Iýun
1-nji iýun, duşenbe
Meniň adym bilen Atamdan näme dileseňiz, ol size berer (Ýah. 15:16).
Isanyň bu wadasy resullaryny, gör, nähili berkidendir! Ýöne olar Isanyň sözlerine başda doly düşünmediler. Sebäbi Isanyň ýerdäki ýaşaýşy tamamlanyp barýardy. Emma şonda-da olar goldawsyz galmazdylar. Ýehowa olaryň Patyşalyk habaryny wagyz etmek tabşyrygyny berjaý eder ýaly, kömek sorap edýän islendik dogasyna jogap bermäge taýyndy. Dogrudan-da, şondan biraz wagt geçenden soň, resullar edýän dogalaryna Ýehowanyň jogap berendigine göz ýetirdiler (Res. 4:29, 31). Şu günler hem şeýle diýse bolýar. Biz çydamlylyk bilen miwe bersek, Isanyň dosty bolmakdan köp şatlyk taparys. Şeýle-de biz Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edenimizde, duş gelýän kynçylyklara döz gelmek üçin edýän dogalarymyza Ýehowanyň jogap berjekdigine ynamly bolup bileris (Flp. 4:13). Eýsem, Hudaýyň dogalarymyza jogap berýändigi we Isa bilen dostlaşyp bilýändigimiz göwnümizi götermeýärmi näme?! Ýehowanyň bu sowgatlary bize miwe getirmäge güýç berýär (Ýak. 1:17). w18.05 sah. 21, abz. 17, 18
2-nji iýun, sişenbe
Ol günüň golaýlaşýandygyny görüp, biri-birimizi has-da ruhlandyralyň (Ýew. 10:24, 25).
Şondan bary-ýogy bäş ýyl geçende, Iýerusalimde ýaşaýan ýehudy mesihçiler «Ýehowanyň... gününiň» golaýlandygyny görkezýän alamata düşünip, Isanyň aýdyşy ýaly, janlaryny halas etmek üçin şäherden gaçmalydylar (Res. 2:19, 20; Luka 21:20—22). B. e. 70-nji ýylynda rimliler Iýerusalime çykarylan hökümi amala aşyranda, «Ýehowanyň... güni» gelipdi. Şu günler bizde-de Ýehowanyň «beýik hem gorkunç» gününiň golaýlandygyna ynanmaga ähli sebäpler bar (Ýow. 2:11). Sepanýa pygamber: «Ýehowanyň beýik güni ýakyndyr! Ol gün ýakyndyr, çalt ýetip gelýär!» diýdi (Sep. 1:14). Onuň sözleri biziň günlerimize-de degişli. Ýehowanyň gününiň golaýlaýandygyny göz öňünde tutup, Pawlus resul: «Birek-biregiň aladasyny edip, birek-biregi söýmäge we ýagşy işleri etmäge höweslendireliň» diýdi (Ýew. 10:24, çykgyt). Dogrudan-da, biz dogan-uýalar bilen has köpräk gyzyklanmaly. Şonda mätäç wagtlary olary ruhlandyryp bileris. w18.04 sah. 20, abz. 1, 2
3-nji iýun, çarşenbe
Batyrgaý hem dogumly bol! Gorkma, howsala düşme, nirä gitseň-de, Ýehowa Hudaýyň seni goldar (Ýuşa 1:9).
Gör, nähili ruhlandyryjy sözler! Ýehowa Ýuşa öz halkyny wada beren ýurduna eltmegi tabşyrýar. Ýehowa gullukçylaryny diňe bir aýratynlykda ruhlandyrman, eýsem, tutuş halkyny hem ruhlandyrýardy. Meselem, Ýehowanyň: «Gorkma, men seniň bilendirin, howsala düşme, men seniň Hudaýyňdyryn. Men saňa güýç bererin, kömek ederin, seni adalatly sag golum bilen goldaryn» diýen pygamberlik sözleri Wawilona sürgün edilen ýehudylary ruhlandyrypdy (Işa. 41:10). Ýehowa I asyrdaky mesihçileri hem ruhlandyrýardy; onuň häzirki gullukçylary babatda hem şeýle diýse bolýar (2 Kor. 1:3, 4). Isany bolsa Atasynyň hut özi ruhlandyrypdy. Ol suwa çümdürilende, gökden şeýle ses eşidilýär: «Ine söýgüli Oglum, men ondan razy» (Mat. 3:17). Bu sözler Isany ýer ýüzünde gulluk edende örän ruhlandyrandyr! w18.04 sah. 16, abz. 3—5
4-nji iýun, penşenbe
Ýagşy-ýamany saýgaryş agajynyň miwesinden iýme (1 Mus. 2:17).
Ýehowanyň ilkinji ynsana beren tabşyrygyny okanlarynda, köp adamlar Adam ata isleýän zadyny etmekden mahrum bolandyr öýdýärler. Şeýle adamlar nämäniň ýagşy we nämäniň ýamandygyny çözmäge berlen erkinlige doly düşünmeýärler. Adam ata bilen How ene Hudaýa gulak asmalymy ýa-da däldigini özleri çözmelidi. Emma nämäniň ýagşy we nämäniň ýamandygyny çözmäge diňe Ýehowanyň haky bar; ol muny Erem bagyndaky «ýagşyny-ýamany saýgaryş agajyny» bermek bilen görkezdi (1 Mus. 2:9). Ýehowa Adam ata bilen How enä hakyky erkinligi nädip ulanmalydygyny söýgi bilen öwretdi. Gynansak-da, Adam ata bilen How ene Hudaýa gulak asmady. Eýsem, Adam ata bilen How ene şeýle ýoly saýlap erkin boldularmy? Elbetde, ýok. Hawa, olar özdiýenlilik edip, hakyky erkinligini ýitirdiler. w18.04 sah. 5, 6, abz. 9—12
5-nji iýun, anna
Olar ejir çekende, ol hem ejir çekdi (Işa. 63:9).
Ýehowa horluk çekýän gullukçylaryna diňe bir duýgudaşlyk bildirmän, eýsem, olara kömek etmek üçin hereket edýär. Meselem, ysraýyllar Müsürde gulçulykda horluk çekenlerinde, Ýehowa olaryň çekýän azaplaryna düşünýärdi. Bu bolsa Ýehowany olary gulçulykdan azat etmäge höweslendirdi. Ýehowa Musa pygambere şeýle diýdi: «Halkymyň Müsürde çekýän jebrini gördüm... edýän ahy-nalasyny eşitdim... Olaryň ejir çekýänini bilýärin. Aşak inip, halkymy müsürlileriň elinden halas ederin» (2 Mus. 3:7, 8). Ýehowa halkynyň ýagdaýyna düşünýändigi üçin olary gulçulykdan azat etdi. Şondan ençeme asyr geçenden soň, ysraýyllar Wada edilen ýurtda duşmanlarynyň garşylygyna sezewar bolýar. Eýsem, Ýehowa muňa nähili garady? «Duşmanlar halky ezerdi we köp azar bererdi. Halkynyň ahy-nalasyny eşidip, Ýehowanyň haýpy gelerdi». Bu bolsa ony halkyny halas etmäge höweslendirdi. Ol ysraýyllary duşmanlaryndan halas etmek üçin serdarlary ýollady (Ser. 2:16, 18). w19.03 sah. 15, abz. 4, 5
6-njy iýun, şenbe
Ene emdirýän balasyny unudarmy? Bagryndan önen çagasyna rehimi inmezmi? Ene balasyny unutsa-da, men seni hiç haçan unutmaryn (Işa. 49:15).
On tabşyrygyň ilkinji iki tabşyrygyndan görnüşi ýaly, ysraýyllardan ýalan taňrylara sežde etmän, diňe Ýehowa gulluk etmek talap edilýärdi (2 Mus. 20:3—6). Ýehowa bu tabşyryklary öz peýdasy üçin däl-de, halkynyň peýdasy üçin beripdi. Sebäbi ysraýyllar Ýehowa wepaly bolanda, abadançylykda ýaşaýardylar. Emma başga halklaryň taňrylaryna sežde edip, Oňa biwepalyk edenlerinde, görgi görýärdiler. Ýöne halk Hudaýa wepaly galyp, bir-biri bilen adalatly bolanda, Ýehowa olary ýalkaýardy (1 Pat. 10:4—9). Kimdir biri Ýehowa gulluk edýärin diýip, ýöne onuň kada-kanunlaryndan ýüz öwürse we onuň halkyna zalymlyk bilen daraşsa, muňa Ýehowa günäkär däl. Ýehowa bizi söýýär we adalatsyzlykdan ejir çekýändigimizi gowy bilýär. Aslynda, ol biziň çekýän hasratymyza çagasy sähel aglanda, oňa näme gerekdigini bilýän eneden hem gowy düşünýär. Ýehowa durmuşymyzda bolýan ýagdaýlara derrew goşulmasa-da, başgalara adalatsyz daraşyp, toba etmeýän günäkäri öz wagtynda höküm eder. w19.02 sah. 22, abz. 13—15
7-nji iýun, ýekşenbe
Meniň islegim däl, seniň islegiň bolsun (Luka 22:42).
Ýatlama agşamynyň öň ýanyndaky hepdelerde ünsümizi Isanyň galdyran göreldesine we janyny gurban berip, görkezen pesgöwünlilik häsiýetine gönükdireris. Biz Isanyň pesgöwünliliginden görelde alyp, Ýehowanyň islegini, hatda kyn ýagdaýlarda-da berjaý etmek isleýäris. Ölümine birnäçe gün galanda, onuň görkezen batyrgaýlygy hakda oýlanalyň. Ol duşmanlarynyň eline düşüp, kemsidiljekdigini, urlup-ýenjiljekdigini we ölüme höküm ediljekdigini bilýärdi (Mat. 20:17—19). Ýöne ol şonda-da ölümden gorkmady. Öldürilmeli wagty gelende, ol Getseman bagynda ýanyndaky wepaly resullaryna: «Turuň, gideliň. Maňa dönüklik edýän adam ýetip gelýär» diýdi (Mat. 26:36, 46). Ýaragly esgerler Isany tutmaga gelende, ol öňe çykyp, özüniň kimdigini açyk aýtdy, hatda esgerlere resullaryny goýbermeklerini hem buýurdy (Ýah. 18:3—8). Eýsem, Isa batyrgaý bolmadyk bolsa, özüni şeýle alyp bararmydy?! Şu günlerem mesh edilen we beýleki mesihçiler batyrgaý bolmakda Isadan görelde alýarlar. w19.01 sah. 27, 28, abz. 7, 8
8-nji iýun, duşenbe
Ýumşak boluň (Sep. 2:3).
Suratkeşiň owadan suraty çekmek üçin dürli reňkleri ulanyşy ýaly, bizem pespäl bolmak üçin, beýleki häsiýetleri hem bilelikde ösdürmeli. Bulara kiçigöwünlilik, gulak asmaklyk, ýumşaklyk we batyrgaýlyk ýaly käbir ajaýyp häsiýetler degişli. Diňe kiçigöwünli adamlar Hudaýyň tabşyrygyna gulak asýar. Hudaý biziň özümizi ýumşak alyp barmagymyzy isleýär (Mat. 5:5; Gal. 5:23). Biz Hudaýyň islegini ýerine ýetirenimizde, Şeýtan gazaplanýar. Özümizi kiçigöwünli hem ýumşak alyp baranymyzda, Şeýtanyň dünýäsindäki adamlaryň köpüsi bizi ýigrenýär (Ýah. 15:18, 19). Şonuň üçin Şeýtana gaýtawul berip biler ýaly, batyrgaýlyk gerek bolýar. Pespälligi görkezmeýän adamlar özüni hondanbärsi alyp barýar, gaharyna ýol berýär we Ýehowa gulak asmaýar. Bu Şeýtany örän gowy suratlandyrýar. Onuň pespäl adamlary ýigrenýändigi geň galdyrmasa gerek. Pespäl adamlar gowy häsiýetleri bilen Şeýtanyň barypýatan zalymdygyny görkezýärler. Has beteri bolsa, olar onuň ýalançydygyny subut edýärler. Näme üçin? Sebäbi Şeýtan näme diýse-de ýa-da näme etse-de, pespäl adamlara Ýehowa gulluk etmegini bes etdirip bilmeýär (Eýp. 2:3—5). w19.02 sah. 8, 9, abz. 3—5
9-njy iýun, sişenbe
Howsala düşme, men seniň Hudaýyňdyryn (Işa. 41:10).
Ýehowa Wawilonyň ýaşaýjylarynyň gorkudan ýaňa sandyrajakdyklaryny bilýärdi. Midiýa-Pars şalygy güýçli goşuny bilen Wawilona hüjüm etmelidi. Ýehowa olaryň goşuny arkaly öz halkyny Wawilon ýesirliginden azat etmek isleýärdi (Işa. 41:2—4). Wawilonlylar we beýleki milletler duşmanlaryň çozup gelýändigini görende: «Mert bol!» diýip, bir-birini mert bolmaga höweslendirjek boldular. Şeýle-de olar özlerini gorar öýdüp, birgiden ýalan taňrylaryň şekillerini ýasadylar (Işa. 41:5—7). Ýöne Ýehowa ýesirlikdäki ysraýyllara: «Ysraýyl, sen meniň gulumsyň... Howsala düşme, men seniň Hudaýyňdyryn» diýip, olaryň ýüreklerine rahatlyk berdi (Işa. 41:8—10). Üns beren bolsaňyz, Ýehowa: «Men seniň Hudaýyňdyryn» diýýär. Ol bu sözleri aýtmak bilen, wepaly gullukçylaryny unutmandygyna henizem olaryň Hudaýydygyna we olary öz halky hasaplaýandygyna ynandyrdy. Hawa, ol: «sizi götererin... halas ederin» diýip, wada berdi. Bu sözler halkyň güýjüne güýç goşup, olary berkidendir (Işa. 46:3, 4). w19.01 sah. 4, abz. 8
10-njy iýun, çarşenbe
Gökden: «Sen meniň söýgüli Oglum, men senden razydyryn» diýen ses eşidildi (Mar. 1:11).
Markus 1:9—11-nji aýatlarda Ýehowanyň gökden gürländigi baradaky ilkinji üç waka agzalýar. Şonda ol Isa: «Sen meniň söýgüli Oglum, men senden razydyryn» diýdi. Atasynyň söýgi bilen aýdan ruhlandyryjy sözleri Isanyň ýüregine güýçli täsir eden bolmaly. Ýehowanyň bu sözleri Isa barada üç wajyp zady aýan edýär. Birinjiden, Isa Ýehowanyň ogly. Ikinjiden, Ýehowa ogluny söýýär. Üçünjiden, Ýehowa oglundan razy. Ýehowanyň «Sen meniň... Oglum» diýen sözleri onuň söýgüli ogly Isa bilen täze gatnaşyga başlandygyny görkezýär. Isa gökde ýaşanda, ol Hudaýyň ruhy Ogludy. Emma suwa çümdürilende, ol mukaddes ruh bilen mesh edildi. Şonda Ýehowa Isany mesh edip, ony Patyşa we Baş ruhany edip belländigini hem-de onuň göge dolanmaga umydynyň bardygyny aýan etdi (Luka 1:31—33; Ýew. 1:8, 9; 2:17). Ine, şonuň üçin hem Isa suwa çümdürilende, gökdäki Atasy oňa: «Sen meniň... Oglum» diýdi (Luka 3:22). w19.03 sah. 8, abz. 3, 4
11-nji iýun, penşenbe
Ýehowanyň niýetine päsgel berjek akyldarlyk... ýokdur (Nak. 21:30).
Şeýtan How enäni aldanyndan bäri, erbet maslahat adamlaryň durmuşynda kök urdy. Iblis özdiýenlilik bilen, Adam ata bilen How enäni özbaşdak ýaşasalar, bagtly boljakdyklaryna ynandyrdy (1 Mus. 3:1—6). Aslynda, Şeýtan diňe öz bähbidine çapýardy. Ol Adam ata bilen How enäniň we olaryň nesilleriniň Ýehowa däl-de, özüne gulak asmaklaryny hem-de sežde etmeklerini isleýärdi. Ýöne Şeýtan olar üçin heý bir zat etdimi?! Olara ähli zady, owadan öýi, kämil bedenlerini we ebedi ýaşaýşy Ýehowa beripdi. Gynansak-da, Adam ata bilen How ene Hudaýa gulak asman, Onuň bilen gymmatly dostlugyny ýitirdi. Munuň netijesi gaty elhenç boldy. Ösüp duran güli ýolsaň, ýuwaş-ýuwaşdan guraýşy ýaly, olaryň çagalary hem günä sebäpli horluk çekýär (Rim. 5:12). Adamlaryň köpüsi muny bilse-de, häzirem Hudaýa gulak asmaýar. Olar isleýşi ýaly ýaşasy gelýär (Efes. 2:1—3). Şu günki aýatdan munuň netijesi aýdyň görünýär. w18.12 sah. 20, abz. 3, 4
12-nji iýun, anna
Biz akyldarlaryň öwredişi ýaly däl-de, mukaddes ruhuň öwredişi ýaly gepleýäris, ruhy zatlary mukaddes ruhuň kömegi bilen düşündirýäris (1 Kor. 2:13).
Pawlus resul düşünjeli we ýokary bilimli adamdy. Ol azyndan iki dilde gepläp bilýärdi (Res. 5:34; 21:37, 39; 22:2, 3). Emma ýagşy-ýamany çözmek meselesinde ol şu dünýäniň akyldarlygyna däl-de, Mukaddes Kitapdaky prinsiplere esaslanyp hereket edýärdi (Res. 17:2; 1 Kor. 2:6, 7). Netijede, Pawlus resul wagyzda köp üstünlik gazandy we gökde ýaşamak sylagyna eýe boldy (2 Tim. 4:8). Dogrudan-da, Hudaýyň pikiri şu dünýäniň pikirinden has beýik. Şoňa görä ýaşaýan adam özüni juda bagtly duýýar we durmuşda köp üstünlik gazanýar. Emma Ýehowa bizi pikirine eýermäge mejbur etmeýär. «Wepaly hem paýhasly hyzmatkär», şol sanda ýygnak ýaşululary hem dogan-uýalaryň pikiriniň üstünden agalyk etmeýärler (Mat. 24:45; 2 Kor. 1:24). Gaýtam, olar Hudaýyň pikirine görä hereket etmäge her bir mesihçiniň öz jogapkärçiliginiň bardygyna düşünýärler. w18.11 sah. 20, 21, abz. 12, 13
13-nji iýun, şenbe
Ýas we dady-perýat zym-zyýat bolar (Işa. 35:10).
Hudaý Işaýa pygamber arkaly halkynyň ýurduna dolanjakdygyny, olaryň hiç hili zorluk-sütem görmejekdigini, howp-hatarlaryň bolmajakdygyny we ýyrtyjy haýwanlardan ýa-da haýwanlara mahsus häsiýetleri bildirýän adamlardan gorkmajakdygyny aýtdy. Hawa, garrylaram, ýaşlaram howpsuzlykda ýaşady (Işa. 11:6—9; 35:5—10; 51:3). Işaýanyň «deňziň suwdan doluşy deý, ýer ýüzi Ýehowa hakdaky bilimden dolar» diýen pygamberlik sözleri diňe bir ysraýyl halkyna däl-de, tutuş ýer ýüzünde ýaşaýan adamlara hem degişli. Işaýa ýesirlikden gaýdyp gelenlere adamlaryň we ýyrtyjy haýwanlaryň olara zyýan ýetirmejekdigini aýtdy. Erem bagyndaky ýaly, akar suwlaryň köplüginden ýaňa toprak bol hasyl getirmelidi (1 Mus. 2:10—14; Ýer. 31:12). Bu pygamberlik diňe bir gezek ýerine ýetdimi? Ýesirlikden dolanyp gelen adamlaryň gudrat arkaly sagalandygy barada hiç hili subutnama ýok. Meselem, körleriň gözi açylmady. Diýmek, adamlaryň sagaljakdygy barada aýdylan sözler heniz ýerine ýetmedi. w18.12 sah. 5, abz. 11, 12
14-nji iýun, ýekşenbe
Hakykata... görä ýaşaň (3 Ýah. 3).
Hakykat ýolunda ýöremek üçin hemişe tagalla etmeli. Biz hakykatda ebedi gezmäge umyt edýäris. Hakykat ýolunda ýöremek islegimizi nädip berkidip bileris? Hudaýyň Sözündäki gymmatly hakykatlary öwrenmegi we olaryň üstünde oýlanmagy dowam ediň. Elbetde, hakykaty satyn almak üçin Hudaýyň Sözündäki şol gymmatly hakykatlary yzygider öwrenmäge wagt sarp etmeli. Şeýle etsek, hakykata bolan minnetdarlygymyz artar we ony hiç haçan satmazlyga kömek eder. Mundan başga-da Nakyllar 23:23-de hakykaty satyn almak üçin «akyldarlygy, terbiýäni, düşünjäni hem satyn almalydygy» aýdylýar. Ýöne bir bilim almak ýeterlikli däl. Hakykat biziň ýaşaýşymyzyň aýrylmaz bölegi bolmaly. Düşünje bize Ýehowanyň aýdýan ähli zatlaryna düşünmäge kömek edýär. Akyldarlyk bolsa öwrenen zatlarymyza görä hereket etmäge höweslendirýär. Mukaddes Kitap esasynda berilýän terbiýe bolsa biziň gerekli özgerişleri etmelidigimizi görkezýär. Geliň, şeýle görkezmä hemişe gulak asalyň. Sebäbi onuň gymmaty kümüşden hem artykdyr (Nak. 8:10). w18.11 sah. 8, abz. 3; sah. 11, abz. 13, 14
15-nji iýun, duşenbe
Hakykaty satyn al, asla satma (Nak. 23:23).
Siziň üçin iň gymmatly zat näme? Şol zat üçin siz gymmaty pesräk zatlardan höwes bilen geçýärsiňizmi? Ýehowa özüni bagyş eden adamlar üçin bu soraglaryň jogaby ýönekeý. Biziň üçin iň gymmatly zat — Ýehowa bilen dostlugymyz. Ony hiç bir zada deňäp bolmaýar. Şeýle-de biz gökdäki Atamyz bilen dostlugymyzy has-da berkidýän Mukaddes Kitapdaky hakykaty gymmat saýýarys (Kol. 1:9, 10). Beýik Mugallymymyz Ýehowa bize öz Sözi arkaly tälim berýär. Ol bize adynyň manysyny we häsiýetlerini aýan edýär. Şeýle-de söýgüli Oglunyň töleg gurbany baradaky hakykaty bilmäge kömek edýär. Mundan başga-da Ýehowa bize Mesihi Patyşalyk we ýer ýüzünde boljak Jennetde ýaşamak umydy baradaky hakykaty aýan edýär. Hudaý bize özümizi nähili alyp barmalydygymyzy hem öwredýär. Biz bu hakykatlary gymmat saýýarys, sebäbi olar bizi Ýaradyjymyza ýakynlaşdyrýar we durmuşymyzy manyly edýär. w18.11 sah. 3, abz. 1, 2
16-njy iýun, sişenbe
Biri-biriňize ýalan sözlemäň (Kol. 3:9).
Ýalana ýüz urýan adamlar edýän ikiýüzlüligini Ýehowadan gizläp bilmezler. Sebäbi «ähli zat onuň öňünde açyk-aýdyňdyr» (Ýew. 4:13). Meselem, Ananýas bilen Sapfira ýüreginde ýalanyň kök urmagyna ýol berýär. Olar mellek ýerini satýarlar, ýöne pulunyň bir bölegini özlerine alyp galyp, galanyny resullara getirip berýärler. Bu är-aýal ýygnakdaky dogan-uýalaryň arasynda özlerini gowy, has dogrusy, jomart görkezmek isleýärdi. Emma Ýehowa olaryň etmişini görýärdi. Şonuň üçin olara günäsine laýyk jeza berdi (Res. 5:1—10). Ýehowa ýalana nähili garaýar? Şeýtan ýaly bilgeşleýin ýalan sözläp, muňa ökünmeýänleriň ählisi «ot kölüne» zyňlar (Ylh. 20:10; 21:8; Zeb. 5:6). Mukaddes Kitapda: «Hudaý adam ýaly ýalan sözlemez» diýilýär. Dogrudan-da, «Hudaý ýalan sözläp bilmeýär» (4 Mus. 23:19; Ýew. 6:18). Ýehowa «ýalançy dili» ýigrenýär (Nak. 6:16, 17). Hudaýyň razylygyny gazanmak üçin, biz onuň adyl kadalary boýunça ýaşamaly. w18.10 sah. 8, abz. 10—13
17-nji iýun, çarşenbe
Şol zatlar hakda oýlan (1 Tim. 4:15).
Başlygyňyz sizden ýalan din bilen bagly baýramçylyklary goldamak üçin pul goşmagy talap edýär. Siz näme ederdiňiz? Şeýle ýagdaý ýüze çykýança garaşmagyň deregine, Ýehowanyň şu zatlara nähili garaýandygy barada häzirden oýlansaňyz gowy bolar. Şonda üç ýewreý ýigit ýaly size-de näme etjekdigiňizi we näme diýjekdigiňizi bilmek aňsat bolar. Ýehowanyň pikirlenişi ýaly pikirlensek, medisina kömegine mätäç bolanymyzda hem Hudaýa wepaly galmaga kömek eder. Elbetde, biz ganyň özüni ýa-da onuň dört fraksiýasyny goýbertmezligi berk ýüregimize düwendiris. Emma şeýle ýagdaýlarda her bir mesihçi Mukaddes Kitapdaky prinsipler esasynda Ýehowanyň pikirlerine düşünip, özbaşdak karara gelmeli bolýar (Res. 15:28, 29). Şonuň üçin şeýle meseleler babatda hassahana düşenimizde däl-de, häzirden gözleg geçirmeli we gan goýbertmezlik baradaky dokumenti dolduryp, lukman bilen öňünden gepleşip goýmaly. Sebäbi hassahanada janyň agyryp, üstesine-de, dürli tarapdan gyssap dursalar, dogry karara gelmek kyn bolýar. w18.11 sah. 24, abz. 5; sah. 26, abz. 15, 16
18-nji iýun, penşenbe
Maňa gulak asan adam asuda ýaşar (Nak. 1:33).
Ýehowa öz halkynyň aladasyny edip bilýän çopan. Ýehowa ysraýyllaryň mähir bilen aladasyny edip, duşmanlaryndan gorady. Bu bolsa zalym dünýäniň soňky günlerinde ýaşaýan Hudaýyň gullukçylaryna teselli berýär. Ýehowa öz halkynyň ruhy hem beden taýdan aladasyny edýär. Agyr muşakgatda-da ol biziň aladamyzy eder (Ylh. 7:9, 10). Biz ýaş ýa gartaşan, sagdyn ýa-da ýarawsyz bolsak-da, agyr muşakgatda howsala düşmeris we gorkmarys. Gaýtam, biz Isanyň aýdyşy ýaly: «Dikelip, başymyzy galdyrarys, sebäbi gutulyşymyz golaýlandyr» (Luka 21:28). Hatda faraondan has güýçli Gog, ýagny güýçli milletleriň üýşmegi üstümize hüjüm edende-de, biz gorkmarys (Hyz. 38:2, 14—16). Hudaýyň halky näme üçin şol wagt özüni ynamly duýar? Sebäbi olar Ýehowanyň hiç haçan üýtgemeýändigini bilýär. Hudaý ýene-de öz halkynyň aladasyny eder we olary halas eder (Işa. 26:20). w18.09 sah. 26, 27, abz. 15, 16
19-njy iýun, anna
Seni eziz görýärin... seni söýýärin (Işa. 43:4).
Ysraýyllar Ýehowanyň şu günki aýatda aýdan sözlerini eşidenlerin-de, gör, nähili ruhlanan bolmaly. Ýehowanyň sizi hem güýçli söýýändigine ynanyp bilersiňiz. Hudaýyň Sözünde arassa seždäni goldamaga jan edýän adamlara şeýle wada berilýär: «Gudratygüýçli seni halas eder. Ol saňa guwanyp şatlanar» (Sep. 3:16, 17). Biz nähili kynçylyga uçrasak-da, Ýehowa bizi goldap, teselli berjekdigini wada berýär. Mukaddes Kitapda: «Ol sizi emdirer, elinde göterer, aýagynda yralar. Ejesiniň ogluny köşeşdirişi ýaly, Menem size göwünlik bererin» diýilýär (Işa. 66:12, 13). Eýsem, Ýehowanyň gullukçylaryna bolan mähirli söýgüsi enäniň çagasyny bagryna basyp, ony aýagynda hüwdüleýşi bilen deňeşdirilmegi bizi ruhlandyrmaýarmy näme?! Ýehowanyň sizi aýratynlykda juda eziz görýändigini we gymmat saýýandygyny hiç haçan unutmaň (Ýer. 31:3). w18.09 sah. 13, abz. 6, 7
20-nji iýun, şenbe
Siziň haýsyňyz Ýehowa sadaka bermek isleýäňiz? (1 Tar. 29:5).
Ysraýyl halkynyň hem meýletin gulluk etmek mümkinçiligi bardy (2 Mus. 36:2; Neh. 11:2). Şu günler hem biziň dogan-uýalara kömek etmek üçin wagtymyzy, emlägimizi we ukyplarymyzy ulanmaga köp mümkinçiligimiz bar. Eger siz kömegiňizi meýletin hödür etseňiz, köp şatlyk taparsyňyz we ençeme bereketleri alarsyňyz. Gurluşyk işlerine gatnaşýan meýletinçiler köplenç täze dostlary edinýärler. Geliň, 18 ýyllap Ýygnak jaýlarynyň gurluşyk işlerine gatnaşan Marji uýanyň mysalyna seredeliň. Ol ençeme ýyllaryň dowamynda ýaş uýalara tejribesi bilen paýlaşyp, olara kömek edýär. Uýamyz muňa birek-biregi ruhy taýdan berkitmäge ajaýyp mümkinçilik hökmünde garaýar (Rim. 1:12). Dogrudan-da, Marjiniň durmuşynda kyn ýagdaýlar bolanda, gurluşyk işlerinde edinen dostlary oňa goldaw berdiler. Sizem gurluşyk işlerine meýletin kömek edip görüpdiňizmi? w18.08 sah. 25, abz. 9, 11
21-nji iýun, ýekşenbe
Hiç kim seni ýaşdygyň üçin äsgermezlik etmesin. Gepleýşiň, özüňi alyp barşyň, söýgiň, imanyň we ahlak taýdan arassalygyň bilen wepaly adamlara görelde bol (1 Tim. 4:12).
Pawlus şu sözleri ýazanda, Timoteos 30 ýaşlarynda bolan bolmaly. Emma Pawlus oňa gaty uly jogapkärçiligi ynandy. Görşümiz ýaly, Pawlusyň Timoteosa şeýle maslahaty bermegi ýerliklidi. Biz mundan näme öwrenýäris? Diýmek, biz ýaş doganlara olaryň ýaşyna görä höküm çykarmaly däl. Şeýle-de Halypamyz Isanyň hem ýer ýüzünde gulluk edende, 30 ýaşlarynda bolandygyny unutmaly däl. Belki-de, biz ýaşlara kembaha garalýan medeniýetde önüp-ösendiris. Eger şeýle bolsa, onda ýaş doganlary ýygnakda hyzmatçy ýa-da ýaşuly bolup gulluk etmäge teklip etmekden saklanmagymyz mümkin. Ähli ýygnak ýaşululary Mukaddes Kitapda hyzmatçy ýa-da ýaşuly bolmak üçin belli bir ýaşda bolmagyň talap edilmeýändigini berk ýatda saklamaly (1 Tim. 3:1—10, 12, 13; Tit. 1:5—9). w18.08 sah. 11, 12, abz. 15, 16
22-nji iýun, duşenbe
Bilimlisireýänleriň taglymatyndan gaça dur (1 Tim. 6:20).
Paýhasly kararlara gelip biler ýaly, bize ygtybarly maglumatlar gerek. Şol sebäpli biz görýän we eşidýän zatlarymyza örän ünsli bolmaly (Flp. 4:8, 9). Biz telewizorda we internetde görkezilýän şübheli täzelikleri görmek ýa-da hakykata esaslanmadyk zatlary okamak üçin wagtymyzy biderek ýitirmeli däl. Esasan-da, imandan dänen adamlaryň ýaýradýan maglumatlaryndan gaça durmak hasam wajyp. Olaryň maksady Hudaýyň halkynyň pikirini zäherlemek we hakykaty ýoýmak. Ýalan-ýaşryk habarlar köplenç adamy nädogry karara gelmäge iterýär. Şeýle maglumatlar biziň aňymyza we ýüregimize täsir etmez diýip pikir etsek, nädogry bolardy. Geliň, Musa pygamberiň günlerinde bolan bir waka seredeliň. Wada edilen ýurdy gözden geçirmäge giden 12 içalynyň 10-sy erbet habar getirýär (4 Mus. 13:25—33). Olaryň gören-eşiden zatlaryny ulaldyp aýtmagy Ýehowanyň halkyny howsala salýar (4 Mus. 14:1—4, 6—10). Olar eşidýän zatlarynyň dogrudygyna göz ýetirip, Ýehowa bil baglamagyň deregine, erbet habara ynandylar. w18.08 sah. 4, abz. 4, 5
23-nji iýun, sişenbe
Aldanmaň! Erbetler bilen gatnaşmak gowy häsiýetleri bozýandyr (1 Kor. 15:33).
Köp adamlar mesihçiler ýygnagynyň agzasy bolmasa-da, gowy häsiýetleri bilen tanalýar we olaryň köpüsi hemişe erbet işleri etmeýär. Belki, sizem şeýle adamlary tanaýansyňyz. Ýöne olara gowy dost diýse bolarmy? Olar siziň Ýehowa bilen dostlugyňyza nähili täsir edýär? Hudaýa ýakynlaşmaga kömek edýärmi? Olar üçin näme wajyp? Meselem, olar köplenç soňky çykan eşikler, pul, telefon we beýleki elektron enjamlary ýa-da dynç almak ýaly zatlar hakda gürrüň edýärlermi? Başgalaryň gybatyny edýärmi ýa-da ýerliksiz degişmeleri aýdýarmy? Isa şeýle duýduryş berdi: «Adamyň ýüregindäki dilindedir» (Mat. 12:34). Eger şeýle gatnaşyk Ýehowa bilen gymmatly dostlugyňyza zyýan ýetirýän bolsa, onda haýal etmän, olar bilen gatnaşygyňyzy azaldyň, hatda gerek bolsa bes ediň (Nak. 13:20). w18.07 sah. 19, abz. 11
24-nji iýun, çarşenbe
Ýer ýüzünde Musa ýaly ýumşak adam ýokdy (4 Mus. 12:3).
Musa pygamber 80 ýaşyndaka, Ýehowa oňa kyn ýumuş tabşyrýar. Ol ysraýyl halkyny Müsür gulçulygyndan azat etmelidi (2 Mus. 3:10). Ýöne Ýehowa sabyrly bolup, onuň bilen gepleşmegini dowam etdi. Ol Musa pygambere gudrat görkezer ýaly güýç berdi (2 Mus. 4:2—9, 21). Ýehowa Gudratygüýçli Hudaý bolandygy üçin, Musa pygamberi bu ýumşy ýerine ýetirmäge mejbur edip hem bilerdi. Emma ol pespäl hem kiçigöwünli gullukçysy bilen özüni sabyrly we mähirli alyp baryp, ony goldajakdygyna ynandyrdy. Ýehowanyň bu hereketi gowy netije berdimi? Elbetde! Musa pygamber Ýehowanyň göreldesine eýerip, halkyň mähirli we aladaçyl çopany boldy. Eger siziň köp jogapkärçiligiňiz bar bolsa, onda Ýehowanyň mähirliliginden we sabyrlylygyndan görelde almak örän wajyp (Kol. 3:19—21; 1 Pet. 5:1—3). Eger Ýehowanyň we Isanyň göreldesine eýerseňiz, başgalara siziň ýanyňyza gelmek aňsat bolar we olara dynçlyk tapmaga kömek edersiňiz (Mat. 11:28, 29). w18.09 sah. 24, 25, abz. 7—10
25-nji iýun, penşenbe
Agzybir ýaşaýan doganlary görmek, nähili gowy, nähili ýakymly! (Zeb. 133:1).
Sizem dogan-uýalaryň arasynda agzybirligiň bolmagyna goşant goşup bilermisiňiz? Eger muny eýýäm edýän bolsaňyz, onda siz öwgä mynasyp! Siz dogan-uýalaryň ählisi bilen ýakyndan gatnaşyp, olara «ýüregiňizi giňden açýarsyňyzmy»? (2 Kor. 6:11—13). Mukaddes Kitapdaky hakykatyň nur saçýandygyny goňşularyňyz görer ýaly tagalla edýärsiňizmi? Siziň mähirli sözleriňiz we edýän işleriňiz goňşularyňyzy hakykata çekip biler. Özüňize şeýle soraglary beriň: «Goňşularym maňa nähili garaýar? Olara ýakymly bolar ýaly öýümi tertipli we arassa saklaýarynmy? Men olara kömek etmäge taýynmy?» Dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolanyňyzda, olardan özlerini mähirli we ýagşy edim-gylymly alyp barmagy dogan-garyndaşlaryna, goňşularyna, işdeşlerine ýa-da klasdaşlaryna nähili täsir edendigini sorap bilersiňiz. Şonda siz köp gyzykly wakalary eşidersiňiz (Efes. 5:9). w18.06 sah. 24, abz. 13, 14
26-njy iýun, anna
Şeýle bir günler geler: sizi öldüren adam Hudaýa gulluk edýändirin öýder (Ýah. 16:2).
Munuň dogrudygyny Stefanusy öldüren adamlaryň mysaly görkezýär. Şol döwürde şeýle garaýyşdaky adamlar az däldi (Res. 6:8, 12; 7:54—60). Hudaýa sežde edýän diýip, dindar adamlaryň zorluk-süteme we erbetlige baş goşýandygyny bilmek gaty gynandyrýar (2 Mus. 20:13). Gynansak-da, olaryň ynsaby nädogry ýoly görkezýär. Biz ynsabymyzyň dogry ýoly görkezýändigine nädip göz ýetirip bileris? Hudaýyň Sözündäki kanunlar we prinsipler «öwretmek, käýemek, dogry ýola getirmek we Hudaýyň kada-kanunlary boýunça terbiýelemek üçin peýdalydyr» (2 Tim. 3:16). Şol sebäpli biz Mukaddes Kitaby erjellik bilen öwrensek, okan zatlarymyz hakda oýlansak we olary durmuşymyzda ulansak, ynsabymyzy dogry terbiýeläp, Hudaýyň pikirlenişi ýaly pikirlenip bileris. Şeýle ynsap bolsa bize dogry ýoly görkezer. w18.06 sah. 17, abz. 3, 4
27-nji iýun, şenbe
Eliňize Hudaýyň sözi bolan ruhuň gylyjyny alyň (Efes. 6:17).
Pawlus resulyň hatyny ýazan döwri rim esgerleriniň ulanan gylyjynyň uzynlygy takmynan 50 santimetr bolup, ol elde söweşmek üçin niýetlenendi. Rim esgerleriniň ökde urşujy bolmagynyň bir sebäbi, olar her gün ýaraglaryny ökdelik bilen ulanmagy öwrenýärdiler. Pawlus resul Ýehowanyň Sözi bolan Mukaddes Kitaby gylyç bilen deňeşdirdi. Biz ynançlarymyzy gorap ýa-da pikirimizi düzedip biler ýaly, ony ökdelik bilen ulanmagy öwrenmeli (2 Kor. 10:4, 5; 2 Tim. 2:15). Biz Şeýtandan we onuň jynlaryndan gorkmaly däl. Elbetde, olar örän güýçli. Ýöne olaryň güýji çäkli we tizden ýok ediler. Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynda Şeýtan we onuň jynlary doly hereketsiz ýagdaýda bolar. Soňra bütinleý ýok ediler (Ylh. 20:1—3, 7—10). Biz duşmanymyzyň kimdigini, onuň ulanýan usullaryny we nähili maksadynyň bardygyny bilýäris. Ýehowanyň kömegi bilen, biz oňa garşy durup bileris! w18.05 sah. 30, abz. 15; sah. 31, abz. 19—21
28-nji iýun, ýekşenbe
Ýylan bolsa: «Ýok, ýok, ölmersiňiz»... diýdi (1 Mus. 3:4, 5).
Adam ata ýylanyň gepläp bilmeýändigini gowy bilýärdi. Şol sebäpli ol ýylan arkaly How ene bilen perişde gepleşendir öýden bolmaly (1 Mus. 3:1—6). Ýöne Adam ata bilen How ene bu perişde barada hiç zat bilmeýärdi. Muňa garamazdan, Adam ata gökdäki söýgüden doly Atasyndan bilgeşleýin ýüz öwürdi we Hudaýyň islegine garşy giden hem-de asla tanamaýan şahsyýetiniň tarapyny tutdy (1 Tim. 2:14). Ýehowa şol bada Adam ata bilen How enäni aldan duşmany ahyrsoňy ýok etjekdigini wada berip, ol hakda käbir zatlary aýan etdi. Şeýle-de Ýehowa ýylan arkaly How ene bilen gepleşen perişdäniň Hudaýy söýýän adamlara birnäçe wagtlap güýçli garşylyk görkezjekdigini duýdurdy (1 Mus. 3:15). Ýehowa akyldar bolandygy üçin, Özüne garşy pitne turzan ruhy oglunyň adyny aýtmady. Erem bagynda turan pitneden takmynan 2 müň 500 ýyl geçýänçä, Hudaý hatda bu duşmanyň kimdigini aýan edýän atlary hem mälim etmedi (Eýp. 1:6). w18.05 sah. 22, abz. 1, 2
29-njy iýun, duşenbe
Olar... kynçylyklara çydap hasyl berýärler (Luka 8:15).
Biz adamlaryň känbir diňlemeýän ýerinde wagyz edenimizde ruhdan düşýän bolsak, özümizi Pawlus resul ýaly duýmagymyz mümkin. Ol 30 ýyl töweregi gulluk eden döwri ençeme adama Mesihiň şägirdi bolmaga kömek etdi (Res. 14:21; 2 Kor. 3:2, 3). Emma ol köp ýehudylara hakyky seždäni kabul etdirip bilmedi. Gaýtam, olaryň köpüsi Pawlusa garşy çykdy, hatda käbirleri ony yzarlady (Res. 14:19; 17:1, 4, 5, 13). Ýehudylaryň özüni şeýle alyp barmagy Pawlusa nähili täsir etdi? Ol: «Men Mesihiň şägirdi hökmünde hakykaty aýdýaryn... gam-gussa çekýärin we ýüregim hemişe dertli» diýdi (Rim. 9:1—3). Pawlus näme üçin özüni şeýle duýduka? Ol wagyz işini gaty gymmat saýýardy we ýehudylaryň ýürekden aladasyny edýändigi üçin hoş habary wagyz edýärdi. Ýöne olaryň Hudaýyň rehimdarlygyndan ýüz öwürýändigini görende, Pawlus gaty gynandy. Pawlus resul ýaly bizem adamlaryň ýürekden aladasyny edýändigimiz üçin wagyz edýäris (Mat. 22:39; 1 Kor. 11:1). w18.05 sah. 13, abz. 4, 5
30-njy iýun, sişenbe
Gaýgy-alada ynsany çökerýär, hoş söz köňli galkyndyrýar (Nak. 12:25).
Pawlus resul başgalary ruhlandyrmaga jogapkär mesihçileriň özleriniň hem öwgüli sözleri eşitmek isleýändigini aýtdy. Ol Rimde ýaşaýan mesihçilere şeýle diýdi: «Sizi göresim gelýär, imanyňyzy berkidip, ruhlandyrasym gelýär. Şeýdip, biz imanymyz bilen biri-birimizi ruhlandyrarys» (Rim. 1:11, 12). Hawa, imandaşlaryny höwes bilen ruhlandyran Pawlus resulyň özi hem käte ruhlandyryjy sözlere mätäçdi (Rim. 15:30—32). Hoş habaryň hatyrasy üçin janaýamazlyk ruhuny görkezýän mesihçiler öwgüli sözlere mätäç. «Halypamyzyň şägirdi» bilen durmuş gurmak barada berlen tabşyryga gulak asmak üçin maşgala gurmadyk dogan-uýalary hem ruhlandyryp bileris (1 Kor. 7:39). Şeýle-de yzarlama ýa-da ýarawsyzlyk ýaly kynçylyklarda wepaly galýan imandaşlarymyz ruhlandyryjy sözlere mätäç bolýar (2 Sel. 1:3—5). w18.04 sah. 21, abz. 3—5