Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es19 sah. 98—108
  • Oktýabr

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Oktýabr
  • Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2019
  • Sözbaşylar
  • 1-nji oktýabr, sişenbe
  • 2-nji oktýabr, çarşenbe
  • 3-nji oktýabr, penşenbe
  • 4-nji oktýabr, anna
  • 5-nji oktýabr, şenbe
  • 6-njy oktýabr, ýekşenbe
  • 7-nji oktýabr, duşenbe
  • 8-nji oktýabr, sişenbe
  • 9-njy oktýabr, çarşenbe
  • 10-njy oktýabr, penşenbe
  • 11-nji oktýabr, anna
  • 12-nji oktýabr, şenbe
  • 13-nji oktýabr, ýekşenbe
  • 14-nji oktýabr, duşenbe
  • 15-nji oktýabr, sişenbe
  • 16-njy oktýabr, çarşenbe
  • 17-nji oktýabr, penşenbe
  • 18-nji oktýabr, anna
  • 19-njy oktýabr, şenbe
  • 20-nji oktýabr, ýekşenbe
  • 21-nji oktýabr, duşenbe
  • 22-nji oktýabr, sişenbe
  • 23-nji oktýabr, çarşenbe
  • 24-nji oktýabr, penşenbe
  • 25-nji oktýabr, anna
  • 26-njy oktýabr, şenbe
  • 27-nji oktýabr, ýekşenbe
  • 28-nji oktýabr, duşenbe
  • 29-njy oktýabr, sişenbe
  • 30-njy oktýabr, çarşenbe
  • 31-nji oktýabr, penşenbe
Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň — 2019
es19 sah. 98—108

Oktýabr

1-nji oktýabr, sişenbe

Biriňize akyldarlyk ýetmeýän bolsa, goý, ol Hudaýdan dilesin... Sebäbi Hudaý igenmän, hemmelere jomartlyk bilen berýändir. Ýak. 1:5

Ýehowa akyldarlygyň gözbaşy; ol bu häsiýetini başgalara-da jomartlyk bilen berýär. Munuň bir usuly Hudaýyň berýän terbiýesini kabul etmek. Hudaýyň berýän akyldarlygy bizi ahlak we ruhy taýdan goraýar (Sül. tym. 2:10—12). Bu bolsa «gözümizi ebedi ýaşaýşa dikip,.. özümizi Hudaýyň söýgüsinde saklamaga» kömek edýär (Ýahd. 21). Emma günälidigimiz, alan terbiýämiz we başga-da ýagdaýlar sebäpli, bize terbiýäni kabul etmek ýa-da oňa dogry garaýyşda bolmak aňsat däl. Muňa garamazdan, berilýän terbiýäniň peýdasyny görsek, Hudaýa bolan minnetdarlygymyz artar, sebäbi bu onuň söýgüsini aýan edýär. Süleýmanyň tymsallary 3:11, 12-nji aýatlarda: «Oglum, Rebbiň temmisini har... etme... çünki Reb söýýänini terbiýeleýändir» diýilýär. Şol sebäpli, geliň, Ýehowanyň bize diňe ýagşylyk isleýändigini unutmalyň (Ýew. 12:5—11). Hudaý biziň nähilidigimizi gaty gowy bilýär; ol elmydama ýerlikli we dogry terbiýe berýär. w18.03 sah. 28, abz. 1, 2

2-nji oktýabr, çarşenbe

Birek-birege... myhmansöýer boluň. 1 Pet. 4:9

Petrus resul Orta Aziýadaky dürli medeniýetden bolan ýygnaklaryň agzalaryna ýokardaky sözleri ýazýar. Olar «agyr synaglary» başdan geçirýärdiler. Şol kyn döwürde mesihçilere näme kömek etdikä? (1 Pet. 1:1; 4:4, 7, 12). Üns beren bolsaňyz, Petrus resul dogan-uýalary «birek-birege», ýagny köpden bäri tanaýan we gatnaşýan imandaşlaryna myhmansöýer bolmagy ündeýär. Myhmansöýer bolmagyň nähili peýdasy bar? Bu dogan-uýalary biri-birine ýakynlaşdyrýar. Oýlanyp görüň: Kimdir biri sizi myhmançylyga çagyranda, özüňizi nähili duýupdyňyz? Eýsem, ol sizde ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary galdyrmadymy? Ýygnagyňyzdaky käbir dogan-uýalar bilen gatnaşyk edip, dostlugyňyz has-da berkemedimi? Myhmansöýerlik dogan-uýalary has ýakyndan tanamaga kömek edýär. Petrusyň günlerinde ýaşan mesihçiler ýagdaýyň gitdigiçe erbetleşýändigi sebäpli biri-birine has-da ýakynlaşmalydylar. Şu «soňky günlerde» ýaşaýan mesihçiler hem bir-birine ýakynlaşmaly (2 Tim. 3:1). w18.03 sah. 14, 15, abz. 1—3

3-nji oktýabr, penşenbe

Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünýän adamlar bagtlydyr, çünki gökdäki Patyşalyk olaryňkydyr. Mat. 5:3

Mukaddes Ýazgylarda ruhy garaýyşdaky adamlaryň öwgä mynasypdygy aýdylýar. Rimliler 8:6-da bolsa ruhy garaýyşdaky adam barada: «Ten höwesleri barada pikirlenmeklik ölüme eltýär, ruhy zatlar barada pikirlenmeklik ýaşaýşa we parahatlyga eltýär» diýilýär. Biz ünsümizi ruhy zatlara gönükdirsek, häzirden Hudaý bilen parahatlygy saklap, kalbymyzda rahatlyk duýarys. Gelejekde bolsa ebedi ýaşaýşa gowşarys. Biz howply döwürde ýaşaýarys. Daş-töweregimizi diňe ten islegine görä ýaşaýan adamlaryň gurşap alandygy üçin, biz ruhy taýdan ösmäge jan etmeli we ruhy saglygymyzy hemişe goramaly. Eger adam ruhy taýdan gowşasa, onuň ahlak kadalara bolan garaýşy pese gaçýar we özüne zyýan ýetirýär. Ýahuda şeýle adamlaryň «Hudaýyň ruhy bolmadyk we düşünjesiz» bolýandyklaryny aýtdy (Ýahd. 18, 19). w18.02 sah. 19, abz. 5, 7; sah. 20, abz. 8

4-nji oktýabr, anna

Zalym we ýalançy adamlar... erbet işleri etmekde has-da ökdeleşerler. 2 Tim. 3:13

Saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň köpüsi ýokanç keselli adamlara kömek etmek üçin, olaryň arasynda işleýärler. Emma ýokanç kesel ýokuşmaz ýaly, olar özlerini goramaly bolýarlar. Şonuň ýaly biz hem Hudaýa mahsus bolmadyk garaýşy we häsiýetleri görkezýän adamlaryň arasynda ýaşaýarys hem-de olar bilen işleşmeli bolýarys. Elbetde, bu aňsat däl. Biz ahlak kadalarynyň gaty pese gaçan döwründe ýaşarys. Pawlus resul Timoteosa ýazan ikinji hatynda Hudaýdan daşlaşan adamlaryň bildirýän häsiýetleri barada agzap geçdi (2 Tim. 3:1—5). Şeýle häsiýetli adamlary görenimizde, özümizi gaty erbet duýsak-da, olaryň garaýşy we özüni alyp barşy bize-de täsir edip biler (Sül. tym. 13:20). Emma biz adamlara ruhy taýdan kömek edenimizde, olaryň erbet garaýşynyň täsirine düşmekden özümizi goramaly. w18.01 sah. 27, abz. 1, 2

5-nji oktýabr, şenbe

Ähli halklardan şägirt taýýarlaň. Olary... suwa çümdüriň. Mat. 28:19

B. e. 33-nji ýylynda ölümden direlen Isa 500-den gowrak erkek adama we aýallara görünýär. Olaryň arasynda hatda çagalar hem bolan bolmaly. Şonda ol ýokardaky sözleri aýdýar (1 Kor. 15:6). Isanyň bu tabşyrygyny ýüzlerçe şägirdi eşiden bolmaly. Ol şägirdi hökmünde boýuntyrygyny almak isleýän adamlaryň hökman suwa çümdürilmelidigini aýdyň görkezdi (Mat. 11:29, 30). Hudaýa ýaramly gulluk etmek isleýän her bir adam Isanyň Ýehowanyň niýetinde tutýan ornuna düşünmeli we ony kabul etmeli. Şondan soň ol suwa çümdürilip biler. Hudaý diňe şeýle suwa çümdürilmekligi makullaýar. Mukaddes Ýazgylarda I asyrda ýaşan Mesihiň şägirtleriniň suwa çümdürilmekligiň manysyna düşünendiklerini görkezýän ençeme wakalar bar. Dogrudanam, olar suwa çümdürilmekligi soňa goýmandyrlar (Res. iş. 2:41; 9:18; 16:14, 15, 32, 33). w18.03 sah. 5, abz. 8

6-njy oktýabr, ýekşenbe

Danyýel, sen jandan eziz söýülýänsiň. Dan. 10:11

Şu günler biz ýalan diniň dünýä imperiýasy bolan beýik Wawilonyň täsiri bilen ahlak we ruhy taýdan hapalanyp, «jynlaryň ýaşaýan ýerine öwrülen» dünýäde ýaşaýarys (Ylh. 18:2). Dünýädäki adamlardan tapawutlanýandygymyz üçin, biz hatda ýaňsylamalara-da sezewar bolýarys (Mar. 13:13). Geliň, Danyýel pygamber ýaly bizem Hudaýymyz Ýehowa ýakynlaşalyň. Pesgöwünlilik bilen Hudaýa bil baglasak, bizem onuň nazarynda gymmatly bolarys (Hag. 2:7). Biz Danyýeliň ene-atasynyň galdyran göreldesinden hem köp zatlary öwrenip bileris. Nämeleri? Danyýeliň çagalygy zalymlykdan doly Ýahuda ülkesinde geçse-de, ol ulalanda, Hudaýy söýýän adam bolup ýetişdi. Bu ene-atasynyň oňa gowy terbiýe berendigini görkezýär (Sül. tym. 22:6). Danyýeliň adynyň manysy «Hudaý meniň kazymdyr» diýmegi aňladýar. Bu bolsa onuň ene-atasynyň hudaýhon bolandygyny görkezýär (Dan. 1:6). Ene-atalar, sizem çagalaryňyzy terbiýeläniňizde ruhdan düşmäň, gaýtam, olara sabyrlylyk bilen öwrediň (Efes. 6:4). Şeýle-de çagalaryňyz bilen bile we olar üçin doga ediň. Eger siz çagalaryňyzyň ýüregine Mukaddes Ýazgylardaky hakykatlary guýmak üçin eliňizde baryny etseňiz, edýän tagallalaryňyzy bolluk bilen patalamaga Ýehowa mümkinçilik berersiňiz (Zeb. 37:5). w18.02 sah. 5, abz. 12; sah. 6, abz. 14, 15

7-nji oktýabr, duşenbe

Bize ähli zat Senden gelýär; Saňa Öz beren zadyňdan yzyna berýäris. 1 Ýyl. 29:14

Sowgatlary bermek bilen, biz Ýehowa sežde edýändigimizi görkezýäris. Ýahýa resul görnüşde Ýehowanyň gökdäki gullukçylarynyň: «Gudratygüýçli Hudaýymyz Ýehowa, sen şöhraty, hormaty, alkyşy almaga mynasypsyň. Sebäbi ähli zady sen ýaratdyň, olar seniň islegiň bilen ýaşaýandyr we döredilendir» diýendiklerini eşidýär (Ylh. 4:11). Bizem iň gowy zatlarymyzy Ýehowa hödür etmek bilen, onuň şöhrata we hormata mynasypdygyny görkezýäris. Ýehowa Musa pygamber arkaly ysraýyl halkyna ýylda üç baýramçylygy bellemegi tabşyrýar. Bu baýramçylyga olar «eli boş barmaly» däldiler (Kan. tag. 16:16). Şu günlerem Ýehowanyň guramasynyň ýerdäki bölegini höwes bilen goldamak üçin sowgatlary bermek hakyky seždäniň esasy bölegi hasaplanýar. w18.01 sah. 18, abz. 4, 5

8-nji oktýabr, sişenbe

Men size dynçlyk bereýin. Mat. 11:28

Isa: «Meniň boýuntyrygymy egniňize alyň... Sebäbi meniň boýuntyrygym ýumşak, ýüküm ýeňildir» diýdi (Mat. 11:29, 30). Nähili ýerlikli aýdylan sözler! Käte ýadawlyk sebäpli ýygnaga ýa-da wagza gitmek üçin özümize zor salmaly bolýarys. Ýöne öýe gelenimizden soň, özümizi nähili duýýarys? Isanyň aýdyşy ýaly, dynçlyk tapýarys we gündelik kynçylyklara döz gelmäge güýç toplaýarys. Dogrudan-da, Isanyň boýuntyrygy ýumşak! Kaýla atly uýa agyr ýadawlyk, göwnüçökgünlik we çakyza keselinden ejir çekýär. Şonuň üçin käte oňa ýygnak duşuşygyna barmak aňsat bolmaýar. Emma ol bir gezek özüne zor salyp, jemagat nutugyna baransoň, şeýle diýdi: «Men gaty ruhlandym. Dogan örän mähirli çykyş etdi, men aladamyň edilýändigini duýup, göz ýaşlarymy saklap bilmedim. Bu maňa ýygnak duşuşygyna barmagyň wajypdygyny ýene bir gezek ýatlatdy». Uýamyz ýygnak duşuşygyna barmak üçin tagalla edendigine, gör, nähili begenendir! w18.01 sah. 8, 9, abz. 6, 7

9-njy oktýabr, çarşenbe

Meniň bolsa aýaklarym tas sürçüpdi. Zeb. 73:2

Ogluňyz ýa-da gyzyňyz suwa çümdürilenden soň, käbir zatlar babatda şübhelenip başlasa näme? Meselem, ýaş mesihçini bu dünýä özüne çekip biler ýa-da Ýazgylardaky prinsiplere eýermegiň paýhaslydygyna şübhelenip başlamagy mümkin (Zeb. 73:1, 3, 12, 13). Şeýle ýagdaý ýüze çyksa, ene-atalar özüni alyp barşy bilen çagasyny hakykat ýoluna ýa çekip, ýa-da daşlaşdyryp biler. Çagaňyza gaharlanyp, oňa garşy gitmekden seresap boluň. Şeýle-de ony heniz ýaş ýa-da ýetginjek görüp, bu dörän ýagdaýa gözüňizi ýummaň. Ene-atanyň maksady çagasyny söýgi bilen goldamak we hakykat ýolunda ýeňiş gazanmaga kömek etmek bolmaly. Suwa çümdürilen ýaşlar Ýehowa özüni bagyş etmek bilen, wajyp karara geldiler. Şeýdip, olar Hudaýy söýýändigini we onuň islegini ähli zatdan ileri tutjakdygyny wada berdiler (Mar. 12:30). Ýehowa bu wadany gymmat saýýar, şonuň üçin wadany beren adam hem oňa sowuk-sala garamaly däl (Wag. 5:4, 5). w17.12 sah. 22, abz. 16, 17

10-njy oktýabr, penşenbe

Men (doganymyň) gelejekde direliş bolanda direljekdigini bilýärin. Ýah. 11:24

Marta ýaly, Ýehowanyň wepaly gullukçylary gelejekde direlişiň hökman boljakdygyny bilýärdiler. Bir gezek Ýehowa Ybraýyma ençeme ýyllap garaşyp ýeten ogly Yshak barada şeýle diýdi: «Ogluňy, ýalňyz ogluňy, söýgüli ogluň Yshagy al-da,.. ýakma gurbanlygy hökmünde hödür et» (Gel. çyk. 22:2). Bu sözleri eşidende, Ybraýymyň nähili duýgulary başdan geçirendigini göz öňüne getiriň! Ýehowa Ybraýyma ähli halklaryň onuň neslinden bereket tapjakdygyny wada beripdi (Gel. çyk. 13:14—16; 18:18; Rim. 4:17, 18). Şeýle-de onuň «Yshagyň nesli arkaly dowam etjekdigini» aýdypdy (Gel. çyk. 21:12). Eger Ybraýym Yshagy gurban getirse, bu sözler nädip ýerine ýeter? Pawlus resulyň aýtmagyna görä, Ybraýym pygamber Hudaýyň ogluny ölümden direldip biljekdigine ynanýardy (Ýew. 11:17—19). Ol oglunyň haçan direljekdigini bilmeýärdi. Ýöne Ýehowanyň ony gaýdyp berjekdigine berk ynanýardy. w17.12 sah. 5, 6, abz. 12—14

11-nji oktýabr, anna

Ähli adamlaryň ganyndan azatdyryn. Res. iş. 20:26

Bizem Pawlus resulyňky ýaly garaýşy ösdürmäge çalyşmaly. Ýehowa «hemmeleriň toba etmegini isleýär» (2 Pet. 3:9). Sizde-de şeýle isleg barmy? Eger rehimdarlygy ösdürseňiz, adamlara yhlas bilen wagyz etmäge islegiňiz artar we köp şatlyk taparsyňyz. Ýaşaýşa Ýehowanyň garaýşy ýaly garaýandygymyzy görkezmegiň ýene bir usuly — howpsuzlyk çärelerini görmek. Meselem, ulag sürenimizde, iş ýerimizde, hatda sežde edýän ýerlerimizde gurluşyk we abatlaýyş işlerine gatnaşanymyzda ýa-da ýöne bir görmäge baranymyzda, howpsuzlyk çärelerini görmegi unutmaly däl. Gurluşygyň hiline has köp üns berip, edilýän çykdajylary azaltjak ýa-da wagty tygşytlajak bolup, howpsuzlyk çärelerine we saglygyňyza hiç haçan sowuk-sala garamaň. Adalatly Hudaýymyz elmydama dogry we ýerlikli hereket edýär. Biz onuň göreldesine eýermek isleýäris. Ýaşulular hem özüniň, hem bile işleşýän adamlaryň howpsuzlygy barada alada etmäge çalyşýarlar (Sül. tym. 22:3). Olar size howpsuzlyk çäreleri we düzgünleri barada ýatlatsalar, maslahatyny kabul ediň (Gal. 6:1). Ýaşaýşa Ýehowa ýaly garasak, «bigünä ganyň astynda galmarys» (Kan. tag. 19:10). w17.11 sah. 16, abz. 11, 12

12-nji oktýabr, şenbe

Goý, hiç kim sizi aljak sylagyňyzdan mahrum etmesin. Kol. 2:18

Pawlus resul ýaly şu günler hem mesh edilen mesihçiler «Hudaýyň... berjek sylagyny» gymmat saýýarlar (Flp. 3:14). Olar Isa Mesih bilen bilelikde gökdäki Patyşalykda höküm sürjek we adamlara kämillige ýetmäge kömek etjek wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar (Ylh. 20:6). Hudaý olara, gör, nähili ajaýyp sylag taýýarlady! Başga goýunlar bolsa ýer ýüzünde ebedi ýaşamak sylagyny almaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Bu dogrudan-da ajaýyp umyt (2 Pet. 3:13). Mesh edilen mesihçiler wepaly galyp, sylag alar ýaly, Pawlus resul olara: «Pikiriňizi... gökdäki zatlara gönükdiriň» diýip maslahat berdi (Kol. 3:2). Olar gökdäki gymmatly mirasyny unutmaly däldiler (Kol. 1:4, 5). Ýehowanyň taýýarlan bereketleri barada oýlanmak mesihçilere ünsüni gökdäki ýa-da ýerdäki aljak sylagyna gönükdirmäge kömek edýär (1 Kor. 9:24). w17.11 sah. 25, abz. 1, 2

13-nji oktýabr, ýekşenbe

Ýehowa aýdym aýdyň. Zeb. 96:1, TD

«Ýehowa joşup aýdym aýdalyň» kitabymyzdaky aýdymlaryň köpüsi doga görnüşinde düzülen. Bu bize Ýehowa bolan duýgularymyzy beýan etmäge mümkinçilik berýär. Käbir aýdymlar bolsa dogan-uýalary «söýmäge we ýagşy işleri etmäge höweslendirýär» (Ýew. 10:24). Biz aýdymlaryň heňini, akymyny we sözlerini gowy bilmek isleýäris. Munuň üçin jw.org saýtymyzdaky aýdymlaryň wokal ýerine ýetirilişini diňläp bileris. Olary öýde aýdyp görsek, ýygnakda we kongreslerde ynamly hem-de ýürekden aýtmagy öwreneris. Ýehowa sežde edenimizde, aýdym aýtmagyň wajyp orun eýeleýändigini unutmalyň. Sebäbi bu Ýehowa bolan söýgimizi we minnetdarlygymyzy bildirmegiň iň gowy usullarynyň biridir (Iş. 12:5). Eger aýdymy joşup aýtsak, başgalar hem ony ynamly aýtmaga höweslener. Şonda ýygnaga gelen ýaşlaram, garrylaram, gyzyklanýanlaram agzybirlikde Ýehowa sežde ederler. Goý, şonuň üçin aýdym aýtmaga hiç zat size päsgel bermesin. w17.11 sah. 7, abz. 18, 19

14-nji oktýabr, duşenbe

Ýylanlar ýaly seresap we kepderiler ýaly sada boluň. Mat. 10:16

Gaçgaklaryň köpüsi öň wagyz işiniň çäklendirilen ýerinde ýaşaýardylar. Indi bolsa yhlasly dogan-uýalaryň kömegi bilen, olaryň müňlerçesi ilkinji sapar «Patyşalyk baradaky habary eşidýärler» (Mat. 13:19, 23). Ençeme «agyr ýükli adamlar» ýygnak duşuşyklaryna baryp, janlaryna aram tapýarlar. Olar: «Hudaý, hakykatdan-da, siziň bilendir» diýýärler (Mat. 11:28—30; 1 Kor. 14:25). Gaçgaklara wagyz edenimizde, «seresap» we «paýhasly» bolmaly (Sül. tym. 22:3). Olary sabyrly diňläň, ýöne syýasat bilen bagly gürrüňleri etmäň. Beýteliň we ýerli hökümetiň görkezmesine eýeriň; özüňizi-de, başgalary-da howply ýagdaýa salmakdan ägä boluň. Şeýle-de olaryň dini ynançlaryna we däp-dessurlaryna hormat goýuň. Meselem, käbir ýurtlarda, esasan-da, aýal maşgalanyň salykatly geýinmegi wajyp hasaplanýar. Şol sebäpli gaçgaklara wagyz edenimizde, egin-eşigimize ünsli bolmaly. w17.05 sah. 7, abz. 17, 18

15-nji oktýabr, sişenbe

Sözleriňiz ýakymly bolsun. Kol. 4:6

Biz iman etmeýän dogan-garyndaşlarymyz bilen gepleşenimizde, ruhuň miwesini görkezip biler ýaly, Ýehowadan güýç diläp bileris. Şeýle-de dawalaşmakdan gaça durmak üçin, ynanýan zatlarynyň ýalandygyny aýtmarys. Olar sözi ýa-da hereketi bilen göwnümize degseler, resullaryň göreldesine eýerip bileris. Pawlus resul: «Bize sögenleri patalaýarys; yzarlanlarynda, sabyrlylyk bilen çydaýarys; töhmet atanlarynda, ýumşaklyk bilen jogap berýäris» diýip ýazdy (1 Kor. 4:12, 13). Ýumşaklyk dogan-garyndaşlarymyzyň dilini tapmaga kömek etse-de, özümizi alyp barşymyz olara has-da güýçli täsir edip biler (1 Pet. 3:1, 2, 16). Şonda dogan-garyndaşlaryňyz Ýehowanyň Şaýatlarynyň maşgalasynyň agzybirdigine, çagalarynyň aladasyny edýändigine, ahlak we beden taýdan arassa ýaşap, manyly durmuş alyp barýandyklaryna göz ýetirer. Dogan-garyndaşlarymyz hakykaty kabul etmese-de, Ýehowa wepaly gulluk edip, onuň göwnünden tursak, hiç haçan şatlygymyzy ýitirmeris. w17.10 sah. 15, abz. 13, 14

16-njy oktýabr, çarşenbe

Hudaýyň halaýan adamy bolmak üçin eliňde baryňy et. 2 Tim. 2:15

Biz köp adamlaryň Hudaýyň Sözüni öwrenip, durmuşynda düýpli özgerişlik edýändigine geň galmalymy? Elbetde, ýok. Bu mysallar bize gökde ýaşamaga umydy bolan I asyrdaky dogan-uýalary ýatladýar (1 Kor. 6:9—11). Pawlus resul Hudaýyň Patyşalygyny miras almajak adamlar barada aýdansoň: «Siziň hem käbiriňiz şeýlediňiz» diýdi. Emma olar Ýazgylaryň we Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen durmuşyny özgerdip bildiler. Ýöne hakykaty kabul edensoňam, käbir mesihçiler ruhy taýdan aýgytly göreş alyp barmaly boldular. Meselem, Mukaddes Ýazgylarda I asyrda ýaşan mesh edilen bir mesihçiniň gatnaşykdan kesilip, soňra ýene-de dikeldilendigi barada agzalýar (1 Kor. 5:1—5; 2 Kor. 2:5—8). Eýsem, imandaşlarymyzyň Hudaýyň Sözüniň kömegi bilen agyr kynçylyklary ýeňmegi başarandygy bizi ruhlandyrmaýarmy? Elbetde, biz hem Hudaýyň Sözüni has gowy ulanmak isleýäris. w17.09 sah. 23, 24, abz. 2, 3

17-nji oktýabr, penşenbe

Biz diňe bir sözde ýa-da dilde däl, eýsem, iş ýüzünde we ýürekden söýmelidiris. 1 Ýah. 3:18

Adyl prinsiplere esaslanan söýgi (agape) Ýehowanyň sowgady hasaplanýar. Sebäbi ol onuň gözbaşy (1 Ýah. 4:7). Ol iň beýik söýgi bolup, mähirli we ýakymly duýgulary öz içine alýar. Şeýle söýgi öz bähbidiňi gözlemän ýagşylyk etmegi aňladýar. Bir kitapda aýdylmagyna görä, agape söýgüsi «diňe iş ýüzünde görkezilýär». Biz şeýle söýgini ösdürsek, ýaşaýşymyz manyly we şatlykly bolar. Ýehowa heniz Adam ata bilen How enäni ýaratmanka, adamlara söýgüsini görkezdi. Ol ýer şaryny adamlaryň diňe bir ebedi däl-de, eýsem, ýaşaýyşdan lezzet alyp ýaşamagy üçin ýaratdy. Ýehowa muny öz bähbidi üçin däl-de, biziň peýdamyza etdi. Ol ýer ýüzündäki Jennetde ebedi ýaşamagy üçin çagalaryny patalap, ýürekden söýýändigini görkezdi. w17.10 sah. 7, abz. 1, 2

18-nji oktýabr, anna

Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý. Ýak. 2:8

Ýakup şägirt sözüni dowam edip: «Adamlary ala tutýan bolsaňyz, günä edýärsiňiz» diýdi (Ýak. 2:9). Söýgi häsiýeti bizi adamyň bilimine, milletine, tire-taýpasyna ýa-da derejesine garap baha bermekden gaça durmaga höweslendirýär. Emma hiç kimi ala tutmazlyk ýöne bir ýüz görmezlikden has köp zady aňladýar. Ol durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi bolmaly. Ýazgylarda: «Söýgi sabyrlydyr, mähirlidir... tekepbirlik edýän däldir» diýilýär (1 Kor. 13:4). Dogrudan-da, adamlara Patyşalyk habaryny aýtmak üçin sabyrlylyk, mähribanlyk we pesgöwünlilik gerek (Mat. 28:19). Bu häsiýetler ähli dogan-uýalar bilen oňşukly ýaşamaga kömek edýär. Eýsem, şeýle söýgi sylaglanýarmy? Ýygnagymyzyň agzybirligi Ýehowa şöhrat getirýär we adamlary guramamyza çekýär. Şol sebäpli Ýazgylarda täze häsiýetleriň biri bolan söýgi hakda: «Bulardan başga-da söýgi häsiýetine geýniň, sebäbi ol adamlary doly agzybir edýändir» diýilmegi örän ýerlikli (Kol. 3:14). w17.08 sah. 26, abz. 18, 19

19-njy oktýabr, şenbe

Ýehowa... olara gaýta-gaýta duýduryş berdi. Sebäbi onuň öz halkyna... ýüregi awaýardy. 2 Ýyl. 36:15

Bizem günäli işlerine toba edip, Hudaýyň razylygyny gazanan adamlara duýgudaş bolmaly dälmi näme?! Ýehowa höküm gününde hiç kimiň heläk bolmagyny islemeýär (2 Pet. 3:9). Şol sebäpli zalymlar ýok edilýänçä, geliň, onuň duýgudaş Hudaýdygy barada wagyz etmegimizi dowam edeliň. Isa-da duýgudaşlyk bildirmekde gowy görelde galdyrdy. «Ol uly märekäni görüp, olara ýüregi awady, sebäbi olar çopansyz goýunlar ýaly alaçsyz we pytraňňydy». Isanyň olara diňe bir ýüregi awaman, eýsem, «köp zatlary öwredip başlady» (Mat. 9:36; Mar. 6:34). Onuň garaýşy adamlara kömek etmek islemeýän fariseýleriňkiden düýbünden tapawutlanýardy (Mat. 12:9—14; 23:4; Ýah. 7:49). Siz hem Isa ýaly ruhy taýdan aç adamlara kömek etmek isleýärmisiňiz? w17.09 sah. 9, abz. 6; sah. 10, abz. 9

20-nji oktýabr, ýekşenbe

Meniň edenimi ýatyryp biljek barmy? Iş. 43:13

Ýusup Müsürde zyndanda otyrka, azatlyga çykyp, ýurtda patyşadan soň ikinji adam bolaryn ýa-da maşgalamy açlykdan halas etmek üçin, Ýehowa şeýle zatlara ýol berendir öýdüp pikirem eden däldir (Gel. çyk. 40:15; 41:39—43; 50:20). Ýehowa Ýusuba garaşanyndanam has köp zatlary etdi. Sara hem Ýehowanyň ogul berjekdigi hakda pikirem eden däldir. Dogrudan-da, Yshagyň dünýä inmegi Sara üçin garaşylmadyk sowgatdy (Gel. çyk. 21:1—3, 6, 7). Elbetde, biz täze dünýä gelýänçä, Ýehowanyň ähli kynçylyklarymyzy gudrat bilen aýyrmajakdygyna düşünýäris; biz durmuşymyzda tolgundyryjy wakalaryň bolmagyna-da garaşmaýarys. Ýöne Hudaýymyz Ýehowanyň gullukçylaryna täsin tärde kömek edýändigini bilýäris (Iş. 43:10—12). Ol islegini doly amala aşyrmagymyz üçin bize ýeterlik güýç berýär (2 Kor. 4:7—9). Eger Ýehowa wepaly galsak, ol bize ýeňip bolmaýan ýaly bolup görünýän kynçylyklara döz gelmäge kömek eder. w17.08 sah. 11, 12, abz. 13, 14

21-nji oktýabr, duşenbe

Her işde Ýehowa bil bagla, Ol ýetirer maksadyňa. Sül. tym. 16:3, TD

Pioner gullugy başga pionerler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik berýär we ruhy taýdan ösen mesihçi bolmaga ýardam edýär. Şeýle gulluga gatnaşýan mesihçileriň köpüsi durmuş guranda-da köp peýda getirýändigini aýdýarlar. Köplenç pioner bolup gulluk eden dogan-uýalar durmuş gurandan soň, ýanýoldaşy bilen bu gullugy dowam edýärler (Rim. 16:3, 4). Maksat goýanyňda, ýüregiňi hem taýýarlamaly. Zebur 20:4-de Ýehowanyň «ýürek arzuwlaryňy hasyl edýändigi, ähli niýetleriňe ýetirýändigi» aýdylýar. Şonuň üçin gelejegiňiz barada oýlanyň. Ýehowanyň şu günler näme edýändigi we muňa nädip öz goşandyňyzy goşup biljekdigiňiz hakda pikirleniň; soňra Oňa ýaraýan işleri ediň. Uzak wagtly gullugy ýerine ýetirmek örän ýakymly, sebäbi bu Ýehowa şöhrat getirýär. Hawa, Ýehowada «keýplenseň, Ol ýürek arzuwlaryňy saňa berer» (Zeb. 37:4). w17.07 sah. 26, abz. 15—18

22-nji oktýabr, sişenbe

Ýaha alkyş aýdyň!.. Ony wasp etmek ýakymlydyr, Ol muňa mynasypdyr. Zeb. 147:1, TD

Adatça, tabşyrygy gowy ýerine ýetirýän ýa-da Ýehowa mahsus häsiýetleri görkezýän adamy öwýärler. Eger şeýle adamlar öwgä mynasyp bolsa, onda Ýehowa Hudaý oňa has-da köp mynasyp dälmi näme?! Ýaradylan zatlara syn edip, Ýehowanyň beýik güýji ýa-da Oglunyň töleg gurbany arkaly bildiren mähirli söýgüsi hakda oýlansak, ony şöhratlandyrmaga höwesimiz artar. 147-nji mezmurdan ony ýazan adamyň Ýehowany şöhratlandyrmak isländigini görse bolýar. Ol başgalary hem Hudaýa sena etmäge çagyrýar (Zeb. 147:7, 12). Biz bu mezmury kimiň ýazandygyny anyk bilmeýäris. Emma onuň ysraýyl halkynyň Wawilondan çykyp, Iýerusalime gelen döwründe ýaşandygyny bilse bolýar (Zeb. 147:2). Mezmurçy Hudaýyň halkynyň hakyky seždäni dikeltmek üçin dolanandygyny görüp, Ýehowany şöhratlandyrmaga höweslenýär. Ýehowany şöhratlandyrmaga bizde-de nähili sebäpler bar? (Zeb. 147:1). w17.07 sah. 17, abz. 1—3

23-nji oktýabr, çarşenbe

Dünýäniň baýlygy arkaly özüňize dost ediniň. Sebäbi baýlygyňyz tükenende, olar sizi ebedi ýere kabul ederler. Luka 16:9

Isa mesihçileriň köpüsiniň eklenmek üçin şu adalatsyz dünýäde söwda-satyk işleri bilen meşgullanmaly boljakdygyny aýtdy. Isa dünýäniň baýlygyna näme üçin «nähak» diýendigini aýtmasa-da, Mukaddes Ýazgylardan söwda-satyk işleriniň Hudaýyň niýetinde ýokdugyny bilýäris. Ýehowa Erem bagynda Adam ata bilen How enäniň zerurlyklaryny artygy bilen kanagatlandyrypdy (Gel. çyk. 2:15, 16). I asyrda mesh edilen mesihçilere mukaddes ruh täsir edende, olar «hatda zatlaryny özüniňki hasaplamaýardylar, gaýtam, olary başgalar bilen paýlaşýardylar» (Res. iş. 4:32). Işaýa pygamber ähli adamlaryň ýeriň baýlygyny arkaýyn ulanyp biljek döwri barada aýdypdy (Iş. 25:6—9; 65:21, 22). Emma häzirlikçe Isanyň şägirtleri Hudaýyň göwnünden turup, dünýäniň «nähak baýlygyny» dogry ulanmak üçin «paýhasly hereket etmeli» (Luka 16:8). w17.07 sah. 8, abz. 4—6

24-nji oktýabr, penşenbe

Bolýar, goý, Eýýubyň ähli zady seniňki bolsun. Eýp. 1:12

Hökümdarlyk meselesiniň wajypdygy Eýýup kitabyndan görünýär. Şeýtan Eýýup pygamber horluk çekse, Hudaýdan ýüz öwürjekdigini aýtdy. Ol Hudaýa Eýýup pygamberi synamagy teklip edýär. Emma Ýehowa Şeýtanyň teklibini kabul etmeýär. Gysga wagtyň içinde Eýýup hyzmatkärlerini, emlägini we eý görýän 10 çagasyny ýitirýär. Şeýtan hamala Eýýup şeýle kynçylyklara Hudaý tarapyn uçran ýaly edip görkezýär (Eýp. 1:13—19). Soňra Şeýtan ony agyr we elhenç kesele sezewar edýär (Eýp. 2:7). Aýalynyň we üç dostunyň gyjalat bermegi bolsa, Eýýubyň derdini has-da agyrlaşdyrýar (Eýp. 2:9; 3:11; 16:2). Eýýup bilen bolan wakanyň soňy näme bilen tamamlandy? Şeýtanyň aýyplamasy ýalan bolup çykdy. Sebäbi Eýýup Hudaýdan ýüz öwürmedi (Eýp. 27:5). w17.06 sah. 24, abz. 9, 10

25-nji oktýabr, anna

Maşgala agzalarynyň aladasyny etmeýän adam imandan dänendir. 1 Tim. 5:8

Maşgalabaşylar Ýazgylara görä maşgalasynyň maddy taýdan aladasyny etmelidigine düşünýärler.Olar bu borjuny ýerine ýetirmek üçin agyr zähmet çekmeli. Emma şu soňky günlerde iş meselesi köpleri alada goýýar. Işsizligiň köpelýändigi üçin, köp adamlar az hak tölense-de, artykmaç sagat işlemäge kaýyl bolýarlar. Şeýle-de açgöz kärhanalar öndürýän önüminiň möçberini hemişe artdyrýarlar. Bu bolsa işçileriň beden, pikir we duýgy taýdan ejir çekmegine getirýär. Eger olar razylaşmasalar, işini ýitirip bilýärler. Biz, mesihçiler başlygymyza däl-de, öňürti Ýehowa Hudaýa wepaly bolmaly (Luka 10:27). Dünýewi iş bize özümizi eklemäge we gullugymyzy dowam etmäge mümkinçilik berýär. Ýöne seresap bolmasak, ol Hudaýa edýän seždämiziň ornuny eýeläp biler. w17.05 sah. 23, abz. 5—7

26-njy oktýabr, şenbe

Ataňy diňle, ol seni dünýä inderdi; garran mahaly eneňi kemsitme. Sül. tym. 23:22

Käte täze wagyzçylar çagalaryna hakykaty öwretmek babatda ruhy taýdan ösen dogan-uýalardan kömek soraýarlar. Ene-atalar dogan-uýalaryň birinden çagalary bilen okuw geçmegi haýyş etseler-de, öz jogapkärçiligini olaryň üstüne atmaly däl (Efes. 6:1—4). Käbir ýagdaýlarda dogan-uýalardan ene-atasy hakykat bilen gyzyklanmaýan çagalara okuw geçmegi haýyş edýärler. Olar çaga ruhy taýdan kömek etseler-de, onuň ene-atasy däldigini unutmaly däl. Şol sebäpli olar okuwy çaganyň ene-atasynyň, ruhy taýdan ösen dogan-uýanyň ýanynda ýa-da başgalaryň görüp biläýjek ýerinde geçse paýhasly bolar. Şonda hiç kim olar hakda nädogry pikir etmez. Hudaý çagalaryň ruhy taýdan aladasyny etmek jogapkärçiligini ene-atalara berdi we olaryň bu borjuny öz wagtynda ýerine ýetirmegine garaşýar. w17.06 sah. 8, abz. 15, 16

27-nji oktýabr, ýekşenbe

Eger aýdylýan zatlara... düşünmeýän bolsam... ol meniň üçin başga ýurtdan gelen adam ýalydyr. 1 Kor. 14:11

Eger çaga ene-atasynyň medeniýetini bilmese, olaryň dilini, hatda dini ynançlaryny hem inkär etmegi mümkin. Mesihçi ene-atalar çagalarynyň ruhy zerurlyklaryny öz isleginden ileri tutýarlar (1 Kor. 10:24). Samuel dogan şeýle gürrüň berýär: «Aýalym ikimiz çagalarymyza ruhy taýdan ösmäge haýsy diliň kömek edip biljekdigi hakda oýlanýardyk we Hudaýdan akyldarlyk sorap doga edýärdik... Biz çagalarymyzyň ene dilimizdäki ýygnakdan känbir peýda almaýandyklaryna göz ýetirdik. Şol sebäpli ýerli halkyň dilindäki ýygnaga geçmegi makul bildik. Biziň ählimiz bile ýygnaga barýardyk we wagyz edýärdik. Şeýle-de ýerli dogan-uýalary myhmançylyga çagyrýardyk we bile dynç alyşa gidýärdik. Bularyň bary çagalarymyza dogan-uýalary has ýakyndan tanamaga, Ýehowany bolsa ýöne bir Hudaý däl-de, gökdäki Atasy we ýakyn Dosty hökmünde kabul etmäge kömek etdi. Biz muny çagalarymyza ene dilini öwretmekden has wajyp hasaplaýarys». w17.05 sah. 10, abz. 11—13

28-nji oktýabr, duşenbe

Ýehowany şöhratlandyryň! Ser. 5:2, TD

Tizden ýer ýüzüni Ýehowanyň hökümdarlygyny islendik zatdan ileri tutýan adamlar miras alar. Biz şol güne sabyrsyzlyk bilen garaşýarys! Debora bilen Baragyň nagmasyna goşulyp, bizem: «Goý, seniň duşmanlaryň hemmesi şeýdip ýok bolsun, ýa Rebbim! Seni söýýänler bar güýji bilen şöhle saçýan Gün ýaly güýçli bolsun!» diýýäris (Ser. 5:31). Ýehowa Şeýtanyň zalym dünýäsini ýok edende, şu sözler amala aşar. Armageddon urşy başlanda, duşmanlary ýok etmek üçin meýletin söweşe çykjak adamlar gerek bolmaz. Şonda biz «garaşyp, Rebbiň berjek ýeňşini göreris» (2 Ýyl. 20:17). Şol gün gelýänçä, geliň, Ýehowanyň işini batyrgaýlyk we yhlas bilen goldamak üçin elimizde baryny edeliň! «Meýletin söweşe çykan halk üçin Ýehowany şöhratlandyryň!» Debora bilen Barak ýeňiş aýdymyny perişdeleri ýa-da adamlary däl-de, älem-jahanyň beýik Hökümdaryny şöhratlandyrýan sözler bilen başladylar (Ser. 5:1, 2). Goý, biziňem janaýamazlyk ruhumyz başgalary «Ýehowany şöhratlandyrmaga» höweslendirsin! w17.04 sah. 32, abz. 17, 18

29-njy oktýabr, sişenbe

Şu ýerde-de, Müsürde zyndana taşlanar ýaly, men hiç hili günä etmedim. Gel. çyk. 40:15

Ýusup ejir çeken günlerini ýatdan çykarmasa-da, 13 ýyllap görgi baryny görse-de, ýüreginiň gatamagyna ýol bermedi (Gel. çyk. 45:5—8). Esasan-da, adamlaryň bikämilligine we eden erbet işlerine Ýehowa bilen gymmatly gatnaşygyna täsir etdirmedi. Ol Ýehowa wepaly galyp, meseläni onuň eline tabşyrdy we adalatsyzlygy nädip çözendigini gördi. Netijede, Ýehowa Ýusuby-da, onuň maşgalasyny-da patalady. Bizem Ýehowa bilen dostlugymyzy gymmat saýmaly we goramaly. Dogan-uýalaryň bikämilligi sebäpli özümizi Ýehowanyň söýgüsinden we oňa edýän gullugymyzdan mahrum etmäliň! (Rim. 8:38, 39). Imandaşymyz zerarly adalatsyzlyga uçran bolsak, Ýusubyň göreldesine eýerip, Ýehowa has-da ýakynlaşalyň we dörän kynçylygy onuň eline tabşyralyň. Biz kynçylygy Ýazgylar esasynda çözmek üçin elimizde baryny edenimizden soň, bar zady Ýehowa tabşyrmaly we onuň ähli zady öz wagtynda adalatly çözjekdigine ynanmaly. w17.04 sah. 20, abz. 12; sah. 22, abz. 15, 16

30-njy oktýabr, çarşenbe

Bir ogul berseň, Ýehowa, ony saňa bereýin. Ol bütin ömrüne saňa gulluk eder. 1 Şam. 1:11, TD

Hanna Hudaýa beren sözüni berjaý etdi. Ol başgaça hereket etmek barada asla pikirem etmedi. Ol Şamuweli Şilodaky çadyrda gulluk edýän baş ruhany Eliniň ýanyna getirip: «Ine, şu çaga üçin dileg edipdim. Reb meniň dilegimi kabul etdi. Şoňa görä men ony Rebbe berýärin. Goý, ol tä ömri ötýänçä, Rebbiň hyzmatynda bolsun» diýdi (1 Şam. 1:24—28). «Şamuwel bolsa Rebbiň huzurynda ösüp ulalýardy» (1 Şam. 2:21). Bu Hanna üçin aňsat bolmady. Ol eý görýän çagasyny indi her gün görüp bilmejekdigine düşünýärdi. Hanna ogluna seredip, ony mähir bilen bagryna basan, naharlan we bile oýnan günlerini ýatlan bolmaly. Ol şonda-da Hudaýa beren sözünden dänmedi. Gaýtam, kalbynda şatlyk duýýardy (1 Şam. 2:1, 2; Zeb. 61:1, 5, 8). w17.04 sah. 5, abz. 7, 8

31-nji oktýabr, penşenbe

Emma soňky günlerde juda kyn döwrüň boljakdygyny bilip goý. 2 Tim. 3:1

Pawlus resul «soňky günlerde juda kyn döwrüň boljakdygyny» aýdandan soň: «Zalym we ýalançy adamlar... erbet işleri etmekde has-da ökdeleşerler» diýip ýazdy (2 Tim. 3:2—5, 13). Siz bu sözleriň şu günler ýerine ýetýändigini görýärmisiňiz? Köpümiz zalym, dine köre-körlük bilen uýýan adamlaryň ýa-da rehimsiz jenaýatçylaryň pidasy bolandyrys. Olaryň käbiri aç-açan hüjüm etse, başgalary erbet işlerini ýaşyrmak ýa-da özlerini dogruçyl edip görkezmek üçin mekirlige ýüz urýarlar. Biz şeýle zatlaryň pidasy bolmasak-da, zalym adamlaryň täsirini duýýarys. Olaryň edýän elhenç işlerini eşidenimizde, gaty erbet bolýarys. Hasam çagalar, garrylar we ejiz adamlar olaryň elinden zyýan çekýärler. Olar adama däl-de, haýwanlara we jynlara mahsus bolan häsiýetleri bildirýärler (Ýak. 3:15). Ýehowanyň Sözünde gowy habaryň bardygy kalbymyza rahatlyk berýär. w17.04 sah. 10, abz. 4

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş