Aprel
1-nji aprel, çarşenbe
Isa... Petrusa: «Çekil öňümden, Şeýtan! ...Sen Hudaýyň isleýşi ýaly däl-de, adamlar ýaly pikirlenýärsiň» diýdi (Mat. 16:23).
Siz nähili pikirlenýärsiňiz? Hudaýyň pikirlenişi ýaly pikirlenýärsiňizmi ýa-da şu dünýäniň pikirine eýerýärsiňiz? Elbetde, biz Hudaýa ýaramly ýaşamak üçin elimizde baryny edýäris. Ýöne biziň pikirimiz nämä gönükdirilen? Biz pikirimizi we garaýşymyzy Ýehowanyň pikirine laýyk getirmäge çalyşýarysmy? Elbetde, munuň üçin köp tagalla etmeli. Ýogsam, ýuwaş-ýuwaşdan dünýäniň pikirine eýerip başlarys. Sebäbi daş-töweregimiz dünýäniň ruhuna eýerýän adamlardan doly (Efes. 2:2). Dünýäniň ruhy köplenç özüňi bilmeklige iterýändigi üçin, biz aňsatlyk bilen onuň täsirine düşüp bileris. Şeýle-de biziň ählimiz şu dünýädäki adamlar ýaly pikirlenmäge ýykgyn. Şol sebäpli Ýehowanyň pikirlenişi ýaly pikirlenmek kyn bolýar. Eger biz şu dünýäniň pikirimize täsir etmegine ýol bersek, özümizi bilip, ýagşy-ýamany özbaşdak kesgitlemek islemegimiz mümkin (Mar. 7:21, 22). Şonuň üçin adamlaryň däl-de, «Hudaýyň isleýşi ýaly» pikirlenmegi öwrenmek örän wajyp. w18.11 sah. 18, abz. 1; sah. 19, abz. 3, 4
2-nji aprel, penşenbe
Ine söýgüli Oglum, men ondan razy (Mat. 3:17).
Ýehowa üç gezek gökden gürläp, hormat bildirende, Isa örän ruhlanan bolmaly. Isa Iordan derýasynda suwa çümdürilende, Ýehowa gökden gürledi. Bu sözleri diňe suwa çümdürýän Ýahýa eşiden bolmaly. Soňra Isanyň ölüminden bir ýyl öň, onuň üç resuly Ýehowanyň şu sözlerini eşitdiler: «Ine meniň söýgüli Oglum, men ondan razydyryn. Ogluma gulak asyň!» (Mat. 17:5). Üçünji gezek bolsa, Isanyň ölümine bary-ýogy birnäçe gün galanda, Ýehowa ýene-de gökden Ogly bilen gepleşdi (Ýah. 12:28). Isa özüniň masgaralanyp öldüriljekdigini we Hudaýa dil ýetirýän adam hökmünde töhmet atyljakdygyny bilse-de, Ýehowa: «Meniň islegim däl, seniň islegiň bolsun» diýip doga etdi (Mat. 26:39, 42). Görşümiz ýaly, Isa «masgaraçylyga çydap, jebir pürsündäki ölüme döz gelip», adamlaryň däl-de, Atasynyň göwnünden turmak isleýändigini görkezdi (Ýew. 12:2). w18.07 sah. 10, 11, abz. 15, 16
Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (9-njy nisanda gün batandan soň bolan wakalar) Markus 14:3—9
3-nji aprel, anna
Atam, isleseň, şu käseden içirme (Luka 22:42).
Ýatlama agşamyny girizenine biraz wagt geçensoň, Isa gaty üýtgeşik batyrgaýlyk görkezdi. Näme üçin şeýle diýse bolar? Ol Hudaýa dil ýetirýän adam hökmünde aýyplanyp, jezalandyryljakdygyny bilse-de, Atasynyň islegini berjaý etmegi saýlady (Mat. 26:65, 66). Isa soňuna çenli aýypsyz galyp, Ýehowanyň adyny şöhratlandyrdy, onuň hökümdarlygyny aklady we toba edýän adamlara ebedi ýaşamaga ýol açdy. Şeýle-de ol şägirtlerini duş geljek synaglaryna taýýarlady. Isa ünsüni gaýgy-aladasyna däl-de, wepaly resullarynyň zerurlyklaryna gönükdirmek bilen hem batyrgaýlygyny görkezdi. Iuda Iskariot gidenden soň, ol ýönekeý agşam naharyny girizýär. Bu biraz wagtdan mesh ediljek we täze ähtiň agzalary bolan şägirtlerine onuň dökülen ganynyň peýdasy hakda ýatlatmalydy (1 Kor. 10:16, 17). w19.01 sah. 22, abz. 7, 8
Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (9-njy nisanda bolan wakalar) Markus 11:1—11
4-nji aprel, şenbe
Atam, adyňy şöhratlandyr (Ýah. 12:28).
Şonda Ýehowa gökden: «Men adymy şöhratlandyrdym, ýene-de şöhratlandyraryn» diýýär. Isa Ýehowa wepalylygyny saklamagyň uly jogapkärçilikdigine düşünýändigi üçin alada edýärdi. Ol agyr synaga we ýowuz ölüme döz gelmelidi (Mat. 26:38). Emma Isa ähli zatdan ileri Atasynyň adynyň şöhratlanmagyny isleýärdi. Isany Hudaýa dil ýetirmekde aýyplaýardylar. Şonuň üçin ol ölüminiň Hudaýyň adyna ysnat getirer diýip aladalanýardy. Isa ýaly bizem Ýehowanyň adyny ýalan töhmetden goramak isleýäris. Mümkin, bizem Isa ýaly adalatsyzlykdan ejir çekýändiris. Ýa-da duşmanlaryň biz barada ýaýradýan ýalan-ýaşryk maglumatlary sebäpli biynjalyk bolýandyrys. Bu zatlar Ýehowanyň adyna ysnat getirýär diýip, alada edýändiris. Şeýle ýagdaýlarda Ýehowanyň sözleri bize teselli berýär. Ýehowa öz adyny ebedi şöhratlandyrar (Zeb. 94:22, 23; Işa. 65:17). w19.03 sah. 11, 12, abz. 14—16
Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (10-njy nisanda bolan wakalar) Markus 11:12—19
5-nji aprel, ýekşenbe
Isa şägirtlerine özüniň... köp ejir çekmelidigini, soňra öldürilmelidigini... düşündirip başlady (Mat. 16:21).
Isanyň şägirtleri eşidýän zatlaryna ynanyp bilmeýärdi. Olar Isa Ysraýyl üçin patyşalygy şol wagt dikelder diýip pikir edýärdiler. Emma Isa olara özüniň tizden görgi görüp öldüriljekdigini aýdýar. Şonda Petrus: «Halypam, özüňe haýpyň gelsin! Beýle zat bolmasyn» diýýär. Isa oňa: «Çekil öňümden, Şeýtan! ...Sen Hudaýyň islegini ýerine ýetirmäge päsgel berýärsiň. Sen Hudaýyň isleýşi ýaly däl-de, adamlar ýaly pikirlenýärsiň» diýdi (Mat. 16:22, 23; Res. 1:6). Isa şeýle diýmek bilen, Şeýtanyň goly astyndaky dünýäniň pikiri bilen Hudaýyň pikiriniň arasyndaky tapawudy aýdyň görkezdi (1 Ýah. 5:19). Petrusda şu dünýäniň özüňi bilmeklik ruhy bardy. Emma Isa Atasynyň pikiriniň düýbünden tapawutlanýandygyny bilýärdi. Şonuň üçin Petrusa şeýle jogap bermek bilen, Isa şu dünýäniň pikirini inkär edip, Ýehowanyň pikirine eýerýändigini aýan etdi. w18.11 sah. 18, abz. 1, 2
Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (11-nji nisanda bolan wakalar) Markus 11:20—12:27, 41—44
6-njy aprel, duşenbe
Halypamyz gelýänçä, onuň ölendigini ýatlaň (1 Kor. 11:26).
Göz öňüne getiriň! Bütin ýer ýüzünde ýaşaýan millionlarça adamlar Halypamyzyň Ýatlama agşamyna barýar. Şonda Ýehowa nämäni görýärkä? Ol gelen adamlaryň sanyna däl-de, olaryň her birine aýratynlykda üns berýär. Mysal üçin, ol Ýatlama agşamyna her ýyl galman gelýän gullukçylaryny görende, örän begenýär. Olaryň arasynda güýçli yzarlamalara garamazdan, gelýän dogan-uýalar hem bar. Başgalar bolsa, beýleki duşuşyklara yzygider gatnaşyp bilmeseler-de, Ýatlama agşamynyň ähmiýetine düşünip, oňa barýarlar. Şeýle-de Ýehowa Ýatlama agşamyna ilkinji sapar gatnaşýan adamlary görende, juda begenýär. Elbetde, Ýehowa Ýatlama agşamyna şeýle köp adamlaryň gelýändigini görüp, hoşal bolýar (Luka 22:19). Ýöne Ýehowa olaryň bu duşuşyga näme maksat bilen gelýändigine üns berýär. Hawa, Ol adamyň niýetine seredýär. Biz Ýehowanyň we onuň guramasy arkaly berýän görkezmesini höwes bilen kabul edesimiz gelýär (Işa. 30:20; Ýah. 6:45). w19.01 sah. 26, abz. 1—3
Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (12-nji nisanda bolan wakalar) Markus 14:1, 2, 10, 11; Matta 26:1—5, 14—16
Ýatlama agşamy
Gün ýaşandan soň başlanýar
7-nji aprel, sişenbe
Mesih biziň üçin öldi (Rim. 5:8).
Isa şägirtleri üçin diňe bir öz janyny bermän, eýsem, her bir gününi olaryň bähbitlerini özüniňkiden ileri tutup geçirýärdi. Meselem, ol gaty ýadaw bolsa-da ýa-da güýçli gam-gussa batanda-da, şägirtleriniň ýanyndan aýrylmady (Luka 22:39—46). Isa adamlardan bir zatlar almaga däl-de, bermäge çalyşýardy (Mat. 20:28). Biz, mesihçiler hökmünde guramamyza täze adamlary çagyrmak üçin, wagtymyzy höwes bilen bagyş edýäris. Emma biz, esasan-da, yhlasy gowşan «imandaşlarymyza ýagşylyk» etmek isleýäris (Gal. 6:10). Şeýle imandaşlarymyzy ýygnak duşuşyklaryna, aýratynam, Ýatlama agşamyna çagyryp, olary gowy görýändigimizi görkezýäris. Ýehowa bilen Isa ýaly, bizem yhlasy gowşan imandaşlarymyzyň Ýehowa dolanandygyny görenimizde, begenjimiziň çägi bolmaýar (Mat. 18:14). w19.01 sah. 29, abz. 12, 14; sah. 30, abz. 15
Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (13-nji nisanda bolan wakalar) Markus 14:12—16; Matta 26:17—19 (14-nji nisanda gün batandan soň bolan wakalar) Markus 14:17—72
8-nji aprel, çarşenbe
Çörek meniň bedenimi aňladýar... şeraply käse... „äht ganyny“ aňladýar (Mat. 26:26—28).
Isa ölüminiň Ýatlama agşamyny girizende, taýyn duran hamyrmaýasyz çörek bilen şeraby ulandy. Ol resullaryna çörek bilen şerabyň biraz wagtdan olar üçin berjek kämil bedenini we ganyny aňladýandygyny aýtdy. Resullar Isanyň girizen bu täze hem wajyp agşam naharynyň şeýle ýönekeý geçirilýändigine geň galmadyk bolmaly. Näme üçin? Şondan birnäçe aý öň, Isa ýakyn dostlary Lazar, Marta we Merýemiň öýünde köp zatlary gürrüň berýär. Marta bolsa bu hormatly myhmanyň hatyrasyna süýji tagamlary taýýarlamak bilen başagaýdy. Isa muny görüp, mähir bilen Martanyň garaýşyny düzedýär we oňa hemişe şeýdip azara galmaly däldigini düşündirýär (Luka 10:40—42). Ölümine birnäçe sagat galanda, Isa Marta beren maslahatyna özi hem eýerip, Ýatlama agşamyny ýönekeýje edip geçirýär. w19.01 sah. 20, 21, abz. 3, 4
Ýatlama agşamynyň soňundan okalýan aýatlar: (14-nji nisanda bolan wakalar) Markus 15:1—47
9-njy aprel, penşenbe
Atam... şöhratymy indi maňa gaýtaryp ber (Ýah. 17:5).
Ýehowa Isany «has-da beýgeldip», heniz hiç kime berilmedik sylagy berdi, ýagny ýeke-täk ölmeýän şahsyýet edip direltdi (Flp. 2:9; 1 Tim. 6:16). Hawa, Isa wepalylygy üçin ajaýyp sylaga eýe boldy! Şu dünýädäki adamlaryň däl-de, Ýehowanyň göwnünden turmaga bize näme kömek eder? Ýehowanyň öz wepaly gullukçylaryny hemişe tanaýandygyny we olary garaşmaýan wagty sylaglaýandygyny unutmalyň. Belki, gelejekde bize-de ajaýyp sylaglar garaşýandyr. Şonuň üçin häzirki kynçylyklarymyza we horluklara çydamly bolup, şu dünýäniň hödürleýän islendik zatlarynyň geçip gitjekdigini hemişe ýatda saklalyň (1 Ýah. 2:17). Söýgüden doly Atamyz Ýehowa «işlerimizi we adyna bildiren söýgimizi unutmaz. Sebäbi ol adalatsyz däldir» (Ýew. 6:10). w18.07 sah. 11, abz. 17, 18
Ýatlama agşamynyň soňundan okalýan aýatlar: (15-nji nisanda bolan wakalar) Matta 27:62—66 (16-njy nisanda gün batandan soň bolan wakalar) Markus 16:1
10-njy aprel, anna
Olaryň ählisi-de agzybir bolsunlar (Ýah. 17:21).
Isa resullary bilen soňky gezek agşamlyk naharyny edinende, olaryň agzybirligi hakda alada edýärdi. Olar bilen doga edende, Isa özüniň Atasy bilen birlikde bolşy ýaly, şägirtleriniň ählisiniň hem agzybir bolmaklaryny isleýändigini aýtdy. Şägirtleriniň agzybirligi Hudaýyň islegini ýerine ýetirmegi üçin Isany ýer ýüzüne Ýehowanyň iberendigini aýdyň subut etmelidi we adamlara gowy şaýatlyk bolmalydy. Şeýle-de Isanyň hakyky şägirtleri bir-birine bolan söýgüsi bilen tanalmalydy. Bu bolsa olaryň agzybirligini has-da berkitmelidi (Ýah. 13:34, 35). Isanyň agzybirlik barada agzamagynyň sebäbi, resullary bilen soňky gezek agşamlyk naharyny edinen mahaly olaryň arasynda agzalalygyň bardygyny görýär. Şondan biraz wagt öň, «olaryň arasynda kimiň uludygy hakda uly dawa turdy» (Luka 22:24—27; Mar. 9:33, 34). Başga bir gezek bolsa, Ýakup bilen Ýahýa Isadan özlerine Patyşalykda gowy orunlary bermegi soraýarlar (Mar. 10:35—40). w18.06 sah. 8, abz. 1, 2
Ýatlama agşamynyň soňundan okalýan aýatlar: (16-njy nisanda bolan wakalar) Markus 16:2—8
11-nji aprel, şenbe
Erkek adam ene-atasyny goýup, aýaly bilen biriger we olar bir beden bolar (1 Mus. 2:24).
Ýanýoldaşyňyza wepaly boluň we çagalaryňyzyň aladasyny ediň. Ýehowa durmuş guran adamlaryň bir-birini jany-teni bilen söýüp, ömürboýy bile bolmaklaryny isleýär (Mat. 19:3—6). Ýanýoldaşyňa biwepalyk etmek iň agyr günäleriň biri hasaplanýar. Şol sebäpli ysraýyl halkyna berlen 10 tabşyrygyň ýedinjisinde zyna ýazgarylýardy (5 Mus. 5:18). Sebäbi bu «Hudaýa garşy günä» hasaplanýar we zyna edýän adam ýanýoldaşynyň ýüregine bitmejek ýara salýar (1 Mus. 39:7—9). Biwepalygyň pidasy bolan adam köp ýyllaryň dowamynda ýürek ýarasynyň yzasyny çekip gezýär. Ýehowa çagalaryň hem aladasynyň edilmegini isleýär. Ýehowa ene-atalara çagalarynyň diňe bir maddy taýdan däl-de, eýsem, ruhy zerurlyklarynyň hem aladasyny etmegi tabşyrypdy. Ene-atalar her bir mümkinçilikden peýdalanyp, çagalaryna Ýehowany we onuň Kanunyny söýmegi öwretmelidi (5 Mus. 6:6—9; 7:13). Ene-atalar çagalaryna ýöne bir jansyz zat hökmünde däl-de, Ýehowanyň beren mirasy, ýagny gymmatly sowgady hökmünde garamalydy (Zeb. 127:3). w19.02 sah. 21, abz. 5, 7
12-nji aprel, ýekşenbe
Hudaý... meniň ýazyksyzdygymy görer (Eýp. 31:6).
Eýýup Hudaýyň sylaglajakdygyna berk ynanýardy. Bu onuň aýypsyz galmak islegini hasam berkitdi. Ol aýypsyzlygyna Hudaýyň biparh garamaýandygyna ynanýardy. Nähili synaglar başyna düşse-de, ol Ýehowanyň ahyrsoňy ony ýalkajakdygyna ynanýardy. Onuň Hudaýa bolan ynamy aýypsyz galmaga kömek etdi. Ýehowa guly Eýýubyň aýypsyzlygyny örän gymmat saýýar. Şonuň üçin ony bolluk bilen sylaglady (Eýp. 42:12—17; Ýak. 5:11). Gelejekde bolsa ol has köp bereketleriň eýesi bolar. Hudaý hiç haçan üýtgemeýär (Mel. 3:6). Biz Ýehowanyň aýypsyzlygymyzy gymmat saýýandygyny ýatda saklasak, gelejege bolan ajaýyp umydymyzy ýüregimiziň töründe saklarys! (1 Sel. 5:8, 9). Käte biz kynçylykdan ýaňa özümizi ýeke galan ýaly duýmagymyz mümkin. Ýöne ýeke däldigimizi hiç haçan unutmalyň. Sebäbi bütin dünýäde Hudaýyň millionlarça wepaly gullukçylary hem her gün aýypsyzlygyny saklaýarlar. Mundan başga-da aýypsyz galmak bilen, biz ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolanda-da aýypsyzlygyny saklan Hudaýyň geçmişdäki wepaly gullukçylarynyň hataryna goşulýarys (Ýew. 11:36—38; 12:1). w19.02 sah. 7, abz. 15, 16
13-nji aprel, duşenbe
Ähliňiz bir pikirde, duýgudaş, rehimdar, pesgöwünli boluň, biri-biriňizi doganyňyz kimin söýüň (1 Pet. 3:8).
Halypamyzyň Ýatlama agşamyndan soň, özümize şeýle soraglary bersek gowy bolar: «Men Isanyň söýgüsinden nädip hasam görelde alyp bilerin? Imandaşlarymyň has köpräk aladasyny edýärinmi? Olardan has köp zada garaşýarynmy ýa-da ýagdaýlaryny göz öňünde tutýaryn?» Geliň, hemişe Isadan görelde alyp, dogan-uýalara «duýgudaş» bolalyň. Mesihiň ölüminiň Ýatlama agşamyny hemişe bellemeli bolmarys. Isa agyr muşakgatda «gelende», «saýlananlaryň» galyndysyny göge alar. Şondan soň Ýatlama agşamy bellenilmez (1 Kor. 11:26; Mat. 24:31). Ýatlama agşamyny wagtyň geçmegi bilen bellemegi bes etsek-de, bu ýönekeý agşam naharynyň wajyp aýratynlygy bolan we hiç bir ynsanyň görkezmedik Isanyň ajaýyp pesgöwünliligini, batyrgaýlylygyny hem-de söýgüsini Ýehowanyň halkynyň hemişe ýatlajakdygyna ynamly bolup bileris. w19.01 sah. 25, abz. 17—19
14-nji aprel, sişenbe
Sen dogruçyl adamy görüp begenýärsiň, maňa öwret, akyldarlyk ýüregimde kök ursun (Zeb. 51:6).
Geliň, «ýüregimiziň», ýagny içki dünýämiziň has wajypdygyna göz ýetirmek üçin, adamyň göni manydaky saglygyny alyp göreliň. Sagdyn bolmak üçin, ilki bilen, biz ýokumly zatlary iýmeli we yzygider beden maşklaryny etmeli. Şonuň ýaly, ruhy taýdan sagdyn bolmak üçinem, ýokumly ruhy iýmitden iýmitlenip, Ýehowa iman edýändigimizi hemişe iş ýüzünde görkezmeli. Munuň üçin öwrenen zatlarymyzy durmuşda ulanmaly hem-de imanymyz barada gürrüň bermeli (Rim. 10:8—10; Ýak. 2:26). Ikinjiden, daşymyzdan sagdyn bolup görünsek-de, ýöne, aslynda, içimizde harasat gopýandyr. Edil şonuň ýaly, biz ruhy işler bilen meşgullanýandygymyz üçin, imanymyz berk diýip pikir etmegimiz mümkin. Ýöne erbet höwesler ýüregimizde kök urup başlan bolsa näme?! (1 Kor. 10:12; Ýak. 1:14, 15). Biz Şeýtanyň öz pikirine eýertjek bolýandygyny unutmaly däl. w19.01 sah. 15, abz. 4, 5
15-nji aprel, çarşenbe
Bar, senem şonuň ýaly et (Luka 10:37).
Biz özümize şeýle soraglary berip bileris: «Menem şeýle edýärinmi? Samariýaly adam ýaly başgalara duýgudaşlyk bildirýärinmi? (Luka 10:30—35). Men hasrat çekýän adamlara has-da rehimdarlyk bildirip, olara ýagşylyk edip bilerinmi? Meselem, gartaşan, dul galan imandaşlaryma we ene-atasy Ýehowa gulluk etmeýän çagalara öz kömegimi teklip edip bilerinmi? Ýa-da göwnüçökgünlere göwünlik berip bilerinmi?» (1 Sel. 5:14; Ýak. 1:27). Başgalara rehimdarlyk bildirenimizde, biz bermekden şatlyk tapýarys. Has wajyby bolsa, şeýtmek bilen Ýehowany begendirýändigimize düşünýäris (Res. 20:35; Ýew. 13:16). Dawut patyşa başgalara ýagşylyk edýän adam barada şeýle diýdi: «Ýehowa onuň janyny sag, başyny aman saklar, adamlar oňa bagtly diýerler» (Zeb. 41:1, 2). Eger biz başgalara rehimdar hem duýgudaş bolsak, Ýehowa-da bize rehim eder we hemişe bagtly bolarys (Ýak. 2:13). w18.09 sah. 19, 20, abz. 11, 12
16-njy aprel, penşenbe
Gorkma, men seniň bilendirin, howsala düşme, men seniň Hudaýyňdyryn. Men saňa güýç bererin, kömek ederin (Işa. 41:10).
Wepaly uýamyz Ýoşiko bir gezek erbet habar eşidýär. Lukman oňa bary-ýogy birnäçe aý ömrüniň galandygyny aýdýar. Bu habar uýamyza nähili täsir etdi? Ýoşiko şol wagt gowy görýän aýatlarynyň biri bolan şu günki aýatdaky sözleri ýadyna salýar. Soňra ol rahatlyk bilen lukmana Ýehowanyň onuň elinden berk tutýandygy üçin ölümden gorkmaýandygyny aýdýar. Şol aýatdaky teselli beriji sözler mähriban Ýoşiko uýamyza Ýehowa doly bil baglamaga kömek etdi. Bu aýat bize hem çydap bolmajak kynçylyklarda-da kalbymyzda rahatlygy saklamaga ýardam eder. Ýehowa başda bu sözleri Işaýa pygambere Wawilona ýesir düşen ýehudylara teselli bermek üçin ýazdyrypdy. Ýöne bu sözler diňe bir ýehudylara däl-de, Ýehowanyň ähli gullukçylaryna hem teselli berýär (Işa. 40:8; Rim. 15:4). Şu günler biz «juda kyn döwürde» ýaşaýarys. Şol sebäpli biz Işaýa kitabyndaky ýüregiňe rahatlyk berýän sözlere has-da mätäç (2 Tim. 3:1). w19.01 sah. 2, abz. 1, 2
17-nji aprel, anna
Iman etmeýän adam ýanýoldaşyndan aýry ýaşajak bolsa, goý, gitsin (1 Kor. 7:15).
Är-aýal aýry ýaşasa-da, olar bir maşgala hasaplanýar. Bir-birinden aýry ýaşaýan är-aýalyň ikisem kynçylyklara uçrap bilýär. Pawlus resul bile ýaşamagyň zerurdygynyň ýene bir sebäbini aýtdy. Ol: «Iman etmeýän är aýaly arkaly bereket alýandyr, iman etmeýän aýal hem äri arkaly bereket alýandyr. Eger şeýle bolmasa çagalaryňyz päk bolmazdy we bereket almazdy» diýip ýazdy (1 Kor. 7:14). Mesihçileriň köpüsi hatda agyr kynçylyklarda-da iman etmeýän ýanýoldaşy bilen ýaşamagyny dowam etdiler. Olar şeýtmek bilen, ýanýoldaşyna hakykata gelmäge kömek edendigini aýdýarlar (1 Kor. 7:16; 1 Pet. 3:1, 2). Şu günler bütin dünýäde Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnaklarynda köp bagtly maşgalalary görse bolýar. Siziňem ýygnagyňyzda şeýle maşgalalar az däldir. Olaryň kimsi aýalyny jany-teni bilen söýýän doganlar, kimsi mähirden doly wepaly uýalar (Ýew. 13:4). w18.12 sah. 14, abz. 18, 19
18-nji aprel, şenbe
Ýehowa Hudaý Eremde... bagy-bossanlyk döredip, ýaradan ynsanyny şol ýere eltdi (1 Mus. 2:8).
Erem «hezillik» diýmegi aňladýar. Bu bag, hakykatdanam, adama lezzet berýärdi. Ol ýerde iýmit boldy, tebigaty diýseň owadandy, hatda haýwanlaram adamlara zyýan ýetirmeýärdi (1 Mus. 1:29—31). Ýewreý dilinden terjime edilen grekçe «paradaýsos» sözi «bag» diýmegi aňladýar. Maklintok bilen Strongyň ensiklopediýasynda Jennet barada şeýle diýilýär: «Bu bag giň, daş-töweregi bolsa haýatsyzdy, hiç hili howp-hataram ýokdy. Tebigaty arassady, ägirt uly agaçlar bardy we olaryň köpüsi miwe berýärdi. Akar suwlaryň boýunda bolsa, goýundyr jerenleriň sürüsi otlap ýördi. Grek syýahatçysy Jenneti şeýle göz öňüne getirýärdi» (1 Mus. 2:15, 16). Hudaý Adam ata bilen How enäni başda Jennetde ýerleşdirdi. Emma olar Hudaýa gulak asmandyklary üçin, ol ýerden kowuldy. Şeýdip, Adam ata bilen How ene we olaryň nesilleri Jennetde ýaşamak mümkinçiligini ýitirdi (1 Mus. 3:23, 24). Şondan soň, Jennetde hiç kim ýaşamady we ol Nuhuň günlerinde bolan Tupana çenli saklanyp galan bolmaly. w18.12 sah. 3, 4, abz. 3—5
19-njy aprel, ýekşenbe
Men, Ýehowa... size peýdaly zatlary öwredýärin (Işa. 48:17).
Ene-atalar çagalaryna köp ýagşy zatlary öwretmäge jan edýär. Eger çagalar ene-atasynyň öwredişi ýaly ýaşamagy saýlasalar, soňra ökündirmejek kararlara gelip biler. Şeýdip, olar gaýgy-aladalardan we kynçylyklardan azat bolar. Çagasyny söýýän ene-ata ýaly Ýehowa-da biziň bagtly ýaşamagymyzy isleýär (Işa. 48:18). Şonuň üçin ol bize ahlak kadalary we başgalar bilen özümizi nähili alyp barmalydygymyz barada esasy prinsipleri berýär. Şeýle meselelerde ol bizi öz pikirine eýermäge we muny başgalar bilen paýlaşmaga çagyrýar. Bu biziň erkinligimizi çäklendirmän, gaýtam, pikirlenmek ukybymyzy has-da ösdürýär we baýlaşdyrýar (Zeb. 92:5; Nak. 2:1—5; Işa. 55:9). Şeýle-de ol bize özümizi terbiýelemäge we bagtly bolmaga kömek edýän kararlara gelmäge ýardam edýär (Zeb. 1:2, 3). Dogrudan-da, Ýehowanyň pikirine eýermek köp peýda getirýär. w18.11 sah. 19, 20, abz. 7, 8
20-nji aprel, duşenbe
Size... sögerler (1 Pet. 4:4).
Hakykat ýolunda ýöremegi dowam etmek üçin, biz başgalaryň täsirine düşmekden seresap bolmaly. Hakykaty bilenimizde, Ýehowa iman etmeýän dogan-garyndaşlarymyz we beýleki adamlar bilen gatnaşygymyz özgermegi mümkin. Käbir adamlar biziň bilen ylalaşsalar, başgalar bize garşy çykýarlar. Maşgala agzalarymyz, işdeşlerimiz we klasdaşlarymyz bizi özleri bilen baýramçylyklara ýa-da beýleki oturyşyklara gitmäge yrjak bolmagy mümkin. Biz Ýehowa ýaramaýan baýramçylyklara we däp-dessurlara gatnaşmakdan nädip gaça durup bileris? Munuň üçin biz şeýle zatlara Ýehowanyň nähili garaýandygyny ýadymyzda saklamaly. Şeýle-de edebiýatlarymyzdaky şu günler giňden ýaýran baýramçylyklaryň gelip çykyşy baradaky düşündirişleri gaýtalamak hem kömek eder. Biz Mukaddes Kitap esasynda şeýle baýramçylyklara näme üçin gatnaşmaýandygymyzy özümize ýatlatsak, «Hudaýyň... halaýan» ýolundan ynamly ýöräp bileris (Efes. 5:10). Eger biz Ýehowa bil baglasak we onuň Sözündäki hakykata eýerip ýaşasak, «adamdan gorkup, duzaga» düşmeris (Nak. 29:25). w18.11 sah. 11, abz. 10, 12
21-nji aprel, sişenbe
Ýehowa Ýusuby goldaýardy, haýsy işiň başyna barsa-da, Ýehowa edenini ugruna edýärdi (1 Mus. 39:23).
Biz duýdansyz kynçylyga uçranymyzda, gelejegimiz barada çendenaşa gaýgylanmagymyz mümkin. Ýusup bilen hem şeýle bolupdy. Emma ol düşen ýagdaýynda ýan bermezlik üçin elinde baryny etdi. Şeýdip, ol özüni Ýehowanyň bereketlemegine ýol berdi. Ýusup Potifaryň öýünde edişi ýaly, türmede-de zyndanyň başlygynyň tabşyran islendik ýumşuny ýerine ýetirmek üçin agyr zähmet çekýärdi (1 Mus. 39:21—23). Käte biz hem garaşylmadyk kynçylyklara duçar bolmagymyz mümkin. Şonda Ýusup bilen bolşy ýaly, ýagdaýy düzetmek üçin elimizden gelýän zat hem ýokdur. Emma biz sabyrly bolsak we ruhdan düşmez ýaly elimizde baryny etsek, Ýehowanyň bizi bereketlemegine ýol bereris (Zeb. 37:5). Dogrudan-da, käte özümizi «aljyraňňy ýagdaýda» duýýarys, ýöne Pawlus resulyň aýdyşy ýaly, «çykalgasyz ýagdaýda däldiris» (2 Kor. 4:8, çykgyt). Eger ünsümizi wagyz işine gönükdirsek, Pawlus resulyň sözleriniň dogrudygyna öz durmuşymyzda göz ýetireris. w18.10 sah. 29, abz. 11, 13
22-nji aprel, çarşenbe
Hudaý... işleriňizi we adyna bildiren söýgiňizi unutmaz. Sebäbi ol adalatsyz däldir (Ýew. 6:10).
Gowy tanaýan we hormat goýýan adamyňyz adyňyzy ýatdan çykarsa, hatda sizi tanamaýandygyny aýtsa, özüňizi nähili duýardyňyz? Elbetde, bu sizi ruhdan düşürip biler. Näme üçin? Sebäbi başgalaryň göwnünden turmak islegi her birimize mahsus zat. Emma biz özümizi ýöne bir tanamaklaryny däl-de, aslynda, nähili adamdygymyzy we edýän işlerimiziň gadyryny bilmeklerini isleýäris (4 Mus. 11:16; Eýp. 31:6). Biz bikämil bolandygymyz üçin beýleki isleglerimiz ýaly, başgalaryň göwnünden turmak islegimiz hem üýtgäp ýa-da ýoýlup biler. Ol bizi özüňe çendenaşa üns berdirmeklige iterip biler. Şeýtanyň dünýäsi bizi at-abraýa kowalaşmaga höweslendirip, «hormaty, alkyşy almaga» we seždä mynasyp bolan gökdäki Atamyz Ýehowa Hudaýdan daşlaşdyrjak bolýar (Ylh. 4:11). w18.07 sah. 7, abz. 1, 2
23-nji aprel, penşenbe
Bütin dünýä bolsa Şeýtanyň golastynda (1 Ýah. 5:19).
Biz Şeýtanyň we jynlaryň ýokary wezipeleri eýeleýän adamlara ýalan sözletmek üçin täsir edip bilýändigine geň galmaýarys (1 Tim. 4:1, 2). Dini ýolbaşçylaryň ýalan sözleýändigi üçin günäsi hasam uly. Sebäbi olaryň öwredýän ýalan zatlaryna ynanýan adamlar öz janyny howp astyna salýar. Eger adam ýalan taglymatlary kabul edip, şoňa görä ýaşasa, Hudaýyň hökümine sezewar bolup, ebedi ýaşamak mümkinçiligini ýitirip bilýär (Hoş. 4:9). Isa öz döwründe ýaşan dini ýolbaşçylaryň adamlary nädogry ýola iterýändikleri üçin günäkärdigini bilýärdi. Şol sebäpli Isa olara şeýle diýdi: «Waý günüňize, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Siz deňizlere we düzlere aýlanyp, ýehudy dinine geçirmek üçin adam gözleýärsiňiz. Eger biri ýehudy dinini kabul edäýse, ony Jähenneme (hemişelik ýok edilmäge) mynasyp adam edýärsiňiz. Ol sizden iki esse beter günäkär bolýar» (Mat. 23:15, çykgyt). Isa ýalan dini ýolbaşçylary mertlik bilen ýazgardy. Olar, hakykatdanam, ganhor atasy Iblisiň yzyna eýerýärdi (Ýah. 8:44). w18.10 sah. 7, abz. 5, 6
24-nji aprel, anna
Meniň adym üçin size sögenlerinde, yzarlanlarynda... bagtlysyňyz (Mat. 5:11).
Isa bu sözleri aýdanda nämäni göz öňünde tutdy? Ol şeýle diýdi: «Şatlanyň, begeniň, sebäbi gökdäki sylagyňyz uludyr. Sizden öň ýaşan pygamberler-de şeýle yzarlandylar» (Mat. 5:12). Resullary ýenjip, wagyz etmegi bes etdirjek bolanlarynda, «begenip, Mejlisden çykyp gaýtdylar». Elbetde, olar urlandygyna däl-de, «Isanyň ady üçin masgara bolandyklaryna» begenýärdiler (Res. 5:41). Şu günler hem Ýehowanyň halky Isanyň ady üçin horluk çekenlerinde ýa-da kynçylyga uçranlarynda, oňa şatlyk bilen döz gelýärler (Ýak. 1:2—4). Resullar ýaly bizem horluk çekýändigimiz ýa-da yzarlamalara uçraýandygymyz üçin begenmeýäris. Eger biz kynçylyklarda Hudaýa wepaly galsak, Ýehowa bize çydamly bolmaga güýç berer. Yzarlansak-da, dogan-garyndaşlarymyz garşy çyksa-da «bagtly Hudaý» Ýehowany razy etsek, biz hemişe bagtly bolarys (1 Tim. 1:11). w18.09 sah. 21, abz. 18—20
25-nji aprel, şenbe
Günlerimiz jebir-jepa içinde geçer (Zeb. 90:10).
Biz «juda kyn döwürde» ýaşaýarys, şonuň üçin köp adamlar her hili erbet duýgular bilen göreşýär. Olaryň köpüsi şeýle ýagdaýda özlerini eli-aýagy baglanan ýaly duýýarlar (2 Tim. 3:1—5). Hasabata görä, her ýyl 800 müňden gowrak adam janyna kast edýär. Ortaça her 40 sekuntda 1 adam ölýär. Gynansak-da, hatda käbir mesihçiler hem göwnüçökgünlige düşüp, öz janyna kast etdiler. Şu günlerem köp dogan-uýalar göwnüçökgünlige düşürýän her dürli ýagdaýlara uçraýar. Şonuň üçin olar biziň söýgimize hasam mätäç. Käbir dogan-uýalar yzarlamalara we kemsitmelere sezewar bolýar. Başgalar bolsa güýçli garşylyklara uçraýar ýa-da işdeşleri gybatyny edýär. Mundan başga-da olar uzakly gün işleýändigi we agyr zähmet çekýändigi sebäpli halys tapdan düşýärler. Käbir dogan-uýalar bolsa maşgalasyndaky kynçylyklary, meselem, iman etmeýän ýanýoldaşy tarapyndan bolýan garşylyklar bilen göreşmeli bolýar. Şeýle kynçylyklar sebäpli köp dogan-uýalar halys ýadap, duýgy taýdan ejir çekýär. w18.09 sah. 13, abz. 3, 5
26-njy aprel, ýekşenbe
Çagalarymyň hakykat ýolunda ýöreýändigini eşidip, şatlygymyň çägi bolmady (3 Ýah. 4).
Mesihçi ene-atalar çagalaryna öňünde ruhy maksatlary goýmaga kömek edenlerinde, Ýehowa bilen işleşýärler. Ene-atasynyň kömegi bilen ýaşlaryň köpüsi uzak wagtly gulluga başladylar. Käbirleri missioner, başgalar wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde pioner bolup gulluk edýär. Käbirleri bolsa Beýtelde gulluk edýär. Olar uzakda gulluk edýändigi üçin, maşgala agzalary bilen ýygy-ýygydan görşüp bilmeýär. Muňa garamazdan, mesihçi ene-atalar çagalaryny gullugyny dowam etmäge höweslendirýär. Näme üçin? Sebäbi olar çagalarynyň Patyşalygyň bähbitlerini ileri tutýandyklaryny görüp, örän begenýärler we kalbynda rahatlyk duýýarlar. Mümkin, ene-atalaryň köpüsi özlerini ogly Şamuweli Ýehowa bagyş eden Hanna ýaly duýýandyr. Olar muňa Ýehowa bilen işleşmäge mümkinçilik hökmünde garaýar we muny gymmat saýýar (1 Şam. 1:28). w18.08 sah. 24, abz. 4
27-nji aprel, duşenbe
Baý adama gökdäki Patyşalyga girmek kyn bolar (Mat. 19:23).
Isa baý adamlaryň Hudaýyň Patyşalygyna asla girip bilmejekdigini göz öňünde tutmandy. Şeýle-de ol: «Garyplar, siz bagtlysyňyz! Sebäbi Hudaýyň Patyşalygy siziňkidir» diýdi (Luka 6:20). Emma Isanyň bu sözleri hem ähli garyp adamlaryň onuň taglymatlaryna seslenjekdigini aňlatmaýar. Garyplaryň köpüsi Isanyň aýdýan zatlaryna seslenmediler. Görşümiz ýaly, biz adamyň Ýehowa bilen dostlugyna onuň maddy ýagdaýyna görä baha bermeli däl. Biz baý ýa-da garyp ýaşaýandygyna garamazdan, Ýehowany söýüp, Oňa ýürekden gulluk edýän ençeme dogan-uýalarymyzyň bardygyna örän begenýäris. Mukaddes Kitapda baýlara «ýalan baýlyga däl-de, Hudaýa bil baglamak» maslahat berilýär (1 Tim. 6:17—19). Şeýle-de Hudaýyň Sözünde baý ýa-da garyp bolsun, Ýehowanyň ähli gullukçylaryna pula bolan söýgüden ägä bolmak barada duýduryş berilýär (1 Tim. 6:9, 10). Diýmek, biz dogan-uýalara Ýehowanyň garaýşy ýaly garasak, olaryň baý ýa-da garypdygy üçin höküm çykarmarys. w18.08 sah. 10, 11, abz. 11, 12
28-nji aprel, sişenbe
Hudaýa tabyn boluň (Ýak. 4:7).
Ýehowa bize öz halkynyň agzasy bolmaga mümkinçilik berdi. Biz onuň bu hormatyna ýürekden minnetdar bolasymyz gelýär. Sebäbi özümizi Oňa höwes bilen bagyş etmegiň paýhaslydygyna düşünýäris. Şeýle-de biz Ýehowanyň ýigrenýän işlerinden gaça durýarys Mundan başga-da dogan-uýalary söýüp, olara hormat goýýarys. Sebäbi olaryň hem Ýehowanyňkydygyna düşünýäris (Rim. 12:10). Mukaddes Kitapda: «Ýehowa halkyny taşlamaýar» diýilýär (Zeb. 94:14). Ýehowanyň bu wadasy nähili ýagdaý bolaýanda-da, Onuň bizi taşlamajakdygyna kepil geçýär. Hawa, hatda ölüm hem bizi Ýehowanyň söýgüsinden aýryp bilmez (Rim. 8:38, 39). Injilde: «ýaşasak-da, ölsek-de Ýehowanyňkydyrys» diýilýär (Rim. 14:8). Ýehowanyň aradan çykan ähli wepaly dostlaryny direltjek wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys (Mat. 22:32). Biz häzirden ençeme bereketleri alýarys. Dogrudan-da, Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly: «Hudaýy Ýehowa bolan halk bagtlydyr! Allanyň seçip saýlan halky bagtlydyr!» (Zeb. 33:12). w18.07 sah. 26, abz. 18, 19
29-njy aprel, çarşenbe
Bize hemme zat rugsat edilýändir, ýöne hemme zat peýdaly däldir. Hemme zat rugsat edilýändir, ýöne hemme zat ruhy taýdan berkidýän däldir (1 Kor. 10:23).
Käbir adamlar bilim almak, kär edinmek we başga-da meselelerde özbaşdak karara gelip bilýändir öýdýärler. Şol sebäpli olar: «Ynsabyň çatsa, islän zadyňy edibermeli» diýýärler. Mümkin, olar Pawlus resulyň Korinfdäki mesihçilere iýmit barada aýdan sözleri esasynda şeýle pikir edýändirler. Ol: «Başga adamyň ynsabynyň meni günäkärlemegini islemeýärin» diýdi (1 Kor. 10:29). Dogrudan-da, biz şeýle meselelerde öz islegimize görä saýlap bilsek-de, azatlygymyzyň çäginiň bardygyny hem-de gelýän ähli kararlarymyzyň nähili netije berýändigini unutmaly däl. Şu günki aýat hem muny tassyklaýar. Bu bize durmuşda erkin bolmaga mümkinçilik berse-de, öz isleglerimizi däl-de, ünsümizi has wajyp zatlara gönükdirmäge ýardam edýär. w18.04 sah. 10, abz. 10
30-njy aprel, penşenbe
Maňa dolanyň, menem sizi kabul ederin (Mel. 3:7).
Şu günler käbir mesihçiler Ýehowa sežde etseler-de, ýalňyş ýola düşüp biler (Ýahd. 11). Meselem, kimdir biriniň ahlaksyz pikirlere ýol bermegi, açgözlük etmegi ýa-da imandaşyny ýigrenmegi mümkin (1 Ýah. 2:15—17; 3:15). Şeýle pikirler adamy günäli işlere iterip biler. Mümkin, mesihçi wagza ýa-da ýygnak duşuşyklaryna yhlasly gatnaşýandyr. Emma onuň pikirini we edýän işlerini hiç kim görmese-de, Ýehowa ähli zady görýär hem-de biziň oňa bütin ýürekden gulluk edýändigimizi ýa-da etmeýändigimizi gowy bilýär (Ýer. 17:9, 10). Ýehowa bizden derrew ýüz öwürmeýär. Adam Hudaýdan daşlaşdyrýan ädimleri ädip başlasa, Ýehowa oňa: «Maňa dolan» diýýär. Esasan-da, haýsydyr bir gowşak tarapymyz bilen göreşenimizde, Ýehowa biziň erbet işlerden gaça durmagymyzy isleýär (Işa. 55:7). Eger Hudaýa gulak assak, ol biziň tarapymyzda bolup, günäli höweslerimizden «üstün çykyp» biler ýaly, ruhy, duýgy we beden taýdan güýç berer (1 Mus. 4:7). w18.07 sah. 18, abz. 5, 6