Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es20 sah. 78—88
  • Awgust

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Awgust
  • Her günki aýady okalyň — 2020
  • Sözbaşylar
  • 1-nji awgust, şenbe
  • 2-nji awgust, ýekşenbe
  • 3-nji awgust, duşenbe
  • 4-nji awgust, sişenbe
  • 5-nji awgust, çarşenbe
  • 6-njy awgust, penşenbe
  • 7-nji awgust, anna
  • 8-nji awgust, şenbe
  • 9-njy awgust, ýekşenbe
  • 10-njy awgust, duşenbe
  • 11-nji awgust, sişenbe
  • 12-nji awgust, çarşenbe
  • 13-nji awgust, penşenbe
  • 14-nji awgust, anna
  • 15-nji awgust, şenbe
  • 16-njy awgust, ýekşenbe
  • 17-nji awgust, duşenbe
  • 18-nji awgust, sişenbe
  • 19-njy awgust, çarşenbe
  • 20-nji awgust, penşenbe
  • 21-nji awgust, anna
  • 22-nji awgust, şenbe
  • 23-nji awgust, ýekşenbe
  • 24-nji awgust, duşenbe
  • 25-nji awgust, sişenbe
  • 26-njy awgust, çarşenbe
  • 27-nji awgust, penşenbe
  • 28-nji awgust, anna
  • 29-njy awgust, şenbe
  • 30-njy awgust, ýekşenbe
  • 31-nji awgust, duşenbe
Her günki aýady okalyň — 2020
es20 sah. 78—88

Awgust

1-nji awgust, şenbe

Biz entek günälikäk, Mesih biziň üçin öldi. Şeýdip, Hudaý söýgüsini görkezdi (Rim. 5:8).

Duşuşyklara yzygider barmagymyz olaryň biziň üçin eden ýagşylyklaryny ýatladyp durýar. Şu zatlary bilip, biziň ýüregimiz minnetdarlykdan dolýar; şonuň üçinem biz her gün Isanyň göreldesine eýerjek bolup jan edýäris (2 Kor. 5:14, 15). Üstesine-de, Ýehowanyň biziň hatyramyza töleg gurbanyny berendigi üçin, onuň adyny beýgeltmek isleýäris. Muny etmegiň bir ýoly — ýygnak duşuşyklarynda jogap bermek. Biz käbir zatlarymyzdan geçip, Ýehowany we Ogluny güýçli söýýändigimizi görkezýäris. Ýygnaklara barmak üçin, köplenç köp zatlarymyzdan hem geçmeli bolýarys. Köp ýygnaklarda duşuşyklaryň biri iş günleri agşam geçirilýär. Belki, şonda köpümiz özümizi gaty ýadaw duýýandyrys. Beýleki duşuşyk bolsa, adamlaryň dynç alýan wagty, ýagny şenbe we ýekşenbe günleri geçirilýär. Eýsem, ýadaw bolsak-da, ýygnaklara galman gatnaýandygymyza Ýehowa nähili garaýar? Ol muny gaty gymmat saýýar! Başymyza düşýän kynçylyklar nähili agyr bolsa-da, Ýehowa bildirýän söýgimizi asla unutmaz (Mar. 12:41—44). w19.01 sah. 29, abz. 12, 13

2-nji awgust, ýekşenbe

Isanyň aýala ýüregi awady (Luka 7:13).

Isa adamlaryň duşýan kynçylyklarynyň käbirini başyndan geçirip gördi. Meselem, ol garyp maşgalada ulalan bolmaly. Isa atalygy Ýusup bilen bile işlänsoň, agyr zähmet çekmegiň nämedigini gowy bilýärdi (Mat. 13:55; Mar. 6:3). Şeýle-de ol ýakynyňy ýitirmegiň adama nähili agyr degýändigine gowy düşünýärdi. Sebäbi Ýusup Isa ýer ýüzündäki gullugyna başlamanka, aradan çykypdy. Mundan başga-da Isa dini ynançlary tapawutlanýan maşgalada ulalmagyň nämedigini gowy bilýärdi (Ýah. 7:5). Şu we başga-da ýagdaýlar oňa adamlaryň duýgularyna we kynçylyklaryna düşünmäge kömek etdi. Isanyň duýgudaşlygy, esasan-da, gudrat görkezende has aýdyň görünýärdi. Isa ýöne bir özüni borçly duýup däl-de, horluk çekýän adamlara «ýüregi awaýandygy» üçin gudrat görkezýärdi (Mat. 20:29—34; Mar. 1:40—42). Hawa, Isanyň adamlara haýpy gelýärdi we olara kömek etmek isleýärdi (Mar. 7:32—35; Luka 7:12—15). w19.03 sah. 16, abz. 10, 11

3-nji awgust, duşenbe

Sabyrly boluň (Kol. 3:13).

Isanyň ölüminiň soňky gijesidi. Şol gije Isanyň gaýgy-alada edişini göz öňüne getiriň. Ýöne ol soňuna çenli wepaly galarmy? Milliardlarça adamlaryň ýaşaýşy oňa baglydy (Rim. 5:18, 19). Iň wajyby hem, ol Atasynyň adyny şöhratlandyrmalydy (Eýp. 2:4). Isanyň dostlary bilen geçiren iň soňky agşam naharynda olar öz aralarynda «kimiň uludygy hakda uly dawa turuzdylar». Ýöne üns beriň, Isa gaharlanman, gaýtam, ýumşaklyk bilen düzediş berdi. Isa resullarynyň nähili garaýyşda bolmalydygyny mähir bilen, şol bir wagtyň özünde gönümel düşündirdi. Şeýle-de Isa soňky demine çenli özüni goldandyklary üçin olary öwdi (Luka 22:24—28; Ýah. 13:1—5, 12—15). Isadan görelde alyp, hatda gaýgy-hasrat çekeniňizde-de, özüňizi rahat alyp baryň. Eger biz sözlerimiz ýa-da hereketimiz bilen käte özümiziňem başgalary gaharlandyrýandygymyzy unutmasak, bu tabşyryga eýermek aňsat bolar (Nak. 12:18; Ýak. 3:2, 5). Başgalaryň gowy häsiýetlerini görjek boluň (Efes. 4:29). w19.02 sah. 11, 12, abz. 16, 17

4-nji awgust, sişenbe

Ýehowa... tagtyny adalatly höküm çykarmak üçin dikdi (Zeb. 9:7).

Musanyň kanuny adamy ýalan töhmetden goraýardy. Aýyplanýan adamyň özüne garşy kimiň töhmet atýandygyny bilmäge haky bardy (5 Mus. 19:16—19; 25:1). Ol adama höküm çykarylmazdan öň, onuň günäkärdigini ýa däldigi azyndan iki şaýat tarapyndan tassyklanmalydy (5 Mus. 17:6; 19:15). Eýsem ysraýyl halkyndan biriniň eden jenaýatyny diňe bir adam gören bolsa näme? Elbetde, ol eden etmişim üçin indi hiç hili jeza almaryn diýip, pikir edip bilmeýärdi. Sebäbi Ýehowa onuň nähili günä edendigini görýärdi. Ýehowa adalatly hereket etmekde kämil görelde görkezýär. Ol kada-kanunlaryna wepaly eýerýän adamlary sylaglaýar. Emma ygtyýaryny nädogry ulanýan adamlary jezasyz goýmaýar (2 Şam. 22:21—23; Hyz. 9:9, 10). Käbir adamlar erbet işleri edip, jeza almaýan ýaly bolup görünse-de, Ýehowa öz bellän wagtynda hereket eder we olara adalatly höküm çykarar (Nak. 28:13). Şeýle adamlar toba etmeseler, tizden «Biribaryň eline düşmegiň örän gorkunçdygyna» göz ýetirer (Ýew. 10:30, 31). w19.02 sah. 23, 24, abz. 20, 21

5-nji awgust, çarşenbe

Ysraýylda Musa ýaly Ýehowa bilen ýüzbe-ýüz gepleşen pygamber bolmady (5 Mus. 34:10).

Musa hemişe Ýehowadan görkezme agtarýardy. Onuň «göze görünmeýän Hudaýy görýän ýaly, imany berkdi» (Ýew. 11:24—27). Ysraýyllaryň Müsürden çykanyna bary-ýogy iki aý geçip-geçmänkä, wajyp mesele ýüze çykýar. Şol wagt olar heniz Sinaý dagyna hem ýetmändiler. Halk içer ýaly suw sorap, hüňňürdäp başlaýar. Olar Musa igenip başlanda, ýagdaý hasam kynlaşýar. Musa pygamber Ýehowa dady-perýat edip: «Men indi halky näme edeýin? Bu gidişine gitse, meni daşlap öldürjekler-ä!» diýýär (2 Mus. 17:4). Şonda Ýehowa oňa aýdyň görkezme berýär. Musa hasasyny alyp, Horepdäki gaýa uranda, ondan şaglap suw akyp başlaýar. Mukaddes Kitapda: «Musa ysraýyl ýaşulularynyň gözüniň alnynda şeýle etdi» diýilýär. Hawa, ysraýyllar suwdan ganýançalar içdiler. Şeýdip, kynçylyk çözüldi (2 Mus. 17:5, 6). w18.07 sah. 13, abz. 4, 5

6-njy awgust, penşenbe

Söýgi... berkidýär (1 Kor. 8:1).

Ýehowa ýygnak duşuşyklary arkaly hem bizi ruhlandyryp berkidýär. Her birimiz dogan-uýalary diňe bir ruhy taýdan däl-de, duýgy taýdan hem goldap, Hudaýyň söýgüsine söýgi bilen jogap berip bilýäris (1 Ýah. 4:19—21). Pawlus resul mesihçilere: «Häzir edişiňiz ýaly, mundan beýläk-de bir-biriňizi ruhlandyryň, birek-biregi berkidiň» diýip maslahat berdi (1 Sel. 5:11). Hawa, diňe ýygnak ýaşululary däl, biziň ählimiz hem Ýehowadan we Isadan görelde alyp, dogan-uýalary ruhlandyryp, berkidip bilýäris (Rim. 15:1, 2). Elbetde, duýgy taýdan ejir çekýän käbir dogan-uýalara lukmanyň kömegi gerek bolmagy mümkin (Luka 5:31). Ýygnak ýaşululary we beýleki dogan-uýalar lukmançylyk ugrundan tejribesiniň ýokdugyny pesgöwünlilik bilen boýun alýar. Emma olar «göwnüçökgünlere göwünlik berip, ejizleri goldap we hemmelere sabyrly bolup», imandaşlaryny berkitmekde wajyp orun tutýarlar (1 Sel. 5:14). w18.09 sah. 14, abz. 10, 11

7-nji awgust, anna

Howsala düşme, men seniň Hudaýyňdyryn (Işa. 41:10).

Ýehowany näçe gowy tanasak, şonça-da oňa köp bil baglarys. Hudaýy tanamagyň iň gowy usuly Mukaddes Kitaby ünsli okap, okan zatlarymyz hakda çuňňur oýlanmak. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň geçmişde halkyny gorandygy barada ruhlandyryjy wakalar bar. Şol wakalar onuň häzirem aladamyzy edýändigine ynamymyzy berkidýär. Geliň, Ýehowanyň bizi nädip goraýandygyny görkezmek üçin Işaýa pygamberiň ulanan ajaýyp deňeşdirmesine seredeliň. Ol Ýehowany çopana, Hudaýyň gullukçylaryny bolsa guzulara meňzedýär. Işaýa pygamber Ýehowa barada: «Ol... guzularyny bir ýere jemläp, gujagynda göterer» diýdi (Işa. 40:11). Biz Ýehowanyň güýçli gollary bilen bagryna basýandygyny duýanymyzda, özümizi rahat we onuň goragynda duýýarys. Siz kynçylyklara uçranyňyzda şu günki aýatdaky ruhlandyryjy sözler hakda oýlanyň. Şonda gelejekde nähili kynçylyga duçar bolsaňyz-da, olar size güýç berer. w19.01 sah. 7, abz. 17, 18

8-nji awgust, şenbe

Eý Hudaýym, islegiňi berjaý edip şatlanýaryn (Zeb. 40:8).

Siziň öňüňizde goýan bir ýa-da birnäçe ruhy maksatlaryňyz bardyr. Mümkin, siz Mukaddes Kitaby her gün okamagy maksat edinýänsiňiz. Ýa-da geplemek we öwretmek ukyplaryňyzy ösdürmek isleýänsiňiz. Nähili maksadyňyz bolsa-da, gowy netijesini göreniňizde ýa-da başgalar muny görüp, sizi öweninde, juda begenýän bolsaňyz gerek. Şonuň üçin siz mundan beýlägem öz tarapyňyzdan tagalla etmeli. Sebäbi siz Isadan görelde alyp, Hudaýyň islegini özüňiziňkiden ileri tutýarsyňyz (Nak. 27:11). Ünsüňizi ruhy maksatlara gönükdirseňiz, hakykatdan kanagat berýän işe gatnaşyp bilersiňiz. Sebäbi bu şeýle edeniňe degýär. Pawlus resul: «Berk we tutanýerli boluň, Halypamyzyň işinde elmydama köp zähmet çekiň. Sebäbi siz Halypamyzyň ugrunda çekýän zähmetiňiziň biderek däldigini bilýänsiňiz» diýip ýazdy (1 Kor. 15:58). Şu dünýäniň hödürleýän hatda iň gowy maksatlary we işleri hem ahyrynda biderek bolup galýar (Luka 9:25). w18.12 sah. 22, abz. 12, 13

9-njy awgust, ýekşenbe

Dogruçyl adam ýeri miras alar (Zeb. 37:29).

Dawut ýer ýüzündäki adamlaryň Hudaýyň adyl kada-kanunlary esasynda ýaşajak wagtyny göz öňünde tutupdy (2 Pet. 3:13). Işaýa 65:22-de: «Halkymyň ömri daragtyňky deý uzak bolar» diýip pygamberlik edilen. Bu sözler adamlaryň müňlerçe ýyllap ömür sürjekdigini görkezýär. Ylham 21:1—4-nji aýatlara görä, adamlaryň aladasyny Hudaýyň özi eder. Hudaýyň berjek täze dünýäsinde aljak bereketlerimiziň biri «ölüm» gaýdyp bolmaz. Adam ata bilen How ene yzlaryna Erem bagyna dolanyp bilmediler. Sebäbi ol hemişelik ýitirilipdi. Emma Hudaýyň wada berşi ýaly, ýer ýüzünde ýaşaýan adamlar onuň patasyny alar. Dawut patyşa Hudaýyň ylhamy bilen pesgöwünli hem dogruçyl adamlaryň ýeri miras alyp, onda ebedi ýaşajakdygyny aýtdy (Zeb. 37:11). Işaýa kitabyndaky pygamberlikden görnüşi ýaly, biz Jennetde ajaýyp şertlerde lezzet alyp ýaşarys (Işa. 11:6—9; 35:5—10; 65:21—23). Ýöne şol döwür haçan geler? Ol Isanyň jenaýatça beren wadasy ýerine ýetende, ýagny Jennetde bolar (Luka 23:43). Sizem şol ýerde ýaşap bilersiňiz. w18.12 sah. 7, abz. 22, 23

10-njy awgust, duşenbe

Ähli zatdan öňürti ýüregiňi gora (Nak. 4:23).

Biz şu dünýä mahsus bolan garaýyşlaryň ählisinden gaça durup bilerismi? Ýok, sebäbi biz göni manyda dünýäden çykyp bilmeýäris. Ol bize belli bir derejede täsir edýär (1 Kor. 5:9, 10). Meselem, wagyzda biz ýalan düşünjelere eýerýän adamlar bilen gürrüňdeş bolýarys. Biz şol zatlardan doly gaça durup bilmesek-de, olaryň garaýşyny kabul etmekden seresap bolmaly. Isa ýaly bizem Şeýtanyň özüne gulluk etdirmek maksady bilen teklip edýän düşünjelerini derrew ret etmeli. Şonda dünýäniň pikiriniň ýesiri bolmakdan özümizi gorarys. Meselem, biz dost saýlanymyzda seresap bolmaly. Mukaddes Kitapda Ýehowa sežde etmeýän adamlar bilen ýakyndan gatnaşsak, olaryň pikiriniň bize erbet täsir edýändigi barada duýduryş berilýär (Nak. 13:20; 1 Kor. 15:12, 32, 33). Ewolýusiýa taglymaty, zorluk-sütem ýa-da ahlaksyzlyk bilen bagly dynç alyşlary her gezek ret edenimizde, «Hudaý hakdaky bilime böwet bolýan» düşünjeleriň pikirimizi zäherlemeginden gaça durýarys (2 Kor. 10:5). w18.11 sah. 21, abz. 16, 17

11-nji awgust, sişenbe

Hakykat ýoluňdan ýöräýin (Zeb. 86:11).

Biz nädip hakykat ýolundan ýöremek islegimizi berkidip bileris? Munuň üçin Mukaddes Kitapdaky hakykaty mümkin boldugyndan köpräk adamlara ýetirmek üçin tagalla etmeli we «Hudaýyň sözi» bolan ruhuň gylyjyny gaýym tutmaly (Efes. 6:17). Biziň ählimiz «hakykat sözüni dogry öwretmek» ukybymyzy ösdürmäge jan etmeli (2 Tim. 2:15). Biz başgalara hakykaty satyn almaga we ýalan taglymatlary inkär etmäge kömek etmek üçin Mukaddes Kitaby ökdelik bilen ulansak, Hudaýyň aýdýan zatlary biziň öz aňymyza-da, ýüregimize-de berk ornaşar. Bu bolsa hakykat ýolunda ýöremek islegimizi hasam berkider. Hakykat Ýehowanyň gymmatly sowgady. Bu sowgat bize iň gymmatly hazynany, ýagny gökdäki Atamyz bilen ýakyn dostlukly gatnaşygy edinmäge kömek edýär. Ýehowa häzire çenli bize köp zatlary öwretdi, ýöne bu diňe başlangyjy. Hudaý bize ebedi ýaşaýşyň dowamynda hakykaty öwretjekdigini wada berýär. Şonuň üçin, geliň, hakykaty gymmatbaha dürdäne kimin küýsäliň we «hakykaty satyn alalyň, asla satmalyň» (Nak. 23:23). w18.11 sah. 8, abz. 2; sah. 12, abz. 15—17

12-nji awgust, çarşenbe

(Nuh) dogruçyllyk hakda wagyz etdi (2 Pet. 2:5).

Nuh Tupandan öň wagyz edip, adamlara heläkçiligiň boljakdygy barada duýdurdy. Isanyň sözlerine üns beriň. Ol: «Tupandan öň, Nuhuň gämä giren gününe çenli adamlar iýip-içip, öýlenip, durmuşa çykýardylar. Tupan turup, adamlaryň ählisini ýok edýänçä, olar hiç zada üns bermediler. Ynsan ogly gelende-de şeýle bolar» (Mat. 24:38, 39). Adamlaryň biperwaýlygyna garamazdan, Nuh pygamber özüne tabşyrylan ýumşy wepaly ýerine ýetirdi. Biz hem Hudaýyň adamzat babatdaky niýetini bilmekleri üçin, adamlara Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edýäris. Ýehowa ýaly biziňem ählimiz adamlaryň hoş habary kabul edip, «uzak ýaşamagyny» ýürekden isleýäris (Hyz. 18:23). Şeýle-de biz öýden-öýe we köpçülik ýerlerinde wagyz edenimizde, mümkin boldugyndan, has köp adamlara Hudaýyň Patyşalygynyň geljekdigini hem-de zalym dünýäniň soňuna çykjakdygyny duýdurýarys (Hyz. 3:18, 19; Dan. 2:44; Ylh. 14:6, 7). w18.05 sah. 19, abz. 8, 9

13-nji awgust, penşenbe

Hak şaýat dogry sözleýär (Nak. 12:17).

Siz wagyz işi gadagan edilen ýurtda ýaşaýan bolsaňyz we hökümet işgärleri imandaşlaryňyz barada soranlarynda näme edip bilersiňiz? Olara ähli zady aýtmalymy? Rim hökümdary Isany sorag edende ol näme edipdi? Mukaddes Kitapdaky «dymmagyň öz wagty bar, geplemegiň öz wagty» diýen prinsip esasynda Isa-da käte hemme soraglara jogap bermeýärdi (Nes. 3:1, 7; Mat. 27:11—14). Dogan-uýalarymyzyň janyny howp astyna salmaz ýaly, bizem Isanyň göreldesine eýerip bileris (Nak. 10:19; 11:12). Ýakyn dostuňyzyň ýa-da dogan-garyndaşlaryňyzyň biriniň agyr günä edendigini bilseňiz näme etmeli? Hakykaty aýtmaly. Siz ýaşululara bilýän zatlaryňyzy ýoýman, hemmesini aýtmaga jogapkär. Günä eden adama Ýehowa bilen gatnaşygyny berkitmäge kömek etmek üçin ýaşulularyň hakykaty bilmäge haky bar (Ýak. 5:14, 15). w18.10 sah. 10, abz. 17, 18

14-nji awgust, anna

Mundan beýläk-de bir-biriňizi ruhlandyryň (1 Sel. 5:11).

Biz nädip başgalary ruhlandyryp bileris? Munuň bir usuly ünsli diňlemek (Ýak. 1:19). Kimdir birine söýgiňi bildirmek üçin, ony ünsli diňlemeli. Duýgy taýdan ejir çekýän adamyň ýagdaýyna düşünmek üçin oňa ýumşaklyk bilen soraglar berip bilersiňiz. Soňra oňa duýgudaşlyk bildiriň we ruhlandyryň. Hatda ýüz-keşbiňiz bilenem onuň ýürekden we söýgi bilen aladasyny edýändigiňizi görkeziň. Ol duýgularyny aýdanda, sözüni bölmän, sabyrly diňläň. Şonda siz onuň duýgularyna has gowy düşünersiňiz. Bu göwnüçökgünlige düşen adama hem size ynanmaga we ony ruhlandyrmak üçin aýdýan zatlaryňyzy höwes bilen diňlemäge kömek eder. Siziň ýürekden edýän aladaňyz oňa teselli tapmaga ýardam berer. w18.09 sah. 14, abz. 10; sah. 15, abz. 13

15-nji awgust, şenbe

Hakykaty satyn al (Nak. 23:23).

Wagt hakykaty satyn almak üçin zerur bolan zatlaryň biri. Dogrudan-da, Patyşalyk habaryny diňlemek, Mukaddes Kitaby we oňa esaslanan edebiýatlary okamak, şahsy okuwyny geçirmek hem-de ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanyp, oňa yzygider gatnaşmak üçin wagt gerek bolýar. Munuň üçin biz wajyp bolmadyk käbir işlerden wagty «satyn almaly» bolýarys (Efes. 5:15, 16, çykgyt). Eýsem, Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlaryny öwrenmek üçin näçe wagt gerek? Bu biziň ýagdaýymyza bagly. Biz Ýehowanyň akyldarlygynyň, işleriniň we ýollarynyň hiç haçan aňyrsyna ýetip bilmeýäris (Rim. 11:33). «Garawul diňiniň» ilkinji sanynda hakykat «kiçijik owadan gül» bilen deňeşdirilip, şeýle diýildi: «Diňe bir gül bilen çäklenmäň. Sebäbi bir gül ýeterlik bolan bolsa, onda güller köp bolmazdy. Şonuň üçin köpräk ýygyň we olary gözlemegiňizi dowam ediň». Biz hatda ebedi ýaşaýşyň dowamynda-da Ýehowa barada hemişe öwrenmegimizi dowam ederis. Şonuň üçin şu günler hakykaty satyn alar ýaly, wagtymyzy paýhasly ulanmak örän wajyp. w18.11 sah. 5, abz. 7

16-njy awgust, ýekşenbe

Ärler, siz hem aýalyňyzy elmydama söýüň (Efes. 5:25).

Ärler, «paýhasly bolup, aýalyňyzyň ýagdaýyna düşünjek boluň» (1 Pet. 3:7). Paýhasly we aladaçyl maşgalabaşy aýaly bilen hemişe agzybir bolmalydygyna düşünýär. Aýalynyň garaýşy köp zatda özüniňkiden tapawutlansa-da, ol oňa hormat goýýar we özüni ondan ýokary tutmaýar (1 Mus. 2:18). Şonuň üçin ol aýalynyň duýgusyny göz öňünde tutýar we onuň gadyryny bilýär. Aladaçyl är başga gelin-gyzlar bilen gürleşende-de aýalynyň duýgusyny göz öňünde tutýar. Ol aýalyndan başga biri bilen hiç haçan näz-kereşme etmeýär ýa-da gyýa göz bilen bakmaýar. Hatda sosial ulgamlary ýa-da Internet arkaly habarlaşanda hem, ol şeýle zatlardan gaça durýar (Eýp. 31:1). Ol aýalyna diňe bir ony söýýändigi üçin däl-de, eýsem, Hudaýa bolan söýgüsi we erbetligi ýigrenýändigi üçin wepaly galýar (Zeb. 19:14; 97:10). w18.09 sah. 29, abz. 3, 4

17-nji awgust, duşenbe

Araňyzda kim özüni peseltse, ol beýik bolar (Luka 9:48).

Hudaýyň Sözünden öwrenýän zatlarymyzy durmuşda ulanmak näme üçin käte kyn bolýar? Munuň bir sebäbi dogry zady etmek üçin pesgöwünlilik gerek. Biz «soňky günlerde», ýagny «özüni bilýän, pula gyzan, öwünjeň, tekepbir» we «özüne erk etmeýän» adamlaryň arasynda ýaşaýarys. Şol sebäpli pesgöwünli bolmak gün-günden kynlaşýar (2 Tim. 3:1—3). Emma Hudaýyň gullukçysy bu zatlaryň erbetdigini bilse-de, käte şu dünýädäki adamlaryň ýaşaýşyna gözi gitmegi mümkin (Zeb. 37:1; 73:3). Kimdir biri hatda şeýle pikir edip biler: «Başgalaryň bähbidini özümiňkiden ileri tutanyma degýärmi? Özümi pes tutsam, adamlar maňa hormat goýarmy?» Eger biz dünýäniň özüňi bilmeklik ruhunyň täsirine düşsek, dogan-uýalar bilen gymmatly dostlukly gatnaşygymyza we abraýymyza zyýan ýetireris. Emma Mukaddes Kitapdaky gowy görelde galdyran adamlaryň mysallary barada okap, olaryň göreldesine eýersek, sylag alarys. w18.09 sah. 3, abz. 1

18-nji awgust, sişenbe

Bermek... bagtly edýändir (Res. 20:35).

Heniz hiç zat ýaradylmanka, Ýehowanyň ýeke özüdi. Emma ol şonda-da diňe özi barada pikir etmeýärdi, gaýtam, perişdelere we adamlara ýaşaýşy sowgat berdi. Hawa, Ýehowa «bagtly Hudaý»; ol başgalara sowgat bermegi gowy görýär (1 Tim. 1:11; Ýak. 1:17). Hudaý biziňem özi ýaly bagtly bolmagymyzy isleýär. Şol sebäpli ol bize jomart bolmagy öwredýär (Rim. 1:20). Hudaý adamy öz keşbinde ýaratdy (1 Mus. 1:27). Şol sebäpli biz Hudaýa mahsus häsiýetleri görkezip bilýäris. Bagtly bolmak üçin, biz Ýehowanyň göreldesine eýerip, adamlar bilen ýürekden gyzyklanmaly we jomart bolmaly (Flp. 2:3, 4; Ýak. 1:5). Näme üçin? Sebäbi Ýehowa bizi şu maksat bilen ýaratdy. Bikämildigimize garamazdan, biz Ýehowanyň jomartlygyndan görelde alyp bilýäris. Ýehowa ähli adamlaryň özünden görelde almagyny isleýär. Biz başgalara jomartlyk bilen berenimizde, ol begenýär (Efes. 5:1). w18.08 sah. 18, abz. 1, 2; sah. 19, abz. 4

19-njy awgust, çarşenbe

Goýunlarym sesimi eşidip, maňa gulak asýar (Ýah. 10:27).

Mesihiň şägirtleri diňe bir onuň aýdan sözlerini diňlemän, eýsem, olary ýerine ýetirip, onuň sesine gulak asýandygyny görkezýär. Olar «durmuşyň gaýgy-aladalaryna» özlerini aldyrmaýar (Luka 21:34). Gaýtam, her hili kynçylyklara duş gelseler-de, Isanyň durmuşda wajyp zatlary ileri tutmak baradaky tabşyrygyna gulak asýarlar. Muňa garamazdan, dogan-uýalar nähili kynçylyga döz gelmeli hem bolsa, Ýehowa wepalylygyny saklaýarlar. Isanyň sesine gulak asýandygymyzy görkezmegiň ýene bir usuly, aramyzda ýolbaşçylyk edýän doganlar bilen hyzmatdaşlyk etmek (Ýew. 13:7, 17). Soňky ýyllaryň dowamynda Hudaýyň guramasynda köp özgerişikler boldy. Meselem, täze gurallar, wagyz etmegiň täze usullary peýda boldy, hepdäniň başynda geçilýän ýygnak duşuşygynyň meýilnamasy üýtgedildi we Ýygnak jaýlaryny gurmak hem-de abatlamak işi bilen bagly täze görkezmeler berildi. Biz söýgi bilen berlen we hemmetaraplaýyn peýdaly bolan şeýle görkezmeleri gymmat saýýarys. Biz Ýehowanyň guramasy arkaly öz wagtynda berýän görkezmelerine eýermek üçin edýän tagallamyzy Onuň patalajakdygyna doly ynamly bolup bileris. w19.03 sah. 10, 11, abz. 11, 12

20-nji awgust, penşenbe

Adamlaryň hilesine... aldanyp... eýläk-beýläk kowulýan gaýyk ýaly bolmalyň (Efes. 4:14).

Bir maglumatyň ýarysy ýa-da diňe bir bölegi hakykat bolsa, dogry netijä gelmek kyn bolup biler. Geliň, Ýuşanyň günlerinde Iordan derýasynyň günbatarynda ýaşan ysraýyllar bilen bolan waka seredeliň (Ýuşa 22:9—34). Olar derýanyň gündogar tarapynda ýaşaýan ysraýyllaryň äpet bir gurbanlyk ojagyny gurandyklaryny eşidýärler. Bu habar dogrudy. Derýanyň günbataryndaky ysraýyllylar doly bolmadyk maglumata esaslanyp, doganlary Ýehowa garşy pitne turuzdy diýen netijä gelýär. Şol sebäpli olar derýanyň gündogar tarapynda ýaşaýan ysraýyllylara garşy söweşmek üçin ýygnanyşýarlar (Ýuşa 22:9—12). Emma olar hüjüm etmezden öň, ähli jikme-jiklikleri bilmek üçin birnäçe ynamdar adamlary ugradýarlar. Olar näme habar getirdilerkä? Ysraýylyň ruben, gad we manaşa taýpalary gurbanlyk ojagyny Hudaýa gurbanlyk getirmek üçin däl-de, ýadygärlik hökmünde gelejekki nesliň olaryň Ýehowa sežde edendiklerini bilmekleri üçin gurupdylar. Ysraýyllar öz doganlaryna garşy söweşmezden öň, ähli gerekli maglumatlary ýygnamak üçin wagt sarp edendiklerine, gör, nähili begenendirler! w18.08 sah. 5, abz. 9, 10

21-nji awgust, anna

Kim berk durun öýtse, seresap bolsun, ýykylaýmasyn (1 Kor. 10:12).

Pawlusyň aýdyşy ýaly, Hudaýyň wepaly gullukçylary hem erbet işlere baş goşup bilýär. Şeýle ýagdaýa düşen adam, hatda Ýehowa bilen dostlugy berk diýip pikir etmegi mümkin. Emma ýöne bir Ýehowanyň dosty bolmak islegi ýa-da oňa wepalydygyňy aýtmak Hudaýyň göwnünden turýandygyňy aňlatmaýar (1 Kor. 10:1—5). Musanyň Sinaý dagynda eglenýändigini görenlerinde, ysraýyllar howsala düşdüler. Şu günlerem mesihçiler Ýehowanyň höküm gününiň eglenýändigini we täze dünýäniň gelmeýändigini görüp, biynjalyk bolup biler. Şeýle pikirlere ýol bersek, Ýehowanyň wadalary gaty uzak ýa-da asla ýerine ýetmejek ýaly bolup görner. Biz hatda öz isleg-arzuwlarymyzy Ýehowanyň isleginden hem ileri tutmagymyz mümkin. Wagtyň geçmegi bilen, ruhy taýdan gowşap, Ýehowadan daşlaşarys we hiç haçan etmerin diýýän zatlarymyza baş goşup bileris. w18.07 sah. 21, abz. 17, 18

22-nji awgust, şenbe

Bolýar, haýyşyňy bitirerin. Sebäbi seni gowy tanaýaryn, göwnüm senden hoşal (2 Mus. 33:17).

Ýehowanyň her birimizi aýratynlykda tanamagy uly bereket dälmi näme?! Ýöne munuň üçin näme etmeli? Biz Ýehowany söýüp, oňa özümizi bagyş etmeli (1 Kor. 8:3). Biz gökdäki Atamyz bilen gymmatly dostlugymyzy goramak üçin elimizde baryny etmeli. Pawlusyň Galatýadaky mesihçilere aýdyşy ýaly, bizem şu «dünýäniň biderek işleriniň» guly bolmakdan, şol sanda adamlara ýaranjaňlyk etmekden gaça durmaly (Gal. 4:9). I asyrdaky dogan-uýalar Hudaýyň göwnünden turmagy öwrendiler. Emma Pawlus hut şol doganlaryň boş zatlar üçin «yzyna dolanandygyny» aýdýar. Ol: «Onda siz näme üçin yzyňyza dolanyp, dünýäniň biderek işlerini edýärsiňiz?» diýdi. w18.07 sah. 8, abz. 5, 6

23-nji awgust, ýekşenbe

Paýhasly adam diňläp, tabşyryga düşünýär (Nak. 1:5).

Biz Hudaýyň kanunlaryny bozup, öz ýalňyşymyzdan sapak edinmän, gaýtam, Mukaddes Kitapda agzalýan adamlaryň ýalňyşyndan wajyp zatlary öwrenip bilýäris. Dogrudan-da, Mukaddes Kitapdaky wakalary okap oýlansak, Hudaýyň görkezmesiniň örän peýdalydygyna göz ýetirýäris. Meselem, Dawut patyşa Ýehowanyň tabşyrygyny bozup, Batşeba bilen zyna edensoň, özüni nähili duýandygy hakda oýlanyp görüň (2 Şam. 12:7—14). Bu wakany okap oýlananymyzda, özümize şeýle soraglary berip bileris: «Dawut patyşa Batşeba bilen zyna edendigi üçin ýüregine ýara salýan ýagdaýdan nädip gaça durup bilerdi? Eger men şeýle synaga düşsem näme ederin? Ýusupdan görelde alyp gaçarynmy ýa-da Dawut ýaly hereket ederin?» (1 Mus. 39:11—15). Biz günäniň erbet netijesi hakda oýlansak, «erbetligi ýigrenmegi» berk ýüregimize düweris (Amos 5:15). w18.06 sah. 17, abz. 5, 7

24-nji awgust, duşenbe

Patyşanyňkyny patyşa, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň (Mat. 22:21).

Adalatsyzlyk köplenç adamlary syýasata goşulmaga iterýär. Isanyň günlerinde salgyt tölemek bilen bagly syýasy mesele ýüze çykypdy. Rimiň raýatlary, şol sanda Isany diňleýän adamlaram emlägi, mellegi we jaýy üçin köp salgyt töleýärdi. Parahor salgytçylar bolsa adamlaryň ýüküni has-da agyrlaşdyrýardy. Olar käte şol wezipä geçmek üçin hökümet ýolbaşçylaryna para berýärdiler. Soňra bolsa ygtyýaryndan peýdalanyp, adamlardan ýygnan pullaryny öz bähbitleri üçin ulanýardylar. Eriha şäherinde salgytçylaryň başlygy bolan Zakkaý hem adamlaryň hasabyna baýapdy (Luka 19:2, 8). Şol döwürde bu adaty zat bolan bolmaly. Bir gezek duşmanlar salgyt tölemek meselesini gozgap, Isany gepinde tutjak bolýarlar. Olar bir dinary görkezip, Isadan «patyşa» salgyt tölemelimi ýa-da däldigini soraýarlar. Sebäbi Rimiň raýaty bolan adamdan salgyt tölemek talap edilýärdi (Mat. 22:16—18). Esasanam, ýehudylar salgyt tölemek islemeýärdi, sebäbi bu olara rimlileriň gol astyndadygyny ýatladýardy. w18.06 sah. 5, 6, abz. 8—10

25-nji awgust, sişenbe

Adam näme ekse, şony-da orar (Gal. 6:7).

Şeýtanyň hödürleýän islendik zadyny kabul edenleriň çekýän ýitgisi elmydama gazanan zadyndan köp bolýar (Eýp. 21:7—17; Gal. 6:8). Şeýtanyň nähili täsir edýändigini bilmegiň näme peýdasy bar? Bu bize ynsan häkimiýetleri babatda paýhasly bolmaga we wagyz işine yhlasly gatnaşmaga kömek edýär. Ýehowa biziň hökümet ýolbaşçylaryna hormat goýmagymyzy isleýär (1 Pet. 2:17). Şeýle-de kada-kanunlaryna garşy gelmese, ynsan hökümetleriniň çykarýan kanunlaryna gulak asmagymyzy isleýär (Rim. 13:1—4). Emma biz bitaraplygy saklamalydygymyza düşünýäris. Şonuň üçin bir syýasy guramany ýa-da ýolbaşçyny beýlekisinden hiç haçan ýokary tutmaýarys (Ýah. 17:15, 16; 18:36). Biz Şeýtanyň Ýehowanyň adyna we abraýyna şek ýetirmek isleýändigine düşünýäris. Şol sebäpli adamlara Hudaý barada hakykaty öwretmek üçin elimizde baryny edýäris. Biz Hudaýa bolan söýginiň pula ýa-da başga bir zada bolan söýgüden has köp sylaglanýandygyna düşünýäris. Şonuň üçin Ýehowanyň adyny buýsanç bilen göterýäris we ony başgalara tanadýarys (Işa. 43:10; 1 Tim. 6:6—10). w18.05 sah. 24, abz. 8, 9

26-njy awgust, çarşenbe

Aýal ärinden aýry ýaşamasyn (1 Kor. 7:10).

Maşgalada döreýän kynçylyklary bahana edip, aýry ýaşasa dogry bolarmy? Hudaýyň Sözünde haýsy ýagdaýlarda aýry ýaşamaga rugsat berilýändigi hakda aýdylmaýar. Pawlus resul: «Eger uýanyň iman etmeýän äri onuň bilen ýaşamaga razy bolsa, uýa ärinden gitmesin» diýip ýazdy (1 Kor. 7:12, 13). Bu maslahata şu günlerem eýerse bolýar. Käbir ýagdaýlarda mesihçiniň «iman etmeýän äri... aýaly bilen ýaşamaga razy bolmaýar». Mümkin, ol özüni gödek alyp barýandyr, hatda aýalyna ýowuz daraşyp, janyna howp salýandyr. Ýa-da ol maşgalasyny eklemekden boýun gaçyrýandyr we olaryň ruhy saglygyna zyýan ýetirýändir. Şeýle ýagdaýlarda ýanýoldaşy bile «ýaşamaga razy bolmandygy» we aýry ýaşamak zerur bolandygy üçin, käbir mesihçiler özbaşdak karara gelmeli boldular. Emma başgalar şeýle kynçylyklara çydap, nikasyny berkitmek üçin elinde baryny etdiler. w18.12 sah. 13, abz. 14; sah. 14, abz. 16, 17

27-nji awgust, penşenbe

Olar... kynçylyklara çydap hasyl berýärler (Luka 8:15).

Luka 8:5—8, 11—15-nji aýatlarda aýdylýan daýhan mysalyndaky tohum «Hudaýyň sözüni» ýa-da Patyşalyk habaryny, toprak bolsa adamyň göçme manydaky ýüregini aňladýar. Gowy topraga düşen bugdaý dänesi gögerýär we ösýär. Soňra «100 esse hasyl berýär». Isanyň mysalyndaky gowy topraga düşen tohum ýaly, biz hoş habary kabul edip, şoňa görä ýaşaýarys. Netijede, ýüregimize ekilen Patyşalyk tohumy gögerýär, ösýär we bugdaý baldagy ýaly öz wagtynda miwe berýär. Bugdaý baldagynyň täze baldaklary däl-de, täze tohumy getirişi ýaly, bizem täze şägirtleri däl-de, täze Patyşalyk tohumyny getirýäris. Ýöne biz nädip miwe berýäris? Her gezek Patyşalyk habaryny wagyz edenimizde, ýüregimize ekilen hakykat tohumyny sepýäris we ýaýradýarys (Luka 6:45; 8:1). Dogrudanam, bu mysal Patyşalyk habaryny wagyz etmegi dowam etsek, «kynçylyklara çydap hasyl berýändigimizi» görkezýär. w18.05 sah. 14, abz. 10, 11

28-nji awgust, anna

Men kimi söýýän bolsam, şoňa-da käýäp, temmi berýändirin (Ylh. 3:19).

Pawlus resul dogan-uýalary diňe bir ruhlandyrman, eýsem, olar üçin «janyndan geçmäge-de taýyndy» (2 Kor. 12:15). Şonuň ýaly ýaşulular hem imandaşlaryny diňe bir sözleri bilen däl-de, olar bilen ýürekden gyzyklanmaly we ruhlandyryp berkitmeli (1 Kor. 14:3). Kimdir birini ruhlandyrmaly bolanda, mümkin, maslahat bermeli hem bolar. Emma ýaşulular maslahat berende, Mukaddes Kitapda agzalýan adamlaryň göreldesine eýerip, muny ruhlandyryjy äheňde etmeli. Bu babatda Isa ajaýyp görelde görkezdi. Ol direlenden soň, Kiçi Aziýada ýerleşýän ýygnaklaryň käbirine berk maslahat berse-de, onuň muny nädip edendigine üns beriň. Isa Efesdäki, Pergamdaky we Tiýatiradaky ýygnaklara maslahat bermezden öň, olara öwgüli sözleri aýdýar (Ylh. 2:1—5, 12, 13, 18, 19). Ýaşulular hem kimdir birine maslahat berende, Mesihiň göreldesine eýerse, gowy bolar. w18.04 sah. 22, abz. 8, 9

29-njy awgust, şenbe

Atalar, çagalaryňyzy... Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi bilen ulaldyň (Efes. 6:4).

Gadyrly ene-atalar, size çagalaryňyzyň ýüregini Şeýtanyň täsirinden gorap saklamak jogapkärçiligi ynanyldy. Elbetde, siz çagalaryňyzy her dürli kesellerden goramak üçin eliňizde baryny edýärsiňiz. Mysal üçin, çagalaryňyz kesellemez ýaly, öýüňizi arassa saklap, hapa zatlary aýyrýarsyňyz. Edil şonuň ýaly, siz çagalaryňyzy Şeýtanyň pikiri bilen zaýalanan filmlerden, telegepleşiklerden, elektron oýunlardan we web-saýtlardan goramaly. Ýehowa size çagalaryňyzyň ruhy saglygynyň aladasyny etmegi tabşyrdy (Nak. 1:8). Şonuň üçin öýüňizde Mukaddes Kitaba esaslanan belli bir çäkleri goýmaga ýaýdanmaň. Kiçi çagalaryňyza nämäni görmelidigini, nämäni görmeli däldigini aýdyň we olara näme üçin şeýle edýändigiňizi düşündiriň (Mat. 5:37). Ulurak çagalaryňyza bolsa, Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça, nämäniň dogrudygyny we nämäniň erbetdigini saýgarmagy öwrediň (Ýew. 5:14). Çagalaryňyzyň edýän işleriňizden hem köp zatlary öwrenýändiklerini ýatdan çykarmaň (5 Mus. 6:6, 7; Rim. 2:21). w19.01 sah. 16, abz. 8

30-njy awgust, ýekşenbe

Garrylar we ýaşlar, Hudaýa alkyş aýdyň! (Zeb. 148:12, 13).

Eger siz ýaş bolsaňyz, gartaşan dogan-uýalar bilen ýürekden gyzyklanmagy maksat ediniň. Meselem, siz sypaýyçylyk bilen olardan gulluk eden ýyllarynda bolan gyzykly wakalary gürrüň bermegi haýyş edip bilersiňiz. Şonda bu sizi örän ruhlandyrar we özüňize-de, olara-da hakykat yşygyny has-da parlatmaga ýardam eder. Şeýle-de biziň ählimiz ýygnaga täze gelen adamlary mähirli garşylap bileris. Eger size wagyz duşuşygyny geçirmek tabşyrylan bolsa, gartaşan dogan-uýalara wagza çykmaga kömek etmek üçin eliňizde baryny ediň. Olaryň ýagdaýyny göz öňünde tutuň. Käbir ýagdaýlarda gartaşan dogan-uýalar bilen gulluk etmäge olara kömek edip biljek ýaşlary belläp bilersiňiz. Şeýle-de olaryň ýagdaýyna düşünýändigiňizi görkeziň. Sebäbi gartaşan dogan-uýalar saglygy we mümkinçilikleriniň çäklidigi üçin köp zat edip bilmeýärler. Siziň ýürekden edýän aladaňyz we düşgürligiňiz ýaşlara-da, gartaşanlara-da, köpden bäri ýa-da ýaňy-ýakynda gulluk edip başlan dogan-uýalara-da hoş habary yhlasly wagyz etmäge kömek eder (3 Mus. 19:32). w18.06 sah. 23, 24, abz. 10—12

31-nji awgust, duşenbe

Siz azatlygyňyzy erbet işleriňizi gizlemek üçin däl-de, Hudaýyň gullary bolmak üçin ulanyň (1 Pet. 2:16).

Ýehowanyň günäniň hem-de ölümiň gulçulygyndan berýän azatlygyna hiç haçan bolaýmaly zat ýaly garamaly däl. Töleg gurbany bize Hudaýa arassa ynsap bilen gulluk etmäge we özümizi bagtly duýmaga mümkinçilik berýär (Zeb. 40:8). Biz özümize berlen gymmatly azatlyga minnetdar bolup, ony hiç haçan nädogry ulanmaly däl. Petrus resul azatlygymyzy ten höweslerimiziň üstüni örtmek üçin ulanmazlygy duýdurdy. Eýsem, bu duýduryş size çölde ysraýyllar bilen bolan wakany ýatlatmaýarmy? Şeýle howp bize şu günler has-da köp abanýar. Şeýtan we onuň dünýäsi egin-eşigi, özüňe timar bermegi, iýip-içmegi, dynç almagy, göwün açmagy we başga-da köp zatlary has özüne çekiji edip görkezýär. Satyjylar harydyny geçirmek üçin köplenç meşhur adamlary ulanyp, mekirlik bilen gerekmejek zatlary wajyp ýaly edip görkezýärler. Bu zatlaryň toruna düşüp, azatlygymyzy nädogry ulanmak gaty aňsat! w18.04 sah. 9, 10, abz. 7, 8

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş