Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es20 sah. 17—26
  • Fewral

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Fewral
  • Her günki aýady okalyň — 2020
  • Sözbaşylar
  • 1-nji fewral, şenbe
  • 2-nji fewral, ýekşenbe
  • 3-nji fewral, duşenbe
  • 4-nji fewral, sişenbe
  • 5-nji fewral, çarşenbe
  • 6-njy fewral, penşenbe
  • 7-nji fewral, anna
  • 8-nji fewral, şenbe
  • 9-njy fewral, ýekşenbe
  • 10-njy fewral, duşenbe
  • 11-nji fewral, sişenbe
  • 12-nji fewral, çarşenbe
  • 13-nji fewral, penşenbe
  • 14-nji fewral, anna
  • 15-nji fewral, şenbe
  • 16-njy fewral, ýekşenbe
  • 17-nji fewral, duşenbe
  • 18-nji fewral, sişenbe
  • 19-njy fewral, çarşenbe
  • 20-nji fewral, penşenbe
  • 21-nji fewral, anna
  • 22-nji fewral, şenbe
  • 23-nji fewral, ýekşenbe
  • 24-nji fewral, duşenbe
  • 25-nji fewral, sişenbe
  • 26-njy fewral, çarşenbe
  • 27-nji fewral, penşenbe
  • 28-nji fewral, anna
  • 29-njy fewral, şenbe
Her günki aýady okalyň — 2020
es20 sah. 17—26

Fewral

1-nji fewral, şenbe

Hudaýa birkemsiz gulluk et (2 Tim. 4:5).

Isa adamlaryň ýürekden aladasyny edýärdi. Adamlar Isanyň söýgüsini duýýardy we wagyz edýän habaryny höwes bilen kabul edýärdi. Biz wagyz edýän adamlarymyza näçe duýgudaş bolsak, şonça-da wagzymyz netijeli bolar. Wagyz edýän adamlarymyza duýgudaş bolmaga bize näme kömek eder? Biz özümizi olaryň ýerine goýmak isleýäris we bize näme etmeklerini isleýän bolsak, olara-da şeýle edýäris (Mat. 7:12). Her bir adamyň ýagdaýy barada oýlanyň. Biz wagyzda duşýan adamlara birmeňzeş garaýyşda bolmaly däl. Gaýtam, her biriniň ýagdaýy barada oýlanmaly we her birine aýratynlykda kömek etmeli. Adama ýerlikli soraglary berip, pikirini biljek bolmaly (Nak. 20:5). Eger biz adamlar bilen gürrüňdeşlige başlap bilsek, olara kynçylyklaryny paýlaşmaga mümkinçilik bereris we hoş habara mätäçdiklerine düşünmäge kömek edip bileris. Olary näme biynjalyk edýändigini bilsek, Isa ýaly duýgudaş bolmaga we gerekli kömegi bermäge ýardam eder (1 Korinfliler 9:19—23-nji aýatlary deňeşdiriň). w19.03 sah. 20, abz. 2; sah. 22, abz. 8, 9

2-nji fewral, ýekşenbe

Her işde Ýehowa bil bagla, Ol maksadyňa ýetirer (Nak. 16:3).

Adam ata aýaly How enä goşulyp, Ýehowanyň eden ähli ýagşylyklarynyň gadyryny bilmeýändigini görkezdi. Ýöne biziň ählimiz olaryň saýlan ýolundan ýöremeýändigimizi subut edip bilýäris. Biz suwa çümdürilip, nämäniň ýagşydygyny we nämäniň ýamandygyny çözmäge diňe Ýehowanyň hakynyň bardygyna düşünýändigimizi görkezýäris. Şeýdip, gökdäki Atamyzy söýýändigimizi we oňa bil baglaýandygymyzy subut edýäris. Suwa çümdürilenimizden soň, biz her gün öz kadalarymyz boýunça däl-de, Ýehowanyň goýan kada-kanunlary boýunça ýaşap başlaýarys. Millionlarça adamlaram Hudaýyň ýolundan ýöreýär. Sizem şol adamlar ýaly bolup bilersiňiz. Munuň üçin Hudaýyň Sözüne hasam gowy düşünjek boluň; dogan-uýalar bilen hemişe gatnaşyň; gökdäki söýgüden hem mähirden doly Ataňyz barada öwrenen zatlaryňyzy başgalara-da gürrüň beriň (Ýew. 10:24, 25). Durmuşda nähili karara gelseňizem, Ýehowanyň Sözi we guramasy arkaly berýän maslahatlaryny diňläň (Işa. 30:21). Şonda Ýehowa gulluk edeniňizde, her bir işiňizde üstünlik hemraňyz bolar (Nak. 16:20). w19.03 sah. 7, abz. 17, 18

3-nji fewral, duşenbe

Her bir gowy we kämil sowgat ýokardan, asmandaky nurlar Atasyndan inýändir (Ýak. 1:17).

Ýehowa bize bolluk bilen ruhy iýmit berýär. Meselem, biz ýygnak duşuşyklary, edebiýatlarymyz we web-saýtymyz arkaly peýdaly maslahatlary alýarys. Siz haçanam bolsa, nutuk diňläniňizde, bir makalany okanyňyzda ýa-da JW teleýaýlymyny göreniňizde: «Bu-la tüýs maňa degişli» diýipdiňizmi? Eýsem, biz Ýehowa minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris? (Kol. 3:15). Munuň bir usuly berýän ajaýyp sowgatlary üçin dogalarymyzda Ýehowa hemişe minnetdarlyk aýtmak. Mundan başga-da, sežde edýän ýerlerimizi arassa hem tertipli saklap, Ýehowa minnetdardygymyzy görkezip bilýäris. Munuň üçin biz Ýygnak jaýlaryny arassa saklamaga we bejermäge gatnaşyp durmaly. Elektron enjamlaryna seredýän doganlar olary aýawly ulanmaly. Ýygnak jaýlaryny gowy ýagdaýda saklasak, olary uzak wagtlap ulanyp bileris we uly bejeriş işlerini geçirmek gerek bolmaz. Şeýtsek, biz tygşytlan pullarymyzy ýer ýüzündäki beýleki Ýygnak jaýlaryny gurmak we abatlamak işlerine sarp edip bileris. w19.02 sah. 18, abz. 17, 18

4-nji fewral, sişenbe

Hudaýyň diňe sanlyja işine seretdik. Ol hakda eşidenimiz diňe bir pyşyrdydyr (Eýp. 26:14).

Eýýup pygamber köplenç Ýehowanyň ýaradan täsin zatlaryny synlaýardy (Eýp. 26:7, 8). Eýýup ýer, asman, bulutlar hem-de ýyldyrym hakda oýlananda, ony täsin duýgular gaplap alýardy. Ýöne ol şonda-da tebigat hem ýaradylan zatlar barada gaty az bilýändigine düşünýärdi. Ol Ýehowanyň aýdan sözlerini hasam gymmat saýýardy. Eýýup: «Sözlerini hazyna kimin ýygşyrdym» diýdi (Eýp. 23:12). Onuň Ýehowa bolan söýgüsi hem hormaty dogry işleri etmäge iterdi. Ol Hudaýy söýýärdi we oňa ýaranmak isleýärdi. Şol sebäpli ol aýypsyz galmak islegini hasam berkitdi. Bizem Eýýup pygamber ýaly aýypsyz ýaşamaly. Sebäbi biz gudratly Hudaýyň ýaradan zatlary hakda Eýýup pygamberiň döwründäki adamlardanam has köp zatlary bilýäris. Şeýle-de bizde Ýehowanyň nähili Hudaýdygyny bilmäge kömek edýän Mukaddes Kitap bar. Ondan öwrenen zatlarymyz ýüregimizi minnetdarlykdan dolduryp, Hudaýa ýaramly gorkyny ösdürmäge kömek edýär. Ýehowa bolan gorkymyz hem hormatymyz ony söýmäge we gulak asmaga hem-de aýypsyz galmaga höweslendirýär (Eýp. 28:28). w19.02 sah. 5, abz. 12

5-nji fewral, çarşenbe

Men gorkmaryn. Ynsan maňa näme edip biler? (Zeb. 118:6).

Tutuş adamzat taryhynyň dowamynda hökümdarlar Ýehowanyň halkyny yzarlap gelýär. Olar bize her dürli jenaýatçylygy ýöňkeýärler, aslynda bolsa, «adamlara däl-de, Hökümdar Hudaýymyza gulak asýandygymyz» üçin bizi ýigrenýärler (Res. 5:29). Olar üstümizden gülýärler, türmä basýarlar ýa-da kemsidip, urup-ýençýärler. Emma Ýehowanyň kömegi bilen, biz ähli synaglara çydaýarys we özümizi ýumşak alyp barýarys. Geliň, üç ýewreý ýigidi Hananýanyň, Mişaýylyň we Azarýanyň galdyran göreldesini ýatlalyň. Wawilonyň patyşasy olary altyndan ýasadan ullakan heýkele sežde etdirjek bolýar. Olar patyşa näme üçin sežde etmeýändiklerini ýumşaklyk bilen düşündirýärler. Gaýtam, olar Ýehowa nämä ýol berse, şoňa-da razydylar (Dan. 3:1, 8—28). Hudaýa wepalylygymyz synalanda, bizem bu üç ýewreý ýigidiň göreldesine eýerip bileris. Biz hem kiçigöwünlilik bilen Ýehowanyň aladamyzy etjekdigine ynanýarys (Zeb. 118:7). Adamlar bizi erbet iş etmekde aýyplasalar-da, özümizi ýumşak alyp baryp, olar bilen sylaşykly gepleşýäris (1 Pet. 3:15). Şeýle-de biz söýgüden doly gökdäki Atamyz bilen dostlugymyzy bozýan her bir zatdan gaça durýarys. w19.02 sah. 10, 11, abz. 11—13

6-njy fewral, penşenbe

Mert boluň! (Ýah. 16:33).

Isanyň töleg gurbany arkaly aljak bereketlerimiz barada oýlansak, batyrgaýlygymyz has-da berkär (Ýah. 3:16; Efes. 1:7). Ýatlama agşamynyň öň ýanyndaky hepdelerde töleg gurbanyna minnetdarlygymyzy artdyrmaga ajaýyp mümkinçiligimiz bar. Şol wagt biz Ýatlama agşamyna degişli aýatlary okap we doga edip, Isanyň ölüminiň öň ýanynda bolan wakalar hakda oýlanyp bileris. Şonda Ýatlama agşamyna baranymyzda, ondaky nyşanlaryň ähmiýetine we töleg gurbanynyň gymmatyna has aýdyň düşüneris. Isanyň we Ýehowanyň bize bolan söýgüsi, biziň üçin eden zatlary we şol zatlaryň peýdasy hakda oýlananymyzda, umydymyz hasam berkeýär. Bu bolsa bizi kynçylyklara batyrgaýlyk bilen döz gelmäge höweslendirýär (Ýew. 12:3). Isa Baş ruhanymyz hökmünde gökde häzirem pesgöwünliligi we batyrgaýlygy görkezip, biziň üçin Hudaýa ýalbarýar. Bu bizi diýseň ruhlandyrýar! (Ýew. 7:24, 25). Oňa ýürekden minnetdardygymyzy görkezmek üçin, biz Isanyň öz ölümini ýatlamak barada beren tabşyrygyny wepaly ýerine ýetirmeli (Luka 22:19, 20). w19.01 sah. 22, abz. 8; sah. 23, 24, abz. 10, 11

7-nji fewral, anna

Eý Ýehowa... alkyş sözlerim ýüregiňi şatlandyrsyn (Zeb. 119:108).

Ýehowany şöhratlandyrýarys. Biziň ýygnakda berýän jogaplarymyz «öwgi gurbanlarymyzyň» bir bölegi hasaplanýar we muny bize derek hiç kim berip bilmeýär (Ýew. 13:15). Ýehowa her birimizden birmeňzeş «öwgi gurbanlary» talap edýärmi? Elbetde, ýok. Ýygnakda jogap bermeklige dost-ýarlaryňyz bilen süýji tagamlary paýlaşmak hökmünde garaň. Eger sizi dogan-uýalar bilen oturylyşyga çagyryp, bir zatlar taýýarlamagy haýyş eden bolsalar, muňa nähili garardyňyz? Elbetde, siz biraz alada etseňiz gerek?! Ýöne oturylyşyga gelenleriň ählisi taýýarlan tagamyňyzdan iýip, lezzet alar ýaly, siz eliňizde baryny edersiňiz. Ýehowany myhmançylyga çagyran öý eýesine meňzetse bolýar. Ol ýygnak duşuşyklarynda ruhy saçagy her dürli näzi-nygmatlardan doldurýar (Zeb. 23:5; Mat. 24:45). Biz ýagdaýymyza görä, kiçijik bolsa-da sowgatjagaz taýynlap barsak, Onuň begenjiniň çägi bolmaýar. Şonuň üçin ýygnaga gowy taýýarlanyň we mümkin boldugyndan jogap bermäge çalşyň. Şonda siz diňe bir Ýehowanyň ruhy saçagyndan iýmitlenmän, ýygnakda jogap bermek bilen, oňa sowgat berip bilersiňiz. w19.01 sah. 8, abz. 3; sah. 13, abz. 20

8-nji fewral, şenbe

Ýalan taňrylara gulluk edýänleriň derdi köpdür (Zeb. 16:4).

Geçmişde ýalan taňrylara sežde etmeklik köplenç ahlaksyzlyk etmek bilen deň görülýärdi (Hoş. 4:13, 14). Sebäbi günäli höwesiňi kanagatlandyrmak hem ýalan seždäniň bir bölegi hasaplanýardy. Bu adamy bagtly etmän, gaýtam, Dawut patyşanyň aýdyşy ýaly, «başga taňrylaryň yzyna eýerýänleriň gaýgysyny köpeltdi». Üstesine-de, olar çagalaryny hem söz bilen beýan edip bolmaýan zorluk-süteme sezewar etdi (Işa. 57:5). Ýehowa şeýle zalymlyga çydap bilmedi (Ýer. 7:31). Şu günlerem ýalan din köplenç ahlaksyzlyk, hatda bir jynsdaky adamlaryň arasyndaky jynsy gatnaşygy hem öz içine alýar. Munuň netijesi geçmişdäki ýaly häzirem üýtgemedi (1 Kor. 6:18, 19). Biz adamlaryň häzirem «gaýgysynyň köpelýändigini» görýäris. Şonuň üçin, gadyrly ýaşlar, gökdäki Ataňyza gulak asyň. Onuň size iň ýagşy zatlary isleýändigine doly ynanyň. Edilen islendik nädogry hereketiň netijesiniň alan lezzetiňizden has erbet bolýandygyny unutmaň (Gal. 6:8). w18.12 sah. 27, 28, abz. 16—18

9-njy fewral, ýekşenbe

Biz bir düşekde ýatmarys (Hoş. 3:3).

Eger mesihçiniň ýanýoldaşy zyna etse, onda günä etmedik mesihçi belli bir karara gelmeli bolýar. Isa bigünä mesihçiniň nikany bozup, gaýtadan durmuş gurmaga hakynyň bardygyny aýtdy (Mat. 19:9). Ýöne ol ikilik eden ýanýoldaşyny bagyşlap hem biler. Bu nädogry däl. Hoşeýa pygamber hem aýalyny yzyna kabul edipdi. Gomer Hoşeýa dolanandan soň, başga erkek bilen jynsy gatnaşyk etmedi. Hoşeýa hem biraz wagt aýalyna ýanaşmady (Hoş. 3:1—3). Wagtyň geçmegi bilen, olar ýene-de jynsy gatnaşykda bolan bolmaly. Şeýdip, Hoşeýa Hudaýyň öz halkyny yzyna kabul etmäge we olar bilen dostlukly gatnaşygyny dikeltmäge taýyndygyny görkezdi (Hoş. 1:11; 3:4, 5). Mundan näme öwrense bolýar? Eger bigünä ýanýoldaşy nikasyny goramak üçin ýanýoldaşy bilen galyp, onuň bilen ýene-de jynsy gatnaşykda bolsa, ikilik eden ýanýoldaşyny bagyşlaýandygyny görkezýär (1 Kor. 7:3, 5). Şeýle ýagdaýda olar indi aýrylyşyp bilmeýär. Şonuň üçin olar är-aýal hökmünde nika Hudaýyň garaýşy ýaly garamagy öwrenmeli. w18.12 sah. 13, abz. 13

10-njy fewral, duşenbe

Ätiýaçly adam howpy görüp gizlenýär (Nak. 22:3).

Mukaddes Kitaby öwrenenimizde, gelejekde ýüze çykyp biläýjek ýagdaýlarda Ýehowanyň pikirine nädip eýerip biljekdigimiz barada oýlansak gowy bolar. Şonda derrew hereket etmeli ýagdaýa uçranymyzda, taýyn bolarys. Potifaryň aýaly ahlaksyzlyk etmäge näçe yrjak bolsa-da, Ýusup şol bada onuň teklibinden ýüz öwürdi. Şeýdip, ol maşgala gatnaşyklaryna Ýehowanyň garaýşy ýaly garaýandygyny görkezdi (1 Mus. 39:8, 9). Ýusup Potifaryň aýalyna: «Onsoň, men nädip beýle erbet iş edip, Hudaýa garşy günä edeýin?!» diýende, Hudaýyň pikirlenişi ýaly pikirlenýändigini görkezdi. Şeýle ýagdaýa düşsek, biz näme ederis? Aýdaly, işdeşiňiz siziň bilen näz-kereşme edip başlaýar. Ol size SMS ýazyp, jynsy gatnaşyk etmegi teklip edýär ýa-da ahlaksyz suratlary ugradýar. Ýehowanyň şeýle zatlara bolan garaýşyna düşünip, näme etjekdigimiz barada öňünden oýlansak, synagda berk durmak aňsat bolar. w18.11 sah. 25, abz. 13, 14

11-nji fewral, sişenbe

Ýehowa hakda oýlanyp şatlanaryn (Hab. 3:18).

Käbir alymlaryň aýtmagyna görä, şu günki aýatdaky sözler göni manyda «men Rebde şatlykdan ýaňa bökjeklärin; Hudaýa bolan buýsanjymdan ýaňa ýüregim joşar» diýmegi aňladýar. Bu sözler biziň ählimizi ruhlandyryp berkidýär! Ýehowa diňe bir ajaýyp zatlary wada bermän, eýsem, olary ýerine ýetirmek üçin häzirden köp işleri edýändigine ynandyrýar. Habakuk pygamberiň wajyp habary Ýehowa bolan ynamymyzy artdyrýar (Hab. 2:4). Eger biz Ýehowa bilen dostlugymyzy berkitsek, oňa Habakuk pygamber ýaly bil baglarys. Munuň üçin 1) ähli gaýgy-aladalarymyzy we biynjalyk edýän zatlarymyzy dogada Ýehowa aýtmaly, 2) Ýehowanyň Sözi we guramasy arkaly berýän her bir görkezmesine ünsli bolmaly, 3) wepalylygymyzy saklap, Ýehowa sabyrly garaşmaly. Habakuk pygamber hem şeýle etdi. Ol kitabyny gynançly sözler bilen başlasa-da, soňuny ynamly we şatlykly sözler bilen jemleýär. Geliň, bizem Ýehowanyň atalyk aladasyny duýup biler ýaly, Habakuk pygamberiň göreldesine eýereliň. Eýsem, şu garaňky dünýäde iň gowy tesellini başga nireden tapyp bileris?! w18.11 sah. 17, abz. 18, 19

12-nji fewral, çarşenbe

Adamlar indi özleri üçin däl-de, olaryň hatyrasyna ölüp, soňra direlen üçin ýaşamaly, sebäbi ol (Mesih) hemmeler üçin öldi (2 Kor. 5:15).

Hudaýyň bizi güýçli söýýändiginiň ýene bir sebäbi bar. Mukaddes Kitapda: «Hudaý adamlary şeýle güýçli söýýär welin, olar üçin ýeke-täk Ogluny berdi, sebäbi Hudaý Ogluna iman eden her bir adamyň heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşmagyny isleýär» diýilýär (Ýah. 3:16). Isa-da biziň ugrumyzda öz janyny gurban edip, bizi güýçli söýýändigini görkezdi. Mesihiň söýgüsi hem bizi berkidýär. Hudaýyň Sözünde «betbagtçylygyň, kynçylygyň» «bizi Mesihiň söýgüsinden aýra salyp bilmejekdigi» aýdylýar (Rim. 8:35, 38, 39). Käte beden, duýgy ýa-da ruhy taýdan ejir çekenimizde, Mesihiň söýgüsi bize çydamly bolmaga güýç berýär (2 Kor. 5:14). Dogrudan-da, betbagtçylyk, yzarlama, göwnüçökgünlik ýaly kynçylyklara uçranymyzda ýa-da her dürli gaýgy-aladalar gaplanda, Isanyň söýgüsi bizi berkidip, ruhdan düşmezlige kömek edýär. w18.09 sah. 14, abz. 8, 9

13-nji fewral, penşenbe

Hakykat ýoluňdan ýöräýin (Zeb. 86:11).

Hakykat ýolundan ýöremek üçin, biz Ýehowanyň ähli aýdýan zadyny kabul etmeli we şoňa görä ýaşamaly. Munuň üçin hakykaty durmuşymyzda birinji orunda goýmaly we Mukaddes Kitapdaky prinsipler boýunça ýaşamaly. Biz Dawut ýaly Hudaýyň hakykat ýolunda ýöremegi berk ýüregimize düwmeli. Eger şeýle etmesek, hakykatdan daşlaşdyrýan zatlar hakda oýlanyp başlamagymyz, hatda hakykat üçin geçen zatlarymyza gynanmagymyz hem mümkin. Şonuň üçin hakykat boýunça ýaşaýandygymyzy barlap durmaly. Biz Mukaddes Kitapdaky hakykatlaryň haýsysyny kabul etjekdigimizi ýa etmejekdigimizi saýlap bilmeýändigimize düşünýäris. Biz öwrenen hakykatlarymyzyň ählisi boýunça ýaşamaly (Ýah. 16:13). Hakykat ýolundan daşlaşmaz ýaly, biz wagtymyzy paýhasly ulanmaly. Eger seresap bolmasak, wagtymyzyň köp bölegini dynç almaklyga, halaýan zadymyzy etmeklige we Internete ýa-da telewizora güýmenip geçirmegimiz mümkin. Elbetde, bu zatlara erbet diýip bolmaz. Emma olar şahsy okuwyna we ruhy işlere sarp edýän gymmatly wagtymyzy ogurlap biler. w18.11 sah. 10, abz. 7, 8

14-nji fewral, anna

Menem öz-özümi köşeşdirdim (Zeb. 131:2).

Durmuşda käte garaşylmadyk ýagdaýlar bolanda, özümizi arkamyzda agyr ýük duran ýaly duýup, duýgy taýdan ejizlemegimiz mümkin (Nak. 12:25). Şeýle ýagdaýda hatda özgerişligi kabul etmegem kyn bolup biler. Bize «öz-özümizi köşeşdirmäge» näme kömek eder? (Zeb. 131:1—3). Şu günlerem kynçylyklara garamazdan, biz pikirimizi goraýan «Hudaýyň parahatlygyny» özümizde duýup bilýäris (Flp. 4:6, 7). Gaýgy-aladalar gaplanda, Ýehowadan kömek sorasak, «Hudaýyň parahatlygy» ruhy maksatlarymyza ýetmäge bolan islegimizi berkider we ruhdan düşmäge iterýän islendik zada garşy göreşmäge kömek eder. Hudaýyň mukaddes ruhy diňe bir kalbymyza rahatlyk bermän, eýsem, ünsümizi ruhy maksatlara gönükdirmäge kömek edýän aýatlara hem çekip bilýär (Ýah. 14:26, 27). w18.10 sah. 27, abz. 2; sah. 28, abz. 5, 8

15-nji fewral, şenbe

Biri-biriňize hakykaty aýdyň (Zek. 8:16).

Bütin adamzadyň durmuşyna erbet täsir eden has güýçli ýarag bar. Ol näme? Ýalan. Bu birini aldamak maksady bilen, oňa nädogry maglumat bermegi aňladýar. Eýsem, ilkinji ýalan sözi kim aýtdy? Isa Mesih oňa «ýalanyň atasy» diýdi (Ýah. 8:44). Ol ilkinji sapar haçan ýalan sözledi? Bu müňlerçe ýyl mundan öň, Erem bagynda bolupdy. Ilkinji ynsan maşgalasy Adam ata bilen How ene Hudaýyň ýaradan Jennetinde bagtly ýaşaýardy. Şonda Şeýtan ilkinji sapar ýalan sözledi. Ol Hudaýyň Adam ata bilen How enä «ýagşy-ýamany saýgaryş agajynyň miwesinden» iýmezligi tabşyrandygyny we oňa gulak asmasalar, öljekdiklerini bilýärdi. Şeýtan ýylany ulanyp, How enä: «Ýok, ýok, ölmersiňiz. Aslynda, Hudaý şol agaçdan iýen günüňiz gözüňiziň açyljakdygyny we ýagşy-ýamany saýgaryp, Hudaý ýaly boljakdygyňyzy bilýär» diýdi (1 Mus. 2:15—17; 3:1—5). w18.10 sah. 6, abz. 1, 2

16-njy fewral, ýekşenbe

Ýüregi päk adamlar bagtlydyr, sebäbi olar Hudaýy görerler (Mat. 5:8).

Ýüregimizi päk saklamak üçin, biziň içki dünýämiz, ýagny pikirimiz, isleglerimiz arassa bolmaly. Ýehowa edýän seždämiz ýaramly bolar ýaly, biz pikirimizi arassa saklamaly (2 Kor. 4:2; 1 Tim. 1:5). Mukaddes Kitapda: «(Hudaýyň) ýüzüni gören adam diri galyp bilmez» diýilýär. Onda ýüregi päk adamlar haýsy manyda Hudaýy görýär? (2 Mus. 33:20). «Görer» diýip terjime edilen grek sözi «bir zada göz ýetirmegi, düşünmegi, tanamagy» aňladýar. «Ýürekleriniň gözleri» bilen Hudaýy görýän adamlar ony hakykatdan tanap, ajaýyp häsiýetlerini gymmat saýýarlar (Efes. 1:18). Biz durmuşymyzda Hudaýyň goldawyny duýanymyzda, göçme manyda «Hudaýy görýäris» (Eýp. 42:5). Şeýle-de «ýüreklerimiziň gözlerini» Hudaýyň arassa ýaşamaga we Özüne wepaly gulluk etmäge jan edýän gullukçylaryna beren ajaýyp wadalaryna gönükdirenimizde, Ony görüp bilýäris. w18.09 sah. 20, abz. 13, 15, 16

17-nji fewral, duşenbe

Iň wajyp zat — akyldarlyk, akyldarlygy öwren (Nak. 4:7).

Dogry zady etmek köp bereketleri getirýär. Akyldarlyk bilim esasynda gazanylsa-da, ol ýöne bir zady bilmekden has köp zady aňladýar. Ol biziň gelýän kararlarymyzdan görünýär. Hatda garynjalar hem akyldardygyny görkezýärler. Olar gelejeginiň aladasyny edip, tomus aýlary iýmit ýygnaýarlar (Nak. 30:24, 25). Hudaýyň akyldarlygyna eýe bolan Mesih hem «hemişe onuň halaýan işlerini edýär» (1 Kor. 1:24; Ýah. 8:29). Sebäbi nämäniň ýagşydygyny ýa-da ýamandygyny Hudaý gowy bilýär. Ol pesgöwünli we öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanýan adamlary hemişe sylaglaýar (Mat. 7:21—23). Şonuň üçin, geliň, kiçigöwünli bolmaga kömek edýän ruhy iýmitden yzygider iýmitlenip duralyň. Elbetde, öwrenen zatlarymyza eýermek üçin wagt hem-de sabyrlylyk gerek. Emma pesgöwünli bolsak, bu bize häzirden bagtly bolmaga kömek eder we ebedi peýda getirer. w18.09 sah. 7, abz. 18

18-nji fewral, sişenbe

Goý, her kes öz işini barlasyn, emma başgalaryňky bilen deňeşdirmesin (Gal. 6:4).

Ýaradyjymyz Ýehowa maksadyny amala aşyrmak üçin kämil adamlaryň Özi bilen işleşmegini isleýärdi. Şu günler adamlar bikämil bolsa-da, Ýehowa bilen her gün işleşip bilýär. Meselem, biz Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edenimizde we şägirt taýýarlanymyzda, «Hudaýyň işdeşleri» bolýarys (1 Kor. 3:5—9). Eýsem, älemiň Gudratygüýçli Ýaradyjysy bilen işleşmek uly hormat dälmi näme?! Emma biz diňe bir wagyz edenimizde we şägirt taýýarlanymyzda, Ýehowa bilen işleşmeýäris. Biz maşgala agzalarymyza we imandaşlarymyza kömek etsek, myhmansöýer bolsak, gurluşyk işlerine gatnaşsak hem-de köpräk gulluk etsek Ýehowa bilen işleşip bileris (Kol. 3:23). Ýöne Ýehowa edýän gullugymyzy başgalaryňky bilen deňeşdirmekden gaça duralyň. Her bir adamyň ýaşynyň, saglyk ýagdaýynyň, mümkinçilikleriniň we ukyplarynyň tapawutlanýandygyny unutmalyň. w18.08 sah. 23, abz. 1, 2

19-njy fewral, çarşenbe

Oňa garaş! Sebäbi ol hökman geler (Hab. 2:3).

Ýehowa Habakugyň ak ýürekden beren soraglaryna jogap berjekdigine ynandyrdy. Bu bolsa onuň ähli gaýgy-aladalarynyň tizden aýryljakdygyna ynamyny berkitdi. Aslynda, Hudaý Habakuk pygambere: «Sabyrly bol, maňa bil bagla. Hatda eglenýän ýaly bolup görünse-de, men seniň dogalaryňa hökman jogap bererin» diýýän ýalydy. Ýehowa oňa wadalaryny öz wagtynda berjaý etjekdigini ýatlatdy. Şeýle-de wadalaryny amala aşyrýança, sabyrly garaşmaga höweslendirdi. Netijede, Habakuk pygamber ruhdan düşmedi. Ýehowa sabyrly garaşsak we onuň aýdýan zatlaryna ünsli bolsak, betbagtçylyga ýa-da kynçylyga uçranymyzda, oňa bil baglamaga hem-de rahatlygy saklamaga kömek eder. Isa ünsümizi Hudaýyň entek aýan etmedik «wagtyna we döwrüne» gönükdirmän, wagtyň Eýesi Ýehowa bil baglamaga höweslendirdi (Res. 1:7). Şol sebäpli biz ruhdan düşmän, gaýtam, pesgöwünlilik, sabyrlylyk we iman bilen Ýehowa garaşmaly we oňa iň gowy zadymyzy berip gulluk etmek üçin wagtymyzy paýhasly ulanmaly (Mar. 13:35—37; Gal. 6:9). w18.11 sah. 16, abz. 13, 14

20-nji fewral, penşenbe

Hudaý maňa hiç bir adamy haram hasaplamaly däldigini aýtdy (Res. 10:28).

Beýleki ýehudylar ýaly Petrus resul hem özge milletden bolan adamlaryň haram hasaplanýandygy baradaky düşünje bilen ulalypdy. Emma biraz wagtdan onuň garaýşyny üýtgeden waka bolýar. Hudaý Petrusa täsin görnüş görkezýär (Res. 10:9—16). Bizem Petrusyň göreldesine eýerip, özümizi çynlakaý barlap durmaly we ýüregimizde ala tutmaklyk garaýşynyň galmandygyna göz ýetirip biler ýaly, başgalaryň berýän kömegini höwes bilen kabul etmeli. Munuň üçin biz ýene näme edip bileris? Eger biz ýüregimizi giňden açsak, adamlary ala tutmagyň deregine, gaýtam, olary söýeris (2 Kor. 6:11—13). Siz köplenç diňe öz milletiňizden, tire-taýpaňyzdan bolan ýa-da öz diliňizde gepleýän adamlar bilen gatnaşýarsyňyzmy? Eger şeýle bolsa, onda ýüregiňizi giňden açyň. Munuň üçin siz başga milletden ýa-da tire-taýpadan bolan adamlary wagza ýa-da myhmançylyga çagyryp bilersiňiz (Res. 16:14, 15). Şeýle etseňiz, onda ýüregiňizde adamlary ala tutmaklyk garaýşyna ýer bolmaz. w18.08 sah. 9, abz. 3, 6; sah. 10, abz. 7

21-nji fewral, anna

Büdremäge sebäp bolmaň (1 Kor. 10:32).

Käbir mesihçiler dünýädäki adamlaryň edýän işlerinden doly el çekip bilmeýärler. Meselem, olar oturyşyklarda mesihçilere ýaraşmaýan tanslary we hereketleri edýärler. Başgalar bolsa internetde suratlaryny goýýar we her hili saýtlara girip, hat alşyp-berişýär. Oar ýagşy edim-gylymly bolmaga jan edýän mesihçi ýaşlara erbet täsir edip bilýär (1 Pet. 2:11, 12). Şu dünýä adamlarda «ten höwesi, göz höwesi we zadyňa öwünmeklik» ýaly islegleri oýarýar (1 Ýah. 2:16). Ýöne biz Ýehowa degişli bolandygymyz üçin, Onuň «islegine garşy gelýän zatlardan we dünýäniň höweslerinden ýüz öwürmeli... Şeýle-de şu dünýäde sagdyn düşünjeli bolup, dogruçyl ýaşamaly we Hudaýa wepaly bolmaly» (Tit. 2:12). Biziň aýdýan sözlerimiz, iýip-içýän zatlarymyz, egin-eşigimiz, daş keşbimiz we işleýän işimiz hem Ýehowa doly wepalydygymyzy görkezmeli. w18.07 sah. 25, abz. 13, 14

22-nji fewral, şenbe

Ýehowa Hudaýymyz rehim edýänçä, Ondan gözümizi aýyrmarys (Zeb. 123:2).

Eger biz gözümizi hemişe Ýehowa diksek, onda başgalaryň ýalňyşlyklarynyň Onuň bilen dostlugymyza zyýan ýetirmegine ýol bermeris. Bu, esasan-da, Musa ýaly Hudaýyň guramasynda uly jogapkärçiligi bolan mesihçiler üçin has-da wajyp. Biziň her birimiz «gorky we titreme bilen halas bolmak üçin tagalla etmeli» hem-de Ýehowanyň bize birmeňzeş höküm çykarmaýandygyny ýatda saklamaly (Flp. 2:12). Jogapkärçiligimiz näçe köp bolsa, şonça-da köp zat talap edilýär (Luka 12:48). Emma Ýehowany ýürekden söýsek, hiç zat bizi büdretmez ýa-da onuň söýgüsinden aýryp bilmez (Zeb. 119:165; Rim. 8:37—39). Biz örän kyn döwürde ýaşaýarys. Şonuň üçin, geliň, gözlerimizi «göklerde tagtyny diken Hudaýa» dikmegimizi dowam edeliň. Şonda onuň bizden nämä garaşýandygyna düşüneris (Zeb. 123:1). Şeýle-de başgalaryň nädogry hereketleriniň Ýehowa bilen dostlugymyza zyýan ýetirmegine hiç haçan ýol bermäliň. w18.07 sah. 16, abz. 19, 20

23-nji fewral, ýekşenbe

Siziň hem yşygyňyz adamlara şeýle nur saçsyn welin... gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrsynlar (Mat. 5:16).

Biz Ýehowanyň halkynyň gitdigiçe köpelýändigine örän begenýäris! 2017-nji ýylda biz 10 milliondan gowrak adam bilen Mukaddes Kitap okuwyny geçirdik. Bu Hudaýyň gullukçylarynyň yşygynyň nur saçýandygyny görkezýär. Şeýle-de Ýatlama agşamyna gelen millionlarça adamlar hakda oýlanyp görüň. Olar Hudaýyň söýgi bilen öz ýalňyz Ogluny töleg hökmünde gurban berendigini bildiler (1 Ýah. 4:9). Bütin dünýäde Hudaýyň halky dürli dillerde geplese-de, bu bize gökdäki Atamyz Ýehowany agzybirlikde şöhratlandyrmaga päsgel bermeýär (Ylh. 7:9). Dogrudan-da, dürli dilde gepleýändigimize we nirede ýaşaýandygymyza garamazdan, biz «dünýäde nur kimin ýagty saçýarys» (Flp. 2:15). Wagyz işiniň ilerlemegi, agzybirligi saklamak we oýa bolmak üçin edýän tagallamyz Ýehowany şöhratlandyrýar. w18.06 sah. 21, abz. 1—3

24-nji fewral, duşenbe

Mugallym, iýip içsene! (Ýah. 4:31).

Resullar naharlanmagy teklip edenlerinde, Isanyň olara beren jogabyndan ruhy gürrüňdeşligi iýmitdenem wajyp saýandygy görünýär. Dogrudan-da, adamlara, hatda samariýaly aýala hoş habary wagyz etmek Atasynyň islegi bolandygy üçin, Isa ony iýmit ýaly wajyp hasaplaýardy (Ýah. 4:32—34). Emma Ýakup bilen Ýahýa bu wakadan sapak edinmediler. Olar Isa bilen Samariýanyň deňinden geçip barýarkalar, gijäni şol ýerdäki obalaryň birinde geçirmekçi bolýarlar. Ýöne samariýalylar olary kabul etmeýär. Şonda Ýakup bilen Ýahýa gaharlanyp, Isadan obanyň ýaşaýjylaryny ýok eder ýaly, «gökden ot ýagdyralymy?» diýip soraýarlar. Isa olara berk käýinç berýär (Luka 9:51—56). Eger Ýakup bilen Ýahýa öz öýleri, ýagny Jeliläniň bir obasynda bu ýagdaýa duçar bolan bolsalar, özlerini şeýle alyp barardylarmy? Olar adamlary ala tutýandyklary üçin gaharlanan bolmaly. Soňra Ýahýa samariýalylara wagyz edeninde, köpleriň ony diňleýändigini görüp, öň özüni gelşiksiz alyp barandygyna utanandyr (Res. 8:14, 25). w18.06 sah. 10, 11, abz. 12, 13

25-nji fewral, sişenbe

Berk durup, biliňize hakykat guşagyny daňyň (Efes. 6:14).

Bilimizi Mukaddes Kitapdaky hakykat bilen guşasak, şoňa görä ýaşap, hemişe hakykaty aýtmaga islegimiz artar. Biz näme üçin ýalan sözlemekden gaça durmaly? Sebäbi ýalan sözlemek Şeýtanyň ökdelik bilen ulanýan ýaraglarynyň biri hasaplanýar. Ýalan söz ony aýdýan adama-da, oňa ynanýan adama-da zyýan ýetirýär (Ýah. 8:44). Biz bikämil bolsak-da, ýalan sözlemekden gaça durmak üçin elimizde baryny edýäris (Efes. 4:25). Elbetde, bu aňsat däl. 18 ýaşly Abygaýyl şeýle diýýär: «Esasanam, ýalan sözläniňde kynçylykdan gaçyp bolýar. Şonuň üçinem dogryňy aýtmak hemişe aňsat bolmaýar». Onda Abygaýyl näme üçin dogruçyl bolmak isleýär? Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Dogrymy aýdanymda, Ýehowanyň öňünde ynsabym arassa bolýar. Ene-atam we dostlarym bolsa maňa has-da köp ynanýarlar». 23 ýaşly Wiktoriýa hem şeýle diýýär: «Haçanda hakykaty aýdanyňda we ynanýan zatlaryňa berk eýereniňde, saňa haýbat atmaklary mümkin. Emma sen onuň hemişe peýdaly tarapyny hem görýärsiň. Şonda özüňe bolan ynamyň artýar, Ýehowa has-da ýakynlaşýandygyňy duýýarsyň we seni gowy görýän adamlaryň hormatyny gazanýarsyň». Görşümiz ýaly, «biliňe hakykat guşagyny daňmak» hemişe peýda getirýär. w18.05 sah. 28, abz. 3, 5

26-njy fewral, çarşenbe

Oýa boluň (Mat. 24:42).

Dünýäniň ýagdaýy gitdigiçe erbetleşýändigi üçin, biziň ählimiz has-da oýa bolmaly. Ýehowa öz bellän wagtynda hereket eder (Mat. 24:42—44). Häzir bolsa sabyrly hem oýa bolmaly. Hudaýyň Sözüni her gün okamaly we erjellik bilen doga etmeli (1 Pet. 4:7). Şeýle-de oýa bolup, yşygy nur kimin şöhle saçýan dogan-uýalaryň göreldesine eýermeli. Wagyz işine yhlasly gatnaşyň we dogan-uýalar bilen ýakyndan gatnaşyk saklaň. Bu size köp şatlyk berer, şonda siz wagtyň nähili geçendigini hem duýmarsyňyz (Efes. 5:16). Bikämil bolsak-da, edýän gullugymyzy Ýehowanyň kabul edýändigini bilmek imanymyzy berkidýär. Şonuň üçin Ýehowanyň «sowgat hökmünde» beren ýygnak ýaşulularyny gymmat saýmaly (Efes. 4:8, 11, 12, çykgyt). Ýaşulular sizi idänlerinde, olaryň akyldarlygyndan we berýän maslahatlaryndan öwrenjek boluň. w18.06 sah. 24, 25, abz. 15—18

27-nji fewral, penşenbe

Tabşyryklarymy berjaý edýän adamyň maňa söýgüsi sowamaz (Ýah. 15:10).

Isa şägirtlerine öz söýgüsini diňe bir duýmagy däl-de, «(onuň) söýgisiniň sowamazlygyny» ündedi. Näme üçin? Sebäbi Mesihiň hakyky şägirdi hökmünde galmak üçin ýyl-ýyldan çydamlylyk gerek bolýar. Isa Ýahýa 15:4—10-njy aýatlarda «sowamaz» sözüni öwran-öwran ulanyp, çydamly bolmagyň wajypdygyny nygtap geçdi. Biz Mesihiň söýgüsinde galmak we onuň göwnünden turmak isleýändigimizi nädip görkezip bileris? Biz muny Isanyň tabşyryklaryna gulak asyp görkezýäris. Ýönekeý söz bilen aýdanyňda, Isa bize: «Maňa gulak asyň» diýýär. Ol şägirtlerine diňe özüniň eden işlerini etmegi tabşyryp: «Sebäbi men hem Atamyň tabşyryklaryny berjaý edip, oňa söýgimi sowatmaýaryn» diýdi. Şeýdip, Isa bu babatda görelde galdyrdy (Ýah. 13:15). Biz Isanyň «gidiň-de, wagyz ediň» diýen tabşyrygyna gulak asyp, Ýehowany hem söýýändigimizi görkezýäris. Sebäbi Isanyň tabşyryklary Atasynyň garaýşyny aýan edýär (Mat. 17:5; Ýah. 8:28). Biz Ýehowany we Isany söýýäris, olar hem bizi söýýär. w18.05 sah. 18, abz. 5—7

28-nji fewral, anna

Işeňňiriň maksady amala aşýar (Nak. 21:5).

Ýaşlar bilim almak, işe girmek ýaly kararlara gelmeli bolýar. Siz nähili maksadyňyzyň bardygyny bilseňiz, dogry karara gelmek aňsat bolar. Näçe ir maksat goýsaňyz, şonça-da köp üstünlik gazanyp bilersiňiz. Bütin dünýädäki ýygnaklarda gulluk edýän müňlerçe ýaşlar öwgüli sözlere mynasyp. Olar durmuşyny Ýehowa bagyş edip, ünsüni ruhy maksatlara gönükdirýärler. Şeýle ýaşlar özlerini diýseň bagtly duýýarlar we ähli ýagdaýda Ýehowanyň hat-da maşgala babatda berýän görkezmesine eýermäge çalyşýarlar. Süleýman patyşa: «Ýehowa bütin ýüregiň bilen bil bagla... her ädimiňde Hudaýdan maslahat sora, şonda ähli işleriňde üstünlik gazanarsyň» diýip ýazdy (Nak. 3:5, 6). Ýehowa mesihçiler ýygnagyndaky ýaş gullukçylaryny gymmat saýýar, olary örän söýýär, goraýar, görkezme berýär we patalaýar. w18.04 sah. 26, abz. 7; sah. 27, abz. 9

29-njy fewral, şenbe

Meniň sizi söýşüm ýaly, siz hem biri-biriňizi söýüň (Ýah. 13:34).

Ýahýa resul I asyrdaky mesihçiler ýygnagynyň diregi hasaplanýardy. Onuň ýazan hoş habarynda agzalýan Isanyň gullugy baradaky wakalar asyrlarboýy, hatda häzirem mesihçileri ruhlandyrýar. Isanyň hakyky şägirtleriniň birek-birege bolan söýgüsi bilen tanaljakdygy barada aýdan sözleri diňe Ýahýanyň hoş habarynda duş gelýär (Ýah. 13:35). Ýahýanyň üç haty ruhy dürdänelerden doly. Günäniň ýetirýän zyýanyndan halys bolanymyzda, bize «Isanyň gany hem günälerimizi ýuwýandyr» diýen sözler göwünlik berýär (1 Ýah. 1:7). Ýüregimiz bizi ýazgaranda bolsa, Mukaddes Kitapdan «Hudaýyň bizi ýüregimizden has gowy tanaýandygy» barada okanymyzda, minnetdarlykdan ýaňa damagymyz dolup, gözümize ýaş aýlanmaýarmy näme?! (1 Ýah. 3:20). Galyberse-de, diňe Ýahýa resul «Hudaý söýgüdir» diýip ýazdy (1 Ýah. 4:8, 16). Ol ikinji we üçünji hatlarynda «hakykat ýolunda ýöremegini» dowam edýän mesihçileri öwýär (2 Ýah. 4; 3 Ýah. 3, 4). w18.04 sah. 18, abz. 14, 15

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş