasynda bolsaňyz, ilkinji gezek täze öýüňize, ýagny Iýerusalime gözüňiz düşende, özüňizi nähili duýardyňyz? Siz şäheriň harabaçylyga öwrülendigini we haşal ot basyp gidendigini görüp, gynanardyňyzmy? Onuň ýumrulyp ýatan derwezelerini we garawul diňlerini Wawilonyň iki gat beýik diwarlary bilen deňeşdirerdiňizmi? Emma Hudaýyň halky uzak syýahatyň dowamynda onuň halas ediji güýjini görendikleri üçin gurluşyk işine başlamagy berk ýüregine düwüpdiler. Şol sebäpli olar, ilki bilen, öňki ybadathananyň ýerinde gurbanlyk sypasyny ýasap, Ýehowa her gün gurban getirip başlaýarlar (Ezra 3:1, 2). w17.10 sah. 26, 27, abz. 2, 3

16-njy sentýabr, duşenbe

Gorkma, howsala düşme, çünki... Ýehowa seniň bilendir. 1 Ýyl. 28:20, TD

Süleýman batyrgaýlyk babatda köp zatlary kakasyndan öwrenen bolmaly. Sebäbi Dawut äpet söweşijiniň garşysyna çykyp, örän batyrgaý hereket etdi. Ol Hudaýyň we ýylmanak daşyň kömegi bilen, Jaludy ýeňdi (1 Şam. 17:45, 49, 50). Süleýman ybadathananyň gurluşygyny tamamlanýança, Ýehowa oňa kömek etdi. Ol ýaş hem tejribesiz bolsa-da, kakasynyň ruhlandyryjy sözleri ony berkitdi. Ol örän batyrgaý hereket edip, işe başlady we Ýehowanyň kömegi bilen ýedi ýarym ýylyň içinde owadan ybadathanany doly gurup gutardy. Süleýmana kömek edişi ýaly, Ýehowa bize-de batyrgaý bolmaga we tabşyrylan işi soňuna çenli ýerine ýetirmäge kömek eder (Iş. 41:10, 13). Eger biz Ýehowa sežde edenimizde, batyrgaý bolsak, onuň häzir we gelejekde-de köp bereketleri berjekdigine ynamly bolup bileris. w17.09 sah. 28, abz. 3; sah. 29, abz. 4; sah. 32, abz. 20, 21

17-nji sentýabr, sişenbe

Hudaýyň sözi diri hem täsirlidir. Ýew. 4:12

Biz, Ýehowanyň gullukçylary Hudaýyň adamlara beren Sözüniň «diri hem täsirlidigine» asla şübhelenmeýäris. Muňa biziň köpümiz öz durmuşymyzda göz ýetirdik. Dogan-uýalarymyzyň käbiri öň ogry, neşekeş, ahlaksyz durmuşy alyp barýardy. Käbirleri bolsa gowy şertlerde ýaşasalar-da, durmuşynda nämedir bir zadyň ýetmeýändigini duýýardylar (Wag. 2:3—11). Emma gelejege umytsyz garap, ýöne Mukaddes Ýazgylaryň kömegi bilen ýaşaýyş ýoluny tapan adamlar hem az däl. Siz olar hakda «Garawul diňindäki» «Mukaddes Ýazgylar durmuşymyzy özgertmäge kömek edýär» atly makalalardan okap, ruhlanan bolsaňyz gerek. Hatda hakykaty kabul edensoňam, mesihçileriň Ýazgylaryň kömegi bilen ruhy taýdan ösýändigini görýänsiňiz. w17.09 sah. 23, abz. 1

18-nji sentýabr, çarşenbe

Rebbiň merhemeti bilen olary aman-sag galadan alyp çykdylar. Gel. çyk. 19:16

Lutuň durmuşynda bolan wakalar Ýehowanyň wepaly gullukçylarynyň ýagdaýyna düşünýändigini görkezmeýärmi näme? (Iş. 63:7—9; Ýak. 5:11; 2 Pet. 2:9). Ýehowa diňe bir duýgudaş bolman, eýsem, gullukçylaryna-da bu gerekli häsiýeti bildirmegi öwredýär. Geliň, Musanyň kanunyndaky kimdir biriniň donuny girewine almak bilen bagly tabşyryga seredeliň (Müs. çyk. 22:26, 27). Eger adam rehimsiz bolup, alan donuny yzyna gaýtarmasa, ýakynyny kyn ýagdaýa salyp bilýärdi. Emma Ýehowa halkynyň doňýürek däl-de, rehimdar bolmagyny isleýärdi. Eýsem, kanuna esaslanan bu prinsip bizi duýgudaş bolmaga höweslendirmeýärmi näme?! Biziň kömek etmäge mümkinçiligimiz bolup-da, horluk çekýän imandaşlarymyza duýgudaşlyk bildirmesek, dogry bolarmy? (Kol. 3:12; Ýak. 2:15, 16; 1 Ýah. 3:17). w17.09 sah. 9, abz. 4, 5

19-njy sentýabr, penşenbe

Atam, bu adamlary bagyşla, çünki olar näme edýändiklerini bilmeýärler. Luka 23:34

Isa Atasyndan ony öldürmekçi bolýan adamlaryň günälerini bagyşlamagyny sorady. Şeýle ýowuz we kyn ýagdaýda ýumşaklyk hem-de sabyrlylyk görkezip, Isa, gör, nähili ajaýyp görelde galdyrdy! (1 Pet. 2:21—23). Biz nädip ýumşak we sabyrly bolup bileris? Munuň bir ýoluny Pawlus resul imandaşlaryna ýazan hatynda görkezdi: «Eger biriniň başga birinden öýkelemäge sebäbi bolsa-da, sabyrly bolup, bir-biriňizi ýürekden bagyşlaň. Ýehowanyň sizi ýürekden bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi ýürekden bagyşlamalysyňyz» (Kol. 3:13). Bu tabşyryga eýermek üçin ýumşak we sabyrly bolmaly. Emma geçirimli bolsak, ýygnagymyzyň agzybirligini berkidip, ony saklamaga ýardam ederis. Ýumşak we sabyrly bolmak mesihçileriň ählisinden edilýän talap. Bu häsiýetler halas bolmagymyz üçin örän wajypdyr (Mat. 5:5; Ýak. 1:21). Şeýle häsiýetleriň kömegi bilen, biz Ýehowa şöhrat getirýäris we başgalary Mukaddes Ýazgylaryň maslahatyna eýermäge höweslendirýäris (Gal. 6:1; 2 Tim. 2:24, 25). w17.08 sah. 25, 26, abz. 15—17

20-nji sentýabr, anna

Ýehowa Özüne wepaly adamlary synaglarda nädip halas etmelidigini... bilýändir. 2 Pet. 2:9

Ýazgylary okanymyzda, Ýehowanyň gaýta-gaýta garaşylmadyk zatlary edendigini görýäris. Geliň, Hizkiýa patyşa bilen bolan waka seredeliň. Onuň höküm süren döwründe Aşuryň patyşasy Sanherip Ýahudanyň ençeme berk şäherlerini basyp alypdy (2 Pat. 18:1—3, 13). Indi ol Iýerusalime göz gyzdyrýardy. Şeýle howply ýagdaýda Hizkiýa patyşa näme etdi? Ol Ýehowa doga etdi we maslahat üçin onuň pygamberi Işaýa ýüz tutdy (2 Pat. 19:5, 15—20). Şeýle-de Sanheribe salgyt töläp, paýhasly hereket etdi (2 Pat. 18:14, 15). Ol duşmanyň hüjümine garşy durmak üçin gerekli taýýarlyklary gördi (2 Ýyl. 32:2—4). Ýehowa perişdesini iberip, bir gijede Sanheribiň 185 müň esgerini öldürdi. Muňa Hizkiýanyň özi-de garaşmadyk bolsa gerek! (2 Pat. 19:35). w17.08 sah. 10, abz. 7; sah. 11, abz. 12

21-nji sentýabr, şenbe

Ähli halklardan şägirt taýýarlaň... Olara meniň ähli tabşyran zatlarymy berjaý etmegi öwrediň. Mat. 28:19, 20

Uzak wagtly gulluga başlamak üçin nähili maksatlary goýup bilersiňiz? Munuň üçin, esasan, Ýehowa üstünlikli gulluk etmäge kömek edýän häsiýetleri ösdürmeli. Hudaýyň Sözüni yhlasly öwrenip, okan zatlaryňyz barada çuňňur oýlanyň we ýygnaga baranyňyzda, imanyňyzy iş ýüzünde görkezmäge mümkinçilik gözläň. Mekdepde okaýan döwrüňiz hoş habary wagyz etmek üçin tejribe toplap we gerekli ukyplary ösdürip bilersiňiz. Adamlar bilen gyzyklanmagy öwreniň. Munuň üçin olaryň garaýşyny bilmäge kömek edýän ýerlikli soraglary beriň we ünsli diňläň. Şeýle-de Ýygnak jaýyny arassa saklamaga we bejeriş işlerini geçirmäge kömek edip bilersiňiz. Ýehowa pesgöwünli we kömek etmäge taýyn adamlar ýaraýar (Zeb. 110:3; Res. iş. 6:1—3). Pawlus resul hem Timoteosyň «doganlaryň arasynda ýagşy adynyň» bolandygy üçin, ony özi bilen missioner gullugyna gitmäge çagyrypdy (Res. iş. 16:1—5). w17.07 sah. 23, abz. 7; sah. 26, abz. 14

22-nji sentýabr, ýekşenbe

Her bir dyz öňümde epiler, her bir dil Menden ant içer. Iş. 45:23

Ýehowanyň hökümdarlyk etmäge haklydygy baradaky meselede adamlar ýa-da perişdeler henize çenli belli bir karara gelip bilmediler. Şonuň üçin halklaryň, milletleriň, tire-taýpalaryň, maşgalalaryň we adamlaryň arasynda agzalalyk bolar. Emma Ýehowanyň hökümdarlygy aklananda, ähli adamlar onuň adalatly hökümetiniň ýolbaşçylygynda ebedi ýaşarlar. Şonda bütin älem-jahanda parahatlyk höküm sürer (Efes. 1:9, 10). Hudaýyň hökümdarlygy aklananda, Şeýtan we ynsan hökümetleri hemişelik ýok ediler. Ýehowa Mesihi Patyşalyk arkaly öz islegini amala aşyrar, adamlaryň wepalylygy bolsa her kesiň Hudaýyň hökümdarlygynyň tarapyny tutup bilýändigini subut eder (Iş. 45:23, 24). Siz hem Ýehowanyň hökümdarlygyny goldap, wepalylygyny saklaýan adamlaryň arasynda bolmak isleýänsiňiz. Munuň üçin biz jedelli meseläni ünsden düşürmeli däl we onuň örän wajypdygy barada oýlanmaly. w17.06 sah. 23, abz. 4, 5

23-nji sentýabr, duşenbe

Hak dost elmydama söýýändir, ol aladaly günüňde dadyňa ýetişýän doganyňdyr. Sül. tym. 17:17, TD

Hasrat çekýän adamlaryň ýagdaýy birmeňzeş bolmaýar. Şol sebäpli diňe başda, ýagny dost-ýarlary we dogan-garyndaşlary ýanyndaka däl, eýsem, birnäçe wagtdan soňam, onuň halyndan habar alyp duruň. Şeýle dogan-uýalaryň berýän tesellisi derdiňe derman bolup biler (1 Sel. 3:7). Meselem, ýanýoldaşyny ýitiren adamyň derdini toý tutan güni, belli bir aýdym-saz, surat, haýsy-da bolsa bir iş, hatda aýratyn bir ys, ses ýa-da pasyl gozgap biler. Şol sebäpli olar başda toý tutan güni ýa-da Ýatlama agşamy ýaly günleri özüni has erbet duýmaklary mümkin. Emma dogan-garyndaşyny ýitiren adamyň ýanyna diňe belli bir günleri barmalydyr öýtmäň. w17.07 sah. 16, abz. 17—19

24-nji sentýabr, sişenbe

Diňe öz bähbidiňizi gözlemän, başgalaryňkyny hem agtaryň. Flp. 2:4

Biz başgalar bilen ýürekden gyzyklanyp, olara kömek edenimizde, öz ýaramaz duýgularymyzy ýeňýäris. Durmuş guran ýa-da gurmadyk uýalar imandaşlary bilen hoş habary wagyz etmegiň köp şatlyk berýändigine düşünýär. Olar Hudaýyň islegini berjaý edip, ony şöhratlandyrmagy maksat edinýärler. Hatda käbir dogan-uýalar wagyz gullugyny derdiniň dermany hasaplaýar. Elbetde, biz dogan-uýalarymyzyň we wagyz edýän adamlarymyzyň ýürekden aladasyny edip, ýygnagyň agzybirligini berkidýäris. Pawlus resul bu babatda gowy görelde galdyrdy. Ol Selanikdäki dogan-uýalaryň «çagasyny... emdirýän ene ýaly» aladasyny edip, olaryň ruhy atasy boldy (1 Sel. 2:7, 11, 12). Hak Hudaýy söýüp, onuň tabşyryklaryny berjaý etmegi öwrenen ýaşlar maşgalasy üçin teselliniň çeşmesi bolup biler. Meselem, olar ene-atasyna hormat goýup, olary maddy we ruhy taýdan goldap bilýär. w17.06 sah. 7, abz. 13, 14; sah. 8, abz. 17

25-nji sentýabr, çarşenbe

Dünýäniň baýlygy arkaly özüňize dost ediniň. Luka 16:9

Milliardlarça adamlaryň gaty garyp ýaşaýandygyny, baýlaryň bolsa ýygnan zatlarynyň agtyk-çowluklaryna ýetjekdigini hiç kim inkär etmese gerek. Isa Hudaýyň Patyşalygy gelýänçä, dünýäniň ykdysady ýagdaýynyň gowulanmajakdygyna düşünýärdi. Şeýtanyň dünýäsi diňe bir syýasy we dini däl-de, eýsem, Ylham 18:3-de agzalýan «söwdagärlerden», ýagny açgöz täjirçilik guramalaryndan hem ybarat. Hudaýyň halky özlerini syýasy we dini guramalardan çetde saklasa-da, olaryň köpüsi Şeýtanyň dünýäsiniň söwda-satyk işlerinden doly el çekip bilmeýärler. Biz, mesihçiler dünýäniň söwda-satyk işlerine bolan garaýşymyzy barlamak üçin özümize şu soraglary bersek gowy bolar: «Hudaýa wepalydygymy görkezmek üçin emlägimi nädip ulanyp bilerin? Dünýäniň söwda-satyk işleri babatda nädip paýhasly bolup bilerin? Şu kyn döwürde mesihçileriň Ýehowa doly bil baglaýandygyny haýsy wakalar görkezýär?» w17.07 sah. 7, 8, abz. 1—3

26-njy sentýabr, penşenbe

Özüňize ünsli boluň. Horanlyk, serhoşlyk we ýaşaýşyň aladalary ýüregiňize ýük bolaýmasyn. Luka 21:34

Isanyň Petrusa aýdan sözlerinden näme öwrenip bileris? Mesihe bolan söýgimiziň sowamagyna we Patyşalyk işlerinden ünsümiziň sowulmagyna ýol bermeli däl. Isa dünýäniň aladalary zerarly şeýle zatlaryň bolup biljekdigine gowy düşünýärdi. Ol daýhan mysalynda käbir adamlaryň «Patyşalyk baradaky habary» kabul edip, başda ruhy taýdan ösjekdigini, ýöne «ýaşaýşyň aladalaryna özüni aldyryp we baýlygyň yşkyna düşüp», soňra bolsa «bu zatlaryň sözi bogjakdygyny» aýdypdy (Mat. 13:19—22; Mar. 4:19). Eger ünsli bolmasak, gündelik aladalar ýüregimize ýük bolar we ruhy taýdan gowşadyp biler. Biz Mesihiň tabşyran işini birinji orunda goýup, ony ýürekden söýýändigimizi subut edýäris. Bu babatda özümizi barlamak üçin şeýle soraglaryň üstünde oýlanmaly: «Men aslynda nämäni gowy görýärin? Maňa dünýewi işler bilen meşgullanmak has köp şatlyk berýärmi ýa-da ruhy işler bilen meşgullanmak?» w17.05 sah. 23, abz. 3, 4

27-nji sentýabr, anna

Aýdýanlaryňyza aňsatlyk bilen düşüner ýaly gepläň. 1 Kor. 14:9

«Gelmişek», ýagny daşary ýurtdan gelen dogan-uýalar öz dilinde gepleýän imandaşlaryndan uzakda ýaşaýan bolsalar, ýerli halkyň dilindäki ýygnaga barmaly bolýar (Zeb. 146:9). Eger golaýda ene diliňizde geçirilýän ýygnak bar bolsa, sizde şeýle sorag ýüze çykmagy mümkin: Haýsy ýygnaga gatnasak, maşgalamyz üçin has peýdaly bolar? Bu babatda maşgalabaşy çuňňur oýlanyp, doga edip, aýaly we çagalary bilen maslahatlaşyp karara gelmeli (1 Kor. 11:3). Ene-atalar çagalarynyň zerurlyklaryny bilmeli. Çagalary hakykat ýolunda terbiýelemek üçin, olary her hepde duşuşyklara alyp gitmek ýeterlikli däl. Eger olar has gowy düşünýän dilindäki ýygnaga barsa, ene-atasynyň garaşanyndan hem has köp zatlary öwrenip biler. Emma aýdylýan zatlara gowy düşünmeseler, olara ruhy taýdan ösüş etmek kyn bolar (1 Kor. 14:11). w17.05 sah. 10, abz. 10, 11.

28-nji sentýabr, şenbe

Meýletin söweşe çykan halk üçin, Ýehowany şöhratlandyryň! Ser. 5:2, TD

Biz özümize şeýle soraglary berip bileris: «Men iman we batyrgaýlygyk bilen islendik ýagdaýda-da Ýehowanyň aýdyň görkezmesine eýerýärinmi? Eger men gazanç etmek üçin başga şähere ýa-da ýurda gitmekçi bolsam, doga edip, munuň maşgalama we ýygnak duşuşyklaryna nähili täsir etjekdigi barada oýlanýarynmy?» Ýehowa bize hökümdarlygyny goldamaga mümkinçilik berýär. Şeýtan Adam bilen How enäni aldap, öz tarapyna çekdi. Şol sebäpli biz Ýehowanyň häkimiýetiniň tarapyny tutup, Şeýtanyň atan töhmetine açyk-aýdyň jogap berýäris. Biziň Ýehowa bolan imanymyz we wepalylygymyz onuň göwnünden turmak üçin janamaýazlyk ruhuny görkezmäge höweslendirýär (Sül. tym. 23:15, 16). Ol biz arkaly Şeýtanyň gyjalatyna jogap berýär (Sül. tym. 27:11). Ýehowa bizi, wepalylygymyzy örän gymmat saýýar we bize buýsanç bilen seredýär. w17.04 sah. 32, abz. 15, 16

29-njy sentýabr, ýekşenbe

Hudaýa aýdylan hudaýýolyňy gijikdirme. Çünki Hudaý akylsyzlardan hoşal däldir; wadaňy berjaý et. Wag. 5:3

Musanyň kanunynda: «Eger bir adam Rebbe wada etse ýa-da her hili zatdan özüni saklamaga kasam içse, onda ol beren sözüni bozman, agzy bilen aýdan wadasyny berjaý etsin» diýilýär (San. 30:3). Süleýman patyşa-da şu günki aýatdaky sözleri ýazdy. Isa hem beren sözüňde durmagyň wajypdygyny nygtap: «Siz gadymy döwürde şeýle diýlenini hem eşidensiňiz: „Boş ýere ant içme. Eger ant içen bolsaň, ony Ýehowanyň öňünde berjaý et“» diýdi (Mat. 5:33). Görşümiz ýaly, Hudaýa berýän wadaňa örän çynlakaý garamaly. Sebäbi bu biziň Ýehowa bilen dostlugymyza täsir edýär. Dawut patyşa: «Rebbiň dagyna kim çykar? Onuň mukaddes mekanynda kim durar? Elleri tämiz we ýüregi sap adam; onuň ruhy galplyga gönükdirilen däldir, ol hile bilen kasam eden däldir» diýip ýazdy (Zeb. 24:3, 4). w17.04 sah. 4, abz. 3, 4

30-njy sentýabr, duşenbe

Ol dili bilen myjabat ýapýan däldir. Zeb. 15:3

Eger mesihçi özüne adalatsyzlyk edilen ýaly duýsa, bu hakda başgalara ýaýratmakdan ägä bolmaly. Elbetde, dogan-uýalaryň biri agyr günä etse, ýaşulular kömek eder ýaly, biz hökman olara ýüz tutmaly (Lew. 5:1). Emma düşünişmezlik dörände, biz hiç kime, hatda ýaşululara-da aýtman öz aramyzda çözüp bileris (Mat. 5:23, 24; 18:15). Belki-de, biz adalatsyzlyga uçranam däldiris. Şonuň üçin, geliň, şeýle ýagdaýda Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýereliň! Şonda imandaşymyza töhmet atyp, ýagdaýy has-da kynlaşdyrmakdan gaça durarys. Aslynda, hakly bolsak-da, bolmasak-da, ýüze çykan meseläni gybat bilen çözüp bolmaýandygyny unutmalyň. Ýehowa we dogan-uýalara bolan wepalylygymyz bizi nädogry hereket etmekden gorar. w17.04 sah. 21, abz. 14

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş