Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es20 sah. 47—57
  • Maý

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Maý
  • Her günki aýady okalyň — 2020
  • Sözbaşylar
  • 1-nji maý, anna
  • 2-nji maý, şenbe
  • 3-nji maý, ýekşenbe
  • 4-nji maý, duşenbe
  • 5-nji maý, sişenbe
  • 6-njy maý, çarşenbe
  • 7-nji maý, penşenbe
  • 8-nji maý, anna
  • 9-njy maý, şenbe
  • 10-njy maý, ýekşenbe
  • 11-nji maý, duşenbe
  • 12-nji maý, sişenbe
  • 13-nji maý, çarşenbe
  • 14-nji maý, penşenbe
  • 15-nji maý, anna
  • 16-njy maý, şenbe
  • 17-nji maý, ýekşenbe
  • 18-nji maý, duşenbe
  • 19-njy maý, sişenbe
  • 20-nji maý, çarşenbe
  • 21-nji maý, penşenbe
  • 22-nji maý, anna
  • 23-nji maý, şenbe
  • 24-nji maý, ýekşenbe
  • 25-nji maý, duşenbe
  • 26-njy maý, sişenbe
  • 27-nji maý, çarşenbe
  • 28-nji maý, penşenbe
  • 29-njy maý, anna
  • 30-njy maý, şenbe
  • 31-nji maý, ýekşenbe
Her günki aýady okalyň — 2020
es20 sah. 47—57

Maý

1-nji maý, anna

Gelmişegi söýüň (5 Mus. 10:19).

Soňky ýyllar köp adamlar öz öýlerini taşlap, ýat ýurtda ýaşamaga mejbur bolýar. Siz olaryň öz dilinde salamlaşmagy öwrenseňiz gowy bolmazmy? Şeýle-de olary gyzyklandyraýjak käbir sözleri öwrenseňiz gowy bolar. Soňra jw.org saýtymyza girmegi teklip edip, olara ene dilinde käbir wideolary we edebiýatlarymyzy görkezip bilersiňiz. Wagyzda has ökdeleşmegimiz üçin, Ýehowa «Durmuş we wagyz» duşuşygy arkaly bize söýgi bilen kömek edýär. Şol duşuşykda berilýän peýdaly maslahatlar gyzyklanan adamy ideg edenimizde we Mukaddes Kitap okuwyny geçirenimizde, özümizi has ynamly duýmaga ýardam edýär. Ene-atalar, çagalaryňyza öz sözleri bilen jogap bermegi öwredip, yşygynyň nur kimin şöhle saçmagyna kömek ediň. Olaryň ýönekeýje we ýürekden berýän jogaplary köplenç ýygnaga täze gelen adamlara şu ýoluň hakykatdygyna göz ýetirmäge kömek edýär (1 Kor. 14:25). w18.06 sah. 22, 23, abz. 7—9

2-nji maý, şenbe

Mesihiň sizi kabul edişi ýaly, siz hem bir-biriňizi kabul ediň (Rim. 15:7).

Birwagtlar biz Hudaýdan daşlaşan ýat ýa-da gelmişek adam bolandygymyzy özümize ýatladyp dursak gowy bolar (Efes. 2:12). Emma Ýehowa bizi «mähir we söýgi bilen» özüne ýakynlaşdyrdy (Hoş. 11:4; Ýah. 6:44). Mesih hem bizi höwes bilen kabul etdi. Ol Hudaýyň maşgalasynyň agzasy bolmagymyz üçin ýol açdy. Eger Isa bizi bikämilligimize garamazdan, höwes bilen kabul eden bolsa, onda islendik adamy ala tutmak nädogry bolardy. Şu zalym dünýäniň soňy golaýladygyça, bölünişigiň, ala tutmaklygyň we ýigrenjiň gitdigiçe köpeljekdigi geň galdyrmaýar (Gal. 5:19—21; 2 Tim. 3:13). Ýehowanyň gullukçylary hökmünde biz Hudaýdan «ala tutmaýan» we «parahatlyk» berýän gökden inýän akyldarlygy dilemeli (Ýak. 3:17, 18). Biz başga milletden bolan adamlaryň medeniýetini, hatda dilini öwrenip, olar bilen dostlukly gatnaşykdan şatlyk tapýarys. Şonda parahatlygymyz derýa kimin, dogrulygymyz bolsa deňiz tolkunlary ýaly bolýar (Işa. 48:17, 18). w18.06 sah. 12, abz. 18, 19

3-nji maý, ýekşenbe

Aýagyňyza hoş habaryň aýakgabyny geýip, parahatlygy wagyz etmäge taýyn boluň (Efes. 6:15).

Rim esgeri aýakgabyny geýmese, söweşe taýyn bolup bilmeýärdi. Onuň aýakgaby üç gat deriden edilip, aýak üstünde berk durmaga kömek edýärdi. Ol berk we esgeriň aýagyna rahat bolar ýaly edip tikilýärdi. Rim esgerleriniň geýýän aýakgaby olara söweş meýdanyna çykmaga kömek etse, mesihçileriň göçme manydaky aýakgaby «parahatlyk hoş habaryny aýtmaga» ýardam berýär (Işa. 52:7; Rim. 10:15). Muňa garamazdan, mümkinçilik dörände hoş habary wagyz edip biler ýaly, batyrgaýlyk gerek bolýar. 20 ýaşly Robert atly dogan şeýle diýýär: «Men klasdaşlaryma wagyz etmäge gorkýardym. Dogrymy aýtsam, utanýardym. Öň näme üçin şeýle edendigime özümem düşünmeýärin. Häzir men deň-duşlaryma wagyz edip bilýändigime örän begenýärin». Ýaşlaryň köpüsi hoş habary wagyz etmäge gowy taýýarlananda, özlerini hasam ynamly duýýandygyna göz ýetirdiler. w18.05 sah. 29, abz. 9—11

4-nji maý, duşenbe

Köp miwe beriň (Ýah. 15:8).

Isa resullaryna size: «öz parahatlygymy berýärin» diýdi (Ýah. 14:27). Bu sowgat bize miwe getirmäge nädip kömek edýär? Biz çydamly bolsak, Ýehowany we Isany razy edip, kalbymyzda tükeniksiz parahatlygy duýarys (Zeb. 149:4; Rim. 5:3, 4; Kol. 3:15). Isa resullarynyň «ýürekden şatlanmagyny» isleýändigini aýdandan soň, olara janaýamaz söýgini bildirmegiň wajypdygyny düşündirdi (Ýah. 15:11—13). Soňra ol: «Men size dostlarym diýýärin» diýdi. Isanyň dosty bolmak örän gymmatly sowgat! Resullar Isa bilen dostlugyny goramak üçin näme etmelidi? Olar «miwe bermelidiler» (Ýah. 15:14—16). Şondan takmynan iki ýyl öň Isa resullaryna şeýle görkezme beripdi: «Ýolda: „Gökdäki Patyşalyk golaýlady“ diýip wagyz ediň» (Mat. 10:7). Ölüminiň öň ýanyndaky gije bolsa, olary başlan işlerini çydamlylyk bilen dowam etmäge höweslendirdi (Mat. 24:13; Mar. 3:14). w18.05 sah. 20, 21, abz. 15, 16

5-nji maý, sişenbe

Adam näme ekse, şony-da orar (Gal. 6:7).

Ýaşlar, ünsüňizi Ýehowa edýän gullugyňyza gönükdirmäge höweslendiriň. Munuň üçin sen ruhy maksatlary durmuşda birinji orunda goýmaly. Mümkin, deň-duşlaryň wagtyny şadyýan geçirýändir we seni hem şeýle etmäge çagyrýandyr. Sen iru-giç olara haýsy ýoly saýlandygyňy aýtmaly boljakdygyňy unutma. Şol sebäpli deň-duşlaryň täsirine düşme. Deň-duşlaryň täsirine garşy durmagyň birnäçe ýoly bar. Mysal üçin, synaga salyp biljek ýagdaýlardan gaça dur (Nak. 22:3). Ýaramaz ýaşlara goşulmagyň erbet netije berjekdigini ýadyňda sakla. Başgalaryň maslahatyna mätäçdigiňi bilmek hem saňa kömek eder. Kiçigöwünlilik häsiýeti bolsa ene-ataň we ýygnagyňdaky ruhy taýdan ösen mesihçileriň maslahatyny kabul etmäge ýardam eder (1 Pet. 5:5, 6). Siz maslahaty kiçigöwünlilik bilen kabul edýärsiňizmi? w18.04 sah. 28, 29, abz. 14—16

6-njy maý, çarşenbe

Men barýançam, dogry ýolda berk duruň. Söweşde ýeňene we tabşyrygymy berjaý edýäne halklaryň üstünden höküm sürmäge ygtyýar bererin (Ylh. 2:25, 26).

Isa Kiçi Aziýadaky käbir ýygnaklara ýüzlenende, olara eden işleri üçin minnetdarlygyny bildirdi. Meselem, ol Tiýatiradaky ýygnaga başda şeýle sözler bilen ýüzlenýär: «Men seniň edýän işleriňi, söýgiňi, imanyňy, gullugyňy, çydamlylygyňy we öňküden has köp işleri edýändigiňi bilýärin» (Ylh. 2:19). Isa diňe bir olaryň edýän işlerini däl, eýsem, ýagşy işleri etmäge iterýän gowy häsiýetlerini hem agzaýar we olary öwýär. Olaryň käbirine düzediş bermeli bolsa-da, Isa olara hoşamaý sözler bilen ýüzlenip, gürrüňini ruhlandyryjy sözler bilen tamamlaýar (Ylh. 2:27, 28). Ähli ýygnaklaryň üstünden Isanyň nähili ygtyýarynyň bardygy hakda oýlanyp görüň! Ol edýän işlerimiz üçin bize minnetdarlyk aýtmaga borçly däl. Ýöne ol şonda-da öwgüli sözlerini gysganmaýar. Bu ýygnak ýaşululary üçin, gör, nähili gowy görelde! w19.02 sah. 16, abz. 10

7-nji maý, penşenbe

Ýahuda bilen Silas... ençeme nutuklar bilen çykyş edip, doganlary ruhlandyrdylar we imanyny berkitdiler (Res. 15:32).

I asyrdaky Ýolbaşçylyk maslahaty jogapkär doganlary, şol sanda mesihçileriň hemmesini ruhlandyrýardy. Ýolbaşçylyk maslahaty täze şägirtler mukaddes ruhy alar ýaly, Petrus bilen Ýahýany doga etmekleri üçin iberýärler (Res. 8:5, 14—17). Olaryň bu goldawy Filipusy we onuň kömegi bilen hakykaty kabul eden adamlary örän ruhlandyrandyr! Şu günler Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty Beýtel maşgalasynyň agzalaryny, ýörite uzak wagtly gullukçylary we şol sanda bütindünýä halkara doganlygymyzy ruhlandyryp berkidýärler. Netijede, I asyrdaky ýaly bizem ruhlanyp begenýäris. Mundan başga-da 2015-nji ýylda Ýolbaşçylyk maslahatynyň çykaran «Ýehowa dolanyň» atly broşýurasy dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan dogan-uýalar üçin ruhy taýdan egsilmez goldaw boldy. w18.04 sah. 19, abz. 18—20

8-nji maý, anna

Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat hem sizi azat eder (Ýah. 8:32).

Adamlar has erkin bolsalar, gowy bolar öýdýärler. Ýöne, aslynda, çäksiz erkin bolmaklygy iki tarapy kesgir gylyja meňzetse bolýar. Emma onuň çägi bolmasa, ýer ýüzünde nähili ýaşaýşyň boljakdygyny göz öňüne getirmek hem gorkunç. Bu babatda bir kitapda şeýle diýilýär: «Her bir guramaçylykly hereket edýän jemgyýetiň kanunlary adamlaryň erkinlige we çäklendirmelere bolan garaýşyny has-da ýoýýar» («The World Book Encyclopedia»). «Ýoýýar» diýen söz örän ýerlikli. Adamlaryň çykarýan birgiden kanunlary hakda oýlanyp görüň. Şol kanunlary düşündirýän we gözegçilik edýän aklawjylaryň hem-de kazylaryň köplügi hakda asla gürrüňem ýok. Isanyň görkezmesine eýerip, hakyky azatlygy gazanmak üçin iki talaba eýermeli. Birinjiden, onuň öwreden hakykatyny kabul etmeli. Ikinjiden, onuň şägirdi bolmaly. Şonda hakyky azatlygy duýarys. Ol bizi nämeden azat eder? Isa muny şeýle düşündirdi: «Günä edýän adam günäniň guludyr. Ogul sizi azat etse, hakyky azatlyga çykarsyňyz» (Ýah. 8:34, 36). w18.04 sah. 6, 7, abz. 13, 14

9-njy maý, şenbe

Ähliňiz... duýgudaş... boluň (1 Pet. 3:8).

Biz duýgularymyzy göz öňünde tutýan we aladamyzy edýän adamlar bilen gatnaşmakdan şatlyk tapýarys. Olar özlerini biziň ýerimizde goýup, pikirlerimize we duýgularymyza düşünmäge jan edýärler. Käwagt hatda özümiz kömek soramasagam, zerurlyklarymyza üns berip, öz kömegini teklip edýärler. Biz şeýle «duýgudaşlyk» bilen aladamyzy edýän adamlary örän gymmat saýýarys. Biziň ählimiz adamlaryň ýagdaýyna düşünip, duýgudaş bolmak isleýäris. Ýöne munuň üçin köp tagalla etmeli bolýarys. Näme üçin? Munuň bir sebäbi, biziň ählimiz bikämil (Rim. 3:23). Ine, şonuň üçinem biz içimizdäki dogabitdi özüňi bilmeklik ruhuna garşy göreşmeli bolýarys. Şeýle-de alan terbiýämiz ýa-da geçmişde bolan zatlar sebäpli, käbirimize duýgudaş bolmak kyn bolýar. Mundan başga-da daş-töweregimizdäki adamlaryň garaýşy bize erbet täsir edip biler. Şu soňky günlerde köp adamlar başgalaryň aladasyny etmeýärler. Gaýtam, «özüni bilip» ýaşaýarlar (2 Tim. 3:1, 2). Biz Ýehowa Hudaýyň we Isa Mesihiň göreldesine eýerip, duýgudaş bolmagy öwrenip bileris. w19.03 sah. 14, abz. 1—3

10-njy maý, ýekşenbe

Ýüregiňi gora (Nak. 4:23).

Kanundaky on tabşyrygyň iň soňkusynda iliň zadyna göz gyzdyrmak ýa-da başga biriniň zadyny almak islegi ýazgarylýardy (5 Mus. 5:21; Rim. 7:7). Ýehowa bu kanuny bermek bilen wajyp bir zady öwretmek isleýärdi. Ysraýyl halky ýüregini goramalydy. Başgaça aýdanyňda, olar pikirlerine hem duýgularyna erk etmelidi. Sebäbi ol erbet pikirleriň hem duýgularyň zalym işlere eltýändigini bilýär. Dawut patyşa-da bu duzaga düşüpdi. Aslynda, ol ýagşy adamdy. Emma bir gezek ol başga adamyň aýalyna göz gyzdyrdy. Netijede, ol Hudaýa garşy agyr günä etdi (Ýak. 1:14, 15). Dawut zyna etdi, Batşebanyň adamsyny aldajak boldy we onuň ganyna galdy (2 Şam. 11:2—4; 12:7—11). Biziň üçin sapak: Ýehowa adamyň diňe bir daş keşbini däl-de, onuň içki dünýäsini, ýagny ýüregini görýär (1 Şam. 16:7). Adam Hudaýdan ne pikirini, ne duýgularyny, ne-de hereketini gizläp bilýär. Ol biziň gowy häsiýetlerimizi görýär we olary ösdürmegimize garaşýar. Şeýle-de ol nädogry bir iş etmänkäk, ýaramaz pikirlerimizi görüp, olary aýyrmagymyzy isleýär (2 Tar. 16:9; Mat. 5:27—30). w19.02 sah. 21, abz. 9; sah. 22, abz. 11

11-nji maý, duşenbe

Ýer ýüzüniň ýumşaklary, Ýehowany agtaryň! ...ýumşak boluň (Sep. 2:3).

Mukaddes Kitapda: «Ýer ýüzünde Musa ýaly ýumşak adam ýokdy» (4 Mus. 12:3). Bu Musa pygamberiň gowşak, özbaşdak hereket etmäge we başgalara öz pikirini mertlik bilen aýtmaga gorkýan adam bolandygyny görkezýärmi? Käbirleri kiçigöwünli adamy edil şunuň ýaly suratlandyrýar. Ýöne bu hakykata düýbünden garşy gelýär. Aslynda, Musa pygamber mert hem dogumly adamdy we Hudaýyň batyrgaý gullukçylarynyň biridi. Ýehowanyň kömegi bilen, ol Müsüriň güýçli patyşasy bilen ýüzbe-ýüz gepleşdi, takmynan 3 million adamdan ybarat bolan ysraýyl halkyna çölde ýolbaşçylyk etdi we olara duşmanlarynyň üstünden ýeňiş gazanmaga kömek etdi. Biz Musa pygamberiňki ýaly kynçylyklara uçramasak-da, her gün pespäl bolmaga päsgel berýän adamlar bilen iş salyşmaly bolýarys ýa-da kyn ýagdaýlara duçar bolýarys. Ýöne bu häsiýeti ösdürmäge bizde degerli sebäp bar. Ýehowa «ýumşaklaryň ýeri miras aljakdygyny» wada berýär (Zeb. 37:11). Eýsem, size pespäl adam diýse bolarmy? Başgalar sizi pespäl hasaplaýarmy? w19.02 sah. 8, abz. 1, 2

12-nji maý, sişenbe

Ýamana ýagşy diýýäniň... waý halyna! (Işa. 5:20).

Adamlar ynsap bilen ýaradyldy. Munuň hakykatdygyny ýer ýüzünde ýaşan ilkinji ynsan maşgalasy bilen bolan waka subut edýär. Adam ata bilen How ene Ýehowanyň kanunyny bozanda, Hudaýdan gizlendiler. Bu olaryň ynsabynyň ezýet berendigini görkezýär. Ynsaby nädogry terbiýelenen adamy kompasy näsaz işleýän gämä meňzetse bolýar. Elbetde, şeýle kompas bilen deňizde syýahat etmek örän howply bolsa gerek. Sebäbi ýel we suwuň akymy gämini barýan ugrundan sowup bilýär. Emma gowy işleýän kompas gäminiň kapitanyna azaşmaz ýaly kömek edýär. Biziň ynsabymyzy hem kompasa meňzetse bolýar. Ol bize nämäniň ýagşy ýa-da ýamandygyny saýgarmaga kömek edýän gural bolup, dogry ýoly salgy berip bilýär. Ýöne ynsabymyz bize dogry ýoly görkezer ýaly, ony terbiýelemeli. Eger adam ynsabyny nädogry terbiýelese, onda ol edýän işiniň nädogrudygyny duýdurmaýar (1 Tim. 4:1, 2). Şeýle ynsap hatda «ýamanyň ýagşydygyna» ynandyrjak bolýar. w18.06 sah. 16, 17, abz. 1—3

13-nji maý, çarşenbe

Şu dünýäniň täsirine düşmäň (Rim. 12:2).

Biz dünýäniň birbada göze görünmeýän garaýşyny hem ret etmelidigine düşünýäris. Meselem, täzeliklerde syýasy meseleler bilen bagly aýdylýan zatlar gizlin bolany üçin adam olaryň käbirini goldamagy mümkin. Ýa-da gürrüň berilýän käbir wakalar dünýäniň garaýşyna eýerýän adamlaryň maksatlaryny we gymmat saýýan zatlaryny öňe sürýär. Käbir filmlerde we kitaplarda bolsa akylly, görmegeý, hatda dogruçyl bolup görünmek üçin özüňi başgalardan ýokary tutmaga höweslendirilýär. Şeýle garaýyşlar Mukaddes Kitaba garşy gelýär. Ýehowa bolan söýgi maşgala agzalarymyza, hatda özümize bolan söýgüden hem ýokarda bolmaly (Mat. 22:36—39). Elbetde, bu asla dynç almaly däldigini aňlatmaýar. Ýöne biz özümize şeýle soraglary bersek gowy bolar: «Men birbada göze görünmese-de, dünýäniň düşünjelerini saýgaryp bilýärinmi? Men çagalarymyň we özümiň görýän ýa okaýan zatlarymyza çäk goýýarynmy? Dünýäniň täsirine düşmez ýaly çagalaryma diňleýän we görýän zatlaryna Ýehowanyň garaýşy ýaly garamaga kömek edýärinmi?» w18.11 sah. 22, abz. 18, 19

14-nji maý, penşenbe

Gorkma, men seniň bilendirin (Işa. 41:10).

Bu sözler Ýehowanyň bize üns berip, mähir bilen gurşap alýandygyny görkezýär. Onuň öz mährini we bize bolan çuňňur duýgularyny nädip beýan edýändigine üns beriň. Ýehowa: «Men seni eziz görýärin, saňa hormat goýýaryn, seni söýýärin» diýýär (Işa. 43:4). Hawa, älem-jahanda hiç kim bizi Ýehowanyň söýgüsinden aýryp bilmeýär; onuň bize bolan wepaly söýgüsi hiç haçan sowamaz (Işa. 54:10). Ýehowa durmuşymyzda ýüze çykýan islendik kynçylygy aýyrjakdygyny wada bermeýär. Emma ol «derýa» ýaly kynçylyklaryň bizi gark etmegine we «ýalyn» ýaly synaglaryň ýakmagyna, ýagny düzedip bolmajak zyýan ýetirmegine ýol bermez. Ýehowa biziň bilen bolup, kynçylyklary ýeňip «geçmäge» kömek etjekdigini wada berýär. Ýöne ol muny nädip edýär? Biz hatda ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolanymyzda hem aýypsyz galyp biler ýaly, ol bize gorkymyzy ýeňmäge kömek edýär (Işa. 41:13; 43:2). Eger bizem Hudaýyň «seniň bilen bolaryn» diýen wadasyna bil baglasak, mert bolup, synaglarda ejizlemeris. w19.01 sah. 3, abz. 4—6

15-nji maý, anna

Adamyň ýüreginde maksat-myrady köpdür, emma Ýehowanyň aýdany bolar (Nak. 19:21).

Eger sen ýaş bolsaň, mugallymlaryň ýa-da tanyş-bilişleriň seni ýokary bilim almaga we girdejili kär edinmäge höweslendirýändir. Emma Ýehowa size düýbünden başga ýoly saýlamagy maslahat berýär. Elbetde, ol siziň mekdebi tamamlanyňyzdan soň, özbaşdak ýaşamagy öwrener ýaly, mekdepde gowy okamagyňyzy isleýär (Kol. 3:23). Emma durmuşda nämäniň wajypdygyny çözeniňizde, Ýehowa öz Sözündäki prinsipler esasynda karara gelmäge höweslendirýär. Şonda siz dünýäniň ahyry gelýänçä, onuň niýetine hem-de islegine görä ýaşarsyňyz (Mat. 24:14). Ýehowanyň ähli zady eliniň aýasyndaky ýaly aýdyň görýändigini unutmaň. Ol bu dünýä nämäniň garaşýandygyny we onuň tizden soňunyň geljekdigini bilýär (Işa. 46:10; Mat. 24:3, 36). Şeýle-de ol bize nämäniň hakykatdan kanagat we şatlyk berýändigini, nämäniň bolsa lapykeç hem betbagt edýändigini gowy bilýär. Şonuň üçin adamlaryň berýän maslahaty nähili paýhasly bolup görünse-de, Hudaýyň Sözüne esaslanmasa, onuň känbir peýdasy ýok. w18.12 sah. 19, abz. 1, 2

16-njy maý, şenbe

Erbet ýok bolar (Zeb. 37:10).

Emma «ýumşaklar bolsa ýeri miras alar, parahatlykda ýaşap, döwran sürer». Şeýle-de Dawut Hudaýyň ylhamy bilen «dogruçyl adam ýeri miras alar, onda ebedi ýaşar» diýdi (Zeb. 37:11, 29; 2 Şam. 23:2). Bu wadalar Hudaýyň islegini ýerine ýetirmek isleýän adamlara nähili täsir etdi? Olar ençeme ýyl mundan ozal ýitirilen Erem bagy ýaly owadan Jennetde ýaşamaga umyt edýärdi. Şonda ýer ýüzünde diňe dogry adamlar ýaşar. Ysraýyllar Ýehowa gulluk etjekdigini söz berseler-de, biraz wagtdan ondan ýüz öwrüp, hakyky seždäni taşladylar. Şonuň üçin Hudaý wawilonlylaryň olary basyp almagyna ýol berdi; olar ýurdy weýran edip, halkyň köpüsini sürgün etdi (2 Tar. 36:15—21; Ýer. 4:22—27). Ýöne Hudaýyň pygamberleri ysraýyl halkynyň 70 ýyldan soň dogduk mekanyna dolanjakdygyny aýtdy. Bu pygamberlikleriň bary ýerine ýetse-de, olar şu günler bize-de degişli. Bu bize ünsümizi ýer ýüzünde boljak Jennete gönükdirmäge kömek eder. w18.12 sah. 4, abz. 9, 10

17-nji maý, ýekşenbe

Asmanyň ýerden belent bolşy ýaly, Meniň ýollarym hem siziň ýollaryňyzdan, Meniň pikirlerim hem siziň pikirleriňizden beýikdir (Işa. 55:9).

Dünýäniň hödürleýän maslahatlary Mukaddes Kitaba garşy gelýär. Şeýle maslahatlara Mukaddes Kitapdaky maslahatlardan peýdaly diýse bolarmy? Isa: «Adamyň akyldarlygy edýän işlerinden görünýär» diýdi (Mat. 11:19). Bu dünýä tehnika enjamlaryny öndürmekde köp üstünlik gazansa-da, uruş, jenaýatçylyk we milletparazlyk ýaly maşgalanyň bagtly bolmagyna päsgel berýän kynçylyklary aýryp bilmeýär. Şeýle-de dünýädäki adamlar ahlaksyzlyga bolaýmaly zat ýaly garaýarlar. Köp adamlar ahlaksyzlygyň kynçylyklary çözmän, gaýtam, maşgalanyň dargamagyna, keselçilige we başga-da köp kynçylyklara eltýändigini bilýärler. Ýöne nika Hudaýyň garaýşy ýaly garaýan mesihçiler maşgala gatnaşyklaryndan lezzet alyp ýaşaýar, ahlak taýdan arassa ýaşaýandyklary üçin kesellemeýär we imandaşlary bilen parahat gatnaşygy saklaýar (Işa. 2:4; Res. 10:34, 35; 1 Kor. 6:9—11). Eýsem, bu zatlar Ýehowanyň pikiriniň şu dünýäniňkiden has beýikdigini subut etmeýärmi näme?! w18.11 sah. 20, abz. 8—10

18-nji maý, duşenbe

Erbetler bilen gatnaşmak gowy häsiýetleri bozýandyr (1 Kor. 15:33).

Biz dogan-garyndaşlarymyz bilen gowy gatnaşykda bolmaga we olar bilen özümizi mähirli alyp barmaga çalyşsak-da, olara ýaranjak bolup, hakykatdan daşlaşmakdan seresap bolmaly. Biz dogan-garyndaşlarymyz bilen gowy gatnaşykda bolmak üçin mundan beýläk hem jan etmeli. Biz diňe Ýehowany söýýän adamlar bilen ýakyndan gatnaşmaly. Hakykat ýolunda ýöreýänleriň ählisi mukaddes bolmaly (Işa. 35:8; 1 Pet. 1:14—16). Hakykaty bilenimizde, biziň ählimiz Mukaddes Kitapdaky kada-kanunlar boýunça ýaşamak üçin durmuşymyzda käbir özgerişlikleri etdik. Käbir dogan-uýalar bolsa uly özgerişikler etmeli boldy. Nähili bolaýanda-da, biz ahlak taýdan bozuk dünýäniň päk hem mukaddes ýaşaýşymyzy hapalamagyna hiç haçan ýol bermeli däl. Eýsem, biz dünýäniň ahlaksyz işlerinden nädip gaça durup bileris? Mukaddes bolmagymyz üçin Ýehowanyň näme edendigi hakda oýlanmaly. Ol ogly Isa Mesihiň gany arkaly gymmatly töleg töledi (1 Pet. 1:18, 19). Ýehowanyň öňünde arassa galmak üçin, biz mundan beýläk-de Isanyň beren töleg gurbanynyň gymmatyny pikirimizde we ýüregimizde saklamaly. w18.11 sah. 11, abz. 10, 11

19-njy maý, sişenbe

Halasgär Hudaýyma sabyrly garaşaryn. Alla meniň dogamy eşider (Mik. 7:7).

Şu günlerem dürli kynçylyklara garamazdan, Hudaýa uzak wagtly gulluk edýän dogan-uýalar ünsüni wagyz işine gönükdirip, dogry garaýşyny saklaýarlar. Bizem şol dogan-uýalar ýaly, ýagdaýymyz üýtgände, ruhy taýdan berk bolmak üçin elimizde baryny etsek we Ýehowa sabyrly garaşsak, kalbymyzda rahatlyk duýarys. Şeýle-de ýagdaýymyzyň özgermeginiň bize ruhy taýdan köp peýda berýändigine göz ýetireris. Şu soňky günlerde biziňem durmuşymyzda garaşylmadyk ýagdaýlar ýüze çykyp biler. Meselem, biziň gullugymyzyň üýtgemegi, saglygymyzyň erbetleşmegi ýa-da maşgala ýagdaýymyzyň üýtgemegi mümkin. Şeýle ýagdaýlarda Ýehowanyň aladamyzy edýändigine we bize öz wagtynda kömek etjekdigine ynamly bolup bileris (Ýew. 4:16; 1 Pet. 5:6, 7). Şonuň üçin ýagdaýymyz üýtgände, ýan bermän, gaýtam, gullugymyzy dowam etmek üçin elimizde baryny edeliň. Gökdäki Atamyza yzygider doga edip ýakynlaşalyň we özümizi Onuň eline tabşyrmagy öwreneliň. Şeýtsek, durmuşymyzda nähili ýagdaý bolaýanda-da, kalbymyz hemişe rahat bolar. w18.10 sah. 30, abz. 17; sah. 31, abz. 19, 22

20-nji maý, çarşenbe

(Ýehowa) nähili ýaradylandygymyzy bilýär, toprakdandygymyz ýadynda (Zeb. 103:14).

Mukaddes Kitapda Ýehowanyň öz gullukçylarynyň aladasyny edýändigini görkezýän ençeme wakalar bar. Geliň, baş ruhany Ala erbet habary ýetirmäge Ýehowanyň ýaş Şamuwele nädip kömek edendigi barada gürrüň edeliň (1 Şam. 3:1—18). Ýehowanyň Kanunynda çagalaryň garry adamlara, esasan-da, halkyň ýolbaşçylaryna hormat goýmalydygy barada tabşyryk bardy (2 Mus. 22:28; 3 Mus. 19:32). Ýaşajyk Şamuweliň ir bilen turup, batyrgaýlyk bilen Ala Hudaýyň höküm habaryny aýdyşy göz öňüňize gelýärmi? Elbetde, muny göz öňüne getirmek kyn bolsa gerek. Sebäbi Mukaddes Kitapda: «Şamuwel gören görnüşini Ala aýtmaga gorkýardy» diýilýär. Şonuň üçin Aly Şamuweli ýanyna çagyryp: «Aýdanlarynyň ýekejesini ýaşyrma» diýýär. Şonda Şamuwel oňa «hiç zat ýaşyrman, baryny bolşy ýaly gürrüň berýär». Şonda onuň aýdanlary öň aýdylan bir habar bilen gabat geldi (1 Şam. 2:27—36). Bu waka Ýehowanyň aladaçyl hem paýhasly Hudaýdygyny aýan edýär. w18.09 sah. 23, abz. 2; sah. 24, abz. 4, 5

21-nji maý, penşenbe

Eý Ýehowa, çadyryňa kimi myhman alarsyň? ...Ýüreginde hakykaty aýdýan adam ýaşar (Zeb. 15:1, 2).

Şu günler ýalan sözlemek adamlaryň arasynda giňden ýaýran. Ý. Bhattaçarji «Biz näme üçin ýalan sözleýäris?» atly makalasynda «ýalan sözlemek adamyň durmuşynda kök urdy» diýip belläp geçýär. Adamlar köplenç özlerini goramak ýa-da gowy görkezmek üçin ýalan sözleýär. Olar ýalňyşlyklarynyň we eden nädogry işleriniň üstüni ýapmak, peýda almak ýa-da öz bähbidi üçin ýalan sözleýärler. Şol makalada olaryň nätanyş adamlara, işdeşlerine, dost-ýarlaryna we ýakynlaryna hatda kiçi zatlarda-da aňsatlyk bilen ýalan sözleýändigi aýdylýar. Şeýle ýalanlaryň soňy näme bilen gutarýar? Adamlaryň birek-birege bolan ynamy gaçýar we gymmatly dostlukly gatnaşygy bozulýar. Dawut Ýehowa şeýle doga etdi: «Sen dogruçyl adamy görüp begenýärsiň» (Zeb. 51:6). Dawut dogruçyllygyň ýüregimizden çykýandygyny bilýärdi. Mesihçiler durmuşyň ähli ýagdaýynda «biri-birine hakykaty aýdýarlar» (Zek. 8:16). w18.10 sah. 7, abz. 4; sah. 8, abz. 9, 10; sah. 10, abz. 19

22-nji maý, anna

Howpsuz ýerden ýöretdi, olar gorky-ürküni bilmedi (Zeb. 78:53).

B. e. öň 1513-nji ýylda ysraýyllar Müsürden çykanda, olaryň sany 3 milliondan gowrakdy. Şol wagt ysraýyllaryň üçünji, hatda dördünji nesli hem ýaşap ýören bolmaly. Olaryň arasynda çagalar, garrylar, keselli ýa-da maýyp adamlar bardy. Şeýle uly märekäni Müsürden alyp çykmak üçin olaryň ýagdaýyna düşünýän hem aladaçyl ýolbaşçy gerekdi. Ýehowa Musa pygamber arkaly özüniň şeýle ýolbaşçydygyny görkezdi. Şol sebäpli ysraýyllar ençeme ýyl ýaşan öýlerini taşlap gaýtsalar-da, özlerini howpsuz duýýardy (Zeb. 78:52). Ýehowa halkyny gorap aladasyny edýändigini nädip görkezdi? Ol ysraýyl halkyny Müsürden topar-topar edip alyp çykdy (2 Mus. 13:18). Hudaýyň guramaçylykly hereket etmegi ysraýyllary Onuň ähli zada gözegçilik edýändigine ynandyrdy. Şeýle-de Ýehowa «gündizine bulut... gijesine oduň ýalny bilen» halkyna ýol görkezip, olaryň hemişe ýanyndadygyny aýan etdi (Zeb. 78:14). Ýehowa olara hamala: «Gorkmaň, men size ýol görkezerin we sizi goraryn» diýýän ýalydy. w18.09 sah. 26, abz. 11, 12

23-nji maý, şenbe

Haýyş, meni mazarda gizle! Möhletim dolanda ýadyňa sal (Eýp. 14:13).

Hudaýyň geçmişdäki wepaly gullukçylarynyň hem dürli kynçylyklar sebäpli hatda öz ölümini dilän wagtlary hem bolupdy. Meselem, Eýýup pygamber başyna düşen zatlardan ýaňa halys bolup, ahy-nala bilen: «Janymdan doýdum, indi ýaşasym gelenok» diýdi (Eýp. 7:16). Ýunusyň hem eden tamasy puç bolanda, şeýle bir göwnüçökgünlige düşdi welin, ol: «Eý Ýehowa, ýalbarýaryn, indi meniň janymy al. Ýaşanymdan ölenim gowudyr» diýdi (Ýun. 4:3). Hudaýyň wepaly pygamberi Ylýas bolsa bir gezek göwnüçökgünlige düşüp, öz ölümini dileýär. Ol: «Indi besdir! Ýehowa, janymy al» diýdi (1 Pat. 19:4). Nähili bolaýanda-da, Ýehowa bu wepaly gullukçylaryny gymmat saýýardy we olaryň ýaşamagyny isleýärdi. Hudaý olary ýazgarmagyň deregine, gullugyny dowam edip biler ýaly, olara ýaramaz duýgulary bilen göreşmäge kömek etdi we söýgüsi bilen berkitdi. w18.09 sah. 13, abz. 4

24-nji maý, ýekşenbe

Biz Hudaýyň işdeşleri (1 Kor. 3:9).

Hudaýyň gullukçylary myhmansöýerligi bilen tanalýar. Injilde agzalýan «myhmansöýerlik» sözi «nätanyş adamy söýmegi» aňladýar (Ýew. 13:2, çykgyt). Hudaýyň Sözündäki wakalardan şeýle söýgini bildirmegiň wajypdygyny öwrenýäris (1 Mus. 18:1—5). Hawa, biz hatda «imandaşymyz» bolmadyk adamlarymyza hem kömek etmäge mümkinçilik gözlemeli (Gal. 6:10). Siz uzak wagtly gulluk edýän dogan-uýalary myhmançylyga çagyryp, Ýehowa bilen işleşip bilersiňizmi? (3 Ýah. 5, 8). Bu köplenç biri-birimizi ruhlandyrmaga mümkinçilik berýär (Rim. 1:11, 12). Hudaýyň Sözi doganlary ýygnakda ýaşuly ýa-da hyzmatçy bolup Ýehowa bilen işleşmäge höweslendirýär (1 Tim. 3:1, 8, 9; 1 Pet. 5:2, 3). Muňa seslenýän doganlar imandaşlaryna maddy we ruhy taýdan kömek etmek isleýärler (Res. 6:1—4). Ýygnakda wajyp işleri edýän doganlar imandaşlaryna kömek etmegiň köp şatlyk berýändigini aýdýarlar. w18.08 sah. 24, abz. 6, 7; sah. 25, abz. 10

25-nji maý, duşenbe

Ýaşy uly adam bilen gödek gepleşme. Onuň bilen kakaň ýaly, ýaş doganlar bilen iniň ýaly gepleş (1 Tim. 5:1).

Gartaşan doganlaryň üstünden ygtyýary bolsa-da, Timoteos olara duýgudaşlyk bildirip, hormat goýmalydy. Eýsem biz gartaşanlara hormat goýmak baradaky maslahata hemişe eýermelimi? Meselem, olaryň biri bilgeşleýin günä etse ýa-da Ýehowa ýaramaýan işlere baş goşsa näme? Elbetde, Ýehowa adamyň daş keşbine görä höküm çykarmaýar. Emma ol gartaşan adamyň hem bilgeşleýin eden günäsine göz ýummaýar. Işaýa 65:20-de näme diýilýändigine üns beriň: «Günäkär ýüz ýaşasa-da näletlener». Hyzkyl pygamberiň gören görnüşinde hem şuňa meňzeş prinsip agzalýar (Hyz. 9:5—7). Görşümiz ýaly, biz, ilki bilen, «owaldan Bar Bolan» Hudaýymyz Ýehowa hormat goýmaly (Dan. 7:9, 10, 13, 14). Eger şeýle etsek, ýaşyna garamazdan, düzedişe mätäç bolan adama gerekli maslahaty bermäge çekinmeris (Gal. 6:1). w18.08 sah. 11, abz. 13, 14

26-njy maý, sişenbe

Sada adam her söze ynanýar, ätiýaçly adam her ädimini ölçerýär (Nak. 14:15).

Biz, mesihçiler görýän we eşidýän zatlarymyzyň dogrudygyna göz ýetirmegi öwrenmeli (Nak. 3:21—23; 8:4, 5). Ýogsam pikirimizi zaýalajak bolýan Şeýtanyň we onuň dünýäsiniň duzagyna aňsatlyk bilen düşüp bileris (Efes. 5:6; Kol. 2:8). Elbetde, biz dogry netijä gelip biler ýaly, aýdylýan zatlaryň hakykatdygyna göz ýetirmeli. Şu günler adamlaryň ýaýradýan habarlarynyň sany-sajagy ýok. Meselem, internet sahypalaryndan, telewizordan we beýleki habar beriş serişdelerinden gaty köp maglumatlary tapsa bolýar. Şeýle-de köp adamlar sosial ulgamlary arkaly dost-ýarlary we tanyş-bilişleri bilen birgiden maglumatlary paýlaşýar. Emma käbir maglumatlaryň oýlap tapylan ýa-da ýoýlandygy sebäpli, biz görýän we eşidýän zatlarymyza örän ünsli bolmaly. w18.08 sah. 3, abz. 1, 3

27-nji maý, çarşenbe

Hudaý senden razydyr (Luka 1:30).

Hudaýyň Oglunyň ýer ýüzünde ynsan bolup dogulmaly wagty gelende, Ýehowa durmuşa çykmadyk Merýem atly pesgöwünli gyzy Isanyň ejesi bolmaga saýlaýar. Merýem Iýerusalimden we şol ýerdäki beýik ybadathanadan uzakda ýerleşýän känbir belli bolmadyk Nazaret şäherinde ýaşaýardy (Luka 1:26—33). Soňra Merýem garyndaşy Elizabet bilen görşende, ruhy zatlary gymmat saýýandygyny görkezdi (Luka 1:46—55). Hawa, Ýehowa Merýeme üns berýärdi we wepalylygy üçin oňa garaşmadyk sylagyny berdi. Isa dünýä inende, Ýehowa bu ähmiýetli habary Iýerusalimiň we Beýtullahamyň ýolbaşçylaryna ýa-da baştutanlaryna däl-de, pesgöwünli çopanlara aýan etdi. Perişdeler Beýtullahamyň golaýynda sürülerini bakyp ýören çopanlara Isanyň doglandygyny habar berdiler (Luka 2:8—14). Soňra çopanlar ýaňy dünýä inen bäbegi görmäge gitdiler (Luka 2:15—17). Ogly Isa şeýle hormatyň bildirilendigini görüp, Merýem bilen Ýusup juda geň galan bolmaly. w18.07 sah. 9, 10, abz. 11, 12

28-nji maý, penşenbe

Süleýmana... Ýehowanyň gahary geldi (1 Pat. 11:9).

Ýehowa näme üçin Süleýmana gaharlandy? Mukaddes Kitapda: «Süleýmanyň ýüregi Ysraýyl Hudaýy Ýehowadan daşlaşypdy... Hudaý Süleýmana iki gezek görnüpdi. Hudaý başga taňrylara sežde etme diýip duýdursa-da, Süleýman Ýehowanyň tabşyrygyna gulak asmady» diýilýär. Netijede, Süleýman Hudaýyň goldawyndan we merhemetinden mahrum boldy. Mundan başga-da onuň nesli tutuş Ysraýylyň patyşasy bolmak hukugyny ýitirdi we olar köp ýyllaryň dowamynda agyr kynçylyklara duçar boldy (1 Pat. 11:9—13). Süleýman bilen bolan wakadan görnüşi ýaly, biz Ýehowanyň kada-kanunlaryny bilmeýän we olara hormat goýmaýan adam bilen dostlaşsak, özümize ruhy taýdan uly zyýan ýetirýäris. Mümkin, käbirleri ruhy taýdan gowşak dogan-uýalar bilen wagtyny köp geçirýändir. Başgalar bolsa Ýehowa sežde etmeýän dogan-garyndaşlary, goňşulary, işdeşleri ýa-da klasdaşlary bilen köp gatnaşýandyr. Nähili bolaýanda-da, Ýehowanyň ýokary kadalary boýunça ýaşamaýan adamlar bilen ýakyndan gatnaşsak, Hudaý bilen dostlugymyzy ýitirip bileris. w18.07 sah. 19, abz. 9, 10

29-njy maý, anna

Bütin dünýä bolsa Şeýtanyň golastynda (1 Ýah. 5:19).

Şeýtan filmleriň we telegepleşikleriň üsti bilen, öz garaýşyny ýaýradýar. Ol gürrüň berilýän zatlaryň bizi has-da gyzyklandyrýandygyny we pikirimize, duýgularymyza hem-de hereketlerimize täsir edýändigini bilýär. Isa adamlara öwredende, köplenç mysallary gürrüň berýärdi. Meselem, bir gezek ol rehimdar samariýaly adam we ýiten ogul baradaky mysaly gürrüň berdi (Mat. 13:34; Luka 10:29—37; 15:11—32). Emma Şeýtanyň garaýşynyň özüne täsir etmegine ýol beren adamlar gyzykly zatlary gürrüň bermek bilen, aňymyzy zäherlejek bolýar. Şol sebäpli biz paýhasly bolmaly. Filmlerde we telegepleşiklerde görkezilýän zatlaryň ählisi pikirimizi zaýalamasa-da, biz seresap bolmaly. Sebäbi olar bize belli bir derejede täsir edýär. Şol sebäpli bir zat görmekçi bolanymyzda, özümize şeýle sorag bersek, gowy bolar: «Şu film ýa-da telegepleşik meni ten höweslerini kanagatlandyrmaga iterermi?» (Gal. 5:19—21; Efes. 2:1—3). Görýän zatlaryňyzda Şeýtanyň pikiriniň öňe sürülýändigine üns berseňiz, näme etmeli? Ondan edil ýokanç keselli adamdan gaça durşuňyz ýaly, gaça duruň. w19.01 sah. 15, 16, abz. 6, 7

30-njy maý, şenbe

Kelläňize gutulyş tuwulgasyny geýiň (Efes. 6:17).

Tuwulganyň esgeriň beýnisini goraýşy ýaly, biziň «gutulyş umydymyz» aňymyzy we pikirlenmek ukybymyzy goraýar (1 Sel. 5:8; Nak. 3:21). Şeýtan nädip tuwulgamyzy çykarmaga iterip biler? Geliň, onuň Isany nädip synandygyna seredeliň. Şeýtan Isanyň adamzadyň üstünden höküm sürmäge umydynyň bardygyny gowy bilýärdi. Ýöne Isa Ýehowanyň bellän wagtyna garaşmalydy. Şeýle-de ol başda ejir çekip öldürilmelidi. Şol sebäpli Şeýtan oňa umyt edýän zadyny şol wagtyň özünde almagy teklip etdi. Isa bary-ýogy ýekeje gezek sežde etse, Şeýtan oňa ähli zadyň üstünden höküm sürmäge ygtyýar berjekdigini aýtdy (Luka 4:5—7). Şonuň ýaly Şeýtan Ýehowanyň bize-de täze dünýäde köp bereketleri berjekdigini bilýär. Ýöne biz şol wagt gelýänçä garaşmaly, hatda görgi görmegimiz hem mümkin. Şol sebäpli Şeýtan şu dünýäde lezzet alyp ýaşamagy teklip edýär. Ol bizi maddy zatlary birinji orunda goýup, hemme zady häziriň özünde edinmäge höweslendirýär. Şeýtan Hudaýyň Patyşalygyny bolsa ikinji orunda goýmagymyzy isleýär (Mat. 6:31—33). w18.05 sah. 30, 31, abz. 15—17

31-nji maý, ýekşenbe

Ýaşlyk günleriňde ýüregiň begensin (Nes. 11:9).

Ýehowa seniň durmuşdan şatlyk tapyp ýaşamagyňy isleýär. Şonuň üçin ünsüňi ruhy maksatlaryňa gönükdir we ähli işleriňde Ýehowany unutma. Sen muňa näçe ir başlasaň, şonça-da çalt Ýehowanyň görkezmesini, goragyny we patasyny duýarsyň. Hudaýyň Sözünde berilýän maslahatlar barada oýlan we «ýaşlyk günleriňde Beýik Ýaradany ýatla» (Nes. 12:1). Şeýle kynçylyklaryň hötdesinden gelýän we ünsüni Ýehowa gulluk etmäge gönükdirýän mesihçi ýaşlar öwgä mynasyp! Olar muny wagyz işini ähli zatdan ileri tutýandyklary we goýan ruhy maksatlaryna ýetmäge jan edýändikleri üçin başarýarlar. Galyberse-de, olar dünýäniň işlerine üns bermeýärler. Ýaşlar edýän tagallalarynyň biderek däldigine ynamly bolup biler. Sebäbi dogan-uýalarymyz hem olary söýgi bilen goldaýar. Ýaşlar Ýehowa doly bil baglasa, ähli işlerinde üstünlik gazanar. w18.04 sah. 29, abz. 17, 19

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş