Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es20 sah. 27—37
  • Mart

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mart
  • Her günki aýady okalyň — 2020
  • Sözbaşylar
  • 1-nji mart, ýekşenbe
  • 2-nji mart, duşenbe
  • 3-nji mart, sişenbe
  • 4-nji mart, çarşenbe
  • 5-nji mart, penşenbe
  • 6-njy mart, anna
  • 7-nji mart, şenbe
  • 8-nji mart, ýekşenbe
  • 9-njy mart, duşenbe
  • 10-njy mart, sişenbe
  • 11-nji mart, çarşenbe
  • 12-nji mart, penşenbe
  • 13-nji mart, anna
  • 14-nji mart, şenbe
  • 15-nji mart, ýekşenbe
  • 16-njy mart, duşenbe
  • 17-nji mart, sişenbe
  • 18-nji mart, çarşenbe
  • 19-njy mart, penşenbe
  • 20-nji mart, anna
  • 21-nji mart, şenbe
  • 22-nji mart, ýekşenbe
  • 23-nji mart, duşenbe
  • 24-nji mart, sişenbe
  • 25-nji mart, çarşenbe
  • 26-njy mart, penşenbe
  • 27-nji mart, anna
  • 28-nji mart, şenbe
  • 29-njy mart, ýekşenbe
  • 30-njy mart, duşenbe
  • 31-nji mart, sişenbe
Her günki aýady okalyň — 2020
es20 sah. 27—37

Mart

1-nji mart, ýekşenbe

Ähli zadyň üstünden sen höküm sürýäň (1 Tar. 29:12).

Biz Musa pygamberiň birinji kitabynyň ilkinji iki babyny okanymyzda, Adam ata bilen How enäniň hakykatdan bagtly bolandyklaryny bilýäris. Olar şu günki adamlaryň azat bolmak isleýän zatlaryndan, ýagny mätäçlikden, gorkudan we zorluk-sütemden azatdy. Dogrudan-da, ilkinji ynsan maşgalasynyň iýmit, iş, keselçilik we ölüm ýaly aladalary ýokdy (1 Mus. 1:27—29; 2:8, 9, 15). Erkinlik barada aýdylanda, biz diňe Ýehowa Hudaýyň doly we çäksiz erkin hereket etmäge hakynyň bardygyna düşünmeli. Näme üçin? Sebäbi ol ähli zadyň Ýaradyjysy we älem-jahanyň Eýesi (1 Tim. 1:17; Ylh. 4:11). Görşümiz ýaly, gökdäki we ýerdäki ýaradylan zatlaryň belli bir derejede erkinligi bar. Olar Ýehowa Hudaýyň adalatly, gerekli we ýerlikli çäklendirmeleri goýmaga doly hukugynyň bardygyna düşünmeli. Aslynda, Ýehowa Hudaý ilkibaşda adamy ýaradanda, şeýle hukugynyň bardygyny görkezdi. w18.04 sah. 4, abz. 4, 6

2-nji mart, duşenbe

Hoş habary aýdýanlaryň aýaklary nähili owadan! (Işa. 52:7).

Biz soňky günlerde kynçylyklary diňe Ýehowanyň kömegi bilen ýeňip bileris (2 Kor. 4:7, 8). Emma Ýehowa bilen ýakyn gatnaşykda bolmadyk adamlara şu dünýädäki kynçylyklar bilen göreşmegiň nähili kyndygy hakda oýlanyp görüň. Isa ýaly biziňem adamlara ýüregimiz awaýar. Şol sebäpli olara «hoş habary» wagyz etmek isleýäris. Şonuň üçin adamlara öwredeniňizde sabyrly boluň. Mukaddes Kitapdaky gowy bilýän käbir hakykatlarymyzy olaryň hiç haçan eşidip görmändigini ýatdan çykarmaň. Şeýle-de olara ýüreginde kök urup giden ynançlaryny başga bir zada çalyşmak kyn bolýar. Sebäbi olar öz dinine maşgalasyny, medeniýetini we ýaşaýan ýerindäki adamlary bilen baglanyşdyrýan zat hökmünde garaýarlar. Biz adamlara «öňki» ynanýan zatlaryny aýyrmazdan öň, Mukaddes Kitapdaky taglymatlara bolan minnetdarlygyny ösdürmäge kömek etmeli. Şonda olar öňki garaýyşlaryny üýtgetmäge taýyn bolar. Elbetde, adamlara garaýşyny özgertmäge kömek etmek üçin wagt gerek bolýar (Rim. 12:2). w19.03 sah. 23, abz. 10; sah. 24, abz. 12, 13

3-nji mart, sişenbe

Men senden razydyryn (Mar. 1:11).

Ýehowanyň söýgi bilen aýdan ruhlandyryjy sözleri bize başgalary her bir mümkinçilikden peýdalanyp ruhlandyrmalydygyny ýatladýar (Ýah. 5:20). Kimdir biri biziň söýgi bilen aladamyzy edýändigini görkezende we edýän ýagşy işlerimiz üçin öwende, biz guş bolup uçaýjak bolýarys. Şonuň ýaly hem ýygnagymyzdaky dogan-uýalar we maşgala agzalarymyz biziň söýgimize we ruhlandyryjy sözlerimize mätäç. Başgalary ruhlandyranymyzda, olaryň Ýehowa bolan imanyny berkidýäris we Oňa wepaly gulluk etmäge kömek edýäris. Ene-atalar esasanam çagalaryny ruhlandyryp durmaly. Olar çagalaryny ýürekden öwende we söýgüsini bildirende, olara hakykat ýolunda güllemäge kömek edýärler. «Men senden razydyryn» diýen sözler Isanyň Atasynyň islegini wepaly ýerine ýetirjekdigine Ýehowanyň doly ynanýandygyny görkezýär. Hawa, Ýehowa Ogluna doly ynanýar. Şol sebäpli Isanyň Ýehowanyň ähli wadalaryny berjaý etjekdigine bizem doly ynamly bolup bileris (2 Kor. 1:20). Haçanda biz Isanyň göreldesi barada oýlananymyzda, ondan has köpräk öwrenmäge we göreldesine has gowy eýermäge islegimiz artýar (1 Pet. 2:21). w19.03 sah. 8, abz. 3; sah. 9, abz. 5, 6

4-nji mart, çarşenbe

Isa Mesih arkaly ýaşaýyş berýän ruhuň kanuny sizi günäniň we ölümiň kanunyndan azat edýär (Rim. 8:2).

Biz sowgadyň hakyky gymmaty barada oýlananymyzda, ony beren adama minnetdar bolmaga höwesimiz artýar. Ysraýyllar özlerini Müsür gulçulygyndan azat eden Ýehowa minnetdar bolmadylar. Şondan birnäçe aý geçensoň, olar Müsürde iýip-içen zatlaryny küýsäp başladylar we Ýehowanyň berýän zatlaryna nägile bolup, hatda yzlaryna dolanmak islediler. Göz öňüne getiriň, olar «balyk, hyýar, garpyz, ýaş sogan, sogan-sarymsak» ýaly zatlary özlerine azatlyk beren hak Hudaý Ýehowa edýän seždesinden ýokary tutdular. Ýehowanyň öz halkyna juda gaharlanandygy geň galdyrmasa gerek (4 Mus. 11:5, 6, 10; 14:3, 4). Biz bu wakadan wajyp sapak edinýäris. Pawlus resul mesihçileri Ýehowanyň Ogly Isa Mesih arkaly beren azatlygyna adaty zat ýaly garamazlygy maslahat berdi (2 Kor. 6:1). w18.04 sah. 9, abz. 6, 7

5-nji mart, penşenbe

Ýehowa dogruçyllygy hem adalaty söýýär, ýer ýüzüni wepaly söýgüsi bilen çoýýar (Zeb. 33:5).

Biziň ählimiziň söýüp-söýlüp ýaşasymyz gelýär we başgalaryň biziň bilen adalatly bolmagyny isleýäris. Eger biz söýülmeýändigimizi we gaýta-gaýta adalatsyzlyk edilýändigini görenimizde, özümizi dereksiz duýup, ýaşaýşa bolan islegimiz gaçýar. Ýehowa biziň söýgä mätäçdigimizi hem-de adalatlylygy isleýändigimizi gowy bilýär (Zeb. 33:5). Eger sizem söýgüsiz hem adalatsyz dünýäde ýaşap, halys bolan bolsaňyz, onda Hudaýyň bizi mähir bilen söýüp, biziň bilen özüni adalatly alyp barýandygyna ynamly bolup bileris. Onuň bu häsiýetleri Musa pygamber arkaly gadymy ysraýyl halkyna beren Kanunyndan hasam aýdyň görünýär. Musa pygamberiň kanunyny okanymyzda, gökdäki söýgüden doly Hudaýymyzyň mähirli duýgularyny hasam gowy görüp bilýäris (Rim. 13:8—10). Näme üçin Musanyň kanuny söýgä esaslanýar diýse bolar? Sebäbi Ýehowanyň ähli edýän işlerinden onuň söýgüsi görünýär (1 Ýah. 4:8). Ýehowanyň Musa pygamber arkaly beren Kanuny esasy şu iki, ýagny Hudaýy we ýakynyňy söýmek baradaky tabşyryga esaslanýar (3 Mus. 19:18; 5 Mus. 6:5; Mat. 22:36—40). Kanundaky 600-den gowrak tabşyryklar Ýehowanyň söýgüsine esaslanýar. w19.02 sah. 20, 21, abz. 1—4

6-njy mart, anna

Baýlygyňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar (Mat. 6:21).

Eýýup gelin-gyzlara ahlaksyz höwes bilen seretmekden gaça durýardy (Eýp. 31:1). Ol aýalyndan başga gelin-gyza göwün bermegiň nädogrudygyny bilýärdi. Şu günler biz ahlaksyzlygyň möwç urýan döwründe ýaşaýarys. Eýýup pygamber ýaly, bizem ýanýoldaşymyz bolmadyk birine nädogry höwes bilen seretmekden gaça durarysmy? Bihaýa hem ahlaksyz suratlary ýa-da pornografiýa görmekden gaça durmak üçin jan ederismi? (Mat. 5:28). Eger biz her gün şeýle ýagdaýlarda özümize erk etsek, aýypsyz galmak islegimizi hasam berkideris. Eýýup pygamber maddy zatlara dogry garap, Ýehowa gulak asdy. Ol baýlygyna bil baglasa, Hudaýyň öňünde günä edip, jeza aljakdygyna düşünýärdi (Eýp. 31:24, 25, 28). Şu günler biz baýlygyň yzynda hars urýan adamlaryň arasynda ýaşaýarys. Eger biz Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, pula we baýlyga dogry garaýyşda bolsak, aýypsyz galmak islegimizi hasam berkideris (Nak. 30:8, 9; Mat. 6:19, 20). w19.02 sah. 6, 7, abz. 13, 14

7-nji mart, şenbe

Atamyň meni söýşi ýaly, men hem sizi söýýärin (Ýah. 15:9).

Isa Ýehowanyň bize bolan güýçli söýgüsini kämil derejede görkezdi. Bu onuň her bir edýän işinde görünýärdi (1 Ýah. 4:8—10). Ýöne has wajyby, Isanyň söýgüsi öz islegi bilen biziň üçin janyny gurban bermäge höweslendirdi. Biz mesh edilen ýa-da «başga goýunlara» degişli bolsagam, Ýehowanyň we Oglunyň bizi söýüp, günälerimiz üçin beren gurbanyndan köp peýda alýarys (Ýah. 10:16; 1 Ýah. 2:2). Şeýle-de Ýatlama agşamynda ulanylýan nyşanlar hakda oýlanyň. Bu nyşanlar Isanyň bizi söýýändigini we aladamyzy edýändigini görkezýär. Nädip? Isa agşam naharyny girizende, ony kyn düzgünler bilen däl-de, ýönekeý edip bellemegi tabşyryp, mesh edilen şägirtlerine bolan söýgüsini görkezdi. Aradan birnäçe wagt geçse-de, şol mesh edilen şägirtler nähili kynçylyk bolaýanda-da, hatda türmede-de, her ýyl Ýatlama agşamyny bellemelidi (Ylh. 2:10). Olar Isanyň bu tabşyrygyny ýerine ýetirip bildilermi? Hawa, olar muny başardylar! I asyrdan bäri hakyky mesihçiler Isanyň ölümini ýatlamak barada beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek üçin, elinde baryny edýärdiler. w19.01 sah. 24, abz. 13—15

8-nji mart, ýekşenbe

Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat hem sizi azat eder (Ýah. 8:32).

Isanyň aýdan azatlygy ýalan dinden, bir zada köre-körlük bilen ynanmakdan we bilimsizlikden azat bolmagy öz içine alýar. Ýöne bu bilim bizi has köp zatdan azat edýär. Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, biz «Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowşarys» (Rim. 8:21). Eger biz Mesihiň aýdýanlaryna ýa-da taglymatlaryna eýersek, hatda häzirem şol azatlygyň tagamyny dadyp bileris (Ýah. 8:31). Şonda diňe bir «hakykaty bilmän», eýsem, şol boýunça ýaşarys. Şu geçegçi dünýäniň hödürleýän, hatda iň gowy zatlar hem wagtlaýyn we soňunyň nämä eltjekdigi belli däl. Biz ertir näme boljakdygyny bilmeýäris (Ýak. 4:13, 14). Şonuň üçin «hakyky ýaşaýşa berk ýapyşsak», paýhasly bolar (1 Tim. 6:19). Elbetde, Hudaý bizi özüne gulluk etmäge mejbur etmeýär. Muny biziň özümiz çözýäris. Goý, Ýehowa siziňem «paýyňyz» bolsun (Zeb. 16:5). Onuň berýän «bereketlerini» gymmat saýyň (Zeb. 103:5). Şonda «hemişe şatlanarsyňyz» we «elmydama begenersiňiz» (Zeb. 16:11). w18.12 sah. 28, abz. 19, 21

9-njy mart, duşenbe

Äri hem aýalyny taşlamasyn (1 Kor. 7:11).

Mesihçileriň ählisi nika Ýehowa bilen Isanyň garaýşy ýaly garamaga jan etmeli. Emma bikämil bolandygymyz üçin, käbirlerine muny etmek kyn bolup biler (Rim. 7:18—23). I asyrda ýaşan käbir mesihçileriň hem nikasynda kynçylyklar bolupdy. Biz muňa geň galmaýarys. Pawlus resul: «Aýal ärinden aýry ýaşamasyn» diýip ýazdy. Ýöne, gynansak-da, käte şeýle ýagdaýlar bolýardy (1 Kor. 7:10). Pawlus resul är-aýalyň aýry ýaşamagyna nämäniň sebäp bolýandygyny düşündirmedi. Meselem, äri zyna edendigi üçin, aýaly onuň bilen aýrylyşyp, gaýtadan durmuş gurup bilýär. Emma Pawlus resul ýanýoldaşyndan aýry ýaşaýan aýalyň «başga birine durmuşa çykyp bilmeýändigini ýa-da äri bilen ýaraşmalydygyny» aýtdy. Sebäbi är-aýal aýry ýaşasa-da, Hudaý olary bir maşgala hasaplaýar. Pawlus resul ahlaksyzlyk edilmedik bolsa, nähili kynçylyk bolaýanda-da, ýaraşmagy maslahat berdi. Şeýle är-aýal ýygnak ýaşulularyndan kömek sorap biler. w18.12 sah. 13, abz. 14, 15

10-njy mart, sişenbe

Hudaýyň Patyşalygyny we adalatly kanunlaryny hemişe birinji orunda goýuň (Mat. 6:33).

Şu günler Hudaý biziň Özi bilen dostlaşmagymyzy we wagyz işine, mümkin boldugyndan, köpräk gatnaşmagymyzy isleýär (Mat. 28:19, 20; Ýak. 4:8). Emma adamlar ýagşy niýet bilen ruhy işlerden ünsümizi sowup biler. Meselem, başlygyňyz gowy aýlykly işe geçmegi teklip etse näme? Ýöne bu siziň ruhy işleriňize zyýan ýetirip biler. Ýa-da size goşmaça bilim almak üçin öýüňizden uzakda okamagy teklip etmekleri mümkin. Şeýle ýagdaýda Hudaýa doga edip, gözleg geçiriň, maslahatlaşyp, soňra karara geliň. Ýehowanyň şeýle meselelere nähili garaýandygyny häzirden bilseňiz hem-de onuň pikirlenişi ýaly pikirlenmäge jan etseňiz gowy bolar. Şonda bardy-geldi şeýle ýagdaýa duş gelseňiz, synaga garşy durmak kyn bolmaz. Sebäbi öňüňizde ruhy maksatlaryňyz bar we näme etjekdigiňizi eýýäm çözdüňiz. Indi gelen kararyňyza görä hereket etmeli. w18.11 sah. 27, abz. 18

11-nji mart, çarşenbe

Ähli zatdan öňürti ýüregiňi gora (Nak. 4:23).

Süleýman Ysraýylyň patyşasy bolanda, gaty ýaşdy. Bir gezek Ýehowa oňa düýşünde: «Näme islegiň bolsa, aýt, soran zadyňy bereýin» diýýär. Şonda Süleýman özüniň ýaş we tejribesizdigini aýdyp: «Halkyňa kazylyk edip, ýagşy-ýamana gowy düşünip biler ýaly, maňa pespäl ýürek ber» diýýär (1 Pat. 3:5—10). Süleýmanyň «pespäl ýürek» dilemegi, onuň kiçigöwünli bolandygyny görkezýär. Ýehowa Süleýmany juda gowy görýärdi (2 Şam. 12:24). Bu ýaş patyşanyň eden dilegi Ýehowanyň göwnüne ýarady, şonuň üçin oňa «akyldarlyk, düşünje berdi» (1 Pat. 3:12). Ýehowa wepaly bolan ýyllary Süleýman köp bereketleri aldy. Ol «Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň adyna öý gurmak» hormatyna hem eýe bolupdy (1 Pat. 8:20). Hudaýyň beren akyldarlygy bilen, onuň at-owazasy dünýä ýaýrady. Süleýmanyň Hudaý tarapyn ylhamlanyp aýdan sözleri hem Mukaddes Kitabyň üç kitabynda ýazylan. Olaryň biri Nakyllar kitaby. w19.01 sah. 14, abz. 1, 2

12-nji mart, penşenbe

Şu dünýäniň täsirine düşmäň (Rim. 12:2).

Käbir adamlar hiç kimiň pikirini kabul etmek islemeýär. Şeýle adamlar köplenç «özüm gowy bilýärin» diýýär. Aslynda, olar şeýle diýmek bilen, özbaşdak karara gelmek isleýändiklerini we nämäniň ýagşydygyny özleriniň çözýändigini görkezýär. Olar üstlerinden başgalaryň agalyk etmegini ýa-da olar ýaly bolmak islemeýär. Ýehowanyň pikirlenişi ýaly pikirlenmek ähli adamlaryň pikirini ýa-da aýdýan zatlaryny kabul etmezligi aňlatmaýar. 2 Korinfliler 3:17-de aýdylyşy ýaly, «Ýehowanyň mukaddes ruhuny alan adam azatdyr». Biziň her birimiziň saýlamak erkinligimiz bar. Şonuň üçin biz özbaşdak karara gelip bilýäris we halaýan zadymyzy saýlap bilýäris. Aslynda, Ýehowa bizi şeýle ýaratdy. Ýöne biziň erkinligimiz çäkli (1 Pet. 2:16). Meselem, ýagşy-ýamany çözmek meselesinde Ýehowa öz Sözündäki görkezmelere eýermegimizi isleýär. w18.11 sah. 19, abz. 5, 6

13-nji mart, anna

Dimas dünýäni söýüp, meni taşlady (2 Tim. 4:10).

Eger biz hakykat ýolunda ýöremegi dowam etmek islesek, maddy zatlaryň durmuşymyzda öz ýeriniň bardygyna düşünmeli. Hakykaty bilenimizde, biz maddy zatlary ikinji orunda goýup başladyk. Biz hakykat ýolunda ýöremek üçin maddy zatlarymyzdan höwes bilen geçdik. Emma wagtyň geçmegi bilen, adamlaryň soňky çykan elektron enjamlaryny ýa-da başga-da maddy zatlary edinýändigine gözümiz gitmegi mümkin. Şeýle ýagdaýda biz özümizi durmuşda nämedir bir zady ýitirýän ýaly duýup bileris. Barymyza kaýyl bolmagyň deregine, biz ruhy işleri bir gyra goýup, maddy zatlara ymtylyp başlamagymyz mümkin. Bu bize I asyrda ýaşan Dimas bilen bolan wakany ýatladýar. Ol «dünýäni söýýändigi» üçin, Pawlus resul bilen gulluk etmegini bes edýär. Eýsem, onuň şeýle hereket etmegine näme sebäp bolduka? Mukaddes Kitapda Dimasyň maddy zatlary ruhy işlerden has köp söýendigi ýa-da Pawlus resul bilen gulluk etmek üçin şahsy bähbitlerinden geçmek islemändigi barada hiç zat aýdylmaýar. Elbetde, biz ýene-de maddy zatlara bolan höwesimiziň artmagyny we şol zatlaryň hakykata bolan söýgimiziň ýerini tutmagyny islemeýäris. w18.11 sah. 10, abz. 9

14-nji mart, şenbe

Ýok, ýok, ölmersiňiz (1 Mus. 3:4).

Şeýtan bilgeşleýin ýalan sözledi. Sebäbi ol aýdýanlaryna ynanyp, miweden iýse, How enäniň öljekdigini gowy bilýärdi. Adam ata bilen How ene Ýehowanyň tabşyrygyna gulak asman, ölüme sezewar boldy (1 Mus. 3:6; 5:5). Iň erbedi bolsa, bu günä sebäpli ähli adamlara «ölüm... geçdi». Aslynda, ölüm «patyşa kimin... hatda Adam atanyňky ýaly günä etmedik adamlaryň hem üstünden höküm sürýärdi» (Rim. 5:12, 14). Häzir biz Hudaýyň ilkibaşdaky niýetine görä, kämil durmuşdan ebedi lezzet alyp ýaşamagyň deregine, bary-ýogy 70 ýa 80 ýyl ýaşaýarys. Emma şonda-da durmuşymyz «jebir-jepadan» doly (Zeb. 90:10). Bu zatlaryň hemmesi Şeýtanyň ilkinji ýalan sözi sebäpli şeýle boldy. Isa Iblisiň näme edendigini şeýle düşündirdi: «Onda hakykat ýokdur, şonuň üçin hakykat ýolunda durup bilmedi» (Ýah. 8:44). Şeýtanda häzirem hakykat ýok, sebäbi ol ýalan sözi bilen «bütin ýer ýüzünde ýaşaýanlary aldaýar» (Ylh. 12:9). Biz Şeýtanyň aldawyna düşmek islemeýäris. w18.10 sah. 6, 7, abz. 1—4

15-nji mart, ýekşenbe

Parahatlyk döredýän adamlar bagtlydyr, sebäbi olara Hudaýyň ogullary diýerler (Mat. 5:9).

Biz başgalar bilen parahatlygy saklamak üçin elimizde baryny etsek, özümizi bagtly duýarys. Ýakup şägirt hem: «Parahatlygy döredýän adamlar üçin dogruçyllygyň miwesi parahat şertlerde ekilýändir» diýip ýazdy (Ýak. 3:18). Ýygnagyňyzda ýa-da maşgalaňyzda kimdir biri bilen araňyzda düşünişmezlik dörände, parahatlygy saklap biler ýaly, Hudaýa ýalbaryp, kömek soraň. Şonda Ýehowa size mukaddes ruhuny berer. Bu bolsa size dogry hereket etmäge hem bagtly bolmaga kömek eder. Isa parahatlygy saklamak üçin ilki özüniň ädim ätmeginiň wajypdygyny nygtap, şeýle diýdi: «Gurbanlyk ojagyna gurbanlygyňy alyp barýarkaň, doganyň senden öýkelidigi ýadyňa düşse, gurbanlygyňy gurbanlyk ojagynyň ýanynda goý-da, gidip, ilki doganyň bilen ýaraş. Soňra gurbanlygyňy ber» (Mat. 5:23, 24). w18.09 sah. 21, abz. 17

16-njy mart, duşenbe

Size täze tabşyryk berýärin: biri-biriňizi söýüň, meniň sizi söýşüm ýaly, siz hem biri-biriňizi söýüň (Ýah. 13:34).

Ölüminiň öň ýanyndaky gije Isa şägirtleri bilen gürrüňdeş bolanda, takmynan 30 gezek söýgi barada agzady. Ol, esasan-da, şägirtleriniň «bir-birini söýmelidigini» belläp geçdi (Ýah. 15:12, 17). Şägirtleriň birek-birege bolan söýgüsi olaryň Isanyň hakyky şägirtleridigini görkezmelidi (Ýah. 13:35). Bu söýgi ýöne bir duýga esaslanmaýar. Isanyň aýtmagyna görä, biz dogan-uýalar üçin özümizden geçmäge taýyn bolmaly. Ol şeýle diýdi: «Dostlary üçin janyny gurban edýän adamyň söýgüsinden güýçli söýgi ýokdur. Tabşyryklarymy berjaý etseňiz, dostum bolarsyňyz» (Ýah. 15:13, 14). Şu günler Ýehowanyň gullukçylary janaýamaz söýgüsi we agzybirligi bilen tanalýar (1 Ýah. 3:10, 11). Dogrudan-da, milleti, tire-taýpasy, dili ýa-da medeniýeti tapawutlansa-da, mesihçileriň birek-birege bolan söýgüsi diýseň haýran galdyrýar. w18.09 sah. 12, abz. 1, 2

17-nji mart, sişenbe

Dogan-garyndaşlarynyň, esasan-da, maşgala agzalarynyň aladasyny etmeýän adam imandan dänendir (1 Tim. 5:8).

Ýehowa gullukçylarynyň maşgala agzalary barada alada etmegini isleýär. Meselem, siz maşgalaňyzy eklemek üçin gazanç etmeli bolýansyňyz. Käbirleri bolsa gartaşan ýa-da ýarawsyz ene-atasynyň aladasyny etmeli bolýar. Ýa-da köp eneler öýünde kiçi çagalaryna seretmeli bolýar. Elbetde, bularyň ählisi wajyp. Eger siziň hem şeýle borçlaryňyz bar bolsa, onda ruhy işlere isleýşiňiz ýaly köp wagt sarp edip bilmeýän bolmagyňyz mümkin. Ýöne ruhdan düşmäň! Ýehowa siziň maşgalaňyzyň aladasyny etmek üçin edýän tagallaňyzy görüp, begenýär (1 Kor. 10:31). Eger siziň maşgala borçlaryňyz ýok bolsa, onda gartaşan, ýarawsyz ýa-da başga kömege mätäç imandaşlaryňyzy goldap bilersiňizmi? Munuň üçin siz ýygnagyňyzda kimiň kömege mätäçdigine üns berip bilersiňiz. Şeýle etseňiz, siz Ýehowa bilen işleşersiňiz. Belki-de, Ýehowa olaryň edýän dogalaryna siziň üstüňiz bilen jogap berýändir (1 Kor. 10:24). w18.08 sah. 24, abz. 3, 5

18-nji mart, çarşenbe

Hudaý Ýusuby goldaýardy. Hudaý ony ähli bela-beterlerden gorady (Res. 7:9, 10).

Kakasy Ýusuby juda gowy görýärdi. Ol 17 ýaşlaryndaka, doganlary göriplikden ýaňa ony Müsüre gul edip satýarlar (1 Mus. 37:2—4, 23—28). Takmynan 13 ýyllap Ýusup kakasy Ýakupdan uzakda, ýagny Müsürde gulçulykda we tussaglykda bolýar. Şeýle kyn döwürde ruhdan düşmezlige we öýke-kine saklamazlyga Ýusuba näme kömek etdikä? Ýusup tussaglykdaka, ünsüni Ýehowanyň berýän patasyna gönükdirýärdi (1 Mus. 39:21; Zeb. 105:17—19). Şeýle-de ol ýaşka gören düýşleri barada oýlanandyr. Bu bolsa Ýehowanyň ondan razydygyna ynamyny berkidendir (1 Mus. 37:5—11). Ýusup Ýehowa gaýta-gaýta ýüregini döken bolmaly (Zeb. 145:18). Ýehowa Ýusubyň ýürekden eden dogalaryna jogap berip, oňa kalbynda rahatlyk duýmaga kömek edýär. Dogrudan-da, «Hudaý Ýusuby» ähli kynçylyklarynda goldady. w18.10 sah. 28, abz. 3, 4

19-njy mart, penşenbe

Garyby goňşusy-da ýigrenýär, baýyň bolsa dosty köpdür (Nak. 14:20).

Adamlaryň baý ýa-da garyp bolmagy olara bolan garaýşymyza täsir edip biler. Emma kimdir biriniň baý ýa garyp bolmagy olara bolan garaýşymyza nädip täsir edip biler? Şu günki aýatdan görnüşi ýaly, Süleýman patyşa Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly bikämil adamlar babatda bir wajyp hakykaty belläp geçdi. Bu mysaldan biz näme öwrenýäris? Eger seresap bolmasak, biz diňe baý dogan-uýalar bilen dostlaşyp, garyp ýaşaýan imandaşlarymyzdan özümizi çetde tutarys. Adamlara maddy zatlaryna görä baha bermek näme üçin örän howply? Eger şeýle etsek, ýygnakda bölünişigiň bolmagyna sebäp bolarys. I asyrda hem käbir ýygnaklarda şeýle kynçylyklar bolupdy. Şol sebäpli Ýakup şägirt olara duýduryş berdi (Ýak. 2:1—4). Biz ýygnakda şeýle nädogry garaýşyň döremegine ýol bermeli däl. w18.08 sah. 10, abz. 8—10

20-nji mart, anna

Biri-biriňizi ýürekden söýüň (1 Pet. 4:8).

Ýehowa özi bilen dostlaşmaga beren mümkinçiligine minnetdarlygymyzy görkezmek üçin, biz dogan-uýalary ýürekden söýmeli. Sebäbi olar hem Ýehowanyňky. Eger biz şu wajyp hakykaty ýadymyzda saklasak, dogan-uýalary söýüp, olar bilen özümizi hemişe mähirli alyp bararys (1 Sel. 5:15). Isa şägirtlerine: «Biri-biriňizi söýseňiz, siziň meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» diýdi (Ýah. 13:35). Üns beren bolsaňyz, Melek pygamber: «Ýehowadan gorkýanlar öz aralarynda gürrüň edýärdiler. Ýehowa olary ünsli diňleýärdi» diýdi (Mel. 3:16). Dogrudan-da, «Ýehowa saýlanlaryny bilýändir» (2 Tim. 2:19). Ol biziň her bir aýdýan sözümize we edýän işimize üns berýär (Ýew. 4:13). Eger imandaşlarymyz bilen özümizi mähirli alyp barmasak, Ýehowa muny görýär. Şol sebäpli dogan-uýalara myhmansöýer, jomart, geçirimli we mähirli bolsak, Ýehowanyň muny-da görýändigine şübhelenmän bileris (Ýew. 13:16). w18.07 sah. 26, abz. 15, 17

21-nji mart, şenbe

Ýehowa Hudaýyňyza... wepaly boluň (5 Mus. 10:20).

Biz Ýehowa doly wepaly bolmaly. Sebäbi ondan beýik, akyldar we bizi şeýle güýçli söýýän şahsyýet ýok. Eýsem, haýsy birimiz onuň tarapynda bolmak islemeýäris? (Zeb. 96:4—6). Gynansak-da, Hudaýyň käbir gullukçylary onuň tarapyny tutmadylar. Geliň, Kabylyň mysalyna seredeliň. Ol Ýehowadan başga hudaýa sežde etmeýärdi. Muňa garamazdan, Hudaý onuň seždesini kabul etmedi. Sebäbi Kabyl ýüreginde erbetligiň kök urmagyna ýol berdi (1 Ýah. 3:12). Ýehowa onuň nädogry garaýşyny düzetmek üçin şeýle diýdi: «Eger dogry ýola düşseň, senden hoşal bolmarynmy? Päliňden gaýtmasaň, günä bosagada garawullap ýatyr. Ol seni penjesine düşürjek bolýar. Ýöne sen ondan üstün çykmalysyň» (1 Mus. 4:6, 7). Aslynda, Ýehowa Kabyla: «Eger sen toba edip, maňa tarap öwrülseň, menem saňa tarap öwrülerin» diýen ýalydy. Emma ol maslahaty kabul etmedi. w18.07 sah. 17, abz. 1, 3; sah. 18, abz. 4

22-nji mart, ýekşenbe

Siziň... yşygyňyz adamlara... nur saçsyn (Mat. 5:16).

Biziň yşygymyz nur saçar ýaly hoş habary wagyz etmeli we şägirt taýýarlamaly (Mat. 28:19, 20). Özümizi alyp barşymyz bilen hem Ýehowany şöhratlandyryp bilýäris. Öý eýeleri hem-de wagyzda duşýan adamlarymyz özümizi alyp barşymyza üns berýärler. Biziň mähirli ýylgyryşymyz we hormat bilen salamlaşmagymyz nähili adamdygymyz hem-de sežde edýän Hudaýymyz barada köp zady aýan edýär. Isa şägirtlerine: «Öýe girip, salam beriň» diýdi (Mat. 10:12). Isanyň we resullarynyň wagyz eden ýerlerinde, nätanyş adamlary myhman almak adaty zat hasaplanýardy. Ýöne şu günler köp ýerlerde beýle däl. Muňa garamazdan, siz dogry garaýyşda bolup, özüňizi mähirli alyp barsaňyz, öý eýesi biynjalyk bolmaz we gaharlanmaz. Şeýle-de mähirli ýylgyrmak köplenç gowy gürrüňdeşlige başlamaga kömek edýär. Köpçülik ýerlerinde stendli wagyz edýän dogan-uýalar munuň dogrudygyna göz ýetirdiler. Siz ýylgyryp, mähirli salamlaşsaňyz, köplenç adamlaryň gowy seslenýändigine göz ýetirersiňiz. Şeýle-de özüňizi mähirli alyp barsaňyz, adamlar bilen gürrüňe başlamaga kömek eder. w18.06 sah. 22, abz. 4, 5

23-nji mart, duşenbe

Hudaý hiç kimi ala tutmaýar (Res. 10:34).

Petrus resul diňe ýehudylar bilen gatnaşýardy. Ýöne Hudaý mesihçileriň adamlary ala tutmaly däldigini aýdyň görkezenden soň, Petrus resul Rim ýüzbaşysy Korneliýa hoş habary wagyz edýär (Res. 10:28, 35). Soňra Petrus ýehudy bolmadyk mesihçiler bilen iýip-içip, bile wagtyny geçirýär. Emma birnäçe ýyl geçenden soň, Petrus Antakyýa şäherindekä, olar bilen iýip-içmegini bes edýär (Gal. 2:11—14). Şonda Pawlus resul Petrusa berk düzediş berýär. Petrus onuň düzedişini kabul eden bolmaly. Sebäbi ol Kiçi Aziýadaky ýehudy bolmadyk mesihçilere birinji hatyny ýazanda, ähli dogan-uýalary söýmegiň wajypdygyny aýdýar (1 Pet. 1:1; 2:17). Resullar Isanyň göreldesine eýerip, «ähli adamlary» söýmegi öwrendiler (Ýah. 12:32; 1 Tim. 4:10). Elbetde, munuň üçin wagt gerek bolsa-da, olar garaýşyny özgertdiler. Dogrudan-da, I asyrdaky mesihçiler ähli adamlara Hudaýyň garaýşy ýaly garamak üçin «täze häsiýetleri öwrendiler» (Kol. 3:10, 11). w18.06 sah. 11, abz. 15, 16

24-nji mart, sişenbe

Şeýlelikde, berk durup... egniňize dogruçyllyk sowudyny... geýiň (Efes. 6:14).

I asyrdaky rim esgerleriniň dakynan sowudynda biri-birine sepleşip duran ýasy demir bölekleri bolýardy. Elbetde, esger demir bölekleriň öz ýerine pugta berkidilendigini hemişe barlap durmaly bolýardy. Sowut esgeriň ýüregini we beýleki wajyp beden agzalaryny goraýardy. Bu deňeşdirme Ýehowanyň dogry kada-kanunlarynyň biziň göçme manydaky ýüregimizi goraýandygyny gowy suratlandyrýar (Nak. 4:23). Esgeriň demir sowudyny başga bir pes hilli metaldan ýasalan sowuda çalyşmaýşy ýaly, bizem Ýehowanyň kada-kanunlaryny hiç haçan öz dogry hasaplaýan zatlarymyza çalyşmarys. Bikämildigimiz sebäpli gelýän kararlarymyz bize gerekli goragy berip bilmeýär (Nak. 3:5, 6). Şonuň üçin biz Ýehowanyň beren «demir bölekleriniň» ýüregimize pugta berkidilendigini elmydama barlap durmaly. Mukaddes Kitapdaky hakykatlara bolan söýgümiz näçe güýçli bolsa, «sowudy» dakynmak, ýagny Hudaýyň dogry kada-kanunlary boýunça ýaşamak şonça-da aňsat bolýar (Zeb. 111:7, 8; 1 Ýah. 5:3). w18.05 sah. 28, abz. 3, 4, 6, 7

25-nji mart, çarşenbe

Olar Musa bilen dawalaşdylar (4 Mus. 20:3).

Halk Musanyň şonça ýyllap gowy ýolbaşçylyk edendigini görübem hüňňürdedi. Olar diňe bir suw üçin zeýrenmän, suwsuz galandyklaryna hamala Musa günäkär ýaly, oňa igendiler (4 Mus. 20:1—5, 9—11). Şonda Musanyň gany depesine urup, ýumşaklygyndan nam-nyşan galmaýar. Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, iman bilen gaýa buýruk bermegiň deregine, Musa halka käýäp, gudraty hamala özi görkezen ýaly etdi. Soňra ol iki gezek hasasyny gaýa urdy we gaýadan suw şaglap akdy. Musa gedemlik edip, gaharlanandygy üçin uly ýalňyşlyk goýberdi (Zeb. 106:32, 33). Ol az wagtlyk pespäl bolmandygy üçin, Hudaýyň wada beren ýurduna girip bilmedi (4 Mus. 20:12). Biz bu wakadan özümize wajyp sapak edinýäris. Birinjiden, biz pespälligimizi hemişe ösdürip durmaly. Eger biz az salymlygam bolsa tekepbirligiň duzagyna düşsek, diýmesiz zady diýip, etmesiz işi ederis. Ikinjiden, gaýgy-hasrat çekenimizde, biz ejizläp bilýäris. Şol sebäpli iň kyn pursatlaram pespäl bolmaga jan etmeli. w19.02 sah. 12, 13, abz. 19—21

26-njy mart, penşenbe

Patyşalyk baradaky hoş habar bütin ýer ýüzünde... wagyz ediler (Mat. 24:14).

Isanyň wagyz etmek babatda beren tabşyrygyna gulak asmak kynmy? Elbetde, ýok. Isa üzüm agajy baradaky mysalyny gürrüň berensoň, Patyşalygyň wagyzçylary hökmünde şatlanjakdygymyzy aýtdy (Ýah. 15:11). Aslynda, Isa özündäki şatlygyň bizde-de boljakdygyna ynandyrdy. Nädip? Ýokarda aýdylyşy ýaly, Isa özüni üzüm agajyna, şägirtlerini bolsa şahalara meňzetdi (Ýah. 15:5). Dogrudan-da, agaç şahalaryň ösmegine ýardam edýär. Sebäbi şahalar agaja sepleşip, ondan ösmek üçin zerur bolan ýokumly maddalary we çyglylygy özüne sorup alýar. Şonuň ýaly bizem Mesihiň yzyna eýerip, onuň bilen birlikde galsak, Isanyň Atasynyň islegini berjaý edip alýan şatlygyny özümizde duýup bileris (Ýah. 4:34; 17:13; 1 Pet. 2:21). 40 ýyldan gowrak pioner bolup gulluk edýän Hanna uýamyz şeýle diýýär: «Men hemişe wagyzdan şatlyk tapýaryn. Bu maňa Ýehowa edýän gullugymy dowam etmäge güýç berýär». Dogrudan-da, kalbymyzdaky şatlyk nähili kynçylyk bolaýanda-da, wagyz işini dowam etmäge güýç berýär (Mat. 5:10—12). w18.05 sah. 17, abz. 2; sah. 20, abz. 14

27-nji mart, anna

Men başga halklara... iman we hakykat barada öwretdim (1 Tim. 2:7).

I asyrda ýaşan mesihçileri has-da ruhlandyran adamlaryň biri Pawlus resul bolmaly. Ol bolsa mukaddes ruh arkaly ençeme taňrylara sežde edýän Grek-Rim imperiýasynyň çäklerinde ýaşaýan adamlara wagyz etmek üçin iberilipdi (Gal. 2:7—9). Pawlus resul häzirki Türkiýäniň ähli çäklerinde, şol sanda Gresiýada we Italiýada syýahat edip, özge milletleriň arasynda mesihçiler ýygnagyny döretdi. Mesihçi dinini kabul eden täze şägirtler «ildeşleriniň elinden görgi görýärdi» we ruhlandyryjy sözlere mätäçdi (1 Sel. 2:14). Takmynan b. e. 50-nji ýylynda Pawlus Selanikdäki ýygnaga: «Biz doga edenimizde, siziň ähliňiz üçin Hudaýa hemişe minnetdarlyk aýdýarys. Siziň wepaly gulluk edişiňizi we söýgi bilen çekýän zähmetiňizi ýatlaýarys... çydamly bolýandygyňyzy unutmaýarys» diýip ýazdy (1 Sel. 1:2, 3). Şeýle-de olara: «mundan beýläk-de bir-biriňizi ruhlandyryň, birek-biregi berkidiň» diýip maslahat berdi (1 Sel. 5:11). w18.04 sah. 18, 19, abz. 16, 17

28-nji mart, şenbe

Patyşalyk baradaky hoş habar ähli milletlere wagyz ediler (Mar. 13:10).

Ýehowanyň göwnünden turmak isleýän ýaşlar oňa gulluk etmäge aýratyn üns berýärler. Wagyz işi örän wajyp bolandygy üçin ony hemme zatdan öňde goýmaly. Sen hoş habary has köpräk wagyz etmegi maksat edinip bilersiňmi? Pioner gullugyna başlap bilermiň? Eger wagyzdan şatlyk tapmaýan bolsaň näme? Has ökde wagyzçy bolmaga saňa näme kömek eder? Gel, iki ädime seredeli: Gowy taýýarlan we öwrenen zatlaryňy başgalar bilen paýlaşmaga mümkinçilik gözle. Şonda wagyz gullugynyň has köp şatlyk berýändigini görüp, özüňem geň galsaň gerek! Sen öňürti klasdaşlaryň berýän soraglaryna jogap tapmaga taýýarlanyp bilersiň. Meselem, «Sen näme üçin Hudaýa ynanýarsyň?» diýen sorag barada oýlanyp gör. Biziň jw.org web-saýtymyzda ýaşlara berilýän soraglara jogap tapmaga kömek edýän makalalar bar. Onda «Men Hudaýa näme üçin ynanýaryn?» diýen gönükme bar. Bu gönükmedäki maslahatlar saňa klasdaşlaryňa jogap bermäge kömek eder. w18.04 sah. 27, abz. 10, 11

29-njy mart, ýekşenbe

Köpeliň, ýer ýüzüni dolduryň (1 Mus. 1:28).

Adam ata bilen How ene özüne berlen erkinlikden köp ýagdaýlarda lezzet alyp ýaşasalar-da, Hudaý olara käbir çäklendirmeleri hem goýupdy. Olar käbir zatlary instinkt, ýagny dogabitdi ukyby boýunça edýärdiler, ýöne munuň hem çägi bardy. Meselem, Adam ata bilen How ene ýaşaýyş üçin dem almagyň, iýip-içmegiň, wagtly-wagtynda ýatmagyň we şuňa meňzeş zatlary etmegiň zerurdygyna düşünýärdiler. Eýsem, olar şu zatlary edýändigi üçin özlerini erkinlikden mahrum edilýän ýaly duýýardylarmy? Elbetde, ýok. Ýehowa hatda olaryň her günki edýän zatlarynyň hem lezzet we kanagat berýändigini görýärdi (Zeb. 104:14, 15; Nes. 3:12, 13). Ýehowa Adam ata bilen How enä ýer ýüzüni nesillerinden doldurmagy we oňa eýeçilik etmegi tabşyrdy. Bu tabşyryk olaryň erkinligini çäklendirýärdimi? Elbetde, ýok. Aslynda, ol adamlara Ýaradyjynyň bütin ýer şaryny Jennede öwrüp, onda kämil ynsanlary ebedi ýaşatmak babatdaky maksadyny amala aşyrmaga mümkinçilik berýärdi (Zeb. 127:3; Işa. 45:18). Hawa, Adam ata bilen How ene hem maşgala durmuşyndan ebedi lezzet alyp ýaşap bilerdi. w18.04 sah. 4, 5, abz. 7, 8

30-njy mart, duşenbe

Ebedi ýaşamak isleýän ähli adamlar iman etdiler (Res. 13:48).

Eger biz wagyzda sabyrly bolsak, adamlar Mukaddes Kitapdaky hakykata eşiden badyna düşüner ýa-da kabul eder diýip garaşmarys. Geliň, ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşamaga bolan umydymyz barada nädip pikir alşyp biljekdigimize seredeliň. Adamlaryň köpüsi ölüm ähli zadyň soňudyr öýdýärler ýa-da ähli gowy adamlar göge gidýär diýip pikir edýärler. Bir dogan şeýle adamlara kömek etmegiň gowy usulyny tapandygyny aýdýar. Başda ol adamlara 1 Musa 1:28-i okap berýär. Soňra: «Hudaý adamlaryň nirede we nähili şertlerde ýaşamagyny isleýän eken?» diýip soraýar. Adamlaryň köpüsi: «Ýer ýüzünde, gowy şertlerde» diýip jogap berýär. Soňra doganymyz Işaýa 55:11-i okap: «Onda Hudaý öz pikirinden el çekdimikä?» diýip soraýar. Adamlar köplenç «ýok» diýip jogap berýär. Iň soňunda bolsa, doganymyz Zebur 37:10, 11-nji aýatlary okap: «Diýmek, adamlara nähili gelejek garaşýar?» diýip soraýar. Doganymyz Mukaddes Kitabyň kömegi bilen köp adamlara Hudaýyň gowy adamlaryň ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşamagyny häzirem isleýändigine düşünmäge kömek etdi. w19.03 sah. 24, abz. 14, 15; sah. 25, abz. 19

31-nji mart, sişenbe

Ogluma gulak asyň (Mat. 17:5).

Ýehowa biziň Oglunyň aýdanlaryny diňläp, gulak asmagymyzy isleýändigini aýdýar. Isa söýgi bilen şägirtlerine hoş habary nädip wagyz etmelidigini öwretdi we olara gaýta-gaýta oýa bolmagy ýatlatdy (Mat. 24:42; 28:19, 20). Şeýle-de Isa olary tutanýerli bolmaga we ruhdan düşmezlige höweslendirdi (Luka 13:24). Mundan başga-da ol şägirtlerine biri-birini ýürekden söýmegiň, agzybirligi saklamagyň we tabşyryklaryna gulak asmagyň wajypdygyny ýatlatdy (Ýah. 15:10, 12, 13). Dogrudan-da, Isanyň şägirtlerine aýdan sözleri örän ýerliklidi. Onuň bu sözleri şu günler biziň üçinem örän wajyp. Isa: «Hakykatyň tarapynda duran adam aýdýanlaryma gulak asýar» diýdi (Ýah. 18:37). Biz «sabyrly bolup, bir-birimizi ýürekden bagyşlanymyzda», Isanyň sesine gulak asýandygymyzy görkezýäris (Kol. 3:13; Luka 17:3, 4). Şeýle-de «amatly wagtda-da, kyn döwürde-de» hoş habary yhlasly wagyz edip, onuň sesine gulak asýandygymyzy aýan edýäris (2 Tim. 4:2). w19.03 sah. 10, abz. 9, 10

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş