Oktýabr
1-nji oktýabr, penşenbe
Aglaýanlar bilen aglaň (Rim. 12:15).
Biz Ýehowa we Isa ýaly adamlaryň ýüregini görüp bilmeýäris. Emma olaryň duýgularyna we zerurlyklaryna düşünip bilýäris (2 Kor. 11:29). Dünýädäki özüni bilip ýaşaýan adamlardan tapawutlylykda, biz «diňe öz peýdamyzy däl-de, başgalaryň hem peýdasyny gözlemäge» çalyşýarys (Flp. 2:4). Esasan-da, ýygnak ýaşululary başgalara duýgudaşlyk bildirmeli. Olar sürüdäki goýunlaryň aladasyny edişi babatda hasabat berjekdiklerine düşünýärler (Ýew. 13:17). Imandaşlaryna kömek edip biler ýaly, ýaşulular olaryň ýagdaýyna düşünmeli. Ýaşulular duýgudaşlygyny nädip görkezip biler? Duýgudaşlyk bildirýän ýaşuly dogan-uýalara wagtyny höwes bilen sarp edýär. Ol imandaşlaryna ýerlikli soraglary berip, soňra olary sabyrly hem ünsli diňleýär. Bu, esasan-da, kimdir biri ýüregini dökjek bolup, ýöne duýgusyny sözi bilen düşündirip bilmese, has-da wajyp (Nak. 20:5). Ýaşulular imandaşlaryna wagtyny höwes bilen sarp edende, olaryň biri-birine bolan ynamy, dostlugy we söýgüsi has-da artýar (Res. 20:37). w19.03 sah. 17, abz. 14—17
2-nji oktýabr, anna
Ýerlikli aýdylan sözler kümüş gabyň içindäki altyn almalar kimindir (Nak. 25:11).
Minnetdarlygy süýji tagama meňzetse bolýar. Haçan-da ony başgalar bilen paýlaşanymyzda, hasam göwnümiz göterilýär. Olar bize minnetdarlyk aýdanda bolsa, begenjimiziň çägi bolmaýar. Başgalara minnetdarlygymyzy bildirenimizde, olaram özlerini bagtly duýýar. Şeýle ýagdaýda adam bize kömek etmek ýa-da bir zat bermek üçin eden tagallasynyň ýerine düşendigini bilýär. Netijede, şol adam bilen dostlukly gatnaşygymyz hasam berkeýär we ol ruhlanýar. Şu günki aýatdan görnüşi ýaly biziň aýdýan minnetdarlyk sözlerimiziň uly ähmiýeti bar. Kümüşden ýasalan gabyň içindäki owadan altyn almalary göz öňüne getiriň. Olaryň gymmaty hakda oýlanyp görüň. Eger kimdir biri size şeýle sowgat berse, özüňizi nähili duýardyňyz? Biziň aýdýan minnetdarlyk sözlerimizi hem şuňa meňzetse bolýar. Altyn almalaryň hiç haçan gymmatyny ýitirmeýşi ýaly, biziň aýdýan minnetdarlyk sözlerimiz hem adamy ruhlandyrýar we onuň ömürboýy ýadyndan çykmaýar. w19.02 sah. 15, abz. 5, 6
3-nji oktýabr, şenbe
Adam indi biz ýaly ýagşy-ýamany saýgarýar (1 Mus. 3:22).
Adam ata bilen How ene ýagşyny-ýamany saýgarma agajynyň miwesinden iýende, Ýehowa bil baglamaýandyklaryny we onuň kada-kanunlaryny äsgermeýändiklerini görkezdiler. Olar nämäniň ýagşydygyny we ýamandygyny özleri çözmek islediler. Ýöne olaryň nämäni ýitirendigi hakda oýlanyp görüň. Olar Ýehowa bilen gymmatly dostlugyny ýitirdiler. Şeýle-de ýer ýüzünde ebedi ýaşamak mümkinçiligini elden giderdiler we çagalaryna günäni hem ölümi miras galdyrdylar (Rim. 5:12). Adam ata bilen How eneden tapawutlylykda, efiopiýaly wezir Filipusyň wagzyny diňlänsoň, başgaça hereket etdi. Ol Ýehowanyň hem-de Isanyň oňa bildiren merhemeti üçin minnetdardygyny şol bada suwa çümdürilip görkezdi (Res. 8:34—38). Bizem Hudaýyň kada-kanunlaryny gymmat saýýandygymyzy görkezmek üçin özümizi oňa bagyş edýäris. Şeýtmek bilen, biz Ýehowanyň hem-de Isanyň biziň üçin eden ýagşylyklarynyň gadyryny bilýändigimizi görkezýäris. Şeýle-de Ýehowa bil baglaýandygymyzy we nämäniň ýagşydygyny ýa-da ýamandygyny kesgitlemäge diňe Onuň hakynyň bardygyna düşünýändigimizi görkezýäris. w19.03 sah. 2, abz. 1, 2
4-nji oktýabr, ýekşenbe
Wepaly bolaryn! (Eýp. 27:5).
Biz Hudaýyň gullukçylary hökmünde aýypsyzlygymyzy saklaýandygymyzy Ýehowany bütin ýüregimiz bilen söýüp we doly wepaly galmak bilen görkezýäris. Şonda biz her bir gelýän kararymyzda Hudaýyň islegini göz öňünde tutarys. Geliň, aýypsyzlyk sözüniň näme aňladýandygyny bileliň. Mukaddes Kitapda agzalýan «aýypsyzlyk» sözüniň, esasan, doly, kemçiliksiz ýa-da bitewi diýen manylary bar. Meselem, ysraýyllar Ýehowa mal gurbanyny berende, Kanuna görä ol şikessiz bolmalydy (3 Mus. 22:21, 22). Hudaýyň halky bir aýagy, gözi ýa-da gulagy şikesli we başga keselli maly gurban getirmeli däldi. Ýehowa birkemsiz, şikessiz ýa-da ýaralanmadyk maly gurban getirmek gaty wajypdy (Mel. 1:6—9). Elbetde, biz Ýehowanyň näme üçin birkemsiz ýa-da şikessiz maly talap edýändigine gaty gowy düşünýäris. Sebäbi biziň özümizem gök-önüm, kitap ýa-da bir gural satyn alanymyzda, zaýa ýa-da bir ýeri kem bolsa, satyn almak islemeýäris. Biz hemme ýeri abat, gowy we bitewi zady alasymyz gelýär. Şonuň ýaly, Ýehowa-da biziň oňa söýgi bilen we wepaly gulluk etmegimizi isleýär. Başgaça aýdanyňda, biziň gullugymyz doly, birkemsiz ýa-da bitewi bolmaly. w19.02 sah. 3, abz. 3
5-nji oktýabr, duşenbe
Seniň kanunlaryňy şeýle bir söýýärin, gije-gündiz olar hakda oýlanýaryn (Zeb. 119:97).
Ýüregimizi goramak üçin, biz diňe bir erbet zatlary ret etmän, gowy zatlaryň ýüregimize täsir etmegine ýol bermeli. Duşmanyň goşuny şähere girip bilmez ýaly, derwezeban şäheriň derwezelerini ýapyp goýýar. Ýöne başga wagt, meselem, iýmit ýa başga gerek-ýarak zatlar getirilende, ol şäheriň derwezelerini açýar. Eger derwezeler hemişe ýapyk dursa, onda şäheriň ýaşaýjylary açlykdan ölerdi. Edil şonuň ýaly, bizem Hudaýyň pikiriniň özümize täsir etmegine ýol bermek üçin ýüregimiziň gapylaryny açmaly. Ýehowanyň pikirleri Mukaddes Kitapda ýazylan. Şonuň üçin her gezek ony okanymyzda, Ýehowanyň pikirleriniň garaýşymyza, duýgularymyza we hereketlerimize täsir etmegine ýol berýäris. Kitaby okanymyzda, has köp peýda alar ýaly näme edip bileris? Hudaýyň Sözündäki «ajaýyp pikirlere düşünmek» üçin doga etmek örän wajyp (Zeb. 119:18). Şeýle-de biz okan zatlarymyz barada oýlanmaly. Doga edip, okanymyzda we oýlananymyzda, Hudaýyň Sözi «ýüregimiziň töründe» ornaşýar hem-de Ýehowanyň pikirine has aýdyň düşünýäris (Nak. 4:20—22). w19.01 sah. 18, abz. 14, 15
6-njy oktýabr, sişenbe
Hudaýa elmydama öwgi gurbanlaryny bereliň (Ýew. 13:15).
Ýehowa mümkinçiligimiziň we ýagdaýymyzyň dürli-dürlüdigini bilýär hem-de oňa «öwgi gurbanlaryny» bermek üçin edýän tagallamyzy örän gymmat saýýar. Ýehowanyň ysraýyl halkyndan nähili gurbanlyklary kabul edendigi barada oýlanyp görüň. Käbir ysraýyllaryň goýun we geçi gurban bermäge ýagdaýy bardy. Emma garyp ýaşaýan ysraýyllar «iki gumry ýa-da iki kepderi» gurban berýärdi. Eger ysraýyllaryň iki guşa-da gurby çatmaýan bolsa, onda olar «bir jam ýokary hilli un» gurban bermelidi (3 Mus. 5:7, 11). Un gymmat däldi, ýöne Ýehowa şonda-da muny örän gymmat saýýardy. Mähirli Hudaýymyz Ýehowa şu günlerem gullukçylaryna şeýle garaýar. Biz ýygnakda jogap berenimizde, ol ählimizden Apollos ýaly dilewar ýa-da Pawlus resul ýaly ynamly geplemegimize garaşmaýar (Res. 18:24; 26:28). Mümkinçiligimiz nähili bolsa-da, Ýehowa biziň jogap bermegimizi isleýär. Iki sany kiçijik teňňäni Hudaýa gurban getiren garyp dul aýal hakda oýlanyp görüň. Ýehowa bu aýaly juda gymmat saýýardy. Sebäbi ol özündäki iň gymmatly zadyny berdi (Luka 21:1—4). w19.01 sah. 8, 9, abz. 3—5
7-nji oktýabr, çarşenbe
Meniň şägirdim bolanyňyz üçin hemmeler sizi ýigrener (Mat. 10:22).
Mesihiň şägirtleri hökmünde bizi ýigrenjekdiklerini bilýäris. Isa şägirtleriniň soňky günlerde güýçli yzarlamalara duçar boljakdyklaryny pygamberlik etdi (Mat. 24:9; Ýah. 15:20). Işaýanyň pygamberligi duşmanlarymyzyň bizi ýöne bir ýigrenmän, bize garşy her dürli ýaraglary ulanjakdyklaryny ýatladýar. Bu ýaraglara ýalan-ýaşryk maglumatlar we zalymlyk bilen yzarlamaklyk degişli (Mat. 5:11). Ýehowa duşmanlarymyzyň bize garşy şeýle ýaraglary ulanmagyna häzirlikçe ýol berýär (Efes. 6:12; Ylh. 12:17). Emma biz olardan gorkmaýarys. Ýehowa bize «garşy ýasalan ýaragyň derde ýaramajakdygyny» aýtdy (Işa. 54:17). Güýçli harasat turanda, diwarlaryň gorag bolşy ýaly, Ýehowa-da bizi «zalymlaryň gaharyndan» goraýar (Işa. 25:4, 5). Hawa, duşmanlar bize asla düzedip bolmajak zyýan ýetirip bilmeýär (Işa. 65:17). Hudaýyň halkyna garşy «söweşýänler gyrlar, dünýä inmedik ýaly bolar» (Işa. 41:11, 12). w19.01 sah. 6, 7, abz. 13—16
8-nji oktýabr, penşenbe
Ýehowanyň mukaddes ruhuny alan adam azatdyr (2 Kor. 3:17).
Ýaşlar, Ýehowa azatlygy gowy görýär, ol siziňem azat bolmagyňyzy isleýär. Emma ol siziň azatlygyňyzy paýhasly ulanmagyňyzy we özüňizi kynçylyklardan goramagyňyzy isleýär. Mümkin, siz pornografiýa görýän ýa-da ahlaksyz işlere baş goşýan, sportuň howply görnüşi bilen meşgullanýan, neşe maddalaryny ulanýan we spirtli içgileri içýän adamlary tanaýansyňyz. Olar şol zatlardan az salymlyk lezzet alsalar-da, köplenç özlerini köp kynçylyklara sezewar edýärler. Mysal üçin, olar agyr kesele duçar bolup biler, erbet endiklere bagly bolup, hatda ölmegi-de ähtimal (Gal. 6:7, 8). Görşümiz ýaly, olar «biz azat» diýip, öz-özlerini aldaýarlar (Tit. 3:3). Siz Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryny äsgermezlik edendigi sebäpli, kesele duçar bolan näçe adamy bilýärsiňiz? Hawa, Ýehowa gulak asmak saglygymyz üçin hem peýdaly we hakyky azatlygy berýär (Zeb. 19:7—11). Has wajyby bolsa, azatlygyňyzy paýhasly ulansaňyz, ýagny Hudaýyň kämil kada-kanunlary we prinsipleri esasynda ýaşasaňyz, Hudaýa-da, ene-ataňyza-da size köpräk azatlyk berip bolýandygyny görkezersiňiz (Rim. 8:21). w18.12 sah. 22, 23, abz. 16, 17
9-njy oktýabr, anna
Erkek adam ene-atasyny goýup, aýaly bilen biriger we olar bir beden bolar (1 Mus. 2:24).
Bilşimiz ýaly, Adam atanyň eden günäsi köp kynçylyklary döretdi. Olaryň biri ölüm; ol är-aýalyň nikasyna täsir edýär. Pawlus resul mesihçilere Musanyň kanunyndan azatdyklaryny aýdanda, bu hakda belläp geçdi. Ýanýoldaşy ölensoň, adam nikadan azat bolýar we gaýtadan durmuş gurup bilýär (Rim. 7:1—3). Hudaýyň ysraýyl halkyna beren Kanunynda nika babatda belli bir düzgünler bardy. Onda köp aýal almaga rugsat berilýärdi. Hudaý ysraýyllara Kanun bermezinden öň hem köp aýala öýlenmeklik giňden ýaýrandy. Kanunda birnäçe aýala öýlenmäge ýol berilse-de, olara zorluk-sütem etmek gadagan edilýärdi. Mysal üçin, ysraýyl halkyndan biri öýlenip, üstüne ýene bir aýal alsa, ol «birinji aýalynyň iýjegini, geýjegini ýetirip durmalydyr we är-aýallyk borjundan mahrum etmeli däldir». Hudaý ysraýyllardan aýalyny gorap, onuň aladasyny etmegini talap edýärdi (2 Mus. 21:9, 10). Biz Musanyň kanuny boýunça ýaşamasagam, ondan Ýehowanyň nika bolan garaýşyny görüp bilýäris. Bu zatlar bize-de nika hormat goýmaga kömek edýär. w18.12 sah. 10, abz. 3; sah. 11, abz. 5, 6
10-njy oktýabr, şenbe
Olar hakda eşideniňizde, öz gulagyňyza ynanmarsyňyz (Hab. 1:5).
Habakuk pygamber gaýgy-aladalaryny we biynjalyk edýän zatlaryny Ýehowanyň eline tabşyransoň, Onuň nähili hereket etjekdigine geň galan bolmaly. Mähirli we aladaçyl ata hökmünde Ýehowa gullukçysynyň ýürekden aýdan nalyşy üçin ony ýazgarmady. Hudaý onuň gaýgy-hasratdan we alaçsyzlykdan ýaňa şeýle sözleri aýdandygyny bilýärdi. Ýehowa Habakuk pygambere kesirlik edýän ýehudylara tizden näme etjekdigini aýan etdi. Ol tizden hökümini amala aşyrjakdygyny, ilki bilen, Habakuk pygambere aýdypdy. Ýehowa Habakuk pygambere hereket etmäge taýýardygyny görkezdi. Zalym hem-de rehimsiz nesle çykarylan höküm ýakyndy. Ýehowa «siziň döwrüňizde» diýmek bilen, bu hökümi pygamberiň ýa-da onuň döwürdeşleriniň döwründe ýerine ýetirjekdigini aýtdy. Habakuk Ýehowadan beýle jogaba garaşmandy. Eýsem, bu Habakugyň eden nalyşyna jogap diýse bolarmy? Aslynda, Ýehowa oňa tutuş Ýahuda ülkesiniň ejir çekjekdigini aýtdy. w18.11 sah. 14, 15, abz. 7, 8
11-nji oktýabr, ýekşenbe
Hudaý ähli adamlaryň halas bolmagyny we hakykat barada dogry bilim almagyny isleýär (1 Tim. 2:4).
Siz hakykaty bilmeýän dürli milletden bolan adamlara nähili garaýarsyňyz? Pawlus resul sinagogalara baranda, Hudaý barada käbir zatlary bilýän adamlary agtarsa-da, ol diňe bir ýehudylara kömek etmek bilen çäklenmeýärdi. Meselem, Pawlus birinji missionerlik syýahatynda Listra baranda, likoniýalylar oňa hem-de Barnabasa hudaý ýaly garap, olara öz ýalan taňrylary bolan Zews we Germesiň adyny dakýarlar. Eýsem, Pawlus bilen Barnabas şöhratparazlygyň duzagyna düşdülermi? Olar muňa öňki iki şäherde duçar bolan yzarlamalaryndan soň özüni dürsemäge gowy mümkinçilik hökmünde garadylarmy? Ýa-da märekäniň bu hereketinden peýdalanyp, hoş habary şeýle usul bilen ýaýratjak boldularmy? Elbetde, ýok. Olar şol bada donlaryny ýyrtyp, märekäniň içine ylgap girdiler-de, batly ses bilen: «Edýäniňiz näme? Bizem siziň ýaly adam ahyryn» diýdiler (Res. 14:8—15). w18.09 sah. 4, 5, abz. 8, 9
12-nji oktýabr, duşenbe
Siz erbet adamlaryň Hudaýyň Patyşalygyny miras almajakdygyny bilmeýärsiňizmi? ...Siziň hem käbiriňiz şeýle işleri edýärdiňiz, emma ýuwlup arassalandyňyz... dogruçyl hasaplandyňyz (1 Kor. 6:9, 11).
Hakykaty kabul edip, Mukaddes Kitabyň kadalary boýunça ýaşamak üçin, biz pikirimizi we özümizi alyp barşymyzy üýtgetmäge taýyn bolmaly. Petrus resulyň bu babatda näme diýendigine üns beriň: «Hudaýy tanamaýan döwrüňiz eýeren höwesleriňizi goýup, gulak asýan çagalar ýaly boluň... ähli zatda mukaddes boluň» (1 Pet. 1:14, 15). Korinfdäki ahlak taýdan bozuk adamlar hakykaty satyn almak üçin durmuşynda köp özgerişlik etmelidi. Şonuň ýaly şu günlerem köp adamlar hakykaty satyn almak üçin Hudaýa ýaramaýan işlerini taşladylar. Petrus resul öz döwründäki mesihçilere şeýle diýdi: «Siziň öň haýasyz işler, ahlaksyz höwesler, serhoşlyk, keýpi-sapaly oturylyşyklar, içhä-içişlik, ýigrenji butparazlyk bilen meşgullanyp, şu dünýäniň islegine görä ýaşanyňyz ýeterlikdir» (1 Pet. 4:3). w18.11 sah. 6, abz. 13
13-nji oktýabr, sişenbe
Ebedi ýaşamak isleýän ähli adamlar iman etdiler (Res. 13:48).
Biz kimleriň «ebedi ýaşamak isleýändigini» nädip bilip bileris? I asyrdaky ýaly şu günlerem şeýle adamlary tapmagyň bir usuly wagyz etmek. Munuň üçin biz Isanyň: «Haýsy şähere ýa oba barsaňyz, mynasyp adamlary gözläp tapyň» diýen görkezmesine eýermeli (Mat. 10:11). Elbetde, biz hemme adamlar, meselem, tekepbir ýa-da ruhy zatlary gymmat saýmaýan adamlar hoş habara seslener diýip pikir etmeýäris. Biz dogruçyl, pesgöwünli we hakykata ajygyp-suwsan adamlary gözleýäris. Muny Isanyň agaç ussasy mahaly dürli öý goşlaryny, gapylary, boýuntyryk we şuňa meňzeş başga-da zatlary ýasamak üçin gowy agaçlary gözleýşi bilen deňeşdirse bolýar. Ol şeýle agajy tapan badyna gurallaryny alyp we ukybyny ulanyp, olardan her dürli zatlary ýasaýardy. Şonuň ýaly bizem akýürekli adamlary tapanymyzda, olara Isanyň şägirdi bolmaga kömek etmek üçin elimizde baryny etmeli (Mat. 28:19, 20). w18.10 sah. 12, abz. 3, 4
14-nji oktýabr, çarşenbe
Filipus Samariýa şäherine baryp, Mesih barada wagyz edip başlady (Res. 8:5).
Duýdansyz ýüze çykýan kynçylyklara garamazdan, ünsümizi wagyz işine gönükdirmekde hoş habarçy Filipus hem gowy görelde galdyrdy. Ol täze borjuny şatlyk bilen ýerine ýetirýärdi (Res. 6:1—6). Emma ýagdaý birden üýtgeýär. Iýerusalimdäki mesihçiler güýçli yzarlamalara sezewar bolýar. Netijede, Stefanusy zalymlyk bilen öldürýärler. Şonda Mesihiň şägirtleri dürli ýerlere gaçmaly bolýar. Emma Filipus bu ýagdaýda el gowşuryp oturmaýar. Ol heniz hoş habaryň wagyz edilmedik ýeri bolan uly şäher Samariýa gidýär (Mat. 10:5; Res. 8:1). Filipus Hudaýyň mukaddes ruhy ony nirä iberse, şol ýere gitmäge taýyndy. Şonuň üçin Ýehowa oňa täze ýerlerde wagyz etmäge kömek etdi. Şeýdip, ol ýehudylar tarapyndan ýazgarylýan samariýalylara dynçlyk berýärdi. Samariýalylar hem ony «ünsli diňleýärdi» (Res. 8:6—8). Filipus ünsüni wagyz işine gönükdirýärdi. Netijede, Ýehowa ony we maşgalasyny bolluk bilen patalady (Res. 21:8, 9). w18.10 sah. 30, abz. 14—16
15-nji oktýabr, penşenbe
Biri-birimize ünsli bolup, birek-biregi söýmäge we ýagşy işleri etmäge höweslendireliň (Ýew. 10:24).
Bir gezek Isa Dekapolise baranda, adamlar onuň ýanyna «ker we sakaw adamy getirýärler» (Mar. 7:31—35). Isa ony köpçüligiň öňünde däl-de, «çete çykaryp» sagaldýar. Näme üçin? Ol adam märekäniň arasynda özüni oňaýsyz duýan bolmaly. Isa muny duýup, ony ýekelikde sagaldýar. Elbetde, biz gudrat bilen syrkaw adamlary sagaldyp bilmeýäris. Emma biz dogan-uýalaryň zerurlyklaryna we duýgularyna ünsli bolup bileris. Isa ker adamyň duýgusyna düşünýärdi. Şonuň üçin mähir bilen onuň aladasyny etdi. Şonuň ýaly biz hem gartaşan hem-de ýarawsyz imandaşlarymyzyň aladasyny etmeli. Mesihçiler, esasan, birek-birege bolan söýgüsi bilen tanalýar (Ýah. 13:34, 35). Şeýle söýgi bizi gartaşan imandaşlarymyzy ýygnaga alyp gitmäge we olar bilen wagza çykmaga höweslendirýär. Hatda olar köp zady edip bilmeseler-de, biz olara kömek etmeli (Mat. 13:23). w18.09 sah. 29, 30, abz. 7, 8
16-njy oktýabr, anna
Goý, her kes ýakynyna peýdaly zatlary etsin hem-de ýagşy işleri bilen ruhlandyrsyn (Rim. 15:2).
Ýehowa hem-de Isa Hudaýyň sürüsindäki her bir guzujygy örän gymmat saýýar. Sebäbi olar munuň üçin juda gymmatly töleg töledi (Gal. 2:20). Bizem dogan-uýalary ýürekden söýýäris. Şol sebäpli olaryň söýgi we mähir bilen aladasyny etmek isleýäris. Olar üçin teselliniň gözbaşy bolar ýaly, «geliň, parahat ýaşamak hem-de birek-biregi ruhy taýdan berkitmek üçin elimizde baryny edeliň» (Rim. 14:19). Biziň ählimiz hiç haçan göwnüçökgünlige düşmejek wagtymyza, ýagny Hudaýyň berjek täze dünýäsine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Ol ýerde hiç kim kesellemez, uruş, ölüm, yzarlama, gaýgy-aladalar we göwnüçökgünlik ýaly zatlar bolmaz. Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygyndan soň, ähli adamlar kämil bolar. Soňky synagdan geçen adamlar Ýehowa Hudaýyň ýerdäki çagalary bolar we «Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowşarlar» (Rim. 8:21). Şonuň üçin, geliň, ählimiz söýgi bildirmegimizi dowam edeliň we bir-birimize Hudaýyň berjek ajaýyp durmuşyna ýetmäge ýardam bereliň! w18.09 sah. 14, abz. 10; sah. 16, abz. 18
17-nji oktýabr, şenbe
Seniň kanunlaryňy şeýle bir söýýärin, gije-gündiz olar hakda oýlanýaryn (Zeb. 119:97).
Hudaýyň Sözüni öwrenmek bir zady ýöne bir okamakdan we soraglaryňa jogap tapmakdan has köp zady aňladýar. Biz öwrenenimizde, okaýan zadymyzda Ýehowa barada näme diýilýändigine, onuň pikirine we ýollaryna göz ýetirmeli. Biz Hudaýyň bir zady etmegi, başga bir zatdan bolsa gaça durmagy näme üçin tabşyrýandygyna düşünjek bolmaly. Şeýle-de durmuşymyzda we pikirimizde nämäni özgertmelidigini bilmeli. Elbetde, her gezek şahsy okuwyny geçirenimizde, bularyň ählisi barada oýlanmak aňsat bolmaz. Emma biz okaýan zatlarymyz barada oýlanmak üçin wagt sarp etsek, gowy bolar. Mümkin, şahsy okuwyna gidýän wagtyňyzyň ýarysyny oýlanmaga sarp edersiňiz (1 Tim. 4:15). Hudaýyň Sözüni yzygiderli okap oýlananymyzda, biz Ýehowanyň kämil pikirine, ýagny onuň isleginiň nämedigine «düşünýäris». Şonda biz ähli zada Ýehowanyň garaýşy ýaly garap, onuň pikirini kabul edýäris. Başgaça aýdanyňda, pikirimiz özgerip, täzeçe pikirlenip başlaýarys (Rim. 12:2). Şeýdip, ýuwaş-ýuwaşdan Ýehowanyň pikirlenişi ýaly pikirlenmegi öwrenýäris. w18.11 sah. 24, abz. 5, 6
18-nji oktýabr, ýekşenbe
Biz Hudaýyň işdeşleri (1 Kor. 3:9).
B. e. I asyrynda Pawlus resul Patyşalyk baradaky hakykat tohumyny ekmek hem-de suwarmak işini berjaý edýändigi üçin özüne we ýakyndan işleşýän käbir mesihçilere «Hudaýyň işdeşleri» diýdi (1 Kor. 3:6). Bizem başgalaryň peýdasy üçin wagtymyzy, güýjümizi we zadymyzy jomartlyk bilen berenimizde, «Hudaýyň işdeşleri» bolýarys. Eýsem, şundan uly hormatly iş barmy näme?! Wagyz we şägirt taýýarlamak işine wagtyňy hem-de güýjüňi jomartlyk bilen sarp etmek köp şatlyk berýär. Adamlar bilen Mukaddes Kitap okuwyny geçirýän wagyzçylaryň köpüsi edýän azajyk tagallalarynyň hem bolluk bilen patalanýandygyny belläp geçýär. Dogrudan-da, okuw geçýän adamlaryň ýüzünde hakykata bolan minnetdarlygy, imanynyň berkeýändigini, durmuşyny özgerdip, öwrenen zatlaryny başgalara gürrüň berýändiklerini göreniňde, begenjiň çägi bolmaýar. Isa hem 70 şägirdiniň yzyna «şatlyk bilen dolanyp gelendigini» görende, örän begenipdi (Luka 10:17—21). w18.08 sah. 20, abz. 11, 12
19-njy oktýabr, duşenbe
Öz ýüregine bil baglaýan akylsyzdyr (Nak. 28:26).
Eger biz öz düşünjämize bil baglasak, duzaga düşüp bileris. Biz hatda ähli zadyň anygyna ýetmän, diňe görýän we eşidýän zadymyza ynanyp başlamagymyz mümkin. Dogan-uýalar bilen aramyzda dörän düşünişmezlik sebäpli hem aýdylýan zatlaryň dogrudygyna göz ýetirmek kyn bolup biler. Eger biz dogan-uýalar babatda hemişe nädogry pikirde bolsak, onda olara şübhelenip başlarys. Şeýle ýagdaýda biz olar hakda nädogry zatlar eşitsek, hatda derrew ynanmagymyz mümkin. Biz mundan nähili sapak edinýäris? Hawa, dogan-uýalar barada nädogry pikirde bolsak, bir zadyň anygyna ýetmän, nädogry netije çykaryp bileris (1 Tim. 6:4, 5). Diýmek, biz göriplik ýaly erbet duýgularyň ýüregimizde kök urmagyna ýol bermeli däl. Gaýtam dogan-uýalary söýüp, olary ýürekden bagyşlamaly (Kol. 3:12—14). w18.08 sah. 6, abz. 15; sah. 7, abz. 18
20-nji oktýabr, sişenbe
Gökler, gökleriň gögi, ýer ýüzi we ondaky ähli zat Ýehowanyňkydyr (5 Mus. 10:14).
Adamlary Ýehowa ýaratdy, şonuň üçin biziň ählimiz Oňa degişli (Zeb. 100:3; Ylh. 4:11). Bütin taryhyň dowamynda Hudaý käbir adamlaryň Özüne degişlidigini dürli ýollar bilen görkezdi. 135-nji mezmurda gadymy ysraýyl halkyndan bolan Ýehowanyň wepaly gullukçylary «genji-hazyna» bilen deňeşdirilýär (Zeb. 135:4, çykgyt). Şeýle-de Hoşeýa kitabynda ysraýyl halkyndan bolmadyk käbir adamlaryň Ýehowanyň gullukçysy boljakdygy pygamberlik edilýär (Hoş. 2:23). Ýehowa Mesih bilen höküm sürmek üçin ýehudy bolmadyk adamlary hem saýlap başlanda, Hoşeýanyň pygamberligi ýerine ýetdi (Res. 10:45; Rim. 9:23—26). Şeýdip, olar aýratyn gullugy berjaý etmek üçin Ýehowanyň saýlan «mukaddes hem eziz halky boldy» (1 Pet. 2:9, 10). Onda ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän millionlarça wepaly mesihçiler barada näme diýse bolar? Ýehowa olara hem «halkym» we «saýlanlarym» diýýär (Işa. 65:22). w18.07 sah. 22, abz. 1, 2
21-nji oktýabr, çarşenbe
Isa Mesihiňki ýaly pikirde we garaýyşda boluň... Ol hemme zatdan geçdi, özüni gul etdi (Flp. 2:5, 7).
Mesihçiler jomart bolmakda kämil görelde görkezen Isa ýaly bolmaga jan edýärler (Mat. 20:28). Her birimiz özümize şeýle sorag bersek gowy bolar: «Men Isanyň göreldesine öňkümdenem has gowy eýerip bilerinmi?» (1 Pet. 2:21). Biz Ýehowanyň hem-de Isanyň jomartlyk babatda görkezen ajaýyp göreldesine eýersek, başgalar bilen ýürekden gyzyklansak we olaryň zerurlyklary hakda alada etsek, Hudaýy begendireris we özümizi bagtly duýarys. Isa rehimdar samariýaly adam hakyndaky mysaly arkaly şägirtleriniň hatda milleti we tire-taýpasy tapawutlanýan adamlara hem ýagşylyk etmelidigini görkezdi (Luka 10:29—37). Isany bu mysaly gürrüň bermäge höweslendiren ýehudynyň beren soragy ýadyňyzdamy? Ol Isadan: «Meniň ýakynym kim?» diýip sorapdy. Isanyň oňa beren jogaby Hudaýyň razylygyny gazanmak üçin mysaldaky samariýaly adam ýaly jomart bolmagyň wajypdygyny görkezýär. w18.08 sah. 19, abz. 5, 6
22-nji oktýabr, penşenbe
Perişde Merýemiň ýanyna gelip: «Salam, Hudaýyň ýalkan gyzy! Ýehowa seniň bilendir!» diýdi (Luka 1:28).
Ýehowa Merýeme Ogly barada wepalylyk bilen alada edendigi we ösdürip-ýetişdirendigi üçin ýene-de hormat bildirdimi? Hawa. Hudaý Merýemiň eden işlerini we aýdan sözlerini Mukaddes Kitaba ýazdyrdy. Elbetde, Merýem Isanyň üç ýarym ýyllyk gullugynyň dowamynda onuň ýanynda bolan däldir. Ol ýanýoldaşy aradan çykandan soň, Nazaretde galan bolmaly. Merýem başga täsin wakalary görmese-de, Isa öldürilende onuň ýanyndady (Ýah. 19:26). Soňra Pentikost gününde şägirtleriň üstüne mukaddes ruh inmänkä, Merýem hem Iýerusalimde olar bilendi (Res. 1:13, 14). Şol sebäpli ol hem beýleki şägirtler ýaly mesh edilen bolmaly. Bu Merýeme gökde Isanyň ýanynda ebedi bolmak mümkinçiliginiň berlendigini görkezýär. Hawa, wepalylygy üçin ol ajaýyp sylaga eýe boldy! w18.07 sah. 9, abz. 11; sah. 10, abz. 14
23-nji oktýabr, anna
Ählisini Hudaýy şöhratlandyrmak üçin ediň (1 Kor. 10:31).
Isa ýerde ýaşanda, şägirtlerine belli bir garaýşyň ýa-da hereketiň netijesi hakda oýlanmaga kömek etmek üçin käbir esasy prinsipleri öwretdi. Meselem, ol gaharlanmagyň adamy zorluga, ahlaksyz zatlar hakda pikirlenmegiň bolsa zyna iterýändigini aýtdy (Mat. 5:21, 22, 27, 28). Dogry terbiýelenen ynsabymyz bolar ýaly, biz Hudaýyň prinsiplerine eýermeli. Bu bolsa Hudaýa şöhrat getirer Mesihçiler Mukaddes Kitap boýunça terbiýelenen ynsabyna görä hereket etse-de, käbir meselelerde olaryň gelýän karary tapawutlanyp bilýär. Meselem, spirtli içgileri alyp göreliň. Mukaddes Kitapda spirtli içgileri içmek gadagan edilmese-de, onda serhoşlyk, ýagny çendenaşa köp içmeklik ýazgarylýar (Nak. 20:1; 1 Tim. 3:8). Bu mesihçiniň spirtli içgileri içmek meselesinde diňe şu prinsipi göz öňünde tutmalydygyny aňladýarmy? Elbetde, ýok. Mesihçiniň ynsaby spirtli içgileri içmäge ýol berse-de, ol başgalaryň hem ynsabyny göz öňünde tutmaly. w18.06 sah. 18, abz. 10, 11
24-nji oktýabr, şenbe
Fariseýleriň we Hirodesiň hamyrmaýasyndan seresap boluň (Mar. 8:15).
Isa şägirtlerine fariseýleriň, saddukeýleriň we Hirodesiň tarapdarlarynyň «hamyrmaýasyndan», ýagny taglymatlaryndan ägä bolmagy berk duýdurdy (Mat. 16:6, 12). Isa bu sözleri özüni patyşa etjek bolanlaryndan soň aýdypdy. Din syýasata goşulsa, köplenç zorluga eltýär. Isa şägirtlerine syýasy meselelerde bitaraplygy saklamagy öwredýärdi. Ine şonuň üçin hem uly ruhanylar we fariseýler Isany öldürmegi ýüregine düwýär. Olar Isany syýasy hem-de dini ýolbaşçy hasaplap, eýeleýän wezipelerine zyýan ýetirer öýdüp gorkýardylar. Olar bir-birine: «Eger öňüni almasak, hemmeler iman ederler. Rimliler bolsa ybadathanamyzy-da, halkymyzy-da basyp alarlar» diýdiler (Ýah. 11:48). Şeýdip, baş ruhany Kaýafa Isanyň öldürilmegine ýolbaşçylyk edýär (Ýah. 11:49—53; 18:14). w18.06 sah. 6, abz. 12, 13
25-nji oktýabr, ýekşenbe
Söýgiňiz ikiýüzli bolmasyn (Rim. 12:9).
Şeýtanyň ökdelik bilen ulanýan ýene bir usuly — jadygöýlik bilen bagly zatlara gyzyklanma döretmek. Şu günler Şeýtan diňe bir ýalan din däl-de, dynç alşyň käbir görnüşleri arkaly adamlaryň jynlar barada bilesigelijiligini oýarýar. Meselem, filmlerde, wideooýunlarda we gazet-žurnallarda jadygöýlik gyzykly edip görkezilýär. Biz bu duzaga düşmekden nädip gaça durup bileris? Hudaýyň guramasy dynç alşyň peýdaly we zyýanly görnüşleri barada jikme-jik görkezme berer diýip garaşmaly däl. Biziň her birimiz ynsabymyzy Hudaýyň kada-kanunlary esasynda terbiýelemeli (Ýew. 5:14). Eger biz Pawlus resulyň şu günki aýatdaky beren maslahatyna eýersek, bu meselede paýhasly karara geleris. Biz özümize şeýle soraglary berip bileris: «Saýlan dynç alşym meni ikiýüzli adam edip görkezermi? Muny okuw geçýän ýa-da gaýtadan ideg edýän adamlarymyz görse, wagyz edýän habaryna laýyk gelmeýär diýip pikir edermi?» Aýdýan sözlerimiz bilen edýän işlerimiz bir-birine näçe gabat gelse, şonça-da Şeýtanyň duzagyna düşmän bileris (1 Ýah. 3:18). w18.05 sah. 25, abz. 13
26-njy oktýabr, duşenbe
Men ysraýyllaryň halas bolmagyny ýürekden isleýärin, munuň üçin Hudaýa dileg edýärin (Rim. 10:1).
Biz Pawlusyň göreldesine nädip eýerip bileris? Birinjiden, biz «ebedi ýaşamak isleýän adamlary» tapmak üçin ýürekden jan etmeli. Ikinjiden, biz akýürekli adamlaryň ýüreklerini açar ýaly, Ýehowa ýalbaryp doga etmeli (Res. 13:48; 16:14). 30 ýyla golaý pioner bolup gulluk edýän Silwana atly uýa şeýle diýýär: «Men öýden-öýe wagyz etmäge gitmezden öň, dogry garaýşy saklap biler ýaly Ýehowa doga edýärin». Bizem akýürekli adamlary tapmaga kömek eder ýaly, perişdeleriň bizi ugrukdyrmagy üçin Hudaýa doga edýäris (Mat. 10:11—13; Ylh. 14:6). 30 ýyldan gowrak wagt bäri pioner bolup gulluk edýän Robert doganymyz: «Adamyň durmuşynda bolup geçýän zatlary bilýän perişdeler bilen işleşmek uly hormat» diýýär. Üçünjiden, biz adamlaryň gowy häsiýetlerini görmäge jan etmeli. Ýaşuly bolup gulluk edýän Karl dogan şeýle diýýär: «Men adamyň hatda iň ýönekeýje zatlara, meselem, onuň ýylgyryşyna, mähirli seredişine ýa-da ak ýürekden berýän soragyna üns berýärin». Hawa, Pawlus ýaly bizem çydamlylyk bilen hasyl getirip bileris. w18.05 sah. 15, abz. 13; sah. 16, abz. 15
27-nji oktýabr, sişenbe
Geliň, biri-birimize ünsli bolup... ol günüň golaýlaşýandygyny görüp, biri-birimizi has-da ruhlandyralyň (Ýew. 10:24, 25).
Biziň kömek eden dogan-uýalarymyzyň Hudaýa wepaly gulluk etmegini dowam edýändiklerini eşitmek göwnüňi göterýär. Bu babatda Ýahýa resul hem ýazypdy: «Çagalarymyň hakykat ýolunda ýöreýändigini eşidip, şatlygymyň çägi bolmady» (3 Ýah. 4). Pionerleriň köpüsi munuň şeýledigine öz durmuşynda göz ýetirýärler. Olar hakykata gelmäge kömek eden adamlarynyň ençeme ýyldan bäri Ýehowa wepaly gulluk edýändigini we hatda pioner bolandyklaryny bilende, örän ruhlanýarlar. Ruhdan düşen pionere bolsa, öň Hudaýa şatlykly gulluk eden günlerini ýöne bir ýatlatmak hem teselli berip biler. Etrap gözegçileriniň köpüsi we olaryň aýallary ideg eden ýygnagyndaky dogan-uýalaryň ýazan birki agyz minnetdarlyk sözleriniň hem ruhlandyrýandygyny aýdýarlar. Ýygnak ýaşululary, missionerler, pionerler we beýtelçiler hem wepaly gulluk edýändikleri barada minnetdarlyk sözlerini eşidende, örän begenýärler. w18.04 sah. 23, abz. 14, 15
28-nji oktýabr, çarşenbe
Patyşanyň ýüregi Hudaýdan daşlaşmaz ýaly, ol özüne köp aýal almasyn (5 Mus. 17:17).
Süleýman bu tabşyryga gulak asmady. Onuň 700 sany aýaly we 300 sany gyrnak aýaly bardy (1 Pat. 11:3). Üstesine-de, aýallarynyň köpüsi ysraýyl halkyndan däldi we ýalan hudaýlara sežde edýärdi. Görşümiz ýaly, Süleýman Hudaýyň özge milletlerden aýal almazlyk barada beren kanunyna hem gulak asmady (5 Mus. 7:3, 4). Süleýmanyň kem-kemden Ýehowanyň tabşyryklaryna bolan söýgüsiniň sowamagy ony erbet işleri etmäge iterdi. Ol Aştoret taňrysy üçin but ýasady we Kemoş taňrysy üçin gurbanlyk sypasyny gurdurdy. Şol ýerde ol aýallarynyň hudaýyna sežde etdi. Süleýman hatda Ýehowanyň ybadathanasynyň duran ýeri Iýerusalimiň edil öňündäki dagda ençeme seždegähleri gurdy (1 Pat. 11:5—8; 2 Pat. 23:13). Mümkin, ol ybadathanada Hudaýa gurbanlary getirmegini dowam edendigi üçin, Ýehowa onuň edýän erbet işlerine göz ýumar diýip, pikir edendir. Şeýdip, ol öz-özüni aldan bolmaly. Ýehowa günäli işlere hiç haçan göz ýummaýar. w18.07 sah. 18, 19, abz. 7—9
29-njy oktýabr, penşenbe
Eliňize uly iman galkanyny hem alyň. Şonda duşmanyň ähli otly oklaryny öçürip bilersiňiz (Efes. 6:16).
Şeýtan «Hudaý aladaňy etmeýär we seni söýmeýär» diýip, «otly oklaryny» atyp bilýär, ýagny Ýehowa barada ýalan zatlary ýaýradýar. Ýaramaz duýgulary bilen göreşýän 19 ýaşly Aida atly uýa şeýle diýýär: «Köplenç Ýehowany özüme ýakyn däl we dostlaşmak islemeýän ýaly duýýaryn». Şeýtanyň bu hüjümine garşy durmaga Aida näme kömek edýär? Ol şeýle gürrüň berýär: «Ýygnak duşuşyklary meniň imanymy hasam berkidýär. Öňler hiç kim meni diňläsi gelýän däldir öýdüp, ýygnakda ýöne oturyp gaýdýardym we asla jogap bermeýärdim. Häzir bolsa ýygnaga gowy taýýarlanyp, azyndan iki ýa-da üç gezek jogap bermäge çalyşýaryn». Aida bilen bolan waka bir wajyp hakykaty aýan edýär. Esgeriň galkanynyň göwrümi üýtgemeýärdi. Emma biziň göçme manydaky «iman galkanymyz» kiçelip ýa-da ulalyp bilýär. Bu biziň özümize bagly (Mat. 14:31; 2 Sel. 1:3). Görşümiz ýaly, imanymyzy berkitmek örän wajyp! w18.05 sah. 29, 30, abz. 12—14
30-njy oktýabr, anna
Halas bolmak üçin näme etmeli? (Res. 16:30).
Türmeçi garaýşyny üýtgedýär we diňe ýer titremeden soň kömek soraýar (Res. 16:25—34). Şonuň ýaly şu günlerem öň hoş habara seslenmedik adamlar garaýşyny üýtgetmegi we durmuşynda birden elhenç waka bolanda kömek soramagy mümkin. Belki, olar duýdansyz ençeme ýyldan bäri işläp ýören kärini ýitirip, göwnüçökgünlige düşmegi mümkin. Başgalar bolsa agyr kesele uçrandygy ýa-da ýakynlarynyň ölümi sebäpli hasrat çekýändir. Şeýle zatlardan ejir çekýän adamlaryň käbiri öň gyzyklanmasa-da, häzir durmuşyň manysy barada sorag bermekleri mümkin. Belki-de, olar: «Halas bolmak üçin, men näme etmeli?» diýýändirler. Şeýle adamlara duşanymyzda, olar biziň umyt beriji habarymyzy şol bada kabul edip biler. Şol sebäpli wagyz işini wepalylyk bilen dowam etsek, adamlaryň hoş habary kabul etmek isleýän wagty olara gerekli tesellini bermäge taýyn bolarys (Işa. 61:1). w18.05 sah. 19, 20, abz. 10—12
31-nji oktýabr, şenbe
Meniň üstüme Ýehowanyň ruhy indi. Ol maňa... hoş habary aýtmagy tabşyrdy (Luka 4:18).
Şu günler dünýäniň taňrysy köpleriň aň-düşünjesini küteltdi we olar diniň, ykdysadyýetiň gulçulygynda hem-de köpçüligiň pikirine eýerip ýaşaýarlar (2 Kor. 4:4). Bize Isanyň göreldesine eýermek, adamlara azatlyk Hudaýy Ýehowany tanamaga we oňa sežde etmäge kömek etmek hormaty ynanyldy (Mat. 28:19, 20). Elbetde, bu işe gatnaşmak aňsat däl; köp kynçylyklaram bolýar. Meselem, käbir ýurtlarda adamlar hoş habara gitdigiçe sowuk-sala garaýarlar, hatda käbirleri garşylyk görkezýärler. Şol sebäpli özümize şeýle sorag bermeli: «Patyşalyk işine köpräk gatnaşmak üçin, men azatlygymy nädip ulanyp bilerin?» Biz köp dogan-uýalaryň ähmiýetli döwürde ýaşaýandygyna düşünip, uzak wagtly gulluga başlamak üçin durmuşyny sadalaşdyrandygyna örän begenýäris (1 Kor. 9:19, 23). Olaryň käbiri ýaşaýan ýerinde gulluk edýärler; başgalary bolsa wagyzçylaryň az ýerine göçdüler. Dogrudan-da, azatlygyňy Ýehowa gulluk etmek üçin paýhasly ulansaň, gowy netije berýär (Zeb. 110:3). w18.04 sah. 11, 12, abz. 13, 14