Dekabr
1-nji dekabr, ýekşenbe
Birek-birege igenmän myhmansöýer boluň. 1 Pet. 4:9
Gadymy döwürde, adatça, birini öýüne myhmançylyga çagyranlarynda, hödür-kerem edilýärdi (Gel. çyk. 18:1—8; Ser. 13:15; Luka 24:28—30). Bu dostlugyň hem-de parahatlygyň alamaty hasaplanýardy. Biz esasan kimleri myhmançylyga çagyrmaly? Ýygnagymyzdaky dogan-uýalary. Eýsem, kyn döwür gelende biz biri-birimize has-da mätäç bolmarysmy? Şol sebäpli biz dogan-uýalaryň hemmesi bilen dostlukly we parahat gatnaşygy saklamaly. Etrap gözegçilere, teokratik mekdeplerde okamaga gelen dogan-uýalara ýa-da meýletin gurluşykçylara hem ýaşamak üçin ýer gerek bolýar. Tebigy betbagtçylyklar sebäpli käbir dogan-uýalar öýsüz galyp, ony dikeldýänçäler, biziň kömegimize mätäç bolmaklary mümkin. Olara diňe gowy şertlerde ýaşaýan dogan-uýalar kömek etmelidir diýip pikir etmeli däl. Mümkin, eýýäm olar şeýle kömegi ençeme gezek berendirler. Siz hatda sada ýaşaýan bolsaňyz-da, öz kömegiňizi teklip edip bilersiňiz. w18.03 sah. 15, abz. 6; sah. 16, abz. 9
2-nji dekabr, duşenbe
Dogruçyl adam ýedi gezek ýykylsa-da, ýerinden galýandyr. Sül. tym. 24:16
Ýykylan adama näme kömek eder? Ol öz güýji bilen hiç zady başarmaz, ýöne Hudaýyň mukaddes ruhy bilen başarar (Flp. 4:13). Özüňe erk etmek mukaddes ruhuň miwesi bolup, özüňi terbiýelemek bilen berk baglanyşykly. Ýürekden doga etmek, Mukaddes Ýazgylary öwrenmek we okan zatlaryň hakda oýlanmak hem örän wajyp. Ýöne Hudaýyň Sözüni öwrenmegi kyn görýän bolsak näme? Mümkin, size erjel bolmak aňsat däldir. Emma ýadyňyzda bolsun, Ýehowa ýol berseňiz, ol size hökman kömek eder we Öz Sözüni «küýsemegi» öwreder (1 Pet. 2:2). Ilki bilen, Hudaýyň Sözüni öwrenmek üçin özüňizi terbiýelemegi öwreder ýaly, Ýehowa doga ediň. Soňra eden dogaňyza görä hereket edip, azrak bolsa-da, yzygiderli öwrenmek üçin tagalla ediň. Wagtyň geçmegi bilen, Ýazgylary öwrenmek size aňsat we has-da ýakymly bolar. Siz Ýehowanyň gymmatly pikirlerini ýüregiňiz bilen kabul etdigiňizçe, kalbyňyzda rahatlyk duýarsyňyz (1 Tim. 4:15). w18.03 sah. 29, abz. 5, 6
3-nji dekabr, sişenbe
Suwa çümdürilmek bilen... halas bolýarsyňyz. 1 Pet. 3:21
Okuw geçýän adam suwa çümdürilmezden öň, Hudaý, onuň niýeti we gutulyş babatda eden işleri hakda dogry bilim alyp, imanyny ösdürmeli (1 Tim. 2:3—6). Şeýle iman ony Hudaýa ýaramaýan işlerden el çekip, Ýehowanyň dogry kadalary boýunça ýaşamaga höweslendirýär (Res. iş. 3:19). Eger adam Patyşalyga girmäge päsgel berýän islendik günäli işe baş goşsa, Hudaýa doly wepaly bolup bilmez (1 Kor. 6:9, 10). Bu Ýehowanyň ýokary ahlak kadalaryna eýermekden has köp zady aňladýar. Dogry işleri etmäge jan edýän adam ýygnak duşuşyklaryna we ýaşaýyş berýän wagyz hem-de şägirt taýýarlamak işine yzygider gatnaşmaly (Res. iş. 1:8). Okuw geçýän adam diňe şu ädimleri ädeninden soň, dogada özüni Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilip biler. w18.03 sah. 6, abz. 12
4-nji dekabr, çarşenbe
Merýem bolsa onuň aýdan zatlarynyň barysyny ýüreginde saklaýardy. Luka 2:51
Ýehowa näme üçin Merýemi Isanyň ejesi bolmaga saýlady? Sebäbi ol ruhy taýdan ýetişen adamdy. Ol garyndaşy Zakarýa bilen Elizabediň öýüne baranda, Hudaýy şöhratlandyrýan sözleri aýdyp, ruhy taýdan ýetişendigini aýdyň görkezdi (Luka 1:46—55). Merýemiň ynam bilen aýdan sözleri onuň Hudaýyň Sözüni çuňňur söýýändigini we Ýewreý ýazgylaryny gowy bilendigini görkezýär (Gel. çyk. 30:13; 1 Şam. 2:1—10; Mal. 3:12). Şeýle-de üns beren bolsaňyz, ol Ýusup bilen ýaňy durmuş guran hem bolsa, Isa dünýä inýänçä, jynsy gatnaşykda bolmady. Bu olaryň ikisiniňem Ýehowanyň islegini özüniňkiden ileri tutandyklaryny görkezýär (Mat. 1:25). Wagt geçdigi saýyn, Merýem Isanyň durmuşynda bolan wakalara we aýdýan paýhasly sözlerine üns berýärdi. Ol Hudaýyň Mesih baradaky niýeti bilen içgin gyzyklanýardy. Eýsem, Merýemiň göreldesi bizi Hudaýyň islegini durmuşymyzda birinji orunda goýmaga höweslendirmeýärmi? w18.02 sah. 21, abz. 11
5-nji dekabr, penşenbe
Eýýup akýürekli, dogruçyl... adam. Eýp. 1:8
Biz Eýýup pygamberiň imanyndan we Hudaýa gulak asyşyndan görelde alyp bileris. Nähili ýagdaýlara uçrasak-da, geliň, Ýehowany durmuşymyzda birinji orunda goýalyň, oňa doly bil baglap, ýürekden tabyn bolalyň. Bu babatda Eýýubyňka garanyňda, bizde has köp degerli sebäp bar! Biz Şeýtan we onuň hileleri barada köp zatlary bilýäris (2 Kor. 2:11). Eýýup kitaby arkaly Hudaýyň näme sebäpden horluklara ýol berýändigini hem bilse bolýar. Biz Danyýeliň pygamberliginden Isa Mesihiň ýolbaşçylygy astynda Hudaýyň Patyşalygynyň bütin dünýäniň üstünden höküm sürýändigine düşünýäris (Dan. 7:13, 14). Şeýle-de biz Patyşalygyň kömegi bilen tizden ähli horluklaryň hemişelik ýok ediljekdigini bilýäris. Eýýup bilen bolan waka kynçylyk çekýän imandaşlarymyza duýgudaşlyk bildirmegiň wajypdygyny hem görkezýär. Eýýup ýaly kimdir biri käte oýlanyşyksyz geplemegi mümkin (Ýak. 3:2). Şeýle adamy ýazgarman, gaýtam, geliň, ýagdaýyna düşünip, duýgudaşlyk bildireliň. Şonda biz söýgüli we rehimdar Atamyz Ýehowanyň göreldesine eýereris (Zeb. 103:8). w18.02 sah. 6, abz. 16; sah. 7, abz. 19, 20
6-njy dekabr, anna
Kiçigöwünlilik bilen meni beýgeltdiň. Zeb. 18:35
Käbir adamlar daş keşbine, at-abraýyna, saz çalmak ukybyna, owadanlygyna ýa-da derejesine buýsanyp, özlerini ulumsy alyp barýarlar. Dawut patyşada bu zatlaryň ählisi bolsa-da, özüni pesgöwünli alyp barýardy. Ol Jaludy öldürip, Şawul patyşanyň gyzyna öýlenmäge mümkinçilik gazansa-da: «Patyşanyň giýewsi bolar ýaly, men kim?» diýdi (1 Şam. 18:18). Dawut ýaly şu günlerem Ýehowanyň gullukçylary pesgöwünli bolmaga jan edýärler. Biz älemde iň beýik Şahsyýet bolan Ýehowanyň ajaýyp pesgöwünlilik häsiýetini bildirýändigine örän begenýäris. Şol sebäpli: «Duýgudaşlygy, mähribanlygy, pesgöwünliligi, ýumşaklygy we sabyrlylygy geýiň» diýen maslahaty ýürekden kabul edýäris (Kol. 3:12). Şeýle-de biz «söýginiň göriplik etmeýändigini... öwünmeýändigini, tekepbirlik etmeýändigini» bilýäris (1 Kor. 13:4). Biz pesgöwünli bolsak, adamlara Ýehowa ýakynlaşmaga kömek ederis. w18.01 sah. 28, abz. 6, 7
7-nji dekabr, şenbe
Olar sadaka bermegi hormat saýyp... munuň üçin özleri bize ýürekden ýalbardylar. 2 Kor. 8:4
Şu günler bizi hem belli bir maksat üçin sadaka bermäge höweslendirýärler (Res. iş. 4:34, 35; 1 Kor. 16:2). Mümkin, siziň ýygnagyňyz täze Ýygnak jaýyny gurmagy planlaşdyrýandyr? Megerem, gatnaşýan kongresimizi gurnamak ýa-da betbagtçylyga uçran dogan-uýalary goldamak üçin pul kömegini bermeli bolarys. Şeýle-de biz baş edarymyzda we dünýäniň dürli künjegindäki filiallarda alnyp barylýan işleri goldaýarys. Berýän pul sadakalarymyz missionerleri, ýörite pionerleri we etrap gözegçilerini goldamak üçin ulanylýar. Ýehowanyň şu soňky günlerde alyp barýan işini goldamaga biziň ählimiziň mümkinçiligimiz bar. Biz sadakalaryň köpüsini kimiň berýändigini bilmeýäris. Olary bermek üçin Ýygnak jaýlarynda ýörite gutular goýlan ýa-da muny jw.org saýtymyz arkaly etse bolýar. Mümkin, biz berýän sadakamyzy juda az görýändiris. Ýöne sadakalaryň aglabasy köp däl-de, azajyk sowgatlary berýän adamlar arkaly ýygnalýar. w18.01 sah. 19, abz. 10, 11
8-nji dekabr, ýekşenbe
Häzir bolsa siz suwa çümdürilmek bilen... halas bolýarsyňyz. 1 Pet. 3:21
Mesihçi bolmak, esasan-da, halas bolmak üçin suwa çümdürilmek örän wajyp (Mat. 28:19, 20). Suwa çümdürilip, siz özüňizi Ýehowa bagyş edendigiňizi görkezdiňiz. Şeýdip, siz Ýehowany söýýändigiňizi we onuň islegini ähli zatdan ileri tutjakdygyňyzy wada berdiňiz. Özüňi Ýehowanyň eline tabşyrmak hiç haçan nädogry däl. Emma Ýehowa ýakynlaşmadyk adam Şeýtanyň goly astynda ýaşaýar. Iblis siziň halas bolmagyňyzy däl-de, Ýehowanyň hökümdarlygyndan ýüz öwrüp, ebedi ýaşaýyşdan mahrum bolmagyňyzy isleýär. Geliň, Şeýtanyň hödürleýän zatlaryny Hudaýa özüni bagyş edip, suwa çümdürilen mesihçiniň alýan bereketleri bilen deňeşdirip göreliň. Siz özüňizi Ýehowanyň eline tabşyrdyňyz. Şol sebäpli güýçli ynam bilen mezmurçynyň şu sözlerini gaýtalap bilersiňiz: «Reb meniň bilendir; men gorkmaryn, ynsan maňa näme edip biler?» (Zeb. 118:6). Hudaýyň tarapyny tutup, onuň razylygyny gazanyp ýaşamakdan uly hormat bolmasa gerek. w17.12 sah. 23, 24, abz. 1—3
9-njy dekabr, duşenbe
Ýamanlyk etmek üçin asla özüňi ýakma. Zeb. 37:8
Käte imandaşlarymyz sözi ýa-da edýän işleri bilen göwnümize degmegi mümkin. Ýa-da biziň özümiz olaryň göwnüne degip bileris. Şonda biziň imanymyz synalyp biler. Beýleki synaglarda bolşy ýaly, Ýehowa şeýle ýagdaýda-da bikämildiklerine garamazdan, söýýän gullukçylary bilen agzybir işleşip, wepalylygymyzy subut etmäge mümkinçilik berýär. Ýusup bilen bolan wakadan görnüşi ýaly, Ýehowa gullukçylarynyň synalmagyna ýol berýär. Ýusup heniz ýaşka, doganlary ony Müsüre gul edip satýarlar (Gel. çyk. 37:28). Ýehowa wepaly dosty Ýusuba erbet daraşýandyklaryny görüp, gaty gynanan bolmaly. Emma ol munuň öňüni almady. Potyparyň aýaly Ýusuba töhmet atyp, türmä basdyranda-da, Ýehowa hiç zat etmedi. Onda Hudaý ony terk etdimi? Ýok. Ýazgylarda: «Reb Ýusup bilen bolup, her bir işinde oňa üstünlik berýärdi» diýilýär (Gel. çyk. 39:21—23). w18.01 sah. 9, 10, abz. 12—14
10-njy dekabr, sişenbe
Direliş ýok bolsa, diýmek, Mesih hem direlmändir. 1 Kor. 15:13
Imanyňyz haýsy taglymatlara esaslanýar? Mümkin, siz Ýehowanyň Ýaradyjy we Ýaşaýyş-Berijidigini hem-de Isa Mesihiň töleg gurbanyna iman edýändigiňizi aýdarsyňyz. Şeýle-de tizden ýer ýüzünde Jennetiň boljakdygyny we adamlaryň ebedi ýaşajakdygyny şatlyk bilen gürrüň berersiňiz. Emma siz gymmatly taglymatlaryňyzyň arasynda direlişi hem agzarmysyňyz? Biz agyr muşakgatda diri galyp, ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýänem bolsak, direlişi esasy taglymatlaryň biri hasaplamaga degerli sebäpler bar. Direlişi imanyň özeni hasaplamak wajyp. Dogrudanam, Mesih ölümden direlmedik bolsa, ol Patyşa bolmazdy; Mesihiň Patyşalygy barada öwredýän zatlarymyz hem biderek bolardy (1 Kor. 15:12—19). Emma bilşimiz ýaly, Isa ölümden direldi we biz direlişiň boljakdygyna berk ynanýarys (Mar. 12:18; Res. iş. 4:2, 3; 17:32; 23:6—8). w17.12 sah. 8, abz. 1, 2
11-nji dekabr, çarşenbe
Siz... Kanunyň has wajyp tabşyryklaryna, ýagny adalatlylyga, rehimdarlyga, wepalylyga sowuk-sala garaýarsyňyz. Mat. 23:23
Fariseýler günäkäriň ýüregine seretmän, diňe etmişini görýärdiler. Isany Mattanyň öýünde myhmançylykda görenlerinde, olar şägirtlere: «Näme üçin siziň mugallymyňyz salgytçylar we günäkärler bilen nahar iýýär?» diýdiler. Isa muny eşidip, şeýle diýdi: «Lukman sag adamlara däl-de, syrkawlara gerekdir. Şonuň üçin gidiň-de: „Men gurbanlyk däl, rehimdarlyk isleýärin“ diýen sözleriň manysyna düşüniň. Sebäbi men dogry adamlary däl-de, günäkärleri çagyrmaga geldim» (Mat. 9:9—13). Bu hereketi üçin Isany ýazgarmak dogrumy? Elbetde, ýok. Aslynda, Isa günäkärleri toba etmäge çagyrmaga gelipdi (Mat. 4:17). Dogrudanam, ol «salgytçylaryň we günäkärleriň» ýüregini görüp, olaryň käbiriniň düzelmäge isleginiň bardygyny bilýärdi. Olar Mattanyň öýüne ýöne bir iýip-içmek üçin barmandylar, gaýtam, «olaryň köpüsi Isanyň şägirdi boldy» (Mar. 2:15). Gynansak-da, köp fariseýler adamlara Isanyň garaýşy ýaly garamaýardylar. w17.11 sah. 13, abz. 2; sah. 16, abz. 15
12-nji dekabr, penşenbe
Söýgi häsiýetine geýniň, sebäbi ol adamlary doly agzybir edýändir. Kol. 3:14
Mesihçiler ýygnagynyň agzasy bolmak uly bereket. Biz ýygnak duşuşyklarynda Hudaýyň Sözüni öwrenýäris, biri-birimizi söýmäge we ýagşy işleri etmäge höweslendirýäris. Bu bize ünsümizi aljak sylagymyza gönükdirmäge kömek edýär. Muňa garamazdan, dogan-uýalaryň arasynda käte düşünişmezlik bolýar. Eger biz şeýle kynçylyklary derrew çözmesek, olar aňsatlyk bilen öýke-kinä ýazyp biler (1 Pet. 3:8, 9). Ünsümizi aljak sylagymyza gönükdirmäge päsgel berýän öýke-kinäni nädip çözse bolar? Pawlus resul bu babatda Kolosdaky mesihçilere şeýle maslahat berdi: «Hudaýyň saýlan mukaddesleri we söýenleri hökmünde duýgudaşlygy, mähribanlygy, pesgöwünliligi, ýumşaklygy we sabyrlylygy geýiň. Eger biriniň başga birinden öýkelemäge sebäbi bolsa-da, sabyrly bolup, bir-biriňizi ýürekden bagyşlaň. Ýehowanyň sizi ýürekden bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi ýürekden bagyşlamalysyňyz» (Kol. 3:12, 13). w17.11 sah. 27, abz. 7, 8
13-nji dekabr, anna
(Ol) şol galalaryň birine gaçyp barsyn. Ýeş. 20:4
Kimdir birini tötänden öldüren adam, ilki bilen, gaçan «galasynyň girelgesinde, derwezäniň agzynda durup, şol galanyň ýaşulularyna eşitdirip, öz ýagdaýyny habar bermelidi». Galanyň ýaşaýjylary ony kabul etmelidi. Biraz wagtdan ony wakanyň bolan ýerindäki ýaşulularyň ýanyna eltmelidi we işini şol ýaşulular derňemelidi (San. 35:24, 25). Diňe adamy tötänden öldürendigi anyklanansoň, ol gaçybatalga şäherine dolanyp bilýärdi. Bu işe näme üçin ýaşulular seretmelidi? Olar ysraýyl halkynyň arassa bolmagyna jogapkärdiler we birini tötänden öldüren adama Ýehowanyň rehimdarlygyny gazanmaga kömek etmelidiler. Bir alymyň aýtmagyna görä, ýaşulularyň ýanyna barmakdan ýüz öwürýän gaçgak «janyny howp astyna salýardy». Sebäbi ol «Hudaýyň halas ediş çäresini kabul etmeýär». Eger ol Ýehowanyň bellän şäherleriniň birinden pena gözlemese, öldürilen adamyň hossarynyň ony duşan ýerinde öldürmäge haky bardy. w17.11 sah. 9, abz. 6, 7
14-nji dekabr, şenbe
Perişdeleriň ählisi ruhlar we gullukçylardyr. Hudaý olary halas etjek adamlaryna hyzmat etmek üçin iberýändir. Ýew. 1:14
Ýehowa halkyny goramak we berkitmek üçin perişdelerini ulanýardy (Mal. 3:6; Ýew. 1:7). Ruhy ysraýyl 1919-njy ýylda Beýik Wawilonyň gulçulygyndan azat edilenden bäri, üznüksiz yzarlamalara uçrasa-da, hakyky sežde gitdigiçe gülläp ösýär (Ylh. 18:4). Perişdeleriň bizi goraýandygy üçin, Ýehowanyň guramasy ýene-de ruhy taýdan zyýan çeker diýip gorkmaly däl (Zeb. 34:7). Gaýtam, biz Hudaýyň gullukçylarynyň mundan beýläk hem ruhy taýdan ösjekdigine doly ynanyp bileris. Sebäbi biziň arkamyzda perişdeleriň güýjüne eýe bolan atlylar dur. Agyr muşakgatda boljak şol gorkunç günde goşunlar Hudaýy Ýehowa bizi halas etmek we hökümdarlygyna garşy çykýanlary ýok etmek üçin perişdelerden ybarat goşunyny ýollar (2 Sel. 1:7, 8). Şol gün Hudaý beýik güýjüni aýan eder. w17.10 sah. 28, abz. 10, 11
15-nji dekabr, ýekşenbe
Özüňizi iň mukaddes imanyňyz arkaly berkidiň we mukaddes ruhuň täsiri bilen doga ediň. Ýahd. 20
Eger maşgala agzalaryňyzyň biri ýygnak gatnaşygyndan kesilse ýa-da imandan dänse, gylyjyň sanjylyşy ýaly, gaty agyr degip biler. Şeýle ajy hasrata nädip döz gelip bilersiňiz? Munuň üçin ruhy işleri dowam etmek wajyp. Mukaddes Ýazgylary her gün okaň; ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanyp, olara yzygiderli gatnaşyň; yzygiderli wagyz ediň we çydamly bolup biler ýaly, Hudaýdan kömek soraň (Ýahd. 21). Emma siz özüňizi bu işleri ýürekden däl-de, borçly hasaplap edýän ýaly duýýan bolsaňyz näme? Ruhdan düşmäň! Ruhy işleri etmegiňizi dowam etseňiz, ýaramaz pikirleriňizi ýeňmäge we duýgularyňyza erk etmäge kömek eder. 73-nji mezmury ýazan adam hem şeýle ýagdaýy başdan geçiripdi. Ol erbet pikirlere ýol berip, göwnüçökgünlige düşüpdi. Emma Hudaýa sežde edilýän ýere baranda, ol garaýşyny üýtgedip bildi (Zeb. 73:16, 17). Ýehowa wepaly gulluk etmegiňizi dowam etseňiz, siz hem köp bereketler alarsyňyz. w17.10 sah. 16, abz. 17, 18
16-njy dekabr, duşenbe
Söýgiňiz ikiýüzli bolmasyn. Rim. 12:9
Şeýtan Erem bagynda How ene bilen gepleşende, onuň aladasyny edýän ýalydy. Aslynda bolsa, ol öz bähbidini gözläp, ikiýüzlülik edýärdi (Gel. çyk. 3:4, 5). Dawut patyşanyň döwründe Ahytopel özüni patyşanyň dosty ýaly alyp barýardy. Emma özüne amatly ýagdaý dörände, ol Dawutdan ýüz öwürdi (2 Şam. 15:31). Şu günlerem imandan dänen we başga adamlar özüni dogan-uýalary söýýän ýaly edip görkezseler-de, aslynda, öz bähbidine çapýarlar. Olar «süýji gürrüňleri we ýaranjaň sözleri bilen» ýygnakda agzalalyk döredýärler (Rim. 16:17, 18). Ikiýüzli söýgini bildirmek utanç hasaplanýar. Sebäbi ol Hudaýa mahsus bolan janaýamaz söýgä düýbünden garşy gelýär. Şeýle söýgini bildirýän adam başgalary aldamagy başarsa-da, Ýehowany aldap bilmeýär. Isa ikiýüzli adamlara «agyr jeza beriljekdigini» aýtdy (Mat. 24:51). Şonuň üçin biz özümizden: «Men öz bähbidime çapman ýa-da mekirlige ýüz urman hemişe ýürekden söýgi bildirmäge çalyşýarynmy?» diýip sorasak, gowy bolar. w17.10 sah. 8, abz. 6—8
17-nji dekabr, sişenbe
Hudaýyň göwnünden turmak isleýärler... ýöne olar muny dogry bilime laýyk etmeýärler. Rim. 10:2
Dogrudanam, wagyzda Hudaýyň Sözünden okanymyzda, Ýehowa sözlemäge ýol berýäris. Okajak aýatlarymyzy dogry saýlasak, onda onuň täsiri biziň aýtjak islendik sözümizden has täsirli bolar (1 Sel. 2:13). Özüňize şeýle sorag beriň: «Men wagyz edýän adamlaryma Hudaýyň Sözünden okar ýaly mümkinçilik gözleýärinmi?» Elbetde, gürrüňdeş bolýan adamlarymyza Ýazgylardan ýöne bir okamak ýeterlikli däl. Näme üçin? Sebäbi köp adamlar Mukaddes Ýazgylary kän gowy bilmeýärler ýa-da oňa asla düşünmeýärler. Biz hem I asyrdaky mesihçileriň göreldesine eýermeli. Okan aýadymyza adamlar hökman düşüner öýtsek, nädogry bolardy. Şol sebäpli okan aýadymyzyň esasy pikirlerini nygtamak we onuň manysyny düşündirmek üçin ýörite wagt sarp etmeli. Şonda Hudaýyň Sözündäki habaryň diňleýjileriň pikirine we ýüregine täsir etmegini gazanyp bileris (Luka 24:32). w17.09 sah. 25, abz. 7, 8
18-nji dekabr, çarşenbe
Ähliňiz... rehimdar... boluň. 1 Pet. 3:8
Isanyň göreldesine eýermäge jan edýän adamlara we imandaşlarymyza duýgudaşlyk bildiriň (Ýah. 13:34, 35). Duýgudaşlyk bu «bile ejir çekmegi» hem aňladýar. Şeýle adam kyn ýagdaýa düşenleriň derdini çekişmäge taýyn bolýar. Siz hem bu häsiýeti bildirmäge mümkinçilik gözläň! Şeýle ýagdaýa düşen adamlara duýgudaşlyk bildirmäge köpler seslenýärler. Bu babatda Ýehowanyň halky gowy görelde görkezýär (1 Pet. 2:17). 2011-nji ýylda Ýaponiýada ýertitreme we sunami bolanda, ýurduň dürli ýerinden hem-de daşary ýurtdan kömek etmäge köp meýletinçiler geldi. Aýylganç zyýan ýeten ýerde ýaşaýan bir uýamyz örän ruhlanandygy we teselli tapandygy barada şeýle ýazdy: «Bu maňa Ýehowanyň aladamyzy edýändigine göz ýetirmäge kömek etdi. Imandaşlarymyzam bir-biriniň aladasyny edýärler. Bütin dünýädäki dogan-uýalar bolsa biziň üçin doga edýärdi». w17.09 sah. 11, abz. 12, 13
19-njy dekabr, penşenbe
Ruhuň miwesi... özüňe erk etmeklikdir. Gal. 5:22, 23
Biz näme üçin özümize erk etmegi öwrenmeli? Geliň, munuň iki wajyp sebäbine seredeliň. Birinjiden, özüne erk edýän adamlar köp kynçylyklaryň öňüni alýar. Adatça, olar has durnukly bolýarlar, adamlar bilen oňşukly ýaşaýarlar, gahar-gazap, alada etmek, göwnüçökgünlige düşmek ýaly zatlara ýykgyn bolmaýarlar. Ikinjiden, synaga garşy durmak we gaharyňa bäs gelmek ýaly, Hudaýa ýaraýan häsiýetleri görkezýärler. Adam ata we How ene bilen bolan waka munuň hakykatdygyny subut edýär (Gel. çyk. 3:6). Bu wajyp häsiýeti ösdürmedik adamlaryň nähili kynçylyklara uçrandyklary barada hem oýlanyp görüň. Bikämil adam kämil derejede özüne erk edip bilmeýär. Ýehowa hem muňa düşünýär. Şol sebäpli ol gullukçylaryna günäli höweslerine garşy göreşmäge ýardam etmek isleýär (1 Pat. 8:46—50). w17.09 sah. 3, 4, abz. 3, 4
20-nji dekabr, anna
Täze häsiýetlerine geýniň. Kol. 3:10
Bir wagtlar Günorta Afrikada Ýehowanyň garaýagyz we akýagyz Şaýatlary bir-biri bilen arkaýyn gatnaşyk edip bilmeýärdiler. Emma 2011-nji ýylyň 18-nji dekabrynda ýekşenbe güni Günorta Afrikadan we goňşy ýurtlardan gelen 78 müňden gowrak dogan-uýalarymyz ak hem-de garaýagyzdyklaryna garamazdan, Ýohannesburg şäheriniň uly stadionynda kongresi diňlemek üçin ýygnanyşdylar. Stadionyň gözegçileriniň biri şeýle diýdi: «Bu stadionda şeýle gowy häsiýetli adamlary men öň hiç haçan görmändim. Siziň baryňyz arassa geýnipsiňiz, stadiony-da gaty gowy arassalapsyňyz. Iň täsin zat bolsa, siz dürli-dürli milletli halk ekeniňiz». Şeýle öwgüli sözler dogan-uýalaryň beýleki adamlardan tapawutlanýandygyny görkezýär (1 Pet. 5:9). Eýsem, biz olardan nämede tapawutlanýarys? Mukaddes Ýazgylaryň we Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen, biz «öňki häsiýetlerimizi... egnimizden çykaryp», ýerine «täze häsiýetleri geýmek» üçin jan edýäris (Kol. 3:9, 10). w17.08 sah. 17, 18, abz. 2, 3
21-nji dekabr, şenbe
Siz hem sabyrly... boluň. Ýak. 5:8
Sabyrlylyk mukaddes ruhuň miwesi; Hudaý kömek etmese, bikämil adam hakyky sabyrlylygy ösdürip bilmez. Sabyrly bolsak, biz Ýehowany we adamlary söýýändigimizi görkezýäris. Sabyrly bolmasak, söýgimiz gowşar; emma sabyrlylyk ony berkider (1 Kor. 13:4; Gal. 5:22). Bu häsiýet mesihçiler üçin örän wajypdyr. Ol çydamlylyk bilen berk baglanyşykly, çydamlylyk bolsa kyn ýagdaýlarda dogry garaýşy saklamaga kömek edýär (Kol. 1:11; Ýak. 1:3, 4). Hakyky sabyrly adama ýamanlyk etseler-de, ol ar almaýar we soňunyň näme bilen tamamlanjakdygyny bilmese-de, berk durýar. Galyberse-de, Mukaddes Ýazgylar bize sabyrly garaşmagy ündeýär. Ýakup 5:7, 8-de sabyrlylygyň hut şu aýratynlygy göz öňünde tutulýar. w17.08 sah. 4, abz. 4
22-nji dekabr, ýekşenbe
Heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin. Iş. 41:10
Ýaşlar, siz bir ýere gitmezden öň, ilki nirä gitjekdigiň barada oýlanmagyň paýhaslydygyna düşünýän bolsaňyz gerek. Ýaşaýşy syýahat bilen deňeşdirse bolýar. Şol sebäpli heniz ýaşkaňyz, siz «nirä gitjekdigiňizi» planlaşdyrmaly. Elbetde, muny etmek aňsat däl. Ýöne ruhdan düşmäň. Ýehowanyň şu günki aýatda halkyna nähili sözleri aýdýandygyna üns beriň. Ýehowa siziň gelejek babatda paýhasly karara gelmegiňizi ündeýär (Wag. 12:1; Mat. 6:20). Ol siziň bagtly bolmagyňyzy isleýär. Muny Ýehowanyň ýaradan owadan tebigatynyň göwnüňi göterýän sesi we ýakymly ysy aýdyň subut edýär; şeýle-de onuň biz hakda alada edip, dogry ýoly salgy berýändiginden hem görse bolýar. Ýehowa maslahatyny inkär edýän adamlara: «Maňa ýaramaýany saýladyňyz... Bendelerim şatlanarlar, siz bolsa utanja goýlarsyňyz; bendelerim ýürek şatlygyndan aýdym aýdarlar» diýdi (Iş. 65:12—14). Hudaýyň halky dogry ýoly saýlanda, Ýehowa şöhratlanýar (Sül. tym. 27:11). w17.07 sah. 22, abz. 1, 2
23-nji dekabr, duşenbe
Ýehowa her biriniň (ýyldyzlaryň) adyny tutup çagyrýar. Zeb. 147:4, TD
Her ýyldyzyň nirede ýerleşýändigini bilýän Hudaý sizi-de tanaýar; ol siziň nirede we nähili duýgulary başdan geçirýändigiňizi, haçan hem-de nämä mätäçdigiňizi bilýär. Ýehowa diňe bir gündelik zerurlyklarymyz barada alada etmän, eýsem, kynçylyklara döz gelip biler ýaly, bize güýç berýär hem-de duýgudaşlyk bildirýär (Zeb. 147:5). Belki-de, biz düşen ýagdaýymyzy çekip-çydardan has agyr hasaplaýandyrys. Emma Hudaý biziň ýagdaýymyza düşünýär, sebäbi «toprakdandygymyz Onuň ýadynda» (Zeb. 103:14). Bikämil bolandygymyz üçin, biz käte şol bir ýalňyşlyklary goýberýäris. Wagtal-wagtal ten höwesleriň täsirine düşüp, aýdan sözümize ökünýäris ýa-da başgalara göriplik edýäris. Hiç haçan ýalňyşmasa-da, Ýehowanyň biziň ýagdaýymyza doly düşünýändigi diýseň geň galdyrýar. Dogrudan-da, onuň düşünjesi akyla sygmaz! (Iş. 40:28). Mümkin, sizem Ýehowanyň güýji bilen käbir synaglara döz gelensiňiz (Iş. 41:10, 13). w17.07 sah. 18, 19, abz. 6—8
24-nji dekabr, sişenbe
Sahy adam bereket tapar. Sül. tym. 22:9
Häzir daşary ýurtda ýaşaýan dogan Şri-Lankadaky öýüni we mellegini ýygnak duşuşyklary, kongresleri geçirmek hem-de uzak wagtly gulluk edýän dogan-uýalaryň ýaşamagy üçin berýär. Bu garyp ýaşaýan ýerli wagyzçylar üçin uly kömekdi. Wagyz işi çäklendirilen ýurtlarda doganlar öýlerini ýygnak geçirmek üçin hödürleýärler. Ýogsam, puldan kösenýän dogan-uýalar we pionerler kireýine jaý almaly bolardy. Patyşalyk işi üçin hemişe jomartlyk bildirýän bir uýa alýan bereketleri barada şeýle diýýär: «Maddy taýdan jomartlygyň berýän bereketlerini hiç zat bilen deňäp bolmaýar. Men näçe köp jomart bolsam, şonça-da bu häsiýet maňa başgalara dogry garaýyşda bolmaga kömek edýär. Şeýle-de başgalary bagyşlamaga, sabyrly bolmaga, lapykeçlige düşmezlige we maslahaty kabul etmäge ýardam edýär». w17.07 sah. 9, abz. 9, 10
25-nji dekabr, çarşenbe
Ýehowa Şeýtana: «Bolýar, onuň ähli zadyny seniň eliňe berýärin» diýdi. Eýp. 1:12, TD
Eýýup näme sebäpden ejir çekendigine kem-kemden has gowy düşünen bolsa-da, gören görgüleriniň özüne nähili peýda getirendigi hakda oýlanandyr. Ol nähili pikir edäýende-de, Hudaýyň beren maslahaty hakda oýlanmagy oňa dogry garaýşyny saklamaga kömek edip, teselli berendir (Zeb. 94:19). Eýýup bilen bolan waka bize-de garaýşymyzy düzetmäge we teselli tapmaga kömek edip biler. Sebäbi «öňki ýazylan zatlaryň ählisi bize görkezme üçin ýazylypdyr. Olar bize umyt berýär, çünki Ýazgylardaky zatlar çydamly bolmaga kömek edýär we teselli berýär» (Rim. 15:4). Biz mundan nähili sapak edinýäris? Birinjiden, özümize has köp üns berip, Ýehowanyň hökümdarlygynyň aklanmagy baradaky wajyp meseläni unutmaly däl. Ikinjiden, Eýýup ýaly synaglarda wepaly galyp, bu wajyp meselä gatnaşmaga bildirilen hormata minnetdar bolalyň. w17.06 sah. 24, abz. 9; sah. 25, abz. 13, 14
26-njy dekabr, penşenbe
Ýörüň, adamyň ýok ýerine gidip, az-owlak dynç alalyň. Mar. 6:31
Isa-da dynç almagyň wajypdygyna düşünýärdi. Bir gezek ol şägirtleri bilen uzakly gün wagyz edeninden soň, olara şu günki aýatdaky sözleri aýtdy. Her bir adam dynç almaga mätäç. Emma seresap bolmasak, ol durmuşymyzda esasy orun eýelemegi mümkin. Meselem, I asyrda köpler «geliň, iýip-içeliň, sebäbi ertir barybir öleris» diýen garaýşa eýerip ýaşaýardylar (1 Kor. 15:32). Şu günlerem şeýle garaýyş höküm sürýär. Eýsem, dynç almaklyga dogry garaýşy saklaýandygymyzy nädip barlap bileris? Hepdäniň dowamynda ruhy çärelere näçe wagt sarp edýändigimizi hasaplalyň. Soňra ony sporta, gowy görýän zatlarymyza, telewizor görmeklige we wodeooýunlary oýnamaklyga sarp edýän wagtymyz bilen deňeşdireliň. Belki-de, bu zatlara sarp edýän wagtymyzy azaltmalydyr? (Efes. 5:15, 16). w17.05 sah. 24, 25, abz. 11—13
27-nji dekabr, anna
Gökdäki Patyşalyk gowy dürdäneleri agtarýan söwdagär kimindir. Mat. 13:45
Isanyň mysalyndaky söwdagär gaty owadan dürdäne tapýar. Ýöne ony satyn almak üçin, ol bar emlägini satmaga taýyndy. Bu dürdänäniň söwdagär üçin nähili gymmatlydygyny göz öňüne getirýärsiňizmi? Hudaýyň Patyşalygy baradaky hakykaty gymmatbaha dürdänä meňzetse bolýar. Eger biz ony söwdagäriň dürdänäni gymmat saýyşy ýaly söýsek, onda Patyşalygyň raýaty bolmak üçin islendik zatdan geçmäge taýyn bolarys (Mar. 10:28—30). Mysal üçin, Zakkaý adamlardan gereginden artyk salgyt ýygnap, özüne köp baýlyk toplaýar (Luka 19:1—9). Emma ol Isanyň Patyşalyk baradaky wagzyny eşidende, onuň gymmatyna düşünip, dessine kabul edýär. Zakkaý begenip: «Halypam, ine, men emlägimiň ýarysyny garyplara paýlaryn, kimiň zadyny elinden zor bilen alan bolsam, oňa dört esse edip gaýtaryp bererin» diýdi. Ol hilegärlik edip gazanan baýlygyny höwes bilen paýlady we maddy zatlara bolan isleginden geçmäge taýyndy. w17.06 sah. 10, abz. 3—5
28-nji dekabr, şenbe
Çagalarymyň hakykat boýunça ýaşaýandygyny eşidenimde, şatlygymyň çägi bolmady. 3 Ýah. 4
Çagalara kömek edýän dogan-uýalar olara ene-atasyna hormat goýmagy öwretmeli, olar hakda gowy zatlary aýtmaly we olaryň jogapkärçiligini öz üstüne aljak bolmaly däl. Galyberse-de, çagalara kömek edýän dogan-uýalar imandaşlarynda we başga adamlarda nädogry pikir döredip biljek hereketlerden gaça durmaly (1 Pet. 2:12). Ene-atalar hem çagalaryny terbiýelemek borjuny başgalaryň üstüne atmaly däl. Olar dogan-uýalardan kömek etmegi haýyş etseler-de, çagalaryna özleri terbiýe bermeli. Ene-atalar, Ýehowadan kömek soraň we çagalaryňyzy goldamak üçin eliňizde baryny ediň (2 Ýyl. 15:7). Olaryň Ýehowa bilen dostlugyny öz islegiňizden ileri tutuň. Hudaýyň Sözi çagaňyzyň ýüregine täsir eder ýaly jan ediň. Çagaňyzyň Ýehowanyň wepaly gullukçysy bolup biljekdigine asla şübhelenmäň. w17.05 sah. 12, abz. 19, 20
29-njy dekabr, ýekşenbe
Ata-babalarymdan galan mirasy saňa bersem, Ýehowa muny asla oňlamaz. 1 Pat. 21:3, TD
Bir adama töhmet atyp, ölüme höküm edýärler. Dogan-garyndaşlary we dost-ýarlary oňa gara ýöňkelýändigini bilenlerinde, ör-gökden gelýärler. Adalaty söýýänler bolsa bigünä adama we onuň ogullaryna nähak höküm çykarylandygyny eşidip, öz gulagyna ynanmaýarlar. Bu waka toslama däl. Ol Ysraýylyň patyşasy Ahabyň döwründe ýaşan Ýehowanyň wepaly gullukçysy Nabot bilen bolupdy (1 Pat. 21:11—13; 2 Pat. 9:26). Bir gezek Ahap patyşa Nabotdan üzümçiligini satmagy ýa-da deregine ondanam gowy üzümçilik almagy teklip edýär. Emma Nabot razylaşmaýar. Näme üçin? Nabot Ýehowanyň ysraýyllylara beren kanunyna görä nesilden-nesle geçmeli ýeri satmagyň gadagandygyny bilýärdi (Lew. 25:23; San. 36:7). Görşümiz ýaly, Nabot Ýehowanyň göwnünden turmak isleýärdi. w17.04 sah. 23, abz. 1; sah. 24, abz. 4
30-njy dekabr, duşenbe
Ýene az-kem sabyr et, erbet ýok bolar. Hawa, onuň ýerine seredersiň, ol ýokdur. Zeb. 37:10
Zalym adamlar ýok edilende kimler halas bolar? Ýehowa: «Mylakatlylar ýeri miras alar, bol parahatlykda hezil eder. Dogry adamlar ýeri miras alyp, onda ebedi ýaşar» diýip, teselli berýär (Zeb. 37:11, 29). Eýsem, kime «mylakatly» we «dogry adam» diýse bolar? Mylakatly adamlar Ýehowanyň tälimini we görkezmesini pesgöwünlilik bilen kabul edýärler. Dogry adamlar bolsa Ýehowa Hudaýyň dogry hasaplaýan işlerini höwes bilen berjaý edýärler. Gynansak-da, bu dünýäde dogry adamlara garanyňda, erbetler gaty köp. Emma täze dünýäde diňe mylakatly we dogry adamlar ýaşar. Dogrudanam, dogry adamlar ýer ýüzüni Jennete öwrer. w17.04 sah. 10, 11, abz. 5, 6
31-nji dekabr, sişenbe
Eliňden gelse, ýagşylygy edilmeli adamlarda gaýgyrma. Sül. tym. 3:27
Esasan-da, agyr ýagdaýlarda Hudaýa söýgimiz birek-biregi söýmäge höweslendirýär (1 Ýah. 3:17, 18). I asyrda ýehudy mesihçiler açlykdan ejir çekende, dogan-uýalar olara kömek etdiler (Res. iş. 11:28, 29). Pawlus bilen Petrus hem mesihçilere myhmansöýer bolmagy ündedi (Rim. 12:13; 1 Pet. 4:9). Mesihçiler asuda ýaşaýan dogan-uýalary myhmançylyga çagyrýan bolsa, howp abanýan ýa-da yzarlanýan imandaşlaryna hem myhmansöýerlik bildirmeli. Ýakynda Ukrainanyň gündogarynda ýaşaýan müňlerçe Ýehowanyň Şaýatlary harby çaknyşyklar we yzarlamalar sebäpli öýüni taşlamaly boldular. Gynansak-da, käbir dogan-uýalary öldürdiler. Köpüsini Ukrainadaky we Russiýadaky dogan-uýalar öz öýüne kabul etdiler. Olar iki ýurtda-da syýasy işlere goşulman, bitaraplygyny saklaýardylar we hoş habary yhlasly «wagyz edýärdiler» (Ýah. 15:19; Res. iş. 8:4). w17.05 sah. 4, abz. 6, 7