Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es20 sah. 88—98
  • Sentýabr

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sentýabr
  • Her günki aýady okalyň — 2020
  • Sözbaşylar
  • 1-nji sentýabr, sişenbe
  • 2-nji sentýabr, çarşenbe
  • 3-nji sentýabr, penşenbe
  • 4-nji sentýabr, anna
  • 5-nji sentýabr, şenbe
  • 6-njy sentýabr, ýekşenbe
  • 7-nji sentýabr, duşenbe
  • 8-nji sentýabr, sişenbe
  • 9-njy sentýabr, çarşenbe
  • 10-njy sentýabr, penşenbe
  • 11-nji sentýabr, anna
  • 12-nji sentýabr, şenbe
  • 13-nji sentýabr, ýekşenbe
  • 14-nji sentýabr, duşenbe
  • 15-nji sentýabr, sişenbe
  • 16-njy sentýabr, çarşenbe
  • 17-nji sentýabr, penşenbe
  • 18-nji sentýabr, anna
  • 19-njy sentýabr, şenbe
  • 20-nji sentýabr, ýekşenbe
  • 21-nji sentýabr, duşenbe
  • 22-nji sentýabr, sişenbe
  • 23-nji sentýabr, çarşenbe
  • 24-nji sentýabr, penşenbe
  • 25-nji sentýabr, anna
  • 26-njy sentýabr, şenbe
  • 27-nji sentýabr, ýekşenbe
  • 28-nji sentýabr, duşenbe
  • 29-njy sentýabr, sişenbe
  • 30-njy sentýabr, çarşenbe
Her günki aýady okalyň — 2020
es20 sah. 88—98

Sentýabr

1-nji sentýabr, sişenbe

Siz Mesihi hiç haçan görmeseňiz-de, ony söýýärsiňiz (1 Pet. 1:8).

Isa Marta bilen Merýeme hem duýgudaşlyk bildiripdi. Dogany Lazaryň ölümi sebäpli olaryň ajy hasrat çekýändigini görende, «Isanyň gözlerinden boýur-boýur ýaş döküldi» (Ýah. 11:32—35). Isa diňe bir ýakyn dostuny ýitirendigi üçin aglamady. Sebäbi ol Lazary direltjekdigini bilýärdi. Hawa, Isa ýakyn dostlary Merýem bilen Martanyň ýagdaýyna düşünýändigi we derdini deň çekişýändigi üçin aglady. Isanyň duýgudaşlygy barada öwrenmegiň köp peýdasy bar. Elbetde, biz Isa ýaly kämil däl. Ýöne biz ony söýýäris, sebäbi onuň başgalara duýgudaşlyk bildirişi bizi özüne çekýär. Şeýle-de onuň häzir Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy hökmünde höküm sürýändigini bilmek bizi diýseň ruhlandyrýar. Tizden Isa ähli horluklaryň soňuna çykar. Isa iň gowy Patyşa; ol Şeýtanyň dünýäsiniň adamzada salan ýaralaryny bejerer. Sebäbi onuň özi hem ynsan bolup görüpdi. Dogrudan-da, «kemçiliklerimize düşünýän» Patyşamyzyň bardygyna diýseň begenýäris (Ýew. 2:17, 18; 4:15, 16). w19.03 sah. 17, abz. 12, 13

2-nji sentýabr, çarşenbe

Meni iberen Atam getirmese, hiç kim meniň ýanyma gelip bilmez (Ýah. 6:44).

Biz adamlara Hudaýy tanamaga kömek etsek-de, bu işde iň wajyp orny eýelemeýäris (1 Kor. 3:6, 7). Hawa, adamlary hakykata Ýehowa çekýär. Onsoňam, her bir adamyň özi ýüreginiň ýagdaýyna görä hoş habara seslenýär (Mat. 13:4—8). Köp adamlaryň ýer ýüzünde ýaşan iň beýik we ökde Mugallym Isanyň hem wagzyny kabul etmändigini unutmalyň. Şol sebäpli adamlara kömek etmek üçin edýän tagallaňyz netije bermese, ruhdan düşmäň. Biz adamlara wagyzda duýgudaşlyk bildirsek, gowy miweleri orarys; edýän gullugymyzdan köp şatlyk taparys we bermegiň almakdan has bagtly edýändigine göz ýetireris. Şeýle-de «ebedi ýaşamak isleýän ähli adamlara» hoş habary aňsatlyk bilen ýetirip bileris (Res. 13:48). Şonuň üçin «mümkinçilik barka hemme adamlara... ýagşylyk edeliň» (Gal. 6:10). Şonda gökdäki Atamyzy şöhratlandyrarys, özümiz hem köp şatlyk taparys (Mat. 5:16). w19.03 sah. 25, abz. 18, 19

3-nji sentýabr, penşenbe

Ýygnakda seni wasp ederin (Zeb. 22:22).

Dawut patyşa: «Ýehowa beýikdir, uly hormata mynasypdyr» diýdi (Zeb. 145:3). Dawut Ýehowany ýürekden söýýärdi, bu bolsa ony «ýygnakda» Ýehowany şöhratlandyrmaga höweslendirdi (1 Tar. 29:10—13; Zeb. 40:5). Şu günler bizem ýygnak duşuşyklarynda jogap berip, Ýehowany şöhratlandyryp bilýäris. Biziň ählimiz ýygnakda imandaşlarymyzyň berýän dürli-dürli jogaplaryny eşidip, örän ruhlanýarys. Çagalaryň ýönekeý, ýöne ýürekden berýän jogaplary bolsa, bizi hasam begendirýär. Şeýle-de hakykaty ýaňy öwrenip başlan adamlaryň berýän jogaplary hem bizi örän ruhlandyrýar. Mundan başga-da utanjaň ýa-da biziň dilimizi täze öwrenip başlan dogan-uýalaryň batyrgaýlyk bilen berýän jogaplaryny gaty gymmat saýýarys (1 Sel. 2:2). Biz olaryň edýän tagallasyna minnetdardygymyzy nädip görkezip bileris? Munuň bir usuly ýygnakdan soň beren jogaby üçin olary ýürekden öwmek. Ýene bir usuly ýygnakda özümiz jogap bermeli. Şonda ýygnakda diňe bir özümiz ruhlanman, başgalary hem ruhlandyrarys (Rim. 1:11, 12). w19.01 sah. 8, abz. 1, 2; sah. 9, abz. 6

4-nji sentýabr, anna

Minnetdar boluň (Kol. 3:15).

On sany adamyň ýagdaýy juda agyrdy. Olar heýwere keseline uçrapdy we derdinden açyljakdygyna umydy ýokdy. Ýöne bir gün olar uzakdan Beýik Mugallym Isany görýärler. Olar Isanyň her dürli keselli adamlary sagaldandygy barada eşidipdiler we özlerini hem sagaldyp biljekdigine ynanýardylar. Olar: «Isa, Mugallym, bize rehim et!» diýip gygyryşýarlar. Isa olaryň onusyny hem doly sagaldýar. Elbetde, olaryň hemmesem eden ýagşylygy üçin Isa minnetdar bolandyr. Emma sagalan adamlaryň biri diňe bir içinden minnetdar bolman, ýörite Isanyň ýanyna gelip, minnetdarlygyny bildirdi. Ol adam samariýalydy; onuň minnetdarlykdan ýaňa ýüregi joşup, «batly ses bilen» Hudaýy şöhratlandyrdy (Luka 17:12—19). Samariýaly adam ýaly, bizem ýagşylyk eden adama minnetdardygymyzy görkezmek isleýäris. Minnetdar bolmakda Ýehowanyň özi bize görelde görkezýär. Meselem, ol göwnünden turmaga jan edýän adamlary sylaglaýar (2 Şam. 22:21; Zeb. 13:6; Mat. 10:40, 41). Mukaddes Kitapda: «Söýgüli çagalar kimin Hudaýdan görelde alyň» diýilýär (Efes. 5:1). Diýmek, minnetdar bolmagyň birinji sebäbi, biz Ýehowanyň göreldesine eýermek isleýäris. w19.02 sah. 14, abz. 1, 2; sah. 15, abz. 4

5-nji sentýabr, şenbe

Wepaly bolaryn! (Eýp. 27:5).

Ýaş uýamyzyň mugallymy okuwçylaryň baýramçylyga hökman gatnaşmalydygyny aýdýar. Uýamyz baýramçylyklaryň Hudaýa ýaramaýandygyny hormat bilen mugallymyna düşündirip, oňa gatnaşmajakdygyny aýdýar. Çekinjeň ýaş doganymyzyň klasdaşy Ýehowanyň Şaýatlarynyň üstünden gülüpdi. Emma doganymyz klasdaşyna duşjakdygyny bilse-de, öýden-öýe wagyz etmäge gidýär. Doganymyz maşgalasyny eklemek üçin agyr zähmet çekýär. Başlygy doganymyza bikanun iş etdirjek bolýar. Doganymyz işini ýitirjekdigini bilse-de, başlygyna Hudaýyň dogruçyl bolmagy we kanuna gulak asyp ýaşamagy talap edýändigini düşündirýär (Rim. 13:1—4; Ýew. 13:18). Siz şu dogan-uýalaryň haýsy häsiýetine üns berdiňiz? Mümkin, siz olaryň batyrgaýlyk, dogruçyllyk ýaly birnäçe gowy häsiýetlerini görensiňiz. Ýöne olaryň bir häsiýeti, ýagny wepalylygy hasam ünsümizi çekýär. Olaryň üçüsi hem Ýehowa wepalydygyny görkezdiler. Olar Hudaýyň kada-kanunlaryna garşy gelýän zatlary etmediler we wepaly bolandyklary üçin aýgytly hereket etdiler. Ýehowa olaryň wepalylygyny görüp, gürrüňsiz buýsanandyr. Bizem bu häsiýeti ösdürip gökdäki Atamyzy begendirmek isleýäris. w19.02 sah. 2, abz. 1, 2

6-njy sentýabr, ýekşenbe

Töwrat gelejekki ýagşy zatlaryň... kölegesidi (Ýew. 10:1).

Kanun, esasanam, özüni gorap bilmeýän ýetimleri, dul aýallary hem-de gelmişekleri goraýardy. Bu babatda ysraýyl kazylaryna şeýle tabşyryk berlipdi: «Gelmişege ýa ýetime adalatsyzlyk etmäň. Dul aýala karz bereniňizde, ýapynjasyny girewine almaň» (5 Mus. 24:17). Ýehowa ejiz adamlaryň mähir bilen aladasyny edýärdi. Şol sebäpli olar bilen özüni gödek alyp barýan adamlary jezasyz goýmaýardy (2 Mus. 22:22—24). Ýehowa ygtyýary bolan adamlaryň gözegçiligi astyndaky adamlara söýgi bilen garamaklaryny isleýär. Şeýle-de ol ahlaksyzlygy ýigrenýär we hemmeleriň, esasan-da, ejiz adamlaryň goralmagyny hem-de olara adalatly garalmagyny isleýär (3 Mus. 18:6—30). Ýehowanyň bize adalatly garaýandygyna düşünenimizde, oňa bolan söýgimiz hasam artýar. Hudaýa we onuň adyl kada-kanunlaryna bolan söýgi bolsa bizi başgalary söýmäge hem-de olara adalatly garamaga höweslendirýär. w19.02 sah. 24, 25, abz. 22—26

7-nji sentýabr, duşenbe

Hudaýyň... islegine garşy gelýän zatlardan we dünýäniň höweslerinden ýüz öwrüň (Tit. 2:12).

Geliň, Şeýtanyň pikirinden özümizi nädip gorap biljekdigimize seredeliň. Ýehowa «araňyzda ahlaksyzlygyň, her hili haramlygyň ýa-da açgözlügiň ady-da agzalmaly» däldigini öwredýär (Efes. 5:3). Işdeşlerimiz ýa-da klasdaşlarymyz ahlaksyz zatlar hakda gürrüň etseler, näme edip bileris? Ynsabymyz edil garawul kimin howply ýagdaýlary öňünden duýdurýar (Rim. 2:15). Eýsem, biz oňa gulak asarysmy? Meselem, deň-duşlarymyzyň gürrüňlerini diňlesek ýa-da olaryň görkezýän haýasyz suratlaryny görsek, öz aýagymyz bilen duzaga düşeris. Şeýle ýagdaýda biz «ýüregimiziň» derwezelerini ýapmaly, ýagny gürrüňi başga ýana sowmaly ýa-da ol ýerden gitmeli. Deň-duşlaryň pikirine eýermezlik we edýän erbet işlerine goşulmazlyk üçin, batyrgaýlyk gerek bolýar. Edýän tagallalarymyzy Ýehowanyň görýändigine ynamly bolup bileris. Ol bize Şeýtanyň pikirine eýermez ýaly, güýç hem akyldarlyk berer (2 Tar. 16:9; Işa. 40:29; Ýak. 1:5). w19.01 sah. 17, 18, abz. 12, 13

8-nji sentýabr, sişenbe

Eden işlerim... hakda oýlandym. Olaryň bary biderek... ekeni. Gök astynda hiç bir zatdan peýda ýok ekeni (Nes. 2:11).

Süleýman patyşanyň ummasyz baýlygy we ygtyýary bardy. Ol «lezzeti... synap» görmegi ýüregine düwýär (Nes. 2:1—10). Süleýman beýik ymaratlary gurdurýar, bakjadyr seýil baglaryny edinýär. Garaz, göwni näme islese, şony hem edýär. Ol özüni nähili duýduka? Eden işinden göwni hoş boldumy? Kanagat tapdymy? Jany aram tapdymy? Muny bilmek kyn däl. Sebäbi Süleýmanyň özi bu barada şu günki aýatda aýdýar. Biz mundan wajyp sapak edinýäris. Eýsem, sizem bu ajy hakykat bilen razylaşýarsyňyzmy? Ýehowa sizi durmuşyň gaýgy-aladalaryndan dyndarmak isleýär. Munuň üçin siz Hudaýa iman etmeli, oňa gulak asmaly we islegini durmuşyňyzda birinji orunda goýmaly. Hudaýa iman etseňiz, hiç haçan ökünmersiňiz. Hawa, Ýehowa «adyna görkezýän söýgiňizi» hiç haçan unutmaz (Ýew. 6:10). Şol sebäpli Hudaýa bolan imanyňyzy berkitmek üçin eliňizde baryny ediň. Şonda gökdäki Ataňyzyň size iň gowy zatlary isleýändigine göz ýetirersiňiz (Zeb. 32:8). w18.12 sah. 22, abz. 14, 15

9-njy sentýabr, çarşenbe

Biz entek günälikäk, Mesih biziň üçin öldi. Şeýdip, Hudaý söýgüsini görkezdi (Rim. 5:8).

Ruhy zatlar hakda oýlanýan adam Hudaýa iman edýär we ähli zada Onuň garaýşy ýaly garaýar. Şeýle-de ol Hudaýdan görkezme agtarýar we oňa gulak asyp ýaşaýar (1 Kor. 2:12, 13). Dawut bu babatda gowy görelde galdyrdy. Ol: «Ýehowa meniň paýym, käsämi püre-pür edýär, mirasymy goraýar» diýdi (Zeb. 16:5). Dawut Hudaý bilen dostlugyna «paý» hökmünde garaýardy. Şonuň üçin ol Hudaýa sygynyp ýaşaýardy (Zeb. 16:1). Netijesi nähili boldy? Ol: «Ýüregim begençli, ruhum şatlanýar» diýip ýazdy. Hawa, Hudaý bilen dostlugyndan başga hiç bir zat Dawuda şeýle köp şatlyk bermeýärdi (Zeb. 16:9, 11). Ünsüni lezzete we baýlyga gönükdirýän adamlar Dawudyňky ýaly şatlygy duýup bilmeýär (1 Tim. 6:9, 10). Hawa, Ýehowa imanymyzy ösdürip, oňa gulluk etmek durmuşyňy hakykatdan manyly edýär we kanagat berýär. Şeýle imany nädip ösdürip bilersiňiz? Munuň üçin Hudaýyň Sözüni okamaga, onuň ýaradan zatlaryny syn etmäge we söýgi ýaly ajaýyp häsiýetleri hakda oýlanmaga wagt sarp ediň (Rim. 1:20). w18.12 sah. 25, abz. 7, 8

10-njy sentýabr, penşenbe

Hemmeler maşgala ojagyna hormat goýsun (Ýew. 13:4).

Pawlus bu sözleri ýöne ýere aýtmady. Ol mesihçileri nikasyna gymmatly hazyna ýaly garap, ýanýoldaşynyň gadyryny bilmäge höweslendirmek isleýärdi. Sizem nika hormat goýýarsyňyzmy? Durmuş guran bolsaňyz, ýanýoldaşyňyzyň gadyryny bilýärsiňizmi? Nikasyna hormat goýýan adamyň maşgala ojagy berk bolýar. Isa hem nika hormat goýýardy. Fariseýler aýrylyşmak barada soranlarynda, Isa: «Erkek adam ata-enesini goýar we olaryň ikisi bir beden bolar» diýip, Hudaýyň ilkinji erkek bilen aýaly birikdirende aýdan sözlerine salgylandy. Şeýle-de ol: «Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn» diýip jogap berdi (Mar. 10:2—12; 1 Mus. 2:24). Isa nikanyň Hudaý tarapyndan döredilendigini we onuň hemişelik bolmalydygyny tassyklady. Hudaý Adam ata bilen How enäniň bir-birinden aýrylmagyny islemeýärdi. Ýehowa Erem bagynda nikany döredende, onuň diňe bir erkek bilen aýalyň arasynda bolmalydygyny we olaryň ebedilik bile ýaşamalydygyny görkezdi. w18.12 sah. 10, 11, abz. 2—4

11-nji sentýabr, anna

Pikiriňizi we häsiýetiňizi üýtgediň (Rim. 12:2).

Biz hakykata gelenimizde, Ýehowanyň esasy tabşyryklaryna gulak asmagyň wajypdygyny öwrendik. Emma ruhy taýdan ösdügimizçe, biz Ýehowanyň pikirine, ýagny onuň halaýan we halamaýan zatlaryna hem-de dürli meselelere nähili garaýandygyna has aýdyň düşünip başlaýarys. Ýehowanyň pikirini öwrenip, onuň edýän işlerimize we gelýän kararlarymyza täsir etmegine ýol bersek, Hudaýyň pikirlenişi ýaly pikirlenýändigimizi görkezeris. Ýehowanyň pikirlenişi ýaly pikirlenmegi öwrenmek şatlyk getirse-de, kynçylyk hem döredip biler. Muňa käte biziň bikämil garaýşymyz täsir edýär. Meselem, bize Ýehowanyň ahlak kadalaryna, maddy zatlara, wagyz işine, gan we şuňa meňzeş zatlara bolan garaýşyna düşünmek kyn bolup biler. Onda biz näme edip bileris? Hudaýyň pikirlenişi ýaly pikirlenmegi nädip dowam edip bileris? Munuň üçin biz Hudaýyň Sözüni erjellik bilen öwrenip, Ýehowanyň pikirine düşünjek bolmaly we okan zatlarymyz barada oýlanyp, Hudaýyň pikirlenişi ýaly pikirlenmegi öwrenmeli. w18.11 sah. 23, 24, abz. 2—4

12-nji sentýabr, şenbe

Zalymlardan haçan halas edersiň? Haçana çenli senden kömek soraýyn? (Hab. 1:2).

Habakuk pygamber juda kyn döwürde ýaşapdy. Ol daş-töweregindäki adamlaryň edýän zalym we erbet işlerinden ýaňa gaty göwnüçökgünlige düşüpdi. Habakuk pygamberi «bular haçana çenli erbetlik etjekkä? Ýehowa näme üçin şeýle uzak wagtlap hereket etmeýärkä?» diýen soraglar biynjalyk edýärdi. Pygamberiň görýän ähli adalatsyzlygyny we erbet işlerini keseki adamlar däl-de, onuň öz ildeşleri edýärdi. Şol sebäpli ol özüni alaçsyz duýýardy. Şeýle kyn döwürde ol doga edip, Ýehowadan kömek soraýar. Habakuk pygamber hamala Ýehowa halkynyň aladasyny etmeýär ýa-da ol eglenýär diýip pikir edip bilerdi. Siz Hudaýyň bu wepaly gullukçysynyň nähili duýgular bilen göreşendigini göz öňüne getirýärsiňizmi? Habakuk pygamber Ýehowa bolan ynamyny ýitirdimi? Onuň Hudaýyň wadalaryna bolan imany gowşadymy? Elbetde, ýok. Pygamberiň kynçylyklaryny we aladalaryny adamlara däl-de, Ýehowa aýtmagy onuň ýan bermändigini aýan edýär. Elbetde, ony käbir zatlar biynjalyk edýärdi. Sebäbi ol Ýehowanyň bu zatlara näme üçin ýol berýändigine we onuň öz bellän wagtynda hereket edýändigine doly düşünmeýärdi. w18.11 sah. 14, abz. 4, 5

13-nji sentýabr, ýekşenbe

Ýer ýüzünde baýlyk ýygnamaň (Mat. 6:19).

Isa Petrus bilen Andreasy yzyna eýermäge çagyranda, olar «adam tutýan balykçy» bolmak üçin «torlaryny taşlap», onuň yzyna düşdüler (Mat. 4:18—20). Elbetde, şu günler hakykaty bilen adamlaryň köpüsi derrew işini taşlamaýar. Olar Mukaddes Kitabyň esasynda maşgalasyny eklemek jogapkärçiliginiň bardygyna düşünýärler (1 Tim. 5:8). Emma hakykaty öwrenen adamlar köplenç maddy we gymmat saýýan zatlaryna bolan garaýşyny özgertmeli bolýar. Geliň, Mariýa bilen bolan waka seredeliň. Golf onuň durmuşynyň aýrylmaz bir bölegi bolýar. Şol sebäpli ol ökde golfçy hökmünde bu ugurdan kär edinmegi maksat edinýär. Soňra Mariýa Mukaddes Kitap okuwyny geçip başlaýar we öwrenen hakykatlary oňa güýçli täsir edýär. Ol hakykatyň durmuşyny özgertmäge kömek edendigine diýseň minnetdar. Mariýa şol bir wagtyň özünde hem ruhy, hem maddy baýlyga ymtylmagyň kyndygyna düşünýär (Mat. 6:24). Hakykaty edinmek üçin ol uzak ýyllaryň dowamynda arzuw eden ökde golfçy bolmak maksadyndan el çekýär. Häzir Mariýa pioner bolup gulluk edýär we özüni «bagtly duýýandygyny hem-de durmuşynyň has manyly» bolandygyny aýdýar. w18.11 sah. 5, abz. 9, 10

14-nji sentýabr, duşenbe

Ol agaç ussasy dälmi näme? Ol Merýemiň ogly ahyry (Mar. 6:3).

Isa 30 ýaşlarynda ussaçylyk kärini goýdy. Sebäbi ol mugallym bolmagyň has wajypdygyna düşünýärdi. Isa özüniň ýer ýüzüne iberilmeginiň bir sebäbiniň Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz etmekdigini aýtdy (Mat. 20:28; Luka 3:23; 4:43). Şonuň üçin ol ýer ýüzünde ýaşanda, bar ünsüni wagyz işine gönükdirdi. Ol yzyna eýerýän adamlaryň hem şeýle etmegini isleýärdi (Mat. 9:35—38). Biz agaç ussasy bolmasak-da, hoş habary wagyz edýäris, sebäbi «biz Hudaýyň işdeşleridiris». Bu işe Hudaýyň özüniň hem gatnaşýandygy üçin, ol örän wajyp (1 Kor. 3:9; 2 Kor. 6:4). Biz «(Ýehowanyň) sözüniň hakykatdygyna» düşünýäris (Zeb. 119:159, 160). Ine, şonuň üçin wagyzda «hakykat sözüni dogry öwretmek» isleýäris (2 Tim. 2:15). Ýehowa, Isa we Hudaýyň Patyşalygy baradaky hakykaty öwredenimizde, biz esasy guralymyz bolan Mukaddes Kitaby ökdelik bilen ulanmaly. w18.10 sah. 11, abz. 1, 2

15-nji sentýabr, sişenbe

Ejizlere kömek ediň... Halypamyz Isanyň... sözlerini unutaň (Res. 20:35).

Maşgalabaşy Isanyň göreldesine eýerse, aýalyna oňa «çuňňur hormat goýmak» aňsat bolýar (Efes. 5:22—25, 33). Ýanýoldaşy ýygnagyň işleri ýa-da başga kynçylyklar sebäpli başagaý bolanda-da, aýalyny onuň aladasyny etmäge höweslendirer. Ene-ata bir-biriniň aladasyny edende, çagalaryna gowy görelde görkezýär. Ene-atalar çagalaryna başgalaryň aladasyny etmegi öwretmäge jogapkär. Meselem, olar çagalaryna Ýygnak jaýynda ylgamaly däldigini öwredip biler. Ýa-da imandaşlary bilen dynç alanlarynda, olara gartaşan dogan-uýalara nahar eltip bermek ýaly zatlary etmegi öwredip biler. Elbetde, ýygnagyň ähli agzalary ene-atalary goldap biler. Meselem, çagalar Ýygnak jaýynyň gapysyny açyp bermek ýaly ýönekeýje işleri edende, biz olary öwüp bileris. Şeýtsek, olara gowy täsir eder we «bermek almakdan has bagtly edýändigine» düşünmäge kömek eder. w18.09 sah. 29, abz. 5, 6

16-njy sentýabr, çarşenbe

Siziň ýeke-täk Ýolbaşçyňyz bar, ol Mesihdir (Mat. 23:10).

Yzygider berilýän görkezmeler Patyşamyz Isa Mesihiň gelejege ynamly garaýandygyny görkezýär. Şonuň üçin, geliň, ýakynda edilen özgerişlikleriň peýdasy hakda oýlanalyň. Siz maşgala okuwynda her hepde geçirilýän ýygnak duşuşyklary ýa-da wagyz gullugy bilen bagly edilen özgerişlikleriň nähili peýdasynyň bardygy hakda gürrüňdeş bolup, ruhlanan bolsaňyz gerek. Eger biz Ýehowanyň guramasy arkaly berýän görkezmelerini höwes bilen kabul etsek we olaryň bize nähili peýda berýändigi barada oýlansak, şol täze görkezmelere şatlyk bilen eýereris. Meselem, puly tygşytlamak üçin çap edilýän edebiýatlaryň sanynyň azaldylandygyna we Patyşalyk işini bütin ýer ýüzüne ýaýratmaga kömek edýän täze elektron enjamlaryny ulanyp bilýändigimize örän begenýäris. Şonuň üçin biz edebiýatlarymyzyň elektron görnüşini we audio-wideo ýazgylary, mümkin boldugyndan, köpräk ulanmak isleýäris. Şeýtsek, guramamyzyň emlägini paýhasly ulanmak üçin Mesihiň söýgi bilen edýän aladasyna minnetdardygymyzy görkezeris. Mesihiň görkezmesine höwes bilen eýerenimizde, dogan-uýalaryň imanyny berkidýäris we ýygnakda agzybirligiň bolmagyna ýardam edýäris. w18.10 sah. 25, 26, abz. 17—19

17-nji sentýabr, penşenbe

Biz sizi ýürekden söýýäris. Size diňe bir Hudaýyň hoş habaryny wagyz etmän, eýsem siziň üçin janymyzy bermäge-de taýyndyk (1 Sel. 2:8).

Göwnüçökgünlige düşen adam bilen dertdeş bolsak, onuň edýän dogalaryna Ýehowanyň biz arkaly jogap bermegine ýol bereris (2 Kor. 1:3—6). Ýöne dogan-uýalardan kämillige garaşmaň we olara dogry garaýyşda boluň. Olardan kämillige garaşsak, nädogry bolar we bu köplenç lapykeçlige eltýär (Nes. 7:21, 22). Ýehowanyň hem gullukçylaryndan güýjünden artyk zady talap etmeýändigini unutmaň. Eger biz Hudaýdan görelde alsak, dogan-uýalara sabyrly bolarys (Efes. 4:2, 32). Olardan köp zada garaşmagyň deregine, edip bilýän zatlary üçin öwsek, gowy bolar. Şeýtsek, olary ruhlandyrarys. Biziň ýürekden aýdýan öwgüli sözlerimiz olary berkider we Hudaýa edýän mukaddes gullugyndan «şatlyk tapmaga» kömek eder (Gal. 6:4). w18.09 sah. 16, abz. 16, 17

18-nji sentýabr, anna

Meniň çöregim meni ibereniň islegini we tabşyrygyny soňuna çenli berjaý etmekdir (Ýah. 4:34).

Isa Hudaýyň islegini berjaý etmeklige iýmit hökmünde garaýardy. Ol muny näme üçin iýmit bilen deňeşdirdikä? Sebäbi ýokumly iýmitiň bedenimize peýdaly bolup, sagdyn bolmaga kömek edişi ýaly, Hudaýyň islegini berjaý etmeklik hem ýüregimizi we imanymyzy berkidip, ebedi ýaşaýşa ýetmäge ýardam edýär. Eger biz Hudaýyň berýän görkezmesine eýersek, akyldar bolarys (Zeb. 107:43). Elbetde, munuň üçin tagalla etmeli. Ýöne bu şeýle edeniňe degýär. Mukaddes Kitapda akyldarlyk barada şeýle diýilýär: «Hiç bir arzyly zat oňa taý gelmez... Akyldarlyk ýaşaýyş daragtydyr, oňa ýapyşanlar uzak ýaşar we bagtly bolar» (Nak. 3:13—18). Isa hem: «Siz muňa düşünip, ýerine ýetirseňiz, bagtly bolarsyňyz» diýdi (Ýah. 13:17). Eger Isanyň şägirtleri onuň aýdýan zatlaryna eýeren bolsa, bagtly bolup bilerdi. Emma olar Isanyň öwreden zatlaryna we göreldesine diňe bir gezek däl-de, bütin ömrüne eýermelidi. w18.09 sah. 4, abz. 4, 5

19-njy sentýabr, şenbe

Hudaý öz keşbinde... ynsan ýaratdy (1 Mus. 1:27).

Erem bagynda Adam ata bilen How eneden başga hiç kim bolmasa-da, Hudaý olara başgalaryň aladasyny etmelidigini görkezýän anyk görkezmeleri berdi. Ýehowa Adam ata bilen How enäni patalap, olara ýer ýüzüni nesillerinden doldurmagy we oňa eýeçilik etmegi tabşyrdy (1 Mus. 1:28). Ýaradyjymyzyň öz ýaradan zatlary hakda ýürekden alada edişi ýaly, Adam ata bilen How ene-de gelejekki nesliniň bagtly ýaşamagy üçin aladasyny etmelidi. Adam atanyň tutuş nesline peýda getirer ýaly, olar bütin ýer ýüzüni Jennete öwürmelidi. Bu ägirt uly işdi, şol sebäpli olar kemala gelýän nesilleri bilen bilelikde zähmet çekmelidi. Bütin ýer ýüzüni Jennete öwürmek we Hudaýyň adamzat babatdaky islegini amala aşyrmak üçin, ilkinji kämil adamlar Ýehowa bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmelidi. Şonda olar Hudaýyň «dynçlyk ýerine» girip bilerdi (Ýew. 4:11). Bu gyzykly ýumşy ýerine ýetirip, olar köp şatlyk tapyp bilerdi! Eger Adam ata bilen How ene başgalaryň peýdasy üçin jomart bolan bolsalar, onda köp bereket alardylar we edýän işlerinden kanagat tapardylar. w18.08 sah. 18, abz. 2; sah. 19, 20, abz. 8, 9

20-nji sentýabr, ýekşenbe

Meni şa hezretlerine ýamanlap, töhmet atypdyr (2 Şam. 19:27).

Kimdir biri siz barada ýalan zatlary ýaýratsa näme ederdiňiz? Isa we suwa çümdürýän Ýahýa hem şeýle ýagdaýa uçrapdy (Mat. 11:18, 19). Eýsem Isa şeýle töhmede nähili garady? Ol özüni aklajak bolup bar güýjüni we wagtyny sarp edip durmady. Gaýtam, ol adamlary öwredýän zatlaryna we edýän işlerine üns bermäge höweslendirip: «Adamyň akyldarlygy edýän işlerinden görünýär» diýdi (Mat. 11:19). Biz mundan wajyp sapak edinýäris. Käte adamlar biz barada ýalan ýa-da tankytlaýjy zatlary ýaýratmagy mümkin. Şeýle ýagdaýda bizde abraýymyzy goramak üçin bir zatlar etmäge isleg döräp biler. Elbetde, biz käbir zatlary edip bileris. Meselem, kimdir biri biz barada ýalan maglumatlary ýaýradýan bolsa, onda muňa hiç kim ynanmaz ýaly, özümizi mynasyp alyp baryp bileris. Dogrudan-da, Isanyň özüni alyp barşyndan görnüşi ýaly, Hudaýa ýaraýan edim-gylymymyz biz barada aýdylýan ýalan-ýaşryk zatlaryň nädogrudygyny subut edýär. w18.08 sah. 6, abz. 11—13

21-nji sentýabr, duşenbe

Diňe Ýehowa Hudaýyňyzdan gorkup, gulluk ediň, diňe oňa wepaly boluň (5 Mus. 10:20).

Mukaddes Kitapda agzalýan Kabylyň, Süleýmanyň we Sinaý dagynda ysraýyllaryň gulak asmazlygy baradaky wakalar biziň üçin gowy ýatlatma bolup durýar. Olaryň ählisiniň «toba edip, erbet ýollaryndan dönmäge» mümkinçiligi bardy (Res. 3:19). Ýehowa ýalňyş ýola düşen adamdan derrew ýüz öwürmeýär. Meselem, ol Haruny toba edendigi üçin bagyşlady. Şu günlerem Mukaddes Kitapdaky we edebiýatlarymyzdaky wakalar ýa-da dogan-uýalarymyz arkaly Ýehowa bize duýduryş berýär. Eger Ýehowanyň duýduryşlaryna gulak assak, onuň bize rehim etjekdigine ynamly bolup bileris. Biz Ýehowanyň merhemetine sowuk-sala garamaly däl (2 Kor. 6:1). Bu merhemet bize «Hudaýyň ýagşylygy islegine garşy gelýän zatlardan we dünýäniň höweslerinden ýüz öwürmäge» kömek edýär (Tit. 2:11—14). Şu soňky günlerde biziň Ýehowa bolan wepalylygymyz dürli ýollar bilen synalyp biler. Şonuň üçin, geliň, hemişe onuň tarapynda durmagy berk ýüregimize düweliň! w18.07 sah. 21, abz. 20, 21

22-nji sentýabr, sişenbe

Ýehowa saýlanlaryny bilýändir (2 Tim. 2:19).

Biz adamlaryň däl-de, Ýehowanyň göwnünden turmak islegimizi nädip ösdürip bileris? Munuň üçin iki wajyp hakykaty ýatda saklamaly. Birinjiden, Ýehowa wepaly gullukçylarynyň hemişe gadyryny bilýär (Ýew. 6:10; 11:6). Ol her bir gullukçysynyň edýän tagallasyny gymmat saýýar we wepaly gullukçysyndan ýüz öwürmekligi «adalatsyzlyk» hasaplaýar. Hawa, «Ýehowa saýlanlaryny bilýändir». Ol «dogruçyl adamyň ýoluny bilýär» we olary «synaglarda halas etmegi başarýar» (Zeb. 1:6; 2 Pet. 2:9). Ikinji ýatda saklamaly wajyp zadymyz: Ýehowa bizi garaşmaýan mahalymyz sylaglaýar. Eger kimdir biri adamlaryň göwnünden turmak üçin ýagşy işleri edýän bolsa, onda Ýehowadan sylag almaz. Näme üçin? Sebäbi şeýle adam eýýäm öz sylagyny aldy (Mat. 6:1—5). Emma Isa başgalardan öwgä garaşman, ýagşylyk edýän adamlary «ähli zady görýän Atasynyň» sylaglajakdygyny aýtdy. Dogrudan-da, Hudaý biziň edýän ýagşy işlerimizi görýär we her birimizi aýratynlykda sylaglaýar. w18.07 sah. 9, abz. 8, 10

23-nji sentýabr, çarşenbe

Hudaýyň halal hasaplaýan zatlaryna haram diýme (Res. 10:15).

Petrus bu görnüşi görensoň, Ýehowanyň ondan nämä garaşýandygyna düşünýär. Edil şol wagt onuň ýanyna Korneliýiň iberen adamlary gelýär. Şeýdip, Petrus resul mukaddes ruh arkaly görkezme alandan soň, gelen adamlar bilen bile Korneliýiň öýüne gidýär. Eger Petrus resul adamlaryň daş keşbine görä höküm çykaran bolsa, onda hiç haçan Korneliýiň öýüne gitmezdi. Şol döwürde ýehudylar özge milletden bolan adamlaryň öýüne asla girmeýärdiler. Onda Petrus öňden galan düşünjesiniň bolandygyna garamazdan, näme üçin Korneliýiň öýüne bardyka? Gören görnüşi oňa güýçli täsir etdi we ol mukaddes ruh arkaly anyk görkezme aldy. Petrus Korneliýiň gürrüň beren zatlaryny diňländen soň, onuň bar şübhesi zym-zyýat boldy. Şol sebäpli ol Hudaýyň ylhamy bilen şeýle diýdi: «Dogrudan-da, Hudaý hiç kimi ala tutmaýan eken. Hudaý özünden gorkup, dogruçyl ýaşaýan islendik milletli adamdan razydyr» (Res. 10:34, 35). Bu täze düşünje Petrus üçin örän üýtgeşikdi. w18.08 sah. 9, abz. 3, 4

24-nji sentýabr, penşenbe

Erbetligi ýigreniň (Amos 5:15).

Elbetde, biz Hudaýyň ýigrenýän işlerinden daşda durýarys. Emma Mukaddes Kitapda durmuşymyzyň ähli ýagdaýlaryna degişli anyk görkezme bolmasa näme etmeli? Şeýle ýagdaýlarda biz Hudaýa nämäniň ýaraýandygyny nädip anyklap bileris? Bu babatda bize Mukaddes Kitap boýunça terbiýelenen ynsabymyz kömek edip biler. Ynsabymyz dogry ýol görkezer ýaly, Ýehowa söýgi bilen bize prinsiplerini berdi. Ol şeýle diýýär: «Men, Ýehowa, siziň Hudaýyňyz. Size peýdaly zatlary öwredýärin. Ýöremeli ýoluňyzdan alyp barýaryn» (Işa. 48:17, 18). Biz Mukaddes Kitapdaky prinsipler hakda çuňňur oýlansak we ýüregimize täsir etmegine ýol bersek, ynsabymyzy dogry terbiýeläp bileris. Şonda ol bize paýhasly karara gelmäge kömek eder. Hudaýyň Sözündäki prinsipler bize ýol görkezip, paýhasly karara gelmäge kömek edýär. Prinsipe düşünmek üçin, biz Kanun çykaryjy Ýehowanyň pikirine we şol kanunlary näme üçin berendigine düşünmeli. w18.06 sah. 17, abz. 5; sah. 18, abz. 8—10

25-nji sentýabr, anna

Patyşa salgyt tölemek dogrumy ýa-da ýok? (Mat. 22:17).

Şu meseläni orta atan «Hirodesiň tarapdarlary» Isa salgyt tölemeli däl diýse, ony Rime garşy gozgalaň turuzmakda aýyplarys diýip umyt edýärdiler. Eger Isa tölemeli diýen bolsa, onda adamlar onuň yzyna eýermegini bes ederdiler. Isa salgyt tölemek meselesinde bitaraplygyny saklaýardy. Isa salgytçylaryň arasynda parahorlygyň giňden ýaýrandygyny bilýärdi. Ýöne ol bu meselede biriniň tarapyny tutup, ünsüni has wajyp zatdan sowmak islemeýärdi. Isa kynçylyklarymyzy diňe Hudaýyň Patyşalygynyň çözjekdigine ynanýardy. Bu babatda ol biziň hemmämize gowy görelde galdyrdy. Biz dogry ýa-da dogry ýaly bolup görünýän syýasy meselelere goşulmakdan gaça durmaly. Mesihçiler öňürti Hudaýyň Patyşalygyny we onuň dogrulygyny agtarýarlar. Şol sebäpli biz syýasata goşulmaýarys ýa-da ol barada erbet zatlary aýtmaýarys (Mat. 6:33). Ýehowanyň Şaýatlarynyň köpüsi syýasy meselelere bolan nädogry garaýşyny özgertdiler. w18.06 sah. 5, 6, abz. 9—11

26-njy sentýabr, şenbe

Hak Hudaýyň ogullary ynsan gyzlarynyň owadandygyna üns berip başladylar (1 Mus. 6:2).

Şeýtan biwepa perişdeleri diňe bir ahlaksyzlyk etdirmek üçin däl-de, adamlaryň üstünden höküm sürjekdiklerini söz berip, olary aldan bolmaly. Emma aýalyň nesliniň geljekdigi baradaky wada onuň maksadyny puja çykaryp bilerdi (1 Mus. 3:15). Nähili bolaýanda-da, Ýehowa bütin dünýäni Tupan arkaly ýok edip, Şeýtanyň hem-de şol wagtky pitneçi perişdeleriň bar maksadyny puja çykardy. Hiç haçan ahlaksyzlygyň ýa-da özüňi bilmekligiň duzagyna düşmerin diýip pikir etmeli däl. Şeýtanyň tarapyna geçen perişdeler ençeme asyrlap Hudaýyň huzurynda gulluk etdiler. Muňa garamazdan, olaryň köpüsi erbet höwesleriň kök urup, ösmegine ýol berdiler. Şonuň ýaly bizem Hudaýyň guramasynyň ýerdäki böleginde ençeme ýyl bäri wepaly gulluk edýäris. Emma şeýle mukaddes ýerde gulluk etsek-de, erbet höwesleriň duzagyna düşüp bileris (1 Kor. 10:12). Şonuň üçin ahlaksyz pikirleri ret etmek we tekepbirlikden gaça durmak üçin ýüregimizi elmydama barlap durmaly (Gal. 5:26; Kol. 3:5). w18.05 sah. 25, abz. 11, 12

27-nji sentýabr, ýekşenbe

Gam-gussa çekýärin we ýüregim hemişe dertli (Rim. 9:2).

Pawlus resul ýehudylaryň Patyşalyk habaryna biperwaý garandygyny görende, gaty gynanypdy. Ýöne ol ruhdan düşmedi. Onuň Rimdäki mesihçilere ýazan hatynda şol ýehudylar hakda näme diýendigine üns beriň: «Men ysraýyllaryň halas bolmagyny ýürekden isleýärin, munuň üçin Hudaýa dileg edýärin. Men olaryň Hudaýy razy etmek isleýändigini bilýärin, ýöne olar muny Hudaý hakdaky dogry bilime laýyklykda etmeýärler» (Rim. 10:1, 2). Pawlus ýehudylara wagyz etmegi dowam etmeginiň sebäbini düşündirdi. Ol iň bolmanda, ýehudylaryň käbiriniň halas bolmagyny «ýürekden isleýärdi» (Rim. 11:13, 14). Käbir ýehudylar Patyşalyk habaryny kabul eder ýaly, ol Hudaýa ýalbaryp doga edýärdi. Pawlus «olaryň Hudaýy razy etmek isleýändigini» belläp geçýär. Dogrudan-da, Pawlus resul adamlaryň gowy häsiýetlerine üns berýärdi. Ol dogry niýet bilen jan edýän akýürekli adamlaryň Mesihiň yhlasly şägirdi bolup biljekdigine düşünýärdi. w18.05 sah. 13, abz. 4; sah. 15, 16, abz. 13, 14

28-nji sentýabr, duşenbe

Diňe gerekli wagty ruhlandyryjy sözleri aýdyň. Şonda sizi diňleýänlere peýdaly bolar (Efes. 4:29).

Biziň her birimiz dogan-uýalara «gerekli wagty» kömek edip biler ýaly ünsli bolmaly. Pawlus ýewreý mesihçilere: «Ysgyndan gaçan eliňize we dyzyňyza güýç-kuwwat beriň. Agsaýan aýagyňyz birden çykaýmasyn, gaýtam sagalsyn. Şonuň üçin hemişe dogry ýoldan ýöräň» diýip maslahat berdi (Ýew. 12:12, 13). Görşümiz ýaly, ählimiz, şol sanda ýaşlaram ruhlandyryjy sözleri bilen birek-biregi berkidip bilýär. Pawlus resul Filipidäki ýygnagyň ähli agzalaryna şeýle maslahat berdi: «Siz Mesih bilen agzybir bolup, başgalary ruhlandyrsaňyz, söýgi bilen göwünlik berseňiz, mähir bilen aladasyny edip, duýgudaşlyk bildirseňiz, onda şatlygyma şatlyk goşup, bir garaýyşda boluň, bir-biriňizi söýüň, ähli zatda agzybirligi saklaň we bir pikirde boluň. Hiç zady dawa-jenjel ýa-da ulumsylyk bilen etmäň, gaýtam pesgöwünli boluň, başgalary özüňizden ýokary saýyň. Diňe öz peýdaňyzy däl-de, başgalaryň hem peýdasyny gözläň» (Flp. 2:1—4). w18.04 sah. 22, abz. 10; sah. 23, abz. 12

29-njy sentýabr, sişenbe

Siz azat adamlar, ýöne azatlygyňyzy... Hudaýyň gullary bolmak üçin ulanyň (1 Pet. 2:16).

Özümizi Hudaýa bagyş edendigimize görä ýaşar ýaly, Ýehowa Isanyň töleg gurbany arkaly bizi günäniň we ölümiň kanunyndan azat etdi. Azatlygymyzy nädogry ulanmakdan we dünýäniň hödürleýän zatlaryndan gaça durmagyň iň gowy usuly — ruhy işlere yhlasly gatnaşmak (Gal. 5:16). Geliň, Nuh pygamber we onuň maşgalasynyň mysalyna seredeliň. Olar zalymlykdan we ahlaksyzlykdan doly dünýäde ýaşasalar-da, daş-töweregindäki adamlaryň täsirine düşmediler. Olara näme kömek etdikä? Olar bar ünsüni Ýehowanyň tabşyran ýumşuna, ýagny gämi gurmak, özleri we haýwanlar üçin iýmit ýygnamak hem-de adamlara Hudaýyň hökümi barada duýdurmak işine gönükdirdiler. Mukaddes Kitapda: «Nuh Hudaýyň tabşyran zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirdi. Ähli zady aýdylyşy ýaly etdi» diýilýär (1 Mus. 6:22). Netijede näme boldy? Erbet adamlar ýok edilende, Nuh we onuň maşgalasy halas boldy (Ýew. 11:7). w18.04 sah. 10, abz. 8; sah. 10, 11, abz. 11, 12

30-njy sentýabr, çarşenbe

Men ähli patyşalyklary we olaryň şan-şöhratyny saňa bererin, sebäbi olar maňa berildi. Men olary kime bermek islesem, şoňa-da berýärin (Luka 4:6).

Şeýtan we onuň jynlary diňe bir hökümetler arkaly däl-de, ýalan diniň hem-de söwda-satyk guramalarynyň üsti bilen «bütin ýer ýüzünde ýaşaýanlary aldaýar» (Ylh. 12:9). Ol ýalan din arkaly Ýehowa barada ýalan-ýaşryk zatlary ýaýradýar. Üstesine-de, Iblis, mümkin boldugyndan, köp adamlar Hudaýyň adyny bütinleý unudar ýaly elinde baryny edýär (Ýer. 23:26, 27). Netijede, hak Hudaýa sežde edýärin diýip pikir edýän akýürekli adamlar aslynda, jynlara sežde edýärler (1 Kor. 10:20; 2 Kor. 11:13—15). Şeýle-de Şeýtan söwda-satyk guramalary arkaly adamlary aldawa salýar. Meselem, şeýle guramalar köplenç bagtly bolmagyň iň gowy ýoly köp pul gazanmak we zat edinmek diýip öwredýär (Nak. 18:11). Şeýle ýalan zatlara ynanýan adamlar Hudaýyň däl-de, «baýlygyň» guly bolýarlar (Mat. 6:24). Bu bolsa olaryň Hudaýa bolan söýgüsini bogýar (Mat. 13:22; 1 Ýah. 2:15, 16). w18.05 sah. 23, abz. 6, 7

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş