Noýabr
1-nji noýabr, anna
Hudaýyň islegine garşy gelýän zatlardan we dünýäniň höweslerinden ýüz öwrüň, sagdyn düşünjeli boluň, dogrulykda ýaşaň hem-de Hudaýa wepaly boluň. Tit. 2:12
Özüňi terbiýelemek häsiýetleriňi we pikiriňi gowulandyrmak üçin özüňe erk etmekligi aňladýar. Biz özümizi terbiýelemek ukyby bilen dogulmaýarys. Muny wagtyň geçmegi bilen öwrenýäris. Ene-atalar çagalaryny «Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi bilen ulaldanda», sabyrly bolsalar hem-de muny yzygiderli etseler, çagalaryna özüni terbiýelemek endigini ösdürip, paýhasly bolmaga kömek ederler (Efes. 6:4). Bu prinsipler Ýehowany uly ýaşda tanan adamlara-da degişli. Mümkin, olar belli bir derejede özlerini terbiýelemegi eýýäm öwrenendirler. Emma ýaňy Mesihiň şägirdi bolan adamlara ruhy taýdan ýetişen mesihçi diýip bolmaz. Olar Mesihe mahsus bolan «täze häsiýetlere geýnip», ruhy taýdan ösen adam bolup biler (Efes. 4:23, 24). Munuň üçin özüňi terbiýelemek örän wajyp. w18.03 sah. 29, abz. 3, 4
2-nji noýabr, şenbe
Myhmansöýerligi unutmaň. Rim. 12:13
Biz ruhy nahardan iýmitlenmek üçin ýygnak duşuşyklarymyza gelýän ähli adamlary mähir bilen garşy alýarys. Ýehowa we onuň guramasyna öý eýesi diýse bolýar (Rim. 15:7). Ýygnaga täze adamlar gelende, bizem olar üçin öý eýeleri ýaly bolýarys. Onda geýnişine we daş keşbine garamazdan, olary mähirli garşylasak gowy bolmazmy? (Ýak. 2:1—4). Gelen adam hiç kimi tanamaýan bolsa, onuň ýanynda oturyň. Mümkin, siz oňa duşuşykda aýdylýan zatlary yzarlamaga we Ýazgylardaky aýatlary tapmaga kömek edersiňiz. Bu siziň hakykatdanam «myhmansöýerdigiňizi» görkezer. Başga ýygnakdan doganlar jemagat nutugy bilen çykyş etmäge gelende ýa-da etrap gözegçileri we ýerli filialyň wekilleri ýygnagymyzy idände, olara myhmansöýerlik bildirmäge mümkinçilik bolýar (3 Ýah. 5—8). Munuň gowy usuly olara çaý-suw ýa-da nahar hödür etmek. Muny nädip edip bileris? w18.03 sah. 15, abz. 5, 7
3-nji noýabr, ýekşenbe
Meniň suwa çümdürilmegime näme päsgel berýär? Res. iş. 8:36
Geliň, bir waka seredeliň. Bu waka mesihçileri yzarlan we Hudaýa bagyş edilen halkdan bolan ýehudy bilen bolupdy. Ýehudylar Ýehowa bilen ýakyn dostlukly gatnaşygyny ýitiripdiler. Ol adam ýehudylaryň däp-dessurlaryny yhlasly berjaý edýärdi. Ýöne indi ol has wajyp hakykaty bilýär. Oňa ölümden direlen we şöhratlanan Isa Mesih görnüp, gürleşýär. Ol muňa nähili seslenýär? Ol Hananýa atly şägirdiň kömegini höwes bilen kabul edýär. Bu adam hakda Mukaddes Ýazgylarda: «Soňra turup, suwa çümdürildi» diýilýär (Res. iş. 9:17, 18; Gal. 1:14). Mümkin, siz şol ýehudynyň soňra Pawlus resul ady bilen tanalandygyny bilýänsiňiz. Oýlanyp görüň, ol Isanyň Hudaýyň niýetinde tutýan orny baradaky hakykaty bilende, ony minnetdarlyk bilen kabul edip, soňa goýman suwa çümdürilýär (Res. iş. 22:12—16). Şu günlerem okuw geçýän adamlar ýaş ýa-da gartaşandygyna garamazdan, özüni Hudaýa bagyş edýärler we suwa çümdürilýärler. w18.03 sah. 5, 6, abz. 9—11
4-nji noýabr, duşenbe
Men size ruhy adamlara ýüzlenişim ýaly ýüzlenip bilmeýärin. 1 Kor. 3:1
Ýakup pygamber ýaly biziň köpümize şu günler ýaşamak aňsat däl. Ol ten islegine görä ýaşaýan dogany Esaw bilen oňşup ýaşamaly bolýardy. Esaw ony öldürmek hem isledi. Şeýle-de Ýakup öz bähbidi üçin ençeme gezek aldan gaýynatasy bilen iş salyşmaly bolýardy. Ol «ten islegine görä ýaşaýan» adamlaryň arasynda-da ruhy garaýşyny saklamagy başardy (1 Kor. 2:14—16). Ýakup Ýehowanyň Ybraýym pygambere beren wadasyna iman edýärdi we maşgala agzalarynyň aladasyny edip ýaşaýardy. Sebäbi olar Hudaýyň ajaýyp niýetinde wajyp orun tutmalydy (Gel. çyk. 28:10—15). Ýakubyň sözlerinden we hereketinden Hudaýyň kadalaryna hem-de islegine görä ýaşaýandygyny aýdyň görse bolýar. Meselem, dogany Esaw howp salanda, Ýakup Hudaýa şeýle doga edipdi: «Ýalbarýaryn, meni... halas et... Sen maňa: „Men saňa ýagşylyk ederin, seniň nesliňi deňiz ýakasyndaky san-sajaksyz çägeler deý köpelderin“ diýipdiň» (Gel. çyk. 32:6—12). Ol Ýehowanyň wadasyna iman edip, Hudaýyň islegine hem-de niýetine laýyk ýaşamak isleýärdi. w18.02 sah. 20, abz. 9, 10
5-nji noýabr, sişenbe
Eýýup akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdyr. Eýp. 1:8
Eýýubyň durmuşyndan köp zatlary öwrenip bileris. Synaglara uçramazdan öň, «ol ähli gündogarlylaryň arasynda iň baýydy» (Eýp. 1:3). Şeýle-de ol örän tanymaldy we hormatlanýan adamdy (Eýp. 29:7—16). Muňa garamazdan, Eýýup kiçigöwünlidi we Hudaýa sygynyp ýaşaýardy. Şonuň üçin Ýehowa oňa «gulum» diýýärdi. Şeýtan Eýýuby Hudaýdan ýüz öwürtjek bolup, ençeme ýowuz kynçylyklara sezewar edýär (Eýp. 1:13—21). Soňra üç dosty gelip, göwünlik bermegiň deregine, şeýle betbagtçylyklaryň Hudaý tarapyn bolýandygyny aýdyp, ýüregini agyrdýarlar (Eýp. 2:11; 22:1, 5—10). Eýýup şonda-da Hudaýa wepaly galýar. Synaglarda wepaly galansoň, Ýehowa onuň baýlygyny iki esse köpeltdi we ýene 140 ýyl ömür berdi (Ýak. 5:11). Ol Ýehowa bütin ýüregi bilen gulluk etmegini dowam etdi. w18.02 sah. 6, abz. 16; sah. 7, abz. 18
6-njy noýabr, çarşenbe
Adamlar... öwünjeň, tekepbir... gopbamsy bolar. 2 Tim. 3:2, 4
Adamlar ukybyna, daş keşbine, baýlygyna we wezipesine buýsanyp, özlerini köplenç başgalardan ýokary tutýarlar. Olar özlerini öwüp, arşa çykarýarlar. Bir alym özüni ulumsylyga aldyran adam barada şeýle diýdi: «Onuň ýüreginde bir kiçijik seždegäh bar ýaly; ol hamala şoňa, ýagny öz-özüne sežde edýär». Käbirleriniň aýtmagyna görä, ulumsylyk şeýle bir ýakymsyz zat welin, ony hatda tekepbir adamlaryň özlerem halamaýar. Ýehowa ulumsylygy we «tekepbir gözleri» ýigrenýär (Sül. tym. 6:16, 17). Ulumsylyk häsiýeti Hudaýa ýakynlaşmaga päsgel berýär (Zeb. 10:4). Sebäbi ol Iblise mahsus häsiýet (1 Tim. 3:6). Gynansak-da, Ýehowanyň käbir wepaly gullukçylary hem ulumsylygyň täsirine düşdüler. Meselem, Ýahudanyň patyşasy Uzyýa Ýehowa ençeme ýyl wepaly gulluk etse-de, Mukaddes Ýazgylarda: «Uzyýa kuwwatlananda, gopbamsylyk edip, heläkçilige uçrady. Ol Hudaýy Rebbe haýynlyk etdi, ol ýakymly ysly tütetgi sypasynda tütetgi ýakmak üçin Rebbiň ybadathanasyna girdi» diýilýär. Hizkiýa patyşa hem az wagtlyk gopbamsylygyň duzagyna düşdi (2 Ýyl. 26:16; 32:25, 26). w18.01 sah. 28, abz. 4, 5
7-nji noýabr, penşenbe
Her kim ýagdaýyna görä göwnünden çykaranyny aýryp goýsun. 1 Kor. 16:2
Mukaddes Ýazgylarda agzalýan wakalar sowgat bermegiň wajypdygyny görkezýär. Hudaýyň gullukçylary gurluşyk işlerine öz goşandyny goşýardylar (Müs. çyk. 35:5; 2 Pat. 12:4, 5; 1 Ýyl. 29:5—9). I asyrdaky mesihçiler bolsa açlygyň boljakdygyny bilenlerinde, şägirtleriň hersi başardygyndan Ýahudadaky doganlary goldamagy ýüregine düwdüler (Res. iş. 11:27—30). Berilýän sadakalar dürli ýollar bilen ýygnalýardy. I asyrda ýaşan mesihçileriň käbiri öz mellegini ýa-da öýüni satyp, puluny resullara getirip berýärdiler. Resullar hem olary mätäç adamlara paýlaýardylar (Res. iş. 4:34, 35). Başgalar bolsa ruhy işleri goldamak üçin ýörite pul üýşürýärdiler. Görşümiz ýaly, Hudaýyň halky gaty gurply ýaşasa-da, juda garyp bolsa-da, hemişe bar zadyny paýlaşýardy (Luka 21:1—4). w18.01 sah. 18, abz. 7; sah. 19, abz. 9
8-nji noýabr, anna
Hatda ýaşlar-da ysgyndan gaçyp, ýadaýarlar. Iş. 40:30
Biz nähili ukyply bolsak-da, öz güýjümize daýanyp bilmeris. Muny hemmämiziň bilmegimiz gerek. Meselem, Pawlus resul örän ukyply bolsa-da, islän ähli zadyny edip bilmeýärdi. Ol bu babatda biynjalyk edýän zadyny aýdanda, Ýehowa oňa: «Ejizlikleriň arkaly meniň güýjüm doly aýan bolýandyr» diýdi. Pawlus bu sözleriň manysyna düşündi. Şol sebäpli: «Men ejiz wagtym güýçlüdirin» diýdi (2 Kor. 12:7—10). Eýsem, Pawlus nämäni göz öňünde tutduka? Pawlus köp zatlary öz güýji bilen hem edip biljekdigine düşünýärdi. Emma Hudaýyň mukaddes ruhy onuň başarmajak we ömründe edip bilmejek ýumşuny berjaý etmäge güýç hem-de ukyp berdi. Biz barada-da şeýle diýse bolar. Ýehowanyň güýji bilen biz köp zatlary başararys! w18.01 sah. 9, abz. 8, 9
9-njy noýabr, şenbe
Sen mukaddes ýazgylary bäbeklikden bilýärsiň, olar halas bolmagyň üçin seni akyldar edip bilýär. 2 Tim. 3:15
Çagaňyz suwa çümdürilmek barada gyzyklansa, Ýehowanyň guramasynyň ene-atalar üçin berýän esbaplaryny ulansaňyz gowy bolar. Şonda siz olara Ýehowa özüňi bagyş edip, suwa çümdürilmäge çynlakaý garamalydygyny we munuň bol bereketleri getirýändigini düşündirip bilersiňiz. Ene-atalar, siz çagalaryňyzy «Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi bilen ulaltmagy» uly jogapkärçilik we şol sanda hormat saýýansyňyz (Efes. 6:4). Çagalara Mukaddes Ýazgylaryň diňe bir näme diýýändigini öwretmän, eýsem, öwrenen zatlaryna ynamyny artdyrmaga kömek etmeli. Hawa, özüni Ýehowa bagyş edip, oňa bütin ýüregiň bilen gulluk etmek üçin, olar iman edýän zatlaryna ynamly bolmaly. Goý, Ýehowanyň Sözi, mukaddes ruhy we siziň tagallaňyz çagalaryňyzy «halas bolmagy üçin akyldar etsin»! w17.12 sah. 22, abz. 17, 19
10-njy noýabr, ýekşenbe
Ahyrzaman güni täzeden direlip, sylag-serpaýyňy alarsyň. Dan. 12:13
Takmynan 100 ýaşan Danyýeliň ölümi golaýlap gelýärdi. Eýsem, Danyýel ýene-de ýaşarmy? Elbetde! Danyýel kitabynyň soňky babynda Hudaýyň oňa beren wadasy barada şeýle sözleri okaýarys: «Sen ömrüňiň ahyryna çenli öz ýoluň bilen gidip, rahatlykda gözüňi ýumarsyň». Ýaşy bir çene ýeten Danyýel ölen adamlaryň hiç zat bilmeýändigine düşünýärdi, çünki «ölüler diýarynda... ne düşünje, ne bilim, ne-de danalyk bolar». Danyýel hem ahyrsoňy şol ýere barar (Wag. 9:10). Emma Hudaýyň wada berşi ýaly, oňa ajaýyp gelejek garaşýar. Soňra perişde Danyýel pygambere şu günki aýatdaky sözleri aýtdy. Emma onuň wagty hem sagady näbellidi. Danyýel ölüm ukusyna gidip, soňra direler. «Täzeden direlip, sylag-serpaýyňy alarsyň» diýen sözler gelejekde onuň hökman direljekdigini görkezýär. Bu «ahyrzaman güni», ýagny täze dünýäde bolar. Mukaddes Ýazgylaryň başga bir terjimesinde Danyýel barada: «Sen zamanyň ahyrynda ýeriňden turarsyň» diýilýär. w17.12 sah. 7, abz. 17, 18
11-nji noýabr, duşenbe
(Hiç kim) diňe bir şaýadyň görkezmesi esasynda ölüme höküm edilmeli däldir.San. 35:30
Ýehowa ysraýyl halkynyň ýaşulularyna beýik adyl kada-kanunlaryna eýermegi tabşyrdy. Munuň üçin olar kimdir biriniň işine seredenlerinde, ilki bilen, bolan wakany anyklamalydylar. Soňra gan döken adama rehimdarlyk bildirmek üçin, onuň niýetini, garaýşyny we özüni nähili alyp barandygyny bilmelidiler. Hudaýyň adalatlylygyna eýermek üçin, olar gaçgagyň «bir adamy ýigrenýändigi üçin» ýa-da tötänden öldürendigini anyklamalydylar (San. 35:20—24). Eger ol birini bilgeşleýin öldüren bolsa, bu azyndan iki şaýat tarapyndan tassyklanylmalydy. Gaçgagyň günäsi bilen bagly meselä seredilensoň, ýaşulular diňe bir etmişine däl-de, onuň niýetine üns bermelidiler. Munuň üçin olara düşgürlik gerekdi we eden işiniň aňyrsynda näme ýatandygyny görüp başarmalydylar. Iň esasy zat bolsa, Ýehowanyň düşünjesine, rehimdarlygyna we adalatlylygyna eýerip biler ýaly, onuň mukaddes ruhuna mätäçdiler (Müs. çyk. 34:6, 7). w17.11 sah. 16, abz. 13, 14
12-nji noýabr, sişenbe
Bu zatlar barada oýlan. 1 Tim. 4:15
Biz Hudaýyň halky bilen gatnaşyk edip başlanymyzda, käbir gymmatly hakykatlary bildik. Meselem, biz Ýehowanyň Ýaradyjydygyny we Ýaşaýşyň Gözbaşydygyny hem-de onuň adamzat babatda ajaýyp niýetiniň bardygyny bildik. Şeýle-de mähriban Hudaýymyzyň bizi günäden hem ölümden azat etmek üçin söýgüli Ogluny töleg hökmünde gurban edendigini bildik. Patyşalygy arkaly bolsa ähli horluklaryň soňuna çykjakdygyny we adamlaryň şol hökümetiň astynda parahatlykda ebedi hem bagtly ýaşajakdygyny bildik (Ýah. 3:16; Ylh. 4:11; 21:3, 4). Käte biziň Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlige ýa-da ondaky käbir parçalara bolan düşünjämiz üýtgäp biler. Şeýle ýagdaýda biz bu maglumaty has gowy özleşdirmek we onuň üstünde oýlanmak üçin ýörite wagt sarp etmeli (Res. iş. 17:11). Munuň üçin diňe esasy üýtgän zatlara üns bermän, eýsem, öňki bilýän zatlarymyzy täze düşünjämiz bilen deňeşdirip, aratapawudyny görjek bolmaly. Şonda biz täze hakykaty hazynamyzda ýerleşdirdigimiz bolar. w17.06 sah. 12, 13, abz. 15, 16
13-nji noýabr, çarşenbe
Şol sebäpli beden agzalaryňyzdaky ahlaksyzlygy, hapalygy, erk edip bolmaýan ahlaksyz islegleri... öldüriň. Kol. 3:5
Ýehowanyň ahlak kadalaryna garşy gelýän ýagdaýlara uçranymyzda, örän seresap bolmaly. Meselem, durmuş gurmak isleýän mesihçiler tanyşlyk döwri ikiçäk galmak ýa-da biri-biriňe mähirli duýgulary bildirmek babatda belli bir çäk goýsalar, paýhasly bolar (Sül. tym. 22:3). Mesihçi iş sapary bilen öýünden başga ýere gidende ýa-da iş ýerinde başga jynsdaky adam bilen ýeke galanda hem, howp abanyp biler (Sül. tym. 2:10—12, 16). Göwnüçökgünlige düşenimizde, ejizlänimizde hem, uly howp döräp biler. Duýgy taýdan gaty ejizlänimizde bolsa, islendik adamyň kömegini kabul etmegimiz ahmal. Eger sizem şeýle ýagdaýa uçrasaňyz, Ýehowadan we imandaşlaryňyzdan kömek soraň (Zeb. 34:18; Sül. tym. 13:20). w17.11 sah. 26, abz. 4, 5
14-nji noýabr, penşenbe
Haýsy galalaryň (gaçybatalga) bolmalydygyny siz öz araňyzda kesgitläň. Ýeş. 20:2
Ýehowa kimdir biriniň ganyna galmaklygy agyr günä hasaplaýar. Şonuň üçin gadymy Ysraýylda bilgeşleýin öldürilen adamyň hossarynyň ganhory öldürmäge haky bardy (San. 35:19). Şeýdip, bigünä dökülen adamyň gany ýuwulýardy. Wada edilen diýar haramlanmaz ýaly, bu tabşyrygy derrew berjaý etmelidi. Şol sebäpli Ýehowa: «Gan topragy harama çykarýandyr, öz ýaşaýan topragyňyzy (adamyň gany bilen) haramlamaň» diýdi (San. 35:33, 34). Ysraýyllylara bigünä dökülen gan babatda nähili görkezme berlipdi? Adam birini bilmän öldürenem bolsa, ol ganhor hasaplanýardy (Gel. çyk. 9:5). Şonuň üçin öldürilen adamyň hossary ondan ar almaz ýaly, oňa alty sany gaçybatalga şäherleriň birine gaçmaga rugsat berilýärdi. Şeýdip, ol janyny halas edip bilýärdi we baş ruhany aradan çykýança, şol şäherden çykmaly däldi (San. 35:15, 28). w17.11 sah. 9, abz. 3—5
15-nji noýabr, anna
Paýhasly adam bolsa sögünji eşitmezlige salýandyr. Sül. tym. 12:16
Awstraliýaly bir uýa şeýle diýýär: «Gaýynatam hakykata güýçli garşy bolansoň, ýoldaşym ikimiz oňa jaň etmezden öň, birden gahary gelse, mähirli gürleşip biler ýaly, Ýehowa doga edip, kömek soramagy maksat edindik. Mundan başga-da gürrüňdeşlik jedele ýazmaz ýaly, biz uzak däl-de, gysga wagtlyk jaňlaşmagy planlaşdyrýarys». Siziň gowy görýän we hemişe gowy gatnaşýan adamyňyz bilen düşünişmezlik bolsa, özüňizi günäkär duýmagyňyz mümkin. Emma siz maşgalaňyza bolan söýgiňiziň Ýehowa wepalylygyňyzyň ornuny eýelemegine ýol bermäň. Siziň synaglarda berk durýandygyňyzy görüp, dogan-garyndaşlaryňyz hem Mukaddes Ýazgylardaky halas ediji habara seslenip biler. Nähili bolaýanda-da, siz başgalara hakykaty kabul etmäge mejbur etmeli däldigiňizi unutmaň. Gaýtam, olara Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýerip ýaşamagyň peýdalydygyna düşünmäge kömek ediň. Söýgüden doly Hudaýymyz bize mümkinçilik berşi ýaly, olara-da ýörejek ýoluny saýlamaga mümkinçilik berýär (Iş. 48:17, 18). w17.10 sah. 15, 16, abz. 15, 16
16-njy noýabr, şenbe
Biz diňe bir sözde ýa-da dilde däl, eýsem, iş ýüzünde we ýürekden söýmelidiris. 1 Ýah. 3:18
Bu sözler söýgini, esasan-da, iş ýüzünde görkezmäge çagyrýar. Meselem, maddy taýdan kynçylyk çekýän mesihçä diňe bir ýagşy sözler ýeterlikli däl (Ýak. 2:15, 16). Şonuň ýaly-da Ýehowany we ýakynymyzy söýýändigimiz üçin, biz «hasyly ýygnamaga işçileri iberer ýaly», Hudaýa doga etmek bilen çäklenmeýäris. Gaýtam, wagyz işine doly gatnaşmak üçin jan edýäris (Mat. 9:38). Ýahýa resul biziň «iş ýüzünde we ýürekden söýmelidigimizi» aýtdy. Görşümiz ýaly, «söýgi ikiýüzli bolmaly» däl, ýagny biz «ikiýüzli bolmadyk söýgini» ösdürmeli (Rim. 12:9; 2 Kor. 6:6). Bir zada hantama bolup söýgi bildirsek, ýürekden söýýändigimizi aňlatmaýar. Mümkin, siz: «Söýgi ikiýüzli bolup bilermi?» diýýänsiňiz. Elbetde, bu nädogry, sebäbi oňa hakyky söýgi diýip bolmaýar. w17.10 sah. 8, abz. 5, 6
17-nji noýabr, ýekşenbe
Sen ony gije-gündiz okamaly... şonda paýhasly hereket edersiň. Ýeş. 1:8, TD
Eger biz Hudaýyň Sözüniň durmuşymyza täsir etmegini islesek, ony mümkin boldugyndan her gün okamaga jan etmeli. Elbetde, biziň köpümiz ýaşaýşyň aladalary bilen başagaý bolmagymyz mümkin. Emma her näme-de bolsa Hudaýyň Sözüni her gün okamagymyza hiç zada päsgel berdirmeli däl (Efes. 5:15, 16). Ýehowanyň gullukçylarynyň köpüsi Hudaýyň Sözüni her gün okamak üçin irden, agşam ýa-da günüň dowamynda ýörite wagt sarp edýärler. Olar özlerini: «Men Seniň kanunyňy nähili söýýärin! Bütin gün oý-pikirim şol hakda» diýen mezmurçy ýaly duýýarlar (Zeb. 119:97). Mukaddes Ýazgylary okanymyzda, okan zatlarymyzyň üstünde oýlanmak hem örän wajyp (Zeb. 1:1—3). Diňe şonda ondaky deňi-taýy bolmadyk akyldarlygyň durmuşymyza täsir etmegine ýol bereris. Biz Mukaddes Ýazgylary kitap ýa-da elektron görnüşinde okasak-da, ondaky sözleri ýüregimize ýazmagy maksat edinmeli. w17.09 sah. 24, abz. 4, 5
18-nji noýabr, duşenbe
Ähliňiz... rehimdar... boluň. 1 Pet. 3:8
Ähli ýagdaýlarda rehimdarlyk etmek nädogry bolardy. Mysal üçin, Şawul patyşa Hudaýa gulak asman, bu häsiýeti nädogry ulandy. Ol Hudaýyň halkynyň duşmany bolan Agaga rehim edipdi. Netijede, Ýehowa ondan ýüz öwrüp, patyşalygy elinden aldy (1 Şam. 15:3, 9, 15). Ýehowa adalatly Kazy; ol adamyň ýüregini görýär we haçan duýgudaşlyk bildirmegiň ýerliksizdigini bilýär (Ýer. ag. 2:17; Ezek. 5:11). Onuň gulak asmaýan adamlary höküm etjek wagty golaýlap gelýär (2 Sel. 1:6—10). Şonda zalym adamlara duýgudaşlyk bildirilmez. Ýehowa olary ýok etmek bilen, halas etjek dogry adamlaryna duýgudaşlyk bildirer. Kimiň ýok edilip, kimiň diri galjakdygyny biz bilmeýäris. Şonuň üçin, geliň, häzirden adamlara kömek etmek üçin elimizde baryny edeliň. w17.09 sah. 10, 11, abz. 10—12
19-njy noýabr, sişenbe
Ruhuň miwesi... özüňe erk etmeklikdir. Gal. 5:22, 23
Özüňe erk etmeklik Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesi. Ýehowa bu häsiýeti kämil derejede görkezýär. Emma bikämil adamlar özüne erk etmek üçin hemişe göreşmeli bolýar. Şu günler köp kynçylyklar adamlaryň özüne erk edip bilmeýändigi sebäpli döreýär. Meselem, olar mekdepde ýa-da işde etmeli borçlaryna ýüzleý garap, soňa goýýarlar. Şeýle-de adam özüne erk etmese, bu ony göwnedegiji sözleri aýtmaga, arakkeşlige, zorluga, nikany bozmaklyga, biderek ýere bergi etmäge, neşekeşlige iterýär we tussag edilmek, duýgy taýdan ejir çekmek, ahlaksyzlyk sebäpli döreýän kesele uçramak, islenilmedik göwrelilik ýaly zatlara getirýär (Zeb. 34:11—14). Şonuň üçin ýagdaý gitdigiçe erbetleşýär. 1940-njy ýyllarda adamlar özüni terbiýelemegi öwrenýärdiler. Emma geçirilen barlaga görä, häzir adamlar özlerini terbiýelemek barada asla pikirem etmeýärler. Bu bizi geň galdyrmaýar. Sebäbi Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlige görä, «soňky günlerde» adamlar «özüne erk etmeýän» bolar (2 Tim. 3:1—3). w17.09 sah. 3, abz. 1, 2
20-nji noýabr, çarşenbe
Ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygy siziň ýürekleriňizi we pikirleriňizi... gorar. Flp. 4:7
«Hudaýyň parahatlygy» bize täsir edende, ýüreklerimiz we pikirlerimiz rahatlyk tapýar. Ýehowa biziň aladamyzy edýär we bagtly ýaşamagymyzy isleýär (1 Pet. 5:10). Bu bizi aşa köp alada etmekden ýa-da göwnüçökgünlige düşmekden goraýar. Tizden adamzadyň üstüne dünýäde heniz bolmadyk agyr muşakgat iner (Mat. 24:21, 22). Biz ol barada ähli jikme-jiklikleri bilmeýäris. Emma biynjalyk bolmaga esas ýok. Ýehowanyň etjek her bir işini bilmesek-de, onuň biziň Hudaýymyzdygyny gowy bilýäris. Geçmişde bolan wakalardan görnüşi ýaly, Ýehowa islegini hemişe amala aşyrýar we käte garaşylmadyk zatlary hem edýär. Ýehowa her gezek bizi goldanda, «ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygynyň» täsirini duýarys. w17.08 sah. 12, abz. 16, 17
21-nji noýabr, penşenbe
Halypamyzyň geljek wagtyna çenli sabyrly boluň. Ýak. 5:7
«Haçana deňeç?» Şeýle soragy Işaýa hem-de Habakuk pygamberler beripdi (Iş. 6:11; Hab. 1:2). Hatda Halypamyz Isa Mesihem daş-töweregindäki imansyz adamlara ýüzlenende, şeýle soragy beripdi (Mat. 17:17). Şol sebäpli bizem käte «haçana çenli» diýen soragy bermegimiz mümkin. Mümkin, biz adalatsyzlyk, garrylyk, keselçilik ýa-da «juda kyn döwürde» ýaşaýandygymyz sebäpli döreýän kynçylyklara çydamaly bolýandyrys (2 Tim. 3:1). Ýa-da erbet adamlardan ýaňa halys bolandyrys. Her näme-de bolsa, Ýehowanyň geçmişde ýaşan wepaly gullukçylarynyň pikirini arkaýyn aýdyp, şeýle sorag berendiklerini we olaryň ýazgarylmandyklaryny bilmek diýseň teselli berýär. Kynçylyklara uçranymyzda, bize näme kömek edip biler? Bu soraga Ýakup şägirt şu günki aýatdaky sözler bilen jogap berýär. w17.08 sah. 3, 4, abz. 1—3
22-nji noýabr, anna
Dünýäniň baýlygy arkaly özüňize dost ediniň. Luka 16:9
Isa şägirtlerine «nähak baýlyk» arkaly gökde dost edinmegi maslahat berdi. Biz Isanyň pygamberlik eden wagyz işini maddy taýdan goldap, Hudaýa wepalylygymyzy görkezip bileris (Mat. 24:14). Hindistanda ýaşaýan bir gyzjagaz kiçijik guta teňňelerini, hatda oýnawaç almak üçin berlen pullaryny hem atýardy. Gutujyk dolanda, ol ýygnan pullaryny wagyz işini goldamak üçin berýär. Şol ýurtda ýaşaýan bir dogan bolsa kokos ösdürip ýetişdirýär. Ol Malaýalamdaky terjimeçiler toparyny maddy taýdan goldamak üçin görjek haýryndan geçip, olary kokos bilen üpjün edýär. Gresiýada ýaşaýan doganlar hem Beýtel maşgalasyna kömek etmek üçin, olary zeýtun ýagy, peýnir we başga-da azyk önümleri getirip durýarlar. w17.07 sah. 8, abz. 7, 8
23-nji noýabr, şenbe
Sion hakda aýdym aýdyň. Zeb. 137:3, TD
Ysraýyl halky Wawilonda ýesirlikdekä, aýdym aýtmaga höwesi ýokdy. Olaryň gam-gussadan doly ýüregi tesellä mätäçdi. Emma pygamberlikde aýdylyşy ýaly, Pars patyşasy Kir (Kureş) olary sürgünden azat etdi. Wawilony basyp alanda, ol şeýle diýdi: «Ýehowa Iýerusalim şäherinde özüne bir öý gurmagy emr etdi. Araňyzda Hudaýyň halkyndan bolanyňyz bar bolsa, ýurduňyza dolanyň. Hudaýyňyz Reb size ýar bolsun!» (2 Ýyl. 36:23). Bu sözleri eşiden ysraýyllylar, gör, nähili begenendir! Ýehowa diňe tutuş halka däl-de, eýsem, olaryň her birine aýratynlykda teselli berdi. Ol häzirem şeýle edýär. Hudaý «göwni synyklara şypa berýär, olaryň ýaralaryny daňýar» (Zeb. 147:3). Ýehowa kynçylyklara uçran adamlaryň hem beden, hem duýgy taýdan aladasyny edýär. Ol bize ýürekden teselli berýär we ýaralarymyzy daňýar (Zeb. 34:18; Iş. 57:15). Islendik kynçylyklara döz gelip biler ýaly, Ýehowa bize akyldarlyk we güýç berýär (Ýak. 1:5). w17.07 sah. 18, abz. 4, 5
24-nji noýabr, ýekşenbe
Hazynaňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar. Luka 12:34
Ýehowa älemde iň baý şahsyýet (1 Ýyl. 29:11, 12). Jomart Ata hökmünde ol ruhy baýlygyny gymmat saýýan adamlar bilen paýlaşýar. Biz ruhy hazynalary, ýagny 1) Hudaýyň Patyşalygy, 2) gutulyş habary baradaky we 3) Mukaddes Ýazgylardaky gymmatly hakykatlary beren Ýehowa örän minnetdar! Emma biz bu hazynalaryň gadyryny bilmesek, olary ýitireris. Şol sebäpli ruhy hazynalarymyzy gorap saklamaly we olara bolan söýgimizi artdyrmaly. Biziňem köpümiz Hudaýyň Patyşalygynyň raýaty bolmak üçin durmuşymyzy özgertdik (Rim. 12:2). Emma bu ýeterlikli däl. Biz maddy zatlara we ahlaksyz işler ýaly erbet höweslere garşy aýgytly göreş alyp barmaly (Sül. tym. 4:23; Mat. 5:27—29). w17.06 sah. 9, abz. 1; sah. 10, abz. 7
25-nji noýabr, duşenbe
Sen bulary bilýändirin öýdýäňmi? Eýp. 38:21
Eýýup kitabynyň hiç ýerinde Hudaýyň Eýýuba näme sebäpden ejir çekendigini düşündirendigi aýdylmaýar. Sebäbi Ýehowanyň esasy maksady oňa näme üçin ejir çekýändigini düşündirmek däldi, ýogsam, Hudaý özüni aklaýan ýaly bolardy. Aslynda, Ýehowa Eýýuba beýik Hudaýyň öňünde onuň örän kiçi orun eýeleýändigini düşündirmek isleýärdi. Ol Eýýuba has wajyp meseläniň bardygyny bilmäge kömek etdi (Eýp. 38:18—20). Şeýdip, Eýýup garaýşyny düzetdi. Eýsem, Ýehowanyň Eýýuba şeýle kyn ýagdaýda gönümel maslahat bermegi dogrumydy? Hudaýam, Eýýubam beýle pikir etmeýärdi. Eýýup gören görgülerine garamazdan, soňunda Hudaýa minnetdarlyk aýtdy. Ol hatda: «Munuň üçin özümi ýigrenip, başymdan gumdur kül sowrup toba edýärin» diýdi. Görşümiz ýaly, Ýehowa Eýýuba söýgi bilen maslahat berdi (Eýp. 42:1—6). Eýýup berlen käýinji kabul edip, garaýşyny düzedensoň, Ýehowa ony kynçylyklarda wepaly galandygy üçin öwdi (Eýp. 42:7, 8). w17.06 sah. 24, 25, abz. 11, 12
26-njy noýabr, sişenbe
Merýem bolsa gowusyny saýlady, saýlan zady ondan hiç haçan alynmaz. Luka 10:42
Işe we ruhy zatlara bolan garaýşymyzy barlamak üçin özümizden: «Men dünýewi işimi gyzykly we kanagat beriji, ruhy işleri bolsa ýürekgysgynç hasaplaýarynmy?» diýip sorasak, gowy bolar. Bu zatlar barada oýlanmak bize ýüregimizde nämä orun berýändigimizi anyklamaga kömek eder. Isa dünýewi işiň we ruhy zatlaryň durmuşda hersiniň öz ornunyň bardygyny görkezdi. Bir gezek ol Merýem we onuň uýasy Martalara myhmançylyga barýar. Şonda Marta nahar taýýarlamak bilen başagaýdy. Merýem bolsa Isanyň ýanynda oturyp, onuň aýdýanlaryny diňleýärdi. Marta uýasynyň kömek etmeýändigine nägilelik bildirende, Isa oňa şu günki aýatdaky sözleri aýtdy (Luka 10:38—42). Isa şeýle diýmek bilen, Marta bir wajyp zady öwretdi. Dünýewi işe gümra bolman, Mesihi söýýändigimizi subut etmek üçin mundan beýläk-de «gowusyny saýlamaly», ýagny durmuşda ruhy işleri birinji orunda goýmaly. w17.05 sah. 24, abz. 9, 10
27-nji noýabr, çarşenbe
Ataň tälimini eşit. Sül. tym. 1:8
Ýehowa çagalary hakykat ýolunda terbiýelemegi baba-mamalaryna ýa-da başga birine däl-de, ene-atalara tabşyrdy (Sül. tym. 31:10, 27, 28). Ýöne ýerli halkyň dilini bilmeýän ene-atalara çagalarynyň ýüregine täsir etmek üçin kömek gerek bolmagy mümkin. Emma bu ene-atalary çagalaryna terbiýe bermek jogapkärçilikden boşatmaýar. Ýazgylarda çagalaryny «Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi bilen ulaltmaga» ene-atalaryň borçludygy aýdylýar (Efes. 6:4). Ene-atalar maşgala okuwyny geçirmek we çagalaryna gowy dostlary tapmaga kömek etmek babatda ýygnak ýaşulularyndan maslahat sorap biler. Şeýle-de käte ene-atalar maşgala okuwyna beýleki dogan-uýalary çagyryp biler. Ýaşlaryň köpüsi ruhy taýdan ösen dogan-uýalar bilen bile wagza çykyp we dynç alyp, imanda berkeýärler (Sül. tym. 27:17). w17.05 sah. 11, 12, abz. 17, 18
28-nji noýabr, penşenbe
Müsüre gaç. Mat. 2:13
Ýehowa perişdesi arkaly Ýusuba Hirodes patyşanyň Isany öldürjek bolýandygyny habar berende, ol aýalyny we çagasyny alyp, Müsüre gaçýar. Olar tä Hirodes patyşa ölýänçä, şol ýerde gaçgak bolup ýaşaýarlar (Mat. 2:14, 19—21). Şondan onlarça ýyl geçende, Isanyň şägirtleri yzarlamalar sebäpli «Ýahuda we Samariýa dargadylar» (Res. iş. 8:1). Isa şägirtleriniň köpüsiniň mejbury ýagdaýda öýüni terk etmeli boljakdygyny öňünden aýdyp: «Sizi bir şäherde yzarlasalar, başga şähere gaçyň» diýdi (Mat. 10:23). Müňlerçe Ýehowanyň Şaýatlary şeýle ýagdaýlara uçraýarlar. Olaryň köpüsi dogan-garyndaşlaryny we bar emlägini diýen ýaly ýitirýärler. Käbirleri öýüni terk etmäge mejbur bolýarlar ýa-da gaçgaklaryň lagerinde ýaşap howply ýagdaýlary başdan geçirýärler. Sebäbi lagerdäki adamlar gep-gybat edýärdiler, içýärdiler, humarly oýunlary oýnaýardylar, ogrulyk we ahlaksyzlyk edýärdiler. Emma olar çölde sergezdan bolup ýaşan ysraýyllylary ýatlap, lagerdäki durmuşynyň ahyrsoňy tamamlanjakdygyna ynanýardylar. Bu olara dogry garaýşy saklamaga kömek etdi (2 Kor. 4:18). w17.05 sah. 3, 4, abz. 2—5
29-njy noýabr, anna
Seniň kanunyňy söýýänlere uly parahatlyk bar, olara bökdenç bolmaz. Zeb. 119:165
Bu dünýä ýok edilýänçä, biz häli-şindi adalatsyzlyga uçrarys. Käte ýygnagyň içinde hem şeýle bolmagy mümkin. Şunuň ýaly ýagdaýda büdräp, Ýehowadan daşlaşmalyň. Gaýtam, Ýehowa wepaly bolalyň we doga edip, bil baglalyň. Şeýle-de ähli jikme-jiklikleri bilmeýändigimizi unutmalyň. Belki-de, bikämildigimiz üçin ýagdaýa nädogry düşünendiris. Biz bu hakda başgalara ýaýratmakdan seresap bolalyň, ýogsam ýagdaýy öňküden beter kynlaşdyrarys. Galyberse-de, kynçylygy özümiz çözjek bolmalyň, gaýtam, sabyrly we wepaly bolup, ähli zady Ýehowanyň eline tabşyralyň. Şonda Ýehowanyň razylygyny gazanarys we ol bizi-de patalar. Biz «bütin ýer ýüzüniň Kazysy» Ýehowanyň ähli zady adalatly çözjekdigine ynamly bolup bileris, çünki onuň «bütin ýollary hakdyr» (Gel. çyk. 18:25; Kan. tag. 32:4). w17.04 sah. 22, abz. 17
30-njy noýabr, şenbe
Zalym adam öz ýolundan dänip... Ýehowa dolansyn, ol oňa rehim eder. Iş. 55:7, TD
Durmuşyny özgertmän, dünýäniň zalym işlerini goldamagyny dowam edýän adamlara agyr muşakgat gelende näme bolar? Ýehowa zalym adamlary ýer ýüzünden bütinleý ýok etjekdigini söz berdi (Zeb. 37:10). Şu günler köp adamlar edýän zalym işlerini gizlemegi we jezadan gaçmagy başarýar (Eýp. 21:7, 9). Şol sebäpli olar hatda höküm gününde-de halas bolarys öýdýärler. Emma Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaýyň gözleri ynsanlaryň ýoluna dikilgidir, Ol ynsanlaryň her ädimini görýär. Pisler gizlener ýaly, ne garaňkylyk, ne-de tüm garaňkylyk bar» diýilýär (Eýp. 34:21, 22). Ýehowa Hudaýdan hiç zady gizläp bolmaýar. Kezzap adamlar ony aldap bilmez; Hudaýyň nazaryndan ne garaňkylykdaky zatlar, ne-de ynsan ýüregindäki çuň oý-pikirler sypyp biler. Armageddondan soň, biz ýekeje erbet adamam görmeris. Olar ebedilik ýok bolar! (Zeb. 37:12—15). w17.04 sah. 10, abz. 5