Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es20 sah. 67—77
  • Iýul

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Iýul
  • Her günki aýady okalyň — 2020
  • Sözbaşylar
  • 1-nji iýul, çarşenbe
  • 2-nji iýul, penşenbe
  • 3-nji iýul, anna
  • 4-nji iýul, şenbe
  • 5-nji iýul, ýekşenbe
  • 6-njy iýul, duşenbe
  • 7-nji iýul, sişenbe
  • 8-nji iýul, çarşenbe
  • 9-njy iýul, penşenbe
  • 10-njy iýul, anna
  • 11-nji iýul, şenbe
  • 12-nji iýul, ýekşenbe
  • 13-nji iýul, duşenbe
  • 14-nji iýul, sişenbe
  • 15-nji iýul, çarşenbe
  • 16-njy iýul, penşenbe
  • 17-nji iýul, anna
  • 18-nji iýul, şenbe
  • 19-njy iýul, ýekşenbe
  • 20-nji iýul, duşenbe
  • 21-nji iýul, sişenbe
  • 22-nji iýul, çarşenbe
  • 23-nji iýul, penşenbe
  • 24-nji iýul, anna
  • 25-nji iýul, şenbe
  • 26-njy iýul, ýekşenbe
  • 27-nji iýul, duşenbe
  • 28-nji iýul, sişenbe
  • 29-njy iýul, çarşenbe
  • 30-njy iýul, penşenbe
  • 31-nji iýul, anna
Her günki aýady okalyň — 2020
es20 sah. 67—77

Iýul

1-nji iýul, çarşenbe

Ýehowanyň islegine düşünjek boluň (Efes. 5:17).

Biz «juda kyn döwürde» ýaşaýarys. Ýer ýüzünde hakyky parahatlyk dikeldilýänçä, ýaşaýyş gün-günden has-da kynlaşýar (2 Tim. 3:1). Şol sebäpli özümize şu soragy bersek gowy bolar: «Men kimden kömek we görkezme agtarýaryn?» Ençeme asyr mundan öň, mezmurçy, esasan-da, kömege mätäç wagtymyz gözümizi Ýehowa tarap galdyrmalydygymyzy aýtdy (Zeb. 123:1—4). Ol muny hyzmatkäriň nazaryny hojaýynyna dikişi bilen deňeşdirdi. Ýöne mezmurçy nämäni göz öňünde tutduka? Hyzmatkär hojaýynyndan ýöne bir iýmit soramak ýa-da haraý gözlemek üçin däl-de, hojaýynyň näme isleýändigini bilip, şoňa görä hereket etmek üçin gözlerini oňa dikýär. Şonuň ýaly bizem Ýehowanyň islegine düşünip, şoňa laýyk hereket etmek üçin her gün onuň Sözüni dykgatly öwrenmeli. Şonda Ýehowanyň bize gerekli kömegi berjekdigine doly ynanyp bileris. w18.07 sah. 12, abz. 1, 2

2-nji iýul, penşenbe

Ogul sizi azat etse, hakyky azatlyga çykarsyňyz (Ýah. 8:36).

Isa azatlyk barada aýdanda, adamlaryň günäniň gulçulygyndan, ýagny has uly gulçulykdan we ejir çekmekden azat boljakdyklaryny göz öňünde tutdy (Ýah. 8:34). Günä bizi diňe bir erbet işleri etmäge itermän, eýsem, dogry hasaplaýan ýa-da başarýan gowy işlerimizi etmäge päsgel berýär. Şol sebäpli biz günäniň gullary hasaplanýarys. Günä bolsa lapykeçlige, agyry-ünjä, horluk çekmeklige we ahyrynda ölüme eltýär (Rim. 6:23). Biz diňe günäniň gulçulygyndan doly azat bolanymyzda, Adam ata bilen How enäniňki ýaly hakyky erkinligi gazanyp bileris. Isanyň: «Meniň aýdýanlarymy berjaý etseňiz» diýen sözleri azat bolmak üçin belli bir talaplara eýermelidigini ýa-da çäkleri göz öňünde tutmalydygyny görkezýär (Ýah. 8:31). Biz Hudaýa bagyş edilen mesihçiler hökmünde öz isleglerimizden geçdik we Mesihiň taglymatlary boýunça ýaşamagy ýüregimize düwdük (Mat. 16:24). Isanyň wada edişi ýaly, onuň töleg gurbanyň peýdasyny doly görenimizde, hakykatdan-da azat bolarys. w18.04 sah. 7, abz. 14—16

3-nji iýul, anna

Adamyň ýüregini diňe sen bilýäň (2 Tar. 6:30).

Ýehowa gullukçylary hemişe dogry pikirlenmese-de, olaryň her biriniň duýgularyny göz öňünde tutýar. Geliň, Ýunus pygamber bilen bolan wakany ýadymyza salalyň. Ýehowa oňa ninewelilere çykaran hökümini yglan etmegi tabşyrýar. Emma halkyň toba edýändigini görüp, Ýehowa olary ýok etmek pikirinden el çekýär. Hudaýyň bu karary Ýunus pygambere ýaramady. Aýdan pygamberligi ýerine ýetmändigi üçin, onuň «gany depesine urdy». Ýehowa sabyrlylyk bilen Ýunus pygambere garaýşyny düzetmäge kömek etdi (Ýun. 3:10—4:11). Wagtyň geçmegi bilen, Ýunus nädogry garaýyşda bolandygyna düşündi we biziň peýdamyz üçin Ýehowanyň ylhamy bilen bu wakany jikme-jik ýazdy (Rim. 15:4). Ýehowanyň halkyna bolan garaýşy onuň gullukçylaryna duýgudaşlyk bildirýändigine ynamymyzy berkidýär. Ol biziň her birimiziň görýän görgülerimizi we çekýän kynçylyklarymyzy gaty gowy bilýär. Ol biziň çuň pikirlerimize, içki duýgularymyza we ýagdaýymyza gaty gowy düşünýär. Ýehowa biziň «döz gelip bilmejek synaglarymyza ýol bermez» (1 Kor. 10:13). Bu sözler bize, hakykatdanam, teselli berýär. w19.03 sah. 16, abz. 6, 7

4-nji iýul, şenbe

Ähli zat onuň öňünde açyk-aýdyňdyr, biz hem Hudaýyň öňünde jogap bermelidiris (Ýew. 4:13).

Musanyň kanunynda Ýehowanyň halkyna kazylyk etmek üçin bellenen ýaşululardan adalatly höküm çykarmak talap edilýärdi. Olar diňe bir ruhy meselelere däl-de, eýsem, adamyň hukugy we jenaýatçylyk bilen bagly ýagdaýlara hem seretmäge jogapkärdiler. Geliň, käbir mysallara seredeliň. Eger ysraýyl halkyndan bir adam kimdir birini öldürse, oňa dessine jeza berilmeýärdi. Ganhora ölüm jezasy berilmezden öň, galanyň ýaşululary bolan zatlary anyklamalydy (5 Mus. 19:2—7, 11—13). Şeýle-de ýaşulular emlägiň üstünde dawalaşmak ýa-da aýrylyşmak ýaly durmuşda ýüze çykýan köp meseleleri çözýärdiler (2 Mus. 21:35; 5 Mus. 22:13—19). Ýaşulular adalatly hereket edende we ysraýyllar Kanuna gulak asanda, bu hemmelere peýda getirýärdi. Iň esasy zat bolsa, Ýehowanyň ady şöhratlanýardy (3 Mus. 20:7, 8; Işa. 48:17, 18). Mundan görnüşi ýaly, Ýehowa durmuşymyzyň her bir ýagdaýy bilen gyzyklanýar. Ol biziň adalatly bolmagymyzy hem-de başgalara söýgi bilen garamagymyzy isleýär. Ýehowa hatda ýeke galan wagtymyz hem aýdýan we edýän zatlarymyza üns berýär. w19.02 sah. 23, abz. 16—18

5-nji iýul, ýekşenbe

Ol jebir çekmäge razy boldy, agzyny hem açmady (Işa. 53:7).

Kyn ýagdaýlarda pespäl bolmak kynrak bolup biler. Şonda biz adamlar bilen gödek gürleşip, sesimizi gataltmagymyz mümkin. Siziňem başyňyza şeýle ýagdaýlar düşen bolsa, Isanyň näme edendigini biliň. Isa ýer ýüzündäki ýaşaýşynyň soňky aýlarynda gaýgy-hasrat çekdi. Ol görgi görjekdigini we elhenç ölüm bilen jezalandyryljakdygyny bilýärdi (Ýah. 3:14, 15; Gal. 3:13). Ölümine birnäçe aý galanda, ol özüniň gaty hasrat çekýändigini aýdypdy (Luka 12:50). Ölüminden birnäçe gün öň bolsa, Isa: «Men gam-gussa batýaryn» diýdi. Ýöne onuň kiçigöwünlidigi we Hudaýa gulak asýandygy doga edişinden görünýär (Ýah. 12:27, 28). Isanyň ölmeli wagty gelende, ol özüni mertlik bilen duşmanlarynyň eline berip, iň agyryly hem kemsidiji ölüm bilen öldi. Isany ne gaýgy-alada, ne-de hasrat Hudaýyň islegini ýerine ýetirmekden saklap bildi. Dogrudan-da, Isa iň agyr pursatda-da pespäl bolmakda gowy görelde galdyrdy! (Işa. 53:10). w19.02 sah. 11, abz. 14, 15

6-njy iýul, duşenbe

Geliň, biri-birimize ünsli bolup, birek-biregi söýmäge we ýagşy işleri etmäge höweslendireliň (Ýew. 10:24).

Bize-de kyn ýagdaýlarda ýygnaga yzygiderli barar ýaly, batyrgaýlyk gerek bolýar. Käbir dogan-uýalar gaýgy-aladadan, göwnüçökgünlikden ýa-da keselçilikden ejir çekseler-de, ýygnakdan galmaýarlar. Beýlekiler bolsa, maşgala agzalary ýa-da hökümet tarapyndan güýçli garşylyklara uçrasa-da, batyrgaýlyk bilen ýygnaga barýarlar. Biziň batyrgaýlyk babatda görkezýän göreldämiz imany üçin türmede oturan dogan-uýalarymyza nähili täsir edýändigi hakda oýlanyp görüň (Ýew. 13:3). Garşylyklara garamazdan, biziň Ýehowa wepaly gulluk edýändigimizi eşidenlerinde, olaryň imany, batyrgaýlygy we aýypsyz galmak islegi hasam berkeýär. Pawlus Rimde tussaglykdaka, imandaşlarynyň Hudaýa wepaly gulluk edýändiklerini eşidende, begenjiniň çägi bolmady (Flp. 1:3—5, 12—14). Ol tussaglykdaka ýa-da boşadylanyndan biraz wagt geçende, ýewreý mesihçilere hat ýazýar. Ol şol hatynda wepaly imandaşlaryny «ýygnaklardan galmagy endik edinmeli» däldigini ündeýär (Ýew. 10:25). w19.01 sah. 28, abz. 9

7-nji iýul, sişenbe

Bütin dünýä bolsa Şeýtanyň golastynda (1 Ýah. 5:19).

Ýehowanyň kada-kanunlaryny äsgermezlik edýän we diňe özüni bilýän Şeýtan bizi-de özüne meňzedesi gelýär. Ol özüniň azdyran adamlary bilen gatnaşmagymyzy isleýär. Biz pikirimizi, hereketlerimizi «bozýan» erbet adamlar bilen gatnaşyk etmeli däldigimizi bilsek-de, Şeýtan olar bilen gatnaşyp, wagtymyzy hoş geçirmekligi saýlarys diýip tama edýär (1 Kor. 15:33). Mundan başga-da, Şeýtan ýüregimizi zaýalamak üçin, bizi Ýehowanyň pikirine däl-de, ynsan akyldarlygyna bil baglatdyrjak bolýar (Kol. 2:8). Geliň, onuň ulanýan bir usulyna seredeliň. Ol durmuşda bagtly bolmagyň açary — baý bolmak diýen pikiri öňe sürýär. Muňa ynanýan adamlar baýap hem biler, baýamanam. Nähili bolaýanda-da, bu örän howply. Näme üçin? Sebäbi adam köpräk pul gazanjak bolup, saglygyndan, maşgalasyndan, hatda durmuşda iň wajyp zatlaryň biri bolan Hudaý bilen dostlukly gatnaşygyndanam geçýär (1 Tim. 6:10). Biz gökdäki akyldar Atamyzyň pula dogry garaýyşda bolmagy öwredýändigine diýseň minnetdar (Nes. 7:12; Luka 12:15). w19.01 sah. 15, abz. 6; sah. 17, abz. 9

8-nji iýul, çarşenbe

Berekella, wepaly hem ýagşy gul! Sen az zatda wepaly bolduň, şonuň üçin saňa köp zady ynanaryn. Gel, meniň şatlygyma goşul (Mat. 25:21).

Ýehowanyň Ogly ýer ýüzüne gelip, başgalary ruhlandyrmakda kämil görelde galdyrdy. Emma Ýehowanyň wepaly gullukçylary ondan öňem birek-biregi ruhlandyrmagyň zerurdygyna düşünýärdiler. Mysal üçin, aşurlylar howp salanda, Hizkiýa patyşa goşun serkerdelerini we halkyň ýaşulularyny ruhlandyrmak üçin ýygnaýar. Mukaddes Kitapda: «(Onuň) sözlerini eşidip, halk ruhlandy» diýilýär (2 Tar. 32:6—8). Eýýup pygamberiň özi tesellä mätäç bolsa-da, üç sany «derdine dert goşan» dostlaryna ruhlandyrmak babatda maslahat berýär. Olaryň ýerine bolsa Eýýup şeýle sözleri aýtjakdygyny belläp geçýär: «sizi ruhlandyrardym, dilim bilen göwünlik berip, derdiňizi ýeňlederdim» (Eýp. 16:1—5). Eýýup pygamberi Alyhuw bilen Ýehowanyň hut özi ruhlandyrdy (Eýp. 33:24, 25; 36:1, 11; 42:7, 10). w18.04 sah. 16, abz. 6; sah. 17, abz. 8, 9

9-njy iýul, penşenbe

Men saňa güýç bererin, kömek ederin (Işa. 41:10).

Işaýa pygamber eýýäm Ýehowanyň öz halkyna nädip güýç berýändigi barada şeýle diýipdi: «Güýç-kuwwatly Ýehowa geler, goly hökümdarlyk eder» (Işa. 40:10). Mukaddes Kitapda «gol» diýen söz köplenç güýji görkezmek üçin ulanylýar. Şeýlelikde, Ýehowanyň gudratly goly diýlende, onuň örän güýçli Patyşadygyny ýatladýar. Ol geçmişde gullukçylaryny goldamak we olary goramak üçin çäksiz güýjüni ulanypdy. Ol şu günlerem özüne bil baglaýan adamlary berkidip, goramak üçin şol güýjüni ulanýar (5 Mus. 1:30, 31; Işa. 43:10). Esasan-da, duşmanlarymyz bizi yzarlanda, Ýehowa «size güýç bererin» diýen wadasyny berjaý edýär. Şu günler käbir ýurtlarda duşmanlar wagyz işimizi togtatmak ýa-da guramamyzy kanun taýdan gadagan etmek üçin elinde baryny edýärler. Ýöne, her näme bolaýanda-da, biz şeýle hüjümlere garamazdan, howsala düşmeýäris. Ýehowa bizi güýçlendirip, berkitjekdigine söz berýär. Ol: «Saňa garşy ýasalan ýarag derde ýaramaz» diýdi (Işa. 54:17). w19.01 sah. 5, 6, abz. 12, 13

10-njy iýul, anna

Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünýän adamlar bagtlydyr (Mat. 5:3).

Haýwanlardan tapawutlylykda, biziň ruhy zerurlygymyz bar. Muny bolsa diňe Ýaradyjymyz kanagatlandyryp bilýär (Mat. 4:4). Eger siz oňa höwes bilen gulak assaňyz, düşünje we akyldarlyk gazanarsyňyz hem-de bagtly bolarsyňyz. Hudaý öz Sözi hem-de «wepaly we paýhasly hyzmatkäriň» taýýarlaýan ruhy iýmiti arkaly siziň ruhy taýdan aladaňyzy edýär (Mat. 24:45). Bu ruhy iýmit dürli-dürli we bolluk bilen berilýär (Işa. 65:13, 14). Hudaýyň berýän ruhy iýmiti size akyldar bolmaga we pikirlenmek ukybyňyzy ösdürmäge kömek eder. Bu bolsa sizi köp kynçylyklardan gorar (Nak. 2:10—14). Meselem, bu size «Ýaradyjy ýok» diýen ýaly taglymatlaryň ýalandygyna düşünmäge kömek edýär. Şeýle-de «bagtly bolmak üçin puluň ýa-da emlägiň köp bolmaly» diýen ýalan pikirden goraýar. Mundan başga-da erbet höweslerden we özüňi bilmeklik ruhundan gaça durmaga kömek edýär. Şonuň üçin akyldarlygy we düşünjäni agtarmagyňyzy dowam ediň; olara gymmatly hazyna ýaly garaň! w18.12 sah. 20, abz. 6, 7

11-nji iýul, şenbe

Halkymyň ömri daragtyňky deý uzak bolar (Işa. 65:22).

Eýsem, «ömrümiziň daragtyňky deý uzak boljak» wagty gelermi? Käbir agaçlar müňlerçe ýyl ýaşaýar. Şeýle uzak ömür sürmek üçin, adamlar tut ýaly sagdyn bolmaly. Eger ýehudylar Işaýanyň pygamberliginde agzalýan şertlerde ýaşan bolsa, onda olaryň Jennetde ýaşamak baradaky arzuwy amala aşdygy bolardy. Emma bu pygamberlik indi ýerine ýetmeli. Ýokarda agzalan Hudaýyň wadalarynyň gelejekde Jennetde nädip ýerine ýetjekdigi hakda oýlanyp görüň: Bütin ýer ýüzünde ýaşaýan adamlar Hudaýyň patasyny alar; hiç kim wagşy haýwanlaryň ýa-da zalym adamlaryň elinden görgi görmez; körleriň gözi, kerleriň gulagy açylar, agsak adamlar sagalar. Adamlar özleri üçin öý gurarlar we zähmetiniň hözürini görüp ýaşarlar. Olaryň ömri agaçlaryňkydan hem uzak bolar. Mukaddes Kitapdan bize gowy gelejegiň garaşýandygyny bildik. Emma käbir adamlar şol pygamberlikleriň ýerine ýetjekdigine esas ýok diýmegi mümkin. Ýer ýüzünde boljak Jennete sabyrsyzlyk bilen garaşmaga nähili esas bar? Ýer ýüzünde ýaşan iň beýik ynsanyň aýdan sözleri bu soraglara jogap tapmaga kömek edýär (Luka 23:43). w18.12 sah. 5, abz. 13—15

12-nji iýul, ýekşenbe

Pikiriňizi we häsiýetiňizi üýtgediň (Rim. 12:2)

Biziň aňymyz maglumaty çalt kabul edip, pikirimiz aňsatlyk bilen üýtgäp bilýär. Köplenç muňa aňymyza salýan we saýlaýan zatlarymyz belli bir derejede täsir edýär. Ýehowanyň pikirlenişi ýaly pikirlensek ýa-da onuň garaýşynyň aňymyza täsir etmegine ýol bersek, onuň pikiriniň dogrudygyny görkezeris. Bu bolsa biziň pikirimizi Hudaýyňka laýyk getirmek islegimizi artdyrar. Emma üns beren bolsaňyz, pikirimizi Ýehowanyň pikirine laýyk getirmek üçin, «dünýäniň işlerine eýermegimizi bes etmeli». Biz Hudaýyň pikirine garşy gelýän garaýyşlaryň ýa-da düşünjeleriň pikirimizi ýesir almagyna ýol bermeli däl. Munuň wajypdygyna düşünmek üçin bir mysala seredeliň. Eger adam sagdyn bolmak islese, ýokumly iýmitleri iýmeli. Ýöne şol bir wagtyň özünde ol zyýanly iýmitlerden hem yzygider iýmitlenip dursa, munuň näme peýdasy bolar? Edil şonuň ýaly, biz dünýäniň garaýşynyň pikirimizi zaýalamagyna ýol bersek, Ýehowanyň pikirine eýermek üçin edýän tagallamyz biderek bolar. w18.11 sah. 21, abz. 14, 15

13-nji iýul, duşenbe

Berk durup, biliňize hakykat guşagyny daňyň (Efes. 6:14).

Biz her gün hakykat boýunça ýaşamagy berk ýüregimize düwmeli. Munuň üçin bilimizi hakykat guşagy bilen guşamaly. Guşak esgere söweş meýdanynda özüni ykjam duýmaga kömek edýärdi we bilini goraýardy. Emma esger bilini gorap biler ýaly guşagy berk guşamalydy. Eger ol gowşak bolsa, onuň peýdasy azdy. Eýsem, hakykat guşagymyz bizi nädip goraýar? Eger biz hakykaty edil guşak ýaly bilimize dakynsak, ol bizi erbet pikirlerden gorar we paýhasly karara gelmäge kömek eder. Synaga düşenimizde ýa-da kynçylyga uçranymyzda, Mukaddes Kitapdaky hakykat dogry işleri etmäge güýç berer. Esgeriň söweşe guşaksyz çykmaýşy ýaly, bizem hakykat guşagymyzy bilimizden aýyrmazlygy ýa-da ony gowşatmazlygy berk ýüregimize düwmeli. Biz hakykat boýunça ýaşap, göçme manyda ony bilimize dakmaly. w18.11 sah. 12, abz. 15

14-nji iýul, sişenbe

Hakykaty satyn al, asla satma (Nak. 23:23).

Biz Hudaýyň Sözündäki hakykaty edinmek üçin tagalla etmeli. Ony edinip biler ýaly, islendik zatdan geçmäge taýyn bolmaly. Nakyllar kitabyndan görnüşi ýaly, biz hakykaty «satyn alanymyzdan» soň, ony «satmakdan» ýa-da ýitirmekden seresap bolmaly. Hatda käte mugtuna berilýän zatlary almak üçinem tagalla etmeli bolýar. Nakyllar 23:23-däki «satyn almak» diýip terjime edilen ýewreý sözi «edinmek» diýen manyny hem berýär. Bu iki söz gymmatly bir zady almak üçin tagalla etmelidigini ýa-da nämedir bir zatdan geçmelidigini görkezýär. Hakykaty satyn almagyň näme aňladýandygyna düşünmek üçin bir mysala seredeliň. Aýdaly, dükanlaryň birinde «Mugtuna banan bar» diýen ýazgy goýlupdyr. Şol bananlar mugt berilse-de, olar öz-özünden öýümize gelýärmi? Elbetde, ýok. Biz ony dükandan alyp gaýtmak üçin tagalla etmeli bolýarys. Edil şonuň ýaly, hakykaty satyn almak üçin pul tölemesek-de, ony edinmek üçin tagalla etmeli. w18.11 sah. 4, abz. 4, 5

15-nji iýul, çarşenbe

Ýüzi Gün ýaly şöhle saçýardy, egin-eşigi bolsa göwher daşy kimin öwşün atýardy (Mat. 17:2).

Isa Petrusy, Ýakuby we Ýahýany alyp, bir beýik daga çykýar. Şonda resullar täsin bir görnüş görýär. Isanyň ýüzi Gün kimin şöhle saçýardy, egin-eşigi bolsa öwşün atýardy. Soňra Musa bilen Ylýas peýda bolup, Isa bilen gepleşip başlaýar. Olar Isa tizden öldürilip, soňra direldiljekdigini aýdýar (Luka 9:29—32). Soňra olary bir ak bulut gurşap alýar we olar gökden Hudaýyň sesini eşidýärler. Bu görnüş Isanyň Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy hökmünde gelejekki şöhratyny we güýjüni aýan edýärdi. Mesih görgi görmelidi we sütemli ölüme döz gelmelidi. Şol sebäpli bu görnüş Isany gürrüňsiz ruhlandyran bolmaly. Şeýle-de görnüş şägirtleriň imanyny berkitdi we olary gelejekde duş geljek synaglaryna hem-de öňündäki etmeli ägirt uly işine taýýarlady. Bu wakadan takmynan 30 ýyl geçende, Petrus resul şol görnüş barada aýdyp, gözi bilen gören zatlarynyň henizem ýadyndadygyny görkezdi (2 Pet. 1:16—18). w19.03 sah. 10, abz. 7, 8

16-njy iýul, penşenbe

Biz ähli ýagdaýda Hudaýyň gullukçylary hökmünde tanalmak isleýäris... ýalan sözlemeýäris (2 Kor. 6:4, 7).

Hakyky mesihçileri ýalan dine uýýan adamlardan tapawutlandyrýan zatlaryň biri näme? Biz «hakykaty aýdýarys» (Zek. 8:16, 17). Biz nätanyş adamlara, işdeşlerimize, dost-ýarlarymyza we ýakynlarymyza uly ýa kiçi bolsun, ähli zatda hakykaty aýdýarys. Aýdaly, sen deň-duşlaryňa ýaranmak isleýärsiň. Ýöne sen käbir ýaşlar ýaly ikiýüzli durmuş alyp barmaga iterýän işe hiç haçan baş goşmaly däldigiňi unutma. Olar maşgala agzalarynyň ýa-da ýygnakdaky imandaşlarynyň ýanynda özlerini dogruçyl, ýöne deň-duşlarynyň ýanynda we sosial ulgamlaryny ulananda, başgaça alyp barýarlar. Şeýdip, olar ene-atasyna, imandaşlaryna we Hudaýa garşy ýalan sözleýärler (Zeb. 26:4, 5). Biz Ýehowa «diňe dilimizde sarpa goýup, emma ýüregimiz (Ondan) uzaklaşanda», ol muny bilýär (Mar. 7:6). Şonuň üçin Mukaddes Kitapdaky: «Günäkärlere gözüň gitmesin, hemişe Ýehowadan gorkup ýaşa» diýen maslahata eýermek örän wajyp (Nak. 23:17). w18.10 sah. 9, abz. 14, 15

17-nji iýul, anna

Hudaý söýgüdir. Hudaýa bolan söýgüsini sowatmaýan adam onuň tarapyndadyr, Hudaý hem onuň tarapyndadyr (1 Ýah. 4:16).

Hudaýyň halky bir maşgala ýaly agzybir ýaşaýar we bir-birine bolan söýgüsi bilen tanalýar (1 Ýah. 4:21). Olar imandaşlary üçin bar zadyndan geçmäge taýyn. Emma olaryň biri-birine bolan söýgüsi hatda kiçi zatlardan, meselem, aýdýan sözlerinden we edýän işlerinden görünýär. Biz başgalara mähirli bolup, aladasyny edenimizde, «söýgüli çagalar kimin Hudaýdan görelde alýarys» (Efes. 5:1). Isa Atasynyň göreldesine kämil derejede eýerýärdi. Ol: «Eý ýadaw we agyr ýükli adamlar! Meniň ýanyma geliň, men sizi ruhlandyraýyn. Men ýumşak we pesgöwünlidirin» diýdi (Mat. 11:28, 29). Biz Isanyň göreldesine eýerip, «ejizleri goldasak», gökdäki Atamyzyň razylygyny gazanarys we köp şatlyk taparys (Zeb. 41:1). Geliň, biz hem maşgalada, ýygnakda we wagyzda adamlaryň nädip aladasyny edip biljekdigimiz hakda oýlanalyň. w18.09 sah. 28, abz. 1, 2

18-nji iýul, şenbe

Biz Hudaýyň işdeşleri (1 Kor. 3:9).

Betbagtçylyk bolanda, Hudaýyň gullukçylarynyň imandaşlaryna dürli ýollar bilen kömek edip, Ýehowa bilen işleşmäge mümkinçiligi bolýar. Meselem, olar betbagtçylyga uçran imandaşlaryna pul kömegini berýärler (Ýah. 13:34, 35; Res. 11:27—30). Şeýle-de olar betbagtçylyk bolan ýerlerde dogan-uýalaryň öýlerini dikeltmäge we arassalamaga kömek edýärler. Polşada ýaşaýan Gabriýela atly uýamyzyň tupan sebäpli öýi weýran bolýar. Goňşy ýygnaklardaky doganlar kömek etmäge gelende, ol juda begenýär. Uýamyz şeýle ýatlaýar: «Men ýitiren zatlarym hakda gürrüň etmek islemeýärin. Sebäbi olar ýöne bir maddy zatlar. Muňa derek men alan bereketlerim hakda aýdasym gelýär. Bu waka maňa hakyky şatlygyň hem bagtyň gözbaşy bolan mesihçiler ýygnagynyň agzasy bolmagyň uly hormatdygyny ýatlatdy». Betbagtçylyk bolan ýerlerde şeýle kömegi alan dogan-uýalaryň köpüsi onuň aýdanlary bilen razylaşýar. Dogrudan-da, Ýehowa bilen işleşýän adamlar özlerini bagtly duýýarlar we kanagat tapýarlar (Res. 20:35; 2 Kor. 9:6, 7). w18.08 sah. 26, abz. 12

19-njy iýul, ýekşenbe

Ýüregiňi gora (Nak. 4:23).

Eger biz ýüregimizi gorap saklamak islesek, onda howply ýagdaýlary öňünden görüp, derrew hereket ederis. «Gora» diýen söz garawulyň işini ýadymyza salýar. Süleýman patyşanyň günlerinde garawullar şäheriň diwarynyň ýokarsynda durup, ýaşaýjylara abanýan howp barada duýdurýardylar. Bu bize Şeýtan pikirimizi zäherlemez ýaly, näme etmelidigimize düşünmäge kömek edýär. Gadymy döwürde garawullar derwezebanlar bilen ýakyndan işleşýärdi (2 Şam. 18:24—26). Şeýdip, olar duşman gelen wagty şäheriň derwezeleriniň ýapyk durmagyna gözegçilik edýärdi (Neh. 7:1—3). Mukaddes Kitaba görä terbiýelenen ynsabymyz edil garawul ýaly, Şeýtanyň ýüregimizi eýelejek bolýandygyny, ýagny pikirimize, duýgymyza we isleg-arzuwymyza täsir etjek bolýandygyny öňünden duýdurýar. Ynsabymyz duýduryş berende, biz oňa gulak asmaly we göçme manydaky derwezämizi ýapmaly, ýagny howpdan goranmaly. w19.01 sah. 17, abz. 10, 11

20-nji iýul, duşenbe

Eger olary hiç kim ýazgarmasa, hyzmatçy bolup gulluk etsin (1 Tim. 3:10).

Biz ýaş doganlara öz garaýşymyza ýa-da medeniýetimize görä däl-de, Hudaýyň Sözündäki talaplara laýyk baha bermeli (2 Tim. 3:16, 17). Mukaddes Kitaba esaslanmadyk käbir garaýyşlar doganlary jogapkärli borja teklip etmekden saklap biler. Bir ýygnak hyzmatçysy birnäçe jogapkärli borçlary ýerine ýetirýärdi. Onuň ýygnagyndaky ýaşulular doganyň Mukaddes Kitapdaky talaplara laýyk gelýändigi bilen ylalaşsalar-da, ony ýaşuly bolmaga teklip etmeýärler. Käbir doganlar ony heniz ýaşuly bolup gulluk ederden has ýaş hasaplaýar. Gynansak-da, doganymyz diňe ýaş bolandygy üçin bu borja bellenilmeýär. Hasabatlardan görnüşi ýaly, dünýäniň dürli künjeginde hem köp doganlar şeýle garaýşa eýerýärler. Görşümiz ýaly, Mukaddes Kitabyň görkezmesine eýermek örän wajyp. Şonda biz Isanyň «adamyň daş keşbine seredip höküm çykarmaň» diýen maslahatyna eýereris (Ýah. 7:24). w18.08 sah. 12, abz. 16, 17

21-nji iýul, sişenbe

Diňlemän jogap bermek akmaklyk hem utançdyr (Nak. 18:13).

Kimdir birine oýlanman, internet ýa-da SMS arkaly bir maglumaty ugratmagyň başga bir howply tarapy hem bar. Meselem, wagyz işimiz çäklendirilen ýa-da gadagan edilen ýurtlarda duşmanlar dogan-uýalarymyzy gorkuzmak we olaryň biri-birine ynamyny gowşatmak üçin ýalan-ýaşryk zatlary ýaýradýarlar. Geliň, öňki Sowet Soýuzy döwründe bolan bir waka seredeliň. KGB diýip tanalýan gizlin polisiýa işgärleri käbir jogapkär doganlaryň Ýehowanyň halkyna dönüklik edendigi barada myş-myş ýaýradýar. Gynansak-da, köp dogan-uýalar bu ýalana ynanyp, Ýehowanyň guramasyny terk etdiler. Emma wagtyň geçmegi bilen, olaryň köpüsi yzyna dolandy. Ýöne käbirleri imanynyň dargamagyna ýol berip, yzlaryna dolanmadylar (1 Tim. 1:19). Biz şeýle elhenç ýagdaýdan nädip gaça durup bileris? Erbet ýa-da dogrudygy anyklanmadyk bir maglumaty ýaýratmakdan gaça duruň. Ynanjaň hem sada bolmaň. Görýän we eşidýän zatlaryňyzyň dogrudygyna doly göz ýetiriň. w18.08 sah. 4, abz. 8

22-nji iýul, çarşenbe

Saňa söz berýärin, meniň bilen Jennetde bolarsyň (Luka 23:43).

Gadymy döwürdäki grek golýazmalarynda otur belgisi gerekli ýerde goýulmandyr. Şunuň bilen bagly şeýle sorag ýüze çykýar: «Isa „men saňa dogrusyny aýdýaryn, şu gün sen meniň bilen bile Jennetde bolarsyň“ diýdimi ýa-da „şu gün saňa dogrusyny aýdýaryn, sen meniň bilen bile Jennetde bolarsyň“ diýjek boldumy?» Şondan biraz wagt öň, Isanyň şägirtlerine näme diýendigini ýadymyza salalyň. Ol: «Ynsan ogly-da üç gije-gündiz mazaryň içinde bolar» diýdi (Mat. 12:40; 16:21; 17:22, 23; Mar. 10:34; Res. 10:39, 40). Diýmek, Isa we ýanyndaky jenaýatçy ölende, Jennete düşmediler. Hudaý direldýänçä, Isa Gabyrda (ýa-da Gadesde) boldy (Res. 2:31, 32). Şol jenaýatçy Isanyň wepaly resullary bilen gökdäki Patyşalykda höküm sürmek üçin äht baglaşandygyny bilmeýärdi (Luka 22:29). Sebäbi ol suwa hem çümdürilmändi (Ýah. 3:3—6, 12). Diýmek, Isa oňa wada berende, ýer ýüzünde boljak Jenneti göz öňünde tutdy. w18.12 sah. 6, abz. 17, 18, 20, 21

23-nji iýul, penşenbe

Hany bol, bize ýol görkezer ýaly, hudaý ýasa. Bizi Müsürden çykaran Musa diýen adama-ha näme bolanyny bilemizok (2 Mus. 32:1).

Ysraýyl halky altyn gölä sežde edip başlaýar. Şeýle akylsyz hereket edendiklerine garamazdan, ysraýyllar özüni Ýehowanyň tarapynda hasaplaýardy. Hatda Harun hem: «Ertir Ýehowanyň şanyna baýram ederis!» diýýär. Ýöne Ýehowa muňa nähili garady? Ol özüne biwepalyk edilen ýaly duýdy. Şonuň üçin Ýehowa Musa pygambere: «Müsürden çykaran halkyň ýamanlyga ýüz urdy. Olar meniň öwreden ýolumdan çalt çykdylar» diýdi. Ýehowa hatda «gahary gelip», tutuş ysraýyl halkyny ýok etjek boldy (2 Mus. 32:5—10). Ýehowa rehimdar Hudaý bolandygy üçin ysraýyllary ýok etmeýär (2 Mus. 32:14). Harun altyn göläni ýasasa-da, toba edýär we Ýehowanyň tarapyna geçen lewilere goşulýar. Emma buta sežde edendikleri üçin müňlerçe adam heläk bolýar. Ýehowanyň tarapyna geçen adamlar bolsa bereket alýar (2 Mus. 32:26—29). w18.07 sah. 20, abz. 13—16

24-nji iýul, anna

Kanunçylardan seresap boluň. Olar... bazarlarda adamlaryň hormat bilen salam bermeklerini isleýärler... myhmançylykda törde oturmagy halaýarlar (Luka 20:46).

Kimiň göwnünden turmak wajyp we biz näme üçin muňa ymtylmaly? Şu günler köp adamlar ylym, söwda ýa-da sport pudagynda meşhurlyk gazanyp, başgalara ýaranjak bolýarlar. Emma Pawlus resulyň bu hakda näme diýendigine üns beriň: «Siz Hudaýy tanadyňyz, has dogrusy, Hudaý sizi tanady. Onda siz näme üçin yzyňyza dolanyp, dünýäniň biderek işlerini edýärsiňiz?» (Gal. 4:9). Dogrudan-da, bütin älem-jahanyň Eýesiniň «seni tanamagy» örän uly hormat! Ýehowa bizi söýýär we özi bilen ýakyn dostlukly gatnaşykda bolmagymyzy isleýär. Bir alymyň aýtmagyna görä, «ol bizi mähir bilen synlaýar». Biz Ýehowanyň dosty bolanymyzda, aslynda, näme maksat bilen ýaradylandygymyza has gowy düşünýäris (Nes. 12:13, 14). w18.07 sah. 7, 8, abz. 3, 4

25-nji iýul, şenbe

Öwüt-ündewiň hakda oýlanýaryn (Zeb. 119:99).

Hudaýyň kanunlary bize peýda berer ýaly, olara bolan söýgimizi ösdürmeli we olary gymmat saýmaly (Amos 5:15). Ýöne biz muny nädip edip bileris? Munuň üçin, ilki bilen, ähli zada Ýehowanyň garaýşy ýaly garamagy öwrenmeli. Aýdaly, siz gijesine gowy ýatyp bilmeýärsiňiz. Lukman size berhiz tutmagy, maşk etmegi we başga-da käbir özgerişleri etmegi maslahat berýär. Siz onuň maslahatyna eýereniňizde, munuň peýda berýändigine göz ýetirýärsiňiz. Elbetde, siz munuň üçin lukmana ýürekden minnetdar bolsaňyz gerek. Şonuň ýaly, Ýaradyjymyz günäniň ýetirýän zyýanyndan goramak we bagtly ýaşamagymyz üçin bize kanunlaryny berdi. Mukaddes Kitapdaky ýalan sözlemek, ýamanlyk etmek, ogrulyk, ahlaksyzlyk, zorluk we jadygöýlik bilen bagly kanunlaryň peýdasy hakda oýlanyp görüň (Nak. 6:16—19; Ylh. 21:8). Ýehowanyň islegine laýyk hereket edenimizde, bol bereket alýarys. Bu bolsa Ýehowa we onuň kada-kanunlaryna bolan söýgimizi hem-de minnetdarlygymyzy artdyrýar. w18.06 sah. 17, abz. 5, 6

26-njy iýul, ýekşenbe

Sen ýehudylaryň Patyşasymy? (Ýah. 18:33).

Pilatus Isa gozgalaň turzar öýdüp gorkan bolmaly. Sebäbi ol öz hökümdarlygynyň aladasyny edýärdi. Emma Isa oňa: «Meniň Patyşalygym şu dünýäden däl» diýýär (Ýah. 18:36). Dogrudan-da, Isa syýasata goşulmaýardy, sebäbi ol gökde patyşa bolmalydy. Isa Pilatusa ýer ýüzüne «hakykaty wagyz etmek üçin» gelendigini aýdýar (Ýah. 18:37). Isa ýaly bizem öz borjumyza aýdyň düşünsek, hatda pikirimizde-de garaşsyz bolmak ugrunda edilýän syýasy işleri goldamarys. Elbetde, bu aňsat däl. Bir etrap gözegçisi şeýle diýýär: «Ýaşaýan ýerimizde syýasata garşy çykýan adamlar gitdigiçe köpelýär. Milletparazlyk ruhy şeýle bir güýçli welin, adamlar özbaşdak ýaşasalar, durmuşynyň has gowulanjakdygyna ynanýarlar. Bütin dünýädäki doganlarymyz bolsa, Hudaýyň kömegi bilen hoş habary wagyz edip, agzybirligimizi saklaýarlar. Olar adalatsyzlygy we başga kynçylyklary Hudaýyň çözjekdigine umyt edýärler». w18.06 sah. 4, 5, abz. 6, 7

27-nji iýul, duşenbe

Iblise garşy duruň, şonda ol sizden gaçar (Ýak. 4:7).

Şeýtan barada Ýewreý ýazgylarynyň bary-ýogy üç kitabynda, ýagny 1 Taryh, Eýýup we Zekerýa kitaplarynda agzalýar we onuň ady «Duşman» diýmegi aňladýar. Eýsem, wada edilen Mesih gelýänçä, duşmanymyz barada näme üçin köp zat aýdylmadyka? Aslynda, Ýehowa Ýewreý ýazgylarynyň köp ýerinde Şeýtan we onuň edýän işleri hakda gürrüň berip, oňa çendenaşa ünsümizi çekmek islemedik bolmaly. Ýehowanyň Mukaddes Kitaby ýazdyrmagynyň esasy maksady Mesihiň kimdigini aýan etmek we Hudaýy söýýän adamlary Ogluna ýakynlaşdyrmakdy (Luka 24:44; Gal. 3:24). Mesih gelip, Hudaýyň bu maksady amala aşanda, Ýehowa Ogly we onuň şägirtleri arkaly Şeýtan hem-de onuň tarapyna geçen perişdeler barada bilmeli zatlarymyzyň köpüsini aýan etdi. Bu örän ýerlikli, sebäbi Ýehowa Şeýtany we onuň tarapdarlaryny Isa hem-de onuň mesh edilen doganlary arkaly ýok eder (Rim. 16:20; Ylh. 17:14; 20:10). Iblisiň güýji çäkli. Ýehowa, Isa we wepaly perişdeler biziň tarapymyzda. Olaryň kömegi bilen, biz duşmanymyza gaýtawul berip bileris. w18.05 sah. 22, 23, abz. 2—4

28-nji iýul, sişenbe

Ol mendäki miwe bermeýän şahany kesip taşlaýar (Ýah. 15:2).

Biz diňe miwe berenimizde, Ýehowa bizi öz gullukçysy hasaplaýar (Mat. 13:23; 21:43). Şägirt taýýarlamak hormatly iş bolsa-da, Ýahýa 15:1—5-nji aýatlardaky mysaldan görnüşi ýaly, her bir mesihçiniň miwe bermegi onuň täze şägirt taýýarlajakdygyny aňlatmaýar (Mat. 28:19). Şeýle ýagdaýda adamlaryň hoş habary känbir diňlemeýändigi üçin şägirt taýýarlap bilmeýän wepaly dogan-uýalar Isanyň mysalyndaky miwe bermeýän şahalar ýaly bolardy. Ýöne şeýle netijä gelmek nädogry bolar. Näme üçin? Sebäbi biz adamlary Mesihiň şägirdi bolmaga mejbur etmeýäris we bu Ýehowanyň söýgüsine garşy gelerdi. Ol gullukçylaryndan başarmaýan zadyny talap edip, soňra bolsa munuň üçin olary höküm etmeýär. Aslynda, Ýehowa hiç haçan bizden başarmaýan zadymyzy talap etmeýär (5 Mus. 30:11—14). Onda biziň getirmeli miwämiz näme? Mysaldaky miwe her birimiziň başarýan işimizi aňladýar. Bu haýsy iş? Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz etmek (Mat. 24:14). w18.05 sah. 14, abz. 8, 9

29-njy iýul, çarşenbe

Siziň ataňyz Iblis... ýalançy we ýalanyň atasy (Ýah. 8:44).

Şu günler bütin dünýäde özlerini ruhany, buthana gullukçysy we molla diýip atlandyrýan köp dini ýolbaşçylar bar. I asyrdaky dini ýolbaşçylar ýaly, olar hem adamlara Hudaýyň Sözündäki «hakykaty bilmäge päsgel berýärler». Sebäbi olar «Hudaýyň açan hakykatyna däl-de, ýalan zatlara ynandylar» (Rim. 1:18, 25). Olar dowzah ody, ölmeýän jan, adam ölensoň haýwana ýa başga adama öwrülýär diýen ýaly ýalan taglymatlary we Hudaý gomoseksuallaryň durmuşyny hem-de olaryň nikasyny makullaýar diýen nädogry düşünjäni öňe sürýär. Syýasy ýolbaşçylar hem adamlary ýalan wadalary bilen aldawa salýarlar. Adamlaryň «parahatlyk we howpsuzlyk» diýip yglan etmegi syýasy ýolbaşçylaryň ýaýradýan iň uly ýalanlarynyň biri bolar. Emma «olaryň üstlerine şol bada betbagtçylyk iner». Geliň, dünýädäki zatlaryň gowudygyna ynandyrmak üçin olaryň aýdýan sözlerine aldanmalyň! Sebäbi biz «Ýehowanyň gününiň ogrynyň gije gelşi ýaly geljekdigini» gowy bilýäris (1 Sel. 5:1—4). w18.10 sah. 7, 8, abz. 6—8

30-njy iýul, penşenbe

Ejizlere kömek ediň... Siz Halypamyz Isanyň: „Bermek almakdan has bagtly edýändir“ diýen sözlerini unutmaly dälsiňiz (Res. 20:35).

Isa Mesih mesh edilen doganlary we olary goldaýan başga goýunlardan bolan «hökümdarlar» arkaly göwni synyk we ruhdan düşen mesihçileri ruhlandyryp, öz wagtynda görkezme berýär. Bu şeýle-de bolmaly, sebäbi ýaşulular imanymyzyň üstünden agalyk etjek bolmaýarlar. Olar biziň işdeşlerimiz, Hudaýa şatlanyp gulluk etmegimizi isleýärler (Işa. 32:1, 2; 2 Kor. 1:24). Pawlus resul başgalary ruhlandyrmakda gaty gowy görelde galdyrdy. Ol Selanikdäki yzarlamalara uçran mesihçilere şeýle diýdi: «Biz sizi ýürekden söýýäris. Size diňe bir Hudaýyň hoş habaryny wagyz etmän, eýsem siziň üçin janymyzy bermäge-de taýyndyk» (1 Sel. 2:8). Pawlus resul başgalary berkitmek üçin ruhlandyryjy sözleri aýtmagyň hemişe ýeterlikli däldigini belläp, şu günki aýatdaky sözleri aýtdy. w18.04 sah. 21, 22, abz. 6—8

31-nji iýul, anna

Ýehowa ruhdur. Ýehowanyň mukaddes ruhuny alan adam azatdyr (2 Kor. 3:17).

Biz azatlykdan lezzet we peýda alar ýaly «Ýehowa dolanmaly», ýagny onuň bilen dostlaşmaly (2 Kor. 3:16). Ysraýyl halky çöldekä, Ýehowanyň olar bilen dostlaşmak üçin eden ruhy işlerini görüp bilmediler. Sebäbi olaryň ýüregi we aň-düşünjesi göçme manyda mata bilen örtülendi; Müsürden çykansoň, olar bar ünsüni göni manyda alan azatlygyna gönükdirdiler (Ýew. 3:8—10). Ýehowanyň ruhunyň berýän azatlygy göni manyda azat bolmakdan has köp zady aňladýar. Adamlaryň edýän tagallasyndan tapawutlylykda, Ýehowanyň ruhy günäniň we ölümiň gulçulygyndan, şol sanda ýalan dinden hem-de onuň işlerinden azat edýär (Rim. 6:23; 8:2). Gör, nähili ajaýyp azatlyk! Hatda tussag edilen ýa-da gulçulyga düşen adam hem şeýle azatlygyň berýän şatlygyny duýup bilýär (1 Mus. 39:20—23). w18.04 sah. 9, abz. 3—5

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş