Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es20 sah. 7—17
  • Ýanwar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýanwar
  • Her günki aýady okalyň — 2020
  • Sözbaşylar
  • 1-nji ýanwar, çarşenbe
  • 2-nji ýanwar, penşenbe
  • 3-nji ýanwar, anna
  • 4-nji ýanwar, şenbe
  • 5-nji ýanwar, ýekşenbe
  • 6-njy ýanwar, duşenbe
  • 7-nji ýanwar, sişenbe
  • 8-nji ýanwar, çarşenbe
  • 9-njy ýanwar, penşenbe
  • 10-njy ýanwar, anna
  • 11-nji ýanwar, şenbe
  • 12-nji ýanwar, ýekşenbe
  • 13-nji ýanwar, duşenbe
  • 14-nji ýanwar, sişenbe
  • 15-nji ýanwar, çarşenbe
  • 16-njy ýanwar, penşenbe
  • 17-nji ýanwar, anna
  • 18-nji ýanwar, şenbe
  • 19-njy ýanwar, ýekşenbe
  • 20-nji ýanwar, duşenbe
  • 21-nji ýanwar, sişenbe
  • 22-nji ýanwar, çarşenbe
  • 23-nji ýanwar, penşenbe
  • 24-nji ýanwar, anna
  • 25-nji ýanwar, şenbe
  • 26-njy ýanwar, ýekşenbe
  • 27-nji ýanwar, duşenbe
  • 28-nji ýanwar, sişenbe
  • 29-njy ýanwar, çarşenbe
  • 30-njy ýanwar, penşenbe
  • 31-nji ýanwar, anna
Her günki aýady okalyň — 2020
es20 sah. 7—17

Ýanwar

1-nji ýanwar, çarşenbe

Ýer ýüzünde Musa ýaly ýumşak adam ýokdy (4 Mus. 12:3).

Musa Müsür şasynyň maşgalasynda ýaşaýardy; şol wagtlar ol pespäl däldi. Aslynda, ol gany gyzmady; hatda adalatsyz hereket edýär diýip, ol bir adamy hem öldüripdi. Şonda ol Ýehowa eden işimi oňlaýar diýip, pikir edendir. Ýöne ysraýyl halkyna ýolbaşçylyk eder ýaly, Musa pygambere batyrgaýlykdan beter pespällik häsiýeti gerekdi. Muňa düşünmäge kömek etmek üçin, Ýehowa 40 ýyllap oňa tälim berdi. Mundan başga-da pespäl bolmagy öwrener ýaly, ol kiçigöwünlilik, gulak asmaklyk we ýumşaklyk ýaly häsiýetleri ösdürmelidi. Musa mundan sapak edinip, gowy baştutan boldy (2 Mus. 2:11, 12; Res. 7:21—30, 36). Şu günler maşgalabaşylar hem-de ýygnak ýaşululary Musanyň göreldesine eýerip biler. Kimdir biri size sylag-hormat bildirmese, öýke-kine etmäge howlukmaň. Kiçigöwünli boluň we özüňiziň hem ýalňyşýandygyňyzy unutmaň (Nes. 7:9, 20). Gulak asyjy boluň we kynçylygy çözmek üçin Ýehowanyň görkezmesine eýeriň. Şeýle-de hemişe ýumşaklyk bilen jogap beriň (Nak. 15:1). Şunuň ýaly hereket edýän maşgalabaşylar we gözegçiler Ýehowany razy edip, parahatlygyň bolmagyna ýardam edýär hem-de pespäl bolmakda başgalara görelde bolýar. w19.02 sah. 8, abz. 1; sah. 10, abz. 9, 10

2-nji ýanwar, penşenbe

Isanyň... ýüregi awady (Mar. 6:34).

Isanyň adamlara näme üçin ýüreginiň awandygyna we duýgudaşlyk bildirendigine üns beriň. Isa «olaryň çopansyz goýunlar ýalydygyny» gördi. Mümkin, Isa olaryň käbiriniň garyp we maşgalasyny eklemek üçin günuzyn agyr zähmet çekýändigini görendir. Başgalar bolsa ýakynynyň ölüminden ýaňa hasrat çekýändir. Nähili bolaýanda-da, Isa olaryň ýagdaýyna gowy düşünýärdi. Isanyň özi hem şeýle kynçylyklaryň käbirini başyndan geçiripdi. Ol adamlaryň ýürekden aladasyny edýärdi. Bu bolsa ony adamlara teselli beriji habary wagyz etmäge höweslendirdi (Işa. 61:1, 2). Biz Isanyň galdyran göreldesinden näme öwrenip bileris? Bizem «çopansyz goýunlar ýaly» adamlaryň arasynda ýaşaýarys. Olaryň kynçylyklary başyndan agdyk, ýöne bizde olaryň kynçylyklaryny çözmäge kömek etjek bir zat bar. Bu Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habar (Ylh. 14:6). Halypamyzyň göreldesine eýerip, bizem hoş habary yhlasly wagyz edýäris. Sebäbi «garyp-gasara rehim edýäris» (Zeb. 72:13). Biz adamlara duýgudaşlyk bildirip, olara kömek etmek üçin elimizde baryny etmek isleýäris. w19.03 sah. 21, 22, abz. 6, 7

3-nji ýanwar, anna

Ýehowa alkyş bolsun! Ol her gün ýükümizi göterýär (Zeb. 68:19).

Ýehowany söýmäge bizde ençeme sebäpler bar. Ol bize her gün ýaşaýyşdan lezzet alyp ýaşamagymyz üçin, diňe bir ýagşy zatlary bermek bilen çäklenmän, eýsem, Özi we niýetleri barada hakykaty hem öwredýär (Ýah. 8:31, 32). Şeýle-de ol bize ýygnak duşuşyklary arkaly görkezme berýär we goldaýar. Mundan başga-da ol ýükümizi göterişýär we eşretli ebedi ýaşaýşa umyt berýär (Ylh. 21:3, 4). Ýehowanyň biziň üçin eden zatlary hakda oýlananymyzda, oňa bolan söýgimiz hasam artýar. Ýehowa bolan söýgimiz bolsa gorka dogry garaýyşda bolmaga kömek edýär. Ine, şonuň üçinem biz ony gynandyrmakdan gorkýarys. Ýehowanyň berýän görkezmeleriniň bize köp peýda getirýändigi hakda hemişe oýlanyň. Şeýtseňiz, Hudaýy hasam söýüp, onuň kada-kanunlary boýunça ýaşamak islärsiňiz. Şonda Şeýtanyň hödürleýän zatlarynyň hiç biri sizi Ýehowa gulluk etmekden saklap bilmez. Indi göz öňüne getiriň, siziň ýaşap ýöreniňize müň ýyl boldy. Yzyňyza ser salyp, siz suwa çümdürilmek bilen iň gowy karara gelendigiňize göz ýetirýärsiňiz! w19.03 sah. 6, abz. 14; sah. 7, abz. 19

4-nji ýanwar, şenbe

Gaýratly gelni kim tapar? Bahasy merjenden has gymmatdyr (Nak. 31:10).

Maşgalada her bir adam minnetdarlyk bildirende, bu tutuş maşgala peýda getirýär. Meselem, är-aýal bir-birine minnetdarlygyny näçe köp bildirse, olar şonça-da birek-birege ýakynlaşýar. Şeýle-de bu bir-biriniň ýalňyşyny derrew bagyşlamaga ýardam edýär. Aýalynyň gadyryny bilýän är diňe bir onuň aýdýan ýagşy sözlerine we işlerine üns bermän, eýsem, «taryplaýar» (Nak. 31:28). Paýhasly aýal hem ýanýoldaşyna onuň gadyryny bilýändigini hereketi bilen görkezýär. Ene-atalar, siz çagalaryňyza minnetdar bolmagy nädip öwredip bilersiňiz? Çagalaryňyzyň siziň aýdýan sözleriňizden we edýän işleriňizden görelde alýandygyny ýadyňyzdan çykarmaň. Şol sebäpli çagalaryňyz siziň üçin bir zat edende, sagbolsun aýdyp, görelde görkeziň. Şeýle-de başgalar olara ýagşylyk edende, sagbolsun aýtmalydygyny öwrediň. Olara ýürekden minnetdarlyk aýtmalydygyny we aýdýan sözleriniň has gowy netijeleri berýändigini düşündiriň. w19.02 sah. 17, abz. 14, 15

5-nji ýanwar, ýekşenbe

Soňky demime çenli wepaly bolaryn! (Eýp. 27:5).

Bu sözler biziň üçin örän wajyp. Eýýup pygamber synaga düşende, asla ýan bermedi. Bizem şeýle edip bileris. Şeýtan Eýýuba töhmet atyşy ýaly, biziň her birimize-de töhmet atýar. Nädip? Aslynda, ol biziň Ýehowa söýgi bilen gulluk etmeýändigimizi we kynçylyga uçrasak, oňa gulluk etmegimizi bes edip, aýypsyzlygymyzy saklamajakdygymyzy aýdýar (Eýp. 2:4, 5; Ylh. 12:10). Şeýtanyň töhmeti size nähili täsir edýär? Özüň barada şeýle zatlary eşitmek, gaty agyr degýär. Ýöne oýlanyp görüň: Ýehowanyň bize bolan ynamy gaty güýçli. Şonuň üçin ol bize wepalylygymyzy subut etmäge mümkinçilik berýär. Ol Şeýtana aýypsyzlygymyzy synamaga ýol berse-de, aýypsyzlygymyzy saklap, Şeýtanyň ýalançydygyny subut etjekdigimize doly ynanýar. Şeýle-de ol bize kömek etjekdigini wada berýär (Ýew. 13:6). Eýsem, älem-jahanyň Eýesiniň bize şeýle ynam bildirmegi uly hormat dälmi näme?! Indi siz aýypsyz galmagyň gaty ähmiýetlidigine göz ýetiren bolsaňyz gerek. Bu bize Şeýtanyň ýalançydygyny subut etmäge, gökdäki Atamyzyň adyny aklamaga we onuň hökümdarlygyny goldaýandygymyzy görkezmäge mümkinçilik berýär. w19.02 sah. 5, abz. 9, 10

6-njy ýanwar, duşenbe

Şeýle bir günler geler: sizi öldüren adam Hudaýa gulluk edýändirin öýder (Ýah. 16:2).

Isa resullaryna nähili synaglaryň garaşýandygyny gürrüň berdi. Soňra olary özi ýaly «mert bolmaga» höweslendirdi (Ýah. 16:1—4a, 33). Şondan birnäçe ýyl geçensoňam, Isanyň şägirtleri onuň janaýamazlygyndan we batyrgaýlygyndan görelde alýardylar. Dürli kynçylyklar sebäpli horluk çekseler-de, olar bir-birine direg bolýardy (Ýew. 10:33, 34). Şu günlerem biz Isanyň batyrgaýlygyndan görelde alýarys. Meselem, imany üçin yzarlamalara duçar bolýan dogan-uýalarymyzy goldar ýaly, batyrgaýlyk gerek bolýar. Käwagt dogan-uýalary adalatsyzlyk bilen tussag edýärler. Şeýle ýagdaýda kazyýetde ýa-da häkimiýetiň öňünde olary goramak üçin elimizde baryny etmeli (Flp. 1:14; Ýew. 13:19). Şeýle-de biz hoş habary wagyz edip biler ýaly, batyrgaý bolmaly (Res. 14:3). Isa ýaly bizem garşylyga we yzarlama duçar bolsak-da, Patyşalyk habaryny wagyz etmegimizi dowam edýäris. w19.01 sah. 22, 23, abz. 8, 9

7-nji ýanwar, sişenbe

Geliň, biri-birimize ünsli bolup, birek-biregi söýmäge we ýagşy işleri etmäge höweslendireliň. Käbirleri ýaly ýygnaklardan galmagy endik edinmäliň... biri-birimizi has-da ruhlandyralyň (Ýew. 10:24, 25).

Ýygnakda ruhlandyryjy jogaplary bermäge haýsy maslahatlar kömek eder? Her duşuşyga gowy taýýarlanmak örän wajyp. Eger siz ýygnaga gowy taýýarlansaňyz we jogap bermegi maksat edinseňiz, jogap bereniňizde, özüňizi hasam ynamly duýarsyňyz (Nak. 21:5). Ýygnaga gowy taýýarlanmak üçin näme etmeli? Taýýarlanyp başlamazdan öň, Ýehowadan mukaddes ruhuny diläň (Luka 11:13; 1 Ýah. 5:14). Soňra makala gysgaça göz aýlaň. Onuň adyna, sözbaşylaryna, suratlaryna we çarçuwa serediň. Her abzasa taýýarlananyňyzda, getirilen aýatlaryň hemmesini okajak boluň. Esasy pikir hakda oýlanyp, berjek jogabyňyza aýratyn üns beriň. Gowy taýýarlansaňyz, özüňize-de köp peýda berer we ýygnakda jogap bermek aňsat bolar (2 Kor. 9:6). w19.01 sah. 9, abz. 6; sah. 11, 12, abz. 13—15

8-nji ýanwar, çarşenbe

Gören görnüşiňi... ýaz (Hab. 2:2).

Habakuk pygamberi gaýgy-aladalaryny ýazmaga ylhamlandyrmak bilen, Ýehowa bize bir wajyp zady öwretmek isleýär. Biz Hudaýa aladalarymyzy we biynjalyk edýän zatlarymyzy aýtmaga gorkmaly däl. Ol bizi mähir bilen dogada ýüregimizi dökmäge çagyrýar (Zeb. 50:15; 62:8). Habakuk pygamber Ýehowa ýakynlaşmak üçin elinde baryny edýärdi. Ol gökdäki Atasyna hem Dostuna ýürekden bil baglaýardy. Habakuk pygamber öz düşünjesine bil baglap, düşen ýagdaýyna gaharlanmady. Gaýtam, duýgularyny we aladalaryny dogada Ýehowa aýdyp, bize gowy görelde galdyrdy. Dogalary eşidýän Ýehowa bizi aladalarymyzy oňa aýtmaga we özüne bil baglamaga çagyrýar (Zeb. 65:2). Şeýtsek, Ýehowanyň mähirli aladasyny duýmaga we görkezmesine eýermäge kömek eder (Zeb. 73:23, 24). Şeýle-de Ol bize nähili aladamyz bolsa-da, öz garaýşyny bilmäge kömek eder. Biziň ýürekden edýän dogalarymyz Hudaýa bolan ynamymyzy has-da berkidýän zatlaryň biridir. w18.11 sah. 13, abz. 2; sah. 14, abz. 5, 6

9-njy ýanwar, penşenbe

Ýer ýüzündäki mukaddeslere, hormata mynasyp ynsanlara guwanýaryn (Zeb. 16:3).

Dawut diňe öz ýaşyndaky adamlar we ýakyn ýaranlary bilen dostlaşmaýardy. Onuň iň ýakyn dostlarynyň biriniň kimdigi ýadyňyza düşýärmi? Onuň ady Ýonatandy. Olaryň dostlugy Mukaddes Kitapda agzalýan hakyky dostluk baradaky wakalaryň biri hasaplanýar. Ýöne bilýäňizmi, Ýonatan Dawutdan 30 ýaş uludy. Onda olaryň dostlugy nämä esaslanýardy? Dawut bilen Ýonatan Hudaýa iman edýärdi, biri-birine çuňňur hormat goýýardy we biri-biriniň batyrgaýlygyna guwanýardy (1 Şam. 13:3; 14:13; 17:48—50; 18:1). Dawut bilen Ýonatan ýaly bizem, Ýehowany söýýän we oňa iman edýän adamlar bilen dostlugymyza «guwanýarys». Hudaýa birnäçe ýyldan bäri gulluk edýän Kiýera uýamyz şeýle diýýär: «Men dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan adamlar bilen dostlaşýaryn. Olaryň köpüsiniň medeniýeti we tire-taýpasy tapawutlanýar». Eger siz hem şeýle etseňiz, onda Hudaýyň Sözüniň we onuň mukaddes ruhunyň täsiri bilen dörän agzybirligi aýdyň görersiňiz. w18.12 sah. 26, abz. 11—13

10-njy ýanwar, anna

Biri zyna etmedik aýaly bilen aýrylyşyp, başga birine öýlense, zyna edýändir (Mat. 19:9).

Bu ýerde nikanyň bozulmagyna getirýän günäler, ýagny zyna, pul üçin edilýän, är-aýal bolmadyk ýa-da bir jynsdaky adamlaryň arasyndaky we haýwanlar bilen jynsy gatnaşyk etmek göz öňünde tutulýar. Eger adam zyna etse, aýaly onuň bilen aýrylyşmalymy ýa-da aýrylyşmaly däldigini özi çözüp biler. Aslynda, Isa ahlaksyzlyk (porneýa) eden ýanýoldaşyň bilen hökman aýrylyşmaly diýjek bolmady. Meselem, äri zyna etse-de, aýaly nikasyny goramak üçin aýrylyşman biler. Mümkin, ol adamsyny henizem söýýändir; ony bagyşlandyr we nikasyny berkitmek isleýändir. Ýa-da aýal ýanýoldaşy bilen aýrylyşyp, ýöne gaýtadan durmuş gurmasa, käbir kynçylyklara uçraryn diýip pikir etmegi mümkin. Meselem, ol özüni ekläp bilermi? Jynsy höweslerine erk edip bilermi? Ol özüni ýeke duýmazmy? Çagalaryna nähili täsir eder? (1 Kor. 7:14). Görşümiz ýaly, günä etmedik tarap ýanýoldaşy bilen aýrylyşansoň, köp kynçylyklara uçrap bilýär. w18.12 sah. 12, abz. 10, 11

11-nji ýanwar, şenbe

Eý Ýehowany söýýänler, erbetligi ýigreniň! (Zeb. 97:10).

Ýehowa erbetligi ýigrenýär (Işa. 61:8). Ol biziň bikämillik sebäpli käbir nädogry isleglere ýykgyndygymyzy bilse-de, erbetligi ýigrenmegimizi isleýär. Ýehowanyň erbetlige nähili garaýandygy barada oýlansak, erbet işlere onuň garaýşy ýaly garamaga we şeýle işlerden gaça durmaga kömek eder. Ýehowanyň erbet işlere bolan garaýşyny özümizde ösdürsek, Mukaddes Kitapda anyk aýdylmaýan erbet işlere hem göz ýetirmäge kömek eder. Meselem, şu günler bütin dünýäde haýasyz tanslar giňden ýaýran. Käbirleri şeýle hereketleri ahlaksyzlyk däl diýip pikir etmegi mümkin. Ýöne şeýle işler erbetligi ýigrenýän Ýehowanyň pikirine laýyk gelýärmi? Geliň, özümize erk etmek häsiýetini ösdürip, Ýehowanyň ýigrenýän islendik erbet işlerinden gaça duralyň (Rim. 12:9). w18.11 sah. 25, abz. 11, 12

12-nji ýanwar, ýekşenbe

Dogruçyl adam wepaly bolsa, uzak ýaşar (Hab. 2:4).

Pawlus resul bu aýada üç gezek salgylanyp, Ýehowanyň wadasynyň örän wajypdygyny belläp geçdi (Rim. 1:17; Gal. 3:11; Ýew. 10:38). Dogry adam nähili kynçylyga uçrasa-da, Hudaýyň wadalarynyň ýerine ýetjekdigine iman edip ýaşaýar we Oňa bil baglaýar. Ýehowa hem ünsümizi gelejekde aljak bereketlerimize gönükdirmäge çagyrýar. Habakuk kitabyndan biziň ählimiz köp zatlary öwrenýäris. Ýehowa Özüne iman edýän we bil baglaýan her bir dogruçyl adamyň ebedi ýaşaýşa gowuşjakdygyny wada berýär. Şonuň üçin, geliň, nähili kynçylyk ýa-da alada bizi gurşap alsa-da, Hudaýa bolan imanymyzy berkitmegi we Oňa bil baglamagymyzy dowam edeliň. Ýehowa Habakuk pygamber arkaly bizi goldajakdygyna we gorajakdygyna ynandyrýar. Ol bizi mähir bilen özüne bil baglamaga we Patyşalygy astynda bütin ýer ýüzüniň pesgöwünli we bagtly gullukçylaryndan doljak wagtyna sabyrly garaşmaga çagyrýar (Mat. 5:5; Ýew. 10:36—39). w18.11 sah. 16, abz. 15—17

13-nji ýanwar, duşenbe

Hakykat ýolunda ýöräň (3 Ýah. 4).

I asyrda Isanyň öwredýän zatlaryny kabul eden adamlaryň käbiri soňra hakykat ýolunda ýöremegini bes etdiler. Meselem, Isa gudrat bilen uly märekäni doýrandan soň, olar Jelile deňziniň beýleki tarapyna geçip, onuň yzyna düşüp gidýär. Şol ýerde Isa olara üýtgeşik bir zat aýdýar: «Ynsan oglunyň bedenini iýmeseňiz we ganyny içmeseňiz, ýaşaýşa gowuşmarsyňyz». Olar Isadan bu sözleriň manysyny düşündirmegi soramagyň deregine, onuň aýdýanlaryna büdräp: «Onuň näme diýýändigini eşidýäňizmi? Diňlär ýaly däl-ä» diýýärler. Netijede, «şägirtleriň köpüsi Isanyň ýanyndan gidip, öňki işleri bilen meşgullandylar» (Ýah. 6:53—66). Gynansak-da, şu günlerem käbir dogan-uýalar hakykatdan daşlaşýarlar. Olaryň käbiri jogapkärli borjy ýerine ýetirýän doganyň sözi ýa hereketi sebäpli büdrediler. Başgalara bolsa Mukaddes Kitap esasynda berlen maslahaty kabul etmek kyn boldy. Şeýle-de käbir dogan-uýalar imandaşlary bilen aralarynda dörän düşünişmezlik sebäpli hakykatdan gitdiler. w18.11 sah. 8, 9, abz. 3—5

14-nji ýanwar, sişenbe

Siziň ýeke-täk Ýolbaşçyňyz bar, ol Mesihdir (Mat. 23:10).

Eger biz guramamyzda edilýän käbir özgerişiklere doly düşünmesek, Isanyň geçmişde nädip ýolbaşçylyk edendigi barada oýlansak gowy bolar. Ýuşanyň günlerinde-de, I asyrda-da Isa Hudaýyň halkyny goramak, olaryň imanyny we agzybirligini berkitmek üçin hemişe paýhasly görkezmeleri berýärdi (Ýew. 13:8). «Wepaly we paýhasly hyzmatkäriň» berýän görkezmesi Isanyň biz barada söýgi bilen alada edýändigini aýan edýär (Mat. 24:45). Biz Mesihiň görkezmesine düşünenimizde, onuň ruhy ýagdaýymyz bilen içgin gyzyklanýandygyna göz ýetirýäris. Isa biziň diňe bir ruhy zerurlyklarymyz barada alada etmän, bütin ýer ýüzünde alnyp barylýan has wajyp wagyz işine ünsümizi gönükdirmäge kömek edýär (Mar. 13:10). w18.10 sah. 25, abz. 13—16

15-nji ýanwar, çarşenbe

Hudaýyň çakylygyna mynasyp ýaşaň. Şeýle-de elmydama pesgöwünli... boluň (Efes. 4:1, 2).

Göwnümize degenlerinde özümize erk etmekde Dawut patyşa gowy görelde galdyrdy (2 Şam. 16:5—13). Bir gezek Şawul patyşanyň garyndaşy Şimeý Dawuda we onuň nökerlerine adalatsyz daraşýar, hatda olary daşlaýar. Dawut gaýtargy bermegiň deregine, onuň kemsitmesine sabyrly çydady. Oňa özüne erk etmäge näme kömek etdikä? Zebur kitabynyň 3-nji babynda Dawudyň ogly Abselimden gaçanda düzen aýdymy barada aýdylýar. 1-nji we 2-nji aýatlarda 2 Şamuwel 16-njy bapdaky wakalar beýan edilýär. Zebur 3:4-de Dawut ynam bilen: «Men Ýehowany çagyraryn, Ol... jogap berer» diýýär. Şeýle ýagdaýa uçranymyzda, bizem Ýehowa doga edip bileris. Şonda ol bize çydamly bolar ýaly, mukaddes ruhuny berer. Siz özüňize erk etmeli ýa-da adalatsyz daraşan adamy bagyşlamaly bolupdyňyzmy? Siz Ýehowanyň çekýän ezýetiňizi görýändigine we sylagsyz goýmajakdygyna berk ynanýarsyňyzmy? w18.09 sah. 6, 7, abz. 16, 17

16-njy ýanwar, penşenbe

Biz Hudaýyň işdeşleri (1 Kor. 3:9).

Biz wagyz edýän adamlarymyzyň hemişe aladasyny etmeli we hormat goýmaly. Munuň üçin ýaşaýan ýerimizdäki adamlaryň medeniýetini gowy bilmeli. Öýden-öýe wagyz edenimizde, biz edil garaşylmadyk myhman ýaly bolýandygymyzy unutmalyň. Şonuň üçin adamlaryň gürrüňdeş bolmaga taýyn wagty barmak örän wajyp (Mat. 7:12). Meselem, ýaşaýan ýeriňizde adamlar dynç günleri gijiräk turmagy halaýandyr. Eger şeýle bolsa, onda siz başda köçede ýa-da başga ýerlerde wagyz edip we gaýtadan idegleriňize baryp bilersiňiz. Adamlar bilen näçeräk gürrüňdeş bolmaly? Köp adamlar gaty işli bolandygy üçin, biz, esasan-da, ilkinji gezek wagyz edenimizde, olar bilen uzak wagtlap däl-de, gysgaça gürrüňdeş bolsak gowy bolar (1 Kor. 9:20—23). Eger adamlar olaryň ýagdaýyna we işlidigine düşünýändigimizi görseler, biziň bilen ýene-de gürrüňdeş bolmak islärler. Dogrudan-da, wagyzda Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesini görkezmek hasam wajyp. Şeýle edenimizde, biz hakykatdanam «Hudaýyň işdeşleri» bolýarys. Belki-de, Ýehowa biz arkaly kimdir birine hakykata gelmäge kömek eder (1 Kor. 3:6, 7). w18.09 sah. 32, abz. 15—17

17-nji ýanwar, anna

Pesgöwünli adamlar bagtlydyr, sebäbi olar ýeri miras alarlar (Mat. 5:5).

Pesgöwünli bolmak nädip bagtly edýär? Hakykat bilimi adamyň durmuşyny özgerdýär. Öň gödek, gyzma, gaharjaň bolan adamlar häzir täze häsiýetleri öwrenip «mähirli, duýgudaş, mylakatly, pesgöwünli, ýumşak we sabyrly bolýarlar» (Kol. 3:9—12). Şonuň üçin olar indi birek-biregi söýüp, parahat hem bagtly ýaşaýar. Hudaýyň Sözünde şeýle adamlaryň «ýeri miras aljakdygy» wada berilýär (Zeb. 37:8—10, 29). Isa pesgöwünli adamlar «ýer ýüzüni miras alar» diýende, nämäni göz öňünde tutdy? Isanyň mukaddes ruh bilen mesh edilen şägirtleri patyşalar hem ruhanylar bolup gökde höküm sürende, ýeri miras alarlar (Ylh. 20:6). Millionlarça başga adamlar bolsa kämillige ýetip, ýer ýüzünde boljak parahat hem bagtly durmuşda ebedi ýaşar. w18.09 sah. 19, abz. 8, 9

18-nji ýanwar, şenbe

Her bir adam diňlemäge taýyn bolmaly (Ýak. 1:19).

Ýehowanyň özi bu babatda ajaýyp görelde görkezýär (1 Mus. 18:32; Ýuşa 10:14). Geliň, Musa pygamber bilen bolan wakadan näme öwrenip biljekdigimize seredeliň (2 Mus. 32:11—14). Ýehowa Musa pygamberiň maslahatyna mätäç bolmasa-da, oňa pikirini aýtmaga mümkinçilik berdi. Siz köplenç ýalňyşýan adamy sabyrly diňläp, onuň beren maslahatyny kabul ederdiňizmi? Hawa, Ýehowa özüne iman bilen doga edýän adamlary sabyrly diňleýär. Her birimiz özümize şeýle soraglary bersek gowy bolar: «Eger Ýehowa Ybraýymyň, Raheliň, Musanyň, Ýuşanyň, Manowanyň, Ylýasyň we Hizkiýanyň dogasyny pesgöwünli hem sabyrly diňlän bolsa, onda menem dogan-uýalaryň ählisine hormat goýup, aýdýan zatlaryny ünsli diňläp, hatda olaryň berýän maslahatyny kabul etmeli dälmi näme? Men ýygnagymda ýa-da maşgalamda kimi has ünsli diňläp bilerin? Bu babatda gowulanmak üçin näme edip bilerin?» (1 Mus. 30:6; Ser. 13:9; 1 Pat. 17:22; 2 Tar. 30:20). w18.09 sah. 6, abz. 14, 15

19-njy ýanwar, ýekşenbe

Jomardyň döwleti artar, suw berene suw berler (Nak. 11:25).

Öz islegini başgalaryňkydan ileri tutýan adamlaryň arasynda ýaşaýandygymyz üçin jomart bolmak kyn bolup biler. Emma Isa iki iň wajyp tabşyryk barada aýdanda, Ýehowany bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin aň-düşünjäň we bütin güýjüň bilen söýmelidigini hem-de ýakynymyzy özümizi söýşümiz ýaly söýmelidigini belläp geçdi (Mar. 12:28—31). Ýehowany söýýän adamlar ondan görelde alýarlar. Ýehowa-da, Isa-da başgalara jomartlyk bilen berýärler. Olar bizi hem şeýle etmäge çagyrýar. Sebäbi bu bizi hakykatdan bagtly edýär. Eger biz Hudaý hem-de ýakynymyz üçin jomartlyk ruhuny görkezsek, Ýehowany şöhratlandyrarys we hem özümize, hem başgalara peýda getireris. Elbetde, siz adamlara, esasan-da, imandaşlaryňyza jomartlyk bilen kömek etmäge jan edýänsiňiz (Gal. 6:10). Şeýle etmegiňizi dowam etseňiz, siz başgalaryň söýgüsini we hormatyny gazanarsyňyz hem-de özüňizi bagtly duýarsyňyz. w18.08 sah. 22, abz. 19, 20

20-nji ýanwar, duşenbe

Adamyň daş keşbine seredip höküm çykarmaň (Ýah. 7:24).

Ýehowa ähli mesihçilere özüniň hiç kimi ala tutmaýandygyny görkezýär. Ol hiç bir adama milletine, tire-taýpasyna ýa-da diline görä höküm çykarmaýar. Ýehowa özünden gorkup, dogry işleri etmäge jan edýän islendik adamy kabul edýär (Gal. 3:26—28; Ylh. 7:9, 10). Elbetde, siz muny eýýäm bilýänsiňiz. Emma siz adamlary ala tutýan ýurtda ýa-da maşgalada önüp-ösen bolsaňyz näme? Siz hiç kimi ala tutmaýan diýip pikir edýän bolsaňyz-da, ýüregiňiziň töründe şeýle garaýşyň bolmagy ähtimal. Hatda Petrus Ýehowanyň hiç kimi ala tutmaýandygyny bilenden soňam, şeýle duzaga düşüpdi (Gal. 2:11—14). Onda biz adamlaryň daş keşbine görä höküm çykarmaz ýaly näme etmeli? Biz hatda pikirimizde ýa-da ýüregimizde kimdir birini ala tutmaýandygymyzy bilmek üçin Hudaýyň Sözi arkaly özümizi çynlakaý barlamaly (Zeb. 119:105). Şeýle-de başgalaryň söýgi bilen berýän kömegini kabul etmeli. Sebäbi adamlary ala tutýandygymyzy özümiz bilmesek-de, başgalar muny görüp biler (Gal. 2:11, 14). Mümkin, şeýle garaýşyň bizde kök urandygy üçin hatda onuň bardygyny duýýanam däldiris. w18.08 sah. 9, abz. 5, 6

21-nji ýanwar, sişenbe

Yşygyňyz adamlara nur saçsyn (Mat. 5:16).

Özümize şeýle soraglary berip bileris: «Ýehowa doly wepalydygymy başgalar görýärmi? Adamlara Ýehowanyň Şaýadydygymy buýsanç bilen aýdýarynmy?» Ýehowa bizi halkynyň agzasy edip saýlandan soň, adamlara özümiziň Oňa degişlidigimizi aýtmaga utansak, Ol gaty gynanar (Zeb. 119:46; Mar. 8:38). Gynansak-da, Hudaýyň käbir gullukçylary «dünýäniň ruhunyň» täsirine düşdüler. Şol sebäpli olar Ýehowa sežde etmeýän adamlardan känbir tapawutlanmaýar (1 Kor. 2:12). Dünýäniň ruhy adamlary «ten höweslerine eýerip ýaşamaga» iterýär (Efes. 2:3). Meselem, maslahat berlendigine garamazdan, käbir mesihçiler henizem egin-eşik we daş keşp babatda şu dünýäniň garaýşyna eýerýär. Olar hatda dogan-uýalar bilen ýygnanyşanda-da, dar we göze ilginç egin-eşikleri geýýärler. Olar saçlaryna timar bermek babatda hem şu dünýädäki adamlara öýkünýär (1 Tim. 2:9, 10). Şol sebäpli olaryň Ýehowanyň Şaýadydygyny ýa-da «dünýäniň dostudygyny» tapawutlandyrmak kyn bolýar (Ýak. 4:4). w18.07 sah. 24, 25, abz. 11, 12

22-nji ýanwar, çarşenbe

Siziň baryňyz bolsa dogansyňyz (Mat. 23:8).

Adam atanyň nesli bolandygymyz üçin hemmämiz dogandyrys (Res. 17:26). Ýöne munuň has giň manysy bar. Isa şägirtleriniň Ýehowany gökdäki Atasy hasaplaýandyklary üçin, biri-birine dogan-uýa hökmünde garaýandyklaryny düşündirdi (Mat. 12:50). Dogrudan-da, olar söýgüsi we imany arkaly biri-biri bilen agzybirligi saklaýan uly ruhy maşgalanyň agzalary bolýarlar. Resullar hem hatlarynda imandaşlaryna köplenç «doganlar» diýip ýüzlenýärdiler (Rim. 1:13; 1 Pet. 2:17; 1 Ýah. 3:13). Biri-birimize dogan-uýalar hökmünde garamalydygyny düşündirenden soň, Isa kiçigöwünli bolmagyň wajypdygyny nygtady (Mat. 23:11, 12). Özlerini ýokary tutandyklary üçin resullaryň arasynda agzalalyk döräpdi. Milletiňe bolan buýsanç hem kynçylygyň döremegine sebäp bolup biler. Ybraýymyň nesli bolandyklary üçin ýehudylaryň öwünmäge haky bardymy? Olaryň köpüsi özlerini beýleki halklardan ýokary saýýardylar. Emma suwa çümdürýän Ýahýa olara: «Hudaý Ybraýyma daşlardan hem nesil döredip biler» diýdi (Luka 3:8). w18.06 sah. 9, 10, abz. 8, 9

23-nji ýanwar, penşenbe

Bilimli ynsan dilini saklaýar (Nak. 17:27).

Gaharymyzy getirýän ýagdaýlara duşanymyzda ýa-da kimdir biri bilen düşünişmezlik bolanda, özümize erk edip, aýdýan sözlerimize ünsli bolarysmy? (Nak. 10:19; Mat. 5:22). Başgalar gaharymyzy getirende, «Hudaýyň gazabyna ýol bermegi» öwrenmeli (Rim. 12:17—21). Eger gözümizi Ýehowa diksek, onuň gazabyna ýol berip, hormat goýýandygymyzy we sabyrly bolup, onuň öz wagtynda hereket etjekdigine ynanýandygymyzy görkezeris. Emma başgaça hereket edip, kynçylygy özümiz çözjek bolsak, Ýehowa hormat goýmadygymyz bolar. Biz Ýehowanyň berýän täze görkezmelerine wepalylyk bilen eýerýärismi? Eger eýerýän bolsak, onda öňki tejribämize bil baglaman, gaýtam, Ýehowanyň guramasy arkaly berýän islendik täze görkezmesine birkemsiz eýereris (Ýew. 13:17). Şeýle-de «ýazylan zatlaryň çäginden çykmarys» (1 Kor. 4:6). Şeýle etsek, gözümiz hemişe Ýehowa dikilgi bolar. w18.07 sah. 15, 16, abz. 17, 18

24-nji ýanwar, anna

Ruhy taýdan ösmäge jan edeliň (Ýew. 6:1).

Biz ruhy taýdan ösdügimizçe, Mukaddes Kitapdaky prinsipleri has-da gymmat saýyp başlaýarys. Sebäbi kanunlary belli bir ýagdaýda ulanyp bolsa, prinsipleri dürli ýagdaýlarda ulanyp bolýar. Meselem, çaga erbetler bilen gatnaşmagyň howpludygyna düşünmese, ene-atasy ony erbet täsirden goramak üçin käbir düzgünleri goýup biler (1 Kor. 15:33). Emma çaga ruhy taýdan ösdügiçe, onuň pikirlenmek ukyby artýar we Mukaddes Kitapdaky prinsiplere eýermegi öwrenýär. Bu bolsa oňa dostlary paýhasly saýlamaga kömek edýär (1 Kor. 13:11; 14:20). Mukaddes Kitapdaky prinsiplere näçe köp eýersek, ynsabymyz şonça-da duýgur bolar we Hudaýyň pikirlenişi ýaly pikirleneris. Paýhasly karara gelip, Ýehowanyň göwnünden turmak üçin bizde ähli gerekli zatlar bar. Hudaýyň Sözündäki kanunlar we prinsipler bizi «ähli zada ukyply edýär, ýagşy işleri etmäge birkemsiz taýýarlaýar» (2 Tim. 3:16, 17). w18.06 sah. 19, abz. 14; sah. 20, abz. 16, 17

25-nji ýanwar, şenbe

Meniň ýakynym kim? (Luka 10:29).

Isa ýehudylaryň samariýaly adamyň mysalyndan hakyky söýginiň nämedigini öwrenip biljekdigini görkezdi (Luka 10:25—37). Isanyň tabşyran ýumşuny ýerine ýetirmek üçin şägirtler tekepbirlik we adamlary ala tutmak ýaly zatlary ýeňmelidiler. Isa göge galmazyndan öň, şägirtlerine «tutuş Ýahudada, Samariýada we bütin ýer ýüzünde» şaýatlyk etmegi tabşyrdy (Res. 1:8). Şondan biraz wagt öň, Isa şeýle jogapkärli ýumşy ýerine ýetirmäge taýýarlamak üçin olaryň ünsüni başga milletden bolan adamlaryň gowy häsiýetlerine çekýär. Meselem, Isa imanynyň berkdigi üçin ýüzbaşyny öwýär (Mat. 8:5—10). Önüp-ösen ýeri Nazaret şäherinde bolsa, ol sareptaly dul aýala we heýwere kesele uçran siriýaly Nagymana Ýehowanyň nädip merhemet edendigini gürrüň berýär (Luka 4:25—27). Şeýle-de Isa diňe bir samariýaly aýala wagyz etmän, aýdýan habary bilen adamlaryň gyzyklanandyklary üçin samariýalylaryň şäherinde iki gün galýar (Ýah. 4:21—24, 40). w18.06 sah. 10, abz. 10, 11

26-njy ýanwar, ýekşenbe

Iblisiň hilelerine garşy durup biler ýaly, Hudaýyň berýän ähli söweş ýaraglaryny dakynyň (Efes. 6:11).

Pawlus resul mesihçileri söweşe gatnaşýan esgerlere meňzetdi. Elbetde, biz göni manyda däl-de, ruhy söweşe gatnaşýarys. Emma biziň duşmanlarymyz hakykatdanam bar. Şeýtan we onuň jynlary örän tejribeli hem-de ökde söweşiji. Göräýmäge, biziň ýagdaýymyz çykalgasyz ýaly bolup görünýär. Esasan-da, ýaşlar gowşak bolup görünmegi mümkin. Ýaşlar adamlardan has güýçli bolan bu zalym ruhlara garşy söweşde ýeňiş gazanyp bilermi? Elbetde! Olaryň köpüsi eýýäm ýeňiş gazandylar. Näme üçin şeýle diýse bolar? Sebäbi «Hudaý kuwwatly güýji arkaly (olary) berkidýär». Emma olar ýöne bir Ýehowanyň kömegine bil baglaman, gowy tälim berlen esgerler ýaly, «Hudaýyň berýän ähli söweş ýaraglaryny dakynýarlar» (Efes. 6:10—12). Pawlus resul mysalynda rim esgerleriniň dakynan ýaraglaryny göz öňünde tutan bolmaly (Res. 28:16). w18.05 sah. 27, abz. 1, 2

27-nji ýanwar, duşenbe

Eý gökdäki Atamyz, adyň mukaddes bolsun (Mat. 6:9).

Adamlaryň öňünde Ýehowany şöhratlandyrmak we adyny mukaddes etmek wagyz etmegiň esasy sebäbi hasaplanýar (Ýah. 15:1, 8). Elbetde, biz Hudaýyň adyny has mukaddes edip bilmeýäris. Sebäbi ol eýýäm doly manyda mukaddesdir. Emma Işaýa pygamberiň bu barada näme diýendigine üns beriň: «Siz diňe Serkerdebaşy Ýehowany mukaddes hasaplaň!» (Işa. 8:13). Biz Ýehowanyň adyny beýleki atlardan tapawutlandyryp tutanymyzda we başgalara ony mukaddes saýmaga kömek edenimizde, Hudaýyň adyny mukaddes edýäris. Meselem, biz Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleri we adamzat babatdaky üýtgewsiz maksady barada hakykaty wagyz edip, Hudaýyň adyny Şeýtanyň ýalan aýyplamalaryndan hem-de töhmetinden goraýarys (1 Mus. 3:1—5). Şeýle-de ýaşaýan ýerimizdäki adamlara Ýehowanyň «şöhrata, hormata, alkyşa mynasypdygyna» göz ýetirmäge kömek etmek üçin tagalla edip, Hudaýyň adyny mukaddes edýäris (Ylh. 4:11). w18.05 sah. 18, abz. 3, 4

28-nji ýanwar, sişenbe

Ýehowa, saňa alkyş aýtmak nähili gowy! ...Eý Ýehowa, işleriň bilen meni begendirdiň, eden işleriňi görüp, joşup aýdym aýdýaryn (Zeb. 92:1, 4).

Ruhy maksatlary goýmak Ýehowanyň söýgüsine we onuň biziň üçin eden ähli zatlaryna bolan minnetdarlygyňy görkezmäge mümkinçilik berýär. Ýaşlar, Ýehowanyň size beren zatlary barada oýlanyp görüň. Ol size ýaşaýşy, imany, Mukaddes Kitaby, gelejege bolan ajaýyp umydy we ýygnak duşuşyklaryny sowgat berdi. Ruhy maksatlary ileri tutsaňyz, alýan bereketleriňiz üçin Ýehowa minnetdardygyňyzy görkezersiňiz we oňa has-da ýakynlaşarsyňyz. Sen ruhy maksatlaryňa ýetmek üçin tagalla edip başlanyňda, Ýehowanyň öňünde edýän ýagşy işleriň gitdigiçe artýar. Bu bolsa saňa oňa ýakynlaşmaga kömek eder. Pawlus resul: «Hudaý şol işleriňizi we adyna bildiren söýgiňizi unutmaz. Sebäbi ol adalatsyz däldir» diýip ýazdy (Ýew. 6:10). Sen maksat goýmak üçin heniz ýaşdyryn öýtme. Senem nähili maksatlary goýup biljekdigiň we olara ýetmek üçin näme etjekdigiň barada oýlansaň gowy bolar (Flp. 1:10, 11). w18.04 sah. 26, abz. 5, 6

29-njy ýanwar, çarşenbe

Ýehowanyň mukaddes ruhuny alan adam azatdyr (2 Kor. 3:17).

I asyrda ýaşan mesihçiler Rim imperiýasyndaky adamlaryň kanuny, adalatlylygy we azatlygy goraýan döwletiň raýatydygy üçin buýsanýandygyny görýärdiler. Emma bu imperiýa ygtyýarynyň we şöhratynyň köp bölegini gullar arkaly gazanypdy. Käte ilatyň takmynan 30 göterimi gullardan ybarat bolýardy. Şol sebäpli sada halk, şol sanda mesihçilerem gulçulyk we azatlyk hakda köp oýlanýardy. Pawlus resul hatlarynda azatlyk barada gaty köp agzaýar. Adamlar jemgyýetçilik ýa-da syýasy özgerişlikleriň bolmagyny isleseler-de, Pawlusyň maksady bu däldi. Ol we beýleki mesihçiler ynsan hökümdarlaryndan ýa-da guramalaryndan azatlyga garaşmaýardylar. Gaýtam, olar Hudaýyň Patyşalygynyň hoş habaryny we Mesih Isanyň töleg gurbanynyň gymmatyny adamlar biler ýaly, arman-ýadaman zähmet çekýärdiler. Pawlus imandaşlarynyň ünsüni hakyky azatlygyň Gözbaşyna gönükdirýärdi. w18.04 sah. 8, abz. 1, 2

30-njy ýanwar, penşenbe

Simun, Simun! Şeýtan siziň ähliňizi bugdaý kimin elekden geçirmek isleýär. Emma imanyň gowşamaz ýaly, men Alla ýalbaryp kömek soradym. Şonuň üçin dolanyp geleniňde, doganlaryň imanyny berkit (Luka 22:31, 32).

Isa ölüminiň öň ýanyndaky gije Petrus resula şu günki aýatdaky sözleri aýtdy. Petrus I asyrdaky mesihçiler ýygnagynyň diregi boldy (Gal. 2:9). Ol Pentikost güni we şondan soň batyrgaý hereket edip, imandaşlaryny ruhlandyrdy. Ömrüniň ahyrynda bolsa dogan-uýalara hat ýazdy. Ol munuň sebäbini şeýle düşündirdi: «Gysgajyk hat ýazyp, sizi ruhlandyrmak üçin Hudaýyň ýagşylygy hakda höwes bilen gürrüň berýärin» (1 Pet. 5:12). Petrusyň Hudaýyň ylhamy bilen ýazan haty asyrlarboýy, hatda şu günlerem Ýehowanyň wadalaryna garaşýan mesihçileri diýseň ruhlandyrýar! (2 Pet. 3:13). w18.04 sah. 17, abz. 12, 13

31-nji ýanwar, anna

Azatlygyň kämil kanunyna içgin seredip, kanuna görä ýaşaýan adam... edýän işlerine begenýändir (Ýak. 1:25).

Islän zadyňy etmek we isleýşiň ýaly ýaşamak adamlaryň arasynda giňden ýaýran. Emma bu zatlary arzuw etmek bir zat, ony gazanmak başga zat. Köp adamlar maksadyna ýetmek üçin jemgyýetçilik ýa-da syýasy dawalara goşulyp, köpçülikleýin gozgalaňlara gatnaşýarlar, hatda ýurtda öwrülişik etmäge synanyşýarlar. Ýöne bular islegiňi kanagatlandyrmaga kömek edýärmi? Ýok. Gaýtam, bu zatlar köplenç betbagtçylyga hem-de ölüm-ýitimiň bolmagyna getirýär. Bu zatlaryň ählisi Süleýman patyşanyň Hudaýyň ylhamy bilen: «Bir adamyň beýleki adamyň üstünden hökümdarlyk etmegi hemişe zyýanly» diýen sözleriniň dogrudygyny ýene bir gezek subut edýär (Nes. 8:9). Şu günki aýatda Ýakup şägirt hakyky bagtyň we kanagatly ýaşaýşyň açarynyň nämedigini belläp geçdi. Şol kämil kanuny beren Ýehowa adamlaryň hakykatdan bagtly we kanagatlanarly ýaşamagy üçin näme etseler gowy boljakdygyny bilýär. Ol ilkinji ynsan maşgalasyna bagtly bolmaklary üçin hemme zady, şol sanda hakyky erkinligi hem berdi. w18.04 sah. 3, abz. 1—3

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş